Türkmenistanda
Ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasyndaky gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.Resminamalaryň sanawy:– Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama;– Türkmenistanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Amirabad portynyň arasynda doganlyk port gatnaşyklary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;– Tebigy gaz babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;– Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňemegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2025-2026-njy ýyllar üçin Maksatnamasy.

28 Awg 2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi, şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny dikeltmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler bilen gyzyklandy.Ir säher bilen Milli Liderimiz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde bina edilen täze şähere geldi. Häzirki döwürde bu ýerde döwrebap şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bir hatarda, türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgelerine laýyklykda, ynsanperwer ähmiýetli işlere-de möhüm üns berilýär. Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň rowaçlyklara beslenmegini şertlendirýär.Gahryman Arkadagymyz haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherindäki ştab-kwartirasynda bolup, bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, şäheriň häkimi G.Mämmedowanyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda şu ýylyň dowamynda degişli düzümler boýunça alnyp barylýan işler hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda işlenip taýýarlanan maksatnamalar barada habar berildi.Ilki bilen, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan meýilnamalaýyn işleri barada aýdylyp, şunda gaznanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we ony yzygiderli ösdürmegiň meselelerine aýratyn ähmiýet berildi. R.Bazarow hasabatynda kömege mätäç çagalaryň 400-den gowragyna degişli operasiýalaryň geçirilendigini, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň welaýatlarynyň çagalar sagaldyş merkezlerine haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “B.Braun” kompaniýasynyň dowamly böwrek keselinden ejir çekýän näsaglaryň saglygyny gowulandyrmaga ýardam berýän “Dialog+” kysymly gemodializ enjamlarynyň sowgat berlendigini aýtdy. Mundan başga-da, gaznanyň hasabyna dünýäniň birnäçe döwletiniň tebigy heläkçilikler zerarly ejir çeken çagalaryna ynsanperwerlik ýükleriniň ugradylandygy, ýurdumyzda bellenilýän şanly seneler mynasybetli çagalara ýörite sowgatlaryň gowşurylandygy barada hasabat berildi. Aýratyn-da, gaznanyň howandarlyk etmeginde, 14 ýaşa çenli çagalaryň arasynda yglan edilen “Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri” atly surat çekmek bäsleşiginiň ähmiýetli bolandygy nygtaldy.Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda alnyp barylýan asylly işleriň, aýratyn-da, ynsanperwer ýörelgeleriň adamlary belent maksatlara ruhlandyrýandygyny belledi. Döwletimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde amala aşyrylýan ýagşy dessurlar ösüp gelýän ýaş nesillerde watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ýörelgelerini, tebigata aýawly çemeleşmek endiklerini ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Häzirki wagtda döwlet derejesinde kömege mätäç çagalara goldaw bermek boýunça işler durmuşa geçirilýär, Bu işler ýaşlaryň döretmäge, ýokary derejeli hünär almaga höwesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.Milli Liderimiz çeper döredijilik bilen meşgullanýan çagalaryň çeken suratlaryny synlap, olarda gözel tebigatymyzyň, sahawatly türkmen topragynyň özboluşly aýratynlyklarynyň şekillendirilmeginiň ösüp gelýän ýaş nesilleriň Watanymyza, Diýarymyzyň özboluşly tebigatyna bolan söýgüsiniň we buýsanjynyň aýdyň beýanydygyny aýtdy we bu işleri yzygiderli dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Arkadagymyz öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Arkadag şäheriniň häkimi ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guraljak dabaralara taýýarlyk, şu ýyl 1-nji synpa kabul edilen çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterleri gowşurmak, Arkadag şäherindäki umumybilim berýän 1-nji orta mekdepde BMG-niň Çagalar gaznasynyň goldaw bermeginde Robototehnika bilim merkezini açmak dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Arkadag şäheriniň orta we ýörite orta okuw mekdeplerinde, şeýle-de ýokary okuw mekdebinde täze okuw ýylynyň ilkinji sapagynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanjakdygy barada aýdyldy.Türkmen halkynyň Milli Lideri gazanylýan üstünlikleriň, syýasy, jemgyýetçilik, halkara ähmiýetli wakalaryň Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň belende galýandygyny görkezýändigini belledi hem-de ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmekleri, döwrebap bilim almaklary, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary bilen baglanyşykly meselelere döwletimiz tarapyndan möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Meýilleşdirilen ähli çäreleriň, şol sanda Bilimler we talyp ýaşlar güni, Garaşsyzlyk baýramy, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli göz öňünde tutulýan medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz dabaralarda ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünlikleriniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy.Halk Maslahatynyň Başlygy Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan dabaralaryň giň gerime eýe bolýandygyna ünsi çekip, şanly sene mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynda umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasynyň geçirilmeginiň halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň, dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilýändiginiň beýanydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly döwletiň türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan welaýatynda ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň bina eden täze mekdebinde okajak okuwçylara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna kompýuterleriň gowşurylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Munuň özi halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň halkara derejede-de dabaralandyrylýandygynyň güwäsine öwrüler.Gahryman Arkadagymyz halkara hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, ýurdumyzda abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Şunda hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary, halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmaklary bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Şeýle çäreler ýaş nesilleriň zähmetsöýer bolup ýetişmekleri, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryny, sanly ulgamy ussatlyk bilen ele almaklary ugrunda edilýän aladanyň aýdyň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri, çeper döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin uly mümkinçilikler döredilýär.Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde sebitde ilkinji “akylly” şäher hökmünde ykrar edilen täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde durmuş maksatly binalar bilen bir hatarda, önümçilik toplumlarynyň gurluşyklaryna hem badalga berildi. Munuň özi Arkadag şäheriniň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň nobatdaky beýanydyr. Şeýle-de Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçiriljek “akylly” şäherleriň “World Smart Сity Eхpo” Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin türkmen wekiliýetiniň öňde boljak sapary barada habar berildi. Onda “akylly” tehnologiýalara esaslanýan Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri görkeziler. Seul şäherine şu ýylyň 1 — 7-nji sentýabry aralygynda boljak gulluk iş saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalary Koreýa Respublikasynyň lukmançylyk serişdelerini öndürýän kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirerler, ýurduň ugurdaş kärhanalarynyň işleri bilen tanşarlar.Geljegiň, döredijiligiň, ýaşlygyň şäheri hökmünde ykrar edilen we “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesine we ekologik talaplara laýyk gelmelidigini belläp, hormatly Arkadagymyz bu ýerde dünýäniň ösen tejribesiniň milli binagärlik ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmalydygyna ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Koreýa Respublikasynda geçiriljek Bütindünýä sergisi barada aýtmak bilen, onda Arkadag şäheriniň özboluşly ajaýyplyklarynyň ýokary derejede öz beýanyny tapmalydygynyň, ugurdaş düzümleriň wekilleri bilen duşuşyklaryň guralmagynyň, özara tejribe alşylmagynyň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ýurdumyzda ornaşdyrylmagy babatda zerur tagallalaryň edilmeginiň ähmiýetli boljakdygyny belledi.Mälim bolşy ýaly, Koreýa Respublikasy Türkmenistanyň işjeň gatnaşyk saklaýan hyzmatdaşlarynyň biridir. Häzirki döwürde paýtagtymyzda Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkezi hereket edýär we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde koreý dili öwredilýär. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurda sapara iberiljek wekiliýetiň düzümine ugurdaş düzümleriň agzalarynyň, bu ugur boýunça bilim alýan talyp ýaşlaryň goşulmagy ähmiýetli bolar. Alym Arkadagymyz munuň türkmen ýaşlarynyň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklaryna, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine giň ýol açjakdygyny aýdyp, bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.Lukman Arkadagymyz täze şäherde iň ýokary hilli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işe başlamagynyň ýurdumyzda hemaýata mätäç çagalara kömek etmek boýunça giň gerimli işleri ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berendigini belledi we bu babatda alnyp barylýan işler barada hasabat bermek üçin merkeziň direktory M.Öküzowa söz berdi.Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan işler bilen baglanyşykly meseleler baradaky hasabatyň çäklerinde bu ýerde näsag çagalaryň 20-ä golaý görnüşli bejergi alandyklary aýdyldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasatda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilmeginiň aýdyň netijesidir.“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şunda kömege mätäç çagalara hemaýat bermek, olaryň saglyklaryny berkitmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaş raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmegiň, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini gazanmagyň türkmen halkyna gadymdan mahsus ruhy-ahlak ýörelgelerdigini belläp, lukman Arkadagymyz jemgyýetimizde öňden kemala gelen durmuş ýörelgeleriniň yzygiderli wagyz edilmeginiň ähmiýetlidigine ünsi çekdi.“Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman saglygy goraýyş edaralary, kliniki we ylmy-kliniki merkezler bina edildi. Olarda alnyp barylýan bejergi işleri döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär. Şunda Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işini degişli derejede guramagyň zerurdygyny belläp, Milli Liderimiz bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda asylly işleri dabaralandyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde hemmelere rowaçlyklary arzuw etdi.

