Türkmenistanda
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy

Kazan şäherinde iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.Tatarystanyň Baştutany belent mertebeli myhmany mübärekläp hem-de XVI BRICS sammitine gatnaşmak üçin Kazana gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny bildirip, taryhyň dowamynda kemala gelen dostlukly gatnaşyklara esaslanýan we ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýän tatar-türkmen hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýetini belledi.Hormatly Prezidentimiz bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, şu gezekki saparyň netijeleriniň Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Bu gatnaşyklarda ýurdumyz Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär.Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Tatarystanyň Baştutanyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz XVI BRICS sammitiniň ýokary derejesini belläp, bu wekilçilikli forumyň üstünlikli geçirilmegini we onuň çäklerinde meýilleşdirilen maksatlara ýetilmegini arzuw etdi.RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirdi hem-de Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip, netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideriniň saldamly goşandyny nygtady. Pursatdan peýdalanyp, ol golaýda Aşgabatda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen, beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi.Duşuşygyň dowamynda türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň netijeli hyzmatdaşlygyň esasy şertleriniň biridigi nygtaldy.Hormatly Prezidentimiz we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň çäklerinde köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdiler.Soňra döwlet Baştutanymyzy Tatarystan Respublikasynyň «Duslyk» ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.Hormatly Prezidentimiz bu ýokary döwlet sylagyna Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş-medeni gatnaşyklary ösdürmäge goşan uly goşandy üçin mynasyp boldy.Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany hormatly Prezidentimize «Duslyk» ordenini dabaraly ýagdaýda gowşurdy we tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.Hormatly Prezidentimiz bildirilen hormat-sarpa üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu sylagyň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň tassyklanmagy bolup durýandygyny belledi. Häzirki döwürde bu gatnaşyklar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. “Goý, bu ýokary sylag biziň dostlukly halklarymyzyň we döwletlerimiziň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň synmazlygynyň ýene-de bir nyşanyna öwrülsin!” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanowa «Duslyk» ordeniniň gowşurylandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Tatarystanyň doganlyk halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

24 Okt 2024
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Şu gün Kazan şäherinde geçýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi.Döwlet Baştutanymyz hem-de iri halkara guramanyň ýolbaşçysy mähirli salamlaşyp, umumy maksatlary we häzirki döwrüň wezipelerini nazara almak bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ikiçäk duşuşykda ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, Antoniu Guterrişi Birleşen Milletler Guramasynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we şu duşuşygyň netijeleriniň däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.BMG-niň Baş sekretary gutlaglardyr hoşniýetli sözler, şu ýylyň iýulynda Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Hut Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen açyklyk, parahatçylyk söýüjilik, işjeň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly bolan Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasy ugry kesgitlenildi.Bellenilişi ýaly, halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen we ýurdumyzyň Konstitusiýasynda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine eýerip, Türkmenistan dünýä döwletleridir abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär. Şunda hut ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edendigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, geljek ýyl birnäçe şanly wakalara, şol sanda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna beslener.Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň syýasaty alyp barýar hem-de bu gurama, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen uzak ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary saklaýar. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň depginli ösýän strategik merkezleriniň birinde — Merkezi Aziýada BMG-niň ygtybarly we uzak möhletli hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Döwlet Baştutanymyz dünýä ösüşiniň ählumumy meselelerini çözmegiň möhümdigini belläp, türkmen tarapynyň netijeli dialogy hemmetaraplaýyn giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardygyny ýene bir gezek tassyklady.Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy döwrüň wajyp meselelerini çözmäge başlangyçly çykyş edýändigi hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýandygy üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek işinde BMG-niň möhüm hyzmatdaşy bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny nygtady.BMG-niň Baş sekretary ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini berkarar etmek boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berip, döwlet Baştutanymyzyň XVI BRICS sammitiniň mejlisinde beýan eden teklipleriniň möhümdigini ýene-de bir gezek nygtady.Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

24 Okt 2024
Türkmenistanyň Prezidenti «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine gatnaşdy

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde geçirilýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy....Ir bilen hormatly Prezidentimiz ýokary derejeli forumyň geçirilýän ýerine — «Kazan Ekspo» halkara sergiler merkezine ugrady.Daşary ýurtlaryň 30-dan gowragynyň wekiliýet Baştutanlary, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ŞHG-niň, GDA-nyň ýolbaşçylary, şeýle hem Täze ösüş bankynyň prezidenti bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitiniň plenar mejlisine gatnaşdylar.Mälim bolşy ýaly, BRICS 2006-njy ýylda Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäginde esaslandyryldy we şondan bäri geçen döwürde dünýäniň abraýly düzümleriniň birine öwrüldi. Guramanyň ady oňa gatnaşyjy ilkinji bäş ýurduň — Braziliýa Federatiw Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Hindistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň hem-de 2011-nji ýylda bu gurama goşulan Günorta Afrika Respublikasyň atlarynyň ilkinji harplaryny aňladýar. Soňra gurama doly hukukly agza hökmünde Müsür Arap Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Eýran Yslam Respublikasy, Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasy goşuldy. Bu döwletara birleşigiň çäklerindäki hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak, açyklyk we ylalaşyklylyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Bu bolsa dünýäniň beýleki ýurtlary üçin guramanyň özüne çekijiligini artdyrýar.Geljekki hyzmatdaşlaryň barha artýan gyzyklanmalary göz öňünde tutulyp, «BRICS goşmak» formaty döredildi. Bu format häzirki döwrüň ählumumy meseleleri boýunça netijeli dialog üçin meýdança bolup durýar. Durnukly ösüşe, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Bu hyzmatdaşlygyň ugurlary her ýyl geçirilýän ýokary derejedäki sammitlerde we köptaraplaýyn duşuşyklarda kesgitlenilýär.Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin «Adalatly ählumumy ösüşiň we howpsuzlygyň bähbidine köptaraplylygyň pugtalandyrylmagy» şygary astynda, guramada Russiýanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän XVI BRICS sammitine gatnaşyjylary hem-de hormatly myhmanlary mähirli mübärekläp, öz netijeliligini görkezen «BRICS goşmak»/«autriç» formatynyň gurama agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlara açyk dialog üçin mümkinçilik berýändigini nygtady. Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi. Şolaryň hatarynda GDA ýurtlarynyň, Aziýa, Afrika, Ýakyn Gündogar we Latyn Amerikasy döwletleriniň Liderleri, şeýle hem BRICS bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän halkara guramalaryň ýerine ýetiriji edaralarynyň ýolbaşçylary bar.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik üçin Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistanyň «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitine ilkinji gezek gatnaşýandygyny belledi we şeýle wekilçilikli çärä çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, munuň ýurdumyza goýulýan hormatyň nyşany hökmünde kabul edilýändigini aýtdy.Bellenilişi ýaly, Türkmenistan halkara jemgyýetçiligiň dünýäde hyzmatdaşlyk, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerini berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny parahatçylyk döredijilik gün tertibini ilerletmek, ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, döwletara gatnaşyklarda deňhukukly dialog, ynanyşmak, açyklyk medeniýetini pugtalandyrmak üçin ulanýar. Gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almak, olary döredýän sebäpleri aradan aýyrmak üçin Bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň ulanylmagy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm bölegidir hem-de häzirki ýagdaýlarda Bitaraplygyň esasy ýörelgeleri örän zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we dünýä jemgyýetçiliginiň goldamagynda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek işinde anyk peýda getirmäge ukyplydygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işiniň aýratyn ähmiýeti we netijeliligi bellenildi. Bu merkeziň ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýär.Jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistan halkara ýagdaýlary kadalaşdyrmaga we hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerine geçmäge gönükdirilen çäreleri teklip edýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda ýurdumyzyň BMG-de birnäçe teklipler bilen çykyş edendigini, hususan-da, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň parahatçylyk döredijilik tagallalarynda bitarap ýurtlara guramanyň esasy hyzmatdaşy hukuk derejesini bermek başlangyçlaryny, sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmek bilen baglanyşykly teklipleri öňe sürendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan goldanylmagy möhüm waka boldy. Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmäge ähli döwletleriň işjeň gatnaşmagyna bil baglaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň halkara strategiýasy häzirki döwrüň geoykdysady gatnaşyklaryna, häzirki zamanyň wajyp meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, ekologiýa, azyk howpsuzlygy babatda çylşyrymly ýagdaýlary aradan aýyrmaga, ýurtlaryň we halklaryň energiýa çeşmelerine, arassa suwa, howa elýeterliliginiň deňhukukly, adalatly we ygtybarly ýollaryny döretmäge esaslanýar. Muňa döwletimiz işjeň, jogapkärçilikli çemeleşýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we Türkmenistanyň ykdysadyýet, energetika, durnukly ulag ulgamlaryndaky başlangyçlaryna ünsi çekdi. Gürrüň Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmegiň ählumumy Çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Durnukly ulag birikmesiniň ählumumy atlasyny hem-de Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek barada barýar.Umuman, häzirki ählumumy geoykdysady meýiller barada aýdylanda, ösüp barýan ýurtlaryň barha artýan ähmiýetini Türkmenistan şolaryň hatarynda aýratyn belleýär. Bu ýurtlar dünýä gurluşynyň ozal ýola goýlan, ýöne özgerdilmegi talap edilýän gatnaşyklaryna täze güýç we many-mazmun bermäge ukyplydyrlar.Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ekologiýa hyzmatdaşlygy meselelerinde Merkezi Aziýada tebigy landşaftlary, Hazar deňzinde bioköpdürlüligi gorap saklamaga, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda bu sebitlerde suw, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär. Biz ynsanperwer ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyň, şol sanda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge uly ähmiýet berýäris. Şeýle hem ýurdumyz medeniýet, ylym, bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga täze itergi berilmegini möhüm hasaplaýar. Birek-biregi has gowy tanamak, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň, milli sungatlaryň özara baýlaşmagy halklary döredijilikli esaslarda birleşdirýän gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz şu gezekki mejlise gatnaşmaga çakylyk hem-de çykyş etmäge we garaýyşlarydyr teklipleri beýan etmäge döredilen mümkinçilik, netijeli işlemäge döredilen şertler üçin guramaçylara ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.Prezident Wladimir Putin çuň mazmunly çykyşy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň durup geçen köp sanly meseleleriniň, Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň örän wajypdygyny belledi.Soňra sammitiň dowamynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş çykyş edip, halkara meseleleri çözmekde köptaraplylygy goldaýandygyny aýtdy hem-de häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak üçin tagallalary birleşdirmäge çagyrdy. BRICS-iň çäklerinde möhüm ugurlar hem-de köptaraplaýyn dialogy çuňlaşdyrmagyň meseleleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar deňhukuklylyga, ynanyşmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin bar bolan mümkinçilikleri doly açmak babatda täze gurallary işläp taýýarlamaga umumy gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.Iki günlük iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.Üç sagatlyk uçuşy amala aşyryp, döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar. Ýygnananlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzy saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutladylar.***Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdylar.Duşuşygyň hormatyna ýaş ildeşlerimize Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ýygyndysy sowgat berildi. Bu kitap beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli neşir edildi. Ýygnananlar gymmatly sowgat üçin hoşallyk bildirip, hemişe parahatçylyga, dostluga we ylalaşyga çagyran dana Pyragynyň döredijilik hem filosofik mirasynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde bu ýörelgeler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugrunyň hem esasyny düzýär.Talyplar Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize türkmen ýaşlary barada edýän ýadawsyz aladalary, olaryň sazlaşykly ösmegi babatda döredýän ajaýyp şertleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, eziz Watanymyza hem-de mähriban halkymyza peýda getirmek üçin ýokary bilimli hünärmenler bolup ýetişjekdiklerine ynandyrdylar.

