
Hormatly dabara gatnaşyjylar! Hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, siziň ähliňizi “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Sergä gatnaşyjylara uly üstünlikleri arzuw edýärin. Döredilen ajaýyp şertler üçin guramaçylara çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin. Hormatly dabara gatnaşyjylar! “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi döwletleriň, halkara guramalaryň, ykdysady we maliýe institutlarynyň, işewürleriň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýär. Şeýle hem ykdysady, maýa goýum gatnaşyklary üçin netijeli ugurlary, öňdebaryjy ideýalary, tehnologik çözgütleri öňe sürýär. Häzirki Bütindünýä sergisiniň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýeti bardyr. Bu sergi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi bilen gabat gelýär. Parahatçylyk, ynanyşmak, deňhukuklylyk bütindünýä ykdysady gatnaşyklarynyň esasyny düzmelidir. Türkmenistanyň Milli gününi açmak bilen, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga, dürli ugurlarda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardygyny bellemek isleýärin. Dünýäniň energetika taýdan öňdebaryjy döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistan energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermek üçin iri taslamalary öňe sürýär. Hyzmatdaşlar bilen bilelikde möhüm ähmiýetli taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýar. Türkmenistanyň sergisine gelýänler ýurdumyzyň senagaty, oba hojalygy, dokma, himiýa senagaty, syýahatçylyk pudaklarynda we beýleki ugurlarda ýeten sepgitleri bilen tanşyp bilerler. Bu üstünlikleriň ählisi dürli pudaklarda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeleriň netijeleridir. Oýlanyşykly alnyp barylýan daşary ykdysady syýasat döwletimiziň üstünlikli we durnukly ösüşiniň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyz halkara söwda, maýa goýum we tehnologik işlere gatnaşýar. Osakada geçirilýän şu günki dabara hem Ýaponiýa bilen netijeli hem-de dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýandygymyzy görkezýär. Biziň ýurdumyz Ýaponiýa uzak möhletli, ygtybarly we durnukly hyzmatdaş hökmünde garaýar. Ýaponiýanyň köp sanly işewür toparlary Türkmenistanyň ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag pudaklarynda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Bu işleri amala aşyrmakda uly tagallalary edýändikleri üçin Ýaponiýanyň Hökümetine we işewürlerine minnetdarlyk bildirýäris. Biz bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkideris. Hormatly dabara gatnaşyjylar! Ýaponiýada Türkmenistanyň milli sergisini görkezmek biziň üçin uly hormatdyr. Şu günki dabaranyň Bütindünýä sergisiniň açylyşynyň ilkinji günlerinde geçirilýändigini aýratyn bellemek isleýärin. Türkmenistanyň milli sergisiniň işewür gatnaşyklary ýola goýjakdygyna, hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna berk ynanýaryn. Siziň ähliňizi «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. (Osaka şäheri, 2025-nji ýylyň 14-nji apreli)

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Ýaponiýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan bu strategiýa ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýar.Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine möhüm ähmiýet berýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Bu günki gün türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda okgunly ösdürilýär. Türkmenistan hem-de Ýaponiýa abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde, «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» formatynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Ýaponiýa ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar.Döwletara gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejedäki duşuşyklara we özara saparlara möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy, 2013-nji, 2015-nji, 2019-njy we 2022-nji ýyllarda Ýaponiýa amala aşyran saparlarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga we ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrmaga ýardam berendigini bellemek gerek. Parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine-de uly ähmiýet berilýär. Munuň özi iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär.Söwda-ykdysady ulgam Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda senagat, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika ulgamlarynda amala aşyrylan bilelikdäki taslamalar ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ýardam berdi. «ITOCHU», «Kawasaki Heavy Industries», «Mitsubishi», «Sojits», «Sumitomo», «Toyo Engineering», «Komatsu» ýaly kompaniýalar köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda netijeli iş alyp baryp, özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi. Şunuň bilen bir hatarda, daşky gurşawy goramak, «ýaşyl» energetika babatdaky taslamalar ýurdumyzyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan milli senagaty we oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak üçin öňdebaryjy ýapon tehnologiýalaryna, şol sanda ýapon kompaniýalarynyň awtomatlaşdyrmak, maglumat tehnologiýalary, durnukly ösüş boýunça innowasion çözgütlerine uly gyzyklanma bildirýär.Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Ýurtlarymyz däp bolan ylym-bilim, medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy, ýokary okuw mekdepleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler. Şunda Türkmenistanyň bilim edaralarynyň we Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary bu hyzmatdaşlygyň oňyn mysallarynyň hatarynda görkezmek bolar. Özara Medeniýet günleriniň, konsertleriň, sergileriň, beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmaga we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär....Birnäçe sagatdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary Osakanyň Kansai Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz mähirli garşylanyldy.Ýaponiýa saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Osaka şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşar, şeýle hem ýokary derejedäki ikitaraplaýyn we işewürlik duşuşyklaryny geçirer.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa sapary dowam edýär.