Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
29 Iýun 2026
39

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni mynasybetli welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Milli Liderimizi we hormatly Prezidentimizi Arkadag şäheriniň döredilmeginiň şanly senesi bilen gutlady. T.Nurmyradow welaýatyň gallaçy daýhanlarynyň döwlet harmanyna bugdaý hasylyny tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy hem-de öndürijilikli zähmet çekmäge döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.

Soňra häkim welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny doly ýygnap almak, galla oragyny tamamlamak, bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň gallaçy babadaýhanlaryny şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmekleri bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de mundan beýläk-de zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz gowaça meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we häkime bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowa söz berildi. Häkim Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni mynasybetli welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hormatly Prezidentimizi hem-de Milli Liderimizi Arkadag şäheriniň döredilmeginiň şanly senesi bilen gutlady.

Şeýle-de häkim welaýatyň gallaçy babadaýhanlarynyň bugdaý hasylyny tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy hem-de bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge döredilýän ähli şertler, berilýän hemaýat-goldawlar üçin hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý meýdanlarynda hasyly soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu önümleri ilata ýetirmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Şeýle-de häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň gallaçy daýhanlaryny şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu ugurda welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewe söz berildi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni mynasybetli welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hormatly Prezidentimizi hem-de Milli Liderimizi Arkadag şäheriniň döredilmeginiň şanly senesi bilen gutlady.

Soňra D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak, galla oragyny gysga möhletde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylýan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle-de häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsümi — galla oragyny üstünlikli tamamlamagyň, gowaça ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda, ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýewe söz berildi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni mynasybetli welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy Arkadag şäheriniň döredilmeginiň şanly senesi bilen gutlady.

Soňra häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler sebitde bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak boýunça işler dowam edip, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri bilen birlikde, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Welaýatda şaly ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi we galla oragyny üstünlikli tamamlamak üçin ähli zerur çäreleri görmegiň, gowaça ideg işleriniň bellenen kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewe söz berildi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni mynasybetli welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hormatly Prezidentimizi hem-de Milli Liderimizi Arkadag şäheriniň döredilmeginiň şanly senesi bilen gutlady.

Soňra häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, galla kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul etmek, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu önümleri ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem gant şugundyrynyň ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda galla oragyny üstünlikli tamamlamagyň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi.

Wise-premýer oba hojalyk toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderine doglan güni mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi. Ol hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy Arkadag şäheriniň döredilmeginiň şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Soňra wise-premýer ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak hem-de ýygnalan hasyly talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklar geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlarda gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, olary ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda galla oragynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny belledi we wise-premýere ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça alnyp barylýan işleri, gowaça ideg işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi we galla oragy möwsümini netijeli tamamlamak, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda öz wagtynda geçirmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigini belledi hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.