2024-nji ýylyň 27-nji fewralyndan 1-nji marty aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda BMG-nyň Statistika komitetiniň 55-nji mejlisi geçirildi.
Mejlise Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletlerden wekiliýet ýolbaşçylary, wekilleri hem-de beýleki halkara guramalardan wekiller, bilermenler gatnaşdylar.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow mejlisiň gün tertibiniň birnäçe ugurlary boýunça, hususan-da, «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibi üçin maglumatlar we görkezijiler» hem-de «Milli hasaplar ulgamy» ugurlary boýunça çykyş etdi.
Mejlise gatnaşyjylar milli ykdysadyýetde geçirilýän özgertmeler we Türkmenistanyň statistika pudagynyň geljekki ösüşi, şeýle hem degişli görkezijileri kabul etmek arkaly Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede ornaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, 2023-nji ýylda hödürlenen Meýletin milli synda görkezilişi ýaly, BMGÖM-nyň goldaw bermeginde ýurtda DÖM-ny ornaşdyrmagyň Milli platformasynyň (meýdançasynyň) döredilendigi, şeýle hem Mili hasaplar ulgamyny täzelemek boýunça işleriň dowam etdirilýändigi bellenip geçildi.
Mejlisiň açylyşynda çykyş eden BMG-nyň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary jenap Li Jinhua DÖM-ny gazanmakda öňegidişlige baha bermekde we bu ugurda hereketleri çaltlandyrmakda maglumatlaryň möhüm orun tutýandygyny, 30 ýyl mundan öň Resmi statistikanyň esas goýujy ýörelgeleriniň kabul edilmeginiň ähmiýetini we statistikanyň infrastrukturasyny (amatlyklaryny) döwrebaplaşdyrmak ýoly bilen uly we umumy elýeter maglumatlar ulgamlaryny ösdürmek ýaly innowasion ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny belledi.
Mejlisiň barşynda akklamasiýa etmek (umumy makullamak) ýoly bilen Komissiýanyň ýolbaşçylary, ýagny onuň başlygy – Jorž-Simon Ulrih (Şweýsariýa), Başlygyň orunbasarlary – Grasýela Markes Kolin (Meksika), Hýon Ir Li (Koreýa Respublikasy), Adnen Lassued (Tunis) saýlandy.
Mejlisleriň çäklerinde BMG-nyň Baş Sekretarynyň Durnukly ösüş ulgamynda maksatlary gazanmagyň barşyna berlen syn boýunça esasy nutugy hödürlendi.
Nutukda maglumatlary we metamaglumatlary saklamagy goşmak bilen, global görkezijiler boýunça maglumatlar binýadyny döretmek babatynda alnyp barylýan iş barada we milli derejede görkezijileri gazanmakda ýurtlara berilýän goldaw barada maglumat berildi, şeýle hem Sekretariatyň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamentiniň Statistika bölümi tarapyndan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibine goldaw bermek boýunça geçirilen iş barada maglumat getirilýär.
Mejlisiň işiniň barşynda, beýleki resminamalar bilen bilelikde, şu nutuklar hödürlendi:
- BMG-nyň Baş sekretarynyň Resmi statistikanyň esas goýujy ýörelgeleri barada nutugy;
- Baş sekretaryň ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwlary barada nutugy;
- Baş sekretaryň açyk maglumatlar barada nutugy;
- Baş sekretaryň howanyň üýtgeýşiniň statistikasy barada nutugy;
- Baş sekretaryň gender statistikasy barada nutugy.
Mejlisiň barşynda BMG-nyň 2024-nji ýylyň noýabrynda Kolumbiýada geçiriljek Bütindünýä maglumat forumynyň ähmiýeti bellendi, onuň çäklerinde, beýlekiler bilen bir hatarda, statistika ulgamynda köp taraplaýyn özara hereketi ösdürmegiň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Mejlisiň ahyrynda Komissiýanyň nobatdaky 56-njy sessiýasyny 2025-nji ýylyň 4-7-nji marty aralygynda Nýu-Ýork şäherinde geçirmek barada karar kabul edildi.