Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10 Oktýabr 2026
82

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralary geçirildi. Munuň özi ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ajaýyp toý sowgady boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Raýatlaryň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Şunda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap bejeriş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar we derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurulýar, saglygy goraýyş edaralarynyň mümkinçilikleri yzygiderli giňeldilýär, innowasion çemeleşmeler we öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler bütin dünýäde uly ykrarnama eýe bolýar. Bina edilýän saglyk merkezleriniň halkara guramalaryň güwänamalaryna we şahadatnamalaryna mynasyp bolmagy muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Döwrebap lukmançylyk enjamlary, barlaghanalar we beýleki zerur tehnikalar bilen üpjün edilen bu saglygy goraýyş edaralary keselleri anyklamakda, bejeriş-öňüni alyş işlerini amala aşyrmakda, amaly we ylmy-barlag hem-de tejribe-önümçilik wezipelerini çözmekde öňdebaryjy usullary peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Sanly lukmançylygyň, emeli aň tehnologiýalarynyň we telelukmançylygyň ornaşdyrylmagy bolsa raýatlara hödürlenýän lukmançylyk hyzmatlarynyň dünýä standartlaryna laýyk gelmegini üpjün edýär. Bu ugurda Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasterini aýratyn bellemek gerek. Bu lukmançylyk klasteri derman serişdelerini, lukmançylyk tehnologiýasyny işläp taýýarlamakda we bu ugurda döwrebap bilim bermekde, raýatlaryň saglygyny goramak işleri boýunça iň kämil dünýä tejribelerini peýdalanmak bilen, ylmy işleri geçirmäge niýetlenendir. Bu ýerde öndürilýän saglyk maksatly serişdeler bilen ýurdumyz doly derejede üpjün edilýär. Şonuň bilen birlikde, önümleriň belli bir bölegi daşary ýurtlara eksporta hem ugradylýar. Bu işleriň özeninde bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek ugrundaky aladalary durandyr.

...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň öňündäki meýdança geldi. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Bu ýerde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýörite taýýarlanylan münbere barýar.

Hormatly Prezidentimiz hemmeleri mähirli mübärekläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Aşgabat şäherinde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralarynyň geçirilýändigini aýtdy we dabara gatnaşyjylary, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerini hünär baýramy, halkymyza hyzmat etjek döwrebap lukmançylyk merkezleriniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen gutlady. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Esasy Kanunynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr.

Ynsan saglygyny goramak, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, berkarar döwletimizde adamlaryň saglygyny berkitmek barada zerur işler alnyp barylýar. Sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni alyp, olary netijeli bejermäge uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap hassahanalar, saglyk öýleri, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, şypahanalar, sport toplumlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz düýn Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berlendigini aýtdy.

 

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy indi 30 ýyl bäri üstünlikli hereket edýär. Maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi halkymyzyň saglygyny berkitmegi, keselleriň ýaýramagynyň öňüni almagy üpjün edýär. Aýratyn-da, bu maksatnamanyň esasy özeni ýüze çykan keselleri bejermek däl-de, eýsem, olaryň öňüni almakdan ybarat diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şu gün açylyp ulanmaga berilýän saglygy goraýyş maksatly binalaryň muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, täze gurlan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde iri lukmançylyk merkezleriniň biridir. Ol 500 orundan ybarat bolup, ilata ýokary hilli ýöriteleşdirilen onkologiýa hyzmatlaryny bermek üçin niýetlenendir. Merkezde onkologiýa kesellerini bejermek üçin ýöriteleşdirilen anyklaýyş, bejeriş we saglygy dikeldiş bölümleri bar. Bu bölümleriň ählisi dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda öndürilen döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Şeýle hem bu ýerde 2 müňe golaý adamyň zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

