
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek barada kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleriň esasynda kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda iş toparlarynda Bitarap döwletimiziň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary, ylmy intellektual eýeçilik gatnaşyklarynyň kadalaryny, wirtual aktiwleriň dolanyşygyny düzgünleşdirmek hem-de ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi aýdyldy. Şeýle hem hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.Halk Maslahaty, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk işleri geçirilýär. Mejlisiň wekilleri ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň BMG-niň düzüm birlikleri bilen bilelikde geçiren çärelerine hem gatnaşdylar.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” hem-de bu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary barada hasabat berdi. Olar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde öňde goýan wezipelerine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Bellenilişi ýaly, Konsepsiýada ýurdumyzda zähmet bazaryny ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, esasy ugurlary hem-de ony durmuşa geçirmekden garaşylýan netijeler beýan edilýär. Resminama laýyklykda, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp, bu ulgamyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe çäreleri durmuşa geçirmek bellenildi. Şunuň bilen birlikde, onda ýurdumyzyň zähmet bazaryny öwrenmegiň, iş üpjünçilik bilen bagly maglumatlary seljermegiň usullaryny, bu ugurda hereket edýän hasabatlaryň görnüşlerini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek, ýurdumyzyň bu guramanyň esasy we ileri tutulýan konwensiýalaryna goşulmagy ýaly meseleleri öwrenmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda zähmet bazaryny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz zähmet bazaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň önümçiligini has-da döwrebaplaşdyrmak, olarda täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda konserniň garamagyndaky zawodlary doly kuwwatynda işletmek, hususan-da, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin netijeli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak üçin zerur işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň degişli desgasyny döwrebaplaşdyrmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, Diýarymyzda bugdaý ekişi möwsümine guramaçylykly girişildi. Häzirki wagtda bugdaý ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek, önüm öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şeýle hem pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, tehnikalary ýygym möwsümine taýýar etmek boýunça zerur işler ýerine ýetirildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýetişdirilen pagta hasylyny öz wagtynda ýygnap almak, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ussat pagtaçy babadaýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda pagta ýygymyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegini Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan haýyş etdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere geljek ýylyň bugdaý hasylynyň ekiş möwsümini talabalaýyk geçirmegi, bu işde ýokary hilli bugdaý tohumyndan peýdalanyp, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmagy tabşyrdy.Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, oba hojalygynda örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymynyň ýetip gelendigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu möhüm çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda 10-njy sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşululardan pagta ýygymyny “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiz edermen pagtaçylara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzda täze senagat kärhanalaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi. Bu desganyň önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary hilli enjamlary ornaşdyryldy. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary hilli ýerli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmaga, olaryň görnüşlerini giňeltmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň yzygiderli ösdürilýändigini, dünýäniň öňdebaryjy tehnologik enjamlary ornaşdyrylan senagat kärhanalarynyň gurlup ulanmaga berilýändigini, netijede, ýurdumyzda senagat önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiliginiň ýola goýulýandygyny aýtdy. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda täze gurlan çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna hem gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçiriljek «Halal Expo 2025» atly halkara sergä Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu iri möçberli sergä ýurdumyzyň oba hojalyk, azyk, dokma, plastik önümleri we beýleki eksport ugurly harytlary öndürýän, ulag, logistika, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmat işlerini amala aşyrýan telekeçileriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýän halkara sergilere yzygiderli gatnaşýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen haryt öndürijileriniň Stambul şäherinde geçiriljek “Halal Expo 2025” halkara sergisine gatnaşmagy boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, zehinli aýdymçylar Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwlet derejesinde geçirilýän jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bu telebäsleşigiň jemleýji tapgyryny “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda milli aýdym-saz sungatyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini, aýdymçy ýaşlarymyz üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny hem ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, bu bäsleşik ýaş nesillerde sungata söýgi döretmekde, olaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna Arkadag we Aşgabat şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan zehinli aýdymçy çagalaryň 21-si, çagalar tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 13-si gatnaşmaga hukuk gazandy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hem-de Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak maksady bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Týanszin we Pekin şäherlerine amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, sebit we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şolaryň hatarynda Hytaý Halk Respublikasy we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy hem bar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzy şu ýylyň 31-nji awgusty — 3-nji sentýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady.Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy we onuň “ŞHG+” formatyndaky mejlisinde çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda bu guramanyň Türkmenistanyň daşary syýasy ugruna, Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, halkara başlangyçlaryna hemişe oňyn garaýandygyny nygtady, şeýle hem täze köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça teklipleri beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz ykdysady ulgamyň hyzmatdaşlygyň esasy ugry bolup durýandygyna ünsi çekip, bu babatda ulag-logistika, kommunikasiýa, elektroenergetika, senagat we söwda ulgamlaryny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy tarapyndan yglan edilen Ählumumy dolandyryş başlangyjyny goldaýandygyny we ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işleriň geçirilmegine taýýardygyny beýan etdi. Şunda bu başlangyjyň ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar babatdaky garaýyşlaryna gabat gelýändigi bellenildi.Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir. Saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşiklerde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhüm meselelerine garaldy we birnäçe ylalaşyklar gazanyldy. Bellenilişi ýaly, gaz pudagy özara bähbitli türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz duşuşygyň barşynda şu ulgamda hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz türkmen tarapynyň Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleri hakynda Baş ylalaşygy taýýarlandygyny habar berdi we geljekde bu hyzmatdaşlygyň şol resminamanyň esasynda ösdüriljekdigini nygtady.Saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň nobatdaky mejlisini şu ýylyň noýabrynda geçirmek baradaky meselä seredildi. Saparyň öňüsyrasynda we onuň barşynda ikitaraplaýyn resminamalaryň 5-sine gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk, şeýle hem intellektual eýeçilik, ýokary bilim, muzeý işi we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamalar bar.Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň 11-si geçirildi. Saparyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere we harby ýörişe gatnaşdy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary depginde ösdürilýändigini we ýakynda bu ýurda iş saparynyň amala aşyrylandygyny belledi. “Saparyň dowamynda geçirilen gepleşikler, gol çekilen resminamalar hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de berkitmekde möhüm ädim bolar. Biz Hytaý Halk Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de dowam etdireris” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak we döwrebap çözgütlere esaslanýan innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet edaralarynyň özara işiniň elektron maglumat ulgamy arkaly utgaşdyrylmagyny we sanly hyzmatlary düzgünleşdirmek, bu ugurda zerur kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmek maksady bilen, “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” hem-de “Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, bu ugurdaky işleri has-da ilerletmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer degişli resminamanyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy we ony döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly iberip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şu gün Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pekin şäherine ugramak üçin Týanszin şäheriniň demir ýol menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary dabaraly ýagdaýda ugratdylar.Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypa açylýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Türkmen-hytaý dostluk gatnaşyklary gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Gadymy döwürlerde iki halky baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly bu gün ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy döwrebap görnüşde pugtalandyrmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň HHR-e şu gezekki sapary hem özara ynanyşmaga we hormat goýmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir....Biraz salymdan döwlet Baştutanymyz ýörite otluda Pekiniň demir ýol menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz myhmansöýerligiň asylly däbine görä, mähirli garşylanyldy.Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda resmi duşuşyk geçirildi.HHR-iň Baştutany belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Hytaýa gelendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi. Şeýle-de Si Szinpin Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýakynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Ol “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky sammitiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz bilen bolan duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, onuň netijeleri boýunça bilelikdäki işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady. Başlyk Si Szinpin hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikdäki işleriň möhüm ähmiýetini belläp, HHR-iň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny, Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini goldaýandygyny aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Hytaýa gelmäge çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Si Szinpini ŞHG-niň sammitiniň üstünlikli geçirilmegi we Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlady hem-de oňa Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we HHR-iň ýolbaşçylarynyň her bir duşuşygynyň özara hyzmatdaşlykda möhüm tapgyr bolup durýandygyny, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşmak, olary ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemek, halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilikdigini belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Hytaý bilen strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Gatnaşyklaryň şeýle derejesi syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim ulgamlaryndaky özara hereketlere oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Hytaýyň gatnaşyklary açyklygy, özara ynanyşmagyň, hormat goýmagyň ýokary derejesi, uzak möhletli bilelikdäki ösüş maksatlaryna aýdyň düşünilmegi bilen tapawutlanýar.Halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Hytaýyň çemeleşmeleri ýakyn ýa-da gabat gelýär. Tutuş dünýäde, Merkezi Aziýada we Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde berk parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge ymtylyş şol çemeleşmeleriň esasyny düzýär. Türkmenistan hem-de HHR halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler. Hytaýyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna berýän goldawyna, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden ençeme Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş etmegine ýokary baha berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň HHR-iň Başlygynyň ŞHG-niň sammitinde beýan eden Ählumumy dolandyryş başlangyjyny goldaýandygyny we onuň Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar babatdaky garaýyşlaryna gabat gelýändigini nygtady. “Bu gün şanly senäniň — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda bu barada aýratyn buýsanç bilen nygtamak isleýärin” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly taryhy Kararnamany kabul etmeginde Hytaý Halk Respublikasynyň möhüm ornuna ünsi çekip, munuň üçin hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirdi.HHR-iň Başlygy hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlap, Hytaýyň ýurdumyzyň bu halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyna ýokary baha berýändigini belledi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Hytaý Türkmenistanyň esasy daşary ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Ýurtlarymyz birnäçe möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürip, söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmegi, senagat, oba hojalyk kooperasiýasyny, işewür toparlaryň ugry boýunça hyzmatdaşlygy höweslendirmegi, dürli ugurly, şol sanda ýokary tehnologiýaly bilelikdäki kärhanalary döretmegi maksat edinýärler.Gaz pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugrudyr. 15 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli hereket edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi türkmen-hytaý ykdysady hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Häzirki günde ýurtlarymyz gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň üstünde işleýärler we bu babatda anyk netijeler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiz iri “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça geçirilen halkara bäsleşikde hytaý tarapynyň ýeňiji bolandygyny aýtdy we Başlyk Si Szinpini bu waka bilen gutlady. