Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä şanly 55 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigini belledi. “Ýakynda Gruziýa amala aşyran döwlet saparymyň çäklerinde Tbilisi şäherinde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Mümkinçilikden peýdalanyp, bildiren myhmansöýerligiňiz, mähirli kabul edendigiňiz üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Biz Siziň türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris. Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde halklarymyzyň bähbidine türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn” diýip, hormatly Prezidentimiz hatynda nygtady.Döwlet Baştutanymyz şu şanly günde Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Gruziýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Sebitde güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda gowaça ideg işleriniň, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça alnyp barylýan işleriň öz wagtynda, talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýew welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlary sürmek we tekizlemek, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlaryny ekişe taýýarlamak üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ekişe taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylykly alnyp barylmagynyň möhümdigini aýtdy we häkime degişli tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri hakynda hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak üçin welaýatyň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri geçirilýär. Sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň güýzki ekişine taýýarlyk görülýär. Şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ideg işleriniň, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk işleriniň ýokary hilli hem-de öz wagtynda geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm, tekizlemek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlaryny taýýarlamak işleri geçirilýär. Şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi we degişli tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazgylyjow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak üçin bugdaý oragyndan boşan meýdanlary sürmek, tekizlemek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, ýokary hilli bugdaý tohumyny we oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýetişdirilen gök-bakja önümleri içerki bazarlarymyzda elýeterli bahadan ilata ýetirilýär. Gant şugundyry ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ideg işleriniň, bugdaý ekişine taýýarlyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi hem-de birnäçe görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, bugdaý ekişine taýýarlyk işleriniň çäklerinde häzirki wagtda ekiş geçiriljek meýdanlary sürmek, tekizlemek, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de ýokary hilli bugdaý tohumyny möwsüme taýýar etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda, Mary welaýatynda güýzlük gant şugundyry ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Diýarymyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň güýzki ekişine taýýarlyk görülýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny belledi we häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin işlere ünsi çekdi hem-de wise-premýere gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, bugdaýyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine ýokary hilli taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gruziýa ugrady.Döwlet Baştutanymyz Tbilisi şäherine ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Ýokary we parlamentara derejedäki özara saparlar munuň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň martynda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň ikitaraplaýyn dialogy pugtalandyrmakda möhüm tapgyr bolandygyny bellemek gerek.Ykdysady ulgam hyzmatdaşlygyň esasy ugry bolup durýar. Bu ulgamda tagallalary utgaşdyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparyna aýratyn orun degişlidir. Taraplar özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin has amatly şertleri döretmek ugrunda yzygiderli işleri alyp barýarlar.Ulag-logistika pudagy türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynda wajyp ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Hazar deňzindäki we Gruziýanyň Gara deňizdäki kuwwatly port düzümleri ýurtlarymyza Aziýany hem-de Ýewropany birleşdirýän «Hazar deňzi — Gara deňiz» multimodal ugry, «Lapis Lazuli» ulag geçelgesi ýaly möhüm halkara geçelgeler boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilikleri açýar.Medeni-ynsanperwer dialog döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup, iki halky ýakynlaşdyrmaga, medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam edýär. Ýurtlarymyz ylym-bilim, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary işjeň ösdürýärler. Taryhy-medeni mirasy giňden wagyz etmek meselesine aýratyn üns berilýär....Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Tbilisi şäheriniň Şota Rustaweli adyndaky Halkara howa menziline gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.Howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Gruziýanyň Prezidentiniň «Orbeliani» köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili mähirli garşylady. Soňra Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi.Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Mihail Kawelaşwili ýörite niýetlenen ýere geçýärler. Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar. Döwlet Baştutanlary haly düşelen ýodajyk boýunça ýöräp, Hormat garawulynyň hatarynyň başynda duran Gruziýanyň Döwlet baýdagynyň öňünde durýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gruziýanyň Döwlet baýdagyny sarpalaýar.Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Mihail Kawelaşwiliniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.Gruziýanyň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekledi hem-de çakylygy kabul edip, Gruziýa döwlet sapary bilen gelendigi üçin hoşallygyny beýan etdi we hormatly Prezidentimiziň şu saparynyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de ol mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.Hormatly Prezidentimiz Gruziýa sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Gahryman Arkadagymyzyň iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz şu saparyň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şanly senesine gabat gelýändigini belläp, dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyny bu waka bilen gutlady.Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurtlarymyzyň halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýdyp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny we halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin gruzin tarapyna minnetdarlyk bildirdi.Söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Söwda-ykdysady gatnaşyklar hem yzygiderli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz ulag-logistika, kommunikasiýa we port infrastrukturasy ulgamlaryny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda belläp, ýurtlarymyzyň Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Rumyniýa ugry boýunça “Hazar deňzi — Gara deňiz” ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny goldaýandyklaryny aýtdy. Hazar we Gara deňiz sebitleriniň özara baglanyşdyrylmagy söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly mümkinçilikleri açýar.Ýurtlarymyzyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gruziýa bilen medeni, ylym-bilim we sport hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Hormatly Prezidentimiz şu saparyň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi üçin Prezident Mihail Kawelaşwilä minnetdarlyk bildirdi hem-de ony özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.Dostlukly ýurduň döwlet Baştutany çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdi.Duşuşykdan soňra, döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin “Ekspo Georgia” sergiler merkezine geldi. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze mähirli garşylady.Soňra bu ýerde Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi.Forumda, ilki bilen, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze çykyş etdi. Ol hormatly Prezidentimizi hem-de foruma gatnaşyjylary mübärekläp, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy Gruziýada kabul etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi we şu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň durnukly, ýokary depginde ösdürilýändiginiň, hususy pudak, işewürler üçin täze, giň gözýetimleri açýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidigini nygtady.Irakliý Kobahidze häzirki wagtda Gruziýada türkmen maýasynyň gatnaşmagynda ulag-logistika, gurluşyk, oba hojalygy we beýleki ulgamlarda köp sanly bilelikdäki kärhanalaryň, kompaniýalaryň netijeli iş alyp barýandygyny aýdyp, bu toplanan baý tejribäniň geljekki hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup durýandygyny belledi.Gruziýanyň Premýer-ministri hemmelere üstünlikleri arzuw edip, şu günki ýokary derejeli duşuşygyň iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga, anyk başlangyçlary öňe sürmäge, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.Soňra çykyş etmek üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berildi. Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, bu forumyň ikitaraplaýyn söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi.Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ykdysady ösüşi barada aýdyp, 2026-njy ýylyň başynda ýurdumyzda maýa goýum Maksatnamasynyň tassyklanandygyny, onuň esasy maksadynyň Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşini 6,3 göterim derejede saklamakdan ybaratdygyny nygtady. Pudaklar boýunça alanyňda, ýangyç-energetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» käniniň dördünji tapgyryny senagat taýdan özleşdirmäge girişendigini aýtdy. «Hazar deňziniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek hem örän möhüm ugur bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, biz bu ugurda daşary ýurtlaryň nebitgaz kompaniýalary bilen strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýäris. Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän pudakda täze kuwwatlyklar işe girizildi. Häzirki döwürde taýýar suwuk nebit önümleri Aziýanyň we Ýewropanyň ýurtlaryna durnukly eksport edilýär. Türkmenistan dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän mineral dökünleri, polimerleri, beýleki himiýa önümlerini öndürýän zawodlary gurup, gazhimiýa pudagynda senagat taýdan kuwwatly ösüşi gazandy» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi.Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň hem netijeli ösdürilýändigini, soňky ýyllarda gurluşyk serişdelerini, metal, plastik, kabel we elektrotehnika önümlerini öndürýän kuwwatly önümçilikleriň ýola goýlandygyny aýtdy.Ýurdumyzda öndürilýän taýýar dokma önümleriniň möçberi ýylda 130 müň tonnadan hem geçýär. Öndürilýän dokma önümleriniň umumy möçberiniň 80 göterime golaýy eksporta iberilýär. Oba hojalyk pudagy hem maýa goýumlaryň, hususy pudagyň ösüşiniň netijesinde eksport mümkinçiligini artdyrýar. Häzirki döwürde Türkmenistan ekologik taýdan arassa azyk harytlaryny iberýän iri ýurtlaryň biri bolup durýar.Hormatly Prezidentimiz ulag-logistika, kommunikasiýa, üpjünçilik ulgamlaryny we deňiz terminallaryny peýdalanmagy ösdürmekde uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, hususy telekeçiligiň ugurdaş üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge, harytlardyr hyzmatlary üstaşyr geçirmek üçin aýratyn mümkinçilikleri peýdalanmaga çekilmelidigini nygtady. “Gara deňziň gruzin kenarynda Türkmenistanyň ýük terminalyny döretmek hakynda gepleşikleri alyp barýarys. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny iş ýüzünde amala aşyryp, iki ýurduň işewürler jemgyýetçiligi bu taslamany durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaly diýip hasap edýärin. Türkmenistan syýahatçylygy we hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde-de Gruziýanyň tejribesi bilen gyzyklanýar” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bu foruma ýurtlarymyzyň işewürleriniň arasynda yzygiderli, oýlanyşykly, anyk dialogyň başlangyjy hökmünde garaýandygyny, şeýle çäreleriň yzygiderli esasda ýurdumyzda we Gruziýada geçiriljekdiginden ugur alýandygyny nygtady hem-de foruma gatnaşyjylara netijeli gatnaşyklary, peýdaly ideýalary, tejribeleri alyşmagy arzuw etdi.Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Irakliý Kobahidze bilelikde Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisine baryp gördüler.Ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň gazananlarynyň bu giň gerimli gözden geçirilişi ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga, işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de hyzmatdaşlygyň täze formatlaryna çykmaga güýçli itergi bermäge gönükdirilen Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynyň çäklerinde guraldy. Bu möhüm çäräniň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň gatnaşmagy onuň ýokary derejesini aýdyň görkezdi.Döwlet we hökümet Baştutanlary sergi pawilýonlaryna bilelikde aýlanyp, türkmen ykdysadyýetiniň köpugurly kuwwaty bilen ýakyndan tanyşdylar. Sergä bolan ýokary gyzyklanma taraplaryň netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge özara taýýardyklarynyň aýdyň beýanydyr.«Ekspo Georgia» meýdançasynda ýurdumyzyň esasy ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şol sanda Dokma senagaty, Senagat we gurluşyk önümçiligi, Energetika, Gurluşyk we binagärlik, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Medeniýet ministrlikleri öz pawilýonlaryny ýaýbaňlandyrdylar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň bu çärä işjeň gatnaşmagy olaryň Gruziýanyň we tutuş Ýewropanyň bazarlaryna çykmaga doly taýýardyklaryny görkezýär.Sergi eksponatlary ýurdumyzyň senagatlaşma depgininiň ýokary derejesini, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny tassyklaýar. Ol hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän hem-de giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary ykdysady syýasatyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Tbilisidäki giň gerimli çäre diňe bir Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini dabaralandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, täze özara bähbitli ylalaşyklary baglaşmak, bilelikdäki kärhanalary döretmek, söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin berk binýady döretdi.Sergi bilen tanyşlykdan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna Gruziýanyň Premýer-ministriniň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary dowam edýär.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň wajyp meselelerine garaldy. Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek we bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak häzirki wagtda wajyp wezipeleriň biridir.Türkmen halkynyň Milli Lideri Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde 10-njy iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň geçirilendigini, onda Garaşsyz Watanymyzy ösdürmek boýunça şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleriniň jemlenendigini belläp, çykyşyna başlady. “Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýuna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça hormatly Prezidentimiz tarapyndan degişli tabşyryklar berildi. Öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, şeýle hem «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 15-nji we 16-njy maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini çagyrdyk” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.Milli Liderimiz şu mejlisiň gün tertibiniň esasy soragynyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek bilen bagly soraglary ara alyp maslahatlaşmak bolup durýandygyny aýdyp, mejlisiň gün tertibini yglan etdi. Onda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda öňde durýan möhüm çärelere taýýarlyk görmek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dürli ugurlarda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, il içinde uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglaryna, hormatly atlara hödürlemek boýunça işleri alyp barmak hakynda we beýleki dürli soraglar kesgitlenildi.Mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň, Ministrler Kabinetiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki döwlet we häkimiýet, jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary çagyryldy.Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň sentýabrynda ähli halkymyz bilen bilelikde, agzybirlikde mukaddes Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň giňden bellenip geçiljekdigini aýdyp, bagtyýar halkymyzyň her ýyl Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň baş baýramyny aýratyn buýsanç bilen garşy alýandygyna, Garaşsyzlyk baýramynyň ýurdumyz hem-de halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli, buýsançly, şanly wakadygyna ünsi çekdi. Ýakynda Garaşsyzlyk baýramyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem kabul edildi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlyk toýunyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini, onda Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jeminiň jemlenjekdigini nygtady.“Döwrüň talaplaryndan ugur alyp, öňümizde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys. Şu günki mejlisimizde bolsa «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, onuň geçiriljek senesini kesgitlemek hem-de guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak hakynda degişli resminamalary kabul ederis. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli geçiriljek çäreleri ara alyp maslahatlaşarys. Şeýle hem zähmet üstünliklerini gazanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglaryna hödürlemek, olara hormatly atlary dakmak boýunça işleriň alnyp barlyşyna serederis” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi.Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda türkmeniň meşhur ahalteke bedewlerini wasp etmek we dünýä tanatmak boýunça milli hem-de halkara derejede dürli çäreler geçirilýär. Şu ýylyň başyndan bäri atçylyk sporty bilen meşgullanýan ýaşlarymyz Özbegistanda, Azerbaýjanda, Türkiýede we beýleki ýurtlarda ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçirilen halkara festiwallara, maslahatlara, çempionatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary ussatlyklaryny görkezdiler. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Beýik Britaniýada, RF-niň Tatarystan Respublikasynda atlar we atçylyk sungaty bilen bagly çäreler guraldy. Atşynaslardyr hünärmenler bilen duşuşyklar geçirildi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary şu ýyl Azerbaýjanda we Türkiýede türkmen milli atçylyk sungaty boýunça ussatlyk bilen çykyş etdiler. Meşhur çapyksuwarlarymyz Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde guralan atly sport çärelerinde üstünlikli çykyş edip, birinji orna mynasyp boldular. Umuman, bedew ýylynda ahalteke atlarymyz babatda köp sanly uly ähmiýetli işler amala aşyryldy. Häzirki wagtda bolsa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli möhüm çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ýaly esas goýujy resminamalara laýyklykda, degişli ýolbaşçylar netijeli işleri amala aşyrmalydyr. Geljek ýylda ýurdumyzyň ykdysady görkezijilerini durnukly saklamak, pudaklary ösdürmek, täze önümçiliklere maýa goýumlary gönükdirmek hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilmeli çäreleri seljermelidir. Şeýle-de täze iş orunlaryny döretmek, adamlaryň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, ýaşlar syýasatyny ösdürmek, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek bu ugurdaky syýasatyň esasy maksatlary bolmalydyr. Şeýle hem bilim bermegiň, hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullaryny ornaşdyrmak, derman senagaty pudagyny ösdürmek, senagat pudaklaryny, hususan-da, nebitgaz, himiýa, gurluşyk, energetika, dokma, oba hojalyk pudaklaryny kämilleşdirmek, şol sanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmelidir.“Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. Şeýle-de ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak hemişe üns merkezinde bolmalydyr” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. “Türkmenistanyň Halk Maslahaty Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň Hökümeti bilen agzybirlikde iş alyp baryp, döwrüň öňe sürýän wezipelerine öz wagtynda seslenmek, teklipleri işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri durmuşa geçirmelidir hem-de «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunyň 19-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwany guramaçylyk topary bilen bilelikde aşakdaky işleri ýokary derejede alyp barmalydyr” diýip, hormatly Arkadagymyz belledi we anyk wezipeleri kesgitledi. Hususan-da:Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, deputatlar, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde we mejlisiň jemleri boýunça Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada täsirli wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary giňden ýola goýmaly;Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça işleri guramaçylyk topary bilen bilelikde meýilnama esasynda alyp barmaly;Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň garamagyna soraglary taýýarlamaly we resminamalaryň taslamalaryny guramaçylyk toparynyň ýygnaklarynda deslapdan ara alyp maslahatlaşmaly;Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmeli;Raýatlardan gelip gowşan tekliplere, beýleki ýüztutmalara garamak, hasaba almak boýunça işleri alyp barmaly;Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmegiň maksatnamasyny taýýarlamaly;Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek bilen bagly zerur maglumatlary taýýarlamaly;Mejlise taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk işlerini Türkmenistanyň Mejlisi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Arkadag, Aşgabat şäherleriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde utgaşykly alyp barmaly;Türkmenistanyň Mejlisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak, wagyz etmek boýunça ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri bilen alnyp barylýan işleri dowam etdirmeli;Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, halk arasynda uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglary bilen sylaglamak, hormatly atlary dakmak boýunça alyp barýan işlerimizi guramaçylykly ýerine ýetirmeli. Mynasyp adamlary hödürlemek hem-de bu işleri resmileşdirmek boýunça işleri öz wagtynda talabalaýyk alyp barmaly.Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça çykyş etmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi.Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimizi senagat-innowasion esasda ösdürmek we sanlylaşdyrmak, önümçilik pudaklaryny, hyzmatlar ulgamyny düýpli özgertmek, döwrebaplaşdyrmak babatda toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunda “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga, zähmet şertleriniň mynasyp derejesini üpjün etmäge amatly şertleri döredýändigi barada aýdyldy. Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň guramaçylygy bilen bagly ähli meseleleriň oňyn çözgüdine gönükdirilen çäreleriň işlenip taýýarlanylýandygy we umumymilli forumyň guramaçylykly geçirilmegine degişli zerur tagallalaryň ediljekdigi barada habar berdi.Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisiniň guramaçylyk we dolandyryş meseleleriniň üns merkezinde saklanmalydygyny nygtady. Şunda mejlisiň hojalyk işlerine degişli ähli wezipeler talabalaýyk ýagdaýda alnyp barylmalydyr. Munuň üçin bolsa degişli düzümleriň bilelikdäki sazlaşykly işleri ýola goýulmalydyr.Soňra Gahryman Arkadagymyz çykyş etmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryndan, Gahryman Arkadagymyzyň kesgitlän wezipelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek üçin düýpli taýýarlyk işlerine girişilendigini aýtdy. Şeýle hem ol Milli Liderimiziň başyny başlan içeri we daşary syýasatynyň häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady.Bellenilişi ýaly, ýurdumyz Ýewropa, Amerika, Aziýa, Afrika we Awstraliýa yklymlarynyň döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Türkmenistan abraýly halkara guramalar bilen hem netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Munuň özi Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda halkara ähmiýetli sergiler, ylmy-amaly maslahatlar, atçylyk hem-de atly sport boýunça dürli bäsleşikler meýilleşdirildi. Munuň özi döwrebap şygary bolan ýylymyzyň aýdyň ähmiýetli wakalara baýdygyny alamatlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň ösüşli ýolunyň ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagyna gönükdirilen giň möçberli işleri öz içine alýandygy bellenildi. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi, parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary halkara giňişlikde ykrar edilýär. Bu bolsa sebit we halkara derejede ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň berkidilmeginiň baş şertini emele getirýär.Gahryman Arkadagymyz ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary arkaly üç gezek ykrar edilendigini, şunda ýurdumyzda geçirilýän syýasy çäreleriň Watanymyzyň Bitaraplyk syýasaty bilen utgaşdyrylmalydygyny nygtady. Şunda adamlaryň hukuk taýdan goraglylygyny üpjün etmek, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmak meseleleri ýurdumyzyň daşary syýasatynda öz beýanyny tapmalydyr.Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýerlerde öňde boljak syýasy çärä taýýarlygyň derejesi bilen tanyşmak maksady bilen, Ahal welaýatynyň halk maslahatynyň başlygy M.Berdiýewe söz berdi.M.Berdiýew häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygyny, şunda türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň berkarar bolmagynda döwlet tarapyndan alnyp barylýan işlere möhüm ornuň degişlidigini nygtady. Ol “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda alnyp barylýan giň gerimli işleriň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuny ýokary derejede dabaralandyrmaga gönükdirilendigini aýdyp, asylly işleriň rowaçlyklara beslenmeginde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wajyp orun eýeleýändigine ünsi çekdi.Çykyşda ýurdumyzda alnyp barylýan halk bähbitli döwletli tutumlaryň, taryhy başlangyçlaryň, ynsanperwer ýörelgeleriň halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýandygy bellenildi. Şeýle hem ol Ahal welaýatynyň halk maslahatynyň agzalarynyň kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.Gahryman Arkadagymyz ýerlerde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýdyp, ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ähmiýetini düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli alnyp barylmalydygyny, döwürleýin metbugatda bu boýunça ýörite rubrikalaryň döredilmelidigini belledi we bu babatda maslahatlaryny berdi.Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 10-njy iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaraly harby ýörişe işjeň gatnaşan we ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine goşant goşan harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny, işgärlerini sylaglamak maksady bilen, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly ýubileý medalynyň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol şanly sene mynasybetli dabaraly harby ýörişe gatnaşjak şahsy düzümi sylaglamagyň olaryň söweşjeň ruhuny belende göterjekdigini nygtady.B.Gündogdyýew kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi hem-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýetli baýramçylyk dabaralarynyň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.Milli Liderimiz “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly ýubileý medalynyň döredilmeginiň harby gullukçylaryň şanly senäni ýokary derejede dabaralandyrmaga ruhlandyrmakda wajypdygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, dabaraly harby ýörişde türkmen ýaşlarynyň Watanymyza bolan buýsanjy öz beýanyny tapmalydyr.Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy B.Myradowa söz berdi.B.Myradowa häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda şöhratly pederlerimiziň toplan baý taryhy tejribesine esaslanyp, döwleti dolandyrmagyň ygtybarly binýady bolan demokratik, hukuk we dünýewi ýörelgeleri özünde jemleýän häzirki zaman syýasy-hukuk binýadynyň döredilendigini aýtdy. Şunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwlet bilen halkyň jebisligini berkitmekde, ýurdumyzyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda, raýatlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, çykyş eden Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek ugrunda hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berdi.B.Myradowa ýurdumyzyň syýasy-ykdysady, medeni durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan taryhy waka öwrüljek ählihalk forumyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýuljakdygyny nygtap, munuň üçin ähli zerur işleri geçirmek ugrunda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.Hormatly Arkadagymyz häzirki döwürde Diýarymyzda sanly ulgamyň işini ösdürmek, Arkadag şäheriniň mysalynda şähergurluşyk maksatnamasyna sanlylaşdyrmak wezipelerini girizmek babatda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem täze kanunlaryň işlenip taýýarlanylmalydygy barada aýdyldy. Milli Liderimiz bu işleriň paýhasly pederlerimiziň döreden milli ýörelgeleri bilen utgaşykly dowam etdirilmegi babatda birnäçe maslahatlaryny berdi we gazanylýan ösüşleri giňden wagyz etmelidigine ünsi çekdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi.Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň tutuş dowamynda atçylyk we atçylyk sporty boýunça birnäçe çäreleriň meýilleşdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda we daşary döwletlerde milli atşynaslyk ýörelgeleriniň ähmiýetiniň giňden wagyz edilmegine gönükdirilen dürli çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Soňky ýyllarda türkmen halkynyň dünýä nusgalyk seýisçilik sungaty hem-de atşynaslyk ýörelgeleri halkara derejede giňden wagyz edilýär. Şunda ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk mekdebe öwrülen ýörelgelerinden ruhlanyp, türkmen atlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär. Aýratyn-da, baýramçylyk maksatnamasynda atçylyk sportuna degişli çäreler möhüm orny eýeleýär.Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň hatarynda ahalteke bedewlerine aýratyn ornuň degişlidigini belläp, olaryň şan-şöhratynyň belende galmagy we ýurdumyzda arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli üns merkezinde saklanmalydygyny aýtdy. “Şunda atçylyk sporty boýunça geçirilýän çärelere, gözellik bäsleşiklerine, dürli derejedäki duşuşyklara möhüm ähmiýet berilmelidir” diýip, Milli Liderimiz nygtady we bu babatda maslahatlaryny berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewe söz berildi. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde guralýan giň möçberli çäreleriň, bäsleşikleriň çäklerinde milli atşynaslyk ulgamyna degişli sergileriň ýaýbaňlandyrylýandygyny habar berdi. Ol guraljak sergiler üçin dünýäde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň özboluşly aýratynlyklary, bedewleriň reňk sazlaşygy, olary seýislemegiň usullary barada giňişleýin maglumatlaryň taýýarlanylýandygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, türkmen bedewlerine bagyşlanan sergileriň çäklerinde bu ugra degişli hünärmenleriň ahalteke bedewleriniň taryhyna, gelip çykyşyna we ynsan gylykly bedewleriň özboluşly aýratynlygyna degişli maglumatlar bilen çykyş etmeginiň göz öňünde tutulýandygy habar berildi.Milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikde möhüm orna mynasyp bolmagynyň buýsandyryjy ýagdaýdygyny belläp, şu ýylyň dowamynda guraljak sergilerde halkymyzyň ahalteke bedewlerine bolan buýsanjynyň we söýgüsiniň, ganatly bedewleriň dünýä atşynaslygynda eýeleýän ornunyň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi we sergileriň guramaçylyk derejesine örän jogapkärli çemeleşmek babatda öz maslahatlaryny berdi.Soňra Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňünde ýurdumyzy ösdürmek boýunça uly wezipeleriň durýandygyny belledi.“Halk Maslahaty ýurdumyzyň Mejlisi, Türkmenistanyň Hökümeti, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikdäki işleri dowam etdirip, Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barmaly. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça sazlaşykly işleri alyp barmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Biz geljekde hem dürli ugurlarda alyp barýan özgertmeler syýasatymyzy üstünlikli dowam etdirmek üçin täze teklipleriň üstünde işlemeli. Esasy maksadymyz bolsa ýurdumyzyň ähli ilatynyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmekden, her bir adam üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmekden ybaratdyr” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.Gahryman Arkadagymyz mejlisiň gün tertibinde göz öňünde tutulan soraglara seredilendigini aýtdy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hem-de guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararlaryna gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljek senesi we ýeri kesgitlenildi. Şeýle hem umumymilliforumy ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi tassyklanyldy.Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylykly geçirmek bilen bagly işlere resmi taýdan badalga berilýändigini belläp, hemmeleriň bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň üstünlikli geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynanýandygyny aýtdy we mejlise gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona we ýurduň ähli halkyna Fransiýanyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emmanuel Makrona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Fransiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Hökümet mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň alty aýynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,7 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 8,5 göterime, oba hojalygynda 2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 7,5 göterim artdy. Býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,3 göterim ýokarlandy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşyklary barada aýdyldy.Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulow şu ýylyň birinji ýarymynda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlaryň görkezijileri, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,1 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,4 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 103,8 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,9 göterim ýerine ýetirildi. 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda balans toparlarynyň jemi 92 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 64 mejlisi geçirildi. Mejlisleriň dowamynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijelerine garaldy.Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,3 göterim artdy we ol jemi içerki önümiň 16,5 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 45,1 göterimi önümçilik, 54,9 göterimi durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi. Şeýle-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan şu ýylyň alty aýynda meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň netijeleri boýunça senagat ulgamynda durnukly ösüş üpjün edildi. Hususan-da, 39 milliard 147,2 million kub metr tebigy gaz, 4 million 129,8 müň tonna nebit çykaryldy. 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, dizel ýangyjynyň öndürilişi 0,7 göterim, çalgy ýaglarynyň öndürilişi 7,2 göterim, nebit bitumynyň öndürilişi 39,9 göterim, suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň öndürilişi 64,5 göterim, sementiň öndürilişi 7,2 göterim, süýji-köke önümleriniň öndürilişi 6,9 göterim, şöhlat önümleriniň öndürilişi 6,7 göterim, süýt önümleriniň öndürilişi 4 göterim, çörek we çörek önümleriniň öndürilişi 1,3 göterim artdy.Ulag-aragatnaşyk ulgamynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Ulagyň ähli görnüşleriniň ýük dolanyşygynyň 3,7 göterim, ýolagçy dolanyşygynyň 2 göterim artmagy munuň aýdyň mysalydyr. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi hem 15,3 göterim artdy. Ýurdumyzyň oba hojalygynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýygnalan bugdaý hasyly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,6 göterim artdy, öndürilen gök önümler 12,8 göterim, azyklyk bakja önümleri 3,3 göterim, ýeralma 4,2 göterim, süýt 0,3 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň alty aýynda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem oňyn görkezijiler gazanyldy.Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy ýurdumyzyň statistika ulgamyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, bu ugurda halkara guramalar bilen tejribe alyşmak boýunça görülýän çäreler barada hem aýtdy.Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow 2026-njy ýylyň alty aýynda ýurdumyzyň banklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, bank ulgamy tarapyndan ykdysadyýete gönükdirilen karzlaryň galyndysy, geçen ýylyň degişli senesi bilen deňeşdirilende, 7,4 göterim artdy. Ykdysadyýetiň hususy bölegine berlen karzlaryň galyndysy, geçen ýylyň degişli senesine görä, 23,6 göterim ýokarlandy, şahsy adamlara berlen karzlar 24,5 göterim artdy. 2026-njy ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen karzlaryň galyndysy 17,6 göterim köpeldi.Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Döwlet býujetiniň durnuklylygyny üpjün edýän salgyt ulgamyny ösdürmegi, salgytlaryň doly hem-de öz wagtynda tölenmegini gazanmagyň wajypdygyny nygtady. “Býujet serişdeleriniň tygşytly, maksadalaýyk peýdalanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek, şu ýylyň ahyryna çenli Döwlet býujetiniň girdejiler we çykdajylar bölegini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmek, geljek ýylyň Döwlet býujetini öz wagtynda düzmegi üpjün etmek zerurdyr” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.Hormatly Prezidentimiz milli manadyň hümmetini durnukly saklamaga aýratyn üns bermegiň, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek maksady bilen, ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlary yzygiderli artdyrmagyň, banklaryň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagyň wajypdygyny belledi we halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 108,3 göterim, konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 104,1 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 116 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 111,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 119,4 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 118,5 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 107,6 göterim ýerine ýetirildi.Hormatly Prezidentimiz, başga işe geçmegi sebäpli, G.Garlyýewi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesinden boşadyp, bu wezipä B.Amanowy belledi hem-de ony «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.B.Amanow özüne bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet korporasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Hormatly Prezidentimiz toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz nebiti we tebigy gazy çykarmak, olary harytlyk derejesine getirmek, daşarky bazarlara ýerlemek babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmegiň, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek işlerini netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz topluma degişli kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, geologiýa-gözleg işlerini geçirmek, täze uglewodorod ýataklaryny ýüze çykarmak işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek işlerini ilerletmegiň möhümdigini aýtdy we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 127,9 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça degişli meýilnama 104,5 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 132,7 göterim, Energetika ministrligi boýunça 106,2 