Türkmenistanda
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi.Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň goranmak ukybyny ýokarlandyrmak babatda beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli açylyp ulanmaga berlen gulluk we ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar barada hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna hem-de türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz milli Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Baş prokuror B.Muhamedow ýurdumyzda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine talabalaýyk gözegçiligi amala aşyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, sanly ulgamy has giňden ornaşdyrmaga, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, prokuratura edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga zerur ähmiýet berilýändigi aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunylygy hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmagyň, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramagyň möhüm wezipe bolmagynda galýandygyny aýratyn belläp, Baş prokurora kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilmegine, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilýän işlere berk gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.Içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň ýanwar aýynda ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, kanun bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem bu düzümleri öňdebaryjy tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek, sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, ýol hereketiniň, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. Şunuň bilen bir hatarda, ministr Watan goragçylarynyň güni mynasybetli paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň täze binalar toplumynyň, şeýle hem Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň binalarynyň nobatdaky tapgyrynyň, Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin 2 sany 4 gatly, 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň, welaýat Polisiýa müdirlikleriniň birliklerinde Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň edara binalarynyň açylyp ulanmaga berlendigi hakynda hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kanunylygyň we hukuk tertibiniň üpjün edilmegini, dürli hukuk bozulmalarynyň öňüniň alynmagyny Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi. Döwlet Baştutanymyz ilatyň arasynda ýol hereketiniň düzgünleriniň, ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilmeginiň zerurdygy barada düşündiriş işlerini yzygiderli geçirmegiň möhümdigini aýtdy hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, hususan-da, milli kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işde sanly tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagyna, kazylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, “Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, kazyýet ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyklykda guramagyň, kazyýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň zerurdygy bellenildi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu düzümiň işgärleriniň öňünde durýan wezipeleriň örän jogapkärlidigini aýdyp, olaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi.Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Milli howpsuzlyk ministrligini ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň dowamynda ministrligiň düzüminde açylyp ulanmaga berlen täze, döwrebap edara binasy we ýaşaýyş jaýlary barada aýdyldy.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, öňde goýlan wezipelere ünsi çekdi hem-de ýurdumyzyň milli howpsuzlygyny ygtybarly üpjün etmek babatda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp, ministre anyk görkezmeleri berdi.Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýylyň başyndan bäri Watanymyzyň mukaddes serhediniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça görlen çäreler, serhetçileriň netijeli gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin oňyn şertleri döretmek babatda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet serhediniň goňşy ýurtlar bilen dost-doganlyk serhedidigini, ýurtlarymyzyň halklaryny köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz mukaddes serhedimiziň ygtybarly goralmagyny üpjün etmegiň, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi we degişli tabşyryklary berdi.Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar aýynda milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, ony döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Adalat ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň adalat edaralarynyň edara binalaryny gurmak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, milli kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, döwlet düzümleri tarapyndan işlenip taýýarlanylýan hukuk namalarynyň taslamalarynyň döwrüň talabyna laýyk bolmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belläp, ministre bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň adalat edaralarynyň edara binalaryny gurmak hakynda Karara gol çekdi.Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça görlen çäreler, döwlet Baştutanymyzyň gullugyň işini kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, serhetden geçýän harytlaryň we ýükleriň gözden geçirilişiniň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, barlag-geçiriş nokatlarynyň işini has-da kämilleşdirmegiň wajypdygyny belläp, degişli tabşyryklary berdi.Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň öňünde durýan möhüm wezipeleri netijeli çözmek babatda görlen anyk çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýat müdirliginiň Kerki etrap bölüminiň täze edara binasynyň açylyp ulanmaga berlendigi barada aýdyldy.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gullugyň ähli düzümleriniň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini, maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyny, işgärleriň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyny, olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini, bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

05 Few 2025