24 Okt 2024
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna ugrady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow XVI BRICS sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.Abraýly halkara we sebit guramalary bilen netijeli dialogy ösdürmek Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz öz parahatçylyk döredijilik kuwwatyny umumy bähbitlere gönükdirmäge çalşyp, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän anyk başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistan halkara jemgyýetçiligiň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Umumy bähbitlere laýyk gelýän deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlykdan ugur almak bilen, ýurdumyz onuň gerimini giňeltmäge açykdygyny tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kazan şäherine şu iş sapary hem munuň aýdyň güwäsidir. Bu ýerde nobatdaky BRICS sammiti geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýokary derejedäki şu duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy Watanymyzyň halkara abraýynyň belentdiginiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlyk meselelerinde onuň işjeň ornunyň ykrar edilmeginiň nyşanydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BRICS sammitine ilkinji gezek gatnaşýandygyny bellemek gerek.Mälim bolşy ýaly, bu döwletara birleşik 2006-njy ýylda Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde esaslandyryldy. Ilki onuň düzümine Braziliýa Federatiw Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Hindistan Respublikasy we Hytaý Halk Respublikasy girdi. BRICS-iň işiniň esasy maksady işjeň, deňhukukly dialogy, netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmekden ybaratdyr.Türkmenistanyň hem Russiýa Federasiýasynyň strategik häsiýetli gatnaşyklarynda bu ýurduň iri sebitleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Tatarystan Respublikasy bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk muňa aýdyň mysal bolup biler. Şol hyzmatdaşlyk uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik we bilelikdäki işiň ägirt uly oňyn tejribesi esasynda guralýar. Dürli derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklardyr gepleşikler türkmen-tatar dialogynyň ygtybarly binýadyny emele getirýär. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklara täze kuwwatly itergi berildi. Bar bolan köpugurly mümkinçilikler özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryna çykmaga, işewürlik hereketlerini diwersifikasiýalaşdyrmaga amatly şertleri döredýär.Halklarymyz asyrlaryň dowamynda medeniýetleriň umumylygyna, dilleriň meňzeşligine, bitewi dine, deňhukuklylyga we birek-birege hormat goýmaga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary saklap gelýärler. Türkmen-tatar dialogyna mahsus bolan özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň ýokary derejesi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin berk esas bolup durýar.Türkmenistanyň we Tatarystanyň wekiliýetleriniň iri halkara çärelere, baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagy asylly däbe öwrüldi. Geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklardyr saparlar köpugurly hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegine ýardam edýär. Şu ýylyň maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan şäherine iş saparyny amala aşyrdy we hormatly myhman hökmünde “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” atly XV halkara ykdysady foruma gatnaşdy.Şu aýda Aşgabada Prezident Wladimir Putin tarapyndan ýolbaşçylyk edilen wekiliýetiň düzüminde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň hem gelendigi bellärliklidir. Ol beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyň çärelerine gatnaşdy....Hormatly Prezidentimiziň uçary Kazan şäherine çenli uçuşy amala aşyryp, Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz myhmansöýerligiň asylly däbine görä garşylanyldy. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow we beýleki resmi adamlar mübäreklediler.Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz “Kazan Ekspo” halkara sergi merkezine ugrady. Bu ýerde XVI BRICS sammitine gatnaşýan wekiliýetleriň we halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.Belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna Russiýa Federasiýasynyň Baştutanynyň adyndan kabul edişlik guraldy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