27 Awg 2024
Türkmenistanyň Prezidenti “Dragon Oil” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi.Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ikiçäk söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi. Garaşsyz Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri Milli Liderimiziň ady bilen berk baglanyşyklydyr.Döwlet Baştutanymyz işewüri myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerinde geçiriljek duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar köp ýyllaryň dowamynda özara düşünişmek, ynanyşmak, hormat goýmak esasynda yzygiderli ilerledilýär. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem BMG-niň, beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde alnyp barylýar.Ýangyç-energetika pudagy Türkmenistan bilen BAE-niň özara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz nebitgaz senagatynyň ýurdumyzyň iň depginli ösýän pudaklarynyň biridigini nygtady. Pudagy ösdürmegiň strategiýasy ýerli çig mal serişdelerini ulanmak arkaly milli ykdysadyýetimiz, eksport üçin önümleri öndürmäge gönükdirilendir. “Nebitgaz senagatyny ösdürmekde Birleşen Arap Emirlikleriniň baý tejribesi bar” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary bilen bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesiniň toplanandygyny kanagatlanma bilen belledi.Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini we ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Türkmenistanyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Nebitiň, gazyň gazylyp alynýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini, ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň, taýýar nebit, gazhimiýa önümleriniň eksportyny artdyrmak milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň hataryndadyr. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda işewürlik üçin döredilen amatly şertleri göz öňünde tutup, däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi we türkmen tarapynyň kompaniýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.Işewür bildirilýän ynam üçin hoşallygyny beýan edip, “Dragon Oil” kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirmegi üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

26 Awg 2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Arçman” şypahanasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenilýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň düzümleriniň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak meseleleri döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar.Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasyna geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli garşylanyldy.Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna şypahananyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary we ozal bar bolan desgalaryň durkuny täzelemegiň ugurlary, degişli düzümleriň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary görkezildi hem-de ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamalary barada hasabat berildi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, “Arçman” şypahanasynda täze bejeriş binasyny gurmak boýunça degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen guramaçylyk işleri geçirildi. Şeýlelikde, şypahananyň melhem suwly çeşmesiniň suw gorlary ylmy esasda öwrenildi, ony rejeli peýdalanmak babatda maslahatlar berildi. Täze bina gurlandan soňra, bu ýerde bejergi alýan adamlaryň sanyny has-da artdyrmak üçin mümkinçilik dörär. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda täze gurulmaly 400 orunlyk binanyň, durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň, şypaly suw bilen bejeriş binasynyň, daşky eltiji ulgamlaryň, şypaly suw içilýän binanyň, 300 orunlyk mejlisler otagynyň, 400 we 250 orunlyk naharhanalaryň, dermanlyk otlardan taýýarlanan dürli içgileri hödürleýän çaýhananyň, diş lukmanynyň otagynyň, anyklaýyş we fizioterapiýa, rentgen otaglarynyň taslamalary, ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän enjamlaryň görnüşleri, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar. Mundan başga-da, “Arçman” şypahanasynyň çäginde guruljak täze binanyň, durky täzeleniljek bejeriş otaglarynyň ýerleşdirilişi, ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň ugurlary, binalaryň bezeg aýratynlyklary, esasan-da, täze toplumyň merkezi girelgesi we onuň dolandyryş ulgamynyň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berildi.Lukman Arkadagymyz taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Täze binalary gurmak, desgalaryň durkuny täzelemek işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagy wajypdyr. Ýerli tebigatyň özboluşly aýratynlyklaryna, bu çägiň ekologik ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Binalaryň taslamalary taýýarlananda hut şu talaplardan ugur alynmalydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde duran wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli alnyp barylmagynyň häzirki döwrüň wajyp wezipesidigini belläp, bu işleriň depginini yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamyna degişli binalaryň taslamalary taýýarlananda-da, ýerli tebigy aýratynlyklar, olaryň ähmiýeti göz öňünde tutulmalydyr. Şunda şypahananyň çäkleriniň abadanlaşdyrylmagy, ýokary ekologik ýagdaýyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr.Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ulanyljak lukmançylyk enjamlarynyň döwrebap bolmalydygyny belledi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işlerinde hiç hili ownuk zadyň ýokdugyny aýdyp, toplumyň binalarynyň enjamlaşdyrylyşyna, olarda döredilýän mümkinçiliklere, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna, ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmegini, kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. Şypahananyň çäginiň ähli desgalarynyň gurluşygyna we bezeg işlerine bolşy ýaly, dynç almak üçin niýetlenen künjekleriň abadanlaşdyrylyşyna, bag nahallarynyň oturdylmagyna-da zerur üns berilmelidir. Şunda açyk meýdanda adamlaryň dynç almaklary üçin niýetlenen seýilgäh zolaklarynda şertleriň döredilmegi möhüm wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ähli meýilleşdirilen işler ylmy esasda, bu künjegiň tebigy aýratynlyklary nazara alnyp içgin öwrenilmelidir.Ýurdumyzda ynsan saglygynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, lukman Arkadagymyz jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramagyň wajyp wezipedigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, şypahana düzüminiň işini kämilleşdirmek meselelerine zerur üns berilmelidir. Döwletimiz öz raýatlarynyň saglygy hakynda hemişe alada edýär. Şunda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berk berjaý edilmegi saglygy berkitmegiň möhüm şerti bolup durýar. Iň esasysy bolsa, adamyň saglygy nesilleriň geljegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagydyr diýip, Milli Liderimiz belledi.Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülendigini belläp, lukman Arkadagymyz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän döwrebap şypahanalaryň ähli mümkinçilikleriniň halkymyzyň sagdynlygynyň berkidilmegine hyzmat edýändigini aýratyn nygtady. Munuň özi “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şypahanalarda raýatlarymyz saglygyny berkidýärler, döredilen mümkinçiliklerden we hyzmatlardan netijeli peýdalanýarlar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygyny aýdyňlygy bilen äşgär edýär.Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden lukman Arkadagymyz bu ýerleriň mineral suwlarynyň ýokary bejerijilik häsiýetine eýedigi hem-de onuň adam bedenine oňyn täsir edýändigi barada gürrüň berdi. Şeýle-de Milli Liderimiz şypahananyň tebigy aýratynlyklary, umuman, bu künjegiň ýakymly howa gurşawynyň özboluşlylygy hakynda aýdyp, onuň uly bejeriş güýjüniň bardygyny belledi we şypahananyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.Türkmen halkynyň Milli Lideri “Arçman” şypahanasyna saglygyny berkitmek üçin gelýän ildeşlerimiziň sanynyň yzygiderli artýandygy nazara alnanda, täze bejeriş binasynyň gurulmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi we gurluşyk işlerini ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

25 Awg 2024
«Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara