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň we Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek işleri dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny, oba hojalyk işlerinde ulanyljak gurallary möwsüme taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumlaryny möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek we ýerleri ekişe taýýarlamak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek işleri tamamlanyp, häzirki wagtda pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri guramaçylykly dowam etdirilýär. Pagtaçy babadaýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, häzirki wagtda olaryň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ýaz möwsümine taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny hem-de olaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş, çil, geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerleri taýýar edilip, häzirki wagtda olaryň tohumlaryny hem-de degişli tehnikalary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin zerur işler geçirilýär. Mundan başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmek we bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş, geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda degişli işler geçirilýär. Welaýatda gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, gowaça ekişine taýýarlyk görmek işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek hem-de azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam etdirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak, olary ekiş möwsümine çenli talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň ilaty ýurdumyzda öndürilýän ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatlarda bu ekinleriň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine aýratyn üns bermegiň, bu işlere gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş, çil we geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işlerini agrotehniki möhletlerde geçirmegiň, daýhan birleşikleridir hojalyklary bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň, daýhan birleşikleri bilen kärendeçileriň arasynda gowaça ösdürip ýetişdirmek boýunça şertnamalaryň wagtynda baglaşylmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz gowaça ekişine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek üçin degişli işleri geçirmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine tohumlary we olar üçin ýerleri talabalaýyk taýýarlamagy, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, Mary welaýatynda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny zaýasyz ýygnap almak üçin degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmek tabşyryldy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

03 Few 2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly we yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, soňky ýyllarda onuň köp ulgamlary öz içine alýandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, gyrgyz Liderine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi. Prezident Sadyr Žaparow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berip, Gyrgyzystanyň özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de, öz gezeginde, hormatly Prezidentimize mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.Ýurtlarymyz halkara giňişlikde ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça, şol sanda dünýäde we sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ekologiýa, suw meselesi ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin gyrgyz tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Biz Gyrgyzystanyň şeýle garaýşyna, özara düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek barada kabul edilen Kararnamany Gyrgyzystanyň goldandygyny aýratyn belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan hem, öz gezeginde, dostlukly ýurduň BMG-niň çägindäki halkara başlangyçlaryny, hususan-da, ekologik meseleler boýunça başlangyçlaryny goldaýar.Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan hyzmatdaşlygyň bu ugruna aýratyn ähmiýet berýär hem-de döwletleriň we halkara guramalaryň bu babatdaky tagallalarynyň, şol sanda buzluklaryň eremegi, dag ösüşi ýaly meseleleriň giň toplumynda tagallalaryň birleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Biz bu meseleleri BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly gün tertibine girizmek babatda Gyrgyzystanyň çemeleşmelerini goldaýarys diýip, Milli Liderimiz aýtdy. Türkmenistan sebitde tebigaty we ekologik gurşawy goramaga gönükdirilen çäreleri goldaýar. Munuň özi suw serişdelerini ýurtlarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň bähbidine rejeli hem deňagramly peýdalanmaga mümkinçilik berer.Türkmen halkynyň Milli Lideri Er-Riýadda geçirilen “Bitewi suw” sammitinde Türkmenistanyň suw meseleleri boýunça öz garaýyşlaryny beýan edendigini aýdyp, ýurdumyzyň Gyrgyzystan bilen bilelikde bu meseleleri çözmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Ekologik deňagramlylyk babatda aýdylanda, ýurdumyzyň ýakynda Gyrgyzystanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Dag barsynyň halkara gününi yglan etmek baradaky Kararnamasyny goldandygyna üns çekildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Munuň özi iri halkara guramanyň çäginde ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmegiň ýokary derejesine şaýatlyk edýär.Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigi bellenildi. Hökümet, diplomatik, pudak edaralary derejesinde yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar. 2021-nji ýylyň iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana amala aşyran sapary bilelikdäki hereketlere kuwwatly itergi berdi. Saparyň dowamynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek barada möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Taraplaryň tagallalary netijesinde bu ylalaşyklar durmuşa geçirilýär. Munuň özi iki ýurduň ykdysady ösüşine uly goşant goşýar, şeýle hem sebitdäki ýagdaýa oňyn täsirini ýetirýär. Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň energetika pudagyndaky özara bähbitli, netijeli hyzmatdaşlygyny belläp, türkmen tarapynyň ony mundan beýläk-de ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady. Söhbetdeşler türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň uly kuwwatynyň bardygyny aýdyp, bu kuwwaty iki ýurduň, tutuş sebitiň ösüşiniň bähbidine durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar.Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň Türkmenistan üçin möhüm wakalara beslenýändigine ünsi çekdi. 2025-nji ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýär, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça bu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýylyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy. Konsepsiýada Türkmenistanyň ählumumy we sebit ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarydyr çemeleşmeleri, ýurdumyzda, BMG-niň, beýleki halkara guramalaryň meýdançalarynda geçiriljek iri halkara çäreleriň meýilnamalary beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek foruma çagyryp, Sadyr Žaparowyň oňa gatnaşmagynyň bu çäräni üstünlikli geçirmäge möhüm goşant boljakdygyna ynam bildirdi.Prezident Sadyr Žaparow, öz gezeginde, Milli Liderimizi islendik amatly wagtda Gyrgyz Respublikasyna sapar bilen gelmäge çagyrdy.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow iki ýurduň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändiklerini belläp, doganlyk halklara parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.