23 Okt 2024
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi.Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde pagta ýygymy guramaçylykly dowam edip, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Bugdaý ekişini ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Häzirki wagtda welaýatyň çägindäki edara-kärhanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlary işe girizilip, olaryň kadaly işlemegini üpjün etmek babatda degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim welaýatda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryndaky pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek bilen baglanyşykly işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde ýerine ýetirilmelidigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Hasabatda pagta ýygymy möwsüminiň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak, pagta arassalaýjy kärhanada we kabul ediş harmanhanalarynda hasyly kabul etmek, pagtany daşamakda ulanylýan tehnikalaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça degişli edara-kärhanalar bilen bilelikde geçirilýän çäreler barada habar berildi. Welaýatda dowam edýän bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek maksady bilen, bu ugurda ulanylýan oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilip, ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin gögeriş suwy öz wagtynda tutulýar. Häzirki wagtda sebitdäki edara-kärhanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary möwsümleýin işe girizilip, olar elektrik energiýasy, tebigy gaz we suw bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Häkim öňde boljak şanly seneler, hususan-da, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada-da hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetini belledi hem-de pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek barada häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.Bellenilişi ýaly, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak, bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň güýjünden netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bugdaý ekilmeli meýdanlarda tagt suwuny tutmak işi doly geçirilip, ekiş geçirilen ýerlerde endigan gögeriş alynýar. Sebitde ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär. Howanyň sowamagy bilen baglylykda, welaýatdaky medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary işe girizilip, olaryň bökdençsiz işledilmegi üpjün edilýär. Mundan başga-da, häkim Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýatda guraljak medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýygym möwsümine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, şu günler sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, kabul ediş harmanhanalaryna tabşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary we gurallary netijeli işledilýär. Welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, gögeriş suwuny tutmak işleri öz wagtynda alnyp barylýar. Ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak üçin zerur işler geçirilýär. Welaýatyň çägindäki bilim we medeniýet, jemgyýetçilik edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary işe girizilip, olaryň kadaly işledilmegini üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, hasyly ýitgisiz ýygnap almak, ony kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatda bugdaý ekişini talabalaýyk geçirmek, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak hem-de kadaly gögeriş almak üçin zerur çäreler ýola goýulýar. Sebitde gant şugundyrynyň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak işlerine-de taýýarlyk görülýär. Welaýatda ýyladyş möwsümine girişilip, medeni-durmuş we jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda Türkmen alabaýynyň baýramyny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygy pudagynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitde şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler Diýarymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, hasyly kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň, awtoulaglaryň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan bugdaý meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek boýunça işler dowam edýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamaga taýýarlyk işleri alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wezipeleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bu işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda jogapkärli möwsümiň — pagta ýygymynyň dowam edýändigine ünsi çekdi hem-de ýygymyň depginini güýçlendirmegiň, hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur işleri geçirmegiň, ýygymda kombaýnlaryň, tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmagyň möhümdigini belledi. Bu işleriň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegi köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnap almagy, pudakda özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagy üpjün eder.Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişiniň hem dowam edýändigine ünsi çekip, ekiş möwsüminiň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmeginiň bugdaýyň bol hasylyny almaga, azyk howpsuzlygyny berkitmäge ýardam etjekdigini belledi we geljek ýylyň hasyly üçin welaýatlarda bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlere laýyklykda alnyp barylmagyna berk gözegçilik etmek, ekişde ulanylýan tehnikalaryň netijeli işledilmegini üpjün etmek, bugdaýa gögeriş suwuny tutmak işlerini öz wagtynda geçirmek hem-de kadaly gögeriş alynmagyny üpjün etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda we talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnamak işlerine berk gözegçilik etmegi, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ýygymyny başlamaga gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz gyş paslynyň golaýlap gelýändigine ünsi çekip, welaýatlardaky bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere gowy taýýarlyk görmegi, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýylda meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

21 Okt 2024
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe ugurdaş kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.14-nji oktýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň geçirilendigi, onuň netijeleri boýunça Bilelikdäki Jarnamanyň kabul edilendigi barada aýdyldy. Bu çäräniň çäklerinde türkmen-koreý geňeşme maslahatynyň ikinji mejlisi geçirilip, onda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, parlament diplomatiýasyny ulanmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmagyň möhümdigi bellenildi. Şeýle hem birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Mälim bolşy ýaly, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” parlamentara forumyny döretmek we türkmen-koreý geňeşme maslahatyny geçirmek başlangyjyny Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öňe sürüpdi. Mundan başga-da, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy, Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň, parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşyklarynyň geçirilendigi habar berildi.Milli parlamentiň ýolbaşçysy pursatdan peýdalanyp, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň üstünlikli geçirilmegi babatda beren goldawlary üçin hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk sözlerini beýan etdi.Mejlisiň deputatlary giň jemgyýetçilige döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny düşündirmek, milli mirasymyzy wagyz etmek, hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyň ähmiýetini düşündirmek boýunça çärelere gatnaşýarlar.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek hem-de parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň Döwlet etalon merkeziniň hem-de “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň barlaghanalarynyň işini halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirmek hem-de akkreditasiýadan geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky çäreler standartlaşdyrmak ulgamyndaky işleri döwrüň talabyna laýyklykda alyp barmaga, ugurdaş maddy-enjamlaýyn binýady mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, bu düzümleriň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän barlaghanalary talabalaýyk işletmegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz degişli synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow şu ýylyň 23 — 25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024” atly XXIX halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu çärä gatnaşmak üçin köp sanly daşary ýurtly kompaniýalary, ýurdumyzyň kärhanalarydyr telekeçileri hasaba alyndy. Halkara sergiň işine Türkmenistanyň Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, daşary ýurt we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Ýyl-ýyldan bu çäräniň geriminiň giňemegi dürli ýurtlaryň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalarynyň artýandygyny görkezýär. Halkara maslahat “Ählumumy energetika bazarynda täze depginler we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi” atly plenar mejlisden we alty sany bölümçeden ybarat bolar.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahatyň we serginiň her ýyl geçirilýändigini, bu çäräniň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ugurlary barada pikir alyşmaga ýardam berýändigini belledi we forumy ýokary derejede guramagy wise-premýere tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda işleriň barşy hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň geçirilişi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişi dowam edýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Dowam edýän pagta ýygymy möwsüminiň çäklerinde ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, kabul ediş harmanhanalarynda kabul etmek, pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň hasylyny ýygnap almak, sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek hem-de bu önümler bilen bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýygnamaga, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ýygymyna başlamaga taýýarlyk görülýär. Şeýle hem wise-premýer Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekip, bugdaý ekiş möwsümini talabalaýyk alyp barmak, bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek, ýygnalýan hasyly kabul etmek, gaýtadan işlemek boýunça degişli işleri alyp barmagy wise-premýere tabşyrdy. Şeýle-de oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda tabşyryk berildi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek möhüm çärelere, hususan-da, “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024” atly halkara sergä hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, geçiriljek halkara sergi we maslahat ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda, senagat önümçiliginde, energetika, himiýa pudagynda, ýol gurluşygynda gazananlary bilen tanyşmaga ýardam berer. Bu möhüm çäreleriň çäklerinde gurluşyk-senagat toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň duşuşyklary meýilleşdirilýär. Munuň özi täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, özara tejribe alyşmaga ýardam berer. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda “Bäherden” keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görülýändigi habar berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek halkara sergä we maslahata, Gyzylarbat etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň, Bäherden etrabynda «Bäherden» keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň dokma senagaty pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Dokma senagaty ministrligi tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda nah ýüplük, nah we tüýjümek matalary, taýýar tikin önümlerini öndürýän dokma toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu täze toplumyň gurulmagy importyň ornuny tutýan ýokary hilli, ekologik taýdan arassa dokma önümlerini öndürmäge, olary eksport etmäge, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna toplumyň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dokma senagatyny ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanalaryň yzygiderli işe girizilýändigini, olarda öndürilýän ýokary hilli dokma önümleriniň içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Dokma senagaty ministrligi tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda dokma toplumyny gurmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa “Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşik türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmaga we olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmäge ýardam berýär. Bäsleşigiň çäklerinde “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigini, “Çalsana, bagşy!”, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiklerini yglan etmek meýilleşdirilýär. “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigini ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli, 2025-nji ýylyň sentýabrynda jemlemek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň milli medeniýetimizi ösdürmekde, medeni mirasymyzy öwrenmekde, ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, kämil eserleriň döremeginde möhüm ähmiýetini belledi. Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu möhüm bäsleşigi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ylmy-amaly maslahatlar barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň dünýäniň ylym-bilim giňişligindäki orny has-da pugtalandyrylýar.“Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda”, bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 25 — 30-njy noýabry aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahaty; 5-6-njy dekabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty; 19-njy dekabrda Türkmen oba hojalyk institutynda sanly ulgam arkaly “Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.Olara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Awstriýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Belarusuň, Malaýziýanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň, alymlarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Bu maslahatlaryň geçirilmegi ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösýän pudaklary boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly ähmiýete eýe bolar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, kämil hünärmenleri taýýarlamakda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigine, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän ylmy-amaly maslahatlaryň yzygiderli guralýandygyna ünsi çekdi we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmen oba hojalyk institutynda geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatlary guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi wise-premýere tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzy beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen Hökümet agzalarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga, ýokary ynsanperwer gymmatlyklara esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde forumyň ähmiýeti bellenildi. Çärä dünýäniň 24 ýurdundan wekilleriň, şol sanda döwlet Baştutanlary derejesindäki 10 wekiliýetiň, halkara guramalaryň 8-siniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir. Forumy şöhlelendirmek üçin daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 200-den gowragy Aşgabada geldi.Soňra wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň 15 — 17-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.Sebitiň döwletleri, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şolaryň hatarynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyny hem görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ŞHG-niň sammitlerine we beýleki duşuşyklaryna hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň wekiliýeti ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Yslamabat şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu sapar Pakistanyň Hökümetiniň çakylygy we döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça amala aşyryldy.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň wekiliýeti 16-njy oktýabrda agzalan mejlise gatnaşdy. Türkmen tarapynyň çykyşynda ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, hususy pudagyň ugry boýunça, aýratyn-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Işewürler geňeşiniň arasynda göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edildi.Iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistanyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif bilen duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Şeýle hem saparyň dowamynda Pakistanyň energetika ministri bilen gepleşikler geçirildi. Dostlukly ýurduň bilim ministri bilen duşuşygyň çäklerinde bilim ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we berkitmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen ýurdumyzy däp bolan dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine bu düzüm bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda degişli tabşyryklary berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmak, elektrikleşdirmek, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de hünärmenleri taýýarlamak işleri göz öňünde tutulyp, bu ugurda zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kabul edilen maksatnama esasynda ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmagyň, elektrikleşdirmegiň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak arkaly hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny, bu ugurda halkara tejribäni ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz pudagyň işini halkara derejede kämilleşdirmäge gönükdirilen teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň ýokary derejede guralandygy üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi we forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Häzirki wagtda akyldar şahyrymyzyň ýubileýi bilen bagly çäreler dowam edýär. Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, ýazyjy-şahyrlary bu ugurda uly işleri bitirýärler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýylyň ahyrynda olaryň zähmetine mynasyp baha berlip, öz zähmeti bilen tapawutlanan raýatlaryň hem dabaraly ýagdaýda sylaglanyljakdygyny aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

