
Şu gün Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda gepleşikler geçirildi.Ozal habar berlişi ýaly, düýn döwlet Baştutanymyz resmi sapar bilen Malaýziýa geldi. Bu sapara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açýan tapgyr hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan, Türkmenistan Malaýziýa bilen däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Şunda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar oňyn ösüş depgini bilen häsiýetlendirilýär. Sebitiň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna girýän Malaýziýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir.Şu gün ir bilen döwlet Baştutanymyz motosikletçiler kerweniniň ugratmagynda Putrajaýa şäherinde ýerleşýän Hökümet binasyna — Perdana Putra geldi.Hökümet binasynyň öňündäki Perdana meýdançasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim mähirli garşylaýar. Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň Premýer-ministri birek-biregi mübärekläp, haly ýodajygynyň ugry bilen resmi garşylamak dabarasynyň geçirilýän ýerine barýarlar. Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar. Hormat garawulynyň serkerdesi hormatly Prezidentimize dabaraly hasabat berýär. Döwlet Baştutanymyz Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýär hem-de Malaýziýanyň goşun baýdagyny sarpalaýar.Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen, öz nobatynda, Premýer-ministr Anwar Ibrahim hem Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň Malaýziýadaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen hem tanyşdyrylýar.Resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz we Premýer-ministr Anwar Ibrahim Malaýziýanyň Hökümetiniň binasyna barýarlar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrýar.Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda çäkli düzümdäki gepleşikler geçirildi. Dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Malaýziýa resmi sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan etdi.Hormatly Prezidentimiz bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirdi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime iberen salamyny ýetirdi.Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan we öz adyndan Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Sultan Ibrahime salamyny hem-de çuňňur hormatyny beýan etdi.Hormatly Prezidentimiz Malaýziýa şu resmi saparynyň iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Malaýziýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge uly üns berýändigini belledi.Biziň ýurtlarymyz iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistan Malaýziýa bilen bilelikde halkara işlerde deňhukuklylyk we adalatlylyk, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ugrunda çykyş edýärler diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we Türkmenistanyň bitarap daşary syýasat ugruny, Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygy üçin malaý tarapyna minnetdarlygyny bildirdi.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Malaýziýa bilen gatnaşyklary netijeli ösdürmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmäge hemişe taýýardygyny tassyklap, Malaýziýanyň myhmansöýer topragynda mähirli kabul edilendigi üçin Premýer-ministr Anwar Ibrahime ýene-de bir gezek çuňňur minnetdarlygyny beýan etdi.Söhbetdeşler netijeli syýasy dialogy mundan beýläk-de giňeltmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky pikirlerini beýan edip, döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýan hem-de Türkmenistanyň we Malaýziýanyň halklarynyň arasynda dostlugy pugtalandyrmaga ýardam berýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň möhümdigini nygtadylar. Şeýle-de taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara syýasatyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar.Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.Premýer-ministr Anwar Ibrahim belent mertebeli myhmany hem-de ýurdumyzyň wekiliýetini mähirli mübärekläp, Malaýziýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza öz adyndan hem-de Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Sultan Ibrahimiň adyndan salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Premýer-ministr Milli Liderimiziň 2016-njy ýylda Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň netijeleriniň uly ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki saparyň hem ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýändigi nygtaldy.Premýer-ministr nebitgaz pudagyndaky özara gatnaşyklaryň meselelerine ünsi çekip, Türkmenistanda “PETRONAS” döwlet nebitgaz kompaniýasynyň netijeli işlemegi üçin amatly şertleriň döredilýändigini belledi we munuň üçin kompaniýanyň hem-de öz wekilçilik edýän ýurdunyň adyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.Premýer-ministriň nygtaýşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgam Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hataryndadyr. Türkmenistanyň şöhratly taryhy we baý medeniýeti bar. Şu ýyl ýurtda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenildi. Söz ussady öz şygyrlarynda ynsanperwerlige, agzybirlige, adalatlylyga çagyrypdyr. Malaýziýanyň ylmy işgärleridir alymlary Magtymguly Pyragynyň eserlerini malaý diline terjime etmek bilen meşgullanýarlar. Şahyryň şygyrlary dünýä edebiýatynyň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berildi.Döwlet Baştutanymyz Malaýziýa sapar bilen gelmäge çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirip, ýurdumyz bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýändigini, şu ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanandygyny we ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýadynyň döredilendigini belledi.Hormatly Prezidentimiz ýokary döwlet derejesinde birnäçe özara saparlaryň guralandygyny, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hemişe özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga, ikitaraplaýyn bähbitlere esaslanýandygyny nygtap, häzirki wagtda alnyp barylýan ýakyn gatnaşyklaryň hem-de şu gezekki saparyň hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjekdigine, ony hil taýdan täze derejelere çykarjakdygyna ynam bildirdi.Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek üçin ugurlary kesgitlemegi teklip edip, biz iri halkara guramalaryň, ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýäris hem-de birek-birege goldaw berýäris. Malaýziýanyň Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasy ugruna hormat bilen garaýandygyna ýokary baha berýäris diýip belledi we Türkmenistanyň hem, öz gezeginde, Malaýziýanyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny goldamagy dowam etdirjekdigini tassyklady.Arkadagly Gahryman Serdarymyz soňky ýyllarda halkara giňişlikde parlament diplomatiýasynyň uly orun eýeleýändigini we şunuň bilen baglylykda, türkmen-malaý parlament hyzmatdaşlygyna möhüm orun degişlidigini nygtap, parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklary işjeň alyp barmagy, kanun çykaryjylaryň iki ýurtda geçirilýän iri halkara forumlara gatnaşmagynyň meýilnamasyny düzmegi teklip etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, yzygiderli syýasy geňeşmeleri ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-malaý gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalygy, dokma senagaty, energetika we ulag pudaklary ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň meselelerine jikme-jik seretmek teklip edildi.Bu meselede ýurtlarymyzyň işewür toparlaryna aýratyn orun degişlidir. Biz 2015-nji ýylda Kuala-Lumpurda bilelikdäki Türkmen-malaý işewürlik maslahatyny geçirdik diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we nobatdaky forumy Aşgabatda geçirmegi teklip etdi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda göni iş gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu edaralaryň iki ýurduň kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň birek-biregiňkide geçirilýän sergilere, ýarmarkalara, forumlara gatnaşmagyny üpjün etmelidiklerini belledi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady gatnaşyklary ulgamlaýyn ösdürmek üçin Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-malaý hökümetara toparyny döretmegi teklip etdi.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine-de uly ähmiýet berýändigini, iki döwletiň hem-de olaryň halklarynyň arasynda, medeniýet, sungat ussatlarynyň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda Medeniýet günleriniň, halkara festiwallaryň, sergileriň geçirilmegini goldaýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz 2015-nji ýylda Malaýziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigini belläp, indiki ýyl Aşgabatda Malaýziýanyň Medeniýet günlerini geçirmegi teklip etdi.Türkmen raýatlarynyň Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamaga gyzyklanmasy artýar. Häzirki wagtda Malaýziýada Türkmenistandan 300-e golaý talyp okaýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we iki ýurduň paýtagtlaryny birleşdirýän howa gatnawlarynyň gaýtadan ýola goýulmagynyň halklaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik berýändigini belledi.Döwlet Baştutanymyz 2028-nji ýylda Sarawak ştatynda Bütindünýä suw kongresini hem-de sergisini geçirmek baradaky çözgüdiň Malaýziýanyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlarynyň möhümdigini ýene-de bir gezek tassyklaýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň ýokary derejede geçiriljek şu forumyň işine ýakyndan gatnaşjakdygyny nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, malaý tarapyna bu iri çäreleri geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.Hormatly Prezidentimiz geçirilen netijeli gepleşikler, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky dostlugy, özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy üçin Premýer-ministr Anwar Ibrahime ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Malaýziýanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.Premýer-ministr Anwar Ibrahim çuň manyly çykyşy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, syýasy-diplomatik, maliýe, oba hojalygy, medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm orun eýeleýändigini belledi we bu babatda beýan eden başlangyçlary üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. Anwar Ibrahim hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berýändigini aýdyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.Malaýziýa Türkmenistan bilen söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, azyk önümleriniň söwdasy boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de tejribelerimizi paýlaşmaga taýýardygymyzy tassyklaýarys diýip, Premýer-ministr aýtdy. Dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany Türkmenistanyň “PETRONAS” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändigini belläp, bu babatda berilýän goldaw üçin kompaniýanyň adyndan hoşallygyny beýan etdi. Anwar Ibrahim bilim ulgamynda hem hyzmatdaşlygyň barha giňeldilýändigini aýdyp, hünärmenleri taýýarlamak boýunça gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini nygtady.Biz Kuala-Lumpur bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýäris. Iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikler bar. Siz Türkmenistanda “ýaşyl” we “akylly” şäheri gurmak boýunça başlangyçlary durmuşa geçirýärsiňiz, bu ugurda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrýarsyňyz diýip, Anwar Ibrahim belledi we bu babatda gazanylýan üstünlikler bilen hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlady.Premýer-ministr Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde öňe sürýän halkara başlangyçlaryna ünsi çekip, ýurdumyzyň bu ugurda toplan tejribesiniň Malaýziýa üçin hem wajypdygyny belledi.Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasynda göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy netijesinde syýahatçylyk pudagynda uly ösüşler gazanylýar. Iki ýurduň syýahatçylarynyň sanynyň artýandygy hem muňa şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, syýahatçylyk üçin dürli ýeňillikleri girizmäge we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlyk beýan edildi. Munuň özi raýatlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşant goşar.Premýer-ministr Anwar Ibrahim hormatly Prezidentimiziň energetika, ulag, tehnologiýalar ulgamlaryny hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezendigini aýdyp, Malaýziýanyň bu ugurdaky taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem ol Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjyny goldaýandygyny we bu formatyň çäklerinde hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan etdi.Çykyşynyň ahyrynda Anwar Ibrahim Türkmenistanyň daşary syýasatda Bitaraplyk ýörelgelerine eýerýändigini we Malaýziýanyň bu syýasaty goldaýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň halkara giňişlikde gazanan üstünlikleri bilen gutlady.Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiziň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy boldy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Anwar Ibrahim dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda resmi saparyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda wiza talaplaryny kem-käsleýin ýatyrmak hakynda Ylalaşyk hakynda notalary; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawy hakynda Ylalaşygy we awiasiýa senagaty babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda notalary; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda diplomatlary taýýarlamak we ylmy alyş-çalyş pudagynda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda diplomatik notalary; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamany; Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän «Toplum-I» şertnamalaýyn çägini özleşdirmek babatda täze Önümi paýlaşmak hakynda şertnamanyň täjirçilik şertleri barada Teswirnamany; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Halkara söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Milli söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany alyşdylar.Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz we Malaýziýanyň Hökümetiniň Baştutany metbugat wekillerine ýüzlendiler.Premýer-ministr Anwar Ibrahim gepleşikleriň netijelerini beýan edip, döwletara gatnaşyklaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýetini belledi. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk we geçirilýän geňeşmeler, hyzmatdaşlyk boýunça indi dörediljek toparlar hem bu gatnaşyklary ösdürmekde wajyp orny eýelär.Premýer-ministr türkmen halkynyň Milli Lideriniň dürli ýyllarda Malaýziýa amala aşyran saparlarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ilerletmäge itergi berendigini belledi we “PETRONAS Çarigali” kompaniýasynyň Türkmenistanda netijeli işlemegine döredilýän şertler üçin ýurdumyzyň Hökümetine hoşallygyny bildirdi. Şeýle-de ol Malaýziýanyň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşine öz goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.Anwar Ibrahim söwda, maliýe ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda edýän tagallalary üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan edip, şular bilen bir hatarda, oba hojalygy we durnukly ösüşe gönükdirilen täze tehnologiýalar ýaly ugurlarda hem hyzmatdaşlygyň has-da giňeldiljekdigine berk ynam bildirdi.Ol türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejede geçirilen çäreleriň ähmiýetini belläp, Malaýziýanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň türkmen alymlary we dilçileri bilen bilelikde şahyryň goşgularyny malaý diline terjime etmek boýunça iş alyp barýandyklaryny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasy tutuş dünýäde giňden meşhurdyr. Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekiliniň döredijiligine Malaýziýada hem uly hormat goýulýar. Onuň şygyrlarynyň malaý diline terjime edilmegi malaýziýaly okyjylaryň şahyryň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, özara düşünişmek, agzybirlik taglymlaryna ýugrulan eserleri bilen ýakyndan tanyşmagyna mümkinçilik döreder diýip, Anwar Ibrahim aýtdy hem-de medeni-ynsanperwer ulgamdaky bilelikdäki tagallalaryň özara hormat goýmagy, düşünişmegi, açyklygy, ählumumy ösüşi esasy ugur edinýän ýurtlarymyzyň we olaryň halklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.Soňra döwlet Baştutanymyz metbugat wekillerine ýüzlenip, çakylygy we bilelikde işlemäge döredilen şertler üçin Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirdi.“Şu gün biz halklarymyzyň bähbidine gönükdirilen, ykdysady ösüşlerimiziň geljekki ugurlaryny kesgitleýän örän netijeli gepleşikleri geçirdik. Sebit we halkara syýasatyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ýokary derejedäki gepleşikler üçin Malaýziýanyň wekiliýetine öz hoşallygyny beýan etdi.Döwlet Baştutanymyz halkara bileleşigiň gün tertibindäki möhüm meselelerde Türkmenistanyň we Malaýziýanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini belläp, iki ýurduň hem parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk kadalaryna esaslanýandygyny, ählumumy we sebitleýin howpsuzlygy hem-de durnuklylygy berkitmek ugrunda çykyş edýändigini aýtdy.Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan we Malaýziýa ähli döwletleriň bähbitlerini göz öňünde tutmak hem-de ösüp barýan ýurtlaryň dünýä syýasatyndaky ornuny pugtalandyrmak esasynda adalatly we sazlaşykly halkara gatnaşyklar ulgamyny gurmagyň berk tarapdary bolup çykyş edýärler. Şu günki geçirilen duşuşyklardyr gepleşikler iki tarapyň hem bu maksatlara ygrarlydygyny tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda dünýä giňişliginde iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde Malaýziýa bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi.Şu günki geçirilen gepleşikler hyzmatdaşlygyň giň toplumyny öz içine alýar. Hususan-da, olar söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmaga we giňeltmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigini görkezdi. Şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutanymyz energetika, ulag-kommunikasiýa pudaklarynda, gurluşyk, nebiti we gazy gaýtadan işlemek, himiýa senagaty, ýokary tehnologiýalar, innowasion şäher gurluşygy, syýahatçylyk ýaly birnäçe ugurlarda taslamalary durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki işleriň uly geljeginiň bardygyny belläp, Türkmenistanyň ykdysady hyzmatdaşlyk babatda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşigi bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.“Gepleşikleriň dowamynda biz özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesiniň toplanandygyna, maýa goýumlary artdyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklere ünsi çekdik” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Ýurdumyzda köp ýyllardan bäri üstünlikli işläp gelýän Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali» döwlet nebitgaz kompaniýasynyň işi özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mysaly bolup durýar. “Medeni-ynsanperwer ulgamda hem gatnaşyklary berkitmek wajyp ugurlaryň biridir. Dostlukly halklarymyzyň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy üpjün etmäge, bu ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri geçirmek barada ylalaşdyk” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Malaýziýa amala aşyrýan saparynyň netijelerine ýokary baha berip, saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň we kabul edilen möhüm resminamalaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigini nygtady.Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime myhmansöýerligi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Malaýziýanyň dostlukly halkyna parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi....Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “PETRONAS” binasyna bardy hem-de bu ýerde Malaýziýanyň “PETRONAS Çarigali” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.Duşuşykda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de döwrüň talaplary nukdaýnazaryndan, onuň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.Nebitgaz senagaty Türkmenistanyň depginli ösýän pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzyň energetika mümkinçilikleriniň ulanylmagyna Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň uly goşant goşýandygy aýratyn bellenildi. Kompaniýa 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini çykarmak boýunça durmuşa geçirilýän taslamalara işjeň gatnaşýar. Şeýle hem nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda degişli işleri alyp barýar. Ýangyç-energetika toplumy Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi uly ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hem-de “PETRONAS” kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady ösüş maksatnamalaryny, senagat pudagyndaky özgertmeleri we işewürlik üçin döredilýän amatly şertleri göz öňünde tutmak bilen, hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.«PETRONAS» kompaniýasynyň ýolbaşçylary Gahryman Arkadagymyzyň ozal Malaýziýa amala aşyran saparlarynyň ähmiýetini belläp, Türkmenistanda netijeli iş alyp barmaga döredilen amatly şertler üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.Soňra döwlet Baştutanymyz “PETRONAS” binasynyň “Skybridge” syn ediş köprüsine bardy. Bu ýerde kompaniýanyň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimizi binanyň taryhy hem-de aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar.Bu meşhur bina 88 gatdan ybarat bolup, beýikligi 451,9 metre deňdir. Bina 6 ýylyň dowamynda gurlupdyr. Onuň taslamasy argentinaly arhitektor Sesar Pelli tarapyndan ýerine ýetirilipdir. Täsin desga diňe bir ägirt uly ölçegleri däl, eýsem, gurluşynyň çylşyrymlylygy bilen hem tapawutlanýar. Onuň ähli otaglarynyň tutýan meýdany 213 müň 750 inedördül metre deňdir. “PETRONAS” binasynda sergi we maslahat zallary, çeperçilik galereýasy, iş otaglary ýerleşýär. Binanyň gurluşygy üçin diňe Malaýziýada öndürilýän gurluşyk serişdeleri ulanylypdyr. Onuň üçin berk, şol bir wagtyň özünde çeýe beton işlenip taýýarlanylypdyr. Şoňa görä-de, ol şol ölçegdäki polat gurnama binalardan iki esse agyr gelýär. “Skybridge” syn ediş köprüsi binanyň 41-nji we 42-nji gatlarynda ýerleşýär. Köpriniň uzynlygy 58,4 metre, agramy bolsa 750 tonna barabardyr. 170 metr belentlikde gurlan “Skybridge” dünýäde iň beýik iki gatly köprüdir. “PETRONAS” binasynyň bu aýratynlyklary onuň syýahatçylyk taýdan ähmiýetini artdyrýar.Şunda ylmy-tehniki ösüşiň gazananlarynyň hem-de öňdebaryjy inženerçilik çözgütleriniň, gurluşyk, binagärlik, dizaýn, şäheri abadanlaşdyrmak boýunça täze işläp taýýarlamalaryň giňden ulanylmagynyň Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň hem ileri tutulýan ugurlarydygyny bellemek gerek. Bu maksatnamanyň aýdyň nyşanlary bolan Aşgabat we Arkadag şäherleri sebitiň iri işewürlik we medeni merkezlerine öwrülýär.Soňra hormatly Prezidentimiz Kuala-Lumpur şäheriniň Halkara howa menziline bardy.Howa menzilinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz Malaýziýanyň resmi wekili bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ugurlaryň giň gerimi boýunça yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Wekil pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy resmi saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň ýokary derejedäki özara saparlaryna bagyşlanan ýörite neşiri sowgat berdi. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler hem-de sowgat üçin minnetdarlyk bildirdi.Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerden Watanymyza ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Olar hormatly Prezidentimizi Malaýziýa resmi saparynyň we onuň çäklerinde guralan ýokary derejedäki gepleşikleriň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar.Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugrady.Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň netijeleri iki ýurduň hem deňhukukly, özara bähbitli, uzak möhletleýin döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändigini aýdyň görkezdi.***Hormatly Prezidentimiziň resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary düýn Kuala-Lumpurda malaýziýaly kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Şolaryň dowamynda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşyklaryň barşynda taraplar türkmen-malaý gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini bellediler. Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň gün tertibine syýasy-diplomatik, ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, oba hojalygy, ylym, bilim, medeni-ynsanperwer, ulag-kommunikasiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi.Gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Malaýa uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Şeýle hem duşuşyklarda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş alnyp, häzirki wagtda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, topragy fosfor döküni bilen gurplandyrmak, sürüm işleri dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýyl ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatyň çägindäki biokärhanalary abatlamak, olary zerur serişdeler, enjamlar bilen üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Pagta öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary geçirmek babatda işler dowam edýär. Mundan başga-da, häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça, şeýle-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň çägindäki gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, möwsüme doly taýýar etmek babatda degişli çäreler görülýär. Welaýatyň çägindäki biokärhanalarda abatlaýyş işleri geçirilip, olary zerur serişdelerdir enjamlar bilen üpjün etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem döwlete tabşyrylan pagta hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň çägindäki medeni-durmuş, jemgyýetçilik maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, agyz suwy we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegi ugrunda zerur çäreler ýerine ýetirilýär, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda gurluşyk işleri dowam edýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň möwsüme talabalaýyk taýýar edilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň çägindäki gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, topragy fosfor döküni bilen gurplandyrmak işleri geçirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary abatlanylýar. Sebitde bar bolan biokärhanalary geljek ýylyň möwsümine taýýarlamak boýunça ýörite topar döredilip, olaryň önümçilik binalaryny abatlamak, zerur serişdeler bilen üpjün etmek babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Tabşyrylan pagta hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar geçirilýär. Howanyň sowamagy bilen baglylykda, welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, agyz suwy we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatdaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň pagta hasyly üçin ekiş geçiriljek meýdanlarda sürüm, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatdaky biokärhanalary ýazky oba hojalyk işlerine taýýarlamak maksady bilen, olary zerur serişdeler, enjamlar bilen üpjün etmek boýunça işler ýerine ýetirilýär. Welaýatyň pagta öndürijileri bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyk işleri dowam etdirilýär. Mundan başga-da, häkim sebitiň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, agyz suwy we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreler, Oba milli maksatnamasynyň çägindäki gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi we häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatdaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak hakynda tabşyryklary berdi.