Türkmenistanda
Hormatly Prezidentimiz Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.Ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyny innowasion taýdan diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli işler häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we olaryň görnüşlerini artdyrmaga, gurluşyk senagatynyň önümçilik, ylmy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistany senagatlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet strategiýasynda içerki bazary ýerli çig malyň esasynda öndürilýän gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek meselesine uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, täze kärhanalary gurmaga, hereket edýän önümçilikleriň kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmaga ägirt uly maýa goýumlar gönükdirilýär.Geçen ýyl Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Lebap we Bäherden sement zawodlarynyň her biri ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply ikinji tapgyrlarynyň işe girizilmegi bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň täze känlerini ýüze çykarmak boýunça geologik barlaglar işjeň alnyp barylýar. Bu işleriň netijeleri önümçilik toplumlarynyň kuwwatyny pugtalandyrmaga, ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmaga gönüden-göni ýardam edýär. Şeýle önümlere ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär....Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda täze, döwrebap önümçiligiň ýanyndaky meýdança geldi we bu ýerden dabaranyň geçirilýän ýerine tarap ugrady. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçilik wekilleri bar.Hemmeler uly ruhubelentlik bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mähirli mübärekleýärler. Medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary dabara gaýtalanmajak öwüşgin çaýdy. Döwlet Baştutanymyz dabaraly çäre üçin ýörite taýýarlanylan mejlisler jaýyna barýar.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde çykyş edip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda bina edilen Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylary bu döwrebap kärhananyň işe girizilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.Döwlet Baştutanymyz berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna gönükdirilen tutumly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasynda milli ykdysadyýetimiziň ulgamlaryny, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde medeni-durmuş maksatly döwrebap binalar, kuwwatly senagat kärhanalary, täze obalar, şäherler gurulýar. Türkmenistanda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy üstünlikli dowam etdirilýär.Garaşsyz Diýarymyzda amala aşyrylýan bu ägirt uly gurluşyklar mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Gurlup ulanmaga berilýän binalardyr desgalar milli ykdysadyýetimizi yzygiderli ösdürmäge, ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, sebitleri sazlaşykly ösdürmäge ýardam edýär.Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine uly itergi berýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün edýär. Biz mundan beýläk hem kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmegi dowam etdireris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda gurluşyk we senagat toplumynda uly işleriň amala aşyrylýandygyny aýratyn belledi. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap obalaryň gurluşyklary güýçli depginde alnyp barylýar. Şu ýyl Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän goşmaça desga hem ulanmaga berler.Arkadagly Gahryman Serdarymyz kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny sazlaşykly ösdürmäge, kärhanalarda öndürilýän gurluşyk önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge, döwletimiziň gurluşyk senagatyny ösdürmäge gönükdirilýän maýa goýum serişdelerini netijeli özleşdirmäge we kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.Ýerli çig mal serişdelerinden peýdalanmak bilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze senagat kärhanalary yzygiderli gurulýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şu gün dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilýän Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň hem bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtady.Döwrebap kärhananyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Eziz doganlar» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy. Täze kärhana ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen bökdençsiz üpjün eder. Kuwwatlylygy bir ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümini öndürmäge niýetlenen kärhanada dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň kämil enjamlary ornaşdyryldy. Bu bolsa önümçiligiň ýokary derejede alnyp barylmagyna, täze innowasion tehnologiýalar esasynda dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berer.Döwlet Baştutanymyz kärhananyň birnäçe binadyr desgadan ybarat bolup, bu ýerde 460-a golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli önümçilik, durmuş şertleriniň döredilendigini belläp, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň senagatçylarynyň geljekde hem ýurdumyzy ösen döwlete öwürmekde tutanýerli zähmet çekjekdiklerine, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary hem-de senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň ähli işgärlerini, şeýle-de Ahal welaýatynyň ilatyny bu möhüm desganyň işe girizilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.Soňra bu ýerde ýerleşdirilen ekranda Bäherden keramiki önümler kärhanasy bilen tanyşdyrýan wideofilm görkezildi.Soňra Italiýa Respublikasynyň “SACMI Imola Societa Cooperativa” kompaniýasynyň wekili Mikele Pulpito söz berildi.Kompaniýanyň wekili Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen hormatly Prezidentimizi we ýygnananlary tüýs ýürekden gutlap, bu zawodyň Türkmenistanda şeýle önümleri öndürýän ilkinji, dünýäde bolsa iň iri we döwrebap kärhanalaryň biri bolup durýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, kärhana ýylda 3 million 300 müň inedördül metr bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümini öndürmäge niýetlenendir.Myhman pursatdan peýdalanyp, Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça edýän tagallalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň bähbidine durmuşa geçirýän giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine “SACMI Imola Societa Cooperativa” kompaniýasynyň Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan desga bolup, ähli inženerçilik işleriniň we kärhananyň önümçiliginde ornaşdyrylan enjamlaryň Ýewropada hereket edýän, halkara derejede kabul edilen standartlara doly laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamasy, şeýle hem Italiýanyň «Associazione Costruttori Italiani Macchine Attrezzature per Ceramica» kompaniýasynyň Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň ekologik taýdan arassa we daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän desga bolup, kärhananyň önümçiliginde ornaşdyrylan tehnologik enjamlaryň hil, daşky gurşaw, saglyk we howpsuzlyk taýdan halkara güwänamalaryň kadalaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamasy gowşuryldy.Döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesdi. Şol pursatda asmana dürli reňkdäki howa şarlary uçuryldy. Soňra hormatly Prezidentimiz kärhananyň çäginde gurlan sergi binasyna bardy we keramiki bezeg plitalarynyň, sanfaýans önümleriniň görnüşleri bilen tanyşdy.Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde senagat we gurluşyk toplumyna möhüm orun degişlidir. Tutuş ýurdumyzy gurşap alan giň gerimli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine bolan talabyň artmagyny şertlendirip, ýerli çig mallaryň esasynda bu serişdeleriň önümçilikleriniň çalt depginde ösmegine täze itergi berýär. Bu täze kärhanada öndürilýän häzirki zaman gurluşyk we bezeg serişdeleriniň dürli görnüşleri gurluşyk önümçiligi pudagyny döwrebaplaşdyrmak, oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, importyň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň täze önümçiliklerini döretmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.Sergi binasynda kärhananyň hünärmeni hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen şu gün açylyp ulanmaga berilýän Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň ýurdumyzda giň gerim bilen alnyp barylýan gurluşyklary, ilatymyzy gurluşyk önümleri bilen üpjün etmäge amatly şertleri döretjekdigini aýdyp, şeýle döwrebap kärhanada işlemäge döreden giň mümkinçilikleri üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we onuň işine ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.Tolgundyryjy pursat gelip ýetdi: hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow düwmäni basyp, iri senagat desgasyny işe girizýär. Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň öz işine başlamagy we önümçiligiň çylşyrymly tehnologik prosesi wideoşekillerde görkezilýär.Bu ýerde döwlet Baştutanymyza senagat we gurluşyk toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kärhananyň barlaghana otagyna bardy. Bu ýerde hünärmen döwlet Baştutanymyzy döredilen şertler bilen tanyşdyrdy.Bellenilişi ýaly, täze önümçilik desgasynda Italiýanyň «SAСMI» kompaniýasynyň iň öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrylyp, önümçilik amallary awtomatik usulda amala aşyrylýar. Bu ýerde keramiki önümleriň dürli görnüşleri taýýarlanylyp, barlaghanada olaryň fiziki we himiki düzümi, şol sanda agramy, çyglylygy, suw siňdirijiligi, berkligi, syrçalama barlaglary «SAСMI» kompaniýasynyň ýokary tehnologik enjamlary arkaly ýerine ýetirilýär. Şeýle hem önüme goşulýan goşundylaryň mukdary kesgitlenilýär.Hünärmen ýurdumyzyň ýaşlaryna döwrebap kärhanada zähmet çekmäge döreden şertleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Hormatly Prezidentimiz hünärmene işinde üstünlikleri arzuw edip, keramiki-bezeg plitalaryny öndürýän önümhana bardy we bu ýerde önümçiligiň tehnologik prosesi bilen tanyşdy.Keramiki bezeg plitalarynyň önümçiligi çig malyň ýörite kabul ediji bölümlere gelip gowuşmagyndan başlanýar. Bu ýerde çig mal owradyjy enjamda 50 millimetr ululykda owradylýar, şeýle hem öndüriljek önümiň tehniki talabyna laýyklykda, onuň düzümi dozatorlaryň kömegi bilen sazlanylýar. Soňra alnan garyndy has-da maýdalanylmagy we düzümine suw garylmagy üçin “boll mill” tehnologiýasy bilen işleýän degirmene gelip düşýär. Bu degirmende tozan görnüşindäki çig mal suw bilen garylyp, şliker ýagdaýyna getirilýär hem-de alyşmagy üçin ýörite ýerasty howuzlara geçirilýär. Ýerasty howuzlardan garyndy (şliker) atomizator enjamyna geçirilýär we gyzgynlyk bilen düzümindäki çyglylyk aýrylyp, gury tozan ýagdaýyna getirilip, ýörite konweýerler arkaly 16 sany ätiýaçlyk ammaryna ýygnalýar hem-de üznüksiz ýagdaýda önümçilik tapgyryna ugradylýar.Önümçiligiň ikinji basgançagynda taýyn garyndy ýörite konweýerler arkaly presleme bölümine geçirilýär. Konweýerler arkaly gelen garyndy presiň galybyna deň derejeli paýlaýan bölüme birigýär. Pres galyplary dolandan soňra, ýokary basyşly gidrawlik pres bilen her inedördül santimetre 340-dan 500 kilograma çenli agyrlyk bilen basylýar. Soňra plitalaryň düzüminden çygy aýyrmak üçin önümler 5 gatly gorizontal guradyjy enjama geçirilýär. Zawodyň tehnology tarapyndan gyzgynlyk derejesi sazlanan guradyjy ulgama girizilenden soňra, guratma işi doly awtomatik usulda amala aşyrylýar. Guradyjydan çykan plitalar syrçalama tapgyryna geçirilýär. Bu bölümde plitalaryň ýüzüne yzygiderlilikde angob sepilip, syrça çaýylýar. Munuň özi önümleriň berk hem suwa çydamly bolmagyny üpjün edýär. Soňra plitalar printer arkaly bildirilen talaba we islege laýyklykda bezelýär.Bu amallardan soňra plitalaryň berkligini uzak wagtlap saklamagy üçin olaryň ýüzi gaýtadan syrçalanylyp, guradyjy peçde 1 müň 230oС derejede bişirilýär. Peçden çykan önümler ýalpyldatmak üçin awtomatik usulda rektifikasiýa tapgyryna geçýär. Bu tapgyrda plitalaryň gyrasy kesilip, ýylmanýar hem-de birmeňzeş ölçege getirilýär. Rektifikasiýadan çykan ähli önümler awtomatik usulda işleýän robot daşaýjylar bilen desganyň içindäki wagtlaýyn saklama bölümlerine toplanylýar. Bu bölümlerdäki önümler robot daşaýjylar bilen ýalpyldatma bölümine geçirilýär. Ýalpyldatma tapgyrynda plitalaryň üstündäki önümçilik tozanlarydyr gyryndylar aýrylýar.Estetiki amallar tamamlanandan soňra, önümler gaplama bölümine ugradylýar. Önümiň hilini kepillendirmek üçin taýyn önümler sanly tehnologiýalar bilen doly barlagdan geçirilýär. Önümiň hili ýörite hünärmen tarapyndan tassyklanylýar. Her bir plita baradaky maglumatlar tertiplenilip, soňra plitalar gutulara gaplanýar. Gutularda hem önümiň hili, kalibr, şekil aýratynlyklary bilen bagly maglumatlar bellenilýär. Önümçilik desgasynyň ähli bölümlerinde robotlaşdyrylan daşaýjylaryň, awtomatik konweýerleriň ulanylmagy bu desganyň iň täze “Senagat 4.0” çemeleşmesi esasynda gurlandygyna şaýatlyk edýär. Munuň özi önümçilige maglumat, emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylandygyny we önümçilik amallarynyň awtomatlaşdyrylandygyny aňladýar.Hormatly Prezidentimiz keramiki bezeg plitalaryny öndürýän önümhanada işleýän hünärmenleriň aglabasynyň ýaşlardygyny belläp, olaryň ýokary tehnologik enjamlara ussatlyk bilen erk etmeginiň ýurdumyzda innowasion tehnologiýaly önümçiligi ýola goýmak wezipeleriniň üstünlikli çözülmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.Soňra döwlet Baştutanymyz sanfaýans önümleri önümhanasyna bardy we bu ýerde önümçilik bilen tanyşdy.Sanfaýans önümleri ak toýun, kaolin, feldşpat, kwars çig mallaryndan öndürilýär. Ýapyk ammara ýygnalan çig mal ýörite bölümlere kabul edilýär. Soňra çig mal konweýerler arkaly degirmene geçirilýär. Degirmende garylyp, üwelip, şliker ýagdaýyna getirilen çig mal, yzygiderlilikde ýerasty howuzlara ugradylýar. Taýýar bolan şliker, turbageçirijiler arkaly adaty we mehaniki guýma enjamlaryna iberilýär. Adaty guýma enjamlarynda gips galyplar ulanylýar. Gips galyplara basyş arkaly şliker doldurylandan soňra, sanfaýans önüminiň şekili emele getirilýär. Bu önümler degişli amallardan geçirilip, ýörite bölüme daşalýar. Sanfaýans önümleriniň önümçiliginde adaty guýma bilen bir hatarda, mehaniki guýma enjamy hem göz öňünde tutulandyr. Mehaniki enjamda şliker önümçilik galyplaryna uly basyş bilen berilýär. Bu usul has uly mukdarda öndürilýän önümleri şekile getirmek üçin niýetlenendir.Soňra önümler guradyjy enjamlarda awtomatik usulda guradylýar. Guradyjydan çykan önümlere hünärmenler tarapyndan arassaçylyk işleri we barlaglar geçirilýär. Barlagdan geçirilen önümler syrçalamaga taýýarlanylýar. Taýýar önümler estetik owadanlygyny, suwa çydamlylygyny, gigiýeniki häsiýetlerini ýokarlandyrmak üçin syrçalanmaga başlanýar. Syrçalama her önümiň görnüşine görä amala aşyrylýar. Syrçalanan önümler ýörite meýdanda peç arabalaryna düzülýär. Dolan arabalar peje ýerleşdirilenden soňra, 1 müň 200°C derejä çenli gyzdyrylýar. Bu peç syrçany taplap, önümi guradýar. Taýýar önümleriň peçde dogry şertlerde saklanmagy önümleriň owadanlygyny we daşky täsirlere çydamly bolmagyny üpjün edýär. Peçden çykan önümler hil barlagyndan geçirilip, bildirilýän talaplara görä gaplanylýar.Döwlet Baştutanymyz sanfaýans önümleri önümhanasyndan çykyp, Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň ýolbaşçysyna täze awtoulaglaryň we ýörite tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.Kärhananyň ýolbaşçysy döwrebap önümçilik desgasyny gurduryp berendigi hem-de Şa serpaýy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza kärhananyň işgärleriniň adyndan çäksiz hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçar meýdançasyna bardy we bu ýerden Aşgabada ugrady.Robotlaşdyrylan hem-de awtomatlaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen, 30 gektar meýdanda ýerleşýän bu döwrebap önümçilik kärhanasynyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklary türkmen topragynyň baý çig mal binýadynda ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.Şeýlelikde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralaryna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen şu günki açylyş dabarasy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň okgunly ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

