Türkmenistanda
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnsy kabul etdi.Duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy hem-de GFR-iň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň, Federal Kansleri Olaf Şolsuň hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny we ähli türkmenistanlylara bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.Hormatly Prezidentimiz ilçini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, jenap Bernd Haýnsy jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly ýokary diplomatik wezipesinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.Nygtalyşy ýaly, Germaniýa Federatiw Respublikasy Türkmenistanyň Ýewropa sebitindäki möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Häzirki wagtda iki döwlet ähli ugurlarda, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňyn häsiýetini aýratyn belläp, Türkmenistanyň we Germaniýanyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, köptaraplaýyn esasda hem üstünlikli hyzmatdaşlygy ösdürýändiklerine kanagatlanma bildirdi. Abraýly halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň düzümleriniň çäklerinde birek-birege berilýän özara goldaw muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu goldaw, ozaly bilen, dünýäde parahatçylygy, abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilip öňe sürülýän halkara başlangyçlara degişlidir. Soňky ýyllarda hyzmatdaşlyk “Merkezi Aziýa — Germaniýa” dialogynyň çäklerinde-de üstünlikli ösdürilýär. Şeýle görnüşde geçirilýän gepleşikler özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça netijeli pikir alyşmaga ýardam berýär.Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň ýene biridir. Şunuň bilen baglylykda, senagat, oba hojalygy, bank, ulag-kommunikasiýa ulgamlary geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyz German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine ünsi çekip, GFR-iň kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine goşýan goşandyny aýratyn nygtady. Saglygy goraýyş ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan türkmen-german gatnaşyklaryny netijeli hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde görkezip bolar. Mälim bolşy ýaly, onuň çäklerinde dostlukly ýurduň hünärmenleri bilen tejribe alyşmak, türkmen lukmanlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň Ýewropanyň ösen lukmançylyk tejribesini öwrenmekleri üçin birnäçe alyş-çalyş maksatnamalary hereket edýär.Oňyn ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň barşynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygy berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda we medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda möhüm orun eýeleýändigi, şunda iki dostlukly halkyň bähbidine özara Medeniýet günlerini geçirmegiň, muzeý işi babatda tejribe alyşmagyň, bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegiň zerurdygy bellenildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bernd Haýnsy Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesinde işe başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, ýola goýlan netijeli döwletara dialogyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde oňa hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.Hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, diplomat däp bolan dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine, iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine laýyk gelýän türkmen-german hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge tarap saýlanyp alnan ugry dowam etdirjekdigine ynandyrdy.***Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Serdar BERDIMUHAMEDOWAJenap Prezident!Men jenap Bernd Haýnsy Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň şahsy häsiýetleri hem-de ukyp-başarnyklary öz üstüne ýüklenen wezipäni mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.Pursatdan peýdalanyp, Size üstünlikleri, Türkmenistana bolsa gülläp ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.Frank-Walter ŞTAÝNMAÝER,Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti.

24 Iýl 2024
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bagly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi.Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, orakdan boşan meýdanlary sürmek, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumlaryny taýýarlamak, gallaçylar bilen döwlete tabşyrylan hasyly, hyzmat edýän edara-kärhanalar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmaga talabalaýyk taýýarlyk görülmeginiň, gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde ýygnalan hasyly elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, talabalaýyk ýerleşdirmek üçin zerur çäreler görülýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, orakdan boşan meýdanlary sürmek, ýokary hilli tohumlary taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Galla oragyna gatnaşan hyzmat edýän edara-kärhanalar tarapyndan ýerine ýetirilen işler, önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary geçirmek boýunça çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň güýzki ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler dowam edýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky hem-de binalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi hem-de gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň möhümdigine ünsi çekip, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, welaýatda ýygnalan hasyly talabalaýyk saklamak maksady bilen, bugdaýy galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara, elewatorlara ýitgisiz daşamak, orakdan boşan meýdanlary sürmek, indiki ekiş üçin ýokary hilli bugdaý tohumlaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl, hyzmat edýän edara-kärhanalar bilen ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklar öz wagtynda bökdençsiz geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň güýz möwsüminde ekiljek ýerlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk işleriniň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak, ýerleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, sürüm, tekizleýiş işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär. Geljekki ekiş möwsümi üçin bugdaý tohumlary taýýarlanylýar. Welaýatda döwlete tabşyrylan galla hasyly üçin hasaplaşyklar geçirilip, häzirki wagtda hyzmat edýän edara-kärhanalar bilen ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklar dowam etdirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda şu ýylyň güýz möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, ekiş üçin gerek tohumlary taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý oragyndan boşan meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak işleriniň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu işleri gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamak babatda görkezmeleri berdi.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitde ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý oragy tamamlanan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin tohumlary taýýarlamak, tabşyrylan hasyl üçin bugdaý öndürijiler, ýerine ýetirilen işler üçin hyzmat edýän edara-kärhanalar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça taýýarlyk işleriniň, gowaça meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, gallaçy daýhanlarymyzyň tutanýerli, yhlasly zähmeti netijesinde ýurdumyzda ýygnalan bugdaý hasylyny talabalaýyk saklamak maksady bilen, bugdaýy galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara ýitgisiz daşamak, ýerleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş işleri geçirilýär, ekiş möwsümi üçin ýokary hilli tohumlar taýýarlanylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini, olaryň tohumlaryny güýzki ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi we geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça taýýarlyk işleriniň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylynyň elewatorlara, ammarlara ýitgisiz daşalmagyny hem-de ýerleşdirilmegini, önüm öndürijiler, hyzmat edýän edara-kärhanalar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda bökdençsiz geçirilmegini, azyklyk oba hojalyk ekinleriniň güýzki ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

22 Iýl 2024
XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna

Hormatly Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalary!Gadyrly türgenler!Sizi 2024-nji ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size Olimpiýa oýunlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmegi hem-de eziz Diýarymyzyň halkara sport abraýyny täze, belent derejelere götermegi tüýs ýürekden arzuw edýärin.Gadyrly türgenler!Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran bitewi hem-de strategik döwlet syýasaty esasynda halkara sport giňişliginde eziz Watanymyzyň abraýy günsaýyn artýar. Ýurdumyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejedäki ýaryşlaryň geçirilmegi sport boýunça milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Olimpiýa oýunlary, halkara sport ýaryşlary sportuň üsti bilen parahatçylyk, dostluk, ylalaşyklylyk taglymlaryny durmuşa geçirmekde özboluşly gural bolup durýar. Türkmenistan dürli derejedäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli künjeginde sport toplumlarynyň, stadionlaryň we beýleki sport maksatly binalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi türgenlerimiziň dürli sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegini, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyny şertlendirýär.Hormatly türgenler!Sport ulgamy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde dünýä derejesinde ösdürilýär. Gözel paýtagtymyz ak mermerli Aşgabadyň görküne görk goşýan, sebitde deňi-taýy bolmadyk, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Olimpiýa şäherçesi guruldy. Ýurdumyzda türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlarynda mynasyp çykyş edip, Döwlet tugumyzy belentde parlatmagy üçin ähli şertler döredildi. Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzasy bolmak bilen, Olimpiýa hereketiniň ösüşine öz mynasyp goşandyny goşýar. Munuň özi ýurdumyzyň sport diplomatiýasynyň barha rowaçlanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.Hormatly Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalary!Gadyrly türgenler!Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň, bedenterbiýe-sport we medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bularyň ählisi sagdynlygyň, bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde eziz Diýarymyzyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrýar.Milli sportuň ösen ulgamynyň kemala gelýän döwründe döwletimiziň sport abraýyny ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär. Döwlet derejesinde ýaş türgenler üçin döredilýän ajaýyp şertlerimiziň netijesini ýeňişli ýollar, nusgalyk sport üstünlikleriňiz arkaly görkezmelisiňiz. Siziň Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belentde parlatjakdygyňyza berk ynanýaryn.Hormatly Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalary!Gadyrly türgenler!Size XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza mynasyp wekilçilik edip, uly üstünlikleri gazanmagyňyzy ýene-de bir gezek tüýs ýürekden arzuw edýärin. Goý, halkara sport giňişliginde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hemişe belentde parlasyn!Türkmenistanyň PrezidentiSerdar Berdimuhamedow.

