
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary G. Annanyýazowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti şu ýylyň 2-3-nji apreli aralygynda Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Durnukly ösüş boýunça sebitleýin Forumynyň “Durnukly ösüş üçin 2030-njy ýyla çenli Gün Tertibi we onuň Durnukly Ösüş Maksatlary üçin Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň sebitinde, hiç kimi yzda goýman, durnukly, öz içine alýan, ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri öňe sürmek” atly 9-njy mejlisine gatnaşdy.
Mejlisiň dowamynda türkmen wekiliýeti forumyň ýokary derejeli böleginde hem-de Durnukly Ösüşiň 3-nji Maksadyna (Saglyk we abadançylyk) we 8-nji Maksadyna (Mynasyp iş we ykdysady ösüş) degişli duşuşyklarda çykyş etdi. Çykyşlarda Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek maksady bilen Türkmenistanda alnyp barylýan işler babatynda gürrüň edildi.
Durnukly ösüş babatynda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini ýerine ýetirmek maksady bilen, Durnukly ösüşiň maksatlary ýurdumyzy we onuň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin orta möhletli we uzak möhletli maksatnamalara giňden ornaşdyryldy. Bu maksatnamalar, şonuň ýaly-da DÖM-i durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet maýa goýumlarynyň hem-de ykdysadyýetiň hususy böleginiň maýa goýumlarynyň ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna gönükdirilmeginiň netijesinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze kärhanalar döredilýär we ilat täze iş orunlary bilen üpjün edilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň eýýäm dört ýylyň dowamynda ýurduň ähli sebitlerinde goldawa mätäç çagalara saglygyny dikeltmek we beýleki ugurlarda alyp barýan işi, 2030-njy ýyla çenli Gün Tertibiň “hiç kimi yzda goýmaly däl” diýen ýörelgesine doly gabat gelýär.
Ýurtlarda Durnukly ösüş babatynda geçirilen işler, ýetilen sepgitler barada söhbetdeşlik edilende we deňeşdirme seljermeleri geçirilende, maglumat üpjünçiliginiň ähmiýeti barada hem gürrüň edildi.
Türkmen wekiliýetiniň çykyşlarynda Türkmenistanda Durnukly ösüş babatynda ýetilen sepgitleri aýdyň görkezýän DÖM-ň ýerine ýetirilişi boýunça Milli platformanyň Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň internet sahypasynda ýerleşdirilendigi hem-de bu maglumatlaryň üsti ýetirilip durýandygy bellenildi. Hususan-da, 2022-nji ýylda tutuşlygyna sanly usulda we halkara standartlara laýyklykda geçirilen Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň jemleri DÖM-ň käbir görkezijileri boýunça maglumatlar bilen üstüni ýetirmäge mümkinçilik berdi. Şeýle-de, 2024-nji ýylda geçirilen Köp görkezijili klaster gözegçiligiň maglumatlary DÖM-ň 30-a golaý görkezijileri boýunça maglumatlar bilen üstüni ýetirmäge mümkinçilik berer.
Forumyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty S.Arazow, Daşary işler ministrliginiň wekili B.Kerimowa hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekili E.Şumskaýa gatnaşdy.


