Türkmenistanda
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzda durky täzelenilýän Bitaraplyk binasy we onuň hojalyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeginde, şol sanda paýtagtymyzda dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna we ozal bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegine, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.Milli Liderimiz ir bilen Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän we bu töweregiň özboluşly aýratynlyklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän Bitaraplyk binasynyň ýanyna geldi. Gyş paslynyň tamamlanyp barýan günlerinde dag eteklerinde ýakymly howa gurşawy emele geldi. Säheriň salkyn howasy ynsan ruhuna oňaýly täsir edýär.Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň günorta bölegi tanalmaz derejede özgerdi. Şunda bina edilýän dürli maksatly desgalaryň bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşykly utgaşmagyna möhüm üns berilýär. Edara binalarynyň, durmuş maksatly desgalaryň seýilgäh zolaklary we şäheriň esasy bezegine öwrülen suw çüwdürimleri bilen sazlaşmagynyň taslama taýýarlaýjylara, gurluşykçylara bildirilýän esasy talaplaryň biri hökmünde kabul edilendigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurdaky işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede dowam etdirilmelidigine ünsi çekdi.Taryha ser salsak, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny goýdy. Bu taryhy pursat ähli türkmenistanlylaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka boldy. 1995-nji ýylda ilkinji gezek ykrar edilen Bitaraplygymyz halkymyzyň beýik ynsanperwer ýörelgelerinden ugur alýar. Şonda hemişelik Bitaraplygymyzy 185 döwlet goldady. Bu mukaddes gymmatlygymyzyň şanyna bolsa beýikligi 95 metr bolan Bitaraplyk binasy guruldy. Ajaýyp bina bezeg berýän bäş welaýatyň haly gölleri halkymyzyň bitewüligini, jebisligini aňladýar.Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, binanyň depesinde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň heýkelini goýmak baradaky teklibi Mejlisiň, halkyň goldandygyny we şol pursatlaryň şaýady bolmagynyň has-da guwandyryjy waka öwrülendigini ýatlady.Taryhy binanyň düýbi tutulanda, Gahryman Arkadagymyzyň uly ornunyň bolandygyny bellemek örän ýakymly.Halk Maslahatynyň Başlygy halkymyzda «Tagan aýagy üç bolar, biri-birine güýç bolar» diýlişi ýaly, gyş paslynyň şeýle hoştap howaly günlerinde belent maksatlara hyjuw döredýän Bitaraplyk binasynyň hem üç aýakdan ybaratdygyny aýtdy. Binanyň her bir aýagy ebedi gymmatlygymyzyň mizemezligini pugtalandyrýan dek, üç sany şanly senäni özünde jemleýär. Bu bina halkymyzy taryhy ýyllaryň ajaýyp günleriniň jümmüşine alyp gidýär. Baky Bitaraplygymyz ilkinji gezek 1995-nji ýylda ykrar edilen bolsa, 2015-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek ykrar edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Munuň özi beýik başlangyçlaryň dünýä ýaň salandygyny, Türkmenistanyň abraýynyň barha ýokarlanýandygyny subut edýär.Milli Liderimiziň garamagyna paýtagtymyzyň günortasynda döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary, ekiljek baglaryň we yşyklandyryş sütünleriniň degişli görnüşleri görkezildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow Bitaraplyk binasynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, gurulýan we durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.Görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda Bitaraplyk binasynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagyň we bu künjekde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň teklip edilýän görnüşleri, yşyklandyryş sütünleri, şäheriň Bitarap Türkmenistan we Çandybil şaýollarynyň aýlawly çatrygynyň, paýtagtymyzyň günortasynda sil suw akabasynyň, seýilgäh zolagynyň teklip edilýän görnüşleri bar.Gahryman Arkadagymyz taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Aşgabadyň dürli künjeklerinde gurulýan, durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän binalaryň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň berkligine zerur üns berilmelidir. Binalardyr desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmakda we olaryň çäklerinde bag nahallarynyň oturdylmagynda ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny, şunda häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň nazara alynmalydygyny belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy bu babatda birnäçe maslahatlaryny berdi. Aýratyn-da, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygynda, olary döwrebaplaşdyrmakda täzeçil tehnologiýalar işjeň ulanylmalydyr. Bu ýerde alnyp barylýan işler döwrüň talabyna, milli binagärlikde ýetilen sepgitleriň derejesine laýyk gelmelidir.Bitaraplyk binasynyň talabalaýyk döwrebaplaşdyrylmagyna, onda BMG-niň baýdagynyň reňkiniň öz beýanyny tapmagyna jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Arkadagymyz Bitaraplyk binasynyň töweregindäki desgalaryň gurluşygynyň, bezeg işleriniň bu künjegiň derejesine laýyklykda ýerine ýetirilmelidigini belledi. Hemişelik Bitaraplyk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary esasynda ykrar edilen ýurdumyzda bu şanly sene mynasybetli guraljak dabaralar häzirki döwrüň ruhuna, milli toý dessurlaryna kybap derejede ýaýbaňlandyrylmalydyr. Milli Liderimiz tutumly toýlarda Watanymyzyň ýeten derejesiniň, ýurdumyzyň tutuş adamzat ähmiýetli öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň öz beýanyny tapmalydygyny hem-de ähli binalaryň bezeg işleriniň, reňkleriniň Bitaraplyk derejämize laýyk sazlaşygyny üpjün etmek boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady.Tanyşlygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz bu künjekde türkmen Bitaraplygynyň taryhyna degişli maglumatlary özünde jemleýän muzeýiň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, ugurdaş düzümleriň, şol sanda seýilgähiň gurulmagyna, onda oturdyljak saýaly baglaryň görnüşleri boýunça degişli alymlar bilen geňeşmeleriň geçirilmegine zerur üns berilmelidigini aýtdy. Ynsanperwer ýörelgeleri, parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary esasy ugur edinýän hemişelik Bitaraplygymyzyň aýdyň nyşany bolan bu kaşaň binanyň döwrebaplaşdyrylmagynda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary ulanylmalydyr. Binanyň reňk sazlaşygynda oňyn Bitaraplyk ýörelgeleriniň baş mazmuny, BMG-niň degişli nyşanlary öz beýanyny tapmalydyr.Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Bitaraplyk baýramyny mynasyp derejede guramagyň we dabaralary geçirmegiň maksatnamasy baradaky hasabatlar diňlenildi. Bellenilişi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen Bitaraplyk derejesi iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň ähli düzümlerinde şanly senäni guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işlerine giň gerim berildi. Ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda şu ýylyň dowamynda şanly sene mynasybetli sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, beýleki çäreleriň guralmagy meýilleşdirildi. Ähli göz öňünde tutulýan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda bilelikdäki işler zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň ediljekdigi aýdyldy. Şunda olaryň guramaçylyk işlerini maliýeleşdirmek meselelerine hem möhüm ähmiýet berilýär.Myhmanlary garşylamak, olaryň üpjünçiligini ýola goýmak we baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän günlerinde medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak, söwda medeniýetini kämilleşdirmek, çäreleriň guramaçylyk işlerine ýaşlaryň çekilmegini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada-da aýdyldy. Gahryman Arkadagymyz türkmen Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyryljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine wajyp ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Şunda ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Arkadag we Aşgabat şäherleriniň häkimlikleriniň bilelikdäki tagallalary zerurdyr. Bu meselede hiç bir zadyň ünsden düşürilmeli däldigini belläp, Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan çärelere, halkara maslahatlara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelýän myhmanlaryň türkmen myhmansöýerligi esasynda garşylanylmalydygyny, olaryň degişli ulaglar bilen üpjün edilmegine zerur üns berilmelidigini aýtdy.Döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetine bagyşlanan çärelerde Watanymyzyň ýeten derejesi, parahatçylyk söýüjilikli syýasatymyz, halkymyzyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri işjeňlik görkezmelidir, baýramçylyk çäreleriniň dünýäniň media giňişliginde giňden açylyp görkezilmegi ugrunda zerur tagallalar edilmelidir.Bitaraplyk baýramy mynasybetli geçiriljek duşuşyklar, halkara derejeli maslahatlar, medeni-köpçülikleýin çäreler häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede guralmalydyr. Aýratyn-da, şäheriň ekologik derejesine zerur üns berilmelidir. Saýaly bag nahallary ekilende, milli bagbançylyk ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr. Baýramçylyk dabaralarynyň geçirilmegine dahylly düzümleriň bilelikdäki tagallalaryna we olaryň sazlaşykly işleriniň üpjün edilmegine mümkinçilik döredilmelidir. Munuň üçin bolsa ugurdaş toplumlaryň işleriniň utgaşykly ýola goýulmagyna zerur üns berilmelidir. Gahryman Arkadagymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, dabaralaryň geçirilýän döwründe söwda we hyzmatlar ulgamynyň işiniň ýokary derejede ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Şunda halkymyzyň dünýä nusgalyk myhmansöýerlik däplerine, millilik ýörelgelerine giň ýol açylmalydyr. Şunda şanly senäniň nyşanlaryny özünde jemleýän sowgatlyk önümleriň taýýarlanylmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.Paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň we şäheriň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, Milli Liderimiz şäherde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň yzygiderli ýola goýulmagynyň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Şunda şäheriň jemagat hojalygy gulluklarynyň işi üçin niýetlenen ýörite tehnikalaryň netijeli peýdalanylmagyna aýratyn üns berilmelidir.Gahryman Arkadagymyz baýramçylyk dabaralaryna taýýarlygyň çäklerinde halkara derejede geçiriljek maslahatlaryň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasynyň ýörelgelerine laýyk gelmelidigini nygtady. Şol bir wagtyň özünde bu çäreleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegine zerur üns berilmelidir. Milli Liderimiz hemişe bolşy ýaly, baýramçylyk günlerinde-de tertip-düzgüniň berk berjaý edilmeginiň, ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň ýola goýulmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belläp, bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň bu künjeginde ýaýbaňlandyryljak baýramçylyk dabaralarynda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara giňişlikde ykrar edilýändigini aňladýan wakalaryň, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň teklibi boýunça kabul edýän çözgütleriniň öz beýanyny tapmalydygyny nygtap, bu babatda degişli maslahatlaryny berdi.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýeriň “Bitaraplyk binalar toplumy” diýlip atlandyrylsa, maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli hemmeleriň Bitaraplyk düşünjesiniň, onuň gymmatynyň näderejede ýokarydygyny bilmelidigini hem-de duýmalydygyny aýratyn nygtap, bu künjegiň ýaşlaryň, myhmanlaryň, syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerine öwrüljekdigine ynam bildirdi. Milli Liderimiz: «Bu taryhy ýer uly toýuň geçjek ýeri bolar» diýip, bu babatda toparyň agzalaryna degişli tabşyryklary berdi.Hormatly Arkadagymyz Bitaraplyk şaýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy ýerde Bitaraplyk zolagynyň döredilmelidigini, şunda BMG-niň nyşanynyň göze gelüwli edip ýerleşdirilmelidigini belledi. Bu ýerde hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilen ýyllary we şoňa degişli taryhy özgertmelerimiz bilen bagly ýazgylary ýerleşdirmek boýunça maslahatlar berildi.Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde geçirilýän iş maslahatyna gatnaşyjylar şanly senäni ýokary derejede dabaralandyrmak boýunça beren maslahatlary üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdiler hem-de öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.Milli Liderimiz şu ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli toýlarymyzyň goşa-goşadan gelýändigini aýdyp, şanly toýa gowy taýýarlyk görülmelidigini we onuň ýokary derejede geçirilmegi üçin hemmeleriň öz mynasyp goşandyny goşmalydygyny aýratyn nygtady.Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, bu gün asmandan nur ýagýandygyny, munuň bolsa rysgal-berekediň hem-de döwletliligiň nyşanydygyny aýtdy. Munuň özi ýylymyzyň uly üstünliklere, rowaçlyklara beslenjekdiginiň özboluşly alamatydyr.Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işlerinde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

