Türkmenistanda
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny hem-de bugdaý tohumlaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri bilen birlikde, bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk görülýär.Şeýle hem häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda dowam edýän möwsümleýin işleriň, hususan-da, gowaça ideg etmek, şeýle hem oba hojalyk ekinleriniň geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz häkime şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýerleri indiki ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Şeýle hem ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we bugdaý tohumlaryny möwsüme taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, bu ekinleriň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümlerine islegiň barha artýan şertlerinde ekinlerden bol we ýokary hilli hasyl almak üçin önümçilikde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda galla oragy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmek maksady bilen, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we bugdaý öndürijiler üçin ýokary hilli tohumlary möwsüme taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda ýazlyk ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak hem-de bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek, şeýle hem bu ekinleriň güýzki ekiş möwsümine taýýarlyk görmek boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar.Häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de häkime bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde ekiş geçiriljek ýerleri sürmek we topragy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we bugdaý tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, sowadyjy ammarlarda saklamak we ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem bu ekinleriň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär.Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda ýokary görkezijileri gazanmak üçin ylmy taýdan esaslandyrylan toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz häkime welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, şeýle hem ýokary hilli bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de bu önümleri ilata ýetirmek, şeýle hem güýz möwsüminde bu ekinleriň ekiljek meýdanlaryny ekişe taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda gant şugundyrynyň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar.Häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we talabalaýyk geçirilmeginiň oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini hem-de alynýan önümiň hilini kesgitleýän esasy şertleriň biri bolup durýandygyny belledi we häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetini belläp, welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda dowam edýän oba hojalyk işleriniň çäklerinde ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş kärhanalaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak hem-de talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we ýokary hilli bugdaý tohumyny möwsüme taýýar etmek üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Şeýle hem Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär. Gant şugundyrynyň gögeriş alan meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär.Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, bu ekinleriň güýz möwsüminde ekiljek ýerlerini hem-de tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýändigini, döwrebap tehnikalary satyn almaga, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, täze suwaryş ulgamlaryny gurmaga, tohumçylygy we maldarçylygy ösdürmäge uly möçberde maýa serişdeleriniň gönükdirilýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak hem-de gaýtadan işleýän senagaty çig mal bilen üpjün etmek boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, bugdaýyň, şeýle hem beýleki oba hojalyk ekinleriniň geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak işleriniň öz wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

07 Iýl 2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahaty geçirildi. Onda ýurdumyzda raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak, saýlaw ulgamyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly birnäçe kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Häzirki wagtda ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär.Mejlisiň wekiliýeti Portugaliýa Respublikasynyň Porto şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji mejlisine gatnaşdy. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda dialogyň we bitaraplygyň ýörelgeleri” atly ugurdaş çäre geçirildi. Şeýle hem saparyň dowamynda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili we Merkezi Aziýa döwletleriniň parlament wekiliýetleri bilen duşuşyklar geçirildi.Hormatly Prezidentimiz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň hem-de ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow halkara we sebitleýin maliýe-ykdysady guramalary, institutlary, daşary ýurt döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu babatda Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin söwda ugry babatynda goşulyşmak maksatnamasynyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça sebitleýin taslamasyna Türkmenistanyň goşulmagy hakyndaky teklibi barada aýdyldy. Taslamanyň esasy maksady sebitde söwdany giňeltmekden, sanlylaşdyrmak, ekologiýa ýaly ugurlar boýunça çäreleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Şeýle hem onuň çäklerinde “Söwda syýasaty”, “Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek” atly taslamalara goşulmak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurt döwletleri, halkara we sebitleýin maliýe-ykdysady guramalarydyr institutlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň degişli taslamasyna ýurdumyzyň gatnaşmagy bilen bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.Wise-premýer hasabatyny dowam edip, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk işleri, hususan-da, bu forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda görülýän çäreler barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, häzirki wagtda şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bu halkara maslahaty geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam etjek bu forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi hem-de bu ugurda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek, nebitgaz ýataklaryny gözlemek, ýüze çykarmak hem-de netijeli özleşdirmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Şunda önümçilige innowasion tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi takyk maglumatlary almaga, guýularyň gurluşyny öwrenip, oňyn çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer pudagy geofiziki enjamlaryň döwrebap görnüşleri bilen üpjün etmek bilen bagly taýýarlanylan degişli teklibi hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda uglewodorod serişdeleriniň ýerasty gorlaryny gözlemek, gaz geçiriji ulgamlaryň ygtybarly işlemegini üpjün etmek babatda netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da gowulandyrmak boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýetişdirilen galla hasylyny ýygnamak işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, ýokary hilli bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi geçirilýär. Ýurdumyzda gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak hem-de ilaty bu önümler bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda olaryň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, ilata ýetirmek boýunça zerur çäreler görülýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere galla oragyny guramaçylykly geçirmek we ýygnalan hasyly kabul ediş bölümlerine tabşyrmak işlerine berk gözegçilik etmegi, geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegi, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda awtomobil ýollarynyň ösen ulgamyny döretmek, ýolgurluşyk işini ösdürmek, döwrebap, dünýä standartlaryna laýyk gelýän täze awtomobil ýollaryny, köprüleri gurmak boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynyň awtomobil ýollarynda gurluşyk we abatlaýyş işleri dowam edýär. Şeýle hem agentligiň iş meýilnamasy boýunça awtomobil köprüleriň gurluşyk-gurnama işleriniň guramaçylykly dowam edýändigi barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkara ölçeglere laýyk gelýän ýokary hilli awtomobil ýollaryny we köprüleri gurmak hem-de durkuny täzelemek işleriniň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilýän ýolgurluşyk işleriniň öz wagtynda, talabalaýyk durmuşa geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew milli halyçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň çeper halyçylyk kärhanalarynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, zerur bolan çig mallar bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Munuň özi öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli halyçylyk sungatyny ösdürmek we kämilleşdirmek, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň önümçiligini berkitmek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa ýurdumyzyň muzeýleriniň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Diýarymyzyň iri muzeýlerine «Wirtual muzeý» sanly ulgamyny ornaşdyrmak arkaly gaýybana syýahat etmäge, muzeýlerde bar bolan gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredilýär. Şunda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gelýän myhmanlaryň mobil telefonlarynyň üsti bilen gymmatlyklar bilen tanyşmaklary üçin döwrebap QR-kodlaryň ornaşdyrylmagy bellenilmäge mynasypdyr. Muzeý gymmatlyklaryny toplamak, muzeý gaznasyny baýlaşdyrmak muzeý işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, arheologlar tarapyndan taryhy-medeni ýadygärliklerde geçirilýän gazuw-barlag işleriniň dowamynda ýüze çykarylýan tapyndylar doly öwrenilenden soň, döwlet muzeýlerine yzygiderli tabşyrylýar.Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň maýynda Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa — Italiýa” görnüşindäki birinji sammitde Italiýanyň Rim şäherinde “Medeniýetleriň gülläp ösüşi: bürünç zamanyndaky Margiana we Parfiýa şalygy. Türkmenistandaky arheologik açyşlar” atly arheologik sergini guramak barada beýan eden başlangyjyndan ugur alnyp, häzirki wagtda bu sergini ýokary derejede geçirmek üçin degişli işleriň alnyp barylýandygy barada hem aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň baý ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasymyzy gorap saklamakda, öwrenmekde we dünýä ýaýmakda ýurdumyzyň muzeýlerine aýratyn ornuň degişlidigini belledi we wise-premýere halkymyzyň medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny ýüze çykarmak, olary ylmy esasda öwrenmek, geljek nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzda şypahana dynç alşyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, “Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama” laýyklykda, ýurdumyzyň şypahana ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde şypahanalarda öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Şeýle hem innowasion lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen “Berzeňňi”, “Arçman”, “Ýyly suw”, “Bagabat”, “Farap», “Baýramaly”, “Mollagara”, “Awaza”, “Daşoguz” şypahanalarynda raýatlaryň ýokary hilli bejergi almaklary, saglygyny dikeltmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigi barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň häzirki zaman şypahanalarynda adamlaryň döwrebap dynç almagy hem-de saglygyny berkitmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere şypahana hyzmatlaryny mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan halkara guramalar bilen sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar. Şunda BMG-niň Ösüş maksatnamasyna möhüm orun degişlidir. Bu işleriň çäklerinde halkara derejede tejribe alyşmaga, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Estoniýa Respublikasynyň degişli akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklibi makullap, agentligiň ýolbaşçysyna zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

04 Iýl 2025
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, harby gulluga çagyrmak çäresiniň netijeleri, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasy hem-de häzirki zaman talaplary esasynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe häzirden başlap gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine dabaraly harby ýörişi ýokary derejede geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.Baş prokuror B.Muhamedow ýylyň başyndan bäri geçirilen işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ähli ulgamlarda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem hukuk bozulmalaryna getirýän sebäpleri öz wagtynda aradan aýyrmak maksady bilen görlen anyk çäreler, sanly ulgamy ornaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda ýerine ýetirilen işler hakynda aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri yzygiderli dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow ýustisiýanyň geňeşçisi B.Gurbangulyýewi Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirliginiň müdiri wezipesinden boşatmak we bu wezipä ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi M.Sapargulyýewi belläp, ony Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokurory wezipesinden boşatmak hakynda degişli resminama gol çekdi.Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak, paýtagtymyzyň, welaýatlaryň ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ilatyň arasynda, edaralarda we guramalarda ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek boýunça düşündiriş işleriniň geçirilişine uly üns berilýär.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmek, hukuk hem-de düzgün bozulmalarynyň öňüni almak boýunça içeri işler edaralary tarapyndan alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz tomus möwsüminde howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýangyn hadysalarynyň ýüze çykmagynyň öňüni almak ugrunda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagyň möhüm ähmiýetini nygtap, ministre bu ugurda anyk tabşyryklary berdi.Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini işjeň ulanmak arkaly kazyýet işini kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem degişli maksatnamanyň ýerine ýetirilişi, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň netijeli işlemekleri we göwnejaý ýaşamaklary üçin döredilýän şertler barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletiň we jemgyýetiň bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi hem-de Ýokary kazyýetiň başlygyna raýatlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy, kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilişiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, döwlet bähbitlerini goramak, jemgyýetde durnuklylygy üpjün etmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler, ýolbaşçylyk edýän ministrligini ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, milli howpsuzlygymyzy ygtybarly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi we ministre birnäçe görkezmeleri berdi.Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işler, Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak, serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur şertleri döretmek babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň serhediniň goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklaryň daýanjy bolmalydygyny nygtap, gullugyň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň döwlet serhedinde asudalygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Adalat ministri M.Taganow ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek bilen bagly teklipleri taýýarlamak boýunça ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu düzüm tarapyndan milli kanunçylyk ulgamyny halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we ministre bu babatda degişli tabşyryklary berdi.Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, gullugyň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde döwrebap iş usullaryny, iň täze tehnologiýalary işjeň ulanmak boýunça görülýän çäreler, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda ygtybarly gümrük gözegçiligini amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň, gümrük işinde halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we degişli tabşyryklary berdi.Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler, degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu düzümiň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we gullugyň ýolbaşçysyna ýurdumyzda migrasiýa kanunçylygynyň berjaý edilişini, gullugyň işini kämilleşdirmek, migrasiýa babatda ýokary hilli hyzmatlary amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we bu ugurdaky işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini nygtady.Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

02 Iýl 2025
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatyň gallaçy daýhanlarynyň 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýygnap, bu ugurdaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy hem-de öndürijilikli zähmet çekmäge döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.Soňra häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny doly ýygnap almak hem-de galla oragyny tamamlamak boýunça işler batly depginde alnyp barylýar. Ýerleri indiki ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň hasylyna bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek babatda zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň gallaçy daýhanlaryny şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmekleri bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de mundan beýläk-de zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlarynda galan bugdaý hasylynyň soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, gowaça meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň esasy ugurlarynyň hatarynda belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde bugdaý meýdanlaryndaky hasyly soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnap almak, orakdan boşan meýdanlary indiki ekiş möwsümine taýýarlamak, geljek ýylyň hasyly üçin ýokary hilli bugdaý tohumlaryny taýýar etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmekde zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak we bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň geljekde bol we ýokary hilli hasyl almagyň esasy şertidigini belledi hem-de ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, galla hasylyndan boşan ýerleri sürmek, bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri-de ýerine ýetirilýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsümi ýokary hilli, guramaçylykly geçirmek üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde bugdaý oragyndan boşan meýdanlary indiki ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Şeýle hem ýokary hilli bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Önüm öndürijileriň döwlete tabşyran bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerinde, hususan-da, gowaça ideg etmekde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Geljek ýylyň hasyly üçin ekiş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de bu önümleri ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatda gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda ýetişdirilen bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnap almagyň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklar geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin meýdanlary, tohumlyk bugdaýy ekiş möwsümine taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de olary ilata ýetirmek babatda degişli işler alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we pudagy döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmek üçin oba hojalyk önümçiligine ekinleriň hasyllylygyny, hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän döwrebap usullaryň we tehnologiýalaryň, öňdebaryjy tejribäniň giňden ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, galla oragy möwsümini netijeli tamamlamak, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini talabalaýyk geçirmek, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak üçin zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady we bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