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy 110,2 göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 144 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça işleriň meýilnamasyna 127,4 göterim amal edildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalaryny doly kuwwatynda işletmek, öndürilýän önümleriň görnüşlerini we möçberini yzygiderli artdyrmak, önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak, täze kärhanalary gurmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz himiýa kärhanalaryny bökdençsiz işletmek babatda işleri güýçlendirmegiň, içerki we daşarky sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça çäreleri hem dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere şu ýylyň ahyryna çenli açylmagy meýilleşdirilýän binalardyr desgalaryň bellenilen möhletde, ýokary hilli ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,8 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,3 göterim ösüş depgini gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda gazanylan umumy girdejiniň ösüş depgini 107,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 146 birža söwdasy geçirilip, olarda 15 müň 377 şertnama hasaba alyndy.2026-njy ýylyň alty aýynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 118,5 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 13 sergi, 5 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk, azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 109 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 110,3 göterime deň boldy.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, söwda toplumynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň, içerki bazaryň, söwda nokatlarynyň azyk we beýleki harytlar bilen üpjünçiligini hemişe üns merkezinde saklamagyň, söwda hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz täze önümçilikleri döretmek, öndürilýän önümleriň, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň möçberini hem-de görnüşlerini artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirmegiň, bu işde hususy ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz dokma önümleriniň hilini ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň, dokma, haly we haly önümleriniň söwdasyny guramakda halkara tejribeden ugur almagyň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak babatda dünýäniň ösen ýurtlarynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dürli medeni çäreler guralyp, yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi. Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi guramaçylykly geçirildi.Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty netijesinde halkara ähmiýetli dürli medeni çäreler guraldy. Paýtagtymyzda «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty, TÜRKSOÝ-yň opera günleri, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri, Italiýanyň Rim şäherinde bolsa «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi guraldy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary hem-de ýurdumyzyň ussat sirk artistleri Azerbaýjan Respublikasynda, Türkiýäniň Stambul şäherinde üstünlikli çykyş etdiler.Ýaşlaryň arasynda taryhy ýadygärlikleri hemmetaraplaýyn öwrenmek we wagyz etmek maksady bilen, şu ýylyň ýaz möwsüminde taryhy-medeni ýadygärliklerde ylmy-barlag, rejeleýiş işleriniň nobatdaky tapgyry amala aşyryldy. Şeýle hem wise-premýer Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz A.Şamyradowy, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň medeniýet ministri wezipesinden boşadyp, bu wezipä 6 aý synag möhleti bilen G.Myradalyýewi belledi we ony medeniýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy hem-de degişli resminamalara gol çekdi.G.Myradalyýew bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, täze wezipede ähli bilimini, güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Döwlet Baştutanymyz, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, A.Hojaberdiýewi «Nesil» gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşatdy we bu wezipä 6 aý synag möhleti bilen H.Şanazarowany bellemek barada karara gelendigini aýtdy hem-de degişli resminamalara gol çekdi.Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýüzlenip, medeniýet ulgamyna degişli edaralaryň işini talabalaýyk guramak boýunça alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegiň, halkymyzyň gadymy mirasyny, edebi gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek we wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärliklere syýahatçylary çekmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz kitaphana we muzeý işini halkara tejribeler esasynda yzygiderli kämilleşdirmegiň, döwrebap, many-mazmunly täze çeper we dokumental filmleri surata düşürmegi dowam etdirmegiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümçilik kuwwatyny netijeli ulanmagyň wajypdygyny nygtady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi, okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy. Okuwçylar, talyplar halkara ders we internet bäsleşiklerinde jemi 992 medal gazandylar. Şu ýylyň alty aýynda ylym ulgamyny kämilleşdirmek, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrundaky işler dowam etdirildi. Ylymlar güni mynasybetli halkara ylmy maslahat, ýaşlaryň arasyndaky ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Hasabat döwründe öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça hem netijeli işler alnyp baryldy. Hasabat döwründe ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlara gatnaşyp, dürli derejeli medallaryň 415-sini gazandylar.Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini, 2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruklara gol çekdi hem-de okuwa girmäge isleg bildirýän ähli ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etdi.Hormatly Prezidentimiz täze okuw ýylyna gowy taýýarlyk görmegiň, şunuň bilen baglylykda, bilim edaralarynda abatlaýyş işlerini öz wagtynda geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalarynyň ulanmaga beriljekdigini aýtdy hem-de olaryň açylyş dabaralaryna ýokary derejede taýýarlyk görmegi, bu ýokary okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmegiň, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy-barlag işlerini netijeli dowam etdirmegiň, ylmy edaralarda işlenip düzülen oýlap tapyşlary ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegiň, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegiň, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça dünýä ýurtlarynyň öňdebaryjy saglygy goraýyş edaralary bilen hyzmatdaşlygy ilerletmegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň köpçülikleýin sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döretmek boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,9 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,1 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 102,9 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,8 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 120,3 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 118,1 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 100,3 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça 115,3 göterime barabar boldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag-aragatnaşyk toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, ýolagçylary gatnatmagyň, ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak we bu ugurda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, halkara awtomobil ýollary bilen ýük daşamagy, üstaşyr gatnawlary ösdürmegi, ýurdumyzdan geçýän üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Halkara howa menzillerini netijeli ulanmagyň, uçarlaryň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak üçin zerur işleri geçirmegiň, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gämigurluşyk işlerini netijeli alyp barmagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny hem döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda täze hyzmatlary ýola goýmak boýunça işleri güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Soňra welaýatlaryň häkimleri hasabatlar bilen çykyş etdiler.Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara, elewatorlara daşamak, galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, bugdaý ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we ýokary hilli bugdaý tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen ýeralma, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnamak, güýz möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilen oba hojalyk ekinlerini ekmek işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim welaýatda Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow şu ýylyň birinji ýarymynda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýygnalan bugdaý hasylyny elewatorlara we ammarlara daşamak bilen bir hatarda, geljek ýylyň hasyly üçin galla oragyndan boşan meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, güýz möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilen oba hojalyk ekinlerini ekmek işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew şu ýylyň alty aýynda welaýatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler sebitde geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek, zerur bolan bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda ýetişdirilen ýazlyk ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, olary ilata ýetirmek işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitde şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara daşamak, ýerleşdirmek, talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler geçirilýär. Geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmegiň çäklerinde bugdaý oragyndan boşan meýdanlary sürmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri dowam etdirilýär. Ýetişdirilen gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek babatda zerur çäreler görülýär. Şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň häkimi, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Genjiýewi welaýatyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä H.Aşyrmyradowy belledi we ony Balkan welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy hem-de degişli resminamalara gol çekdi.H.Aşyrmyradow uly ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, täze wezipede gujur-gaýratyny gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine R.Jumaýewi belläp, ony Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.R.Jumaýew bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, bu wezipede tutanýerli zähmet çekmek üçin ähli gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew şu ýylyň alty aýynda welaýatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, şu günler ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara daşamak, galla oragyndan boşan meýdanlary, ýokary hilli bugdaý tohumyny geljek ýylyň hasyly üçin ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gowaça ekilen ýerlerde hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Ýetişdirilen gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek, güýz möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilen oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatda gant şugundyry ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde ideg işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz D.Annaberdiýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Mary welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy hem-de bu wezipä Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň direktory wezipesinde işleýän B.Orazgylyjowy bellemek barada karara gelendigini aýtdy.B.Orazgylyjow bildirilen ynam üçin hoşallygyny beýan edip, täze wezipede netijeli işlemek üçin ähli ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, ýurdumyzyň gallaçylary tarapyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýetişdirilip, bu ugurdaky bellenen meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habary ýetirdi hem-de oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmäge berýän hemaýat-goldawlary üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Soňra wise-premýer gözegçilik edýän toplumynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.Hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,8 göterime barabar boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 106,4 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,8 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100,9 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 123,2 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,1 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 118,7 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 105,2 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 112,3 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 135,5 göterim ýerine ýetirildi.Oba hojalygy pudagynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde häzirki wagtda Diýarymyzda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara, elewatorlara daşamak, talabalaýyk ýerleşdirmek we saklamak boýunça degişli çäreler görülýär, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak üçin ekiş möwsümine taýýarlyk işleri dowam edýär. Hususan-da, bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär, ýokary hilli bugdaý tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri dowam edýär.Hormatly Prezidentimiz wise-premýer T.Atahallyýewe, oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlerine ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny”, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň, welaýatlarda we şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, beýleki durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmegiň, şäherleriň binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ilaty arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, arassaçylygy berjaý etmek we abatlaýyş işlerini wagtynda geçirmek üçin ähli çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady.Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýerli býujetiň doly we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň, welaýatlarda oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin alnyp barylýan işleri agrotehniki kadalar esasynda geçirmegiň, oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, gallanyň, gowaçanyň hasylyny artdyrmak üçin guramaçylyk işlerini has-da güýçlendirmegiň, öndürilýän azyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, azyk senagaty kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy.Döwlet Baştutanymyz ilaty un, çörek we çörek önümleri bilen üpjün etmegi üns merkezinde saklamagyň, mallaryň, guşlaryň baş sanyny artdyrmak babatda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmak boýunça işlere berk gözegçilik etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz pagta arassalaýjy kärhanalarda pagtany gaýtadan işlemek, dokma kärhanalaryny ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek işlerini talabalaýyk alyp barmagyň, suw serişdelerini rejeli we tygşytly peýdalanmagyň, goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça sazlaşykly işleri durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz daşky gurşawy goramak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, atçylyk pudagyny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda gallanyň bol hasylynyň ýygnalandygyny, gallaçy daýhanlarymyzyň Watan harmanyna ýokary hilli bugdaý hasylyny tabşyryp, zähmet üstünligini gazanandyklaryny belledi. “Ýygnalan bol galla hasyly mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir!” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we galla hasylyny ýetişdirmekde hem-de ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri bitiren, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren ussat gallaçy babadaýhanlarymyzy tüýs ýürekden gutlap, olara täze üstünlikleri arzuw etdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy.Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýokary derejedäki saparlardyr duşuşyklar möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 16 — 19-njy fewraly aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, 18-19-njy martynda Hytaý Halk Respublikasyna, 8-9-njy aprelinde Awstriýa Respublikasyna, 13-14-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, 16-17-nji maýynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna saparlary guraldy. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 21-22-nji aprelinde Gazagystan Respublikasyna, 22-23-nji iýunynda Azerbaýjan Respublikasyna saparlary amala aşyrdy.Abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş direktory, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyklary geçirildi. Mundan başga-da, şu ýylyň 21 — 23-nji ýanwarynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory, 17 — 19-njy martynda bolsa Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň Baş sekretary ýurdumyzda saparda boldular. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri, beýleki duşuşyklar, çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Arkalaşygyň döwletleriniň Hökümet ýolbaşçylary ýurdumyza sapar bilen geldiler.Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 373 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi, Türkmenistandan daşary ýurtlara 693 wekiliýet gitdi. Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 253-si geçirildi. Hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen bilelikde resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 1 müň 205-si guraldy. Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara resminamalaryň 101-si bilen ýetirildi. Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler hem amala aşyrylýar. Bu babatda hasabat döwründe Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Awstriýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministrleri, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary bilen syýasy geňeşmeleri geçirildi.2026-njy ýylyň alty aýynda Hindistan Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Zimbabwe Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Uganda Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Kamboja Patyşalygynyň, Ukrainanyň daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeler guraldy. Bulardan başga-da, hasabat döwründe Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň BMG-niň Baş sekretary, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti, Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary hem-de Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen gepleşikleri geçirildi.Daşary döwletleriň ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary kämilleşdirmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň, Finlýandiýanyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky, Irlandiýadaky ilçileri, BMG-niň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmek, halkara guramalar bilen netijeli halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl ýurdumyzda köp sanly halkara syýasy çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine ýurdumyzda guraljak halkara çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin häzirden başlap düýpli taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda milli parlament tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, geçen alty aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 6-sy, Mejlisiň kararlarynyň 11-si kabul edildi. Raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.Daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 5-sinden ynanç hatlary kabul edildi. Şeýle hem Mejlisde dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 18-si geçirildi. Mejlisiň deputatlarydyr hünärmenleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 64-sine gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 15-si amala aşyryldy.Milli parlamentiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň beren tabşyrygyna laýyklykda, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy boýunça Mejlisde degişli işleriň geçirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ol Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlaryndan ugur alnyp taýýarlanylan degişli Kanuny, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 82-nji maddasyna laýyklykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň birnäçe kanunlarynyň kabul edilendigini, köp sanly kanunlara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, berkarar döwletimizde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň uly dabaralar bilen giňden belleniljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlyk baýramyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini aýtdy.Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi.«Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 18 milliard 600 million manada golaý düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,3 göterim köpdür. Diýarymyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 309 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy meýilnama esasynda alnyp barylýar» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Geçen ýarym ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýeti durnukly ösdürildi. Bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli harytlary öndürýän täze kärhanalary döretmek boýunça zerur işler dowam etdirildi. Ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi artdyrylyp, pudaklara sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.Soňra hormatly Prezidentimiz şu ýylyň ikinji ýarymynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň we beýleki halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny ýokary derejede geçirmäge düýpli taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady. Şu ýyl Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini hem ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. “Bulardan başga-da, möhüm ähmiýetli köp sanly halkara çäreler guralar. Şoňa görä-de, meýilleşdirilýän bu çärelere gowy taýýarlyk görmeli. Şeýle hem döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlaryny ýokary derejede bellemeli” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini hem dabaraly ýagdaýda geçireris. Mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemlerini jemläris. Şeýle hem öňde duran möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys» diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.Türkmenistanyň Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň Ministrler Kabineti, häkimlikler, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge hem düýpli taýýarlyk görüp başlamalydyr. «Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak, geçiriljek senesini we ýerini kesgitlemek, ony ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak barada karar kabul etse, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin» diýip, hormatly Prezidentimiz sözüniň üstüni ýetirdi. Bu guramaçylyk topary Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda ýokary üstünlikleri gazanan, il içinde uly abraýdan peýdalanýan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara hormatly atlary dakmak üçin hödürlemek hem-de resmileşdirmek boýunça degişli işleri geçirmäge möhüm ähmiýet bermelidir. Şeýle-de geçiriljek bu guramaçylyk işleri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem-de Mejlisi degişli işleri alyp barmalydyr.Hormatly Prezidentimiz çykyşyny tamamlamak bilen, geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň ýurdumyz boýunça, umuman, gowy bolandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geçen alty aýda ýerine ýetirilen işleriň jemleri boýunça 11-nji iýulda maslahatlary geçirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan başlap dynç almaga rugsat berýändigini aýdyp, ýolbaşçylaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp biljekdigini belledi.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, olary ilata ýetirmek babatda-da degişli çäreler görülýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, meýdanlarda galan galla hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, gowaça ideg etmek işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak, ýygnalan hasyly elewatorlara, ammarlara daşamak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem ýerleri indiki ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, bugdaý tohumyny möwsüme taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak we bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek üçin degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin işlere ünsi çekdi hem-de daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen hasyly soňky dänesine çenli ýygnap almagyň, gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, welaýatyň gallaçy babadaýhanlarynyň Watan harmanyna bugdaý hasylyny tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy hem-de öndürijilikli zähmet çekmäge döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.Soňra häkim welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde galla oragy tamamlaýjy tapgyrda dowam edip, ýetişdirilen hasyly soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur çäreler görülýär. Geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmek maksady bilen, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň zähmetsöýer gallaçylarynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini belledi hem-de gallaçylary bu zähmet üstünligi bilen gutlap, mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz bugdaý meýdanlarynda galan hasyly soňky dänesine çenli ýygnap almagyň, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, gowaça ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de häkime degişli görkezmeleri berdi.Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşy ýaly, sebitde ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara, ammarlara daşamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri bilen bir hatarda, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, sowadyjy ammarlarda saklamak, ilata ýetirmek boýunça-da zerur çäreler görülýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara daşamak, galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynda gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu önümleri ilata ýetirmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda gant şugundyrynyň ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl sebitde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň dowam edýändigini belledi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler oba hojalyk işleriniň çäklerinde ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş kärhanalaryndan ammarlara, elewatorlara daşamak hem-de talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, önüm öndürijiler üçin ýokary hilli bugdaý tohumyny möwsüme taýýar etmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly dowam etdirilýär. Sebitlerde gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyry ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragynyň tamamlaýjy tapgyrda dowam edýändigini aýtdy hem-de ýetişdirilen bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnap almak, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, gowaça ideg etmek boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyny belledi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol 2026-njy ýylyň geçen alty aýynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barlan işler, nobatdaky harby gulluga çagyrmak möwsüminiň netijeleri, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň ýokary derejede bellenilmeginiň möhümdigini aýtdy we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Baş prokuror B.Muhamedow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, hususan-da, kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilişine geçirilen prokuror gözegçiliginiň netijeleri, bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde prokuratura edaralaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda kanunlaryň we hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek, döwlet hem-de jemgyýetçilik bähbitlerini, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak bilen bagly işleri dowam etdirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.Içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini, ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilişini üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunçylygy üpjün etmek we düzgün bozulmalaryň öňüni almak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de ministre ýol hereketiniň düzgünleriniň, tomus möwsüminde howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň alty aýynda degişli ösüş maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň, kazyýet işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletiň we jemgyýetiň bähbitlerini goramak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.Milli howpsuzlyk ministri D.Meredow şu ýylyň birinji ýarymynda döwletimiziň milli bähbitlerini goramak, ýurdumyzda durnuklylygy hem-de asudalygy üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ministrlik tarapyndan alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmegiň möhüm ähmiýetini belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Döwlet serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow ýolbaşçylyk edýän düzüminde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goraglylygyny üpjün etmek, serhet birikmeleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň serhediniň dost-doganlyk serhedidigini belledi hem-de serhet goşunlaryny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, serhetlerimiziň goraglylygyny yzygiderli üpjün etmegi tabşyrdy.Adalat ministri M.Taganow ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hususan-da, milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de düzümiň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak ugrunda alnyp barlan işler barada aýdyldy.