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýyl oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary abatlamak, möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatdaky biokärhanalarda abatlaýyş işleri geçirilip, olary zerur serişdeler, enjamlar bilen üpjün etmek babatda işler ýerine ýetirilýär. Şeýle-de sebitde ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bökdençsiz kabul etmek, gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Döwlete tabşyrylan pagta hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Häkim welaýatyň çägindäki medeni-durmuş, jemgyýetçilik maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, agyz suwy, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada-da hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin meýdanlarda sürüm, mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalary abatlamak hem-de bejermek boýunça degişli işler geçirilýär. Geljek ýyl daýhanlary bioönümler bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, welaýatlardaky biokärhanalaryň zerur bolan ýerlerinde abatlaýyş, bejeriş işlerini geçirmek, olary çig mal we enjamlar bilen üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak hem-de bu möwsümi öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we häzirki wagtda pudakda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň ýokary hilli, guramaçylykly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmegiň, hususan-da, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegine üns berilmeginiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň hasyly üçin oba hojalyk ekinleriniň düýbüni tutmak işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gyşynyň tenekär säheriniň has irki pursatlarynda täzeçil tehnologiýa esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň mynasyp bolan halkara Güwänamalary we bu ýerde gurulmagy hem-de durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle hem degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.Gahryman Arkadagymyz bu ýerde bolmagynyň çäklerinde ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy Fransiýanyň «Bouygues Batiment International» kompaniýasynyň ýurdumyzdaky wekili bilen duşuşdy. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depginleri barha ýokarlanýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde gurulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna we gurluşyk işlerine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär. Ir säher bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemleýän hem-de «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi. Gyş paslynyň bu pursatlarynda Arkadag şäheriniň keşbinde özboluşly gözellik duýulýar. Täze şäheriň älemgoşar öwüşginli yşyklary ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki döwrüň talabyna we milli binagärlik ýörelgelerine laýyk derejede amala aşyrylýandygyny görkezýär. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilýän pursatlarynda mynasyp bolan ýokary döwlet sylaglary bilen Arkadag şäheriniň ähli ilatynyň adyndan tüýs ýürekden gutladylar we Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. Şeýle hem D.Orazow Arkadag şäheriniň ýörite wekiliýetiniň Awstriýanyň Wena şäherine iş saparyna gidip, ol ýerde Arkadag şäheriniň Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna mynasyp bolan sylagyny we Güwänamalary alyp gelmäge döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol täze şäheriň binagärlik we ekologiýa derejesi mynasybetli gowşurylan baýragy hem-de degişli Güwänamalary görkezdi we Gahryman Arkadagymyzy täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan lukmançylyk klasteriniň önümleriniň we ösüşiniň halkara derejesinde ykrar edilýändigini aňladýan bu çözgüt bilen gutlady. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň halkara baýraklaryna we Güwänamalaryna mynasyp bolmagynyň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda gazanylýan üstünlikleriniň halkara derejesinde ykrar edilýändigini belledi. Aýratyn-da, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň halkara derejesinde hasaba alynmagy, Intellektual eýeçiligiň Bütindünýä guramasynyň Halkara býurosynyň ýörite Güwänamasy arkaly Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň harytlyk nyşanlarynyň tassyklanylmagy ägirt uly ösüşdir. Şeýle hem Arkadag şäherine döwrüň beýik gudraty derejesiniň we täze şähere hil dolandyryş ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar we gazanylýan üstünlikler netijesinde Arkadag şäheri «Hil saýlawy – 2024» nyşany bolan «Daimond» (Göwher) derejesi berildi. Munuň özi lukmançylyk klasteriniň saglygy goraýyşa degişli serişdeleriniň, çagalar iýmitleriniň, zyýansyzlandyryş sargylarynyň we stomatologiýa ulgamyna degişli önümleriň hil derejesiniň halkara tassyklanmasydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň intellektual eýeçiligi ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň oňyn netije berýändigini görkezýär. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly bu ýerde goýlan şekil taslamalaryň üsti bilen hasabat berdi. Bu ýerde görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli binalaryň, söwda we işewürlik merkeziniň, Gökdepe şaýolunyň ugrunda üstaşyr geçýän köpriniň şekil taslamalary we täze köpriniň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bar. Şeýle hem Arkadag şäheriniň Akhan binasyndan Taýçanak binasyna çenli bolan ýoluň durkuny täzelemek, köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylýan möwsüminde ekiljek baglaryň görnüşleri babatda maglumat berildi. Gahryman Arkadagymyz görkezilýän şekil taslamalary synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz durmuş maksatly binalaryň hersiniň ähmiýetine laýyklykda aýratynlykda ýerleşdirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şeýle hem täze köpriniň bezeg işlerinde Arkadag şäheriniň mynasyp bolan halkara Güwänamalarynyň şekilleriniň ýerleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda öwüt-nesihatlaryny berdi. Alym Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň ylmy esasda öwrenilmeginiň, olaryň bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelmeginiň wajypdygyny belledi we şäheriň ekologiýa derejesiniň has-da sagdynlaşmagynda ähmiýetli bolan seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly binalar we Arkadag şäherinde Täze ýyly mynasyp garşylamak ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. D.Orazow häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalarda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça edilýän tagallalar barada hasabat berdi. Şol bir wagtyň özünde, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerine maýa goýum serişdelerini çekmek bilen baglanyşykly meseleler hakynda maglumat berildi. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyny çaltlandyrmagyň, binalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmegiň we gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini ýola goýmagyň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde, täze şäheriň önümçilik maksatly desgalarynyň, lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygyna, olaryň enjamlaşdyrylyşyna maýa goýum serişdelerini çekmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmek zerurdyr. Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri bilen bir hatarda, Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp derejede garşylamak ugrunda görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hemmeleriň söýüp garşylaýan baýramynyň hormatyna guralýan dabaralar Arkadag şäheriniň ähli künjegini gurşap alar. Hemmeler üçin söýgüli sene hasaplanylýan Täze ýyl baýramçylygynyň dabaralary täsirli wakalara, ýatda galyjy pursatlara baý bolmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň öz beýanyny tapmagy ugrunda zerur tagallalar edilmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherinde alnyp barylýan arassaçylyk we abadançylyk işleri täze şäheriň häzirki zaman keşbine we onuň derejesine laýyk gelmelidir. Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde şäheriň bezeg işleriniň derejesi häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa halkymyzdan gelip gowuşýan köpsanly teklipleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň ýüztutmalaryny nazara alyp, Gahryman Arkadagymyzdan 2025-nji ýylda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini Arkadag şäherinde geçirmek baradaky teklibi Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýetirmegi haýyş etdiler. Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda «2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip yglan edilendigini belläp, bu çözgüdiň türkmen halkynyň milli ynsanperwerlik ýörelgelerine we ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyna mahsusdygyny aýtdy. Çünki parahat türkmen ilinde tutuş adamzat ähmiýetli maslahatlar agzybirlikde, halkymyz bilen ylalaşykda geçirilýär. Bu barada bellemek bilen, Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ýolbaşçylarynyň tekliplerini hormatly Prezidentimize ýetirjekdigini aýtdy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň teklibi makullan halatynda degişli taýýarlyk işlerine girişmegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de iş maslahatyny jemledi. Soňra bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy Fransiýanyň «Bouygues Turkmen» kompaniýasynyň baş direktory A.Reşow bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Işewür özüniň wekilçilik edýän kompaniýasyna ynanylan taslamalaryň ýerine ýetirilişi, işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar we geljekde ýerine ýetirmeli işleriň meýilnamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli iş alyp barmaklary ugrunda ähli zerur şertler üpjün edildi. Bu bolsa amala aşyrylýan taslamalaryň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň we amala aşyrylýan işleriň ilerlemeginiň baş şertini emele getirýär. Gahryman Arkadagymyz «Bouygues Turkmen» kompaniýasynyň ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda netijeli iş alyp barýandygyny, şu geçen döwürde bu kompaniýanyň özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we ýurdumyzda durmuşa geçirilýän taslamalaryň wajyp ugurlaryny kesgitlemegiň möhümdigini belläp, Gahryman Arkadagymyz gurluşyk işlerinde döwrebap serişdeleriň ulanylmalydygyna ünsi çekdi. Işewür bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň ýurduň gurluşyk we senagat kuwwatlyklarynyň artmagyna mynasyp goşantdygyny duýmagyň özleri üçin uly buýsançdygyny belläp, mundan beýläk-de, Türkmenistanda şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde özlerine ynanylan gurluşyk işleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Şeýle hem «Bouygues Turkmen» kompaniýasynyň baş direktory Alekseý Reşow Gahryman Arkadagymyz bilen bolan duşuşygyň dowamynda häzirki döwürde wekilçilik edýän kompaniýasynyň ýerine ýetirýän gurluşyklary we geljekde alnyp barmaly işleriniň meýilnamasy barada hasabat berdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda bina edilýän önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, binalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunda gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeler berklik, uzakmöhletleýinlik derejesine doly laýyk gelmelidir we ýerli tebigy aýratynlyklara we ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz gurluşyk işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyny aýratyn belläp, kesgitlenen wezipeleri netijeli ýerine ýetirmekde myhmana üstünlik arzuw etdi.Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny tamamlap, hemmelere alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWAHormatly jenap Prezident!Özbegistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrmak, şeýle hem strategik hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, men halkara işlerde uly tejribesi bolan jenap Rawşanbek Alimowy Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Biziň wekilimiziň doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky köpugurly, uzak möhletleýin, özara bähbitli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynanýaryn. Jenap Rawşanbek Alimowyň üstüne ýüklenen jogapkärli wezipäni Siziň makullamagyňyza we hormatyňyza mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine berk ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ilçimizi kabul etmegiňizi, oňa diplomatik işinde hemmetaraplaýyn goldaw bermegiňizi hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň we Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine ynanmagyňyzy haýyş edýärin.Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, uly üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,Şawkat MIRZIÝOÝEW,Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti. ***Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowy kabul etdi. Ol hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurdy.Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny, doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ol Türkmenistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklary, iki ýurduň halklarynyň umumy ruhy, medeni-taryhy gymmatlyklary arkaly baglanyşýan Özbegistana wekilçilik etmegiň özi üçin uly mertebedigini aýtdy. Diplomat pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine mähirli salamyny beýan edip, ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we özara hormat goýmak, ynanyşmak häsiýetine eýe bolan köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek bilen bagly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. “Biz wagtyň synagyndan geçen iň ýakyn goňşymyz bilen gatnaşyklara ýokary baha berýäris, iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik taýdan ileri tutulýan ugrudyr” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we diplomat ikitaraplaýyn görnüşde, iri sebit we halkara guramalaryň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigi aýdyldy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barha okgunly häsiýete eýe bolýar. Munuň özi yzygiderli esasda geçirilýän duşuşyklaryň we özara saparlaryň netijesinde uzak bolmadyk döwrüň dowamynda biziň ýurtlarymyza syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hil taýdan täze derejä çykmaga mümkinçilik berdi. Köpugurly hyzmatdaşlygyň gün tertibinde söwda-ykdysady ugra aýratyn orun degişlidir. