Türkmenistanda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan gelip çykýan esasy düzgünleri göz öňünde tutup, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny hem-de «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek, administratiw önümçiliginiň kadalary bilen baglanyşykly meseleleri düzgünleşdirmek boýunça birnäçe kodekslere we beýleki kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek meýilleşdirilýär.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwrebap kanunlary işläp taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow statistiki hasabatlylygy Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşine laýyklykda alyp barmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň statistika ulgamy döwrüň talabyna görä kämilleşdirilýär hem-de bu ugurda halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” statistika ulgamyny Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşine laýyklykda alyp barmak göz öňünde tutulandyr. Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşine geçmegiň çäklerinde birnäçe döwlet klassifikatorlary, maliýe, bank we ätiýaçlandyryş işi, ylym, syýahatçylyk bilen bagly hem-de esasy serişdeleriň sarp edilişini hasaplamagyň täze usulyýetleri işlenip taýýarlanyldy we statistika işine ornaşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu babatda degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň statistika ulgamynyň döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilýändigini hem-de bu ugurda halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi we statistika ulgamyny Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşi esasynda alyp barmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Amanow gözegçilik edýän toplumynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitli guýularynda nebit çykarmakda ulanylýan desgalaryň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, önümçilik desgalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek, önümçilige döwrebap usullary, tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak maksady bilen, nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmaga hem-de desgalary döwrebaplaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini, häzirki zaman usullarynyň we tehnologiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylýandygyny belledi hem-de bu ugurda taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş, çil çekmek işleri geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny hem-de pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam etdirilýär. Ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde häzirki wagtda bu ekinleriň tohumlaryny, ekiljek meýdanlaryny möwsüme doly taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem wise-premýer ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini hem-de melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň wajypdygyny belledi. Gowaça ekiljek meýdanlarda degişli agrotehniki işleri geçirmegi dowam etdirmek, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlap, ýazky gowaça ekişi möwsümine taýýarlamak, tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek, tohumlary gowaça ekişi möwsümine taýýarlamak işlerini üns merkezinde saklamak, bugdaý ekilen meýdanlarda hem ideg işlerini dowam etdirmek, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak işlerini alyp barmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlup ulanmaga beriljek binalaryňdyr desgalaryň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijesi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde her ýylda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň sanawyny tassyklamak asylly däpleriň birine öwrüldi.Häzirki wagtda ýurdumyz boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli resminamalaryna, kabul edilen milli we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryňdyr desgalaryň gurluşyklary dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde geçirilen işleriň netijesinde, şu ýylda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň sanawynyň işlenip taýýarlanylandygy habar berildi. Şu ýyl ýurdumyzyň dürli künjeklerinde binalaryňdyr desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan döwrebap obalar we şäherçeler bar. Şeýle hem Aşgabat şäherinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan we Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlary esasynda gurulýan iri önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalary hem-de desgalary açyp ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Diýarymyzda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanmaga beriljekdigini belledi we wise-premýere şu ýyl açylmagy meýilleşdirilýän binalaryňdyr desgalaryň öz wagtynda talabalaýyk gurlup ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzyň dokma senagatyna degişli kärhanalary döwrebaplaşdyrmak hem-de olaryň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda degişli pagta egirme we nah ýüplük egriji fabrikleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda dokma senagaty pudagynyň önümçiligini döwrüň talabyna görä ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi we dokma kärhanalarynyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýurdumyzyň muzeý gaznalaryndaky gymmatlyklaryň sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, täze taryhy döwürde milli medeniýetimiziň düýpli öwrenilmegi, aýawly saklanylmagy we geljek nesillere ýetirilmegi ugrunda zerur işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Medeniýet ministrliginiň garamagynda 37 sany muzeý hereket edip, olaryň gaznasynda 367 müňden gowrak muzeý gymmatlygy bar. Şunuň bilen baglylykda, muzeýleriň muzeý gaznasynyň sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri has-da guramaçylykly ýola goýmak maksady bilen, muzeý gymmatlyklaryny toplamak boýunça şu ýylda hem hünärmenleriň ýerlere iş saparlaryny guramak göz öňünde tutulýar.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, halkymyzyň medeni mirasyny toplamakda, gorap saklamakda, olary ylmy esasda öwrenmekde muzeýlere uly ornuň degişlidigini belledi we wise-premýere ýurdumyzda hereket edýän muzeýleriň işini yzygiderli kämilleşdirmek, milli mirasymyzy halkara derejede giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Aşgabat şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda II Halkara matematika olimpiadasyny geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.Häzirki wagtda ýurdumyzda geçirilýän bilim özgertmeleriniň netijesinde ýaş nesliň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, ylma, döredijilige höwesini artdyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle-de Durnukly ösüş maksatlarynyň «Ýokary hilli bilim» maksadyny durmuşa geçirmek boýunça zerur işler ýola goýulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer şu ýylyň aprelinde mekdep okuwçylarynyň arasynda II Halkara matematika olimpiadasynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň mekdep okuwçylary bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň umumybilim berýän mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň hem gatnaşmaklaryna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň berkidilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça II Halkara olimpiadany geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginiň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, bu resminama “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy”, hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklary, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permany, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 9-njy ýanwarynda geçirilen guramaçylyk döwlet toparynyň birinji mejlisinde kesgitlenen wezipeler esasynda taýýarlanyldy. Iş meýilnamasy 10 bapdan ybaratdyr. Hususan-da, resminamanyň «Guramaçylyk meseleleri» atly babynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, 2025-nji ýylyň ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem-de hormatly Prezidentimiziň kabul eden resminamalaryny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň diplomatik gullugy tarapyndan durmuşa geçiriljek işler barada bellenilýär. Şeýle hem dürli halkara maslahatlarda, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny, öňe sürjek täze tekliplerini taýýarlamak barada hem nygtalýar. Şunuň bilen bir hatarda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly işleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Iş meýilnamasynyň taslamasynda döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işiniň esasy ugurlary barada-da aýdylýar.Meýilnamanyň «Türkmenistanyň daşary syýasy hyzmatdaşlygy» atly babynda döwletimiziň Ýewropa, Orta Gündogar, Ýakyn Gündogar we Afrika, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti, Amerika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işler beýan edilýär. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn saparlary, syýasy geňeşmeleri we duşuşyklary, özara gatnaşyklaryň dürli ugurlary boýunça beýleki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, meýilnama «Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk», «Daşary syýasy habarlar we sanly diplomatiýa» ýaly ugurlary öz içine alýar. Onuň «Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk» atly baby Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda döredilen hökümetara toparlaryň işlerini has-da pugtalandyrmak, Türkmenistanyň eksport we maýa goýum mümkinçiliklerine bolan gyzyklanmany artdyrmak boýunça daşary ýurtlaryň döwlet edaralary, kompaniýalary we banklary, halkara ykdysady, maliýe guramalary bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek ýaly çäreleri özünde jemleýär. «Hukuk meseleleri» baby Türkmenistan tarapyndan baglaşylmagy göz öňünde tutulýan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak meselelerine bagyşlanýar. Şeýle hem ol konsullyk işine, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak, protokol we beýleki meselelere degişli baplary öz içine alýar.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz döwletimiziň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna pugta eýermek bilen, dünýäde ählumumy abadançylyga gönükdirilen işjeň daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz geljekde-de Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň durmuşa geçirilip, parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli gatnaşyklaryň ösdüriljekdigini, «Açyk gapylar» syýasatynyň dowam etdiriljekdigini nygtady we Daşary işler ministrliginiň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümleri, hususan-da, «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, agentligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň ýokary derejesini üpjün etmek, şäheriçi awtobus ulgamynyň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde döwrebaplaşdyrylan şäheriçi awtobuslaryny satyn almak, olary Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli şu ýylda ýurdumyza getirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýolagçy gatnawyny yzygiderli kämilleşdirmek üçin amatly şertleriň döredilýändigini belledi we ýolagçylary gatnatmak boýunça ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmak, hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, döwrebap awtobuslary satyn almak hakynda Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi hem-de bu ugurda degişli görkezmeleri berdi.Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, häzirki wagtda ýurdumyzda halkymyzyň bähbidine gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. “Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň kuwwatly binýadyny görkezýär. Döwrebap şäherde ýaşamak, işlemek we medeniýetli dynç almak üçin ähli amatly şertler döredildi” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, senagat taýdan kuwwatly şähere öwürmek maksady bilen, «Arkadag medisina klasteriniň birinji tapgyryny gurmak hakynda», «Arkadag şäheriniň inženerçilik-kommunikasiýa ulgamlaryny gurmak hakynda», «Arkadag şäherinde çeper halyçylyk kärhanasyny hem-de Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýini gurmak hakynda» Kararlara gol çekdi.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

