Hormatly Wladimir Wladimirowiç,Hormatly döwlet Baştutanlary!Ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine myhmansöýerlik, mähirli kabul edendigi hem-de işlemek üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Şu günki mejlisiň gün tertibine geçmezden ozal, hormatly Wladimir Wladimirowiçi doglan güni bilen ýene-de bir gezek gutlamaga, oňa berk jan saglyk, Russiýanyň halkyna hem-de döwletine hyzmat etmekde täze üstünlikleri arzuw etmäge rugsat ediň! Wladimir Wladimirowiç Türkmenistanda uly hormat-sarpadan we abraýdan peýdalanýar. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň arhitektorlarynyň biri bolup durýar.Hormatly mejlise gatnaşyjylar!Şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin esasy ileri tutulýan ugurlary we wezipeleri durmuşa geçirmegiň nyşany astynda geçýär. Munuň özi howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmakdan, ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdan, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. Geljek döwürde Arkalaşygyň öňünde biziň mümkinçiliklerimizden has doly peýdalanmak, dünýä syýasatynda, ykdysady durmuşynda bolup geçýän üýtgeşmeler bilen baglylykda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek hem-de täze maksatlara ýetmek wezipeleri durýar.Jogapkärli döwletler hökmünde biziň esasy wezipämiziň GDA-nyň giňişliginde pugta parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki işi dowam etdirmekden ybaratdygyna ynanýaryn. Muny Arkalaşygyň çäginde syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň mehanizmlerini mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ählumumy giňişlikde, halkara guramalarda parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine garaýyşlary berkitmek boýunça ylalaşykly hereketler arkaly gazanyp bolar.Häzirki wagtda täze wehimlerdir howplara garşy durmak meselesi örboýuna galýar. Men, ilki bilen, biologik howp, kiberjenaýatçylyk, maglumat meýdançalaryny bikanun ulanmak ýaly howplary göz öňünde tutýaryn. Biziň ýurtlarymyz bu ýagdaýlar babatda has işjeň, ylalaşykly, düzümleýin çemeleşmelere geçmelidirler, radikalizmiň elementleriniň aralaşmagynyň, duşmançylygy döretmek synanyşyklarynyň öňüni almalydyrlar, olaryň döwlet institutlaryna we jemgyýetçilik durmuşyna ýaramaz täsir etmeginden goramagyň mehanizmlerini işläp taýýarlamalydyrlar. Munuň üçin biziň ygtyýarymyzda bar bolan syýasy-diplomatik, guramaçylyk, ylmy-tehniki hem-de beýleki serişdelerden peýdalanmak zerurdyr. Arkalaşygyň içinde parahatçylyk, durnuklylyk, howpsuzlyk mizemez bolmalydyr we ygtybarly kepillendirilmelidir.Daşary giňişlikde hem biziň öňümizde örän möhüm wezipeler durýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň öz işine başlan sessiýasy häzirki zaman geosyýasatynyň wajyp meseleleriniň ençemesini çözmäge çemeleşmelerde köp babatda konseptual düşünişmezlikleriň bardygyny görkezdi. Şol meseleleriň çylşyrymlydygyna garamazdan, Türkmenistan dünýädäki ýagdaýyň durnuklylaşdyrylmagynyň mümkindiginden, ony syýasy-diplomatik ýol bilen, gepleşikler arkaly çözüp boljakdygyndan ugur alýar. Bütindünýä howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmekde köpugurly kanuny güýje eýe bolan ýeke-täk gurama hökmünde BMG-niň ulanylmagy bu babatda möhüm şert bolup durýar.Geljek ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy belleniler. Munuň özi uly tapgyr, gözýetimdir. BMG-niň hyzmatdaşy hökmünde GDA-nyň bu bütindünýä guramasyny berkitmäge, agza döwletleriň BMG-niň Tertipnamasynyň töwereginde jebisleşmegine, onuň kemsidilmeginiň synanyşyklaryna garşy göreşmäge gönükdirilen uly işleri alyp barmalydygy äşgärdir. Şu babatda Türkmenistan Baş Assambleýanyň ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul eden Kararnamasyna laýyklykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geljek ýylda çäreleriň geçirilmegini biziň bilelikdäki işimiziň möhüm bölegi bolup durýar diýip hasaplaýar. Elbetde, bu teklibiň awtory hökmünde Türkmenistan öňümizdäki işlerde has işjeň orny eýelär. Biz bu işe GDA boýunça hyzmatdaşlarymyzy has giňden çekmek, siziň uly goldawyňyza bil baglamak isleýäris. Häzirki çylşyrymly ýagdaýlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde saldamly işiň dünýädäki ýagdaýy sagdynlaşdyrmaga uly goşant boljakdygyna, olary kadalaşdyrmak, gapma-garşylyklary aradan aýyrmak, birek-birege hormat goýmak esasyndaky dialoga we söhbetdeşlige geçmek ugrunda çykyş edýän sagdyn güýçleriň ählisine syýasy itergi berjekdigine ynanýaryn. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bu işde wajyp orun eýelemelidir.Hormatly mejlise gatnaşyjylar!GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen mejlisinde ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak boýunça ylalaşyklar gazanyldy hem-de anyk wezipeler goýuldy. Ulag, energetika, senagat kooperasiýasy, beýleki birnäçe ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr. Türkmenistan şeýle çemeleşmäni doly goldaýar. GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady hyzmatdaşlyk Strategiýasynyň düzgünleriniň doly ýerine ýetirilmegi ugrunda çykyş etmek bilen, resminamalaryň tapgyrlaýyn we yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň zerurlygyndan ugur alýarys, ol ýa-da beýleki ugurda gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagynyň möhletlerine berk eýerýäris. Umuman, GDA-nyň öz ykdysady işinde ählumumy ykdysadyýetiň uly, aýgytlaýjy ýagdaýlaryndan ugur almalydygyna ynanýarys. Häzirki wagtda bu ýagdaýlaryň many-mazmuny ykdysady ösüşiň ugurlarynyň Günorta we Günorta-Gündogara geçmeginden ybaratdyr. GDA bu dolanuwsyz hereketde tebigy giňişlikdir. Şunda Arkalaşygyň çäklerinden Günorta we Günorta-Gündogar ugurlarda halkara hem sebit taslamalaryna GDA-nyň gatnaşmagy netijeli usullaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda munuň üçin uly mümkinçilikler açylýar.Ýakynda, sentýabr aýynyň ortalarynda Türkmenistan iri infrastruktura desgalarynyň gurluşygynyň täze tapgyryny durmuşa geçirmäge girişdi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň owgan bölegi işe girizildi. Goňşy ýurduň çägi boýunça Türkmenistan — Owganystan demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Arkalaşygyň ýurtlarynyň şu we geljekde ýüze çykjak beýleki şular ýaly taslamalara gatnaşmagy strategik geljege çykmagyň dogry we ygtybarly ýoludyr. Biz bilelikdäki kuwwatymyzy hem-de mümkinçiliklerimizi doly derejede ulanmalydyrys. Munuň özi, ilkinji nobatda, GDA gatnaşyjy döwletleriň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň infrastrukturasyny gowulandyrmak we ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli hereketleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, ulag özara baglanyşygy meselesine hem doly derejede degişlidir.Türkmenistan Hazar deňziniň gündogar kenarynyň ugry boýunça Eýrana we ondan aňryk Hind ummanynyň deňiz portlaryna çykýan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň taslamasynda GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, taslama gatnaşyjy ýurtlar üçin bitewi nyrh, gümrük, wiza we beýleki ýeňillikleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de ylalaşmaga girişmegi teklip edýäris. Şeýle işi Gündogar — Günbatar ugry boýunça Merkezi Aziýa we Hazar sebiti ýurtlarynyň çäginden geçýän ulag geçelgelerini döretmek boýunça hem alyp barmagy zerur hasaplaýarys. Bu işiň möhletlerini, gün tertibini bellemek arkaly ýurtlarymyzyň degişli edaralaryna tabşyryklary bermegi teklip edýäris.Energetika ulgamynda Türkmenistan GDA-nyň çägi boýunça we onuň çäkleriniň daşynda energiýa serişdeleriniň iberilýän möçberiniň, ugurlarynyň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär. GDA-da «ýaşyl» ykdysadyýet üçin şertleriň döredilmegini, az uglerodly energiýa daýanýan ykdysady we önümçilik klasterleriniň kemala getirilmegini hyzmatdaşlygymyzyň örän möhüm ugry hasaplaýarys. Ýurtlarymyzda bar bolan ylmy-tehnologik mümkinçilikleri herekete getirip, bilelikdäki ylmy-barlag hyzmatdaşlygy üçin şertleri döredip, bu wezipäni durmuşa geçirmäge häzirden girişmek zerurdyr.Hormatly wekiliýet Baştutanlary!Dünýäniň dürli künjeklerinde çylşyrymly ýagdaýlaryň bolup geçýän häzirki döwründe biziň wezipämiz GDA halklary üçin möhüm ähmiýete eýe bolan, taryhyň dowamynda kemala gelen gatnaşyklaryň we umumy gymmatlyklaryň esasynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak däplerini gorap saklamakdan ybaratdyr. Giň we köpugurly medeni hyzmatdaşlyk, ýurtlarymyzda geçirilýän iri çärelere Arkalaşygyň ýurtlarynyň gatnaşmagy bu däpleri gorap saklamagyň hem-de ösdürmegiň netijeli ýoludyr. Türkmenistan 11-nji oktýabrda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma GDA ýurtlarynyň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagyna ýokary baha berýär. Munuň üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny, bilelikdäki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmaga hem-de durmuşa geçirmäge, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda wajyp meseleleri çözmäge açykdygyny tassyklaýar. Çünki şeýle çemeleşme biziň bilelikdäki köpýyllyk işimize mahsus ýagdaýdyr.Sözümiň ahyrynda Arkalaşykda netijeli başlyklyk edýändigi üçin Russiýa Federasiýasyna, şeýle hem özara hyzmatdaşlygy utgaşdyrýandygy we bu duşuşygy taýýarlamaga, üstünlikli geçirmäge goşan goşandy üçin GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe minnetdarlyk bildirýärin.(Moskwa şäheri, 2024-nji ýylyň 8-nji oktýabry)
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen binýat bolan täze şäherde ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň depgini barha güýçlenýär. Munuň özi sazlaşykly ösüş ýoluna düşen döwrebap şäherde giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.Milli Liderimiz ähli ugurlar boýunça halkara derejeli güwänamalara mynasyp bolan täze şähere gelip, ilki bilen, bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän häzirki zaman desgalarynyň taslamalary we olaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler döwrüň talaplaryna laýyk derejede dowam edýär.Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň, şol sanda Çeperçilik haly kärhanasynyň taýýarlanylan taslamalary, toplumyň baş binasynyň daşky bezeg aýratynlyklary, şäheriň çäklerinde bina edilýän beýleki durmuş maksatly desgalaryň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi. Bu ýerde haly kärhanasynyň umumy görnüşi, onuň daşky bezeg aýratynlyklary, Arkadag şäheriniň täze seýilgähiniň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň şekil taslamalary hem-de olaryň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri görkezildi.Mälim bolşy ýaly, täze şäheriň köp sanly ýaşaýjylarynyň ýüztutmalary we haýyşlary esasynda bu ýerde halyçylyk kärhanasyny gurmak boýunça döwlet derejesindäki çözgüt kabul edildi. Ol türkmen gelin-gyzlarynyň döreden dünýä nusgalyk el işleriniň, halyçylyk sungatynyň häzirki döwürde dowam etdirilmeginde we täze iş orunlarynyň döredilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar. Haly kärhanasy täze şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, eli çeper zenanlaryň zähmetinden türkmen halylarynyň dünýä nusgalyk görnüşleriniň dokalmagynda mynasyp orun eýelär.Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Aýratyn-da, täze kärhananyň daşky bezeginde häzirki zamanyň sanly tehnologiýalary netijeli ulanylmalydyr. Şunda yşyklandyryş ulgamynyň täzeçil usullaryna aýratyn ähmiýet berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde haly kärhanasynyň daşky bezeginde türkmen halkynyň dünýä nusgalyk milli ýörelgeleriniň ulanylmagy, şunda paýhasly pederlerimiziň aýratyn ähmiýet beren dagdan agajy, üzärlik ýa-da beýleki keramatly hasaplanýan serişdeleriň, milli keşdeçilik sungatynyň esasy nyşany bolan “goçak” nagşynyň peýdalanylmagy maksadalaýyk bolar diýip, Milli Liderimiz belledi we bu ugra degişli meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy.Bellenilişi ýaly, bu ýerde haly kärhanasynyň bina edilmeginde çuňňur many bar. Haly sungatynyň ösdürilmegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, halyçylyk kärhanasynyň binagärlik aýratynlygyna, enjamlaşdyrylyşyna bolşy ýaly, onuň daşky bezegine-de hemmetaraplaýyn, milli binagärlik ýörelgeleri esasynda çemeleşilmelidir. Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek Çeperçilik haly kärhanasynda döredijilikli işlemek we oňaýly dynç almak, boş wagtlaryňy peýdaly geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belläp, hormatly Arkadagymyz halyçylaryň arakesme pursatlarynda rahat dynç almaklary, olaryň dürli bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmekleri babatda zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini aýtdy.Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň çäklerinde gurulmagy göz öňünde tutulýan seýilgähiň taslamasy, onda ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän şekiller bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Aýratyn-da, seýilgähiň çäklerinde ýerleşdiriljek oturgyçlaryň ýaramlylyk derejesine möhüm üns berilmelidir. Munuň özi adamlaryň amatly dynç alşynyň wajyp şerti bolup durýar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde gurulýan ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, aýratyn-da, gatnaw ýollarynyň çatrygynda oturdyljak özboluşly binalaryň şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigine ünsi çekdi. Şunda halkalaýyn aýlawly ýollaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, olaryň yşyklandyryş ulgamynyň ýokary derejede bolmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Milli Liderimiz bu ýerde goýuljak mermer we granit daşlarynyň reňkleriniň desganyň yşyklandyryş ulgamy bilen sazlaşmalydygyny belledi hem-de bu işleriň binagärlik, ekologiýa babatda halkara güwänamalara mynasyp bolan Arkadag şäheriniň häzirki zaman derejesine laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.Hormatly Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ýokary hil derejesine laýyk gelmelidigini belledi. Şunda dünýäniň ösen tejribesi, täzeçil tehnologiýalar netijeli ulanylmalydyr. Şäher gurluşygynda alnyp barylýan işlerde ekologik meselä aýratyn orun degişli bolmalydyr we bu meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr.Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda häzirki döwürde Arkadag şäherinde VI Wena balyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz ähli ugurlarda bolşy ýaly, medeniýet ulgamynda-da halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Arkadag şäherinde nobatdaky Wena balyny geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi bolsa täze şäheriň dünýä ähmiýetli dabaralaryň geçirilýän merkezi hökmündäki derejesini tassyklaýar.Iş maslahatynyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) tarapyndan Türkmenistanyň hödürnamasy esasynda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygyny tassyklaýan güwänamanyň ýakyn günlerde Arkadag şäherine gowşuryljakdygy barada habar berildi. Munuň özi ahalteke bedewleriniň gadymy mekany bolan ýurdumyzda bedewleriň arassa ganlylygyny saklamak, olary milli seýisçilik däpleri esasynda idetmek we atlaryň baş sanyny artdyrmak, ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny belende götermek babatda alnyp barylýan işleriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow ýurdumyzyň wekiliýetiniň Bütindünýä pul gaznasynyň maslahatyna gatnaşmaga çagyrylandygy barada aýdyp, şeýle ýokary derejeli maslahatlara gatnaşmaga döredýän mümkinçilikleri we hemmetaraplaýyn goldawlary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallygyny ýetirmegi Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi. Häzirki wagtda bu sapara ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bellenilişi ýaly, Bütindünýä pul gaznasynyň nobatdaky maslahatynda ekologiýa, “akylly” şäher konsepsiýasy, lukmançylyk we oba hojalyk klasterlerine maýa goýum serişdelerini gönükdirmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Bu iri maslahatda Arkadag şäheriniň maýa goýum maksatnamasy, maslahat beriş ulgamy we ynsanperwerlik goldawlary ýaly ugurlar boýunça pikir alyşmalar hem bolar.Şeýle-de maslahatyň dowamynda täze şäherde alnyp barylýan işler, öňde boljak şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak boýunça görülýän taýýarlyk, Arkadag şäherindäki giň möçberli işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda edilýän tagallalar barada hasabatlar berildi.Gahryman Arkadagymyz täze şäherde geçiriljek halkara çärelere, şol sanda Bitaraplyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleriniň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede bolmalydygyny belläp, meýilleşdirilen çärelerde Arkadag şäheriniň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň, bu ýerde alnyp barylýan işleriň geriminiň we ähmiýetiniň, şäheriň ilatynyň bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy. Aýratyn-da, ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna girizilendigini tassyklaýan güwänamany gowşurmak çäresine, Bütindünýä pul gaznasynyň nobatdaky maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidir. Bütindünýä pul gaznasynyň Arkadag şäheriniň mundan beýläk-de ösdürilmegine, onuň çäklerinde tutuş dünýä ähmiýetli önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna maýa goýum serişdelerini gönükdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy. Munuň özi Arkadag şäheriniň ýokary ekologik derejesiniň, bu ýerde ösen tejribeleriň, täzeçil tehnologiýalaryň netijeli ulanylýandygynyň ykrarnamasydyr.Arkadag şäheriniň halkara sylaglaryň 21-sine mynasyp bolmagy, şeýle hem ýakynda Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara sergide täze şähere ýokary derejeli baýraklaryň ýene-de üçüsiniň gowşurylmagy bu ýerde alnyp barylýan işleriň dünýä giňişliginde hemmetaraplaýyn ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Şular barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz Bütindünýä pul gaznasynyň nobatdaky maslahatynda Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň derejesiniň we ähmiýetiniň doly görnüşde beýan edilmelidiginiň, onda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň häzirki zamanyň ösen tejribesine, ýokary halkara görkezijilere laýyk amala aşyrylmalydygynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäherde gurulýan desgalaryň gurluşygynda we olaryň timarlaýyş, bezeg işlerinde ýokary hilli serişdeleriň ulanylmalydygyny belledi. Şol serişdeler ýurdumyzyň howa şertlerini, ekologik, bezeg ýagdaýlaryny nazara almak bilen, olaryň berkligi, amatlylygy göz öňünde tutulyp seçilip alynmalydyr. Şeýle hem Arkadag şäherinde geçirilýän köpçülikleýin çärelerde, şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralarda ähli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikler öz beýanyny tapmalydyr.Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny jemläp, hemmelere öňde durýan wezipeleri netijeli ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
Hormatly ýaşulular, mähriban eneler!Eziz watandaşlar!Sizi ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara baýramçylygyň göwün galkyndyryjy dabaralarynyň il sylagly ýaşulularymyzy, mähriban enelerimizi, ähli watandaşlarymyzy Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen belent maksatlarymyzyň töwereginde mäkäm jebisleşdirjekdigine, eziz Watanymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine yhlasly, tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan möhüm sene hökmünde yglan edilen bu halkara baýram mynasybetli ýurdumyzyň çar künjegi, obadyr şäherleri aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary bilen gurşalýar. Parasatly öwütleri, dana nesihatlary, gymmatly maslahatlary bilen agzybirligimizi pugtalandyrýan hem-de nesil terbiýesine saldamly goşant goşýan ýaşulularymyza, mähriban enelerimize çäksiz hormatyň nyşany hökmünde Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde baý many-mazmunly medeni-jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär. Munuň özi biziň geçmişimizi, şu günümizi hem-de geljegimizi pugta baglanyşdyrýan ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgelerimize üýtgewsiz ygrarlydygymyzy tassyklaýar.Eziz watandaşlar!Jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan adamyň abadan durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, mynasyp dynç almagy üçin zerur şertleri döretmek biziň alyp barýan syýasatymyzyň esasyny düzýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen oýlanyşykly ýörelgesi, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarymyz esasynda bu gün zähmetsöýer, gujur-gaýratly halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän, abraýly döwlet hökmünde dünýädäki ornunyň has-da pugtalandyrylmagy üçin biri-biri bilen berk baglanyşykly milli maksatnamalarymyzy, giň gerimli özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrýarys, täze şäherleri, etraplary, döwrebap obadyr şäherçeleri, iri senagat kärhanalaryny gurýarys, milli ykdysadyýetimiziň binýatlaryny yzygiderli pugtalandyrýarys.Gadyrly ýaşulularymyz, mähriban enelerimiz!Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutumly işlerimiziň üstünlikli amala aşyrylmagynda, agzybirligimiziň we jebisligimiziň has-da pugtalandyrylmagynda baý zähmet hem-de durmuş tejribesi bolan ýaşuly nesliň beýik maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýan dana pikirlerine, paýhasly maslahatlaryna aýratyn ähmiýet berýäris. Siziň her bir maşgalada asudalygy we agzybirligi üpjün etmekde, giň gerimli jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady özgertmelerimizi amala aşyrmakda alyp barýan işleriňiz, maslahatlaryňyz, goldawlaryňyz, öwüt-ündewleriňiz örän möhümdir. Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan bu ajaýyp ýörelgeler nesilleriň arasyndaky üznüksizligi üpjün edýän, halkymyzy jebisleşdirýän, döredijilikli, beýik işlere ruhlandyrýan nusgalyk durmuş mekdebidir.Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işleri buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaşulularymyzyň döwletli maslahatlarydyr teklipleri esasynda ýurdumyzy we jemgyýetimizi ösdürmek boýunça möhüm çözgütler kabul edildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende göterjek bagtyýar ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyzyň, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemekde, olarda dostluk, birek-birege hormat goýmak, arassa ahlaklylyk, halallyk, edermenlik, zähmetsöýerlik ýaly iň asylly häsiýetleri kemala getirmekde aýratyn hyzmatlary bitirýän, durmuşda ýagşy görelde görkezýän dilleri senaly ýaşuly nesliň wekillerine «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakdyk, «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan enelerimize dabaraly ýagdaýda sylaglary gowşurdyk. Munuň özi barha ösýän we özgerýän jemgyýetimizde ýaşuly nesliň ornuna, olaryň ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlaryna berilýän ýokary bahadyr.Hormatly ýaşulular, mähriban eneler!Eziz watandaşlar!Sizi Ýaşulularyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, berkarar Watanymyzda abadan we bagtyýar durmuşyň hözirini görüp, uzak ýyllar ömür sürmegi arzuw edýärin. Türkmenistanyň PrezidentiSerdar Berdimuhamedow.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýygym möwsüminde oba hojalyk tehnikalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta arassalaýjy kärhanalar doly güýjünde işledilýär. Welaýatda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça degişli işler dowam edýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallardan netijeli peýdalanylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Şeýle hem häkim welaýatdaky medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlaryny gyş paslyna taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň depginleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň, bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurdaky işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek, ýygym möwsümine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, ýygnalan pagta hasylyny bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk ýerleşdirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekişini ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça degişli işler dowam edýär. Şunda kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde, netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek babatda berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki ekinler ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim welaýatdaky edara-kärhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim edaralarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işlere ünsi çekdi hem-de bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda pagta ýygymy guramaçylykly dowam edip, ýygymyň depginini güýçlendirmek, kombaýnlary we beýleki tehnikalary doly güýjünde, netijeli işletmek, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatda bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek, ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Sebitiň güýzlük gök ekinler ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ösdürilip ýetişdirilen ekinleriň hasylyny ýygnap almak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Şaly oragyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim welaýatda medeni-durmuş maksatly binalaryň, edara-kärhanalaryň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur çäreleri görmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklar berildi.Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar. Ýygym möwsüminde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň, kabul ediş harmanhanalarynyň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň bökdençsiz işledilmegi üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegi boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ýetişdirilen ekinleriň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almaga taýýarlyk görülýär. Şeýle hem häkim welaýatyň çägindäki medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz, gysga wagtda ýygnalyp alynmagyny ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi hem-de bu ugurdaky işleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini häkime tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bugdaý ekişini ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirmek, gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş almak üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatda ekilen güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Gant şugundyry ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim welaýatda medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak, möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny öndürijilikli işletmek, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler dowam edýär. Ýurdumyzda bugdaý ekişini talabalaýyk geçirmek maksady bilen, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary doly güýjünde işletmek, gallaçy daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň Diýarymyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatlarda güýzlük ekilen azyklyk oba hojalyk ekinlerine ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly oragyna başlamak boýunça taýýarlyk işleri, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda bolsa ideg işleri alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda we ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň, bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, bu ugurdaky işleriň guramaçylyk derejesini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatlarda güýzlük ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça zerur işleri geçirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Baýramlarda we şanly senelerde at çapyşyklarynyň geçirilmegi geçmiş taryhymyza, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna ygrarlylygyň nyşanydyr. At çapyşyklary diňe bir atlaryň naýbaşy wekilleriniň bäsleşigi bolman, eýsem, bedewleriň gaýtalanmajak gözelliginiň we kämilliginiň beýanydyr. Gadymy döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da at çapyşyklary toýlaryň bezegi bolmak bilen, atşynaslaryň ussatlygyny, başarjaňlygyny, atlaryň güýjüni, gözelligini, ýyndamlygyny görkezmäge-de mümkinçilik berýär. «Atdyr ýigidiň ganaty», «At — ýaryşda, är — söweşde», «At — ýigidiň ýoldaşy», «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» ýaly nakyllar halkymyzyň bedewlere goýýan hormat-sarpasynyň mysalydyr.Ahalteke bedewleri türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilipdir. Umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri türkmen halkynyň uçar ganaty we köňül buýsanjydyr. Häzirki döwürde atçylygy, atçylyk sportuny halkara derejede ösdürmek ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz atçylyk pudagynda amala aşyrylýan giň gerimli işlere uly üns berýär. Bu ugurda alnyp barylýan işlere ylmy esasda çemeleşilýär. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary örän uludyr.Ahalteke atçylygyny ösdürmek boýunça halkara assosiasiýanyň döredilmegi we onuň ştab-kwartirasynyň Aşgabat şäherinde ýerleşdirilmegi dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan halkara gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge hem-de ýakyn hyzmatdaşlygy saklamaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň, okuw-ylmy merkezleriniň, athanalaryň gurulmagy atşynaslarymyzyň irginsiz çekýän zähmetini döwrebap derejede guramaga ýardam edýär. Atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem aýratyn üns berilmegi, hususan-da, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi pudagyň ösmegine goşant goşmak bilen, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrýar.Çapyksuwarlary, ussat seýisleri taýýarlamak boýunça ýörite okuw merkezleri döredilýär. Aşgabat atçylyk sport toplumyndaky bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiklerini guramaga niýetlenen açyk manež hem ýurdumyzda atly sporty ösdürmäge uly itergi berýär. Pudagyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş, iş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda yzygiderli alada edilýär.Türkmen atşynaslary tarapyndan ahalteke bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny artdyrmak boýunça-da uly işler alnyp barylýar. Garaşsyz Watanymyzda atçylygy, atçylyk sportuny ösdürmek, bu ugurda dünýä döwletleri bilen tejribe alyşmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin zerur çäreler görülýär. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýyny has-da dabaralandyrýar. 27-nji sentýabrda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen dabaraly ýörişde hem ahalteke bedewleri öz gözelligini görkezdiler....Irden Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda köpöwüşginli baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Ol halkyň ruhy galkynyşyny, giň möçberli dabaralary özünde jemläp, türkmen toýuna mahsus milli däpleriň özboluşlylygyny, gözelligini açyp görkezdi. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ýaşlar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar hem bar.Düýn, 27-nji sentýabrda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen dabaraly ýörişde hem ahalteke bedewleri öz gözelligini görkezdiler.Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.Toplumyň çäginde ahalteke bedewleriniň hormatyna milli amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, suratlaryň, halk senetçiliginiň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Girelgeden merkeze çenli uzap gidýän ýerde guralan sergide halkymyzyň milli gymmatlyklary, döredijilik zehini öz beýanyny tapdy. Muzeý gymmatlyklaryny hem öz içine alýan giň gerimli sergi gadymy döwürlerden şu güne çenli döredijilik ylhamynyň çeşmesi bolup gelen meşhur ahalteke atlaryna bagyşlandy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýol ugruna Arkadag şäheriniň hem-de paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň özboluşlylygy, halk döredijiliginiň, senetçiliginiň aýratynlyklary bilen tapawutlanýan sungat ussatlarynyň çykyşlaryny, şeýle hem sergini synlady. Şu gezekki sergi halkymyzyň baý we köpugurly taryhy-medeni mirasyna ygrarlydygynyň, ýiti zehininiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Sergide nepis halylar, ýüpek matalar, ajaýyp nagyşlar, türkmen milli lybaslary, şaý-sepler, dokma, keçe, deri we agaç önümleriniň özboluşly nusgalary, milli saz gurallary, gymmat bahaly daşlar bilen bezelen at esbaplary, öý goşlary, zähmet gurallary, sowgatlyk önümler görkezilýär.Suratkeşler we heýkeltaraşlar bedewleriň özboluşly aýratynlyklaryny beýan edýän eserlerini hödürlediler. Buýsançly atlar suratlarda, metaldan, daşdan we beýleki materiallardan ýasalan eserlerde, özboluşly neşir taslamalarynda şekillendirilipdir. Artistleriň we döredijilik toparlarynyň, bagşy-sazandalar toparynyň joşgunly çykyşlary dabara türkmen toýlaryna mahsus hakyky baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Bu ýerde görkezilýän türkmen göreşi halkymyzyň milli mirasyna bolan buýsanjynyň aýdyň beýany boldy. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň baş binasynyň öňünde folklor-tans toparlary aýdym-sazly baýramçylyk çykyşyny ýerine ýetirdiler. «Bedewim» atly aýdymyň ýaňlanmagy dabaranyň ruhubelentligini has-da artdyrdy.Hormatly Prezidentimiz esasy münber binasyna barýar. Alypbaryjy baýramçylyk at çapyşyklaryna badalga berlendigini yglan edýär....Bedewler ýokary tizlik bilen ýaryşa goşulýarlar. Ahalteke atlarynyň sazlaşykly çapuwy olaryň toýnaklary ýere degmän, göýä uçup barýan ýaly duýgyny döredýär. Olaryň keşbinde deňi-taýy bolmadyk gözellik, çydamlylyk, güýç-gaýrat, joşgunly we buýsançly gylyk-häsiýet, haýran galdyryjy wepalylyk sazlaşýar.Türkmen halkynyň asyrlaryň synagyndan geçen atlary seýislemek boýunça milli ýörelgeleri, oňyn tejribeleri bu ugra degişli hünärmenleriň ünsüni çekýär. Çünki türkmenler ahalteke bedewleri ýaly halk seçgiçilik sungatynyň kämil nusgasyny dünýä bermek bilen çäklenmän, eýsem, bu ajaýyp atlary olaryň arassa ganlylygy, oňyn häsiýetleri bilen saklamagy we ösdürmegi-de başarypdyrlar.Bu gün dürli aralyga çapyşyklaryň 7-si geçirildi. Olaryň her birine atlaryň 12-si gatnaşyp, öz iň gowy häsiýetlerini açyp görkezdiler. 1600 metr aralyga geçirilen ilkinji üç çapyşykda üçýaşar atlar ýaryşdylar. Birinji çapyşykda 1 minut 52,1 sekunda deň bolan iň gowy netijäni Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gönibek atly at görkezdi. Onuň çapyksuwary S.Çaryýew. Ikinji çapyşykda pellehana ilkinji bolup 1 minut 51,6 sekunt netije bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Bäherden” atçylyk hojalygyna degişli bolan Gülbahar atly gurt mele at geldi. Onuň çapyksuwary üçünji derejeli çapyksuwar Y.Saparow. Üçünji çapyşykda 1 minut 53 sekunda deň bolan iň gowy netijäni “Türkmenaragatnaşyk” agentligine degişli Dorsekil atly dor at görkezdi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar Ö.Ýalkabow.Galan soňky çapyşyklarda dört we uly ýaşar atlar ýaryşdylar. 1600 metr aralyga geçirilen dördünji çapyşykda pellehana ilkinji bolup Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine degişli Bäsleşik atly dor at geldi. Ol 1 minut 50,9 sekunt netije görkezdi. Çapyksuwary üçünji derejeli çapyksuwar K.Öwezow. 1800 metr aralyga guralan bäşinji çapyşykda 2 minut 03,3 sekunt netije bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dagbedew atly dor at pellehana ilkinji bolup geldi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar T.Babaýew. Şeýle aralyga altynjy çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Daýanjym atly dor at 2 minut 05,5 sekunt netije bilen pellehana ilkinji bolup geldi. Onuň çapyksuwary B.Bajamow. Şol aralyga geçirilen jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyny almak ugrunda çekeleşikli bäsleşik boldy. Pellehana 2 minut 06,8 sekunt netije bilen ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly akýal mele at geldi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Agamyradow.Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Bäsleşikde iň gowy netijeleri görkezenler döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek babatda hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewleriň Ýer ýüzündäki şöhratyny artdyrmak ugrunda yhlasyny, başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.Hemişe bolşy ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen baýramçylyk at çapyşyklary hem myhmanlarynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Bäsdeşlik ruhy, hyjuw we elbetde, ahalteke atlarynyň ýyndamlygy, gözelligi ýaryşlaryň şowhunyny artdyrýar.Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.Şeýlelikde, şu günki dabaralar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň ösüşleriň täze belentliklerine bedew bady bilen okgunly öňe barýandygynyň aýdyň nyşany boldy.
Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy giňden bellenilýär. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döretmek, öňegidişlik we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň taryhynda ykbal çözüji sene bolup durýar.“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýyl uly üstünliklere beslenýär. Şol üstünlikler halkymyzyň jebisligi, zähmetsöýerligi, maksada okgunlylygy netijesinde gazanylýar. Şu gün bellenilýän uly baýram biziň her birimiz üçin aýratyn mana eýedir. Sebäbi ol özünde birnäçe ajaýyp taryhy wakalary jemleýär. Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede bellenilýär.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beýan eden ösüşlerimiz we täze maksatlarymyz biziň öňümizde uly wezipeleri goýýar. Mähriban halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, geljek ýyl üçin bellenen sepgitlere hem abraý bilen ýetiljekdigine berk ynanýaryn. Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, ähli tagallalarymyzy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisindäki çykyşynda nygtady.Asylly däbe görä, milli senenamamyzyň şanly senesi mynasybetli esasy dabaralar toý lybasyndaky köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda Döwlet münberi toplumynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Hökümet münberiniň öňündäki meýdançada Milli goşunymyzyň harby gullukçylary hatara düzüldiler.Sagat 10:00. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow münberiň syn ediş ýerine barýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Birleşen harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde harby sazlar ýaňlanýar. Ýygnananlar uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy mübärekleýärler.Däp bolşy ýaly, baýramçylyk çäresi dabaraly harby ýöriş bilen badalga alýar. Onuň dowamynda Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň parahat we asuda durmuşynyň, mukaddes serhetlerimiziň, Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygy, başarjaňlygy görkezilýär.Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe başlamaga rugsat bermegini haýyş edýär. Döwlet Baştutanymyz gözden geçirilişe başlamaga rugsat berýär.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän toplumlaýyn harby özgertmeleriň çäklerinde esgerleriň, serkerdeleriň gulluk we ýaşaýyş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Ýaragly Güýçleriň düzümleri döwrebap tehnikalar, ýaraglar bilen üpjün edilip, olaryň işine sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Harby hem hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümi iň täze tehnikalara ussatlyk bilen erk edýändiklerini, nazary, söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezmek bilen, döwletimiz tarapyndan edilýän yzygiderli aladalara mynasyp jogap berýärler. Olar öz borçlaryny ýerine ýetirenlerinde, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, çäk bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady, harby-strategik esaslaryny kesgitleýän goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň hukuk ýagdaýyndan, maksatlaryndan we wezipelerinden ugur alýarlar....Dаbаrаly hаrby ýörişiň sеrkеrdеsi polkownik R.Aýazow goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň gözden geçirilişe taýýardygy barada hasabat berýär. B.Gündogdyýew hasabaty kabul edip, awtoulagda goşun bölümleriniň öňünden geçip, dabaraly harby ýörişiň düzüm bölümleriniň esgerlerini mübärekleýär. Ýörişe gatnaşýanlaryň hatarynda ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň harby gullukçylary we harby talyplary, Milli goşunymyzyň esgerleridir serkerdeleri egin-egne berip durlar.Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Baýdak sütüninde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy belende galdyrylýar. Mukaddes tugumyz asuda asmanymyzda parlap, hakyky watançylyk, ata Watanymyza çäksiz söýgi, halkymyzyň döredijilik ruhy ýaly mizemez gymmatlyklary alamatlandyrýar. 33 ýylyň dowamynda ýurdumyz Döwlet baýdagynyň astynda öz täze taryhyny ýazýar, öňegidişligiň, gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gidip, belent sepgitlere ýetýär, Garaşsyz we Bitarap döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýär....Meýdançada nyzama düzülen serkerdeler, esgerler we harby talyplar Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk baradaky mukaddes kasamy aýdýarlar. Milli goşunymyzyň harby gullukçylary asyrlaryň dowamynda toplanyp, häzirki günlere ýetirilen şöhratly däpleri saklamak bilen birlikde, ata-babalarymyzyň öwüt-ündewlerine wepalydyklaryny iş ýüzünde tassyklaýarlar.Däp boýunça, baýramçylyk ýörişini baýdak göterijiler topary açýar. Olar dabaraly ýörişiň owazy astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň baýdaklaryny göterip, münberiň öňünden ynamly gadamlar bilen geçýärler. Soňra münberiň öňünden Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary sazlaşykly gadam urup geçýärler. Hormat garawulynyň aýratyn batalýonynyň esgerleri dabaraly sazyň owazy astynda Döwlet baýdagyny, goşun görnüşleriniň söweşjeň baýdaklaryny meýdançadan alyp geçýärler.Ýurdumyzyň ýaş harby gullukçylary, goşunlaryň ähli görnüşleriniň şahsy düzümi ady hemişe belentden tutulýan häzirki ýaşlar üçin hakyky watançylygyň nusgasy bolup hyzmat edýän gaýduwsyz esger, döwlet Baştutanymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň nusgalyk işlerinden mertlik göreldesini alýarlar.Oňyn Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy, netijeli halkara hyzmatdaşlygy döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde ykrar eden Türkmenistan goranmak we ýurduň howpsuzlygyny üpjün etmek häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany durmuşa geçirýär. Pederleriň asylly däplerini mynasyp dowam etdirijiler bolan ýaş harby hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň dabaraly açylmagy hem munuň şeýlediginiň aýdyň mysalydyr. Mälim bolşy ýaly, bu harby mekdebiň düýbüni tutmak dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, Watan goragçylarynyň gününe gabatlanyp, 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda geçirilipdi.Zenan harby gullukçylar şu gezekki dabaraly harby ýörişiň bezegine öwrüldi. Olar ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda Watanymyza wepaly gulluk edýärler. Olaryň yzysüre Ýaragly Güýçlerimiziň hatarynda gulluk edýän serkerdeler batalýony — harby we raýatlyk borjuny abraý bilen ýerine ýetirýän söweşjeň taýýarlygyň ussatlary geçýärler. Şolaryň hatarynda Milli goşunyň, Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary bar.Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda bitewi harby bilim ulgamy döredildi. Onuň esasy wezipesi häzirki zaman tehnikalarynydyr enjamlaryny dolandyrmagyň başarnyklaryny ele alýan serkerdeleriň ýaş neslini kemala getirmekden ybaratdyr. Harby institutyň we Harby-deňiz institutynyň alyp barýan işleri hem öňde goýlan şol maksada ýetmäge gönükdirilendir. Bu harby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary-da meýdançadan nyzamly ädimler bilen geçýärler. Olardan soňra Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Serhet institutynyň talyplary münberiň öňünden sazlaşykly ýöräp geçýärler. Beýleki ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, bu institutlarda hem okuw-terbiýeçilik işleri häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär.Motoatyjylar batalýonynyň esgerleri-de ajaýyp taýýarlygyň we ýokary ussatlygyň nusgasyny görkezmek bilen, Watanymyzyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň üpjün edilmegine uly goşant goşýarlar. Olaryň yzy bilen asmanda Harby-howa güýçleriniň uçarmanlary peýda bolýarlar. Türkmen uçarmanlary Watanymyzyň asuda asmanyny ygtybarly goraýarlar. Soňra meýdançadan tankçylar batalýony geçýär. Olar häzirki zamanyň kuwwatly tanklaryny dolandyrmaga ussatlarça erk edýärler. Artilleriýa we asmana atyjylar diwizionlarynyň harby gullukçylary, deňiz-pyýada batalýony hem şu gezekki gözden geçirilişe gatnaşdylar. Olar harby okuw-türgenleşik çäreleriniň dowamynda ýokary ussatlygyny görkezýärler.Meýdança Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Türkmen edermen» diýlip at berlen Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň ýörite maksatly batalýonlarynyň esgerleri çykýarlar. Bu bölümiň harby gullukçylarynyň tapawutly aýratynlygy söweşjeň, nazary we beden taýýarlygynyň ýokary derejesinden, batyrlykdan hem-de aýgytlylykdan ybaratdyr. Olar halkymyzyň taryhynda öçmejek yz goýan Görogly beg, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar, Baýram han, Soltan Jelaleddin ýaly beýik söweşjeň serkerdelerimiziň şöhratyna mynasyp nesillerdir.Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atly bölümleriniň baýramçylyk ýörişi dabaranyň aýratyn bezegine öwrüldi.Türkmen halkynyň buýsanjy hem şöhraty bolan, ady rowaýata öwrülen ganatly bedewler täze taryhy döwürde döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe ymtylyşyň aýdyň nyşany bolup durýar. Köp asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewleri gaýduwsyz ýigitlerimiziň wepaly ýoldaşy, baýramçylyklarda olaryň ýakyn dostlary bolupdyr. Gadym döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da behişdi bedewler Watan goragçylarynyň, hukuk tertibiniň goragynda duranlaryň ygtybarly kömekçileridir.Soňky ýyllarda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna gelip gowşan iň häzirki zaman harby tehnikalarynyň gözden geçirilişi türkmen döwletiniň goranyş ukybynyň ýokary derejesini, häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmaga taýýardygyny görkezýär. Döwlet münberiniň meýdançasynda gurnalan ýörite uly ekran arkaly çärä gatnaşyjylar göni ýaýlymda Hazar deňzinde geçirilýän deňiz flotunyň baýramçylyk ýörişini synladylar.Harby-deňiz güýçlerine gelip gowşan, döwrebap takyk ýaraglar bilen enjamlaşdyrylan «Deňiz han» atly korwet söweşjeň gämisi baýramçylyk gözden geçirilişini açýar. Onuň yzy bilen «Edermen», «Gaýratly» raketa gämileri dabaraly ýüzüşi dowam edýär. Olar ýurdumyzyň deňiz serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün edýär. Tomaşaçylar ekranda “Galkan” kysymly serhet-gorag gämilerini synlaýarlar.Soňra gezek Milli goşunymyzyň düzüminde duran döwrebap harby tehnikalara ýetýär. Meýdançadan gezekli-gezegine dürli kysymly goşunlaryň mehanizirlenen hatary geçip gidýär. Dabaraly harby ýörişiň öňüni «TITAN DS» kysymly sowutlanan harby awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen «Türkmen edermen» ýörite maksatly bölümler üçin niýetlenen «ХР-1000» we «MV-850» kysymly kämil kwadrosikller hereket edýär. Soňra meýdança ýokary söweşjeň ýaraglar gurnalan «MRZR-2», «MRZR-4» kysymly harby awtoulaglar çykýar. Watan goragçylary «DAGOR» harby awtoulaglarynda öz wepaly ýoldaşy bolan türkmen alabaýlary bilen geçýärler.Harby tehnikalaryň gözden geçirilişi «Land Rover» we «Bars» kysymly ýeňil harby awtoulaglar, «NIMR», «Al SHIBL2» kysymly sowutlanan awtoulaglar bilen dowam edýär. «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlar bu awtoulaglar bilen sazlaşykly hereket edip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözýärler. Baýramçylyk ýörişini “BTR-80A” kysymly sowutlanan tehnikalardyr pulemýotlar hem-de göçme asmana atyjy raketa toplumlaryny özünde jemleýän «TITAN-DS» we «KIRPI» kysymly sowutlanan harby awtoulaglar dowam edýär. 2-nji mehanizirlenen kerweniň öňüni «Taýfun» kysymly köpmaksatly sowutlanan harby awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen «T-90S» tanklary, “BMP-2D”, “BMP-3” kysymly pyýada goşunyň döwrebap harby ulaglary geçýär.Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň netijesinde raketa we artilleriýa goşunlary kuwwatly öňdebaryjy tehnikalar bilen üpjün edilip, yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Munuň mysaly hökmünde bu goşun bölümlerinde ulanylýan artilleriýa goşunlarynyň «2S-1 Gwozdika» kysymly özi hereket edýän söweş tehnikalaryny görkezip bolar. Şol tehnikalar münberiň öňünden geçýär. Soňra meýdançadan «KamAZ» kysymly awtoulagyň çekijisine ýüklenen «D-30» görnüşli toplar, «BM 21A BELGRAD» hem-de «Smerç» kysymly reaktiw ulgamlar geçýär. Olar ýokary söweşjeň mümkinçiligi, takyklygy we kuwwaty bilen tapawutlanýar.Meýdança üçünji kerweniň tehnikalary çykýar. Olaryň başyny «TITAN DS» kysymly harby awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerine täze gelip gowşan, «KLTV-181» kysymly köpmaksatly söweşjeň harby awtoulaglar, pesden uçýan uçarlar we dikuçarlar, «ZU-23-2» kysymly sowutlanan ulaglar geçýär. Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaraly harby ýörişe «Baýraktar TB2» we «Falko» kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjamlar hem gatnaşýar. Şeýle-de dabara gatnaşyjylara «SKY STRIKER» kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjam, «Orbiter-2B», «CW-15D» kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar, «QW-12» görnüşli elde göterilýän asmana atyjy raketa toplumy, «LDC-00» kysymly radarly serkerdelik dolandyryş ulgamy görkezildi.Harby gözden geçiriliş «Rode Şwars» kysymly aragatnaşyk toplumy oturdylan «Land Rover» we «SwellPro Spash Drone 4» uçarmansyz uçýan enjamly, «MAN» kysymly harby awtoulaglaryň geçmegi bilen dowam edýär. Häzirki wagtda olar ýurdumyzyň howa giňişligini ygtybarly goraýarlar. Olaryň yzy bilen «KS-1A», «FD-2000», «Peçora-2BM», «FM-90» kysymly iň kämil asmana atyjy raketa toplumlarynyň kerweni barýar.Soňra meýdançadan dördünji mehanizirlenen kerweniň düzüminde Döwlet serhet gullugynyň “KIA KLTV 141” kysymly harby awtoulaglary hem-de “Motowezdehod” kysymly häzirki zaman motoulaglary geçýär. Münberiň öňünden üstünde merdana serhetçiler hem-de olaryň wepaly ýoldaşy bolan türkmen alabaýlary oturan “Toyota Hilux” awtoulaglary geçýärler. Olaryň yzy bilen «KIA KLTV 141» hem-de «Cobra» kysymly köpmaksatly, sowutlanan söweşjeň awtoulaglar barýar. Bu ulag serişdeleri Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramakda netijeli ulanylýar.Dabaraly harby ýörişden Serhet goşunlarynyň «Mantra» kysymly awtoulagynda 120 mm kalibrli minomýotlar, «KIRPI» kysymly sowutlanan harby awtoulaglar geçýär. Ýörişi “IVECO” awtoulaglary dowam edýär. Olaryň binýadynda pesden uçýan howa nyşanlaryny ýok etmek üçin niýetlenen “ZU-23” kysymly asmana atyjy raketa toplumlary, «Simbat» raketa uçurma ulgamy, “Orbiter 2B” kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar ýerleşdirilendir.Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylary motoulaglarda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly toýunyň hormatyna «33» ýazgyny emele getirip geçýärler. Bäşinji mehanizirlenen kerweniň düzüminde «IVECO M65» kysymly ýörite enjamlaşdyrylan sowutlanan söweşjeň awtoulagy, «Storm-Rider» söweşjeň awtoulagy, «Lazar III» kysymly sowutlanan tehnikalar görkezildi. Altynjy mehanizirlenen kerweniň başyny «TITAN DS» kysymly sowutlanan täsin awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen Içeri işler ministrliginiň «FORD HENNESSEY» kysymly awtoulaglary geçýär. IIM-niň işgärleriniň garamagynda «FORD ATLAS», «Toyota Tundra», «GMC Sierra», «PMV Survivor II» we «INKAS SENTRY» kysymly ýeňil sowutlanan awtoulaglar hem bar. Olar halkymyzyň parahat we asuda durmuşyny, jemgyýetçilik düzgün-tertibini goldamaga hyzmat edýär.Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýöriş howa giňişliginde dowam edýär. Howadaky dabaraly ýörişi «Mi-17W-5» kysymly dikuçarlar açýar. Olar guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini howadan goldamak, goşunlary, harby tehnikalary daşamak üçin niýetlenendir. Içeri işler ministrliginiň «Eurocopter-145» hem-de Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Eurocopter-365» kysymly dikuçarlary asman giňişliginde harby ýörişi dowam edýär. Bu dikuçarlaryň her biri ýokary söweşjeň häsiýetnamalary bilen tapawutlanýar. Döwlet serhet gullugynyň «Agusta-109», «Agusta-139» kysymly häzirki zaman dikuçarlary hem tomaşaçylara görkezildi.Baýramçylyk harby gözden geçirilişine «A-29 Super Tucano» kysymly söweşjeň uçarlar hem gatnaşýar. Bu tehnikalaryň maksady guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini dürli howa şertlerinde gije-gündiz ot açyş bilen goldamakdan ybaratdyr. Olaryň yzy bilen «С-27J Spartan» kysymly häzirki zaman harby-ulag uçary, «Su-25» kysymly söweşjeň uçarlar geçýär. Türkmen uçarmanlary söweşjeň uçarlary we dikuçarlary ussatlyk bilen dolandyryp, ýokary hünär derejelerini görkezýärler. Bu bolsa Watanymyzyň asmanynyň asudalygyny goramagyň ygtybarly ellerdediginiň güwäsidir. Şu gün görkezilen häzirki zamanyň iň kämil harby howa tehnikalarynyň hatarynda islendik howa şertlerinde, dürli belentliklerde, guryýer ýa-da deňiz çäklerinde, daglyk ýerlerde uçmaga ukyply «M-346» kysymly uçarlar-da bar. Harby-howa güýçleriniň öňünde duran wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bu tehnikalar howa giňişliklerini goramaga, aňtaw işlerini alyp barmaga, guryýer goşunlarynyň söweşjeň hereketlerini goldamaga niýetlenendir.Dabaraly harby ýörişde görkezilen iň döwrebap ýerüsti, deňiz we howa tehnikalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine yzygiderli üns berýändigini aýdyň görkezýär.Ýurdumyzyň baş meýdançasyndaky baýramçylyk gözden geçirilişini Goranmak ministrliginiň Aýratyn hormat garawuly batalýony dowam edýär. Bu düzümiň esgerleri ellerindäki ýaraglary bilen nyzam emellerini ýerine ýetirmekde ýokary ussatlygyny görkezdiler. Meýdançada Gündogaryň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň eteginde bina edilen heýkeliniň hem-de Garaşsyzlyk binasynyň şekilleri emele getirilýär. Soňra gaýduwsyz Watan goragçylary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesini alamatlandyrýan “33” sany şekillendirýärler. Ýurdumyzyň şanly baýramy mynasybetli ajaýyp sazly sowgady taýýarlan we milli sungatymyzyň gaýtalanmajak eseri bolan türkmen haly gölüniň şekilini emele getiren Birleşen harby orkestriniň joşgunly çykyşy harby ýörişe aýratyn öwüşgin çaýdy....Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli giň gerimli dabara dowam edýär. Döwrebap sanly tehnologiýalaryň we telekommunikasiýalaryň mümkinçilikleri watandaşlarymyzyň, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň ýaşaýjylarynyň bu dabara göni ýaýlymda tomaşa etmeklerini üpjün edýär.Bu ýerde milli lybasdaky iki çapyksuwar ajaýyp ahalteke bedewini meýdança çykarýar. Şaý-sepler bilen bezelen at esbaplary behişdi bedewiň gözelligini, beden gurluşyny açyp görkezýär. Dowamly atly bu ajaýyp bedew Käkilik we Mertebeli diýen atlaryň neslindendir. Ady rowaýata öwrülen naýbaşy ahalteke tohumyna degişli bu bedew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, türkmen halkynyň bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda hemişelik aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa sowgat berilýär.Türkmen halkynyň hem-de umumadamzat medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan ganatly bedewler gadymy döwürlerden bäri bütin dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Bu ajaýyp gyr bedew meýdançada buýsanç bilen gezim edip, dabara gatnaşyjylarda we myhmanlarda ýakymly duýgulary döretdi.Soňra elinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy bolan türkmen çapyksuwarlarynyň ýörişi başlanýar. Gadymy döwürlerden bäri behişdi bedewler halkymyzyň ähli baýramçylyklarynyň bezegidir. Bedewler täze taryhy döwürde milli taryhymyzyň janly nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň beýanyna öwrüldi.Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplary Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimize sowgat edilip, soňra döwlet Baştutanymyz tarapyndan bu ýokary okuw mekdebine berlen bedewlerde dabaraly geçýärler. Meýdança çykarylan ajaýyp dor at çarpaýa galyp, münberiň öňünden geçýär. Diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda-da şöhrat gazanan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary tarapyndan ýurdumyzyň baş baýramçylygy mynasybetli görkezme çykyşlary taýýarlanyldy. Çapyksuwarlaryň at üstünde ussatlarça ýerine ýetirýän tilsimleri, çylşyrymly akrobatik hereketleri tomaşaçylary haýran galdyrdy.Atlylaryň çykyşlary we baýdakly çapyksuwarlaryň ýörişi ornuny “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly sahnalaşdyrylan edebi-sazly çykyş bilen çalyşdy. Meýdança tans toparlary, türkmen halkynyň, şeýle hem dünýäniň beýleki halklarynyň görnükli şahsyýetleriniň keşplerini janlandyrýan teatr artistleri çykdylar. Olar häzirki nesillere watançylyk mazmunyndaky goşgy setirleri we aýdymlar bilen ýüzlenýärler.Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişini Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular açýarlar. Meýdançadan milli nyşanlar bilen bezelen awtoulag platformasy geçýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan demokratik özgertmeler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Döwrüň talaplaryna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu işlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna, Mejlise we jemgyýetçilik guramalaryna möhüm orun degişlidir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylda “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda” we “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Munuň özi milli medeni mirasymyzy aýawly saklamagyň, öwrenmegiň hem-de ony geljek nesillere ýetirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde bu şanly senäniň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen möhüm çözgütler agzybir halkymyzy täze üstünliklere, zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy.Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň häkimliginiň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulag platformasy meýdança çykýar. Mälim bolşy ýaly, gurluşygynda öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa hem-de ekologik taýdan arassa tehnologiýalar giňden ulanylan bu täsin “akylly” şäheri döretmek başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir.Adamlaryň ýaşamaklary üçin has amatly şertler döredilen bu täze şäheriň köp sanly halkara sylaglara mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Şeýlelikde, Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo 2024» sergisinde Arkadag şäheri birbada üç baýraga mynasyp boldy: olar “Iň tapawutlanan “akylly” şäher”, “Daşary ýurt “akylly” şäheri”, «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin” atly baýraklardyr. Şunda “Iň tapawutlanan “akylly” şäher” diýen baýrak bilen diňe Arkadag şäheri sylaglandy. Bu täsin şäher dünýäniň şähergurluşyk we inženerçilik-tehniki tejribesiniň ähli innowasion hem-de öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýär. Häzirki wagtda halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilen “akylly” şäheriň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň gurluşygy dowam edýär. Onuň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärligiň we dizaýnyň öňdebaryjy meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde, pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde bina edilen ajaýyp şähere “Arkadag şäheri — geljegiň şäheri” atly aýdym we tans kompozisiýasy bagyşlandy.Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şanyna gutlaglar ýaňlanýar. Soňra Aşgabat şäher häkimliginiň paýtagtymyzyň binagärlik nyşanlary bilen bezelen awtoulag platformasy Döwlet münberiniň öňünden geçýär. Paýtagtymyz sebitiň we dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi yzygiderli özgerýär, infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar, durmuşyň ähli ugurlaryna ösen sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Şunda ekologiýa ugruna aýratyn ähmiýet berilýär. Her ýyl Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbiniň üsti dürli maksatly täze binalar bilen ýetirilýär. Baýramçylyklar, şanly seneler mynasybetli paýtagtymyzda, tutuş ýurdumyzda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi asylly däbe öwrüldi. 1-nji sentýabrda bolsa Aşgabatda şäher häkimliginiň toplumynyň binasy açyldy. Paýtagtymyzyň binagärlik, inženerçilik-tehniki çözgütleriniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýan birnäçe desgalary Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şeýle hem Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigini bellemek gerek.Soňra dabaraly ýöriş ýurdumyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän awtoulag platformalarynyň toparynyň geçmegi bilen dowam etdi. Suratly pannolarda dünýä belli taryhy binagärlik ýadygärlikleri, häzirki döwrüň iri desgalary, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň ajaýyp künjeklerinde ýerleşýän binalaryň şekilleri görkezilýär. Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde sebitleriň durmuş-medeni, ykdysady infrastrukturasy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Olaryň her biri mähriban Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýar. Hormatly Prezidentimizi we dabaranyň köp sanly myhmanlaryny awtoulag platformalarynda barýan ýaşulular, ýaş nesliň wekilleri mübärekleýärler. Joşgunly aýdym-sazlar, asmana göterilýän köpöwüşginli şarlar aýratyn baýramçylyk ruhuny döredýär.Baýramçylyk ýörişini saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri dowam etdirýärler. Raýatlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy baradaky alada döwlet syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Soňky ýyllarda milli saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejä çykdy we raýatlara halkara standartlara laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterli bolmagyny üpjün etdi. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we ugurdaş infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, derman senagatyny ösdürmek maksatlaryna gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda, ýurdumyzyň welaýatlarynda bu pudaga degişli öňdebaryjy ýöriteleşdirilen enjamlar, iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap desgalar guruldy. Şunuň bilen birlikde, şypahana-dynç alyş infrastrukturasy hem giňeldilýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilýär we netijeli tejribe alşylýar. “Il saglygy — ýurt baýlygy” şygary astynda durmuşa geçirilýän bu köpugurly işler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulagynda öz mynasyp beýanyny tapdy.Soňra Döwlet münberiniň öňünden Bilim ministrliginiň baýramçylyk äheňinde bezelen awtoulaglary, bu ulgamyň wekilleri, ýaş nesiller geçýärler.Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri bu ulgamy halkara standartlaryň derejesine çykarmaga mümkinçilik döretdi. Bilimiň we ylmyň döwletiň hem-de jemgyýetiň ösüşiniň esasyny düzýändigi aýdyň hakykatdyr. Ylmy we tehnologiýany ösdürmek, ýurdumyzyň aň-paýhas kuwwatyny artdyrmak, giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, ugurdaş maksatnamalary we konsepsiýalary durmuşa geçirmek, hünärmenleriň taýýarlygyny kämilleşdirmek täze taryhy döwürde Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň abraýly halkara bäsleşiklerde, ders olimpiadalarynda gazanýan üstünlikleri bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda täze, döwrebap mekdepleriň we çagalar baglarynyň açylyş dabaralary boldy. Şu ýyl paýtagtymyzda geçirilen «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy ýurdumyzda ýaş nesliň aýratyn alada we söýgi bilen gurşalandygyny aýdyňlygy bilen tassyklady. Aýdymçylaryň, çagalar döredijilik we tans toparlarynyň ýerine ýetiren “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kompozisiýasy ählihalk baýramyna ajaýyp sowgat boldy.Meýdança Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulagy, köp sanly türgenler çykýarlar. Şolaryň hatarynda sportuň dürli görnüşleriniň ussatlary, milli we halkara derejedäki ýaryşlaryň ýeňijileri, olaryň tälimçileri bar. Öňdengörüjilikli döwlet strategiýasynyň netijesinde, häzirki wagtda milli sport ulgamy hil taýdan täze derejelere çykdy. Türkmenistanda sport bilen meşgullanmak, türgenleriň başarnyklaryny kämilleşdirmek, tälimçileriň we beýleki hünärmenleriň işlemekleri üçin ähli şertler döredilýär. Netijede, türkmen türgenleri dürli abraýly halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler we medallara mynasyp bolýarlar.Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 24-nji maýynda paýtagtymyzda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Aşgabat “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy we Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama kabul edildi. Bularyň ählisi dünýäniň sport giňişliginde Watanymyzyň abraýynyň yzygiderli artmagyna ýardam berýär.Meýdançadan Türkmenistanyň ykdysadyýet ulgamynyň gazananlaryny we üstünliklerini şöhlelendirýän bezegler bilen bezelen awtoulag platformasy hereket edýär. Döwlet münberiniň öňünden milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň wekilleri geçýärler. Olar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşyladylar. Däp bolşy ýaly, bu şanly senäniň öňüsyrasynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirildi. Köpugurly sergi ähli pudaklary döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça döwlet strategiýasynyň, milli maksatnamalaryň çäklerinde amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň, innowasion taslamalaryň netijelerini aýdyň görkezdi. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary ýerine ýetirilen işler, gazanylan üstünlikler barada özboluşly “hasabaty” hödürlediler. Baýramçylyk ýörişi ykdysadyýetiň pudaklarynyň her biriniň ýeten sepgitleri baradaky teswir bilen utgaşýar.Meýdançadan gurluşyk-senagat toplumynyň işgärleri geçýärler. Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň baş şygarydyr. Muňa täzeçil şähergurluşyk strategiýasy hem şaýatlyk edýär. Onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, obalaryň we şäherleriň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Iri taslamalaryň amala aşyrylmagy, gurluşyk senagatynyň toplumlaýyn ösdürilmegi düýpli döwlet goldawyna eýedir. Ýurdumyzda bar bolan awtomobil ýollaryň durky täzelenilýär hem-de täzeleri gurulýar. Şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Bularyň ählisi Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň hem-de Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň awtoulag platformasynyň bezeginde öz beýanyny tapdy.Soňra Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işgärleri ýeten sepgitlerini görkezýärler. Olaryň kärhanalary ýerli çig mal esasynda ýokary hilli, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleri, şol sanda gurluşyk, timarlaýyş serişdeleriniň, mineral dökünleriň, beýleki himiki önümleriň dürli görnüşlerini öndürýärler. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde senagat infrastrukturasy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar we giňeldilýär. Muňa şu ýyl Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda Lebap, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden sement zawodlarynyň ikinji tapgyrlarynyň ulanmaga berilmegi-de anyk mysaldyr. Bu kärhanalaryň hersiniň kuwwaty ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenendir.Soňra meýdançadan Energetika ministrliginiň awtoulag platformasy geçýär. Täze taryhy döwürde döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda elektroenergetika pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, diňe bir içerki sarp edijileri doly we üznüksiz üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberini hem yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýän ygtybarly ugurdaş infrastrukturany döretmek boýunça yzygiderli işler dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça giň gerimli taslamanyň başy başlandy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-nji iýunynda Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze asma elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasy boldy. Munuň özi bu taslamanyň üçünji — ahyrky tapgyrynyň tamamlanandygyny alamatlandyrdy. Netijede, Türkmenistanyň energiýa zynjyrlaryny bir halka birleşdirýän elektroenergetika ulgamy emele geldi.Elektrik energiýasynyň eksporty we onuň iberilýän ugurlarynyň giňeldilmegi barada aýdylanda, bu ugurda ýurdumyz sebit hem halkara ähmiýetli taslamalaryň başyny başlap, olary durmuşa geçirýär. 11-nji sentýabrda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän “Nur-el-Jahad” elektrik bekedi işe girizildi. Ýurdumyzda ekologik taýdan arassa energiýany we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini iş ýüzünde peýdalanmak ulgamynda-da yzygiderli işler alnyp barylýar.Soňra dokma we halyçylyk pudaklarynyň mümkinçilikleri görkezilýär. Döwletimiz tarapyndan pudagyň maddy-tehniki binýadyny berkitmäge uly üns berilýär. Bar bolan kärhanalar döwrebaplaşdyrylýar, ýerli çig mal esasynda ýokary hilli önüm öndürýän täze kärhanalar gurulýar. Dokma senagaty ministrliginiň we “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň awtoulag platformasynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda sarp edijiler tarapyndan uly isleg bildirilýän dürli önümler şöhlelendirilýär. Olaryň arasynda gadymy döwürlerden bäri bütin dünýäde meşhur bolan ajaýyp türkmen halylary-da bar. “Dokmaçylar” folklor-etnografiýa toparynyň ýerine ýetiren “Alkyşnama” atly aýdymy we tans kompozisiýasy dabaraly ýörişe aýratyn öwüşgin çaýdy.Meýdança Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň awtoulag platformalary çykýar. Bu düzümleriň alyp barýan işi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, türkmen önümlerini dünýä bazaryna çykarmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşýar. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem häzirki zaman bazar gatnaşyklary bilen ýokary netijeli ykdysadyýeti döretmekdir. Şoňa görä, hususy pudagy höweslendirmäge we goldamaga, pudagyň wekilleriniň netijeli iş alyp barmaklary üçin ähli zerur şertleri döretmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda türkmen telekeçileri dürli ugurlarda öndürijilikli zähmet çekýärler, sarp ediş harytlaryny öndürmekde, gurluşyk pudagynda, hyzmatlar ulgamynda ösen tehnologiýalary üstünlikli özleşdirýärler. Kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam bermekde, bäsdeşlige ukyply, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna uly orun degişlidir.Häzirki wagtda ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek okgunly durmuş-ykdysady ösüşiň, sebit we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm şertidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ulaglaryň ähli görnüşiniň — deňiz, demir ýol, awtomobil, howa ulaglarynyň we aragatnaşyk ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýolagçy, ýük daşamalaryny kämilleşdirmek, maglumat-kommunikasiýa torlaryny ösdürmek, öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, pudagyň infrastrukturasyny täzelemek boýunça maksatnamalaýyn işler ýaýbaňlandyrylýar. Döwlet münberiniň öňünden «Türkmendeňizderýaýollary», «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenhowaýollary», “Türkmenaragatnaşyk» agentliklerine wekilçilik edýän bezelen awtoulag platformalary hem-de bu toplumyň wekilleri geçýärler.Türkmenistanyň Ýewraziýa we transkontinental aragatnaşyk ýollarynyň strategik çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşişini göz öňünde tutup, ýurdumyzyň üstaşyr ulag, logistika mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmaga gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, şu aýda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy boldy, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berildi, şeýle hem Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbi tutuldy.Döwlet münberiniň öňünden milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz toplumynyň işgärleri geçýärler. Meýdançadan “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň awtoulag platformalary hereket edýär.Türkmenistan energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirýär. Şunda gazyp alýan, gaýtadan işleýän pudaklaryň kuwwatyny artdyrmaga, ýokary hilli önümleriň dürli görnüşlerini öndürýän innowasion önümçilikleri döretmäge, energiýa serişdelerini eksport etmek üçin köpugurly turbageçiriji infrastrukturany emele getirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin amatly mümkinçilikleri açýar. Bu ugurda ýurdumyz giň gerimli taslamalaryň başyny başlaýar we olary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy hem bar. 11-nji sentýabrda Mary welaýatynda “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň, TOPH taslamasynyň möhüm tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Bu giň gerimli taslama ykdysady ugur bilen bir hatarda, wajyp durmuş wezipelerini çözmekde-de uly ähmiýete eýedir. Aýdymçylaryň we tans toparlarynyň ýerine ýetiren “Nebit-gazly jan Watanym” atly kompozisiýasy hem şanly toýa bagyşlandy.Soňra meýdançadan Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, bank pudagyna wekilçilik edýän awtoulag platformalary geçdi. Watanymyzy yzygiderli ösdürmekde, maýa goýum işjeňliginiň artmagynda olara möhüm orun degişlidir. Milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň çäklerinde ýurdumyzda bu pudagy döwrebaplaşdyrmak boýunça maksada gönükdirilen çäreler görülýär. Bank hyzmatlary ulgamyna sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar, olaryň gerimi giňeldilýär, elektron töleg ulgamy kämilleşdirilýär we nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi artdyrylýar. Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumy, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat, olaryň çäklerinde guralan ugurdaş sergiler şu ýylyň möhüm wakalary boldy. Bu iri çäreler Türkmenistan bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak babatda oňat mümkinçilikleri döretdi.Oba hojalyk ministrliginiň baýramçylyk äheňinde bezelen awtoulaglary we pudagyň işgärleri dabaraly ýörişi dowam edýärler. Azyk bolçulygyny pugtalandyrýan Türkmenistan ýylyň-ýylyna oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrýar, pudagyň infrastrukturasy kämilleşdirilýär, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap tehnikalary we enjamlary yzygiderli satyn alynýar. Ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, täze suw howdanlaryny gurmak boýunça maksada gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. Şunda ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Döwletimiz oba hojalyk işgärleriniň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döredýär. Şu ýyl türkmen gallaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edip, Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar. Ýurdumyzyň pagtaçylarynyň hem “ak altynyň” bereketli hasylyny ýygnamagyna garaşylýar.Dabara medeniýet ulgamynyň işgärleriniň ýörişi bilen jemlendi. Ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň ösdürilmegine, maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, döredijilik işgärleriniň öz ukyp-başarnyklaryny doly derejede açmaklary üçin şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Halkymyzyň milli gymmatlyklary tutuş dünýäde giňden wagyz edilýär we halkara jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilýär. Türkmen halkynyň sungatynyň we senetçiliginiň birnäçe görnüşleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.Şu ýyl ýurdumyzda we daşary ýurtlarda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilýär. Şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumy we şahyryň beýikligi 60 metre ýetýän ýadygärligi açyldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy 2024-nji ýyly “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly”, Änew şäherini bolsa “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan etdi. Bu şanly wakalar mynasybetli ýurdumyzda hem-de onuň çäklerinden daşarda dürli çäreler geçirilýär. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy beýik söz ussadynyň eserleriniň umumadamzat ähmiýetine eýedigini görkezýär.Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby hem gadymy Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegine bagyşlandy. Döwlet Baştutanymyzyň bu eseriniň, şeýle hem “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynyň çap edilmegi ýurdumyzyň durmuşynda möhüm waka öwrüldi. Arkadag şäherinde üstünlikli geçirilen Medeniýet hepdeligi hakyky döredijilik baýramçylygy bolup, oňa gatnaşyjylara we myhmanlara ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady.Diýarymyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän aýdymçylaryň we tans toparlarynyň ýerine ýetiren “Gutly bolsun Garaşsyzlyk baýramy!” atly kompozisiýasy Döwlet münberiniň öňündäki dabaralaryň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Artistler çykyşynda mähriban Watanymyzy, agzybir türkmen halkyny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we Gahryman Arkadagymyzy wasp etdiler.Paýtagtymyzda badalga alan baýramçylyk dabaralary tutuş ýurdumyzda dowam edip, ildeşlerimiziň kalbyny şatlyk hem-de buýsanç duýgulary bilen doldurdy. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 33 ýyllygy mynasybetli dabaralar “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilen konsert bilen jemlendi. Bu ýere ýygnanan köp sanly tomaşaçylaryň öňünde meşhur hem-de ýaş artistler, folklor-tans toparlary çykyş etdiler. Konsert tamamlanandan soňra, baýramçylyk feýerwerki Aşgabadyň gijeki görnüşlerini bezedi.
