Türkmenistanda
«Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!Sizi Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýanyň güýje girmegi mynasybetli her ýylyň 12-nji awgustynda ýurdumyzda ýokary guramaçylyk derejesinde bellenilýän Hazar deňziniň güni hem-de “Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi” atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistan Hazar deňziniň sebitinde söwda-ykdysady, medeni-durmuş gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda Hazarýaka döwletleriň giň goldawyna eýe bolýan möhüm başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Birinji Hazar sammitiniň Aşgabat şäherinde geçirilmegi Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde wajyp ädim boldy. Bu taryhy waka ähli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ilerledilmegi üçin berk binýat bolmak bilen, sebitde özara arkalaşykly hereket etmek üçin köp sanly meseleleriň çözülmegine uly badalga berdi. Bu maslahatda Hazar deňziniň sebitinde dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmekde berk binýat bolup hyzmat etjek resminamalar, şol sanda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýany we Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany taýýarlamagyň ähmiýeti ilkinji gezek ýokary derejede ara alnyp maslahatlaşyldy.Gadyrly myhmanlar!2012-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça sebitiň ýurtlarynyň degişli ministrlikleriniň, abraýly halkara guramalaryň ýokary derejeli wekiliýetleriniň, tejribeli hünärmenleriň we tanymal alymlaryň gatnaşmagynda birinji Hazar ekologiýa forumynyň geçirilmegi Hazar deňziniň sebitinde ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýurdumyzyň uly tagalla edýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Ýurdumyz sebitiň uly üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak arkaly Hazarýaka ýurtlaryň arasynda energetika, ulag-logistika, senagat we söwda pudaklarynda hem hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär. Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen guralan birinji Hazar ykdysady forumynyň hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma döredýän täze ugurlaryny ýüze çykardy. Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen altynjy Hazar sammitiniň dowamynda bolsa Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we netijeli ösdürmek babatda täze başlangyçlar beýan edildi.Türkmenistan 2023-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Hazar deňziniň sebitindäki ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça jikme-jik we ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Bu başlangyjyň durmuşa geçirilmeginiň ýurtlaryň ekologik abadançylygyna gönükdirilen tagallalaryny birleşdirmekde, geljekde bilelikde has netijeli ädimleri ätmekde möhüm gural bolup hyzmat etjekdigine berk ynanýarys.Gojaman Hazaryň türkmen kenarynda ekologik taýdan durnukly ösdürilýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dünýäniň ähli döwletleri bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen toý-baýramlaryň, halkara maslahatlaryň, resmi duşuşyklaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ýaňy-ýakynda hut şu gözel künjekde üstünlikli geçirilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 30 ýyllyk şanly senesi giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu maslahatyň hem Hazar deňzinde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dostlugyň hemişe dowam etmegine gönükdirilen tagallalary birleşdirmekde ähmiýeti örän uludyr.Hormatly maslahata gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar!Hazar deňziniň güni mynasybetli geçirilýän maslahatyň, medeni we sport çäreleriniň Hazaryň baý deňiz ekoulgamyny, özboluşly biologik köpdürlüligini gorap saklamak we ylmy taýdan öwrenmek boýunça Hazarýaka ýurtlaryň hem-de gyzyklanma bildirýän halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, sebitde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ynanyşmagyň has-da berkidilmegine goşant goşjakdygyna ynanýaryn. Sizi Hazar deňziniň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň PrezidentiSerdar BERDIMUHAMEDOW.

12 Awg 2025
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Parlament forumy başlady

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi. Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly gazanylan tejribäni paýlaşmak, şeýle hem parlamentarilere Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek üçin mümkinçilikleri döretmek, parlamentarileriň ýerli, milli we sebit derejelerinde alyp barýan syýasy işi arkaly Hereketleriň täze maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmak maksady bilen, olaryň tejribe alyşmagyna ýardam bermek, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentleriniň öz kanunçykaryjylyk we beýleki işlerine Hereketleriň onýyllyk maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryny girizmegi üçin anyk çäreler babatda maslahatlary işläp taýýarlamak hem-de paýlaşmak forumyň esasy maksady bolup durýar.  DÇBÖBD-iň parlamentleri bu döwletleriň geografiýa taýdan ýerleşmegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge gönükdirilen Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde möhüm orny eýeleýärler. Kanun çykaryjy edaralar hökmünde parlamentler ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmäge, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berýän milli kanunlaryň kabul edilmegini hem-de ornaşdyrylmagyny üpjün edýärler.  Mundan başga-da, parlamentariler Hereketleriň onýyllyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň aýdyňlygyny, hasabatlylygyny hem-de inklýuziwliligini üpjün edip, hökümetiň, raýat jemgyýetiniň  we halkara hyzmatdaşlaryň arasynda möhüm köpri bolup çykyş edýärler. Olaryň işjeň gatnaşmagy milli we sebit derejelerinde serişdeleri çekmäge hem-de hereketleri utgaşdyrmaga ýardam berýär, bu bolsa Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin zerur şert bolup durýar.  Şeýle hem DÇBÖBD-iň parlamentleri Maksatnamanyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmekde we baha bermekde esasy orunlaryň birini eýeleýärler. Munuň özi bar bolan meseleleri öz wagtynda ýüze çykarmaga we strategik ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Parlamentariler özleriniň kanunçykaryjylyk we gözegçilik wezipelerini ýerine ýetirmegiň netijesinde, maýa goýumlar we innowasiýalar üçin amatly şertleri döretmäge ýardam berýärler.  Türkmenistanyň Mejlisiniň, BMG-niň Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýetiniň Parlamentara Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda guralan bu giň möçberli foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň döwlet düzümleriniň hem-de parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar.

04 Awg 2025
Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdy.Döwlet Baştutanymyzyň paýtagtymyzdan Türkmenbaşy şäherine tarap ugur alan uçarynyň sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň asman giňişliginden geçip barýan pursatlarynyň Milli Liderimizň ak patasy bilen açylyp ulanmaga berilýän täze şaýoluň we döwrebap köpriniň açylyş dabarasy mynasybetli guralýan toý-dabaralara gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýe boldy.Dabara ýygnanan hormatly ýaşulular arassa asmana ýaraşyk berip barýan laçyn keşpli uçary ýüzlerine sylyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolunyň ak, döwletli işleriniň rowaç bolmagyny dileg etdiler. Durmuşyň gül-gunçalary hasaplanýan şadyýan körpeleriň joşgunly ýürek sözlerinde bolsa bagtyýar günleriň göwünleri göterýän belent owazy öz beýanyny tapdy. Bu pursatlar tutumly toýuň şatlyk-şowhunyny has-da artdyryp, halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşendigini alamatlandyrdy. Juwan şäher, nurana säher, ak ýol, ak uçar ýeneki rowaçlyklaryň nyşany bolup, ajaýyp sazlaşygy döretdi....Birnäçe wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary Türkmenbaşy Halkara howa menziline gelip gondy. Howa menzilinde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar hem-de döwrebaplaşdyrylan howa menziliniň döwlet Baştutanymyzyň ak patasy bilen işe girizilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag-kommunikasiýa pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça başlangyçlary täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ulag ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa Ýewropanyň we Aziýanyň söwda-ulag ýollarynyň wajyp çatrygynda ýerleşýän Türkmenistana üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegi bu ulgamda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň aýrylmaz bölegidir. Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň täzeçil tehnologiýalaryň esasynda döwrebaplaşdyrylmagy-da munuň aýdyň nyşanydyr. Şunuň bilen bir hatarda, howa menziliniň halkara gatnawlaryň ýolagçy terminalynyň hem-de pasportlary resmileşdirmek we gözegçilik nokatlarynyň innowasion enjamlar bilen üpjün edilendigini bellemek gerek.Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşen Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen özara gatnaşyklary ýola goýup, halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamak babatda oňyn tejribe toplady. Ýurdumyzyň ulag-logistika ýaly geljegi uly ugurda BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi dünýä ykdysadyýetine ählumumy goşulyşmak ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr.Soňra hormatly Prezidentimiz maslahatyň geçiriljek ýerine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow toplumyň çäginde abadanlaşdyryş hem-de foruma gatnaşyjylar üçin ähli amatlyklary döretmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, maslahata gatnaşyjylaryň oňaýly dynç almaklary, toplumyň çägindäki seýilgähde gezelenç etmekleri üçin ähli zerur şertler döredildi. Mundan başga-da, bu ýerde hyzmatlar ulgamynyň işi talabalaýyk ýola goýuldy.Döwlet Baştutanymyz wekilçilikli forumyň ýurdumyzda geçirilmeginiň Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändiginiň aýdyň beýanydygyny aýdyp, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygyň döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde bu ýokary derejeli forumyň geçirilmegi bilen baglanyşykly Kararnama kabul edildi. 57 döwlet bolsa onuň awtordaşy bolup çykyş etdi. Bu halkara maslahata deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlardan, şeýle hem Milletler Bileleşigine agza beýleki döwletlerden ýokary derejeli wekiliýetleriň, halkara we sebit guramalarynyň, parlamentleriň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 4-nji iýulynda gol çeken degişli Karary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda bu maslahaty guramagyň tertibi hakynda Ylalaşyga gol çekildi.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiren guramaçylyk döwlet toparynyň maslahatynda forumy ýokary derejede geçirmek üçin degişli meseleleriň we wezipeleriň tutuş toplumyna garalandygyny bellemek gerek. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi öňde boljak maslahatyň esasy aýratynlygydyr. Şunuň bilen baglylykda, olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertler döredildi.Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň nobatdaky forumynyň ýurdumyzda geçirilmegi Türkmenistanyň BMG tarapyndan taýýarlanylan maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirýändigini we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça tagallalary utgaşdyrmaga işjeň gatnaşýandygyny görkezýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. Döwlet Baştutanymyz öňde boljak halkara forumyň ähmiýetine ünsi çekip, onuň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.Soňra hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän medeni çäreleriň geçirilýän ýerine geldi.Bu ýerde wekilçilikli forumyň dowamynda dürli medeni çäreleriň guralmagy meýilleşdirilýär. Soňky ýyllarda Awaza halkara derejeli duşuşyklardyr forumlaryň, konsertleriň we festiwallaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde guraljak dabaralar ýurtlaryň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dostlukly halklaryň medeniýetinde we sungatynda gazanylan üstünlikler bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam berer. Dabaraly çäreler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda özara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmäge gönükdirilendir.