Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk we iş şertlerini döretmek, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ileri tutulýan wezipelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmegiň we ösdürmegiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ähli ulgamlarda kanunçylygyň berjaý edilmegine gözegçilik etmek babatda alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyrygy boýunça kanunçylyk hukuk namalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda kanunylygyň we düzgün-tertibiň pugtalandyrylmagynyň bu edaranyň işiniň esasy ugrudygyny belledi. Şunda sanly ulgamyň işjeň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Munuň özi prokuratura edaralarynyň işini kämilleşdirmäge, düzümiň üstüne ýüklenen wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we Baş prokurora degişli tabşyryklary berdi.Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda degişli resminama gol çekdi.Içeri işler ministri M.Hydyrow 2024-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýol howpsuzlygy düzgünleriniň, ýangyna garşy göreş düzgünleriniň berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada aýdyldy.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, jenaýatçylyga we beýleki hukuk bozulmalaryna garşy göreşmek boýunça işleri netijeli dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň we gyş möwsüminiň gelendigi üçin ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilişine berk gözegçilik etmegi esasy wezipeleriň hatarynda kesgitläp, ministre birnäçe tabşyryklary berdi.Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işler, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini işjeň ulanmak, işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak arkaly milli kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, düzümiň öňünde durýan wezipeleriň talabalaýyk berjaý edilmegi üçin döwrebap usullary we innowasion tehnologiýalary işjeň ulanmagyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz öňde durýan meýilnamalar barada aýtmak bilen, Ýokary kazyýetiň başlygyna kazyýet işgärleriniň hünär bilimini artdyrmak we işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda durnuklylygy we asudalygy üpjün etmek, ministrligiň düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ministrligiň harby gullukçylarynyň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmegiň hem-de bu ugurda döwrebap tejribelerden giňden peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy milli howpsuzlyk ministrine öňde goýlan wezipeleriň öz wagtynda, talabalaýyk ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, harby gullukçylaryň gulluk etmekleri üçin döredilýän şertler, gözegçilik edýän düzümlerini döwrebap tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek, serkerdeleriň, ýaş serhetçileriň hünär endiklerini ýokarlandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryny saklamakda serhet goşunlaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna döwlet serhediniň ygtybarly goragyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek tabşyryldy. Şunuň bilen birlikde, serhetçileriň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen çäreleriň geçirilmeginiň zerurdygyna üns çekildi.Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak, ilata hukuk kömegini bermek babatda görlen çäreler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny seljermegiň hem-de olaryň milli kanunçylygyň we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirilmeginiň häzirki döwrüň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Edara-kärhanalarda, ilat arasynda hukuk medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çäreleri guramak, kabul edilýän kanunlaryň maksatlaryny we ähmiýetini düşündirmek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, gullugyň işini döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem şu ýylyň noýabrynda türkmen paýtagtynda geçirilen Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat barada hasabat berildi. Onda Merkezi Aziýada degişli ählumumy başlangyjyň jemi jemlenildi. Habar berlişi ýaly, maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümetiniň bu ulgamda gazanan üstünlikleri bellenildi hem-de Jemleýji resminama kabul edildi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, türkmenistanlylaryň hem-de daşary ýurt raýatlarynyň degişli kanunçylygyň kadalaryny berjaý etmegini hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi. Gullugyň işgärleriniň öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirenlerinde ýokary hünär derejesini we jogapkärçiligi görkezmelidiklerini nygtap, hormatly Prezidentimiz gullugyň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň migrasiýa meseleleri boýunça goşulyşan halkara ylalaşyklarynyň borçnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň jemini jemläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny hem-de bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, döwletimiziň goranmak ukybyny mundan beýläk-de berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi.Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Türkiýäniň ýurdumyz bilen köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi.Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, doganlyk ýurduň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmany Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň geçirilýän günlerinde kabul edýändigine şatdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän bu serginiň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjek möhüm çäreleriň biridigini belläp, onuň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasy iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridir. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýe bolup, özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýar. Türkmen-türk gatnaşyklary birnäçe ugurlarda, şol sanda söwda, energetika, dokma senagaty, gurluşyk ýaly pudaklarda üstünlikli alnyp barlyp, onuň gerimi yzygiderli giňeldilýär.Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň dürli ulgamlara täze tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga, ykdysadyýeti yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň paýtagtymyzda geçirilýän sergisiniň iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady ugurly özara hereketleri has ýokary derejä çykarmaga, işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge goşant boljakdygyna ynam bildirildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda söwda dolanyşygyny artdyrmaga, gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny tassyklady.Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolat birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.
3-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy.Hajy Arkadagymyz gadymdan gelýän däp-dessurlara eýerip, saparynyň ilkinji pursatlaryny Mekge şäherine baryp, mukaddes Käbä zyýarat etmekden başlady. Munuň özi asylly işleriň rowaçlyklara beslenmegini ýörelge edinen halkymyzyň däpleriniň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýany boldy.Milli Liderimiz bu ýerde iki rekagat namaz okap, halkymyzyň abadan durmuşy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, onuň at-abraýynyň has-da belende galmagy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşiň hem-de rowaçlyklaryň belent sepgitlerine ýetmegi üçin doga-dileg etdi. Tutuş yslam dünýäsinde mukaddes saýylýan toprakda Käbä zyýarat edip, okan doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun, hajy Arkadagymyz!Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mekge şäherinden sammitiň geçirilýän ýerine tarap ugrady.Gahryman Arkadagymyzyň uçary Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäheriniň Patyşa Halid adyndaky Halkara howa menziline gondy. Sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen howa menzilinde düşelen haly ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi adamlar garşyladylar.Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzyň Saud Arabystany Patyşalygynyň resmi wekili bilen söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Şunda Türkmenistanyň Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Saud Arabystany bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.Milli Liderimiz “Bitewi suw” sammitiniň ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamaga mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirip, iki dostlukly ýurduň BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdi.Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasy çölleşmäge, topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmek, gurakçylygyň täsirlerini peseltmek boýunça ýurtlaryň hem-de guramalaryň halkara, sebit we milli derejede tagallalaryny birleşdirmek maksady bilen kabul edildi. Konwensiýa gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň çäklerinde geçirilýän “Bitewi suw” sammiti barada aýdylanda, ol Durnukly ösüş maksatlarynyň biri bolan arassa agyz suwuna elýeterliligi üpjün etmek babatda tagallalary utgaşdyrmaga, suw meseleleriniň oňyn çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilendir.Türkmenistan hemişe suwuň dünýä halklarynyň umumy gymmatlygy bolup durýandygyny hem-de her bir adamyň arassa agyz suwuna elýeterliliginiň üpjün edilmegini, bu meseläniň ýurtlaryň her biriniň bähbitlerini nazarda tutup, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda çözülmelidigini belleýär. Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylda geçirilen Aziýa — Ýuwaş umman suw sammitinde eden çykyşynda: “Biz suw serişdelerine deň we adalatly elýeterliligiň üpjün edilmegi hem-de onuň adamyň esasy hukugy hökmünde ykrar edilmegi ýörelgesine gyşarnyksyz ygrarlylygyň bu ugurda bilelikdäki işiň baş şerti bolmalydygyna berk ynanýarys. Biziň pikirimizçe, hut suwa elýeterlilik hukugynyň üpjün edilmegi we munuň üçin jogapkärçilik ähli döwletleriň borjy bolmalydyr” diýip bellemegi munuň aýdyň güwäsidir.