10 Ýan 2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi. Bu topara Türkmenistanyň Halk Maslahaty başlyklyk edýär.Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, mejlise gatnaşyjylary täze ýyla gadam basylmagy bilen gutlap, ata Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barjak işlerinde üstünlikleri, 2025-nji ýylyň ýurdumyz üçin ösüşlere we rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli öňde duran wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak barada karara gelendigini aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň halkara bileleşigiň jogapkärli agzasy bolmak bilen, parahatçylyk söýüji, oňyn daşary syýasaty alyp barýandygyny, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini belledi. Bu bolsa dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi goldamakda hem-de berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň geçen ýylyň ahyrynda geçirilen giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylyň şygary “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Milli Liderimiz bu ýylda Garaşsyz ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň giňden toýlanyljakdygyny, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. “Ýakynda gol çekilen Permanyň esasynda bu ugurda döredilen guramaçylyk döwlet toparyna Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýolbaşçylyk edýär. Biz bu baýramçylyk dabaralaryny we halkara çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalary ederis. Ýurdumyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşyna gönükdirilen asylly işlere mynasyp goşant goşarys” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi we şol çäreleri ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerine ünsi çekdi.Gahryman Arkadagymyz Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýüzlenip, geçiriljek çäreler bilen bagly ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmegiň, ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini giňden ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow we Merkezi bankyň başlygy bilen bilelikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalynyň we ýadygärlik nyşanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işleriň geçirilmelidigini belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wise-premýer H.Geldimyradowa öňde boljak çäreleri geçirmek bilen bagly zerur maliýe işleriniň bökdençsiz amala aşyrylmagyny üpjün etmegi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanowa bolsa ýubileý ýyly bilen bagly geçiriljek çäreleriň guramaçylyk meselelerine zerur bolan ýardamy bermegi tabşyrdy.Soňra Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewe ýüzlenip, ýubileý ýyly mynasybetli baýramçylyk saçaklaryny bezejek naz-nygmatly harytlar, milli tagamlar bilen bagly degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Gahryman Arkadagymyz çäreleriň geçirilýän döwründe dürli görnüşli, ýokary hilli azyk harytlary, şol sanda çörek we çörek önümleri, gök-bakja önümleri, dürli miweli içgiler, suwlar bilen üpjünçiligi üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen birlikde, türkmen halkynyň Milli Lideri azyk önümleriniň gaplarynyň bezegine-de aýratyn üns bermegi, olarda ýylyň şygarynyň we nyşanynyň gelşikli ýerleşdirilmegine gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle-de wise-premýere ýurdumyzy, aýratyn-da, paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bilen, arassaçylygy, abadançylygy üpjün etmegi tabşyrdy.Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedowa ýüzlenip, çäreleriň geçirilýän günlerinde paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleriň döredilmegini, bu möhüm senä taýýarlyk görmek bilen bagly Aşgabadyň abadanlaşdyrylmagyny, ýylyň şygary bilen baglanyşykly bezeg işleriniň geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Halk Maslahatynyň Başlygy şanly sene mynasybetli sowgatlyk harytlar baradaky meselä geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary N.Atagulyýewe Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda söwda nokatlaryny açyp, olarda dürli görnüşli harytlaryň, şol sanda milli sowgatlyk we ýadygärlik harytlaryň söwdasynyň ýokary hilli guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz dokma kärhanalarynyň şanly sene bilen bagly sowgatlyk önümleri öndürmelidiklerini aýtdy, wise-premýere geçiriljek çärelere bagyşlanan sergileri ýokary derejede taýýarlamak üçin zerur bolan ýardamy bermegi, halkara çärelere gatnaşyjylaryň hormatyna beriljek günortanlyk we agşamlyk naharlaryny ýokary derejede guramagy tabşyrdy.Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary M.Mämmedowa ýüzlenip, medeniýet edaralary tarapyndan ýubileý ýyly bilen bagly geçiriljek medeni-köpçülikleýin, baýramçylyk çäreleriniň, teatr sahnalarynyň ýokary derejede guralmagyny, şanly senä bagyşlanan maslahatlarda medeniýet bilen bagly ähli meselelere seredilmegini, çäreleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýokary derejede beýan edilmegini üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa geçiriljek çäreler bilen bagly halkara ylmy-amaly maslahatlary guramak boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy, ýokary okuw mekdeplerinde şanly senä degişli okuw sapaklaryny yzygiderli guramagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, halkara çäreleriň geçirilýän hem-de myhmanlaryň bolýan ýerlerinde sanitariýa we arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegiň zerurdygyna üns çekildi.Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, hemişe bolşy ýaly, bu halkara çäreleri hem ýokary derejede, guramaçylykly geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz wise-premýer, daşary işler ministrine halkara çäreler bilen ugurdaş çäreleri guramaçylykly, many-mazmun taýdan ýokary derejede geçirmek üçin degişli işleri alyp barmagy, olaryň protokol-guramaçylyk meselelerini utgaşdyrmak wezipesini ýerine ýetirmegi tabşyrdy.Halk Maslahatynyň Başlygy wise-premýer, daşary işler ministrine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen bilelikde halkara çäreleriň maksatnamasyny işläp taýýarlamak üçin ähli zerur işleri ýerine ýetirmegi hem-de olara gatnaşmagy göz öňünde tutulýan daşary ýurt wekiliýetleriniň sanawyny anyklamak bilen bagly degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, degişli Permana laýyklykda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň guramaçylyk döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary bolup durýandygyny aýtdy we şunuň bilen baglylykda, toparyň agzalaryna göz öňünde tutulýan halkara çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli meseleleri R.Meredowyň üsti bilen utgaşdyrmagy tabşyrdy.Türkmen halkynyň Milli Lideri halkara çäreler bilen bagly ulag-aragatnaşyk meselelerine ünsi çekip, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe çärelere gatnaşjak myhmanlary ýörite howa gatnawlary bilen getirmek, alyp gitmek, garşy almak we ugratmak işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyz ýokary hilli aragatnaşyk, internet hyzmatlaryny guramagyň, ýokary derejedäki resmi wekiliýet agzalaryny awtoulaglar bilen üpjün etmegiň möhümdigini belledi.Hormatly Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýändigini, bu ugurda ýurdumyzda halkara derejede netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň üsti bilen merdana halkymyzyň asylly däp-dessurlaryny, myhmansöýerligini, eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösýändigini we ynamly öňe barýandygyny bütin dünýä aýdyň görkezmelidiris” diýip, Milli Liderimiz aýtdy hem-de Diýarymyzda Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçiriljek halkara çäreleriň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge goşant goşmak babatda möhüm waka boljakdygyna berk ynam bildirdi.Gahryman Arkadagymyz şu günki mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi we öňde möhüm wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi. “Bu wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin bizde ähli mümkinçilikler bar. Şoňa görä-de, biziň her birimiz öz borjumyza örän jogapkärli garap, bu çäreleri ýokary derejede geçirmelidiris. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny öňküden-de ýokarlandyrmak ugrunda ähli zerur çäreleri görmelidiris” diýip, Milli Liderimiz nygtady.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, guramaçylyk döwlet toparynyň utgaşdyryjysy R.Meredow çykyş etdi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, milletiň atasy Gahryman Arkadagymyzyň şu gün geçirýän döwletli maslahatynyň ähmiýetini nygtady. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Gahryman Arkadagymyz toparyň öňünde durýan wezipeleri kesgitläp, olary üstünlikli durmuşa geçirmek babatda gymmatly öwüt-nesihatlaryny, maslahatlaryny berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri şanly seneler mynasybetli halkara çäreleriň maksatnamasyny işläp taýýarlamak, olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.Gahryman Arkadagymyz geçiriljek halkara çäreler bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylaryň hersine öz gözegçilik edýän ulgamlary boýunça BMG-niň degişli düzüm birlikleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi tabşyrdy.Häzirki wagtda ýurdumyz parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine berk eýerip, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär we bu iri halkara guramanyň umumadamzat ähmiýetli maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, ýakyn günlerde guramaçylyk döwlet toparynyň agzalary saparda bolarlar. Şeýle hem Milli Liderimiz toparyň agzalaryna bilelikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly toýuny ýokary derejede geçirmek boýunça konsepsiýany taýýarlamagy tabşyrdy hem-de öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