21 Iýl 2024
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Hususan-da, milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň şu ýylyň 13-nji iýulynda geçirilen altynjy maslahatynyň jemleri barada habar berildi. Maslahatda Türkmenistanyň Býujet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, sportda dopinge garşy göreşmek, tohumçylyk bilen baglanyşykly Kanunlara we başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmek boýunça kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçynyň maglumaty diňlenildi.Deputatlaryň BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň we Halkara Migrasiýa Guramasynyň wekilhanalarynyň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna gatnaşandyklary barada aýdyldy. Mejlisiň wekili Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan Niderlandlar Patyşalygynyň Gaaga şäherinde geçirilen çärä gatnaşmak üçin iş saparynda boldy. Mejlisiň deputatlary Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň pudaklaryň öňünde goýan wezipeleriniň, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň, kabul edilen çözgütleriň maksatlaryny we many-mazmunyny, Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk baýramynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek boýunça geçirilen çärelere gatnaşdylar.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak arkaly, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin ýygymlary düzgünleşdirmek bilen bagly görülýän çäreler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýetimizi innowasion taýdan ösdürmek baradaky başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak ulgamyny halkara tejribä laýyklykda kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistan bu ulgamda halkara şertnamalaryň 15-sine goşulyp, Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasy we Ýewraziýa Patent Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen birlikde, “Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” üstünlikli amala aşyrylýandygy bellenildi. Maksatnamanyň çäklerinde 2023-nji ýylda “Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanuna laýyklykda, integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin alynýan ýygymlaryň möçberi we olary tölemegiň Tertibi Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak ulgamyny halkara tejribä laýyklykda kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda degişli Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň suwuklandyrylan gazy saklaýan we ýükläp iberýän desgalarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, zawodlar toplumy tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň netijesinde, dürli görnüşli nebit önümleri bilen bir hatarda, suwuklandyrylan gaz hem öndürilýär. Ony saklamak hem-de sarp edijilere ýükläp ibermek üçin ýörite terminalyň hyzmatyndan peýdalanylýar. Bu desgalaryň kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň golaýynda ýerleşýän, suwuklandyrylan gazy saklamak we ýükläp ibermek üçin niýetlenen terminaly giňeltmek, onuň kuwwatyny artdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän desgalary döwrebaplaşdyrmaga, nebit önümlerini saklamaga we ibermäge niýetlenen ulgamlary kämilleşdirmäge uly üns berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän suwuklandyrylan gazy saklaýan, ýükläp iberýän desgalaryň kuwwatyny artdyrmagyň nebitgaz senagatyny has-da ösdürmekde möhüm bolup durýandygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak, olary ýerleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek we tekizlemek, ýokary hilli bugdaý tohumyny taýýarlamak boýunça çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, bu önümler bilen ilaty ýeterlik möçberde üpjün etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar, güýzki ekiş möwsümine taýýarlyk görülýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi we ýurdumyzyň welaýatlarynda ýygnalan bugdaý hasylyny kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak işlerine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny aýdyp, ýokary hilli bugdaý tohumyny taýýarlamaga möhüm ähmiýet bermegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyk geçirmegi berk gözegçilikde saklamak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere beýleki möwsümleýin oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek işlerini hem talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän düzümleriniň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda uly işler amala aşyrylýar, halkara ülňülere laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny yzygiderli ornaşdyrmak bilen, sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli dowam etdirilýär. “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ilata edilýän jemagat hyzmatlaryny sanly ulgama geçirmek, raýatlaryň hyzmatlar üçin töleglerini onlaýn usulda töläp bilmekleri babatda oňaýly şertleri döretmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän edara-kärhanalar üçin “Merkezi elektron ulgam” taslamasy işlenip taýýarlanyldy we tapgyrlaýyn birnäçe programmalar işe girizildi. Taslamanyň işe girizilmegi bilen, paýtagtymyzdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, binalaryň, öýleriň, raýatlaryň hasabat sanawynyň döwrebap usullarda ýöredilmegi ýola goýuldy. Şeýle-de ilata jemagat hyzmatlaryny hödürleýän edara-kärhanalaryň öz hyzmatlarynyň hasabatyny elektron görnüşde ýöretmäge mümkinçilik döretdi.Aşgabat şäher häkimliginiň sanly hyzmatlar portaly we “Sanly şäher” atly mobil goşundysy tapgyrlaýyn işe girizilip, olar hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Mundan başga-da, ilata hödürlenilýän jemagat tölegleri bir penjire ulgamy bolan döwlet hyzmatlar portalynda (e.gov.tm), ýurdumyzda giňden ulanylýan mobil goşundylarda ýerleşdirildi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň giňden ornaşdyrylýandygyny belledi. Ilata hödürlenilýän jemagat hyzmatlary yzygiderli kämilleşdirilýär. Raýatlaryň hyzmatlaryň töleglerini sanly ulgamyň üsti bilen töläp bilmekleri üçin oňaýly şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda jemagat hyzmatlaryny sanly ulgama geçirmekde «Merkezi elektron ulgam» taslamasyny ornaşdyrmagy yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalary tarapyndan söwda nokatlaryny okuw esbaplary, okuwçy we sport egin-eşikleri, aýakgaplar bilen üpjün etmek üçin ýurdumyzyň önüm öndürijileri, haryt getirijiler bilen hyzmatdaşlyk etmek esasynda degişli işler amala aşyrylýar. Sanly ulgamy ösdürmek, ilata döwrebap hyzmatlary ýola goýmak maksady bilen, elektron söwda dükanlarynyň üsti bilen bu harytlary halka hödürlemek hem-de eltip bermek hyzmatlary ýola goýlar. Şeýle hem wise-premýer mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde şu ýylyň 1-nji awgustyndan 5-nji sentýabryna çenli guramagyň teklip edilýändigini aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň dürli görnüşli harytlara bolan isleglerini yzygiderli öwrenip, içerki bazaryň bolçulygyny artdyrmagyň möhüm bolup durýandygyny nygtady. Täze okuw ýylyna taýýarlyk bilen bagly göçme söwda nokatlaryny guramak hem zerurdyr. Olar okuwçylar, talyplar üçin zerur harytlar bilen doly üpjün edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýurdumyzda “Gorkut ata” atly halkara kinofestiwaly geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi. Bu çäräni hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda çykaran Karary bilen tassyklanan meýilnama laýyklykda, şu ýylyň noýabrynda guramak meýilleşdirilýär.Bellenilişi ýaly, döredijilik çäresiniň çäklerinde TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretarynyň gatnaşmagynda türki döwletleriň kinematografiýa ulgamynyň ýolbaşçylarynyň maslahatyny geçirmek, Aşgabadyň kinoteatrlarynda we kinokonsert merkezlerinde festiwala gatnaşýan ýurtlaryň kinofilmleriniň görkezilişini guramak, daşary ýurtly meşhur artistler, režissýorlar bilen ussatlyk sapaklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Kinofestiwala gatnaşýan myhmanlaryň Arkadag şäherine, “Seýit Jemaleddin” ýadygärlikler toplumyna, 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen Änew şäherindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýine, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp görmekleri, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etmekleri meýilleşdirilýär.Halkara kinofestiwala daşary ýurtly myhmanlaryň guramaçylykly gatnaşmaklaryny üpjün etmek maksady bilen, döredijilik forumyny şu ýylyň 4-5-nji noýabrynda geçirmek baradaky teklip döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda köp sanly çäreleriň ýokary derejede guralýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda «Gorkut ata» halkara kinofestiwalyny geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýygyndy toparyny şu ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýolbaşçysynyň çakylygyna laýyklykda, Olimpiýa oýunlaryna ýurdumyzdan türgenler sportuň dzýudo, agyr atletika, ýeňil atletika we suwda ýüzmek görnüşleri boýunça gatnaşarlar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň 19 adamdan ybarat sport wekiliýetini ugratmak dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. 22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynda jemgyýetçilik birleşikleriniň, Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň ýolbaşçylarynyň, talyplaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu möhüm çäräni geçirmek babatda birnäçe teklipler hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda sport ulgamyny halkara derejede ösdürmek babatda uly tejribe toplandy. Türgenlerimiz dürli derejedäki ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak ýurdumyzyň milli ýygyndy toparyny dabaraly ugratmak çäresine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Meýilnamany taýýarlamak meselesi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda ýurdumyzda ählumumy gün tertibinde strategik taýdan ähmiýetli bolup durýan meselelere, hususan-da, energiýa howpsuzlygyny berkitmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek, energiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly meselelere aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda dünýäde energiýa serişdelerine islegler barha artýar. Munuň özi ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly derwaýys meseleleriň çözülmegini şertlendirýär.Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny we “Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýany” durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şeýle hem howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyndan, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan gelip çykýan ýurdumyzyň borçlaryny üstünlikli ýerine ýetirmek babatda zerur çäreler görülýär. Bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan halkara derejede alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak maksady bilen, birnäçe teklipler taýýarlanyldy.Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Meýilnamanyň taslamasyny işläp düzmek teklip edilýär. Şu maksat bilen, ugurdaş halkara guramalar, maliýe institutlary, ylmy-barlag merkezleri we düzümler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.Şu ýylyň sentýabr aýynyň birinji ýarymynda meýilnamanyň taslamasyny taýýarlamak meselelerini halkara derejede ara alyp maslahatlaşmak üçin BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariatynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, Senagat ösüşi boýunça guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ählumumy ekologiýa gaznasynyň, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologik merkeziniň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara maslahaty guramak teklip edilýär. Mundan başga-da, şu ýylyň sentýabr aýynyň ikinji ýarymynda Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA) ýolbaşçylary bilen gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýetini Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine iş saparyna ugratmak teklip edilýär.Ýurdumyzyň ykdysadyýetine gaýtadan dikeldilýän energetika boýunça ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanýan maýa goýumlary çekmek babatda şu ýylyň 19-20-nji sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek baradaky teklip beýan edildi. Meýilnamanyň taslamasyny taýýarlamak üçin degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş toparyny döretmek teklip edilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmäge uly üns berilýändigini belledi. Ýurdumyzda Gün hem-de ýel energiýasyny ulanmak babatda oňyn şertler bar. Döwletimiz bu ugurda halkara guramalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça meýilnamany işläp taýýarlamakda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

19 Iýl 2024
Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-NIŇ ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.ÝUNISEF-niň wekili wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, soňky ýyllarda ençeme bilelikdäki möhüm taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigini nygtady.Hormatly Prezidentimiz Jalpa Ratnany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, ilki bilen, ony BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, jogapkärli wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Nygtalyşy ýaly, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we ýokary netijeli häsiýete eýedigi aýratyn bellenildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2024 — 2026-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy. Bu bolsa ÝUNISEF bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýediginiň güwäsidir.Häzirki wagtda hyzmatdaşlygymyz 2021 — 2025-nji ýyllar üçin degişli Maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýar. Şu ýyl ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary bilen ýyllyk iş meýilnamalarynyň 10-syna gol çekildi. Bu resminamalar, hususan-da, çagalaryň saglygyny goramak, olaryň iýmitlenmegi, irki ösüşi, durmuş goraglylygy we inklýuziw bilim almagy babatda hyzmatdaşlygy öz içine alýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda çagalary goramagyň hukuk binýadynyň hem yzygiderli kämilleşdirilýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy. Söhbetdeşler bilelikdäki işiň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen, çagalara immunizasiýa etmek üçin sanjym serişdelerinidir enjamlary satyn almak babatda ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini aýratyn nygtadylar.Çagalar hakda alada, sagdyn we giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala getirmek biziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatymyzyň baş maksatlarynyň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Çagalara we ýetginjeklere hossarlyk etmegiň, olary aýratyn üns-alada bilen gurşap almagyň ähmiýeti örän uludyr. Gazna döredilenden bäri saglygy goraýyş merkezlerinde howandarlyga mätäç näsag çagalara köp sanly operasiýalar geçirildi. Mundan başga-da, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň hassahanalaryna gaznanyň adyndan “Tiz kömek” awtoulaglary, döwrebap lukmançylyk enjamlary yzygiderli berilýär.Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, ÝUNISEF-niň täze wekili hanym Jalpa Ratna berk jan saglyk we işinde üstünlikleri arzuw etdi.* * *Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Serdar BerdimuhamedowaSiziň Alyhezretiňiz!Hanym Jalpa Ratnany ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili hökmünde Size tanyşdyrmak hormatyna eýediris. ÝUNISEF-niň wekilhanasynyň ýolbaşçysy hökmünde hanym Jalpa Ratna BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistanda alyp barýan işi üçin umumy jogapkärçilik çekýär. Ol öz üstüne ýüklenen wezipäni milli hyzmatdaşlar bilen ýakyn gatnaşykda ýerine ýetirer.Biz hanym Jalpa Ratnanyň hünär başarnyklaryny we ýokary şahsy häsiýetlerini özüne ynanylan wezipäni üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirjekdigine ynam bildirýäris. Şeýle hem biz onuň bu wezipä bellenilmeginiň Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasynda çagalary, ýaşlary we zenanlary goldamaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine berk ynanýarys.Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!Ketrin Rassel,BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory.

17 Iýl 2024
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doganlyk ýurduň Baştutany Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Şunda Gazagystanda Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Nurlan Nogaýewi jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de Gazagystan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Nygtalyşy ýaly, iki döwletiň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir.Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de ilçi Türkmenistan bilen Gazagystanyň medeni, taryhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanyp, hyzmatdaşlygyň berk binýadyny kemala getirendiklerini, onuň häzirki wagtda döwletara hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara düzümleriň, GDA-nyň giňişliginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, sebit mehanizmleriniň, hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň we “Merkezi Aziýa +” hyzmatdaşlyk formatynyň çäklerinde tagallalaryň üstünlikli utgaşdyrylýandygy aýdyldy.Söwda-ykdysady gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Energetika, ulag ulgamlaryny geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezmek bilen, hormatly Prezidentimiz we diplomat iki ýurduň tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlarynyň, geografik aýratynlyklarynyň bu ugurlarda özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtadylar.Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi hem bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýandygyny aýtdy. Şeýle-de ýakynda Aşgabatda açylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda meşhur gazak kompozitory we sazandasy Kurmangazy Sagyrbaýulynyň heýkeliniň oturdylandygy bellenildi.Duşuşygyň dowamynda yzygiderli guralýan bilelikdäki döredijilik forumlarynyň bu ulgamda gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändiginiň aýdyň görkezijisidigine üns çekildi. Hususan-da, şu ýylyň 25 — 27-nji iýunynda Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigi, 4-nji iýulda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Astana şäherine saparynyň çäklerinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň dabaraly ýagdaýda açylandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Bularyň ählisi ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalşylýandygynyň aýdyň mysalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Gazagystanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Nurlan Nogaýew duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de işinde üstünlikleri arzuw edendigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene bir gezek hoşallygyny beýan edip, ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynandyrdy.* * *Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Serdar BerdimuhamedowaSiziň Alyhezretiňiz!Halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak syýasatyna eýerip, şeýle hem Gazagystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Nurlan Nogaýewi Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan hem-de Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine ynanmagyňyzy haýyş edýärin.Kasym-Žomart Tokaýew,Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

17 Iýl 2024
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.Hökümet mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berildi. Ol 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda görlen çäreleriň netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, gurluşykda 9,3 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 7,3 göterime, söwdada 7,8 göterime, oba hojalygynda 5,8 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artdy. Şu ýylyň birinji ýarymy boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,1 göterim köpeldi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda we doly maliýeleşdirildi. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.Maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew hasabat döwründe Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlar hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 102,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,7 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 101,4 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,2 göterim berjaý edildi. Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda balans toparlarynyň jemi 44, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 38 mejlisi geçirildi. Bu mejlisleriň barşynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijelerine seredildi. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 20,8 göterim artdy we jemi içerki önümiň 17,3 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 48,5 göterimi önümçilik, 51,5 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Şeýle hem şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň görkezijileri barada aýdyldy.Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu ýylyň birinji ýarymynda senagat ulgamynda durnukly ösüş gazanyldy. Hususan-da, 40230,1 million kub metr tebigy gaz, 4163,7 müň tonna nebit çykaryldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebit bitumynyň öndürilişi 13,2 göterim, mazut boýunça 31,7 göterim, aýna listi boýunça 7,9 göterim, sement boýunça 6,8 göterim, tutulan balyklar boýunça 34,2 göterim, gaýtadan işlenen hem-de gaplanan balyk we balyk önümleri boýunça 16,5 göterim, süýt önümleri boýunça 14,1 göterim, mesge ýagy boýunça 10,8 göterim, süýji-köke önümleri boýunça 5,6 göterim ösüş gazanyldy. Ulag-kommunikasiýa pudagynda-da öňegidişlikler gazanyldy. Ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberiniň artmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 12,7 göterim artdy. Oba hojalygynda şu ýylyň alty aýynda, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen gök önümler 7,4 göterim, ýeralma 11,4 göterim, miwe we ir-iýmişler 1,2 göterim, süýt 0,5 göterim, diri agramdaky etiň öndürilişi 0,6 göterim ýokarlandy.Ýanwar — iýun aýlarynda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem oňyn netijeler gazanyldy. Şunda ýüpek matalar 1,4 göterim, süýji-köke önümleri 5,9 göterim, mesge ýagy 15,3 göterim, süýt önümleri 14,5 göterim, unaş önümleri 64,1 göterim, çörek we çörek önümleri 7 göterim, gök önümler 9,3 göterim, ýeralma 5,8 göterim, süýt 0,5 göterim artdy.Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy statistika ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek we ulgama döwrebap usullary girizmek bilen, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada-da hasabat berdi.Soňra Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow 2024-nji ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bank ulgamy tarapyndan ykdysadyýete karzlaryň gönükdirilmegi dowam etdirildi. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň banklary tarapyndan hususy ulgama berlen karzlaryň umumy möçberi artdy. Şunuň bilen birlikde, kiçi we orta telekeçiligi goldamak üçin ýeňillikli karzlaryň, hususy oba hojalyk önümlerini öndürijilere gönükdirilen karz serişdeleriniň görkezijisi ýokarlandy. Şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen ipoteka karzlarynyň galyndysy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,4 göterim artdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan şu ýylyň alty aýynyň önümçilik meýilnamalarynyň, kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan çäreleriň, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişini seljermegi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, salgytlaryň doly hem-de wagtynda tölenmegine, býujet serişdeleriniň rejeli, maksadalaýyk sarp edilişine gözegçiligi güýçlendirmek babatda görkezme berildi. Şu ýylyň ahyryna çenli Döwlet býujetiniň girdejiler we çykdajylar bölegini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Geljek ýylyň býujetini oýlanyşykly hem-de öz wagtynda düzmegi üpjün etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.Halkara tejribeden ugur alyp, býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, kärhanalaryň önümçilik kuwwatynyň ulanylyşyny gözegçilikde saklamak, ykdysadyýetde puluň kadaly dolanyşygyny gazanmak, milli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegiň çeşmelerini yzygiderli öwrenmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça banklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, karzlaryň maksadalaýyk peýdalanylyşyny üpjün edip, onuň netijeliligini artdyrmak zerurdyr. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz milli puluň hümmetini durnukly saklamak boýunça hemişe degişli işleri geçirmegi, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin netijeli işleri alyp barmagy tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz biziň alyp barýan syýasatymyz bagtyýar raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendir diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak hem-de olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.Wise-premýer nebit we gaz kondensatyny çykarmak ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berip, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan meýilnamanyň 102,9 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy. Döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,9 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 106,3 göterim, dizel ýangyjynyň meýilnamasy 100,1 göterim, polipropileni öndürmegiň meýilnamasy 107,9 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 116,7 göterim berjaý edildi. Şeýle-de suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermek babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şoňa görä-de, topluma degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we toplumlaýyn çäreleri görmegi dowam etdirmek, Hazar deňziniň sebitinde uglewodorod serişdelerini gözlemek we özleşdirmek üçin daşary ýurt kompaniýalaryny çekmek, türkmen geologlary tarapyndan uglewodorod serişdeleriniň geljegi uly bolan gatlaklaryny gözlemek, barlamak işlerini netijeli dowam etdirmek, ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini gözlemek, ýüze çykarmak, özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de güýçlendirmek we bu işlere halkara tejribäni giňden ornaşdyrmak zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu işlere berk gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynyň şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alyp baran işleriniň jemleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 112,7 göterim boldy.Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň birinji ýarymynda önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 107,8 göterim berjaý edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň möçberi 880 million manada deň boldy. Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 108,4 göterim, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan 132,6 göterim berjaý edildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 106,3 göterime, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça 112,7 göterime deň boldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň bökdençsiz işledilmegini gazanmak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, himiýa kärhanalaryny doly kuwwatynda işletmek, täze önümçilikleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň möhümdigi nygtaldy. Ylmyň hem-de tehnologiýalaryň iň täze gazananlary esasynda senagat, gurluşyk önümçiliginiň täze, döwrebap bilelikdäki kärhanalaryny döretmek zerurdyr.Şeýle-de wise-premýere elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak, utgaşykly dolanyşykda işleýän täze elektrik stansiýalaryny gurmak, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýlaryny gowulandyrmak boýunça işleri netijeli dowam etdirmek tabşyryldy. Şunuň bilen birlikde, döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň gurluşygyny alyp barmak, awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek möhümdir. Şu ýylyň ahyryna çenli açylmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň bellenen möhletlerde, ýokary hilli ulanmaga tabşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew söwda we dokma toplumynyň ministrliklerinde, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,1 göterime, önüm öndürmegiň ösüşi bolsa 104,5 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda taýýarlanan önümleriň, şol sanda nah ýüplügiň, matalaryň önümçiliginiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, degişlilikde, 133,5 we 122 göterime deň boldy. Tikin, trikotaž önümleriniň ösüşi 104,4 göterime, gön önümçiliginiň ösüşi bolsa 118 göterime barabar boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda haly önümçiliginiň meýilnamasy 101,3 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasynda hasabat döwründe söwda geleşikleriniň 147-si geçirilip, şolarda 14 müň 40 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 111,4 göterime deň boldy. Hasabat döwründe 12 sergi we 65 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň ösüşi şu ýylyň geçen alty aýynda 112,1 göterime, senagat önümçiligi bolsa 103,2 göterime barabar boldy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, başga işe geçmegi sebäpli, R.Rejepowy Türkmenistanyň dokma senagaty ministri wezipesinden boşatdy we bu wezipä N.Orazgeldiýewi belledi.N.Orazgeldiýew bildirilen uly ynam üçin hoşallyk bildirip, täze wezipede mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.Soňra döwlet Baştutanymyz O.Işangulyýewany, pensiýa gitmegi sebäpli, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy wezipesinden boşatdy we bu wezipä Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesinde işleýän A.Durdyýewany belledi.A.Durdyýewa bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, täze wezipede netijeli işlemek üçin ähli bilimini, güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýüzlenip, içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin söwda toplumynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Dokma önümleriniň hilini, möçberini, daşarky bazarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak babatda toplumlaýyn çäreleri görmek, dokma, haly we haly önümleriniň elektron söwdalaryny guramak üçin bu işe sanly ulgamy ornaşdyrmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hususy bölegiň işini giňeltmek boýunça netijeli işleri dowam etdirmek, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini has netijeli guramak zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öndürilýän önümleri mahabatlandyrmak bilen, daşary döwletlerde söwda öýlerini açmak boýunça meseleleriň üstünde işlemegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Ýylyň birinji ýarymynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar, Gündogaryň beýik akyldary, türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, medeni-durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli dürli dabaralar, forumlar, konsertler guraldy. Şunuň bilen birlikde, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenip, ýeňijileri sylaglamak dabaralary geçirildi. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwlet sirkine, aýry-aýry professional sirk döredijilik toparlaryna “Milli” hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri tassyklanyldy. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy”, “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaplarynyň, akyldar şahyrymyzyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgulary ýerleşdirilen “Magtymguly” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary guraldy.Ýylyň başyndan bäri Medeniýet ministrligi tarapyndan “Türkmen keçesi” we “Arkadag hem Pyragy — köňüller şamçyragy” atly kitaplar, “Arkadag pähiminden dörän seýilgäh” atly kitapça we “Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň döwlet reýestri” çapa taýýarlanyldy we neşir edildi. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasy geçirildi. Oňa birnäçe abraýly guramalaryň ýolbaşçylary we resmi wekiliýetleri gatnaşdylar. Şol döwürde daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi.Hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäheriniň açylyşynyň bir ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy, «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň welaýatlar we Arkadag şäheri boýunça jemleýji tapgyrlary geçirildi. Şunuň bilen birlikde, Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň we onuň çäklerinde dürli çäreleriň üstünlikli geçirilendigi barada aýdyldy. Hasabat döwründe türkmen hünärmenleri daşary ýurtlarda iş saparlarynda bolup, şol ýerlerde geçirilen halkara medeni çärelere gatnaşdylar. Täjigistan Respublikasynda, Ýaponiýada, Gazagystan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi.Şeýle-de şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýurdumyzyň teatrlarynyň, Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, kinoteatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň, Döwlet habarlar agentliginiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, saglyk ýagdaýy sebäpli, A.Aşyrowy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşatdy. Bu wezipä «Aşgabat» teleýaýlymynyň başlygy wezipesinde işlän M.Rejepow bellenildi.Hormatly Prezidentimize bildiren uly ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, M.Rejepow Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Ol döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.«Aşgabat» teleýaýlymynyň başlygy wezipesine S.Begenjow bellenildi. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ş.Purmämmedowy «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşatdy. Bu teleradioýaýlymyň başlygy wezipesine Ý.Kasymow bellenildi. Döwlet Baştutanymyz wezipä täze bellenen ýolbaşçylara üstünlikleri arzuw edip, degişli resminamalara gol çekdi.Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýüzlenip, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmek boýunça, şeýle hem halkymyzyň gadymy mirasyny, şan-şöhratly taryhyny ylmy taýdan düýpli öwrenmek, gorap saklamak, dünýä ýaýmak boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň işini talabalaýyk guramagyň hem-de kämilleşdirip durmagyň möhümdigine üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz döwrebap, many-mazmunly täze filmleri surata düşürmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak üçin netijeli işleri ýola goýmak, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümçilik kuwwatyny netijeli ulanmak hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Wise-premýere ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyna gowy taýýarlyk görmek tabşyryldy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow şu ýylyň birinji ýarymynda bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, bilim işini döwrebaplaşdyrmaga, bilim edaralaryny neşir önümleri bilen üpjün etmäge gönükdirilen çäreler dowam etdirildi. Geçen döwürde halkara ders bäsleşikleriniň, olimpiadalaryň geçirilýän merkezi hökmünde eziz Watanymyzyň abraýy has-da pugtalandy. Okuwçylar we talyp ýaşlar halkara ders, internet bäsleşiklerinde jemi 156 altyn, 242 kümüş, 339 bürünç medal gazandylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, “Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama” hem-de “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” tassyklanyldy. 1-nji synpa kabul ediljek çagalara sowgat beriljek noutbuk kompýuterleri bilen bagly degişli işler häzirki wagtda tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.2-nji iýunda tomusky dynç alyş möwsümine badalga berlip, Gökderedäki, Awazadaky, welaýatlardaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde jemi 11 müňe golaý çaga dynç aldy. Ylym ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär, ylmy barlaglaryň netijeliligi ýokarlandyrylýar, ileri tutulýan ugurlar boýunça alymlary we ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak işi dowam etdirilýär. “Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy”, Ylmy iş hakynda ylmy maksatnamalary (taslamalary), meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagy guramagyň we geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy. Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezi döredildi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk derejesi berildi.Şu ýylyň birinji ýarymynda halkara ylmy forumlaryň birnäçesi geçirildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, tanyşdyrylyş dabaralary guraldy.Hasabat döwründe öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Ýurdumyzyň raýatlarynyň derman we sarp ediş serişdeleri bilen elýeterliligi halkara talaplara laýyklykda üpjün edildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler geçirildi. Gazna tarapyndan ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralaryna gemodializ enjamlary sowgat berildi. Täze ylmy-kliniki merkezleriň gurluşyk işleri güýçli depginde alnyp baryldy. Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi ulanmaga berildi.Wise-premýer sport ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça çäreleriň dowam etdirilýändigini aýtdy. Hokkeý boýunça geçirilen halkara ýaryş, Aşgabat şäheriniň “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň sport abraýyny has-da pugtalandyrdy. Bütindünýä saglyk güni, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi. Hasabat döwründe türgenlerimiz 122 altyn, 103 kümüş, 136 bürünç medal gazandylar. Aziýanyň tennis federasiýasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edildi hem-de degişli güwänama gowşuryldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, N.Amannepesowy, başga has jogapkärli işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Bellenilişi ýaly, N.Amannepesow saglygy goraýyş ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda toplan tejribesini täze gurulýan halkara merkezlerde netijeli ulanar.Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary wezipesine B.Orazdurdyýewany belläp, ony bilim ministri wezipesinden boşatdy.B.Orazdurdyýewa hormatly Prezidentimize bildiren uly ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu ulgamlaryň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli çäreleri görjekdigine ynandyrdy. Ol Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmenistanlylaryň abadançylygy ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.Bilim ministri wezipesine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesinde işlän J.Gurbangeldiýew bellenildi.Bilim ministrliginiň täze ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza bildiren uly ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu ulgamyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. J.Gurbangeldiýew hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesine G.Ýusupowany belläp, ony şu ýokary okuw mekdebiniň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşatdy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory wezipesine O.Öwezsähedow bellenildi.Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, P.Orazowy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşatdy. Şu institutyň rektory wezipesine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň prorektory wezipesinde işleýän B.Mämmedow bellenildi.Döwlet Baştutanymyz täze bellenen ýolbaşçylara üstünlikleri arzuw edip, degişli resminamalara gol çekdi.Hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda 2024-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda; ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakynda; 2024-2025-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruklara gol çekip, okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etdi.Soňra wise-premýeriň we bu ulgamyň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Täze okuw ýylyna gowy taýýarlyk görmek, orta we ýokary okuw mekdeplerinde abatlaýyş işlerini geçirmek, ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmek, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmak esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi. Şeýle hem bilim maksatnamalarynydyr meýilnamalary kämilleşdirilmelidir, mekdepler okuw kitaplary, gollanmalar bilen ýeterlik möçberde üpjün edilmelidir.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda hyzmatlary ýokary hilli ýola goýmagyň, lukmanlaryň tejribesini artdyrmak üçin amaly-tejribe saparlaryny guramagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem derman senagatyny has-da ösdürmek, ilaty ýokary hilli derman we saglygy goraýyş serişdeleri bilen doly üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz sport desgalaryny netijeli dolandyrmak, ýaşlary bedenterbiýe, köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek boýunça netijeli işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy ylym babatda ösen döwlete öwürmek üçin ylmy-barlag işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek möhümdir.Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 116,8 göterime deň boldy. Şu ýylyň birinji ýarymynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary boýunça ýük daşamagyň ösüş depgini 105 göterim, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 103,4 göterim berjaý edildi.Ýanwar — iýun aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 105,1 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 149,4 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 109,7 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 112,7 göterime deň boldy.“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri çözmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada-da aýdyldy. BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde pudagara elektron maglumat alşygy ulgamyny ornaşdyrmak babatda degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Hasabat döwründe halkara forumlaryň we bilelikdäki iş toparlarynyň mejlisleriniň birnäçesi geçirildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag we kommunikasiýalar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak, hilini gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, howa menzilleriniň durkuny täzelemek, uçarlaryň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleri geçirmek, demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek babatda degişli çäreleri görmek tabşyryldy. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň kuwwatyny doly güýjünde ulanmak möhümdir. Hormatly Prezidentimiz aragatnaşyk ulgamyny hem döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyryp durmagyň wajypdygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Soňra ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri hasabatlar bilen çykyş etdiler.Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli goldawlaryndan ruhlanan welaýatyň babadaýhanlary şu ýyl Watan harmanyna 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Häzirki wagtda ýygnalan hasyly galla kärhanalaryna daşamak, bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnamak, şol önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek, bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk işleri dowam edýär.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow şu ýylyň birinji ýarymynda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatyň zähmetsöýer daýhanlary 80 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny öndürip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Şu günler ýygnalan bugdaý hasylyny elewatorlara we ammarlara daşamak, galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek we indiki ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatyň “ak altyn” meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bu ekinleriň güýzki möwsümde ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär.Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu ýyl welaýatyň edermen gallaçylary tarapyndan Watan harmanyna 270 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy. Häzirki wagtda orakdan boşan ýerleri geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlamak üçin sürüm geçirmek, tohum taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri dowam edýär. Ilaty ýurdumyzda öndürilýän ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda bu ekinleriň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär.Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda üstünlikli durmuşa geçirýän işlerinden ruhlanan welaýatyň gallaçy babadaýhanlary şu ýyl 310 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýygnap, bu babatdaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Häzirki wagtda welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny elewatorlara we ammarlara daşamak, ýerleşdirmek, galla kärhanalarynda talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler geçirilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm işleri dowam edýär. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Sebitde ýetişdirilen ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda welaýatda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.Hasabatda nygtalyşy ýaly, şu ýyl welaýatyň gallaçy daýhanlary 345 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýetişdirip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Häzirki wagtda ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, tabşyrylan hasyl üçin bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. 2025-nji ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, meýdanlary, ýokary hilli bugdaý tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümleri içerki bazarlarymyzda ilata ýetirmek, güýzki möwsümde oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Sebitde gant şugundyrynyň ekişini talabalaýyk geçirmek, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak boýunça hem zerur işler alnyp barylýar.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi. Ol hasabatyny ýurdumyzyň gallaçylary tarapyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň öndürilip, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habardan başlady. Wise-premýer oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek babatda berýän uly goldawy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.Soňra wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeler, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 124 göterime barabar boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 100,7 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 105,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 138,8 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100,7 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 221,9 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 108,4 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 104,1 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 110,3 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,3 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 475,7 göterim ýerine ýetirildi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak, olary talabalaýyk ýerleşdirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwlaryny tutmak işleri dowam etdirilýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek hem-de welaýatlarymyzyň maldarçylyk hojalyklarynda mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça degişli işler geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmak maksady bilen, suw howdanlaryna suw toplamak, derýalaryň kenarlaryny berkitmek işleri alnyp barylýar.Döwlet Baştutanymyz wise-premýer T.Atahallyýewe, oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlerine ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny”, şeýle hem Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtady.Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda, şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň we beýleki durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmegiň, şäherleriň binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmagyň, ilatyň ýaşamagy, zähmet çekmegi, dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek üçin ähli amatlyklary bolan binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, seýilgähleriň gurluşygyny dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Ilaty arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, abatlaýyş işlerini wagtynda geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýerli býujetiň doly we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, salgytlaryň, ýerli ýygymlaryň gelip gowuşmagyny gazanmak babatda görkezmeleri berdi.Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmegiň zerurdygyny nygtap, oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, gallanyň, gowaçanyň hasylyny artdyrmak babatda guramaçylyk we usuly işleri güýçlendirmegi tabşyrdy. Şeýle-de çörek we çörek önümleriniň, beýleki galla önümleriniň üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmagyň, ilaty azyk önümleri bilen doly üpjün etmegiň, azyk bolçulygyny döretmegiň, azyk senagatyna degişli kärhanalary döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işleri geçirmegiň zerurdygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz ýokary hilli, ekologik taýdan arassa azyk we beýleki oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, maldarçylyk, guşçulyk pudagyny ösdürmek üçin öňdebaryjy usullary ulanmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi, oba hojalyk pudagyna önümçilik-tehniki taýdan hyzmat etmek, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmak babatda alnyp barylýan işleri döwrebap ýola goýmagy tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz pagta we ýüpek, olary gaýtadan işlemekden alynýan önümler babatda geçirilýän işleri kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi.Oba hojalyk meýdanlaryny suwarmagyň hilini gowulandyrmak maksady bilen, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şu ýyl gowaçanyň bol hasylyny öndürmek üçin zerur işleri geçirmegiň, kärendeçilere, beýleki oba hojalyk önüm öndürijilere hemmetaraplaýyn ýardam bermegiň möhümdigini nygtady we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda gallanyň bol hasylynyň ýygnalandygyny, gallaçy daýhanlarymyzyň Watan harmanyna ýokary hilli bugdaý tabşyryp, guwandyryjy netijeleri gazanandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ýygnalan bol galla hasyly mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Hormatly Prezidentimiz galla hasylyny ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri bitiren, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren ussat gallaçy babadaýhanlarymyzy tüýs ýürekden gutlap, olara täze üstünlikleri arzuw etdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň birinji ýarymynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli işler geçirildi.Halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda we giňeltmekde ýokary derejedäki saparlardyr gepleşiklere aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz 9-njy maýda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli guralan dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Ýylyň başyndan bäri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerinde, Türkiýe Respublikasynda, Täjigistan Respublikasynda, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda, Eýran Yslam Respublikasynda, Gazagystan Respublikasynda saparlarda boldy. Hasabat döwründe Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy.Bellenilişi ýaly, 24-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň Hökümetleriniň ýolbaşçylary Aşgabada iş sapary bilen geldiler. Abraýly halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu ýyl BMG-niň, ÝHHG-niň, Halkara Syýahatçylyk Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki Döwletleriň Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarlary ýurdumyzda saparda boldular.Daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana hem-de ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary, halkara derejedäki gepleşikler we duşuşyklar dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň üsti 98 resminama bilen ýetirildi.Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Hasabat döwründe Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça ýokary wekili bilen gepleşikler geçirildi. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berlip, bu ugurda degişli çäreler görülýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny belläp, bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Milli ulag-logistika, ýangyç-energetika, suw we ekologiýa diplomatiýamyzy nazara alyp, dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen netijeli işleri dowam etdirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda ýurdumyzda geçirilmeli halkara çärelere gowy taýýarlyk görmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we wise-premýer, daşary işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 10-sy, şol sanda “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda”, “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, dürli ulgamlarda gatnaşyklary kadalaşdyrmaga gönükdirilen kanunlaryň birnäçesi döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirildi, Mejlisiň kararlarynyň 11-si kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri barada okuw sapaklary guraldy. Häzirki wagtda iş toparlarynda halkara tejribeden ugur alyp, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, Türkmenistanyň Býujet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine hem-de bedenterbiýe we sport, sportda dopinge garşy göreşmek, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, tohumçylyk işi bilen baglanyşykly birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam etdirilýär.13-nji iýulda Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk”, 2-nji “Bitaraplyk”, 6-njy “Köpetdag” saýlaw okruglarynda Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglary boýunça saýlawlaryň geçirilendigi barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça şu ýylyň birinji ýarymynda daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 9-syndan ynanç hatlary kabul edildi. Ýylyň başyndan bäri Mejlisde daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 26-sy geçirildi. Mejlisiň deputatlarydyr hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 64-sine gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 23-si guraldy. Şeýle hem deputatlaryň döwlet syýasatyny, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, wagyz etmek boýunça degişli işleri alyp barýandyklary barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmek boýunça işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň Kanunlarynyň 10-synyň kabul edilendigini, birnäçe kanunlara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň hukuk binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy.Soňra döwlet Baştutanymyz giňişleýin mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, oba hojalyk pudagynda 5,8 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime, söwda ulgamynda 7,8 göterime, gurluşykda bolsa 9,3 göterime deň boldy.“Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 15 milliard 420 million manatlyk düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21 göterim köpdür diýip, hormatly Prezidentimiz kanagatlanma bilen belledi. Diýarymyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 454 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Şeýle hem senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, beýleki desgalaryň gurluşyklary meýilnama esasynda alnyp barylýar.Nygtalyşy ýaly, geçen ýarym ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýeti durnukly ösdürildi. Bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli dürli harytlary öndürýän täze kärhanalary döretmek boýunça zerur işler alnyp baryldy, köp sanly täze senagat desgalary gurlup ulanmaga berildi. Şunuň bilen birlikde, ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň geçirilýändigi nygtaldy. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi artdyrylyp, pudaklara sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.Hormatly Prezidentimiz geljekki meýilnamalara ünsi çekip, şu ýylyň ikinji ýarymynda köp sanly möhüm halkara hem-de milli derejedäki çäreleriň meýilleşdirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlaryny, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyna üns çekildi.Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem geçiriler. Mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleri jemleniler, öňde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiň Ministrler Kabineti, häkimlikler, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge häzirden düýpli taýýarlyk görüp başlamagynyň zerurdygy nygtaldy. Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak, geçiriljek senesini kesgitlemek we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hem-de onuň düzümini tassyklamak barada Karar kabul etse, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanan, il içinde uly abraýdan peýdalanýan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak üçin hödürlemek hem-de resmileşdirmek boýunça işler degişli guramaçylyk topary tarapyndan alnyp barylmalydyr. Geçiriljek bu işler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, soňra bolsa Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda ýerine ýetirilmeli diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.Döwlet Baştutanymyz çykyşyny jemläp, ýurdumyz boýunça geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň umuman gowy bolandygyny aýtdy we ähli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geçen alty aýda edilen işleriň netijeleri boýunça ýakyn günlerde maslahatlary geçirmegi tabşyrdy.Oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berildi. Olaryň, hemişe bolşy ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, “Arçmanda” we “Ýyly suwda” ýa-da ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç alyp biljekdigi aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

12 Iýl 2024
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen gallaçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine

Hormatly hasyl ussatlary!Merdana gallaçy babadaýhanlar!Sizi bereketli türkmen topragyndan gallanyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasylyny ýetişdirip, şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli berjaý etmegiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ussat kärendeçilerimiziň, hususy önüm öndürijilerimiziň, mehanizatorlarymyzyň, alymlarymyzyň, bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri alyp barýan her bir adamyň agzybir hem-de yhlasly çeken zähmeti netijesinde şeýle belent sepgide ýetildi. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin gallanyň bol hasyly öndürilip, gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşinde welaýatlarymyzyň etraplaryndaky gallaçylyk hojalyklarynyň, hususy önüm öndürijileriň, öňdebaryjy gallaçy babadaýhanlaryň we ähli oba hojalyk işgärleriniň uly goşandy bardyr. Biz daýhanlarymyzyň öndürijilikli zähmet çekmekleri, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamaklary üçin giň mümkinçilikleri döredýäris.Edermen gallaçylar!Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşleriň täze belentliklerine göterilýän häzirki döwründe oba hojalygyny ýokary depginlerde ösdürmek we düýpli özgertmek, ony iň bir girdejili pudaklaryň birine öwürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen daýhanyna döwletimiz tarapyndan öndürijilikli işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürip, ýokary zähmet netijelerini gazanyp, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmekde we çalt depginde ösdürmekde, ene topragymyzyň berekedini artdyrmakda tutumly işler amala aşyrylýar. Eziz Watanymyzda düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, mähriban halkymyzyň yhlasly zähmet çekmegi, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin edilýän aladalaryň ählisi biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämiziň yzygiderli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir.Hormatly oba zähmetkeşleri!Siz sahawatly türkmen topragyndan bugdaýyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmek ugrunda gujur-gaýratyňyzy gaýgyrman zähmet çekýärsiňiz. Siziň çekýän halal zähmetiňiz netijesinde, ata-babalarymyzyň bize miras goýan kämil daýhançylyk tejribesi häzirki döwrüň ekerançylyk usullary bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, oba hojalygynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, gallaçylyk pudagynda hem uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň oba hojalyk pudagyny düýpli özgertmek, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny yzygiderli satyn almak, topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler bilen üpjün etmek hem-de ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Bu işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, daýhanlarymyzyň gazanýan ýokary netijeleri bizi örän buýsandyrýar. Biz şu ýyl bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhyny ýokarlandyrdyk. Ýurdumyzda däneçilik pudagyny ylmy esasda ösdürmek üçin ýörite Ylmy-barlag institutyny döretdik. Bugdaýyň bol hasyl berýän tohumlarynyň ekilmegini ýola goýduk. Munuň özi oba hojalyk önümçiliginiň, şol sanda onuň gallaçylyk pudagynyň yzygiderli ösdürilmegine, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna uly ýardam edýär.Galla — biziň baýlygymyz. Şoňa görä-de, siziň köp yhlas we zähmet siňdirilip ýetişdirilen galla hasylyny iň soňky dänesine çenli isrip etmän, doly ýygnap aljakdygyňyza hem-de täze ýylyň bol hasylynyň düýbüni şu günlerden mäkäm tutjakdygyňyza berk ynanýaryn.Hormatly hasyl ussatlary!Edermen gallaçy babadaýhanlar!Bereketli topragymyzda gallanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde tutanýerli zähmet çeken we ýokary netijeleri gazanan ussat gallaçylarymyzy hem-de oba hojalyk işgärlerimizi, ýetişdirilen galla hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almakda, ammarlara daşamakda yhlasly işlän kombaýnçylarymyzy, sürüjilerimizi, ähli watandaşlarymyzy gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata-babalarymyzyň şöhratly daýhançylyk däplerini dowam etdirip, berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.Türkmenistanyň PrezidentiSerdar BERDIMUHAMEDOW.

12 Iýl 2024
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyz boýunça galla öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilip, 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýetişdirilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň ösüşleriň aýdyň ýolunda mundan beýläk-de öňe gitmegi, türkmen halkynyň bagtyýar, asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan döwletli işleriňiziň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.Hormatly Prezidentimiz!Beýik özgerişler, belent maksatly işler diňe parahatçylygyň, asudalygyň dabaralanýan ýurdunda agzybir, jebis ýaşaýan zähmetsöýer halk bilen bilelikde amala aşyrylýar. Türkmen halky hem gadymyýetden bäri merdanalyk, tutanýerlilik, zähmetsöýerlik häsiýetleri bilen şöhratlanýar we täze taryhy döwrümizde-de mynasyp zähmet ýeňişlerini gazanyp gelýär. Muňa ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň, gallaçy daýhanlarynyň, hasyl ussatlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pagta, gök-bakja, miwe önümleri bilen birlikde, ak bugdaýyň bol hasylyny öndürmekde gazanýan ýokary netijesi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu zähmet ýeňşi Siziň ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek babatda edýän yzygiderli aladalaryňyzyň, ekerançylaryň mynasyp zähmet çekmekleri üçin döredilýän şertleriň anyk netijesidir. Edermen babadaýhanlarymyzyň köp yhlas siňdirip çeken zähmetiniň netijesinde öndürilýän bol bugdaý hasyly eşretli durmuşda ýaşaýan bagtyýar halkymyzyň halal ojaklarynyň berekedidir, bedew bady bilen öňe barýan berkarar döwletimiziň abadançylygynyň berk binýadydyr, gadymy topragymyzyň egsilmejek rysgal çeşmesidir.Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!Siziň «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak hakynda» gol çeken Permanyňyza laýyklykda, täze taryhy döwrümizde obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler öz mynasyp miwelerini berýär. Siziň degişli Kararyňyz esasynda 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň, pagtanyň satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy daýhanlary mundan beýläk-de yhlasly, öndürijilikli, netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Gallanyň we gowaçanyň, şalynyňdyr gant şugundyrynyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmek üçin tohumyň, döküniň, himiki serişdeleriň, tehniki hyzmatlaryň harajatlarynyň döwlet tarapyndan doly üpjün edilmegi, babadaýhanlara yzygiderli hemaýat-goldawlaryň berilmegi azyk bolçulygyny üpjün etmegiň girewidir.Sarpasy belent Prezidentimiz!Ýurdumyzda «Tohumçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we beýleki hukuk namalaryna laýyklykda hem-de halkara tejribelerden ugur alnyp, tohumçylyk işine möhüm ähmiýet berilýär. Ekinleriň seçgiçilik we tohumçylyk işleri boýunça ýerine ýetirilýän ylmy barlaglaryň kämilleşdirilmegi, alymlaryň bu ugurdaky tejribesini yzygiderli artdyryp, hünär derejesini ýokarlandyrmaklary oba hojalyk pudagynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirdi. Bu ugry ylmy taýdan öwrenmek maksady bilen, Ylmy-barlag däneçilik institutynyň, Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň, Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň işleriniň döwrebap ýola goýulmagy ýurdumyzyň alymlary üçin buýsançly waka boldy. Munuň özi ekinleriň ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, bol hasyl berýän görnüşlerini döretmek boýunça tohumçylyk we seçgiçilik işini has-da kämilleşdirmäge, oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmäge, önümçiligi täzeçe guramaga itergi berýär. Bu bolsa ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmäge oňyn şertleri döredýär.Ak bugdaýyň watanynda buýsançly zähmet çekýän türkmen daýhanlary öndürijilikli iş alyp baryp, toprakdan bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek bilen, ýurtda azyk bolçulygyny döretmäge uly goşant goşýarlar. Täze taryhy döwrümizde Türkmenistan guşgursak ak bugdaýy bilen diňe bir öz halkyny üpjün edýän ýurt bolman, eýsem, türkmen gallasyny daşary ýurtlara eksport edýän döwlete hem öwrüldi.Belent mertebeli Prezidentimiz!Sizi bereketli saçaklarymyzyň iň naýbaşy nygmaty — mukaddes çöregiň bolçulygyny döretmekde päk zähmet çekýän edermen gallaçylarymyzyň tutanýerli we joşgunly zähmeti bilen 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýetişdirilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!Sizi hormatlamak bilen,Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