Hormatly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar!Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.Bagtyýar çagalygyň ýurdy, iň süýji arzuwlaryň, belent maksatlaryň hasyl bolýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan çagalar döwlet tarapyndan aýratyn uly üns-alada bilen gurşalýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap çagalar baglary, mekdepler, bedenterbiýe, sagaldyş-dynç alyş toplumlary gurlup, bagtyýar çagalaryň düýpli bilim almagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi, olarda ýokary ahlak sypatlarynyň kemala getirilmegi üçin amatly durmuş şertleri döredilýär. Türkmenistan çagalygy adamyň ömrüniň möhüm tapgyry hökmünde ykrar edýär we ösüp gelýän ýaş nesilleri jemgyýetimizde doly derejeli durmuşa taýýarlamagy, olarda döredijilik işjeňligini, ukyp-başarnyklary ösdürmegi, ýokary ahlak häsiýetlerini, watançylyk, raýatlyk duýgularyny terbiýelemegi ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitleýär.Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen «Türkmen Ekspo» kompaniýasynyň bilelikde guraýan bu sergi-ýarmarkasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň körpeler, mekdep okuwçylary, talyplar üçin niýetlenen ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, döwrebap önümleri, okuw esbaplary, elektron harytlary hödürleniler. Şeýle hem sergi-ýarmarkanyň çäklerinde bu ugurda iş alyp barýan kompaniýalara özara tejribe alyşmaga mümkinçilik dörediler. Çagalar üçin dürli ugurlarda ussatlyk sapaklarynyň guralmagy, innowasion işläp taýýarlamalar, täzelikler bilen tanyşdyrylmagy bolsa bu giň möçberli çäräniň ähmiýetini has-da artdyrar.Hormatly adamlar!Gadyrly myhmanlar!Häzirki döwürde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli we üstünlikli amala aşyrýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek, zenanlaryň, çagalaryň saglygyny, bähbitlerini hem-de hukuklaryny goramak ýaly örän möhüm ugurlar boýunça dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.«Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda çagalar hyzmatlary pudagynda işleýän kompaniýalara innowasion önümlerini we hyzmatlaryny görkezmäge mümkinçilik dörediler. Sergi-ýarmarkanyň dürli öwüşginli ekspozisiýalarynyň dünýäniň ýurtlaryndan halkara hyzmatdaşlaryň, maýadarlaryň, çagalar üçin önümler pudagynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekjekdigine berk ynanýaryn.Bu halkara çäre Türkmenistanyň medeni we işewürlik durmuşynda möhüm waka öwrüler. Çünki ol diňe bir işewürleriň mümkinçiliklerini görkezmekleri üçin ajaýyp meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ene-atalar we çagalar üçin hem özboluşly baýramçylyk çäresi bolar.Hormatly sergi-ýarmarka gatnaşyjylar!Gadyrly dostlar!Sizi «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň PrezidentiSerdar Berdimuhamedow.

19 Awg 2024
Adam hakynda alada — durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş maksady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda «Arçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow bilen duşuşdy we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklandy. Lukman Arkadagymyz gür baglyga bürenen, ekologik taýdan amatly howa gurşawy bolan şypahananyň çäginde agtyjaklary hem-de çowlugy bilen gezelenç etdi.“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir güni Watanymyz üçin taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Şunda demokratik ýörelgeleriň pugtalandyrylmagyna, adam hukuklarynyň goralmagyna, raýat jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn kämilleşdirilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşmak bagtynyň miýesser etmeginiň özi üçin belent mertebedigini aýtdy we häzirki döwürde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle-de oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy boýunça geçiriljek halkara foruma, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli dabaralaryň çäklerinde guralmagy meýilleşdirilýän “Döwürleriň hem-de medeniýetleriň özara baglanyşygy — häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahata, Garaşsyzlyk baýramynyň çäklerinde geçiriljek Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatyna, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe görülýän taýýarlyk işleri hakynda aýdyldy.Milli Liderimiz türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhyň dowamynda döwleti dolandyrmak babatda toplan tejribesine we häzirki zamanyň oňyn ýörelgelerine esaslanýan Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetine ünsi çekdi. Şunda hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, nobatdaky umumymilli forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, onda kabul ediljek çözgütleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi wajyp wezipeler hökmünde kesgitlenildi.Gahryman Arkadagymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýurdumyzyň obasenagat toplumyna degişli düzümleriň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri bilen bilelikde, şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahatyň guramaçylygyna möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Munuň özi obasenagat pudagynda dünýäniň ösen tejribesiniň özleşdirilmeginde, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalary boýunça tejribe alyşmakda ähmiýetlidir.“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly seneleriniň biri hökmünde ykrar edilen akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň çäklerinde geçiriljek “Döwürleriň hem-de medeniýetleriň özara baglanyşygy — häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatyň ýokary derejede geçirilmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belläp, Milli Liderimiz türkmen halkynyň meşhur şahsyýetiniň hormatyna guralýan çärelerde halkymyzyň milli sungatynyň, döredijilik mümkinçilikleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi.Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary ýörelge edinýän döwlet syýasatynda adam saglygy, onuň bagtyýar durmuşy baradaky aladanyň möhüm orun eýeleýändigini aýdyp, lukman Arkadagymyz Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk işleriniň ýokary derejede alnyp barylmagy barada tabşyryklary berdi.Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty hakynda aýdylanda, ýurdumyzda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu forumyň guramaçylyk derejesine zerur üns berilmelidigini belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow onuň dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilmegine ýardam etmelidigini aýtdy.Şeýle ynsanperwer işleriň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän asylly ýörelgeleriň durandygyny belläp, R.Bazarow ýurdumyzyň durmuşynda taryhy ähmiýeti bolan şanly seneleriň dabaralandyrylmagy bilen baglanyşykly gymmatly maslahatlary berendigi üçin Milli Liderimize hoşallyk bildirdi we öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň wekilleri bilen bilelikde tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik taýdan ähmiýetlidigini belläp, bu işler bilen bir hatarda, beýleki çäreleriň hem guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi we köp sanly ildeşlerimiz Hazaryň kenaryndaky, welaýatlardaky şypahanalarda, dynç alyş merkezlerinde zähmet rugsadyny ýokary derejede geçirýärler. Bu barada aýtmak bilen, R.Bazarow amatly dynç almak ugrunda ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdi.Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi, olaryň döwrebap bilim-terbiýeli bolup ýetişmekleri, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri ugrunda döredilýän mümkinçilikler öz oňyn netijesini berýär.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.* * *Çeper döredijilige, şol sanda türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä nusgalyk eserlerine aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň eserler ýygyndysyndan ybarat täze kitapdan goşgulary okady. Dana Pyragynyň akyl-paýhasa ýugrulan döredijiliginiň her bir adamda ruhubelentlik döredýändigini belläp, alym Arkadagymyz şahyryň goşgularynyň ähli ýaşdaky adamlar üçin gymmatlydygyny, onuň eserleriniň hemmetaraplaýyn öwrenilmeginiň wajypdygyny aýtdy.Milli Liderimiz şypahananyň çägi boýunça agtyjaklary hem-de çowlugy bilen gezelenç etdi. Gahryman Arkadagymyz olaryň bilimi, daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesi bilen gyzyklandy. Munuň özi peder-perzent mekdebiniň asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň beýanydyr.“Arçmanyň” çägi boýunça gezelenjiň adamlar, aýratyn-da, çagalar üçin oňyn täsiriniň bardygyny belläp, lukman Arkadagymyz döwrebap seýilgähde gezelenç etmegiň saglygyň möhüm şertidigine ünsi çekdi. Bu künjekde gök zolaklaryň, döwrebap seýilgähleriň döredilmegi bu ýerleriň tebigy aýratynlyklary hem-de dag howasy bilen utgaşyp, jana ýakymly howa gurşawyny emele getirýär. Munuň özi şypahanada saglygyny dikeldýänler we bejergi alýanlar üçin esasy şertleriň biri bolup durýar.