Dürli görnüşli bejergi işlerini geçirmäge niýetlenen alty gatdan ybarat bu halkara merkez ilatyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda we hassalary döwrebap usullarda bejermekde ýurdumyzda esasy merkezleriň birine öwrüler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu gün ulanmaga berilýän saglygy goraýyş desgalarynyň ýene biriniň Stomatologiýa merkezidigini belläp, bu merkeziň häzirki döwrüň iň ösen talaplaryna laýyklykda gurlandygyny, bu ýerde 900-e golaý işgäriň talabalaýyk zähmet çekmegi, diş keselleriniň öňüni almak we olary bejermek üçin ähli şertleriň döredilendigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, döwrebap merkezde jemi 20 bölüm bolup, onda raýatlarymyza häzirki zaman stomatologiýa hyzmatlaryny ýola goýmaga mümkinçilik döredildi. Şeýle hem merkeziň ýatymlaýyn otaglarynda hassalar üçin amatly şertler üpjün edildi. Saglygy goraýyş hyzmatlaryny öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin bu ýerde sanly ulgamyň, şeýle hem emeli aňyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Halkara pediatriýa merkezi hem döwrebap merkezleriň biri bolup durýar. Bäş gatdan ybarat, jemi 17 bölümi bolan bu merkezde 1 müňe golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredildi. Halkara pediatriýa merkezi çagalara lukmançylyk hyzmatlaryny bermek üçin niýetlenendir. Lukmançylyk hyzmatlary dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş merkezleri bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylar. Şoňa görä-de, bu ýerde iň kämil we öňdebaryjy innowasion lukmançylyk enjamlary ornaşdyryldy.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzda lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de «Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmekde we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm resminamalaryň biridigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz geljekde hem, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge uly üns beriljekdigini, döwrebap saglygy goraýyş edaralaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Ynsan saglygy ýurdumyzyň iň uly baýlygydyr. Adamyň saglygyny goramak bolsa biziň baş maksadymyzdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de dabara gatnaşyjylary we ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini hünär baýramy, şonuň ýaly-da, täze, häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy ýörite gurnalan monitorda sanly ulgam arkaly Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralaryna gatnaşyjylara hem görkezildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çykyşy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş toý bagyny kesdi. Şol pursatda dürli reňkdäki şarlar asmana uçuryldy.

Paýtagtymyzda ulanmaga berlen 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi howply we howply däl täze döremeleriň öňüni almak, irki döwründe anyklamak, olaryň öňüni almak hem-de ýöriteleşdirilen döwrebap bejergini geçirmek üçin iň täze lukmançylyk enjamlary we tehnologiýalar bilen üpjün edilen iri saglygy goraýyş toplumydyr. Merkeziň düzüminde gaýragoýulmasyz kabul ediş, maslahat beriş, şöhle we funksional anyklaýyş-radionuklid bejeriş, sagaldyş-dikeldiş, operasiýa bölümleri bilen bir hatarda, dermatologiýa, neýrohirurgiýa, kelle we boýun, çagalar onkologiýasy hem-de onkogematologiýasy, mammologiýa, ginekologiýa, urologiýa, koloproktologiýa, torakal-hirurgiýa, abdominal, ortopediýa, himiýa bejeriş we süňk ýiliginiň transplantasiýasy ýaly 20-den gowrak ýöriteleşdirilen ylmy-kliniki bölümler we barlaghanalar hereket edýär.

Merkezde hirurgik, şöhle, himiýa, nyşana gönükdirilen (target) we immun bejergileri halkara standartlara hem-de multidissiplinar lukmanlar toparynyň (Tumor board) maslahatlaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň kämil enjamlary ornaşdyrylyp, olar öýjük derejesindäki madda çalşygyny bahalandyrmaga, täze döremeleri millimetr takyklygynda irki döwründe ýüze çykarmaga we metastazlary kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bejergiler az inwaziw, endoskopik we mikrohirurgik usullarda, şeýle hem şöhle arkaly we brahiterapiýa usulynda geçirilýär. Merkezde ornaşdyrylan 5G ýokary tizlikli internet dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen ylmy-amaly maslahatlary geçirmäge şert döredýär.

Türkmenistanda ilkinji gezek döredilen süňk ýiliginiň transplantasiýasy ylmy-kliniki bölümi uly ýaşly näsaglar we çagalar üçin gemopoetik sütün öýjükleriniň transplantasiýasyny halkara standartlara laýyklykda geçirmek üçin döwrebap şertler bilen üpjün edilendir. Bölümde ýiti we dowamly leýkozlar, limfomalar, köp sanly miýeloma, aplastiki anemiýa, miýelodisplastik sindromy, talassemiýa, agyr immun ýetmezçilikleri we beýleki gematologik hem-de degişli onkologik keseller boýunça bejergiler geçirilýär. Bölümde autologik we allogen sütün öýjükleriniň transplantasiýasy, donorlary saýlamak hem-de taýýarlamak, sütün öýjüklerini ýygnamak we saklamak, transplantasiýadan öňki taýýarlyk hem-de soňky gözegçilik, şeýle-de dikeldiş işleri alnyp barylýar.