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gaz hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgeleri hakynda Baş ylalaşygyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny aýtdy we geljekde bu hyzmatdaşlygyň Baş ylalaşykdaky ýörelgeler esasynda ösdüriljekdigini nygtady.Dostlukly ýurduň Lideri Türkmenistan bilen bu möhüm ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň Hytaý üçin uly hormatdygyny belledi hem-de hytaý tarapyna bu ugurda Türkmenistanda işlemäge döredilýän şertler hem-de goldawlar üçin hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Si Szinpin häzirki wagtda iki ýurduň arasynda tebigy gaz ulgamynda gazanylan ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýle-de ol HHR-iň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynda mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.Ulag-logistika hyzmatdaşlygy hem möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen mazmuny boýunça gabat gelip, biri-biriniň üstüni ýetirýär. Olaryň esasynda giň, açyk we netijeli ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, özara bähbitlilik, köptaraplaýyn bähbitleri nazara almak, uzak möhletleýinlik we durnuklylyk ýörelgeleri esasynda Ýewraziýa yklymynyň çalt depginler bilen ösýän sebitlerini bitewi geoykdysady giňişlige birleşdirmek ýaly umumy maksatlar bar. Döwlet Baştutanymyz bu maksatlara ýetmekde Merkezi Aziýa sebitine möhüm ornuň degişlidigini, Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” dialogyny goldaýandygyny we oňa işjeň gatnaşýandygyny belläp, häzirki günde bu formatyň derwaýysdygyny hem-de oňa gatnaşyjylaryň strategik bähbitlerine laýyk gelýändigini aýtdy.Türkmen-hytaý döwletara gatnaşyklarynyň gün tertibinde medeni-ynsanperwer ulgam, hususan-da, bilim ulgamy wajyp orny eýeleýär. Häzirki wagtda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplary dürli hünär ugurlary boýunça bilim alýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz olaryň bilim almagyna döredilýän amatly şertler üçin hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň HHR bilen bilim ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklady. Şeýle hem ylmy hyzmatdaşlygyň, bu ugurda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň, şol sanda ýokary tehnologiýalar, emeli aň ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmegiň, taryhy-arheologik ylmy barlaglary geçirmegiň, iki halkyň edebi mirasyny öwrenmegiň we ony özara wagyz etmegiň möhüm ähmiýeti bellenildi.Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda parlament, jemgyýetçilik, zenanlar we ýaşlar diplomatiýasynyň hem ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurlar boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmaga, halkara parlament diplomatiýasy ulgamynda ýurdumyzyň toplan baý tejribesini halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň bähbidine ulanmak üçin hytaýly hyzmatdaşlar bilen bu tejribäni ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.“Türkmenistan we Hytaý gadymy taryhy bolan ýurtlardyr. Asyrlaryň dowamynda biziň halklarymyz dürli görnüşlerde gatnaşyk saklap, özboluşly tejribe topladylar. Bu gün Türkmenistanyň we Hytaýyň dünýä gurluşy baradaky garaýyşlary ýakyndyr. HHR-iň Başlygynyň “Adamzadyň bitewi ykbal bileleşigi” konsepsiýasy Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyk we ynanyşmak filosofiýasy bilen sazlaşýar. 2025-nji ýyl Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Başlyk Si Szinpini bu waka hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy.HHR-iň Başlygy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Hytaýyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine hormat goýýandygyny we onuň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyny goldaýandygyny aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Hytaýyň ygtybarly dostudygyny, onuň gazanýan üstünliklerine ýurdumyzda guwanylýandygyny aýdyp, Si Szinpiniň ýolbaşçylygynda HHR-iň mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna ynam bildirdi.Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyga uly ähmiýet berilýändigini belledi we HHR-iň uzak möhletli, strategik hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugruna berk ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimiziň beýan eden tekliplerini goldaýandygyny aýtdy.Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanlary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege rowaçlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.***Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň hytaý tarapynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olarda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Intellektual eýeçilik meselesine aýratyn üns berildi. Taraplar bu ugurda tejribe alşyp, innowasiýalary we awtorlyk hukugyny goramak boýunça hukuk binýadyny hem-de mehanizmleri ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler. Iki ýurduň bilim ulgamynyň wekilleri akademiki gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, bilelikdäki ylym-bilim taslamalaryny durmuşa geçirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Medeni hyzmatdaşlyk dialogyň esasy ugurlarynyň biri boldy. Şunda muzeý işine aýratyn üns berildi. Taraplar medeni mirasy gorap saklamak hem-de giňden wagyz etmek, sergileri, iki halkyň arasynda dostlugy pugtalandyrmaga ýardam berýän beýleki medeni çäreleri geçirmek babatda pikir alyşdylar. Duşuşyklaryň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar maglumatlary alyşmak, bilelikdäki mediataslamalary durmuşa geçirmek we žurnalistleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan duşuşykda taraplar infrastruktura taslamalaryny giňeltmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, logistikany gowulandyrmak, awtomobil, demir ýollary ösdürmek babatda pikir alyşdylar. Energetika ulgamy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Duşuşykda türkmen we hytaý tarapynyň wekilleri energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, energiýanyň durnukly önümçiligi üçin tehnologiýalary ösdürmek bilen bagly pikirlerini paýlaşdylar. Degişli infrastrukturanyň ösdürilmegi sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam bermek bilen bir hatarda, özara maýa goýumlar üçin hem täze mümkinçilikleri açýar.Duşuşyklaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Lançžou uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Milli intellektual eýeçilik boýunça edarasynyň arasynda intellektual eýeçilik babatda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Hytaýyň Milli muzeýiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; “Altyn asyr” elektron gazetiniň redaksiýasy (Türkmenistan) bilen “Ženmin Žibao” neşiriniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň depginli we sazlaşykly ösýändigini alamatlandyrýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden belleniljek bu baýramçylygyň eziz Watanymyza buýsanjyňy joşdurýan şanly seneleriň biri hökmünde mekdep okuwçylarymyzyň, talyp ýaşlarymyzyň, mugallymlarymyzyň, ähli merdana halkymyzyň kalbynda hemişelik orun aljakdygyna berk ynanýaryn.Bilim ähli ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň we abadançylygymyzyň binýady, beýik geçmişimiziň hem-de geljegimiziň röwşen ýoludyr. Şoňa görä-de, uzak geçmişlerden bäri bilime teşneligi, ylma yhlaslylygy, pähim-paýhaslylygy bilen dünýä meşhur bolan milletimiziň asylly ýörelgelerine eýerip, bu gün milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ony hil taýdan täze basgançaga çykarmak babatda ägirt uly işleri amala aşyrýarys. Asylly käriň eýeleri bolan mugallymlarymyzyň yhlasly hem-de tutanýerli zähmet çekmegi, ýaş nesliň bilimleri we ylymlary özleşdirmegi, hünärleri ele almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip, täze döwrümiziň kuwwatly binýadyny tutýarys.Milli maksatnamalarymyzy, konsepsiýalarymyzy we strategiýalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirip, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň sanyny artdyrýarys, milli we öňdebaryjy tejribeler esasynda bilim işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrýarys. Daşary syýasy strategiýamyzyň möhüm bölegi hökmünde abraýly halkara guramalar, daşary ýurt döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirip, bilim babatda gazananlarymyzy dünýä ýaýýarys. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, köp sanly bedenterbiýe-sport hem-de medeni çäreler bilen birlikde, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň hem-de umumy ýaşaýyş jaýynyň, paýtagtymyzda, obadyr şäherlerimizde bolsa täze orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň dabaraly açylmagy ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä derejesinde has-da ösdürilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da pugtalandyrmakda, berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek ýolundaky maksatlarymyzy durmuşa geçirmekde mugallymlarymyzyň, talyp ýaşlarymyzyň, mekdep okuwçylarymyzyň uly paýy bardyr. Ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş kadalaryny, zähmet däplerini, asylly milli häsiýetlerini mynasyp dowam etdirip, yhlasly okamak, hünär öwrenmek, halkara bäsleşiklerde uly ýeňişleri gazanyp, Garaşsyz Diýarymyzy şöhratlandyrmak bagtyýar ýaşlarymyzyň baş maksady bolmalydyr.Ýaşlar biziň abraýymyz hem-de buýsanjymyzdyr. Siziň her biriňiz türkmen taryhynda öçmejek yz galdyran Oguz han, Gorkut ata, Görogly beg, Alp Arslan, Togrul beg, Salyr Gazan, Soltan Jelaleddin ýaly merdana pederlerimiziň watançylyk we ynsanperwerlik taglymatlaryndan, astronomiýa, geologiýa, fizika, himiýa, geometriýa, lukmançylyk, edebiýat, dil bilimi ýaly ylymlaryň esasy ugurlary boýunça belent derejelere ýeten ýüzlerçe alymlarymyzdyr söz ussatlarymyzyň döredijilik ylhamyndan ruhlanyp, beýik açyşlaryňyz, oýlap tapyşlaryňyz, döredijilik eserleriňiz we zähmetiňiz bilen ata Watanymyza, halkymyza wepaly hyzmat etmelisiňiz.Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!Mugallymlarymyzyň döredijilikli zähmeti biziň bilim ulgamynda amala aşyrýan üstünliklerimiziň gözbaşydyr. Berkarar döwletimiziň bilim ulgamyny ýokary depginler bilen ösdürmekde, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, watansöýüji nesli terbiýelemekde, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrmakda mugallymlaryň, bilim işgärleriniň aýratyn hyzmaty bardyr.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplary täze eýýamyň paýhas esasy hem-de terbiýe mekdebiniň binýadydyr. Şoňa görä-de, bu nusgalyk terbiýe mekdebiniň ýörelgelerine eýerip, şeýle hem milli we öňdebaryjy tejribeler esasynda ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, okatmagyň usulyýetini has-da kämilleşdirmek ugrunda döredijilikli zähmet çekmelisiňiz. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna gujur-gaýratly, yhlasly, ak ýürekden halal zähmet çekmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!Sizi ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ylmy hem-de döredijilik işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.Türkmenistanyň PrezidentiSerdar BERDIMUHAMEDOW.

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi.Ýokary derejedäki duşuşyk başlamazdan ozal, wekiliýetleriň Baştutanlarynyň üç ýurduň Döwlet baýdaklarynyň hem-de duşuşygyň banneriniň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy. Soňra üçtaraplaýyn görnüşde gepleşikler geçirildi.Türkmenistana sapar bilen gelmek we ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygy geçirmek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin doganlyk ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryna minnetdarlyk bildirip, Gahryman Arkadagymyz sebitiň ýurtlarynyň halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, umumy taryhy-medeni, ruhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Bu bolsa köpugurly gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde-de pugtalandyrylmagy üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.Häzirki wagtda üç döwletiň arasynda syýasy, ykdysady, medeni we durmuş ulgamlaryndaky gatnaşyklar döwrebap görnüşde ösdürilýär. Şunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri duşuşygyň dowamynda bilelikdäki tagallalaryň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny hem-de onuň netijeleri boýunça wajyp ylalaşyklara gol çekiljekdigini aýtdy.Türkmenistan, Azerbaýjan hem-de Özbegistan Ýewraziýanyň çatrygynda, geografik taýdan amatly ýerde, ýagny Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm böleginde ýerleşýär. Munuň özi ýurtlaryň tebigy çig mallara baý bolmaklary bilen, energetika, ulag-logistika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaklary babatda oňaýly şertleri döredýär. Milli Liderimiz şular barada aýdyp, bar bolan mümkinçilikleri netijeli we doly kuwwatynda ulanmagyň biziň doganlyk halklarymyzyň eşretli, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge, döwletlerimiziň dünýädäki geosyýasy we geoykdysady ornuny berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi hem-de döwletara gatnaşyklaryň gün tertibinde medeni-durmuş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm orun eýeleýändigini nygtady. Bu ugurlardaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagyna we jebisleşmegine itergi berer.Halklaryň baý medeni mirasyny, dilini, edebiýatyny, milli däp-dessurlaryny, halyşynaslyk, amaly-haşam we aýdym-saz sungatyny gorap saklamak, ony dünýä derejesinde wagyz etmek boýunça tagallalary goldamak häzirki döwrüň wajyp wezipesidir. Hormatly Arkadagymyz ýokary derejeli duşuşygyň üstünlikli geçjekdigine ynam bildirip, onuň netijeleriniň üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we berkitmäge, bilelikdäki möhüm taslamalardyr başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen zerur ädim boljakdygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryna alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, çykyş etmek üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine söz berdi.Prezident Şawkat Mirziýoýew Hazar deňziniň ajaýyp kenaryndaky gepleşikleriň we duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem özbek Lideri ýakynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilendigini belledi. Munuň özi oňa gatnaşan döwletleriň taryhyna möhüm sahypa bolup ýazyldy.Belent mertebeli myhman Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 22-nji awgustynyň taryhy güne öwrülendigini aýratyn nygtady. Munuň özi Hazaryň ajaýyp kenarynda döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň şöhratynyň dünýä dolmagyna goşant goşýar. Taryhy ähmiýeti bolan duşuşygyň dowamynda gazanyljak ylalaşyklar üçtaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykmagyna kuwwatly itergi berer. Awazada geçirilen halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi Türkmenistanyň bu ugurda baý tejribe toplandygyny görkezýär. Bu barada aýtmak bilen, özbek Lideri Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde dürli ugurlar boýunça ägirt uly ösüşleri gazanýandygyny belledi. Munuň özi häzirki döwürde ýurduň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşinde, halkyň abadan durmuşynda öz beýanyny tapýar. Şeýlelikde, okgunly ösüş ýoluna düşen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň sany yzygiderli artýar. Bu bolsa özara bähbitli we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň ägirt uly geljeginiň bardygynyň beýanydyr.Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini belledi. Bu bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri açýar.Üçtaraplaýyn duşuşygyň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew çykyş edip, bu duşuşygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem dostlukly ýurduň Baştutany Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň iýulynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran we hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açan saparyny ýatlady. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.Azerbaýjanyň ýangyç-energetika, ulag-logistika ulgamlarda ýola goýulýan gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, Prezident Ilham Aliýew degişli ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, öňe sürülýän başlangyçlary amala aşyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şeýle-de belent mertebeli myhman ýakynda Hazaryň kenarynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň taryhy ähmiýetli waka öwrülendigini belledi. Forumyň çäklerinde geçirilen çäreleriň jemleri boýunça degişli çözgütleriň kabul edilmegi we 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň yglan edilmegi hem-de Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi tutuş dünýä ýurtlary üçin möhüm çözgütler hökmünde kabul edildi.Şu günki duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekiljek resminamalaryň hatarynda Azerbaýjanyň Fizuli şäheri bilen türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekiljekdigi aýratyn nygtaldy. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has netijeli we ýygjam häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer.Gahryman Arkadagymyz çykyşlar üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň syýasy-diplomatik ulgamda özara gatnaşyklaryň ýokary nusgasyny görkezip, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge saldamly goşant goşýandyklaryny belledi. “Biziň ýurtlarymyz iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, beýleki halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli we netijeli hyzmatdaşlyk edýärler” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýändigine ünsi çekip, hemmeleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmäge çagyrdy.“Soňky ýyllarda dürli ugurlar boýunça gatnaşyklarymyzy ösdürmek üçin üç döwlet tarapyndan uly tagallalar edildi. Biz esasy ulgamlarda — syýasatda, energetikada, ulagda, söwdada, senagatda, maýa goýumlarda, täze tehnologiýalarda, sanlylaşdyrmakda, medeniýetde, ylymda we bilimde hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm çäreleri görýäris. Bu bolsa öz oňyn netijesini berýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde, energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň täze ugurlaryndan peýdalanmakda goşandy örän uludyr. Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag geçelgelerini pugtalandyrmakda hem-de işjeňleşdirmekde, biziň çäklerimizde netijeli logistika düzümini döretmekde sebitiň ýurtlary möhüm orny eýeleýär. Şunda söwda, senagat, ekologiýa, daşky gurşaw, oba hojalygy we beýleki ugurlar bilen bagly meseleleriň üstünlikli çözülmegi bilelikdäki tagallalara baglydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri şu günki duşuşygyň dowamynda ýurtlarymyz üçin örän ähmiýetli bolan meseleleriň birnäçesine garaljakdygyny aýtdy. Bu meseleleriň oňyn çözülmegi Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň uzak möhletli geljek üçin hyzmatdaşlygynyň üstünlikli bolmagyny üpjün eder.Häzirki wagtda dünýäde energiýa serişdelerine bolan islegleri doly üpjün etmekde milli energetika ulgamlarynyň ygtybarly goruny döretmek zerur bolup durýar. Bu strategik maksatlara ýetmek üçin ulgamlaýyn çemeleşme hem-de üç döwletiň gatnaşmagynda toplumlaýyn, hemişe hereket edýän energiýa serişdeler ulgamyny döretmek boýunça netijeli hyzmatdaşlyk möhümdir. Energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň çäklerinde elektrik energiýasynyň eksportynyň uly ähmiýete eýedigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu ulgamda Özbegistan bilen ýola goýlan gatnaşyklarda oňyn tejribe toplanandygyny nygtady. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan her ýyl Özbegistana elektrik energiýasynyň köp möçberini iberýär.Milli Liderimiz geljekde türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana ibermek mümkinçiliginiň bardygyny belläp, häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynyň işe girizilmeginiň türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana we onuň çägi arkaly Ýewropa ýurtlaryna ibermek üçin goşmaça mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistandan Azerbaýjana we Özbegistana tebigy gazy ibermek bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň wajypdygy nygtaldy.“Üçtaraplaýyn hyzmatdaşlykda ulag ulgamy aýratyn ähmiýetli orny eýeleýär. Ykdysadyýetiň bu ulgamynda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň ýurtlarynyň ösmegi üçin strategik ähmiýete eýedir” diýip, hormatly Arkadagymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, Aziýany Ýewropa bilen birleşdirýän ulag geçelgeleriniň biziň ýurtlarymyzyň çäginden, şeýle-de Hazar we Gara deňizleriniň üstünden geçip, yklymyň köp ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ösüşinde möhüm orun eýeleýändigine ünsi çekip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu geçelgeleriň ulag ugurlaryny köptaraply esasda ösdürmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy. “Munuň özi üç ýurduň üstaşyr geçirijilik kuwwatyny pugtalandyrmaga ýardam eder. Häzirki ajaýyp mümkinçilikden peýdalanmagymyzy hem-de Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň bitewi ulag strategiýasyny döretmäge girişmegimizi zerur hasaplaýaryn” diýip, Milli Liderimiz belledi.Türkmen halkynyň Milli Lideri ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin halkara derejede ylalaşykly we maksadalaýyk ulag diplomatiýasyny amala aşyrmagyň zerurdygyny aýdyp, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy, Halkara Deňiz Guramasy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.Uzak möhletleýin dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanyp, özara haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrmak, ykdysady ösüşi höweslendirmek meselelerine möhüm ornuň degişlidigini aýdyp, hormatly Arkadagymyz söwdany giňeltmek maksady bilen, hojalygy ýöredýän düzümleriň arasynda özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini döretmegiň we ony işjeň ulanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Şunda “Daşoguz — Şabat” serhetýaka söwda zolagynyň şu ýylyň ahyryna çenli işe giriziljekdigine ynam bildirildi. Milli Liderimiz senagat kooperasiýasyny ýola goýmak babatda 2026 — 2035-nji ýyllar döwri üçin üç ýurduň çäginde senagat taslamalaryna bilelikdäki maýa goýumlaryň maksatnamasyny taýýarlamak baradaky başlangyjy öňe sürüp, bu çemeleşmäniň tehnologiýalary netijeli alyşmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, dünýä bazarlarynda önümleriň milli görnüşleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Biziň halklarymyzy umumy medeni we ruhy gymmatlyklar, däp-dessurlar birleşdirýär. Hut şu taryhy umumylyk giň ugurlar boýunça hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin esas bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyz şular barada aýdyp, şu günki duşuşygyň Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekde tapgyrlaýyn waka boljakdygyna ynam bildirdi we Prezidentler Ilham Aliýewe hem-de Şawkat Mirziýoýewe ýurdumyz bilen gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda türkmen tarapynyň özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berýändigini aýdyp, üç döwletiň hem-de olaryň halklarynyň bähbidine özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny belledi.Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşygy tamamlanandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Onuň çäklerinde “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň arasynda halkara howa gatnawyny mundan beýläk-de ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Arkadag şäheri (Türkmenistan) bilen Fizuli şäheriniň (Azerbaýjan Respublikasy) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda gämi gurluşygy babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda raýat awiasiýa pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy bilen «Özbek respublikan haryt-çig mal biržasy» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag-logistika hyzmatdaşlygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.Ýokary derejeli duşuşygyň jemleri boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasyny kabul etdiler. Resminamada üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmäge, sebit we ählumumy derejede ynanyşmagy, özara düşünişmegi berkitmäge hyzmat etjekdigi baradaky pikir beýan edilýär.Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, duşuşygyň jemleri boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy geçirilen gepleşikleriň jemlerini teswirläp, üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu günki duşuşyk, hakykatdan-da möhüm waka bolup durýar. Çünki gepleşikleriň dowamynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň derwaýys meselelerine seredildi. Ylaýta-da, has wajyp syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlara degişli soraglara üns çekildi.“Häzirki wagtda Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýä giňişliginde-de abraýly halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde adyl hem-de açyk syýasaty alyp barýarlar. Esasy alyp barýan syýasatymyz birek-birege hormat goýmak, deňagramlylyk, deňhukuklylyk esasynda sebitde we dünýäde parahatçylygy, abadançylygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Ykdysady ugra hem degip geçmek bilen, ýurtlarymyzyň kuwwatlyklary diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş Ýewraziýada-da geoykdysady bähbitlere itergi berer diýip hasap edýäris. Bu babatda birnäçe mysallary aýdyp geçmek bolar. Elektroenergetika barada aýdanymyzda, bu ugurda ozaldan gelýän hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bar. Şeýle hem gaz pudagynda üç ýurduň arasynda strategik özara hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp geçdik we bu meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygymyzy beýan etdik” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.Ulag pudagy hem üç döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen Aziýany we Ýewropany birleşdirýän ulag geçelgelerini we ugurlaryny, olaryň infrastrukturasyny has-da işjeň ulanmak hem-de giňeltmek üçin mümkinçilikler bar. Hususan-da, Merkezi Aziýanyň hem-de Hazarüsti sebitiň üstaşyr geçiriş mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak zerurdyr.“Ýokary derejedäki duşuşygyň dowamynda üç doganlyk ýurduň halklarynyň arasyndaky giň gerimli ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça amatly şertleri döretmek babatda ylalaşyk gazanyldy. Elbetde, bu hyzmatdaşlyk ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, sungat, hususan-da, aýdym-saz, halyçylyk, atşynaslyk ýaly beýleki köp sanly ynsanperwer ugurlary öz içine alýar. Umuman, bu duşuşyk biziň üçin täze mümkinçilikleri açýar” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady we häzirki wagtda ýurtlarymyzyň öz öňünde goýan maksatlaryna ýetmekleri babatda ähli şertleriň bardygyna berk ynam bildirdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjanyň we Özbegistanyň doganlyk halklaryna parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdi.Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, şu günki duşuşygyň ýokary derejede guralandygy we mähirli kabul edendigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol iki hepde mundan ozal hut şu ýerde, ajaýyp Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm forumynyň — Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň geçirilendigini belläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sebit üçin örän wajyp meseleleriň ählumumy häsiýetli pikir alyşmalaryň üns merkezinde bolandygyny nygtady. Pursatdan peýdalanyp, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň halkyny oňyn Bitaraplyk syýasatynyň bu uly üstünligi bilen ýene-de bir gezek gutlady.“Günorta Kawkazda uzak möhletli parahatçylygyň we durnuklylygyň berkarar bolmagy doganlyk Azerbaýjanyň ykdysady, ulag, energetika, ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyny ösdürmäge mümkinçilik berýär. Ol halkara hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyndan doly derejede peýdalanmaga ýardam edýär” diýip, özbek Lideri sözüni dowam etdi. Ol şu gün üçtaraplaýyn formatda geçirilen oňyn we netijeli gepleşiklere çuňňur kanagatlanma bildirýändigini nygtap, bu duşuşygyň halklarymyzyň bähbidine strategik esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.Prezident Şawkat Mirziýoýew serhetýaka ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň biri-biriniň üstüni ýetirýändigine we ulag-kommunikasiýa özara baglanyşygyna ünsi çekip, bu ýurtlaryň ulag-kommunikasiýa babatda özara baglanyşygy nazara alnanda, onuň taraplara bähbit getirýändigini nygtady. Üstaşyr geçelgeleri ösdürmek, şol sanda Türkmenbaşynyň we Bakuwyň portlarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, döwrebap logistika düzümini döretmek meseleleri-de häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hataryndadyr. Milli ulag ulgamlarynyň ýakynlaşmagyny çuňlaşdyrmak maksady bilen, sebitde hereket edýän we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny öz içine alýan meýilnamalaryň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp, Özbegistanyň Baştutany taraplaryň ulag-logistika düzümleriniň işini kämilleşdirmek, Hazar deňziniň üsti bilen gämi gatnawlaryny yzygiderli ýola goýmak işinde bilelikde tagalla etmek barada ylalaşandyklaryna ünsi çekdi. Mundan başga-da, üç ýurduň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine üns berildi.Özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleler hem gepleşikleriň gün tertibinde möhüm orny eýeledi. Şunda milli kärhanalaryň öndürýän ýokary hilli önümleriniň eksport-import amallarynyň ähmiýeti barada aýdyp, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmak arkaly täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin zerur şertleriň döredilýändigini belledi. Prezident Şawkat Mirziýoýew çykyşynyň ahyrynda şu günki taryhy duşuşygyň ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, durnukly söwda, ulag we energetika geçelgelerini döretmäge, sebitde ýakynlaşmak işini çaltlandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew duşuşygyň jemlerini beýan etmek bilen, türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.“Iri halkara forumlaryň geçirilýän merkezine öwrülen Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda amala aşyrylýan giň gerimli işler doganlyk Türkmenistanyň ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrýar” diýip, dostlukly ýurduň Prezidenti sözüni dowam etdi. Şunuň bilen birlikde, ol Türkmenistanyň beýleki sebitlerinde hem döwrebap oba-şäherleriň gurulýandygyny, türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň ygtybarly binýadynyň döredilýändigini görkezýär.