30 Iýn 2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwletimiziň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisiň nobatdaky maslahatyny geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Onda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyna seretmek we kabul etmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem maslahatyň gün tertibine “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”, “Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda”, “Gümrük gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary giriziler.Daşary ýurtlaryň parlamentleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada-da aýdyldy. Ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary ösdürmek we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisde Fransiýa Respublikasynyň Parlamentiniň senatory bilen duşuşyk geçirildi. Mejlisiň wekilleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.Hormatly Prezidentimiz häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň we bu ugurda netijeli işleri geçirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki ýokary okuw mekdepleriniň işini düzgünleşdirmek we ygtyýarlylandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Bilim ministrligi hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň görnüşleriniň sanawyna “Ýokary hünär bilimi” hem-de “Ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi” iş ugurlaryny girizmek maksadalaýyk hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly üns berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki hünär bilimi edaralaryny ygtyýarlylandyrmak bilen bagly taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän toplumy, hususan-da, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda gazylyp alynýan gaty magdanlaryň we seýrek duş gelýän minerallaryň gözlegi boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunda kuwwatly göçme buraw desgalaryndan, tehnikalardan netijeli peýdalanylýar. Bu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi metal önümçiliginde, elektronika ulgamlarynda ulanylýan çig mal serişdelerini üpjün etmäge mümkinçilik berer.Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýetişdirilen galla hasylyny ýygnap almak we döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak çäreleri dowam edýär. Geljek ýylyň hasyly üçin tohumlyk bugdaýlary arassalamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Lebap welaýatynda şaly ekiş möwsümi dowam edip, Mary welaýatynda gant şugundyry ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizlemek, geriş çekmek, ekiş işleri alnyp barylýar. Şeýle-de ýetişdirilen ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümleri ilata ýetirmek boýunça degişli işler dowam edýär.Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak we önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça zerur işler geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin welaýatlarda suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak, suw hojalyk desgalaryny abatlamak babatda degişli işler alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere galla hasylyny gysga möhletde ýygnap almak, önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek işlerini berk gözegçilikde saklamagy, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilmegi göz öňünde tutulýan çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmek we onuň ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin has amatly şertleri döretmek, baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Hususan-da, medeni-durmuş maksatly binalarda we desgalarda, gök zolaklarda, seýilgählerde abadanlaşdyryş, dürli bezeg güllerini ekmek işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli paýtagtymyzda guraljak medeni çäreler barada aýdyldy.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Aşgabat şäheriniň halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülendigini, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem köp sanly halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Aşgabadyň binagärlik keşbini gözelleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirmegi, abadanlaşdyryş we arassaçylyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew telekeçilik ulgamynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bilim we ylym ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda bar bolan kuwwatyň pugtalandyrylmagy, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýurdumyzyň durnukly ösüşine, täze sepgitlere ýetmegine ýardam berýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda hem-de hususy pudagy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, telekeçilik we işewürlik gurşawy üçin hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebini döretmek hakynda degişli resminamanyň taslamalaryny hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de ýokary bilimli işgärleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda Permana, täze döredilýän uniwersitetiň ýolbaşçylaryny bellemek bilen bagly degişli resminamalara gol çekdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa söz berildi.Wise-premýer, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Şeýle hem ol pursatdan peýdalanyp, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge gönükdirilen Medeniýet hepdeligini Ahal welaýatynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza medeniýet ulgamynyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.Soňra wise-premýer Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Nobatdaky Medeniýet hepdeligini 2026-njy ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu gün ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilýändigini, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, 2026-njy ýylda Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Karara gol çekdi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlady.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary hünär bilimi edaralarynyň hil görkezijilerini dünýä standartlaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ugurda netijeli we ulgamlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň ykrar edilen abraýly reýting sanawlarynda mynasyp orun eýelemegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Öňde goýlan wezipelere laýyklykda, öňdebaryjy tejribeler öwrenilip, ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň Milli reýting ulgamy hem-de Milli reýtingiň sanly portaly işe girizildi. Munuň özi ýokary hünär bilimi ulgamynyň hil görkezijileri boýunça oňyn ösüşleri gazanmaga ýardam etdi. Bu babatda alnyp barylýan işler bäsleşikli gurşawy döredip, her bir professor-mugallymyň, kafedranyň, fakultetiň we ýokary hünär bilimi edarasynyň hil görkezijilerini seljermek arkaly geljek üçin ösüş ugurlaryny aýratynlykda kesgitlemäge mümkinçilik berýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesilleri terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek boýunça giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, bu ugurda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy hem-de wise-premýere ýokary okuw mekdepleriniň hil görkezijilerini dünýä standartlary esasynda kämilleşdirmek işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň halkara ynsanperwer işi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, dürli ýurtlar we halkara guramalar bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.Häzirki günde Türkmenistan 54 sany halkara gurama we ynsanperwer häsiýetli maksatnamalara, şol sanda halkara ynsanperwer hukugy boýunça köptaraplaýyn resminamalara gatnaşyjy döwlet bolup durýar. Bu resminamalaryň esasynda alnyp barylýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çäklerinde 1994-nji ýyldan bäri ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde dürli ugurlar, esasan-da, durmuş meseleleri boýunça 333 sany milli hem-de sebit taslamalary, maksatnamalar durmuşa geçirildi.Goňşy sebitlerde bolup geçýän syýasy-strategik ýagdaýlary nazara almak bilen, döwletimiz tarapyndan möhüm ynsanperwer çäreler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň goldaw bermeginde, Türkmenistan Ýakyn Gündogar sebiti bilen araçäkleşýän ýeke-täk Merkezi Aziýa döwleti hökmünde, bu goňşy sebitde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli ynsanperwer işleri durmuşa geçirýär. Şu maksatlar bilen, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ugurdaş düzümler tarapyndan zerur bolan toplumlaýyn işler, şol sanda daşary ýurtlaryň howa gämilerini Aşgabadyň Halkara howa menziline gondurmak hem-de olara hyzmat etmek, türkmen-eýran serhedindäki ähli gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň gije-gündizleýin işlemegini üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. Şeýlelikde, Türkmenistan daşary ýurtlaryň müňlerçe raýatynyň ýurdumyzyň üsti bilen öz döwletlerine gitmekleri üçin ynsanperwer geçelgäni döretdi.Häzirki wagta çenli şol geçelgeden 4 müň 640 adam geçdi. Olaryň arasynda Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Ýewropanyň, Afrikanyň, Amerika yklymynyň 50-den gowrak ýurdunyň raýatlary bar. Bu bolsa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine, ynsanperwer ugurda öz üstüne alan halkara borçnamalaryna berk ygrarlydygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ynsanperwer işleri ulgamlaýyn esasda amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň dürli döwletler we halkara guramalar bilen utgaşykly işländigi bellenildi. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda, daşary ýurtlaryň ilçileri we diplomatik gulluklaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri bilen yzygiderli duşuşyklar we gepleşikler geçirildi.Döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryny mundan beýläk-de iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan birnäçe teklipler taýýarlanyldy. Hususan-da, adatdan daşary ýagdaýlarda halkara guramalar bilen utgaşykly hereket etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 28-nji iýunda Daşary işler ministrliginde Halkara Migrasiýa Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasy we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy bilen bilelikde “tegelek stol” maslahatyny geçirmek teklip edilýär. Şunuň bilen bir hatarda, halkara ynsanperwerlik işi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 29-njy iýunda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda brifing görnüşinde duşuşyk geçirmek baradaky teklip beýan edildi. Şeýle-de BMG-niň, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasynyň wekilleri bilen ynsanperwerlik işini has-da ösdürmek üçin üç ýyllyk iş meýilnamalaryny düzmek we olary tassyklamak teklip edilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary saklamaga we ösdürmäge, zerur bolan ýagdaýynda, ynsanperwerlik kömegini bermäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary berkitmegi we giňeltmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň aprelinde «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebine Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) tarapyndan «Trainair Plus» maksatnamasy boýunça degişli güwänama berildi. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň hünärmenlerini taýýarlamak bilen çäklenmän, daşary ýurtlaryň hünärmenlerini hem taýýarlamaga we bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen, mekdebiň halkara ülňülere laýyk gelýän okuw usulyýetini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy ICAO tarapyndan bu mekdebiň binýadynda 2025-nji ýylyň dowamynda birnäçe ugurlar boýunça tapgyrlaýyn okuwlary ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Halkara raýat awiasiýasy guramasy bilen ýola goýlan gatnaşyklary berkitmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda okuwlary ýola goýmak bilen bagly taýýarlanylan teklibi makullap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