Palliatiw kömek bölümi hem ýurdumyzda ilkinji gezek döredildi. Bu ýerde keseliň ötüşen görnüşleri anyklanan hassalara agyryny dolandyrmak, palliatiw himiýa-immuno bejergileri geçirmek, reanimasion we psihologik goldaw bermek hyzmatlary ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem merkezde Türkmenistanda ilkinji gezek döredilen himiýa derman serişdelerini taýýarlaýyş bölümi hem-de radiofarmasewtika önümçilik bölümi hereket eder. Bu bolsa derman serişdelerini göni merkeziň özünde öndürmäge we hiline gözegçilik etmäge mümkinçilik döredýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz binanyň mejlisler zalyna bardy we bu ýerde sanly ulgam arkaly Stomatologiýa merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda Hormatly il ýaşulusy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty G.Ataýew döwlet Baştutanymyzdan täze saglyk merkeziniň açylyş dabarasyna ak pata bermegini haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň açylyş dabarasyna ak pata berdi.

Dabara gatnaşýan hormatly ýaşulular toý bagyny kesdiler. Soňra Stomatologiýa merkezinde döredilen şertler bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi.

Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbine ajaýyp bezeg berýän 80 orunlyk täze Stomatologiýa merkezi döwrebap lukmançylyk enjamlary, sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr we ýokary hünärli stomatologik, äň-ýüz, anyklaýyş hem-de hirurgik kömegi bermek üçin niýetlenendir. Merkeziň düzüminde ýatymlaýyn kliniki we gatnawly stomatologiýa bölümleri, şol sanda äň-ýüz rekonstruktiw hirurgik, çagalar hirurgiýasy, implantologiýa, ortopediýa, ortodontiýa, endodontiýa, terapewtik stomatologiýasy ýaly köp sanly ýöriteleşdirilen bölümler hereket edýär. Hassalara diňe bir stomatologlar däl, eýsem, otorinolaringolog, oftalmolog, newrolog, kardiolog we pediatr ýaly ýöriteleşdirilen ugurlar boýunça hünärmenler hem lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýärler.

Bölümlerde ornaşdyrylan «akylly» hem-de emeli aň tehnologiýalary uly we kiçi ýaşly näsaglarda az tygly, çylşyrymly mikro hem-de makrohirurgik amallary, diş hatarlaryny sazlamagy, protez-implant işlerini ýokary takyklykda geçirmäge şert döredýär. Şeýle hem merkezde gije-gündiziň dowamynda ilata hyzmat edýän gaýragoýulmasyz kömek zaly, şok otagy (shock-room), maslahat beriş, şöhle we funksional anyklaýyş, endoskopiýa, barlaghana hem-de fizioterapiýa bölümleri ýerleşdirilipdir. Anyklaýyş otaglarynda tüýkülik mäzleriniň kesellerini az inwaziw usulda bejermek, ýüz we üç şahaly nerwleriň fiziologik ýagdaýyny, çeýneýiş we mimiki myşsalaryň funksional işjeňligini hem-de dem alyş we ýürek-damar ulgamynyň görkezijilerini seljermek arkaly agyr patologiýalary irki döwürde ýüze çykarmak üçin ähli şertler döredilipdir.

Merkeziň operasiýa otaglarynda sebitde ilkinji bolup robotlaşdyrylan kompýuter tomografiýasy we awtomatlaşdyrylan nawigasiýa ulgamlary ornaşdyryldy. Emeli aň esasynda işleýän bu enjamlar operatiw bejergi wagtynda diňe gerek bolan bölege az mukdarda şöhlelenme gönükdirip, dokumalardaky damarlaryň we nerwleriň topografik ýerleşişini 3D görnüşde görkezýär. Şeýle hem neýrohirurgik mikroskoplar arkaly iň kämil amallar howpsuz hem-de ýokary takyklykda ýerine ýetirilýär.