“Türkmen we azerbaýjan halklary asyrlaryň dowamynda doganlarça ýaşapdyrlar, durmuşyň dürli tapgyrlarynda birek-birege goldaw bermek arkaly egin-egne berip, öz ýurtlarynyň abadançylygy ugrunda göreşipdirler. Şu ýylyň iýulynda meniň çakylygym boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynda saparda bolup, ýurdumyzda amala aşyrylýan işler, azerbaýjan halkynyň däp-dessurlary, medeniýeti we sungaty, meşhur azerbaýjan şahsyýetleriniň döredijiligi, durmuşy bilen içgin tanyşdy. Şol saparyň dowamynda biz köp meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk” diýip, Azerbaýjanyň Lideri sözüni dowam etdi.Prezident Ilham Aliýew şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygy geçirmek başlangyjy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallygyny beýan edip, türkmen, azerbaýjan we özbek halklarynyň mundan beýläk-de jebisleşmegine gönükdirilen üçtaraplaýyn gepleşikleriň taryhy ähmiýete eýedigini belledi. “Hemişelik esasda işleýän üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatyny döretmek barada degişli döwlet düzümlerine anyk görkezmeleri bermek, şeýlelikde, hyzmatdaşlyk boýunça teklipleri taýýarlamak maksadalaýyk hasaplandy. Şu gün üstaşyr ulag, logistika, elektroenergetika, gaz känlerini özleşdirmek, medeni gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy” diýip, Prezident Ilham Aliýew bu meseleleriň oňyn çözülmeginiň sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Dostlukly ýurduň Baştutany duşuşygyň dowamynda Arkadag we Fizuli şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada ylalaşygyň gazanylandygyny habar berip, munuň gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dowamat bolýandygynyň güwäsidigini nygtady. “Iki Garaşsyz döwletiň gadymyýetden gelýän doganlyk gatnaşyklaryndan gözbaş alýan ýörelgeleriň we asylly işleriň belent sepgitlere ýetjekdigine berk ynanýaryn” diýip, Azerbaýjanyň Lideri sözüni jemledi.Metbugat maslahaty tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri bilelikde ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyk mynasybetli meýilleşdirilen medeni çäreleriň geçirilýän ýerine ugradylar.Rahat dynç almak, saglygy berkitmek, iri halkara forumlary we ýokary derejedäki duşuşyklary geçirmek üçin ähli şertler döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy türkmenistanlylaryň buýsanjydyr. Onuň ýakymly howa gurşawy, döredilen amatly şertler türkmen topragynyň bu behişdi künjeginiň dünýä derejeli şypahana merkezine öwrülmegini, diňe bir ýurdumyzyň däl-de, daşary döwletleriň ýaşaýjylarynyň hem onda dynç almaga, saglygyny berkitmäge uly gyzyklanma bildirmeklerini şertlendirdi. Şeýlelikde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy dünýä derejeli şypahana hökmünde öz ornuny berkidýär.Türkmen halkynyň Milli Liderini, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentlerini medeni çäräniň geçirilýän ýerine ýygnananlar, şol sanda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary mähirli garşyladylar.Ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary görkezildi. Gözelligi, çeýeligi, ýyndamlygy bilen göreni haýrana goýýan bedewler bilen çykyş etmegiň oňyn tejribesini toplan oglan-gyzlar dabara gatnaşyjylaryň öňünde çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirdiler.Dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara, şol sanda 2013-nji ýylda Moskwa şäherinde geçirilen “IDOL” bütindünýä sirk sungaty festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasyndaky II halkara sirk sungaty festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda baş baýraklara, 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ilkinji gezek geçirilen I halkara sirk sungaty festiwalynda “Altyn Gaetano” altyn heýkeljigine mynasyp bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bolsa bu toparyň agzalary Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolup, halkymyzyň buýsanjyny has-da belende göterdi. “Galkynyş” topary bu ugur boýunça milli sungatymyzy dünýäde giňden tanatmaga uly goşant goşmak bilen bir hatarda, ýurdumyzda guralýan dabaralarda, şanly seneleriň hormatyna geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelerde-de çykyş edýärler.Şu günki şanly wakanyň hormatyna geçirilen dabara gatnaşyjylar hem ahalteke bedewleriniň gözelligini, çeýeligini, çapyksuwarlar bilen bedewleriň sazlaşykly hereketlerini uly buýsanç duýgulary bilen synladylar. Soňra belent mertebeli myhmanlara sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.Ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşandyklary, geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça oňyn çözgütleriň kabul edilendigi we ylalaşyklaryň gazanylmagyna goldaw berendikleri üçin, türkmen tarapynyň çuňňur hoşallygynyň nyşany hökmünde dostlukly ýurtlaryň Baştutanlaryna hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň we tutuş türkmen halkynyň adyndan Tawus atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi. 2022-nji ýylda doglan, Gündogar hem-de Gaýma atly bedewleriň nesli bolan akýal mele reňkli bu bedew ady rowaýata öwrülen Fakirpälwan atly bedewiň nesil ugruna degişlidir.Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň we türkmen halkynyň adyndan köşekli arwana düýäniň sowgat berilýändigi yglan edildi. Milli Liderimiz doganlyk döwletleriň Baştutanlary bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi hem-de olary sowgatlary bilen gutlady. Soňra Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine Tawus atly ajaýyp bedewiň güwänamasyny uly hormat bilen gowşurdy. Şeýle hem Milli Liderimiz “Ula hormat, kiçä sylag” diýen paýhasly jümlä eýerip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine arwana düýäniň resminamasyny gowşurdy. Doganlyk döwletleriň Liderleri gowşurylan bu sowgatlary öz ýurtlaryna we halklaryna bildirilen çuňňur hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändiklerini nygtap, munuň üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize, tutuş türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.Dabara tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar.Şeýle hem bu ýerde türkmen toý-baýramlaryna mahsus dabaralar guraldy. Ak öýleriň öňünde milli tagamlar taýýarlanyldy. Amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi dabaralara aýratyn öwüşgin çaýdy.Şol gün Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden öz ýurtlaryna ugradylar.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!Sizi Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýanyň güýje girmegi mynasybetli her ýylyň 12-nji awgustynda ýurdumyzda ýokary guramaçylyk derejesinde bellenilýän Hazar deňziniň güni hem-de “Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi” atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistan Hazar deňziniň sebitinde söwda-ykdysady, medeni-durmuş gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda Hazarýaka döwletleriň giň goldawyna eýe bolýan möhüm başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Birinji Hazar sammitiniň Aşgabat şäherinde geçirilmegi Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde wajyp ädim boldy. Bu taryhy waka ähli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ilerledilmegi üçin berk binýat bolmak bilen, sebitde özara arkalaşykly hereket etmek üçin köp sanly meseleleriň çözülmegine uly badalga berdi. Bu maslahatda Hazar deňziniň sebitinde dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmekde berk binýat bolup hyzmat etjek resminamalar, şol sanda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýany we Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany taýýarlamagyň ähmiýeti ilkinji gezek ýokary derejede ara alnyp maslahatlaşyldy.Gadyrly myhmanlar!2012-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça sebitiň ýurtlarynyň degişli ministrlikleriniň, abraýly halkara guramalaryň ýokary derejeli wekiliýetleriniň, tejribeli hünärmenleriň we tanymal alymlaryň gatnaşmagynda birinji Hazar ekologiýa forumynyň geçirilmegi Hazar deňziniň sebitinde ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýurdumyzyň uly tagalla edýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Ýurdumyz sebitiň uly üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak arkaly Hazarýaka ýurtlaryň arasynda energetika, ulag-logistika, senagat we söwda pudaklarynda hem hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär. Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen guralan birinji Hazar ykdysady forumynyň hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma döredýän täze ugurlaryny ýüze çykardy. Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen altynjy Hazar sammitiniň dowamynda bolsa Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we netijeli ösdürmek babatda täze başlangyçlar beýan edildi.Türkmenistan 2023-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Hazar deňziniň sebitindäki ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça jikme-jik we ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Bu başlangyjyň durmuşa geçirilmeginiň ýurtlaryň ekologik abadançylygyna gönükdirilen tagallalaryny birleşdirmekde, geljekde bilelikde has netijeli ädimleri ätmekde möhüm gural bolup hyzmat etjekdigine berk ynanýarys.Gojaman Hazaryň türkmen kenarynda ekologik taýdan durnukly ösdürilýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dünýäniň ähli döwletleri bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen toý-baýramlaryň, halkara maslahatlaryň, resmi duşuşyklaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ýaňy-ýakynda hut şu gözel künjekde üstünlikli geçirilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 30 ýyllyk şanly senesi giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu maslahatyň hem Hazar deňzinde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dostlugyň hemişe dowam etmegine gönükdirilen tagallalary birleşdirmekde ähmiýeti örän uludyr.Hormatly maslahata gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar!Hazar deňziniň güni mynasybetli geçirilýän maslahatyň, medeni we sport çäreleriniň Hazaryň baý deňiz ekoulgamyny, özboluşly biologik köpdürlüligini gorap saklamak we ylmy taýdan öwrenmek boýunça Hazarýaka ýurtlaryň hem-de gyzyklanma bildirýän halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, sebitde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ynanyşmagyň has-da berkidilmegine goşant goşjakdygyna ynanýaryn. Sizi Hazar deňziniň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň PrezidentiSerdar BERDIMUHAMEDOW.

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi. Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly gazanylan tejribäni paýlaşmak, şeýle hem parlamentarilere Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek üçin mümkinçilikleri döretmek, parlamentarileriň ýerli, milli we sebit derejelerinde alyp barýan syýasy işi arkaly Hereketleriň täze maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmak maksady bilen, olaryň tejribe alyşmagyna ýardam bermek, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentleriniň öz kanunçykaryjylyk we beýleki işlerine Hereketleriň onýyllyk maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryny girizmegi üçin anyk çäreler babatda maslahatlary işläp taýýarlamak hem-de paýlaşmak forumyň esasy maksady bolup durýar. DÇBÖBD-iň parlamentleri bu döwletleriň geografiýa taýdan ýerleşmegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge gönükdirilen Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde möhüm orny eýeleýärler. Kanun çykaryjy edaralar hökmünde parlamentler ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmäge, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berýän milli kanunlaryň kabul edilmegini hem-de ornaşdyrylmagyny üpjün edýärler. Mundan başga-da, parlamentariler Hereketleriň onýyllyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň aýdyňlygyny, hasabatlylygyny hem-de inklýuziwliligini üpjün edip, hökümetiň, raýat jemgyýetiniň we halkara hyzmatdaşlaryň arasynda möhüm köpri bolup çykyş edýärler. Olaryň işjeň gatnaşmagy milli we sebit derejelerinde serişdeleri çekmäge hem-de hereketleri utgaşdyrmaga ýardam berýär, bu bolsa Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin zerur şert bolup durýar. Şeýle hem DÇBÖBD-iň parlamentleri Maksatnamanyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmekde we baha bermekde esasy orunlaryň birini eýeleýärler. Munuň özi bar bolan meseleleri öz wagtynda ýüze çykarmaga we strategik ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Parlamentariler özleriniň kanunçykaryjylyk we gözegçilik wezipelerini ýerine ýetirmegiň netijesinde, maýa goýumlar we innowasiýalar üçin amatly şertleri döretmäge ýardam berýärler. Türkmenistanyň Mejlisiniň, BMG-niň Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýetiniň Parlamentara Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda guralan bu giň möçberli foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň döwlet düzümleriniň hem-de parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdy.Döwlet Baştutanymyzyň paýtagtymyzdan Türkmenbaşy şäherine tarap ugur alan uçarynyň sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň asman giňişliginden geçip barýan pursatlarynyň Milli Liderimizň ak patasy bilen açylyp ulanmaga berilýän täze şaýoluň we döwrebap köpriniň açylyş dabarasy mynasybetli guralýan toý-dabaralara gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýe boldy.Dabara ýygnanan hormatly ýaşulular arassa asmana ýaraşyk berip barýan laçyn keşpli uçary ýüzlerine sylyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolunyň ak, döwletli işleriniň rowaç bolmagyny dileg etdiler. Durmuşyň gül-gunçalary hasaplanýan şadyýan körpeleriň joşgunly ýürek sözlerinde bolsa bagtyýar günleriň göwünleri göterýän belent owazy öz beýanyny tapdy. Bu pursatlar tutumly toýuň şatlyk-şowhunyny has-da artdyryp, halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşendigini alamatlandyrdy. Juwan şäher, nurana säher, ak ýol, ak uçar ýeneki rowaçlyklaryň nyşany bolup, ajaýyp sazlaşygy döretdi....Birnäçe wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary Türkmenbaşy Halkara howa menziline gelip gondy. Howa menzilinde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar hem-de döwrebaplaşdyrylan howa menziliniň döwlet Baştutanymyzyň ak patasy bilen işe girizilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag-kommunikasiýa pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça başlangyçlary täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ulag ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa Ýewropanyň we Aziýanyň söwda-ulag ýollarynyň wajyp çatrygynda ýerleşýän Türkmenistana üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegi bu ulgamda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň aýrylmaz bölegidir. Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň täzeçil tehnologiýalaryň esasynda döwrebaplaşdyrylmagy-da munuň aýdyň nyşanydyr. Şunuň bilen bir hatarda, howa menziliniň halkara gatnawlaryň ýolagçy terminalynyň hem-de pasportlary resmileşdirmek we gözegçilik nokatlarynyň innowasion enjamlar bilen üpjün edilendigini bellemek gerek.Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşen Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen özara gatnaşyklary ýola goýup, halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamak babatda oňyn tejribe toplady. Ýurdumyzyň ulag-logistika ýaly geljegi uly ugurda BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi dünýä ykdysadyýetine ählumumy goşulyşmak ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr.Soňra hormatly Prezidentimiz maslahatyň geçiriljek ýerine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow toplumyň çäginde abadanlaşdyryş hem-de foruma gatnaşyjylar üçin ähli amatlyklary döretmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, maslahata gatnaşyjylaryň oňaýly dynç almaklary, toplumyň çägindäki seýilgähde gezelenç etmekleri üçin ähli zerur şertler döredildi. Mundan başga-da, bu ýerde hyzmatlar ulgamynyň işi talabalaýyk ýola goýuldy.Döwlet Baştutanymyz wekilçilikli forumyň ýurdumyzda geçirilmeginiň Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändiginiň aýdyň beýanydygyny aýdyp, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygyň döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde bu ýokary derejeli forumyň geçirilmegi bilen baglanyşykly Kararnama kabul edildi. 57 döwlet bolsa onuň awtordaşy bolup çykyş etdi. Bu halkara maslahata deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlardan, şeýle hem Milletler Bileleşigine agza beýleki döwletlerden ýokary derejeli wekiliýetleriň, halkara we sebit guramalarynyň, parlamentleriň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 4-nji iýulynda gol çeken degişli Karary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda bu maslahaty guramagyň tertibi hakynda Ylalaşyga gol çekildi.