09 Ýan 2025
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoýy kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny, şeýle-de däp bolan dostlukly döwletara dialoga ygrarlylyk baradaky sözlerini ýetirdi.Döwlet Baştutanymyz belarus Liderine mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Stanislaw Çepurnoýy jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Belarusuň doly ygtyýarly wekiliniň öz wezipesini ýerine ýetirýän döwründe ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi.Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-belarus gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň çäklerinde işjeň gatnaşyk edýändikleri kanagatlanma bilen bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikasynyň ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ulgamlaryndaky ýakyn hyzmatdaşlygy iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär.Diplomat döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi we jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edendigi üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, däp bolan türkmen-belarus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek hem-de iki dostlukly ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.* * *Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Serdar BERDIMUHAMEDOWASiziň Alyhezretiňiz!Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Stanislaw Çepurnoýy Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň ýokary hünär we şahsy häsiýetleri öz borçlaryny Siziň Alyhezretiňiziň ynamyna, hormatyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan we Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan Size ähli beýan etjeklerine ynanmagyňyzy haýyş edýärin.Aleksandr LUKAŞENKO,Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

07 Ýan 2025
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda degişli işler alnyp barylýar. Sebitde gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak maksady bilen, sürüm, tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam etdirilýär. Daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek üçin gowaça tohumyny taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, bu ekinleriň tohumlary, ekiljek ýerleri taýýarlanylýar. Şeýle hem häkim welaýatyň çägindäki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, oba hojalyk ekinleriniň ýazky ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we çil çekmek, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary, pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak babatda berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatda bu ekinleriň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, jemgyýetçilik binalarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek babatda geçirilýän işler, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň, ekerançylyk meýdanlarynyň möwsüme talabalaýyk taýýar edilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, topragy fosfor döküni bilen gurplandyrmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary möwsüme taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Welaýatda ýazky möwsümde ekiljek ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinleriň ýerlerini kesgitlemek, olaryň tohumlaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, sebitiň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň ýokary hilli we agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, gowaça ekiljek meýdanlaryň ekiş möwsümine talabalaýyk taýýar edilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny yzygiderli ösdürmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny, ýazky ekiş we ideg işlerinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlary kesgitlenilip, bu ekinleriň tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işledilmegi babatda görülýän çäreler, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda ýerine ýetirilýän işleri gözegçilikde saklamak babatda degişli görkezmeler berildi.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm, tekizleýiş işleri ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek babatda öňde goýan wezipelerine laýyklykda, welaýatda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekilmeli ýerleri, olaryň tohumlary ýazky ekiş möwsümine taýýarlanylýar. Şeýle hem welaýatda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ony gaýtadan işlemek babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim welaýatdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça ýerine ýetirilýän işler, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda dowam edýän işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, jogapkärli möwsümiň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Diýarymyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam etdirilýär. Ekiş möwsüminde pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin ähli zerur işler alnyp barylýar. Ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak, talabalaýyk saklamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem welaýatlarda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, bu ekinleriň tohumlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we wise-premýere häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi, şu ýyl gowaça ekiljek ýerlerde fosfor döküni bilen gurplandyryş, sürüm, tekizleýiş işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz gowaça ekişi möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin ähli zerur işleri geçirmegiň, tehnikalardyr gurallary ýazky ekişe talabalaýyk taýýarlamak babatda degişli işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny zaýasyz ýygnap almagyň, ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine çenli ýerleri we tohumlary häzirden taýýarlamagyň zerur talap bolup durýandygyny aýtdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatlarda Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň işledilişini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

06 Ýan 2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi.Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ileri tutulýan ugurlaryny hukuk taýdan üpjün etmäge gönükdirilen täze kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugry boýunça okaýan diňleýjileri üçin guralan önümçilik tejribe okuw sapagy barada aýdyldy.Daşary ýurtly hyzmatdaşlar we halkara guramalar bilen özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça gatnaşyklar pugtalandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, milli parlamentarileriň BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda geçirilen iş duşuşygyna hem-de Ženewa Konwensiýalarynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlanan “Halkara ynsanperwer hukugyny ösdürmegiň we ornaşdyrmagyň wajyp meseleleri” atly milli maglumat-amaly okuw maslahatyna gatnaşandyklary bellenildi.Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alnyp taýýarlanylan meýilnamalarda makroykdysady durnuklylygy üpjün etmek, sanly ykdysadyýeti ilerletmek, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek, durmuş-ykdysady ösüşi, pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýy, Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini gazanmak, maýa goýum syýasatyny kämilleşdirmek, döwlet emlägini we maliýe serişdelerini netijeli dolandyrmak boýunça işleri guramak, ulgama öňdebaryjy halkara tejribeleri ornaşdyrmak hem-de kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bank we ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny, standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmek, milli statistika edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar.Şeýle hem wise-premýer “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” hem-de “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, topluma degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sanly ulgama geçmek boýunça şu ýylda ýerine ýetirmeli işleriniň meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ykdysady durnuklylygy üpjün etmegiň hem-de sanly ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmegiň, ýurdumyzyň we sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşini, pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny seljermegiň, Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini gazanmagyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Taýýarlanylan iş meýilnamalaryna laýyklykda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan nebitgaz känlerini özleşdirmek, tebigy we ugurdaş gazy, nebiti we gaz kondensatyny çykarmak, suwuklandyrylan gazy öndürmek, türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna eksport etmek, nebiti çuňňur gaýtadan işlemek, nebit önümlerini içerki sarp edijilere we daşarky bazarlara ibermek wezipeleri göz öňünde tutuldy.“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebite we gaza baý bolan gurluşlary ýüze çykarmak, gaty magdanlary we ýerasty suwlary gözlemek hem-de olaryň gorlaryny artdyrmak, ylmyň soňky gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykly işleri alyp barmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, mawy ýangyjyň gory boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy şu ýyl durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulan iň möhüm wezipeleriň hatarynda bellenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyna ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, pudagyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we toplumlaýyn çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýere bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagy boýunça 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Meýilnamalarda topluma degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly işler, şol sanda oba hojalygyny we weterinariýa işini ösdürmek, ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmak, oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini döretmek hem-de olary önümçilige ornaşdyrmak, daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, suw hojalygyny ösdürmek, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly işler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem meýilnamalarda pagta we ýüpek senagatyny ösdürmek, olary gaýtadan işlemekden alynýan önümler bilen senagat kärhanalarymyzy üpjün etmek, galla senagatyny ösdürmek, ilaty galla önümleri bilen bolelin üpjün etmek, oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, azyk senagatyny ösdürmek hem-de azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak, atçylygy ösdürmek, behişdi ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak hem-de olaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, şeýle hem topluma degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, olaryň işiniň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de pudak boýunça önümçiligiň möçberlerini artdyrmak we hilini gowulandyrmak bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagy boýunça 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Bu meýilnamalara laýyklykda, ýurdumyzda gurluşygy dowam edýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan işleriň hiline gözegçilik etmek, gurluşyklary we milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklaryny gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek, ugurdaş täze döwrebap kärhanalary gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, önümçilige döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, himiýa senagaty pudagynyň eksport mümkinçiligini artdyrmak, önümleriň täze görnüşlerini öndürmek, hereket edýän kärhanalary taslama kuwwatyna çykarmak, awtomobil ýollaryny we köprüleri döwrebaplaşdyrmak hem-de täzelerini gurmak boýunça işleri dowam etdirmek, Aşgabat şäherinde bolsa medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň we awtoýollaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk pudagynda göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň, senagat pudagynda gurluşyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmagyň we pudaga sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň hem-de kärhanalaryň doly güýjünde işlemeklerini gazanmak üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da kämilleşdirmegiň, önümçilige täze döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtap, gurluşyk we senagat toplumynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň iş meýilnamalaryny makullady hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew söwda toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu meýilnamalarda ýurdumyzyň içerki bazarynda haryt bolçulygyny hem-de bahalaryň durnuklylygyny mundan beýläk-de üpjün etmek, söwda ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, dokma senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny has doly we netijeli ulanmak, hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizdäki ornuny pugtalandyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda toplumynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň, içerki bazarlarda halkyň sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny döretmegiň, sanly ykdysadyýeti we elektron söwdany ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz dokma senagatynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny doly hem-de netijeli ulanmagyň zerurdygyny belläp, söwda toplumynyň iş meýilnamalaryny makullady we wise-premýere bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa medeniýet ulgamynyň şu ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Iş meýilnamalarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli çäreleri geçirmek, döredijilik bäsleşiklerini yglan etmek, halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni mirasymyzy öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärliklerde alnyp barylýan degişli işleri dowam etdirmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, muzeýleriň we kitaphanalaryň, medeniýet ugurly okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, teatrlarda döwrüň ruhuny beýan edýän eserleri sahnalaşdyrmak boýunça degişli işler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem döwlet maksatnamalaryndan we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, köptaraplaýyn we milli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işleri dowam etmek, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan dürli filmleri surata düşürmek, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirmek göz öňünde tutulýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara medeni hyzmatdaşlygy we syýahatçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli üns merkezinde saklamagyň, medeni mirasymyzy öwrenmek hem-de taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek işlerini dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek medeni çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, medeniýet ulgamynyň iş meýilnamalaryny makullady we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynyň 2025-nji ýyl üçin taýýarlanan iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Bu meýilnamalarda ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri dowam etdirmek, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bejeriş-öňüni alyş edaralarynda keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň öňdebaryjy usullarynydyr sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, bedenterbiýäni, sporty we olimpiýa hereketini ösdürmek, ýurdumyzda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmek, zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýalar hem-de ylym ulgamlaryna çekmek bilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, netijeli önümçilik we ylmy işleri alyp barýan hünärmenleriň, alymlaryň neslini kemala getirmek, ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, ösüşlerini, milli medeni mirasymyzy wagyz etmek boýunça wezipeler we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, mundan beýläk hem ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge aýratyn ähmiýet bermegiň, saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işlere berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ynsanperwer ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek, hususan-da, adam hukuklaryny hemmetaraplaýyn goramak we olara bolan häzirki zaman wehimlerine garşy göreşmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu maksat bilen ýurdumyzda adam söwdasyna garşy göreşmek ugrunda kanunçylygyň berk binýady kemala getirildi. Munuň özi bu ugurda degişli işleri yzygiderli alyp barmaga ygtybarly hukuk esasyny döredýär. Türkmenistan bu ugurda halkara tagallalara anyk goşant goşýar. Ýurdumyzda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2016 — 2018-nji we 2020 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamalary yzygiderli amala aşyryldy.Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň goldawy bilen 2024-nji ýylda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça pudagara topar döredildi. Häzirki wagtda agzalan toparyň utgaşdyrmagynda Halkara Migrasiýa Guramasy hem-de BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen bilelikde Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu Meýilnama 5 bapdan ybarat bolup, olarda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän maksatnamalaýyn çäreler, olary ýerine ýetirmegiň möhletleri, degişli görkezijiler we jogapkär döwlet edaralary kesgitlenildi. Şeýle hem bu ugurda abraýly halkara guramalar we daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek göz öňünde tutulýar.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bitaraplyga we parahatçylyk söýüjilige esaslanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny, Garaşsyz Watanymyzda adam hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Adam söwdasy dünýäde örän wajyp hem-de ýiti meseleleriň biridir. Şoňa görä-de, biziň ýurdumyz adam söwdasyna garşy göreşmek we onuň öňüni almak boýunça dünýä bileleşigi bilen utgaşykly işleri alyp barmaly. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny makullady hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamynyň düzüm birlikleriniň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu meýilnamalara laýyklykda, 2025-nji ýylda döwrebap demir ýol, awtomobil we howa menzilleriniň, deňiz gämileriniň, häzirki zaman önümçilik we durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşyklarynyň dowam etdirilmegi, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy meýilleşdirilýär.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ulag-kommunikasiýalar toplumynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak üçin degişli işleri alyp barmagyň, ulag üpjünçilik ulgamlaryny doly güýjünde işletmek üçin zerur işleri dowam etdirmegiň, bu ugurda toplumyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmaga we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz ulag we kommunikasiýalar toplumynyň iş meýilnamalaryny makullap, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini we şu ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini belläp, göz öňünde tutulýan halkara çäreleri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, degişli Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi.Mejlisde şeýle hem döwlet durmuşyna degişli birnäçe beýleki meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

03 Ýan 2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Eziz watandaşlar!2024-nji ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly tamamlanyp barýar. Ýene az salymdan täze — 2025-nji ýyly garşylarys. 2025-nji ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylan ýyly.Tamamlanyp barýan ýyl Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhynda halkymyzyň durmuşyny üstünliklere beslän ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary, taryhy başlangyçlary has-da rowaçlandy.Diýarymyzyň ähli ýerlerinde döwrebap mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş, sport desgalary, medeniýet edaralary, önümçilik binalary, başga-da köp sanly desgalar ulanmaga berildi. Bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi täze jaýly bolmak bagtyna eýe boldular. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanyldy.Ýangyç-energetika toplumyna degişli iri taslamalar durmuşa geçirildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi. Şeýle hem energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklaryna degişli birnäçe iri desgalaryň açylyş we gurluşygyna badalga bermek dabaralary geçirildi.Ahal we Lebap welaýatlarynda Bäherden hem-de Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyry, Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi we elektrik beketleri işe girizildi. Döwrebap agyz suwuny arassalaýjy desgalar ulanmaga berildi. Köpetdagyň gözel künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy we akyldar şahyrymyzyň heýkeli dabaraly ýagdaýda açyldy. Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň we beýleki desgalaryň açylmagy bilen, paýtagtymyzyň binagärlik keşbi has-da gözelleşdi.Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi. «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. «Akylly» şäherimiz halkara sergilerde abraýly baýraklara mynasyp boldy. Ýurdumyzda döwrebap obalaryň, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Bularyň ählisi berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, belent ösüşlerimizi aýdyň görkezýär.Eziz watandaşlar!Oba hojalyk pudagynda geçirýän özgertmelerimiz hem rowaçlyklara beslenýär. Şu ýyl bereketli topragymyzda öndürilýän pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Edermen daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýygnalan bol galla hasyly mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir. Geljekde hem oba zähmetkeşlerini ykdysady taýdan höweslendirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçireris.Ýurdumyzyň nebitgaz, ulag-aragatnaşyk we söwda-telekeçilik pudaklarynda hem köp işler amala aşyrylýar. Bu pudaklar berkarar döwletimiziň gazanýan ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.Eziz watandaşlar!Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleri, saglygy goraýyş maksatly beýleki desgalar ulanmaga berildi. Ynsan saglygyny goramak boýunça alyp barýan işlerimiz geljekde-de döwletimiziň üns merkezinde bolar.Ylym we bilim ulgamlarynda hem netijeli özgertmeler durmuşa geçirildi. Geljekde hem ylymly-bilimli, watansöýüji nesilleri kemala getirmäge, ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamaga uly üns bereris.Ýaş nesillerimizi sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek ugrunda uly işleri alyp barýarys. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Bularyň ählisi ýurdumyzyň sporty, sport diplomatiýasyny ösdürmäge goşýan saldamly goşandynyň ýene-de bir ykrarnamasy boldy.Eziz watandaşlar!Şu ýyl Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna saýlanyldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy esasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ähmiýeti bolan «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» hem-de «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsiniň bu başlangyçlarymyzy goldamagy biziň üçin uly abraýdyr. Munuň özi Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň umumadamzat bähbitlerine gönükdirilendigini, dünýä jemgyýetçiliginde giňden goldanylýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum ýokary derejede geçirildi. Bu halkara forum parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny has-da belende göterdi. Beýik söz ussadynyň baý edebi mirasyny toplamakda, aýawly saklamakda, öwrenmekde we wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň raýatlary hem-de daşary ýurtly raýatlar Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy.2024-nji ýylda ýurdumyzyň Änew şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen abraýly derejäni göterdi we halkara çäreleriň ençemesi geçirildi.Milli medeniýetimizi ösdürmek, mirasymyzy gorap saklamak, wagyz etmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýarys. Geçip barýan ýylda halkara derejede dürli medeni çäreler, Medeniýet günleri yzygiderli geçirildi. Arkadag şäherinde guralan Medeniýet hepdeligi medeniýetimizi, sungatymyzy baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Geljek ýyl Medeniýet hepdeligini Ahal welaýatynda ýokary derejede geçireris.Umuman, geçip barýan 2024-nji ýyl uly zähmet üstünliklerine beslendi, berkarar Watanymyzyň şan-şöhraty has-da beýgeldi.Hormatly adamlar!Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, geljek ýylda ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde halkara çäreler giň gerim bilen geçiriler. Geljek ýylda örän möhüm taryhy senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny hem ýokary derejede belläp geçeris. Biz bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda alyp barýan işlerimizi mundan beýläk-de dowam etdireris.Eziz watandaşlar!Halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýene-de 10 göterim köpelderis.Hoşniýetli arzuw-umytlar bilen garşy alýan täze ýylymyz hem uly rowaçlyklaryň, täze üstünlikleriň ýyly bolar. Bu belent sepgitlere ýetmekde halkymyzyň gujur-gaýratyna, tutanýerli zähmetine bil baglaýarys. Merdana halkymyz bilen geljek ýylda-da eziz Watanymyzy bagtyýarlygyň we rowaçlygyň mekanyna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekeris.Eziz watandaşlar!Ýene az salymdan täze — 2025-nji ýyly garşy alarys. Şu pursatda siziň ähliňize berk jan saglygyny we täze üstünlikleri arzuw edýärin.Täze ýyl Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, ynanyşmagyň, rysgal-berekediň ýyly bolsun! Hemişe maşgala ojaklaryňyza agzybirlik, döwletlilik ýar bolsun! Bagtyýar günler dowamat-dowam bolsun!Täze — 2025-nji ýylyňyz gutly bolsun!

01 Ýan 2025
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýanTürkmenistanyň Prezidenti!Sizi beýik ösüşler, belent maksatlar bilen ruhubelentlikde garşylanylýan täze ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bagtyýar geljegi, türkmen halkynyň abadan durmuşy ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.Hormatly Prezidentimiz!«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşa geçirilen ägirt uly işleriň netijesinde Siziň tagallalaryňyz bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň Ýer ýüzünde barha belende göterilýändigine, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanýandygyna aýdyň göz ýetirdik. Tamamlanan 2024-nji ýylyň wakalary döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilen uly özgertmeleriň amala aşyrylýandygynyň, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändiginiň anyk güwäsine öwrüldi.Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenen şanly ýylda Diýarymyzyň çar künjeginde ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň ýokary depginde dowam etdirilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Siziň baştutanlygyňyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýän bu şanly wakalar durmuşymyzyň, döwrümiziň bezegine öwrüldi.Belent mertebeli Prezidentimiz!Ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri mukaddes Garaşsyzlygymyzdan, baky Bitaraplygymyzdan gözbaş alýar. Bu gün ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine daýanýan içeri we daşary syýasatymyzda gazanýan üstünliklerimiziň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan belent ykrarnama mynasyp bolmagy ata Watanymyzyň alyp barýan ynsanperwer işleriniň dünýä derejesinde ähmiýetlidiginden habar berýär. Bu işler ähli halklaryň bähbidine hyzmat etmek bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ýörelgelerine esaslanýar. Munuň özi döwletimiziň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň biziň gazanýan ähli üstünliklerimiziň, ýeňişlerimiziň binýady bolup durýandygyny görkezýär.Siziň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris» diýen sözleriňiz we täze taryhy döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler her bir türkmeniň başyny göge ýetirýär. Watanymyzyň çar künjeginde gurulýan binalar toplumlary, döwrebap şäherler we obalar, amala aşyrylýan şähergurluşyk taslamalary döwletimiziň kuwwatynyň uludygyna şaýatlyk edýär. Olarda türkmen halkynyň döredijilik ruhy hem-de okgunly ylmy-tehniki ösüş, şeýle hem Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgäňiziň durmuşa geçirilmegi öz aýdyň beýanyny tapýar.Sarpasy belent Prezidentimiz!Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany biragyzdan kabul etmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilige, özara düşünişmäge esaslanýan daşary syýasatynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy biziň başlangyjymyz bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Munuň özi Siziň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatyňyzyň barha dabaralanýandygyny nobatdaky gezek tassyklaýar.Hormatly Prezidentimiz!Sizi ýetip gelen täze — 2025-nji ýyl mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.Sizi hormatlamak bilen,Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

31 Dek 2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Eziz watandaşlar!Taryhyň ýene-de bir ýyly tamamlanyp barýar. 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyryldy. Munuň özi türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan uly hormatyndan nyşandyr.Beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy ähli dost-doganlyk halklar bilen bilelikde bellenilip geçildi. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak ugrunda durmuşa geçirilen işler ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam etdi. Bu işleriň geljekde hem üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýaryn.Hormatly adamlar!Bu ýyl halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyl boldy. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin asylly işler dowam etdirildi. Maksatlar myrat tapyp, iri taslamalar üstünlikli amala aşyryldy.Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan köp sanly desgalar we binalar gurlup ulanmaga berildi. Sanly ulgama esaslanýan «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi. Bu ugurdaky işler halkara giňişlikde hem uly goldaw tapýar. Arkadag şäheri abraýly halkara baýraklara yzygiderli mynasyp bolýar. Häzirki döwürde iri şäherdir obalar gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurulýar.Eziz watandaşlar!Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bu ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Hormatly Arkadagly Serdarymyz tarapyndan Halk Maslahatynyň mejlisinde birnäçe il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli Permandyr Kararlar kabul edildi. Täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Bu beýik, tutumly işler bolsa berkarar döwletimiziň durnukly ykdysady ösüşini, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşyny üpjün edýär.Hormatly adamlar!Geçip barýan ýylda biz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň gerimini has-da giňeltdik. Bu ugurdaky asylly işler geljekde-de dowam etdiriler. Gaznanyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy hökmünde ýaşulularymyz hem berkarar döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halka giňden wagyz etmekde, ýaşlarymyzy milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemekde uly goldaw berýärler.Eziz watandaşlar!Biz sanlyja günden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagyny diňläris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze ýylyna — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basarys.Geljek ýylda hem Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygyna, eşretli durmuşyna gönükdirilen iri möçberli taslamalary durmuşa geçireris. Bu işleri ýerine ýetirmek üçin biziň her birimize uly jogapkärçilik düşýändigini unutmaly däldiris. Biziň her birimiz eziz Watanymyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmalydyrys.Hormatly adamlar!Pursatdan peýdalanyp, sizi ýetip gelen Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Her biriňize berk jan saglyk, alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de zähmet üstünliklerini arzuw edýärin.Mähriban halkym!Täze ýylda hem ýurdumyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşly bolmagyny arzuw edýärin. Nesip edenden, Täze ýyl her birimize rysgal-bereket getirsin! Täze ýylyňyz gutly bolsun!