Bejeriş otaglaryndaky ultrases we 3D skanerli ulgamlar uly göwrümli maglumatlary gysga wagtda seljerip, implantlaryň takyk ýerleşişini kesgitleýär. Bu ulgamlar 45 sany diş tehnigine niýetlenen sanly laboratoriýanyň kompýuter goldawly taslama we önümçilik toplumlary (CAD/CAM) bilen bitewi torda işläp, sirkoni we kämil keramika materiallaryndan emeli saýwanlary, winirleri hem-de çylşyrymly protezleri gysga möhletde taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, endodontiýa bölüminde ilkinji gezek ornaşdyrylan, foto we wideo ýazgy mümkinçilikli sanly stomatologik mikroskoplar bejerginiň ýagdaýy baradaky maglumatlary hassanyň elektron kartasyna goşmaga we diş kökleriniň ýagdaýyna takyk baha bermäge şert döredýär. Barlaghana we fizioterapiýa bölümlerinde bolsa kariýes hem-de parodont howpuny öňünden kesgitleýän, patogenleri awtomatlaşdyrylan usulda seljerýän hem-de amallardan soňky dikeldiş döwrüni çaltlandyrýan, agyryny aýyrýan lazer, magnit, elektrobejergi we owkalama enjamlary ornaşdyrylypdyr.

Soňra döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Hormatly il ýaşulusy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti R.Bazarow sanly ulgam arkaly gutlag sözi bilen çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwletimiz her bir çaga mähirli garaýyş bilen howandarlyk edýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir.

Halkara pediatriýa merkezi çagalar lukmançylygynyň iň döwrebap tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilip, täze innowasion usullaryň esasynda gatnawly we ýatymlaýyn şertlerde pediatriýa ugry boýunça keseli kesgitlemekde, onuň öňüni almakda we bejermekde netijeli saglygy goraýyş kömegini guramaga ýardam berer.

Soňra ýaş nesliň wekilleri hormatly Prezidentimizden Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş dabarasyna ak pata bermegini haýyş etdiler.

Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, dabara gatnaşýan hormatly ýaşulular toý bagyny kesdiler.

Soňra Halkara pediatriýa merkezi bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi. Döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkezi 3 ýaşdan 18 ýaşa çenli çagalary we ýetginjekleri bejermek üçin niýetlenendir. Merkeziň esasy maksady häzirki zaman lukmançylygynyň öňdebaryjy tehnologiýalary we her bir çaga aýratyn çemeleşmäni utgaşdyrmak arkaly çagalaryň saglygyny goramakdan hem-de berkitmekden ybaratdyr. Merkeziň işiniň esasy ugurlary çagalarda döreýän dürli keselleriň öňüni almaga, olary ýokary takyklyk bilen anyklamaga, döwrebap we netijeli bejergini üpjün etmäge, lukmançylyk taýdan dikeldiş çärelerini geçirmäge hem-de çagalar we olaryň ene-atalary üçin amatly gurşawy döretmäge gönükdirilendir.

Merkezde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlaryndan peýdalanylar. Olaryň aglabasy ýurdumyzda ilkinji gezek ornaşdyrylandyr. Bu enjamlar keselleri anyklamagyň we bejermegiň häzirki zaman usullaryny giňden ulanmaga, lukmançylyk kömeginiň hilini ýokarlandyrmaga we çagalaryň saglygy bilen bagly meseleleriň toplumlaýyn çözülmegine mümkinçilik berer.

Halkara pediatriýa merkeziniň düzüminde radiologiýa, funksional anyklaýyş, endoskopiýa, gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi, kliniki-biohimiki barlaghana hem-de fizioterapiýa bölümlerini öz içine alýan maslahat beriş-anyklaýyş bölümi, 5 sany döwrebap operasiýa otagyndan ybarat operasiýa we sterilizasiýa bölümi hem-de anesteziologiýa we intensiw terapiýa bölümi hereket eder. Mundan başga-da, merkezde her haýsy 20 orunlyk bolan ýatymlaýyn bejergi we anyklaýyş, hirurgiýa, urologiýa, ortopediýa, kardiorewmatologiýa, umumy endokrinologiýa, pulmonologiýa we allergologiýa hem-de newrologiýa we epileptologiýa ýaly ýatymlaýyn bejergi we anyklaýyş bölümleri bar. Şeýle hem merkezde uly maslahat zaly we naharhana göz öňünde tutulypdyr.