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berildi. Ol şu ýylyň birinji çärýeginde gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 0,3 göterime, gurluşykda 3,8 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,8 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,6 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Geçen ýylyň döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 12,3 göterim, daşary söwda dolanyşygy 2,9 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102 göterim, çykdajy bölegi 97,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haklary, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,2 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17 göterim ýokarlandy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geçen üç aýda gazanylan üstünliklere esaslanyp, geljekde-de jemi içerki önümiň ösüşini durnukly saklamagyň, önümçilik pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2025-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 107,1 göterim ýerine ýetirildi. Nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 107,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 102 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100,1 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,4 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmekde 117,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Şeýle hem hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 104,8 göterim boldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça degişli işleri dowam etdirmegiň, olaryň eksport edilýän möçberini yzygiderli artdyrmagyň wajypdygyny aýtdy. Toplumyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň çägindäki meýdançalarda gözleg-barlag guýularyny burawlamak işlerini yzygiderli dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda şu ýylyň geçen üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 124,2 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 147,7 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 102,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 132,5 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 140,1 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 129,7 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 101,1 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,4 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 102,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,4 göterime deň boldy. Hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 262,9 göterim ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.Ýeralma we gök-bakja ekinlerine ideg işleri bilen bir hatarda, welaýatlarda pile öndürijileri ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen üpjün etmek çäreleri hem guramaçylykly dowam edýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň möçberini artdyrmagy we hilini gowulandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda talabalaýyk alyp barmagy, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynda 2025-nji ýylyň ilkinji üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 115,9 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça meýilnama 112,8 göterime deň boldy. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we işleriň meýilnamasy 120,5 göterim, Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň hem-de işleriň meýilnamasy 104,4 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 127,1 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109,5 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça işleriň meýilnamasy 108,1 göterim berjaý edildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumy boýunça öndürilýän önümleriň möçberini has-da artdyrmak üçin degişli işleri dowam etdirmegiň, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da kämilleşdirmegiň, önümçilige täze, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, täze kärhanalary işe girizmek, önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 113 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 101,2 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 114,2 göterim üpjün edildi, şol sanda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 142,9 göterime, nah matalaryňky 150,9 göterime, taýýar tikin we örülen önümleriňki 104,3 göterime, gön önümleriniňki 140,4 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 105,1 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 72 birža söwdasy geçirilip, olarda 6 müň 878 şertnama hasaba alyndy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 102,1 göterime barabar boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,1 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 104,3 göterime deň boldy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda toplumynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin sanly ykdysadyýeti we elektron söwdany ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň hem-de beýleki zerur harytlaryň üpjünçiligini üns merkezinde saklamak, dokma kärhanalarynda öndürilýän dokma önümleriniň görnüşlerini we möçberini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini kämilleşdirmekde halkara tejribeden ugur almak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy, şeýle hem medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralary mynasybetli dürli çäreler, aýdym-sazly çykyşlar geçirildi. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi. Halkara hyzmatdaşlyk babatda-da dürli çäreler geçirilip, olarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň many-mazmuny giňden beýan edildi. Şeýle hem kitaphanalar, muzeýler, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli ösdürmek, medeni mirasymyzy öwrenmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek işlerini dowam etdirmek tabşyryldy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň geçen üç aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Hasabat döwründe ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Şu ýylyň birinji çärýeginde mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar halkara ders hem-de internet bäsleşiklerinde jemi 55 medala mynasyp boldular. Şunuň bilen birlikde, “Dil — hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi” atly halkara okuw-usuly maslahat, dersler boýunça internet olimpiadalary geçirildi. Şu ýylyň birinji çärýeginde ylmyň ugurlary boýunça aspirantura we doktorantura kabul etmek, alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almak bilen bagly işler guramaçylykly alnyp baryldy. “Parahatçylyk we ynanyşmak dünýäde ekologiýa abadançylygyny gorap saklamagyň ygtybarly binýadydyr” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.