15 Few 2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde milli tejribeden we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Jenaýat, Arbitraž iş ýörediş, Jenaýat iş ýörediş, Raýat iş ýörediş kodekslerine, “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleri hukuk taýdan düzgünleşdirmek bilen baglanyşykly hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, deputatlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugry boýunça okaýan diňleýjiler bilen önümçilik-tejribe sapaklary geçirildi.Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi, parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde duşuşyklaryň 3-si geçirildi. Mejlisiň wekilleri BMG-niň düzüm birlikleri, abraýly halkara guramalar bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça geçirilen okuw maslahatlarynyň 8-sine gatnaşdylar. Deputatlar Gahryman Arkadagymyzyň guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda degişli işleri geçirýärler.Döwlet Baştutanymyz täze kanunlaryň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, kabul edilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga ýardam bermelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek işini dowam etdirmegiň wajypdygyna üns çekildi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar aýynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek üçin görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1 göterime, gurluşykda 2 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 4,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 9 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,2 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 11,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy 1,1 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 101,9 göterim, çykdajy bölegi 97,4 göterim ýerine ýetirildi.Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,6 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27,3 göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 2022 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2025-nji ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin degişli işleri alyp barmagyň möhümdigini aýtdy. Ykdysadyýetimiziň ösüşine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maýa goýumlary netijeli peýdalanmak, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, pudaklary sazlaşykly ösdürmek boýunça zerur çäreleri görmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler hakynda aýdyldy. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 104,3 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 100,7 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 100,2 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 103,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 113,8 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmekde 124,2 göterim ösüş depgini üpjün edildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagyň, önümçilik desgalaryny kadaly ýagdaýda saklamak üçin toplumlaýyn çäreleri alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz geologiýa-gözleg, buraw işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 125,9 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 123,5 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 101,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 149,7 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 104,4 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 269,6 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 110,4 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 106,4 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,2 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,4 göterime deň boldy. Hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 388,5 göterim ýerine ýetirildi.Häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde welaýatlarda bugdaýa ideg etmek, gowaçanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, ýazlyk ýeralmanyň ekişini geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda ýerleşýän howdanlara suw toplamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak, suw hojalyk desgalaryny abatlamak babatda zerur çäreler görülýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegi, pudak boýunça önümçiligiň möçberini artdyrmagy we hilini gowulandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere oba hojalyk önümleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, welaýatlarda möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda öz wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk-senagat toplumynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 126,7 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň birinji aýynda meýilnama 111,8 göterim berjaý edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 122,4 göterime deň boldy. Hasabat döwründe Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň, amala aşyrylan işleriň meýilnamasy 108 göterim ýerine ýetirildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 156,6 göterime barabar boldy. Şu ýylyň ýanwarynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan işleriň meýilnamasy 113,6 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan 106,7 göterim berjaý edildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemegini gazanmagyň, ýurdumyzdaky himiýa kärhanalarynyň işini döwrebap guramagyň, energetika pudagynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmak bilen bagly işleri hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz täze ýollary gurmak we ýollaryň durkuny täzelemek işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105,4 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,1 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 117,7 göterim üpjün edildi, şol sanda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 154,1 göterime, nah matalaryňky 157,9 göterime, taýýar tikin we örme önümleriniňki 108,5 göterime, gön önümleriniňki 142,4 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 104,8 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 26 birža söwdasy geçirilip, olarda 2 müň 178 şertnama hasaba alyndy. Şu ýylyň ýanwar aýynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 113,9 göterime barabar boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça geçen aýda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,4 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 105 göterime deň boldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda halkyň sarp edýän harytlarynyň üpjünçiligini hem-de nyrhlaryny hemişe gözegçilikde saklamagyň, ilaty ýokary hilli azyk önümleri bilen kadaly üpjün etmek üçin degişli çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi. Söwda we hyzmatlar ulgamlaryny giňeltmegiň, döwrebap kärhanalaryň sanyny artdyrmagyň hasabyna täze iş orunlaryny döretmek, dokma kärhanalarynyň işini döwrebap ýola goýmak boýunça işleri dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe baýramçylyklar mynasybetli dürli maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler, wagyz-nesihat, aýdym-sazly medeni çäreler guraldy. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen, aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde-de dürli çäreler geçirilip, türkmen hünärmenleri daşary ýurtlarda iş saparlarynda boldular.«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşyp, Baş baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagynyň hormatyna Arkadag şäherinde dabaraly çäreler geçirildi. Şeýle-de hasabat döwründe teatrlaryň, sirkleriň, kinoteatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýerine ýetiren işleri barada habar berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramagyň, ýerlerde kitaphanalaryň, medeniýet edaralarynyň kadaly işlemegini gözegçilikde saklamagyň, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak boýunça zerur çäreleri yzygiderli geçirip durmagyň möhümdigini aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ylymly-bilimli nesilleri kemala getirmek, okuw kitaplaryny neşir etmek boýunça işler dowam etdirildi. Mekdep okuwçylary halkara ders we internet bäsleşiklerinde 12 medal gazandylar. Ylym ulgamynda-da maksada gönükdirilen işler alnyp baryldy. Şu ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň, alymlyk derejelerine dalaşgärleriň, kliniki ordinatorlaryň sany tassyklanyldy. Ýanwar aýynda bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler durmuşa geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty we Olimpiýa hereketini ösdürmek, türgenleri Olimpiýa oýunlaryna, çempionatlara, iri halkara ýaryşlara taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmagyň zerurdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere bilim edaralarynda ýaşlara döwrebap bilim bermek işine aýratyn üns bermegi, ösüp gelýän nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin zerur işleri yzygiderli geçirmegi, ulgama degişli täze desgalaryň gurluşygyny, ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmek işini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, Daşary işler ministrliginiň şu ýylyň ýanwar aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.Ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan netijeli halkara hyzmatdaşlyk ugruna eýermek bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara, sebit guramalarynyň çäklerinde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 19-20-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynda saparda bolandygy bellenildi.Ýanwar aýynda daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň Türkmenistana hem-de ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary dünýä döwletleri bilen gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Hasabat döwründe sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklar, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşiklerdir duşuşyklar guraldy. Şu güne çenli halkara resminamalaryň 6-syna gol çekildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça işler yzygiderli ilerledilýär. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup, bu babatda-da degişli işler geçirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, öňümizde birnäçe halkara çäreleriň bardygyna, olara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara derejede guraljak çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Hasabat döwründe toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,1 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 101,9 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,8 göterime deň boldy. Hasabat döwründe “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 104,1 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 111 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 116,3 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 116,6 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 117,1 göterime deň boldy. Şeýle hem “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barlan işler barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Watanymyzyň çäk taýdan amatly ýerleşiş mümkinçiliginden netijeli peýdalanyp, halkara ulag geçelgeleriniň işini kämilleşdirmegiň, üstaşyr gatnawlar üçin oňaýly şertleri döretmegiň, olaryň sanyny artdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin degişli işleri alyp barmak, bu ugurdaky işleri talabalaýyk gurap, ýolagçylara edilýän hyzmatlary kämilleşdirmek, pudaklara sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak işini hem giň gerimde dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýanwar aýynyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny, şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durnukly ösüşiň gazanylandygyny belledi. Geçen aýda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 3 milliard manatdan gowrak boldy. Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, welaýatlarda goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, 18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň bellenip geçiljekdigini aýtdy we Bitarap ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň öňde goýlan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýändiklerine ünsi çekdi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz milli diplomatik gullugyň ähli işgärlerini hünär baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