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan medeni diplomatiýanyň özeninde durýan parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň we ynsanperwer ýörelgeleriň halklary ýakynlaşdyrýandygyny aýdyp, bu ýerde guraljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda degişli görkezmeleri berdi.Döwlet Baştutanymyz hemmelere işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.Hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda myhmanlary kabul etmek, olary halkymyzyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylamak bilen bagly geçirilen işler bilen hem tanyşdy. Häzirki wagtda dynç alşyň naýbaşy mümkinçiliklerini özünde jemleýän döwrebap myhmanhanalar Hazaryň ajaýyp kenaryna bezeg berýär. Bu ýerde göwnejaý dynç almak üçin ähli şertler bar. Ýakymly howa gurşawy, deňiz tolkunlary göwünleri galkyndyrýar. Halkara foruma geljek myhmanlar bu täsinlikleriň ählisiniň şaýady bolarlar.Arkadagly Gahryman Serdarymyz myhmanlary garşylamak meselesine aýratyn ähmiýet berip, oňa hemmetaraplaýyn jogapkärçilikli çemeleşmek babatda degişli tabşyryklary berdi.Soňra döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, paýtagtymyza ugramak üçin Türkmenbaşy Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy.Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna amala aşyran iş sapary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

30 Iýl 2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.Döwlet Baştutanymyz mejlisiň agzalaryna ýüzlenip, hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň günäsiniň geçilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, asylly däbe eýerip, iş kesilen 247 raýatyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz toparyň başlygyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzy ykdysady, syýasy, medeni taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, döwletimiziň halkara başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak boýunça kanun taslamalaryny taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunlara döwrüň talabyna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle-de Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk işiniň meseleleri boýunça okuw sapaklarynyň geçirilendigi aýdyldy. Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň arasynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşyklary barada habar berildi. Mundan başga-da, Mejlisiň deputaty Hytaý Halk Respublikasynda guralan “Türkmenistan üçin Bütindünýä Söwda Guramasy barada esasy düşünjeler” atly okuw maslahatyna gatnaşdy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk senesine, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna, onuň çäklerinde guraljak parlament forumyna taýýarlyk görlüşi barada-da aýtdy.Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň täze işlenip taýýarlanylýan kanunlarda öz beýanyny tapmalydygyna, şoňa görä-de, döwrüň talap edýän täze kanun taslamalaryny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow 2025-nji ýylda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda (SPECA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde göz öňünde tutulan halkara çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, degişli meýilnama laýyklykda, noýabr-dekabr aýlarynda Aşgabat şäherinde SPECA-nyň Ykdysady forumyny, Dolandyryjy geňeşiniň 20-nji mejlisini hem-de ugurlar boýunça iş toparlarynyň duşuşyklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy, Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen bilelikde “SPECA günlerini” guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Oňa maksatnama agza ýurtlaryň ýokary derejeli wekilleriniň, Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de bu guramanyň beýleki ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, halkara bilermenleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň möhüm bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda başlyklyk etmegiň çäklerinde göz öňünde tutulan halkara çäreleri guramaga gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ulgamlary, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda “Galkynyş” gaz känini mundan beýläk-de netijeli özleşdirmek boýunça degişli işler dowam edýär. Aýratyn-da, bu ýerdäki önüm berýän gaz guýularynyň uzak wagtlap bökdençsiz we ygtybarly işlemegini üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz gaz guýularyndaky işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan teklibi makullady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem pagta ýygýan kombaýnlary, beýleki oba hojalyk tehnikalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, ýetişdirilen hasyly daşamakda ulanyljak awtoulaglary ýygym möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizlemek, bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri utgaşykly dowam edýär. Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek babatda degişli işler alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyk geçirmegi, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta hasylyny daşaýan awtoulaglary möwsüme taýýarlamagy, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak we ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, döwletimiziň elektroenergetika kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarly we bökdençsiz bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, Energetika ministrligi tarapyndan elektrik stansiýalarynda, dürli güýjenmeli asma elektrik geçiriji ulgamlarda, beketlerde meýilnamalaýyn esasda abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi. Şunuň bilen bir hatarda, pudagyň kärhanalarynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrylýar hem-de önümçilik kuwwatlyklary artdyrylýar. Munuň özi energetika desgalarynyň bökdençsiz işlemegine ýardam edýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere ýurdumyzyň bar bolan elektroenergetika kuwwatyndan netijeli peýdalanmagy hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň Tertibini tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli taryhy-medeni mirasyň gymmatlyklarynyň aýawly saklanylmagy, döwlet tarapyndan goralmagy ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli taryhy-medeni gymmatlyga eýe bolan serişdeleri döwlet tarapyndan hasaba almak we olaryň Döwlet sanawyny ýöretmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan Karara gol çekdi we ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 2025-2026-njy täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Şu ýylyň 23-nji awgustynda ýurdumyzyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň maslahatyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, bilimiň ýokary hilini üpjün etmäge gönükdirilen wezipeleriniň geçen okuw ýylynda ýerine ýetirilişini seljerip, täze okuw ýylynda ýetilmeli sepgitleri, öňde durýan wezipeleri kesgitlemek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem milli tejribä, halkara bilim standartlaryna görä, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, okuw-usuly toplumlaryny taýýarlamak, mugallymlaryň hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmak, halypa-şägirt gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň nusgalyk kitaplary esasynda ýaş nesillerde watançylyk, milli buýsanç duýgularyny terbiýelemek, sanly bilimi ösdürmek, ýaşlaryň bilim bäsleşiklerinde, olimpiadalarda üstünlikli çykyş etmegini gazanmak, olary ylmy döredijilige, hünäre ugrukdyrmak bilen bagly täze okuw ýylynda meýilleşdirilýän işlere üns çekiler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ýaş nesle berilýän bilimiň ýokary hilini üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere 2025-2026-njy täze okuw ýylynda öňde durýan wezipelere bagyşlanan bilim işgärleriniň maslahatyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen köpugurly hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagta çenli bu gurama bilen özara gatnaşyklaryň halkara hukuk binýadyny berkitmegiň çäklerinde Türkmenistan ÝUNESKO-nyň jemi 15 sany halkara hukuk resminamasyna goşuldy. Bu resminamalardan gelip çykýan milli borçnamalara laýyklykda, milli we köptaraplaýyn hödürnamalaryň çäklerinde maddy däl hem-de taryhy-medeni, tebigy obýektleriň ençemesi ÝUNESKO-nyň abraýly sanawlaryna girizildi. Guramanyň ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ulgamlaýyn esasda alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Hökümetara okeanografiýa komissiýasy, Halkara gidrologiýa, «Adam we biosfera», «Dünýä hakydasy» maksatnamalary, Uniwersitetler kafedralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy we torlaýyn özara gatnaşygy ýola goýmak boýunça maksatnama (UNITWIN) hem-de beýleki halkara torlardyr institutlar bar. Hususan-da, “UNITWIN” maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň 2 ýokary okuw mekdebinde ÝUNESKO kafedralary açyldy hem-de degişli bilim ojaklarynda 6 sany ÝUNESKO kluby döredildi. Şunuň bilen birlikde, Diýarymyzyň orta mekdepleriniň 6-sy bu guramanyň Assosirlenen mekdepler toruna, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy Bütindünýä ýaşlar jemgyýetine, Aşgabat şäheri bolsa «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşuldy.Sanly bilim hem-de bu ugra degişli öňdebaryjy halkara tejribeleri milli derejede ornaşdyrmak bilen bagly netijeli taslamalar Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça institutynyň arasynda gol çekilen “Ýol kartasynyň” çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň BMG-niň çäginde öňe sürýän ynsanperwer başlangyçlaryny mundan beýläk-de iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, birnäçe teklipleriň taýýarlanylandygy bellenildi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýylyň güýzünde Samarkant şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji mejlisine ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy baradaky teklip hödürlenildi.Ýokarda agzalan “Ýol kartasynyň” çäklerinde Türkmenistanda şu ýylyň awgustynda 5 ugur boýunça utgaşykly görnüşde halkara maslahaty geçirmek teklip edilýär. Şolaryň hatarynda sanly bilim we emeli aň; Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde emeli aňyň ähmiýeti; emeli aňy milli bilim we ylym ulgamyna ornaşdyrmakda halkara tejribeler; sanlylaşdyrmak we emeli aň tehnologiýalary arkaly bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak; milli hünärmenleriň hünär ukyplaryny ýokarlandyrmakda emeli aň tehnologiýalarynyň ähmiýeti ýaly ugurlar bar. Şunuň bilen baglylykda, maslahaty guramak boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň jogapkär edip kesgitlenilmegi teklip edilýär.Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda baglaşylan Çarçuwaly ylalaşyk boýunça döredilen maksatlaýyn gaznanyň çäklerinde birnäçe taslamalary bu gaznanyň hasabyna maliýeleşdirmek teklip edilýär. Şolaryň arasynda «Biziň mirasymyz»; «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk»; Türkmenistanda geoseýilgähi döretmek; gadymy Amul galasynyň goragyny berkitmek ýaly taslamalar bar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek maksady bilen taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak we olara döwrebap çözgütlere esaslanýan innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer döwlet edaralarynyň özara işiniň elektron maglumat ulgamy arkaly utgaşdyrylmagyny, sanly hyzmatlary düzgünleşdirmek, bu ugurda zerur kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmek maksady bilen, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda zerur işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, döwlet edaralarynyň işini döwrebap guramak, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda «Elektron hökümet» ulgamy babatda taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu gün Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly şu aýdaky soňky mejlisiniň geçirilýändigini, 1-nji awgustdan başlap oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylaryň zähmet rugsadynyň başlanýandygyny aýtdy. Şeýle-de ýolbaşçylaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda saglygyny berkidip, dynç alyp biljekdikleri bellenildi. “Halkara çäreleriň geçýändigi bilen baglylykda, käbir ýolbaşçylar zähmet rugsady döwründe guramaçylyk işine hem gatnaşarlar” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýolbaşçylaryň ählisine zähmet rugsady döwründe gowy dynç almagy arzuw etdi.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