Ýurdumyz suw meselelerinde dünýä jemgyýetçiligi, ilkinji nobatda, BMG bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň tebigaty goramak bilen baglanyşykly ençeme resminamalaryna, şol sanda biologik köpdürlülik, ozon gatlagyny goramak, çölleşmäge garşy göreşmek, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we peýdalanmak hakynda Konwensiýalaryna, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna, suw-batgalyk ýerler hakynda Ramsar konwensiýasyna, howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna, Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak bilen, bu resminamalardan gelip çykýan borçnamalara yzygiderli eýerýändigini bellemek gerek. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy we beýleki abraýly düzümler bilen bilelikde milli hem-de sebit derejesinde maksatnamalardyr taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirilýär.Türkmenistanyň suw meselesi babatda öňe sürýän başlangyçlary anyk häsiýete eýe bolup, sebit ösüşiniň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň maksatlaryna laýyk gelýär. Şunda ýurdumyz öz toplan baý tejribesini hem-de döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmegi ugur edinip, Merkezi Aziýada ýüze çykýan suw we ekologik meselelere sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini hasaba almak bilen, halkara guramalaryň işjeň gatnaşmagynda garalmagy ugrunda çykyş edýär. Türkmenistanyň öňe sürýän anyk başlangyçlary, şol sanda suw meseleleri boýunça köptaraplaýyn diplomatik geňeşmeleriň täze görnüşi hökmünde suw diplomatiýasyny ilerletmek babatda beýan edýän teklipleri Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm maksatlary we wezipeleri, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek boýunça wezipeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Garagum sährasynda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi ýurdumyzyň milli derejede durmuşa geçiren iri taslamalarynyň biridir. Bu täsin gidrotehniki ulgamyň gurulmagy möhüm ekologik, ykdysady, durmuş meselelerini üstünlikli çözmäge, Türkmenistanda, şeýle hem tutuş Merkezi Aziýa sebitinde uzak möhletleýin ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam berýär....Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sammitiň geçirilýän ýerine — “The Ritz-Carlton” myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud, Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Bütindünýä bankynyň başlygy Ajaý Banga garşylady.Döwlet hem-de Hökümet Baştutanlaryny, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini bir ýere jemlän sammitiň gün tertibine bu möhüm ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek, täze çözgütleri kabul etmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.Sammitiň öňüsyrasynda wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasy boldy.Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud sammiti açyp, oňa gatnaşyjylary mähirli mübärekledi hem-de şu gezekki duşuşygyň suw serişdeleriniň ählumumy dolandyrylmagyny kämilleşdirmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň alyp barýan işine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sammitde çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyz çykyşynyň başynda sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, ilki bilen, Fransiýanyň, Gazagystanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Hökümetlerine ählumumy gün tertibinde duran birnäçe möhüm meseleleri çözmäge ýardam etjek bu foruma gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi.Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde suw meselesi boýunça özara hyzmatdaşlygyň umumydünýä işleriniň möhüm bölegi bolup durýandygyny we onuň köp babatda Ýer ýüzünde durnuklylygy, ösüşi we abadançylygy üpjün etmekde mümkinçilikleri kesgitleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, suwuň, sözüň doly manysynda, suw serişdeleriniň deň we adalatly ulanylmagy diňe bir syýasy-hukuk taýdan däl-de, eýsem, häzirki we geljek nesilleriň öňünde ahlak taýdan jogapkärçilik babatda hem aýgytly şert bolup çykyş edýär.Suw meselesi boýunça köptaraply dialogyň netijesi kesgitlenende oňa gatnaşyjylar iki sany esasy düzgüne, ýagny suw serişdeleriniň aýawly ulanylmagyna hem-de adalatly paýlanylmagyna gürrüňsiz eýermelidir diýip hasap edýäris. Türkmenistan suwy ulanmaga halklaryň, her bir adamyň tebigy hukugynyň bardygyny hemişe berk we üýtgewsiz beýan edýär. Bu kadany geljekde-de Merkezi Aziýa üçin ähli aýdyňlygy bilen ulanarys. Sebitde suw serişdeleri birnäçe taryhy, medeni we tebigy-geografik ýagdaýlar sebäpli, aýratyn gymmatlyga hem ähmiýete eýedir. Biziň sebitimizde suw ykdysady, durmuş abadançylygynyň, adamlaryň maddy hal-ýagdaýynyň derejesini hem-de hilini kesgitleýän aýgytly şert bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Şundan ugur alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Merkezi Aziýada suw meselesiniň ähli toplumyna seredilende şu üç möhüm kadadan ugur almalydygyna ynanýandygyny belledi. Şolaryň birinjisi — halkara hukugyň berjaý edilmegi. Suw serişdeleri umumy baýlykdyr, onuň ulanylmagy umumy ykrar edilen kadalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýasy esasynda düzgünleşdirilmelidir. Ikinjisi — özara bähbitleriň hasaba alynmagy. Kabul edilýän çözgütler sebitiň ähli döwletleriniň zerurlyklaryny göz öňünde tutmalydyr. Diňe şeýle çemeleşme adalatlylygy we durnuklylygy üpjün edip biler. Üçünjisi bolsa bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çekilmegidir diýip, Milli Liderimiz aýtdy we suw bilen bagly başlangyçlara Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagynyň olaryň kanunalaýyklygyny, netijeliligini berkitjekdigine ynam bildirdi.Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylygy, ösüşi, hyzmatdaşlygy gorap saklamak we pugtalandyrmak, sebitiň serhetüsti derýalarynyň suwundan peýdalanmagyň usulyny ýola goýmak zerur bolup durýar. Şu maksat bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda bu guramanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak boýunça ştab-kwartirasy Aşgabatda bolan sebit geňeşini döretmek başlangyjyna seretmegi teklip etdi. Şeýle hem Amyderýa we Syrderýa boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýalaryny kabul etmegi çaltlandyrmagy öňe sürdi. Bu geňeş Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip, suw hojalygyny dolandyrmagy utgaşdyrar. Sebitiň pudaklaýyn düzümleriniň arkalaşykly işlemegini gurar, suwdan peýdalanmagyň hukuk esaslaryny işläp taýýarlar. Biz Türkmenistanyň bu başlangyjynyň öz wagtynda öňe sürlendigine ynanýarys hem-de ol amala aşyrylanda, ýakyn geljekde sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda ösüşi üpjün etmäge ukyplydyr diýip hasap edýäris diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.Gahryman Arkadagymyz howanyň üýtgemeginiň suw bilen bagly ýagdaýlara ýetirýän täsirine ünsi çekip, howanyň gyzgynlygynyň ýokarlanmagynyň, buzluklaryň azalmagynyň we ygalyň düzgüniniň üýtgemeginiň diňe bir bu ýagdaýlara uýgunlaşmagy däl-de, eýsem, bilelikde gyssagly çäreleri görmegi hem talap edýändigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri buzluklaryň Türkmenistandan uzakda ýerleşýändigine garamazdan, olaryň ýurdumyz üçin ägirt uly ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekip, buzluklaryň sebitde ýaşaýşyň, oba hojalygyny, ekoulgamyň esasy serişdesi bolan Amyderýa ýaly derýalaryň tebigy çeşmeleri bolup durýandygyny aýtdy. Hormatly Arkadagymyz diňe häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly buzluklary gorap saklamagyň mümkindigine ynanýandygyny belläp, Türkmenistanyň buzluklara gözegçilik etmek, olary barlamak we goramak, şol sanda howanyň durnuklylygyny saklamak boýunça çözgütleri amala aşyrmak baradaky halkara başlangyçlara gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýan Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň esasy düzgünlerini iş ýüzünde ýerine ýetirmäge uly üns berýär. Şolaryň hatarynda altynjy maksady, ýagny arassa suwa deň elýeterliligi üpjün etmegi biz milli taýdan ileri tutulýan wezipe diýip hasap edýäris diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de ýurdumyzda bu maksady durmuşa geçirmek üçin täze suw desgalaryny gurmak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin niýetlenen ulgamlary ösdürmek işleriniň yzygiderli esasda alnyp barylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, halkara standartlar we iň gowy tejribeler esasynda gidrotehniki desgalaryň işlemegi üçin birnäçe ýörite maksatnamalaryň kabul edilendigine üns çekildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Amyderýanyň suwuny rejeli peýdalanmak meselesine Türkmenistanyň milli we sebit ösüşi üçin örän möhüm wezipe hökmünde garaýandygyny aýratyn belläp, ýurdumyzda suw ýitgilerini azaltmak üçin suwaryşyň häzirki zaman usullarynyň, suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny hem-de beýleki zerur çäreleriň geçirilýändigini aýtdy.Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak we Aral meselesini bu guramanyň işiniň aýratyn ugruna öwürmek barada Türkmenistanyň başlangyjyna ünsi çekip, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly iki sany Kararnamasynyň bu babatda netijeli halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin esas bolup durýandygyny belledi.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu guramanyň Aziýa — Ýuwaş umman üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny döretmegiň şertlerine seretmek» atly Kararnamasy barada aýdyp, Türkmenistanyň bu örän möhüm resminamalaryň kanunlaşdyrylmagyna Aral meseleleri boýunça ähli halkara işleriň kesgitleýji ugurlarynyň biri hökmünde garaýandygyny aýtdy. Bu soragda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň we gaznanyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň işine örän aýratyn orun degişlidir. Bu düzümler möhüm ähmiýeti bolan wezipeleri çözmegiň üstünde işleýär. Şoňa görä-de, olaryň işi diňe bir gazna gatnaşyjy döwletleriň ýardam bermegine däl-de, eýsem, giň we yzygiderli halkara goldawa hem daýanmalydyr.Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň suw serişdelerini dolandyrmagyň netijeli we durnukly ulgamyny döretmek üçin dünýä bileleşiginiň öz tagallalaryny birleşdirmäge ukyplydygyna ynanýandygyny belläp, munuň üçin sebit hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegiň, ylmy barlaglary işjeň alyp barmagyň, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz ýakyn wagtda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň işläp başlajakdygyny aýdyp, Türkmenistanyň Hökümetiniň bu täze düzüme öz wezipelerini we maksatlaryny netijeli amala aşyrmak üçin doly ýardam berjekdigini hem-de iň amatly şertleri döretjekdigini belledi.Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň suw meselesi boýunça Birleşen Milletler Guramasy we beýleki ýöriteleşdirilen halkara düzümler, goňşy ýurtlar hem-de hyzmatdaşlar bilen aýdyňlyk we adalatlylyk, özara jogapkärçilik, bähbitleri hasaba almak esasynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge hemişe taýýardygyny tassyklady.Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe, Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona, Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda häzirki döwürde örän möhüm ähmiýete eýe bolan meselelerde başlangyçly çykyş edýändikleri üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sammitde Merkezi Aziýada suw meselesiniň ähli toplumyna seredilende üç möhüm kadadan: halkara hukugyň berjaý edilmeginden; özara bähbitleriň hasaba alynmagyndan; bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çekilmeginden ugur alynmalydyr diýip, bu möhüm meselede beýan eden garaýyşlary BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasarynyň hem-de sammite gatnaşyjylaryň uly goldawyna eýe boldy. Şunuň bilen birlikde, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan Türkmenistanyň alyp barýan suw diplomatiýasyna ýokary baha bermek bilen, häzirki wagtda ýurdumyzyň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak boýunça dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň nusgalykdygyny belledi.Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň “Bitewi suw” sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň ählumumy meseleleri çözmekde halkara bileleşigiň tagallalaryna öz goşandyny goşmaga ygrarlydygyny we bu ugurda başlangyçly çykyş edýändigini ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen görkezdi.Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny tamamlap, Watanymyza ugrady.
Hormatly sammite gatnaşyjylar!Hanymlar we jenaplar!Ilki bilen, Fransiýanyň, Gazagystanyň we Saud Arabystanynyň Hökümetlerine ählumumy gün tertibinde duran hem-de birnäçe möhüm soraglary çözmäge ýardam etjek bu sammiti çagyrandygy üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin.Häzirki döwürde suw meselesi boýunça özara hyzmatdaşlyk umumydünýä işleriniň wajyp bölegi bolup durýar. Ol köp babatda Ýer ýüzünde durnuklylygy, ösüşi we abadançylygy üpjün etmekde mümkinçilikleri kesgitleýär. Şunuň bilen baglylykda, suwuň, sözüň doly manysynda, suw serişdeleriniň deň we adalatly ulanylmagy diňe bir syýasy-hukuk taýdan däl-de, eýsem, häzirki we geljek nesilleriň öňünde ahlak taýdan jogapkärçilik babatda hem aýgytly şert bolup çykyş edýär. Suw meselesi boýunça köptaraply dialogyň netijesi kesgitlenende oňa gatnaşyjylar iki sany esasy düzgüne, ýagny suw serişdeleriniň aýawly ulanylmagyna hem-de adalatly paýlanylmagyna gürrüňsiz eýermelidir diýip hasap edýäris. Türkmenistan suwy ulanmaga halklaryň, her bir adamyň tebigy hukugynyň bardygyny hemişe berk we üýtgewsiz beýan edýär. Bu kadany geljekde-de Merkezi Aziýa üçin ähli aýdyňlygy bilen ulanarys. Sebitde suw serişdeleri birnäçe taryhy, medeni we tebigy-geografik ýagdaýlar sebäpli, aýratyn gymmatlyga hem ähmiýete eýedir. Biziň sebitimizde suw ykdysady, durmuş abadançylygynyň, adamlaryň maddy hal-ýagdaýynyň derejesini hem-de hilini kesgitleýän aýgytly şert bolup durýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistan Merkezi Aziýada suw meselesiniň ähli toplumyna seredilende şu üç möhüm kadadan ugur almalydygyna ynanýar:1. Halkara hukugyň berjaý edilmegi. Suw serişdeleri umumy baýlykdyr, onuň ulanylmagy umumy ykrar edilen kadalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýasy esasynda düzgünleşdirilmelidir.2. Özara bähbitleriň hasaba alynmagy. Kabul edilýän çözgütler sebitiň ähli döwletleriniň zerurlyklaryny göz öňünde tutmalydyr. Diňe şeýle çemeleşme adalatlylygy we durnuklylygy üpjün edip biler.3. Bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çekilmegi. Biz suw bilen bagly başlangyçlara BMG-niň gatnaşmagynyň bu başlangyçlaryň kanunalaýyklygyny, netijeliligini berkitjekdigine ynanýarys. Şundan ugur alyp, Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylygy, ösüşi, hyzmatdaşlygy gorap saklamak we pugtalandyrmak, sebitiň serhetüsti derýalarynyň suwundan peýdalanmagyň usulyny ýola goýmak zerur bolup durýar. Şu maksat bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda bu guramanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak boýunça ştab-kwartirasy Aşgabatda bolan sebit geňeşini döretmek başlangyjyna seretmegi teklip etdi. Şeýle hem Amyderýa we Syrderýa boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýalaryny kabul etmegi çaltlandyrmagy öňe sürdi. Bu geňeş Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip, suw hojalygyny dolandyrmagy utgaşdyrar. Sebitiň pudaklaýyn düzümleriniň arkalaşykly işlemegini gurar, suwdan peýdalanmagyň hukuk esaslaryny işläp taýýarlar. Biz Türkmenistanyň bu başlangyjynyň öz wagtynda öňe sürlendigine ynanýarys hem-de ol amala aşyrylanda, ýakyn geljekde sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda ösüşi üpjün etmäge ukyplydyr diýip hasap edýäris.Suw bilen bagly ýagdaýlar hakynda aýdylanda, howanyň üýtgemeginiň täsiri barada durup geçmek isleýärin. Howanyň gyzgynlygynyň ýokarlanmagy, buzluklaryň azalmagy we ygalyň düzgüniniň üýtgemegi bizden diňe bir bu ýagdaýlara uýgunlaşmagy däl-de, eýsem, bilelikde gyssagly çäreleri görmegi hem talap edýär. Buzluklaryň Türkmenistandan uzakda ýerleşýändigine garamazdan, biziň ýurdumyz üçin olaryň ägirt uly ähmiýeti bardyr. Buzluklar sebitde ýaşaýşyň, oba hojalygynyň we ekoulgamyň esasy serişdesi bolan Amyderýa ýaly derýalaryň tebigy çeşmeleri bolup durýar. Biz diňe iň häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly buzluklary gorap saklamagyň mümkindigine ynanýarys. Şoňa görä-de, Türkmenistan buzluklara gözegçilik etmek, olary barlamak we goramak, şol sanda howanyň durnuklylygyny saklamak boýunça çözgütleri amala aşyrmak baradaky halkara başlangyçlara gatnaşmaga taýýardyr.Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýan Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň esasy düzgünlerini iş ýüzünde ýerine ýetirmäge uly üns berýär. Şolaryň hatarynda altynjy maksady, ýagny arassa suwa deň elýeterliligi üpjün etmegi biz milli taýdan ileri tutulýan wezipe diýip hasap edýäris. Ýurdumyzda bu maksady durmuşa geçirmek bilen, täze suw desgalaryny gurmak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin niýetlenen ulgamlary ösdürmek işleri yzygiderli esasda alnyp barylýar. Halkara standartlar we iň gowy tejribeler esasynda gidrotehniki desgalaryň işlemegi üçin ýörite maksatnamalar kabul edildi.Türkmenistanyň Amyderýanyň suwuny rejeli peýdalanmak meselesine milli we sebit ösüşi üçin örän möhüm wezipe hökmünde garaýandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Biz suw ýitgilerini azaltmak üçin suwaryşyň häzirki zaman usullaryny, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrýarys hem-de beýleki zerur çäreleri geçirýäris. Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak we Aral meselesini bu guramanyň işiniň aýratyn ugruna öwürmek barada Türkmenistanyň başlangyjyny ýatlatmak isleýärin. Baş Assambleýanyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly iki sany Kararnamasy bu babatda netijeli halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin esas bolup durýar.Şeýle hem bu guramanyň Aziýa — Ýuwaş umman üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny döretmegiň şertlerine seretmek» atly Kararnamasyny bellemek zerurdyr. Bu örän möhüm resminamalaryň kanunlaşdyrylmagy Aral soraglary boýunça ähli halkara işiň kesgitleýji ugurlaryndan biri bolmalydyr diýip hasap edýäris. Bu soragda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň we gaznanyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň işine örän aýratyn orun degişlidir. Bu düzümler möhüm ähmiýeti bolan wezipeleri çözmegiň üstünde işleýär. Şoňa görä-de, olaryň işi diňe bir gazna gatnaşyjy döwletleriň ýardam bermegine däl-de, eýsem, giň we yzygiderli halkara goldawa hem daýanmalydyr.Hormatly sammite gatnaşyjylar!Türkmenistan suw serişdelerini dolandyrmagyň netijeli we durnukly ulgamyny döretmek üçin dünýä bileleşiginiň öz tagallalaryny birleşdirmäge ukyplydygyna ynanýar. Munuň özi bizden sebit hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegi, ylmy barlaglary işjeň alyp barmagy, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagy talap edýär. Ýakyn wagtda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezi işläp başlar. Türkmenistanyň Hökümeti bu täze düzüme öz wezipelerini we maksatlaryny netijeli amala aşyrmak üçin doly ýardam berer hem-de iň amatly şertleri üpjün eder.Hormatly sammite gatnaşyjylar!Çykyşymy tamamlamak bilen, Türkmenistanyň suw meselesi boýunça Birleşen Milletler Guramasy we beýleki ýöriteleşdirilen halkara düzümler, öz goňşularymyz hem-de hyzmatdaşlarymyz bilen aýdyňlyk we adalatlylyk, özara jogapkärçilik, bähbitleri hasaba almak esasynda mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge hemişe taýýardygyny tassyklamak isleýärin. Pursatdan peýdalanyp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe, Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda häzirki döwürde örän möhüm ähmiýete eýe bolan meselelerde başlangyçly çykyş edýändikleri üçin ýene-de bir gezek minnetdarlygymy bildirmek isleýärin.