29 Dek 2024
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow asylly däbe görä, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi bagtyýar çagalarda aýratyn şatlyk we begenç duýgusyny döretdi.Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän “Älem” medeni-dynç alyş merkezi Täze ýyl baýramynyň dabaralarynyň geçirilýän esasy ýerleriniň biridir. Bu gün hem bu ýerde ýaşajyk türkmenistanlylaryň gatnaşmagynda ajaýyp baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Meýdançanyň merkezinde depesi “2025” ýazgyly, sekizburçly ýyldyz, dürli öwüşgindäki yşyklar we oýunjaklar bilen bezelen belent arça oturdylypdyr. Beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deň bolan ýurdumyzyň Baş arçasynyň töwereginde ertekiler dünýäsi emele getirilipdir.Ajaýyp duýgulary, täsin başdan geçirmeleri paýlaýan Täze ýyl hemmeleriň söýgüli baýramydyr. Meýdançanyň daş-töweregini gurşap alýan baglar dürli yşyklar bilen bezelip, agşamlaryna baýramçylyga mahsus özboluşly görnüşi döredýär. Mundan başga-da, yşyklardan emele getirilen agaçlar we beýleki bezegler bu ýerdäki gözellikleriň üstüni ýetirýär. Jadyly ertekiler dünýäsine düşen körpeler haýran galmak bilen täsin şäherjigiň gözelliklerini synlamaga howlugýarlar. Meýdançada ýaňlanýan ajaýyp aýdym-sazlar olary durşy bilen täsinlige beslenen syýahata çagyrýar.Baş arçanyň ýanynda geçirilýän dabara ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan çagalar gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda göreldeli okuwçylar, ders olimpiadalarynyň, sport, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri bar.Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň bu dabara gatnaşmagy ýaş türkmenistanlylar üçin örän buýsandyryjydyr hem-de watansöýüjiligi kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň awtoulagy dabaranyň geçirilýän ýerine barýar. Bu ýerde çagalar hormatly Prezidentimizi ruhubelentlik we şatlyk bilen garşylap, gül desselerini gowşurýarlar hem-de bagtyýar çagalyk üçin hoşallyklaryny beýan edýärler. Ýaş nesil baradaky yzygiderli alada, olaryň milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegi üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Körpeleriň ýerine ýetiren goşgulary Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň bagtyýar çagalarynyň çuňňur hoşallygynyň beýany bolup ýaňlandy.Joşgunly aýdym-sazlaryň astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde ajaýyp Täze ýyl arçasynyň ýanyna barýar. Bu ýerde baýramçylygyň baş gahrymanlary Aýazbaba bilen Garpamyk hem-de ýylyň müçeleriniň keşplerini janlandyrýan körpeler ýaş nesilleriň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Täze ýyl bilen gutladylar. Soňra ýaşajyk körpeleriň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Olar bu şanly güne döredijilik sowgatlaryny taýýarlapdyrlar.Döredijilik ýoluna ýaňy gadam basan zehinli aýdymçylaryň, sazandalaryň, çagalar tans toparlarynyň gatnaşmagynda täsin Täze ýyl baýramçylygy ýaýbaňlandyrylýar. Ýaşyl arçanyň şahalarynda şöhle saçýan bezegler, çagalaryň şatlykly ýylgyryşlary bu ýere aýratyn gözellik eçilýär. Türkmen hem-de dünýä halklarynyň ertekileriniň gahrymanlaryny janlandyran keşpler dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.Hormatly Prezidentimiz eziz Watanymyzyň, jemgyýetimiziň buýsanjy bolan şadyýan çagalaryň çykyşlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdi.Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu günüň zehinli mekdep okuwçylary geljekde Watanymyzyň okgunly durmuş we ykdysady ösüşine mynasyp goşantlaryny goşarlar. Geçirilýän köp sanly bäsleşikler, ders olimpiadalary, çagalaryň döreden sungat eserleriniň sergileri döwletimiziň çagalara we ýetginjeklere berýän uly ünsüniň güwäsidir. Çagalaryň öz mümkinçiliklerini açyp bilmekleri, gyzyklanma bildirýän ugurlary bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar baglarynyň, sport, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň gurulmagy munuň aýdyň beýanydyr. Şonuň netijesinde ýaş türkmenistanlylar öz döredijilik, aň-paýhas ukyplaryny ösdürýärler, sport bilen meşgullanyp, daşary döwletlerde geçirilýän ýaryşlarda ýurdumyza mynasyp wekilçilik etmek bilen, baýrakly orunlary eýeleýärler....Uly şatlyk-şowhunda Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmak baýramçylygyň ýatdan çykmajak pursady boldy. Luw we ýylan keşbini janlandyrýan lybaslary geýen çagalar döwlet Baştutanymyzdan özleri bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmagyny haýyş etdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyz körpe nesliň wekilleri bilen bilelikde dostlugy, parahatçylygy, bitewüligi, jebisligi alamatlandyrýan Täze ýyl baýramynyň şatlygyny paýlaşdy.Soňra dabara gatnaşan ähli çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde şu günki şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we Täze ýyly şadyýan garşylamagy, ajaýyp gyşky dynç alşy, okuwlarynda üstünlikleri arzuw edip, awtoulagynda Söwda-senagat edarasynyň binasyna tarap ugrady. Bu ýerde çagalar döredijilik toparynyň, estrada aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň gatnaşmagynda Täze ýyl şüweleňi dowam etdi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz Söwda-senagat edarasynyň baýramçylyk öwüşgininde bezelen uly zalyna barýar. Bu ýerdäki gözel arçanyň daşynda Täze ýyl ertekileriniň baş gahrymanlary Aýazbaba we Garpamyk, 2025-nji ýylyň nyşany bolan ýylan, baýramçylyk lybasly köp sanly ýaşajyk aşgabatlylar, paýtagtymyzyň myhmanlary bar. Olaryň ählisi döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.Ýaş nesilleriň baýramçylyk dabarasyna hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Hökümet agzalary öz çagalarydyr agtyklary bilen geldiler. Şeýle-de Täze ýyl mynasybetli guralan dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri öz çagalary bilen gatnaşdylar.Hormatly Prezidentimiz estrada aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň, folklor, tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, şol sanda çagalar baglarynda terbiýelenýänlerden başlap, dürli ýaşdaky zehinli çagalaryň çykyşlaryna tomaşa etdi. Baýramçylyk äheňinde bezelen sahnada Täze ýyla bagyşlanan ruhubelent aýdym-sazlaryň, joşgunly tanslaryň utgaşmagynda täsirli pursatlara beslenen çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.“Güneş” çagalar hory, «Mukam» skripkaçylar topary, “Ruhubelent çagalar”, “Şowhun”, “Aýjan”, “Dokmaçylar”, “Galkynyş” tans toparlary sahna meýdançasynda öz döredijilik sowgatlaryny görkezdi.Soňra Gahryman Arkadagymyzyň agtyjagy Aýjeren baýramçylyk mynasybetli goşgy aýdyp, saz çalyp, öz ukyp-başarnygyny görkezdi. Dabara gatnaşyjylar Aýjereniň çykyşyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.Şeýle hem birnäçe aýdymçylar, döwlet derejesindäki köp sanly bäsleşikleriň, halkara döredijilik festiwallarynyň ýeňijileri sungat ýolundaky ajaýyp eserleri bilen çykyş etdiler. Olar Täze ýyl mynasybetli dünýä halklarynyň, türkmen kompozitorlarynyň häzirki zaman aýdymlaryny, nusgawy eserleri, folklor häsiýetli horeografik çykyşlary öz içine alýan ýörite medeni maksatnamany taýýarlapdyrlar.Tomaşaçylar Türkmen döwlet gurjak teatrynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Olaryň çykyşlary ýygnananlaryň ruhuny has-da belende göterdi. Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň döredijilik işgärleri öz geň galdyryjy çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýakymly täsirleri döretdi. Ýaşajyk zehinlerem öz başarnyklary bilen hemmelere şatlyk paýlap, türkmen sungatynyň, medeniýetiniň uly geljeginiň bardygyny aýdyňlyk bilen görkezdiler.Täze ýyl baýramy mynasybetli dabara gatnaşan bagtyýar çagalara süýjülik torty hödürlenildi.Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady hem-de dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.Bu gün paýtagtymyzyň şaýollary, seýilgähleri, jemgyýetçilik ýerleri ajaýyp Täze ýyl lybasyna beslendi. Özboluşly kompozisiýalar, yşyklandyryjy bezegler ähli ýerde gözel görnüşleri emele getirýär. Şeýlelikde, baýramçylyk dabaralary her bir öýe, her bir maşgala ýagşy arzuwlary, şatlykly pursatlary, baýramçylyk täsinliklerini eçilýär.Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan täze — 2025-nji ýyly garşylamaga taýýarlyk görüp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň ýoly bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar.