12 Mar 2025
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, möwsümleýin işleriň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetini belledi we bugdaýa ideg etmek, gowaça ekişine taýýarlyk görmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekip, bu ugurda welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we talabalaýyk geçirmek üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Ýazky bag ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň çäklerinde baglaryň ekiljek ýerlerini, nahallaryny taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bugdaýa ideg etmek we gowaça ekişine taýýarlyk görmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu ýyl sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri guramaçylykly dowam edýär. Pagtaçy babadaýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik mukdary taýýarlanyldy. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, sebitde ýazky bag ekmek möwsüminde baglaryň ekiljek ýerlerini, nahallaryny taýýarlamak babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsümiň talabalaýyk, guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak üçin zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Welaýatda ýazky bag ekiş möwsüminde ekiljek nahallaryň ýeterlik möçberi taýýar edilip, häzirki wagtda olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly, öz wagtynda geçirmek üçin toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, ekerançylyk ýerleriniň daş-töweregini arassalamak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine girişmek, meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda geriş çekmek, tagt suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ýeterlik mukdary taýýar edilip, talabalaýyk saklanylýar. Ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek we tokaý zolaklaryny döretmek barada berýän tabşyryklaryna laýyklykda, welaýatda bag ekmek möwsümini, ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary derejede geçirmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmeginiň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagyň möhüm şertleriniň biridigini belledi we häkime degişli görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan gallaçy babadaýhanlarymyz tarapyndan şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda ýuwuş suwuny tutmak, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ekerançylyk meýdanlarynda bu ekinleri ekmek, ekiş geçirilen ýerlerde ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, wise-premýer ýazky bag ekmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almagyň, oba hojalygyny netijeli alyp barmagyň, bu ugurda ýokary görkezijileri gazanmagyň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny belledi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleriň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlarda gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda gowaça ekiljek meýdanlarda ýuwuş suwuny tutup, ýerleri ekişe taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegi, pagta öndürijileri ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmek, ýazlyk ýeralmanyň hem-de gök-bakja ekinleriniň ekişini çaltlandyryp, agrotehniki möhletlerde alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmek, welaýatlarda pagta, bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini gazanmak tabşyryldy. Döwlet Baştutanymyz ýazky bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny belläp, welaýatlarda degişli taýýarlyk işleriniň geçirilmegini, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

10 Mar 2025
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümlerine sanly ulgamy, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, serkerdeleriň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda amala aşyrylan işler barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Harby doktrinasynyň ýurdumyzda parahat we abadan durmuşyň ygtybarly kepilidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçlerimizi mundan beýläk-de döwrebap tehnikalar bilen üpjün etmegiň, Goranmak ministrliginiň, onuň garamagyndaky düzümleriň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, serkerdeleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemäge aýratyn ähmiýet bermegiň, Ýaragly Güýçlerimizi kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.Baş prokuror B.Muhamedow kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine prokuror gözegçiligini amala aşyrmak, sanly ulgamy işjeň ulanmak, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen şu ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunda sanly ulgamy has giňden ornaşdyrmaga, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, prokuratura edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga zerur ähmiýet berilýändigi bellenildi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada-da aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimizde kanunlaryň ýerine ýetirilişine, hukuk namalarynyň kanunylygyna yzygiderli prokuror gözegçiligini amala aşyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.Içeri işler ministri M.Hydyrow ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek, hukuk tertibini üpjün etmek boýunça şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde degişli düzümleri döwrebap enjamlardyr tehnikalar bilen üpjün etmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar, sanly ulgam işjeň ulanylýar. Şeýle hem hasabat döwründe Watan goragçylarynyň güni mynasybetli birnäçe desgalaryň açylyp ulanmaga berlendigi barada aýdyldy.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini ýokary derejede üpjün etmek, jenaýatçylygyň, beýleki hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň, ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin içeri işler edaralaryna sanly ulgamy we işiň täze usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmagyň wajypdygyna ünsi çekip, degişli görkezmeleri berdi.Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, degişli düzümlere sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, kazyýet işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekip, kanunylygyň we hukuk tertibiniň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik etmegiň wajypdygyny aýtdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy düzgün bozulmalary ýüze çykarmaga, olary döredýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmaga, kazyýet edaralarynyň işiniň hilini, kazyýet ulgamyny we kazyýet önümçiligini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri netijeli dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, Watanymyzda parahatçylygy üpjün etmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli howpsuzlygyny ygtybarly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady we birnäçe görkezmeleri berdi.Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew Watanymyzyň serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýaş serhetçileri watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça geçen iki aýda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň serhetleriniň goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň binýady bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, degişli düzümleri täze tehnikalar bilen üpjün etmek, serhet goşunlaryny ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen çäreleri öz wagtynda ýerine ýetirmek bilen bagly meselelere hemişe üns bermegiň zerurdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz gullugyň ýolbaşçysyna serhetlerimiziň ygtybarly goragyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hususan-da, milli kanunçylyk işini kämilleşdirmek, ýolbaşçylyk edýän düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak üçin degişli teklipleriň taýýarlanylyşy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň öňde durýan esasy wezipeleriň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlaryň bu ulgamdaky öňdebaryjy tejribesini öwrenmek zerurdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we kanun taslamalaryny taýýarlamak, taslamalara hukuk taýdan netijenama bermek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek, edara-kärhanalarda, raýatlaryň arasynda kanunçylygy düşündirmek bilen bagly çäreleri yzygiderli geçirmek barada birnäçe tabşyryklary berdi.Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerini täze tehnikalar bilen üpjün etmek, olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, gullugy ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Döwlet gümrük gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny nazara almak bilen, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýörite okuwlary yzygiderli guramagyň wajypdygyny nygtady. Ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň ulanmak döwletimiziň serhedinden geçirilýän harytlaryň we ýükleriň talabalaýyk gözden geçirilmegini üpjün edýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we gümrük nokatlarynda ygtybarly gümrük gözegçiligini alyp barmagy, bu düzümiň maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek işini dowam etdirmegi tabşyrdy.Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýylyň iki aýynda görlen çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda işgärleriň netijeli işlemegi üçin amatly şertleri döretmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde döwrebap desgalaryň ulanmaga berlendigi aýdyldy. Şeýle hem migrasiýa hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu düzümiň işini döwrüň talabyna laýyklykda guramagyň işgärleriň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny talap edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda migrasiýa ýagdaýlaryna ygtybarly gözegçilik etmek, raýatlara migrasiýa babatda ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek babatda degişli tabşyryklary berdi.Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça netijeli çäreleriň görülýändigini belledi. Şunda bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigi nygtaldy.Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

05 Mar 2025
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, sebitde möwsümleýin işler dowam etdirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek, ony talabalaýyk geçirmek maksady bilen, meýdanlary hem-de ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan medeni-köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehniki möhletlerde guramaçylykly geçirilmeginiň ekinlerden ýokary hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow sebitde dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, hususan-da, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny möwsüme taýýarlamak, ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişini bellenen wagtda tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň berjaý edilmeginiň ýokary hilli önüm almaga ýardam berýändigini belledi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitde şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işler dowam etdirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta öndürijiler üçin sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik mukdary taýýarlanyldy. Welaýatda soganyň ekişine hem girişildi. Şeýle-de häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini nygtady we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitdäki möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, welaýatda şu ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin meýdanlarynda goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil, geriş çekmek işleri geçirilip, ýuwuş suwuny tutmak çäresi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şeýle hem pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak babatda degişli işler geçirilýär. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitde şu ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde ekerançylyk meýdanlarynda tekizleýiş, geriş çekmek, tagt suwuny tutmak, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök ekinleriň ekişini bellenen möhletlerde geçirmek, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny we tohumyny ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda meýilleşdirilen dabaraly çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň talabalaýyk we guramaçylykly geçirilmeginiň möhümdigini belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtap, bu ugurda welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň şu ýyl Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek barada öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary, önüm öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Halkymyzy ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralmanyň, gök ekinleriň ekişini geçirmek işleri dowam edýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek, ekinlerden bol hasyl almak arkaly ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, taýýarlyk we ýuwuş suwuny tutmak işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, pagta öndürijileri ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişiniň depginini güýçlendirmek, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini gazanmak, Halkara zenanlar güni mynasybetli meýilleşdirilen çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara ünsi çekip, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

03 Mar 2025