12 Iýl 2024
Türkmenistanyň Prezidenti gallaçy daýhanlaryň zähmet ýeňşi baradaky hasabaty kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden ýurdumyzyň edermen gallaçy daýhanlarynyň bugdaý hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary kabul etdi. “Oguz han” köşkler toplumynda geçirilen dabarada Diýarymyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän bagtyýar çagalaryň buýsançnamalary aýratyn joşgun bilen ýaňlandy.Dabarada milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen oba hojalyk pudagynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere uly üns berýändigi, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, ýokary derejeli ýaşaýşy we öndürijilikli zähmeti ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri beýan edildi. Bellenilişi ýaly, obasenagat toplumynda gazanylýan üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda başyny başlan beýik özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler netijeli häsiýete eýe bolýar. Döwletimiz tarapyndan daýhanlara hemmetaraplaýyn goldaw berilýär, olar ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler bilen üpjün edilýär.Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, obalar, şol sanda ýurdumyzyň iň çetki sebitleri hem tanalmaz derejede özgerdi. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde durmuş, önümçilik maksatly desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Şol bir wagtyň özünde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda möhüm orny eýeleýän senagat toplumlary, medeni-durmuş maksatly desgalar, saglygy goraýyş edaralary, stadionlar, döwrebap sport toplumlary, täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary yzygiderli bina edilýär. Bu bolsa zähmetsöýer halkymyzy täze ýeňişlere, belent sepgitlere ruhlandyrýar. Oba zähmetkeşleri döredilýän ýokary derejeli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ajaýyp zähmet ýeňişlerini gazanýarlar. Bu bolsa Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna goşulýan mynasyp goşantdyr.“Oguz han” köşkler toplumynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň elleri bugdaý desseli hem-de däneden doly horjunly ýaşajyk wekilleri Arkadagly Gahryman Serdarymyza şanly waka mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdiler.Çagalar hormatly Prezidentimizi bereketli türkmen topragynda bol galla hasylyny ösdürip ýetişdiren daýhanlaryň öndürijilikli zähmetini, ýurdumyzda amala aşyrylýan asylly işleri wasp edýän goşgulary okadylar. Şahyrana setirlerde Watanymyzyň sahawaty, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şatlykly wakalary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler öz beýanyny tapýar.Ähli welaýatlaryň ýaşajyk wekilleri hormatly Prezidentimize ak bugdaýdan taýýarlanan sowgatlary gowşurdylar. Soňra döwlet Baştutanymyz çagalar bilen ýadygärlik surata düşdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew hormatly Prezidentimize ýurdumyzda bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habary ýetirdi. Wise-premýer döwletimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan bu şanly waka mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ähli oba zähmetkeşleriniň adyndan ýörite dokalan halyny sowgat hökmünde gowşurdy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gazanylan ajaýyp üstünlik bilen ýene-de bir gezek gutlady.Bu ýerde guralan dabara gatnaşýan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri hem daýhanlarymyzyň bu zähmet ýeňşi bilen hormatly Prezidentimizi gutladylar.Arkadagly Gahryman Serdarymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ussat gallaçy babadaýhanlarymyzyň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý edendiklerini belledi. Döwlet Baştutanymyz edermen gallaçylary, oba hojalyk işgärlerini gazanan bu üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara täze üstünlikleri arzuw etdi.Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hemmelere berk jan saglyk, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

12 Iýl 2024
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi.Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara, ammarlara daşamak, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek we ýerleri indiki ekiş möwsümine taýýarlamak, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumlaryny taýýar etmek boýunça işler dowam edýär. Döwlete tabşyrylan bugdaý üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek, bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk görmek işleri utgaşykly alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragynyň talabalaýyk geçirilmeginiň, gowaça meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Häkim hormatly Prezidentimiziň oba zähmetkeşleri üçin döredýän amatly şertlerinden ruhlanan welaýatyň daýhanlarynyň Watan harmanyna bugdaýyň bereketli hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine berýän yzygiderli ünsi üçin sebitiň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.Soňra häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy baradaky hasabatyny dowam etdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýygnalan hasyly elewatorlara we ammarlara daşamak, ýerleşdirmek, önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek boýunça degişli işler dowam edýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek, geljek ýylyň hasyly üçin ýokary hilli tohum taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça işler dowam edýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalardaky hem-de desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Balkan welaýatynyň gallaçylarynyň Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirendiklerini, munuň bolsa ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da berkitmekde möhüm ädimleriň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz gazanan bu zähmet ýeňşi bilen Balkan welaýatynyň edermen gallaçylaryny tüýs ýürekden gutlap, täze üstünlikleri arzuw etdi, şeýle-de welaýatyň ekerançylarynyň beýleki oba hojalyk ekinlerinden hem bol hasyl alyp, gowy netijeleri görkezjekdiklerine berk ynam bildirdi.Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.Ilki bilen, häkim hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça edýän taýsyz tagallalaryndan, yzygiderli goldawlaryndan ruhlanyp, tutanýerli zähmet çekýän welaýatyň gallaçy daýhanlarynyň Watan harmanyna 270 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habary aýtdy hem-de bagtyýar ýaşaýjylaryň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan etdi.Soňra häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara ýitgisiz daşamak, bugdaý oragyndan boşan meýdanlary sürmek, indiki ekiş üçin tohum taýýarlamak işleri bellenen talaplara laýyklykda alnyp barylýar. Bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnamak, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek, bu ekinleriň güýz möwsüminde ekilmeli ýerlerini taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şaly ekilen meýdanlarda ideg etmek we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär.Şeýle hem häkim welaýatda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Daşoguz welaýatynyň edermen gallaçylarynyň Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip, döwlet harmanyna 270 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyrandyklaryny belledi. Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynyň edermen gallaçylaryny bu gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlap, welaýatyň ähli zähmetkeşlerine täze üstünlikleri arzuw etdi hem-de sebitde beýleki oba hojalyk ekinlerinden hem bol hasyl almakda gowy netijeleriň gazanyljakdygyna berk ynam bildirdi.Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, ýerleşdirmek, bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak üçin sürüm işlerini geçirmek, tohum taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, talabalaýyk saklamak hem-de içerki bazarlarymyzy üpjün etmek, şu ýylyň güýz möwsüminde bu ekinleriň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý hasylynyň soňky dänesine çenli ýygnalyp alynmagyny, gowaça we şaly ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara daşamak, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumyny taýýarlamak, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu ekinleriň güýzki ekiljek ýerlerini möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bugdaý hasylynyň soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde, ýurdumyzyň gallaçy daýhanlary tarapyndan Watan harmanyna 1 million 200 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy. Ýurdumyzda häzirki wagtda galla oragy dowam edip, ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara, elewatorlara daşamak hem-de olary talabalaýyk ýerleşdirmek, önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, indiki ekiş möwsüminde ulanyljak bugdaý tohumyny taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda pagtaçy daýhanlar tarapyndan hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek, önümleri sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, şu ýylyň güýz paslynda bu ekinleriň ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynda bolsa güýzlük gant şugundyryny ekmek, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ussat gallaçylarymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylynyň soňky dänesine çenli ýygnalyp alynmagyny, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalyk işgärleriniň yhlasly zähmeti bilen ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilýändigini, bu ugurda gallaçy daýhanlarymyzyň alyp barýan işleriniň aýratyn bellenilmäge mynasypdygyny aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz häzirki wagtda jogapkärli möwsüm bolan galla oragynyň tamamlanyp barýandygyna ünsi çekip, edermen gallaçylaryň bugdaýyň her bir dänesini yrýa etmän ýygnap aljakdyklaryna berk ynam bildirdi.Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

08 Iýl 2024