2024-nji ýylyň 20-22-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň merkezi binasynda Türkmenstatyň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, şeýle hem BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilleriniň gatnaşmagynda Köp görkezijiler boýunça klasterleýin synyň ýedinji tapgyrynyň esasy maglumatlaryna baha bermek boýunça maslahat geçirildi.Maslahaty Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary G.Annanyýazowa we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea açdy. MICS köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda aýallaryň we çagalaryň ýagdaýy barada möhüm maglumatlar çeşmesi bolup hyzmat edýär. MICS – Durnukly Ösüş Maksatlarynyň 30-dan gowrak görkezijileriniň esasy bolup durýar. MICS-iň bäşinji tapgyryndan başlap Türkmenstat bu syny elektron gurluşlary (planşet) ulanmak arkaly geçirýändigini bellemek zerur.Maslahatda DÖM-iň görkezijilerini hasaba almak bilen, synyň netijeleri boýunça esasy görkezijileri açyp görkezýän dürli diagrammalar görkezildi. Maglumatlar çaganyň irki dogluşy we maşgalany meýilleşdirmek, çagalaryň we bäbekleriň saglygyny goramak, çagalaryň iýmitleniş ýagdaýy, çagalaryň saglygy we kesellerini bejermek, bäbekleri we kiçi ýaşdaky çagalary iýmitlendirmek, bilim, okatmagyň esasy endikleri hem-de maşgala agzalarynyň çagalary terbiýelemekde gatnaşygy ýaly mowzuklara bölünip berildi.Bu syn Durnukly Ösüş Maksatlarynyň birnäçe maglumatlarynyň üstüni doldurmak boýunça we ýakyn ýyllarda ýurduň halkynyň abadançylygyny gowulandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalary we strategiýalary işläp taýýarlamakda möhüm maglumat çeşmesi bolup hyzmat eder.
Aşgabat, 2024-nji ýylyň 16-njy sentýabry – Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde «E-Stathasabat we işewür-registri» atly platformasynyň üstünlikli işe girizilendigini habar berdi. Bu platforma Türkmenistanda statistiki maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň usulyny özgertmäge niýetlenendir, ol ýuridik şahslara we telekeçilere statistiki formalary onlaýn görnüşde tabşyrmaga we dolandyrmaga mümkinçilik berer. Resminamalaryň elde işlenilmegini aradan aýyrmak bilen, bu ulgam hasabatlary tabşyrmak işlerini amatly edýär we maglumatlary ýygnamagyň we seljermegiň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrýar. Platforma has esasly çözgütleri kabul etmek üçin maglumatlaryñ hakyky wagt düzgüninde elýeterliligi gowulandyrmak, respondentler üçin administratiw harajatlary azalmak we amallary geçirmekligi ýeñilleşdirmek ýaly birnäçe artykmakçlyklary berýär. Bu innowasion platforma Türkmenistanyň sanly ulgama geçmeginde we ykdysady ösüşinde düýpli öňegidişlik bolup, statistika edaralary, şeýle-de telekeçiligi bellige almaga gatnaşýan ykdysady subýektleriň ählisi üçin hem ep-esli artykmaçlyklary üpjün etmek bilen, pudagara hyzmatdaşlygyň gowulanmagyna we umumy ykdysady netijeliligiň ýokarlanmagyna ýardam eder. Platformanyň işe girizilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny, şeýle-de Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky «Milli hasaplar boýunça institusional we statistiki mümkinçiligi pugtalandyrmak» hem-de «Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň institusional, statistiki we maglumat-tehniki mümkinçiligini berkitmek» atly taslama resminamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyryldy.
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan statistik hasabat formalaryny Internet tory arkaly ýygnamak we hojalyk subýektlerini statistik sanawyna onlaýn görnüşinde bellige almak we bu ulgamyň üsti bilen elektron hyzmatlaryň birnäçe görnüşlerini öz içine alýan statistika ulgamynyň sanly platformasyny ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bellenen wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky «Milli hasaplar boýunça institusional we statistiki mümkinçiligi pugtalandyrmak» hem-de «Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň institusional, statistiki we maglumat-tehniki mümkinçiliklerini berkitmek» atly taslama resminamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde «E-Stathasabat we işewür-registri» programma üpjünçiligi işlenip düzüldi we bu programma üpjünçiligi 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyndan synaglaýyn esasda, 1-nji oktýabryndan bolsa, doly ulanyşa girizilýär.Bu programma üpjünçiliginiň ulgama ornaşdyrylmagy:– respondentler tarapyndan statistika edaralaryna tabşyrylýan statistiki hasabatlaryň menzilara onlaýn görnüşinde tabşyrylmagyna;– hojalyk subýektleriniň statistik sanawyna onlaýn görnüşinde bellige alynmagyna;– statistika ulgamynyň hünärmenleri tarapyndan hasabatlaryň tiz we ýokary hilli jemlenilmegine, seljermeleriň geçirilmegine;– ýurdumyzyň beýleki ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen maglumat binýatlaryň alyş-çalşygy boýunça mümkinçilikleriň döredilmegine;– şeýle hem, wagtyň we sarp ediş önümleriniň (kagyz, kartrij, ýol harajatlar) tygşytlanylmagyna ýardam berer.Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň sanly hyzmatlary stat.gov.tm resmi internet saýtynda ýerleşdirildi.