Eziz watandaşlar!Hormatly adamlar!Sizi gözel Diýarymyzda giňden we dabaraly bellenilýän milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň gazanýan ähli üstünliklerimiz, ýeňişlerimiz, berkararlygymyz hem-de bagtyýarlygymyz öz gözbaşyny milli buýsanjymyz bolan Garaşsyzlygymyzdan alyp gaýdýar. Şoňa görä-de, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlanan ajaýyp baýramçylyk çäreleriniň, göwün galkyndyryjy wakalaryň eziz Watanymyza bolan söýgimizi, agzybirligimizi hem-de jebisligimizi has-da berkitjekdigine berk ynanýaryn.33 ýyl mundan ozal Garaşsyz döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilen Türkmenistanyň taryhyna bu gün şöhratly we ýeňişli sahypalar ýazylýar. Biziň her birimiziň durmuşymyzy düýpgöter özgerdýän maksatlarymyz hasyl bolýar, ýurdumyzy dünýäniň iň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna çykarmakda täze belent sepgitlere ýetilýär. Her bir güni, her aýy, ýyly örän möhüm syýasy, ykdysady, medeni hem-de jemgyýetçilik wakalaryndan doly täze taryhy döwürde ata-babalarymyzyň jemgyýetimizi birleşdirýän milli döwleti döretmek baradaky arzuwlaryny goldanyp, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýatlaryny berkidýäris. Türkmenistany dünýäniň durnukly ösýän döwletleriniň birine öwürmek boýunça tapgyrlaýyn işleri amala aşyrýarys.Merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek boýunça oýlanyşykly, onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegi göz öňünde tutýan maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirýäris. Aşgabat, Arkadag şäherlerini, welaýatlarymyzy durmuş-ykdysady taýdan toplumlaýyn ösdürýäris. Diwersifikasiýalaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak arkaly ykdysadyýetimizi innowasion esasda ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýäris. Milli maksatnamalara laýyklykda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklar, dünýäniň iň kämil tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan kärhanalarda öndürilýän ýokary hilli önümler, mähriban halkymyzyň durmuş üpjünçiliginiň, ýaşaýyş derejesiniň barha ýokarlanýandygyny tassyklaýan üstünliklerimiz ählimizi örän buýsandyryp, ylham-joşgun berýär, döredijilikli zähmete ruhlandyrýar.Ýurdumyzy özgertmekde gazanan üstünliklerimizi, iň ýokary gymmatlygymyz bolan adamyň berkarar durmuşyny üpjün etmekde ýeten belent sepgitlerimizi bu gün bütin dünýä ykrar edýär. Biz Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna gabatlap, döwrebap durmuş-medeni maksatly binalary açyp ulanmaga tabşyrdyk. Öz maýa goýum serişdelerimiziň hasabyna amala aşyrylýan uly möçberli taslamanyň — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berdik. Şeýle hem ulag-kommunikasiýa, logistika desgalaryny açmak we düýbüni tutmak dabaralaryny ýokary derejede geçirdik. Munuň özi biziň milletimiziň ägirt uly ruhy galkynyşynyň, döwletimiziň gurplulygynyň aýdyň nyşanydyr.Eziz watandaşlar!Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ygtybarly, jogapkärli we ynamdar hyzmatdaş hökmünde Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Biziň dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, durnuklylygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna gönükdirilen umumadamzat bähbitli başlangyçlarymyz halkara giňişlikde yzygiderli goldaw tapýar. Biz özara bähbitli gatnaşyklarymyzy giňeldip, eziz Watanymyzyň dünýä döwletleri hem-de halkara guramalar bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça dostlukly, açyk we köpugurly hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürýäris. Bu ugurda abraýly halkara guramalar, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirýäris.Hormatly adamlar!Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde gülläp ösýän Watanymyz, Garaşsyzlygymyz we Bitaraplygymyz, agzybirligimiz hem-de jebisligimiz barada öňe sürlen gymmatly taglymatlar ählimizi nurana geljegimiziň bähbidine belent maksatlara ruhlandyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmak, abadan we bagtyýar durmuşymyz üçin alyp barýan tutumly işlerimizi güýçli depginler bilen dowam etdireris. Watany söýmegiň berk binýatly däplerine, parahatçylyk, dostluk ýörelgelerimize, demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakdaky milli tejribämize daýanyp, ähli tagallalarymyzy dünýädäki ornumyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de güýçlendirmäge gönükdireris.Eziz watandaşlar!Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, egsilmez bagtyýarlyk hem-de maşgala abadançylygyny arzuw edýärin. Goý, rowaçlyklaryň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz mundan beýläk-de gülläp össün, onuň dünýädäki şan-şöhraty has-da belende galsyn!Türkmenistanyň PrezidentiSerdar BERDIMUHAMEDOW.
Şu gün Türkmenistanda baş baýram — Garaşsyzlyk güni uludan toýlandy. Bu baýram halkymyzyň belent ruhunyň, agzybirliginiň, jebisliginiň we ägirt uly döredijilik kuwwatynyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly gadamlarynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr.Her bir şanly senäni ajaýyp zähmet ýeňişleri, dabaralary bolsa ýokary ruhubelentlik bilen garşylamak asylly däbe öwrüldi. Ine, şu günki baýramçylyk çäreleri-de Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Bu çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy....Ir bilen Garaşsyzlyk seýilgähinde, ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň özboluşly nyşany bolan beýik binagärlik toplumynyň öňünde ildeşlerimiz, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlar ýygnandylar. Güýzüň mylaýym şemalynda parlaýan baýdaklar, dürli reňkdäki gül desseleri bu ýere ýygnananlaryň kalbynda buýsanç we watançylyk duýgularyny döretdi.Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy dabaranyň geçirilýän ýerine geldi. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen mübärekleýärler. Ýadygärlik toplumynyň ýanynda Hormat garawuly nyzama düzüldi.Döwlet Baştutanymyz haly ýodajygyndan ýöreýär. Onuň ugrunda edermen Watan goragçylary — merdana pederlerimiziň beýik şöhratly ýoluny mynasyp dowam etdirijiler nyzama düzüldi.Taryhy hakyda döwletliligimiziň binýadydyr. Ata-babalarymyzyň “Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz” diýen parasatly sözlerine eýerýän halkymyz asyrlarboýy ýaş nesli öz taryhyna hormat goýmak ruhunda terbiýeläpdir. 33 ýyl mundan ozal Garaşsyzlygyny gazanan ýurdumyz täze döwre gadam basdy. Munuň özi biziň häzirki üstünliklerimiziň, ýeten belent sepgitlerimiziň berk binýadyna öwrüldi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baş baýramyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň belent sepgitlere ýetendigini aýtdy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny ýokary derejä ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, döwletli tutumlary bilen ata Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris.Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyza parahat, asuda, bolelin, bagtyýar durmuşy peşgeş beren Garaşsyzlygyň nyşany bolan ýadygärlik toplumynyň öňünde gül dessesini goýýar. Bu ajaýyp güller merdana ata-babalarymyzyň halkymyzyň erkinligi hem-de Garaşsyzlygy ugrunda köpasyrlyk göreşlerde görkezen edermenligine baky hormat-sarpany alamatlandyrýar.Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, talyplar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary gül desselerini goýdular. Biraz wagtdan ýadygärlik toplumynyň öňündäki meýdança halkymyzyň watançylyk duýgularyny alamatlandyrýan ajaýyp güllerden boglan çemenlere beslendi.Dabaraly çäre tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady....Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde-de ýaýbaňlandyryldy.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçmegi mynasybetli Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde sadaka berildi. Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda geçirilen umumymilli forumda Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna eýerip, Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde agzybirlikde sadaka bermek baradaky teklip bilen mejlise gatnaşyjylara ýüzlendi we bu teklip biragyzdan goldanyldy. Türkmenbaşynyň ruhy metjidiniň ýanyndaky kümmetiň öňünde hajy Arkadagymyz hem-de Arkadagly hajy Serdarymyz mähirli garşylanyldy. Ilki bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow metjidiň ýanyndaky kümmetde ýadygärlige gül dessesini goýdular. Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabatda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary ýadygärlige gül desselerini goýdular. Türkmenistanyň müftüsi öten-geçenleri, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowy hatyralap aýat-doga okady. Soňra Gahryman Arkadagymyz daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary guramaçylykly geçirilendigini belledi. Munuň özi milli demokratiýanyň dabaralanýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda dünýä döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz doly ygtyýarly wekillere şeýle möhüm çärelere yzygiderli gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Ilçiler, öz gezeginde, şu günki berilýän sadakanyň Allanyň dergähinde kabul bolmagyny dilediler hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Soňra hajy Arkadagymyz we Arkadagly hajy Serdarymyz kümmetiň aşaky gatyna düşdüler. Bu ýerde müfti Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hem-de onuň ýakynlaryny hatyralap aýat-doga okap, ýagşy dilegleri etdi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we döwlet Baştutanymyz kümmetden çykyp, Türkmenbaşynyň ruhy metjidine bardylar. Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýolugruna abatlaýyş-abadanlaşdyryş işleri geçirilen metjidiň binagärlik aýratynlyklaryny we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny synladylar. Birbada 10 müň adamyň namaza durmagyna niýetlenen metjidiň abatlaýyş-abadanlaşdyryş işleri Arkadagly hajy Serdarymyzyň tagallalary bilen amala aşyryldy. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Metjidiň daşky görnüşinde bolşy ýaly, onuň içki timarlaýyş işlerinde-de gymmat bahaly gurluşyk we bezeg serişdeleri peýdalanylypdyr. Türkmenistanyň müftüsi mukaddes Gurhandan aýat-doga okap, ýagşy dilegleri etdi hem-de abadanlaşdyryş işleri geçirilen metjitde adamlaryň namaz okamagyna döredilen amatly şertler üçin ähli dindarlaryň adyndan hoşallyk bildirdi. Soňra Gahryman hajy Arkadagymyz we Arkadagly hajy Serdarymyz ähli öten-geçenlerimizi ýatlap berilýän sadaka gatnaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri sadaka gatnaşýanlara ýüzlenip, şu gün Gypjak metjit toplumynda sadaka berilýändigini aýtdy hem-de «Agzybire Taňry biýr...» diýlişi ýaly, düýn Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede geçirilendigini belläp, onda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli işleri giňden beýan edendigini, öňümizde durýan möhüm wezipeleri kesgitländigini nygtady. Şeýle hem berkarar döwletimizi mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen taryhy ähmiýetli Permanlara gol çekildi. Gol çekilen Permanlaryň biri-de 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ýokary derejede geçirmek bilen baglydyr. Bu bizi aýratyn begendirýär, guwandyrýar. Syýasy ähmiýetli, il-ýurt bähbitli işleri üstünlikli durmuşa geçirmekde badalga bolup durýar. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda öňe sürmegi esasynda degişli Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bize uly jogapkärli wezipäni ýükleýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam edip, bu gün öten-geçenlerimizi, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti merhum Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny ýatlap, sadaka berilýändigini belledi. Halkymyzyň mukaddes däp-dessuryny berjaý edip, «Ölüsini sylan beg bolar» diýlişi ýaly, biz şu gün türkmeniň gadymy däp-dessurlaryny berjaý edýäris. Bularyň hemmesi sogaply, parz işler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenmegini, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyna gönükdirilen taryhy işlerimiziň rowaç bolmagyny Beýik Biribardan dileg edýäris diýip, hajy Arkadagymyz nygtady. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň müftüsine tebärek çykyp bermegini haýyş etdi. Türkmenistanyň müftüsi mukaddes Gurhandan aýat-dogalary okap, tebärek çykdy. Şunda özygtyýarly döwletimiziň geljekde-de gülläp ösmegi, halkymyzyň hemişe agzybir bolmagy, öňde goýlan belent maksatlara ýetilmegi, Watanymyzyň erkinligi we Garaşsyzlygy ugrunda şehit bolanlar, Gahryman Arkadagymyzyň mähriban kyblasy hem käbesi, hormatly Prezidentimiziň atasy we enesi Mälikguly aga hem-de Ogulabat eje ýatlanylyp, olaryň ýatan ýerleriniň ýagty, jaýlarynyň jennet, ruhlarynyň şat bolmagy dileg edildi. Soňra sadaka gatnaşýanlara nahar çekilip, türkmen milli naharlaryndan datly tagamlar hödürlenildi. Duz-tagam dadylandan soňra, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň müftüsiniň aýat-töwir edip bermegini sorady. Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir edip, ýurdumyzda hajy Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly hajy Serdarymyzyň baştutanlygynda mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagyny, beýik Garaşsyzlygymyzyň binýadynyň geljekde has-da pugtalanmagyny, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly işleriň rowaçlyklara beslenmegini Beýik Biribardan dileg etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri sadaka gatnaşyjylara ýüzlenip: “Bu gün, ine, hemmämiz bilelikde parz işini etdik. Öten-geçenlerimizi ýatlap, sadaka berdik. Berlen sadakalar, edilen doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz asuda, mukaddes ojaklar abadan, saçaklar rysgal-bereketli bolsun!” diýip dileg etdi. Sadaka bermek ýaly asylly we mukaddes dessuryň berjaý edilmegi tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sadaka gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar.