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak hem-de şu ýyl gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, tekizleýiş, geriş çekmek işleri alnyp barylýar. Pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak, talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl sebitde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreleriň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, gowaça ekişine taýýarlyk görmek işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belläp, häkime bu ugurda welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri geçirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary, pagtaçy babadaýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny möwsüme taýýarlamak, olaryň ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär. Gowaça ekişine taýýarlyk işleri, hususan-da, meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ilaty ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, sebitde bu ekinleriň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bugdaýa ideg işleriniň, ýazky ekişe taýýarlyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny toplumlaýyn esasda ösdürmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil we geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk geçirmäge toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we häkime anyk görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, welaýatda bu babatda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk işleriniň çäklerinde ekerançylyk meýdanlarynda tekizleýiş, geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök ekinleriň ekişini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehniki kadalaryň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almagyň esasy şertidigini belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu ýyl Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly ideg işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş, geriş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamak, olary ekiş möwsümine çenli talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, sebitlerde ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralmanyň, gök ekinleriň ekişini geçirmek boýunça degişli işler dowam etdirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alyp barmagyň ekinlerden ýokary hasyl almak bilen birlikde, ýer, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga hem ýardam berýändigini belledi we wise-premýere bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, gowaça ekişine taýýarlyk işlerine ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş, çil, geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, ekiş möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmek, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine tohumlary we ýerleri talabalaýyk taýýarlap, ekişiň depginini has-da güýçlendirmek, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek babatda degişli görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýylda meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

24 Few 2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek, kabul edilýän maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda raýatlaryň hukuklaryny goramak, kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek, awtomobil ulagy, ykdysadyýetiň käbir pudaklarynyň işiniň hukuk esaslaryny berkitmek bilen baglanyşykly hereket edýän birnäçe kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.Daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde Gwatemala Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi, şeýle hem Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň syýasy meseleler boýunça geňeşçisi hem-de BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň we Şertnamalaýyn edaralaryň işini üpjün etmek boýunça departamentiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyklar geçirildi. Mejlisiň deputatlary döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda gazanan üstünlikleriniň, tutuş adamzadyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek bilen bagly geçirilýän çärelere gatnaşýarlar.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek işlerini döwrebap alyp barmagyň wajypdygyny belledi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, asyrlaryň dowamynda halkymyzyň maşgala gymmatlyklaryny, jemgyýetiň ahlak esaslaryny berkitmekde zenanlara uly orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň zenanlarynyň abadan durmuşda ýaşamaklary, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli zähmet çekmekleri, döwrebap bilim almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda zenan mertebesi belent tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgadyny bermek boýunça ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz Diýarymyzda mähriban enelerimize we zenanlarymyza uly hormat goýulýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgadyny bermek hakynda Buýruga gol çekdi hem-de resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz baýramçylygyň şanyna gelin-gyzlarymyza pul sowgadyny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, oňa döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda zerur işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň işini döwrebap guramakda ýokary bilimli, halkara tejribesi bolan hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi we bu ugurda taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizlemek, geriş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak, owlak-guzy, köşek almak möwsümine taýýarlyk görmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, suw howdanlaryna suw toplamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri ýerine ýetirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmegi, gowaça ekiljek meýdanlarda degişli agrotehniki işleri geçirmegi dowam etdirmegiň, pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak işini talabalaýyk alyp barmagyň möhümdigini belledi. Bugdaý ekilen meýdanlarda hem ideg işlerini dowam etdirmek, maldarçylyk hojalyklarynda ýetip gelýän owlak-guzy almak möwsümine gowy taýýarlyk görmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Wise-premýer oba hojalyk pudagynda täze ylmy-barlag institutlaryny döretmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny, mallaryň, guşlaryň önümliligini ýokarlandyrmak hem-de olaryň tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada-da habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda maldarçylyk we guşçulyk pudagyny ylmy esasda ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz maldarçylyk önümlerini öndürmek, olary gaýtadan işlemek tehnologiýalaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutyny döretmek hakynda Karara gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan ýerli çig mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak, “Guwlyduz” kärhanasynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konsern tarapyndan dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply önümleriň dürli görnüşlerini öndürmek üçin häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan önümçilikleri ýola goýmak babatda degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýerli çig mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak bilen, ösen tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap önümçilikleriň ýola goýulýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kärhanasynyň çig mal binýadynda dürli görnüşli ýokary hilli duzlary öndürýän önümhanalary gurmak boýunça taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew dokma senagaty kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek babatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, bu kärhanalaryň işini has-da ilerletmek, netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň pagta egirme hem-de nah ýüplük egriji fabrikleriniň käbiriniň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek boýunça degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dokma senagaty pudagynyň önümçiliginiň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy we dokma kärhanalarynyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, mart aýynyň dowamynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Halkara zenanlar güni we Milli bahar baýramy mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Hususan-da, Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş jaý toplumynda, Büzmeýin etrabynda köp gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, mümkinçiligi çäkli we durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de dürli maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar guralar. Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna eýe bolan enelere hormatly adyň nyşanynyň we şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasyny, bu ada mynasyp bolan, sekiz hem-de şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren zenanlara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasyny, Mukamlar köşgünde baýramçylyk konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar. 21-22-nji martda ýurdumyzda Milli bahar baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar guralar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere Diýarymyzda bellenilýän baýramçylyklar bilen bagly şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çäreleri giňden beýan etmek üçin zerur işleri alyp barmagy, ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi, Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli maksatnamalara laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, ylmy usullary peýdalanyp, amaly taýdan ähmiýetli wezipeleri çözmäge ukyply, döredijilik başlangyçly hünärmenleri taýýarlamak babatda ulgamlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň innowasion-pedagogik tehnologiýalary peýdalanmak, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny özleşdirmek, bilim işine ornaşdyrmak, möhüm ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak arkaly okuw işini guramak ýaly başarnyklaryny ösdürmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, bilim işgärleriniň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň hünär synagyny geçirmegiň möhüm wezipeleriň biridigini aýdyp, bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldady hem-de wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça taýýarlanylan teklipler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň daşary döwletler, halkara ykdysady we maliýe guramalarydyr edaralary bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýändigi bellenildi. Bu ugurdaky çäreler bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga, hyzmatdaşlygyň maýa goýum, tehnologik, maliýe meselelerine ünsi güýçlendirmäge gönükdirilendir.Öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, 38 ýurt bilen ikitaraplaýyn esasda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlar döredildi. 2023-2024-nji ýyllarda bu toparlaryň mejlisleriniň 35-si geçirildi. Iş geňeşleriniň mejlisleri, işewürlik we maýa goýum maslahatlary, sergilerdir ýarmarkalar yzygiderli guralýar. Ýurdumyzyň daşary ykdysady işi köptaraplaýyn görnüşde hem yzygiderli alnyp barylýar. Hususan-da, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy, Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy, Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy (SPECA), Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy, Bütindünýä Söwda Guramasy ýaly halkara düzümler bilen bilelikdäki işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem Türkmenistan halkara we sebitleýin maliýe edaralary — Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky hem-de beýlekiler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, gatnaşyklary pugtalandyrýar.Türkmenistan ösen döwletleriň birnäçesiniň iri banklary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy saklaýar. Bu babatda giň gerimli ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işler amala aşyrylýar. Şoňa görä, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly esaslaryň we mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şundan ugur alyp, Daşary işler ministrligi birnäçe resminamalary işläp taýýarlamagy teklip edýär. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasynyň” taslamasy; “Türkmenistanyň ykdysady ugurdaky halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasynyň” taslamasy, “Türkmenistanyň halkara maliýe institutlary bilen bilelikdäki işi hakynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamasy bar. Beýan edilenleri nazara almak bilen, bu resminamalary taýýarlamak boýunça pudagara topary döretmek hem-de onuň birinji mejlisini şu ýylyň mart aýynyň ikinji ýarymynda geçirmek teklip edilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň daşary syýasatynyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň gerimini yzygiderli giňeltmek boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň”, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” hem-de bu Maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu resminamalarda bellenen wezipeleri üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, tapgyrlaýyn işler dowam etdirilýär. Hususan-da, edaralarda, kärhanalarda, guramalarda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we işiň täze usullaryny ornaşdyrmak, onuň işjeňligini artdyrmak, bu ugurda işleýän hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda zerur işler durmuşa geçirilýär.Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça kabul edilen degişli Konsepsiýanyň hem-de Maksatnamanyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny göz öňünde tutup, halkara tejribeden ugur alyp hem-de dünýäde sanly tehnologiýalaryň soňky gazananlaryny nazara almak bilen, ýakyn geljek üçin täze resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak maksadalaýyk hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi we ýurdumyzda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly taýýarlanylan teklibi makullap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

21 Few 2025