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary G.Annanyýazowanyň we Ilaty hasaba alyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary B.Annamuhammedowanyň gatnaşmagynda türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 4-6-njy marty aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) we bu guramanyň Ýewropa Ykdysady Kommissiyasy (UNECE) bilen bilelikde guramagy esasynda geçirilýän Çagalar bilen bagly statistika boýunça bilermenleriň maslahatyna hem-de Adalatlylygy ýokarlandyrmagyň özgeriş gözegçiligi (TransMonEE) boýunça Milli statistika müdirlikleriniň torunyň nobatdaky mejlisiniň işine gatnaşdy.Mejlisiň gidişinde Çagalar babatynda statistikanyň gollanmasyny ornaşdyrmak, çagalar babatynda maglumatlaryň ähli elýeter çesmelerinden, şol sanda ilat ýazuwlarynyň we öý hojalyklarynyň degişli gözegçilikleriniň netijelerinden peýdalanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň gün tertibi boýunça çykyş edenler çagalar babatynda maglumat ýygnamagyň innowasion usullary bilen bagly tejribeleri bilen paýlaşdylar.Şeýle-de, Ýewropa we Merkezi Aziya ýurtlary üçin çagalaryň ýagdaýyna we çagalaryň hukuklarynyň berjaý edilişine monitoring etmek üçin iň iri maglumat binýady bolan TransMonEE boýunça işleriň aýry-aýry ýurtlarda gidişi barada hasabatlar diňlendi we bu maglumat binýady üçin maglumat çeşmeleri bilen bagly ýüze çykýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.Köp görkezijili klasterleýin synyň (KGKS) netijeleri TransMonEE maglumat binýady üçin maglumat çeşmeleriniň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda TürkmenStat tarapyndan KGKS-ň ýedinji tapgyry geçirilýär. Gözegçiligiň bäş sany sowalnamalarynyň ikisi 0-17 ýaşdaky çagalar barada maglumatlary almaga gönükdirilip, olar bilim, saglygy goraýyş, çagalar babatynda zorluk we beýleki meseleler boýunça soraglary öz içine alýar.
2024-nji ýylyň 27-nji fewralyndan 1-nji marty aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda BMG-nyň Statistika komitetiniň 55-nji mejlisi geçirildi.Mejlise Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletlerden wekiliýet ýolbaşçylary, wekilleri hem-de beýleki halkara guramalardan wekiller, bilermenler gatnaşdylar.Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow mejlisiň gün tertibiniň birnäçe ugurlary boýunça, hususan-da, «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibi üçin maglumatlar we görkezijiler» hem-de «Milli hasaplar ulgamy» ugurlary boýunça çykyş etdi.Mejlise gatnaşyjylar milli ykdysadyýetde geçirilýän özgertmeler we Türkmenistanyň statistika pudagynyň geljekki ösüşi, şeýle hem degişli görkezijileri kabul etmek arkaly Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede ornaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, 2023-nji ýylda hödürlenen Meýletin milli synda görkezilişi ýaly, BMGÖM-nyň goldaw bermeginde ýurtda DÖM-ny ornaşdyrmagyň Milli platformasynyň (meýdançasynyň) döredilendigi, şeýle hem Mili hasaplar ulgamyny täzelemek boýunça işleriň dowam etdirilýändigi bellenip geçildi.Mejlisiň açylyşynda çykyş eden BMG-nyň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary jenap Li Jinhua DÖM-ny gazanmakda öňegidişlige baha bermekde we bu ugurda hereketleri çaltlandyrmakda maglumatlaryň möhüm orun tutýandygyny, 30 ýyl mundan öň Resmi statistikanyň esas goýujy ýörelgeleriniň kabul edilmeginiň ähmiýetini we statistikanyň infrastrukturasyny (amatlyklaryny) döwrebaplaşdyrmak ýoly bilen uly we umumy elýeter maglumatlar ulgamlaryny ösdürmek ýaly innowasion ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny belledi.Mejlisiň barşynda akklamasiýa etmek (umumy makullamak) ýoly bilen Komissiýanyň ýolbaşçylary, ýagny onuň başlygy – Jorž-Simon Ulrih (Şweýsariýa), Başlygyň orunbasarlary – Grasýela Markes Kolin (Meksika), Hýon Ir Li (Koreýa Respublikasy), Adnen Lassued (Tunis) saýlandy.Mejlisleriň çäklerinde BMG-nyň Baş Sekretarynyň Durnukly ösüş ulgamynda maksatlary gazanmagyň barşyna berlen syn boýunça esasy nutugy hödürlendi.Nutukda maglumatlary we metamaglumatlary saklamagy goşmak bilen, global görkezijiler boýunça maglumatlar binýadyny döretmek babatynda alnyp barylýan iş barada we milli derejede görkezijileri gazanmakda ýurtlara berilýän goldaw barada maglumat berildi, şeýle hem Sekretariatyň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamentiniň Statistika bölümi tarapyndan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibine goldaw bermek boýunça geçirilen iş barada maglumat getirilýär.Mejlisiň işiniň barşynda, beýleki resminamalar bilen bilelikde, şu nutuklar hödürlendi:- BMG-nyň Baş sekretarynyň Resmi statistikanyň esas goýujy ýörelgeleri barada nutugy;- Baş sekretaryň ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwlary barada nutugy;- Baş sekretaryň açyk maglumatlar barada nutugy;- Baş sekretaryň howanyň üýtgeýşiniň statistikasy barada nutugy;- Baş sekretaryň gender statistikasy barada nutugy.Mejlisiň barşynda BMG-nyň 2024-nji ýylyň noýabrynda Kolumbiýada geçiriljek Bütindünýä maglumat forumynyň ähmiýeti bellendi, onuň çäklerinde, beýlekiler bilen bir hatarda, statistika ulgamynda köp taraplaýyn özara hereketi ösdürmegiň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.Mejlisiň ahyrynda Komissiýanyň nobatdaky 56-njy sessiýasyny 2025-nji ýylyň 4-7-nji marty aralygynda Nýu-Ýork şäherinde geçirmek barada karar kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 27-nji fewralyndaky PB-275 belgili buýrugy esasynda gol çekişilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2023-nji ýyl üçin Iş meýilnamasynda bellenilen işleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2024-nji ýylyň 10-njy ýanwary – 10-njy apreli aralygynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde seçilip alnan öý hojalyklarynda Köp görkezijiler boýunça klasterleýin synyň ýedinji tapgyry (KGKS-7) geçirilýär.Köp görkezijiler boýunça klasterleýin syny halkara derejedäki syn bolup, ol halkara bilermenler tarapyndan taýýarlanylan we gözegçiligi geçirýän ähli ýurtlar üçin meňzeş bolan ýörite usulyýet boýunça maglumatlary ýygnamak üçin geçirilýär. Bu maglumatlar Türkmenistanda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ornaşdyrylmagynyň ençeme görkezijileri boýunça maglumatlary hem-de geljek ýyllar üçin ýurdumyzyň halkynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary taýýarlamakda maglumat çeşmesi bolup hyzmat eder.KGKS-7 boýunça maglumatlar Türkmenistan boýunça 6800 sany öý hojalygynda elektron enjamlary (planşet) ulanmak bilen geçiriler. Bu gözegçilige gatnaşýan hünärmenler öý hojalyklaryna baryp, öý hojalygynyň degişli agzalary bilen soraşma arkaly maglumat ýygnamak meýilleşdirilýär. Soraşmada bäş sany sowalnama ulanylar (öý hojalyklary barada sowalnama, 15-49 ýaşly zenanlar barada sowalnama, 15-49 ýaşly erkekler barada sowalnama, 5 ýaşa çenli çagalar barada sowalnama we 5 – 17 ýaşdaky çagalar barada sowalnama).KGKS-7-niň gidişine gözegçilik etmek maksady bilen halkara bilermenleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.Bu gözegçiligi geçirmegiň öňüsyrasynda, ýagny 2023-nji ýylyň 20-nji noýabry – 18-nji dekabry aralygynda KGKS boýunça halkara bilermeni Tiana Çomiçiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynyň binasynda KGKS-7 gatnaşýan hünärmenler üçin okuw seminary geçirildi. Şeýle hem, şäher we oba ýerlerinde aýratynlykda KGKS-7-niň sowalnamalary hem-de onuň programma üpjünçiligi (CAPI) synagdan geçirildi.