25 Iýl 2025
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitiň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri geçirilýär. Gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişi dowam edýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, geljek ýyl üçin oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmek işleriniň guramaçylykly alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý oragyndan boşan meýdanlary hem-de oba hojalyk tehnikalaryny indiki ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri geçirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda ýeralmanyň we beýleki güýzlük gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumlaryny ekişe taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almagyň esasy şerti bolup durýandygyny aýtdy hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla oragyndan boşan meýdanlary, oba hojalyk tehnikalaryny, ýokary hilli bugdaý tohumlaryny ekişe taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri hem-de güýzlük gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişi utgaşykly alnyp barylýar. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ideg etmek hem-de güýzlük oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm, tekizleýiş we topragy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, ekiji gurallary möwsüme taýýarlamak üçin zerur işler ýerine ýetirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri dowam edýär. Ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýeralmanyň, güýzlük gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, sebitiň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işlerde kadalaryň dogry berjaý edilmeginiň bol hasyl almak bilen bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga hem ýardam berýändigini belledi we häkime bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, bugdaý oragyndan boşan meýdanlary sürmek, tekizlemek, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, güýzlük gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýetişdirilen gök-bakja önümleri içerki bazarlarda elýeterli bahadan ilata ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, gant şugundyrynyň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alan meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde diňe ylmy taýdan esaslandyrylan ekerançylygyň oba hojalygynyň durnukly ösdürilmegini üpjün edýändigini belledi we häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmaga görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde häzirki wagtda ekiş geçiriljek meýdanlary sürmek we tekizlemek, oba hojalyk tehnikalaryny, ýokary hilli bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri alnyp barylýar. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň binýady bolup durýandygyny, şoňa görä, innowasiýalary giňden ornaşdyrmak, serişdeleri netijeli peýdalanmak arkaly pudagyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň zerurdygyny belledi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlaryň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmeginiň, gowaçalaryň hatarara bejergi, ujuny çyrpmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, zyýan berijilere garşy göreş işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, welaýatlaryň bugdaý oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, güýzlük bugdaý ekişinde ulanyljak ekijileri, beýleki tehnikalary möwsüme talabalaýyk taýýarlamagy, güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly meýdanlarynda ideg etmek işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny gazanmak, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ekişine gözegçilik etmek, şu ýyl welaýatlarda açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.Arkadagly Gahryman Serdarymyz welaýat häkimlerine ýüzlenip, howanyň aşa gyzýan günlerinde ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň ýerine ýetirilişini, hususan-da, elektrik togundan, tebigy gazdan we suwdan peýdalanylyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

21 Iýl 2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek maksady bilen, täze kanun taslamalary işlenip taýýarlanylýar hem-de döwrüň talaplaryna laýyklykda, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly geçiren maslahatynda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, şu ýylyň awgust aýynda Awazada parlament forumyny ýokary derejede guramak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mejlisiň wekilleri BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasy bilen bilelikde çaganyň hukuklaryny düşündirmek boýunça okuw sapaklaryny geçirdiler, şeýle hem ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan duşuşyga gatnaşdylar.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.Hasabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň käbir resminamalaryna, hususan-da, Salgyt meseleleri boýunça özara administratiw kömegi bermek hakynda Konwensiýa hem-de Ygtyýarly taraplaryň maliýe hasaplar boýunça maglumatlaryny awtomatik alyşmagy hakynda köptaraplaýyn Ylalaşyga ýurdumyzyň goşulmagynyň maksadalaýyk hasaplanýandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli kanunçylygy kämilleşdirmek arkaly abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de Türkmenistanyň Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň degişli Konwensiýasyna we Ylalaşygyna goşulyşmagy barada taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasynyň gurluşyk işleri tamamlanyp, täze desga ulanmaga doly taýýar edildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döredýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza nebitgaz toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan hoşallyk bildirip, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Hormatly Prezidentimiz nebitgaz pudagyny ösdürmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy we täze desganyň işe girizilmeginiň ýurdumyzda öndürilýän uglewodorod serişdeleriniň eksport edilýän möçberini artdyrmaga, olary ygtybarly ibermäge mümkinçilik berjekdigini belledi hem-de toplumyň dabaraly açylyşyna sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda badalga berdi.Açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerinden göni aragatnaşyk arkaly «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow çykyş edip, hormatly Prezidentimize Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň kuwwatlylygy ýylda 2 million 60 müň tonna nebit we nebit önümlerini ýüklemäge hem-de 1 million 150 müň tonna nebit we nebit önümlerini düşürmäge mümkinçiligi bolan Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasyny işe girizmäge ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.Hormatly Prezidentimiz täze desganyň işe girizilmegine ak pata berdi. Soňra dabaranyň geçirilýän ýerinde il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda toý bagy kesilýär. Täze gämi duralgasyndan nebit önümi ýangyç daşaýjy gämä guýlup başlanýar. Açylyş dabarasy aýdym-sazly, tansly çykyşlar bilen jemlendi.Soňra mejlis Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Pagta ýygymy möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde oba hojalyk tehnikalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, awtoulaglary möwsüme taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak, ýerleşdirmek, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, meýdanlary, ýokary hilli bugdaý tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Welaýatlarda ýetişdirilen gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen içerki bazarlary üpjün etmek, olaryň güýzki ekiş möwsümine taýýarlyk görmek işleri alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady hem-de wise-premýere ýurdumyzyň welaýatlarynda ýygnalan bugdaý hasylyny kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de gowaça ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirilmegini dowam etdirmek tabşyryldy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň oba hojalyk pudagy üçin mineral dökünleri öndürýän zawodlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda mineral dökünleri öndürýän zawodlary netijeli işletmäge, oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda hereket edýän himiýa kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkmen-ýapon işewürlik maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen zerur çäreler görülýär. Maslahata maýa goýum, söwda, hyzmatlar, bilim ulgamlarynda, nebitgaz, senagat, saglygy goraýyş ulgamlary üçin enjamlaryň önümçiligi, gurluşyk, logistika pudaklarynda we beýleki ugurlar boýunça iş alyp barýan ýapon kompaniýalary gatnaşmaga isleg bildirýärler. Türkmen tarapyndan bolsa oňa Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, sanly ulgam arkaly ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň iri halkara çärelere yzygiderli gatnaşýandygyny, Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde hem Türkmenistanyň milli pawilýonynyň öz işini üstünlikli alyp barýandygyny belledi we wise-premýere Türkmen-ýapon işewürlik maslahatyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, geljek aýda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli maslahatlary, brifingleri, döredijilik duşuşyklaryny, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde çagalaryň we ýetginjekleriň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin olaryň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, dürli döredijilik bäsleşiklerini guramak meýilleşdirilýär. Awgust aýynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary, bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyzyň ösüşlerini beýan edýän birnäçe dabaraly çäreleriň geçirilýändigini aýtdy hem-de wise-premýere awgust aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa söz berildi. Ol, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Soňra wise-premýer bu şanly sene mynasybetli geçiriljek çäreler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde “Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasy hereketde” atly maslahatlary geçirmek, zähmetde aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerine hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlary dabaraly gowşurmak, Milli Liderimiziň nusgalyk kitaplarynyň, surat we milli saglygy goraýyş önümleriniň sergisini, aýdym-sazly medeni çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda ynsan saglygyny goramak, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi we wise-premýere «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow howpsuzlyk meselelerinde halkara guramalar bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, howpsuzlyk meseleleri Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak we bu babatda ýadro energiýasynyň ulanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyz abraýly halkara guramalaryň çäklerinde bu ugurda öňe sürülýän başlangyçlary yzygiderli goldaýar. Türkmenistan 1994-nji ýylda ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk hakynda, 1998-nji ýylda ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek hakynda, 2006-njy ýylda Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda möhüm şertnamalara goşulmak bilen, bu ugurda öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ugurdaş halkara düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça taýýarlanylan birnäçe teklipler hödürlenildi.Hususan-da, 2017-nji ýylda kabul edilen Ýadro ýaragyny gadagan etmek baradaky şertnama Türkmenistanyň goşulmak meselesini öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmek teklip edilýär. 