18 Okt 2024
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi.Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýygym möwsüminde oba hojalyk tehnikalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta arassalaýjy kärhanalar netijeli işledilýär. Welaýatda bugdaý ekişi agrotehniki möhletlerde dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda endigan gögeriş alynýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin ot-iýmleri taýýarlamak, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekişini ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirmek, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak üçin zerur çäreler görülýär. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetini belledi hem-de welaýatda bugdaý ekişiniň ýokary hilli geçirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. Welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş alynýar. Ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylmagynyň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, şu günler welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Möwsümde oba hojalyk tehnikalaryny, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary bökdençsiz işletmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Sebitde bugdaý ekişi dowam edip, ekiş möwsüminde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri öz wagtynda alnyp barylýar. Welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ýetişdirilen ekinleriň hasylyny ýygnap almak işleri guramaçylykly dowam edýär. Sebitde ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak üçin zerur işler geçirilýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş sanyny artdyrmak, olary talabalaýyk idetmek, gyş paslynda ýyly we dok saklamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi we bu işleriň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçilikleriniň netijesinde welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Sebitde geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş almak üçin zerur çäreler görülýär. Güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işleri bilen bir hatarda, ýetişdirilen hasyly ýygnap almaga taýýarlyk görülýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmak, gyş pasly üçin ätiýaçlyk ot-iým gorlaryny, mallaryň gyşladyljak ýerlerini möwsüme taýýarlamak babatda degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda kesgitläp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu ugurda welaýatda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Diýarymyzda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş kärhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatlarda bugdaý ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek maksady bilen, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar.Hormatly Prezidentimiziň ilaty ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, sebitlerde güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň, miweleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly oragy dowam edip, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almaga taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklarynda gyş paslyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde ätiýaçlyk ot-iýmleri taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda jogapkärli möwsümiň — pagta ýygymy möwsüminiň dowam edýändigine ünsi çekdi we ýygymyň depginini güýçlendirmegi, hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur işleri geçirmegi, ýygymda kombaýnlaryň we tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmagy tabşyrdy. Bu işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnap almagy, pudakda özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagy üpjün eder.Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişiniň hem dowam edýändigine ünsi çekip, bugdaýyň bol hasylyny almagyň, şeýlelikde, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmegiň, halkymyzyň saçagynyň berekedini artdyrmagyň ekiş möwsüminiň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegine köp derejede baglydygyny belledi we geljek ýylyň hasyly üçin welaýatlarda bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagyna berk gözegçilik etmegi, ekişde ulanylýan tehnikalaryň netijeli işledilmegini üpjün etmegi, bugdaýa tagt we gögeriş suwuny wagtynda tutmagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz welaýatlarda güýzlük ýeralmany, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ýitgisiz ýygnap almak üçin hem ähli zerur işleri geçirmegi, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzyň doly üpjün edilişini aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz gyş paslynyň golaýlap gelýändigini belläp, maldarçylyk hojalyklarynda zerur möçberde ot-iým taýýarlamak hem-de mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

14 Okt 2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurlan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we adybir medeni-seýilgäh toplumy Aşgabadyň binagärlik keşbine aýratyn öwüşgin çaýýar.Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Mundan başga-da, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýä ýaýmak baradaky başlangyçlary öňe sürdi.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymgulynyň döredijiliginiň umumadamzat derejesindäki ähmiýeti barha artýar. Onuň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp paýtagtymyzda geçirilýän «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum hem munuň aýdyň güwäsidir. Gündogaryň akyldar şahyrynyň edebi mirasyna hormat-sarpanyň nyşany hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy ägirt uly ähmiýete eýedir. Bu şahyrana eserde akyldaryň döredijiligi pähim-paýhas ummanyna deňelýär we onuň öňdengörüjilikli pikirleri giňden beýan edilýär....Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdança geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy.Ýüzýyllyklaryň geçendigine garamazdan, şahyryň eserleri täze röwüşde ýaňlanýar we Türkmenistanyň çäklerinden has uzaklarda-da barha meşhurlyga eýe bolýar. Magtymgulynyň goşgulary Watana söýginiň, ynsanperwerligiň, parahatçylygyň, dost-doganlygyň, dürli medeniýetleriň we halklaryň arasynda özara ynanyşmagyň, hormat goýmagyň çagyryşy bolup çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen halky müňlerçe ýyllyk taryhynyň dowamynda adamzadyň umumy ösüşine uly täsir eden ruhy we medeni gymmatlyklary döreden halkdyr. Şahyryň eserleri dünýä edebiýatynyň, adamzat medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr. Söz ussadynyň dürdäne eserlerini halk ýatdan öwrenipdir. Bagşy-sazandarlarymyz onuň çuň many-mazmunly goşgularyny aýdyma öwrüp, şu günlerimize ýetiripdir.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymgulynyň ýadygärligine gül desselerini goýdy.Ýurdumyzyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, talyplar hem bu göreldä eýerdiler.Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki nusgalyk ýol-ýörelgeler ýaş türkmenistanlylary terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Şahyryň taglymatlary, geljege bolan garaýyşlary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy mirasydyr. Şonuň üçin Magtymgulynyň şahyrana mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy. Nusgawy şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmek halkara häsiýete eýe boldy.Magtymgulynyň goşgularyndan eriş-argaç bolup geçýän hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, demokratiýa, däp-dessurlara ygrarlylyk ýörelgeleri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirýär we ýurdumyzyň diplomatiýasynyň dowamatlylygynyň çeşmesi bolmagynda galýar. Häzirki wagtda Magtymgulynyň döredijiliginiň halkara derejede dost-doganlygy pugtalandyrmaga hyzmat edýändigini aýdyp bileris. Çünki ýurdumyzyň daşary syýasaty beýik şahyryň pikirleriniň, tutuş barlyk we türkmen halkynyň dünýädäki orny baradaky garaýyşlarynyň dowamydyr.Dabara tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.Şeýlelikde, şu günki çäre we umuman, beýik söz ussadyna bagyşlanyp ýurdumyzda hem-de halkara derejede geçirilýän beýleki çäreler Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň umumadamzat ähmiýetini ýene-de bir gezek açyp görkezdi.