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiren guramaçylyk döwlet toparynyň maslahatynda forumy ýokary derejede geçirmek üçin degişli meseleleriň we wezipeleriň tutuş toplumyna garalandygyny bellemek gerek. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi öňde boljak maslahatyň esasy aýratynlygydyr. Şunuň bilen baglylykda, olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertler döredildi.Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň nobatdaky forumynyň ýurdumyzda geçirilmegi Türkmenistanyň BMG tarapyndan taýýarlanylan maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirýändigini we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça tagallalary utgaşdyrmaga işjeň gatnaşýandygyny görkezýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. Döwlet Baştutanymyz öňde boljak halkara forumyň ähmiýetine ünsi çekip, onuň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.Soňra hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän medeni çäreleriň geçirilýän ýerine geldi.Bu ýerde wekilçilikli forumyň dowamynda dürli medeni çäreleriň guralmagy meýilleşdirilýär. Soňky ýyllarda Awaza halkara derejeli duşuşyklardyr forumlaryň, konsertleriň we festiwallaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde guraljak dabaralar ýurtlaryň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dostlukly halklaryň medeniýetinde we sungatynda gazanylan üstünlikler bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam berer. Dabaraly çäreler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda özara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmäge gönükdirilendir.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan medeni diplomatiýanyň özeninde durýan parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň we ynsanperwer ýörelgeleriň halklary ýakynlaşdyrýandygyny aýdyp, bu ýerde guraljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda degişli görkezmeleri berdi.Döwlet Baştutanymyz hemmelere işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.Hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda myhmanlary kabul etmek, olary halkymyzyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylamak bilen bagly geçirilen işler bilen hem tanyşdy. Häzirki wagtda dynç alşyň naýbaşy mümkinçiliklerini özünde jemleýän döwrebap myhmanhanalar Hazaryň ajaýyp kenaryna bezeg berýär. Bu ýerde göwnejaý dynç almak üçin ähli şertler bar. Ýakymly howa gurşawy, deňiz tolkunlary göwünleri galkyndyrýar. Halkara foruma geljek myhmanlar bu täsinlikleriň ählisiniň şaýady bolarlar.Arkadagly Gahryman Serdarymyz myhmanlary garşylamak meselesine aýratyn ähmiýet berip, oňa hemmetaraplaýyn jogapkärçilikli çemeleşmek babatda degişli tabşyryklary berdi.Soňra döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, paýtagtymyza ugramak üçin Türkmenbaşy Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy.Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna amala aşyran iş sapary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.Döwlet Baştutanymyz mejlisiň agzalaryna ýüzlenip, hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň günäsiniň geçilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, asylly däbe eýerip, iş kesilen 247 raýatyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz toparyň başlygyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzy ykdysady, syýasy, medeni taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, döwletimiziň halkara başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak boýunça kanun taslamalaryny taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunlara döwrüň talabyna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle-de Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk işiniň meseleleri boýunça okuw sapaklarynyň geçirilendigi aýdyldy. Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň arasynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşyklary barada habar berildi. Mundan başga-da, Mejlisiň deputaty Hytaý Halk Respublikasynda guralan “Türkmenistan üçin Bütindünýä Söwda Guramasy barada esasy düşünjeler” atly okuw maslahatyna gatnaşdy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk senesine, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna, onuň çäklerinde guraljak parlament forumyna taýýarlyk görlüşi barada-da aýtdy.Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň täze işlenip taýýarlanylýan kanunlarda öz beýanyny tapmalydygyna, şoňa görä-de, döwrüň talap edýän täze kanun taslamalaryny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow 2025-nji ýylda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda (SPECA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde göz öňünde tutulan halkara çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, degişli meýilnama laýyklykda, noýabr-dekabr aýlarynda Aşgabat şäherinde SPECA-nyň Ykdysady forumyny, Dolandyryjy geňeşiniň 20-nji mejlisini hem-de ugurlar boýunça iş toparlarynyň duşuşyklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy, Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen bilelikde “SPECA günlerini” guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Oňa maksatnama agza ýurtlaryň ýokary derejeli wekilleriniň, Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de bu guramanyň beýleki ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, halkara bilermenleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň möhüm bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda başlyklyk etmegiň çäklerinde göz öňünde tutulan halkara çäreleri guramaga gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ulgamlary, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda “Galkynyş” gaz känini mundan beýläk-de netijeli özleşdirmek boýunça degişli işler dowam edýär. Aýratyn-da, bu ýerdäki önüm berýän gaz guýularynyň uzak wagtlap bökdençsiz we ygtybarly işlemegini üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz gaz guýularyndaky işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan teklibi makullady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem pagta ýygýan kombaýnlary, beýleki oba hojalyk tehnikalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, ýetişdirilen hasyly daşamakda ulanyljak awtoulaglary ýygym möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizlemek, bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri utgaşykly dowam edýär. Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek babatda degişli işler alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyk geçirmegi, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta hasylyny daşaýan awtoulaglary möwsüme taýýarlamagy, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak we ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, döwletimiziň elektroenergetika kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarly we bökdençsiz bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, Energetika ministrligi tarapyndan elektrik stansiýalarynda, dürli güýjenmeli asma elektrik geçiriji ulgamlarda, beketlerde meýilnamalaýyn esasda abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi. Şunuň bilen bir hatarda, pudagyň kärhanalarynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrylýar hem-de önümçilik kuwwatlyklary artdyrylýar. Munuň özi energetika desgalarynyň bökdençsiz işlemegine ýardam edýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere ýurdumyzyň bar bolan elektroenergetika kuwwatyndan netijeli peýdalanmagy hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň Tertibini tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli taryhy-medeni mirasyň gymmatlyklarynyň aýawly saklanylmagy, döwlet tarapyndan goralmagy ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli taryhy-medeni gymmatlyga eýe bolan serişdeleri döwlet tarapyndan hasaba almak we olaryň Döwlet sanawyny ýöretmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan Karara gol çekdi we ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 2025-2026-njy täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Şu ýylyň 23-nji awgustynda ýurdumyzyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň maslahatyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, bilimiň ýokary hilini üpjün etmäge gönükdirilen wezipeleriniň geçen okuw ýylynda ýerine ýetirilişini seljerip, täze okuw ýylynda ýetilmeli sepgitleri, öňde durýan wezipeleri kesgitlemek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem milli tejribä, halkara bilim standartlaryna görä, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, okuw-usuly toplumlaryny taýýarlamak, mugallymlaryň hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmak, halypa-şägirt gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň nusgalyk kitaplary esasynda ýaş nesillerde watançylyk, milli buýsanç duýgularyny terbiýelemek, sanly bilimi ösdürmek, ýaşlaryň bilim bäsleşiklerinde, olimpiadalarda üstünlikli çykyş etmegini gazanmak, olary ylmy döredijilige, hünäre ugrukdyrmak bilen bagly täze okuw ýylynda meýilleşdirilýän işlere üns çekiler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ýaş nesle berilýän bilimiň ýokary hilini üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere 2025-2026-njy täze okuw ýylynda öňde durýan wezipelere bagyşlanan bilim işgärleriniň maslahatyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen köpugurly hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagta çenli bu gurama bilen özara gatnaşyklaryň halkara hukuk binýadyny berkitmegiň çäklerinde Türkmenistan ÝUNESKO-nyň jemi 15 sany halkara hukuk resminamasyna goşuldy. Bu resminamalardan gelip çykýan milli borçnamalara laýyklykda, milli we köptaraplaýyn hödürnamalaryň çäklerinde maddy däl hem-de taryhy-medeni, tebigy obýektleriň ençemesi ÝUNESKO-nyň abraýly sanawlaryna girizildi. Guramanyň ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ulgamlaýyn esasda alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Hökümetara okeanografiýa komissiýasy, Halkara gidrologiýa, «Adam we biosfera», «Dünýä hakydasy» maksatnamalary, Uniwersitetler kafedralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy we torlaýyn özara gatnaşygy ýola goýmak boýunça maksatnama (UNITWIN) hem-de beýleki halkara torlardyr institutlar bar. Hususan-da, “UNITWIN” maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň 2 ýokary okuw mekdebinde ÝUNESKO kafedralary açyldy hem-de degişli bilim ojaklarynda 6 sany ÝUNESKO kluby döredildi. Şunuň bilen birlikde, Diýarymyzyň orta mekdepleriniň 6-sy bu guramanyň Assosirlenen mekdepler toruna, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy Bütindünýä ýaşlar jemgyýetine, Aşgabat şäheri bolsa «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşuldy.Sanly bilim hem-de bu ugra degişli öňdebaryjy halkara tejribeleri milli derejede ornaşdyrmak bilen bagly netijeli taslamalar Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça institutynyň arasynda gol çekilen “Ýol kartasynyň” çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň BMG-niň çäginde öňe sürýän ynsanperwer başlangyçlaryny mundan beýläk-de iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, birnäçe teklipleriň taýýarlanylandygy bellenildi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýylyň güýzünde Samarkant şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji mejlisine ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy baradaky teklip hödürlenildi.Ýokarda agzalan “Ýol kartasynyň” çäklerinde Türkmenistanda şu ýylyň awgustynda 5 ugur boýunça utgaşykly görnüşde halkara maslahaty geçirmek teklip edilýär. Şolaryň hatarynda sanly bilim we emeli aň; Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde emeli aňyň ähmiýeti; emeli aňy milli bilim we ylym ulgamyna ornaşdyrmakda halkara tejribeler; sanlylaşdyrmak we emeli aň tehnologiýalary arkaly bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak; milli hünärmenleriň hünär ukyplaryny ýokarlandyrmakda emeli aň tehnologiýalarynyň ähmiýeti ýaly ugurlar bar. Şunuň bilen baglylykda, maslahaty guramak boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň jogapkär edip kesgitlenilmegi teklip edilýär.Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda baglaşylan Çarçuwaly ylalaşyk boýunça döredilen maksatlaýyn gaznanyň çäklerinde birnäçe taslamalary bu gaznanyň hasabyna maliýeleşdirmek teklip edilýär. Şolaryň arasynda «Biziň mirasymyz»; «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk»; Türkmenistanda geoseýilgähi döretmek; gadymy Amul galasynyň goragyny berkitmek ýaly taslamalar bar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek maksady bilen taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak we olara döwrebap çözgütlere esaslanýan innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer döwlet edaralarynyň özara işiniň elektron maglumat ulgamy arkaly utgaşdyrylmagyny, sanly hyzmatlary düzgünleşdirmek, bu ugurda zerur kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmek maksady bilen, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda zerur işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, döwlet edaralarynyň işini döwrebap guramak, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda «Elektron hökümet» ulgamy babatda taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu gün Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly şu aýdaky soňky mejlisiniň geçirilýändigini, 1-nji awgustdan başlap oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylaryň zähmet rugsadynyň başlanýandygyny aýtdy. Şeýle-de ýolbaşçylaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda saglygyny berkidip, dynç alyp biljekdikleri bellenildi. “Halkara çäreleriň geçýändigi bilen baglylykda, käbir ýolbaşçylar zähmet rugsady döwründe guramaçylyk işine hem gatnaşarlar” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýolbaşçylaryň ählisine zähmet rugsady döwründe gowy dynç almagy arzuw etdi.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitiň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri geçirilýär. Gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişi dowam edýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, geljek ýyl üçin oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmek işleriniň guramaçylykly alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý oragyndan boşan meýdanlary hem-de oba hojalyk tehnikalaryny indiki ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri geçirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda ýeralmanyň we beýleki güýzlük gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumlaryny ekişe taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almagyň esasy şerti bolup durýandygyny aýtdy hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla oragyndan boşan meýdanlary, oba hojalyk tehnikalaryny, ýokary hilli bugdaý tohumlaryny ekişe taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri hem-de güýzlük gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişi utgaşykly alnyp barylýar. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ideg etmek hem-de güýzlük oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm, tekizleýiş we topragy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, ekiji gurallary möwsüme taýýarlamak üçin zerur işler ýerine ýetirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri dowam edýär. Ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýeralmanyň, güýzlük gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, sebitiň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işlerde kadalaryň dogry berjaý edilmeginiň bol hasyl almak bilen bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga hem ýardam berýändigini belledi we häkime bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, bugdaý oragyndan boşan meýdanlary sürmek, tekizlemek, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, güýzlük gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýetişdirilen gök-bakja önümleri içerki bazarlarda elýeterli bahadan ilata ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, gant şugundyrynyň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alan meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde diňe ylmy taýdan esaslandyrylan ekerançylygyň oba hojalygynyň durnukly ösdürilmegini üpjün edýändigini belledi we häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmaga görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde häzirki wagtda ekiş geçiriljek meýdanlary sürmek we tekizlemek, oba hojalyk tehnikalaryny, ýokary hilli bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri alnyp barylýar. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň binýady bolup durýandygyny, şoňa görä, innowasiýalary giňden ornaşdyrmak, serişdeleri netijeli peýdalanmak arkaly pudagyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň zerurdygyny belledi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlaryň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmeginiň, gowaçalaryň hatarara bejergi, ujuny çyrpmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, zyýan berijilere garşy göreş işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, welaýatlaryň bugdaý oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, güýzlük bugdaý ekişinde ulanyljak ekijileri, beýleki tehnikalary möwsüme talabalaýyk taýýarlamagy, güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly meýdanlarynda ideg etmek işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny gazanmak, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ekişine gözegçilik etmek, şu ýyl welaýatlarda açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.Arkadagly Gahryman Serdarymyz welaýat häkimlerine ýüzlenip, howanyň aşa gyzýan günlerinde ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň ýerine ýetirilişini, hususan-da, elektrik togundan, tebigy gazdan we suwdan peýdalanylyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek maksady bilen, täze kanun taslamalary işlenip taýýarlanylýar hem-de döwrüň talaplaryna laýyklykda, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly geçiren maslahatynda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, şu ýylyň awgust aýynda Awazada parlament forumyny ýokary derejede guramak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mejlisiň wekilleri BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasy bilen bilelikde çaganyň hukuklaryny düşündirmek boýunça okuw sapaklaryny geçirdiler, şeýle hem ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan duşuşyga gatnaşdylar.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.Hasabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň käbir resminamalaryna, hususan-da, Salgyt meseleleri boýunça özara administratiw kömegi bermek hakynda Konwensiýa hem-de Ygtyýarly taraplaryň maliýe hasaplar boýunça maglumatlaryny awtomatik alyşmagy hakynda köptaraplaýyn Ylalaşyga ýurdumyzyň goşulmagynyň maksadalaýyk hasaplanýandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli kanunçylygy kämilleşdirmek arkaly abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de Türkmenistanyň Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň degişli Konwensiýasyna we Ylalaşygyna goşulyşmagy barada taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasynyň gurluşyk işleri tamamlanyp, täze desga ulanmaga doly taýýar edildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döredýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza nebitgaz toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan hoşallyk bildirip, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Hormatly Prezidentimiz nebitgaz pudagyny ösdürmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy we täze desganyň işe girizilmeginiň ýurdumyzda öndürilýän uglewodorod serişdeleriniň eksport edilýän möçberini artdyrmaga, olary ygtybarly ibermäge mümkinçilik berjekdigini belledi hem-de toplumyň dabaraly açylyşyna sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda badalga berdi.Açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerinden göni aragatnaşyk arkaly «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow çykyş edip, hormatly Prezidentimize Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň kuwwatlylygy ýylda 2 million 60 müň tonna nebit we nebit önümlerini ýüklemäge hem-de 1 million 150 müň tonna nebit we nebit önümlerini düşürmäge mümkinçiligi bolan Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasyny işe girizmäge ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.Hormatly Prezidentimiz täze desganyň işe girizilmegine ak pata berdi. Soňra dabaranyň geçirilýän ýerinde il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda toý bagy kesilýär. Täze gämi duralgasyndan nebit önümi ýangyç daşaýjy gämä guýlup başlanýar. Açylyş dabarasy aýdym-sazly, tansly çykyşlar bilen jemlendi.Soňra mejlis Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Pagta ýygymy möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde oba hojalyk tehnikalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, awtoulaglary möwsüme taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak, ýerleşdirmek, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, meýdanlary, ýokary hilli bugdaý tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Welaýatlarda ýetişdirilen gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen içerki bazarlary üpjün etmek, olaryň güýzki ekiş möwsümine taýýarlyk görmek işleri alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady hem-de wise-premýere ýurdumyzyň welaýatlarynda ýygnalan bugdaý hasylyny kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de gowaça ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirilmegini dowam etdirmek tabşyryldy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň oba hojalyk pudagy üçin mineral dökünleri öndürýän zawodlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda mineral dökünleri öndürýän zawodlary netijeli işletmäge, oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda hereket edýän himiýa kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkmen-ýapon işewürlik maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen zerur çäreler görülýär. Maslahata maýa goýum, söwda, hyzmatlar, bilim ulgamlarynda, nebitgaz, senagat, saglygy goraýyş ulgamlary üçin enjamlaryň önümçiligi, gurluşyk, logistika pudaklarynda we beýleki ugurlar boýunça iş alyp barýan ýapon kompaniýalary gatnaşmaga isleg bildirýärler. Türkmen tarapyndan bolsa oňa Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, sanly ulgam arkaly ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň iri halkara çärelere yzygiderli gatnaşýandygyny, Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde hem Türkmenistanyň milli pawilýonynyň öz işini üstünlikli alyp barýandygyny belledi we wise-premýere Türkmen-ýapon işewürlik maslahatyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, geljek aýda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli maslahatlary, brifingleri, döredijilik duşuşyklaryny, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde çagalaryň we ýetginjekleriň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin olaryň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, dürli döredijilik bäsleşiklerini guramak meýilleşdirilýär. Awgust aýynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary, bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyzyň ösüşlerini beýan edýän birnäçe dabaraly çäreleriň geçirilýändigini aýtdy hem-de wise-premýere awgust aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa söz berildi. Ol, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Soňra wise-premýer bu şanly sene mynasybetli geçiriljek çäreler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde “Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasy hereketde” atly maslahatlary geçirmek, zähmetde aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerine hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlary dabaraly gowşurmak, Milli Liderimiziň nusgalyk kitaplarynyň, surat we milli saglygy goraýyş önümleriniň sergisini, aýdym-sazly medeni çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda ynsan saglygyny goramak, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi we wise-premýere «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow howpsuzlyk meselelerinde halkara guramalar bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, howpsuzlyk meseleleri Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak we bu babatda ýadro energiýasynyň ulanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyz abraýly halkara guramalaryň çäklerinde bu ugurda öňe sürülýän başlangyçlary yzygiderli goldaýar. Türkmenistan 1994-nji ýylda ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk hakynda, 1998-nji ýylda ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek hakynda, 2006-njy ýylda Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda möhüm şertnamalara goşulmak bilen, bu ugurda öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ugurdaş halkara düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça taýýarlanylan birnäçe teklipler hödürlenildi.Hususan-da, 2017-nji ýylda kabul edilen Ýadro ýaragyny gadagan etmek baradaky şertnama Türkmenistanyň goşulmak meselesini öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmek teklip edilýär. 2021-nji ýylda güýje giren bu resminama şu günki güne çenli dünýäniň 94 döwleti goşuldy. Şeýle hem 2026-njy ýylda ýurdumyzda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasy bilen bilelikde bu guramanyň Milli maglumat merkezleri üçin sebitleýin okuw maslahatyny geçirmek teklip edilýär. Oňa Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlaryndan Milli maglumat merkezleriniň utgaşdyryjylarynyň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.Şeýle-de Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Halkara monitoring ulgamyna degişli bolan we ýurdumyzda ýerleşýän seýsmologiýa stansiýasynyň işini kämilleşdirmek, Halkara monitoring ulgamyndan alynýan maglumatlaryň ýurdumyzyň ugurdaş edaralary tarapyndan peýdalanylmagyny ýola goýmak, Türkmenistanyň degişli halkara resminamalardan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmek, Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly teklipler beýan edildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz howpsuzlyk meseleleri boýunça halkara guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň Halkara howa menzilleriniň maddy-tehniki binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi hem-de Halkara howa menzillerinde döredilen döwrebap şertler Diýarymyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini artdyrýar. Ulag-kommunikasiýa strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan sebit we halkara derejedäki möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde öz ornuny barha pugtalandyrýar. Şulardan ugur alnyp, ýurdumyzyň howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Halkara howa menzillerinde döwrebap şertleri döretmäge, halkara talaplara laýyk gelýän awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi we howa menzilleriniň maddy-tehniki binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.Mejlisde şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň alty aýynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1 göterime, gurluşykda 5,1 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,8 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 4,5 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,9 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy.Şu ýylyň alty aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 12,7 göterim, daşary söwda dolanyşygy 2,9 göterim ýokarlandy.Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15,6 göterim artdy.Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.Mejlisiň dowamynda wise-premýer «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» rejelenen görnüşdäki taslamasy barada hasabat berdi. Bu resminama laýyklykda, 2025 — 2028-nji ýyllarda durmuş-medeni maksatly binalary we desgalary, ýaşaýyş jaýlaryny, inženerçilik ulgamlaryny gurmak we hereket edýänleriniň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar.Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulow şu ýylyň birinji ýarymynda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlaryň görkezijileri hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, alty aýyň netijeleri boýunça baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 101,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,6 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 102,6 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,5 göterim berjaý edildi.Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda balans toparlarynyň jemi 63 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 54 mejlisi geçirildi. Olaryň barşynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijelerine seredilip, olaryň önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanylyşy, maliýe-ykdysady görkezijileri we maýa goýumlaryň özleşdirilişi boýunça seljerme işleri geçirildi.Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 17,7 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 44,8 göterimi önümçilik hem-de 55,2 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan şu ýylyň alty aýynda meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň netijeleri boýunça senagat ulgamynda durnukly ösüş üpjün edildi. Hususan-da, 38 milliard 991,4 million kub metr tebigy gaz, 4 million 91,5 müň tonna nebit çykaryldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, dizel ýangyjynyň öndürilişi 5,1 göterim, benziniň öndürilişi 2,8 göterim, mazudyň öndürilişi 13,6 göterim, nebit bitumynyň öndürilişi 9,2 göterim, sementiň öndürilişi 50 göterim, armaturyň, demir önümleriniň dürli görnüşleriniň öndürilişi 58,4 göterim, süýji-köke önümleriniň öndürilişi 6 göterim, şöhlat önümleriniň öndürilişi 8,6 göterim, mesge ýagynyň öndürilişi 3,8 göterim, mineral suwlaryň we alkogolsyz içgileriň öndürilişi 1,3 göterim artdy. Hasabat döwründe nah ýüplükleriň möçberi 22,6 göterim we nah matalaryň möçberi 27,3 göterim artdy.Ulag we aragatnaşyk ulgamynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýük dolanyşygynyň 0,6 göterim we ýolagçy dolanyşygynyň 3,2 göterim artmagy munuň subutnamasydyr. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 20,7 göterim artdy.Ýurdumyzyň oba hojalygynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda öndürilen gök önümler, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15,1 göterim, miwe we ir-iýmişler 2,7 göterim, ýeralma 3,8 göterim, süýt 2 göterim, diri agramdaky etiň öndürilişi 8,9 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň 6 aýynda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem oňyn görkezijiler gazanyldy.Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy halkara standartlara laýyk gelýän statistiki usulyýet esasynda statistiki hasabatlylygy we maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hem hasabat berdi.Soňra Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň banklary tarapyndan hususy ulgama berlen karzlaryň umumy möçberi 19 göterim artdy. Şunuň bilen bir hatarda, oba hojalyk önümlerini öndürijilere tehnikalary we enjamlary satyn almak üçin berlen karz serişdeleriniň galyndysy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 26,9 göterim artdy.2025-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen ipoteka karzlarynyň görkezijisi 20,2 göterim artdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri dowam etdirmegiň, munuň üçin ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan çäreleriň, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişini yzygiderli seljermegiň möhümdigini belledi.Şunuň bilen baglylykda, maliýe-ykdysady durnuklylygy üpjün etmek üçin salgytlaryň doly hem-de wagtynda tölenmegini gazanmak, býujet serişdeleriniň tygşytly we maksadalaýyk peýdalanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek, şu ýylyň ahyryna çenli Döwlet býujetiniň girdejiler we çykdajylar bölegini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmek, geljek ýylyň Döwlet býujetini öz wagtynda düzmegi üpjün etmek, býujet-salgyt ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek barada tabşyryklar berildi.Milli ykdysadyýetiň senagat-innowasion ösüş derejesini has-da ýokarlandyrmak, milli manadyň hümmetini durnukly saklamaga aýratyn üns bermek, maýa goýum syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de milli ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlaryň maliýe çeşmelerini kämilleşdirmegi dowam etmek, banklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek we tejribe alyşmak üçin netijeli işleri durmuşa geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak hem-de dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.Wise-premýer nebit we gaz kondensatyny çykarmak ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berip, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasynyň 110 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy.Konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 109 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 110,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 101,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 116,8 göterim berjaý edildi.Şeýle hem suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermek babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz topluma degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin ylmyň soňky gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etmegi, geologiýa-gözleg işlerini geçirmek, nebitgaz ýataklaryny gözläp tapmak, nebiti we gazy çykarmak işlerini yzygiderli kämilleşdirmegi, uglewodorod serişdelerini we olary gaýtadan işlemekden alynýan önümleri dünýä bazarlaryna ýerlemek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi, nebitgaz toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyryp, bäsdeşlige ukyply we ekologik taýdan arassa önümleri öndürmegi dowam etmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109,2 göterim berjaý edildi.Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 114 göterim ýerine ýetirildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça bu görkeziji 111,7 göterime barabar boldy.Hasabat döwründe Energetika ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň, amala aşyrylan işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 109,3 göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 108 göterime barabar boldy. Ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça 104,5 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça 112,4 göterim berjaý edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin D.Sapbaýewi “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyp, bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetirmegi konserniň başlygynyň orunbasary T.Ataýewiň üstüne ýükleýändigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.Döwlet Baştutanymyz gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalaryny doly kuwwatynda işletmek boýunça zerur çäreleri görmegiň, gurluşyk senagatynyň önümleriniň görnüşini hem-de möçberini yzygiderli artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.Hereket edýän önümçilikleriň durkuny täzelemäge, täze kärhanalary gurmaga gönükdirilen işleri dowam etmek, himiýa kärhanalaryny doly kuwwatynda işletmek we täze önümçilikleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, şeýle hem mineral dökünleri talabalaýyk saklamak üçin täze, döwrebap ammarlary gurmak boýunça, elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak, täze elektrik beketlerini gurmak, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etmek, awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak we olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wise-premýere şu ýylyň ahyryna çenli açylmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň bellenen möhletde, ýokary hilli ulanmaga tabşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 115,9 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,3 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 106,8 göterim üpjün edildi, şol sanda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 125,1 göterime, nah matalaryňky 130,2 göterime, gön önümleriniňki 124,4 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,4 göterim ýerine ýetirildi.Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 146 birža söwdasy geçirilip, olarda 14 müň 323 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 106,8 göterime barabar boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň alty aýynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,5 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 105,7 göterime deň boldy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine N.Agahanowy belläp, ony ministriň orunbasary wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminama gol çekdi.Wezipä täze bellenen N.Agahanow özüne bildirilen ýokary ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ministrligiň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklary arzuw etdi.Hormatly Prezidentimiz toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, söwda ulgamynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň, içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmagyň, söwda hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Dokma önümleriniň hilini we möçberini artdyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmek, sanly ulgam arkaly dokma, haly we haly önümleriniň söwdalaryny hem guramak, bäsdeşlige ukyply we eksport ugurly ýokary hilli önümleri öndürmäge niýetlenen täze döwrebap önümçilikleri döretmekde hususy ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wise-premýere Döwlet haryt-çig mal biržasynyň hem-de Söwda-senagat edarasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak üçin dünýäniň ösen ýurtlarynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we tejribesini ornaşdyrmagy dowam etmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli dürli dabaralar geçirildi. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi. Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.Hasabat döwründe dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň Aşgabat we Arkadag şäherleri hem-de welaýatlar boýunça jemleýji tapgyrlary, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly aýdym-saz festiwaly, “Parahatçylyk sazy” atly halkara festiwal, “Awaza — dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwaly guramaçylykly geçirildi. Şeýle hem Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi, şu ýylyň 29-njy iýunynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy guraldy. Ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri daşary ýurtlarda iş saparlarynda boldular.Şeýle hem kitaphanalar, muzeýler, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli medeni mirasymyzy, edebi gymmatlyklarymyzy düýpli öwrenmek we kämilleşdirmek, şeýle hem halkymyzyň gadymy mirasyny wagyz etmek boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmegiň, kitaphana we muzeý işini ösdürmekde häzirki zaman tehnologiýalaryndan giňden peýdalanmagyň, çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň işini talabalaýyk guramagyň hem-de kämilleşdirip durmagyň, döwrebap we many-mazmunly täze çeper, dokumental filmleri yzygiderli surata düşürmegiň möhümdigine ünsi çekdi.Döwlet Baştutanymyz taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak üçin netijeli işleri alyp barmagyň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümçilik kuwwatyny netijeli ulanmagyň, döredijilik bäsleşiklerini, häzirki zaman sergilerini, folklor, aýdym-saz toparlarynyň çykyşlaryny hem yzygiderli geçirmegiň, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyna gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi, okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy, okuw-usuly toplumlar taýýarlanyldy. Okuwçylar hem-de talyp ýaşlar halkara ders we internet bäsleşiklerinde jemi 748 sany medal gazandylar.Şu ýylyň alty aýynda ylym ulgamyny kämilleşdirmek, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrundaky işler dowam etdirildi. Ylymlar güni mynasybetli “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat, şeýle hem ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.Hasabat döwründe öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Saglygy goraýyş boýunça XII türkmen-german forumy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde Immunizasiýa hepdeligi, Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça hem netijeli işler alnyp baryldy. Paýtagtymyzda sportuň milli we guşakly alyş göreşi, küşt boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryş guramaçylykly geçirildi. Hasabat döwründe ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlara gatnaşyp, 466 sany medal gazandylar.Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini, şeýle hem 2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruklara gol çekip, okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etdi.Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýüzlenip, täze okuw ýylyna gowy taýýarlyk görmegiň, orta we ýokary okuw mekdeplerinde abatlaýyş işlerini geçirmegiň möhümdigini belledi. Şu ýyl Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binalarynyň ulanmaga berilmegi täze hünärleri girizmäge we okuwa kabul edilýän ýaşlaryň sanyny artdyrmaga ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky işleri talabalaýyk ýola goýmagy tabşyrdy. Ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmeli, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirmeli, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmaly diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.Şeýle hem ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek, ylym bilen önümçiligi utgaşdyrmak arkaly önümçilik pudaklaryny ylmy esasda ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny innowasion tehnologiýalar esasynda pugtalandyrmak boýunça işleri yzygiderli alyp barmak, sanly saglygy goraýyş ulgamynyň kömegi bilen döwrebap hyzmatlary ýola goýmak, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek we halkara sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça netijeli işleri geçirmek, sportuň Olimpiýa görnüşlerini ösdürmäge hem aýratyn üns bermek tabşyryldy.Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 115,7 göterime deň boldy.Şu ýylyň birinji ýarymynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 102,6 göterim, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 102,1 göterim berjaý edildi. “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 104,5 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 111,3 göterime barabar boldy. “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça ösüş depgini 121,5 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 114,4 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 120,7 göterime barabar boldy.“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada hem aýdyldy. Bellenilişi ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň 4G+ tehnologiýasy, şeýle hem Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasy işe girizildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, häzirki döwürde bu toplumy ösdürmek we onuň işini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesini girizmek barada karara gelendigini aýtdy.Ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy hem-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy döredilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we täze ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň döredilmeginiň ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga ýardam etjekdigini belledi.Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine 6 aý synag möhleti bilen M.Çakyýewi belledi.Wise-premýer özüne ynanylan wezipede yhlasyny gaýgyrman işlejekdigini aýdyp, hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow demir ýol ulaglary ministri wezipesine M.Akmämmedowy belledi.Ministr bildirilen ýokary ynam üçin hoşallyk bildirip, täze wezipede tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.Döwlet Baştutanymyz aragatnaşyk ministri wezipesine 6 aý synag möhleti bilen H.Hudaýgulyýewi belledi.Hormatly Prezidentimiz awtomobil ulaglary ministri wezipesine B.Annadurdyýewi belledi.B.Annadurdyýew bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, täze wezipede netijeli işlemek üçin ähli bilimini, güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyny aýtdy hem-de hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Hormatly Prezidentimiz “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň başlygy wezipesine D.Saburowy belledi.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy wezipesine A.Şanazarowy belledi.Ol bildirilen uly ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu wezipede ähli bilim-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekdi.Soňra hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Çakyýewe ýüzlenip, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak we bu ugurda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak, demir ýollaryň durkuny täzelemek, demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmegiň, halkara awtomobil ýollary bilen ýük daşamagy we üstaşyr gatnawlary ösdürmegi dowam etdirmegiň, howa menzilleriniň durkuny täzelemegiň, uçarlaryň düzümini döwrebaplaşdyrmagyň yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň, ykdysady taýdan amatly ugurlar boýunça täze içerki we halkara howa gatnawlaryny açmaga möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyny doly kuwwatynda işletmek, ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny hem döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyryp durmak, bu ugurda täze hyzmatlary yzygiderli ýola goýmak babatda anyk tabşyryklary berdi.Soňra welaýatlaryň häkimleri hasabatlar bilen çykyş etdiler.Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak, ýerleşdirmek we talabalaýyk saklamak, şeýle hem bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm we tekizlemek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ideg işleri geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnamak we ilata ýetirmek, şeýle hem bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.Şeýle hem häkim welaýatda Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow şu ýylyň birinji ýarymynda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny elewatorlara we ammarlara daşamak işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin galla oragyndan boşan meýdanlary, oba hojalyk tehnikalaryny we bugdaý tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de bu ekinleriň güýz möwsümindäki ekişine taýýarlyk görmek işleri dowam etdirilýär.Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew şu ýylyň alty aýynda welaýatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde welaýatda galla oragyndan boşan ýerleri sürmek, şeýle hem ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şunuň bilen bir hatarda, ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda bu ekinleriň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Şeýle hem bu ekinleriň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlarynda sürüm hem-de tekizleýiş işleri geçirilýär.Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara daşamak, ýerleşdirmek hem-de talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler geçirilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak üçin ýerleri sürmek we mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Welaýatda ýetişdirilen ýeralma we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ideg işleri ýerine ýetirilýär.Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz M.Annanepesowy Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyp, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Genjiýewi şol bir wagtda Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine belledi we degişli resminamalara gol çekdi.D.Genjiýew bildirilen ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, bu wezipede gujur-gaýratyny gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda welaýatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara daşamak, galla oragyndan boşan meýdanlary, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de ýokary hilli bugdaý tohumyny geljek ýylyň hasyly üçin ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümleri içerki bazarlarymyzda ilata ýetirmek, şeýle hem güýz möwsüminde oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda gant şugundyrynyň ekişini talabalaýyk geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde ideg etmek işleri alnyp barylýar.Mundan başga-da, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz B.Orazowy Mary welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä D.Annaberdiýewi bellemek barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.D.Annaberdiýew bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, täze wezipede netijeli işlemek üçin ähli bilimini, ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi.Ol hasabatyny ýurdumyzyň gallaçylary tarapyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň öndürilip, bu ugurda bellenen meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habardan başlady. Wise-premýer oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek babatda berýän hemaýat-goldawlary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.Soňra wise-premýer gözegçilik edýän toplumynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.Hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 113,3 göterime barabar boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 100 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 103,5 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 138,7 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 124 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 108,2 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 101 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 104,7 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 103,2 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,8 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 278,2 göterim ýerine ýetirildi.Oba hojalygy pudagynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde häzirki wagtda ýurdumyzda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak, talabalaýyk ýerleşdirmek we saklamak, şeýle hem geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlary, oba hojalyk tehnikalaryny, ýokary hilli bugdaý tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri dowam edýär. Şeýle hem gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de suw serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmak maksady bilen, suw howdanlaryna suw toplamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri ýerine ýetirilýär.Döwlet Baştutanymyz wise-premýer T.Atahallyýewe, oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimlerine ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny, şeýle hem Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtady.Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş meýilnamalaryny işläp taýýarlamak boýunça işleri çaltlandyrmak, welaýatlarda we şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň we beýleki durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmek, şäherleriň binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, ilaty arassa agyz suwy, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen üpjün etmek boýunça işleri netijeli dowam etdirmek, arassaçylygy berjaý etmek we abatlaýyş işlerini wagtynda geçirmek üçin ähli çäreleri görmek, ýerli býujetiň doly we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, salgytlaryň we ýerli ýygymlaryň gelip gowuşmagyny gazanmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Welaýatlarda oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmegiň, oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, gallanyň we gowaçanyň hasylyny artdyrmak üçin guramaçylyk we usuly işleri güýçlendirmegiň, ýokary hilli tohumlyk bugdaý bilen üpjün etmegiň, öndürilýän azyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmak, hilini ýokarlandyrmak hem-de azyk senagaty kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz ilaty un, çörek we çörek önümleri bilen üpjün etmegi üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.Mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak hem-de bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy usullaryny ulanmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsümleýin alnyp barylýan oba hojalyk işlerinde netijeli ulanmagy berk gözegçilikde saklamagyň, pagta arassalaýjy kärhanalarda pagtany gaýtadan işlemek hem-de dokma kärhanalaryny ýokary hilli pagta önümleri bilen üpjün etmegi üns merkezinde saklamagyň möhümdigi nygtaldy. Şeýle hem suw serişdelerini rejeli we tygşytly peýdalanmagy berk gözegçilikde saklamak, goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça netijeli işleri geçirmek, ýer kadastryny döretmek işlerini hemişe üns merkezinde saklamak, daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik abadançylygy üpjün etmek hem-de ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, atçylyk pudagyny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek babatda anyk tabşyryklar berildi.Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda gallanyň bol hasylynyň ýygnalandygyny, gallaçy daýhanlarymyzyň Watan harmanyna ýokary hilli bugdaý tabşyryp, guwandyryjy netijeleri gazanandygyny kanagatlanma bilen belledi.“Ýygnalan bol galla hasyly mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir!” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz galla hasylyny ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri bitiren, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren ussat gallaçy babadaýhanlarymyzy tüýs ýürekden gutlap, olara täze üstünlikleri arzuw etdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ministrligiň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde dostlukly hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda beren tabşyryklaryny we öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda degişli işler geçirildi.Ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, «Merkezi Aziýa — Italiýa» birinji sammitine we «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparlaryny, Ýaponiýa sapary, şeýle hem Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy.Hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Monako Knýazlygyna sapary, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna dostlukly saparlary, Fransiýa Respublikasyna resmi sapary hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.Şu ýylyň mart aýynda Gruziýanyň Premýer-ministri Türkmenistana resmi sapar bilen geldi.Abraýly sebit we halkara düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şu ýylyň birinji ýarymynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretarlary, Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti, Aziýa ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti we beýlekiler Türkmenistanda saparda boldular.Hasabat döwründe daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary özara gatnaşyklaryň okgunly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 336-sy geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanda daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde resmi gepleşikleriň we duşuşyklaryň 1495-si guraldy. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üsti 97 resminama bilen ýetirildi.Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar hem yzygiderli häsiýete eýedir. Hasabat döwründe daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili — Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hem-de halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary bilen duşuşyklar geçirildi.Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýermek bilen, ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmegiň, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministrine ýurdumyzda guralýan halkara çäreleri ýokary derejede geçirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda milli parlament tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 13-si, şol sanda «Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda», «Kazyýet hakynda», «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda», «Ýük markalary hakynda halkara Konwensiýa degişli Teswirnama goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, ýubileý medaly, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri bilen baglanyşykly hereket edýän Kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Mundan başga-da, Mejlisiň kararlarynyň 11-si kabul edildi.Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri barada okuw sapaklary guraldy. Şunuň bilen bir hatarda, daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň 7-si kabul edildi. Şeýle hem Mejlisde dünýä döwletleriniň parlamentleriniň we halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 32-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň halkara guramalar bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 62-sine gatnaşdylar. Halkara tejribeleri öwrenmek maksady bilen, milli parlamentiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 21-si amala aşyryldy.Milli parlamentiň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalynyň we ýadygärlik nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak barada beren tabşyrygyna laýyklykda, Mejlisde degişli işleriň geçirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny hem-de halkara parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda gazanan üstünliklerine mynasyp goşant goşan adamlary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisinde “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň taýýarlanylandygy aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny ähli ugurlarda ýokary netijeleri gazanmak bilen, uly dabaralara besläp, halkara derejede giňden belläp geçýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara Bitaraplyk gününi has-da dabaralandyrmak maksady bilen, «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi.Soňra hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygyna ýüzlenip, hasabat döwründe döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmek boýunça işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň Kanunlarynyň 13-siniň kabul edilendigini, şeýle hem birnäçe Kanunlara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi.Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 17 milliard 829 million manat düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15,6 göterim köpdür diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 269,7 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we beýleki desgalaryň gurluşygy meýilnama esasynda alnyp barylýar.Geçen ýarym ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýeti durnukly ösdürildi. Bäsleşige ukyply, ýokary hilli dürli harytlary öndürýän täze kärhanalary döretmek boýunça zerur işler alnyp baryldy. Ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi artdyrylyp, pudaklara sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň möhüm waka bolandygyny belledi.Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelmeginiň aýratyn uly manysy bar, şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ikinji ýarymynda köp sanly möhüm halkara çäreler meýilleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyny hem-de beýleki çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin düýpli taýýarlyk görmegiň, şeýle hem döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlaryny örän ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini hem dabaraly ýagdaýda geçireris. Mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemlerini jemläris. Şeýle hem öňde duran möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Türkmenistanyň Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň Ministrler Kabineti, häkimlikler, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge hem düýpli taýýarlyk görüp başlamaly diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak, geçiriljek senesini we ýerini kesgitlemek hem-de ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak barada karar kabul etse, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.Bu guramaçylyk topary Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda ýokary üstünlikleri gazanan, il içinde uly abraýdan peýdalanýan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak üçin hödürlemek hem-de resmileşdirmek boýunça degişli işleri geçirmäge möhüm ähmiýet bermelidir, şeýle hem geçiriljek bu guramaçylyk işleri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem-de Türkmenistanyň Mejlisi degişli işleri alyp barmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.Döwlet Baştutanymyz geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň ýurdumyz boýunça, umuman, gowy bolandygyny belläp, ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geçen alty aýda ýerine ýetirilen işleriň jemleri boýunça 12-nji iýulda maslahatlary geçirmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz 1-nji awgustdan başlap, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara dynç almaga rugsat berýändigini aýdyp, olaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp biljekdigini belledi.Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara maslahatyň geçirilýändigi bilen bagly ähli ýolbaşçylar guramaçylyk işlerine hem gatnaşarlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, olaryň ählisiniň 13-nji iýulda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisine gatnaşjakdygyny aýtdy. Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly soraglara serediler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu halkara maslahaty ýokary derejede geçirmek boýunça kabul edilen Karardan ugur alyp, her kimiň jogapkär ugry boýunça degişli işleri alyp barmalydygyny nygtady.Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň abraýyna abraý goşjak bu halkara maslahatyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň biri boljakdygyna berk ynam bildirdi. “Biz alyp barýan adyl «Açyk gapylar» we Bitaraplyk syýasatymyzy mundan beýläk hem dowam ederis” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.