28 Dek 2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz bagtyýar halkymyzy Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady.Şu günler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýerine ýetirilýän işleriň depgini barha ýokarlanýar. Dürli maksatly binalaryň we lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.Milli Liderimiz gyş paslynyň säher çaglarynda döwrüň ösen tejribesi we sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri esasynda gözel künjekde binýat bolan Arkadag şäherine geldi. Häzirki wagtda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işler sazlaşykly esasda dowam edýär. Munuň özi öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda degişli derejede tagalla edilýändigini görkezýär.Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň “Akhan” we “Taýçanak” şaýollarynyň aralygynda durky täzelenýän köçäniň germewlerini, olaryň şekillerini synlap, öz belliklerini aýtdy. Ulanylýan gurluşyk hem bezeg serişdeleriniň berklik, uzak möhletleýinlik şertlerine laýyk gelmegi bilen bir hatarda, olaryň şäheriň görnüşi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine-de zerur üns berilmelidir. Milli Liderimiz täze şäheriň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şunda Arkadag şäheriniň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň görnüşleri ylmy esasda öwrenilmelidir we bu babatda hünärmenlerimiz bilen maslahatlaşyp, oňyn çözgüdiň kabul edilmegi wajyp talap hökmünde kesgitlenendir.Gahryman Arkadagymyz şäherde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň taryhy ähmiýete eýedigini belläp, olaryň hil we ekologiýa babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegine zerur üns bermelidigini aýtdy. Şunda bilelikdäki tagallalar wajypdyr. Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilen desgalaryň taslamalary, önümçilik-durmuş maksatly binalaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň halkara derejede hasaba alnandygyny, Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň ýörite güwänamasy arkaly klasteriň önümleriniň harytlyk nyşanlarynyň tassyklanandygyny aňladýan köp sanly halkara şahadatnamalardyr güwänamalar görkezildi.Milli Liderimiz täze şäheriň mynasyp bolan halkara güwänamalarynyň Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümlerine berlen ýokary bahadygyny belläp, bu önümleriň görnüşlerini we eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny aýtdy.Bu ýerde lukman Arkadagymyzyň garamagyna ýerli çig mallar esasynda taýýarlanylan lukmançylyk serişdeleriniň, örtükleriň, saglygy goraýyş ulgamynda işleýän hünärmenler üçin niýetlenen lybaslaryň görnüşleri görkezildi. Bellenilişi ýaly, bu önümler we lukmançylyk, dermanlyk serişdeleri ýokary halkara görkezijilere, ekologik talaplara doly laýyk gelýär.Milli Liderimiz saglygy goraýyş ulgamyna degişli serişdeler, lukmanlar üçin niýetlenen lybaslar, olaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanşyp, bu babatda öz baý iş tejribesi esasynda birnäçe belliklerini aýtdy. Hususan-da, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň nyşanlarynyň göze gelüwli bolmalydygyny belläp, hormatly Arkadagymyz bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.Soňra Milli Liderimiz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, önümçilik-durmuş maksatly binalaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli binalaryň, söwda we işewürlik merkeziniň şekil taslamalary, binalaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bar. Şeýle hem Arkadag şäheriniň “Akhan” binasyndan “Taýçanak” binasyna çenli bolan ýoluň durkuny täzelemek, köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylýan möwsüminde ekiljek baglaryň görnüşleri babatda maglumat berildi.Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Şunuň bilen baglylykda, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän önümçilik toplumlarynyň, durmuş maksatly binalaryň hersiniň ähmiýetine laýyklykda, aýratynlykda ýerleşdirilmegi möhüm talap bolup durýar. Şeýle-de Arkadag şäheriniň çäklerinde bina edilýän desgalaryň gurluşyklarynda, bezeg işlerinde häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen milli binagärlik ýörelgeleri utgaşdyrylmalydyr. Aýratyn-da, binalaryň gurluşyk we bezeg işleri şäheriň mynasyp bolan halkara güwänamalarynyň ähmiýetine laýyk gelmelidir. Şol bir wagtyň özünde, täze şäherde bina edilýän önümçilik toplumlarynda bir bitewi seljeriş-intellektual ugra aýratyn ähmiýet berilmelidir. Lukman Arkadagymyz bu barada aýdyp, onuň halkara lukmançylygyň talaplaryna, hususan-da, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy. Geljegi uly ugur hökmünde ykrar edilen seljeriş-intellektual tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar.Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.D.Orazow häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň netijeleri, lukmançylyk klasteriniň önümçilik düzüminiň kuwwatlyklaryny artdyrmak, önümleriň görnüşlerini köpeltmek we dünýäde ekologik taýdan arassa önümler hökmünde ykrar edilen serişdeleri ýerlemek boýunça ýola goýulýan halkara gatnaşyklar, özara tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri barada hasabat berdi.Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän önümçilik toplumlarynyň önümleriniň görnüşlerini artdyrmak, olaryň hilini häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede üpjün etmek meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini aýtdy. Lukman Arkadagymyz täze şäheriň halkara baýrakdyr güwänamalara mynasyp bolmagynyň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikleriň halkara derejede ykrar edilýändigini görkezýändigini belledi.Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy täze şäheriň ähli ilatynyň adyndan Arkadag şäherinde Täze ýyly garşylamak mynasybetli guraljak giň möçberli dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu dabaralara gatnaşmagy şäher ilaty üçin uly buýsançdyr.Bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyz eşretli, abadan, parahat durmuşda ýaşaýar. Häzirki wagtda Arkadag şäheri halkymyza döwrebap durmuşy peşgeş bermek bilen, ýaşaýyş üçin iň amatly mümkinçilikleri özünde jemleýär. Häkim bu baradaky gürrüňi dowam edip, Arkadag şäherinde Täze ýyl mynasybetli köp sanly maşgalalaryň täze jaýlara göçüp gelendigini habar berdi we täze öýlere göçüp gelmek miýesser eden maşgala agzalarynyň adyndan Milli Liderimize sagbolsun aýtdy.G.Mämmedowa pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzdan Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli döwrebap jaýlardan paýly bolan bagtyýar watandaşlarymyzyň çuňňur hoşallyklaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýetirip bermegini haýyş etdi.Milli Liderimiz watandaşlarymyzy täze jaýlara göçüp barmaklary bilen tüýs ýürekden gutlady. Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde zähmetsöýer ilatyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, ýokary halkara görkezijilere we häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän amatly şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.Hemmeler üçin söýgüli baýram hasaplanýan Täze ýyl baýramçylygynyň dabaralarynda halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň öz beýanyny tapmalydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz medeni-köpçülikleýin çäreleriň täsirli wakalara, ýatda galyjy pursatlara baý bolmalydygyna ünsi çekdi.Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerdäki Täze ýyl arçasynyň ýanynda berkarar döwletimiziň bagtyýar halkyna baýramçylyk gutlagyny beýan etdi.Taryhyň ýene-de bir ýylynyň tamamlanyp barýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz 2024-nji ýylyň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylandygyny, munuň bolsa türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan beýik hormatynyň aýdyň nyşanydygyny belledi.Beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy ähli dost-doganlyk halklar bilen bilelikde bellenilip geçildi. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak ugrunda durmuşa geçirilen işler ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam etdi. Bu işleriň geljekde hem üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.Bu ýylyň halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyl bolandygyna ünsi çekip, Milli Liderimiz ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin asylly işleriň dowam etdirilendigini aýtdy. Maksatlar myrat tapyp, iri taslamalar üstünlikli amala aşyryldy. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan köp sanly desgalar we binalar gurlup ulanmaga berildi. Sanly ulgama esaslanýan «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi. Bu ugurdaky işleriň halkara giňişlikde uly goldaw tapýandygyny, Arkadag şäheriniň yzygiderli abraýly halkara baýraklara mynasyp bolýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde iri şäherdir obalaryň gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurulýandygyny aýtdy.