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.Myhman mähirli kabul edilendigi hem-de däp bolan hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hormatly Prezidentimize mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine hem-de halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.Söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitleri nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Onuň netijeli häsiýete eýe bolmagynda ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklara möhüm orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyz R.Minnihanowa beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçen ýylyň oktýabrynda guralan halkara foruma işjeň gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.Söhbetdeşler asyrlaryň dowamynda halklarymyzyň dostlukly gatnaşyklary saklap gelýändiklerini kanagatlanma bilen nygtadylar. Şol gatnaşyklar medeniýetleriň, diniň, diliň umumylygyna, däp-dessurlaryň meňzeşligine, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýar. Tatarystanyň Baştutany Türkmenistanyň türkmen halkynyň milli däplerini, özboluşly medeniýetini saklap galmaga ygrarlydygyna aýratyn ünsi çekip, ýurdumyza ýene bir gezek gelmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.Ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, medeniýet, sungat ulgamlarynda hyzmatdaşlyk türkmen-tatar gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz türkmen tarapynyň Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde doganlyk Tatarystan bilen köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen işi mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini aýtdy. Munuň özi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen berkidildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli wekilçilikli forum geçiriler. Hormatly Prezidentimiz Tatarystanyň Baştutanyny bu foruma gatnaşmaga çagyryp, munuň iri halkara çäräniň üstünlikli geçirilmegine saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow birek-birege berk jan saglyk, döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

18 Few 2025
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzda durky täzelenilýän Bitaraplyk binasy we onuň hojalyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeginde, şol sanda paýtagtymyzda dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna we ozal bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegine, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.Milli Liderimiz ir bilen Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän we bu töweregiň özboluşly aýratynlyklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän Bitaraplyk binasynyň ýanyna geldi. Gyş paslynyň tamamlanyp barýan günlerinde dag eteklerinde ýakymly howa gurşawy emele geldi. Säheriň salkyn howasy ynsan ruhuna oňaýly täsir edýär.Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň günorta bölegi tanalmaz derejede özgerdi. Şunda bina edilýän dürli maksatly desgalaryň bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşykly utgaşmagyna möhüm üns berilýär. Edara binalarynyň, durmuş maksatly desgalaryň seýilgäh zolaklary we şäheriň esasy bezegine öwrülen suw çüwdürimleri bilen sazlaşmagynyň taslama taýýarlaýjylara, gurluşykçylara bildirilýän esasy talaplaryň biri hökmünde kabul edilendigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurdaky işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede dowam etdirilmelidigine ünsi çekdi.Taryha ser salsak, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny goýdy. Bu taryhy pursat ähli türkmenistanlylaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka boldy. 1995-nji ýylda ilkinji gezek ykrar edilen Bitaraplygymyz halkymyzyň beýik ynsanperwer ýörelgelerinden ugur alýar. Şonda hemişelik Bitaraplygymyzy 185 döwlet goldady. Bu mukaddes gymmatlygymyzyň şanyna bolsa beýikligi 95 metr bolan Bitaraplyk binasy guruldy. Ajaýyp bina bezeg berýän bäş welaýatyň haly gölleri halkymyzyň bitewüligini, jebisligini aňladýar.Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, binanyň depesinde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň heýkelini goýmak baradaky teklibi Mejlisiň, halkyň goldandygyny we şol pursatlaryň şaýady bolmagynyň has-da guwandyryjy waka öwrülendigini ýatlady.Taryhy binanyň düýbi tutulanda, Gahryman Arkadagymyzyň uly ornunyň bolandygyny bellemek örän ýakymly.Halk Maslahatynyň Başlygy halkymyzda «Tagan aýagy üç bolar, biri-birine güýç bolar» diýlişi ýaly, gyş paslynyň şeýle hoştap howaly günlerinde belent maksatlara hyjuw döredýän Bitaraplyk binasynyň hem üç aýakdan ybaratdygyny aýtdy. Binanyň her bir aýagy ebedi gymmatlygymyzyň mizemezligini pugtalandyrýan dek, üç sany şanly senäni özünde jemleýär. Bu bina halkymyzy taryhy ýyllaryň ajaýyp günleriniň jümmüşine alyp gidýär. Baky Bitaraplygymyz ilkinji gezek 1995-nji ýylda ykrar edilen bolsa, 2015-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek ykrar edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Munuň özi beýik başlangyçlaryň dünýä ýaň salandygyny, Türkmenistanyň abraýynyň barha ýokarlanýandygyny subut edýär.Milli Liderimiziň garamagyna paýtagtymyzyň günortasynda döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary, ekiljek baglaryň we yşyklandyryş sütünleriniň degişli görnüşleri görkezildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow Bitaraplyk binasynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, gurulýan we durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.Görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda Bitaraplyk binasynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagyň we bu künjekde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň teklip edilýän görnüşleri, yşyklandyryş sütünleri, şäheriň Bitarap Türkmenistan we Çandybil şaýollarynyň aýlawly çatrygynyň, paýtagtymyzyň günortasynda sil suw akabasynyň, seýilgäh zolagynyň teklip edilýän görnüşleri bar.Gahryman Arkadagymyz taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Aşgabadyň dürli künjeklerinde gurulýan, durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän binalaryň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň berkligine zerur üns berilmelidir. Binalardyr desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmakda we olaryň çäklerinde bag nahallarynyň oturdylmagynda ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny, şunda häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň nazara alynmalydygyny belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy bu babatda birnäçe maslahatlaryny berdi. Aýratyn-da, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygynda, olary döwrebaplaşdyrmakda täzeçil tehnologiýalar işjeň ulanylmalydyr. Bu ýerde alnyp barylýan işler döwrüň talabyna, milli binagärlikde ýetilen sepgitleriň derejesine laýyk gelmelidir.Bitaraplyk binasynyň talabalaýyk döwrebaplaşdyrylmagyna, onda BMG-niň baýdagynyň reňkiniň öz beýanyny tapmagyna jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Arkadagymyz Bitaraplyk binasynyň töweregindäki desgalaryň gurluşygynyň, bezeg işleriniň bu künjegiň derejesine laýyklykda ýerine ýetirilmelidigini belledi. Hemişelik Bitaraplyk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary esasynda ykrar edilen ýurdumyzda bu şanly sene mynasybetli guraljak dabaralar häzirki döwrüň ruhuna, milli toý dessurlaryna kybap derejede ýaýbaňlandyrylmalydyr. Milli Liderimiz tutumly toýlarda Watanymyzyň ýeten derejesiniň, ýurdumyzyň tutuş adamzat ähmiýetli öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň öz beýanyny tapmalydygyny hem-de ähli binalaryň bezeg işleriniň, reňkleriniň Bitaraplyk derejämize laýyk sazlaşygyny üpjün etmek boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady.Tanyşlygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz bu künjekde türkmen Bitaraplygynyň taryhyna degişli maglumatlary özünde jemleýän muzeýiň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, ugurdaş düzümleriň, şol sanda seýilgähiň gurulmagyna, onda oturdyljak saýaly baglaryň görnüşleri boýunça degişli alymlar bilen geňeşmeleriň geçirilmegine zerur üns berilmelidigini aýtdy. Ynsanperwer ýörelgeleri, parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary esasy ugur edinýän hemişelik Bitaraplygymyzyň aýdyň nyşany bolan bu kaşaň binanyň döwrebaplaşdyrylmagynda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary ulanylmalydyr. Binanyň reňk sazlaşygynda oňyn Bitaraplyk ýörelgeleriniň baş mazmuny, BMG-niň degişli nyşanlary öz beýanyny tapmalydyr.Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Bitaraplyk baýramyny mynasyp derejede guramagyň we dabaralary geçirmegiň maksatnamasy baradaky hasabatlar diňlenildi. Bellenilişi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen Bitaraplyk derejesi iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň ähli düzümlerinde şanly senäni guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işlerine giň gerim berildi. Ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda şu ýylyň dowamynda şanly sene mynasybetli sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, beýleki çäreleriň guralmagy meýilleşdirildi. Ähli göz öňünde tutulýan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda bilelikdäki işler zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň ediljekdigi aýdyldy. Şunda olaryň guramaçylyk işlerini maliýeleşdirmek meselelerine hem möhüm ähmiýet berilýär.Myhmanlary garşylamak, olaryň üpjünçiligini ýola goýmak we baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän günlerinde medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak, söwda medeniýetini kämilleşdirmek, çäreleriň guramaçylyk işlerine ýaşlaryň çekilmegini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada-da aýdyldy. Gahryman Arkadagymyz türkmen Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyryljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine wajyp ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Şunda ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Arkadag we Aşgabat şäherleriniň häkimlikleriniň bilelikdäki tagallalary zerurdyr. Bu meselede hiç bir zadyň ünsden düşürilmeli däldigini belläp, Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan çärelere, halkara maslahatlara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelýän myhmanlaryň türkmen myhmansöýerligi esasynda garşylanylmalydygyny, olaryň degişli ulaglar bilen üpjün edilmegine zerur üns berilmelidigini aýtdy.Döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetine bagyşlanan çärelerde Watanymyzyň ýeten derejesi, parahatçylyk söýüjilikli syýasatymyz, halkymyzyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri işjeňlik görkezmelidir, baýramçylyk çäreleriniň dünýäniň media giňişliginde giňden açylyp görkezilmegi ugrunda zerur tagallalar edilmelidir.Bitaraplyk baýramy mynasybetli geçiriljek duşuşyklar, halkara derejeli maslahatlar, medeni-köpçülikleýin çäreler häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede guralmalydyr. Aýratyn-da, şäheriň ekologik derejesine zerur üns berilmelidir. Saýaly bag nahallary ekilende, milli bagbançylyk ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr. Baýramçylyk dabaralarynyň geçirilmegine dahylly düzümleriň bilelikdäki tagallalaryna we olaryň sazlaşykly işleriniň üpjün edilmegine mümkinçilik döredilmelidir. Munuň üçin bolsa ugurdaş toplumlaryň işleriniň utgaşykly ýola goýulmagyna zerur üns berilmelidir. Gahryman Arkadagymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, dabaralaryň geçirilýän döwründe söwda we hyzmatlar ulgamynyň işiniň ýokary derejede ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Şunda halkymyzyň dünýä nusgalyk myhmansöýerlik däplerine, millilik ýörelgelerine giň ýol açylmalydyr. Şunda şanly senäniň nyşanlaryny özünde jemleýän sowgatlyk önümleriň taýýarlanylmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.Paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň we şäheriň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, Milli Liderimiz şäherde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň yzygiderli ýola goýulmagynyň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Şunda şäheriň jemagat hojalygy gulluklarynyň işi üçin niýetlenen ýörite tehnikalaryň netijeli peýdalanylmagyna aýratyn üns berilmelidir.Gahryman Arkadagymyz baýramçylyk dabaralaryna taýýarlygyň çäklerinde halkara derejede geçiriljek maslahatlaryň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasynyň ýörelgelerine laýyk gelmelidigini nygtady. Şol bir wagtyň özünde bu çäreleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegine zerur üns berilmelidir. Milli Liderimiz hemişe bolşy ýaly, baýramçylyk günlerinde-de tertip-düzgüniň berk berjaý edilmeginiň, ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň ýola goýulmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belläp, bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň bu künjeginde ýaýbaňlandyryljak baýramçylyk dabaralarynda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara giňişlikde ykrar edilýändigini aňladýan wakalaryň, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň teklibi boýunça kabul edýän çözgütleriniň öz beýanyny tapmalydygyny nygtap, bu babatda degişli maslahatlaryny berdi.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýeriň “Bitaraplyk binalar toplumy” diýlip atlandyrylsa, maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli hemmeleriň Bitaraplyk düşünjesiniň, onuň gymmatynyň näderejede ýokarydygyny bilmelidigini hem-de duýmalydygyny aýratyn nygtap, bu künjegiň ýaşlaryň, myhmanlaryň, syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerine öwrüljekdigine ynam bildirdi. Milli Liderimiz: «Bu taryhy ýer uly toýuň geçjek ýeri bolar» diýip, bu babatda toparyň agzalaryna degişli tabşyryklary berdi.Hormatly Arkadagymyz Bitaraplyk şaýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy ýerde Bitaraplyk zolagynyň döredilmelidigini, şunda BMG-niň nyşanynyň göze gelüwli edip ýerleşdirilmelidigini belledi. Bu ýerde hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilen ýyllary we şoňa degişli taryhy özgertmelerimiz bilen bagly ýazgylary ýerleşdirmek boýunça maslahatlar berildi.Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde geçirilýän iş maslahatyna gatnaşyjylar şanly senäni ýokary derejede dabaralandyrmak boýunça beren maslahatlary üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdiler hem-de öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.Milli Liderimiz şu ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli toýlarymyzyň goşa-goşadan gelýändigini aýdyp, şanly toýa gowy taýýarlyk görülmelidigini we onuň ýokary derejede geçirilmegi üçin hemmeleriň öz mynasyp goşandyny goşmalydygyny aýratyn nygtady.Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, bu gün asmandan nur ýagýandygyny, munuň bolsa rysgal-berekediň hem-de döwletliligiň nyşanydygyny aýtdy. Munuň özi ýylymyzyň uly üstünliklere, rowaçlyklara beslenjekdiginiň özboluşly alamatydyr.Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işlerinde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