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy okgunly ösüş häsiýetine eýe bolup, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalyk ulgamlarynda özara gatnaşyklar giňeldilýär. Şeýle hem ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň döwletara dialogyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy bellenildi. Munuň özi türkmen we özbek halklarynyň taryhy taýdan emele gelen medeni kökleriniň, ruhy gymmatlyklarynyň, köpasyrlyk ýörelgeleriniň umumylygy bilen şertlendirilendir.Duşuşygyň ahyrynda Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow türkmen-özbek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWASiziň Alyhezretiňiz!Ýurtlarymyzyň arasyndaky üstünlikli ösdürilýän dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Arsen Awagýany Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Jenap Arsen Awagýanyň şahsy häsiýetleri özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna we ýokary bahasyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan we Ermenistan Respublikasynyň adyndan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň dostlukly halkyna iň gowy arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.Waagn HAÇATURÝAN,Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti. ***Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýany kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, diplomat hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň we Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Türkmenistan bilen Ermenistany deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar hem-de soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykarylýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Pursatdan peýdalanyp, diplomat döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen ýürekden gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça yzygiderli ösdürilýän türkmen-ermeni dialogyny mundan beýläk-de berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili giň ugurlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Türkmenistan hem-de Ermenistan syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine eýe bolup, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça özara düşünişmegiň ýokary derejesini görkezýärler. Söwda ulgamynda, ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek, eksport-import amallarynyň görnüşlerini giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri gözlemek hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.Döwlet Baştutanymyz hem-de Ermenistan Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.Duşuşygyň ahyrynda diplomat mähirli kabul edilendigi hem-de türkmen-ermeni gatnaşyklary baradaky meselelere uly üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, däp bolan özara gatnaşyklaryň geljekde-de işjeň ösdürilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Şu gün ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen binýady goýlup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasaty sebitde we dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Bitarap Türkmenistan ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar, halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryna möhüm goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”; “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”; “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary”; «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilendigini bellemek gerek. Halklaryň arasynda dostlugyň, hyzmatdaşlygyň, raýdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, sebit we ählumumy derejede parahatçylygy goldamaga gönükdirilen bu Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär....Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow parahatçylygyň, ynsanperwerligiň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi halkymyzyň beýik gymmatlygy bolup, tutuş dünýäde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr. Şundan ugur alyp, ýurdumyz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen hemişelik Bitaraplygyň binýatlaýyn ýörelgeleri esasynda ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri — Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek babatda-da zerur tagallalary edýär. Şunuň bilen birlikde, energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi ýaly beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň bu ugurlarda öňe sürýän başlangyçlary halkara jemgyýetçilik tarapyndan giňden goldanylýar.Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzda “Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar” atly halkara maslahat geçirildi. Onuň dowamynda hyzmatdaşlygy ilerletmekde, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işjeň ulanmakda ýurdumyzyň eýeleýän ornuna oňyn baha berildi. Bu çäräniň ýokary wekilçilikli düzümi, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna, Baş Assambleýa tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi ýaly möhüm senelere beslenjek geljek ýylyň öňüsyrasynda geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Türkmenistan halkara giňişlikde möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen, olaryň dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerine laýyk gelmegini ileri tutýar. Tagallalary birleşdirmek, yzygiderli bilelikdäki işe daýanmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň kesgitleýji şerti, filosofiýasy bolup durýar.Ýurdumyz döwletara gatnaşyklarda we diplomatiýada “Dialog — parahatçylygyň kepili” ýörelgesini ilerledýär. Çünki dialog medeniýeti, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasyndaky gatnaşyklara ukyply we taýýar bolmak häzirki günde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden halkara gatnaşyklarda bitaraplyk, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly ata-babalarymyzdan gelýän kadalara eýerip gelýändigi bellenilýär. Geçen ýyllar Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize we Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy we netijeli işlemegi hem ýurdumyzyň saýlap alan Bitaraplyk syýasatynyň many-mazmunyny açyp görkezýän hakykatdyr.Biz bütin dünýäde parahatçylyga esaslanýan, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam bermek bilen birlikde, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirýäris. Eziz Diýarymyzda täze obalary, şäherleri, şäherçeleri we döwrebap senagat toplumlaryny gurýarys. Ähli ugurlarda alyp barýan tutumly işlerimiz beýik maksada — ata Watanymyzyň durnukly ösüşini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar....Bitaraplyk binasynyň öňündäki meýdançada Mejlisiň we Halk Maslahatynyň wekilleri, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Bitaraplyk binasynyň öňündäki baýramçylyk äheňinde bezelen meýdança gelýär. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen mübärekleýärler. Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow merdana halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül çemenini goýdy.Soňra döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, beýleki dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýdular.Asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza doly laýyk gelýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy halkara giňişlikde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine netijeli başlangyçlary ilerletmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.Dabara tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralar şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyryldy.

Şu gün Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda hajy Arkadagymyzyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna sadaka berildi. Munuň özi halkymyzyň köpasyrlyk ýörelgeleriniň, maşgala gymmatlyklarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýany boldy.Sadaka Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ymamlary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.Awtoulagda Gökdepe metjidiniň öňündäki meýdança gelenlerinde, hajy Arkadagymyz we Arkadagly hajy Serdarymyz sadaka gatnaşyjylar tarapyndan mähirli garşylanyldy.Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde berilýän sadakanyň kabul bolmagyny dileg edip, hormatly Prezidentimiz bilen bilelikde metjide bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi mukaddes Gurhandan aýat-doga okady. Onda hajy Arkadagymyzyň zyýaratynyň kabul bolmagy, öten-geçenlerimiziň jaýlarynyň jennet, ruhlarynyň şat bolmagy dileg edildi.Soňra Gahryman hajy Arkadagymyz we Arkadagly hajy Serdarymyz sadaka gatnaşmak üçin metjidiň sadaka jaýyna bardylar. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri sadaka gatnaşýanlara ýüzlenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başyndan bäri Garaşsyz, Bitarap döwletimizde örän köp işleriň edilendigini, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda öňe sürýän başlangyçlary esasynda Watanymyzyň uly ösüşlere eýe bolandygyny belledi.Biz ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygyna sapary amala aşyrdyk. Halkymyzda “Ýagşy işler asylly däp-dessurlardan başlanýar” diýlişi ýaly, doganlyk ýurda saparymyzyň ilkinji pursatlarynda bize Mekgä baryp, mukaddes Käbä zyýarat etmek, iki rekagat namaz okamak miýesser etdi diýip, hajy Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Ol ýerde halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşynyň elmydama rowaçlanmagy, ýurdumyzyň mundan beýläk-de uly üstünliklere beslenmegi, geljek ýylyň rysgal-bereketli, döwletli döwranymyzyň dowamat-dowam bolmagy barada ýagşy doga-dilegler edendigini aýdyp, hajy Arkadagymyz şu gün hemmeler bilen bilelikde sadaka berilýändigini, halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däbine eýerip, ýörite dessurlaryň berjaý edilýändigini nygtady.Türkmen halky — gursagy Allaly halk. Yslam dininiň gymmatlyklary biziň öňden gelýän türkmençilik däplerimiz bilen berk baglydyr. Bu doganlyk ýurtda ata-babalarymyzyň yslam dininiň ýaýramagyna goşan gymmatly goşandy ykrar edilýär, halkymyza örän uly hormat goýulýar diýip, hajy Arkadagymyz belledi we Watanymyzyň abadançylygynyň, parahatçylygynyň biziň ähli ösüşlerimiziň esasydygyny aýdyp, türkmeniň dost-doganlyk, parahatçylyk ýolunyň dowamat-dowam bolmagyny dileg etdi.Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Edilen doga-dileglerde ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýän hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, döwletli başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegi arzuw edildi.Soňra sadaka gatnaşyjylara nahar çekildi. Nahardan soňra, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady. Onda täze belentliklere tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň her bir gününiň ösüşlere beslenmegi, halkymyzyň abadan durmuşynyň dowamata atarylmagy, hajy Arkadagymyzyň, Arkadagly hajy Serdarymyzyň asylly işleriniň rowaç bolmagy dileg edildi.Soňra Milli Liderimiz hemmelere, şol sanda sadaka gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlara sagbolsun aýtdy. “Öten-geçenlerimizi ýatlap, halkymyzyň hemişe abadan durmuşda ýaşamagyny arzuwlap edilen doga-dilegler, okalan aýat-töwirler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz mundan beýläk hem gülläp össün!” diýip, hajy Arkadagymyz sözüni jemledi.Türkmen halkynyň Milli Lideri we Arkadagly hajy Serdarymyz berlen sadakalaryň kabul bolmagyny dileg edip, hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar.Şu gün hajy Arkadagymyzyň Käbä eden zyýaratynyň hormatyna berlen sadaka gatnaşyjylar Gökdepe metjidinde agzybirlikde öýle namazyny okadylar.