11 Okt 2024
Paýtagtymyzda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumy başlandy

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumy öz işine başlady.Söwda-senagat edarasynda geçirilen ýokary derejeli foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Mongologiýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurdumyza geldiler.Myhmanlaryň hatarynda Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany, ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň Başlygy, Halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň hökümet agzalary, tanymal alymlar, medeniýet işgärleri we diplomatlar bar.Bu forum beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününi baýram etmegiň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär. Bu maksatnama ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda guralan köpsanly dabaraly çäreler girizildi. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, beýik şahyryň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny hem-de umumyadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek halkara maslahatyň esasy maksatlarydyr.

11 Okt 2024
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumdaky çykyşy

Hormatly foruma gatnaşyjylar!Türkmen halky müňlerçe ýyllyk taryhynyň dowamynda ruhy we medeni gymmatlyklary döreden halkdyr. Dünýä edebiýatynyň ägirdi, görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragy bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr. Şonuň üçin şahyryň ömrüni we döredijiligini giňden öwrenmek bilen bagly işler abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanýan şu günki wakanyň hem aýratyn many-mazmuny bardyr.Hormatly foruma gatnaşyjylar!Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi. Dana Pyragynyň parasatly pikirleri asyrlarboýy halkymyz üçin, şeýle-de beýleki halklaryň wekilleri üçin hem durmuş ýörelgesine öwrülip geldi.Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy bu abraýly gurama bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bularyň ählisi türkmen halkynyň beýik söz ussadyna bolan belent sarpasyny ýüze çykarýar. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi.Hormatly foruma gatnaşyjylar!Ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýä ýaýmak baradaky başlangyçlaryny öňe sürdi. Türkmenistanly hem-de daşary ýurtly meşhur ýazyjy-şahyrlar, alymlar, edebiýatçylar, suratkeşler, sungat işgärleri beýik şahyra bagyşlap köp işleri bitirdiler, kämil eserleri döretdiler. Bu eserler söz ussadynyň baý edebi mirasyny öwrenmekde, dünýä giňden ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.Paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde türkmeniň beýik ogly, Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen berk baglydyr. Bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň hem oturdylmagy Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir aýdyň nyşanydyr. Daşary ýurtlaryň birnäçesinde Magtymgulynyň heýkelleriniň oturdylandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Şeýle sahawatly işler halklaryň arasynda dost-doganlyk köprülerini has-da pugtalandyrýar.Hormatly adamlar!Magtymgulynyň baý mazmunly beýik mirasy türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitledi. Onuň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk we ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleri beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmenleriň milli häsiýetiniň kemala gelmeginde uly hyzmaty bitiren akyldar şahyr köp ýurtlara aýlanyp görüp, dünýä akyl ýetiripdir. Bu bolsa onuň aň-düşünjesinde öçmejek yz galdyrypdyr. Dünýägaraýşynyň kämil bolmagyna, halklaryň arasynda medeniýetleriň, bilimleriň özara baýlaşmagyna getiripdir.Hormatly foruma gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar!Magtymgulynyň şygryýeti watançylyk senasydyr. Ol öz halkyny, topragyny söýen, ony goramagy we onuň gadyryny bilmegi ündän watançy şahyrdyr. Adamzada abadanlyk islän we onuň dogry ýoluny görkezen beýik akyldardyr. Şahyryň goşgulary nesillerde watansöýüjiligi, ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli, il-ýurt üçin, bütin adamzat üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga mynasyp adamlar bolup ýetişmegine ýardam edýär.Hormatly foruma gatnaşyjylar!Magtymguly Pyragynyň mirasy biziň üçin uly baýlykdyr. Akyldar şahyryň wesýetlerine wepaly bolmagy biz mukaddes borjumyz hasaplaýarys. Onuň wesýetlerine eýermek bilen, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, berkarar döwletliligimizi mundan beýläk-de berkideris. Beýleki döwletler bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklarymyzy giňelderis. Biz parahatçylygyň we adamzadyň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine öz goşandymyzy goşmaga hemişe taýýardyrys.Sözümiň ahyrynda foruma gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin.(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabry)