19 Awg 2024
Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi

Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi.Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, adamlaryň saglygyny goramak, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek, raýatlaryň zähmet rugsady döwründe rahat dynç almaklary üçin şertleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatda ileri tutulýan wezipelerdir. Bu syýasatyň özeninde Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi durýar.Ir bilen döwlet Baştutanymyz deňiz kenaryna geldi. Tomsuna günüň bu çagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýakymly howa gurşawy emele gelýär. Munuň özi deňizden we «Awaza» emeli derýasyndan öwüsýän sergin şemalyň, ýaşyl seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredýän salkyn howasynyň esasynda mümkin bolýar. Soňky ýyllarda şeýle zolaklaryň çägi ep-esli giňeldildi. Bu çäreler kenarýaka sebitiň ekologik ýagdaýynyň has-da gowulanmagyny hem şertlendirdi.Günüň dogýan çaglarynda deňziň kenarynda welosipedli gezelenç etmek fiziki işjeňligiň netijesinde saglyga oňyn täsir edýär, bedeni berkidýär we oňa güýç berýär. Welosiped ekologik taýdan arassa ulag hökmünde ykrar edilendir. Gahryman Arkadagymyzyň ilaty welosiped sporty bilen meşgullanmaga höweslendirmek, sportuň bu görnüşini wagyz etmek boýunça başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistanda möhüm seneler mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler yzygiderli guralýar.Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etdi. Bu baýram her ýyl giňden bellenilýär. Munuň özi ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi üçin möhüm ähmiýete eýedigini aýdyň görkezýär. Şeýle-de 2022-nji ýylyň martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň teklibi boýunça “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamany kabul edendigini nygtamak gerek. Bularyň ählisi dünýä bileleşigi tarapyndan ýurdumyzyň bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketiniň ösdürilmegine, jemgyýetde ekologik medeniýetiň kämilleşdirilmegine, milli, sebitleýin hem-de ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge uly goşandynyň ykrar edilýändiginiň anyk mysallarydyr. Mundan başga-da, 2018-nji hem-de 2019-njy ýyllarda Aşgabatda geçirilen “Iň köpçülikleýin tälim beriş sapagynyň”, “Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýörişiň” Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini bellemek gerek.Welosport bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmekde we sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Amatly howa şertleri, ýurdumyzda bar bolan degişli infrastruktura welosport boýunça ýaryşlary hem-de türgenleşikleri tutuş ýylyň dowamynda diýen ýaly geçirmäge mümkinçilik berýär. Welosipedli ýörişler dünýäniň köp ýurtlarynda dürli durmuş, sport, ekologik taslamalary goldamak üçin geçirilýän jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň iň meşhur görnüşleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi esasynda ýurdumyzda sportuň bu görnüşi işjeň ösdürilýär, ilat arasynda köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň tarapdarlaryny artdyrmak üçin tagallalar edilýär....Döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenjiň dowamynda Hazaryň kenarynda ýerleşýän dünýä derejeli syýahatçylyk zolagynyň gözelliklerini synlady. Ýakymly howa gurşawynyň we ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýän döwrebap şypahana-dynç alyş ulgamynyň bolmagy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň meşhurlygyny has-da artdyrdy.Bedenterbiýe, sport, işjeň dynç alyş, şol sanda welosipedli gezelençler adamlary uly üstünliklere höweslendirip, täze başlangyçlar üçin güýç-kuwwat berýär. Şeýle gezelençler dynç alşy işjeň fiziki hereket bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.Ylmy barlaglaryň tassyklaýşy ýaly, welosiped sürlende bedene kadaly agram salynmagy esasynda adamyň çydamlylygy, işe ukyplylygy ýokarlanýar, beden bogunlary we myşsalar, nerw ulgamy berkeýär. Welosport, welosipedli gezelençler gan basyşynyň kadalaşmagyna, ýürek-damar we beýleki keselleriň töwekgelçiliginiň peselmegine ýardam berýär. Welosiped sürmek bedeniň madda çalşygyny gowulandyrýar, onuň kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar, uzak wagtlyk şähdaçyklyk eçilýär. Aýaklaryň yzygiderli hereketleri ganyň damarlarda doňup galmagynyň öňüni alýar. Munuň özi hereketleriň sazlaşygy üçin netijeli türgenleşik bolup, ünsüňi bir ýere jemlemäge mümkinçilik berýär.Lukman hökmünde sagdyn durmuş ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berýän Milli Liderimiz şeýle gezelençleriň ägirt uly peýdasynyň bardygyny şahsy göreldesi bilen subut etdi. Şunlukda, ýurdumyzda welosipedli ýörişleriň guralmagy asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan welosipedli ýörişleriň geçirilmegi häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda has giň gerime eýe bolýar.Häzirki wagtda Türkmenistanda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsini, Hazar deňziniň biodürlüligini gorap saklamak, öwrenmek üçin giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu ugurda öňde durýan meseleleri çözmekde welosiped sporty, welosipediň ulag serişdesi hökmünde ulanylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi daşky gurşawa uzak möhletleýin esasda oňyn täsirini ýetirip, ekologik ýörelgeleriň jemgyýetçilik durmuşyna içgin aralaşmagyna ýardam edýär.