27 Iýn 2025
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Nataşa Pirs-Musara we ýurduň ähli halkyna Sloweniýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Nataşa Pirs-Musara tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Sloweniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

25 Iýn 2025
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragy guramaçylykly dowam edýär. Ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagynyň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň oba hojalyk önümçiliginde ýokary netijeleri gazanmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda ýerine ýetirilýän işleri hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowa söz berildi. Ol welaýatyň gallaçy babadaýhanlary tarapyndan 80 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalyp, bu ugurdaky meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habary aýtdy hem-de netijeli zähmet çekmäge döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.Soňra häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek babatda zerur çäreler görülýär. Orakdan boşan meýdanlary indiki ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen içerki bazarlary üpjün etmek babatda-da zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Balkan welaýatynyň gallaçy babadaýhanlaryny şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli berjaý etmekleri bilen gutlady we meýdanlarda galan bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryndaky möwsümleýin işleriň talabalaýyk alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, sebitde şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak, galla hasyly ýygnalan meýdanlarda sürüm işleri dowam edýär. Bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri-de ýerine ýetirilýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsüme ünsi çekdi hem-de welaýatda ýetişdirilen galla hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almagyň, gowaça ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigini belledi we häkime bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýylda meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragy dowam edýär. Ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur çäreler görülýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri bilen birlikde, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly geçirilýär. Welaýatda şaly ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda agrotehniki çäreler ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de welaýatda galla oragynyň depginini güýçlendirmek, gowaça meýdanlaryndaky ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirmek, şunda oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak, bu ugurda oba hojalyk tehnikalaryny, galla kabul ediş kärhanalaryny doly güýjünde işletmek, önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu önümleri ilata ýetirmek babatda zerur çäreler görülýär. Gant şugundyrynyň ekişi hem dowam edýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, galla oragynyň depgininiň güýçlendirilmegini, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Diýarymyzyň ak ekin meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Galla oragynda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ýygnalan hasyl galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Döwlete tabşyrylan hasyl üçin bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlary indiki ekiş möwsümine taýýarlamak üçin degişli işler geçirilýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Daşoguz welaýatynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Lebap welaýatynda şalynyň, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, sebitlerde ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, önümçilikde ýokary görkezijileri gazanmak üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi we wise-premýere ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň, hususan-da, galla oragynyň talabalaýyk, guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, galla oragynyň batly depginde alnyp barylýandygyny nygtady we bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ýene-de bir gezek ünsi çekip, ekinlere ideg etmekden başlap, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işlerine çenli oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

23 Iýn 2025
Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Rana Abu Hijlehi kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, parahatçylyk döredijilikli daşary syýasaty bilen halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolan Türkmenistanda ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasyň Gahryman Arkadagymyza hem-de döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.Hormatly Prezidentimiz ilçini mähirli mübärekläp, ony ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbasa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak däplerine esaslanýar. Bu bolsa abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek üçin esas bolup durýar.Söhbetdeşler söwda-ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmagyň dowamynda bu hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunda Türkmenistanyň nebithimiýa, dokma senagatynyň, oba hojalyk we gaýtadan işleýän pudaklarynyň önümlerini, dürli azyk harytlaryny eksport etmek geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-palestin gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup çykyş edýär. “Biz geljekde-de halklarymyzy ýakynlaşdyrmakda ähmiýetli bolan özara Medeniýet günleriniň geçirilmegini, bilim babatda alyşmalaryň, milli sergileriň we maslahatlaryň guralmagyny goldarys” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz beýan edilen ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleriniň bardygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň palestin tarapynyň anyk tekliplerine we netijeli başlangyçlaryna seretmäge taýýardygyny tassyklady.Hormatly Prezidentimiz hanym Rana Abu Hijlehi Türkmenistanda işe başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, türkmen-palestin gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.***Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Serdar BerdimuhamedowaÝurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk hem-de özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, hanym Rana Abu Hijlehi Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldik. Şunuň bilen baglylykda, hanym Rana Abu Hijlehiň ýurtlarymyzyň bähbidine alyp barjak diplomatik işinde Siziň Alyhezretiňiziň hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigine ynanýarys.Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,Mahmud Abbas,Palestina Döwletiniň Prezidenti.

19 Iýn 2025
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammitine gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň binýadyny goýan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda Hytaý Halk Respublikasy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynda ikinji gezek geçirilýän sammite gatnaşmagy-da munuň aýdyň beýanydyr. Mälim bolşy ýaly, şeýle görnüşdäki birinji sammit 2023-nji ýylyň maýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçirildi. Şunda hormatly Prezidentimiziň sammitde çykyş edip, tagallalary utgaşdyrmak arkaly sebitara hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürendigini bellemek gerek.Türkmenistan sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Umumy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşýar. Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, munuň özi medeniýetleriň, ykdysadyýetleriň we strategik bähbitleriň özboluşly sazlaşygydyr. Soňky ýyllarda sebitara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Bu bolsa dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze gözýetimleri açýar.Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlarynyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Hytaý bilen sebitiň ýurtlarynyň energetika, infrastruktura ulgamlarynda bilelikde durmuşa geçirýän maýa goýum taslamalary ykdysady ösüşe goşant goşýar. Tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolan Merkezi Aziýa döwletleri bilen Hytaýyň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, hususan-da, uglewodorod serişdelerini gazyp almak we eksport etmek babatda bilelikdäki taslamalar özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly esas bolup durýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň çäginden geçýän Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biridir.Ulag-kommunikasiýa pudagy altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň mazmuny boýunça Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyna laýyk gelýändigini bellemek gerek. Bu iki başlangyç ykdysady ösüşi üpjün etmäge, ugurdaş infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga, halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir. Taryhyň dowamynda Beýik Ýüpek ýoly Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyryp, harytlary alyşmaga hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam beripdir. Häzirki wagtda ýurdumyz bu taryhy mirasy täzeden dikeltmegi maksat edinip, tutuş sebitiň ykdysady ösüşi üçin ulag geçelgeleriniň, logistikanyň möhüm ähmiýetine ünsi çekýär. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ugur sebitiň ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär....Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy.Hormatly Prezidentimizi Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.Sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi.Günüň ikinji ýarymynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň awtoulag kerweni sammitiň geçirilýän ýerine — “Garaşsyzlyk” köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, wekiliýet Baştutanlary köşgüň mejlisler zalyna barýarlar. Bu ýerde “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammiti geçirildi.Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar. Sammitiň gün tertibine sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, syýasy dialogy giňeltmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ulag, energetika, innowasiýalar ulgamlarynda özara hereketler bilen bagly meseleler girizildi.Prezident Kasym-Žomart Tokaýew sammite gatnaşyjylary mübärekläp, bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşýandyklary hem-de sebit hyzmatdaşlygyny yzygiderli goldaýandyklary üçin döwletleriň Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasyndaky ynanyşykly gatnaşyklaryň, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde hoşniýetli goňşuçylyga, dostluga, birek-birege goldaw bermäge esaslanýan hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasynyň kemala gelendigini aýtdy. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlygyny beýan edip, şu gezekki duşuşygyň Sian şäherinde geçirilen sammitde beýan edilen wajyp pikirleri we teklipleri, onuň jemleri boýunça kabul edilen Sian Jarnamasyny pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilendigini aýtdy.Nygtalyşy ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri we Hytaý yklym hem-de sebit prosesleriniň möhüm gatnaşyjylary hökmünde çykyş edýärler. Biziň syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlygymyz tutuş Aziýada geosyýasy ýagdaýa oňyn täsir edýär, durnukly we uzak möhletli parahatçylyk, durnuklylyk we howpsuzlyk üçin şertleri döretmäge ýardam berýär. Hyzmatdaşlygyň bu formaty pikir alyşmak, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça tagallalary utgaşdyrmak, iri halkara meýdançalarda hem-de forumlarda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda, birnäçe sebit düzümlerinde özara ylalaşylan diplomatik kararlary kabul etmek üçin yzygiderli gurallaryň bolmagyny şertlendirýär. Daşary syýasat ulgamynda, dünýädäki häzirki ýagdaýy nazara almak bilen, Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjyna ähmiýet berilmegini teklip edýäris. Bu resminamanyň syýasy, hukuk we dünýägaraýyş esaslary şu formata gatnaşyjylaryň geljekki ösüş hem-de ählumumy prosesler babatda konseptual çemeleşmelerine, garaýyşlaryna laýyk gelýär diýip pikir edýärin. Hususan-da, gürrüň dünýä gatnaşyklarynda ösüp barýan ýurtlaryň eýeleýän orny, öňüni alyş diplomatiýasynyň, Bitaraplyk ýörelgeleriniň, beýleki parahatçylyk döredijilik we gepleşik meýdançalarynyň ulanylmagy barada barýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki ýubileý sessiýasynyň dowamynda şu formatyň çäklerinde Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça geňeşmeleri geçirmegi, onuň esasy düzgünlerini ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi. Hormatly Prezidentimiz bu işi Aziýa toparyndaky hyzmatdaşlar bilen başlamagyň, soňra geňeşmelere gatnaşyjylaryň düzümini giňeltmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, sammite gatnaşyjylar bu teklibi goldasa, türkmen tarapynyň minnetdar boljakdygyny aýtdy.Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan ulag ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikler bar diýip hasaplaýar. Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň esasy orny göz öňünde tutulýar. Biziň pikirimizçe, bu strategiýanyň Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy milli ulag-logistika mümkinçiliklerini ýakynlaşdyrmaga we olary umumy bähbitler üçin ulanmaga ýardam berer. Biziň döwletlerimize bu ählumumy başlangyçda möhüm orun degişlidir. Häzirki günde Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Günorta we Merkezi Aziýanyň, Orta hem Ýakyn Gündogaryň çäklerini gurşap alýan döwrebap ygtybarly we toplumlaýyn ulag-logistika ulgamyny döretmek üçin tagallalary birleşdirmäge diňe bir şertler däl, eýsem, zerurlyk hem bar.Türkmenistan biziň formatymyzyň çäklerinde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda-da çykyş edýär we munuň üçin oňyn şertler bar diýip hasaplaýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de ýurdumyzyň türkmen tebigy gazynyň iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady. Elektroenergetika hem energetika hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu babatda Türkmenistan elektrik energiýasynyň iberilýän ugurlaryny we möçberlerini artdyrmak ugrunda çykyş edýär. Şeýle-de söwdanyň, telekeçiligiň höweslendirilmegi, dürli ugurly bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň bilelikdäki ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeleýär.Döwlet Baştutanymyz innowasion hyzmatdaşlyk barada-da belläp, Türkmenistanyň hytaýly hyzmatdaşlar tarapyndan bu ugra has uly üns berilmegine umyt edýändigini aýtdy hem-de emeli aňy ulanmak, hemra we kosmos ylmy-barlag işlerini geçirmek, sanlylaşdyrmak, maglumat platformalary, programma üpjünçiligi ýaly birnäçe tehnologik ugurlar boýunça bilelikdäki maksatnamalaryňdyr taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň özara ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrjakdygyna, beýleki bir tarapdan, Merkezi Aziýanyň çäginde tehnologik hyzmatlaryň durnukly bazaryny döretmäge, hünärmenleri we tejribeleri alyşmaga, milli tehnologik mekdepleri çalt depginde ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Bu strategik wezipe Merkezi Aziýanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda bilelikdäki ösüşiň uly taslamasynyň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegine maýa goýumdyr.Köpasyrlyk beýik medeniýet we hakyky ruhy-ahlak gymmatlyklary Merkezi Aziýanyň hem-de Hytaýyň halklarynyň hyzmatdaşlygynyň, taryhy we häzirki ýakynlygynyň, özara düşünişmeginiň, birek-birege oňyn garaýyşlarynyň mizemez esasyny düzýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz sammite gatnaşyjy ýurtlaryň her birinde bilelikdäki medeniýet we sungat festiwallaryny yzygiderli esasda guramak mümkinçiligine seretmegi, şundan ugur alyp, “Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň medeni dialogy” atly medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze meýdançasyny döretmek başlangyjyny ara alyp maslahatlaşmagy we döwlet Baştutanlarynyň makullan ýagdaýynda, ugurdaş edaralara şeýle meýdançanyň usullaryny işläp taýýarlamak barada degişli tabşyryklary bermegi teklip etdi.Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi. Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek iri halkara forumda häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň çözgütlerini gözlemek, halkara giňişlikde ylalaşygy we düşünişmegi gazanmak boýunça döwletleriň arasyndaky dialogyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, sammite gatnaşýan ähli döwlet Baştutanlaryny bu maslahata gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrdy.Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky ýakyn hyzmatdaşlyga berk we üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, ýurdumyzyň bu formatyň biziň halklarymyzyň hem-de döwletlerimiziň parahatçylygy, abadançylygy üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýandygyna berk ynanýandygyny tassyklady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň Sekretariatynyň Baş sekretary jenap Sun Weýduna şu gezekki sammiti üstünlikli geçirmäge goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew çuň manyly çykyşy hem-de beýan eden teklipleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.Sammitdäki çykyşlarda bellenilişi ýaly, tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolan Merkezi Aziýa halkara gatnaşyklaryň we söwda-ykdysady, maýa goýum, ynsanperwer hyzmatdaşlyga möhüm gatnaşyjy hökmünde öz ornuny yzygiderli pugtalandyrýar. Sebitiň ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar häzirki wagtda ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykaryldy. Ol dürli ugurlary öz içine alýar. Şunda Hytaý bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, özara haryt dolanyşygynyň görnüşlerini giňeltmäge we möçberini artdyrmaga, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, oba hojalygy pudagyndaky hyzmatdaşlyga, şol sanda öňdebaryjy agro we suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär.Sammite gatnaşyjylar sebitde energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň, energetika çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhümdigini bellediler. Ulag-kommunikasiýa hem sebitde çalt depginler bilen ösýän pudaklaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa Ýewropanyň we Aziýanyň iri sebitlerini birleşdirýän esasy logistika merkezine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, transmilli ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmagyň, sebitiň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmegiň wajypdygyna üns çekildi. Sammite gatnaşyjylar şu günki duşuşygyň taraplaryň hoşniýetli goňşuçylygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini görkezendigini bellediler hem-de beýan edilen teklipdir başlangyçlaryň hemişelik dostluk we strategik hyzmatdaşlyk üçin berk esas boljakdygyna ynam bildirdiler.Sammitiň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama; «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň Astana Jarnamasyna gol çekildi, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde raýatlaryň özara saparlary üçin oňyn şertleri döretmek boýunça Başlangyç kabul edildi.Resminamalara gol çekmek dabarasyndan soňra, «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşindäki hyzmatdaşlyk merkezleriniň açylýandygy yglan edildi we bu barada wideoşekiller görkezildi. Şeýle-de sammitiň çäklerinde Ahal welaýatynyň häkimligi (Türkmenistan) bilen Şensi welaýatynyň halk hökümetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda Ahal welaýaty bilen Şensi welaýatynyň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyk yglan edildi.Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparyny tamamlap, Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.Şeýlelikde, şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny görkezdi. Sammitiň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bolsa uzak möhletleýin esasda umumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam berer.

