Komitet barada


Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 11-nji oktýabryndaky Permanyna laýyklykda, ozal hereket edýän Türkmenistanyň Milli döwlet hasabaty we maglumatlar institutynyň («Türkmenmillihasabat») düzümi üýtgedilip guralyp, onuň ady Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti diýip atlandyryldy. 2012-nji ýylda «Statistika hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli statistika ulgamynyň işi has-da kämilleşdirildi, ony ösdürmegiň strategik ugurlaryny kesgitlenildi. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti (TürkmenStat) statistika babatynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edarasy bolup durýar. TürkmenStat öz işini ýurduň beýleki ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary hem-de halkara guramalary bilen özara gatnaşykda amala aşyrýar. TürkmenStatyň esasy wezipeleri statistika babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, statistikanyň kämilleşdirilmegini amala aşyrmak, halkara standartlaryna laýyklykda ylmy taýdan esaslandyrylan bitewi statistik usulyýeti işläp düzmek we tassyklamak, döwlet statistik hasabatlylygynyň formalaryny we statistik maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek, statistik maglumatlary elektron usulda ýygnamak, seljermek we umumylaşdyrmak, şeyle hem statistikanyň işinde sanly ulgamy ornaşdyrmak bolup durýar. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasy 19 sany müdirlikden we 2 bölümden ybarat. Komitetiň düzümine bäş welaýatyň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň statistika müdirlikleri hem-de 44 sany etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň statistika bölümleri girýär.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetini merkezi edarasynyň

GURLUŞY

Ýolbaşçylar

Jemleýji ykdysady seljeriş we maglumatlar müdirligi

Milli hasaplar müdirligi

Statistikanyň usulyýeti we guralyşy müdirligi

Senagatyň statistikasy we seljerişi müdirligi

Oba hojalygynyň statistikasy we seljerişi müdirligi

Maýa goýumlarynyň statistikasy we seljerişi müdirligi

Söwdanyň, ulagyň we aragatnaşygyň statistikasy müdirligi

Maliýe statistikasy we seljerişi müdirligi

Statistiki sanawlar we toparlamalar müdirligi

Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň statistikasy müdirligi

Ilaty hasaba alyş müdirligi

Zähmetiň we iş hakynyň statistikasy müdirligi

Durmuş statistikasy müdirligi

Öý hojalyklarynyň statistikasy we seljerişi müdirligi

Nyrhlaryň statistikasy we seljerişi müdirligi

Çap işleri we resminamalary taýýarlaýyş müdirligi

Kompýuter tehnologiýalary müdirligi

Maliýe işleri we buhgalter hasaba alyş müdirligi

Halkara gatnaşyklar we ýörite işler bölümi

Işgärleri taýýarlaýyş we gaýtadan taýýarlaýyş bölümi

Hojalyk müdirligi

Halkara hyzmatdaşlyk


Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti halkara guramalar we daşary ýurtlaryň statistika gulluklary bilen statistikanyň usulyýetini we klassifikasiýalaryny, şol sanda DÖM-iň görkezijilerini statistika ulgamynda ulanmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde, şeýle hem statistiki gözegçilikleri geçirmegiň täze görnüşlerini ornaşdyrmagyň, statistika işiniň ähli tapgyrlarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy işjeň alyp barýar.

TürkmenStatyň halkara guramalar we daşary ýurtlaryň statistika gulluklary bilen halkara hyzmatdaşlygy statistika babatynda özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk barada Ähtnamalarynda berkidilendir.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti:

Gyrgyzystan Respublikasynyň Milli statistika komiteti bilen Statistika ulgamynda hyzmatdaşlyk we ykdysady-statistiki maglumatlary alyşmak hakynda Ähtnama 1996-njy ýylda Bişkek şäherinde;

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnama 2019-njy ýylda Aşgabat şäherinde;

Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugy bilen Özara söwda barada statistik maglumatlary alyşmak hakynda Ähtnama 2021-nji ýylda Moskwa şäherinde;

Özbegistan Respublikasynyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen statistika babatda özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama 2021-nji ýylda Daşkent şäherinde;

Gazagystan Respublikasynyň Strategik meýilleşdiriş we özgertmeler boýunça agentliginiň Milli statistika býurosy bilen hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama 2021-nji ýylda Aşgabat şäherinde;

Russiýa Federasiýasynyň Döwlet statistikasynyň federal gullugy bilen özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama 2022-nji ýylda Moskwa şäherinde;

Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika boýunça agentligi bilen özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama 2023-nji ýylda Duşenbe şäherinde gol çekişdi.

Halkara hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň agentlikleriniň arasynda durnukly ösüş babatynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamalarynyň çäklerinde, şeýle hem Ilat Gaznasynyň (UNFPA) we Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanalary bilen ýyllyk iş meýilnamalarynyň hem-de statistika babatynda mümkinçilikleri berkitmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikdäki dürli taslamalaryň çäklerinde amala aşyrylýar.

TürkmenStatyň işgärleri halkara guramalaryň gatnaşmagynda statistika işiniň dürli ugurlary boýunça guralýan duşuşyklara, maslahatlara, okuwlara we webinarlara işjeň gatnaşýarlar.