11 Okt 2024
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.Günüň ikinji ýarymynda dostlukly ýurduň Lideri motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumyna tarap ugraýar. Toplumyň merkezi girelgesiniň öňünde Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady.Döwlet Baştutanlary köşgüň içine girip, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşýarlar. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewi “Rowaç” zalyna çagyrýar. Bu ýerde ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikler geçirildi.Döwlet Baştutanymyz gazagystanly kärdeşine Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi, şeýle hem ertir geçiriljek beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşýandygy, ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu duşuşyk biziň ýurtlarymyzyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň şu ýylda eýýäm bäşinji duşuşygydyr. Şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýokary derejededigine, ony mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça depginli, gyşarnyksyz we anyk maksada gönükdirilip alnyp barylýar. Ony ösdürmek hem-de giňeltmek bilen, biz türkmen we gazak halklarynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak däpleriniň çuňňur taryhy köklerine daýanýarys. Häzirki döwürdäki halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň ýakynlygyna, hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýadyna, iki ýurduň hem kuwwatly ykdysady mümkinçiliklerine esaslanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna berk we üýtgewsiz goldaw berýändigi, BMG-niň, beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde türkmen tarapynyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryna, garaýyşlaryna we tekliplerine ýardam berýändigi üçin gazak tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen birlikde, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmak, häzirki zaman tehnologik ösüşi üçin şertleri döretmek, medeni gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, ýurtlarymyzyň ykdysady we serişde mümkinçiliklerini ulanmak üçin uly tagallalar edilýär.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gazagystan bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmegi pugta maksat edinýändigini, syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardygyny nygtap, şu gün geçiriljek gepleşikleriň türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmakda uly mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Aşgabada gelmäge çakylygy hem-de mähirli garşylandygy üçin hoşallyk bildirip, Gazagystan üçin Türkmenistanyň örän ýakyn ýurtdugyny we strategik hyzmatdaşdygyny nygtady. Gazagystanyň Lideri ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň möhümdigini belledi. Bu duşuşyklar köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Gazagystan energetika, ulag, logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, beýleki ugurlarda Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy. Şunda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem-de ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy hyzmatlary aýratyn bellenildi.Biz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna uly sarpa goýýarys diýip, gazak Lideri ýurdumyzyň sebit hem ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekdäki saldamly goşandyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, goňşy ýurduň özara ysnyşykly gatnaşyklara, ilkinji nobatda, BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanyldy.Ynanyşmak we netijeli ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek we geljegi uly meýilnamalar bilen baglylykda, türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça-da pikir alyşdylar.Soňra gepleşikler “Soltan Sanjar” zalynda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.Hormatly Prezidentimiz Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi we Gazagystan Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň Lideriniň şu resmi saparynyň ýurtlarymyzyň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de ysnyşykly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge, gatnaşyklaryň täze, geljegi uly ugurlaryna çykmaga hyzmat etjekdigini belledi.Türkmenistanyň we Gazagystanyň halklarynyň gatnaşyklarynyň taryhy ýüzýyllyklara uzaýar. Hakyky doganlyk hyzmatdaşlygy kemala geldi. Iki döwleti we halky diňe bir geografik taýdan ýerleşiş däl, eýsem, taryhy ykballarynyň aýrylmazlygy, biri-birine zerurdygy baradaky düşünjeler hem birleşdirýär. Biz bu umumy gymmatlyklaryň gadyryny bilýäris, ata-babalarymyzdan miras galan, ýokary ahlak kadalary baradaky garaýyşlarymyzyň esasyny düzýän däplere aýawly garaýarys hem-de olary hormatlaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Şu ýyl görnükli şahsyýetleriň — türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň Gazagystanyň paýtagty Astanada, gazak şahyry, filosofy hem-de magaryfçysy Abaý Kunanbaýewiň Aşgabatda ýadygärlikleriniň açylmagy türkmen we gazak halklarynyň dost-doganlygynyň aýdyň nyşany boldy. Bu dabaraly çärelere türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşandygy aýratyn bellärliklidir.Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň häzirki derejesi biziň ýurtlarymyza geljek üçin öz gatnaşyklaryny ynamly ýola goýmaga, halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlaryny ylalaşmaga mümkinçilik berýär, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýum işinde, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň uzak möhletli meýilnamalaryny düzmäge şert döredýär. Türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň many-mazmuny ählumumy ösüşiň ugurlaryna özara doly düşünmek bilen şertlenendir. Türkmenistan halkara işlerde Gazagystan bilen bilelikde deňhukuklylyk we adalatlylyk, BMG-niň esas goýujy resminamalaryna berk eýermek ugrunda çykyş edýär.Halkara parahatçylygy, durnuklylygy goramak, ählumumy töwekgelçiliklere hem-de howplara garşy göreşmek, durnukly ösüşi üpjün etmek, ynsanperwer meseleleri çözmek maksady bilen, häzirki döwürde biz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn derejede mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygymyzy tassyklaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.Döwletara syýasy dialogda abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ähmiýeti bardyr. Esasy halkara meseleler boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigini göz öňünde tutup, Türkmenistan we Gazagystan dünýäde alyp barýan işlerini utgaşdyrýarlar, birek-biregi goldaýarlar. Munuň özi diňe sebitimizde däl-de, onuň çäklerinden daşarda hem hakyky netijeleri gazanmaga we emele gelen ýagdaýlara oňyn täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gazagystanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň biziň ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen 25 sany Kararnamasynyň awtordaşy bolup çykyş edendigini belledi. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Gazagystanyň halkara tagallalaryna uly ähmiýet berip, netijeli garaýyşlaryny we tekliplerini yzygiderli goldaýar.Sebit durnuklylygyny we howpsuzlygyny berkitmek häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu meselä ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň üýtgewsizdigini hem-de yzygiderlidigini belledi. Türkmenistan bilen Gazagystan Merkezi Aziýanyň we serhetdeş sebitleriň parahatçylykly ösüşini üpjün edýän berk hem-de netijeli usullaryň döredilmegi ugrunda çykyş edýärler.Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary sebit hyzmatdaşlygynyň netijeli, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetiniň aýgytly şertleriniň biridir. Onuň şu ýylyň awgustynda Astanada geçirilen nobatdaky mejlisi bäştaraplaýyn hyzmatdaşlykda möhüm waka boldy. Sebitiň ýurtlarynyň birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak bilen, iň çylşyrymly meselelere-de öz garaýyşlaryny beýan etmäge we olary bilelikde çözmäge taýýardyklaryny görkezdi diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.Owganystandaky ýagdaý biziň gepleşiklerimiziň aýratyn meselesi bolup durýar. Biz owgan meselesinde halkara bileleşigiň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk dörediji mümkinçiligini has işjeň we giňden ulanylmaly diýip hasap edýäris. Türkmenistan bilen Gazagystanyň owgan ugry boýunça hyzmatdaşlygy Owganystanda asudalygy, durnuklylygy, bu ýurduň ykdysadyýetini hem-de durmuş ulgamyny dikeltmekde örän peýdaly bolmalydyr. Bu ýurt sebitiň we dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyna giňden çekilmelidir diýip hasaplaýarys. Şu maksat bilen, syýasy dialogy, şol sanda ony owgan meselesi boýunça alyp barmak üçin daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinden başga-da, biz howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreşmek, Merkezi Aziýa sebitiniň suw serişdelerini aýawly we rejeli peýdalanmak, Aral meselesini çözmek ýaly möhüm ugurlar boýunça tagallalary mundan beýläk-de utgaşdyrarys. Şu meselede Gazagystanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda netijeli başlyklyk edýändigini aýratyn bellemek isleýärin diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.Gazagystan Hazar deňzi boýunça hem Türkmenistanyň goňşusydyr. Biziň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygymyz Hazary parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, ylalaşyklylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň deňzine öwürmegiň örän möhüm şerti bolup durýar. Bu ugurda soňky ýyllarda köp iş edildi. Strategik maksada ýetildi — 2018-nji ýylda Aktau şäherinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekildi. 