14 Few 2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary görkezildi. Şeýle-de Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan “akylly” şäherde-de taryhy ähmiýeti bolan beýik işler amala aşyrylýar. Ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän bu asylly işler ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmegine gönükdirilendir.Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine geldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalarda oturdylmaly şekiller barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, seýilgähiň abadanlaşdyrylyşyna we bezeg aýratynlyklarynyň döwrebap talaplara laýyk gelmegine möhüm üns berilýär.Milli Liderimiz täze şäheriň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähler toplumynda oturdyljak şekilleriň görnüşlerini synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we şekillere degişli düzedişleriň girizilmelidigini tabşyrdy. Seýilgählerde ýerleşdiriljek oturgyçlaryň amatlylygy, olaryň adamlar, aýratyn-da, çagalar üçin oňaýly bolmagy wajyp talap hökmünde kesgitlenendir. Şunda milli binagärlik ýörelgelerine, bu künjegiň ekologik derejesine zerur üns berilmelidir. Munuň özi ýurdumyzda adamlar, olaryň oňaýly ýaşaýşy, ýokary derejeli dynç alşy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky beýanydyr diýip, hormatly Arkadagymyz belledi we birnäçe görkezmeleri berdi.Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa taýýarlanylan taslamalar, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.Gahryman Arkadagymyz görkezilen şekil taslamalary, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Milli Liderimiz täze şäheriň çäginde guruljak seýilgähde ýerleşdiriljek oturgyçlar barada birnäçe maslahatlaryny berdi. Oturgyçlaryň amatlylyk talaplaryna laýyk gelmegi bilen bir hatarda, olaryň bezeg aýratynlyklaryna-da möhüm üns berilmelidir. Olaryň şekilleri çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýan görnüşlere eýe bolmalydyr. Seýilgäh zolaklarynyň we Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli desgalar toplumyna girelgäniň binagärlik babatda özboluşly ähmiýete eýe bolmalydygyny aýdyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy onuň gurluşynda, bezeg aýratynlyklarynda döwrebap önümçilik nyşanlarynyň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi. Şunda täze şäheriň lukmançylyk klasteriniň baş girelgesinde bu ugra degişli ýazgynyň nyşanynyň ýerleşdirilmegi maksadalaýyk bolar.Arkadag şäheriniň medeni-dynç alyş merkeziniň taslamasy taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde toý dabaralaryny geçirmäge niýetlenen döwrebap restoran, myhmanhana, işewürlik merkezi, dürli sport meýdançalary ýerleşdiriler. Merkeziň çäklerinde guruljak desgalarda türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden şäherleriniň, şol sanda Gadymy Nusaý galasynyň, Paryzdepe ýadygärliginiň binalary ýaly aýratynlyklar öz beýanyny tapmalydyr. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurulýan durmuş maksatly desgalar toplumynyň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezýär. Täze şäheriň medeni-dynç alyş seýilgähinde taryhy gymmatlyklaryň şekilleriniň ýerleşdirilmegi ösüp gelýän ýaş nesillerde şöhratly taryhymyza söýgini has-da artdyrar.Milli Liderimiz bina edilýän ähli desgalaryň, olaryň bezeg aýratynlyklarynyň, ekologik ýagdaýynyň Arkadag şäheriniň halkara giňişlikde ykrar edilen derejesine laýyk gelmelidigini belledi. Şunda ýerli tebigy aýratynlyklaryň nazarda tutulmagy wajypdyr we ol taslama taýýarlaýjylara, gurluşykçylara bildirilýän möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.D.Orazow häzirki döwürde täze şäherde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taýýarlanylan taslamalary, gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeleriň görnüşleri barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde hormatly Arkadagymyza şäheriň ikinji tapgyrynda lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň, seýilgählerde oturdyljak şekilleriň görnüşleri görkezildi.Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz önümçilik maksatly binalaryň hersiniň ähmiýetine laýyklykda gurulmalydygyny, aýratyn-da, olaryň enjamlaşdyrylyşyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda ýerli çig mallar esasynda ýola goýulýan önümçilik talabalaýyk bolmalydyr. Şol bir wagtyň özünde täze şäheriň desgalarynyň bezeg işlerinde millilige aýratyn ähmiýet berilmelidir.Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem täze seýilgäh zolaklarynda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekilleriň taýýarlanylyşyna degişli birnäçe bellikler aýdyldy we düzedişler girizildi.Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri bilen bir hatarda, bu ýerde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň talabalaýyk alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işleriň depginini ýokarlandyrmak, onuň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek meseleleri hemişe gözegçilikde saklanylýar. Şeýle-de häkim hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren kuwwatly tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagy bilen, şäherde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň ýokary derejede alnyp barylýandygyny aýtdy.Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda bina edilen täze şäheriň ekologik derejesiniň birnäçe halkara güwänamalara mynasyp bolandygyny belläp, bu ýerde degişli ekologik ýagdaýy saklamak üçin hemmetaraplaýyn çäreleriň amala aşyrylmalydygyna ünsi çekdi. Şunda döwrebap tehnikalaryň netijeli peýdalanylmagyna, olara aýawly çemeleşilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde bina edilen we ýokary amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleriniň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny aýtdy. Aýratyn-da, bu ýerde Halkara zenanlar güni ýokary derejede, giňden bellenilmelidir, köp çagaly maşgalalara ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda kottejleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşurylmalydyr. Munuň özi ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly şygary baş ýörelge edinýän durmuş ugurly syýasatyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüler.Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde durýan wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekip, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işler hemişe gözegçilikde saklanylmalydyr.Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerden Garagum derýasynyň demirgazygynda ýerleşýän, lagym suwuny gaýtadan işleýän desga tarap ugrady.Garagum derýasynyň demirgazygynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda lagym suwuny gaýtadan işleýän desga hereket edýär. Bu ýerde Milli Liderimize şäheriň lagym suwuny gaýtadan işlejek täze desgasynyň işleýiş tertibi barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi. Hormatly Arkadagymyz indi guruljak lagym suwuny gaýtadan işleýän toplumyň enjamlaşdyrylyşy, onuň işleýiş aýratynlyklary bilen tanyşdy. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işleriň hiç bir ugrunyň ünsden düşürilmeýändiginiň aýdyň mysalydyr.Toplumyň çäginde suw durlaýjy howdan, ýapyk drenaž ulgamy, suwaryş suw toplumy, ozon generatorlary, 100 müň kub metr suwy saklamaga niýetlenen desga bar. Onda lagym suwuny gaýtadan işlemek, gaýtadan işlenen we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän suwy Arkadag şäheriniň gök zolaklaryny, seýilgählerini, şäher baglaryny suwarmak, önümçilik toplumlarynyň, golaýdaky obalaryň zerurlyklary üçin ulanmak meýilleşdirilýär. Gaýtadan işlenen suwuň artykmaç möçberi bolsa Garagum derýasyna akdyrylar. Munuň özi ýurdumyzda suwy rejeli we netijeli peýdalanmak meselesine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir. Biziň sebitimizde suw ykdysady, durmuş taýdan abadançylygyň, adamlaryň maddy hal-ýagdaýynyň derejesini hem-de hilini kesgitleýän aýgytlaýjy şertleriň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz täze desganyň işiniň sazlaşykly alnyp barylmagynyň, suwuň hiç hili ýitgisiz ulanylmagynyň üpjün edilmelidigini aýtdy. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ekologiýa we suw babatda alnyp barylýan syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň beýanydyr.Milli Liderimiz täze guruljak desgada hünärmenleriň öz işine örän jogapkärçilikli çemeleşmeginiň zerurdygyny belledi. Çünki suw serişdelerine aýawly çemeleşmek paýhasly pederlerimizden galan asylly ýörelgeleriň biridir. Ir döwürlerde ata-babalarymyz suwaryşyň täsin tärlerini oýlap tapypdyrlar. Onuň inçeliklerini, suwdan peýdalanmagyň özboluşly usullaryny nesilden-nesle geçiripdirler. Şeýlelikde, taryhda kärizler, jykyrlar, guýular, sardobalar gurlup, milli suwaryş ulgamynyň kämil usuly döredilipdir. Pederlerimiz suwuň her bir damjasyny altyna deňäpdirler. Häzirki döwürde bu ugurdaky milli ýörelgeler döwrebap tehnologiýalar, sanly ulgam arkaly has-da kämilleşdirildi we şu günüň talaplaryna laýyk getirildi diýip, alym Arkadagymyz nygtady. Bu ýerde arassa suwy akdyrýan akabanyň derejesi ýokary ekologik talaplara doly laýyk gelýär. Şeýle-de bolsa, suwuň düzüminiň ýörite barlaghanalarda ylmy esasda öwrenilýändigini aýdyp, Milli Liderimiz bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Garagum sährasynyň merkezinde “Altyn asyr” Türkmen köli guruldy. Bu asylly başlangyç ýurdumyzda suw serişdelerini tygşytlamak, ekerançylyk ýerleriniň suwaryş ulgamynyň işini kämilleşdirmek, sähra ýerlerinde ekerançylygy, balykçylygy ösdürmek babatda giň mümkinçilikleri döretdi.Häzirki döwürde täze şäherde alnyp barylýan işleriň uzak geljegi nazarlaýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi we hünärmenlere olary abraý bilen berjaý etmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

08 Few 2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2025-nji ýylda öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler girizildi. Hökümetiň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Wise-premýer 2024-nji ýylda milli ykdysadyýetimizde gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 1,5 göterime, gurluşykda 11 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 7,2 göterime, söwdada 10,1 göterime, oba hojalygynda 5,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň boldy. 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 12,1 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Geçen ýylda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 13,1 göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 10,6 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.2024-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirildi hem-de 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim artdy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.Mejlisiň dowamynda wise-premýer «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Bu resminama ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Ýedi ýyllyk Prezident Maksatnamasynyň we şu ýyl üçin Döwlet býujetiniň esasynda taýýarlanylan bu resminamanyň taslamasynda 2025-nji ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, welaýatlar, Aşgabat, Arkadag şäherleri boýunça ýerine ýetirilmeli işler, durmuş-ykdysady ösüşiň, maýa goýumlaryň görkezijileri bellenildi. Şeýle hem ilatyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy.Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew geçen ýylda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlar, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 105,9 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,9 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 103,8 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,8 göterim ýerine ýetirildi. 2024-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda balans toparlarynyň jemi 104 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 88 mejlisi geçirildi. Olaryň dowamynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijelerine garaldy.Döwlet Baştutanymyz S.Joraýewi maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesinden boşatdy. Hormatly Prezidentimiz bu wezipä M.Astanagulowy belläp, ony maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.M.Astanagulow bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, bu jogapkärli wezipede yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow 2024-nji ýylda ýurdumyzyň banklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň, şol sanda bank ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hasabat döwründe ykdysadyýete karzlary gönükdirmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2024-nji ýylda hususy ulgama, şahsy taraplara, kiçi we orta telekeçilige banklar tarapyndan berlen karzlaryň möçberi artdy. Şunuň bilen bir hatarda, oba hojalyk önümlerini öndürijilere berlen karzlaryň görkezijileri ýokarlandyryldy. Bu görkeziji 30,7 göterime barabar boldy. 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen karzlaryň möçberi 16,2 göterim artdy.Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow geçen ýylda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, 2024-nji ýylyň netijeleri boýunça senagat ulgamynda durnukly ösüş üpjün edildi. Hususan-da, 77 milliard 623,1 million kub metr tebigy gaz, 8 million 279,7 müň tonna nebit çykaryldy. 