Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni mynasybetli welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Milli Liderimizi we hormatly Prezidentimizi Arkadag şäheriniň döredilmeginiň şanly senesi bilen gutlady. T.Nurmyradow welaýatyň gallaçy daýhanlarynyň döwlet harmanyna bugdaý hasylyny tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy hem-de öndürijilikli zähmet çekmäge döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.Soňra häkim welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny doly ýygnap almak, galla oragyny tamamlamak, bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz welaýatyň gallaçy babadaýhanlaryny şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmekleri bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de mundan beýläk-de zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz gowaça meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we häkime bu babatda anyk tabşyryklary berdi.Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowa söz berildi. Häkim Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni mynasybetli welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hormatly Prezidentimizi hem-de Milli Liderimizi Arkadag şäheriniň döredilmeginiň şanly senesi bilen gutlady.Şeýle-de häkim welaýatyň gallaçy babadaýhanlarynyň bugdaý hasylyny tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy hem-de bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge döredilýän ähli şertler, berilýän hemaýat-goldawlar üçin hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.Soňra häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý meýdanlarynda hasyly soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu önümleri ilata ýetirmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Şeýle-de häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz welaýatyň gallaçy daýhanlaryny şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu ugurda welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewe söz berildi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni mynasybetli welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hormatly Prezidentimizi hem-de Milli Liderimizi Arkadag şäheriniň döredilmeginiň şanly senesi bilen gutlady.Soňra D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak, galla oragyny gysga möhletde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylýan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle-de häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsümi — galla oragyny üstünlikli tamamlamagyň, gowaça ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda, ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýewe söz berildi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni mynasybetli welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy Arkadag şäheriniň döredilmeginiň şanly senesi bilen gutlady.Soňra häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler sebitde bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak boýunça işler dowam edip, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri bilen birlikde, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Welaýatda şaly ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi we galla oragyny üstünlikli tamamlamak üçin ähli zerur çäreleri görmegiň, gowaça ideg işleriniň bellenen kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi hem-de degişli tabşyryklary berdi.Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewe söz berildi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni mynasybetli welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hormatly Prezidentimizi hem-de Milli Liderimizi Arkadag şäheriniň döredilmeginiň şanly senesi bilen gutlady.Soňra häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, galla kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul etmek, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu önümleri ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem gant şugundyrynyň ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda galla oragyny üstünlikli tamamlamagyň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi.Wise-premýer oba hojalyk toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderine doglan güni mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi. Ol hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy Arkadag şäheriniň döredilmeginiň şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Soňra wise-premýer ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak hem-de ýygnalan hasyly talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklar geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlarda gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, olary ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda galla oragynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny belledi we wise-premýere ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça alnyp barylýan işleri, gowaça ideg işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi we galla oragy möwsümini netijeli tamamlamak, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda öz wagtynda geçirmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigini belledi hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga, döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen kanunçylyk namalaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.Şeýle-de Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen geçirilen duşuşyk, Mejlisiň wekilleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça geçiren iş we okuw maslahatlaryna gatnaşandyklary barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek, kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna täze önümçilikleri döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply nebithimiýa önümleriniň öndürilmegine ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän senagaty yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, nebithimiýa önümleriniň önümçiligini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze önümçiligi döretmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda ýetişdirilen bugdaýyň bol hasylyny gysga möhletde ýygnap almak işleri dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmaga möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Lebap welaýatynda şalynyň, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişini guramaçylykly geçirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak arkaly ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, ýetişdirilen ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak hem-de bu önümleri ilatymyza ýetirmek boýunça zerur işler geçirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de galla hasylyny gysga möhletde ýygnap almak we önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek işlerini berk gözegçilikde saklamak, gowaça meýdanlarynda ideg işlerini öz wagtynda geçirmek babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň Energetika ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, hereket edýän elektrik stansiýalarynda we ýylylyk elektrik merkezlerinde, elektrik geçiriji ulgamlarda, beketlerde zerur işler alnyp barylýar. Bu bolsa sarp edijileri elektrik energiýasy bilen kadaly üpjün etmekde wajyp ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly, bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmek babatda tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynda täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrigiň çäginde dokma önümçiliginiň galyndylaryny gaýtadan işlemegiň hasabyna dürli önümleri öndürmek ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýurdumyzda öndürilmegine we içerki bazarlary olar bilen üpjün etmäge, pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, dokma senagatyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, döwrebap dokma kärhanalarynda ýokary hilli önümleriň öndürilýändigini belledi hem-de Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçiligi işe girizmek boýunça teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa söz berildi.Ol, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we halkymyzyň baý medeni mirasyny dünýä ýaýmak ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan hoşallygyny beýan etdi.Soňra wise-premýer Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösdürilmegi, milli mirasymyzyň giňden wagyz edilmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Her ýylyň iýun aýynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary, mähriban halkymyzy Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlady.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow milli maksatnamalarda ylym-bilim ulgamynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň “Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnalyny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Elektron žurnal arkaly agronomçylyk, agroekologiýa, gidromeliorasiýa, sanly oba hojalygy, oba hojalygynda ýokary tehnologiýalar ýaly dürli ugurlara degişli öňdebaryjy tejribeler, ylmy-amaly barlaglaryň netijeleri okyjylar köpçüligine ýetiriler. Şeýle hem žurnalda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly ylmy taglymatlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň, şeýle-de daşary ýurtlaryň professor-mugallymlarynyň, alymlarynyň, talyplaryň ylmy makalalaryny türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir etmegiň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri, ýaş alymlary taýýarlamaga, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga uly üns berilýändigini belledi hem-de «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnaly döretmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, bu düzümiň ýolbaşçysynyň geljek aýda ýurdumyza saparyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda bu saparyň barşynda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalarynyň mazmunynyň üstünde işlemek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistan bilen bu bankyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýangyç-energetika, ulag, ekologiýa, bank-maliýe ýaly ugurlar boýunça degişli resminamalaryň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň abraýly maliýe institutlary, halkara banklar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini, Türkmenistanyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Awtomobil ulaglary ministrliginiň edara-kärhanalarynyň awtoulag serişdelerini hemişe tehniki taýdan işjeň ýagdaýda saklamak we öz wagtynda ýokary hilli tehniki hyzmaty amala aşyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi ilata edilýän hyzmatlaryň ýokary derejesini üpjün etmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, awtomobil ulaglary pudagyny ösdürmek, ilata edilýän ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi.Döwlet Baştutanymyz Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Fizuli şäherine ugrady. Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Fizuli Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler.Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady.Howa menzilinden döwlet Baştutanymyz we Prezident Ilham Aliýew bilelikde awtoulagda Fizuli şäherine ugradylar.Ýolugra ýörite gurnalan ýerde hormatly Prezidentimiz we Azerbaýjanyň Prezidenti Fizuli şäherinde gurulýan binalaryň, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde gurluşygy alnyp barylýan metjidiň şekil taslamalary bilen tanyşdyryldy. Bu metjidiň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna bina edilýändigini bellemek gerek. Fizuli şäherinde gurulýan metjit ynsanperwerligi, agzybirligi, jebisligi we asylly işlere ygrarlylygy durmuş ýörelgesi edinýän türkmen hem-de azerbaýjan halklarynyň dost-doganlygynyň aýdyň nyşanyna öwrüler.Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman binagärlik talaplaryna doly laýyk gelýän metjitler gurlup ulanmaga berilýär. Türkmençilikde Allanyň öýi hasaplanýan metjitleriň bina edilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan ynsanperwer işleriň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň tagallalary esasynda Arkadag şäherinde 30 müň adama niýetlenen täze metjidiň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny nygtamak gerek.Pursatdan peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýew iki ýurduň dostlukly gatnaşyklarynyň nyşanyna öwrüljek bu metjit üçin azerbaýjan halkynyň adyndan döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew Şuşa şäherine ugradylar. Şuşa şäherine barýan ýoluň ugrunda iki ýurduň Liderleri sebitiň gözel künjekleriniň biri bolan Daşalty düzlüginde saklandylar. Hormatly Prezidentimiz we Azerbaýjanyň Prezidenti bu ýeriň tebigatyny synladylar hem-de bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.Soňra döwlet Baştutanymyz we Prezident Ilham Aliýew Şuşa şäherindäki täze ýaşaýyş jaýlar toplumy bilen tanyşdylar.Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki wagtda Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze ýaşaýyş jaý toplumlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheri bu giň gerimli işleriň aýdyň nusgasydyr.Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary täze gurulýan Şuşa metjidine baryp gördüler. Hormatly Prezidentimize metjidiň binagärlik taslamasy we çyzgylary görkezildi. Bu medeni-ruhy desganyň daşky görnüşi, içerki bezegleri yslam hem-de ýerli binagärligiň nusgawy däplerini, özboluşly aýratynlyklaryny özünde jemleýär.Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem-de dostlukly ýurduň döwlet Baştutany azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň ömrüne, döwlet işine we bitiren ägirt uly taryhy hyzmatlaryna bagyşlanan ýörite sergä baryp gördüler. Sergide Geýdar Aliýewiň Watanyň öňündäki hyzmatlaryny şöhlelendirýän fotosuratlar, resminamalar, wideofilmler görkezilýär.Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary Hurşidbanu Natuwanyň, Üzeýir Gajibeýliniň, Bülbüliň heýkellerini synladylar. Bu meşhur sungat ussatlarynyň galdyran baý medeni mirasy dogduk mekanynyň çäklerinden has uzaklara ýaýrap, dünýäniň medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Häzirki wagtda olaryň manyly ömür ýoly, gymmatly eserleri giňden öwrenilýär.Soňra döwlet Baştutanymyz hem-de Azerbaýjanyň Prezidenti Şuşa galasyna bardylar. Bu ýerde hormatly Prezidentimize XVIII asyrda Panah Ali han tarapyndan düýbi tutulan täsin desganyň taryhy barada giňişleýin gürrüň berildi. Döwlet ähmiýetli binagärlik ýadygärligi bolan Şuşa galasy 1752-nji ýylda belent baýryň üstünde gurlupdyr. Gala dürli medeniýetlerdir halklar üçin möhüm merkez bolupdyr. Şuşa galasyny gurşap alýan tebigy gözellikler jahankeşdelerde, suratkeşlerde uly täsir galdyrýar. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary Şuşa galasynyň öňünde ýadygärlik surata düşdüler.Şäheriň medeni ýadygärlikleri bilen tanyşlygyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew Bülbüliň öý-muzeýine baryp gördüler.Türkmen we azerbaýjan halklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly adyň eýesi bolan Polat Bülbül ogly belent mertebeli myhmanlary muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdy. Muzeýde häzirki zaman azerbaýjan wokal sungatynyň düýbüni tutujy Bülbüliň çagalyk we maşgala fotosuratlary, şahsy zatlary, aýdymçynyň döredijilik, ylmy-pedagogik, jemgyýetçilik işini beýan edýän resminamalar bar. Polat Bülbül ogly azerbaýjan hem-de türkmen halklaryny taryhy kökleriň, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz bilen duşuşmagyň özi üçin uly mertebedigini belledi.Soňra döwlet Baştutanymyz hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti Jydyr düzüne bardylar. Belent gaýalaryň gyrasynda ýerleşýän bu täsin tebigy ýer gadymy döwürlerden bäri atly bäsleşikleriň, milli oýunlaryň, dabaralaryň geçirilýän meýdançasy hasaplanýar.