14 Awg 2024
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz sebit we ählumumy derejede köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleri bilen däp bolan gatnaşyklar nusgalyk häsiýete eýedir. Bu ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, taryhyň dowamynda emele gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyl mundan ozal Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iň ýokary derejede ulgamlaýyn syýasy dialogyň ähmiýetine ünsi çekip, sebitleýin hyzmatdaşlyga düýpgöter täzeçe çemeleşmek pikirini öňe sürdi. Häzirki zaman şertlerinde bu konsepsiýa aýratyn ähmiýete eýe bolýar we oňa uly isleg bildirilýär. Merkezi Aziýa sebitiniň diňe bir yklym däl, eýsem, ählumumy derejede-de alnyp barylýan işlerdäki barha artýan ornuny göz öňünde tutup, Türkmenistan döwletara hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, täze, giň gerimli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär.Soňky ýyllarda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary sebitleýin hyzmatdaşlygyň barşy we maksady barada bitewi garaýşyň döremeginde, häzirki döwrüň şertlerini, uzak möhletleýin mümkinçilikleri göz öňünde tutup, gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenilmeginde şu formatyň netijelidigini görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň üstünlikli geçirilendigini bellemek gerek. Bäştaraplaýyn sammitiň sebit ýurtlarynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda guralandygyny-da aýtmaly. Munuň özi gazanylan möhüm ylalaşyklar we kabul edilen çözgütler bilen birlikde, bu çäräniň taryhy ähmiýetini şertlendirdi. Forumyň çäklerinde türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça iri halkara çäreleriň birnäçesi, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, ykdysady forum, sammitiň resmi maksatnamasynyň üstüni ýetiren, goňşy halklaryň has-da ýakynlaşmagyna goşant goşan beýleki çäreler guraldy.2023-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan ägirt uly goşandy üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanyldy. Bu sylagy gowşurmak dabarasy Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirildi. Şol ýerde şu formatdaky bäşinji duşuşyk guralypdy....Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary belende galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi.Günüň birinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz «Akorda» köşgüne ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri dostlarça salamlaşyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.Sammite gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem Astana şäherine geldiler. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hormatly myhman hökmünde ýokary derejeli çärelere gatnaşmaga çagyryldy. Sammitiň resmi nyşanynyň we oňa gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, «Akorda» köşgünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy geçirildi.Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew duşuşygy açyp we wekiliýetleriň ýolbaşçylaryny hem-de agzalaryny mübärekläp, soňky ýyllarda konsultatiw duşuşyklaryň sebit hyzmatdaşlygynyň netijeli meýdançasyna öwrülendigini, ony ýokary derejä çykarandygyny, ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklaryny ynanyşmak häsiýetine eýe edendigini nygtady. Ol Merkezi Aziýa döwletleriniň we halklarynyň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga çalyşýandyklaryny görkezýän şu sammitiň ähmiýetine ünsi çekip, onuň bu ýolda möhüm waka boljakdygyna ynam bildirdi. Soňra gazak Lideri Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryna söz berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda bildirilen myhmansöýerlik we mejlisiň ýokary derejede guralandygy üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirdi.Biziň her ýyl geçirilýän duşuşyklarymyz indi däbe öwrüldi we tejribäniň görkezişi ýaly, hemişe möhüm hem derwaýysdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu mejlisleriň dowamynda netijeli, açyk, ynanyşykly dialog alnyp barylýar. Bu bolsa bize pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerine has gowy düşünmäge we şonuň esasynda anyk çözgütleri kabul etmäge ýardam berýär.Ýokary derejedäki duşuşyklaryň bu formatyny döretmek başlangyjyny öňe süren Türkmenistan olaryň diňe maslahat beriş häsiýetine eýe bolmalydygyndan, syýasy gatnaşyklar üçin berk düzgünleşdiriji kadalardan, amallardan azat meýdança bolmalydygyndan ugur alýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şeýle çemeleşme hyzmatdaşlygymyzyň barşy barada has giňişleýin we dürs düşünje almaga, teklipleridir düzedişleri girizmäge, pikirleri beýan etmäge mümkinçilik berýär.Konsultatiw duşuşyklaryň ilkibaşdaky mazmuny we maksady saklanyp galmaly diýip hasaplaýaryn. Biziň pikirimizçe, olaryň çäklerinde haýsydyr bir köptaraplaýyn düzümleriň döredilmegi maksadalaýyk däldir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Biz birek-birege örän oňat düşünýäris, her bir duşuşygymyz aýdyň mazmunly jemleýji resminama bilen tamamlanýar hem-de biz şonuň esasynda iş alyp barýarys. Syýasy, şeýle-de iş nukdaýnazaryndan, bu formatyň çäklerinde goşmaça düzümleri döretmegiň zerurlygy ýok diýip hasaplaýarys.Konsultatiw duşuşyklara diňe Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň gatnaşmagy, biziň pikirimizçe, olaryň beýleki möhüm bölegi bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. Munuň özi biziň bäştaraplaýyn syýasy dialogymyzyň, ilkinji nobatda, sebit meselelerine degişlidigi bilen şertlendirilendir. Elbetde, halkara gün tertibiniň meseleleri, olary ara alyp maslahatlaşmak we sebitara, yklym hem-de ählumumy meseleler boýunça bäş döwletiň utgaşdyrylan garaýyşlaryny işläp taýýarlamak nukdaýnazaryndan, biziň üçin hemişe möhüm bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Şeýle çemeleşme bilelikdäki işiň ýokary netijeli bolmagyny üpjün eder, diňe Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna degişli hyzmatdaşlyk meselelerine ünsi jemlemäge mümkinçilik berer.Häzirki döwürde dünýädäki çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, parahatçylygy, ylalaşygy, durnuklylygy gorap saklamak Merkezi Aziýa döwletleri üçin esasy ileri tutulýan ugur bolmagynda galmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Biz özboluşlylygymyzy, özbaşdaklygymyzy hem-de içerki we daşarky ösüş nusgalarymyzy saýlamak hukugymyzy gorap saklamak bilen, sebitimizi gülläp ösýän, häzirki zaman ählumumy gatnaşyklaryna çuňňur goşulyşan sebite öwürmegi maksat edinýäris. Hormatly Prezidentimiz şular barada aýtmak bilen, diňe şeýle şertlerde döwletlerimiziň we halklarymyzyň özlerine mynasyp geljegi üpjün etjekdiklerine ynam bildirdi.Döwlet Baştutanymyz sebitimiziň daşarky täsirlere, hususan-da, gapma-garşylykly ýagdaýlara düşürilmegine, Merkezi Aziýanyň müňýyllyklara uzaýan taryhy bolan geosyýasy, ykdysady, medeni giňişlik hökmünde özbaşdaklygyna şübhelenmek üçin esas döretmäge ýol berilmeli däldir diýip nygtady. Biziň halklarymyzyň öz gün tertibi bar we olar parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we hyzmatdaşlykdyr.Serhetlerdäki durnuklylyk, asudalyk sebitde howpsuzlygy üpjün etmegiň hökmany şerti bolup durýar. Men, ilkinji nobatda, Owganystan ugry boýunça hyzmatdaşlygymyzy göz öňünde tutýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Ýurtlarymyzyň her biriniň aýratyn garaýyşlaryna hormat goýmak bilen, Owganystanyň goňşulary hökmünde hereket edýän owgan hökümeti babatda umumy oňyn hem-de netijeli gatnaşyklary işläp taýýarlamak üçin açylýan mümkinçilikleri we ýurtdaky durnuklylygyň alamatlaryny ulanmalydyrys. Biziň pikirimizçe, owgan halkynyň bähbitleri, arzuw-islegleri, olaryň ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny dikeltmek boýunça döredijilikli umumymilli işe hem-de parahatçylyga ymtylmasy ileri tutulmalydyr.Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu işde Merkezi Aziýa ýurtlary esasy orny eýeleýär. Diňe biziň bilen hyzmatdaşlykda Owganystanyň halkara ykdysady gatnaşyklara goşulyşmagy, infrastruktura we logistika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi mümkin bolup biler. Owganystan bilen bizi taryhy, ruhy, garyndaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Täze, parahat, durnukly Owganystany döretmäge ýardam bermek üçin bu gatnaşyklary ulanmak biziň umumy borjumyz hem-de jogapkärçiligimizdir.Merkezi Aziýa ýurtlarynyň syýasy-diplomatik, hukuk goraýjy we ýörite ulgamlardaky ylalaşykly hereketleri sebitde durnuklylygyň ýene-de bir möhüm ugrudyr. Türkmenistan daşary syýasat edaralarynyň täze wehimlere, sebitde durnuksyzlyga garşy durmak, maglumat giňişligini goramak, radikal, ekstremistik elementleriň sebite aralaşmak synanyşyklarynyň öňüni almak we aradan aýyrmak meselelerinde utgaşdyrylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamak boýunça alyp barýan işleriniň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Biziň serhet, migrasiýa, gümrük we ýörite gulluklarymyzyň ýakyndan hem-de sazlaşykly işlemekleri üçin şertleriň döredilmegini wajyp hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Elbetde, ýakyn we özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly ykdysady ösüşi gazanmak sebit gün tertibiniň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar. Şunda ulag-kommunikasiýalar ulgamyndaky gatnaşyklara esasy orun degişlidir. Häzirki günde bu ulgam depginli ösýär, bäsdeşlik artýar, Ýewraziýada täze üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Meniň pikirimçe, geografik, logistik we beýleki artykmaçlyklary ulanmak arkaly sebitimiziň bu işlere öz wagtynda, netijeli gatnaşmagyny üpjün etmek Merkezi Aziýa döwletleriniň iň ýakyn geljekde umumy wezipesi bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta durnukly ykdysady hyzmatdaşlyk ugurlarynyň bir bölegi bolmak üçin bizde ähli mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi.Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamy barada aýdyp, Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna geçýän ugurlary aýratyn belledi. Gürrüň Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe we ondan aňryk Ýewropa ýurtlaryna çykýan, şeýle hem Hytaý — Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran we ondan aňryk Ýakyn Gündogara çykýan ugurlar barada barýar.Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran — Pars aýlagy ugry boýunça ýük daşamalara aýratyn ähmiýet berýäris. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň, Hindistanyň we Pakistanyň serişde, ykdysady, ulag kuwwatynyň birleşdirilmeginiň hem-de dünýä ummanyna çykylmagynyň giň mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýarys. Şunda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ulgamynda Owganystan bilen hyzmatdaşlyk etmegi babatda uly mümkinçiligiň bardygyny nygtamak gerek. Häzirki wagtda döwletlerimiz Owganystan ugry boýunça ulag-kommunikasiýa infrastrukturasyny giňeltmek üçin köp işleri edýärler.Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Gara deňiz geçelgesi ýene-de bir ähmiýetli utgaşdyrylan suw-guryýer ugrudyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we tagallalary birleşdirmek bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň bu ugurda giň möçberli ulag taslamalaryny durmuşa geçirip biljekdiklerine ynam bildirdi.Elbetde, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ulag baglanyşygynyň güýçlendirilmegi ýurtlarymyzyň çäginde döwrebap logistikanyň döredilmegini, kanunlaryň sazlaşdyrylmagyny, özara gümrük, nyrh we beýleki ýeňillikleriň berilmegini göz öňünde tutýar. Bu ugurda edilmeli köp işler bar. Biz ady agzalan wezipeleri iň ýakyn geljekde iş ýüzünde amala aşyrmaga girişmegi teklip edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Hormatly Prezidentimiz duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki zaman şertlerinde halkara energetika hyzmatdaşlygynda, ýurtlarymyzyň energiýa serişdelerine bolan isleglerini kanagatlandyrmakda biziň döwletlerimiziň eýeleýän orny ýokarlanýar diýip belledi. Bar bolan we ýakynda dörediljek täze senagat hem-de oba hojalyk kuwwatlyklaryny, infrastruktura desgalaryny, bilelikdäki önümçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini nazara almak bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň energiýa serişdelerine barha artýan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak strategik maksatdyr. Şeýle ulgam ýurtlarymyzy dünýäniň energetika bazarynda bolup biljek ýaramaz ýagdaýlardan goramalydyr, olaryň ýetirjek täsirlerini peseltmelidir, tehnogen we tebigy häsiýetli garaşylmadyk ýagdaýlarda milli energiýa ulgamlarynyň zerur ätiýaçlyk goruny döretmelidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň energetika ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bilelikde işlemäge taýýardygy barada ençeme gezek aýdandygyny belledi.Söwdanyň giňeldilmegi, senagat taýdan goşulyşmak, kiçi we orta telekeçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ýaly möhüm meseleler hem ünsden düşürilmeli däldir. Şunda biziň döwletlerimiz bilelikdäki oňyn tejribä, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanyp, özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga, işewür düzümleriň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmäge we işjeň ulanmaga, ýurtlarymyzyň çäklerindäki taslamalara gönükdirilýän bilelikdäki maýa goýumlary höweslendirmäge, serhetýaka söwdany ösdürmäge ukyplydyrlar diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşynda belledi.Soňra hormatly Prezidentimiz sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň hem-de medeniýetleriň özara baglanyşygy — häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatyň geçiriljekdigini habar berdi.Magtymguly türkmen halkynyň beýik ogludyr, emma onuň filosofik we şahyrana mirasy tutuş Gündogara, umuman, tutuş dünýä, aýratyn-da, biziň goňşularymyz bolan Merkezi Aziýa halklaryna hem degişlidir. Köp döwletleriň Baştutanlaryny maslahata gatnaşmaga çagyrmak bilen, biz bu çärä diňe bir Magtymgula sarpa goýmak hökmünde däl-de, giň hem-de özara hormat goýmak esasyndaky örän ähmiýetli we öz wagtynda guralýan halkara dialogy, dünýäniň ykbaly, häzirki döwrüň ählumumy syýasy, durmuş-medeni, geoykdysady, ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýagdaýyna, olaryň meýillerine, geljekki mümkinçiliklerine oňyn, döredijilikli çemeleşmeleri hem-de garaýyşlary beýan etmek üçin netijeli forum hökmünde garaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Häzirki wagtda şeýle dialog derwaýysdyr. Türkmenistan Merkezi Aziýanyň doganlyk döwletleriniň garaýyşlarynyň şol maslahatda örän düýpli we giňişleýin beýan edilmegine, olaryň diňlenilmegine, şol garaýyşlara düşünilmegine möhüm ähmiýet berýär.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşyny tamamlap, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryny öňde boljak halkara maslahata çagyrdy hem-de olaryň foruma işjeň gatnaşjakdyklaryna umyt edýändigini belledi.Konsultatiw duşuşygyň barşynda dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň çykyşlarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary okgunly ösdürmekde bu formatyň ähmiýeti nygtaldy. Bellenilişi ýaly, şu gezekki sammit taraplaryň umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezdi. Soňky ýyllarda sebit hyzmatdaşlygynda uly tejribe toplandy. Şol hyzmatdaşlyk yzygiderli pugtalandyrylyp, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Muňa hil taýdan täze derejä çykan döwletara syýasy dialog ýardam edýär. Özara gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer ulgamyna, halklaryň arasyndaky hoşniýetliligiň we doganlygyň çuňňur taryhy köklerine aýratyn üns berildi. Munuň özi giň gerimli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň, onuň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe anyk teklipler beýan edildi.Sammitiň jemleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi.Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, sebit kooperasiýasyny ösdürmegiň «Merkezi Aziýa — 2040» Konsepsiýasyna hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.M.Mirziýoýewi Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak hakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň Çözgüdine gol çekdiler. Ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça 2025 — 2027-nji ýyllarda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasy” kabul edildi.Soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy giňişleýin görnüşde dowam etdi. Hormatly myhmanlar hökmünde oňa Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze hem gatnaşdy. Däp bolşy ýaly, duşuşygyň öňüsyrasynda bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek, gatnaşyjy ýurtlaryň köptaraplaýyn meýdançalarda, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklaryny has-da ilerletmek üçin giň mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Duşuşyk tamamlanandan soňra, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy.Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna resmi kabul edişlik guraldy.Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşyklaryň barşynda goňşy ýurtlaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydyklary tassyklanyldy.Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.***Şu gün — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň öňüsyrasynda Astanada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda sammitiň gün tertibine hem-de jemleýji resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Maslahata gatnaşyjylar ileri tutulýan ugurlarda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şu formatyň çäklerinde bilelikdäki işiň netijeleri, möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunda daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ýola goýlan netijeli dialogy dowam etdirmegiň wajypdygy tassyklanyldy.***Hormatly Prezidentimiziň Astana iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň we Gazagystan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň birnäçesi geçirildi. Olarda söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika, senagat ýaly ulgamlarda, telekeçilik ugry boýunça özara hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.Duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, ony diwersifikasiýalaşdyrmaga çalyşýandyklary tassyklanyldy. Şunda medeni-ynsanperwer ulgamda däp bolan gatnaşyklary höweslendirmegiň wajypdygy bellenildi. Munuň özi iki ýurduň arasynda asyrlaryň dowamynda emele gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde, dürli pudaklarda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň möhüm orny nygtaldy.