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, nebit bitumynyň öndürilişi 10,2 göterim, benziniň öndürilişi 4,8 göterim, mazudyň öndürilişi 8,2 göterim, dizel ýangyjynyňky 0,6 göterim, plastmassadan taýýarlanan we aýna süýümli turbalaryňky 2,2 göterim, sementiňki 3,5 göterim, balykçylygyňky 20,1 göterim, süýji-köke önümleriniňki 2,1 göterim, süýt önümleriniňki 4,7 göterim, mesge ýagynyňky 3 göterim, mineral suwlaryň, alkogolsyz içgileriňki 11,5 göterim, gaplanan miweleriň we gök önümleriňki 7,2 göterim artdy. Hasabat döwründe senagat önümçiliginiň gymmatlyk möçberi nah ýüplükler boýunça 46,7 göterim, nah matalar boýunça 27,1 göterim ýokarlandy.Ulag-aragatnaşyk pudagynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Ulaglaryň ähli görnüşiniň ýük dolanyşygynyň 2 göterim, ýolagçy dolanyşygynyň 5,2 göterim artmagy munuň aýdyň mysalydyr. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 16,2 göterim artdy. Ýurdumyzyň oba hojalygynda öndürilen gök önümler, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 8,4 göterim, azyklyk bakja 6 göterim, ýeralma 4,6 göterim, miwe we ir-iýmişler 1,5 göterim, süýt 2,1 göterim, diri agramdaky etiň öndürilişi 7 göterim ýokarlandy. Geçen ýylda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde-de oňyn görkezijiler gazanyldy.Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy halkara standartlara laýyk gelýän statistiki usulyýet esasynda statistiki hasabatlylygy we maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hem hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2025-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny belledi. Maksatnama laýyklykda, 2025-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňden gowrak täze iş ornuny döretmek, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20 milliard amerikan dollaryna ýetirmek göz öňünde tutulýar. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,6 göterime ýetirmek, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak meýilleşdirilýär.2025-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 40 milliard manatdan gowrak maýa goýumlary gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.Hormatly Prezidentimiz wise-premýer H.Geldimyradowa ýüzlenip, 2022 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2025-nji ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtady. Milli ykdysadyýetimiziň binýadyny berkitmek, ykdysadyýetimize innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly täze önümçilikleri döretmek, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak babatda netijeli işleri dowam etdirmek möhümdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmagyň, onuň çykdajylaryny maksatlaýyn peýdalanmak boýunça degişli işleri yzygiderli alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekip, bank edaralary tarapyndan döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly taslamalary maliýeleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.Döwlet Baştutanymyz hususy kärhanalaryň we telekeçileriň önümçiligini ösdürmek bilen bagly taslamalar üçin karz serişdelerini bermegi, ilatymyzyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak üçin ýeňillikli şertlerde karzlaryň berilmegini dowam etdirmegi, bank ulgamynda hödürlenilýän sanly hyzmatlaryň görnüşlerini, elektron tölegleriň gerimlerini yzygiderli artdyrmagy tabşyrdy. Şeýle hem ykdysadyýetimizi ösdürmäge maliýe goldawyny bermek, milli pulumyzyň hümmetini durnukly saklamak boýunça netijeli çäreleri görmek tabşyryldy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.Hasabat döwründe “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 102,1 göterim ýerine ýetirildi. Konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,9 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 103,3 göterim, nebit bitumyny öndürmegiň meýilnamasy 224,4 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim berjaý edildi. Şeýle hem dizel ýangyjynyň, polipropileniň, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşy barada maglumatlar aýdyldy. Hasabatyň dowamynda wise-premýer döwlet dolandyryş edaralaryny, kärhanalary, guramalary nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de bu önümleri has rejeli paýlamak we peýdalanmak boýunça geçirilýän işler barada aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň alyp barýan energetika syýasatynyň netijesinde nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, 2025-nji ýylda-da bu pudagy döwrebap derejede ilerletmek babatda zerur işleri geçirmegiň, içerki we daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barmagyň, nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny, aýratyn-da, bu taslamanyň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçli depginde alyp barmak, nebite baý ýataklary, geljegi uly hasaplanýan meýdançalary özleşdirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga möhüm ähmiýet bermegi, uglewodorod serişdeleriniň geljegi uly bolan ýataklary gözlemek we barlamak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi, gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň, seýrek duş gelýän minerallaryň, ýerasty suwlaryň geologiýa gözleg-barlag, nebitgaz pudagyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak işlerini üstünlikli dowam etdirmegi, nebitgaz senagaty boýunça hünärmenleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň 2024-nji ýylda alyp baran işleriniň jemleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, toplum boýunça öndürilen önümlerdir işleriň meýilnamasy 105,8 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleriň meýilnamasy 108,6 göterim berjaý edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň möçberi 1 milliard 708 million manat boldy. Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 104,6 göterim berjaý edildi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça bu görkeziji 114,6 göterime barabar boldy. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça işleriň meýilnamasy 106,4 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça meýilnama 115,8 göterim ýerine ýetirildi.2024-nji ýylda iri önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalaryň 86-sy ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň, Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasy, Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy, Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri, Bäherden, Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyry, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi, “Balkan — Daşoguz” ýokary woltly asma elektrik geçirijisi, “Daşoguz” elektrik bekedi, Aşgabat şäherinde “Bagtyýarlyk” suw arassalaýjy desgasy, “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly, Daşoguz şäherinde 70 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýy we desgalar toplumy, ýurdumyz boýunça jemi 5 sany orta mekdebiň, 2 sany çagalar bagynyň binalary bar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň bökdençsiz işledilmegini gazanmak üçin zerur çäreleri geçirmegiň, ylmyň, tehnologiýalaryň iň täze gazananlary esasynda senagat we gurluşyk önümçiligi boýunça täze, döwrebap kärhanalary döretmegiň möhümdigini belledi. Içerki we daşary ýurtly sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişini yzygiderli artdyrmak, täze elektrik stansiýalaryny gurmak, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýlaryny gowulandyrmak boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Himiýa senagatynyň kärhanalaryny doly kuwwatyna çykarmak, täze kärhanalary gurmak işlerini-de güýçlendirmek wajypdyr. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda täze awtomobil ýollaryny gurmak, döwrebaplaşdyrmak, ýollaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek babatda işleri dowam etdirmegi, şu ýyl açylmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň bellenen möhletde, ýokary hilli ulanmaga tabşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,1 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini hem 103,1 göterime barabar boldy. Geçen ýylda Dokma senagaty ministrligi boýunça 117,3 göterim ösüş depgini üpjün edildi, şol sanda, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 149,3 göterime, nah matalaryňky 129,7 göterime, gön önümleriniňki 124,4 göterime barabar boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 102,3 göterim ýerine ýetirildi.Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan birža söwdalarynyň 302-si geçirilip, olarda 29 müň 317 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy tarapyndan 2024-nji ýylda amala aşyrylan işleriň ösüş depgini 111,8 göterime barabar boldy. Sergileriň 27-si, maslahatlaryň 131-si geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça geçen ýylda oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 110 göterime, senagat önümçiliginiň ösüş depgini bolsa 104,1 göterime barabar boldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dokma senagaty kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, dokma önümleriniň daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň, halyçylyk pudagyny ösdürmegiň, öndürilýän haly önümleriniň görnüşlerini köpeltmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin söwda toplumynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmak, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini netijeli guramak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmeginiň hususy tarapyň işjeňleşmegi bilen bagly bolup durýandygyny nygtap, ýurdumyzda hususy pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2024-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Hasabat döwründe toplum tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,8 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 102,8 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,2 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 104,1 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 114,5 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 140 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 128 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 116,2 göterime deň boldy.Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri çözmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da habar berildi. Şeýle hem ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak babatda ýerine ýetirilen işler hakynda aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag-kommunikasiýa toplumynyň möhüm pudaklaryň biri bolup durýandygyny, şoňa görä-de, ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň, üstaşyr hem halkara ýük gatnawlaryny has-da giňeltmek üçin degişli işleri alyp barmagyň, ulaglaryň, aragatnaşygyň ähli görnüşleri babatda hyzmatlary yzygiderli ösdürmegiň, pudaklara sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak işlerini giň gerimde dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleri alyp barmak, awtoulag kärhanalarynyň parkynyň maddy-tehniki üpjünçiligini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetini ýokarlandyrmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda howa menzilleriniň durkuny täzelemegi, uçarlaryň düzümini döwrebaplaşdyrmak babatda netijeli işleri geçirmegi, täze ugurlar boýunça halkara howa gatnawlaryny açmaga, ýük daşalýan ugurlary giňeltmäge möhüm ähmiýet bermegi, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň kuwwatyny doly güýjünde ulanmagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda 2024-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Hasabat döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler, wagyz-nesihat duşuşyklary, aýdym-sazly medeni çäreler geçirildi. Ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlenip, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli çäreler guraldy. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet”, Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitaplarynyň, akyldar şahyrymyzyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgulary ýerleşdirilen “Magtymguly” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Aşgabadyň günorta künjeginde “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň we beýik şahyryň ýadygärliginiň açylyş dabarasynda medeni çykyşlar guraldy.Geçen ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi üstünlikli geçirildi. Arkadag şäherinde VI Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa bilelikdäki simfoniki orkestriniň konserti, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly we onuň çäklerinde beýleki ugurdaş çäreler, «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly ýokary derejede geçirildi. Täjigistanda, Ýaponiýada, Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri, ýurdumyzda bolsa Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistanyň, Özbegistanyň Medeniýet günleri, Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi guraldy. Hasabat döwründe teatrlaryň, sirkleriň, kinoteatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň, Döwlet habarlar agentliginiň ýerine ýetiren işleri barada-da habar berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, M.Mämmedowany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işleýän B.Seýidowany bellemek barada karara gelendigini aýtdy hem-de degişli resminamalara gol çekdi.B.Seýidowa bildirilen uly ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu jogapkärli wezipede tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Döwlet Baştutanymyz wise-premýer B.Seýidowa ýüzlenip, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin taýýarlyk işlerini alyp barmagyň, türkmen halkynyň gadymy medeni mirasyny, şan-şöhratly taryhyny ylmy taýdan düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramagy, ýerlerde kitaphanalaryň, medeniýet öýleriniň kadaly işlemegini gözegçilikde saklamagy, taryhy ýadygärliklerimiz we medeni gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrýan syýahatçylyk pudagyny ösdürmegi, teleradioýaýlymlarda ýaş nesilleriň aň-düşünjesini ösdürmäge niýetlenen gepleşikleri köpräk taýýarlamagy, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy, sanly bilim ösdürildi, okuw kitaplarydyr gollanmalar neşir edildi, elektron žurnallar döredildi. “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” tassyklanyldy. Ýokary okuw mekdepleri halkara reýting sanawlaryna girizildi. Bäsleşikler, ylmy-amaly maslahatlar, olimpiadalar guramaçylykly geçirildi. Şu döwürde okuwçylardyr talyplar halkara bäsleşiklerde jemi 1 müň 549 medal gazandylar.Hasabat döwründe ylmy barlaglaryň netijeliligi ýokarlandyryldy. “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy” tassyklanyldy.Milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan çagalaryň kadaly ösüşini, abadan durmuşyny, saglygy goraýyş edaralaryny döwrebap enjamlar bilen üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer işler dowam etdirildi. Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň, Aşgabat şäherinde Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary geçen ýylyň möhüm wakalaryna öwrüldi.Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak babatda işler dowam etdirildi. Hokkeý boýunça halkara ýaryş, 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça “Ashgabat Open 2024” atly halkara ýaryş guramaçylykly geçirildi. Geçen ýylda türgenlerimiz medallaryň 752-sini gazanmagy başardylar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ýokary şertleri döretmek, ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak üçin bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny halkara tejribelere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň, orta we ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirmegiň, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen çäreleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Ýurdumyzy ylmy taýdan ösen döwlete öwürmek üçin ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Hormatly Prezidentimiz adam saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, derman senagatyny ösdürmekde alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, ýurdumyzda sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ornuny giňeltmek, ýokary sportda Türkmenistany dünýä tanatmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleri yzygiderli alyp barmagy tabşyrdy.Soňra welaýatlaryň häkimleri hasabatlar bilen çykyş etdiler.Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow sebitde 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ol Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde maýa goýumlary özleşdirmegiň bellenen ýyllyk meýilnamasynyň ýerine ýetirilendigini aýtdy.Geçen ýylda welaýatda iri önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi, şol sanda Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde döwrebap umumybilim berýän mekdep, Ýaşlyk şäherçesinde, Tejen etrabynyň Tejen şäherinde agyz suwuny arassalaýjy desgalar, Gökdepe, Ak bugdaý etraplarynda lagym suwuny arassalaýjy desgalar, Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyry, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi we beýleki desgalar, önümçilik kärhanalary gurlup ulanmaga berildi. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň dowam edýändigi, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg işleriniň alnyp barylýandygy, gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görülýändigi barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, S.Soltanmyradowy Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä T.Nurmyradowy bellemek barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.T.Nurmyradow özüne bildirilen uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, welaýaty mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin gujur-gaýratyny, bilim-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow 2024-nji ýylda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2024-nji ýylda sebitde medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalar, ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi. Häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, gowaçanyň, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 2024-nji ýylda sebitde “Balkan — Daşoguz” ýokary woltly asma elektrik geçirijisi, “Daşoguz” elektrik bekedi, Daşoguz şäherinde 1 müň 496 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaý we desgalar toplumy ulanmaga berildi. 2025-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, şu günler welaýatyň ak ekin meýdanlarynda degişli ideg işlerini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu işler bilen bir hatarda, gowaçanyň we azyklyk ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görülýär.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow 2024-nji ýylda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, geçen ýyl sebitde medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalary, inženerçilik ulgamlaryny gurmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaçanyň, ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görülýär.Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, sebitde 5 sany medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalar ulanmaga berildi. Şeýle-de häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, gowaça ekiljek meýdanlary, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ýazky möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem welaýatda gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, gaýtadan işlemek babatda degişli işler alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlerine ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny”, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda we şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, beýleki durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmegiň, ilaty arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjün etmegi gowulandyrmak boýunça işleri alyp barmagyň, arassaçylygy berjaý etmek, abatlaýyş işlerini wagtynda geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatlarda bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin ideg işlerini agrotehniki kadalar esasynda geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi we möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, oba hojalyk toplumynda önümçiligiň ösüş depgini 126,9 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 101,8 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 120,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 141,1 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100,3 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 233,2 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 138,3 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,6 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,2 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 103,2 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 253,1 göterim ýerine ýetirildi.Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, gowaçanyň, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň meýdanlaryny, oba hojalyk tehnikalaryny, tohumlary ekiş möwsümine taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda gyş paslynda mallary dok we ýyly gyşlatmak, ýetip gelýän owlak-guzy, köşek almak möwsümine taýýarlyk işleri dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, oba hojalyk ekinlerini suw bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinleriniň, çig malyň öndürilişiniň möçberini artdyrmagyň, ilaty azyk önümleri bilen doly üpjün etmek, gaýtadan işleýän senagatyň çig mal bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Ýokary hasyl berýän ekinleriň, miweli baglaryň täze görnüşlerini döretmek, tohumçylyk işini kämilleşdirmek işlerini netijeli alyp barmak, öňdebaryjy usullary ulanmak we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda maldarçylyk, guşçulyk pudagyny ösdürmek, azyk senagatyna degişli kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, täze kärhanalary gurmak boýunça işleri dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk önümçiliginiň tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak babatda degişli işleri geçirmegiň, oba hojalyk önümlerini öndürijilere edilýän tehniki hyzmatlaryň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagyň, ýüpekçiligi ösdürmek, ýokary hilli pile önümlerini öndürmek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak, goşmaça suw gorlaryny döretmek işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.Ylmy edaralar oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, täze ýerleri özleşdirmek boýunça has netijeli işlemelidir, daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işler dowam etdirilmelidir, Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, baýlaşdyrmak babatda degişli işleri alyp barmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk pudagynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmak, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny, sanly ulgamy önümçilige giňden ornaşdyrmak işlerini netijeli dowam etdirmek tabşyryldy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow geçen ýylda Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Öňde goýlan wezipeleri, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara resmi we iş saparlary guraldy. Geçen ýylyň dowamynda daşary ýurtlaryň döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň 15-si Türkmenistanda döwlet, resmi, iş saparlary bilen boldular. Hasabat döwründe Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary, halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýokary derejedäki wekilleriniň 39-sy ýurdumyza sapar bilen geldi. Bu saparlaryň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklardyr gepleşikler geçirildi.BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlar we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek arkaly halkara parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işler üstünlikli amala aşyryldy. Hususan-da, hasabat döwründe ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 4 sany Kararnamasy kabul edildi. Şolaryň biri 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda bu resminamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda degişli işler alnyp barylýar.2024-nji ýylyň dowamynda beýleki abraýly halkara guramalar we döwletara bileleşikler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda-da degişli işler amala aşyryldy. Şolaryň hatarynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyny, Ýewropa Bileleşigini, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyny, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyny, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny görkezmek bolar. Geçen ýylda daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary halkara gatnaşyklaryň okgunly ilerledilýändiginiň aýdyň güwäsidir. 2024-nji ýylda dürli derejedäki, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň we gepleşikleriň ençemesi geçirildi. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadynyň üsti resminamalaryň 238-si bilen ýetirildi.Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Hasabat döwründe Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. 2024-nji ýylda daşary ýurtlaryň Türkmenistanda täze bellenen ilçileriniň 30-syndan ynanç hatlary kabul edildi. Şol bir wagtda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky 9 ilçisi, 2 konsuly resmi taýdan öz işine başlady.Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu maksat bilen, geçen ýylyň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlaryň mejlisleriniň 14-si, işewürlik maslahatlarynyň, duşuşyklaryň birnäçesi guraldy.Medeni-ynsanperwer ulgam hem Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň wajyp ugry bolup durýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara çäreleriň 180-e golaýy geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda guralan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň ähmiýeti bellenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga uly goşant goşýandygyny, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýändigini, ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigini belledi.Türkmenistan dünýä hem sebit döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda ýygjam gatnaşyklary, ulag-logistika, ýangyç-energetika, suw we ekologiýa ugurlary boýunça netijeli işleri alyp barýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda birnäçe iri halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine göz öňünde tutulan çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, bu döwürde milli parlamentiň 3 maslahaty geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 36-sy, Mejlisiň kararlarynyň 26-sy kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda”, “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary, ýurdumyzyň halkara konwensiýalaryny we ylalaşyklaryny tassyklamak we olara goşulyşmak baradaky başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak boýunça kanunlaryň birnäçesi bar. Hereket edýän kanunlaryň birnäçesi döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirildi. Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde geçen ýyl dürli döwletleriň parlamentleriniň, diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 53-si geçirildi. Daşary ýurtlaryň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 15-sinden ynanç hatlary kabul edildi.Halkara tejribeleri öwrenmek maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 37-si amala aşyryldy. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň abraýly halkara guramalar bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 123-sine gatnaşdylar. Şunuň bilen birlikde, milli parlamentiň wekilleri Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen dürli halkara forumlara gatnaşdylar.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny, 2024-nji ýylda milli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň Kanunlarynyň 36-synyň kabul edilendigini, birnäçe kanunlara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigini aýtdy. Kabul edilen bu kanunlar Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Garaşsyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasyna öwrülendigini, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň halkara derejede giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalyny hem-de ýadygärlik nyşany döretmek boýunça kanunçylyk tarapdan degişli işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylyň başynda welaýatlarda ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan etraby we etrap hukukly şäheri kesgitlemek maksady bilen bäsleşigiň yglan edilendigini belledi. Ýakynda ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda ýörite topar bu bäsleşigiň jemlerini jemledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hasabat bermek üçin Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy O.Berdiliýewa söz berdi.Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň welaýatlaryny we Aşgabat şäherini bäsleşikli esasda ösdürmek baradaky asylly ýörelge hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugyna laýyklykda, degişli topar tarapyndan tassyklanylan tertipde degişli işler alnyp baryldy. Onuň netijeleri boýunça “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçen 2024-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby kesgitlenildi. Şunlukda, durmuş, ykdysady, medeni görkezijiler babatda iň gowy netijeleri gazanan Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby bäsleşigiň ýeňijisi diýlip kesgitlenildi.Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyny 2024-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan etrap diýip yglan etmek we bu etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem 2025-nji ýylda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda täze bäsleşigi yglan etmek hakynda Buýruklara gol çekdi.Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny, bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilendigini, döwrebap kanunlary taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak boýunça işleriň dowam etdirilendigini belledi.Ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol sanda senagatda 1,5 göterim, söwdada 10,1 göterim, oba hojalygynda bolsa 5,3 göterim boldy. Maýa goýumlar 9,1 göterim artdy. Hasabat döwründe jemi 5 müň 735 sany täze iş orny döredildi. Ýurdumyzda öndürilen önümleriň eksport edilen möçberi 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 86 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desga, umumy meýdany 1 million 145 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýuny toýladylar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurulýan, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi.Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumyna degişli iri taslamalaryň durmuşa geçirilendigini, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berlendigini belledi. Ahal we Lebap welaýatlarynda Bäherden, Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyry, Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi we elektrik beketleri işe girizildi. Döwrebap agyz suwuny arassalaýjy desgalar ulanmaga berildi. Köpetdagyň gözel künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy we akyldar şahyrymyzyň heýkeli, şeýle hem Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumy, saglygy goraýyş maksatly halkara merkezler we beýleki desgalar ulanmaga berildi.Döwlet Baştutanymyz daýhanlarymyzyň ekinlerden bol hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün edendiklerini belledi. 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti kabul edildi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň möçberi ýene-de artdyryldy.Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli birnäçe halkara çäreler guraldy. Ýurdumyzda söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum ýokary derejede geçirildi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Nygtalyşy ýaly, Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çäklerinde birnäçe Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Bu bolsa Bitarap döwletimiziň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle hem Bitarap Türkmenistan beýleki iri halkara we sebit guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.Hormatly Prezidentimiz her ýylyň belli bir şygar boýunça geçirilýändigini, şu ýylyň hem «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini aýtdy. Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Munuň özi biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin tutanýerli zähmet çekmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.Arkadagly Gahryman Serdarymyz öňde duran wezipeler barada durup geçip, «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 500 müň inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlaryny, 4 müň 620 orunlyk umumybilim edaralaryny, 2 müň orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalardyr binalaryň gurluşygyna badalga berler. Şeýle hem birnäçe desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar.Biz şu ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obalary, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze şäherçäni, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumyny gurup ulanmaga tabşyrarys. Şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi ulanmaga berler diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberiler.Ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli möhüm ähmiýeti bolan birnäçe halkara çäreler geçiriler. Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli diňe bir ýurdumyzyň raýatlaryny däl, eýsem, daşary ýurtly raýatlary hem sylaglamak bilen bagly degişli teklipleri taýýarlamagyň, ýylyň aýratyn möhüm wakalaryna öwrüljek bu şanly seneleri geçirmek boýunça häzirden ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady.Döwlet Baştutanymyz şu ýyl üçin kabul edilen maksatnamanyň örän köp işleri öz içine alýandygyny, ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň baş maksat bolup durýandygyny aýdyp, halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2025-nji ýylda bellenen sepgitlere, maksatlara ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

07 Few 2025
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi.Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň goranmak ukybyny ýokarlandyrmak babatda beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli açylyp ulanmaga berlen gulluk we ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar barada hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna hem-de türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz milli Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Baş prokuror B.Muhamedow ýurdumyzda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine talabalaýyk gözegçiligi amala aşyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, sanly ulgamy has giňden ornaşdyrmaga, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, prokuratura edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga zerur ähmiýet berilýändigi aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunylygy hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmagyň, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramagyň möhüm wezipe bolmagynda galýandygyny aýratyn belläp, Baş prokurora kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilmegine, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilýän işlere berk gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.Içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň ýanwar aýynda ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, kanun bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem bu düzümleri öňdebaryjy tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek, sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, ýol hereketiniň, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. Şunuň bilen bir hatarda, ministr Watan goragçylarynyň güni mynasybetli paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň täze binalar toplumynyň, şeýle hem Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň binalarynyň nobatdaky tapgyrynyň, Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin 2 sany 4 gatly, 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň, welaýat Polisiýa müdirlikleriniň birliklerinde Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň edara binalarynyň açylyp ulanmaga berlendigi hakynda hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kanunylygyň we hukuk tertibiniň üpjün edilmegini, dürli hukuk bozulmalarynyň öňüniň alynmagyny Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi. Döwlet Baştutanymyz ilatyň arasynda ýol hereketiniň düzgünleriniň, ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilmeginiň zerurdygy barada düşündiriş işlerini yzygiderli geçirmegiň möhümdigini aýtdy hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, hususan-da, milli kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işde sanly tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagyna, kazylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, “Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, kazyýet ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyklykda guramagyň, kazyýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň zerurdygy bellenildi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu düzümiň işgärleriniň öňünde durýan wezipeleriň örän jogapkärlidigini aýdyp, olaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi.Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Milli howpsuzlyk ministrligini ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň dowamynda ministrligiň düzüminde açylyp ulanmaga berlen täze, döwrebap edara binasy we ýaşaýyş jaýlary barada aýdyldy.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, öňde goýlan wezipelere ünsi çekdi hem-de ýurdumyzyň milli howpsuzlygyny ygtybarly üpjün etmek babatda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp, ministre anyk görkezmeleri berdi.Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýylyň başyndan bäri Watanymyzyň mukaddes serhediniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça görlen çäreler, serhetçileriň netijeli gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin oňyn şertleri döretmek babatda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet serhediniň goňşy ýurtlar bilen dost-doganlyk serhedidigini, ýurtlarymyzyň halklaryny köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz mukaddes serhedimiziň ygtybarly goralmagyny üpjün etmegiň, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi we degişli tabşyryklary berdi.Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar aýynda milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, ony döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Adalat ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň adalat edaralarynyň edara binalaryny gurmak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, milli kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, döwlet düzümleri tarapyndan işlenip taýýarlanylýan hukuk namalarynyň taslamalarynyň döwrüň talabyna laýyk bolmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belläp, ministre bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň adalat edaralarynyň edara binalaryny gurmak hakynda Karara gol çekdi.Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça görlen çäreler, döwlet Baştutanymyzyň gullugyň işini kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, serhetden geçýän harytlaryň we ýükleriň gözden geçirilişiniň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, barlag-geçiriş nokatlarynyň işini has-da kämilleşdirmegiň wajypdygyny belläp, degişli tabşyryklary berdi.Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň öňünde durýan möhüm wezipeleri netijeli çözmek babatda görlen anyk çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýat müdirliginiň Kerki etrap bölüminiň täze edara binasynyň açylyp ulanmaga berlendigi barada aýdyldy.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gullugyň ähli düzümleriniň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini, maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyny, işgärleriň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyny, olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini, bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