Ýanwar — mart aýlarynda bejeriş-öňüni alyş edaralarynda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak babatda meýilnamalaýyn işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Gaznanyň hasabyna saglygy dikeldilen çagalara, olaryň hossarlaryna Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar dabaraly gowşuryldy. Hasabat döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, türgenleri Olimpiýa oýunlaryna, iri halkara ýaryşlara taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. Milli ýygyndy toparlaryň türgenleri medallaryň birnäçesini gazandylar. Şunuň bilen birlikde, Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat hem-de dabaraly çäreler geçirildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlarynda netijeli işleri alyp barmagyň, ýokary hem-de orta mekdepleriň işinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň arasynda halkara bäsleşikleri we olimpiadalary geçirmegi dowam etdirmek, saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi üçin degişli işleri geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 3-4-nji aprelinde Samarkant şäherinde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammit geçirildi. Bu ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, maýa goýum gatnaşyklary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak, “ýaşyl” ykdysadyýeti, ulag we sanly arabaglanyşygy ösdürmek, bilim hem-de beýleki durmuş ulgamlarynda bilelikdäki tagallalary berkitmek bilen bagly meselelere seredildi. Şunda sammitiň gün tertibiniň şu ýylyň 27-nji martynda Aşgabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygynda işlenip taýýarlanandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz sammitde çykyş edip, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy barada durup geçdi. Sammitiň netijeleri boýunça Bilelikdäki Jarnama hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Hökümetleriniň we Ýewropa Komissiýasynyň arasynda örän wajyp çig mallar ulgamynda meýiller hakynda Beýannama kabul edildi.4-nji aprelde «Merkezi Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin jebislik» atly halkara forumyň geçirilendigi aýdyldy. Forumda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy, Pariž ylalaşygy we ekologiýa, daşky gurşawy goramakda beýleki halkara resminamalar babatda alyp barýan işleri barada beýannama bilen çykyş etdi.Soňra wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň birinji çärýeginde Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny, öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen degişli işler geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, ýanwar aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna sapary amala aşyrandygy bellenildi. Fewral aýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany ýurdumyza iş sapary bilen geldi. Mart aýynda Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary boldy.Hasabat döwründe daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary netijeli özara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 178-si geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşiklerdir duşuşyklar geçirildi. Şu güne çenli halkara resminamalaryň 31-sine gol çekildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli amala aşyrylýar, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirilýär. Ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça hem netijeli çäreler görülýär. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, bu babatda-da degişli işler alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny, ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä we sebit döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary ilerletmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,4 göterime deň boldy. Şu ýylyň birinji çärýeginde awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 104,3 göterim, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 101,4 göterim ýerine ýetirildi.Geçen üç aýda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 107,1 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110,4 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 126,5 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 125,5 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 122 göterime deň boldy. Şeýle hem “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ulag-kommunikasiýa pudagynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak üçin degişli işleri alyp barmagyň, ulagyň ähli görnüşleri bilen ýolagçy we ýük dolanyşygyny ösdürmegiň, halkara üstaşyr ulag mümkinçiligini doly ulanmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini, jemi içerki önümiň ösüşiniň hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda iri senagat, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň dowam etdirilýändigini belläp, ykdysadyýetiň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek babatda işleriň ýerine ýetirilişini hemişe berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 7-nji aprelde Diýarymyzda Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenilip geçiljekdigini, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýandygyny, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hormatly Prezidentimizi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti!Hormatly Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary!Hormatly Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary!Hanymlar we jenaplar!Ilki bilen, siziň ähliňize mähirli salam bilen ýüzlenýärin hem-de açyk göwünliligi, myhmansöýerligi we işlemäge döreden şertleri üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirýärin.Şu günki duşuşygyň aýratyn ähmiýeti bar. Merkezi Aziýa ýurtlary hem-de Ýewropa Bileleşigi ýokary derejedäki şeýle duşuşykda ilkinji gezek gepleşikleri geçirýär. Munuň özi özboluşly wakadyr. Biziň pikirimizçe, bu gatnaşyjylaryň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň, ýakynlaşmaga we gatnaşyklaryň berk usullaryny döretmegiň zerurdygyna düşünýändigine şaýatlyk edýär. Ara alyp maslahatlaşmalar gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmakda, özara düşünişmegi hem-de anyk ylalaşyklary gazanmakda möhüm tapgyr bolar diýip hasaplaýarys.Hormatly sammite gatnaşyjylar!Türkmenistan bilelikdäki işiň örän möhüm wezipeleriniň arasynda sebit parahatçylygyny, howpsuzlygyny hem-de durnuklylygyny gazanmaga we saklamaga aýratyn ähmiýet berýär. Biz häzirki şertlerde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk sebitdäki we goňşy ýurtlardaky umumy ýagdaýlara netijeli täsir etmäge ukyply diýip pikir edýäris. Bu ugurda dünýä bileleşiginiň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň tagallalaryna ýardam bermeli diýip hasaplaýarys.Garaýyşlaryň umumylygyndan ugur alyp, Merkezi Aziýany parahat, ykdysady taýdan özüne çekiji, geosyýasy dawalara we gapma-garşylyklara goşulmaýan durnukly sebit hökmünde görýäris. Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna we halkara borçnamalaryna laýyklykda, şu maksatlara ýetmek üçin iş alyp barmaga taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 21-nji martda 67 döwletiň awtordaşlygynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany biragyzdan kabul edendigine siziň ünsüňizi çekmek isleýärin. Pursatdan peýdalanyp, bu resminamany goldandygyňyz üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.Şeýle-de Owganystandaky ýagdaýy düzgünleşdirmek sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek üçin örän möhümdir.Hormatly sammite gatnaşyjylar!Biz Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ykdysadyýetde we maýa goýumlarda, energetika, ulag, söwda pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha berip, bulary ileri tutulýan ugurlar hasaplaýarys.Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli energodialogy täze derejede ýola goýmaga çalyşýar we bu babatda iş ýüzündäki ädimleri ätmäge taýýardyr. Ýurdumyz «ýaşyl» energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak ugrunda çykyş edýär. Mysal üçin, Türkmenistan elektrik energiýasyny öndürmegiň kuwwatyny artdyrýar we ony Ýewropa ibermäge taýýar. Elektrik ulgamlar çäklerinden geçýän döwletleriň birleşen tagallasy bolanda, bu taslamanyň ýakyn wagtda özara bähbitlilik esasynda ýerine ýetiriljekdigine ynanýaryn. Ýel we Gün energiýasyny peýdalanmakda hem biz ýewropaly hyzmatdaşlar bilen işlemäge taýýardyrys. Mundan başga-da, wodorod energetikasy babatda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligine seretmek üçin hem açykdyrys.Ulag-kommunikasiýa pudaklar-da strategik ugurlardyr. Gündogar — Günbatar hem-de Günbatar — Gündogar ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny döretmek munuň esasy bölegi bolup durýar. Bu meselede Hazarüsti ugra uly orun berýäris. Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyny, şeýle hem ýurdumyzdaky ýol ulgamlaryny şu taslama üçin ulanmaga taýýardygymyzy aýtmak isleýärin.Kommunikasiýa ulgamynda-da Hazar deňziniň düýbünden kabelleri geçirmek zerurlygyndan we mümkinçiliginden ugur alýarys. Umuman, Türkmenistan Hazar deňzinde suwasty üpjünçilik ulgamlarynyň gurulmagyny kenarýaka döwletleriň ykdysady talaplaryna laýyk gelýär hem-de bähbitleri we peýdany deňhukukly hasaba almak esasynda Ýewraziýa sebitinde energetika, ykdysady, ulag durnuklylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti diýip hasaplaýar.Umuman alnanda, sebitde üpjünçilik taslamalar toplumyna Ýewropa Bileleşiginiň maýa goýum taýdan täsirli gatnaşmagynyň örän wagtynda ädilen ädim boljakdygyna ynanýaryn. Biz Ýewropa bilen söwdany has-da giňeltmek üçin hem açykdyrys, maýadarlara doly amatly şertleri döretmäge taýýardyrys. Şoňa görä-de, Ýewropanyň kompaniýalaryny türkmen bazarynda işlemäge çagyrýarys. Munuň üçin Ýewropa Bileleşigine harytlary iberijileri we alyjylary goldamagyň maksatnamasyny taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip edýäris.Hormatly sammite gatnaşyjylar!Türkmenistan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge hem ygrarlydyr. Biz Ýewropa Bileleşiginiň köp ýyllardan bäri sebitimizde durmuşa geçirýän bilim taslamalarynyň we maksatnamalarynyň netijelidigini minnetdarlyk bilen belleýäris. Şolaryň arasynda “TACIS-TEMPUS”, “ERASMUS-MUNDUS”, “DARYA” ýaly giň gerimli maksatnamalar bar. Hususan-da, Türkmenistanda “ERASMUS-MUNDUS” we “ERASMUS+” maksatnamalarynyň çäklerinde magistr maksatnamalary, bilim ulgamynda sanlylaşdyrmak, durnukly ösüşi we akademiki ykjamlygy goldamak boýunça 40-dan gowrak taslama amala aşyryldy. Bu işi ösdürmekde, hyzmatdaşlygyň talaplaryna we isleglerine jogap bermek bilen, hünärment bilimi babatda bilelikdäki taslamany işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip edýärin. Biz muny ýokary tehnologiýaly kärhanalarda işleýän ýokary hünärli tehniki işgärleri taýýarlamak babatda örän möhüm diýip hasaplaýarys.Şeýle hem taryh, arheologiýa, etnografiýa, medeni-taryhy mirasyň ýadygärliklerini gorap saklamak boýunça bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny işjeňleşdirmegi teklip edýäris. Syýahatçylyk alyşmalarynyň, ekologiýa we etnografiýa syýahatçylygynyň belli bir maksatly bilelikdäki maksatnamalaryny taýýarlamagyň geljeginiň hem uludygyny görýäris.Sözümiň ahyrynda Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we işjeňleşdirmäge çalyşýandygyny bellemek isleýärin. Biziň ýurdumyz bu oňyn hem-de ähmiýetli işe saldamly goşant goşmaga taýýardyr.

Şu gün “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.Iki goňşy döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.Hormatly Prezidentimiz taryhy Samarkant şäherinde Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny belläp, “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» sammitine gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi we meýilleşdirilen ähli çäreleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi hem-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi, görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Özbegistan Respublikasy biziň hakyky dostumyz we ýakyn goňşymyz bolup durýar. Bu ýurt bilen dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz özbek kärdeşine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.Prezident Şawkat Mirziýoýew döwlet Baştutanymyza Samarkanda gelmäge hem-de “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki ýokary derejeli birinji duşuşyga gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Milli Liderimize mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şunda döwletara dialogyň netijeli häsiýete eýedigini belledi.Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda ynanyşmagyň we özara goldawyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda, şol sanda oba hojalygynda, elektrik energetikasynda, nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda we beýleki pudaklarda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar.Ulag we energetika geçelgelerini döretmäge, sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmäge degişli möhüm meseleleri çözmek babatda alnyp barylýan bilelikdäki işlere aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu sammitiň Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda has netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirildi. Şeýle hem soňky döwürde iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşendigi bellenildi.Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletara dialogy ösdürmäge uly şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi.Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary däp bolan türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy, şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli gullukçylary taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy. Şeýle-de çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy barada hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine bu işleriň guramaçylykly ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Baş prokuror B.Muhamedow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem sanly ulgamy giňden ulanmak we prokuratura edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada aýdyldy.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini aýdyp, Baş prokurora kanunlaryň ýerine ýetirilişine prokuror gözegçiligini netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, şol sanda hasabat döwründe açylyp ulanmaga berlen desgalar barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, polisiýanyň podpolkownigi W.Ataýewi içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä polisiýanyň podpolkownigi Ö.Kakalyýewi bellemek hakynda Kararlara gol çekdi.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbitleriniň goralmagyny, ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişine, ýangyn howpsuzlygy bilen bagly meselelere berk gözegçilik edilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we ministre anyk tabşyryklary berdi.Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew 2025-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, kazyýet işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça görlen çäreler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kazyýet edaralary tarapyndan kanunylygy, adalatlylygy, hukuk tertibini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan kazyýet önümçilik işlerini netijeli dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy hem-de Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna milli kazyýet ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, ulgamyň işgärleriniň hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri alyp barmagy tabşyrdy.Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe döwletimiziň milli bähbitlerini goramak, ýurdumyzda durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmek boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň, ýolbaşçylyk edýän edarasyny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Milli howpsuzlyk ministrliginiň üstüne ýüklenen wezipäniň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen sazlaşykly işlemegiň wajypdygyny belläp, ministrligiň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, Watanymyzyň serhetlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmagyň, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň barşy barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dost-doganlygyň serhedi bolup durýan döwlet serhediniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny nygtady. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek, serhet goşunlaryny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyny aýdyp, gullugyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hukuk ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli seljermek, milli kanunçylygy döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň ähmiýetini belläp, ministre bu babatda degişli görkezmeleri berdi.Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň jemleri hem-de işiň döwrebap usullaryny we iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, gullugy ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gümrük serhedinden geçirilýän ýüklere we ulag serişdelerine hereket edýän halkara kadalara, milli kanunçylygyň düzgünlerine laýyklykda gümrük gözegçiligini ýerine ýetirmegiň möhümdigini belläp, gümrük nokatlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň birinji çärýeginde ýolbaşçylyk edýän düzüminiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gullugyň işine döwrebap usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, migrasiýa ulgamynda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini we bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.Gahryman Arkadagymyz we Prezident Rejep Taýyp Ärdogan mähirli salamlaşyp, birek-biregi mukaddes Oraza baýramy bilen gutladylar hem-de mübärek Oraza aýynyň nurana günlerinde agyz bekläp tutan orazalarynyň, amal eden ybadatlarynyň, ýagşy doga-dilegleriniň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler. Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, bu taryhy üstünligiň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, ählumumy abadançylyga we durnukly ösüşe gönükdirilen syýasatynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşany bolandygyny belledi.Milli Liderimiz hoşniýetli sözler hem-de Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz doganlyk ýurduň wekiliýetiniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahata gatnaşandygy üçin minnetdarlygyny beýan etdi.Prezident Rejep Taýyp Ärdogan çagalaryň bagtyýar geljegini we abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen bu giň gerimli forumyň ähmiýetini belledi hem-de Türkiýe Respublikasynyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan etdi.Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkiýe Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan iň möhüm ýurtlarynyň biri bolup, bu ýurt bilen köpugurly we uzak möhletleýin gatnaşyklary ösdürmek hem-de pugtalandyrmak döwletimiziň alyp barýan oňyn daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara hormat goýmak, ynanyşmak we birek-birege ýakyndan goldaw bermek esasynda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Türkmen we türk halklaryny umumy taryha, medeniýete, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna esaslanýan gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belläp, ylym-bilim, medeniýet, sungat, sport ýaly ugurlardaky özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde alyp barýan işleri üçin doganlyk ýurduň Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, döwlet işinde üstünlikleri, türk halkyna bolsa rowaçlyk arzuw etdi. Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogandan aýal doganymyz Emine hanyma Ogulgerek doganynyň salamyny ýetirmegini haýyş etdi, şeýle hem Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň dogaýy salamyny ýetirdi.Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutany, öz gezeginde, hormatly Prezidentimize mähirli salamyny beýan etdi.Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmäge, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlary we tagallalary goldamaga taýýardyklaryny tassyklap, iki ýurduň doganlyk halklaryna rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasy kabul etdi.Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wekili özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, Ýewropa Bileleşiginde Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi. Şeýle hem myhman Aşgabadyň özboluşly binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallasy mähirli mübärekläp, onuň saparynyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşjakdygyny aýtdy we bu duşuşygyň netijeleriniň ÝB bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýär. Soňky ýyllarda syýasy-diplomatik ulgamdaky gatnaşyklar diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde hem üstünlikli alnyp barylýar. Şunda “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň mümkinçilikleri göz öňünde tutulanda, Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli we özara bähbitli gatnaşyklaryň ilerledilmeginiň sebit üçin möhüm ähmiýeti bardyr. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde ilkinji “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” sammitiniň geçiriljekdigini belläp, onuň iki sebitiň arasyndaky köpugurly, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.Köpugurly hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň dowamynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy, şol sanda Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça iri taslamalaryň birnäçesiniň tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýandygy nygtaldy.Hormatly Prezidentimiz sebitiň döwletleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen bilelikde ýurdumyzyň Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ýaly geljegi uly ulag geçelgelerini işjeň ösdürýändigini belläp, şol geçelgeleriň Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde ygtybarly köpri boljakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini aýdyp, ýurdumyzyň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlaryny agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we bu jogapkärli möwsümi agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle-de welaýatda pile öndürijiler bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpekçi kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine başlamak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde pile öndürijiler bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpek gurçugynyň saklanjak ýerlerini taýýarlamak we kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek babatda degişli işler dowam edýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerinde agrotehniki kadalaryň berjaý edilmeginiň oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini we önümiň hilini kesgitleýän esasy şertleriň biridigini belledi hem-de welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işleriň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, bugdaý ekilen meýdanlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, 26-njy martda welaýatda gowaça ekişine girişmäge taýýarlyk görülýär. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edýär. Pile öndürmek möwsümini guramaçylykly we ýokary hilli geçirmek üçin degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitiň ak ekin meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş döwründe işlediljek oba hojalyk tehnikalary möwsüme doly taýýar edilip, pagta öndürijiler ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün edilýär. Ýazlyk ýeralma we sogan ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýüpekçilik pudagyny ösdürmek, piläniň öndürilýän möçberini artdyrmak barada öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda kärendeçiler bilen şertnamalar baglaşylyp, häzirki wagtda pile kabul ediş bölümlerini möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň möhümdigini belledi hem-de möwsümleýin işleriň ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk, bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek, bu jogapkärli möwsümi ýokary hilli geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şeýle-de pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak, olary ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek, pile kabul ediş nokatlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde ýokary netijeleri gazanmak üçin agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigini belledi we häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda gallaçy babadaýhanlar tarapyndan agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam etdirilýär. Diýarymyzda hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda gowaça ekişine guramaçylykly başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallar, pagta öndürijiler üçin gowaça tohumy möwsüme taýýar edildi. Ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerini ekmek, ekiş geçirilen ýerlerde bolsa ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle-de pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň ýüpek kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatlarda ýüpek gurçugynyň tohumyny taýýarlamak, pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak boýunça zerur çäreler görülýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerinde agrotehniki kadalaryň berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almaga, önümiň hilini ýokarlandyrmaga, pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmäge mümkinçilik berýändigini belledi we wise-premýere ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda şu ýylyň 26-njy martynda gowaça ekişine başlamak boýunça dabaraly çärelere gowy taýýarlyk görmegi, bugdaýly meýdanlary ikinji gezek mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda haşal otlaryň we zyýan berijileriň garşysyna göreşmek boýunça işleri öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini çaltlandyryp, bu ekinler ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmek, welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini gazanmak, pile öndürmek möwsümine gowy taýýarlyk görmek babatda tabşyryklar berildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Baş Assambleýa, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky 50/80 A belgili hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky 69/285 belgili Kararnamalaryna salgylanyp,şeýle hem Halkara Bitaraplyk gününi yglan etmek hakynda 2017-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky 71/275 hem-de halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamakda we pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti hakynda 2020-nji ýylyň 7-nji dekabryndaky 75/28 Kararnamalaryna salgylanyp,her bir döwletiň öz daşary syýasatyny halkara hukugyň kadalaryna we ýörelgelerine, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna laýyklykda garaşsyz kesgitlemäge özygtyýarly hukugyny tassyklap,käbir döwletleriň milli bitaraplyk syýasatynyň degişli sebitlerde we ählumumy derejede halkara parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam berip hem-de dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeläp biljekdigini aýratyn belläp,şeýle milli bitaraplyk syýasatynyň öňüni alyş diplomatiýasynyň ulanylmagyny goldamaga, şol sanda gapma-garşylyklaryň öňüni almak, ylalaşdyryjylyk, hoşniýetli hyzmatlary amala aşyrmak, gepleşikleri geçirmek, bu işe ýörite wekilleri çekmek, resmi däl geňeşmeleri geçirmek, parahatçylyk döredijilik we ösüş babatda maksada gönükdirilen işleri alyp barmak görnüşinde öňüni alyş diplomatiýasyny goldamaga gönükdirilendigini beýan edip,Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigini, sebitiň ýurtlary, dünýäniň beýleki döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň eýeleýän işjeň we oňyn ornuny ykrar edip,Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçylygynda 1995-nji we 1996-njy ýyllarda Aşgabatda yzygiderli täjigara gepleşikleri kabul edýän tarap hökmünde başlangyçly çykyş edip, täjigara gepleşiklere goşan goşandyny, şeýle-de 1997-nji ýylda Owganystan boýunça halkara forumy we owganara gepleşikleri kabul edýän tarap hökmünde çykyş edip hem-de owganystanlylaryň ylalaşyk meseleleri boýunça inklýuziw dialog üçin Türkmenistanyň çägini ulanmagy teklip etmegini dowam etdirip, Owganystandaky gapma-garşylyklary kadalaşdyrmaga goşýan goşandyny aýratyn belläp,Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde durmuş, ykdysady, medeni, ekologiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny goldap,hemişelik Bitaraplyk syýasatyna pugta eýermek hem-de her ýyl parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmagyň serişdesi hökmünde Bitaraplygyň ýörelgelerini, gymmatlyklaryny ilerletmäge bagyşlanan halkara maslahatlary geçirmek arkaly halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga goşýan gymmatly goşandy üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallygyny beýan edip,“Bitaraplyk syýasaty we halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde onuň eýeleýän orny” atly halkara maslahatyň 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edilen Jemleýji resminamasyna salgylanyp, (Aşgabat Jemleýji resminamasy),Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2024-nji ýylyň 21-nji martyndaky 78/266 belgili Kararnama laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegini, şeýle hem 2022-nji ýylyň 28-nji iýulyndaky 76/299 belgili Kararnama laýyklykda, Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy diýlip yglan edilmegini goldap,2017-nji ýylyň 17-nji noýabryndaky 72/7, 2021-nji ýylyň 16-njy aprelindäki 75/272 we 2023-nji ýylyň 24-nji fewralyndaky 77/273 belgili Kararnamalara salgylanyp hem-de Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň başlangyjy boýunça, halkara jemgyýetçiligiň goldamagynda 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda döredilen Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy höweslendirmek we şeýle hyzmatdaşlyga ýardam bermek, mümkin bolan gapma-garşylyklary ýüze çykarmak we aradan aýyrmak, sebitde durnukly ösüşi goldamak arkaly içerki we transmilli wehimlere täsir etmegiň hasabyna Merkezi Aziýa döwletlerine sebit meselelerini çözmäge ýardam bermekde möhüm orun eýeleýändigini ykrar edip,Birleşen Milletler Guramasynyň adatdan daşary ynsanperwerlik kömegi babatda tagallalaryň birleşdirilmegini pugtalandyrmak boýunça ýolgörkeziji ýörelgelerine, şol sanda bitaraplyk ýörelgesine laýyklykda, sebitde çylşyrymly adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy hadysalar ýüze çykanda, ynsanperwerlik kömegini bermekde hem-de ibermekde Bitarap Türkmenistanyň eýeleýän oňyn ornuny ykrar edip,sebitiň ösüşine ýardam edýän özara baglanyşygy üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ykdysady we geoykdysady ugurlarynyň möhümdigini nygtap hem-de şunuň bilen baglylykda, Baş Assambleýanyň degişli Kararnamalarynda beýan edilişi ýaly, Türkmenistanyň energiýa serişdelerini durnukly üstaşyr geçirmek we ygtybarly üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça başlangyçlaryny goldap,1995-nji ýylyň 18 — 20-nji oktýabrynda Kolumbiýanyň Kartahena şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň 11-nji maslahatynyň Jemleýji resminamasynda Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini goldandyklaryny belläp,şeýle hem Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny goldaýan we halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň ornuny nygtaýan Kararnamalaryny belläp,1. Türkmenistanyň yglan eden hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini pugta goldaýandygyny gaýtadan beýan edýär;2. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleri Türkmenistanyň bu hukuk derejesine hormat goýmaga we goldamaga hem-de onuň Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna, çäk bitewüligine hormat goýmaga gaýtadan çagyrýar;3. Gapma-garşylyklary kadalaşdyrmak, şol sanda olary ýörite ylalaşdyryjy merkezleri döretmek arkaly kadalaşdyrmak boýunça parahatçylykly gepleşikleri geçirmek üçin bitarap ýurtlaryň çäklerini netijeli ulanmagy maslahat berýär hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda öz çäginde Parahatçylygyň bähbidine ylalaşdyryjy merkezi döretmek barada agza döwletleriň we BMG-niň ulgamynyň baha bermegini talap edýän teklibini belleýär;4. 2020-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredilen hem-de gapma-garşylyklaryň öňüni almak, olaryň düýp sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmak, ynsanperwer meseleleri çözmek hem-de halkara gatnaşyklarda bitaraplygy ilerletmek üçin giň köptaraplaýyn dialogy goldamak boýunça Bitaraplygyň dostlary toparynyň ministrler derejesinde geçirilen ilkinji duşuşygynda kabul edilen Jemleýji jarnamanyň esasynda hereket edýän parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary — resmi däl toparynyň işini belleýär;5. Baş sekretardan agza döwletler we beýleki degişli taraplar bilen maslahatlaşyp, bar bolan serişdeleriň çäklerinde hem-de toplanan tejribäni we halkara gatnaşyklarda bitaraplygy netijeli ulanmagyň esasy ýörelgelerini umumylaşdyrmaga aýratyn üns berip, parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine bitaraplyk ýörelgelerini berjaý etmek hem-de amala aşyrmak boýunça gollanmany işläp taýýarlamagy haýyş edýär;6. Türkmenistanyň Hökümetiniň 2025-nji ýylyň dekabrynda öz ýurdunda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna (2025-nji ýyl), Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumy geçirmek baradaky çözgüdini goldaýar;7. “Parahatçylyk döredijilik we parahatçylygy goldamak” atly bendiň çäklerinde 80-nji sessiýanyň deslapky gün tertibine “Parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine bitaraplyk” atly kiçi bendi girizmek barada karar edýär.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleri netijesinde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek maksady bilen, degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýazky bag ekiş möwsümini, ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda Milli bahar baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almaga, önümleriň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini belledi we bu işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu ýyl sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we bu jogapkärli möwsümi ýokary derejede geçirmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda möwsümleýin işler ýerine ýetirilýär. Ýazky bag ekiş möwsümini, ählihalk bag ekmek dabarasyny talabalaýyk geçirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Milli bahar baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelere laýyklykda, sebitiň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş işleri tamamlanyp, häzirki wagtda çil çekmek, ýuwuş we tagt suwlaryny tutmak işleri dowam edýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi dowam edýär. Ählihalk bag ekmek dabarasyna, ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde degişli işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim Milli bahar baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilýän işler, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň talabalaýyk alnyp barylmagynyň daýhan yhlasynyň ýerine düşmeginiň hem-de bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak, ekişe guramaçylykly girişmek üçin zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Welaýatda ýazky bag ekmek möwsümine, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim Milli bahar baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek baradaky görkezmelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlykly girişmek, bu möwsümi talabalaýyk geçirmek babatda zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýazky bag ekmek möwsümine, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim Milli bahar baýramyna bagyşlanyp, welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak boýunça öňde durýan wezipelere toplumlaýyn çemeleşmegiň, möwsümleýin işlere gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi we häkime degişli görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Gowaça ekişi möwsümine guramaçylykly girişmek hem-de ony agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek üçin ekerançylyk meýdanlarynda bu ekinleri ekmek, ekiş geçirilen ýerlerde ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de wise-premýer ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, ýazky bag ekmek möwsümine badalga bermek hem-de ählihalk bag ekmek dabaralaryny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynyň milli ykdysadyýetimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün edýän esasy pudaklarynyň biridigini, şoňa görä-de, bu pudagy döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmegiň, oba hojalyk önümçiliginde milli ekerançylyk däpleriniň dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen utgaşdyrylmagynyň möhümdigini belledi hem-de wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlarda gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, ikinji gezek mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini gazanmagy tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleriniň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmek, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini gazanmak, welaýatlarda ýazky bag ekmek möwsümine, ählihalk bag ekmek dabarasyna gowy taýýarlyk görmek tabşyryldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Milli bahar baýramy mynasybetli bellenen çäreleri ýokary derejede geçirmegi, baýramçylyk günlerinde sebitleriň bazarlaryny we dükanlaryny azyk harytlary bilen bolelin üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barmagy, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.