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşdy.Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşe eýedigini bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministrine “Bitewi suw” sammitine gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň iberen mähirli salamyny ýetirdi.Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşygyň aýratyn hormatyň we dostlugyň nyşanydygyny belläp, sammite işjeň gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi hem-de hut öz adyndan we Saud Arabystanynyň Patyşasy Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman ben Abdelaziz Al Saudyň adyndan döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şunda Saud Arabystanynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy.Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda arap dünýäsiniň döwletleri bilen deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Saud Arabystany bilen däp bolan gatnaşyklar munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Türkmenistany we Saud Arabystany Patyşalygyny halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine çemeleşmeleriň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi birleşdirýär. Munuň özi halkara giňişlikde özara tagallalary utgaşdyrmak üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär.Türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda ýurtlarymyzyň halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki sammitiň hem-de Türkmenistanyň öňe süren anyk teklipleriniň ähmiýetine üns çekildi.Söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar. Medeni-ynsanperwer ulgamda-da gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Munuň özi halklarymyzyň ýakynlaşmagy, köpasyrlyk dostlugyň pugtalandyrylmagy üçin köpri bolup hyzmat edýär. Şunda taryhyň dowamynda emele gelen, iki doganlyk halky birleşdirýän ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy möhüm ähmiýete eýedir.Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Häkim sebitiň ekerançylyk meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar, ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. Döwlet harmanyna tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, organiki we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin ýerleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, sürüm işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim welaýatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görlüşi, dekabr aýynda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, dekabr aýynda welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, döwlete tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin ýerleri mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, dekabr aýynda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, bu işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz welaýatda dekabr aýynda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň açylyş dabaralaryna ýokary derejede taýýarlyk görmek barada tabşyryklary berdi.Soňra iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda endigan gögeriş alynýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm hem-de topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, döwlete tabşyrylan pagta hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyk işleri bökdençsiz geçirilýär. Şeýle hem häkim Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere, baýramçylyk mynasybetli medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi hem tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak we döwlet harmanyna tabşyrmak, tabşyrylan hasyl üçin pagta öndürijiler bilen hasaplaşyk işlerini öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak maksady bilen, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň pagta hasyly üçin ekiş geçiriljek meýdanlarda sürüm we topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýatda geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görlüşi, şu ýylda gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz dekabr aýynda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitiň ekin meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Tabşyrylan hasyl üçin pagta öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek boýunça hem degişli çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam etdirilýär. Welaýatda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak hem-de ony kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul etmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Şeýle-de häkim Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, dekabr aýyndaky medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz dekabr aýynda welaýatda geçiriljek dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak maksady bilen, meýdanlarda sürüm, mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlamak hem-de bejermek boýunça zerur çäreler görülýär. Geljek ýyl daýhanlary bioönümler bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, welaýatlardaky biokärhanalaryň zerur bolan ýerlerinde abatlaýyş we bejeriş işlerini geçirmek, olary çig mal, enjamlar bilen üpjün etmek babatda işler dowam edýär. Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, bu möwsümi öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we möwsümleýin işleriň ýokary hilli, guramaçylykly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmegiň, bugdaý meýdanlarynda birinji ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň, haşal otlara garşy göreş çäreleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň, ekilen bugdaýdan kadaly gögeriş alynmagyna aýratyn üns berilmeginiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda galan pagtany soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň möhümdigini aýdyp, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleriniň talabalaýyk geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy, ekiljek ýerleri fosfor döküni bilen gurplandyrmak üçin degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz daýhanlary möwsümleýin oba hojalyk işlerinde zerur serişdeler bilen üpjün etmek meselesine ünsi çekip, welaýatlarda bar bolan biokärhanalarda bioönümleri öndürmek işlerini talabalaýyk ýola goýmagy, bu kärhanalaryň önümçilik binalaryny talabalaýyk saklamagy, olary çig mal bilen wagtynda üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz pagta öndürijiler bilen doly hasaplaşyklary geçirmegi, daýhan birleşiklerinde oba hojalyk işlerini geçirmekde sarp edilen nebit önümleri üçin tölegleriň geçirilişini gözegçilikde saklamagy, welaýatlarda pagta, bugdaý öndürijiler bilen hyzmat edýän edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta hasyly hem-de geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny zaýasyz ýygnap almagy, welaýatlarda Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine hemişe gözegçilik etmegi tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz ähli ýerlerde Halkara Bitaraplyk baýramyna gowy taýýarlyk görmegi, baýramçylygyň bellenilýän günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň dürli önümler bilen bolelin üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy, welaýatlarda dekabr aýynda önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalary dabaraly açyp ulanmaga bermäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
29-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň çakylygy boýunça bu düzümiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy.Gahryman Arkadagymyzyň uçary Budapeşte çenli uçuşy amala aşyryp, dostlukly ýurduň paýtagtynyň Ferents List adyndaky Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi adamlar garşyladylar.Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň binasyna ugrady.Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň şu ýylyň martynda Aşgabatda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilendigini bellemelidiris. Mälim bolşy ýaly, Aksakgallar geňeşi Türki Döwletleriň Guramasynyň maslahat beriji guramasydyr. Onuň düzümine belli jemgyýetçilik işgärleriniň hataryndan bellenilýän Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň hormatly ýaşululary girýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprelinden bäri bu düzümiň agzasydyr.Şu gezekki duşuşyga gatnaşmak üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň wekilleri hem Budapeşte geldiler. Nobatdaky mejlisiň gün tertibine Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň işi bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi. Gurama agza ýurtlaryň bilelikdäki işiniň ileri tutulýan ugurlary, Aşgabatda geçirilen 15-nji mejlisde kabul edilen teklipleriň durmuşa geçirilişi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.Duşuşygyň öňüsyrasynda mejlise gatnaşýan wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasy boldy.Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym duşuşygy açyp, ýygnananlara geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.TDG-niň işinde bu düzümiň möhüm ornuna aýratyn üns berilýär. Onuň çäklerinde türki döwletleriň arasynda köpugurly netijeli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda şu ýylyň martynda Aşgabatda geçirilen 15-nji mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, şol mejlisde öňe sürlen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmäge gönükdirilen teklipleriň ähmiýeti nygtaldy.Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bildirilen myhmansöýerlik hem-de işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyryma we geňeşiň agzasy Atilla Tilkä minnetdarlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz Aksakgallar geňeşiniň abraýynyň ýylsaýyn artmagynda geňeşiň başlygy Binali Ýyldyrymyň uly goşandyny belledi.