05 Few 2025
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň we Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek işleri dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny, oba hojalyk işlerinde ulanyljak gurallary möwsüme taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumlaryny möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek we ýerleri ekişe taýýarlamak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek işleri tamamlanyp, häzirki wagtda pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri guramaçylykly dowam etdirilýär. Pagtaçy babadaýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, häzirki wagtda olaryň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ýaz möwsümine taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny hem-de olaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş, çil, geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerleri taýýar edilip, häzirki wagtda olaryň tohumlaryny hem-de degişli tehnikalary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin zerur işler geçirilýär. Mundan başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmek we bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş, geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda degişli işler geçirilýär. Welaýatda gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, gowaça ekişine taýýarlyk görmek işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek hem-de azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam etdirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak, olary ekiş möwsümine çenli talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň ilaty ýurdumyzda öndürilýän ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatlarda bu ekinleriň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine aýratyn üns bermegiň, bu işlere gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş, çil we geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işlerini agrotehniki möhletlerde geçirmegiň, daýhan birleşikleridir hojalyklary bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň, daýhan birleşikleri bilen kärendeçileriň arasynda gowaça ösdürip ýetişdirmek boýunça şertnamalaryň wagtynda baglaşylmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz gowaça ekişine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek üçin degişli işleri geçirmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine tohumlary we olar üçin ýerleri talabalaýyk taýýarlamagy, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, Mary welaýatynda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny zaýasyz ýygnap almak üçin degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmek tabşyryldy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

03 Few 2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly we yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, soňky ýyllarda onuň köp ulgamlary öz içine alýandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, gyrgyz Liderine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi. Prezident Sadyr Žaparow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berip, Gyrgyzystanyň özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de, öz gezeginde, hormatly Prezidentimize mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.Ýurtlarymyz halkara giňişlikde ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça, şol sanda dünýäde we sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ekologiýa, suw meselesi ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin gyrgyz tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Biz Gyrgyzystanyň şeýle garaýşyna, özara düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek barada kabul edilen Kararnamany Gyrgyzystanyň goldandygyny aýratyn belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan hem, öz gezeginde, dostlukly ýurduň BMG-niň çägindäki halkara başlangyçlaryny, hususan-da, ekologik meseleler boýunça başlangyçlaryny goldaýar.Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan hyzmatdaşlygyň bu ugruna aýratyn ähmiýet berýär hem-de döwletleriň we halkara guramalaryň bu babatdaky tagallalarynyň, şol sanda buzluklaryň eremegi, dag ösüşi ýaly meseleleriň giň toplumynda tagallalaryň birleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Biz bu meseleleri BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly gün tertibine girizmek babatda Gyrgyzystanyň çemeleşmelerini goldaýarys diýip, Milli Liderimiz aýtdy. Türkmenistan sebitde tebigaty we ekologik gurşawy goramaga gönükdirilen çäreleri goldaýar. Munuň özi suw serişdelerini ýurtlarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň bähbidine rejeli hem deňagramly peýdalanmaga mümkinçilik berer.Türkmen halkynyň Milli Lideri Er-Riýadda geçirilen “Bitewi suw” sammitinde Türkmenistanyň suw meseleleri boýunça öz garaýyşlaryny beýan edendigini aýdyp, ýurdumyzyň Gyrgyzystan bilen bilelikde bu meseleleri çözmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Ekologik deňagramlylyk babatda aýdylanda, ýurdumyzyň ýakynda Gyrgyzystanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Dag barsynyň halkara gününi yglan etmek baradaky Kararnamasyny goldandygyna üns çekildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Munuň özi iri halkara guramanyň çäginde ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmegiň ýokary derejesine şaýatlyk edýär.Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigi bellenildi. Hökümet, diplomatik, pudak edaralary derejesinde yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar. 2021-nji ýylyň iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana amala aşyran sapary bilelikdäki hereketlere kuwwatly itergi berdi. Saparyň dowamynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek barada möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Taraplaryň tagallalary netijesinde bu ylalaşyklar durmuşa geçirilýär. Munuň özi iki ýurduň ykdysady ösüşine uly goşant goşýar, şeýle hem sebitdäki ýagdaýa oňyn täsirini ýetirýär. Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň energetika pudagyndaky özara bähbitli, netijeli hyzmatdaşlygyny belläp, türkmen tarapynyň ony mundan beýläk-de ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady. Söhbetdeşler türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň uly kuwwatynyň bardygyny aýdyp, bu kuwwaty iki ýurduň, tutuş sebitiň ösüşiniň bähbidine durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar.Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň Türkmenistan üçin möhüm wakalara beslenýändigine ünsi çekdi. 2025-nji ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýär, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça bu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýylyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy. Konsepsiýada Türkmenistanyň ählumumy we sebit ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarydyr çemeleşmeleri, ýurdumyzda, BMG-niň, beýleki halkara guramalaryň meýdançalarynda geçiriljek iri halkara çäreleriň meýilnamalary beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek foruma çagyryp, Sadyr Žaparowyň oňa gatnaşmagynyň bu çäräni üstünlikli geçirmäge möhüm goşant boljakdygyna ynam bildirdi.Prezident Sadyr Žaparow, öz gezeginde, Milli Liderimizi islendik amatly wagtda Gyrgyz Respublikasyna sapar bilen gelmäge çagyrdy.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow iki ýurduň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändiklerini belläp, doganlyk halklara parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.

29 Ýan 2025
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar. Meýdanlary gowaça ekişine taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş we geriş çekmek işleri geçirilýär. Pagtaçy babadaýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin agrotehniki çäreleri, hususan-da, bugdaýa ideg we meýdanlary ekişe taýýarlamak işlerini ýokary hilli geçirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlaryny, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem suw serişdelerini tygşytly, netijeli peýdalanmak maksady bilen, welaýatyň çägindäki derýalarda, suwaryş akabalarynda suwuň kadaly akymyny üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatyň ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suwaryş akabalarynda suwuň kadaly akymyny üpjün etmek maksady bilen, suwaryş, şor suw akabalarynda arassaçylyk işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň oba hojalyk işlerini netijeli alyp barmagyň esasy şerti bolup durýandygyny belledi we häkime anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Pagtaçy babadaýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak üçin zerur çäreler görülýär. Ýazky oba hojalyk möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda degişli arassaçylyk işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýa ideg etmek, ekerançylyk meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýokary hilli gowaça tohumyny, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary ekiş möwsümine taýýarlamak işleri dowam edýär. Häzirki wagtda welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suwuň kadaly akymyny üpjün etmek maksady bilen, welaýatyň çägindäki derýalarda we suwaryş akabalarynda degişli arassaçylyk işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, oba hojalygyny durnukly ösdürmäge hem ýardam berýändigini belledi we bugdaýa ideg etmek, meýdanlary ekişe taýýarlamak işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de ilatymyzy galla önümleri bilen bolelin üpjün etmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine görülýän taýýarlygyň çäklerinde meýdanlarda tekizleýiş, geriş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagtaçy babadaýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem welaýatlarda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dowam edýän oba hojalyk işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýokary hilli geçirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere möwsümleýin işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizleýiş, çil, geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin ähli zerur işleri geçirmegi, tehnikalardyr gurallary ýaz ekişine talabalaýyk taýýarlamak üçin degişli işleri alyp barmagy, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine tohumlary we ýerleri talabalaýyk taýýarlamak, welaýatlarda pagta, bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň çägindäki derýalarda we suwaryş akabalarynda suwuň kadaly akymyny üpjün etmek üçin degişli işleri geçirip durmagy, şu ýyl sebitlerde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

27 Ýan 2025
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine

Hormatly Watan goragçylary!Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýram eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy hem-de hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna, işgärlerine bildirilýän uly ynamy, belent sarpany, olar hakynda edilýän çuňňur aladany giňden dabaralandyrýar.2025-nji ýylda halkymyz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny uludan toýlaýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine daýanýan daşary syýasat strategiýasynyň özenini düzýän Bitaraplygymyzyň many-mazmunyny, ähmiýetini giňden wagyz etmäge gönükdirilen tutumly işler durmuşa geçiriler, dünýä jemgyýetçiliginiň wekillerini bir ýere jemlejek halkara derejeli iri çärelere giň gerim berler. Taryhy jähetden wajyp ähmiýete eýe bolan şanly senäni mynasyp dabaralandyrmak maksady bilen, biz 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrdyk. Bu buýsançly şygarda parasatly pederlerimiziň parahatçylyk söýüjilik, raýdaşlyk, ynanyşmak, ynsanperwerlik ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Bu ýylda biziň öňümizde dünýäde parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyrmak ugrundaky tagallalary işjeňleşdirmek ýaly möhüm wezipeler durýar.Eziz Watanymyzyň edermen ogullary!Watan — bu şöhratly pederlerimiziň iň gymmatly mirasydyr. Onuň goragynda sak durmak her bir türkmen perzendi üçin mukaddes borçdur, belent mertebedir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň altyn güýzünde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi bu borja jany-teni bilen berlen, ýurt goragyna ykbalyny baglan harby hünärmenleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýe boldy. Harby mekdebiň bu döwrebap binalar toplumy Watanymyzyň asudalygyny, abadan durmuşyny pugta goramaga hemişe taýýar edermen gerçekleri ýetişdirmek, bilimli-sowatly, harby hünäre wepaly nesilleri taýýarlamak ýaly möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer. Bu harby bilim ojagynyň kämil, ýokary taýýarlykly, watançy serkerdeleri ýetişdirmäge hem-de ýurt parahatçylygyny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşjakdygyna pugta ynanýaryn.Merdana Watan goragçylary!Siz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişden buýsançly gadamlar bilen geçip, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň goragynyň ygtybarly gollardadygyny, Oguz han, Baýram han, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Soltan Sanjar, Soltan Jelaleddin ýaly merdana gerçekleriň mynasyp nesilleridigiňizi dünýä äşgär etdiňiz. Siz geljekde-de Watany goramak borjuny ähli zatdan belentde tutup, harby ylmyň we sungatyň gazananlaryny birkemsiz özleşdirmelisiňiz, watansöýüjiligiňiz, harby kasama wepalylygyňyz bilen belent mertebä mynasyp bolmalysyňyz. Siziň mukaddes Garaşsyzlygymyzy, döwletimiziň halkara derejede iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, milli gymmatlyklarymyzy goramak ýaly belent borçlara wepaly boljakdygyňyza, gerek bolsa, bu mukaddeslikler üçin şirin janyňyzy hem gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn.Watanymyzyň wepaly ogullary!Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda hereket edýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri Garaşsyz Watanymyzyň sarsmaz galasydyr, polat galkanydyr. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürdäki harby özgertmeleriň netijesinde, milli Ýaragly Güýçlerimiz kämil söweşjeň ýaraglar, harby tehnikalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen yzygiderli üpjün edilip, kuwwatly goşuna öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertleriniň gowulandyrylmagy hemişe üns merkezinde saklanylýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi, dynç almagy üçin has oňaýly şertleri döretmek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň, amala aşyrýan harby özgertmeleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galar.Garaşsyz Türkmenistanyň merdana gerçekleri!Sizi Watan goragçylarynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mukaddes we jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin.Türkmenistanyň Prezidenti,Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent SerkerdebaşysySerdar Berdimuhamedow.

27 Ýan 2025
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktoryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory, Sportuň suwdaky görnüşleri boýunça bütindünýä guramasynyň prezidenti Huseýn Al-Musallamy kabul etdi.Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Türkmenistanyň sporty ösdürmek boýunça tagallalaryna ýokary baha berýändigini belledi. Şeýle hem ol Olimpiýa hereketini ösdürmäge, halkara derejeli türgenleri ýetişdirmäge berýän goldawlary üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdi.Döwlet Baştutanymyz Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktoryny mähirli mübärekläp, onuň saparynyň Türkmenistan bilen bu düzümiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigini belledi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, bu ugurda giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwer ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, sport ulgamynda sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edip, bu babatda anyk çäreleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyz Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, ýöriteleşdirilen federasiýalar we beýleki abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu bolsa Türkmenistanda sport diplomatiýasynyň giňden goldanylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilendigi muňa mysal hökmünde görkezildi.Şeýle hem 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 3-nji iýunyny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek barada kabul eden Kararnamasynyň ähmiýeti nygtaldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara sport ýaryşlary arkaly milli medeni hem-de ruhy gymmatlyklarymyz, ajaýyp däp-dessurlarymyz, ykdysady kuwwatymyz, ylym, bilim, sungat ulgamlaryndaky ösüşlerimiz dünýä ýaýylýar.Söhbetdeşler Türkmenistanda sportuň suwdaky görnüşlerini ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sportuň bu görnüşleri dünýäde giňden ýaýrandyr we jemgyýetde berk bedenli, sagdyn şahsyýetleri ýetişdirmäge ýardam berýär.Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy hem-de bu ugurda ýurdumyzyň başlangyçlaryna hemişe goldaw berýändigi üçin Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory, Sportuň suwdaky görnüşleri boýunça bütindünýä guramasynyň prezidenti Huseýn Al-Musallama minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

23 Ýan 2025
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de şu ýylda bu düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, geçen ýylda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmak boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de hasabatda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça alnyp barlan işler, Watan goragçylarynyň gününe taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen dürli çäreler toplumynyň yzygiderli geçirilendigini aýtdy. Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de ýurdumyzyň goranmak ukybyny ýokarlandyrmak ugrunda degişli işler alnyp baryldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de 2025-nji ýylda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigine ünsi çekdi. Ýaragly Güýçleri döwrebap harby tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek, harby ulgamda innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan harby hünärmenleri taýýarlamak işleri ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak bilen bagly meseleleri gözegçilikde saklamak tabşyryldy.Soňra Baş prokuror B.Muhamedow prokuratura edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwrebap tejribäniň we sanly ulgamyň peýdalanylmagy arkaly bu edaralaryň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler, prokuratura edaralarynyň işgärleriniň netijeli gulluk etmekleri, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak babatda döredilýän şertler barada hasabat berdi.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunlaryň ýerine ýetirilişine, hukuk namalarynyň kanunylygyna, hukuk bozulmalarynyň öňüniň alynmagyna prokuror gözegçiliginiň amala aşyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny aýdyp, bu babatda Baş prokurora anyk tabşyryklary berdi.Içeri işler ministri M.Hydyrow 2024-nji ýylda ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, ministrligiň garamagyndaky düzümleriň iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyşy, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, ýangyn howpsuzlygynyň, ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edilmegi babatda görülýän çäreler barada aýdyldy. Şeýle-de geçen ýylda we 2025-nji ýylyň başynda Diýarymyzyň welaýatlarynda ulanmaga berlen döwrebap ugurdaş desgalar barada maglumat berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, içeri işler edaralarynyň, şol sanda ýol gözegçilik we ýangyn howpsuzlygy gulluklarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek boýunça düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň möhümdigi bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ministrligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, onuň garamagyndaky ähli bölümlere sanly ulgamyň, öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, ministre işgärleriň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, kazyýet işine sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler, degişli ösüş maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişi we kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda geçirilen işler barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýokary derejeli hünärmenleri saýlap almaga aýratyn üns berilmelidigini, kazyýet işgärleriniň hünär we bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy milli kanunçylygyň many-mazmunyny düşündirmek, hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak işlerini, “Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz kazyýet ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň ähmiýetine ünsi çekdi.Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilen işleriň netijeleri, düzümiň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin döwrebap usullaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy barada hasabat berdi.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, öňde goýlan wezipelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz döwletimiziň milli howpsuzlygyny ygtybarly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny belläp, ministre anyk görkezmeleri berdi.Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň geçen ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, serhet bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet serhediniň goňşy ýurtlar bilen dost-doganlyk serhedidigini belledi. Şunda hormatly Prezidentimiz mukaddes serhedimiziň ygtybarly goralmagyny üpjün etmegiň, serhet goşunlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagynyň möhümdigi barada aýtdy. Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen işleri hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Adalat ministri M.Taganow milli kanunçylyk binýadyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem raýatlaryň hukuklarydyr borçlary barada wagyz-nesihat işlerini geçirmek, ilata degişli hukuk kömegini bermek babatda ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli kanunçylyk ulgamyny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet düzümleri tarapyndan işlenip taýýarlanylýan hukuk namalarynyň taslamalary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we hereket edýän kanunlara laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew geçen ýylda alnyp barlan işler, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, onuň işini ösdürmegiň maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmek babatda görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda haryt dolanyşygynyň möçberiniň artmagynyň, ulag-logistika mümkinçilikleriniň giňelmeginiň gümrük işiniň ýokary derejede guralmagyny, şol sanda ygtybarly gümrük gözegçiliginiň üpjün edilmegini talap edýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gullugyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekip, gümrük terminallaryny häzirki zaman barlag-gözegçilik enjamlary bilen üpjün etmek, olaryň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, ugurdaş düzümler bilen halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, gullugyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatda gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bu düzümiň işgärleriniň gulluk etmegi, hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin zerur şertleriň döredilýändigi, 2024-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahatyň geçirilendigi barada aýdyldy.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gullugyň işini, şol sanda migrasiýa hyzmatlaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, işgärleri taýýarlamak meselelerini gullugyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitläp, bu babatda tabşyryklary berdi.Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi. Türkmenistanda her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Bu baýram ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna, işgärlerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakda edilýän aladanyň aýdyň güwäsidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Nygtalyşy ýaly, ata Watanymyza wepaly gulluk edip, onuň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny ygtybarly goramak, kanunylygy üpjün etmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini, jemgyýetiň hem döwletiň bähbitlerini goramak Watan goragçylarynyň mukaddes borjudyr.Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli harby gullukçylaryny, işgärlerini ýetip gelýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow giňişleýin göçme mejlisi jemläp, hemmelere berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

22 Ýan 2025