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, milli kanunçylyk ulgamyny halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirmek we raýatlara kanunçylygy düşündirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny aýtdy hem-de ýurdumyzda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kanunçylyga doly laýyk gelmegine yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň birinji ýarymynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, gullugyň işine öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna gümrük amallaryny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda gümrük düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň, bu ugurda öňdebaryjy tejribäni we iş usullaryny yzygiderli ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi hem-de birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, migrasiýa kanunçylygynyň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik etmegiň we ýokary hilli migrasiýa hyzmatlaryny üpjün etmegiň wajypdygyny aýtdy hem-de bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleriň durmuşa geçirilýändigini we bu ugurdaky işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini nygtady.Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.Işewür özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watany Türkmenistanda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünliklere guwanýandygyny aýtdy hem-de ýetilýän bu belent sepgitleriň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsi bolup durýandygyny nygtady. Milli Liderimiziň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Türkmenistanda ägirt uly taslamalar durmuşa geçirildi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, myhman Gahryman Arkadagymyza doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi. Işewür pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy Arkadag şäheriniň şanly senesi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.Hormatly Prezidentimiz myhmany türkmen topragynda mübärekläp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda ýola goýlan türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birnäçe ugurlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk ýaly pudaklarda üstünlikli alnyp barylýandygyny belledi. Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklarda öz hyzmatdaş ýurtlary bilen deňhukuklylyk, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinden ugur alýar. Ýokary derejede alnyp barylýan bu hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge Türkiýäniň ýurdumyzda işleýän kompaniýalary, hususan-da, «Çalyk Holding» kompaniýalar topary uly goşant goşýar. Häzirki wagtda bu düzüm Diýarymyzda senagat we durmuş maksatly birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýar.Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň, innowasion tehnologiýalaryň, ykdysady netijeliligi ýokary bolan çözgütleriň girizilmegini giňden goldaýandygyny aýdyp, «Çalyk Holding» kompaniýasynyň mundan beýläk-de täze tehnologiýalary, öndürijiligi ýokary enjamlary ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzda döwlet hem-de sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmakda netijeli işleri alyp barjakdygyna ynam bildirdi.Ahmet Çalyk Türkmenistanda netijeli iş alyp barmaga döredilýän mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary derejede ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyga alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň wise-prezidenti Kenji Sanadany kabul etdi.Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyz bilen duşuşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de sebitde ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň şanly senesi mynasybetli hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem işewür ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde we halkara abraýyny belende götermekde türkmen halkynyň Milli Lideriniň ägirt uly goşandyny belläp, Gahryman Arkadagymyza doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýetirmegini hormatly Prezidentimizden haýyş etdi.Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, işewüriň saparynyň dowamynda ýurdumyz bilen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça gepleşikleriň geçiriljekdigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, saparyň üstünlikli geçmegini, onuň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga itergi bermegini arzuw etdi.Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir. Ol özara hormat goýmaga we birek-birege goldaw bermäge esaslanýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde ýapon kompaniýalarynyň uly goşandyny belläp, köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda taslamalary amala aşyrandyklaryny aýtdy. «Kawasaki» kompaniýasy bilen hem netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy we dürli ugurlarda tejribe toplandy.Kenji Sanada bildirilen uly ynam hem-de geljegi uly türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmaga döredilýän mümkinçilikler üçin hoşallygyny beýan edip, kompaniýanyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary hilli ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň wise-prezidenti Kenji Sanada alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni mynasybetli welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Milli Liderimizi we hormatly Prezidentimizi Arkadag şäheriniň döredilmeginiň şanly senesi bilen gutlady. T.Nurmyradow welaýatyň gallaçy daýhanlarynyň döwlet harmanyna bugdaý hasylyny tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy hem-de öndürijilikli zähmet çekmäge döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.Soňra häkim welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny doly ýygnap almak, galla oragyny tamamlamak, bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz welaýatyň gallaçy babadaýhanlaryny şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmekleri bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de mundan beýläk-de zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz gowaça meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we häkime bu babatda anyk tabşyryklary berdi.Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowa söz berildi. Häkim Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni mynasybetli welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hormatly Prezidentimizi hem-de Milli Liderimizi Arkadag şäheriniň döredilmeginiň şanly senesi bilen gutlady.Şeýle-de häkim welaýatyň gallaçy babadaýhanlarynyň bugdaý hasylyny tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy hem-de bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge döredilýän ähli şertler, berilýän hemaýat-goldawlar üçin hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.Soňra häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý meýdanlarynda hasyly soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu önümleri ilata ýetirmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Şeýle-de häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz welaýatyň gallaçy daýhanlaryny şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu ugurda welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewe söz berildi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni mynasybetli welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hormatly Prezidentimizi hem-de Milli Liderimizi Arkadag şäheriniň döredilmeginiň şanly senesi bilen gutlady.Soňra D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak, galla oragyny gysga möhletde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylýan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle-de häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsümi — galla oragyny üstünlikli tamamlamagyň, gowaça ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda, ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýewe söz berildi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni mynasybetli welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy Arkadag şäheriniň döredilmeginiň şanly senesi bilen gutlady.Soňra häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler sebitde bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak boýunça işler dowam edip, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri bilen birlikde, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Welaýatda şaly ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi we galla oragyny üstünlikli tamamlamak üçin ähli zerur çäreleri görmegiň, gowaça ideg işleriniň bellenen kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi hem-de degişli tabşyryklary berdi.Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewe söz berildi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni mynasybetli welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hormatly Prezidentimizi hem-de Milli Liderimizi Arkadag şäheriniň döredilmeginiň şanly senesi bilen gutlady.Soňra häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, galla kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul etmek, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu önümleri ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem gant şugundyrynyň ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda galla oragyny üstünlikli tamamlamagyň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi.Wise-premýer oba hojalyk toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderine doglan güni mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi. Ol hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy Arkadag şäheriniň döredilmeginiň şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Soňra wise-premýer ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak hem-de ýygnalan hasyly talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklar geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlarda gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, olary ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda galla oragynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny belledi we wise-premýere ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça alnyp barylýan işleri, gowaça ideg işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi we galla oragy möwsümini netijeli tamamlamak, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda öz wagtynda geçirmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigini belledi hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.