Ýeri gelende bellesek, türkmen halky hem müňýyllyklaryň dowamynda bedewlere aýratyn sarpa goýup gelýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ahalteke atçylygyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler döwlet syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary abraýly ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýüzünde dabaralandyrýar....Jydyr düzünde döwlet Baştutanymyza belent hormat-sarpanyň nyşany hökmünde garabag tohumyndan bolan Mert atly bedew sowgat berildi. Munuň özi ýurdumyzda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilen ýylda aýratyn many-mazmuna eýedir. Prezident Ilham Aliýew döwlet Baştutanymyza atyň şahadatnamasyny gowşuryp, Türkmenistanda atşynaslygy ösdürmek boýunça döwlet derejesinde alnyp barylýan giň gerimli işlere ýokary baha berdi.Hormatly Prezidentimiz minnetdarlyk bildirip, bu sowgady türkmen-azerbaýjan mizemez dostlugynyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.Soňra döwlet Baştutanymyz hem-de Prezident Ilham Aliýew ýadygärlik surata düşdüler.Arkadagly Gahryman Serdarymyz azerbaýjan halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny açyp görkezýän gezelenjiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Prezident Ilham Aliýewe hem-de azerbaýjan tarapynyň wekillerine minnetdarlyk bildirdi.Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary bilelikde Fizuli şäheriniň Halkara howa menziline geldiler. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyz hem-de Prezident Ilham Aliýew mähirli hoşlaşyp, birek-birege we Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň medeni maksatnamasyny tamamlap, Watanymyza ugrady.Biraz wagtdan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy. Ýokary derejede geçirilen duşuşyklar we gazanylan ylalaşyklar bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk binýady goýmak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge itergi berer.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz Azerbaýjana ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.Häzirki wagtda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary iki doganlyk halkyň taryhy köklerine, medeniýetiniň, diliniň we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň nusgalyk derejesini görkezýär. Döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki tapgyry ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli we okgunly ösdürilmegi üçin aýdyň ugurlary kesgitleýän ýokary derejedäki yzygiderli syýasy dialog bilen häsiýetlenýär. Söwda-ykdysady, energetika hyzmatdaşlygy özara gatnaşyklaryň esasy binýady bolup çykyş edýär. Iki ýurduň hem uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy dünýäniň energetika bazarynda tagallalary utgaşdyrmak, giň gerimli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.Ulag-logistika ulgamy aýratyn geoykdysady ähmiýete eýedir. Türkmenistan we Azerbaýjan halkara ulag geçelgeleriniň möhüm halkalary bolup çykyş edýärler. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Baku Halkara deňiz söwda portunyň döwrebaplaşdyrylan düzümleri Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýükleri üstaşyr geçirmekde iň netijeli ýollary üpjün edip, Hazar sebitini kuwwatly logistika merkezine öwürýär. Soňky wagtda Azerbaýjanyň sebitara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmagy esasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar täze geosyýasy derejä çykaryldy. Ýurtlarymyz “Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe”, “Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan” formatlarynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler. 2026-njy ýylda Türkmenistanyň bu giňeldilen formatdaky konsultatiw duşuşykda başlyklyk etmegi ýurdumyzyň möhüm dialog meýdançasy hökmündäki derejesini has-da berkidýär.Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan üçtaraplaýyn formatynyň çäklerinde sebitara hyzmatdaşlyga-da kuwwatly itergi berildi. Gatnaşyklaryň bu ugry Awazada geçirilen ýokary derejeli duşuşyklarda resmi taýdan berkidildi. Üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk bitewi ulag-logistika ulgamyny döretmäge, üç doganlyk döwletiň üstaşyr kuwwatyny birleşdirýän senagat kooperasiýasyny ösdürmäge gönükdirilendir.Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Yzygiderli geçirilýän özara Medeniýet günleri, döredijilik wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklar umumy mirasy gorap saklamaga hem-de baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Arkadag we Fizuli şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy, şeýle hem geljekki nesilleriň bähbidine iki döwletiň dostlugyny has-da berkitjek başlangyçlar, giň gerimli bilelikdäki taslamalar ruhy ýakynlygyň aýdyň nyşanydyr....Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.Howa menzilinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen Azerbaýjanyň resmi wekiliniň arasynda söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşlikde dostlukly ýurduň wekili döwlet Baştutanymyzyň saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň ähmiýetini belläp, olaryň netijeleriniň däp bolan dostlukly döwletara dialogy hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi hem-de hormatly Prezidentimiziň şu gezekki saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz bildirilen myhmansöýerlik üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy.Howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni “Zagulba” köşgüne ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady.Soňra Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Ilham Aliýew ýörite niýetlenen ýere geçýärler. Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär.Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar. Harby orkestriň saz çalmagynda Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş bilen geçýärler. Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň, dostlukly ýurduň Lideri bolsa Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Ilham Aliýewiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.Prezident Ilham Aliýew belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Azerbaýjana sapar bilen gelendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de hormatly Prezidentimiziň şu gezekki saparynyň däp bolan dostlukly azerbaýjan-türkmen gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berjekdigini nygtady.Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk, şeýle-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, häzirki wagtda türkmen-azerbaýjan dostlukly gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi hem-de şu gezekki saparynyň hem ony mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.Döwlet Baştutanymyz ýokary derejedäki yzygiderli dialogyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň esasy şerti bolup durýandygyny nygtap, geçen ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjana iki gezek sapar bilen gelendigini, şeýle-de Prezident Ilham Aliýewiň Türkmenistana sapary amala aşyrandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Prezident Ilham Aliýewe iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak boýunça edýän şahsy tagallalary we aýratyn ünsi üçin Prezident Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi.Dostlukly ýurduň Lideri, öz gezeginde, Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip, azerbaýjan-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ägirt uly goşandyny belledi. Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.Prezident Ilham Aliýew hormatly Prezidentimizi ýene-de bir gezek mübärekläp, Azerbaýjana döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de bu sapara Azerbaýjanda örän uly ähmiýet berilýändigini aýdyp, onuň ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. “Siziň Azerbaýjana şeýle wekilçilikli düzüm bilen gelendigiňize örän şatdyryn” diýip, dostlukly ýurduň döwlet Baştutany aýtdy we iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirjekdiklerini belledi.Ilham Aliýew şu günki gol çekiljek resminamalaryň wajyp ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza Fizuli şäherinde sowgat hökmünde metjit gurmak baradaky çözgüdi üçin ýene bir gezek hoşallygyny beýan etdi. Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitiniň çäklerinde bu metjidiň düýbi tutuldy. Bu baradaky çözgüt bolsa türkmen halkynyň Milli Lideriniň geçen ýylyň tomsunda Azerbaýjana amala aşyran saparynyň çäklerinde kabul edildi. Munuň özi ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň ýene bir güwäsidir.Dostlukly ýurduň Prezidenti ikitaraplaýyn gün tertibiniň özara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny diýen ýaly öz içine alýandygyny aýdyp, Türkmenistanda geçirilen Medeniýet günleriniň çäklerinde Azerbaýjanyň döredijilik toparlaryna bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. Ol geçen ýyl Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigini belledi we ynsanperwer ulgamdaky şeýle hyzmatdaşlygyň umumy taryhy bolan halklarymyzyň gatnaşyklarynyň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady.Ilham Aliýew ählumumy gün tertibiniň ulag, energetika howpsuzlygy ýaly möhüm meseleleri barada aýdyp, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň bilelikdäki başlangyçlaryň çäklerinde sebitde, şeýle hem dünýäde möhüm orun eýeleýändiklerini belledi we türkmen wekiliýetini azerbaýjan topragynda ýene-de bir gezek mübärekledi.Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin Prezident Ilham Aliýewe ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi. Ýokary derejedäki duşuşyklar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmeginiň esasy şerti bolup durýar. “Geçen ýyl Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna iki gezek sapar amala aşyrandygyny bellemek isleýärin. Şeýle hem geçen ýyl Siziň Türkmenistana saparyňyz boldy” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň halkara giňişlikde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny belläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk daşary syýasat ugruny, parahatçylygy üpjün etmäge, durnukly ösüş üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.“Öz gezeginde, Türkmenistan hem Azerbaýjan Respublikasynyň halkara ähmiýetli başlangyçlaryny goldaýar. Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, biz 2026-njy ýylyň oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Hazarýaka döwletleriň ýokary derejeli duşuşygyny geçirmegi teklip etdik” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.Hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, bu ulgamda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň durnukly ösüş depginini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň bu ugurdaky uly mümkinçiliklerine ünsi çekip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklap, Türkmenistanyň ýurdumyzdan Azerbaýjan Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermäge mümkinçilikleriniň bardygyny, häzirki wagtda Hazar deňziniň kenarynda kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny aýtdy. Üstaşyr ulag ulgamyndaky gatnaşyklar biziň hyzmatdaşlygymyzyň strategik ugry bolup durýar. Türkmenistan halkara ulag geçelgelerini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Aziýanyň hem-de Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň amatly geografik ýerleşişini nazara almak bilen, olar halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine möhüm goşant goşmaga ukyplydyrlar. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesi üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr.“Ýurtlarymyz Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Rumyniýa ugry boýunça Hazar deňzi — Gara deňiz ulag geçelgesini döretmek baradaky başlangyçlary goldaýarlar. Hazar we Gara deňiz sebitleriniň baglanyşdyrylmagy ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri açýar” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek maksady bilen, Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan toparynyň işini güýçlendirmegi teklip etdi.Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa we dokma senagatlarynda, beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklap, ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň hem aýratyn ähmiýetini belledi. Türkmenistanda we Azerbaýjan Respublikasynda özara Medeniýet günleriniň, sergileriň, festiwallaryň, beýleki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegi ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam edýär. Geçen ýylyň oktýabrynda Baku we Genje şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri, şu ýylyň 5 — 7-nji iýuny aralygynda bolsa Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçirildi.Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda möhüm ruhy taslamanyň — Fizuli şäherinde metjidiň gurluşygynyň amala aşyrylýandygyny aýdyp, metjidi gurmak başlangyjynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza degişlidigini, bu taslamanyň halklarymyzyň dost-doganlygynyň nyşanyna öwrüljekdigini nygtady.Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz şu gezekki saparyň Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirip, Prezident Ilham Aliýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet işinde uly üstünlikleri, doganlyk azerbaýjan halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.Soňra iki ýurduň Prezidentleri Azerbaýjan Respublikasy tarapyndan Türkmenistana “Dostluk” nebit tankeriniň gowşurylmagy mynasybetli dabara gatnaşdylar. Ilki bilen, bu ýerde döwlet Baştutanlaryna “Dostluk” nebit tankeri barada giňişleýin maglumat berildi.Soňra Azerbaýjanyň wekili döwlet Baştutanlaryndan gämini işe girizmäge ak pata bermeklerini haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew ýörite düwmä basýarlar. Soňra monitor arkaly tankeriň ýüzüşe goýberilişi görkezildi. Prezident Ilham Aliýew dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyza tankeriň degişli şahadatnamasyny gowşurdy.Hormatly Prezidentimiz dostlugyň nyşany hökmünde Türkmenistana sowgat berlen “Dostluk” nebit tankeri üçin minnetdarlyk bildirip, bu döwrebap gäminiň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň nyşany we Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň mysaly hökmünde kabul edilýändigini aýtdy.Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Bilelikdäki Beýannama gol çekmek hem-de ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy.Alşylan resminamalaryň hatarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky özara söwdada harytlaryň geçirilmegi babatda maglumat alyşmagyň Tehniki şertleri; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdanyň gümrük statistikasy çygrynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşlar we sport ministrliginiň arasynda sport babatynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň arasynda zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda iýmit howpsuzlygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda senagat babatda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasy; Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda energetika babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda oba hojalyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we çuňlaşdyrmagyň esasy ugurlary hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2026 — 2029-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama bar.Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Beýannamada taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigini belläp, saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.Prezident Ilham Aliýew çakylygy kabul edip, Azerbaýjana sapar bilen gelendigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, şu gün ikiçäk we giňeldilen düzümde gepleşikleriň geçirilendigini, olaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň köp meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ýollarynyň kesgitlenilendigini aýtdy.Dostlukly ýurduň Lideri azerbaýjan-türkmen gatnaşyklarynyň umumy taryha, medeni-ruhy gymmatlyklara esaslanýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň geçen ýylyň iýulynda Azerbaýjana amala aşyran saparynyň dowamynda Fizuli şäherinde metjit gurmak başlangyjyny öňe sürendigini we häzirki wagtda onuň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny aýtdy. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideriniň we türkmen halkynyň Azerbaýjana bolan tüýs ýürekden dostlukly garaýşynyň nobatdaky beýanydyr.Prezident Ilham Aliýew medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdyp, iki ýurduň döredijilik toparlarynyň çykyşlarynyň yzygiderli guralýandygyny, ýaňy-ýakynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigini, geçen ýyl bolsa Türkmenistanyň medeniýet, sungat işgärleriniň Baku we Genje şäherlerinde Medeniýet günleri bilen saparda bolandyklaryny belledi. Şeýle-de ol Baku we Aşgabat şäherleriniň hut Arkadag hem-de Fizuli şäherleri ýaly doganlaşan şäherlerdigini aýdyp, olaryň ählisiniň iki halkyň jebisliginiň, iki dostlukly ýurduň hyzmatdaşlygy anyk mazmun bilen baýlaşdyrmaga we çuňlaşdyrmaga çalyşýandygynyň aýdyň beýanydygyny nygtady.Çykyşynyň dowamynda Prezident Ilham Aliýew Azerbaýjanyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde kabul edilmegini işjeň goldandygy üçin türkmen tarapyna ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine hem seredildi. Bu ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin we strategik häsiýete eýedir. Dostlukly ýurduň Lideri Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan döwletlerdigini aýdyp, şu nukdaýnazardan, iki ýurduň hem energetika ulgamynda tagallalary birleşdirip, hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändiklerini nygtady.Ilham Aliýew Azerbaýjanda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşde gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanylýandygyny, ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň hemişe goldanylýandygyny we mundan beýläk-de goldanyljakdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimizi ýene-de bir gezek mübärekledi hem-de Gahryman Arkadagymyza, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.Soňra hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, ilki bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe bildirilen myhmansöýerlik hem-de bilelikde işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi we şu günki duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň, olary mundan beýläk-de giňeltmegiň ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.“Gepleşiklerde iki döwletiň abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de yzygiderli dowam etdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerindäki ýakyn gatnaşyklary dowam etdiriler” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleriniň içgin ara alnyp maslahatlaşylandygyny, energetika, ulag, himiýa, dokma senagaty we beýleki birnäçe ulgamlaryň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bellenilendigini nygtady.“Biz ýurtlarymyzyň çäklerinden Gündogar — Günbatar ugry boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdyk. Gepleşikleriň barşynda ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berildi. Iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklary has-da giňeltmäge, her ýylda özara Medeniýet günlerini geçirmäge taýýardygymyzy tassykladyk. Biziň wekiliýetimiz şu günki duşuşygyň netijelerine ýokary baha berýär. Onuň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli esasy ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdüriler. Munuň özi iki ýurduň we olaryň halklarynyň uzak möhletli bähbitlerine doly laýyk gelýär” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda bitiren ägirt uly şahsy hyzmatlaryny belläp, Prezident Ilham Aliýewe munuň üçin minnetdarlygyny bildirdi.Döwlet Baştutanymyz «Dostluk» nebit tankeri üçin aýratyn sagbolsun aýdyp, bu döwrebap gäminiň halklarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň nyşany hökmünde kabul edilýändigini nygtady hem-de bu tankeriň ýurtlarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, abadançylygyna hyzmat etjekdigine hem-de Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň ýene bir subutnamasy boljakdygyna berk ynam bildirdi.“Türkmenistan Azerbaýjan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy asyrlara uzap gidýän hoşniýetli goňşuçylyk däpleri, taryhyň, medeniýetiň, diliň, ruhy-ahlak gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Azerbaýjanyň ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny belledi hem-de doganlyk azerbaýjan halkyna tüýs ýürekden parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ýeňiş” ýadygärlikler toplumyna bardy we Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy. Munuň özi geljek nesilleriň abadan durmuşy üçin şirin janyny pida eden gahrymanlary hatyralamak ýaly türkmen we azerbaýjan halklaryna mahsus däpleriň dowamata atarylýandygynyň beýany boldy.Soňra döwlet Baştutanymyz azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň baky aram tapan ýeri bolan Hormat meýdançasyna bardy. Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjanyň görnükli döwlet we syýasy işgäri Geýdar Aliýewi hatyralap, onuň guburyna gül desselerini goýdy.Geýdar Aliýewiň Türkmenistanda iki doganlyk ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet beren döwlet işgäri hökmünde tanalýandygyny bellemek gerek. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň käbesiniň guburyna gül dessesini goýdy.Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hormatyna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.Hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerinden we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alnyp, döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, jemgyýetiň hem-de döwletiň kanuny bähbitleriniň goragyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş, Jenaýat-ýerine ýetiriş, Arbitraž iş ýörediş, Raýat iş ýörediş kodekslerine döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.Şunuň bilen bir hatarda, Mejlisde Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatynyň kabul edilendigi, şeýle hem Mejlisiň deputatlarynyň BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna we duşuşyklaryna gatnaşandyklary barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzyň bank ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we bank işini döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan degişli halkara talaplary berjaý etmek maksady bilen, bu düzüme elektron hyzmatlary we programma üpjünçiligini ornaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmaga, maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank ulgamynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanowa söz berildi. Onuň hasabatynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, nebitgaz pudagyny yzygiderli ösdürmek hem-de bu ugurda iri daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmek babatda zerur işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, “Türkmennebit” döwlet konsernine Malaýziýanyň “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd” kompaniýasynyň hem-de konserniň “Hazarnebit” döwlet kärhanasynyň arasynda Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berlendigini aýtdy hem-de bu möhüm waka mynasybetli nebitgaz toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Wise-premýer hasabatyny dowam edip, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan amala aşyrylýan işler barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň ýerasty gorlaryna baý bolan gurluşlary senagat taýdan özleşdirmek hem-de gözleg-barlag guýularynyň gazuw işlerini netijeli ýerine ýetirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tejribesinden we tehnologik mümkinçiliklerinden peýdalanmaga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy hem-de bu ugurda öňdebaryjy halkara tejribäni ornaşdyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda ýygnap almak, şeýle hem bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de oňa ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda şalynyň, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär. Ýurdumyzda gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, gök-bakja ekinlerine ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen ekinleriň hasylyny ýygnap almak boýunça zerur işler alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň, welaýatlarda galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň, ýygnalan hasyly kabul etmek işlerini üns merkezinde saklamagyň, döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegiň, şeýle hem gowaça ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işlerini dowam etmegiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan ýurdumyzda öndürilýän himiýa önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet konserni tarapyndan dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply ýokary hilli duzuň dürli görnüşlerini öndürmek üçin häzirki zaman ösen tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap önümçilikleri ýola goýmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýerli çig mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de döwrebap önümçilikleri ýola goýmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän toplumy, hususan-da, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşy ýaly, häzirki wagtda bu düzümiň garamagynda hereket edýän çeper halyçylyk kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, şeýle hem boýag we himiki serişdeler bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli el halyçylyk sungatyny ösdürmäge, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň «Argaç» ýüň egriji kärhanasynyň önümçiligini kämilleşdirmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dürli çäreleriň, dabaralaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem geljek aýda amaly-haşam, keşdeçilik, senetçilik sungatynyň dürli görnüşlerini wagyz etmek maksady bilen, «Milli mirasymyz dowamat-dowam» atly çäreleriň, «Taryhy ýadygärlikleriň ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklary öwrenmekdäki ähmiýeti» atly taryhy-medeni ýadygärliklere tanyşdyryş gezelençleriniň, arheologlar bilen duşuşyklaryň, maslahatlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.Iýul aýynyň dowamynda höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Arkadag, Aşgabat şäherleri, Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlarynyň, zenanlaryň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň we serginiň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ata Watanymyzda köp sanly dabaraly çäreleriň geçirilýändigine ünsi çekdi hem-de wise-premýere şu ýylyň iýul aýyndaky çäreleri geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, halkyň saglygyny goramak we sagdyn jemgyýeti kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, dürli keselleriň öňüni almak, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, “Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamanyň” hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Milli maksatnamanyň esasy maksady we wezipeleri eneleriň we çagalaryň arasynda keselleriň öňüni almakdan, olaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda enäniň we çaganyň sagdyn bolmagyny gazanmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, eneleriň we çagalaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan resminama gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrjak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygyny yzygiderli esasda ösdürmekden ybaratdyr. Olaryň hatarynda Azerbaýjan Respublikasyny hem bellemek gerek.Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk üstünlikli alnyp barylýar. Döwletara gatnaşyklaryň hukuk binýady häzirki günde ikitaraplaýyn gol çekilen 124 sany döwletara, hökümetara we pudagara resminamalary özünde jemleýär. Iki ýurduň Prezidentleriniň saparlary we ýokary derejedäki duşuşyklary hyzmatdaşlygy ösdürmekde esasy şert bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede resmi we iş saparlarynyň jemi 16-synyň amala aşyrylandygy bellenildi. Şeýle hem hökümetleriň derejesinde we daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar.Türkmenistan hem Azerbaýjan halkara guramalaryň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Iki ýurt birek-biregiň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar. Iki döwlet köptaraplaýyn formatlaryň çäginde hem ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler. Bu babatda «Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe», «Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatlaryny hem-de Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny mysal görkezmek bolar.Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatda aýdylanda, iki ýurduň arasyndaky daşary söwda dolanyşygynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen bir hatarda, energetika, ulag-logistika, aragatnaşyk, oba hojalygy, senagat, dokma we azyk senagaty hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary alnyp barylýar.Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem işjeň ösdürilýär. Iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda medeniýet, sungat, ylym, bilim, sport we beýleki ugurlar boýunça dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparyna taýýarlyk görülýändigini hem-de bu saparyň netijeleriniň iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigini aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Azerbaýjan Respublikasynyň ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaş goňşy döwletleriniň biridigini, iki ýurduň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň alnyp barylýandygyny belledi hem-de iki döwletiň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna boljak döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmek babatda wise-premýer, daşary işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň demir ýollarynyň ulag-üstaşyr geçirijilik ukybyny artdyrmak, nebit önümlerini daşamakda ösýän islegleri kanagatlandyrmak we demir ýol ulgamynyň ýük dolanyşygyny ösdürmek maksady bilen zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagyny ösdürmek, ulag düzüm üpjünçiligini ýokarlandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de demir ýollaryň ulag-üstaşyr geçirijilik ukybyny artdyrmak we ýük dolanyşygyny ösdürmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewi kabul etdi.Jamşid Hojaýew türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Özbegistanda doganlyk Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini, ýurdumyzyň halkara giňişlikde uly abraýa eýedigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.Döwlet Baştutanymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasaryna hem-de özbek wekiliýetine Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky, 19-njy mejlisiniň üstünlikli geçmegini arzuw etdi hem-de mejlisiň dowamynda geçiriljek giňişleýin we netijeli pikir alyşmalaryň türkmen-özbek gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär.Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly ösdürilýändigini aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, energetika, ulag, oba hojalygy we söwda ulgamlaryny, şeýle hem iri infrastruktura we maýa goýum taslamalarynyň bilelikde durmuşa geçirilmegini geljegi uly ugurlaryň hatarynda belledi. Nygtalyşy ýaly, şunda özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça taraplaryň tagallalaryny utgaşdyrmakda hem-de öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin degişli çäreleri işläp taýýarlamakda hökümetara topara aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen bir hatarda, geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň açylmagynyň özara söwda dolanyşygyny mundan beýläk-de artdyrmaga goşmaça itergi berendigi bellenildi.Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini hem belläp, iki ýurtda medeni çäreleri guramagyň, döredijilik işgärleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary geçirmegiň bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýew Türkmenistanyň we Özbegistanyň özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy hem-de giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassyklap, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, 18-nji iýunda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza resmi sapar bilen geldi.Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda 1992-nji ýyldan gözbaş alýan diplomatik gatnaşyklar häzirki wagtda döwletara, hökümetara we pudagara ylalaşyklardan ybarat bolan berk hukuk binýadyna esaslanýar. Malaýziýa Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ilkinjileriň biri bolup ykrar eden döwletdir. Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň ýurdumyza amala aşyrýan bu sapary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň dekabrynda dostlukly ýurda amala aşyran taryhy resmi saparynyň netijelerini has-da pugtalandyrmaga, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze, strategik sepgide çykarmaga gönükdirilendir.Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara giňişlikde, şol sanda BMG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde hem birek-birege goldaw berip, özara düşünişmegiň ýokary derejesini görkezýärler. Gahryman Arkadagymyzyň 2011-nji we 2016-njy ýyllarda Malaýziýa amala aşyran döwlet hem-de resmi saparlarynyň dowamynda pugtalandyrylan döwletara gatnaşyklar häzirki wagtda ýangyç-energetika, tehnologiýalar, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň ösdürilýär....Ir bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim paýtagtymyzdaky Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy. Asylly däbe görä, Premýer-ministr iki döwletiň we olaryň dostlukly halklarynyň arasyndaky mizemez dostlugyň nyşany hökmünde Hormatly myhmanlar seýilbagynda bag nahalyny oturtdy.Soňra Malaýziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumyna geldi. Bu ýerde Premýer-ministr Anwar Ibrahimi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady. Soňra hormatly myhmany resmi garşylamak dabarasy geçirildi.Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berdi. Malaýziýanyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler we Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna sarpa goýýarlar.Döwlet Baştutanymyz Malaýziýanyň Premýer-ministrini ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary, Premýer-ministr Anwar Ibrahim bolsa hormatly Prezidentimizi Malaýziýanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Wekiliýet Baştutanlarynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Premýer-ministr Anwar Ibrahimiň Türkmenistana amala aşyrýan ilkinji saparyna iki döwletiň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýandygyny belläp, bu saparyň türkmen-malaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Anwar Ibrahime iberen salamyny ýetirdi, şeýle-de öz adyndan we Milli Liderimiziň adyndan Onuň Alyjenaby, Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Soltan Ibrahime mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.Dostlukly ýurduň Premýer-ministri türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Soltan Ibrahimiň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem ol Malaýziýanyň dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýan, oňyn Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny doly goldaýandygyny we Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.Dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Malaýziýa amala aşyran saparyny ýatlap, onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge kuwwatly itergi berendigini belledi.Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ýoly geçendiklerine ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Türkmenistan hem-de Malaýziýa iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler we birek-birege goldaw berýärler.Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-malaý gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Malaýziýanyň iri kompaniýalarynyň biri bolan “PETRONAS” kompaniýasynyň ýurdumyz bilen nebitgaz pudagynda 30 ýylyň dowamynda alyp barýan hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti bellenildi.Medeni-ynsanperwer ulgam hem özara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Ýurtlarymyz bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Malaýziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alan türkmen hünärmenleriniň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda zähmet çekýändiklerini aýdyp, munuň üçin Malaýziýa tarapyna minnetdarlyk bildirdi.Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we Premýer-ministr Anwar Ibrahim Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de netijeli ösdürmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.Hormatly Prezidentimiz Premýer-ministr Anwar Ibrahime ýurdumyza resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan edip, bu sapara Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm waka hökmünde garalýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen-malaý gatnaşyklarynyň 30 ýyldan gowrak wagt bäri yzygiderli hem-de netijeli ösdürilýändigini, bu döwürde ýokary derejedäki özara saparlaryň 9-synyň amala aşyrylandygyny, hökümetara we pudagara resminamalaryň uly toplumyny özünde jemleýän hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň döredilendigini aýtdy.Arkadagly Gahryman Serdarymyz soňky ýyllarda ýokary derejedäki özara saparlaryň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, 2024-nji ýylyň dekabrynda Malaýziýa amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, saparyň dowamynda Premýer-ministr Anwar Ibrahim bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklara hem-de halkara gün tertibine degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy we Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň ruhy gymmatlyklary, döwletara gatnaşyklaryň filosofiýasy biri-birine ýakyn bolan ýurtlardygyna ünsi çekdi. Bu gymmatlyklar berk taryhy binýada, däp-dessurlara, medeniýetleri hormatlamaga esaslanýar. “Bularyň ählisi halklarymyzyň arasynda mähirli gatnaşyklary ýola goýmak üçin binýat bolup hyzmat etdi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga hakyky dostluk hem-de doganlyk häsiýetini berdi. Şeýle-de munuň özi üstünlikli, netijeli ykdysady hyzmatdaşlygy, giň ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmaga goşant goşdy” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we häzirki wagtda türkmen-malaý dialogyny mundan beýläk-de giňeltmek, hil taýdan baýlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Malaýziýany hakyky dost, ygtybarly hyzmatdaş, dünýä we sebit syýasatynyň köp meseleleri boýunça garaýyşlarda pikirdeş hökmünde görýändigini, Malaýziýanyň dünýäde ilkinjileriň biri bolup ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny ykrar eden we onuň bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan döwletdigini minnetdarlyk bilen belläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny halkara derejede ykrar etmekde Malaýziýanyň beren goldawyna ýurdumyzda ýokary baha berilýändigine ünsi çekdi. “Biziň ýurtlarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň ornuny hem-de abraýyny pugtalandyrmagyň, bu guramanyň Tertipnamasy, halkara hukugyň ykrar edilen kadalary esasynda ählumumy hem-de sebit meselelerini çözmäge işjeň, kesgitleýji derejede gatnaşmagynyň yzygiderli tarapdarlary bolup durýarlar” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Malaýziýanyň dünýä giňişliginde Türkmenistany, ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny we tekliplerini üýtgewsiz goldaýandygyny aýdyp, dostlukly döwletiň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda 1995-nji, 2015-nji, 2025-nji ýyllarda kabul edilen Kararnamalaryň taslamalaryny taýýarlamaga işjeň gatnaşandygyny aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamany goldandygy üçin Malaýziýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.Nygtalyşy ýaly, Malaýziýa Birleşen Milletler Guramasynda energetika howpsuzlygynyň, halkara ulag hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen Kararnamalaryň awtordaşy bolup yzygiderli çykyş edýär. Türkmenistan Malaýziýa bilen Birleşen Milletler Guramasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berk eýerýär, iş ýüzünde özara goldamagy we ýurtlarymyz üçin örän möhüm resminamalary işläp taýýarlamaga bilelikde işjeň gatnaşmagyny dowam etdirýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara giňişlikde bilelikde işlemegiň wajyp wezipeleriniň hatarynda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşigini (ASEAN) esaslandyryjy ýurt we onuň abraýly agzasy bolan Malaýziýa bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi hem-de ýurdumyzda Malaýziýanyň 2025-nji ýylda ASEAN-da başlyklyk etmeginiň netijelerine ýokary baha berilýändigini aýtdy.Hormatly Prezidentimiz ösüp barýan ýurtlaryň kanuny bähbitlerini, ählumumy çözgütler kabul edilende olara berlen mynasyp orny we adalatly hukugy goramagy Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky bilelikdäki işlerde örän möhüm ugur hökmünde kesgitläp, ýurdumyzyň Ählumumy Günortanyň ornuny pugtalandyrmak, dialog medeniýetini ilerletmek boýunça Malaýziýanyň başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy. Bu başlangyçlar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň filosofiýasyna we işine, «Dialog — parahatçylygyň kepili», «Ösüş arkaly parahatçylyk», hormat goýmak dialogynyň medeniýetini dikeltmek ýaly düýpli garaýyşlaryna gabat gelýär.