09 Awg 2024
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygyna, şeýle hem «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.Oňyn bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz sebit we ählumumy derejesinde köpugurly netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär.Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleri bilen däp bolan gatnaşyklar nusgalyk häsiýete eýedir. Bu ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, taryhyň dowamynda emele gelen dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär.

09 Awg 2024
Türkmenistanyň we Türkiýäniň energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Halkara energetika hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistan häzirki döwürde işjeň syýasaty alyp barýar. Daşary ýurt döwletleri, halkara guramalary we dünýäniň esasy energetika kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk bu syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir.Ozal habar berlişi ýaly, şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde «Türkmenistanyň energetika hepdeligi» atlandyrylan şu hepdäniň dowamynda milli nebitgaz toplumynda Birleşen Arap Emirliklerinden, Koreýa Respublikasyndan we ençeme beýleki ýurtlardan bolan kompaniýalar bilen duşuşyklar we gepleşikler geçirildi. Bu duşuşyklarynyň we gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň gaz pudagynda iri we uzakmöhletli taslamalary amala aşyrmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.Şeýle yzygiderli işiň dowamy hökmünde türk tarapynyň başlangyjy boýunça şu ýylyň 30–31-nji iýulynda Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň Aşgabada sapary guraldy.Şu gün türk ministri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky energetika, senagat, ulag, aragatnaşyk we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi hem-de gaz, gazhimiýa, elektrik energetikasy pudaklarynda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi, şeýle hem bilelikdäki işleriň meýilnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk wezipeleri kesgitledi.Öz gezeginde ministr Alparslan Baýraktar ikitaraplaýyn meseleleriň ähli ugurlary, şol sanda energetika meselesi boýunça gatnaşyklary berkitmekde Türkiýäniň taýýardygy barada Türkmenistanyň Prezidentini ynandyrdy.Saparyň dowamynda degişli düzümleriň ýolbaşçylary bilen Türkiýä türkmen tebigy gazyny eltmek boýunça taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň, türkmen nebithimiýa we gazhimiýa senagatyny ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi.Şunuň bilen baglylykda, ozal halkara konsorsiumlaryň düzüminde türk kompaniýalarynyň Türkmenistanyň çäginde karbamid, suwuk ammiak, kükürt kislotasyny, sintetiki benzini (GTG) öndürýän iri kärhanalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşandygyny bellemek zerurdyr.Energetika ulgamynda türk kompaniýalary bilen işleşmegiň baý tejribesine daýanyp, taraplar şeýle-de türk tarapynyň Türkmenistanyň baý tebigy serişdeleriniň känlerini – kaliý duzuny, ýody, demir magdanlaryny özleşdirmäge hem-de bu ýerde häzirki zaman ýokary tehnologiýaly we eskporta niýetlenen önümçilikleri döretmäge gatnaşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.Gepleşikleriň barşynda Türkmenistandan Türkiýä elektrik energiýasyny ibermek meselesine hem garaldy. Bu ugurda häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen kenarynda gurulýan kuwwatlylygy 1574 megawatt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyndan ýakyn geljekde türk tarapyna türkmen elektrik energiýasyny ibermek mümkinçiligi bellenildi.Mälim bolşy ýaly, türkiýeli hyzmatdaşlar dünýäniň öňdebaryjy elektroenergiýa kompaniýalary bilen bilelikde Türkmenistanda häzirki zaman elektrik stansiýalarynyň gurluşygy boýunça birnäçe taslamalary durmuşa geçirdiler. Bu elektrik stansiýalarynda öndürilýän elektrik energiýasy Türkmenistanyň içerki bazaryna, şeýle hem dünýä döwletlerine iberilýär.Umuman, ministr Alparslan Baýraktaryň sapary Türkmenistanyň we Türkiýäniň hyzmatdaşlygynyň strategik möhüm ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmakdaky işjeň ornuny aýdyň görkezdi.

31 Iýl 2024
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Hususan-da, häzirki wagtda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde hereket edýän kanunlary seljermek, kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işleriň dowam etdirilýändigi bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek baradaky guramaçylyk toparynyň mejlisiniň geçirilendigi aýdyldy. Onda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljek senesini bellemek, guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak, forumyň gün tertibini we deslapky maksatnamasyny, degişli resminamalary taýýarlamak, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermek bilen baglanyşykly beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşygyň geçirilendigi hakynda habar berildi. Bellenilişi ýaly, Mejlisiň deputatlary Türkmenistanda daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany taýýarlamak bilen bagly meseleler boýunça iş duşuşygyna, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan okuw maslahatyna, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny ilata düşündirmek boýunça dürli çärelere gatnaşdylar.Hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisiniň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, 2017-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen GDA-nyň sammitinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama işlenip taýýarlanyldy we 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde biragyzdan kabul edildi. Bu Jarnamada GDA gatnaşyjy döwletleriň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek hem göz öňünde tutuldy. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň ykdysady ulgamda hereket edýän pudaklaýyn hyzmatdaşlyk edaralary bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy.Wise-premýer şu ýylyň 14-nji iýunynda sanly ulgam arkaly GDA gatnaşyjy döwletleriň ygtyýarly edaralarynyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we degişli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň netijeleri barada hasabat berip, hormatly Prezidentimiziň garamagyna maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisini Aşgabat şäherinde şu ýylyň oktýabrynda geçirmek baradaky teklibi hödürledi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýändigini belledi. Şeýle hem bu guramanyň pudaklaýyn edaralary bilen gatnaşyklar giňeldilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere Aşgabat şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Galkynyş” gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulýan gaz guýularynyň gurluşygyny zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Galkynyş” gaz käni türkmen tebigy gazyny goňşy we sebit döwletlerine bökdençsiz ibermekde çig mal çeşmesi bolup hyzmat edýär. Käni özleşdirmegiň birinji tapgyrynda önüm berýän gaz guýularynyň goşmaça guýularyny burawlamak, önümçilige girizmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, olaryň uzak wagtlap bökdençsiz we ygtybarly işlemegini üpjün etmek zerur bolup durýar.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Galkynyş» gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulýan gaz guýularynyň buraw işlerini ýerine ýetirmek üçin zerur bolan enjamlary we serişdeleri satyn almak boýunça teklibi goldaýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda, ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, gowaçanyň ujuny çyrpmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ekiş geçiriljek meýdanlarda sürüm, tekizlemek işleri, bugdaý tohumlaryny, ekişde ulanyljak tehnikalary, ekijileri möwsüme taýýarlamak işleri geçirilýär. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça degişli çäreler görülýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak maksady bilen, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak boýunça işler geçirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyk geçirmegi, pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş nokatlaryny, pagta hasylyny daşamakda ulanyljak awtoulaglary möwsüme talabalaýyk taýýarlamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, ýokary hilli bugdaý tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamaga möhüm ähmiýet bermegiň wajypdygyny nygtady. Wise-premýere beýleki möwsümleýin oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek işlerini hem talabalaýyk alyp barmak tabşyryldy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, gurluşyk pudagynda-da düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleri maliýeleşdirmegiň Tertibi esasynda binýady işläp taýýarlamak üçin degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama, durkuny täzelemek, düýpli abatlaýyş işleriniň bahalaryny döwrüň talabyna laýyklykda işläp düzmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda gurluşykda nyrh emele getirmegiň döwlet maglumat ulgamyny döretmek maksady bilen, degişli Karara gol çekip, resminamany wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we birnäçe tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew awgust aýynda “Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi ýarmarkasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sergi ýarmarkasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy haryt öndürijileriniň çagalar, okuwçylar, talyplar üçin harytlaryny, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri, okuw esbaplaryny, elektron harytlary hödürlemek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, pudakda iş alyp barýan kompaniýalaryň tejribe alyşmagy, çagalar üçin ussatlyk sapaklarynyň, bäsleşikleriň guralmagy, meşhur Modalar öýleriniň çagalar üçin täze lybaslarynyň dabaraly görkezilişini guramak meýilleşdirilýär.