Merkeziň giň we ýagty zallary ertekileriň gahrymanlarynyň hem-de mähirli haýwanlaryň şekilleri bilen bezelen. Şeýle hem bu ýerde ilkinji ädimlerinden başlap, çagalaryň özlerini rahat we ynamly duýmagy üçin ýyly hem-de hoşniýetli gurşaw döredilendir. Ene-atalar lukmanyň kabul etmegine garaşýan wagty çagalar ýörite garaşylýan otaglarda ýerleşdirilen oýun meýdançalaryndan, oýunjaklardan peýdalanyp, wagtlaryny şadyýan geçirip bilerler. Şeýle gurşaw çagalaryň tolgunmasyny azaltmaga we lukmançylyk merkezinde bolýan wagtyny has ýakymly geçirmäge ýardam eder.

Soňra Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezine halkara şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Ilki bilen, «ECRI» guramasynyň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde işewürligi ösdürmek boýunça hünärmeni Filip Hodsmana söz berildi. Ol hormatly Prezidentimizi we dabara gatnaşyjylary Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, bu ýerde dünýä standartlaryna laýyk gelýän onkologiýa tehnologiýalarynyň üstünlikli ornaşdyrylmagy, şeýle hem lukmançylyk tehnologiýalarynda we innowasiýalarda halkara standartlara laýyk gelýän öňdebaryjy onkologiýa infrastrukturasynyň döredilmegi bilen baglylykda, merkeziň tehnologik naýbaşylyga, häzirki zaman onkologiýa çözgütlerine we onkologik keselleri bejermekde üznüksiz innowasiýalara ygrarlylygyny ykrar edýän şahadatnamany gowşurdy.

Soňra Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Lýudwig Maksimilian uniwersitetiniň kliniki hassahanasynyň III iç keseller bölüminiň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Maýkl fon Bergwelt-Baýldon çykyş edip, şu günki dabara gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi we ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünliklere ýokary baha berdi. Ol Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde döredilen mümkinçilikleriň dünýä standartlaryna laýyk gelýändigini aýdyp, Türkmenistanda döwrebap Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň üstünlikli döredilendigi, onkologik kesellere garşy göreşmekde we lukmançylygyň ilerlemeginde goşan möhüm goşandy, aýratyn yhlasy üçin şahadatnamanyň gowşurylýandygyny aýtdy.

Soňra çykyş eden Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Bohum şäherindäki Rur uniwersitetiniň klinikasynyň neýrohirurgiýa bölüminiň uly lukmany, Oňurga merkeziniň direktory Malte Wize döwlet Baştutanymyzy we dabara gatnaşyjylary Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň 

açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Ol merkeziň enjamlaşdyrylyşynyň ýokary derejesini belläp, onkologiýa kömegini bermekde gazanan ajaýyp üstünlikleri, öňdebaryjy innowasiýalary hem-de aýratyn ygrarlylygy üçin şahadatnamany gowşurdy.

Soňra «German Design Council» guramasynyň hukuk, maliýe we işgärler bölüminiň wise-prezidenti Martin Hans Lokla söz berildi. Ol hormatly Prezidentimizi we dabara gatnaşyjylary mübärekläp, şu günki dabara gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy we Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezine «German Design Award Winner 2026» binagärlik baýragynyň şahadatnamasynyň gowşurylýandygyny yglan etdi.

Halkara şahadatnamalary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow çykyş edip, döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Halkara pediatriýa we Stomatologiýa merkezlerini açyp berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