15 Few 2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde milli tejribeden we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Jenaýat, Arbitraž iş ýörediş, Jenaýat iş ýörediş, Raýat iş ýörediş kodekslerine, “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleri hukuk taýdan düzgünleşdirmek bilen baglanyşykly hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, deputatlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugry boýunça okaýan diňleýjiler bilen önümçilik-tejribe sapaklary geçirildi.Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi, parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde duşuşyklaryň 3-si geçirildi. Mejlisiň wekilleri BMG-niň düzüm birlikleri, abraýly halkara guramalar bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça geçirilen okuw maslahatlarynyň 8-sine gatnaşdylar. Deputatlar Gahryman Arkadagymyzyň guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda degişli işleri geçirýärler.Döwlet Baştutanymyz täze kanunlaryň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, kabul edilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga ýardam bermelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek işini dowam etdirmegiň wajypdygyna üns çekildi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar aýynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek üçin görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1 göterime, gurluşykda 2 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 4,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 9 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,2 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 11,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy 1,1 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 101,9 göterim, çykdajy bölegi 97,4 göterim ýerine ýetirildi.Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,6 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27,3 göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 2022 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2025-nji ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin degişli işleri alyp barmagyň möhümdigini aýtdy. Ykdysadyýetimiziň ösüşine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maýa goýumlary netijeli peýdalanmak, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, pudaklary sazlaşykly ösdürmek boýunça zerur çäreleri görmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler hakynda aýdyldy. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 104,3 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 100,7 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 100,2 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 103,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 113,8 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmekde 124,2 göterim ösüş depgini üpjün edildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagyň, önümçilik desgalaryny kadaly ýagdaýda saklamak üçin toplumlaýyn çäreleri alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz geologiýa-gözleg, buraw işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 125,9 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 123,5 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 101,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 149,7 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 104,4 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 269,6 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 110,4 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 106,4 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,2 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,4 göterime deň boldy. Hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 388,5 göterim ýerine ýetirildi.Häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde welaýatlarda bugdaýa ideg etmek, gowaçanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, ýazlyk ýeralmanyň ekişini geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda ýerleşýän howdanlara suw toplamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak, suw hojalyk desgalaryny abatlamak babatda zerur çäreler görülýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegi, pudak boýunça önümçiligiň möçberini artdyrmagy we hilini gowulandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere oba hojalyk önümleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, welaýatlarda möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda öz wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk-senagat toplumynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 126,7 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň birinji aýynda meýilnama 111,8 göterim berjaý edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 122,4 göterime deň boldy. Hasabat döwründe Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň, amala aşyrylan işleriň meýilnamasy 108 göterim ýerine ýetirildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 156,6 göterime barabar boldy. Şu ýylyň ýanwarynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan işleriň meýilnamasy 113,6 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan 106,7 göterim berjaý edildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemegini gazanmagyň, ýurdumyzdaky himiýa kärhanalarynyň işini döwrebap guramagyň, energetika pudagynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmak bilen bagly işleri hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz täze ýollary gurmak we ýollaryň durkuny täzelemek işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105,4 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,1 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 117,7 göterim üpjün edildi, şol sanda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 154,1 göterime, nah matalaryňky 157,9 göterime, taýýar tikin we örme önümleriniňki 108,5 göterime, gön önümleriniňki 142,4 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 104,8 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 26 birža söwdasy geçirilip, olarda 2 müň 178 şertnama hasaba alyndy. Şu ýylyň ýanwar aýynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 113,9 göterime barabar boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça geçen aýda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,4 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 105 göterime deň boldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda halkyň sarp edýän harytlarynyň üpjünçiligini hem-de nyrhlaryny hemişe gözegçilikde saklamagyň, ilaty ýokary hilli azyk önümleri bilen kadaly üpjün etmek üçin degişli çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi. Söwda we hyzmatlar ulgamlaryny giňeltmegiň, döwrebap kärhanalaryň sanyny artdyrmagyň hasabyna täze iş orunlaryny döretmek, dokma kärhanalarynyň işini döwrebap ýola goýmak boýunça işleri dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe baýramçylyklar mynasybetli dürli maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler, wagyz-nesihat, aýdym-sazly medeni çäreler guraldy. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen, aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde-de dürli çäreler geçirilip, türkmen hünärmenleri daşary ýurtlarda iş saparlarynda boldular.«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşyp, Baş baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagynyň hormatyna Arkadag şäherinde dabaraly çäreler geçirildi. Şeýle-de hasabat döwründe teatrlaryň, sirkleriň, kinoteatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýerine ýetiren işleri barada habar berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramagyň, ýerlerde kitaphanalaryň, medeniýet edaralarynyň kadaly işlemegini gözegçilikde saklamagyň, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak boýunça zerur çäreleri yzygiderli geçirip durmagyň möhümdigini aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ylymly-bilimli nesilleri kemala getirmek, okuw kitaplaryny neşir etmek boýunça işler dowam etdirildi. Mekdep okuwçylary halkara ders we internet bäsleşiklerinde 12 medal gazandylar. Ylym ulgamynda-da maksada gönükdirilen işler alnyp baryldy. Şu ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň, alymlyk derejelerine dalaşgärleriň, kliniki ordinatorlaryň sany tassyklanyldy. Ýanwar aýynda bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler durmuşa geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty we Olimpiýa hereketini ösdürmek, türgenleri Olimpiýa oýunlaryna, çempionatlara, iri halkara ýaryşlara taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmagyň zerurdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere bilim edaralarynda ýaşlara döwrebap bilim bermek işine aýratyn üns bermegi, ösüp gelýän nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin zerur işleri yzygiderli geçirmegi, ulgama degişli täze desgalaryň gurluşygyny, ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmek işini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, Daşary işler ministrliginiň şu ýylyň ýanwar aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.Ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan netijeli halkara hyzmatdaşlyk ugruna eýermek bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara, sebit guramalarynyň çäklerinde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 19-20-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynda saparda bolandygy bellenildi.Ýanwar aýynda daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň Türkmenistana hem-de ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary dünýä döwletleri bilen gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Hasabat döwründe sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklar, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşiklerdir duşuşyklar guraldy. Şu güne çenli halkara resminamalaryň 6-syna gol çekildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça işler yzygiderli ilerledilýär. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup, bu babatda-da degişli işler geçirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, öňümizde birnäçe halkara çäreleriň bardygyna, olara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara derejede guraljak çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Hasabat döwründe toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,1 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 101,9 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,8 göterime deň boldy. Hasabat döwründe “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 104,1 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 111 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 116,3 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 116,6 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 117,1 göterime deň boldy. Şeýle hem “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barlan işler barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Watanymyzyň çäk taýdan amatly ýerleşiş mümkinçiliginden netijeli peýdalanyp, halkara ulag geçelgeleriniň işini kämilleşdirmegiň, üstaşyr gatnawlar üçin oňaýly şertleri döretmegiň, olaryň sanyny artdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin degişli işleri alyp barmak, bu ugurdaky işleri talabalaýyk gurap, ýolagçylara edilýän hyzmatlary kämilleşdirmek, pudaklara sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak işini hem giň gerimde dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýanwar aýynyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny, şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durnukly ösüşiň gazanylandygyny belledi. Geçen aýda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 3 milliard manatdan gowrak boldy. Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, welaýatlarda goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, 18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň bellenip geçiljekdigini aýtdy we Bitarap ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň öňde goýlan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýändiklerine ünsi çekdi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz milli diplomatik gullugyň ähli işgärlerini hünär baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

14 Few 2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary görkezildi. Şeýle-de Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan “akylly” şäherde-de taryhy ähmiýeti bolan beýik işler amala aşyrylýar. Ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän bu asylly işler ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmegine gönükdirilendir.Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine geldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalarda oturdylmaly şekiller barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, seýilgähiň abadanlaşdyrylyşyna we bezeg aýratynlyklarynyň döwrebap talaplara laýyk gelmegine möhüm üns berilýär.Milli Liderimiz täze şäheriň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähler toplumynda oturdyljak şekilleriň görnüşlerini synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we şekillere degişli düzedişleriň girizilmelidigini tabşyrdy. Seýilgählerde ýerleşdiriljek oturgyçlaryň amatlylygy, olaryň adamlar, aýratyn-da, çagalar üçin oňaýly bolmagy wajyp talap hökmünde kesgitlenendir. Şunda milli binagärlik ýörelgelerine, bu künjegiň ekologik derejesine zerur üns berilmelidir. Munuň özi ýurdumyzda adamlar, olaryň oňaýly ýaşaýşy, ýokary derejeli dynç alşy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky beýanydyr diýip, hormatly Arkadagymyz belledi we birnäçe görkezmeleri berdi.Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa taýýarlanylan taslamalar, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.Gahryman Arkadagymyz görkezilen şekil taslamalary, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Milli Liderimiz täze şäheriň çäginde guruljak seýilgähde ýerleşdiriljek oturgyçlar barada birnäçe maslahatlaryny berdi. Oturgyçlaryň amatlylyk talaplaryna laýyk gelmegi bilen bir hatarda, olaryň bezeg aýratynlyklaryna-da möhüm üns berilmelidir. Olaryň şekilleri çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýan görnüşlere eýe bolmalydyr. Seýilgäh zolaklarynyň we Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli desgalar toplumyna girelgäniň binagärlik babatda özboluşly ähmiýete eýe bolmalydygyny aýdyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy onuň gurluşynda, bezeg aýratynlyklarynda döwrebap önümçilik nyşanlarynyň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi. Şunda täze şäheriň lukmançylyk klasteriniň baş girelgesinde bu ugra degişli ýazgynyň nyşanynyň ýerleşdirilmegi maksadalaýyk bolar.Arkadag şäheriniň medeni-dynç alyş merkeziniň taslamasy taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde toý dabaralaryny geçirmäge niýetlenen döwrebap restoran, myhmanhana, işewürlik merkezi, dürli sport meýdançalary ýerleşdiriler. Merkeziň çäklerinde guruljak desgalarda türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden şäherleriniň, şol sanda Gadymy Nusaý galasynyň, Paryzdepe ýadygärliginiň binalary ýaly aýratynlyklar öz beýanyny tapmalydyr. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurulýan durmuş maksatly desgalar toplumynyň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezýär. Täze şäheriň medeni-dynç alyş seýilgähinde taryhy gymmatlyklaryň şekilleriniň ýerleşdirilmegi ösüp gelýän ýaş nesillerde şöhratly taryhymyza söýgini has-da artdyrar.Milli Liderimiz bina edilýän ähli desgalaryň, olaryň bezeg aýratynlyklarynyň, ekologik ýagdaýynyň Arkadag şäheriniň halkara giňişlikde ykrar edilen derejesine laýyk gelmelidigini belledi. Şunda ýerli tebigy aýratynlyklaryň nazarda tutulmagy wajypdyr we ol taslama taýýarlaýjylara, gurluşykçylara bildirilýän möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.D.Orazow häzirki döwürde täze şäherde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taýýarlanylan taslamalary, gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeleriň görnüşleri barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde hormatly Arkadagymyza şäheriň ikinji tapgyrynda lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň, seýilgählerde oturdyljak şekilleriň görnüşleri görkezildi.Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz önümçilik maksatly binalaryň hersiniň ähmiýetine laýyklykda gurulmalydygyny, aýratyn-da, olaryň enjamlaşdyrylyşyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda ýerli çig mallar esasynda ýola goýulýan önümçilik talabalaýyk bolmalydyr. Şol bir wagtyň özünde täze şäheriň desgalarynyň bezeg işlerinde millilige aýratyn ähmiýet berilmelidir.Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem täze seýilgäh zolaklarynda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekilleriň taýýarlanylyşyna degişli birnäçe bellikler aýdyldy we düzedişler girizildi.Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri bilen bir hatarda, bu ýerde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň talabalaýyk alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işleriň depginini ýokarlandyrmak, onuň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek meseleleri hemişe gözegçilikde saklanylýar. Şeýle-de häkim hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren kuwwatly tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagy bilen, şäherde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň ýokary derejede alnyp barylýandygyny aýtdy.Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda bina edilen täze şäheriň ekologik derejesiniň birnäçe halkara güwänamalara mynasyp bolandygyny belläp, bu ýerde degişli ekologik ýagdaýy saklamak üçin hemmetaraplaýyn çäreleriň amala aşyrylmalydygyna ünsi çekdi. Şunda döwrebap tehnikalaryň netijeli peýdalanylmagyna, olara aýawly çemeleşilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde bina edilen we ýokary amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleriniň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny aýtdy. Aýratyn-da, bu ýerde Halkara zenanlar güni ýokary derejede, giňden bellenilmelidir, köp çagaly maşgalalara ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda kottejleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşurylmalydyr. Munuň özi ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly şygary baş ýörelge edinýän durmuş ugurly syýasatyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüler.Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde durýan wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekip, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işler hemişe gözegçilikde saklanylmalydyr.Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerden Garagum derýasynyň demirgazygynda ýerleşýän, lagym suwuny gaýtadan işleýän desga tarap ugrady.Garagum derýasynyň demirgazygynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda lagym suwuny gaýtadan işleýän desga hereket edýär. Bu ýerde Milli Liderimize şäheriň lagym suwuny gaýtadan işlejek täze desgasynyň işleýiş tertibi barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi. Hormatly Arkadagymyz indi guruljak lagym suwuny gaýtadan işleýän toplumyň enjamlaşdyrylyşy, onuň işleýiş aýratynlyklary bilen tanyşdy. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işleriň hiç bir ugrunyň ünsden düşürilmeýändiginiň aýdyň mysalydyr.Toplumyň çäginde suw durlaýjy howdan, ýapyk drenaž ulgamy, suwaryş suw toplumy, ozon generatorlary, 100 müň kub metr suwy saklamaga niýetlenen desga bar. Onda lagym suwuny gaýtadan işlemek, gaýtadan işlenen we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän suwy Arkadag şäheriniň gök zolaklaryny, seýilgählerini, şäher baglaryny suwarmak, önümçilik toplumlarynyň, golaýdaky obalaryň zerurlyklary üçin ulanmak meýilleşdirilýär. Gaýtadan işlenen suwuň artykmaç möçberi bolsa Garagum derýasyna akdyrylar. Munuň özi ýurdumyzda suwy rejeli we netijeli peýdalanmak meselesine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir. Biziň sebitimizde suw ykdysady, durmuş taýdan abadançylygyň, adamlaryň maddy hal-ýagdaýynyň derejesini hem-de hilini kesgitleýän aýgytlaýjy şertleriň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz täze desganyň işiniň sazlaşykly alnyp barylmagynyň, suwuň hiç hili ýitgisiz ulanylmagynyň üpjün edilmelidigini aýtdy. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ekologiýa we suw babatda alnyp barylýan syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň beýanydyr.Milli Liderimiz täze guruljak desgada hünärmenleriň öz işine örän jogapkärçilikli çemeleşmeginiň zerurdygyny belledi. Çünki suw serişdelerine aýawly çemeleşmek paýhasly pederlerimizden galan asylly ýörelgeleriň biridir. Ir döwürlerde ata-babalarymyz suwaryşyň täsin tärlerini oýlap tapypdyrlar. Onuň inçeliklerini, suwdan peýdalanmagyň özboluşly usullaryny nesilden-nesle geçiripdirler. Şeýlelikde, taryhda kärizler, jykyrlar, guýular, sardobalar gurlup, milli suwaryş ulgamynyň kämil usuly döredilipdir. Pederlerimiz suwuň her bir damjasyny altyna deňäpdirler. Häzirki döwürde bu ugurdaky milli ýörelgeler döwrebap tehnologiýalar, sanly ulgam arkaly has-da kämilleşdirildi we şu günüň talaplaryna laýyk getirildi diýip, alym Arkadagymyz nygtady. Bu ýerde arassa suwy akdyrýan akabanyň derejesi ýokary ekologik talaplara doly laýyk gelýär. Şeýle-de bolsa, suwuň düzüminiň ýörite barlaghanalarda ylmy esasda öwrenilýändigini aýdyp, Milli Liderimiz bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Garagum sährasynyň merkezinde “Altyn asyr” Türkmen köli guruldy. Bu asylly başlangyç ýurdumyzda suw serişdelerini tygşytlamak, ekerançylyk ýerleriniň suwaryş ulgamynyň işini kämilleşdirmek, sähra ýerlerinde ekerançylygy, balykçylygy ösdürmek babatda giň mümkinçilikleri döretdi.Häzirki döwürde täze şäherde alnyp barylýan işleriň uzak geljegi nazarlaýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi we hünärmenlere olary abraý bilen berjaý etmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

08 Few 2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2025-nji ýylda öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler girizildi. Hökümetiň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Wise-premýer 2024-nji ýylda milli ykdysadyýetimizde gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 1,5 göterime, gurluşykda 11 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 7,2 göterime, söwdada 10,1 göterime, oba hojalygynda 5,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň boldy. 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 12,1 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Geçen ýylda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 13,1 göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 10,6 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.2024-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirildi hem-de 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim artdy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.Mejlisiň dowamynda wise-premýer «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Bu resminama ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Ýedi ýyllyk Prezident Maksatnamasynyň we şu ýyl üçin Döwlet býujetiniň esasynda taýýarlanylan bu resminamanyň taslamasynda 2025-nji ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, welaýatlar, Aşgabat, Arkadag şäherleri boýunça ýerine ýetirilmeli işler, durmuş-ykdysady ösüşiň, maýa goýumlaryň görkezijileri bellenildi. Şeýle hem ilatyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy.Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew geçen ýylda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlar, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 105,9 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,9 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 103,8 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,8 göterim ýerine ýetirildi. 2024-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda balans toparlarynyň jemi 104 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 88 mejlisi geçirildi. Olaryň dowamynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijelerine garaldy.Döwlet Baştutanymyz S.Joraýewi maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesinden boşatdy. Hormatly Prezidentimiz bu wezipä M.Astanagulowy belläp, ony maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.M.Astanagulow bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, bu jogapkärli wezipede yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow 2024-nji ýylda ýurdumyzyň banklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň, şol sanda bank ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hasabat döwründe ykdysadyýete karzlary gönükdirmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2024-nji ýylda hususy ulgama, şahsy taraplara, kiçi we orta telekeçilige banklar tarapyndan berlen karzlaryň möçberi artdy. Şunuň bilen bir hatarda, oba hojalyk önümlerini öndürijilere berlen karzlaryň görkezijileri ýokarlandyryldy. Bu görkeziji 30,7 göterime barabar boldy. 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen karzlaryň möçberi 16,2 göterim artdy.Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow geçen ýylda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, 2024-nji ýylyň netijeleri boýunça senagat ulgamynda durnukly ösüş üpjün edildi. Hususan-da, 77 milliard 623,1 million kub metr tebigy gaz, 8 million 279,7 müň tonna nebit çykaryldy. 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, nebit bitumynyň öndürilişi 10,2 göterim, benziniň öndürilişi 4,8 göterim, mazudyň öndürilişi 8,2 göterim, dizel ýangyjynyňky 0,6 göterim, plastmassadan taýýarlanan we aýna süýümli turbalaryňky 2,2 göterim, sementiňki 3,5 göterim, balykçylygyňky 20,1 göterim, süýji-köke önümleriniňki 2,1 göterim, süýt önümleriniňki 4,7 göterim, mesge ýagynyňky 3 göterim, mineral suwlaryň, alkogolsyz içgileriňki 11,5 göterim, gaplanan miweleriň we gök önümleriňki 7,2 göterim artdy. Hasabat döwründe senagat önümçiliginiň gymmatlyk möçberi nah ýüplükler boýunça 46,7 göterim, nah matalar boýunça 27,1 göterim ýokarlandy.Ulag-aragatnaşyk pudagynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Ulaglaryň ähli görnüşiniň ýük dolanyşygynyň 2 göterim, ýolagçy dolanyşygynyň 5,2 göterim artmagy munuň aýdyň mysalydyr. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 16,2 göterim artdy. Ýurdumyzyň oba hojalygynda öndürilen gök önümler, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 8,4 göterim, azyklyk bakja 6 göterim, ýeralma 4,6 göterim, miwe we ir-iýmişler 1,5 göterim, süýt 2,1 göterim, diri agramdaky etiň öndürilişi 7 göterim ýokarlandy. Geçen ýylda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde-de oňyn görkezijiler gazanyldy.Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy halkara standartlara laýyk gelýän statistiki usulyýet esasynda statistiki hasabatlylygy we maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hem hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2025-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny belledi. Maksatnama laýyklykda, 2025-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňden gowrak täze iş ornuny döretmek, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20 milliard amerikan dollaryna ýetirmek göz öňünde tutulýar. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,6 göterime ýetirmek, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak meýilleşdirilýär.2025-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 40 milliard manatdan gowrak maýa goýumlary gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.Hormatly Prezidentimiz wise-premýer H.Geldimyradowa ýüzlenip, 2022 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2025-nji ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtady. Milli ykdysadyýetimiziň binýadyny berkitmek, ykdysadyýetimize innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly täze önümçilikleri döretmek, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak babatda netijeli işleri dowam etdirmek möhümdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmagyň, onuň çykdajylaryny maksatlaýyn peýdalanmak boýunça degişli işleri yzygiderli alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekip, bank edaralary tarapyndan döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly taslamalary maliýeleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.Döwlet Baştutanymyz hususy kärhanalaryň we telekeçileriň önümçiligini ösdürmek bilen bagly taslamalar üçin karz serişdelerini bermegi, ilatymyzyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak üçin ýeňillikli şertlerde karzlaryň berilmegini dowam etdirmegi, bank ulgamynda hödürlenilýän sanly hyzmatlaryň görnüşlerini, elektron tölegleriň gerimlerini yzygiderli artdyrmagy tabşyrdy. Şeýle hem ykdysadyýetimizi ösdürmäge maliýe goldawyny bermek, milli pulumyzyň hümmetini durnukly saklamak boýunça netijeli çäreleri görmek tabşyryldy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.Hasabat döwründe “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 102,1 göterim ýerine ýetirildi. Konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,9 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 103,3 göterim, nebit bitumyny öndürmegiň meýilnamasy 224,4 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim berjaý edildi. Şeýle hem dizel ýangyjynyň, polipropileniň, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşy barada maglumatlar aýdyldy. Hasabatyň dowamynda wise-premýer döwlet dolandyryş edaralaryny, kärhanalary, guramalary nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de bu önümleri has rejeli paýlamak we peýdalanmak boýunça geçirilýän işler barada aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň alyp barýan energetika syýasatynyň netijesinde nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, 2025-nji ýylda-da bu pudagy döwrebap derejede ilerletmek babatda zerur işleri geçirmegiň, içerki we daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barmagyň, nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny, aýratyn-da, bu taslamanyň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçli depginde alyp barmak, nebite baý ýataklary, geljegi uly hasaplanýan meýdançalary özleşdirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga möhüm ähmiýet bermegi, uglewodorod serişdeleriniň geljegi uly bolan ýataklary gözlemek we barlamak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi, gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň, seýrek duş gelýän minerallaryň, ýerasty suwlaryň geologiýa gözleg-barlag, nebitgaz pudagyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak işlerini üstünlikli dowam etdirmegi, nebitgaz senagaty boýunça hünärmenleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň 2024-nji ýylda alyp baran işleriniň jemleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, toplum boýunça öndürilen önümlerdir işleriň meýilnamasy 105,8 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleriň meýilnamasy 108,6 göterim berjaý edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň möçberi 1 milliard 708 million manat boldy. Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 104,6 göterim berjaý edildi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça bu görkeziji 114,6 göterime barabar boldy. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça işleriň meýilnamasy 106,4 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça meýilnama 115,8 göterim ýerine ýetirildi.2024-nji ýylda iri önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalaryň 86-sy ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň, Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasy, Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy, Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri, Bäherden, Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyry, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi, “Balkan — Daşoguz” ýokary woltly asma elektrik geçirijisi, “Daşoguz” elektrik bekedi, Aşgabat şäherinde “Bagtyýarlyk” suw arassalaýjy desgasy, “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly, Daşoguz şäherinde 70 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýy we desgalar toplumy, ýurdumyz boýunça jemi 5 sany orta mekdebiň, 2 sany çagalar bagynyň binalary bar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň bökdençsiz işledilmegini gazanmak üçin zerur çäreleri geçirmegiň, ylmyň, tehnologiýalaryň iň täze gazananlary esasynda senagat we gurluşyk önümçiligi boýunça täze, döwrebap kärhanalary döretmegiň möhümdigini belledi. Içerki we daşary ýurtly sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişini yzygiderli artdyrmak, täze elektrik stansiýalaryny gurmak, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýlaryny gowulandyrmak boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Himiýa senagatynyň kärhanalaryny doly kuwwatyna çykarmak, täze kärhanalary gurmak işlerini-de güýçlendirmek wajypdyr. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda täze awtomobil ýollaryny gurmak, döwrebaplaşdyrmak, ýollaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek babatda işleri dowam etdirmegi, şu ýyl açylmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň bellenen möhletde, ýokary hilli ulanmaga tabşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,1 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini hem 103,1 göterime barabar boldy. Geçen ýylda Dokma senagaty ministrligi boýunça 117,3 göterim ösüş depgini üpjün edildi, şol sanda, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 149,3 göterime, nah matalaryňky 129,7 göterime, gön önümleriniňki 124,4 göterime barabar boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 102,3 göterim ýerine ýetirildi.Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan birža söwdalarynyň 302-si geçirilip, olarda 29 müň 317 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy tarapyndan 2024-nji ýylda amala aşyrylan işleriň ösüş depgini 111,8 göterime barabar boldy. Sergileriň 27-si, maslahatlaryň 131-si geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça geçen ýylda oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 110 göterime, senagat önümçiliginiň ösüş depgini bolsa 104,1 göterime barabar boldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dokma senagaty kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, dokma önümleriniň daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň, halyçylyk pudagyny ösdürmegiň, öndürilýän haly önümleriniň görnüşlerini köpeltmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin söwda toplumynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmak, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini netijeli guramak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmeginiň hususy tarapyň işjeňleşmegi bilen bagly bolup durýandygyny nygtap, ýurdumyzda hususy pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2024-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Hasabat döwründe toplum tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,8 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 102,8 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,2 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 104,1 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 114,5 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 140 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 128 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 116,2 göterime deň boldy.Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri çözmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da habar berildi. Şeýle hem ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak babatda ýerine ýetirilen işler hakynda aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag-kommunikasiýa toplumynyň möhüm pudaklaryň biri bolup durýandygyny, şoňa görä-de, ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň, üstaşyr hem halkara ýük gatnawlaryny has-da giňeltmek üçin degişli işleri alyp barmagyň, ulaglaryň, aragatnaşygyň ähli görnüşleri babatda hyzmatlary yzygiderli ösdürmegiň, pudaklara sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak işlerini giň gerimde dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleri alyp barmak, awtoulag kärhanalarynyň parkynyň maddy-tehniki üpjünçiligini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetini ýokarlandyrmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda howa menzilleriniň durkuny täzelemegi, uçarlaryň düzümini döwrebaplaşdyrmak babatda netijeli işleri geçirmegi, täze ugurlar boýunça halkara howa gatnawlaryny açmaga, ýük daşalýan ugurlary giňeltmäge möhüm ähmiýet bermegi, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň kuwwatyny doly güýjünde ulanmagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda 2024-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Hasabat döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler, wagyz-nesihat duşuşyklary, aýdym-sazly medeni çäreler geçirildi. Ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlenip, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli çäreler guraldy. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet”, Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitaplarynyň, akyldar şahyrymyzyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgulary ýerleşdirilen “Magtymguly” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Aşgabadyň günorta künjeginde “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň we beýik şahyryň ýadygärliginiň açylyş dabarasynda medeni çykyşlar guraldy.Geçen ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi üstünlikli geçirildi. Arkadag şäherinde VI Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa bilelikdäki simfoniki orkestriniň konserti, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly we onuň çäklerinde beýleki ugurdaş çäreler, «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly ýokary derejede geçirildi. Täjigistanda, Ýaponiýada, Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri, ýurdumyzda bolsa Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistanyň, Özbegistanyň Medeniýet günleri, Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi guraldy. Hasabat döwründe teatrlaryň, sirkleriň, kinoteatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň, Döwlet habarlar agentliginiň ýerine ýetiren işleri barada-da habar berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, M.Mämmedowany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işleýän B.Seýidowany bellemek barada karara gelendigini aýtdy hem-de degişli resminamalara gol çekdi.B.Seýidowa bildirilen uly ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu jogapkärli wezipede tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Döwlet Baştutanymyz wise-premýer B.Seýidowa ýüzlenip, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin taýýarlyk işlerini alyp barmagyň, türkmen halkynyň gadymy medeni mirasyny, şan-şöhratly taryhyny ylmy taýdan düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramagy, ýerlerde kitaphanalaryň, medeniýet öýleriniň kadaly işlemegini gözegçilikde saklamagy, taryhy ýadygärliklerimiz we medeni gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrýan syýahatçylyk pudagyny ösdürmegi, teleradioýaýlymlarda ýaş nesilleriň aň-düşünjesini ösdürmäge niýetlenen gepleşikleri köpräk taýýarlamagy, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy, sanly bilim ösdürildi, okuw kitaplarydyr gollanmalar neşir edildi, elektron žurnallar döredildi. “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” tassyklanyldy. Ýokary okuw mekdepleri halkara reýting sanawlaryna girizildi. Bäsleşikler, ylmy-amaly maslahatlar, olimpiadalar guramaçylykly geçirildi. Şu döwürde okuwçylardyr talyplar halkara bäsleşiklerde jemi 1 müň 549 medal gazandylar.Hasabat döwründe ylmy barlaglaryň netijeliligi ýokarlandyryldy. “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy” tassyklanyldy.Milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan çagalaryň kadaly ösüşini, abadan durmuşyny, saglygy goraýyş edaralaryny döwrebap enjamlar bilen üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer işler dowam etdirildi. Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň, Aşgabat şäherinde Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary geçen ýylyň möhüm wakalaryna öwrüldi.Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak babatda işler dowam etdirildi. Hokkeý boýunça halkara ýaryş, 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça “Ashgabat Open 2024” atly halkara ýaryş guramaçylykly geçirildi. Geçen ýylda türgenlerimiz medallaryň 752-sini gazanmagy başardylar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ýokary şertleri döretmek, ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak üçin bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny halkara tejribelere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň, orta we ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirmegiň, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen çäreleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Ýurdumyzy ylmy taýdan ösen döwlete öwürmek üçin ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Hormatly Prezidentimiz adam saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, derman senagatyny ösdürmekde alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, ýurdumyzda sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ornuny giňeltmek, ýokary sportda Türkmenistany dünýä tanatmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleri yzygiderli alyp barmagy tabşyrdy.Soňra welaýatlaryň häkimleri hasabatlar bilen çykyş etdiler.Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow sebitde 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ol Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde maýa goýumlary özleşdirmegiň bellenen ýyllyk meýilnamasynyň ýerine ýetirilendigini aýtdy.Geçen ýylda welaýatda iri önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi, şol sanda Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde döwrebap umumybilim berýän mekdep, Ýaşlyk şäherçesinde, Tejen etrabynyň Tejen şäherinde agyz suwuny arassalaýjy desgalar, Gökdepe, Ak bugdaý etraplarynda lagym suwuny arassalaýjy desgalar, Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyry, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi we beýleki desgalar, önümçilik kärhanalary gurlup ulanmaga berildi. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň dowam edýändigi, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg işleriniň alnyp barylýandygy, gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görülýändigi barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, S.Soltanmyradowy Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä T.Nurmyradowy bellemek barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.T.Nurmyradow özüne bildirilen uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, welaýaty mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin gujur-gaýratyny, bilim-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow 2024-nji ýylda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2024-nji ýylda sebitde medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalar, ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi. Häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, gowaçanyň, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 2024-nji ýylda sebitde “Balkan — Daşoguz” ýokary woltly asma elektrik geçirijisi, “Daşoguz” elektrik bekedi, Daşoguz şäherinde 1 müň 496 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaý we desgalar toplumy ulanmaga berildi. 2025-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, şu günler welaýatyň ak ekin meýdanlarynda degişli ideg işlerini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu işler bilen bir hatarda, gowaçanyň we azyklyk ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görülýär.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow 2024-nji ýylda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, geçen ýyl sebitde medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalary, inženerçilik ulgamlaryny gurmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaçanyň, ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görülýär.Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, sebitde 5 sany medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalar ulanmaga berildi. Şeýle-de häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, gowaça ekiljek meýdanlary, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ýazky möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem welaýatda gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, gaýtadan işlemek babatda degişli işler alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlerine ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny”, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda we şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, beýleki durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmegiň, ilaty arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjün etmegi gowulandyrmak boýunça işleri alyp barmagyň, arassaçylygy berjaý etmek, abatlaýyş işlerini wagtynda geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatlarda bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin ideg işlerini agrotehniki kadalar esasynda geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi we möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, oba hojalyk toplumynda önümçiligiň ösüş depgini 126,9 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 101,8 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 120,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 141,1 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100,3 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 233,2 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 138,3 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,6 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,2 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 103,2 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 253,1 göterim ýerine ýetirildi.Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, gowaçanyň, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň meýdanlaryny, oba hojalyk tehnikalaryny, tohumlary ekiş möwsümine taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda gyş paslynda mallary dok we ýyly gyşlatmak, ýetip gelýän owlak-guzy, köşek almak möwsümine taýýarlyk işleri dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, oba hojalyk ekinlerini suw bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinleriniň, çig malyň öndürilişiniň möçberini artdyrmagyň, ilaty azyk önümleri bilen doly üpjün etmek, gaýtadan işleýän senagatyň çig mal bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Ýokary hasyl berýän ekinleriň, miweli baglaryň täze görnüşlerini döretmek, tohumçylyk işini kämilleşdirmek işlerini netijeli alyp barmak, öňdebaryjy usullary ulanmak we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda maldarçylyk, guşçulyk pudagyny ösdürmek, azyk senagatyna degişli kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, täze kärhanalary gurmak boýunça işleri dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk önümçiliginiň tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak babatda degişli işleri geçirmegiň, oba hojalyk önümlerini öndürijilere edilýän tehniki hyzmatlaryň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagyň, ýüpekçiligi ösdürmek, ýokary hilli pile önümlerini öndürmek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak, goşmaça suw gorlaryny döretmek işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.Ylmy edaralar oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, täze ýerleri özleşdirmek boýunça has netijeli işlemelidir, daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işler dowam etdirilmelidir, Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, baýlaşdyrmak babatda degişli işleri alyp barmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk pudagynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmak, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny, sanly ulgamy önümçilige giňden ornaşdyrmak işlerini netijeli dowam etdirmek tabşyryldy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow geçen ýylda Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Öňde goýlan wezipeleri, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara resmi we iş saparlary guraldy. Geçen ýylyň dowamynda daşary ýurtlaryň döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň 15-si Türkmenistanda döwlet, resmi, iş saparlary bilen boldular. Hasabat döwründe Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary, halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýokary derejedäki wekilleriniň 39-sy ýurdumyza sapar bilen geldi. Bu saparlaryň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklardyr gepleşikler geçirildi.BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlar we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek arkaly halkara parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işler üstünlikli amala aşyryldy. Hususan-da, hasabat döwründe ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 4 sany Kararnamasy kabul edildi. Şolaryň biri 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda bu resminamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda degişli işler alnyp barylýar.2024-nji ýylyň dowamynda beýleki abraýly halkara guramalar we döwletara bileleşikler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda-da degişli işler amala aşyryldy. Şolaryň hatarynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyny, Ýewropa Bileleşigini, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyny, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyny, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny görkezmek bolar. Geçen ýylda daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary halkara gatnaşyklaryň okgunly ilerledilýändiginiň aýdyň güwäsidir. 2024-nji ýylda dürli derejedäki, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň we gepleşikleriň ençemesi geçirildi. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadynyň üsti resminamalaryň 238-si bilen ýetirildi.Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Hasabat döwründe Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. 2024-nji ýylda daşary ýurtlaryň Türkmenistanda täze bellenen ilçileriniň 30-syndan ynanç hatlary kabul edildi. Şol bir wagtda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky 9 ilçisi, 2 konsuly resmi taýdan öz işine başlady.Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu maksat bilen, geçen ýylyň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlaryň mejlisleriniň 14-si, işewürlik maslahatlarynyň, duşuşyklaryň birnäçesi guraldy.Medeni-ynsanperwer ulgam hem Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň wajyp ugry bolup durýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara çäreleriň 180-e golaýy geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda guralan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň ähmiýeti bellenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga uly goşant goşýandygyny, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýändigini, ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigini belledi.Türkmenistan dünýä hem sebit döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda ýygjam gatnaşyklary, ulag-logistika, ýangyç-energetika, suw we ekologiýa ugurlary boýunça netijeli işleri alyp barýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda birnäçe iri halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine göz öňünde tutulan çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, bu döwürde milli parlamentiň 3 maslahaty geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 36-sy, Mejlisiň kararlarynyň 26-sy kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda”, “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary, ýurdumyzyň halkara konwensiýalaryny we ylalaşyklaryny tassyklamak we olara goşulyşmak baradaky başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak boýunça kanunlaryň birnäçesi bar. Hereket edýän kanunlaryň birnäçesi döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirildi. Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde geçen ýyl dürli döwletleriň parlamentleriniň, diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 53-si geçirildi. Daşary ýurtlaryň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 15-sinden ynanç hatlary kabul edildi.Halkara tejribeleri öwrenmek maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 37-si amala aşyryldy. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň abraýly halkara guramalar bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 123-sine gatnaşdylar. Şunuň bilen birlikde, milli parlamentiň wekilleri Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen dürli halkara forumlara gatnaşdylar.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny, 2024-nji ýylda milli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň Kanunlarynyň 36-synyň kabul edilendigini, birnäçe kanunlara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigini aýtdy. Kabul edilen bu kanunlar Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Garaşsyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasyna öwrülendigini, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň halkara derejede giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalyny hem-de ýadygärlik nyşany döretmek boýunça kanunçylyk tarapdan degişli işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylyň başynda welaýatlarda ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan etraby we etrap hukukly şäheri kesgitlemek maksady bilen bäsleşigiň yglan edilendigini belledi. Ýakynda ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda ýörite topar bu bäsleşigiň jemlerini jemledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hasabat bermek üçin Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy O.Berdiliýewa söz berdi.Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň welaýatlaryny we Aşgabat şäherini bäsleşikli esasda ösdürmek baradaky asylly ýörelge hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugyna laýyklykda, degişli topar tarapyndan tassyklanylan tertipde degişli işler alnyp baryldy. Onuň netijeleri boýunça “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçen 2024-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby kesgitlenildi. Şunlukda, durmuş, ykdysady, medeni görkezijiler babatda iň gowy netijeleri gazanan Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby bäsleşigiň ýeňijisi diýlip kesgitlenildi.Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyny 2024-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan etrap diýip yglan etmek we bu etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem 2025-nji ýylda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda täze bäsleşigi yglan etmek hakynda Buýruklara gol çekdi.Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny, bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilendigini, döwrebap kanunlary taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak boýunça işleriň dowam etdirilendigini belledi.Ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol sanda senagatda 1,5 göterim, söwdada 10,1 göterim, oba hojalygynda bolsa 5,3 göterim boldy. Maýa goýumlar 9,1 göterim artdy. Hasabat döwründe jemi 5 müň 735 sany täze iş orny döredildi. Ýurdumyzda öndürilen önümleriň eksport edilen möçberi 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 86 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desga, umumy meýdany 1 million 145 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýuny toýladylar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurulýan, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi.Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumyna degişli iri taslamalaryň durmuşa geçirilendigini, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berlendigini belledi. Ahal we Lebap welaýatlarynda Bäherden, Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyry, Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi we elektrik beketleri işe girizildi. Döwrebap agyz suwuny arassalaýjy desgalar ulanmaga berildi. Köpetdagyň gözel künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy we akyldar şahyrymyzyň heýkeli, şeýle hem Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumy, saglygy goraýyş maksatly halkara merkezler we beýleki desgalar ulanmaga berildi.Döwlet Baştutanymyz daýhanlarymyzyň ekinlerden bol hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün edendiklerini belledi. 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti kabul edildi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň möçberi ýene-de artdyryldy.Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli birnäçe halkara çäreler guraldy. Ýurdumyzda söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum ýokary derejede geçirildi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Nygtalyşy ýaly, Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çäklerinde birnäçe Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Bu bolsa Bitarap döwletimiziň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle hem Bitarap Türkmenistan beýleki iri halkara we sebit guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.Hormatly Prezidentimiz her ýylyň belli bir şygar boýunça geçirilýändigini, şu ýylyň hem «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini aýtdy. Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Munuň özi biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin tutanýerli zähmet çekmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.Arkadagly Gahryman Serdarymyz öňde duran wezipeler barada durup geçip, «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 500 müň inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlaryny, 4 müň 620 orunlyk umumybilim edaralaryny, 2 müň orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalardyr binalaryň gurluşygyna badalga berler. Şeýle hem birnäçe desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar.Biz şu ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obalary, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze şäherçäni, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumyny gurup ulanmaga tabşyrarys. Şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi ulanmaga berler diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberiler.Ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli möhüm ähmiýeti bolan birnäçe halkara çäreler geçiriler. Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli diňe bir ýurdumyzyň raýatlaryny däl, eýsem, daşary ýurtly raýatlary hem sylaglamak bilen bagly degişli teklipleri taýýarlamagyň, ýylyň aýratyn möhüm wakalaryna öwrüljek bu şanly seneleri geçirmek boýunça häzirden ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady.Döwlet Baştutanymyz şu ýyl üçin kabul edilen maksatnamanyň örän köp işleri öz içine alýandygyny, ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň baş maksat bolup durýandygyny aýdyp, halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2025-nji ýylda bellenen sepgitlere, maksatlara ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

07 Few 2025