STATISTIKADA MILLI HASAPLAR ULGAMY KÄMILLEŞDIRILÝÄR
17 Ýanwar 2025
165

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2025-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenilen ýurdumyzda statistiki hasabatlylygy Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşi esasynda alyp barmak baradaky teklip makullandy. 

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilen wezipelerden ugur alnyp, statistika ulgamyny Milli hasaplar ulgamynyň (MHU) kämilleşdirilen görnüşine laýyklykda alyp barmak boýunça halkara maliýe guramalarynyň bilermenleri bilen bilelikde jemi içerki önümi we beýleki makroykdysady görkezijileri hasaplamagyň usullaryny kämilleşdirmek işleri birnäçe ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn esasda alnyp baryldy. 

TürkmenStat tarapyndan Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşine geçmegiň çäklerinde statistiki hasabatlylyk babatda hereket edýän usulyýetler döwrebaplaşdyrylyp, Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşine esaslanýan bir näçe usulyýet namalary işlenip taýýarlanyldy we statistika işine ornaşdyryldy. Şonuň bilen birlikde, MHU-nyň kämilleşdirilen görnüşiniň gollanmasynyň talaplaryna laýyk gelýän «E-Stathasabat we işewür-registri» programma üpjünçiligi taýýarlanylyp, statistika ulgamyna ornaşdyryldy. 

Türkmenistanyň statistika ulgamyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek işleri Ýewropa bileleşiginiň Statistika gullugynyň, Halkara pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň tehniki we usulyýet taýdan ýardam bermegi esasynda amala aşyryldy.