M.Gaýypow Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen Türkmenistanyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygynyň çäklerinde ilatyň saglygyny goramak, adamyň ömür dowamlylygyny artdyrmak, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň has-da rowaçlanýandygyny, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylan saglyk öýleriniň, bejeriş-anyklaýyş we ylmy-kliniki merkezleriň, halkara derejeli hassahanalaryň, sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň we şypahanalaryň halkymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýändigini belledi hem-de hormatly Prezidentimizden «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Hormat kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrmagyny haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz Hormat kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz merkeziň radionuklid anyklaýyş bölüminiň SPEСT/KT otagyna bardy. Bu ýerde bölümiň lukmany hormatly Prezidentimizi ABŞ-nyň «General Electric» kompaniýasynyň kompýuter tomografy bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, bu enjam ýurdumyzda ilkinji gezek ornaşdyrylýar. Onuň kömegi bilen bedene gamma şöhleli radiofarmasewtik derman serişdeleri goýberilýär. Olar onkologik öýjükleriň ýygnanan ojagynda jemlenip, onuň aýdyň şekilini görkezýär. Bu bolsa keseliň ojagyny tiz ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu enjam dokumalardaky kadaly we patologik metabolizm hadysalaryny tapawutlandyrmaga ýardam berýär. Şol bir wagtyň özünde, kompýuter tomografda goşmaça kontrastly anyklaýyş barlagy geçirilip, ornaşdyrylan emeli aň ulgamy netijeleri aýdyňlaşdyrmaga ýardam berýär. Bu bolsa takyk kesel kesgitlemesini anyklamakda, bejerginiň netijeli we kämil usulyny saýlamakda örän ähmiýetlidir.

Lukman häzirki zaman dünýä standartlaryna laýyk gelýän lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini gurduryp berendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza saglygy goraýyş işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz radionuklid anyklaýyş bölüminiň PET/KT otagynda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Bu ýerde lukman döwlet Baştutanymyza bölümde ornaşdyrylan «Omni Legent Pozitron emission» tomografiýa enjamy barada maglumat berdi. Bu enjam ABŞ-nyň «General Electric» kompaniýasynyň iň täze önümi bolup, ýurdumyzda ilkinji gezek ornaşdyrylandyr. Ol sanly detaksiýaly gibrid enjamy bolup, özünde iki usulyýeti jemleýär. Enjam pozitron şöhlelenmeli radiofarmasewtiki derman serişdeleriniň kömegi bilen, bedende täze döreme ojaklaryny metabolik aýratynlygy boýunça ýüze çykarmaga niýetlenendir. Ol goşmaça kompýuter tomografiýasynda kontrast ergini bilen barlagy geçirmäge we ähli netijeleri emeli aňyň kömegi bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa onkologik keselleri irki döwürde takyk anyklamakda we daşlaşan ojaklary tapmakda ýardam edip, bejergini meýilleşdirmekde we netijeliligine baha bermekde ulanylýar. Şeýle hem enjamyň kömegi bilen beýniniň, ýüregiň işjeňligini, miokardyň we koronar damarlaryň ýagdaýyny bahalandyryp bolýar.

Lukman sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalaryna jogap edip, ulgamyň işgärleriniň yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy hem-de döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygyny beýan etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz umumy şöhle bejeriş bölüminiň şöhle bejeriş çyzykly tizleşdiriji (Linaс) otaglarynyň işi bilen tanyşdy. Bölümde ornaşdyrylan «Varian TrueBeam™ STx 3» ölçegli, ýokary takyklyga eýe radiohirurgiýa ulgamy örän kiçi, çylşyrymly we bedeniň kyn ýerlerinde ýerleşýän çişlere şöhläni millimetr takyklykda gönükdirip, bejergi işlerini ýerine ýetirmäge niýetlenendir. Enjamyň «HyperArc™» tehnologiýasy beýnide ýerleşýän birnäçe çiş ojagyna bir wagtda şöhle bejergisini geçirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu enjam «Identify» ulgamy bilen üpjün edilip, näsag bejergi wagtynda biygtyýar hereket etse, ulgam bejergini özbaşdak togtadýar. Bu ýokary takyklykdaky bejerginiň howpsuzlygyny has-da ýokarlandyrýar. Bu ulgamy döş kapasasynyň we öýkeniň töweregindäki çişleriň bejergisinde hem ulanyp bolýar. Ulgam şöhle bejergisini dem alşyň hereketine görä sazlaýar. Netijede, ýüregiň we öýkeniň sagdyn bölekleri şöhläniň zyýanly täsirinden goralýar. Şöhle bejergisini giň gerimde, howpsuz, ýokary tizlikde geçirmäge mümkinçilik berýän bu enjam diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde ilkinji gezek Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde ornaşdyrylandyr.