29 Ýan 2025
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar. Meýdanlary gowaça ekişine taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş we geriş çekmek işleri geçirilýär. Pagtaçy babadaýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin agrotehniki çäreleri, hususan-da, bugdaýa ideg we meýdanlary ekişe taýýarlamak işlerini ýokary hilli geçirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlaryny, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem suw serişdelerini tygşytly, netijeli peýdalanmak maksady bilen, welaýatyň çägindäki derýalarda, suwaryş akabalarynda suwuň kadaly akymyny üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatyň ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suwaryş akabalarynda suwuň kadaly akymyny üpjün etmek maksady bilen, suwaryş, şor suw akabalarynda arassaçylyk işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň oba hojalyk işlerini netijeli alyp barmagyň esasy şerti bolup durýandygyny belledi we häkime anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Pagtaçy babadaýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak üçin zerur çäreler görülýär. Ýazky oba hojalyk möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda degişli arassaçylyk işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýa ideg etmek, ekerançylyk meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýokary hilli gowaça tohumyny, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary ekiş möwsümine taýýarlamak işleri dowam edýär. Häzirki wagtda welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suwuň kadaly akymyny üpjün etmek maksady bilen, welaýatyň çägindäki derýalarda we suwaryş akabalarynda degişli arassaçylyk işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, oba hojalygyny durnukly ösdürmäge hem ýardam berýändigini belledi we bugdaýa ideg etmek, meýdanlary ekişe taýýarlamak işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de ilatymyzy galla önümleri bilen bolelin üpjün etmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine görülýän taýýarlygyň çäklerinde meýdanlarda tekizleýiş, geriş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagtaçy babadaýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem welaýatlarda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dowam edýän oba hojalyk işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýokary hilli geçirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere möwsümleýin işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizleýiş, çil, geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin ähli zerur işleri geçirmegi, tehnikalardyr gurallary ýaz ekişine talabalaýyk taýýarlamak üçin degişli işleri alyp barmagy, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine tohumlary we ýerleri talabalaýyk taýýarlamak, welaýatlarda pagta, bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň çägindäki derýalarda we suwaryş akabalarynda suwuň kadaly akymyny üpjün etmek üçin degişli işleri geçirip durmagy, şu ýyl sebitlerde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

27 Ýan 2025
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine

Hormatly Watan goragçylary!Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýram eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy hem-de hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna, işgärlerine bildirilýän uly ynamy, belent sarpany, olar hakynda edilýän çuňňur aladany giňden dabaralandyrýar.2025-nji ýylda halkymyz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny uludan toýlaýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine daýanýan daşary syýasat strategiýasynyň özenini düzýän Bitaraplygymyzyň many-mazmunyny, ähmiýetini giňden wagyz etmäge gönükdirilen tutumly işler durmuşa geçiriler, dünýä jemgyýetçiliginiň wekillerini bir ýere jemlejek halkara derejeli iri çärelere giň gerim berler. Taryhy jähetden wajyp ähmiýete eýe bolan şanly senäni mynasyp dabaralandyrmak maksady bilen, biz 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrdyk. Bu buýsançly şygarda parasatly pederlerimiziň parahatçylyk söýüjilik, raýdaşlyk, ynanyşmak, ynsanperwerlik ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Bu ýylda biziň öňümizde dünýäde parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyrmak ugrundaky tagallalary işjeňleşdirmek ýaly möhüm wezipeler durýar.Eziz Watanymyzyň edermen ogullary!Watan — bu şöhratly pederlerimiziň iň gymmatly mirasydyr. Onuň goragynda sak durmak her bir türkmen perzendi üçin mukaddes borçdur, belent mertebedir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň altyn güýzünde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi bu borja jany-teni bilen berlen, ýurt goragyna ykbalyny baglan harby hünärmenleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýe boldy. Harby mekdebiň bu döwrebap binalar toplumy Watanymyzyň asudalygyny, abadan durmuşyny pugta goramaga hemişe taýýar edermen gerçekleri ýetişdirmek, bilimli-sowatly, harby hünäre wepaly nesilleri taýýarlamak ýaly möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer. Bu harby bilim ojagynyň kämil, ýokary taýýarlykly, watançy serkerdeleri ýetişdirmäge hem-de ýurt parahatçylygyny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşjakdygyna pugta ynanýaryn.Merdana Watan goragçylary!Siz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişden buýsançly gadamlar bilen geçip, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň goragynyň ygtybarly gollardadygyny, Oguz han, Baýram han, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Soltan Sanjar, Soltan Jelaleddin ýaly merdana gerçekleriň mynasyp nesilleridigiňizi dünýä äşgär etdiňiz. Siz geljekde-de Watany goramak borjuny ähli zatdan belentde tutup, harby ylmyň we sungatyň gazananlaryny birkemsiz özleşdirmelisiňiz, watansöýüjiligiňiz, harby kasama wepalylygyňyz bilen belent mertebä mynasyp bolmalysyňyz. Siziň mukaddes Garaşsyzlygymyzy, döwletimiziň halkara derejede iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, milli gymmatlyklarymyzy goramak ýaly belent borçlara wepaly boljakdygyňyza, gerek bolsa, bu mukaddeslikler üçin şirin janyňyzy hem gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn.Watanymyzyň wepaly ogullary!Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda hereket edýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri Garaşsyz Watanymyzyň sarsmaz galasydyr, polat galkanydyr. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürdäki harby özgertmeleriň netijesinde, milli Ýaragly Güýçlerimiz kämil söweşjeň ýaraglar, harby tehnikalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen yzygiderli üpjün edilip, kuwwatly goşuna öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertleriniň gowulandyrylmagy hemişe üns merkezinde saklanylýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi, dynç almagy üçin has oňaýly şertleri döretmek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň, amala aşyrýan harby özgertmeleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galar.Garaşsyz Türkmenistanyň merdana gerçekleri!Sizi Watan goragçylarynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mukaddes we jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin.Türkmenistanyň Prezidenti,Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent SerkerdebaşysySerdar Berdimuhamedow.

27 Ýan 2025
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktoryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory, Sportuň suwdaky görnüşleri boýunça bütindünýä guramasynyň prezidenti Huseýn Al-Musallamy kabul etdi.Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Türkmenistanyň sporty ösdürmek boýunça tagallalaryna ýokary baha berýändigini belledi. Şeýle hem ol Olimpiýa hereketini ösdürmäge, halkara derejeli türgenleri ýetişdirmäge berýän goldawlary üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdi.Döwlet Baştutanymyz Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktoryny mähirli mübärekläp, onuň saparynyň Türkmenistan bilen bu düzümiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigini belledi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, bu ugurda giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwer ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, sport ulgamynda sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edip, bu babatda anyk çäreleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyz Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, ýöriteleşdirilen federasiýalar we beýleki abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu bolsa Türkmenistanda sport diplomatiýasynyň giňden goldanylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilendigi muňa mysal hökmünde görkezildi.Şeýle hem 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 3-nji iýunyny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek barada kabul eden Kararnamasynyň ähmiýeti nygtaldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara sport ýaryşlary arkaly milli medeni hem-de ruhy gymmatlyklarymyz, ajaýyp däp-dessurlarymyz, ykdysady kuwwatymyz, ylym, bilim, sungat ulgamlaryndaky ösüşlerimiz dünýä ýaýylýar.Söhbetdeşler Türkmenistanda sportuň suwdaky görnüşlerini ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sportuň bu görnüşleri dünýäde giňden ýaýrandyr we jemgyýetde berk bedenli, sagdyn şahsyýetleri ýetişdirmäge ýardam berýär.Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy hem-de bu ugurda ýurdumyzyň başlangyçlaryna hemişe goldaw berýändigi üçin Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory, Sportuň suwdaky görnüşleri boýunça bütindünýä guramasynyň prezidenti Huseýn Al-Musallama minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

23 Ýan 2025
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de şu ýylda bu düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, geçen ýylda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmak boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de hasabatda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça alnyp barlan işler, Watan goragçylarynyň gününe taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen dürli çäreler toplumynyň yzygiderli geçirilendigini aýtdy. Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de ýurdumyzyň goranmak ukybyny ýokarlandyrmak ugrunda degişli işler alnyp baryldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de 2025-nji ýylda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigine ünsi çekdi. Ýaragly Güýçleri döwrebap harby tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek, harby ulgamda innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan harby hünärmenleri taýýarlamak işleri ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak bilen bagly meseleleri gözegçilikde saklamak tabşyryldy.Soňra Baş prokuror B.Muhamedow prokuratura edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwrebap tejribäniň we sanly ulgamyň peýdalanylmagy arkaly bu edaralaryň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler, prokuratura edaralarynyň işgärleriniň netijeli gulluk etmekleri, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak babatda döredilýän şertler barada hasabat berdi.