Şu gün paýtagtymyzda Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Şanly senäniň – eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli forumyň gün tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Hakyky halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden hem-de häzirki türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisine gatnaşmak üçin jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň we dürli nesilleriň wekilleri – talyp ýaşlar, hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler çagyryldy.
Hormatly Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar!Eziz watandaşlar!Ýene-de sanlyja günden biz berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny ýokary derejede, giňden belläp geçeris. Garaşsyzlyk mähriban halkymyzyň we eziz Watanymyzyň bütin dünýäde ykrar edilmegidir. Ähli üstünliklerimiziň, beýik ösüşlerimiziň aýdyň ýoludyr.Eziz watandaşlar!Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler giň gerimi hem-de täzeçilligi bilen tapawutlanýar. Bu özgertmeler döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Ýurdumyzyň her bir raýaty ata Watanymyza belent söýgüsi bilen ýaşaýar we yhlasly zähmet çekýär. Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatymyzyň esasynda alyp barýan işlerimiziň rowaçlanýandygyny görkezýär.«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy”, Oba milli maksatnamasy, “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy”, Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy, kabul edilen beýleki maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Döwletimiziň ykdysady kuwwaty artyp, halkara abraýy pugtalanýar, halkymyzyň hal-ýagdaýy barha ýokarlanýar.Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň syýasy, ykdysady, medeni galkynyşlara, şöhratly wakalara baý ýyllaryň biri bolup taryha girjekdigine berk ynanýaryn.Hormatly mejlise gatnaşyjylar!Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkitmäge ýakyndan gatnaşýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam bermek boýunça degişli işleri durmuşa geçirýär. Halk demokratiýasynyň bu kadasy ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda mynasyp orny eýeleýär. Raýatlarymyzyň watansöýüjiligi, häkimiýet bilen halkyň mizemez bitewüligi bolsa döwlet durmuşynyň binýady, kämil jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň esasy bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda häkimiýet bilen halkyň, döwlet bilen jemgyýetiň arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmak babatda tagalla edilýär.Biz bu ugurda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň işine uly ähmiýet berýäris. Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň terbiýeçilik, wagyz-nesihat, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi goldamak babatda ýerlerde alyp barýan işleri, oba zähmetkeşleri bilen geçirýän çäreleri agzybirligimizi pugtalandyrmaga, milli bitewüligimizi berkitmäge, watansöýüji nesilleri kemala getirmäge uly ýardam berýär. Eden işi nusgalyk, parasatly gojalarymyz, enelerimiz halkymyzyň guwanjy hem buýsanjydyr. Şoňa görä-de, eziz Watanymyzy ýürekden söýmegi, ata-enä hormat goýmagy, halal ýaşamagy ündeýän ýaşuly nesillerimize hormatymyz örän uludyr.Hormatly mejlise gatnaşyjylar!Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň Garaşsyz döwlet baradaky arzuwlary bu gün doly hasyl boldy. Bize pederlerimiziň belent hem-de asylly arzuwlary hakykata öwrülen parahat, asuda, berkarar ýurtda ýaşamak we döretmek bagty miýesser etdi. Nesip bolsa, geljekde has-da uly işleri amala aşyryp, kuwwatly kärhanalary, önümçilik merkezlerini, täze, döwrebap şäherleri, şäherçeleridir obalary gurarys. Ata Watanymyzyň görküni has-da gözelleşdireris. Mähriban halkymyzyň maksada okgunly işleri bilen ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde ýurdumyzyň abraýynyň yzygiderli ýokarlanmagyny, jemgyýetimiziň gülläp ösmegini gazanarys.Şu ýylyň ýokary görkezijileri döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň örän dogrudygyny görkezýär. Welaýatlara amala aşyrýan iş saparlarymda dürli kärdäki adamlar bilen duşuşanymda nygtaýan esasy meseläm halkymyzyň agzybirligini has-da pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ösüşini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglydyr. Agzybirlik, asudalyk, zähmetsöýerlik eziz Diýarymyzyň rowaçlyklarynyň binýadydyr. Şeýle halky bolan döwletiň geljegi aýdyňdyr hem-de beýikdir.Hormatly mejlise gatnaşyjylar!Ykdysady ösüş her bir ýurduň durnukly öňe gitmeginiň möhüm şertidir. Biziň ykdysady üstünliklerimiziň mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýratyn buýsanç bilen bellemek isleýärin. Şoňa görä-de:— adam başyna düşýän girdejiniň ýokary derejesini;— ähli pudaklarda zähmet öndürijiliginiň ýokary bolmagyny;— ykdysady özgertmeleriň işjeň depginini;— adam maýasynyň hem-de ylmy-tehnologik ösüşleriň ýokary derejesini;— dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply bolmagy ykdysady ösüşleriň hem-de kuwwatly döwletiň esasy aýratynlyklary hasaplaýaryn. Şeýle bolansoň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak hemmämiziň esasy wezipämiz bolup durýar.Hormatly adamlar!Garaşsyz döwletimiziň we agzybir jemgyýetimiziň ösüşi ylym, bilim hem-de medeniýet bilen berk baglydyr. Altyn güýzüň ilkinji gününde — Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzda täze, döwrebap orta mekdepler, çagalar baglary dabaraly açyldy. Birinji synpa kabul edilen okuwçylaryň 155 müň 641-sine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzda öndürilen kompýuterler sowgat hökmünde gowşuryldy. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda bilim işini halkara ölçeglere laýyk kämilleşdirmäge badalga berildi.Geljekde hem ýurdumyzda döwrebap bilim edaralary gurlup, ylmyň we innowasiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça tehnologiýalar merkezleri döredilse maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin. Dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň sanawyna girýän bilelikdäki ýokary okuw mekdepleri ýa-da olaryň şahamçalary açylsa, ýaşlarymyz üçinem, jemgyýetimiz üçinem bähbitli boljakdygyna ynanýaryn.Hormatly adamlar!Ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça hem öňümizde uly wezipeler durýar. Şunuň bilen baglylykda:— mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň sanyny artdyrmagy;— saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegi, olar bilen işleýän pedagogik işgärleriň hünärini ýokarlandyrmagy;— ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmegi;— ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwer kadalarymyz esasynda terbiýelemek üçin meşhur şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini ebedileşdirmek boýunça degişli işleri alyp barmagy;— müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmegi hem-de ylmy taýdan beýan etmegi;— Arkadag şäheriniň dünýäniň ylym-bilim merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyryp, şäherde Türkmenistanyň gadymy, orta asyrlar, täze we iň täze taryhyny, arheologik, binagärlik ýadygärliklerini, döwletimiziň alyp barýan syýasatyny öwrenýän hem-de wagyz edýän halkara ylmy-barlag merkezini döretmegi möhüm hasap edýärin.Hormatly adamlar!Täze döwür amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýär. Şoňa görä-de, şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmegi teklip edýärin.Hormatly mejlise gatnaşyjylar!Kabul edilen maksatnamalaryň çäklerinde Aşgabat we Arkadag şäherleriniň daş-töwereklerinde, welaýatlarda tokaý zolaklarynyň, Hazaryň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi, Garagumuň merkezinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan beýleki işler ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, şäherdir obalarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek meselesine uly ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär. Döwletimiz bu ugurda maksada okgunly işleri alyp barýar, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Biz bu işleri geljekde has-da ýokary depginde dowam etdirmelidiris.Hormatly adamlar!Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeler, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny» kabul etmegi zerur hasaplaýaryn. Bu Konsepsiýa iş üpjünçiligi boýunça halkara guramalar, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde, hususan-da, Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmakda möhüm ädim bolar diýip pikir edýärin.Maliýe bazaryny ösdürmek, telekeçiligiň täze görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmak hem döwrüň talabydyr. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň berk binýady bolan pul-karz, walýuta, maliýe, salgyt-býujet ulgamlary yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde, döwrebap senagat kärhanalaryny, şäherdir obalary gurmakda telekeçilerimiz uly işleri alyp barýarlar. Şoňa görä-de, 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasynyň hem-de kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň Milli maksatnamasynyň kabul edilmegini, şeýlelikde, ýurdumyzy ýokary depginde ösdürmegiň täze tapgyryna badalga berilmegini möhüm wezipeleriň biri hasap edýärin.Hormatly adamlar!Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geljek ýyl geçiriljek mejlisine 2026 — 2052-nji ýyllarda ýurdumyzyň:— daşary ykdysady işini;— döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny;— sanly ykdysadyýeti;— ulag diplomatiýasyny;— medeni diplomatiýasyny;— ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny;— ýokary bilimi ösdürmegiň Strategiýalarynyň;— intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň;— 2030-njy ýyla çenli bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamalaryny hödürlemegi teklip edýärin.Eziz watandaşlar!Biz geljek, 2025-nji ýylda şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny halkara derejede giňden belläp geçeris.Bilşiňiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, biz Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýäde hyzmatdaşlygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmagy ählumumy wezipe hasaplaýarys.Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan, ynsanperwerligi wagyz edýän işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän hem gurýan merdana halkymyza täze üstünlikleri gazanmaga güýç-kuwwat berýär. Geçen 30 ýylyň dowamynda Bitarap döwletimiz bu ugurda baý tejribe toplap, ylalaşyklylygyň we dostlugyň merkezine öwrüldi. Ýurdumyz halkara bileleşigiň jogapkärli agzasy hökmünde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, geljekde-de «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýa esasynda halkara gatnaşyklaryň ösüşine mynasyp goşant goşar.Hormatly adamlar!Merdana halkymyzy beýik işlere galkyndyrmakda hem-de jebisleşdirmekde geçirilýän syýasy-jemgyýetçilik çäreleriniň ähmiýeti uludyr. Şoňa görä-de, raýatlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, häkimlikleriň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işlerini sazlaşykly dowam etdirmeli. Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň egsilmez güýjüni ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirmekden ybaratdyr.Eziz watandaşlar!Häzirki döwürde Arkadag şäherini ösdürmek, onuň ikinji tapgyryny gurmak bilen bagly işleri alyp barýarys. Ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, senagat we önümçilik desgalarynyň ýokary ekologik talaplara laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berýäris. Şäherde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň durmuşa geçirýän işleri muňa şaýatlyk edýär. Biziň amala aşyrýan beýik işlerimiz raýatlarymyzyň, çagalarymyzyň, agtyk-çowluklarymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilendir.Şu ýylyň martynda ynsanperwer gymmatlyklary goldanýan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belledik. Garaşsyz ýurdumyzda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna köp sanly çaganyň saglygy dikeldildi we bu ynsanperwer işi biz geljekde-de dowam etdireris. Bu işler üçin biziň ýeterlik serişdelerimiz bar.Eziz Diýarymyzyň bagtyýar nesilleri baradaky alada biziň beýik hem ýagty geljegimiz hakyndaky aladadyr. Amala aşyrýan bu işlerimiz türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň berk binýadyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Gaznanyň alyp barýan işine halkara derejede ýokary baha berilmegi döwletimizde howandarlygyň, çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesiniň toplanandygyny, Garaşsyz döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini görkezýär.Hormatly Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar!Watan mukaddesdir, onuň hatyrasyna ýerine ýetirilýän işler hem mukaddesdir. Şoňa görä-de, berkarar Watanymyzyň abraý-mertebesine, bedew batly ösüşine dahylly her bir işe ýürekden ýapyşmalydyrys. Bilelikde yhlasly zähmet çekip, eziz Diýarymyzy has-da beýgeltjek tutumly işleri amala aşyrmalydyrys.Eziz watandaşlar!Öz çykyşymy tamamlamak bilen, size hem-de mähriban halkyma berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş arzuw edýärin.