Şöhle bejeriş bölüminde ABŞ-nyň «Varian» kompaniýasynyň emeli aň bilen üpjün edilen «ETHOS™» ulgamy hem ornaşdyrylyp, ol döwrebap şöhle bejergisini geçirmek üçin iň kämil enjamdyr. «ETHOS™» ulgamy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde hem iň täze bejeriş enjamy bolup, bu tehnologiýanyň Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde ornaşdyrylmagy ony öňdebaryjy merkezleriň hataryna goşýar. Bu ulgamyň iň möhüm aýratynlygy bejeriş meýilnamasynyň diňe bejergiden öň alnan barlaglaryň şekillerine görä däl-de, täze döremäniň şol günki anatomik ölçeglerine görä uýgunlaşdyryp bilmegidir. Bu ulgamda ornaşdyrylan kompýuter tomografiýa barlagyndan alnan üç ölçegli şekiller emeli aň arkaly seljerilýär, çişiň we sagdyn agzalaryň araçäkleri awtomatik usulda kesgitlenýär we bu mümkinçilikler bejeriş meýilnamasyny taýýarlamak işini çaltlaşdyrýar. Bu ulgam diňe bir adaptiw şöhle bejergisini däl-de, eýsem, radiohirurgiýa ýaly häzirki zaman ýokary takyklykdaky bejeriş usullaryny geçirmäge-de mümkinçilik berýär. Bejerginiň ähli tapgyrlary gysga wagtyň dowamynda ýerine ýetirilýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz merkeziň operasiýa bölümine bardy. Bu ýerde lukman hormatly Prezidentimizi operasiýa bejergisi geçirilýän otaglaryň işi bilen tanyşdyrdy.

Bölüm iň çylşyrymly operasiýalary geçirmek üçin ähli şertler bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde Türkmenistanda ilkinji gezek «MicroPort MedBot» kompaniýasynyň «Toumai» robot enjamy ornaşdyrylypdyr. Bu ulgam üç sany esasy bölekden durup, hirurgyň operasiýany dolandyrýan ergonomik iş ýerinden, operasiýany ýerine ýetirýän dört sany robot elden we ýokary hilli şekilleri berýän şekillendiriş ulgamyndan ybaratdyr. Enjamyň şekillendiriş ulgamy operasiýa meýdanyny ulaldyp, dokumalary we gan damarlaryny 3D ölçegli, ýokary takyklykda hem-de hakykylyga ýakyn aýdyňlykda görkezýär.

Robot adam eliniň tebigy titremesini doly derejede aýyrýan ýörite programma üpjünçiligine eýedir. Robot elleriň ujundaky hirurgik enjamlaryň hereketi ynsanyň goşar hereketiniň çäklerinden geçip, 540 gradusa çenli aýlanyp bilýär. Bu bolsa iň dar we barmasy kyn bolýan ýerlerde-de takyk hirurgik amallary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

«Toumai» innowasion tehnologiýasy ýokary tizlikli internet ulgamynyň utgaşdyrylmagy arkaly sekundyň müňden biri ýaly ujypsyz wagt gijikmesi bilen uzak aralykdan operasiýa geçirmäge mümkinçilik berýär. Açyk operasiýa bilen deňeşdirilende, «Toumai» robot ulgamy bilen has kiçi kesimli, iň az gan ýitgisi, operasiýadan soň az agyryly amallaryň geçirilmegi näsaglaryň gysga wagtyň içinde öz adaty durmuşyna we zähmet işjeňligine gaýdyp gelmegi ýaly amatlyklary döredýär.

Şeýle hem bu ýerde Italiýanyň «Quanta System» kompaniýasynyň «Quanta Litho 100» we «Fiber Dust» enjamlary ornaşdyrylyp, olar häzirki zaman onkologiýasynda kämil lazer tehnologiýasydyr. «Quanta Litho 100» ýokary kuwwatly lazer bolup, urologik hirurgiýada köpugurly çözgüdi hödürleýär. «Fiber Dust» bolsa daşlary owratmak, täze döremeleriň döwrebap hirurgik bejergisinde ýumşak dokumalary kesmek, ablasiýa we beýleki takyk hirurgik amallary geçirmek üçin giňden ulanylýar.

Bölümiň neýrohirurgiýa otagyndaky Germaniýanyň «BrainLab» kompaniýasynyň «LOOP-X» enjamy hem sebitde ilkinji gezek Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde ornaşdyryldy. 6 bogunly, ugruny ähli tarapa üýtgetmek ukyplylygy bolan robotlaşdyrylan enjamyň takyklygy iň ýokary derejededir. Bu bolsa neýrohirurgiýada howply täze döremeleri doly aýyrmaga mümkinçilik döredýär.