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunlaryň ýerine ýetirilişine, hukuk namalarynyň kanunylygyna, hukuk bozulmalarynyň öňüniň alynmagyna prokuror gözegçiliginiň amala aşyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny aýdyp, bu babatda Baş prokurora anyk tabşyryklary berdi.Içeri işler ministri M.Hydyrow 2024-nji ýylda ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, ministrligiň garamagyndaky düzümleriň iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyşy, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, ýangyn howpsuzlygynyň, ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edilmegi babatda görülýän çäreler barada aýdyldy. Şeýle-de geçen ýylda we 2025-nji ýylyň başynda Diýarymyzyň welaýatlarynda ulanmaga berlen döwrebap ugurdaş desgalar barada maglumat berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, içeri işler edaralarynyň, şol sanda ýol gözegçilik we ýangyn howpsuzlygy gulluklarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek boýunça düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň möhümdigi bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ministrligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, onuň garamagyndaky ähli bölümlere sanly ulgamyň, öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, ministre işgärleriň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, kazyýet işine sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler, degişli ösüş maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişi we kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda geçirilen işler barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýokary derejeli hünärmenleri saýlap almaga aýratyn üns berilmelidigini, kazyýet işgärleriniň hünär we bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy milli kanunçylygyň many-mazmunyny düşündirmek, hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak işlerini, “Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz kazyýet ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň ähmiýetine ünsi çekdi.Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilen işleriň netijeleri, düzümiň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin döwrebap usullaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy barada hasabat berdi.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, öňde goýlan wezipelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz döwletimiziň milli howpsuzlygyny ygtybarly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny belläp, ministre anyk görkezmeleri berdi.Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň geçen ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, serhet bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet serhediniň goňşy ýurtlar bilen dost-doganlyk serhedidigini belledi. Şunda hormatly Prezidentimiz mukaddes serhedimiziň ygtybarly goralmagyny üpjün etmegiň, serhet goşunlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagynyň möhümdigi barada aýtdy. Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen işleri hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Adalat ministri M.Taganow milli kanunçylyk binýadyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem raýatlaryň hukuklarydyr borçlary barada wagyz-nesihat işlerini geçirmek, ilata degişli hukuk kömegini bermek babatda ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli kanunçylyk ulgamyny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet düzümleri tarapyndan işlenip taýýarlanylýan hukuk namalarynyň taslamalary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we hereket edýän kanunlara laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew geçen ýylda alnyp barlan işler, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, onuň işini ösdürmegiň maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmek babatda görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda haryt dolanyşygynyň möçberiniň artmagynyň, ulag-logistika mümkinçilikleriniň giňelmeginiň gümrük işiniň ýokary derejede guralmagyny, şol sanda ygtybarly gümrük gözegçiliginiň üpjün edilmegini talap edýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gullugyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekip, gümrük terminallaryny häzirki zaman barlag-gözegçilik enjamlary bilen üpjün etmek, olaryň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, ugurdaş düzümler bilen halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, gullugyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatda gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bu düzümiň işgärleriniň gulluk etmegi, hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin zerur şertleriň döredilýändigi, 2024-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahatyň geçirilendigi barada aýdyldy.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gullugyň işini, şol sanda migrasiýa hyzmatlaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, işgärleri taýýarlamak meselelerini gullugyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitläp, bu babatda tabşyryklary berdi.Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi. Türkmenistanda her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Bu baýram ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna, işgärlerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakda edilýän aladanyň aýdyň güwäsidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Nygtalyşy ýaly, ata Watanymyza wepaly gulluk edip, onuň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny ygtybarly goramak, kanunylygy üpjün etmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini, jemgyýetiň hem döwletiň bähbitlerini goramak Watan goragçylarynyň mukaddes borjudyr.Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli harby gullukçylaryny, işgärlerini ýetip gelýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow giňişleýin göçme mejlisi jemläp, hemmelere berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

22 Ýan 2025