Şu gün biz ýurtlarymyzyň Liderleriniň öňe sürýän wajyp meselelerinden ugur alyp, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygymyzy ara alyp maslahatlaşýarys. Türki dilli döwletleriň Baştutanlary hemişe möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýärler diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi we şundan ugur alyp, bilelikde halk diplomatiýasyny öňe sürmegiň zerurdygyny nygtady. Bu diplomatiýanyň özeninde abadançylyk, parahatçylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri durýar. Iň esasysy bolsa, parahatçylyk filosofiýasyny ilerledip, ýurtlarymyzyň Liderleriniň bu syýasaty durmuşa geçirilmelidir.Bilşiňiz ýaly, Türkmenistan uglewodorod serişdelerine baý ýurtdur diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady we ýurdumyzyň bu ugurda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen alyp barmagy dowam etdirmegi maksat edinýändigini aýtdy. Bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin geňeşiň agzalary bolup döwlet Baştutanlarymyza anyk teklipler bilen ýüzlensek we şol teklipleri durmuşa geçirsek maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn. Söwda-ykdysady ugurda entek ulanylmadyk mümkinçiliklerimiz bar. Bu mümkinçilikleriň amala aşyrylmagynda-da geňeşiň agzalary uly orny eýelemelidirler diýip, Milli Liderimiz nygtady.Hormatly Arkadagymyz medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada aýdyp, ýazyjy-şahyrlarymyzyň edebi mirasynyň, milli aýdym-saz sungatymyzyň şu güne çenli bizi has-da ýakynlaşdyryp gelýändigine ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, geňeşiň ähli agzalaryna hem-de doganlarymyza bu ugurdaky gatnaşyklara ýardam berýändikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.Bilşiňiz ýaly, Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi şu ýylyň martynda Aşgabatda geçirildi. Bu mejlis Oraza aýyna gabat geldi. Biz bilelikde, bir saçagyň başynda ýagşy işleriň rowaç bolmagyny dileg etdik diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we şu ýylyň dowamynda gowy netijeleriň gazanylandygyny kanagatlanma bilen belledi.Siziň ak pataňyz bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belläp geçdik. Siziň goldamagyňyz esasynda şu ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Änew şäheri bolsa «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Taryha ser salsak, Änew Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ösen şäherleriň biri bolupdyr. Bu şanly wakalar mynasybetli türki döwletleriň gatnaşmagynda birnäçe halkara çäreler ýokary derejede geçirildi diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we şunuň bilen baglylykda, geňeşiň agzalaryna minnetdarlyk bildirdi. Şunda bu ugurdaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigine üns çekildi.Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu başlangyjy türki dünýäniň ýurtlary ilkinjileriň hatarynda goldadylar. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edildi. Geljek ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl dolýar. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisi ýylda iki gezek geçirilýär. Halkymyzda toýlar goşa-goşadan gelýär diýip, Milli Liderimiz nygtady we geňeşiň geljek ýyldaky soňky mejlisini ýurdumyzyň Bitaraplygynyň ýubileýine gabatlap, Aşgabatda geçirmegi teklip etdi. Munuň özi Türkmenistan üçin hormatyň nyşany bolar.Halkymyzda Muhammet pygamberiň ýaşyna — 63 ýaşa ýeten adamlar “hormatly ýaşuly” diýlip atlandyrylýar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi we geljekde geňeşi “Ýaşulular geňeşi” diýip atlandyrmagy hem-de şu nukdaýnazardan ugur alyp, bu düzümiň “Hormatly il ýaşulusy” diýen sylagyny we onuň nyşanyny döretmegi teklip etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Binali Ýyldyrymyň alyp barýan netijeli işlerini belläp, geňeşiň halkara derejedäki gurama diýlip ykrar edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.Şu günki günüň siwilizasiýasyny ýaş nesillere geçirmegi möhüm mesele hökmünde görýärin diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we geňeşiň gazetini ýa-da žurnalyny, internet saýtyny döretmegi teklip etdi. Men sözümiň şu ýerinde “Zaman” gazeti barada bellemek isleýärin. Biz bu gazeti Türkmenistanda Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan türk doganlarymyz bilen bilelikde çap edip başladyk. Gazet ýurdumyzda häzirki güne çenli çap edilip gelinýär diýip, Milli Liderimiz nygtady.Men çykyşymyň dowamynda Magtymguly Pyragy barada belläp geçdim diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we ýaňy-ýakynda akyldar şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň gurlandygyny belledi. Bu seýilgähde türki dünýäniň ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri hem oturdyldy. Şolaryň hatarynda türk halkynyň söz ussady Ýunus Emräniň, özbek şahyry Alyşir Nowaýynyň, gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň, wenger halkynyň milli şahyry Şandor Petefiniň heýkelleri bar. Şunuň bilen birlikde, Aşgabatda gazak halkynyň filosof şahyry Abaý Kunanbaýewiň hem heýkeliniň oturdylandygyny bellemek isleýärin. Munuň özi halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň we doganlygyň nyşanydyr diýip, Milli Liderimiz aýtdy.Türki dilli ýurtlaryň elipbiý meselesine üns çekilip, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap häzirki elipbiýini döwlet dolandyryş işinde, gündelik durmuşda we döwlet dilinde hem ulanyp gelýändigi bellenildi.Gahryman Arkadagymyz çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň, onuň Aksakgallar geňeşiniň hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasynyň öňe sürýän başlangyçlaryny hemişe goldajakdygyna ynandyryp, mejlise gatnaşyjylara alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.Ýygnananlaryň umumy pikirine görä, Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisiniň dowamynda öňe sürlen teklipleriň, şol sanda türkmen halkynyň Milli Lideriniň oňyn başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi gurama agza döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam eder. Şeýle hem nobatdaky mejlisiň geçiriljek ýeri baradaky meselä garaldy.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Budapeştiň Ferents List adyndaky Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar garşyladylar.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle hem Mejlisiň şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçiriljek nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Onda “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň we “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen birlikde, maslahatyň gün tertibine administratiw hukuk bozulmalary, zähmet gatnaşyklary, Adalatçynyň hukuk ýagdaýy, döwlet gullugy, salgytlar, daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek, ýurdumyzyň halkara şertnamalary, daşary syýasy ugry boýunça gol çekilen ylalaşyklary tassyklamak, degişli konwensiýa goşulmak bilen bagly kanun taslamalary giriziler.Daşary ýurtlaryň parlamentleri hem-de halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen görülýän çäreler barada-da aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Başlygy hem-de ABŞ-nyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler bilen duşuşyklaryň geçirilendigi, deputatlaryň ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren okuw maslahatlaryna gatnaşandyklary hakynda habar berildi. Deputatlar döwlet syýasatyny we maksatnamalaýyn özgertmeleriň ähmiýetini giňden wagyz etmek, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarlar.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzyň banklarynyň ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit işlerini geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu işleriň “Karz edaralary we bank işi hakynda” we “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda” Kararyna laýyklykda alnyp barylýandygy aýdyldy. Munuň özi banklarda maliýe hasabatlarynyň takyklygyny seljermäge, bank işiniň ugurlaryna we maliýe töwekgelçiliklerine baha bermäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bank ulgamynyň işini kämilleşdirmegi we onuň hyzmatlaryny giňeltmegi mundan beýläk-de dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň banklary tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikleri yglan etmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, nebiti gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze önümçilikleri döretmek, olary döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak üçin degişli işleri alyp barmagyň, munuň üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň geçirilişi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, oba hojalyk ekinlerine ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, geljek ýyl üçin hasylyň düýbüni tutmak boýunça möwsümleýin işler dowam edýär. Hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny ýygnap almak, hasyly kabul ediş harmanhanalarynda kabul etmek we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek babatda degişli işler geçirilýär. Ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak üçin gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri mineral dökünler bilen gurplandyrmak we sürüm işlerini geçirmek, oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Ösdürilip ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnamak işi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Mary welaýatynda bolsa gant şugundyryny ýygnap almak boýunça zerur çäreler ýerine ýetirilýär.Ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, güýzki bag ekmek möwsümi dowam edýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işlerini alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz gowaça meýdanlarynda galan hasyly soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işleri geçirmegiň, maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak üçin alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmek, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly şertleri döretmek, baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, medeni-durmuş maksatly binalaryň daş-töwereginde, seýilgählerde, suw çüwdürimlerinde abatlaýyş we abadanlaşdyryş, dürli görnüşli bezeg baglaryny, gülleri ekmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Köçeleriň, ýaşaýyş toplumlarynyň arassaçylygyna berk gözegçilik edilýär, şäheriň baýramçylyk bezegine aýratyn möhüm ähmiýet berilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde abadanlaşdyryş we bezeg işleriniň talabalaýyk geçirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew söwda toplumy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän bazarlarda, söwda merkezlerinde şu ýylyň 5-nji dekabryndan başlap baýramçylyk söwdalaryny geçirmek, ýurdumyz boýunça jemi 850-den gowrak göçme söwda nokadyny guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy bilen baglylykda, bazarlarda ilatyň dürli önümlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin degişli çäreleri görmegiň, göçme söwda nokatlaryny gurnamagyň, bazarlary we dükanlary azyk, şol sanda gök-bakja, miwe önümleri bilen ýeterlik üpjün etmegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, bu çäräni Daşary işler ministrligi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary bilen bilelikde 6-7-nji dekabrda geçirmek meýilleşdirilýär. Duşuşyga gatnaşmak üçin ýurdumyza abraýly halkara we sebit düzümleriniň, daşary ýurtlaryň birnäçesiniň ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gelerler. Öňde boljak duşuşygyň gün tertibine taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek we dolandyrmak işine häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, atlas kartalaryny taýýarlamak işini ýola goýmak, Beýik Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesiniň ugrundaky taryhy-medeni mirasyň obýektleri boýunça suratlary we çyzgylary toplamak bilen baglanyşykly meseleler giriziler.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da ösdürmek maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.Soňra wise-premýer hasabatyny dowam edip, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli medeni çäreleri geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli senenamamyzyň şanly senesi — ýurdumyzda hem-de halkara derejede giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar” atly ylmy elektron žurnalyny döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, teklip edilýän žurnaly türkmen, iňlis we rus dillerinde ýylda iki gezek elektron görnüşde internet ulgamy arkaly okyjylar köpçüligine ýetirmek meýilleşdirilýär. Žurnalyň sahypalarynda ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtly professor-mugallymlaryň, lukmanlaryň, alymlaryň bejeriş-öňüni alyş, bejeriş-sagaldyş işleriniň nazary-amaly meselelerine bagyşlanan makalalaryny ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Onda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň lukmançylyk diplomatiýasy boýunça kesgitlän wezipelerine, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde ýetilen sepgitlere, bu ugurda halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen üstünliklere, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk ylmyndaky täzeliklere aýratyn orun berler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamaga we olaryň hünär derejelerini kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýändigini, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da ösdürmekde sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar» atly ylmy elektron žurnaly döretmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilen «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, duşuşygyň çäklerinde esasy üç ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegine garamak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň BMG bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalary we degişli resminamalary ara alyp maslahatlaşmak teklip edilýär. Şolaryň hatarynda “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň”; BMG-niň agentlikleriniň «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly bilelikdäki maksatnamasynyň; “Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň”; Howanyň üýtgemegi, metan zyňyndylaryny azaltmak, “ýaşyl” energetika we sanlylaşdyrma ugurlary boýunça BMG-niň Türkmenistandaky düzüm birlikleriniň bilelikdäki maksatnamalarynyň taslamalary bar.2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmekde ulgamlaýyn çemeleşmeleri we oňyn tejribeleri ornaşdyrmak maksadyndan ugur alyp, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilelikde taýýarlan «2025 — 2027-nji ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky “Ýol kartasyny» maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Mejlisiň çäklerinde BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezine, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen bagly döwletimiziň üstünliklerine, şol sanda zerur bolan maglumatlary alyşmaga degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy tarapyndan taýýarlanylýan hasabatlary ýurdumyzda durnukly ösüşde ýetilen sepgitler baradaky maglumatlar bilen üpjün etmegiň mümkinçilikleri babatda pikir alyşmak göz öňünde tutulýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen maksatnamalaýyn esasda hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň işine uly ähmiýet berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine geňeşiň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde milli awiasiýa pudagynda awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň halkara şertnamalaryna, Türkmenistanyň Howa kodeksine we Halkara raýat awiasiýasy guramasy tarapyndan kabul edilen halkara standartlara laýyklykda, “Türkmenistanyň Raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň” taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli awiasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, raýat awiasiýasynyň hukuk esaslaryny has-da kämilleşdirmek boýunça degişli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz taýýarlanan teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilendigini aýtdy. Kitapda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýoly, halkymyzyň agzybirligi giňden beýan edilýär. Türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky gymmatly taryhy maglumatlara möhüm orun berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Milli Liderimizi we mejlise gatnaşyjylaryň ählisini «Hakyda göwheri» atly kitabyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar, ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak üçin meýdanlarda mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm işleri geçirilýär. Geljek ýyl oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýar etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Tabşyrylan pagta hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Mundan başga-da, welaýatda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlaryndaky pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitiň gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Bugdaý meýdanlarynda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak, ýerleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ekin meýdanlarynyň daş-töweregini arassalamak, sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Geljek ýyl möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary, gurallary abatlamak, olary möwsüme doly taýýar etmek üçin degişli çäreler görülýär. Welaýatda döwlete tabşyrylan pagta hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şeýle hem häkim sebitde Oba milli maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetini belledi hem-de bugdaýa ideg etmek işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda endigan gögeriş alynýar. Welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, häzirki wagtda pagta hasyly ýygnalan meýdanlarda sürüm, mineral dökünler bilen gurplandyrmak, daş-töweregini arassalamak işleri geçirilýär. Geljek ýyl ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça işler talabalaýyk alnyp barylýar. Tabşyrylan pagta hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şeýle-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli hem-de guramaçylykly geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, şu günler pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, gowaçadan boşan meýdanlary sürmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak çäreleri dowam etdirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereginde arassaçylyk işleri geçirilýär. Geljek ýyl işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme taýýar etmek maksady bilen, abatlaýyş işlerine, häzirki wagtda tabşyrylan pagta hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyk işlerine girişildi. Şeýle hem häkim welaýatda Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Bu işlerde pagta ýygýan kombaýnlardan netijeli peýdalanylýar. Ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek, talabalaýyk saklamak, gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, ony kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul etmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm, mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam edýär. Ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde arassaçylyk işleri geçirilýär. Sebitde geljek ýyl ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak boýunça işler ýola goýuldy. Pagta öndürijiler bilen hasaplaşyklar hem öz wagtynda geçirilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda pagtaçy babadaýhanlarymyz tarapyndan ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak işleri dowam edýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri sürmek hem-de mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalarydyr gurallary abatlamak, bejermek işlerine girişildi. Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, bu möwsümi öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmegiň, birinji ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň, haşal otlara garşy göreş çäreleriniň öz wagtynda alnyp barylmagynyň, ekilen bugdaýdan kadaly gögeriş alynmagyna aýratyn üns bermegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak meselesine-de ünsi çekip, gowaça ekiljek ýerlerde degişli agrotehniki çäreleri geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, daýhan birleşiklerinde pagta öndürijiler bilen hasaplaşyk işlerini öz wagtynda geçirmek tabşyryldy.Döwlet Baştutanymyz geljek ýyl möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalarda we gurallarda abatlaýyş işlerini talabalaýyk ýola goýmagy, welaýatlarda pagta, bugdaý öndürijiler bilen hyzmat edýän edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta hasyly hem-de geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almagy, welaýatlarda Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Häkim möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň babadaýhanlary tarapyndan ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler guramaçylykly dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek baradaky tabşyryklaryny üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri meýilnama esasynda alnyp barylýar. Sebitiň çägindäki edara-kärhanalaryň, bilim, saglygy goraýyş, sport we medeniýet maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häkime ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ekiş geçirilen bugdaý meýdanlarynda ideg işlerini agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, welaýatda pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanada bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler dowam edýär. Sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak işleriniň çäklerinde ýerlerde sürüm geçirilýär. Welaýatyň çägindäki bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýygym möwsüminde ulanylýan kombaýnlar we beýleki oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ýygnalan hasyl pagta kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri guramaçylykly dowam edýär. Welaýatda ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, welaýatdaky medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, ýygym möwsümine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, welaýatda pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler geçirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Sebitde ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Welaýatyň çägindäki edara-kärhanalarda, medeni-durmuş maksatly binalarda, ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada-da habar berildi. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz häkime Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek, ýygym möwsüminde ulanylýan kombaýnlary, awtoulaglary, beýleki tehnikalary netijeli işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri geçirilýär. Gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, döwlet harmanyna tabşyrmak, bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň çägindäki bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, hasyly kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek, gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, sürüm işleri dowam edýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin geçirilýän işlere berk gözegçilik etmegiň, ýygym möwsüminde kombaýnlary, beýleki tehnikalary, kabul ediş harmanhanalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary doly güýjünde, netijeli işletmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmegi, haşal otlara garşy göreş çäreleriniň öz wagtynda alnyp barylmagyny, bugdaý meýdanlarynda gögeriş we birinji ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi, ekilen bugdaýdan kadaly gögeriş alynmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.Welaýatlarda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleriniň talabalaýyk geçirilişini berk gözegçilikde saklamak, önüm öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta, geljek ýylyň bugdaý hasyly boýunça ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şalynyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik edaralarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek babatda degişli görkezmeleri berdi.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, “Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba Milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, Mejlisde ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk ulgamyny pugtalandyrmak boýunça degişli çäreler görülýär, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän täze kanunlar işlenip taýýarlanylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny işläp taýýarlamak, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan, administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar, awtomobil ulagy, döwlet we diplomatik gulluk bilen baglanyşykly meseleleri kadalaşdyrýan kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işleriň geçirilýändigi aýdyldy. Halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Mejlisiň wekilleri ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan okuw maslahatyna hem-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti tarapyndan geçirilen duşuşyga, bu guramanyň Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherindäki maslahatyna gatnaşdylar. Mundan başga-da, Mejlisiň wekili Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda guralan metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça tanyşlyk okuw saparynda boldy.Şeýle hem deputatlar “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda gazanylýan üstünlikleri, geljegi nazarlaýan maksatnamalaýyn işleri giňden wagyz etmek we kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek üçin maslahatlara, duşuşyklara gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýärler.Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlarynyň täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alyp barýan işlerini netijeli dowam etdirmeginiň möhümdigini belledi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalary “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” hem-de şu ýylyň maýynda kabul edilen degişli Kararyň esasynda işlenip taýýarlanyldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň baş maliýe resminamasy giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmäge we milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilendir. Makroykdysady durnuklylygy saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny, sebitleri mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, maýa goýumlaryň esasy bölegini önümçiligi düýpli döwrebaplaşdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmek geljek ýylyň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Hasabatyň dowamynda wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasynda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň möçberini ýokarlandyrmagyň göz öňünde tutulandygyny belledi. Geljek ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň ugurlaryna jemi 40,1 milliard manat möçberinde düýpli maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz degişli resminama gol çekdi hem-de Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberilýändigini aýtdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu konserne degişli “Körpeje” gaz gysyjy desgasynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi we resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, ony ýerine ýetirmek babatda degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda işleriň alnyp barlyşy, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Hususan-da, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreş çärelerini geçirmek işleri dowam etdirilýär. Ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, talabalaýyk saklamak we gaýtadan işlemek üçin zerur çäreler görülýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyryny ýygnamak we hasyly talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler geçirilýär.Welaýatlarda geljek ýylyň hasyly üçin ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak, gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm işlerini geçirmek, tehnikalary netijeli işletmek boýunça işler geçirilýär. Ilaty ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja, miwe we beýleki azyklyk oba hojalyk önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de bu önümler bilen bazarlary üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär. Şeýle-de önüm öndürijilerden kabul edilip alnan güýzlük azyklyk ekinleriň hasylyny sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, olary talabalaýyk saklamak boýunça çäreler görülýär.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barmagyň, pagtany soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň hem-de ýygnalan hasyly talabalaýyk saklamagy we gaýtadan işlemegi berk gözegçilikde saklamagyň, ýetişdirilen şaly hasylyny, gant şugundyryny ýygnap almak boýunça zerur çäreleri görmegiň, ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak üçin degişli işleri alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň himiýa senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Garabogazkarbamid” zawodynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen, bu önümçiligiň zerur bolan çig mal bilen yzygiderli üpjünçiligini ýola goýmak, esasy tehnologik enjamlary abatlamak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlaryň önüm öndüriji kompaniýalary bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly ulanmaga aýratyn ähmiýet bermegiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazkarbamid” zawodyny taslama kuwwatynda bökdençsiz işletmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu zawodda toplumlaýyn tehniki hyzmatlary amala aşyrmak boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, şu ýylyň 20-21-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Ikinji sebitara forumyny hem-de Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, 20-nji noýabrda agzalan serginiň açylyş dabarasynyň, sebitara forumyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem şol gün Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda iki dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertiniň guralmagy teklip edilýär. 