
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Häkim möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň babadaýhanlary tarapyndan ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler guramaçylykly dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek baradaky tabşyryklaryny üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri meýilnama esasynda alnyp barylýar. Sebitiň çägindäki edara-kärhanalaryň, bilim, saglygy goraýyş, sport we medeniýet maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häkime ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ekiş geçirilen bugdaý meýdanlarynda ideg işlerini agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, welaýatda pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanada bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler dowam edýär. Sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak işleriniň çäklerinde ýerlerde sürüm geçirilýär. Welaýatyň çägindäki bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýygym möwsüminde ulanylýan kombaýnlar we beýleki oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ýygnalan hasyl pagta kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri guramaçylykly dowam edýär. Welaýatda ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, welaýatdaky medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, ýygym möwsümine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, welaýatda pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler geçirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Sebitde ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Welaýatyň çägindäki edara-kärhanalarda, medeni-durmuş maksatly binalarda, ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada-da habar berildi. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz häkime Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek, ýygym möwsüminde ulanylýan kombaýnlary, awtoulaglary, beýleki tehnikalary netijeli işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri geçirilýär. Gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, döwlet harmanyna tabşyrmak, bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň çägindäki bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, hasyly kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek, gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, sürüm işleri dowam edýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin geçirilýän işlere berk gözegçilik etmegiň, ýygym möwsüminde kombaýnlary, beýleki tehnikalary, kabul ediş harmanhanalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary doly güýjünde, netijeli işletmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmegi, haşal otlara garşy göreş çäreleriniň öz wagtynda alnyp barylmagyny, bugdaý meýdanlarynda gögeriş we birinji ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi, ekilen bugdaýdan kadaly gögeriş alynmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.Welaýatlarda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleriniň talabalaýyk geçirilişini berk gözegçilikde saklamak, önüm öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta, geljek ýylyň bugdaý hasyly boýunça ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şalynyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik edaralarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek babatda degişli görkezmeleri berdi.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, “Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba Milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, Mejlisde ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk ulgamyny pugtalandyrmak boýunça degişli çäreler görülýär, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän täze kanunlar işlenip taýýarlanylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny işläp taýýarlamak, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan, administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar, awtomobil ulagy, döwlet we diplomatik gulluk bilen baglanyşykly meseleleri kadalaşdyrýan kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işleriň geçirilýändigi aýdyldy. Halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Mejlisiň wekilleri ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan okuw maslahatyna hem-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti tarapyndan geçirilen duşuşyga, bu guramanyň Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherindäki maslahatyna gatnaşdylar. Mundan başga-da, Mejlisiň wekili Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda guralan metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça tanyşlyk okuw saparynda boldy.Şeýle hem deputatlar “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda gazanylýan üstünlikleri, geljegi nazarlaýan maksatnamalaýyn işleri giňden wagyz etmek we kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek üçin maslahatlara, duşuşyklara gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýärler.Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlarynyň täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alyp barýan işlerini netijeli dowam etdirmeginiň möhümdigini belledi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalary “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” hem-de şu ýylyň maýynda kabul edilen degişli Kararyň esasynda işlenip taýýarlanyldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň baş maliýe resminamasy giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmäge we milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilendir. Makroykdysady durnuklylygy saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny, sebitleri mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, maýa goýumlaryň esasy bölegini önümçiligi düýpli döwrebaplaşdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmek geljek ýylyň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Hasabatyň dowamynda wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasynda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň möçberini ýokarlandyrmagyň göz öňünde tutulandygyny belledi. Geljek ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň ugurlaryna jemi 40,1 milliard manat möçberinde düýpli maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz degişli resminama gol çekdi hem-de Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberilýändigini aýtdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu konserne degişli “Körpeje” gaz gysyjy desgasynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi we resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, ony ýerine ýetirmek babatda degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda işleriň alnyp barlyşy, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Hususan-da, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreş çärelerini geçirmek işleri dowam etdirilýär. Ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, talabalaýyk saklamak we gaýtadan işlemek üçin zerur çäreler görülýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyryny ýygnamak we hasyly talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler geçirilýär.Welaýatlarda geljek ýylyň hasyly üçin ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak, gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm işlerini geçirmek, tehnikalary netijeli işletmek boýunça işler geçirilýär. Ilaty ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja, miwe we beýleki azyklyk oba hojalyk önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de bu önümler bilen bazarlary üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär. Şeýle-de önüm öndürijilerden kabul edilip alnan güýzlük azyklyk ekinleriň hasylyny sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, olary talabalaýyk saklamak boýunça çäreler görülýär.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barmagyň, pagtany soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň hem-de ýygnalan hasyly talabalaýyk saklamagy we gaýtadan işlemegi berk gözegçilikde saklamagyň, ýetişdirilen şaly hasylyny, gant şugundyryny ýygnap almak boýunça zerur çäreleri görmegiň, ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak üçin degişli işleri alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň himiýa senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Garabogazkarbamid” zawodynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen, bu önümçiligiň zerur bolan çig mal bilen yzygiderli üpjünçiligini ýola goýmak, esasy tehnologik enjamlary abatlamak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlaryň önüm öndüriji kompaniýalary bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly ulanmaga aýratyn ähmiýet bermegiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazkarbamid” zawodyny taslama kuwwatynda bökdençsiz işletmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu zawodda toplumlaýyn tehniki hyzmatlary amala aşyrmak boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, şu ýylyň 20-21-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Ikinji sebitara forumyny hem-de Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, 20-nji noýabrda agzalan serginiň açylyş dabarasynyň, sebitara forumyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem şol gün Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda iki dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertiniň guralmagy teklip edilýär. 21-nji noýabrda bolsa söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler boýunça maslahatlary guramak meýilleşdirilýär. Sebitara forumyň we serginiň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek, resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy hem-de ony, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, eýeleýän wezipesinden boşatdy. Soňra hormatly Prezidentimiz wise-premýer B.Atdaýewe ýüzlenip, onuň ýurdumyzyň söwda toplumynyň işini ýola goýmakda birnäçe kemçiliklere ýol berendigini belledi hem-de ony, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadýandygyny aýtdy.Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy N.Atagulyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumy boýunça orunbasary wezipesini 6 aý synag möhleti bilen ýerine ýetirmegi onuň üstüne ýükledi. N.Atagulyýew özüne bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan edip, bu wezipede tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, asylly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Şeýle hem hormatly Prezidentimiz söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.Kurbanowyň üstüne ýükledi.Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipä täze bellenen orunbasaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, bu ugurda Özbegistan Respublikasy bilen hem netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 20-21-nji noýabrda Türkmenabat şäherinde geçiriljek Özbegistan Respublikasynyň milli sergisine we Ikinji sebitara foruma ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyny aýdyp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde alnyp barlan arheologik gazuw-barlag we rejeleýiş işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp eserinden ruhlanyp, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlarydyr hünärmenleri «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýaz we güýz möwsümlerinde taryhy-medeni ýadygärlikleriň birnäçesinde arheologik gazuw-barlag we rejeleýiş işlerini üstünlikli dowam etdirdiler. Hususan-da, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde, Gökdepe galasynda, Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Abu Seýit kümmetinde, Abiwerd galasynyň orta asyr Juma metjidinde, Balkan welaýatyndaky orta asyr Dehistan şäheriniň gündogar kerwensaraýynda, «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çägindäki «Kerwensaraý» ady bilen tanalýan XIV asyra degişli binagärlik ýadygärliginde, Lebap welaýatynyň çägindäki orta asyr Daýahatyn kerwensaraýynda, Mary welaýatynyň çägindäki orta asyr Daňdanakan galasynda geçirilen işler barada aýdyldy.Şeýle-de Medeniýet ministrligi bilen daşary ýurtlaryň meşhur ylmy merkezleriniň arasynda baglaşylan Ylalaşyklara laýyklykda, birnäçe halkara ekspedisiýalar tarapyndan 2024-nji ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik gazuw-barlag işleri dowam etdirildi. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde geçirilýän ylmy gözlegleriň dowamynda toplanan maglumatlary öz wagtynda çap etmek hem-de olar bilen halkara ylmy jemgyýetçiligi tanyşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzda “Asyrlaryň yzlary” atly ýöriteleşdirilen halkara ylmy ýygyndynyň neşir edilmegi ýola goýuldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň baý medeni mirasyny giňden öwrenmegiň, gorap saklamagyň, dikeltmegiň we wagyz etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde arheologik gazuw-agtaryş we rejeleýiş işlerini dowam etdirmegiň, gözlegleriň dowamynda toplanan maglumatlary ylmy taýdan seljermegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa “Akylly” şäher: dolandyrmak, sanly, “akylly” we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabrynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen “World Smart City Expo” halkara sergisinde Arkadag şäheri “Iň tapawutlanan “akylly” şäher”, “Daşary ýurt “akylly” şäheri”, “World Smart City Expo 2024” halkara sergisine goşan uly goşandy üçin” atly baýraklara mynasyp boldy. Häzirki wagtda daşary ýurtly IT hünärmenleri, alymlar, professor-mugallymlar bilen “akylly” öý, şäher we zatlaryň interneti, olaryň dolandyrylmagyny, kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak bilen bagly döwrebap tejribeler yzygiderli öwrenilýär. Bu ugurdaky işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak, Arkadag şäherinde “akylly” şäher konsepsiýasynyň tapgyrlaýyn ornaşdyrylyşyny we gazanylýan milli tejribeleri dünýä ýaýmak maksady bilen, şu ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Akylly” şäher: dolandyrmak, sanly, “akylly” we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek teklip edilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli pudaklaryna sanly ulgamy hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini, bu ugurda daşary ýurtly alymlar, hünärmenler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara ylmy-amaly maslahaty guramak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra wise-premýer Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýaş raýatlary hemmetaraplaýyn goldamagyň nusgalyk ulgamy döredildi. Her ýylda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi döwlet syýasatyny, beýik özgertmeleri wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen hem-de bilimde, ylymda, dürli pudaklarda üstünlik gazanan ýaşlary ýüze çykarmak boýunça bäsleşik yglan edýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bäsleşige ýaşlaryň 506-sy hödürlenip, şolardan 135-si saýlanyp alyndy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 16-njy noýabrynda Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, milli mirasymyza sarpa goýýan watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini, dürli pudaklarda üstünlik gazanyp, ýokary döredijilik başarnygyny görkezýän ýaşlarymyz üçin geljekde hem ähli şertleriň dörediljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow daşary syýasy işiň habarlar üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işini hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça tagallalar täze başlangyçlarda öz beýanyny tapýar. Şu ýylyň 1-nji awgustyndan Daşary işler ministrliginiň düzüminde Daşary syýasy habarlar we sanly diplomatiýa departamentiniň işe başlamagy munuň aýdyň mysalydyr. Departamentiň esasy wezipesi ýurdumyzyň daşary syýasatyny amala aşyrmakda halkara maglumat giňişliginden has netijeli peýdalanmakdan, döwrebap habar beriş usullary, jemgyýetçilik diplomatiýasy, täze maglumat-kommunikasiýa tilsimatlary arkaly Türkmenistan barada dünýä jemgyýetçiliginiň habarlylygyny artdyrmakdan ybaratdyr. Şu wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, degişli teklipler taýýarlanyldy.Türkmenistan hem-de onuň içeri we daşary syýasaty baradaky maglumatlary dünýä ýaýmak boýunça işler köp ýyllaryň dowamynda belli bir derejede ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlarda alnyp barylýan maglumat işini has-da güýçlendirmek maksady bilen, käbir ilçihanalarymyzda metbugat attaşesi wezipesini döretmek teklip edilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygy möhüm ugurlar boýunça işjeňleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Bütindünýä aragatnaşyklar departamenti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi. Şeýle hem “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” ylmy-tejribe žurnaly bilen daşary ýurtlarda çap edilýän ugurdaş neşirleriň gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen, hyzmatdaşlyk etmek hakynda ikitaraplaýyn ylalaşyklary baglaşmak hem-de žurnalyň habarçylaryny daşary ýurtlarda akkreditasiýa etmek teklip edilýär.Döwletimiziň halkara gatnaşyklar ulgamynda häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň öňdebaryjy sanly görnüşlerini ulanmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu işleriň gerimini mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, şeýle hem ýurdumyzda sanly ulgam boýunça zähmet çekýän ukyply ýaşlaryň bardygyny nazara alyp, Türkmenistanda sanly ulgam bilen bagly ähli işleri we oýlap tapyşlary merkezleşdirmek üçin halkara tejribeleriň esasynda “Sanly birleşme” atly ýörite bir zolagy döretmek teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, hasabatyň dowamynda başga-da birnäçe teklipler beýan edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilige, ynsanperwerlige esaslanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary syýasy işiniň habarlar üpjünçiligini has-da kämilleşdirmegiň, munuň üçin häzirki zaman usullaryny giňden peýdalanmagyň, daşary ýurt habarlar gulluklary bilen özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de taýýarlanan teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamyny ösdürmek, hususan-da, demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň etraplarynyň we şäherleriniň birnäçesinde demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak göz öňünde tutulýar we häzirki wagtda bu ugurda degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýolagçylar we demir ýol ulagy pudagynyň işgärleri üçin has oňaýly şertleri döretmek babatda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, häzirki zaman demir ýol stansiýalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz kabul edilen maksatnama esasynda Ahal welaýatynda Duşak we Bamy, Balkan welaýatynda Jebel, Mary welaýatynda Baýramaly demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak barada taýýarlanan teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär, ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Welaýatyň çägindäki medeni-durmuş maksatly binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim welaýatda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryndaky pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowa söz berildi. Ilki bilen, häkim döwlet Baştutanymyza welaýatyň edermen babadaýhanlarynyň pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy hem-de netijeli zähmet çekmäge döredýän mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Soňra häkim welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm işleri dowam edýär. Welaýatyň çägindäki bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly we bökdençsiz işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetiren Balkan welaýatynyň babadaýhanlaryny zähmet ýeňşi bilen gutlady hem-de olara täze üstünlikleri arzuw etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekip, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi hem-de häkime bu ugurdaky çäreleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.Bellenilişi ýaly, welaýatyň gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygym möwsüminde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bugdaý ekişi geçirilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Sebitde geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerine girişildi. Şunuň bilen birlikde, ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, welaýatdaky medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, ekiş geçirilen bugdaý meýdanlarynda ideg işlerini talabalaýyk geçirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitde pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler dowam edýär. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerine girişildi. Ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, döwlet harmanyna tabşyrmak, bökdençsiz kabul etmek boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň çägindäki edara-kärhanalarda, medeni-durmuş maksatly binalarda, ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim welaýatda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýetişdirilen pagta hasylynyň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki talaplara laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda tabşyryklar berildi.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, welaýatda pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär. Ýygym möwsüminde ulanylýan kombaýnlaryň, awtoulaglaryň, beýleki tehnikalaryň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, gögeriş we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul etmek işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, meýdanlarda sürüm we mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Güýz-gyş möwsüminde welaýatdaky bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik binalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pagta hasylynyň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek, bu işlerde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny, awtoulaglary netijeli işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg işleri, hususan-da, gögeriş we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri dowam edýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak boýunça degişli çäreler görülýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek arkaly, ilaty dürli görnüşli azyk önümleri, senagat kärhanalaryny çig mal bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek ýaly möhüm wezipeleriň durýandygyny nygtady we wise-premýere möwsümleýin işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda ýetişdirilen pagtany iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin geçirilýän işlere berk gözegçilik etmegiň, ýygym möwsüminde kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň doly güýjünde işledilmeginiň möhümdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmegi, haşal otlara garşy işleriň öz wagtynda, talabalaýyk alnyp barylmagyny, bugdaý meýdanlarynda gögeriş we birinji ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi, kadaly gögeriş alynmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleriniň talabalaýyk geçirilişini berk gözegçilikde saklamak, önüm öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta, geljek ýylyň bugdaý hasyly babatda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.Döwlet Baştutanymyz Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şalynyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin degişli işleri geçirmek, sebitlerde bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek babatda tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşyna berk gözegçilik etmek tabşyryldy.Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si, hususan-da, “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda” hem-de ýurdumyzyň daşary syýasy başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak bilen bagly başga-da birnäçe Kanunlar kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, dürli ulgamlarda gatnaşyklary kadalaşdyrýan birnäçe kanunçylyk namalary öňdebaryjy halkara tejribä we milli ýörelgelere, döwrüň talaplaryna laýyk getirildi. Mejlisiň kararlarynyň 19-sy kabul edildi.Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, ýylyň başyndan bäri duşuşyklaryň 37-si geçirildi. Türkmenistanda işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriň 14-sinden ynanç hatlary kabul edildi. Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek meseleleri boýunça halkara guramalar bilen bilelikde geçirilen maslahatlaryň 98-sine gatnaşdylar. Mundan başga-da kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 33-si guraldy.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap kanun taslamalaryny taýýarlamagy hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygy nygtaldy. Bu işde halkara tejribeden we milli ýörelgelerden ugur almaly. Şeýle hem dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň on aýynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.Maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, hasabat döwründe ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly ösüşi üpjün edildi, hususan-da, jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 2,5 göterime, gurluşykda 10,9 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 6,7 göterime, söwdada 9 göterime, oba hojalygynda 5,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň boldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,8 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwrüne görä, şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy 12,5 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,8 göterim, çykdajy bölegi 97,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 25,2 göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde gazanylan görkezijiler barada hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny netijeli ösdürmäge, sebitleriň durnukly ösüşini gazanmaga möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri durmuşa geçirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere düýpli maýa goýumlaryň netijeli özleşdirilmegini üpjün etmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow şu ýylyň on aýynda gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Wise-premýer uglewodorod serişdelerini çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebit çykarmak boýunça meýilnamasynyň 102,4 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumlary tarapyndan 103,4 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 107,4 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 102,3 göterim, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasy 101,1 göterim ýerine ýetirildi. Şunuň bilen bir hatarda, dizel ýangyjyny, polipropilen, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak boýunça gazanylan netijeler barada hasabat berildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 106,2 göterim berjaý edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak hem-de olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň netijeli bolmagyny gazanmak zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz nebit önümlerini öndürmekde, tebigy gazyň çykarylyşynda meýilnamalaýyn işleri doly durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Ilki bilen, wise-premýer hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy oba hojalyk pudagynyň ähli işgärleriniň adyndan türkmen topragynyň sahawatlylygyny alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Soňra wise-premýer hasabatyny dowam etdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 128,3 göterime barabar boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 101,4 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 119,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 148,6 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 227,4 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 132,2 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 102,8 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,2 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101 göterime deň boldy.Häzirki wagtda welaýatlarda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak işleri, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragy dowam edýär, Mary welaýatynda bolsa ýetişdirilen gant şugundyry ýygnalyp alynýar. Ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmäge, Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri barada-da aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň möçberini artdyrmagy we hilini gowulandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere möwsümleýin işleri agrotehniki kadalara laýyklykda, talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow 2024-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 108,6 göterim berjaý edildi. Şunda Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 106,5 göterime, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň möçberi 1 milliard 427 million manada deň boldy. Hasabat döwründe öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy Energetika ministrligi boýunça 104,2 göterime, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan 120,3 göterime ýetdi. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 113,4 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça meýilnama 141,8 göterim berjaý edildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan öndürilýän önümleriň möçberini yzygiderli artdyrmak we ýerine ýetirilýän işleri kämilleşdirmek üçin, şeýle-de elektrik energiýasyny öndürmekde we ony daşary ýurtlara eksport etmekde netijeli çäreleri görmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan öndürilýän önümleriň hem ýokary hilli bolmagyny gazanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidip, onuň işini döwrebap ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň on aýynda gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Hasabat döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar mynasybetli dürli çäreler geçirilip, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň, şol sanda gazet-žurnallaryň redaksiýalary tarapyndan yglan edilen bäsleşikleriň jemleri jemlenildi. Şunuň bilen birlikde, ýeňijileri sylaglamak dabaralary, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli medeni çäreler guraldy. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen hünärmenleri dürli medeni forumlardyr çärelere gatnaşmak üçin daşary ýurtlarda iş saparlarynda boldular.Hasabat döwründe Türkmenistanda Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Şeýle hem 10-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Aşgabat şäherindäki “Laçyn” seýilgähinde meşhur gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasynyň bolandygy aýdyldy. Arkadag şäherinde geçirilen VI Wena baly, Mukamlar köşgünde guralan “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly hem-de onuň çäklerinde TÜRKSOÝ-nyň Muzeýler birleşiginiň agzalarynyň jemleýji maslahaty, ýazyjylaryň duşuşygy we suratkeşleriň maslahaty, meşhur akademikler, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýeleri Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň 95 ýyllygy mynasybetli guralan halkara ylmy duşuşyk hasabat döwrüniň esasy çäreleriniň hatarynda görkezildi.Teatrlaryň, kinoteatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň, Döwlet habarlar agentliginiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada-da hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda gazanylýan üstünlikler baradaky maglumatlar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmegi, medeni mirasymyzy öwrenmegi we giňden wagyz etmegi möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi. Döwlet Baştutanymyz kitaphanalaryň, muzeýleriň işini kämilleşdirmegiň wajypdygy barada aýdyp, bu ugurda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Medeniýet günleriniň, festiwallaryň, bilelikdäki konsertleriň geçirilmegine-de möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygy bellenildi.Mejlisiň dowamynda wise-premýer Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan meýilnama laýyklykda, 16-njy noýabrda jemleýji dabarany, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisini hem-de türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konsertini geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri jemlemek dabarasyny ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisini we türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konsertini geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy, sanly bilim ösdürildi, okuw kitaplary we gollanmalar neşir edildi, elektron žurnallar döredildi. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” tassyklanyldy. Mekdep okuwçylary, talyplar halkara bilim bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş, bürünç medallaryň 813-sini gazandylar.Geçen on aýda ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegine, ylmy barlaglaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, ylym bilen önümçiligiň baglanyşygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işler dowam etdirildi. Ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy barlaglar ýerine ýetirildi. Alymlyk derejesine dalaşgärler hasaba alyndy, dissertasiýalar goraldy. “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy” tassyklanyldy. Ýylyň başyndan bäri dürli halkara ylmy-amaly maslahatlar, tanyşdyrylyş dabaralary, sergiler, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler guraldy.Hasabat döwründe amaly lukmançylyga bejeriş-öňüni alyş işleriniň öňdebaryjy usullary ornaşdyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň Kararlary bilen, “Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy”, “Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy” tassyklanyldy.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Aşgabatda Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi dabaraly açyldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary welaýatynyň we Mary şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binalary açylyp ulanmaga berildi. Şeýle hem “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat guraldy.Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça hem işler dowam etdirildi. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça guramaçylyk topary döredildi. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlaryň 161-sine gatnaşyp, jemi 538, şol sanda 174 altyn, 150 kümüş, 214 bürünç medala mynasyp boldular.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Bellenilişi ýaly, bilim işini kämilleşdirip, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet bermek, mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň halkara ders we internet bäsleşiklerine, olimpiadalara giňden gatnaşmagy üçin ähli şertleri döretmek zerurdyr. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga giňden ornaşdyrmak saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyz bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge möhüm ähmiýet bermegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlaryny Olimpiýa oýunlaryna, dünýä we Aziýa çempionatlaryna ýokary derejede taýýarlamagy üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn gatnaşyklary babatda öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek üçin degişli işler amala aşyryldy.Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynda we Gazagystan Respublikasynda iş saparlarynda boldy. Şu ýylyň başyndan bäri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine, Türkiýe Respublikasyna, Täjigistan Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Gazagystan Respublikasyna, Eýran Yslam Respublikasyna saparlary amala aşyrdy. Ýurdumyza Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet sapary, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi sapary, Mongoliýanyň Prezidentiniň döwlet sapary guraldy.11-nji oktýabrda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma Eýranyň, Pakistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Ermenistanyň, Mongoliýanyň Prezidentleri gatnaşdylar.Hasabat döwründe şu ýylyň 24-nji maýynda paýtagtymyzda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Premýer-ministrleri ýurdumyza iş saparlaryny amala aşyrdylar. Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretarlary Türkmenistanda saparda boldular.Ýanwar — oktýabr aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň ýurdumyza, Türkmenistanyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran gulluk iş saparlary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle-de dürli derejedäki duşuşyklar we gepleşikler, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklar geçirildi. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadynyň üsti 196 resminama bilen ýetirildi. Daşary syýasat edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli amala aşyrylýar. Ýylyň başyndan bäri Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi.Ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Hasabat döwründe daşary döwletleriň Türkmenistanda täze bellenen ilçileriniň 20-si ynanç hatlaryny gowşurdy. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky 8 ilçisi, 2 konsuly we 1 halkara guramanyň ýanyndaky wekili resmi taýdan öz işine başlady.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň bitaraplyga we parahatçylyk söýüjilige esaslanýan daşary syýasatynyň dünýäniň ähli döwletleri, halkara guramalar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, şeýle hem Halkara Bitaraplyk gününe gowy taýýarlyk görmek tabşyryldy.Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Hasabat döwründe toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 119,1 göterime deň boldy. Ýanwar — oktýabr aýlarynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 103,3 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,3 göterime barabar boldy. Geçen on aýda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 102,8 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 154,5 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 114 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 114,6 göterime deň boldy.“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler hakynda-da aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-kommunikasiýa toplumy üçin önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň barşy barada hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegi we döwrebaplaşdyrmagy, ýerine ýetirilýän işleriň, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagy, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagy we giňden ornaşdyrmagy ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi. Agentligiň ýolbaşçysyna ýolagçy gatnatmagyň, ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak üçin zerur çäreleri görmek, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda işleri guramakda halkara tejribeden ugur almak tabşyryldy.Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli ösýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda täze şäherçeler, ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş, saglyk merkezleri, mekdepler, çagalar baglary we ençeme beýleki desgalar bar.Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belledi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda hem ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde köp sanly halkara çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýüzlenip, deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze — 2025-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydygyny aýtdy.Döwlet Baştutanymyz 9-njy noýabrda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljekdigini, 10-njy noýabrda bolsa ýurdumyzda Hasyl toýunyň giňden belleniljekdigini nygtady. Bu baýram merdana halkymyzyň yhlasly zähmetini görkezýän rysgal-berekediň baýramydyr. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagyny ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de Hasyl toýy mynasybetli, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi we mähriban halkymyzy, zähmetsöýer daýhanlary bu baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady.Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde degişli ösüş maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Watanymyzyň goranyş ukybyny berkitmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak, Milli goşunymyzy iň täze tehniki serişdeler bilen üpjün etmek, serkerdeleriň, esgerleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada-da aýdyldy. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň çäklerinde durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň ugurlaryny nazara alyp, harby düzümleriň esasy meýilnamalaryna ünsi çekdi. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine çagyryş boýunça harby gullugy geçýän gullukçylaryň harby gullukdan boşadylmagynyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşynyň talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek meselesini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň on aýyndaky işleriň netijeleri, şol sanda ýurdumyzda hereket edýän kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de ol ýolbaşçylyk edýän edarasynda sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagy boýunça görülýän çäreler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyrygy esasynda geçirilen barlaglaryň netijeleri barada aýtdy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, prokuratura edaralary tarapyndan kanunçylygyň doly we dogry ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Milli maksatnamany” we beýleki resminamalaryň taslamalaryny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda taýýarlamagyň wajypdygyny aýdyp, Baş prokurora bu babatda anyk tabşyryklary berdi.Içeri işler ministri M.Hydyrow 2024-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, jemgyýetçilik tertibini saklamak, jenaýatçylygyň öňüni almak, Ýol gözegçiligi gullugynyň we Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynyň käbir etraplarynda Içeri işler ministrliginiň Polisiýa müdirlikleriniň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň döwrebap edara binalarynyň ulanmaga berlendigi aýdyldy.Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýurdumyzda jenaýatçylyga we beýleki hukuk bozulmalaryna garşy göreşmek işleriniň yzygiderli kämilleşdirilmelidigini aýtdy. Şeýle-de ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilmegini gazanmakda döwrebap tehnologiýalary ulanmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi. Hormatly Prezidentimiz gyş möwsüminde hojalyk desgalarynda, ýaşaýyş jaýlarynda ýangynyň öňüni almak üçin degişli barlaglary geçirmegiň möhümdigini belläp, bu ugurda ilat arasynda düşündiriş işlerini talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy.Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew kazyýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we işgärler kuwwatyny berkitmek üçin hasabat döwründe amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, birnäçe etrap bölümleriniň döwrebap binalarynyň ulanmaga berlendigi barada aýdyldy. Şeýle-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň garamagyna «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permanyň taslamasy hödürlenildi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda jenaýatçylyga we kanun bozulmalaryna getirýän sebäpleriň öňüni almak üçin degişli işleri geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz kazylaryň we kazyýet işgärleriniň bilim derejesini, hünär ussatlygyny yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi.Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde döwrebap tehniki serişdeleriň giňden ulanylyşy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada aýtdy.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri netijeli ýerine ýetirmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralar bilen ysnyşykly işlemegiň, edaranyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmagyň möhümdigini belläp, birnäçe görkezmeleri berdi.Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew Watanymyzyň serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy, serkerdeleriň, ýaş serhetçileriň hünär endiklerini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän işler barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň serhetleriniň goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň binýady bolup durýandygyny belledi hem-de gullugyň düzümlerini täze tehnikalar bilen üpjün etmek, degişli maksatnamada kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmek meselelerine üns bermegiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle hem gullugyň ýolbaşçysyna döwlet serhediniň desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek babatda anyk tabşyryklar berildi.Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, düzümleýin edaralara sanly ulgamy ornaşdyrmak maksady bilen görlen çäreler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kanun çykaryjylyk işiniň kämilleşdirilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi. Döwlet Baştutanymyz hukuk ulgamynyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmegiň wajypdygyna aýratyn ünsi çekip, Watanymyzyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ýurdumyzyň kanunçylygyna ornaşdyrmak boýunça teklipleriň yzygiderli işlenip taýýarlanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryny talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş nokatlarynda ygtybarly gümrük gözegçiligini alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz döwrebap enjamlaryň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak bilen, gözegçilik-geçiriş nokatlarynda gümrük kadalarynyň bozulmagynyň öňüni almak boýunça işleri has-da güýçlendirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda degişli tabşyryklary berdi.Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, gullugyň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmek üçin görlen çäreler barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daşary ýurt raýatlarynyň ýurdumyza gelmegini we gitmegini hasaba almagy hemişe berk gözegçilikde saklamagyň, bu ugurda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny berk berjaý etmegiň zerurdygyny aýtdy.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy raýatsyzlyk meselesi bilen bagly işler boýunça Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan netijeli çäreleriň görülýändigini belledi hem-de gullugyň ýolbaşçysyna şu ýylyň 8-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edarasy bilen sebitleýin maslahaty guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz mejlisiň jemini jemläp, ýurdumyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň görülýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigi aýdyldy.Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň parahat, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň ekerançylyk meýdanlaryndaky pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwy tutulýar, gögeriş alnan ýerlerde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, bag nahallaryny, olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak işleri dowam edýär. Sebitiň çägindäki medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim welaýatda Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitde pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu ugurda ulanylýan oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi ýokary hilli geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň çägindäki bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylynyň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň, bugdaý ekişiniň ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de häkime anyk görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen Maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitde pagta ýygymy dowam edip, şunda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär, ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Welaýatda bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barlyp, ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş alynýar. Ýetişdirilen şalynyň bol hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Häzirki wagtda welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle-de sebitdäki medeni-durmuş maksatly binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek babatda görülýän çäreler barada aýdyldy. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzda her ýyl giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamagyň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler dowam edýär. Ýygnalan hasyly pagta kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek, talabalaýyk ýerleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Sebitde bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, döwlet harmanyna tabşyrmak, bökdençsiz kabul etmek babatda zerur çäreler görülýär. Ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatyň çägindäki edara-kärhanalarda, medeni-durmuş maksatly binalarda, ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Mundan başga-da, häkim welaýatda Hasyl toýuny ýokary derejede geçirmäge görülýän taýýarlyk, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda şu günler dowam edýän möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we welaýatda ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitde pagta ýygymy dowam edip, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek, ýygym möwsüminde ulanylýan kombaýnlary, awtoulaglary, beýleki tehnikalary doly güýjünde işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin degişli işler geçirilýär. Häzirki wagtda welaýatda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär, ýygnalan hasyly kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul etmek, talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Sebitde ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görülýär. Welaýatdaky bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim welaýatda Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pagta hasylynyň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagy, bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Diýarymyzda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär. Ýygnalan hasyl pagta kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. Bu işlerde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary, awtoulaglar netijeli işledilýär. Geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça degişli işler geçirilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda ideg işleriniň çäklerinde gögeriş we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu işleriň ýokary hilli, guramaçylykly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, bugdaý ekişiniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň bol galla hasylyny ösdürip ýetişdirmäge ýardam etjekdigini aýtdy hem-de welaýatlarda bugdaý ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde, talaplara laýyklykda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda ýetişdirilen pagtany iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin geçirilýän işlere berk gözegçilik etmegi, ýygym möwsüminde kombaýnlaryň, tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň doly güýjünde, netijeli işledilmegini gazanmagy, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta, geljek ýylyň bugdaý hasyly boýunça ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şalynyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny doly ýygnap almak üçin degişli işleri geçirmegi, ählihalk bag ekmek dabarasyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Hasyl toýunyň hem ýetip gelýändigini belläp, daýhan zähmetiniň baýramy bolan bu toýa görülýän taýýarlyk işlerini berk gözegçilikde saklamak babatda görkezmeleri berdi.Döwlet Baştutanymyz sowuk günleriň başlanandygyna ünsi çekip, welaýatlarda bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmegi, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Bu çäre jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda möhüm ähmiýete eýe boldy.Mälim bolşy ýaly, 25-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegi, bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gowy netije gazanyp, ýaşyl tugumyzy belentde parladan türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlamagy, mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy teklip etdi.Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän toplumlaýyn strategiýasynyň netijesinde paýtagtymyzda, ýurdumyzyň sebitlerinde munuň üçin ähli şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, hormatly Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerip, eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen asylly başlangyçlarymyz dünýäniň abraýly sport düzümleri tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini rowaçlandyrýan, halklaryň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrýan döwlet syýasatymyzyň netijesinde ýurdumyz halkara sport çäreleriniň geçirilýän mekanyna öwrüldi.Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport baradaky hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň halkara jemgyýetçiligiň ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen bir hatarda, şu ýyl Aşgabat şäherinde üstünlikli geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň degişli Çözgüdine laýyklykda, Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilendigini bellemek gerek....Şu günki sport çäresine gatnaşmak üçin bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, talyplar we beýlekiler ýygnandylar. Köpçülikleýin ýöriş başlanmazyndan ozal, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça ýaryş guraldy.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýanlaryň sanynyň barha artmagy sportuň jemgyýetiň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendiginiň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzda sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, bedenterbiýe-sport we Olimpiýa hereketleri arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu işler belent ynsanperwer ýörelgeleri özünde jemleýän halkara sport hereketine düýpli goşant goşýan Watanymyzyň abraýynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, sport ählumumy parahatçylygy, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar....Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy ir säher bilen Saglyk ýolunyň başlanýan ýerindäki meýdança geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryny synlady.Soňra hormatly Prezidentimiz batly gadamlar bilen Saglyk ýolundan ýörişe başlady. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, çärä gatnaşyjylaryň ählisi ýörişe goşuldy. Hormatly Prezidentimiziň Saglyk ýolundan halk köpçüligi bilen bilelikde geçmegi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen parasatly ýörelgesiniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.Paýtagtymyzyň gözel künjeginde gurlan özboluşly Saglyk ýoly sport-sagaldyş düzüminiň esasy desgalarynyň biridir. Saglyk ýoly dürli ýaşdaky adamlara diňe bir saglygyny berkitmäge däl, eýsem, tebigat bilen has ýakynlaşmaga-da mümkinçilik berýär. Sport sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň çeşmesidir. Ýurdumyzda sport hereketine goşulýanlaryň sany yzygiderli artyp, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänleriň gatnaşmagynda köpçülikleýin çäreleri guramak indi asylly däbe öwrüldi. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamyň ruhubelent bolmagyna, onuň döredijilik işine oňyn täsir edýär. Bu ajaýyp künjekde dagyň tenekar howasy, güýz paslynyň ynsan ruhuny göterýän säheriniň hoştaplygy bilen utgaşyp, adamlary beýik maksatlara ruhlandyrýar. Bu gün Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde tebigaty goramak meselesine möhüm ähmiýet berilýär.Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça asylly başlangyçlarynyň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Watanymyzyň tebigatyny we onuň gözelligini aýawly saklamak, daşky gurşawy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy hem işjeň ösdürýär. Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulyşan ýurdumyzyň durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan meseleleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşmegi, şol sanda Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy munuň aýdyň mysalydyr....Bu ýerden türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň belent başly heýkeli seleňläp görünýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilen şu ýylda Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede bellenilýär, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen şygyrlaryny dünýäde giňden wagyz etmek boýunça işler alnyp barylýar. 11-nji oktýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forum hem munuň aýdyň güwäsine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, türkmen halky müňlerçe ýyllyk taryhynyň dowamynda adamzadyň umumy ösüşine uly täsir eden ruhy we medeni gymmatlyklary döreden halkdyr. Şahyryň eserleri dünýä edebiýatynyň, adamzat medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr. Söz ussadynyň dürdäne eserlerini halk ýatdan öwrenipdir. Bagşy-sazandarlarymyz onuň çuň many-mazmunly goşgularyny aýdyma öwrüp, şu günlerimize ýetiripdir.Bu ýerden paýtagtymyz örän ajaýyp görünýär. Belent binalar ak mermere beslenen Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da gözel görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda ýurdumyzyň baş şäheri tanalmaz derejede özgerýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat dünýäniň owadan hem-de ýaşaýyş üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda ornuny has-da pugtalandyrýar.Köpçülikleýin ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedowdan alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Wise-premýer şäheriň ekologik abadançylygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýtdy. Döwlet Baştutanymyz baş şäherimizi ösdürmegiň konsepsiýasynyň durmuşa geçirilişine ünsi çekip, şäher infrastrukturasyny kämilleşdirmek, paýtagtymyzdaky seýilgählere we seýilbaglara talabalaýyk ideg etmek, ýaşaýjylar üçin amatly şertleri, sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikleri döretmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.Milli hem-de ählumumy derejede ekologik abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda toplumlaýyn we uzak möhletleýin Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Onda senagat düzüminiň, ulag-kommunikasiýa ulgamynyň okgunly ösmegi, şäherleriň we täze ilatly ýerleriň geriminiň giňemegi bilen baglylykda, ýaşyl zolaklaryň, tokaýlaryň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Soňky ýyllarda Diýarymyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyzyň töwereginde köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek asylly däbe öwrüldi. Halk köpçüliginiň işjeň gatnaşmagynda ýaz hem-de güýz pasyllarynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralarynyň dowamynda her ýylda millionlarça düýp bag nahaly ekilýär. Saglyk ýolunyň ugrunda hem-de golaýynda ekilen agaç nahallary we güller bu ýeriň gözelligini has-da baýlaşdyrýar, Köpetdagyň eteginiň ekologik ýagdaýyna amatly täsirini ýetirýär. Munuň özi salkyn howaly güýz günlerinde has-da äşgär duýulýar.Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli aladasy netijesinde öz çägini giňeldýän tokaý zolaklary türkmen tebigatynyň bezegine, ekologik abadançylygyň esasy şertine öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz ekologiýa meselelerine, tebigaty goramak strategiýasynyň wezipeleriniň yzygiderli esasda çözülmegine uly üns berýär. Şunuň bilen bir hatarda, Saglyk ýolunyň sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Bu ýer köpçülikleýin sport we medeni çäreleriň geçirilýän ýeri hökmünde türgenleriň, saglygyny berkitmek isleýän raýatlaryň gelýän esasy merkezleriniň biridir. Sport bilen meşgullanmak adamlara boş wagtyny has netijeli peýdalanmaga ýardam berýär. Beden maşklary adamyň aňyna, pikirlenmesine, ünsüne we ýatkeşligine oňyn täsir edip, onda tutanýerliligi, erki, zähmetsöýerligi, birek-birege bolan oňyn gatnaşyklary, durmuş işjeňligini üpjün edýär. Saglyk diňe bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr. Sport Watanymyzyň geljegi bolan berk bedenli, sagdyn ýaş nesilleri terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan sport çärelerine hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy olaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak babatda zerur şertler döredilýär. Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.1894-nji ýylda Parižde fransuz jemgyýetçilik işgäri Pýer de Kuberten Olimpiýa hereketini esaslandyrdy. 1896-njy ýylda bolsa Gresiýanyň Afiny şäherinde Halkara Olimpiýa Komiteti tarapyndan häzirki döwrüň ilkinji Olimpiýa oýunlary guraldy. Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryny häzirki döwrüň Olimpiýa hereketini esaslandyryjy Pýer de Kuberteniň “Sporta waspnamasyndaky” meşhur sözleriniň aýdyň beýany hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Bu senada parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşiň, şatlygyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň maksatlary, ýaşlygyň, ýeňşe bolan ymtylmanyň ruhy “Eý, sport! Sen — parahatçylyk!” diýen sözler bilen wasp edilýär. Olimpiýa oýunlarynyň “Bilelikde has çalt, has ýokary, has güýçli” diýen şygary sportuň adamlaryň arasynda raýdaşlygy, dostlugy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini tassyklaýar.Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda amala aşyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda täze sport desgalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmenistanlylaryň buýsanjyna öwrüldi. Bu desgalar toplumynyň gurluşygy türkmen sportuny ösdürmekde wajyp tapgyr boldy. Onuň çäginde ýöriteleşdirilen sport toplumlarynyň ençemesi bolup, olarda iri halkara ýaryşlaryň birnäçesi üstünlikli geçirildi. Şolaryň hatarynda 2017-nji ýyldaky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýyldaky Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny, 2023-nji ýyldaky Kuraş boýunça dünýä çempionatyny, 12 ýaşa çenli ýaş türgenleriň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň toparlaýyn ýaryşyny görkezmek bolar. Häzirki wagtda Türkmenistan türgenleşikleri geçirmek, türgenleriň ussatlygyny kämilleşdirmek, sport ulgamyna degişli ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, sebit we dünýä derejesindäki ýaryşlary guramak üçin ägirt uly tejribä hem mümkinçiliklere eýedir. Döwletimiziň yzygiderli goldawlary netijesinde türgenlerimiz ajaýyp üstünlikleri gazanýarlar. Bularyň ählisi dünýäniň sport giňişliginde Watanymyzyň abraýynyň belende göterilmegine, Bitarap Türkmenistanyň sport diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça başlangyçlarynyň ilerledilmegine ýardam berýär....Döwlet Baştutanymyz Saglyk ýolundan ruhubelentlik bilen geçip, onuň tamamlanýan ýerine — pellehana geldi. Bu ýerde ýaňlanan aýdym-sazlar köpçülikleýin ýörişe gatnaşyjylaryň şatlygyny has-da artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz sport çäresine gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň göreldesine eýerip, 6 müňden gowrak adamyň paýtagtymyzyň Saglyk ýoly boýunça köpçülikleýin ýörişe gatnaşmagy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.***Şu gün Saglyk ýolundaky köpçülikleýin ýöriş tamamlanandan soňra, halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak hem-de Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça ýaryşyň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. Oňa Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, türgenler, talyplar gatnaşdylar.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sporty ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman sport toplumlarynyň, köpugurly stadionlaryň, sport mekdepleriniň we beýleki ugurdaş desgalaryň gurulmagy netijesinde halkara ölçeglere laýyk gelýän öňdebaryjy sport-sagaldyş ulgamyny döretmekde uly üstünlikler gazanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen binýat bolan Arkadag şäherinde köpugurly sport toplumynyň, suw-sport toplumynyň, 10 müň orunlyk stadionyň gurlup, ýurdumyzyň ilkinji “akylly” şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň döredilmegi bu ugurda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň anyk mysallarynyň biridir.Ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmek bilen bir hatarda, sportuň milli görnüşlerini giňden wagyz etmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Türgenlerimiz iri halkara ýaryşlarda, şol sanda Aziýa we dünýä çempionatlarynda üstünlikli çykyş edip, gowy netijeleri gazanýarlar. Sport halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry, türgenler bolsa dostlugyň, parahatçylygyň we raýdaşlygyň ilçileridir. Olar hoşmeýilli erkiň beýik taglymlaryny dünýä ýaýýarlar. Şoňa görä-de, milli sport ulgamynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegi döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri hökmünde yglan eden Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, ildeşlerimize görelde bolýarlar. Munuň özi türgenleri halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanmaga ruhlandyrýar. Olaryň üstünlikleri ýurdumyzda bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýedigini tassyklaýar hem-de Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki abraýyny pugtalandyrýar.Asylly däbe görä, halkara sport ýaryşlarynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip, baýrakly orunlary eýelän türgenler milli sporty ösdürmäge, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Watanymyzyň abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga goşan uly goşantlaryna hormatyň nyşany hökmünde döwlet derejesinde sarpalanylýar. Dabara mynasybetli bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleriň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň halkara sport abraýynyň belent derejelere ýetendigini belledi. Berkarar döwletimizde ynsan saglygyny goramaga, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary derejeli sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmäge, sport babatda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlar hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. “Biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek arkaly täze sport düzümlerini dörederis. Hakyky sport söýüjileriň, ussat türgenleriň döwrebap neslini kemala getirmek üçin ähli şertleri dörederis. Çünki ýaş nesillerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy döwrüň möhüm talabydyr. Sport sagdynlygyň we gözelligiň çeşmesidir” diýlip, Gutlagda nygtalýar.Çäräniň dowamynda Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça guralan ýaryşyň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.Soňra köp sanly gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenlerine we olaryň tälimçilerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.Türkmenistanly türgenler 3 — 5-nji maý aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde sportuň dzýudo görnüşi boýunça geçirilen «Dushanbe Grand Slam — 2024» halkara ýaryşynda, 31-nji mart — 11-nji aprel aralygynda Tailand Patyşalygynyň Phuket şäherinde sportuň agyr atletika görnüşi boýunça geçirilen dünýä kubogynda, 22 — 26-njy maýda Peru Respublikasynyň Lima şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda, 22 — 30-njy sentýabr aralygynda Bruneý Darussalam Döwletiniň Bandar Seri Begawan şäherinde sportuň uşu görnüşi boýunça geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky 9-njy dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, altyn medallara mynasyp boldular.Türgenlerimiz 6 — 10-njy iýun aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde kuraş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda, 23-nji awgust — 1-nji sentýabr aralygynda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde sportuň kikboksing görnüşi boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda, 8 — 13-nji sentýabr aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynda alyş hem-de kuraş göreşi boýunça dürli derejeli medallary gazandylar. Şeýle-de 29 — 31-nji mart aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde sportuň dzýudo görnüşi boýunça geçirilen “Uly tuwulga” halkara ýaryşynda, 25 — 29-njy aprel aralygynda Albaniýa Respublikasynyň Durres şäherinde sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda, 19 — 28-nji sentýabr aralygynda Ispaniýa Patyşalygynyň Leon şäherinde sportuň agyr atletika görnüşi boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda, 1 — 4-nji oktýabr aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde sportuň boks görnüşi boýunça ulularyň arasynda geçirilen halkara ýaryşda, 20 — 26-njy iýun aralygynda Gruziýanyň Tbilisi şäherinde parapauerlifting boýunça geçirilen halkara ýaryşda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyş edendiklerini bellemek gerek.Erkin göreş boýunça 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp bolan Alp Arslan Begenjowa hem-de agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp bolan Şahzadbek Matýakubowa Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan “Toyota Camry V6” kysymly ýeňil awtoulaglar sowgat berildi.Sylaglara mynasyp bolanlar hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de dünýäniň sport giňişliginde Watanymyza mundan beýläk-de mynasyp wekilçilik etjekdiklerine ynandyrdylar.Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.Şeýlelikde, şu gezekki dabara halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, Türkmenistanyň ýaşyl tuguny belende galdyran türgenlerimize goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, döwrüň talaplaryna laýyklykda, milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmek babatda degişli çäreler görülýär, ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşini kesgitleýän täze kanunlar işlenip taýýarlanylýar. Hereket edýän kanunçylyk namalaryny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, döwrüň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Şeýle hem daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Hususan-da, Mejlisiň wekilleri Türkmenistan — Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen, Türkiýe Respublikasynda iş saparynda boldular. Saparyň dowamynda geçirilen duşuşyklarda toparyň işiniň kämilleşdirilmegi, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi, parlamentler derejesinde duşuşyklardyr maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi barada pikir alşyldy. Mejlisiň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň guramagynda geçirilen Merkezi Aziýa we Ýuwaş ummanyň ada döwletleriniň parlamentleriniň deputatlarynyň maslahatynyň çäginde geçirilen «Ylalaşygy çuňlaşdyrmak we ösüş üçin bilelikdäki tagallalar» atly okuw maslahatyna gatnaşandygy habar berildi.Mejlisiň deputatlary döwlet syýasatynyň, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň we medeni mirasynyň ähmiýetini wagyz etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça guralýan çärelere gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygynyň döwrüň talabyna görä kämilleşdirilmelidigini belledi. Munuň özi döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmäge we ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berildi. Ilki bilen, wise-premýer döwlet Baştutanymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, ähli halkymyza we bank ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.Soňra ol «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ulgamda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak we tejribe alyşmak üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer şu ýylyň 27-nji noýabrynda paýtagtymyzda ýurdumyz bilen «VISA» amerikan kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara işewürlik forumyny geçirmek meselesi barada habar berdi. Onuň gün tertibine bu kompaniýa bilen strategik hyzmatdaşlygy hem-de halkara töleg ulgamynyň täze tehnologiýalaryny we innowasiýalary özleşdirmek bilen bagly meseleler giriziler.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda halkara guramalar we daşary döwletler bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, tejribe alyşmaga möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda Türkmenistan bilen bu kompaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara işewürlik forumyny geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, konserniň işgärleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 4 sany 4 gatly, 40 öýli ýaşaýyş jaýyny gurmagyň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli gurulýandygyny belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda işleriň alnyp barlyşy hem-de welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ekin meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak işi dowam edýär. Ýetişdirilen pagta hasylyny, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny, Mary welaýatynda gant şugundyryny ýygnap almak boýunça işler geçirilýär. Häzirki wagtda welaýatlarda güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, olary sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, bu önümler bilen bazarlary üpjün etmek üçin degişli çäreler görülýär. Ýurdumyzda mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmak boýunça işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallar üçin ot-iýmleri taýýarlamak, ýorunja, arpa ideg etmek boýunça zerur çäreler dowam edýär.Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek maksady bilen, güýzki bag ekmek möwsümine başlamak, şu ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk çärelerini giňden ýaýbaňlandyrmak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň, tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan bugdaý ekişini guramaçylykly jemlemegiň, ýurdumyzda ýetişdirilen pagta we şaly hasylyny, gant şugundyryny ýygnap almak işlerini talabalaýyk geçirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, güýzki bag ekmek möwsümine gowy taýýarlyk görmegiň, Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk çärelerini hem ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan ýerli çig maly netijeli peýdalanmak, «Guwlyduz» kombinatynyň önümçiligini giňeltmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Ilki bilen, wise-premýer Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy toplumyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.Soňra wise-premýer hasabatyny dowam etdi. Bellenilişi ýaly, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän hem-de bäsdeşlige ukyply duzlaryň dürli görnüşlerini çykarmak boýunça döwrebap önümçilikleri ýola goýmak, geljekde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynda ýerli çig maldan halkara talaplara laýyk gelýän, lukmançylyk duzuny öndürmekde zerur bolan çig mallary öndürmek üçin ony ekologik taýdan arassa, ýokary hilli duz bilen üpjün etmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan, ekologik taýdan arassa ýokary hilli duzlaryň dürli görnüşlerini öndürmek üçin döwrebap önümçilikleri ýola goýmagy dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kombinatynyň çäginde ýokary hilli duzlary öndürýän täze önümhanany gurmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Dokma senagaty ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ministrligiň garamagyndaky kärhanalarda degişli tehnikalaryň, hususan-da, awtoulaglaryň bökdençsiz işledilmegi üçin netijeli çäreleriň görülýändigi hakynda aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak baradaky taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň 13 — 15-nji noýabry aralygynda paýtagtymyzda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, halkara kinofestiwalyň açylyş we ýapylyş, baýraklaryň gowşurylyş dabaralaryny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirmek göz öňünde tutulýar. «Aşgabat» myhmanhanasynda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygyny geçirmek, «Aşgabat» kinoteatrynda, «Türkmenistan» we «Watan» kinokonsert merkezlerinde festiwala gatnaşýan ýurtlaryň kinofilmleriniň görkezilmegi, Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolsa daşary ýurtly kinematograflaryň we artistleriň talyplar üçin ussatlyk sapaklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzdaky we onuň etegindäki ajaýyp ýerlere gezelençler guralar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, türki halklaryň köpdürli medeniýetiniň wagyz edilmegine, ruhy taýdan has-da ýakynlaşmagyna ýardam berýän çäreleriň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Gorkut ata» halkara kinofestiwalyna gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa şu ýylyň 8 — 17-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda geçiriljek tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşa görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş topary döredilip, onuň ýerine ýetirmeli çäreleriniň meýilnamasy tassyklanyldy. Häzirki wagtda Diýarymyzda geçirilen iri halkara sport çärelerinde toplanan tejribelerden ugur alyp, ýaryşy ýokary derejede, guramaçylykly geçirmek bilen bagly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýaryşa Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Pakistanyň, Eýranyň, Iordaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Malaýziýanyň we Hytaýyň, umumylykda, 12 döwletiň 70 sany türgeniniň, şeýle hem sport wekiliýetleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Halkara ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere ýadygärlik sowgatlaryň, Halkara Tennis federasiýasynyň medallarynyň we şahadatnamalarynyň gowşurylmagy göz öňünde tutulýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sporty ösdürmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny artdyrmak üçin netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, dürli derejedäki sport ýaryşlaryny geçirmek babatda ähli zerur şertleriň döredilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça halkara ýaryşy geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ählumumy metan borçnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy gün tertibinde durýan meseleler babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şoňa görä, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça dünýä bileleşigi bilen özara hyzmatdaşlyk baradaky başlangyja aýratyn üns çekildi.Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2023-nji ýylyň 30-njy noýabry — 12-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Şundan ugur alnyp, 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça «Ýol kartasynyň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu resminama 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça maksatlaryny ýene-de bir gezek tassyklamaga, dünýä jemgyýetçiliginiň bu ugurdaky umumy tagallalaryna goşant goşmaga gönükdirilendir. «Ýol kartasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça dürli halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariaty, degişli ýöriteleşdirilen edaralary, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, beýleki halkara düzümler bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barmak meýilleşdirilýär.Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň çäginde döredilen “MARS” atly sanly platformanyň işine işjeň gatnaşmaga hem uly ähmiýet berýär. «Ýol kartasyny» iş ýüzünde amala aşyrmak üçin metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça 2025-2026-njy ýyllarda çäreler toplumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Hususan-da, dürli halkara guramalar bilen bilelikde ylmy-amaly maslahatlary, «tegelek stol» duşuşyklaryny, okuw sapaklaryny we beýleki çäreleri geçirmek, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek babatda daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, innowasion we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ugurdaş gazy gaýtadan işlemek hem-de ulanmak boýunça tehniki-ykdysady esaslandyrmalary taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Milli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde metan zyňyndylaryny azaltmak babatda Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler barada maglumatlary ýaýratmak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýokarda agzalan «Ýol kartasynyň» we ony durmuşa geçirmek üçin göz öňünde tutulan çäreler toplumynyň taslamalary hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça halkara derejede öňde goýlan wezipeleri berjaý etmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň geljekde hem metanyň zyňyndylaryny azaltmak babatda ählumumy çärelere goşýan goşandyny artdyrjakdygyny, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem-de halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň 14 — 16-njy noýabry aralygynda «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergini hem-de ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, foruma birnäçe halkara guramalaryň, önüm öndüriji we programma üpjünçiligini taýýarlaýan kompaniýalaryň 150-den gowragynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, halkara sergä bolsa daşary ýurt we ýerli kompaniýalaryň 60-dan köpüsiniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu kompaniýalar sergide sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, maglumat goraglylygy, telekommunikasiýa, maglumat we kompýuter tilsimatlary, hemra aragatnaşyk ulgamynyň enjamlary, öýjükli aragatnaşygyň 5G ülňüleri ýaly ugurlarda gazanylanlar bilen tanyşdyrarlar. Şeýle hem forumyň çäklerinde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi we Bütindünýä poçta birleşigi bilen bilelikde «Poçta ulgamyndaky sanly geçiş» atly okuw maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Çäräniň çäklerinde «Sanly çözgüt — 2024» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň jemi jemlener we onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak işleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergi we ylmy maslahat hem öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we agentligiň ýolbaşçysyna halkara ähmiýetli çärelere gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 3-nji noýabrda ýurdumyzda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Gurluşyk we senagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Toplumyň işgärleri ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz hemmeleri gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. Welaýatda geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin bugdaý ekişi dowam edýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Şeýle hem häkim welaýatyň çägindäki edara-kärhanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek boýunça görülýän çäreler, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we guramaçylykly alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitde pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek, möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Welaýatda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin degişli çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy öz wagtynda tutulýar. Şeýle hem häkim welaýatdaky edara-kärhanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça görülýän çäreler, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi hem-de bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitde pagta ýygymy guramaçylykly dowam edip, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilip, ýygnalan hasyl harmanhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. Bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek babatda zerur işler geçirilýär. Ekiş geçirilen ýerlerde kadaly gögeriş alynýar. Welaýatda şaly hasylyny ýygnap almak, şaly oragynyň depginini güýçlendirmek boýunça çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim welaýatdaky medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça görülýän çäreler, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bu ugurdaky işleriň depginlerini güýçlendirmek, bugdaý ekişini talabalaýyk geçirmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň pagtaçy daýhanlary tarapyndan ýetişdirilen “ak altynyň” hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, hasyly pagta kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk ýerleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, kadaly gögeriş almak üçin agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gögeriş suwy tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, sebitde ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, döwlet harmanyna tabşyrmak hem-de bökdençsiz kabul etmek babatda zerur işler geçirilýär. Şeýle-de häkim welaýatdaky bilim, medeniýet, jemgyýetçilik edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny bökdençsiz işletmek üçin görülýän çäreler, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän işleriň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, häzirki wagtda welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygymda ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek babatda zerur işler alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy öz wagtynda tutulyp, kadaly gögeriş alynýar. Welaýatda gant şugundyrynyň hasylynyň ýygymyna girişildi. Mundan başga-da, häkim welaýatyň çägindäki medeni-durmuş, jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça ýerine ýetirilýän işler, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini talabalaýyk geçirmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, hasyly kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu işlerde ulanylýan kombaýnlar, awtoulaglar doly güýjünde işledilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak hem-de gögeriş alnan meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýygnap almak, kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk saklamak babatda işler dowam edýär. Mary welaýatynda gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işleri tamamlanyp, häzirki wagtda hasyly ýygnap almaga girişildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ähmiýetini belledi we häzirki wagtda pudakda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň talabalaýyk alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzir ýurdumyzyň oba hojalygynda örän jogapkärli döwür bolan pagta ýygymy möwsüminiň dowam edýändigini, şoňa görä-de, ýygymyň depginini has-da güýçlendirmegiň, pagta hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur bolan ähli işleri talabalaýyk geçirmegiň möhümdigini belledi we welaýatlarda ýygymda kombaýnlaryň, tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, pagta kabul ediş harmanhanalarynyň doly güýjünde we netijeli işledilmegini üpjün etmegi, şu işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda bugdaý ekişiniň hem güýçli depginde alnyp barylýandygyna ünsi çekip, ekişiň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmeginiň bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam etjekdigini aýtdy.Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda bugdaý ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy, ekişde tehnikalaryň we gurallaryň doly güýjünde, netijeli işledilmegini gazanmagy, gögeriş suwuny tutmak işleriniň talabalaýyk, öz wagtynda geçirilmegini, bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş alynmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen 2024-nji ýylyň pagta hasyly hem-de 2025-nji ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylynyň, Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň talabalaýyk ýygnalyp alynmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz gyş möwsüminiň golaýlap gelýändigine ünsi çekip, welaýatlarda bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmegi, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýylda meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Mejlise türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.Mejlisiň başynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berdi.Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, şu günki geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisine ýüzlenmäge mümkinçilik berendigi üçin Arkadagly Serdarymyza minnetdarlygyny bildirdi.Milli Liderimiz hormatly Prezidentimize hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, düýn — 24-nji oktýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagyna 79 ýyl bolandygyny, döwlet Baştutanymyzyň bu abraýly halkara guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşmagynyň, ony guramanyň güni bilen gutlamagynyň ählimiz üçin uly mertebe bolup durýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri dünýäde hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilen Garaşsyz Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen BRICS sammitinde eden çykyşynyň hem munuň aýdyň güwäsi bolup durýandygyny nygtady.Hormatly Prezidentimiz, Siziň belläp geçişiňiz ýaly, dünýäniň strategik sebitleriniň biri bolan Merkezi Aziýa häzirki günde depginli ösüşleri gazanýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Sebitiň ýurtlary Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ýurdumyzda hem Durnukly ösüş maksatlary boýunça edilen işler kän. Ýagny ykdysadyýeti, ekologiýany, hususyýetçiligi, ylmy-intellektual başlangyçlary ösdürmek ugrunda köp işler ýerine ýetirilýär. Geljekde hem bu ugurda degişli çäreler alnyp barlar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Gahryman Arkadagymyz, öz gezeginde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça çäreleri berk gözegçilikde saklajakdygyna ynandyryp, bu möhüm çäreleri amala aşyrmakda hemmelere uly üstünlikleri arzuw etdi.Türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam edip, häzirki wagtda eziz Watanymyzda sport ulgamyny ösdürmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny, Türkmenistanyň diňe bir iri halkara ýaryşlara gatnaşmak bilen çäklenmän, sebit we dünýä derejeli ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülendigini kanagatlanma bilen belledi. Şu ýylyň 6-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. BMG-ä agza ýurtlaryň biziň bu başlangyjymyzy goldamagy, 87 ýurduň oňa awtordaş bolmagy biziň üçin örän uly abraýdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Çözgüdine laýyklykda, şu ýyl Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Bularyň ählisi Garaşsyz ýurdumyzda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr.Möhüm ähmiýetli Kararnama kabul edilenden soň hem biziň türgenlerimiz köp sanly halkara ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelediler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň tuguny al-asmanda parladyp, ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterdiler. Bu bolsa ýurdumyzyň sport syýasatynyň gowy netijeleri berýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, Daşary işler ministrligi bilen bilelikde halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenlerimizi sylaglamak dabarasyny geçirmek baradaky teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.Türkmen halkynyň Milli Lideri ýylsaýyn özgerýän Diýarymyzda döwlet we halkara derejedäki dürli çäreleriň, toý-baýramlaryň giňden bellenilip geçilýändigini, sentýabr aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede geçirilendigini, ýakynda bolsa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berlen, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň guralandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu çärelere taýýarlyk görmek we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk tarapdan köp işleri alyp bardy diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi hem-de Halk Maslahatynyň mejlisine we halkara çärelere taýýarlyk görmek bilen bagly awgust aýynda zähmet rugsadyny almandygy sebäpli, 1-nji noýabrdan zähmet rugsadynyň öwezini dolmak barada hormatly Prezidentimize ýüzlendi.Döwlet Baştutanymyz Gahryman Arkadagymyzyň belläp geçen ähli meseleleriniň, aýratyn-da, ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlary boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmegiň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. “Ýaş türgenlerimiz halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýyny belende göterýärler. Biz mundan beýläk hem olar üçin ähli şertleri dörederis” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 1-nji noýabryndan başlap zähmet rugsadyna çykmagy bilen bagly meseläni hem goldady.Milli Liderimiz döwlet Baştutanymyza döredýän mümkinçilikleri üçin minnetdarlygyny bildirip, hemmelere ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.Soňra hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini dowam edip, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, administratiw hukuk bozulmalary, raýatlaryň zähmet gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmak, salgytlar, awtomobil ulagy bilen baglanyşykly we beýleki hereket edýän kanunlara üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmek boýunça işler dowam etdirilýär. Daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin Mejlisiň wekilleri ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde BMG-niň Ilat gaznasynyň guran maslahatyna, Bütindünýä Söwda Guramasynyň geçiren okuw sapagyna gatnaşdylar. Şeýle hem Mejlisiň wekilleri Parlamentara Birleşigiň 149-njy Assambleýasyna gatnaşmak maksady bilen, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde iş saparynda boldular. Deputatlaryň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň taryhy ähmiýetini wagyz etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça guralýan çärelere gatnaşýandyklary we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýändikleri barada hem aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mejlisiň deputatlarynyň ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşini kesgitleýän kanunlary işläp taýýarlamalydyklaryny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan şu ýylyň 1-nji noýabrynda “Türkmen manady — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň nyşany” atly ylmy-amaly maslahaty geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.Maslahatyň gün tertibine milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi netijesinde ýurdumyzyň gazanan ykdysady üstünlikleri, milli pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly döwrebap bank hyzmatlaryny hödürlemek, elektron tölegler ulgamyny kämilleşdirmek, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek bilen baglanyşykly meseleler giriziler. Foruma ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş we bank edaralarynyň, ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşarlar.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, pudaklaýyn desgalaryň infrastrukturasyny kämilleşdirmek, geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, döwlet konsernini ýöriteleşdirilen tehnikalar, hususan-da, nebitgaz guýularyny burawlamakda, özleşdirmekde we düýpli abatlamakda ulanylýan serişdeler bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli kämilleşdirip durmagyň zerurdygyny belledi hem-de ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi we ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, resminamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda işleriň alnyp barlyşy hem-de welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.Wise-premýer, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.Soňra wise-premýer hasabatyny dowam etdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekişi dowam edýär, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta hasylyny, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Häzirki wagtda welaýatlarda güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, olary sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, bu önümler bilen bazarlarymyzy üpjün etmek babatda degişli işler geçirilýär.