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bu ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Hormatly Arkadagly Serdarymyz tarapyndan Halk Maslahatynyň mejlisinde birnäçe il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli Permandyr Kararlar kabul edildi. Täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Bu beýik, tutumly işler bolsa berkarar döwletimiziň durnukly ykdysady ösüşini, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşyny üpjün edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.Milli Liderimiz geçip barýan ýylda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň geriminiň has-da giňeldilendigini nygtady we bu ugurda asylly işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigine ünsi çekdi. Gaznanyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy hökmünde ýaşulularymyz hem berkarar döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halka giňden wagyz etmekde, ýaşlarymyzy milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemekde uly goldaw berýärler.Biz sanlyja günden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagyny diňläris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze ýylyna — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basarys. Geljek ýylda hem Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygyna, eşretli durmuşyna gönükdirilen iri möçberli taslamalary durmuşa geçireris. Bu işleri ýerine ýetirmek üçin biziň her birimize uly jogapkärçilik düşýändigini unutmaly däldiris. Biziň her birimiz eziz Watanymyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmalydyrys diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, hemmeleri ýetip gelen Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekde mundan beýläk-de zähmet üstünliklerini arzuw etdi.Gahryman Arkadagymyz baýramçylyk gutlagyny: “Täze ýylda ýurdumyz asuda, abadan we bagtyýar durmuşly bolsun! Nesip edenden, Täze ýyl her birimize rysgal-bereket getirsin! Täze ýylyňyz gutly bolsun!” diýen sözler bilen jemledi.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

28 Dek 2024
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.Milli parlamentiň ýolbaşçysy, ilki bilen, deputatlaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, 2025-nji ýylyň rysgal-berekedi bilen abadan ýurdumyza uly üstünlikleri we rowaçlyklary getirmegini, döwlet Baştutanymyzyň, Milli Liderimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdi.Soňra D.Gulmanowa geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň taryhy, gazanýan ösüşleri, halkara gatnaşyklardaky üstünlikleri bilen bagly möhüm wakalar mynasybetli her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi netijesinde halkara giňişlikde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýeti yzygiderli ýokarlanýar we täze many-mazmuna eýe bolýar. Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyz dünýä bileleşiginde giň goldaw tapýar.2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak bilen baglanyşykly geçirilen işleriň netijesinde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleriň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynyň esasynda, Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryna eýerip hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli, 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak barada Mejlisiň karary taýýarlanyldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna geljek ýylyň nyşany hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belledi.Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň halkymyz bilen bilelikde geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny teklip edýändiklerini aýtdy we bu teklibi goldap, 2025-nji ýylyň şygaryny «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Bu çözgüt şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçiljekdigini, bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigini nygtap, bu topara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylyk etmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen baglanyşykly çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini aýtdy.Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda taryhy özgertmeleriň durmuşa geçirilendigini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň has-da rowaçlanandygyny, türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejede giňden toýlanandygyny kanagatlanma bilen belledi we şu ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi.Döwlet Baştutanymyz öz eserinde beýik söz ussadynyň edebi mirasynyň, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandynyň, şahyryň ýubileýi bilen bagly geçirilen çäreleriň giňden beýan edilýändigini, şeýle hem ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanan üstünliklerimiziň jeminiň jemlenýändigini nygtap, bu kitabyň mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygyny aýtdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi.Ol hormatly Prezidentimiziň şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tamamlanyp barýan 2024-nji ýyldaky örän wajyp mejlisini geçirýändigini we onuň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyz üçin uly ähmiýete eýe bolan meselä seredendigini hem-de 2025-nji ýylyň şygarynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi hem-de mejlise gatnaşyjylaryň adyndan Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen tüýs ýürekden gutlady.Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň Türkmenistanda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Milletler Bileleşiginde öňe süren möhüm halkara başlangyçlarynyň iş ýüzünde kanunalaýyk durmuşa geçirilmeginiň dünýä derejesindäki ykrarnamasy bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen, 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip biragyzdan yglan etdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe süren Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly baradaky başlangyjynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, milletiň atasy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan yglan edilen döwletara gatnaşyklardaky täze filosofiýanyň logiki dowamy we iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bolup durýandygyny belledi. Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi bu syýasy-filosofik garaýşy «Dialog — parahatçylygyň kepili» hökmünde kabul edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, syýasy taýdan örän ähmiýetli aýratynlyga eýedir.Nygtalyşy ýaly, 2025-nji ýyl halkymyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda örän möhüm ýyllaryň biri bolar. Geljek ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda dürli derejedäki maslahatlar, mejlisler, dabaralar, bäsleşikler, sergiler hem-de beýleki çäreler geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň halkymyz, jemgyýetimiz we döwletimiz tarapyndan halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde guraljak ähli çäreleriň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylygynda geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy baradaky aýdanlarynyň möhüm ähmiýetine üns çekildi. Wise-premýer, daşary işler ministri 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylygynda döwletimizde we daşary ýurtlarda meýilleşdirilýän dürli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazmak bilen, Ministrler Kabinetiniň şu günki taryhy mejlisinde tutuş türkmen halkyna we daşary ýurtlaryň halklaryna Täze ýylyň bosagasynda örän uly sowgat etdi.Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli beýik nusgawy şahyryň döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygyny alamatlandyrýan, parahatçylygyň, ösüşiň binýady bolup hyzmat edýän, halklary we döwletleri birleşdirýän filosofiýasy bütin dünýä ýaň saldy. 2024-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda guralan halkara forum, şeýle hem ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilen halkara çäreleriň ýüzlerçesi munuň aýdyň mysalydyr. Wise-premýer, daşary işler ministri mejlise gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimizi täze kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, 2024-nji ýylyň tamamlanyp barýandygyny, bu ýylyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň taryhynda ebedi galjakdygyny belledi. “Geçip barýan ýylda biz Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerini, şeýle hem dürli döwlet maslahatlaryny geçirdik. Bu mejlislerde, maslahatlarda döwletimiziň içeri we daşary syýasatyna degişli möhüm soraglara seretdik” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, ähli pudaklarda ýokary ösüş depginleriniň gazanylýandygyny, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň 10 göterim artdyrylan möçberleriniň öz wagtynda maliýeleşdirilendigini, döwletimiziň ösüşini üpjün edýän täze kanunlaryň kabul edilendigini nygtady. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz döwletimiziň ähli sebitlerinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň, iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşyklary dowam edýär. Bitarap Watanymyz abraýly halkara we sebit guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Guramanyň Baş Assambleýasynyň birnäçe Kararnamalary Bitarap döwletimiziň başlangyjy bilen taýýarlanyldy we kabul edildi» diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Täze ýylyň baýram edilýän günlerinde ähli gulluklarda nobatçylyk tertibiniň ýola goýulmagyny, baýramçylyk günlerinde jemagat hojalygy, elektrik we suw üpjünçilik gulluklarynyň, hassahanalaryň, dükanlaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegi, raýatlarymyzyň gowy dynç alyp, Täze ýyly ýokary derejede belläp geçmekleri üçin ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini jemläp, hemmeleri täze — 2025-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de geljek ýylda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, berkarar döwletimizi ösdürmek ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

27 Dek 2024