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň meselelerine, welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy.Gahryman Arkadagymyz mejlisi açyp, häzirki döwürde ýurdumyzda paýhasly pederlerimiziň dünýä nusgalyk işleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini belledi. Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän we halkymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýeti bolan şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralarda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi öz beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmeleri 2024-nji ýylyň üstünlikli jemlenmegi we Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly döwletimiziň hem-de halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak köp sanly wakalara beslendi. Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi üstünlikli geçdi.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow häzirki döwürde Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işleri, bu babatda öňde durýan wezipeler, olary üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary hakynda aýdyp, welaýatlaryň hormatly ýaşulularynyň ilat arasynda geçirýän wagyz-nesihatlary, baýramçylyk çäreleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ýaşuly nesilleri jemgyýetiň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly wakalara işjeň gatnaşýarlar.Hormatly Arkadagymyz Halk Maslahatynyň gün tertibindäki wezipeleri, döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halka ýetirmekde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini ilerletmekde, ýaşlary milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemekde Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň uly goldaw berýändiklerini belledi.Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi. Ilki bilen, Aşgabat şäheriniň wekili O.Hojatow çykyş etdi.Nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýar. Bu işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk beýan edildi. O.Hojatow pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň çapdan çykmagy, Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.Soňra Ahal welaýatyndan G.Aýlyýew çykyş edip, welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi.Bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyry işe girizildi. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ýaşaýjylary üçin 200 sany ýolagçy awtobusyny sowgat berdi. Gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edildi. Ahal welaýatyndan wekil Gahryman Arkadagymyzy “Hakyda göwheri” atly kitabynyň çapdan çykmagy hem-de Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Saud Arabystany Patyşalygynda geçirilen “Bitewi suw” sammitinde öňe süren teklipleriniň möhüm ähmiýetini belledi.Balkan welaýatyna wekilçilik edýän Ý.Atamyradow welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Arkadagymyzy “Hakyda göwheri” atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy, Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.Bellenilişi ýaly, Milli Liderimiziň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, gallaçy daýhanlaryň armasyny ýetirmegi, sebitiň ýaşaýjylaryna ýolagçy awtobuslarynyň 200-sini sowgat bermegi, Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we beýleki möhüm desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly ýörelgäniň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr diýip, Ý.Atamyradow belledi. Pursatdan peýdalanyp, ol Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Soňra Lebap welaýatyna wekilçilik edýän E.Talipow çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.Bellenilişi ýaly, şu ýylda ýurdumyzda uly işler amala aşyryldy. Birnäçe möhüm taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Şolaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Lebap sement zawodyny hem-de beýleki desgalary görkezmek bolar. Pursatdan peýdalanyp, E.Talipow Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işlerini halkymyzyň arasynda wagyz etmekde yhlasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.Daşoguz welaýatyndan T.Kurbanmetow Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň halkymyz baradaky aladasy üçin welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdi.Bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýüzlerçe çaganyň saglygyny dikeltmäge ägirt uly goşant goşýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň sahawatynyň aýdyň nyşanydyr. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatda 1 müň 500 hojalyga niýetlenen şäherçäniň gurulmagy asylly işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. T.Kurbanmetow sözüniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.Soňra Mary welaýatyndan wekil A.Çaryýew Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işleriniň dünýä nusgalyk bolup, halkymyzyň her bir gününiň toý-baýramlara beslenýändigini belledi.Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň goldaw bermegi bilen, Mary welaýatynda hem dürli maksatly desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi ulanylyşa girizildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Mary welaýatyndan bolan çagalaryň hem saglygyny dikeltmäge ýardam edildi. Munuň üçin welaýatyň ýaşaýjylary Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan edýärler.Milli Liderimiz many-mazmunly çykyşlary üçin hormatly ýaşululara minnetdarlyk bildirip, türkmenleriň ula hormat goýmagy başarýan halkdygyny, taryhy müňýyllyklara uzaýan bu sylag-sarpanyň halkymyzyň ruhy gymmatlyklara uly sarpa goýýandygyny görkezýändigini aýtdy. Bu gymmatlyklar ýaş nesillere ýetirilýär. Ony mundan beýläk-de üstünlikli alyp barmakda Ýaşulular geňeşiniň orny uludyr.Gahryman Arkadagymyz ynsanperwerligiň geňeşiň çäginde alnyp barylýan işleriň ileri tutulýan ugrudygy, türki dilli halklaryň diliniň, medeni hem-de taryhy kökleriniň umumylygy bilen tapawutlanýandygy barada “Hakyda göwheri” atly täze kitabynda belländigini aýtdy. Biz halklarymyzyň ganyna we süňňüne siňen aslymyzdan, maşgala gymmatlyklaryna wepalylykdan, ata-enelerimizi, ýaşululary hormatlamakdan hiç haçan ýüz öwürmeýäris, däp-dessurlarymyza hormat goýmakdan, watançylygymyzdan el çekmeýäris diýip, alym Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Türkmen milletine mahsus bolan milli häsiýetleriň iň gowularynyň biri ýaşululary arzylamakdygyny, olaryň öwüt-ündewini, berýän maslahatlaryny diňlemekdigini nygtap, Milli Liderimiz “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynda her ýylda ýurdumyzda geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisiniň ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar geňeşdarlary ýygnap, belli bir karara gelmek däbiniň demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň mysalydygyny belländigine ünsi çekdi.Ýaşuly nesilleri sylamak, eliňden gelse zyýapat etmek, hiç bolmanda, ýagşy söz bilen göwnüni götermek belent adamkärçilikden nyşandyr. Häzirki wagtda ýaşulularyň baý durmuş tejribesi ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, milli däp-dessurlary berjaý etmek, agzybirligi, asudalygy berkitmek meseleleriniň ähmiýetine ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyz bu asylly kadalaryň dowamat-dowam bolmagynyň türkmen halkynyň asyrlary nazarlaýan ýoluna ýagtylyk çaýýandygyny, ilimize rysgal-bereket bagyşlaýandygyny nygtady.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp, Milli Liderimiz hemmelere ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde, ýaşlary watansöýüji, arassa ahlakly nesiller edip ýetişdirmekde alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.***Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ýurdumyzda toýlanýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen daşary ýurtly myhmanlary sylaglamak dabarasy boldy.Gahryman Arkadagymyz Diýarymyzda toýlaryň uludan toýlanýandygyny, şu gün bolsa Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda maslahat geçirilendigini belledi we hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk mynasybetli gol çeken Permanlaryny okamak üçin, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarowa söz berdi.R.Bazarow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Magtymguly adyndaky halkara baýragy bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny okady.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlardan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Magtymguly adyndaky halkara baýraklar baradaky komitetiň kararyny nazara alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa Magtymguly adyndaky halkara baýrak berildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşan bilen sylaglamak hakynda gol çekilen Perman okaldy.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşan gowşuryldy.Gahryman Arkadagymyz özüne bildirilen hormat üçin minnetdarlyk bildirip, nusgawy şahyryň adyny göterýän halkara baýrak hem-de Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglap, zähmetine ýokary baha berendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.Halkymyzyň ruhy dünýäsinde Magtymguly Pyraga we onuň döredijiligine uly hormat goýulýandygyny belläp, alym Arkadagymyz Magtymguly adyndaky halkara baýragyň we ýubileý medalynyň gowşurylmagyny watandaşlarymyzyň özüne bildirýän ynamy, täze, belent sepgitlere ýetmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleriň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Bu sylaglar halkymyzyň öz beýik ogly Magtymguly Pyraga uly hormat, belent sarpa goýýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Akyldaryň adyny göterýän baýragyň hem-de ýubileý medalynyň gowşurylmagy halkymyzyň, geljek nesilleriň, berkarar Watanymyzyň abadançylygy we gülläp ösmegi ugrunda güýjüňi gaýgyrman, ýadawsyz, tutanýerli işlemäge borçly edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.Bu ýerde guralýan dabara hormatly myhmanlaryň hem gatnaşýandygyny aýdyp, Milli Liderimiz Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen köp ýyllardan bäri dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklaýandygyny belledi. Ol hem, öz gezeginde, türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmäge mynasyp goşandyny goşýar, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny wagyz etmekde uly işler alyp barýar diýip bellemek bilen, Gahryman Arkadagymyz hormatly Binali Ýyldyrymy bitiren hyzmatlary üçin Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak we Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamagyň özi üçin örän ýakymlydygyny aýtdy.Soňra bu ýerde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen at, şeýle hem “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.Binali Ýyldyrym Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we doganlyk türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady. Ol häzirki döwürde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýändigini nygtady. Ol Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň işine goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dünýäniň dürli künjeklerinde giň gerimli dabaralaryň geçirilmeginiň hemmeler üçin buýsandyryjydygyny aýtdy. Aýratyn-da, ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy” diýen adyň dakylmagynyň we “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalynyň gowşurylmagynyň ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyna ünsi çekip, bu çözgüdiň özüni mundan beýläk-de beýik işleri bitirmäge borçlandyrýandygyny belledi.Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljeginiň bardygyny aýdyp, myhman özüne bildirilen hormat üçin Gahryman Arkadagymyza ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.Soňra dabara ýurdumyza gelen ýene-de bir hormatly myhmany sylaglamak çäresi bilen dowam etdi. Milli Liderimiz germaniýaly lukman, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Klaus Georg Parhoferiň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda köp işleri bitirendigini belledi we onuň lukmanlary taýýarlamakda, döwrebap saglygy goraýyş edaralaryny gurmakda gymmatly maslahatlaryny berendigini, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny wagyz etmekde-de onuň mynasyp goşandynyň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň Klaus Georg Parhoferi Türkmenistanyň «Arkadag» medaly hem-de «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglaýandygyny aýtdy.Myhman özüne bildirilen hormat üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamy boýunça alnyp barylýan işleriň ýokary baha mynasypdygyny nygtady. Munuň özi ýurtda ynsan saglygynyň berkidilmegine, ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň edilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň netijesidir. Şeýle hem ol Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy boýunça alyp baran işlerine, özara tejribe alyşmak ugrunda bilelikde edilýän tagallalara bildirilen hormatyň nyşany bolan “Arkadag” medalynyň we “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalynyň gowşurylmagyny aýratyn buýsanç bilen kabul edýändigini aýtdy.Soňra bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we dabara gatnaşyjylar bilelikde surata düşdüler.***Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalaryny sylaglamak dabarasy boldy. Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, eden işi nusgalyk parasatly gojalarymyzyň, enelerimiziň halkymyzyň buýsanjydygyny belläp, ýaşlara görelde bolýan ýaşulularymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam bermekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmekde mynasyp goşant goşýandyklaryna ünsi çekdi.Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň terbiýeçilik, wagyz-nesihat, ösüp gelýän ýaş nesilleri goldamak barada ýerlerde alyp barýan işleriniň, oba zähmetkeşleri bilen geçirýän çäreleriniň agzybirligimizi pugtalandyrmaga, milli bitewüligimizi berkitmäge, watansöýüji nesilleri kemala getirmäge ýardam berýändigini belläp, Milli Liderimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşululary Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalaryna bu ýokary sylag dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.Häzirki döwürde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde jemgyýetimiziň öňünde asylly hyzmatlary bitirenler döwlet derejesinde sarpalanylýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň berkidilmegine gönükdirilýändigini alamatlandyrýar. Ýokary döwlet sylaglaryny aýratyn buýsanç duýgusy bilen kabul eden hormatly ýaşulular Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” ýubileý medaly we ýadygärlik nyşan bilen sylaglanyldy.Lebap welaýatyna wekilçilik edýän ýaşuly E.Talipow özlerine bildirilen uly hormat üçin ähli ildeşlerimiziň we dabara gatnaşýan ýaşulularyň adyndan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan etdi. Şeýle hem ol halk arasynda watansöýüjilik, arassa ahlaklylyk ýaly ynsanperwer ýörelgeleri wagyz etmek, ýaşlaryň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenmegi ugrunda yzygiderli tagalla etjekdiklerine ynandyrdy.Milli Liderimiz hormatly ýaşululary ýene-de bir gezek Halkara Bitaraplyk güni hem-de mynasyp bolan sylaglary bilen gutlady hem-de olara berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi.Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, 12-nji dekabrda uly baýramyň — Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilip geçiljekdigini aýtdy hem-de ýygnananlary we ähli halkymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady. Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris. Olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirip durýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol iş kesilen adamlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, asylly däbe eýerip, iş kesilen 276 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Toparyň ýolbaşçysyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmek barada görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy arzuw etdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol, ilki bilen, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ähli işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyza Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan döwletimiziň daşary syýasatyna, halkara gatnaşyklaryna bagyşlanan Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen birlikde, bu duşuşygyň hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki alyp barýan işleriniň netijelerine berýän bahasyna, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamynda eýeleýän ornuny berkitmegiň ýollary, häzirki we ýakyn döwürde milli diplomatiýamyzyň işiniň ugurlary baradaky garaýyşlaryna düşünmek babatda gowy mümkinçilikdigi nygtaldy. Munuň özi milli diplomatik gullugyň işgärleri üçin ýolgörkeziji we esas goýujy ýörelgeler bolup durýar.Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýyl Türkmenistan üçin möhüm ýyllaryň biri bolar. Şunda uly şanly seneleri — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny hem-de ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini aýratyn bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň netijeleri boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen bagly dabaralaryň we çäreleriň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen döredilen guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara çäreleri hyzmatdaşlar bilen bilelikde mynasyp derejede geçirmek üçin ähli zerur işleriň alnyp baryljakdygyna üns çekildi.Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň halkara ugrunyň yzygiderli we ulgamlaýyn esasda ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatda uzak ýyllaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan tarapyndan halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça möhüm başlangyçlar, pikirler we teklipler öňe sürüldi. Olar ählumumy howpsuzlygy, parahatçylygy, ösüşi berkitmek, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag diplomatiýasyny ösdürmek, ekologiýany goramak, ynsanperwer gatnaşyklary güýçlendirmek bilen bagly mowzuklary öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uly ähmiýete eýe bolan bu syýasatyň we tutumly işleriň mynasyp derejede dowam etdirilýändigi bellenildi. Bütin adamzadyň bähbitlerini göz öňünde tutýan şeýle syýasatyň netijeleri halkara düzümlerde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda giň goldawa eýe bolýar, Milletler Bileleşiginiň anyk Kararnamalarynda we halkara ähmiýetli işlerde aýdyň beýanyny tapýar.BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylda ýurdumyzyň teklibi boýunça 4 sany Kararnamanyň — “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”; “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”; «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilendigi aýdyldy. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama bolsa ynsanperwer ulgamda ýurdumyzyň tagallalaryna berilýän ýokary bahadan nyşandyr. Bu resminama dürli halklaryň arasynda dostlugyň, hyzmatdaşlygyň we raýdaşlygyň pugtalandyrylmagy babatda uly ähmiýete eýedir. Çünki häzirki wagtda ynsanperwer häsiýetli işler umumadamzat ösüşi nukdaýnazaryndan parahatçylygy döretmegiň, onuň durnuklylgyny üpjün etmegiň binýady bolup durýar. Sebit we ählumumy derejede parahatçylygy goldamaga gönükdirilen bu Kararnamalaryň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär.Wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işiniň kämilleşdirilmegine berýän aýratyn ünsi hem-de yzygiderli goldawlary, hususan-da, gullugyň işgärler düzümini taýýarlamak, guramaçylyk, maliýe we maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak, diplomatlaryň iş, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda edýän uly tagallalary üçin hormatly Prezidentimize diplomatik gullugyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol şu günki mejlisde beriljek tabşyryklardan ugur alnyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, daşary ýurtlardaky ilçihanalar, konsullyklar, halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalar tarapyndan “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” esaslanyp, 2025-nji ýylda daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen syýasy, daşary ykdysady gatnaşyklary has-da berkitmek, medeniýet, ylym, bilim, durmuş ugurlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin maksatnamalaýyn işleriň alnyp baryljakdygyna ynandyrdy.Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün 2024-nji ýylda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna degişli alnyp barlan işleriň jemleriniň jemleniljekdigini, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň, geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylda möhüm ähmiýetli halkara çäreler geçirildi. Türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden bellenildi. Daşary ýurtlarda bu şanly sene bilen bagly wajyp ähmiýetli çäreleriň 170-e golaýy geçirildi. Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly ýubileýine bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi esasy waka boldy. Forum Magtymgulynyň filosofik mirasyna daýanmak bilen, halkara parahatçylygy pugtalandyrmakda, özara düşünişmegi, ynanyşmagy güýçlendirmekde, ösen dialog medeniýetiniň güýjüne we geljegine bolan ynamy berkitmekde möhüm birleşdiriji şert bolup çykyş etdi. Bu halkara forum parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny belende göterdi. Dünýä bileleşigi tarapyndan biziň ýurdumyza, türkmen halkyna, onuň baý taryhyna, medeniýetine uly hormat bilen garalýandygyny görkezdi.Döwlet Baştutanymyz geljek ýylda-da Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli giň gerimli çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň hem möhüm waka bolup durýandygyny, gurama agza ýurtlaryň köpüsiniň biziň bu başlangyjymyzy goldamagynyň ýurdumyz üçin uly abraýdygyny nygtady we hemmeleri taryhy ähmiýeti bolan bu wakalar, ýetilen sepgitler bilen tüýs ýürekden gutlady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu wakalaryň Türkmenistanyň daşary syýasatyny giňden beýan etmek bilen, bütin dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, ynanyşmak esasynda gatnaşyklary ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleri has-da dabaralandyrýandygyny belledi we bu ugurda halkara guramalar bilen bilelikdäki işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iri halkara ähmiýetli resminamanyň taýýarlanylmagyna ünsi çekip, şol resminamada Bitaraplygyň kadalarynyň aýdyň beýan edilmelidigini belledi we Daşary işler ministrligine bu ugurda ýurdumyzyň ilçihanalary, halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalary üçin degişli gözükdirijileri işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynda döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň çäklerinde hem özara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilmelidigini aýdyp, 11-nji dekabrda Aşgabatda şol toparyň ýokary derejedäki mejlisiniň geçiriljekdigini belledi.Biziň işimiz esasy iki ugur, ýagny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn diplomatiýa ugry boýunça alnyp barylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de geljekde Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny amala aşyrmak maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylygy saklamak boýunça tagallalarynda bitarap ýurtlara bu guramanyň çäklerinde ileri tutulýan hyzmatdaş derejesini bermek başlangyjyny goldaýan döwletleriň sanyny artdyrmaga möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek baradaky başlangyjymyzy goldaýan ýurtlaryň sanyny artdyrmak maksady bilen, ikitaraplaýyn derejede alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmegiň zerur bolup durýandygyny nygtady.Ýakynda Daşary işler ministrliginiň düzüminde täze Daşary syýasy maglumatlar we sanly diplomatiýa departamenti döredildi. Şeýle hem ilçihanalarymyzyň birnäçesinde metbugat attaşesi wezipesini girizmek hakynda karar kabul edildi. Bu işleriň ählisi bir maksada gönükdirilen ulgamlaýyn ädimlerdir. Ýagny ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmaga, daşary syýasatymyzyň many-mazmunyny düşündirmäge niýetlenendir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň halkara giňişlikde özüni aýdyň görkezmelidigini, maglumat beriş işlerinde öňde goýlan wezipeleriň has giň gerimli bolmalydygyny, Bitarap döwletimiziň baý taryhynyň, medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň, gadymy ýadygärlikleriniň, özboluşly, ajaýyp tebigatynyň, häzirki zaman «akylly» şäherleriniň, ähli ugurlarda gazanýan uly üstünlikleriniň beýan edilmelidigini aýtdy. Munuň üçin Türkmenistanyň ähli ilçihanalaryna bolýan ýurtlarynda döredijilik duşuşyklaryny geçirmegi, abraýly gündogarşynas alymlar, taryh, arheologiýa, medeniýet ulgamlarynda işleýän hünärmenler we habarçylar bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmak tabşyryldy.Hormatly Prezidentimiz geljek, 2025-nji ýylda ýurdumyzyň daşary syýasat we diplomatiýa işiniň esasy wezipesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen Kararnamalary durmuşa geçirmekden ybarat bolup durýandygyny aýtdy we BMG-ä agza ýurtlardan başga-da, guramanyň Sekretariaty bilen hem ýakyndan hyzmatdaşlygy alyp barmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri amala aşyrýandygyna ünsi çekdi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy”, «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň bilelikdäki maksatnamasy bar. Şeýle-de şu ýylyň 6-njy dekabrynda «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şol mejlisiň jemleri boýunça «2025 — 2027-nji ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasy» kabul edildi. Döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasynyň örän giň gerimlidigini we köp sanly meseleleri öz içine alýandygyny belläp, geljek ýylda-da Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn derejede öz hyzmatdaşlygyny berkitmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.Hormatly Prezidentimiz goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugur bolup durýandygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky, Hazarýaka sebitdäki döwletler bilen doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary berkitmegi dowam etdirjekdigini, Günorta Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürjekdigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz häzirki döwürde şol sebitlerde ählumumy ykdysady we tehnologik ösüşleriň gazanylýandygyny, bu sebitleriň ýurtlarynyň hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Ýewropa we Amerika ýurtlary bilen birek-birege hormat goýmaga esaslanýan deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek hem dowam etdiriler diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we şol ýurtlar bilen ýokary tehnologiýalar ulgamynda, «ýaşyl» energetika geçmekde, emeli aňy ornaşdyrmakda hyzmatdaşlyk etmäge, daşary syýasatymyzda Afrika ýurtlary bilen hem gatnaşyklara aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkara guramalaryň ýanyndaky ähli wekillerine ýüzlenip, geljek ýyl köptaraplaýyn diplomatiýanyň örän möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ünsi çekdi we Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň garaýyşlaryny goldaýan, ýurdumyza bu ugurda netijeli goldaw berýän döwletleriň sanyny artdyrmak üçin degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan şanly seneleri, baýramçylyk dabaralaryny mynasyp garşylamak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny, şu ýylyň sentýabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çärelerini geçirmek boýunça guramaçylyk komitetiniň döredilendigini belledi hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine guramaçylyk komitetiniň ilkinji mejlisini geljek ýylyň ýanwarynda geçirmäge taýýarlyk görmegi, onuň gün tertibi boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy we komitetiň şol mejlisinde geçiriljek çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanyljakdygyny aýtdy.Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, dünýä bileleşigi bilen geljek, 2025-nji ýylda örän möhüm taryhy we şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çärelerini ajaýyp wakalar, uly üstünlikler bilen mynasyp garşylamak üçin yhlasly işlemelidigini aýtdy we ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň halkara giňişlikde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerini goramakda uly işleri alyp barjakdyklaryna berk ynam bildirdi.Soňra döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda» Karara, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlaryny we daşary ýurt raýatlaryny «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň geçiren Hökümet mejlisiniň dowamynda örän möhüm meselelere seredilendigini we ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň kesgitlenendigini, milli diplomatik gullugyň öňünde täze wezipeleriň goýlandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, ol döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda gol çeken Kararynyň möhüm ähmiýetini nygtap, gullugyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi we öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geljek ýylda birnäçe möhüm çäreleriň meýilleşdirilýändigine ünsi çekip, milli diplomatik gullugyň işgärleriniň Türkmenistanyň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda netijeli işlejekdiklerine berk ynam bildirdi.Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili W.Hajiýew çykyş edip, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda Ženewada ýerleşýän ýöriteleşdirilen edaralar bilen hem yzygiderli esasda degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, bu edaralaryň arasynda iň irileriniň biri bolan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen işjeň aragatnaşyk saklanýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2025-nji ýylda işleri Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan utgaşdyrylýan BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda (SPECA) başlyklyk eder. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda bu ugurda zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň Halkara Migrasiýa Guramasynyň çäklerinde alyp barýan işleri, şol sanda Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalaryndan we konwensiýalaryndan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmek ugrundaky tagallalary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär.Ol sözüniň ahyrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy hem-de Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky ilçihanasy tarapyndan ähli zerur işleriň durmuşa geçiriljekdigini belledi.Şeýle hem Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi H.Öwezow çykyş edip, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, abadançylyk, il-ýurt bähbitli tutumly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynda sebitiň ýurtlary we goňşy döwletler, şol sanda Owganystan bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Ýurtlarymyzyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Däp bolşy ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Owganystana we onuň halkyna yzygiderli esasda ynsanperwerlik kömegini berýär. Munuň üçin Owganystanyň ýolbaşçylary hem-de owgan halky hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirýärler.Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, dost-doganlyga esaslanyp, bütin sebit üçin örän möhüm taslamalary amala aşyrýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat böleginiň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň, Türkmenistandan Owganystana we bu ýurduň üsti bilen sebitiň beýleki ýurtlaryna geçýän demir ýollaryň taslamalary bar. Ilçi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen iki goňşy ýurduň arasynda barha ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda ilçihananyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, mejlise gatnaşyjylary Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.***Şu gün Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi tamamlanandan soňra, “Oguz han” köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem Hökümet agzalaryna, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy boldy. Dabaranyň başynda milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararyny okady.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmekde, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny dünýäde dabaralandyrmakda, türkmeniň görnükli nusgawy şahyry, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny toplamakda, ylmy esasda öwrenmekde, türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ruhy-ahlak garaýyşlarynyň esasynda terbiýelemekde, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmekde, dana şahyryň edebi mirasyny kanun esasynda ebedileşdirmekde bitiren görnükli hyzmatlaryny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy gowşuryldy.Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryna, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy boldy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy döwlet sylagy hem-de Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Ol “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanandyklary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda geljekde-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzüminiň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowy “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Ol harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna döwlet sylaglarynyň gowşurylandygy üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirip, Watan goragçylarynyň öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Halkara Bitaraplyk gününiň toýlanýan günlerinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli özüne gowşurylan sylagy — Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny halkymyza gowşurylan sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Bu ýubileý medalynyň gowşurylmagy ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, merdana halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda mundan beýläk-de yhlas bilen tutanýerli işlemäge borçly edýär diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi.Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeleri Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy bilen gutlap, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Oňa müdiriýetiň agzalary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa gatnaşdylar.Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň Garaşsyz döwletimiziň hem-de mähriban halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak köp sanly wakalara beslenendigini belläp, bu üstünlikleriň, syýasy, jemgyýetçilik, halkara ähmiýetli wakalaryň halkymyzy belent maksatlara ruhlandyrýandygyny, Garaşsyz Watanymyza buýsanjymyzy has-da artdyrýandygyny nygtady. Milli Liderimiz taryhy wakalara beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň birnäçe mejlisleriniň üstünlikli geçirilendigini hem-de gazna tarapyndan birnäçe dostlukly döwletlere ynsanperwerlik kömekleriniň iberilendigini aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mejlise gatnaşyjylary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň üstünlikli jemlenmegi, şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň ýetip gelýän 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de indiki ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň halkara derejede giňden bellenilip geçiljekdigine ünsi çekdi hem-de parahatçylyk, ynanyşmak, hoşniýetlilik däplerimizi dabaralandyrjak 2025-nji ýylyň döwletimize üstünlik, halkymyza bagtyýarlyk, dünýä halklaryna dost-doganlyk, Ýer ýüzüne parahatçylyk getirmegini arzuw etdi.Garaşsyz Watanymyzda bagtyýar nesillerimiziň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda ýurdumyzda toplumlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimizde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi her bir çaga mähirli garaýyş bilen howandarlyk edilýändiginiň güwäsidir. Şeýle ynsanperwer işler halkymyzyň geçmiş taryhyndan, ata-babalarymyzyň ajaýyp däplerinden gözbaş alýar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.Soňra Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler; gaznanyň kanunçylyk hukuk namalaryna girizilen üýtgetmeler; gaznanyň serişdeleriniň sarp edilişi; Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan işler hakyndaky hasabatlaryň diňleniljekdigini we beýleki degişli soraglara serediljekdigini aýtdy.Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman saglygy goraýyş edaralary, kliniki we ylmy-kliniki merkezler bina edildi. Şu ýylyň özünde paýtagtymyzda Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, welaýatlarda saglyk maksatly birnäçe desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ynsan saglygynyň ähli zatdan ileri tutulýandygynyň aýdyň beýanydyr diýip, lukman Arkadagymyz belledi. Arkadag şäherinde döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy uly işleri durmuşa geçirýär, saglygy goraýyş ulgamynda ulanylýan dürli görnüşli lukmançylyk önümlerini öndürýär.Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy sagdyn ýaş nesli kemala getirmekde möhüm orna eýedir. Gaznanyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk däplerini ilerletmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde hormatly Prezidentimiz ägirt uly tagallalary edýär. Täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar.Mejlisiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň geçen döwürde ýerine ýetiren işleri, öňde durýan wezipeler barada çykyş etmek üçin, gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarowa söz berdi. Ol, ilki bilen, Milli Liderimizi hem-de hormatly Prezidentimizi ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni, alym Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly ajaýyp eseriniň halkymyza gowuşmagy bilen gutlady.Bellenilişi ýaly, ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly asylly ýörelgeler esasynda howandarlyga mätäç çagalaryň hemmetaraplaýyn sagdyn we sazlaşykly ösmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýär. Ýurdumyzda çagalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurda kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýüztutmalar esasynda näsag çagalara jemi 500-den gowrak, diňe şu ýylyň özünde bolsa 261 sany operasiýanyň geçirilendigi, köp sanly çagalarda saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglarynyň amala aşyrylandygy, saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilendigi barada aýdyldy. Mundan başga-da, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine Germaniýanyň “B.Braun” kompaniýasynyň “Dialog+” kysymly gemodializ enjamlarynyň ornaşdyrylandygy hakynda maglumat berildi.Gaznanyň wise-prezidenti çykyşynyň dowamynda meýilnama laýyklykda, Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça uly işleriň alnyp barlandygyny, Türkiýe, Ukraina, Owganystan, Russiýa, Täjigistan, Palestina ýaly ýurtlaryň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleriniň iberilendigini aýtdy. Täjigistanyň Hatlon welaýatynda ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň bina eden mekdebiniň okuwçylaryna gaznanyň hasabyna kompýuterler sowgat berildi, medisina klasteriniň öndürýän çaga iýmitleri doganlyk Owganystana iberildi. BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işlerine uly üns berilmegi bu düzümiň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha belende galýandygyny görkezýär.R.Bazarow gaznanyň goldaw bermegi esasynda Täze ýyl baýramy, Çagalary goramagyň halkara güni we beýleki şanly seneler mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän çagalar öýlerinde, paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara dürli sowgatlaryň gowşurylandygyny, ol ýerlerdäki uçurymlara kompýuterleriň sowgat berlendigini aýtdy. Çagalaryň arasynda geçirilýän sungat bäsleşiklerine-de gazna tarapyndan hemaýat berilýändigini bellemek gerek. Ýurdumyzda halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren ynsanperwer ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýändikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri aýdyldy.Gahryman Arkadagymyz hasabaty diňläp, gaznanyň alyp barýan işini yzygiderli kämilleşdirmek, bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur işleri geçirmek meselelerini yzygiderli üns merkezinde saklamagy tabşyrdy we birnäçe tabşyryklary berdi.Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň kanunçylyk-hukuk namalaryna girizilen üýtgetmeler barada hasabat bermek üçin gaznanyň hukukçysy M.Hojamberdiýewa söz berildi.Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyzda ýaş nesilleriň abadan ýaşamagy üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýär. M.Hojamberdiýewa çykyşynyň dowamynda näsag çagalara lukmançylyk kömegini bermegiň we olaryň saglyklaryny dikeltmegiň, derman serişdeleri bilen üpjün etmegiň belent ynsanperwer ýörelgedigini aýratyn nygtady. Şunda jemgyýetimiziň we döwletimiziň howandarlyga mätäç çagalaryň durmuşyna doly derejede gatnaşmaga bolan hukuklarydyr mümkinçilikleri giňedi.Ol Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryndan we gymmatly maslahatlaryndan ugur alnyp, gaznanyň Tertipnamasyna, onuň ýanyndaky Ýaşulular geňeşi hakynda Düzgünnama, gaznanyň müdiriýetiniň düzümine täzeden seredilendigini hem-de olaryň taslamalarynyň taýýarlanylandygyny habar berdi. Gaznanyň agzalan resminamalary onuň esaslandyryjysynyň 2023-nji ýylyň 15-nji aprelinde çykaran 1-nji Karary bilen tassyklanyldy. Gaznanyň işiniň göwrüminiň giňemegi bilen, Tertipnamada kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek bilen bagly guramaçylyk işleriniň möçberi hem artýar. Şunuň bilen baglylykda, Tertipnama gaznanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan iş birlikleri girizildi. Olar gaznanyň dolandyryş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti, bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti, önümçilik işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti wezipelerinden ybarat. Olar gazna öz ygtyýarlyklarynyň çäginde ýolbaşçylyk edýärler diýlip bellenilip, Tertipnamanyň 13-nji bölegi täze mazmunda beýan edildi. Girizilen wezipeler bilen baglylykda, gaznanyň müdiriýetiniň düzümine gaýtadan seredilip, onuň taslamasy taýýarlanyldy.Gaznanyň ýanynda hereket edýän Ýaşulular geňeşiniň agzalary tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlary ösdürmekde, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde ýaşuly nesiller tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Tertipnamada gaznanyň Prezidenti tarapyndan döredilýän gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşi hakyndaky kadalar aýratyn bapda beýan edildi. Agzalan bapda geňeşiň gaznanyň Tertipnamasynda kesgitlenen maksatlaryny guramaçylykly amala aşyrmaga ýardam berýän maslahat beriji topar bolup durýandygy, oňa gaznanyň Prezidentiniň ýolbaşçylyk edýändigi hem-de onuň düzümini we ol hakynda Düzgünnamany tassyklaýandygy beýan edildi. Ýaşulular geňeşiniň maksatlary we wezipeleri, geňeşiň agzalarynyň hukuklarydyr borçlary gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşi hakynda Düzgünnama bilen kesgitlenilýär. Gaznanyň hukukçysy Ýaşulular geňeşi hakynda Düzgünnamanyň taslamasynyň taýýarlanandygyny aýdyp, olary Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna hödürledi.