17 Iýn 2025
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň Ahal we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry

Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, we­la­ýa­tyň çäk­le­rin­de gal­la ora­gy­nyň dep­gi­ni bi­len ta­nyş­dy hem-de et­ra­byň Mag­tym­gu­ly daý­han bir­le­şi­gin­de bug­daý ora­gy­na ak pa­ta ber­di. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da döw­let­li tu­tum­la­ryň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky be­ýa­ny­na öw­rül­di.Hä­zir­ki wagt­da Ahal we­la­ýa­ty ýur­du­myz­da be­re­ket­li bug­daý ha­sy­ly­ny ön­dür­ýän we­la­ýat bol­mak bi­len, bu ýer­de daý­han­la­ryň bol ha­syl ýe­tiş­dir­mek­le­ri we eke­ran­çy­ly­gyň yl­my esas­da ös­dü­ril­me­gi ug­run­da top­lum­la­ýyn iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Mu­nuň özi oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň dü­züm­le­rin­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­ri­niň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.Ir bi­len döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň Mag­tym­gu­ly daý­han bir­le­şi­gi­niň ak ekin meý­dan­la­ry­na gel­di. Bu ýer­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň ýol­baş­çy­la­ry, Mag­tym­gu­ly daý­han bir­le­şi­gi­niň gal­la­çy kä­ren­de­çi­si mä­hir­li gar­şy­la­dy­lar.Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de azyk üp­jün­çi­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak, oba ho­ja­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­ri has-da kä­mil­leş­dir­mek, bu ugur­da­ky iş­le­ri döw­re­bap usul­da gu­ra­mak we pu­da­ga hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri giň­den çek­mek iş­le­ri mak­sat­na­ma­la­ýyn esas­da al­nyp ba­ryl­ýar. Bu bol­sa top­rak­dan alyn­ýan ha­sy­lyň ýo­kar­lan­ma­gy­ny, oba ho­ja­lyk ekin­le­riniň gör­nüş­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­ny, şeý­le­lik­de, ba­zar­lar­da önüm bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ni şert­len­dir­ýär.Kä­ren­de­çi daý­han eke­ran­çy­la­ryň ne­ti­je­li zäh­met çek­me­gi ug­run­da amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni, döw­le­ti­mi­ziň bug­daý­dan we beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­rin­den bol ha­syl al­mak ug­run­da yzy­gi­der­li ta­gal­la edil­ýän­di­gi­ni nyg­tap, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz­den öz yh­las­ly zäh­me­ti bi­len ýe­tiş­di­ren bug­daý ha­sy­ly­ny or­ma­ga ak pa­ta ber­me­gi­ni ha­ýyş et­di.Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz kä­ren­de­çi­niň ha­ýy­şy bo­ýun­ça bir­kem­siz ha­syl top­lan bug­da­ýy orup, gal­la ora­gy­na ba­dal­ga ber­di.Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ak pa­ta­sy bi­len ýur­du­my­zyň top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän we hä­zir­ki za­ma­nyň te­le­ma­tik en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len kuw­wat­ly teh­ni­ka­lar hem be­re­ket­li ha­sy­lyň ora­gy­na gi­riş­di­ler. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz Mag­tym­gu­ly daý­han bir­le­şi­gi­niň bug­daý meý­da­nyn­da gal­la ora­gy­nyň al­nyp bar­ly­şy­ny syn­la­dy.Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bu mö­hüm pu­da­gy ösü­şiň hil taý­dan tä­ze de­re­je­si­ne çyk­dy. Oba­se­na­gat top­lu­my­nyň dü­züm­le­ri­niň hem-de hyz­mat ed­ýän pu­dak­la­ryň teh­ni­ki taý­dan en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy­na, döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na, bug­daý ora­gyn­da ula­nyl­ýan ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li hä­zir­ki za­man teh­ni­ka­la­ry­nyň sa­tyn alyn­ma­gy­na döw­let de­re­je­sin­de uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, oba ho­ja­ly­gyn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­ler hem pu­da­gyň hem­me­ta­rap­la­ýyn saz­la­şyk­ly ösü­şi­niň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Şol bir wag­tyň özün­de oba zäh­met­keş­le­ri­niň, gal­la­çy kä­ren­de­çi­le­riň ne­ti­je­li işi­niň ýo­la go­ýul­ma­gy­na ze­rur üns be­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, daý­han­lar ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar, mi­ne­ral dö­kün­ler, döw­re­bap oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry bi­len do­ly üp­jün edil­ýär we tab­şy­ry­lan ha­syl üçin ha­sap­la­şyk­lar öz wag­tyn­da ama­la aşy­ryl­ýar. Mu­nuň özi daý­han­la­ryň işe bo­lan hö­we­si­ni art­dyr­mak bi­len, ola­ry tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne ruh­lan­dyr­ýar.Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gal­la kom­baýn­la­ry­nyň işi­ni syn­la­ýan pur­sat­la­ryn­da ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­lyň kes­git­le­nen möh­let­ler­de ýyg­na­lyp alyn­ma­gy ba­bat­da wi­se-prem­ýer T.Ata­hal­ly­ýe­we bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­r üçin dün­ýä meş­hur kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li teh­ni­ka­la­ry­nyň we gu­ral­la­ry­nyň sa­tyn alyn­ýan­dy­gy­ny bel­läp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň örän ne­ti­je­li ula­nyl­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di.Wi­se-prem­ýer oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň äh­li dü­züm­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň ber­ki­dil­me­gi, hä­zir­ki za­man teh­ni­ka­la­ry­nyň yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ma­gy ba­bat­da döw­let de­re­je­sin­de ala­da edil­ýän­di­gi üçin Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za ho­şal­lyk bil­di­rip, öň­de goý­lan we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi ug­run­da äh­li ta­gal­la­la­ryň edil­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň ak ekin meý­dan­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, bug­daý ora­gy­nyň dep­gin­le­ri we ha­syl­ly­ly­gyň de­re­je­si bi­len gy­zyk­lan­dy. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry tu­tuş ýur­du­myz bo­ýun­ça gal­la ora­gy­nyň bat­ly dep­gin­ler­de do­wam ed­ýän­di­gi­ni aý­dyp, ge­çen hep­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ak pa­ta­sy bi­len Ahal, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da, şu gün bol­sa Bal­kan hem Da­şo­guz we­la­ýat­la­ryn­da gal­la ora­gy­na gi­ri­şi­len­di­gi, ora­gy gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek ug­run­da ýo­ka­ry de­re­je­li taý­ýar­lyk iş­le­ri­niň alnyp barlandygy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne ber­ýän gol­da­wy ne­ti­je­sin­de gal­la ora­gy möw­sü­min­de “John Dee­re”, “СLA­AS” ýa­ly meş­hur kom­pa­ni­ýa­la­ryň hä­zir­ki za­man gal­la oru­jy kom­baýn­la­ry ne­ti­je­li ula­nyl­ýar. Gal­la­çy­lar üçin sa­tyn al­nan ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li tä­ze teh­ni­ka­lar gi­je-gün­diz­le­ýin ter­tip­de iş­le­di­lip, ýe­tiş­di­ri­len bol ha­sy­ly çalt we ýit­gi­siz ýyg­na­ma­ga ýar­dam ber­ýär.Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz oba ho­ja­ly­gy­na de­giş­li önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­nyň, şol san­da ele­wa­tor­la­ryň, gaý­ta­dan iş­le­ýän dü­züm­le­riň, suw ho­ja­lyk top­lum­la­ry­nyň ne­ti­je­li işi­niň ýo­la go­ýul­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di. Şol bir wag­tyň özün­de gal­la ora­gy­nyň ýo­ka­ry hil­li, öz wag­tyn­da ta­mam­lan­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tab­şy­ry­lan ha­syl üçin daý­han­lar bi­len ha­sap­la­şy­gy öz wag­tyn­da ge­çir­mek ba­bat­da anyk gör­kez­me­le­ri ber­di. Döw­re­bap teh­ni­ka­la­ryň ne­ti­je­li ula­nyl­ma­gy, önüm­çi­li­ge öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­riň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­li­dir. Bu iş­ler ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gin­de mö­hüm we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi­ne, oba ho­ja­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de ok­gun­ly ös­dür­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne giň ýol aç­ýar. Oba ho­ja­lyk top­lu­myn­da­ky öz­gert­me­ler ýer­li önüm ön­dü­ri­ji­le­ri hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­ma­ga gö­nük­di­ri­len çuň­ňur oý­la­ny­şyk­ly stra­te­gi­ýa­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir. Ne­ti­je­de, ýur­du­my­zyň daý­han­la­ry tä­ze ýer­le­ri öz­leş­dir­me­giň, eke­ran­çy­ly­gyň me­de­ni­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek ug­run­da yh­las­ly zäh­met çek­ýär­ler. Şeý­le­lik­de, azyk bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi bi­len bir ha­tar­da, hal­ky­my­zyň we her bir maş­ga­la­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si-de ýo­kar­lan­ýar.Şu möw­süm­de Di­ýa­ry­my­zyň ak ekin meý­dan­la­ry­na bug­da­ýyň bol ha­syl ber­ýän “Ar­ka­dag”, “Ser­dar”, “Py­ra­gy” ýa­ly tä­ze gör­nüş­le­ri ekil­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bug­da­ýyň tä­ze gör­nüş­le­ri ýo­ka­ry ha­syl­ly­ly­gy, dä­ne­le­ri­niň iri­li­gi we köp suw ta­lap et­me­ýän­di­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu bol­sa tä­ze gör­nüş­le­riň bäh­bit­li­lik de­re­je­si­niň ýo­ka­ry­dy­gy­ny gör­kez­ýär.Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ýer­de gu­ra­lan gök-bak­ja we mi­we önüm­le­ri­niň, dä­ne­li ekin­le­riň gör­nüş­le­ri­niň, çö­rek we çö­rek önüm­le­ri­niň ser­gi­si bi­len ta­nyş­dy. Ser­gi­dä­ki çö­rek önüm­le­ri­niň bug­da­ýyň şu ýyl­ky il­kin­ji ha­sy­lyn­dan taý­ýar­la­ny­lan­dy­gy ha­bar be­ril­di. Şunda çö­rek önüm­le­ri­niň ýo­ka­ry hi­li önüm­çi­li­ge tä­ze or­naş­dy­ry­lan gör­nüş­le­ri­niň has ta­pa­wut­ly­dy­gy­ny nyg­ta­mak ge­rek.Gör­ke­zil­ýän önüm­le­riň köp­dür­lü­li­gi türk­men top­ra­gy­nyň rys­gal-be­re­ke­di­niň aý­dyň gü­wä­si­dir. Ak bug­da­ýyň ga­dy­my me­ka­ny hök­mün­de yk­rar edi­len bu top­rak­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len önüm­le­riň, aý­ra­tyn-da, bug­da­ýyň ýo­ka­ry hil de­re­je­si bu kün­je­giň ýe­ri­niň we su­wu­nyň sa­ha­wa­tyn­dan ha­bar ber­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­riň ne­ti­je­sin­de ata Wa­ta­ny­myz­da ak bug­da­ýyň, gök-bak­ja önüm­le­ri­niň, mi­we­le­riň we ir-iý­miş­le­riň bol ha­sy­ly ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär hem-de hal­ky­my­zyň rys­ga­ly, her bir maş­ga­la oja­gy­nyň be­re­ke­di bo­lup sa­çak­la­ry­my­za dol­ýar.Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ser­gi­de gör­ke­zil­ýän önüm­ler bi­len ta­nyş­ly­gyň do­wa­myn­da türk­men top­ra­gyn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän önüm­le­riň, şol san­da gal­la önüm­le­ri­niň ýo­ka­ry hi­li, ýo­kum­ly­ly­gy, eko­lo­gik taý­dan aras­sa­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan­dy­gy­ny nyg­tap, pu­da­ga hä­zir­ki za­ma­nyň tä­ze­çil usul­la­ry­nyň, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­ly­dy­gy­ny aýt­dy. San­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re gö­zeg­çi­lik et­mä­ge we pu­da­gy do­lan­dyr­mak­da yl­myň ga­za­nan­la­ry­ny peý­da­lan­ma­ga, ho­ja­lyk iş­le­ri­ni ta­la­ba­la­ýyk alyp bar­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.Ta­ryh­dan bel­li bol­şy ýa­ly, türk­men top­ra­gy eke­ran­çy­ly­gyň ga­dy­my oja­gy ha­sap­lan­ýar. Zäh­met­sö­ýer pe­der­le­ri­miz müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da eke­ran­çy­ly­gyň me­de­ni­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, bug­daý­dan we beý­le­ki ekin­ler­den bol ha­syl al­mak ug­run­da baý tej­ri­be top­lap­dyr­lar. Hä­zir­ki dö­wür­de mil­li daý­han­çy­lyk däp­le­ri­niň döw­re­bap yl­myň ga­za­nan­la­ry bi­len ut­gaş­dy­ryl­ma­gy pu­da­gyň işi­niň iler­le­me­gi­niň baş şer­ti­ni eme­le ge­tir­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zyň kä­ren­de­çi­le­ri be­re­ket­li ha­syl ýe­tiş­dir­me­giň döw­re­bap usul­la­ry­ny iş­jeň öz­leş­dir­ýär­ler. Şeý­le­lik­de, Di­ýa­ry­myz­da ha­lal zäh­me­te bil bag­la­ýan daý­han­la­ryň, aý­ra­tyn-da, ýaş­la­ryň sa­ny yzy­gi­der­li art­ýar.Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ýer­de pu­da­ga tä­ze ge­lip gow­şan hä­zir­ki za­man teh­ni­ka­la­ry­ny syn­la­dy.Oba ho­ja­lyk top­lu­my­na ge­lip gow­şan gal­la kom­baýn­la­ry­nyň en­jam­laş­dy­ry­lyş de­re­je­si, ola­ryň ön­dü­ri­ji­lik kuw­wa­ty ýo­ka­ry hal­ka­ra ül­ňü­le­re do­ly la­ýyk gel­ýär. Bu kom­baýn­lar ýur­du­my­zyň top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän de­re­je­de bo­lup, ola­ryň ön­dü­ri­ji­li­gi ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­re eýe­dir. San­ly ul­gam ar­ka­ly do­lan­dy­ryl­ýan teh­ni­ka­lar­da me­ha­ni­za­tor­la­ryň ön­dü­ri­ji­lik­li işi­niň üp­jün edil­me­gin­de mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan äh­li ze­rur şert­ler göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň obase­na­gat top­lu­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň yzy­gi­der­li ber­ki­dil­me­gi, ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­lyň gys­ga wagt­da we ýo­ka­ry hil­li ýyg­na­lyp alyn­ma­gy ug­run­da ed­ýän yzy­gi­der­li ta­gal­la­sy­nyň aý­dyň ne­ti­je­si­dir.Me­ha­ni­za­tor tä­ze ge­lip gow­şan kom­baý­na mü­nüp, ony he­re­ke­te gi­riz­di. Ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ma­gy pu­da­gy­ň iş­gär­le­ri­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw be­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, daý­han bir­le­şik­le­ri­niň, kä­ren­de­çi­le­riň we beý­le­ki önüm ön­dü­ri­ji­le­riň ze­rur teh­ni­ka­lar, dö­kün­ler, ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar bi­len bök­denç­siz üp­jün edil­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň äh­li dü­züm­le­rin­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­ler Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, şol san­da içer­ki ba­za­ry özü­miz­de ön­dü­ril­ýän önüm­ler bi­len do­ly üp­jün et­mek bo­ýun­ça öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­niň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi­ne giň ýol aç­ýar.Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gal­la­çy kä­ren­de­çi I.Ak­my­ra­do­wyň alyp bar­ýan işi, maş­ga­la ýag­da­ýy bi­len gy­zyk­la­nyp, onuň kä­ren­de ýe­rin­de ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­lyň de­re­je­si­ne üns ber­di.Ak bug­daý et­ra­by­nyň Mag­tym­gu­ly daý­han bir­le­şi­gi­niň kä­ren­de­çi­si I.Ak­my­ra­dow Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň bu ýe­re ge­lip, al­nyp baryl­ýan iş­ler bi­len gy­zyk­lan­ma­gy­nyň özi üçin be­lent mer­te­be­di­gi­ni nyg­ta­dy hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Şa ga­da­my­nyň mü­bä­rek bol­ma­gy­ny ar­zuw et­di.Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz kä­ren­de­çi­niň alan ýe­ri­niň ululygy, ha­syl­ly­ly­gyň de­re­je­si we kä­ren­de­çi­li­gi ne­ti­je­li alyp bar­mak ug­run­da dö­re­dil­ýän şert­ler bi­len gy­zyk­la­nyp, döw­le­ti­mi­ziň daý­han­la­ryň yh­las­ly zäh­me­ti­niň ýe­ri­ne düş­me­gi, oba ho­ja­lyk­çy­la­ryň iş we dur­muş şert­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy ug­run­da yzy­gi­der­li ala­da et­jek­di­gi­ni bel­le­di.Kä­ren­de­çi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň dö­red­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de tu­tan­ýer­li zäh­met çek­mek üçin äh­li şert­le­riň üp­jün edil­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Ol 2010-njy ýyl­dan bä­ri maş­ga­la ag­za­la­ry bi­len kä­ren­dä alan ýe­rin­de bug­daý we go­wa­ça ös­dü­rip ýe­tiş­dir­ýän­di­gi­ni aýt­dy.Şeý­le hem ol özü­niň 62 gek­tar kä­ren­de ýe­ri­niň bar­dy­gy­ny, 2025-nji ýy­lyň ha­sy­ly üçin 42 gek­ta­ra bug­daý, 20 gek­ta­ra bol­sa go­wa­ça eken­di­gi­ni, bug­daý meý­da­ny­nyň her gek­ta­ryn­dan 40 sent­ne­re go­laý ha­sy­la ga­raş­ýan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Kä­ren­de­çi öz iş ýe­ri­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ga­da­my­nyň düş­me­gi­niň tu­tuş maş­ga­la­sy üçin uly hor­mat­dy­gy­ny nyg­tap, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di. Döw­let ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li gol­daw be­ril­me­gi netijesinde top­rak­dan bol ha­syl alyn­ýar we go­wy gir­de­ji ga­za­nyl­ýar.Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­myz­da oba ho­ja­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge uly üns be­ril­ýän­di­gi­ni, oba ýer­le­rin­de adam­la­ryň dur­muş-ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak üçin äh­li ze­rur iş­le­riň ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­lal zäh­met çe­kip, ýer­den bol ha­syl al­ýan daý­han­la­ra döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe gol­daw ber­jek­di­gi­ni aý­dyp, kä­ren­de­çi­le­riň asyl­ly iş ed­ýän­dik­le­ri­ni, şeý­le zäh­met­sö­ýer daý­han­la­ryň ta­gal­la­sy bi­len Di­ýa­ry­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň ber­ki­dil­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ýer­de yh­las­ly zäh­me­ti bi­len sa­ha­wat­ly top­rak­dan bol ha­syl ön­dür­ýän kä­ren­de­çä öz sow­gat­la­ry­ny gow­şur­dy.Öz no­ba­tyn­da, kä­ren­de­çi Şa ser­pa­ýy hem-de daý­han­la­ryň ne­ti­je­li zäh­met çek­me­gi ug­run­da dö­re­dil­ýän äh­li şert­ler üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň jan­la­ry­nyň sag, ömür­le­ri­niň uzak bol­ma­gy­ny, döw­let äh­mi­ýet­li, il-ýurt bäh­bit­li be­ýik iş­le­ri­niň he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni ar­zuw et­di.Eke­ran­çy­la­ryň tu­tan­ýer­li zäh­me­ti bi­len ýe­tiş­di­ri­len bol ha­sy­ly ýyg­na­ma­gyň ýo­ka­ry dep­gin­le­ri ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek we ila­tyň azyk önüm­le­ri­ne bo­lan is­leg­le­ri­ni do­ly ka­na­gat­lan­dyr­mak bo­ýun­ça çä­re­le­riň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­niň aý­dyň gör­ke­zi­ji­si­dir.Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow hem­me­le­re alyp bar­ýan asyl­ly iş­le­rin­de uly üs­tün­lik ga­zan­mak­la­ry­ny ar­zuw et­di we bu ýer­den ug­ra­dy.

11 Iýn 2025
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar!Sizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň halkara baýramy — Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu ajaýyp senäniň şanyna geçiriljek dabaraly çäreleriň mähriban Watanymyza, bagtyýar durmuşymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.Bütindünýä welosiped güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun eýeleýär. Şonuň üçin hem eziz Diýarymyzda bu halkara baýram bütindünýä bileleşigi bilen birlikde, ýokary ruhubelentlikde giňden bellenilýär. Bütindünýä welosiped gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş, medeni çäreleriň geçirilmegi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Garaşsyz döwletimiziň abraýyny has-da belende göterýär.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bütindünýä welosiped güni mynasybetli täsirli çäreleriň guralmagy, welosipedli ýörişleriň, sportuň görnüşleri boýunça bäsleşikleriň geçirilmegi ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar.Hormatly adamlar!Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynda möhüm başlangyçlar bilen çykyş edip, halkara sport hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga, Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy hökmünde Olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Ata Watanymyzda iri sport ýaryşlarynyň, şol sanda Aziýa oýunlarynyň, yklym birinjilikleriniň we dünýä çempionatlarynyň ýokary derejede guralmagy üçin ähli şertler hem-de mümkinçilikler döredilýär.Ýakynda «Arkadag» futbol toparynyň uly ýeňiş gazanyp, Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy eziz Diýarymyzda ýokary netijeli sporty we Olimpiýa hereketini ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň halkara derejede rowaçlanýandygynyň güwäsi boldy.Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakyndaky taryhy Kararnamanyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri», Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi sport ulgamyndaky özgertmelerimiziň Ýer ýüzünde giňden goldanylýandygyny görkezýär.Türkmenistan beýleki möhüm ugurlardaky resminamalar bilen bir hatarda, ekologiýa babatda halkara resminamalara işjeň goşulyp, daşky gurşawy goramaga we ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly üns berýär. Ýurdumyzda köpçülikleýin ylgaw hem-de welosipedli ýörişler, bedenterbiýe-sport we medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Welosiped sporty hem ynsan saglygyna oňyn täsir edýän sportuň netijeli görnüşi bolup, ýurdumyzda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ýaramaz endiklerden daşda durmagy, zähmet bilen dynç alşy utgaşdyrmagy we sportuň dürli, şol sanda hereketli milli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin ähli tagallalar edilýär.Eziz watandaşlar!Berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden hem-de ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şu belent maksatlardan ugur alyp, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämize laýyklykda, ähli pudaklary, şol sanda köpçülikleýin bedenterbiýäni, Olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda milli maksatnamalary, toplumlaýyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris. Aýratyn-da, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadymy döwürlerden gelýän däplerini mynasyp dowam etdirýäris.Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar!Sizi ajaýyp halkara baýram — Bütindünýä welosiped güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, abadan we bagtyýar durmuşy, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

03 Iýn 2025