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda pagtanyň öndürilýän möçberini artdyrmak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş we geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Önüm öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda arassaçylyk işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim welaýatyň çägindäki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, ýazky ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmeginiň möhümdigini belledi we bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek işleri geçirilýär. Ekiş möwsüminde önüm öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek hem-de oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda ýeralmanyň we gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda bu ekinleriň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda degişli işler alnyp barylýar. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny, suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim gyş möwsüminde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, agyz suwy, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, ýazky ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew sebitdäki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak üçin alnyp barylýan işleriň çäklerinde topragy fosfor döküni bilen gurplandyrmak, sürüm, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Pagtaçy daýhanlary welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak hem-de möwsüme taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, häzirki wagtda bu ekinleriň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda arassaçylyk işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinleriniň ýazky ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Welaýatda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, bu ekinleriň tohumlaryny taýýarlamak işleri dowam etdirilýär. Ekin meýdanlarynyň daş-töweregini, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim häzirki günlerde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň we jemgyýetçilik binalarynyň ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg hem-de ýazky ekişe taýýarlyk işleriniň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we häkime anyk tabşyryklary berdi.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Hususan-da, tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ekiş möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek, oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekişe taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem welaýatda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleriniň çäklerinde ekin meýdanlarynyň daş-töweregini, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri dowam etdirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.Soňra oba hojalyk ministri Ç.Çetiýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň gowaça hasylynyň düýbüni tutmaga görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde meýdanlarda tekizleýiş, geriş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek hem-de ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Welaýatlarda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we ministre häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizleýiş, çil, geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, ekiş möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin ähli zerur işleri geçirmegi, tehnikalary, gurallary ýaz ekişine talabalaýyk taýýarlamak babatda degişli işleri alyp barmagy, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmek, welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklar berildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş, şor suw akabalarynda arassalaýyş işleriniň yzygiderli geçirilmegini, welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň işledilişini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

20 Ýan 2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Monako Knýazlygyna sapar bilen ugrady

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna sapar bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş boldy.Milli Liderimiz Monako Knýazlygyna sapar bilen barýandygyny, bu ýurduň özüni dünýäde beýleki ugurlar bilen bir hatarda, sport üstünlikleri bilen hem tanadandygyny belledi. 2025-nji ýylda Monako “Dünýäniň sport paýtagty” diýlip yglan edildi. Türkmenistanda bolsa bu ýyl hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň makullamagy esasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyryldy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz sportuň Ýer ýüzünde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakdaky möhüm ornuna ünsi çekdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam edip, 1894-nji ýylda häzirki zaman Olimpiýa oýunlaryny esaslandyran Pýer de Kuberteniň parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşiň, şatlygyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, ýeňşe bolan ymtylmanyň nyşany hökmünde “Sport — dünýäň parahatçylygy!” diýen jümlesiniň hemmeleri ruhubelentlige çagyrýandygyny nygtady.Gahryman Arkadagymyz şu ýyl Türkmenistan bilen Monakonyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 10 ýyl dolýandygyny, şoňa görä, bu saparyň ýurtlarymyzyň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Monako bilen ilerledilýän hyzmatdaşlygyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden wagyz edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda metbugat wekillerine degişli tabşyryklary berdi.Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna ugrady. Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän parahatçylyk döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýan netijeli halkara dialoga ygrarlydygyny görkezýär. Milli Liderimiziň Monako Knýazlygyna amala aşyrýan şu sapary muny nobatdaky gezek subut edýär.Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar köpugurly häsiýete eýedir. Ýurdumyz şol döwletler bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk edýär. Syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär. Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde Ýewropa döwletleri bilen netijeli özara hereketler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ylym-bilim, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ugurlarda taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny bellemek gerek. Ýewropanyň iri kompaniýalary türkmen bazarynyň dürli pudaklarynda üstünlikli işleýär. Sebitiň ýurtlarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän işewür toparlarynyň wekilleriniň sany barha artýar.Medeni-ynsanperwer ulgam hem gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Wekiliýetleriň özara saparlary, Medeniýet günleriniň, dürli sergileriň we beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna sapary hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze sahypany açar.