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hasabaty diňläp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini kämilleşdirmek hakynda Karara hem-de gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşi hakynda Düzgünnama gol çekdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz kada-kanunçylyga laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasyny we müdiriýetiniň düzümini öz Karary bilen tassyklaýandygyny aýtdy hem-de degişli resminamalara gol çekdi.Resminama laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň düzüminde iki sany wise-prezident wezipeleri döredildi. Olar gaznanyň bejeriş işleri boýunça hem-de senagat ugry boýunça wise-prezidenti wezipelerinden ybaratdyr. Şular barada aýtmak bilen, Milli Liderimiz gol çekilen resminamalara laýyklykda, müdiriýetiň agzalaryny jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda wezipä bellemek baradaky soraglara geçdi.Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti wezipesine Oguljahan Atabaýewanyň teklip edilýändigini aýdyp, onuň bu wezipede işini nähili alyp barjakdygy bilen gyzyklandy.O.Atabaýewa özüne bildirilen ynam üçin Milli Liderimize hoşallyk bildirip, bu wezipäni abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallasyny, ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ugurda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-prezidente birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň iş dolandyryjysy wezipesine Hajymyrat Hajymyradowyň teklip edilýändigini belläp, oňa söz berdi.H.Hajymyradow bildirilen uly ynam üçin hoşallyk bildirip, asylly ýörelgeleri esasy ugur edinýän gaznanyň işini sazlaşykly guramak ugrunda degişli düzümleriň wekilleri bilen bilelikde zerur çäreleri amala aşyrmak ugrunda tagalla etjekdigine ynandyrdy. Gahryman Arkadagymyz gaznanyň hojalyk işleriniň yzygiderli kämilleşdirilmelidigini, onuň kanunçylyk-hukuk binýadynyň berkidilmelidigini belläp, bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň media habarlar wekili wezipesine Azat Jepbarowyň teklip edilýändigini aýtdy.A.Jepbarow özüne bildirilen ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ukyp-başarnygyny, tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Hormatly Arkadagymyz gaznanyň alyp barýan we ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan işini giňden wagyz etmek, “Arkadag” teleýaýlymynda, “Arkadag” gazetinde, beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edip, halkara giňişlige çykarmak babatda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.Mejlisiň dowamynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň agzasy, hasapçysy Ý.Çernowa söz berildi.Ol geçen döwürde gazna tarapyndan ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzyň näsag çagalaryna goldaw bermek boýunça geçirilen operasiýalar we dünýäniň dürli ýurtlarynyň heläkçilik zerarly ejir çeken çagalaryna ynsanperwerlik kömegini ugratmak üçin gönükdirilen maýa serişdeleriniň möçberleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol häzirki döwürde gaznanyň hasabyna gelip gowuşýan maliýe serişdeleriniň möçberi baradaky hasabatyň çäklerinde 2025-nji ýylda haýyr-sahawat maksatly ynsanperwerlik kömekleri üçin meýilleşdirilen serişdeler hakynda hasabat berdi. Munuň özi bu düzümiň hemaýatyna mätäç maşgalalaryň ýüztutmalary esasynda göz öňünde tutulan serişdeler hökmünde kesgitlenildi. Ý.Çernowa şanly seneler mynasybetli sowgatlyk önümleri satyn almaga, näsag çagalara degişli lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmaga we ynsanperwerlik kömeklerini maliýeleşdirmäge niýetlenen serişdeleriň kesgitlenen möçberi baradaky resminamany Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna hödürledi.Milli Liderimiz haýyr-sahawat gaznasyna hemaýat berilmegini haýyş edip, ýüz tutan adamlara goldaw bermek maksady bilen, taýýarlanan degişli resminama gol çekdi.Mejlisiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory, gaznanyň müdiriýetiniň agzasy M.Öküzowa söz berildi.Ol çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri boýunça hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, merkezde mümkinçiligi çäkli çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi. Merkeziň çagalar bagyny şu ýyl jemi 27 çaga üstünlikli tamamlap, olar Arkadag şäheriniň mekdeplerine gadam basdylar. Häzirki wagtda bu ýerde 100-e golaý çaga terbiýelenýär. Mundan başga-da, lukman Arkadagymyzyň tassyklan meýilnamasy esasynda, welaýatlardan we Aşgabat şäherinden gelen çagalar häzirki wagtda dikeldiş bejergisiniň ikinji tapgyryny aldylar. Hasabat döwründe dikeldiş lukmançylygynda dünýä tejribesini özleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Awstriýanyň “SANLAS Holding GmbH” kompaniýasy bilen baglaşylan üçtaraplaýyn Ähtnamanyň çäklerinde degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Merkeziň lukmanlarynyň we pedagoglarynyň bir topary “Çaganyň irki ösüşi we irki goşulyşma”, “Autizmiň dürli görnüşleri bolan çagalary idetmek boýunça tejribe alyşmak” ýaly halkara derejeli okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň, olar bilen işleýän pedagogik işgärleriň hünärini ýokarlandyrmagyň möhümdigi barada aýdanlaryndan ugur alnyp, “kliniki logopediýa”; “kliniki psihologiýa”; “kliniki surdopedagogika” ýaly inçe ugurly hünärmenleri kämilleşdirmäge gönükdirilen teklipleriň taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda geçirilen “Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri” atly surat çekmek bäsleşiginde baýrakly orunlara we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlaryň hatarynda merkezde bejergi alýan çagalaryň bardygyny bellemek gerek.Şeýle hem M.Öküzowa merkezde bejergi alýan we onuň çagalar bagyna gatnaýan çagalara ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar, milli seneler mynasybetli süýjülik sowgatlarynyň yzygiderli iberilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize bejergi alýan çagalaryň, olaryň ene-atalarynyň adyndan sagbolsun aýtdy. Merkezde sagaldyş-dikeldiş bejergisini alan çagalarda gazanylan netijeler we alnyp barylýan umumy işler barada teleýaýlymlarda, radioda goýberilýän ýörite gepleşiklerde, metbugat sahypalarynda çagalaryň ene-atalarynyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklary halkymyza ýetirilýär.Merkeziň direktory şu ýylyň dowamynda toplanan tejribä esaslanyp, 2025-nji ýyl üçin ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden mümkinçiligi çäkli, dikeldiş bejergisine mätäç çagalar baradaky meýilnamanyň taýýarlanandygy hakynda habar berdi we ony lukman Arkadagymyzyň garamagyna hödürledi.Gahryman Arkadagymyz hasabaty diňläp, müdiriýetiň agzalarynyň teklibi esasynda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentini goldaýandygyny aýtdy we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa ýüzlenip, gaznanyň iş meýilnamasyna O.Atabaýewa bilen bilelikde ýene-de bir gezek seretmegi tabşyrdy hem-de geljek ýylda geçiriljek çärelere laýyk gelse, degişli teklibi goldajakdygyny aýtdy.Biziň halkymyzyň çagany hemmetaraplaýyn mähir-alada we söýgi bilen gurşap almak ýaly gadymdan gelýän ynsanperwer däpleri bar. Türkmenleriň islendik ýagdaýda hem çagalara mähir-muhabbeti ýokary bolupdyr diýip, lukman Arkadagymyz ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly ata-babalarymyzdan gelýän milli däplerimize eýermek bilen, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň, ýetginjekleriň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda aýratyn üns-alada bilen gurşalyp alynýandygyna ünsi çekdi.Ýurdumyzda çagalaryň hiç biri hossarsyz däldir. Olaryň arkasynda dag ýaly döwletimiz durandyr. Çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna doly derejede gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda döwlet derejesinde yzygiderli tagalla edilýär. Biz hemaýata mätäç çagalaryň ykbalyna, bagtyýar geljeginiň üpjün edilmegine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn çemeleşýäris. Döwletimiz bu çagalary üns merkezinde saklap, olaryň özlerini uly we agzybir maşgalanyň — türkmen jemgyýetiniň doly derejeli agzasy hökmünde duýmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär diýip, Milli Liderimiz belledi.Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzda köp sanly çagalaryň saglygynyň dikeldilendigini, bu sahawatly işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini aýdyp, lukman Arkadagymyz amala aşyrylýan işleriň çagalarymyzyň we agtyk-çowluklarymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilýändigini, ösüp gelýän nesillerimiz baradaky aladanyň beýik we ýagty geljegimiz baradaky aladadygyny aýratyn nygtady. Bu işler türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň abadan durmuşynyň binýadyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Gaznanyň alyp barýan işine halkara derejede hem ýokary baha berilmegi ýurdumyzda howandarlygyň we çagalara mähribanlygyň nusgalyk tejribesiniň toplanandygyny, Garaşsyz döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini aýdyňlygy bilen görkezýär diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.Häzirki wagtda ýurdumyzda täze — 2025-nji ýyly garşylamaga giňden taýýarlyk görülýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz Täze ýyl baýramy mynasybetli çagalara hormatly Prezidentimiziň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan sowgatlary gowşurmak barada degişli işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.Şeýle-de mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde şäheriň çäklerinde medisina klasteriniň binalarynyň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ol bu ýerde derman serişdeleriniň birnäçe görnüşleriniň öndürilip, saglygy goraýyş edaralaryna iberilýändigini habar berdi. Milli Liderimiz öndürilýän dermanlyk serişdeleriň bellenen kada laýyk gelmegi we olaryň ýokary hilli, ekologik taýdan arassa bolmagy bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde täze şäherde Halkara Bitaraplyk gününe, Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk işleri, baýramçylyk mynasybetli toý sowgatlaryny taýýarlamak babatda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Gahryman Arkadagymyz şäherde guralýan baýramçylyk dabaralarynyň şanly seneleriň ähmiýetine laýyk gelmelidigini, medeni-köpçülikleýin çärelerde halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, Arkadag şäheriniň okgunly ösüşiniň öz beýanyny tapmalydygyny we olara gaznanyň müdiriýetiniň ähli agzalarynyň işjeň gatnaşmalydygyny belläp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini jemläp, ösüp gelýän nesilleri, howandarlyga mätäç çagalary durmuş taýdan goldamak, olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, bagtyýar ýaşamaklary üçin amatly şertleri döretmek we olarda ýokary watançylygy, ynsanperwer häsiýetleri kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan döwletli işlerde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk toýuna barýan günlerimizde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýynyň beýgelmegi, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriniň dabaralanmagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.Hormatly Prezidentimiz!Birleşen Milletler Guramasy bilen parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek Siziň alyp barýan daşary syýasatyňyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Siziň baştutanlygyňyzda ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýär. Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri şol syýasatda möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan howpsuzlygyň bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň bölünmezligi we özara baglanyşyklylygy ýörelgesine eýerýär.Belent mertebeli Prezidentimiz!Siziň ynsanperwer daşary syýasatyňyzyň netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy hil taýdan täze derejä çykýar. Türkmen Bitaraplygynyň sebitdäki, şeýle hem dünýä derejesindäki ähmiýeti barha artýar. Bu gün Siziň döwletleriň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkitmäge gönükdirilen çagyryşlaryňyz gymmatly başlangyç hökmünde halkara bileleşikde giň goldawa eýe bolýar.Sebitde durnuklylygy pugtalandyrmak ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Owganystanda parahatçylygy hem-de ylalaşyklylygy gazanmaga ýardam bermek, şol sanda goňşy ýurda ykdysady we ynsanperwerlik kömegini bermek Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynda möhüm meseleleriň biridir. Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, türkmen Bitaraplygynyň möhüm orny we onuň mümkinçilikleriniň zerurdygy ýene bir ýola aýdyň ýüze çykýar. Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi hem munuň anyk mysallarynyň biridir.Sarpasy belent Prezidentimiz!Şu ýylyň oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň köpüsiniň Bitarap Türkmenistanyň bu başlangyjyny goldamagy, sebitdäki hemme ýurtlaryň oňa awtordaş hökmünde çykyş etmegi ýurdumyz üçin uly abraýdyr, «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýandygymyzyň aýdyň güwäsidir. Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işleri, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň formatynyň yzygiderli berkidilmegi, Arkadag şäherinde «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumynyň geçirilip, Merkezi Aziýanyň ýaşlar forumynyň döredilmegi bäş dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitdi.Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!Sizi Nýu-Ýork şäherinden gelip gowşan hoş habar — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!Sizi hormatlamak bilen,Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.