2022-nji ýylyň tomsunda Hazarýaka döwletleriň Aşgabatda geçirilen VI sammitinde biz bäştaraplaýyn Hazar gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdyk. Olary bilelikde durmuşa geçirmäge taýýardygymyzy beýan etdik. Şu gün bu taýýarlygymyzy tassyklap, Hazar sebitinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, deňziň biodürlüligini gorap saklamak we suwunyň çekilmegine garşy göreşmek ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça zerur işleri alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.Söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdylanda, Gazagystan Respublikasy bu ulgamda ýurdumyzyň köp ýyllardan bäri ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dürli pudaklarda hyzmatdaşlygyň ýetilen derejesine, Hökümet hem-de dolandyryş edaralary boýunça toplanan tejribä ýokary baha berdi. Umuman, bu ugurdaky hyzmatdaşlygymyz hil taýdan gowulanyp, yzygiderli ösýär. Şunuň bilen birlikde, iki tarapyň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak üçin şertleriň köpdügi aýdyldy. Türkmenistan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi we giňeltmegi zerur hasaplaýar. Biziň umumy işimizde eýýäm amala aşyrylan iri energetika taslamasy bolan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisini bellemek bolar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gazagystanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde energiýa serişdelerini ibermegi we üstaşyr geçirmegi düýpli artdyrmagyň mümkinçiliklerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.Iki iri energetika döwletleri bolan Türkmenistan bilen Gazagystan yklymda energetika hyzmatdaşlygyna, energetika durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge düýpli hem-de oňyn täsir edip biler. Şunuň bilen baglylykda, gaz we elektrik energiýasy pudaklarynda bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny görýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Ulag-logistika hem hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarydyr. Biz Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini emele getirmekde Türkmenistan bilen Gazagystanyň giň mümkinçilikleriniň bardygyndan ugur alýarys. Merkezi Aziýanyň çäklerinden esasy yklymüsti geçirijileri çekmegiň zerurdygy baradaky başlangyç bilen doly ylalaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Pars aýlagyndaky we Hind ummanyndaky deňiz portlaryna çykmak bilen, Hazar deňziniň gündogar kenarynyň ugry boýunça ulag geçelgesini döretmäge hem-de onuň doly işlemegine Türkmenistanyň we Gazagystanyň gatnaşmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly boýunça daşalýan ýükleriň möçberini has-da artdyrmagyň, Hazar deňzindäki Türkmenbaşy, Aktau we Kuryk portlarynyň üstünden multimodal ulag gatnawlarynyň mümkinçiliklerini bellemek isleýäris diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.Iki ýurduň awtomobil ýollarynyň, hususan-da, türkmen bölegi ýakyn geljekde döwrebaplaşdyrylyp başlanjak Türkmenbaşy — Garabogaz — Temirbaba — Aktau awtomobil ýolunyň uly mümkinçiligi bar.Biziň ýurtlarymyzyň işjeň hyzmatdaşlyk edip biljek beýleki ugurlarynyň arasynda agrosenagat toplumyny, himiýa senagatyny, maşyn gurluşygyny, dokma önümçiligini we birnäçe beýleki pudaklary görkezip bileris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz türkmen-gazak serhetýaka söwda zolaklaryny döretmegiň hem ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmekde, şol sanda oba hojalyk we durmuş tehnikalaryny, azyk harytlaryny, gurluşyk serişdelerini, şonuň ýaly-da, nebit himiýasynyň önümlerini özara ibermegi giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.Biziň ýurtlarymyzyň işewürler bileleşikleriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin düýpli mümkinçilikleriň bardygyny bellemek isleýärin.Şunuň bilen baglylykda, türkmen we gazak kompaniýalaryny iki ýurduň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga gatnaşmak üçin çekmäge döwlet ýardamyny bermäge taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Yzygiderli ösdürilýän we giňeldilýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk Gazagystan bilen gatnaşyklarymyzyň örän möhüm ugry bolup durýar.Soňky ýyllarda bu gatnaşyklar has-da işjeňleşip, dürli bilelikdäki çäreler geçirilýär. Şu ýylyň iýunynda Astanada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Siziň saparyňyzyň öň ýanynda bolsa Aşgabatda Türkmenistanyň ýaşaýjylarynda örän uly gyzyklanma döreden Gazagystanyň Medeniýet günleri guraldy diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.Ylym ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmäge has uly üns bermek, iki ýurt üçin wajyp ugurlarda bilelikdäki ylmy barlaglary ýola goýmak zerurdyr. Şoňa görä-de, bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça resminamalary taýýarlamaga girişmek teklip edilýär. Döwlet Baştutanymyz ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini bellemek bilen, häzirki wagtda Gazagystanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň 2,5 müňe golaýynyň bilim alýandygyny aýtdy. Türkmenistan ýaş hünärmenleri taýýarlamakda berýän kömegi üçin gazagystanly hyzmatdaşlara minnetdardyr.Biziň bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar depginli ösýär. Türkmen we gazak halklaryny diňe bir taryhy taýdan doganlyk, köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, gelip çykyşynyň, diliniň, dininiň we medeni-ahlak sütünleriniň umumylygy birleşdirmek bilen çäklenmeýär. Häzirki döwürde biz gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmagyň zerurdygyna anyk düşünýändigimize, dünýä syýasatynyň esasy ugurlarynda uzak möhletli bähbitlerimiziň laýyk gelýändigine, ykdysadyýetde we ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna düşünýändigimize daýanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli meseleleri boýunça umumy ylalaşyga gelýändigimiz, Gazagystan tarapynyň hyzmatdaşlyk etmäge düşünmek bilen garaýandygy we taýýardygy begendirýär diýip, döwlet Baştutanymyz şu günki duşuşygyň iki döwletiň özara gatnaşyklary giňeltmek üçin mundan beýläk-de ähli zerur tagallalary etjekdigini tassyklandygyny belledi. Muny gol çekmek üçin taýýarlanan resminamalaryň toplumy hem tassyklaýar. Döwlet Baştutanymyz netijeli iş alyp barandygy, strategik hyzmatdaşlyk meselelerine gyzyklanma bildirip, olary jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe we Gazagystanyň wekiliýetiniň ähli agzalaryna minnetdarlyk bildirdi.Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär.Belent mertebeli myhman Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy we myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, biziň ýurdumyza saparyna uly ähmiýet berýändigini nygtady. Bu waka umumy maksada ýetmekde, köpugurly döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda möhüm ädim bolup durýar. Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň belleýşi ýaly, Gazagystan bilen Türkmenistan köpasyrlyk dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga, bitewi medeni we taryhy gymmatlyga daýanyp, berk hem-de sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýdular. Şol gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk esasynda yzygiderli ösdürilýär.Ýurtlarymyzyň arasynda ähli derejede işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, Hökümetleriň ugry boýunça sazlaşykly iş alnyp barylýar, pudagara gatnaşyklar berkidilýär. Köptaraplaýyn düzümleriň we mehanizmleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk etmek bilen, taraplar sebit we halkara gün tertibiniň köp meseleleri boýunça ýagdaýlaryň ösüşine garaýyşlarynyň meňzeşdigini görkezýärler. Gazagystanyň Baştutany sözüni dowam edip, şu gün ikiçäk gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, geljek üçin onuň esasy ugurlarynyň kesgitlenendigini nygtady. Prezidentleriň tabşyrygy boýunça iki döwletiň Hökümetleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleriniň üstünde işleýärler.Söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdylanda, bu babatda soňky ýyllarda uly ösüş gazanyldy diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy. Özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin oňat mümkinçilikler bar. Senagat, ulag, logistika we beýleki ulgamlarda birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär. Energetika ulgamynda, hususan-da, gaz pudagynda gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Hökümetara toparyň çäklerinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar hem-de işewürler geňeşiniň netijeli işi muňa ýardam edýär. Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisi geçen hepdede geçirildi. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk yzygiderli berkidilýär. Gazagystanyň we Türkmenistanyň özara Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Iki halkyň umumy ruhy-medeni gymmatlyklarynyň genji-hazynasyny has-da baýlaşdyran ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri açyldy.Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, şu gün Aşgabatda gazak edebiýatynyň nusgawy şahyry Abaýyň ýadygärligi açyldy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hormatly Prezidentimize gazak halkynyň medeni mirasyny goldaýandygy, şeýle hem özüne Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalynyň gowşurylandygy üçin hoşallyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, Gazagystanyň Baştutany ähli türkmen halkyny Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen gutlady. Nusgawy şahyryň mirasy dünýä edebiýatynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Gazagystan bilen Türkmenistanyň gatnaşyklaryndaky üstünlikler biziň halklarymyz tarapyndan ruhubelentlik bilen garşylanylýar diýip, belent mertebeli myhman nygtady.Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalaryň tutuş Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşini üpjün etmäge mümkinçilik berýändigini belläp, türkmen kärdeşine dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan ägirt uly goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.Sebitara hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, bu ugurdaky göni gatnaşyklaryň ykdysady hyzmatdaşlykda möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň akimatynyň arasynda hyzmatdaşlyk babatda gol çekmäge taýýarlanylan Meýilnama ünsi çekip, bu tejribäni beýleki sebitlere hem ýaýratmagyň möhümdigini belledi.Gazagystan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga taýýardyr. Bu ugurda degişli işler amala aşyrylýar. Şu günki gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalar bu ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam eder.Gazagystan Respublikasynyň Baştutany üstaşyr ulag ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik häsiýetini nygtady. Bu babatda ýük daşamalaryň möçberini artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Bellenilişi ýaly, Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň orny häzirki wagtda birnäçe esse artdy. Hyzmatdaşlaryň bu ýoly has işjeň ulanmaga gyzyklanmasy ýokarlanýar. Şeýle hem awtomobil ulaglary arkaly ýük daşamakda netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Iki ýurduň arasynda howa ulaglary arkaly ýolagçy gatnawlaryny dikeltmegiň geljegi uly hasaplanýar. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew şular barada aýtmak bilen, göz öňünde tutulan meýilnamalaryň ählisiniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň döwletara hyzmatdaşlyga uly itergi berjekdigine ynam bildirdi we gazak-türkmen gatnaşyklarynyň strategik häsiýete eýedigini tassyklady.Belent mertebeli myhman ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtap, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda gazak jemgyýetçiliginiň Astanada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegini we Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň ýadygärliginiň açylmagyny mähirlilik bilen garşylandygyna ünsi çekdi. Şunda Gazagystanyň bu ulgamda, şol sanda bilim ugry boýunça däp bolan hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň belleýşi ýaly, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan dünýä bileleşiginde eýeleýän ornuny ep-esli güýçlendirdi we halkara abraýyny pugtalandyrdy. Gazagystanda doganlyk ýurduň durmuş-ykdysady ösüşde gazanan uly üstünliklerine tüýs ýürekden begenýärler. Dostlukly ýurduň Lideri şu gezekki saparynyň hem-de geçirilen gepleşikleriň strategik döwletara hyzmatdaşlyga uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, “Seljuk han” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Iş dolandyryş müdirliginiň «Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň teleradiotoplumy» PHW-de RGP arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 2025-nji ýyl üçin söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk babatda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň akimatynyň arasynda hyzmatdaşlygyň Meýilnamasyna; «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Aktau deňiz söwda porty» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda deňiz ulagy pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy bilen «Kazpoçta» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda halkara poçta ugratmalaryny eltip bermek boýunça Ylalaşyga; «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «КазМунайГаз» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «QazaqGaz milli kompaniýasy» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň arasynda arhiw işi babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Gazagystan Respublikasynyň Syýahatçylyk we sport ministrliginiň arasynda sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Syýahatçylyk we sport ministrliginiň arasynda syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda ösümlikleriň karantini we ösümlikleri goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Maliýe bazaryny dolandyrmak we ösdürmek boýunça agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda jenaýatçylyga garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň Raýat awiasiýasy komitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagaty ministrliginiň arasynda sanlylaşdyrmak we maglumat tehnologiýasy babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ýolagçylaryň we ýükleriň halkara awtomobil gatnawlary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 1997-nji ýylyň 27-nji fewralyndaky Ylalaşyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada Teswirnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag, logistika we üstaşyr babatda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk; 2025 — 2027-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda dostlugy we köptaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça hemmetaraplaýyn Maksatnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşyga gol çekildi.Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda dostlugy pugtalandyrmak we köptaraply strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekýärler. Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary “Magtymguly” zalyna bardylar we şol ýerde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini beýan edip, Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini hem-de onuň ýanyndaky wekiliýetiň ähli agzalaryny mähirli mübärekläp, ýurdumyza resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.Şu günki duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi, gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, özara hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gepleşikleriň netijeli we anyk häsiýetini aýratyn belledi. Gepleşikler özara ynanyşmak, açyklyk ýagdaýynda geçdi. Ähli ugurlarda — syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-ynsanperwer ulgamda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berildi.Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde köpugurly türkmen-gazak gatnaşyklary deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda depginli we yzygiderli ösdürilýär. Gazagystan daşary syýasatda biziň möhüm hyzmatdaşymyzdyr. Biz Merkezi Aziýada we oňa ýanaşyk çäklerde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, hyzmatdaşlygyň netijeli halkara usullaryny ýola goýmak üçin amatly şertleri döretmekde bilelikde işjeň iş alyp barýarys. Şeýle hem ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy saklamak we goldamak, häzirki zamanyň wehimlerine, howplaryna garşy göreşmek ýaly ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň umumydygy nygtaldy. Şu günki duşuşyk biziň döwletlerimiziň abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Türkmenistan we Gazagystan Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini döretmekde, şol sanda Hazar deňziniň gündogar kenaryndan Pars aýlagynyň we Hind ummanynyň deňiz portlaryna çykmak bilen, ulag gatnawynyň doly derejede hereket etmegini ýola goýmakda ýakyn özara hyzmatdaşlygy we hereketleri utgaşdyrmagy dowam etdirerler. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, bu hyzmatdaşlygy giňeltmäge we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge iki tarapyň hem taýýardygy tassyklanyldy. Energetika, ulag, söwda, oba senagat toplumy, himiýa, dokma senagaty we beýleki pudaklar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Taraplar medeniýet, ylym, bilim, sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyna we geljegine üns berip, olary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça gyşarnyksyz ösdüriler. Bu iki döwletiň we halkyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär, halkara ýagdaýlaryň oňyn ösüşiniň düýpli şerti bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň uly şahsy hyzmatyny, onuň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk meselelerine hemişe üns berýändigini aýratyn belläp, gazagystanly kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.Türkmenistan Gazagystan bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Gazak halky biziň doganlyk halkymyzdyr, ýakyn we hoşniýetli goňşymyzdyr, ygtybarly hyzmatdaşymyzdyr. Bizi hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däpleri, umumy taryh, medeniýet, dil, ruhy gymmatlyklar baglanyşdyrýar. Biz bu gymmatlyklary aýawly saklaýarys, häzirki döwrüň ruhuna laýyklykda, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýarys. Biz Gazagystanyň gazanýan üstünliklerine guwanmak bilen, ýurduň ilerlemegiň we gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly barýandygyna aýdyň göz ýetirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Gazagystanyň Liderini we dostlukly döwletiň wekiliýetini ýene-de bir gezek Türkmenistanda tüýs ýürekden mübärekläp, dostlukly gazak halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.Prezident Kasym-Žomart Tokaýew gepleşikleriň netijelerini teswirläp, güneşli Aşgabada gelip görmäge çakylygy hem-de örän mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Türkmenistan gadymy taryha, baý medeni mirasa hem-de asyrlardan gözbaş alýan däp-dessurlara eýe bolan ýurtdur diýip, belent mertebeli myhman aýtdy we her gezek bu sahawatly topraga geleninde, türkmen halkyna mahsus bolan mähirli myhmansöýerligi duýýandygyny belledi.Häzirki wagtda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan kuwwatly we gülläp ösýän döwleti gurmagyň ýolunda täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Türkmenistan biziň üçin strategik ähmiýetli hyzmatdaş we hoşniýetli goňşy döwletdir. Bu ýurt bilen köpasyrlyk umumy taryha hem-de mizemez dostluk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan sazlaşykly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Biz bu mizemez binýatda giň ugurlar boýunça okgunly ösdürilýän hakyky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy kemala getirýäris diýip, Gazagystan Respublikasynyň Baştutany belledi.Yzygiderli hem-de ynanyşykly syýasy dialog arkaly söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk çuňlaşdyrylýar, esasy halkara hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmatlary we ägirt uly şahsy goşandy bardyr diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň köpugurly döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga üýtgewsiz ygrarlydygyna, oňa tüýs ýürekden gyzyklanma bildirýändigine ýokary baha berýändigini belledi. Gazagystanyň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, ol doganlyk Türkmenistana resmi saparyna aýratyn ähmiýet berýär. Ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygy baradaky bir pikire geldiler.Şu gün möhüm resminamalaryň tutuş toplumy kabul edildi, olaryň hatarynda dostluk we köpugurly strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hakynda Jarnama aýratyn orun eýeleýär. Jarnamada biz doganlyk halklaryň mundan beýläk-de has-da ýakynlaşmagyna, döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga özara gyzyklanmany ýene-de bir gezek tassykladyk diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak gepleşikleriň möhüm meseleleriniň biri boldy. Bu ugurdaky gatnaşyklar biziň döwletlerimiziň arasyndaky durnukly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ygtybarly kepilidir. Aşgabatda gazak şahyry hem-de akyldary Abaý Kunanbaýewiň, kompozitor Kurmangazynyň ýadygärlikleriniň açylmagy Gazagystan üçin aýratyn buýsançly wakadyr diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew belledi hem-de munuň üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.Türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Astanada Magtymgulynyň ýadygärligi açyldy. Pursatdan peýdalanyp, belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa biziň halklarymyz üçin umumy medeni gymmatlyklary goldandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, şanly senäniň hormatyna ertir geçiriljek forum ägirt uly ähmiýetli waka öwrüler. Beýik akyldaryň döredijiligi diňe bir türkmen halkynyň milli medeni mirasy bolman, dünýä medeni mirasynyň hem aýrylmaz bölegidir. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma tassyklanyldy. Taraplar bu möhüm ugurda gatnaşyklaryň geljegine garamak barada ylalaşdylar.Prezident Kasym-Žomart Tokaýew iki döwletiň halkara guramalaryň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny aýratyn belledi. Gazagystan Bitarap Türkmenistanyň sebit we halkara howpsuzlygy üpjün etmäge goşýan goşandyna ýokary baha berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan öz halkara abraýyny has-da pugtalandyrdy, biz doganlyk Türkmenistanyň dünýä giňişliginde gazanýan üstünliklerine begenýäris diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.Sözüniň ahyrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti geçirilen gepleşikleriň jemlerine kanagatlanma bildirdi we türkmen kärdeşine mähirli myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.Agşam hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi.Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza resmi sapary dowam edýär.

10 Okt 2024