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, 19-njy awgustda paýtagtymyzda geçiriljek sergi ýarmarkasyna Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy haryt öndürijileriniň gatnaşmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere bu halkara sergini guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli maslahatlary, «tegelek stol», döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlener. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň, ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, döredijilik, zehin bäsleşiklerini, sport ýaryşlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülik, sport çärelerini, Hazar deňziniň güni mynasybetli maslahaty guramak göz öňünde tutulýar. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýatlar boýunça jemleýji tapgyrlary, Aşgabat şäherinde «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem geljek aýyň esasy çäreleriniň hatarynda görkezildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzda beýik ösüşlerimizi beýan edýän birnäçe dabaraly çäreleriň geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere awgust aýyndaky çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek tabşyryldy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilýän zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň döwlet tapgyryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyzyň “Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda” Kararyna laýyklykda, zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň döwlet tapgyryny şu ýylyň sentýabrynda geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň guramagynda bäsleşigiň etrap, şäher, welaýat tapgyrlary guramaçylykly geçirilip, olara 1011 çagadan ybarat bolan 64 sany döredijilik topary, ýaşajyk aýdymçylar gatnaşdylar. Bäsleşigiň tapgyrlarynda eziz Watanymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlary ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde tapawutlanan çagalaryň 21-si, çagalar tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 13-si saýlanylyp alyndy hem-de jemi 361 çaga döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryny şu ýylyň 6-njy sentýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirmek meýilleşdirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, ýaş nesillerimizde sungata bolan söýgini döretmek, olaryň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak we kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzda aýdym-saz, döredijilik bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň döwlet tapgyryny geçirmek bilen bagly teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu hepdede Pakistan Yslam Respublikasyna amala aşyran gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.Günorta Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şolaryň hatarynda Pakistan Yslam Respublikasy hem bar. Bu ýurt bilen gatnaşyklar däp bolan dostlukly häsiýete eýedir. Özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, saparyň çäklerinde Yslamabatda birnäçe gepleşikler we maslahatlaşmalar geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari tarapyndan kabul edilendigi bellenildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine garaldy.Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif bilen duşuşygynyň çäklerinde türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda giň gerimli bilelikdäki taslamalaryň — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy bilen bagly taslamalaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns çekildi.Saparyň dowamynda daşary işler ministrleriniň derejesinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Pakistan halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, öňe sürülýän başlangyçlarydyr teklipleri özara goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak barada öňe süren başlangyjyny durmuşa geçirmek boýunça tagallalary birleşdirmäge degişli mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça bilelikde iş alyp barmak hakynda ylalaşyldy. Gepleşikleriň çäklerinde halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek baradaky meselä garaldy.Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda toparyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe teklipler beýan edildi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň we Pakistan Yslam Respublikasynyň nebit ministriniň arasynda gepleşikler guraldy. Onuň dowamynda ýangyç-energetika pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda degişli gepleşikleri geçirmek barada ylalaşyldy. Şeýle hem Türkmenistandan Pakistana suwuklandyrylan gazy, gazhimiýa, nebithimiýa önümlerini ibermek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Pakistanyň Hökümetiniň haýyşy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti “Frontier Works Organization” guramasy we “National Logistics Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Olarda bu düzümleriň işleýän ugurlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň hem-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, “National Logistics Corporation” kompaniýasy türkmen tarapy bilen Hytaý — Pakistan — Owganystan — Türkmenistan, soňra Merkezi Aziýa we Hazar sebiti ýurtlaryna awtomobil ýük daşamalary boýunça bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny beýan etdi.Saparyň dowamynda dostlukly ýurduň beýleki döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen hem duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň netijeleri esasynda syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, parlamentara gatnaşyklary höweslendirmek, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli duşuşyklary geçirmek tejribesini dowam etdirmek boýunça teklipler taýýarlanyldy. Syýasy-diplomatik gatnaşyklarda ýokary döwlet we hökümet derejesindäki saparlardyr gepleşiklere möhüm orun berilýär.Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, orta möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Maksatnamasyny işläp taýýarlamak we kabul etmek, bilelikdäki hökümetara toparyň mejlisleriniň azyndan iki ýyldan bir gezek guralmagyny ýola goýmak, onuň mejlislerine işewürler toparlarynyň, ylmy edaralaryň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň wekillerini gatnaşdyrmak, kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik guralyny döretmek teklip edilýär. Şunuň bilen bir hatarda, energetika ulgamynda, hususan-da, gaz pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça teklipler beýan edildi. Durmuş ulgamynda gatnaşyklar barada aýdylanda, türkmen diplomatlaryny Pakistanyň Diplomatik akademiýasy tarapyndan guralýan okuwlara ibermek, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda urdu dili bölümini açmak meselelerini öwrenmek teklip edilýär.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň ýokary depginde ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli geçirilen gepleşikleriň iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge ýardam berjekdigini nygtap, hödürlenen teklipleri goldady we wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.Hormatly Prezidentimiz mejlisi dowam edip, Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaş döwletleriniň biriniň hem Eýran Yslam Respublikasy bolup durýandygyny belledi. Biziň ýurtlarymyz dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barýarlar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 30-njy iýulda Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi wezipä girişmek dabarasyna gatnaşmak üçin wise-premýer, daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparynyň türkmen tarapynyň başlygy R.Meredowy Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherine gulluk iş saparyna ibermek hakynda Buýruga gol çekdi.Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, hünärmenleri taýýarlamak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.“Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, milli programma önümlerini döretmek we enjamlary öndürmek işlerinde kiçi we orta telekeçiligi goldamak göz öňünde tutulýar. Bellenilişi ýaly, “Tehno Merkez” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýurdumyzda dürli görnüşli serwer, maglumat saklaýjy we kiberhowplardan goraýjy enjamlaryň önümçiligini ýola goýmagyň maksadalaýykdygy öwrenildi. Şunuň bilen birlikde, geljekde serwer enjamlaryna abatlaýyş, tehniki goldaw bermek işlerini hem-de “akylly” şäher, “akylly” öý ulgamlary üçin zerur bolan enjamlaryň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi goşmaça iş orunlaryny döreder, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge uly üns berilýändigini, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmakda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda serwer, maglumat saklaýjy we kiberhowplardan goraýjy enjamlaryň önümçiligini ýola goýmak baradaky teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

26 Iýl 2024