Ýurdumyzda mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmak maksady bilen, maldarçylyk hojalyklarynda mallar üçin ot-iýmleri taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak üçin suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri geçirilýär. Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek, ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, häzirki wagtda ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň, bugdaý ekişini bellenen möhletlerde we talabalaýyk alyp barmagyň, munuň üçin oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmegi dowam etdirmegiň, beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde-de netijeli işleri alyp barmagyň, ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümine gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýekşenbe güni Türkmen alabaýynyň baýramynyň giňden bellenilip geçiljekdigini, türkmen alabaýynyň merdana halkymyzyň gadymdan gelýän milli buýsanjydygyny belledi hem-de hemmeleri Türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalarynyň kadaly işlemegini üpjün etmek hem-de zerur bolan abatlaýyş-tehniki işleri geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmegiň hemişe üns merkezinde saklanylýandygyny, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi hem-de resminamany sanly ulgam arkaly iberip, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, degişli resminamalara laýyklykda, Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäginde özara sergileri hem-de ýurdumyzda Ikinji türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bellenen çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde “Türkmenistanda öndürilen” atly ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisi geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýylyň 20-21-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde özbek harytlarynyň milli sergisini hem-de Ikinji türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek baradaky teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanyp, goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini, bu ugurda Özbegistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz noýabr aýynda Türkmenabat şäherinde Özbegistan Respublikasynyň milli sergisini we Ikinji sebitara forumy geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu ýylyň noýabr aýynyň dowamynda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek, talyplardyr okuwçylaryň arasynda “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly uniwersiadanyň we spartakiadanyň sport ýaryşlaryny geçirmek meýilleşdirilýär.3-nji noýabrda ýurdumyzda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni giňden belleniler. Şu mynasybetli birnäçe baýramçylyk dabaralaryny, şol sanda medeni çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. 10-njy noýabrda bolsa Hasyl toýy mynasybetli giň gerimli çäreleri we dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Şu ýylyň 13 — 15-nji noýabry aralygynda paýtagtymyzda “Gorkut ata” halkara kinofestiwaly geçiriler. Şeýle hem 14 — 16-njy noýabrda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2024” atly halkara sergisini we ylmy maslahaty geçirmek, “Sanly çözgüt — 2024” atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar.Wise-premýer şu ýylyň noýabr aýynda başga-da birnäçe möhüm ähmiýetli çäreleriň, şol sanda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar we şanly seneler bilen bagly noýabr aýynda geçiriljek esasy çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ulanmaga berilýän desgalaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň, Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni, Hasyl toýy mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Hytaý Halk Respublikasy bilen köpugurly gatnaşyklar, hususan-da, ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Munuň özi ylym ulgamyny kämilleşdirmek hem-de bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Forumyň gün tertibine ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilige işjeň ornaşdyrmak, halkara ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen bagly meseleler giriziler. Şeýle hem forumda nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýä döwletleri, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyny geçirmek hakynda» Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we bu möhüm çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol sözüniň başynda Hökümetiň agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Duslyk” ordeni bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň şu günki mejlisine syýasy taýdan örän ähmiýetli we manyly çykyşy bilen gatnaşandygy bellenildi. Hormatly Arkadagymyzyň bu mejlise gatnaşmagy hemmämiz üçin uly hormatdyr we uly jogapkärçilikdir diýip, wise-premýer, daşary işler ministri aýtdy. Gahryman Arkadagymyz BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň ýokary derejedäki ornuny belläp, “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama boýunça esasy pikirini paýlaşdy we bu babatda öz tekliplerini beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirildi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini nygtap, hormatly Prezidentimizi Birleşen Milletler Guramasynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän başlangyçlary BMG-niň çäklerinde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilýän Kararnamalarda öz beýanyny tapýar.Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow şu gün BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. 2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsi we sebitdäki hemme ýurtlar bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň bu daşary syýasy üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.Soňra wise-premýer, daşary işler ministri «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, bu geňeş döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde 2024-nji ýylyň martynda döredildi. Şu ýyl onuň mejlisleriniň ikisi geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna noýabr aýynda geňeşiň nobatdaky mejlisini geçirmek we onuň gün tertibi baradaky teklipler hödürlenildi.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama laýyklykda, Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň meýilnamasynyň deslapky taslamasy işlenip düzüldi we ony öňümizdäki mejlisde ara alyp maslahatlaşmak teklip edilýär. Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmekde ulgamlaýyn çemeleşmeleri we oňyn tejribeleri ornaşdyrmak maksady bilen, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy we ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudak edaralary bilen bilelikde taýýarlanylan «2024 — 2026-njy ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasyna» garamak teklip edilýär. Bu resminamanyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde birnäçe çäreleri guramak meýilleşdirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Ýurdumyz bu abraýly gurama bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge aýratyn üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu Kararnama bilen bagly ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz geňeşiň nobatdaky mejlisini geçirmek hem-de mejlisde degişli çäreler boýunça soraglary ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly teklibi goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gury ýük gämileriniň ýokary depginde alnyp barylýan gurluşygy netijesinde bu ugurda ýerli hünärmenler taýýarlanylyp, zawodda dünýäniň iň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylýar we zawodyň awtomatlaşdyrylan enjamlary işe girizilýär. Şunuň bilen birlikde, zawodyň has netijeli işlemegi üçin onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, bu ýerde täze enjamlary öndürmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda gury ýük gämileriniň gurluşygyna badalga berilmeginiň milli senagatyň täze ugruny ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny aýtdy. Munuň özi ýükleriň möçberini yzygiderli artdyrmaga, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işini kämilleşdirmäge itergi berýär. Şunda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna hem aýratyn orun degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz bu döwrebap zawodyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça taýýarlanan teklipleri goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegini teklip etdi. “Bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gowy netije gazanyp, ýaşyl tugumyzy belentde parladan türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlalyň, mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşuralyň!” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu hoş habar hormatly Arkadagymyzyň belläp geçişi ýaly, Türkmenistanyň dünýäde «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýandygynyň güwäsi bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsiniň biziň bu başlangyjymyzy goldamagy, sebitdäki hemme ýurtlaryň oňa awtordaş bolup çykyş etmegi biziň üçin uly abraýdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we teklibi biragyzdan goldan ähli ýurtlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hemmeleri «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly döwlet Baştutanlary,Hanymlar we jenaplar!Ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti hormatly Wladimir Wladimirowiç Putine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygymy beýan etmek isleýärin. Türkmenistan «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitine ilkinji gezek gatnaşýar. Biz şeýle wekilçilikli çärä çakylyk üçin minnetdarlyk bildirýäris we muny Türkmenistana goýulýan hormatyň nyşany hökmünde kabul edýäris.Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara jemgyýetçiligiň dünýäde hyzmatdaşlyk, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerini berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny parahatçylyk döredijilik gün tertibini ilerletmek, ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, döwletara gatnaşyklarda deňhukukly dialog, ynanyşmak, açyklyk medeniýetini pugtalandyrmak üçin ulanýar. Gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almak, olary döredýän sebäpleri aradan aýyrmak üçin Bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň ulanylmagy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm bölegidir. Häzirki ýagdaýlarda Bitaraplygyň esasy ýörelgeleriniň örän zerurdygyna hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň goldamagynda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek işinde anyk peýda getirmäge ukyplydygyna ynanýarys. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işiniň aýratyn ähmiýetini we netijeliligini bellemek gerek. Bu merkeziň ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýär.Jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistan halkara ýagdaýlary kadalaşdyrmaga we hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerine geçmäge gönükdirilen çäreleri teklip edýär. Bu babatda ýurdumyz BMG-de birnäçe teklipler bilen çykyş etdi, hususan-da, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň parahatçylyk döredijilik tagallalarynda bitarap ýurtlara guramanyň esasy hyzmatdaşy hukuk derejesini bermek başlangyçlaryny, sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmek bilen baglanyşykly teklipleri öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan goldanylmagy möhüm waka boldy. Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmäge ähli döwletleriň işjeň gatnaşmagyna bil baglaýarys.Türkmenistanyň halkara strategiýasy häzirki döwrüň geoykdysady gatnaşyklaryna, häzirki zamanyň wajyp meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, ekologiýa, azyk howpsuzlygy babatda çylşyrymly ýagdaýlary aradan aýyrmaga, ýurtlaryň we halklaryň energiýa çeşmelerine, arassa suwa, howa elýeterliliginiň deňhukukly, adalatly we ygtybarly ýollaryny döretmäge esaslanýar. Muňa döwletimiz işjeň, jogapkärçilikli çemeleşýär. Türkmenistanyň ykdysadyýet, energetika, durnukly ulag ulgamlaryndaky başlangyçlaryna siziň ünsüňizi çekmek isleýärin. Gürrüň aýlanyşykly ykdysadyýete geçmegiň ählumumy Çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada barýar. Ýurdumyzyň beýleki başlangyçlary Durnukly ulag birikmesiniň ählumumy atlasyny hem-de Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmekden ybaratdyr.Umuman, häzirki ählumumy geoykdysady meýiller barada aýdylanda, ösüp barýan ýurtlaryň barha artýan ähmiýetini Türkmenistan şolaryň hatarynda aýratyn belleýär. Bu ýurtlar dünýä gurluşynyň ozal ýola goýlan, ýöne özgerdilmegi talap edilýän gatnaşyklaryna täze güýç we many-mazmun bermäge ukyplydyrlar.Türkmenistan ekologiýa hyzmatdaşlygy meselelerinde Merkezi Aziýada tebigy landşaftlary, Hazar deňzinde bioköpdürlüligi gorap saklamaga, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda bu sebitlerde suw, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär. Biz ynsanperwer ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyň, şol sanda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge uly ähmiýet berýäris.Şeýle hem ýurdumyz medeniýet, ylym, bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga täze itergi berilmegini möhüm hasaplaýar. Birek-biregi has gowy tanamak, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň, milli sungatlaryň özara baýlaşmagy halklary döredijilikli esaslarda birleşdirýän gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär.Hormatly sammite gatnaşyjylar!Şu gezekki mejlise gatnaşmaga çakylyk hem-de çykyş etmäge we garaýyşlarymyzdyr tekliplerimizi beýan etmäge döredilen mümkinçilik üçin guramaçylara ýene-de bir gezek hoşallyk bildirmek isleýärin.Sözümiň ahyrynda netijeli işlemäge döredilen şertler üçin guramaçylara minnetdarlygymy beýan etmäge rugsat ediň!