Germaniýanyň «ZEISS» kompaniýasynyň «PENTERO» atly mikroskopy bolsa hirurg lukmanyň islegine görä gözegçiligi mikroskopyň okulýarynda ýa-da berkidilen monitorda operasiýa meýdanyny 60 essä çenli ulaldylan görnüşde ekzoskopda 3D şekilde görmäge mümkinçilik döredýär. Bu mikroskopdaky «Depth+» moduly beden agzalarynyň dürli çuňluklarynda operasiýa geçirmekde, beýnide, oňurga ýiliginde inçe we has takyk operatiw bejergileri geçirmekde uly ýeňillikleri döredýär.

Lukman döwrebap lukmançylyk desgasyny gurduryp berendigi üçin döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz ambulator himiýa bejeriş bölümine bardy we himiýa bejergisi geçirilýän otaglaryň işi bilen tanyşdy.

Bölümiň lukmany döwlet Baştutanymyza bu ýerde döredilen mümkinçilikler barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, bölümde ambulator, ýagny gatnawly şertlerde döwrebap himiýa, immuno hem-de target bejergileri geçirmäge doly şertler döredilendir. Bölüm fitobardan başlanyp, onda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde beýan edilen dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaý hödürlenilýär. Şeýle hem bölümde himiýa bejergisini alýan näsaglar üçin ýöriteleşdirilen rahat kürsüler toplumy goýlupdyr. Her bejeriş kürsüsiniň ýanynda ornaşdyrylan Germaniýanyň “Fresenius Kabi” kompaniýasynyň «Agilia» kysymly kämil infuzamat enjamlary derman serişdelerini ýokary takyklykda we mikro-doza mukdarynda awtomatik usulda sazlamak bilen, howpsuz bejergini geçirmek üçin şertleri döredýär.

Şeýle hem kliniki monitorlar himiýa bejeriş amallarynyň dowamynda näsaglaryň ýürek urşuny, gan basyşyny, ganyň kislorod bilen doýgunlygyny we ýaşaýşyň beýleki möhüm görkezijilerini üznüksiz gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär. Bejeriş alýan döwründe näsaglaryň wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin bejeriş kürsüleriniň ýanynda ýörite monitorlar hem gurnalypdyr. Bölümde 2 sany ýöriteleşdirilen intensiw bejeriş otagy bolup, olar emeli dem beriş enjamy, defibrillýator ulgamy bilen üpjün edilendir.

Lukman dünýä standartlaryna laýyk gelýän lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan merkezi sowgat berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hem, öz gezeginde, lukmanlara işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň adyndan ajaýyp haly sowgat berildi.

Döwlet Baştutanymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezine, Stomatologiýa merkezine hem-de Halkara pediatriýa merkezine awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Şa serpaýy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirýän beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň agzalary Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz täze saglygy goraýyş edaralarynyň açylmagy bilen hemmeleri ýene-de bir gezek gutlady we olara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen açylyp ulanmaga berlen Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Stomatologiýa hem-de Halkara pediatriýa merkezleri ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.

* * *

Şu gün hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylyp ulanmaga berlen Stomatologiýa hem-de Halkara pediatriýa merkezlerine halkara şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Hususan-da, Stomatologiýa merkezine Agyz boşlugynyň saglygyny goramakda gazanan ajaýyp üstünlikleri, innowasion çemeleşmeleri, şeýle hem naýbaşylyga bolan aýratyn ygrarlylygy üçin şahadatnama; «German Design Award Winner 2026» binagärlik baýragynyň şahadatnamasy; «Döwrebap stomatologiýada naýbaşylyk» şahadatnamasy gowşuryldy. Halkara pediatriýa merkezine gowşurylan şahadatnamalaryň hatarynda bolsa Pediatriýada gazanan ajaýyp üstünlikleri, innowasion çemeleşmeleri, şeýle hem çagalara lukmançylyk kömegini bermekde naýbaşylyga bolan aýratyn ygrarlylygy üçin şahadatnama; «German Design Award Winner 2026» binagärlik baýragynyň şahadatnamasy hem-de «Ýokary hil we naýbaşylyk» şahadatnamasy bar.