21-nji noýabrda bolsa söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler boýunça maslahatlary guramak meýilleşdirilýär. Sebitara forumyň we serginiň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek, resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy hem-de ony, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, eýeleýän wezipesinden boşatdy. Soňra hormatly Prezidentimiz wise-premýer B.Atdaýewe ýüzlenip, onuň ýurdumyzyň söwda toplumynyň işini ýola goýmakda birnäçe kemçiliklere ýol berendigini belledi hem-de ony, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadýandygyny aýtdy.Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy N.Atagulyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumy boýunça orunbasary wezipesini 6 aý synag möhleti bilen ýerine ýetirmegi onuň üstüne ýükledi. N.Atagulyýew özüne bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan edip, bu wezipede tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, asylly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Şeýle hem hormatly Prezidentimiz söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.Kurbanowyň üstüne ýükledi.Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipä täze bellenen orunbasaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, bu ugurda Özbegistan Respublikasy bilen hem netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 20-21-nji noýabrda Türkmenabat şäherinde geçiriljek Özbegistan Respublikasynyň milli sergisine we Ikinji sebitara foruma ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyny aýdyp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde alnyp barlan arheologik gazuw-barlag we rejeleýiş işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp eserinden ruhlanyp, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlarydyr hünärmenleri «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýaz we güýz möwsümlerinde taryhy-medeni ýadygärlikleriň birnäçesinde arheologik gazuw-barlag we rejeleýiş işlerini üstünlikli dowam etdirdiler. Hususan-da, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde, Gökdepe galasynda, Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Abu Seýit kümmetinde, Abiwerd galasynyň orta asyr Juma metjidinde, Balkan welaýatyndaky orta asyr Dehistan şäheriniň gündogar kerwensaraýynda, «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çägindäki «Kerwensaraý» ady bilen tanalýan XIV asyra degişli binagärlik ýadygärliginde, Lebap welaýatynyň çägindäki orta asyr Daýahatyn kerwensaraýynda, Mary welaýatynyň çägindäki orta asyr Daňdanakan galasynda geçirilen işler barada aýdyldy.Şeýle-de Medeniýet ministrligi bilen daşary ýurtlaryň meşhur ylmy merkezleriniň arasynda baglaşylan Ylalaşyklara laýyklykda, birnäçe halkara ekspedisiýalar tarapyndan 2024-nji ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik gazuw-barlag işleri dowam etdirildi. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde geçirilýän ylmy gözlegleriň dowamynda toplanan maglumatlary öz wagtynda çap etmek hem-de olar bilen halkara ylmy jemgyýetçiligi tanyşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzda “Asyrlaryň yzlary” atly ýöriteleşdirilen halkara ylmy ýygyndynyň neşir edilmegi ýola goýuldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň baý medeni mirasyny giňden öwrenmegiň, gorap saklamagyň, dikeltmegiň we wagyz etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde arheologik gazuw-agtaryş we rejeleýiş işlerini dowam etdirmegiň, gözlegleriň dowamynda toplanan maglumatlary ylmy taýdan seljermegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa “Akylly” şäher: dolandyrmak, sanly, “akylly” we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabrynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen “World Smart City Expo” halkara sergisinde Arkadag şäheri “Iň tapawutlanan “akylly” şäher”, “Daşary ýurt “akylly” şäheri”, “World Smart City Expo 2024” halkara sergisine goşan uly goşandy üçin” atly baýraklara mynasyp boldy. Häzirki wagtda daşary ýurtly IT hünärmenleri, alymlar, professor-mugallymlar bilen “akylly” öý, şäher we zatlaryň interneti, olaryň dolandyrylmagyny, kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak bilen bagly döwrebap tejribeler yzygiderli öwrenilýär. Bu ugurdaky işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak, Arkadag şäherinde “akylly” şäher konsepsiýasynyň tapgyrlaýyn ornaşdyrylyşyny we gazanylýan milli tejribeleri dünýä ýaýmak maksady bilen, şu ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Akylly” şäher: dolandyrmak, sanly, “akylly” we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek teklip edilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli pudaklaryna sanly ulgamy hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini, bu ugurda daşary ýurtly alymlar, hünärmenler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara ylmy-amaly maslahaty guramak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra wise-premýer Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýaş raýatlary hemmetaraplaýyn goldamagyň nusgalyk ulgamy döredildi. Her ýylda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi döwlet syýasatyny, beýik özgertmeleri wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen hem-de bilimde, ylymda, dürli pudaklarda üstünlik gazanan ýaşlary ýüze çykarmak boýunça bäsleşik yglan edýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bäsleşige ýaşlaryň 506-sy hödürlenip, şolardan 135-si saýlanyp alyndy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 16-njy noýabrynda Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, milli mirasymyza sarpa goýýan watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini, dürli pudaklarda üstünlik gazanyp, ýokary döredijilik başarnygyny görkezýän ýaşlarymyz üçin geljekde hem ähli şertleriň dörediljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow daşary syýasy işiň habarlar üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işini hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça tagallalar täze başlangyçlarda öz beýanyny tapýar. Şu ýylyň 1-nji awgustyndan Daşary işler ministrliginiň düzüminde Daşary syýasy habarlar we sanly diplomatiýa departamentiniň işe başlamagy munuň aýdyň mysalydyr. Departamentiň esasy wezipesi ýurdumyzyň daşary syýasatyny amala aşyrmakda halkara maglumat giňişliginden has netijeli peýdalanmakdan, döwrebap habar beriş usullary, jemgyýetçilik diplomatiýasy, täze maglumat-kommunikasiýa tilsimatlary arkaly Türkmenistan barada dünýä jemgyýetçiliginiň habarlylygyny artdyrmakdan ybaratdyr. Şu wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, degişli teklipler taýýarlanyldy.Türkmenistan hem-de onuň içeri we daşary syýasaty baradaky maglumatlary dünýä ýaýmak boýunça işler köp ýyllaryň dowamynda belli bir derejede ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlarda alnyp barylýan maglumat işini has-da güýçlendirmek maksady bilen, käbir ilçihanalarymyzda metbugat attaşesi wezipesini döretmek teklip edilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygy möhüm ugurlar boýunça işjeňleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Bütindünýä aragatnaşyklar departamenti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi. Şeýle hem “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” ylmy-tejribe žurnaly bilen daşary ýurtlarda çap edilýän ugurdaş neşirleriň gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen, hyzmatdaşlyk etmek hakynda ikitaraplaýyn ylalaşyklary baglaşmak hem-de žurnalyň habarçylaryny daşary ýurtlarda akkreditasiýa etmek teklip edilýär.Döwletimiziň halkara gatnaşyklar ulgamynda häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň öňdebaryjy sanly görnüşlerini ulanmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu işleriň gerimini mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, şeýle hem ýurdumyzda sanly ulgam boýunça zähmet çekýän ukyply ýaşlaryň bardygyny nazara alyp, Türkmenistanda sanly ulgam bilen bagly ähli işleri we oýlap tapyşlary merkezleşdirmek üçin halkara tejribeleriň esasynda “Sanly birleşme” atly ýörite bir zolagy döretmek teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, hasabatyň dowamynda başga-da birnäçe teklipler beýan edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilige, ynsanperwerlige esaslanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary syýasy işiniň habarlar üpjünçiligini has-da kämilleşdirmegiň, munuň üçin häzirki zaman usullaryny giňden peýdalanmagyň, daşary ýurt habarlar gulluklary bilen özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de taýýarlanan teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamyny ösdürmek, hususan-da, demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň etraplarynyň we şäherleriniň birnäçesinde demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak göz öňünde tutulýar we häzirki wagtda bu ugurda degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýolagçylar we demir ýol ulagy pudagynyň işgärleri üçin has oňaýly şertleri döretmek babatda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, häzirki zaman demir ýol stansiýalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz kabul edilen maksatnama esasynda Ahal welaýatynda Duşak we Bamy, Balkan welaýatynda Jebel, Mary welaýatynda Baýramaly demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak barada taýýarlanan teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.