19 Ýan 2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly kabul edilen maksatnamalaryň hukuk esaslaryny döretmek, raýatlaryň azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, ýurdumyzda hukuk tertibini we kanunylygy pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär.Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Mejlisiň deputatlary syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen bilelikde şu ýylyň we onuň nyşanynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek, ýurdumyzyň kada-kanunçylygyny kämilleşdirmek babatda degişli işleri alyp barýarlar.Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň hem-de bu ugurda degişli çäreleri görmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzyň halkara maliýe derejesini pugtalandyrmak we abraýyny ýokarlandyrmak, “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri çözmek üçin ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Ol Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Beýik Britaniýanyň “Fitch Ratings” agentligi bilen geçiren işleri barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara maliýe derejesini pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň, bu ugurda halkara agentlikler bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň wajypdygyny belledi we taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyndaky edara-kärhanalarda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar we has oňaýly iş şertleri döredilýär. Munuň özi pudakda zähmet çekýän işgärleriň has netijeli işlemegini üpjün etmäge, zähmet öndürijiliginiň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, pudakda zähmet çekýänler üçin amatly iş şertleriniň döredilýändigini aýtdy hem-de bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalygy pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň gowaça ekiljek meýdanlarynda sürüm işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Tekizleýiş, geriş, çil çekmek hem-de ýuwuş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem wise-premýer şu ýyl Diýarymyzda oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, degişli Kararyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny habar berdi we ony döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatlarda häzirki jogapkärli möwsümde alnyp barylýan işlere möhüm ähmiýet bermegiň, ýazky ekişe gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmaga, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegiň, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini has-da artdyrmagyň wajypdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Welaýatlar boýunça 2025-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakynda” Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän pudaklaryna, hususan-da, elektroenergetika pudagyna degişli binalary we desgalary gurmak, durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, paýtagtymyzyň günorta bölegindäki asma ýoluň talabalaýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu işler türkmen gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki döwürde Aşgabat şäheriniň keşbiniň barha gözelleşýändigini, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş merkezleriniň, medeni-durmuş maksatly binalaryň yzygiderli gurulýandygyny aýtdy we paýtagtymyzda ýerleşýän asma ýolda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek hakynda resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Aşgabat şäherinde Owganystanyň önümleriniň sergisini we işewürlik maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 23 — 27-nji fewralynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu çärelere goňşy ýurduň haryt öndüriji kompaniýalarynyň hem-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän işewürleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Serginiň we işewürlik maslahatynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleri Owganystana eksport etmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Owganystanyň önümleriniň sergisiniň we işewürlik maslahatynyň geçirilmeginiň türkmen-owgan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň fewral aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, geljek aýda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Gazet-žurnallaryň redaksiýalary tarapyndan dürli döredijilik bäsleşikleriniň yglan edilmegi meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, ýokary hem-de hünär-tehniki, orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly uniwersiadanyň we spartakiadanyň sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Fewral aýynyň esasy çäreleriniň hatarynda “Täze taryhy döwrüň dünýä nusgalyk ösüşleri — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş ýörelgesi” atly dabaraly maslahat, “Sungat — parahatçylygyň dili” atly şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi, “Milli ýörelgelerimiz nesil terbiýesinde”, “Türkmen Bitaraplygy — halkara parahatçylygyň we durnukly ösüşiň kepili” atly maslahatlar, “Parahatlyk — geljege mukaddes miras” atly dabaraly çäre hem bar.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, fewral aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 2025-nji ýylda aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige, kliniki ordinatura kabul etmegiň meseleleri barada hasabat berdi.“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” hem-de “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek, ylym ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan inženerleri, tehnologlary, lukmanlary we beýleki hünärmenleri taýýarlamak üçin ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde degişli işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän 2025-nji ýylda ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde aspirantura, doktorantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň sany baradaky resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, berkarar Watanymyzda ylym ulgamyny kämilleşdirmäge, alymlary, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýändigini, bu ulgamy ösdürmek boýunça köp işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda aspirantura, doktorantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige, kliniki ordinatura kabul etmek boýunça degişli işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtap, degişli resminama gol çekdi hem-de ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, resminamanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Ýewropa Bileleşigi hem-de oňa agza ýurtlar bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu gatnaşyklaryň çäklerinde anyk çäreler görülýär. Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bilen 2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçiren duşuşygyny bellemek bolar. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumanyň, halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýutta Urpilaýneniň Aşgabada saparlarynyň bolandygy barada aýdyldy. 2024-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň Brýussele sapary boldy. Onuň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wezipeli wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi hem-de ÝB we oňa agza döwletler bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga Teswirnama gol çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, Aşgabatda we Brýusselde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda parlamentara dialogyň, Bilelikdäki komitetiň mejlisleri yzygiderli geçirilýär, şeýle hem adam hukuklary boýunça dialog hereket edýär.“Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda giň möçberli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar, şol sanda dürli derejede duşuşyklar, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça forumlar guralýar. Mälim bolşy ýaly, bu formatyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 2023-nji ýylyň oktýabrynda Lýuksemburgda geçirilen nobatdaky duşuşygynda sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki “Ýol kartasy” kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda 2025-nji ýylda Aşgabatda parlamentara dialogyň nobatdaky duşuşygyny, Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji mejlisini geçirmek, halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissarynyň Türkmenistana sapary bilen baglanyşykly teklipler hödürlenildi. Şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň hem-de Ýewropa Geňeşiniň we Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda guraljak duşuşyk bilen bagly teklip beýan edildi. Bu duşuşygy şu ýylyň aprelinde Samarkantda geçirmek meýilleşdirilýär.Türkmenistanda zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, gender syýasatyna aýratyn üns berilýär. Bu ugurda daşary ýurtlar hem-de halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň aprel aýynyň birinji ongünlüginde Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň zenan ýolbaşçylarynyň forumyny geçirmek teklip edilýär. ÝB bilen bilelikde ikitaraplaýyn we sebit derejesinde dürli ulgamlarda birnäçe taslamalardyr maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna bilim, daşky gurşawy goramak, ekologiýa, ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýeti ösdürmek babatda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça maglumatlardyr teklipler hödürlenildi. Şunuň bilen birlikde, Ýewropa Komissiýasynyň “Horizon Europe”, “Marie Sklodowska-Curie Actions” maksatnamalary, Ýewropa Gözleg geňeşi bilen gatnaşyklar ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä, Türkmenistanyň Bilim ministrligine we Ylymlar akademiýasyna olardan netijeli peýdalanmak boýunça degişli işleri geçirmek teklip edilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz döwletimiziň öz oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna pugta eýerip, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini, geljekde-de parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürip, «Açyk gapylar» syýasatynyň dowam etdiriljekdigini belledi. Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklarda gazanylan guwandyryjy netijeler munuň aýdyň güwäsidir. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça beýan edilen teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli deňiz we derýa ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda ýerli we daşary ýurt deňiz gämileri abatlanylýar, milli flotumyz üçin täze deňiz gämileriniň gurluşygy alnyp barylýar. Gämilere hyzmat etmek işleriniň hilini has-da ýokarlandyrmak babatda degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýük gämileriniň gurluşygynyň milli senagatyň täze ugry bolup durýandygyny we Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň işini kämilleşdirmäge ýardam berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

17 Ýan 2025
Türkmenistan we Italiýa köptaraply gatnaşyklary ösdürmäge ygrarly

2025-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredowyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Edmondo Çiriýelli bilen duşuşygy geçirildi.Duşuşygyň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn syýasy dialogyň ähmiýetini bellediler. Türkmenistanyň we Italiýanyň arasynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Ýokary we iň ýokary derejedäki aragatnaşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy.Taraplar halkara guramalaryň we «Merkezi Aziýa – Italiýa» formatynyň çäginde hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.BMG-niň meýdançasyndaky özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi bellenildi. Parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary özara goldamagyň ähmiýeti bellenildi.Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça netijeli gatnaşyklaryň dowam ediljekdigine ynam bildirdiler.***Şol gün türkmen-italýan syýasy geňeşmeleri geçirildi.Türkmen tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, italýan tarapyna Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Edmondo Çiriýelli ýolbaşçylyk etdi.Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen birlikde sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça pikir alyşyldy.Söhbetdeşler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde bilelikdäki çäreleri geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.Diplomatlar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, işewür toparlaryň wekilleriniň arasynda duşuşyklary we forumlary geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.Arheologiýa, bilim we medeniýet ulgamlarynda döwletara hyzmatdaşlygy berkitmegiň ähmiýeti beýan edildi.Taraplar syýasy dialogy işjeňleşdirmekde we dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde özara ygrarlylygyny tassykladylar.

15 Ýan 2025