2021-nji ýylda güýje giren bu resminama şu günki güne çenli dünýäniň 94 döwleti goşuldy. Şeýle hem 2026-njy ýylda ýurdumyzda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasy bilen bilelikde bu guramanyň Milli maglumat merkezleri üçin sebitleýin okuw maslahatyny geçirmek teklip edilýär. Oňa Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlaryndan Milli maglumat merkezleriniň utgaşdyryjylarynyň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.Şeýle-de Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Halkara monitoring ulgamyna degişli bolan we ýurdumyzda ýerleşýän seýsmologiýa stansiýasynyň işini kämilleşdirmek, Halkara monitoring ulgamyndan alynýan maglumatlaryň ýurdumyzyň ugurdaş edaralary tarapyndan peýdalanylmagyny ýola goýmak, Türkmenistanyň degişli halkara resminamalardan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmek, Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly teklipler beýan edildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz howpsuzlyk meseleleri boýunça halkara guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň Halkara howa menzilleriniň maddy-tehniki binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi hem-de Halkara howa menzillerinde döredilen döwrebap şertler Diýarymyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini artdyrýar. Ulag-kommunikasiýa strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan sebit we halkara derejedäki möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde öz ornuny barha pugtalandyrýar. Şulardan ugur alnyp, ýurdumyzyň howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Halkara howa menzillerinde döwrebap şertleri döretmäge, halkara talaplara laýyk gelýän awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi we howa menzilleriniň maddy-tehniki binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

18 Iýl 2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.Mejlisde şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň alty aýynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1 göterime, gurluşykda 5,1 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,8 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 4,5 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,9 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy.Şu ýylyň alty aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 12,7 göterim, daşary söwda dolanyşygy 2,9 göterim ýokarlandy.Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15,6 göterim artdy.Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.Mejlisiň dowamynda wise-premýer «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» rejelenen görnüşdäki taslamasy barada hasabat berdi. Bu resminama laýyklykda, 2025 — 2028-nji ýyllarda durmuş-medeni maksatly binalary we desgalary, ýaşaýyş jaýlaryny, inženerçilik ulgamlaryny gurmak we hereket edýänleriniň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar.Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulow şu ýylyň birinji ýarymynda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlaryň görkezijileri hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, alty aýyň netijeleri boýunça baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 101,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,6 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 102,6 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,5 göterim berjaý edildi.Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda balans toparlarynyň jemi 63 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 54 mejlisi geçirildi. Olaryň barşynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijelerine seredilip, olaryň önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanylyşy, maliýe-ykdysady görkezijileri we maýa goýumlaryň özleşdirilişi boýunça seljerme işleri geçirildi.Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 17,7 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 44,8 göterimi önümçilik hem-de 55,2 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan şu ýylyň alty aýynda meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň netijeleri boýunça senagat ulgamynda durnukly ösüş üpjün edildi. Hususan-da, 38 milliard 991,4 million kub metr tebigy gaz, 4 million 91,5 müň tonna nebit çykaryldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, dizel ýangyjynyň öndürilişi 5,1 göterim, benziniň öndürilişi 2,8 göterim, mazudyň öndürilişi 13,6 göterim, nebit bitumynyň öndürilişi 9,2 göterim, sementiň öndürilişi 50 göterim, armaturyň, demir önümleriniň dürli görnüşleriniň öndürilişi 58,4 göterim, süýji-köke önümleriniň öndürilişi 6 göterim, şöhlat önümleriniň öndürilişi 8,6 göterim, mesge ýagynyň öndürilişi 3,8 göterim, mineral suwlaryň we alkogolsyz içgileriň öndürilişi 1,3 göterim artdy. Hasabat döwründe nah ýüplükleriň möçberi 22,6 göterim we nah matalaryň möçberi 27,3 göterim artdy.Ulag we aragatnaşyk ulgamynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýük dolanyşygynyň 0,6 göterim we ýolagçy dolanyşygynyň 3,2 göterim artmagy munuň subutnamasydyr. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 20,7 göterim artdy.Ýurdumyzyň oba hojalygynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda öndürilen gök önümler, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15,1 göterim, miwe we ir-iýmişler 2,7 göterim, ýeralma 3,8 göterim, süýt 2 göterim, diri agramdaky etiň öndürilişi 8,9 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň 6 aýynda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem oňyn görkezijiler gazanyldy.Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy halkara standartlara laýyk gelýän statistiki usulyýet esasynda statistiki hasabatlylygy we maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hem hasabat berdi.Soňra Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň banklary tarapyndan hususy ulgama berlen karzlaryň umumy möçberi 19 göterim artdy. Şunuň bilen bir hatarda, oba hojalyk önümlerini öndürijilere tehnikalary we enjamlary satyn almak üçin berlen karz serişdeleriniň galyndysy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 26,9 göterim artdy.2025-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen ipoteka karzlarynyň görkezijisi 20,2 göterim artdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri dowam etdirmegiň, munuň üçin ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan çäreleriň, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişini yzygiderli seljermegiň möhümdigini belledi.Şunuň bilen baglylykda, maliýe-ykdysady durnuklylygy üpjün etmek üçin salgytlaryň doly hem-de wagtynda tölenmegini gazanmak, býujet serişdeleriniň tygşytly we maksadalaýyk peýdalanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek, şu ýylyň ahyryna çenli Döwlet býujetiniň girdejiler we çykdajylar bölegini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmek, geljek ýylyň Döwlet býujetini öz wagtynda düzmegi üpjün etmek, býujet-salgyt ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek barada tabşyryklar berildi.Milli ykdysadyýetiň senagat-innowasion ösüş derejesini has-da ýokarlandyrmak, milli manadyň hümmetini durnukly saklamaga aýratyn üns bermek, maýa goýum syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de milli ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlaryň maliýe çeşmelerini kämilleşdirmegi dowam etmek, banklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek we tejribe alyşmak üçin netijeli işleri durmuşa geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak hem-de dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.Wise-premýer nebit we gaz kondensatyny çykarmak ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berip, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasynyň 110 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy.Konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 109 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 110,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 101,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 116,8 göterim berjaý edildi.Şeýle hem suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermek babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz topluma degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin ylmyň soňky gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etmegi, geologiýa-gözleg işlerini geçirmek, nebitgaz ýataklaryny gözläp tapmak, nebiti we gazy çykarmak işlerini yzygiderli kämilleşdirmegi, uglewodorod serişdelerini we olary gaýtadan işlemekden alynýan önümleri dünýä bazarlaryna ýerlemek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi, nebitgaz toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyryp, bäsdeşlige ukyply we ekologik taýdan arassa önümleri öndürmegi dowam etmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109,2 göterim berjaý edildi.Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 114 göterim ýerine ýetirildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça bu görkeziji 111,7 göterime barabar boldy.Hasabat döwründe Energetika ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň, amala aşyrylan işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 109,3 göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 108 göterime barabar boldy. Ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça 104,5 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça 112,4 göterim berjaý edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin D.Sapbaýewi “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyp, bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetirmegi konserniň başlygynyň orunbasary T.Ataýewiň üstüne ýükleýändigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.Döwlet Baştutanymyz gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalaryny doly kuwwatynda işletmek boýunça zerur çäreleri görmegiň, gurluşyk senagatynyň önümleriniň görnüşini hem-de möçberini yzygiderli artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.Hereket edýän önümçilikleriň durkuny täzelemäge, täze kärhanalary gurmaga gönükdirilen işleri dowam etmek, himiýa kärhanalaryny doly kuwwatynda işletmek we täze önümçilikleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, şeýle hem mineral dökünleri talabalaýyk saklamak üçin täze, döwrebap ammarlary gurmak boýunça, elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak, täze elektrik beketlerini gurmak, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etmek, awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak we olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wise-premýere şu ýylyň ahyryna çenli açylmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň bellenen möhletde, ýokary hilli ulanmaga tabşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 115,9 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,3 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 106,8 göterim üpjün edildi, şol sanda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 125,1 göterime, nah matalaryňky 130,2 göterime, gön önümleriniňki 124,4 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,4 göterim ýerine ýetirildi.Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 146 birža söwdasy geçirilip, olarda 14 müň 323 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 106,8 göterime barabar boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň alty aýynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,5 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 105,7 göterime deň boldy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine N.Agahanowy belläp, ony ministriň orunbasary wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminama gol çekdi.Wezipä täze bellenen N.Agahanow özüne bildirilen ýokary ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ministrligiň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklary arzuw etdi.Hormatly Prezidentimiz toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, söwda ulgamynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň, içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmagyň, söwda hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Dokma önümleriniň hilini we möçberini artdyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmek, sanly ulgam arkaly dokma, haly we haly önümleriniň söwdalaryny hem guramak, bäsdeşlige ukyply we eksport ugurly ýokary hilli önümleri öndürmäge niýetlenen täze döwrebap önümçilikleri döretmekde hususy ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wise-premýere Döwlet haryt-çig mal biržasynyň hem-de Söwda-senagat edarasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak üçin dünýäniň ösen ýurtlarynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we tejribesini ornaşdyrmagy dowam etmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli dürli dabaralar geçirildi. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi. Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.Hasabat döwründe dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň Aşgabat we Arkadag şäherleri hem-de welaýatlar boýunça jemleýji tapgyrlary, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly aýdym-saz festiwaly, “Parahatçylyk sazy” atly halkara festiwal, “Awaza — dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwaly guramaçylykly geçirildi. Şeýle hem Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi, şu ýylyň 29-njy iýunynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy guraldy. Ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri daşary ýurtlarda iş saparlarynda boldular.Şeýle hem kitaphanalar, muzeýler, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli medeni mirasymyzy, edebi gymmatlyklarymyzy düýpli öwrenmek we kämilleşdirmek, şeýle hem halkymyzyň gadymy mirasyny wagyz etmek boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmegiň, kitaphana we muzeý işini ösdürmekde häzirki zaman tehnologiýalaryndan giňden peýdalanmagyň, çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň işini talabalaýyk guramagyň hem-de kämilleşdirip durmagyň, döwrebap we many-mazmunly täze çeper, dokumental filmleri yzygiderli surata düşürmegiň möhümdigine ünsi çekdi.Döwlet Baştutanymyz taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak üçin netijeli işleri alyp barmagyň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümçilik kuwwatyny netijeli ulanmagyň, döredijilik bäsleşiklerini, häzirki zaman sergilerini, folklor, aýdym-saz toparlarynyň çykyşlaryny hem yzygiderli geçirmegiň, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyna gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi, okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy, okuw-usuly toplumlar taýýarlanyldy. Okuwçylar hem-de talyp ýaşlar halkara ders we internet bäsleşiklerinde jemi 748 sany medal gazandylar.Şu ýylyň alty aýynda ylym ulgamyny kämilleşdirmek, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrundaky işler dowam etdirildi. Ylymlar güni mynasybetli “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat, şeýle hem ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.Hasabat döwründe öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Saglygy goraýyş boýunça XII türkmen-german forumy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde Immunizasiýa hepdeligi, Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça hem netijeli işler alnyp baryldy. Paýtagtymyzda sportuň milli we guşakly alyş göreşi, küşt boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryş guramaçylykly geçirildi. Hasabat döwründe ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlara gatnaşyp, 466 sany medal gazandylar.Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini, şeýle hem 2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruklara gol çekip, okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etdi.Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýüzlenip, täze okuw ýylyna gowy taýýarlyk görmegiň, orta we ýokary okuw mekdeplerinde abatlaýyş işlerini geçirmegiň möhümdigini belledi. Şu ýyl Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binalarynyň ulanmaga berilmegi täze hünärleri girizmäge we okuwa kabul edilýän ýaşlaryň sanyny artdyrmaga ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky işleri talabalaýyk ýola goýmagy tabşyrdy. Ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmeli, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirmeli, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmaly diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.Şeýle hem ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek, ylym bilen önümçiligi utgaşdyrmak arkaly önümçilik pudaklaryny ylmy esasda ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny innowasion tehnologiýalar esasynda pugtalandyrmak boýunça işleri yzygiderli alyp barmak, sanly saglygy goraýyş ulgamynyň kömegi bilen döwrebap hyzmatlary ýola goýmak, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek we halkara sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça netijeli işleri geçirmek, sportuň Olimpiýa görnüşlerini ösdürmäge hem aýratyn üns bermek tabşyryldy.Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 115,7 göterime deň boldy.Şu ýylyň birinji ýarymynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 102,6 göterim, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 102,1 göterim berjaý edildi. “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 104,5 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 111,3 göterime barabar boldy. “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça ösüş depgini 121,5 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 114,4 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 120,7 göterime barabar boldy.“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada hem aýdyldy. Bellenilişi ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň 4G+ tehnologiýasy, şeýle hem Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasy işe girizildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, häzirki döwürde bu toplumy ösdürmek we onuň işini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesini girizmek barada karara gelendigini aýtdy.Ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy hem-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy döredilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we täze ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň döredilmeginiň ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga ýardam etjekdigini belledi.Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine 6 aý synag möhleti bilen M.Çakyýewi belledi.Wise-premýer özüne ynanylan wezipede yhlasyny gaýgyrman işlejekdigini aýdyp, hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow demir ýol ulaglary ministri wezipesine M.Akmämmedowy belledi.Ministr bildirilen ýokary ynam üçin hoşallyk bildirip, täze wezipede tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.Döwlet Baştutanymyz aragatnaşyk ministri wezipesine 6 aý synag möhleti bilen H.Hudaýgulyýewi belledi.Hormatly Prezidentimiz awtomobil ulaglary ministri wezipesine B.Annadurdyýewi belledi.B.Annadurdyýew bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, täze wezipede netijeli işlemek üçin ähli bilimini, güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyny aýtdy hem-de hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Hormatly Prezidentimiz “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň başlygy wezipesine D.Saburowy belledi.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy wezipesine A.Şanazarowy belledi.Ol bildirilen uly ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu wezipede ähli bilim-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekdi.Soňra hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Çakyýewe ýüzlenip, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak we bu ugurda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak, demir ýollaryň durkuny täzelemek, demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmegiň, halkara awtomobil ýollary bilen ýük daşamagy we üstaşyr gatnawlary ösdürmegi dowam etdirmegiň, howa menzilleriniň durkuny täzelemegiň, uçarlaryň düzümini döwrebaplaşdyrmagyň yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň, ykdysady taýdan amatly ugurlar boýunça täze içerki we halkara howa gatnawlaryny açmaga möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyny doly kuwwatynda işletmek, ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny hem döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyryp durmak, bu ugurda täze hyzmatlary yzygiderli ýola goýmak babatda anyk tabşyryklary berdi.Soňra welaýatlaryň häkimleri hasabatlar bilen çykyş etdiler.Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak, ýerleşdirmek we talabalaýyk saklamak, şeýle hem bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm we tekizlemek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ideg işleri geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnamak we ilata ýetirmek, şeýle hem bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.Şeýle hem häkim welaýatda Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow şu ýylyň birinji ýarymynda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny elewatorlara we ammarlara daşamak işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin galla oragyndan boşan meýdanlary, oba hojalyk tehnikalaryny we bugdaý tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de bu ekinleriň güýz möwsümindäki ekişine taýýarlyk görmek işleri dowam etdirilýär.Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew şu ýylyň alty aýynda welaýatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde welaýatda galla oragyndan boşan ýerleri sürmek, şeýle hem ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şunuň bilen bir hatarda, ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda bu ekinleriň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Şeýle hem bu ekinleriň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlarynda sürüm hem-de tekizleýiş işleri geçirilýär.Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara daşamak, ýerleşdirmek hem-de talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler geçirilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak üçin ýerleri sürmek we mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Welaýatda ýetişdirilen ýeralma we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ideg işleri ýerine ýetirilýär.Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz M.Annanepesowy Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyp, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Genjiýewi şol bir wagtda Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine belledi we degişli resminamalara gol çekdi.D.Genjiýew bildirilen ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, bu wezipede gujur-gaýratyny gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda welaýatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara daşamak, galla oragyndan boşan meýdanlary, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de ýokary hilli bugdaý tohumyny geljek ýylyň hasyly üçin ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümleri içerki bazarlarymyzda ilata ýetirmek, şeýle hem güýz möwsüminde oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda gant şugundyrynyň ekişini talabalaýyk geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde ideg etmek işleri alnyp barylýar.Mundan başga-da, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz B.Orazowy Mary welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä D.Annaberdiýewi bellemek barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.D.Annaberdiýew bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, täze wezipede netijeli işlemek üçin ähli bilimini, ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi.Ol hasabatyny ýurdumyzyň gallaçylary tarapyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň öndürilip, bu ugurda bellenen meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habardan başlady. Wise-premýer oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek babatda berýän hemaýat-goldawlary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.Soňra wise-premýer gözegçilik edýän toplumynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.Hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 113,3 göterime barabar boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 100 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 103,5 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 138,7 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 124 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 108,2 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 101 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 104,7 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 103,2 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,8 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 278,2 göterim ýerine ýetirildi.Oba hojalygy pudagynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde häzirki wagtda ýurdumyzda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak, talabalaýyk ýerleşdirmek we saklamak, şeýle hem geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlary, oba hojalyk tehnikalaryny, ýokary hilli bugdaý tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri dowam edýär. Şeýle hem gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de suw serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmak maksady bilen, suw howdanlaryna suw toplamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri ýerine ýetirilýär.Döwlet Baştutanymyz wise-premýer T.Atahallyýewe, oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimlerine ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny, şeýle hem Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtady.Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş meýilnamalaryny işläp taýýarlamak boýunça işleri çaltlandyrmak, welaýatlarda we şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň we beýleki durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmek, şäherleriň binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, ilaty arassa agyz suwy, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen üpjün etmek boýunça işleri netijeli dowam etdirmek, arassaçylygy berjaý etmek we abatlaýyş işlerini wagtynda geçirmek üçin ähli çäreleri görmek, ýerli býujetiň doly we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, salgytlaryň we ýerli ýygymlaryň gelip gowuşmagyny gazanmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Welaýatlarda oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmegiň, oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, gallanyň we gowaçanyň hasylyny artdyrmak üçin guramaçylyk we usuly işleri güýçlendirmegiň, ýokary hilli tohumlyk bugdaý bilen üpjün etmegiň, öndürilýän azyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmak, hilini ýokarlandyrmak hem-de azyk senagaty kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz ilaty un, çörek we çörek önümleri bilen üpjün etmegi üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.Mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak hem-de bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy usullaryny ulanmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsümleýin alnyp barylýan oba hojalyk işlerinde netijeli ulanmagy berk gözegçilikde saklamagyň, pagta arassalaýjy kärhanalarda pagtany gaýtadan işlemek hem-de dokma kärhanalaryny ýokary hilli pagta önümleri bilen üpjün etmegi üns merkezinde saklamagyň möhümdigi nygtaldy. Şeýle hem suw serişdelerini rejeli we tygşytly peýdalanmagy berk gözegçilikde saklamak, goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça netijeli işleri geçirmek, ýer kadastryny döretmek işlerini hemişe üns merkezinde saklamak, daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik abadançylygy üpjün etmek hem-de ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, atçylyk pudagyny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek babatda anyk tabşyryklar berildi.Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda gallanyň bol hasylynyň ýygnalandygyny, gallaçy daýhanlarymyzyň Watan harmanyna ýokary hilli bugdaý tabşyryp, guwandyryjy netijeleri gazanandygyny kanagatlanma bilen belledi.“Ýygnalan bol galla hasyly mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir!” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz galla hasylyny ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri bitiren, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren ussat gallaçy babadaýhanlarymyzy tüýs ýürekden gutlap, olara täze üstünlikleri arzuw etdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ministrligiň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde dostlukly hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda beren tabşyryklaryny we öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda degişli işler geçirildi.Ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, «Merkezi Aziýa — Italiýa» birinji sammitine we «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparlaryny, Ýaponiýa sapary, şeýle hem Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy.Hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Monako Knýazlygyna sapary, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna dostlukly saparlary, Fransiýa Respublikasyna resmi sapary hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.Şu ýylyň mart aýynda Gruziýanyň Premýer-ministri Türkmenistana resmi sapar bilen geldi.Abraýly sebit we halkara düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şu ýylyň birinji ýarymynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretarlary, Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti, Aziýa ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti we beýlekiler Türkmenistanda saparda boldular.Hasabat döwründe daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary özara gatnaşyklaryň okgunly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 336-sy geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanda daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde resmi gepleşikleriň we duşuşyklaryň 1495-si guraldy. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üsti 97 resminama bilen ýetirildi.Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar hem yzygiderli häsiýete eýedir. Hasabat döwründe daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili — Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hem-de halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary bilen duşuşyklar geçirildi.Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýermek bilen, ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmegiň, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministrine ýurdumyzda guralýan halkara çäreleri ýokary derejede geçirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda milli parlament tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 13-si, şol sanda «Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda», «Kazyýet hakynda», «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda», «Ýük markalary hakynda halkara Konwensiýa degişli Teswirnama goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, ýubileý medaly, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri bilen baglanyşykly hereket edýän Kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Mundan başga-da, Mejlisiň kararlarynyň 11-si kabul edildi.Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri barada okuw sapaklary guraldy. Şunuň bilen bir hatarda, daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň 7-si kabul edildi. Şeýle hem Mejlisde dünýä döwletleriniň parlamentleriniň we halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 32-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň halkara guramalar bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 62-sine gatnaşdylar. Halkara tejribeleri öwrenmek maksady bilen, milli parlamentiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 21-si amala aşyryldy.Milli parlamentiň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalynyň we ýadygärlik nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak barada beren tabşyrygyna laýyklykda, Mejlisde degişli işleriň geçirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny hem-de halkara parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda gazanan üstünliklerine mynasyp goşant goşan adamlary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisinde “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň taýýarlanylandygy aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny ähli ugurlarda ýokary netijeleri gazanmak bilen, uly dabaralara besläp, halkara derejede giňden belläp geçýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara Bitaraplyk gününi has-da dabaralandyrmak maksady bilen, «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi.Soňra hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygyna ýüzlenip, hasabat döwründe döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmek boýunça işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň Kanunlarynyň 13-siniň kabul edilendigini, şeýle hem birnäçe Kanunlara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi.Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 17 milliard 829 million manat düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15,6 göterim köpdür diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 269,7 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we beýleki desgalaryň gurluşygy meýilnama esasynda alnyp barylýar.Geçen ýarym ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýeti durnukly ösdürildi. Bäsleşige ukyply, ýokary hilli dürli harytlary öndürýän täze kärhanalary döretmek boýunça zerur işler alnyp baryldy. Ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi artdyrylyp, pudaklara sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň möhüm waka bolandygyny belledi.Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelmeginiň aýratyn uly manysy bar, şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ikinji ýarymynda köp sanly möhüm halkara çäreler meýilleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyny hem-de beýleki çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin düýpli taýýarlyk görmegiň, şeýle hem döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlaryny örän ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini hem dabaraly ýagdaýda geçireris. Mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemlerini jemläris. Şeýle hem öňde duran möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Türkmenistanyň Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň Ministrler Kabineti, häkimlikler, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge hem düýpli taýýarlyk görüp başlamaly diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak, geçiriljek senesini we ýerini kesgitlemek hem-de ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak barada karar kabul etse, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.Bu guramaçylyk topary Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda ýokary üstünlikleri gazanan, il içinde uly abraýdan peýdalanýan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak üçin hödürlemek hem-de resmileşdirmek boýunça degişli işleri geçirmäge möhüm ähmiýet bermelidir, şeýle hem geçiriljek bu guramaçylyk işleri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem-de Türkmenistanyň Mejlisi degişli işleri alyp barmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.Döwlet Baştutanymyz geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň ýurdumyz boýunça, umuman, gowy bolandygyny belläp, ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geçen alty aýda ýerine ýetirilen işleriň jemleri boýunça 12-nji iýulda maslahatlary geçirmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz 1-nji awgustdan başlap, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara dynç almaga rugsat berýändigini aýdyp, olaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp biljekdigini belledi.Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara maslahatyň geçirilýändigi bilen bagly ähli ýolbaşçylar guramaçylyk işlerine hem gatnaşarlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, olaryň ählisiniň 13-nji iýulda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisine gatnaşjakdygyny aýtdy. Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly soraglara serediler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu halkara maslahaty ýokary derejede geçirmek boýunça kabul edilen Karardan ugur alyp, her kimiň jogapkär ugry boýunça degişli işleri alyp barmalydygyny nygtady.Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň abraýyna abraý goşjak bu halkara maslahatyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň biri boljakdygyna berk ynam bildirdi. “Biz alyp barýan adyl «Açyk gapylar» we Bitaraplyk syýasatymyzy mundan beýläk hem dowam ederis” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

11 Iýl 2025
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny hem-de bugdaý tohumlaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri bilen birlikde, bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk görülýär.Şeýle hem häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda dowam edýän möwsümleýin işleriň, hususan-da, gowaça ideg etmek, şeýle hem oba hojalyk ekinleriniň geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz häkime şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýerleri indiki ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Şeýle hem ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we bugdaý tohumlaryny möwsüme taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, bu ekinleriň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümlerine islegiň barha artýan şertlerinde ekinlerden bol we ýokary hilli hasyl almak üçin önümçilikde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda galla oragy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmek maksady bilen, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we bugdaý öndürijiler üçin ýokary hilli tohumlary möwsüme taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda ýazlyk ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak hem-de bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek, şeýle hem bu ekinleriň güýzki ekiş möwsümine taýýarlyk görmek boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar.Häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de häkime bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde ekiş geçiriljek ýerleri sürmek we topragy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we bugdaý tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, sowadyjy ammarlarda saklamak we ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem bu ekinleriň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär.Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda ýokary görkezijileri gazanmak üçin ylmy taýdan esaslandyrylan toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz häkime welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, şeýle hem ýokary hilli bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de bu önümleri ilata ýetirmek, şeýle hem güýz möwsüminde bu ekinleriň ekiljek meýdanlaryny ekişe taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda gant şugundyrynyň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar.Häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we talabalaýyk geçirilmeginiň oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini hem-de alynýan önümiň hilini kesgitleýän esasy şertleriň biri bolup durýandygyny belledi we häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetini belläp, welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda dowam edýän oba hojalyk işleriniň çäklerinde ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş kärhanalaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak hem-de talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we ýokary hilli bugdaý tohumyny möwsüme taýýar etmek üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Şeýle hem Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär. Gant şugundyrynyň gögeriş alan meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär.Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, bu ekinleriň güýz möwsüminde ekiljek ýerlerini hem-de tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýändigini, döwrebap tehnikalary satyn almaga, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, täze suwaryş ulgamlaryny gurmaga, tohumçylygy we maldarçylygy ösdürmäge uly möçberde maýa serişdeleriniň gönükdirilýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak hem-de gaýtadan işleýän senagaty çig mal bilen üpjün etmek boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, bugdaýyň, şeýle hem beýleki oba hojalyk ekinleriniň geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak işleriniň öz wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

07 Iýl 2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahaty geçirildi. Onda ýurdumyzda raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak, saýlaw ulgamyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly birnäçe kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Häzirki wagtda ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär.Mejlisiň wekiliýeti Portugaliýa Respublikasynyň Porto şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji mejlisine gatnaşdy. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda dialogyň we bitaraplygyň ýörelgeleri” atly ugurdaş çäre geçirildi. Şeýle hem saparyň dowamynda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili we Merkezi Aziýa döwletleriniň parlament wekiliýetleri bilen duşuşyklar geçirildi.Hormatly Prezidentimiz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň hem-de ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow halkara we sebitleýin maliýe-ykdysady guramalary, institutlary, daşary ýurt döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu babatda Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin söwda ugry babatynda goşulyşmak maksatnamasynyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça sebitleýin taslamasyna Türkmenistanyň goşulmagy hakyndaky teklibi barada aýdyldy. Taslamanyň esasy maksady sebitde söwdany giňeltmekden, sanlylaşdyrmak, ekologiýa ýaly ugurlar boýunça çäreleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Şeýle hem onuň çäklerinde “Söwda syýasaty”, “Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek” atly taslamalara goşulmak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurt döwletleri, halkara we sebitleýin maliýe-ykdysady guramalarydyr institutlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň degişli taslamasyna ýurdumyzyň gatnaşmagy bilen bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.Wise-premýer hasabatyny dowam edip, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk işleri, hususan-da, bu forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda görülýän çäreler barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, häzirki wagtda şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bu halkara maslahaty geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam etjek bu forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi hem-de bu ugurda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek, nebitgaz ýataklaryny gözlemek, ýüze çykarmak hem-de netijeli özleşdirmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Şunda önümçilige innowasion tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi takyk maglumatlary almaga, guýularyň gurluşyny öwrenip, oňyn çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer pudagy geofiziki enjamlaryň döwrebap görnüşleri bilen üpjün etmek bilen bagly taýýarlanylan degişli teklibi hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda uglewodorod serişdeleriniň ýerasty gorlaryny gözlemek, gaz geçiriji ulgamlaryň ygtybarly işlemegini üpjün etmek babatda netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da gowulandyrmak boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýetişdirilen galla hasylyny ýygnamak işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, ýokary hilli bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi geçirilýär. Ýurdumyzda gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak hem-de ilaty bu önümler bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda olaryň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, ilata ýetirmek boýunça zerur çäreler görülýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere galla oragyny guramaçylykly geçirmek we ýygnalan hasyly kabul ediş bölümlerine tabşyrmak işlerine berk gözegçilik etmegi, geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegi, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda awtomobil ýollarynyň ösen ulgamyny döretmek, ýolgurluşyk işini ösdürmek, döwrebap, dünýä standartlaryna laýyk gelýän täze awtomobil ýollaryny, köprüleri gurmak boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynyň awtomobil ýollarynda gurluşyk we abatlaýyş işleri dowam edýär. Şeýle hem agentligiň iş meýilnamasy boýunça awtomobil köprüleriň gurluşyk-gurnama işleriniň guramaçylykly dowam edýändigi barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkara ölçeglere laýyk gelýän ýokary hilli awtomobil ýollaryny we köprüleri gurmak hem-de durkuny täzelemek işleriniň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilýän ýolgurluşyk işleriniň öz wagtynda, talabalaýyk durmuşa geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew milli halyçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň çeper halyçylyk kärhanalarynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, zerur bolan çig mallar bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Munuň özi öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli halyçylyk sungatyny ösdürmek we kämilleşdirmek, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň önümçiligini berkitmek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa ýurdumyzyň muzeýleriniň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Diýarymyzyň iri muzeýlerine «Wirtual muzeý» sanly ulgamyny ornaşdyrmak arkaly gaýybana syýahat etmäge, muzeýlerde bar bolan gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredilýär. Şunda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gelýän myhmanlaryň mobil telefonlarynyň üsti bilen gymmatlyklar bilen tanyşmaklary üçin döwrebap QR-kodlaryň ornaşdyrylmagy bellenilmäge mynasypdyr. Muzeý gymmatlyklaryny toplamak, muzeý gaznasyny baýlaşdyrmak muzeý işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, arheologlar tarapyndan taryhy-medeni ýadygärliklerde geçirilýän gazuw-barlag işleriniň dowamynda ýüze çykarylýan tapyndylar doly öwrenilenden soň, döwlet muzeýlerine yzygiderli tabşyrylýar.Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň maýynda Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa — Italiýa” görnüşindäki birinji sammitde Italiýanyň Rim şäherinde “Medeniýetleriň gülläp ösüşi: bürünç zamanyndaky Margiana we Parfiýa şalygy. Türkmenistandaky arheologik açyşlar” atly arheologik sergini guramak barada beýan eden başlangyjyndan ugur alnyp, häzirki wagtda bu sergini ýokary derejede geçirmek üçin degişli işleriň alnyp barylýandygy barada hem aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň baý ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasymyzy gorap saklamakda, öwrenmekde we dünýä ýaýmakda ýurdumyzyň muzeýlerine aýratyn ornuň degişlidigini belledi we wise-premýere halkymyzyň medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny ýüze çykarmak, olary ylmy esasda öwrenmek, geljek nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzda şypahana dynç alşyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, “Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama” laýyklykda, ýurdumyzyň şypahana ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde şypahanalarda öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Şeýle hem innowasion lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen “Berzeňňi”, “Arçman”, “Ýyly suw”, “Bagabat”, “Farap», “Baýramaly”, “Mollagara”, “Awaza”, “Daşoguz” şypahanalarynda raýatlaryň ýokary hilli bejergi almaklary, saglygyny dikeltmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigi barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň häzirki zaman şypahanalarynda adamlaryň döwrebap dynç almagy hem-de saglygyny berkitmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere şypahana hyzmatlaryny mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan halkara guramalar bilen sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar. Şunda BMG-niň Ösüş maksatnamasyna möhüm orun degişlidir. Bu işleriň çäklerinde halkara derejede tejribe alyşmaga, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Estoniýa Respublikasynyň degişli akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklibi makullap, agentligiň ýolbaşçysyna zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

04 Iýl 2025
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, harby gulluga çagyrmak çäresiniň netijeleri, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasy hem-de häzirki zaman talaplary esasynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe häzirden başlap gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine dabaraly harby ýörişi ýokary derejede geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.Baş prokuror B.Muhamedow ýylyň başyndan bäri geçirilen işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ähli ulgamlarda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem hukuk bozulmalaryna getirýän sebäpleri öz wagtynda aradan aýyrmak maksady bilen görlen anyk çäreler, sanly ulgamy ornaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda ýerine ýetirilen işler hakynda aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri yzygiderli dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow ýustisiýanyň geňeşçisi B.Gurbangulyýewi Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirliginiň müdiri wezipesinden boşatmak we bu wezipä ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi M.Sapargulyýewi belläp, ony Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokurory wezipesinden boşatmak hakynda degişli resminama gol çekdi.Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak, paýtagtymyzyň, welaýatlaryň ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ilatyň arasynda, edaralarda we guramalarda ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek boýunça düşündiriş işleriniň geçirilişine uly üns berilýär.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmek, hukuk hem-de düzgün bozulmalarynyň öňüni almak boýunça içeri işler edaralary tarapyndan alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz tomus möwsüminde howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýangyn hadysalarynyň ýüze çykmagynyň öňüni almak ugrunda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagyň möhüm ähmiýetini nygtap, ministre bu ugurda anyk tabşyryklary berdi.Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini işjeň ulanmak arkaly kazyýet işini kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem degişli maksatnamanyň ýerine ýetirilişi, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň netijeli işlemekleri we göwnejaý ýaşamaklary üçin döredilýän şertler barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletiň we jemgyýetiň bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi hem-de Ýokary kazyýetiň başlygyna raýatlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy, kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilişiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, döwlet bähbitlerini goramak, jemgyýetde durnuklylygy üpjün etmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler, ýolbaşçylyk edýän ministrligini ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, milli howpsuzlygymyzy ygtybarly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi we ministre birnäçe görkezmeleri berdi.Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işler, Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak, serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur şertleri döretmek babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň serhediniň goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklaryň daýanjy bolmalydygyny nygtap, gullugyň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň döwlet serhedinde asudalygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Adalat ministri M.Taganow ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek bilen bagly teklipleri taýýarlamak boýunça ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu düzüm tarapyndan milli kanunçylyk ulgamyny halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we ministre bu babatda degişli tabşyryklary berdi.Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, gullugyň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde döwrebap iş usullaryny, iň täze tehnologiýalary işjeň ulanmak boýunça görülýän çäreler, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda ygtybarly gümrük gözegçiligini amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň, gümrük işinde halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we degişli tabşyryklary berdi.Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler, degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu düzümiň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we gullugyň ýolbaşçysyna ýurdumyzda migrasiýa kanunçylygynyň berjaý edilişini, gullugyň işini kämilleşdirmek, migrasiýa babatda ýokary hilli hyzmatlary amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we bu ugurdaky işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini nygtady.Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

02 Iýl 2025
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatyň gallaçy daýhanlarynyň 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýygnap, bu ugurdaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy hem-de öndürijilikli zähmet çekmäge döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.Soňra häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny doly ýygnap almak hem-de galla oragyny tamamlamak boýunça işler batly depginde alnyp barylýar. Ýerleri indiki ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň hasylyna bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek babatda zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň gallaçy daýhanlaryny şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmekleri bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de mundan beýläk-de zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlarynda galan bugdaý hasylynyň soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, gowaça meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň esasy ugurlarynyň hatarynda belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde bugdaý meýdanlaryndaky hasyly soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnap almak, orakdan boşan meýdanlary indiki ekiş möwsümine taýýarlamak, geljek ýylyň hasyly üçin ýokary hilli bugdaý tohumlaryny taýýar etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmekde zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak we bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň geljekde bol we ýokary hilli hasyl almagyň esasy şertidigini belledi hem-de ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, galla hasylyndan boşan ýerleri sürmek, bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri-de ýerine ýetirilýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsümi ýokary hilli, guramaçylykly geçirmek üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde bugdaý oragyndan boşan meýdanlary indiki ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Şeýle hem ýokary hilli bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Önüm öndürijileriň döwlete tabşyran bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerinde, hususan-da, gowaça ideg etmekde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Geljek ýylyň hasyly üçin ekiş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de bu önümleri ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatda gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda ýetişdirilen bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnap almagyň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklar geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin meýdanlary, tohumlyk bugdaýy ekiş möwsümine taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de olary ilata ýetirmek babatda degişli işler alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we pudagy döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmek üçin oba hojalyk önümçiligine ekinleriň hasyllylygyny, hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän döwrebap usullaryň we tehnologiýalaryň, öňdebaryjy tejribäniň giňden ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, galla oragy möwsümini netijeli tamamlamak, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini talabalaýyk geçirmek, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak üçin zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady we bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

30 Iýn 2025