“Biz halkara howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlary ilerletmekde, Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň maksatnamalaryny bilelikde goldamakda Malaýziýa bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys. Şeýle hem howa gün tertibi, energetika geçişi, Merkezi we Günorta-Gündogar Aziýanyň arasynda sebitara dialogy ösdürmek, Aziýa yklymynda täze ulag-logistika gatnaşyklaryny emele getirmäge ýardam bermek boýunça hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýäris. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygymyzy berkitmegi möhüm hem-de zerur diýip hasap edýäris. Ulgamlaýyn medeniýetara dialogy ýola goýmaga, köne kadalary hem-de garaýyşlary ýeňip geçmäge, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ornuny hem-de abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam bermelidiris” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.Hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady, maýa goýum ulgamlaryny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugurlarynyň hatarynda belledi. Nebitgaz pudagy türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň strategik ugry bolup durýar. Şunda «PETRONAS» kompaniýasy ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz nebitgaz pudagynda giň möçberli we uzak möhletli taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, birnäçe möhüm ikitaraplaýyn resminamalaryň taýýarlanylandygyny, olaryň esasynda «PETRONAS» kompaniýasynyň gatnaşmagynda ýakyn wagtda Hazar deňziniň türkmen böleginde uglewodorodlaryň täze ýataklaryny özleşdirmek, Hazaryň geljegi uly nebitgaz toplumlarynda gözlegleri geçirmek boýunça giň gerimli işleriň başlanjakdygyny belledi.Duşuşygyň dowamynda ýokary tehnologiýalar, maliýe-bank, dokma senagaty, ulag-aragatnaşyk, oba we suw hojalygy, şähergurluşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygyna üns çekildi. Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bellenilişi ýaly, halklarymyzyň gadymy däpleri, baý taryhy mirasy bar. Bu däpler we miras birek-biregi ýakyndan tanamaga, medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurtda özara Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti bellenildi.Hormatly Prezidentimiz bilim we tejribeli hünärmenleri taýýarlamak babatda türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň üstünlikli tejribesini aýratyn nygtap, ýurtlarymyzyň akademiki düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň, ylmy alyşmalary guramagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şeýle hem syýahatçylyk ulgamy giň mümkinçilikleri bolan ugurlaryň hatarynda görkezildi.Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda belent mertebeli myhmanyň şu saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendigini belläp, şu duşuşygyň iki döwletiň mundan beýläk-de bilelikde işlemäge taýýardygyny tassyklaýandygyna ynam bildirdi hem-de netijeli hyzmatdaşlyk üçin Premýer-ministr Anwar Ibrahime ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, Malaýziýanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.Malaýziýanyň Premýer-ministri bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň dekabrynda Malaýziýa amala aşyran saparynyň hem-de özüniň şu gezekki taryhy saparynyň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmakda täze gözýetimleri açandygyny aýtdy we ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de bar bolan mümkinçilikleri giňeltmegiň guraly hökmünde döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän parasatly garaýyşlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Premýer-ministr geljek ýylda ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şanly 35 ýyllygynyň dabaraly ýagdaýda belleniljekdigini aýdyp, geçen döwrüň dowamynda taraplaryň özara hyzmatdaşlygy ösdürmekde zerur tagallalary edendiklerini belledi.Anwar Ibrahim hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde söwda-ykdysady ulgamda, hususan-da, «PETRONAS» kompaniýasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň, medeni umumylyklaryň aýratyn ähmiýetiniň nygtalandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Malaýziýanyň Premýer-ministri türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň gymmatly eserleriniň malaý diline terjime edilmeginiň medeni dialogyň aýdyň nusgasy bolandygyny, häzirki wagta çenli şahyryň 100-e golaý goşgusynyň terjime edilendigini aýtdy.Premýer-ministr hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet Baştutany hökmünde halkara giňişlikdäki abraýynyň örän ýokarydygyny, Türkmenistanyň bolsa strategik taýdan möhüm hyzmatdaşdygyny belledi. Häzirki wagtda ASEAN bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin utgaşykly hereket etmek zerurdyr.Anwar Ibrahim Malaýziýada energetika pudagynda, maglumat merkezleriniň işini guramakda we beýleki ugurlarda Türkmenistanyň toplan baý hem döwrebap tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini, «PETRONAS» kompaniýasy bilen köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi. Ol ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasydygyny aýdyp, Malaýziýanyň bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Malaýziýanyň Premýer-ministri hormatly Prezidentimiziň saparynyň dowamynda Malaýziýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe süren teklipleriniň ähmiýetini belläp, munuň üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.Häzirki döwürde Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýokary depginde ösdürilýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklar we maýa goýum işjeňligi bu gatnaşyklaryň özenini düzýär. Şunuň bilen baglylykda, Anwar Ibrahim 1996-njy ýyldan bäri Türkmenistanda üstünlikli işläp gelýän «PETRONAS» kompaniýasynyň alyp barýan işlerine berilýän goldawlar üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan edip, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde hormatly Prezidentimiziň şahsy goldawyna aýratyn orun degişlidigine ünsi çekdi.Sözüniň ahyrynda Anwar Ibrahim bilelikdäki tagallalaryň esasynda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk köprüleriniň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek we resminamalary özara alyşmak dabarasy boldy. Özara alşylan resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Malaýziýanyň Ylymlar akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Malaýziýanyň Ulag ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawlary hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda diplomatlary taýýarlamak we ylmy alyş-çalyş babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.Şeýle hem Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga gol çekilendigi yglan edildi.Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen resmi saparyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Beýannamada şu gezekki gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn, sebit we halkara meseleleriň giň toplumyna seredilendigi, hormatly Prezidentimiziň hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministriniň iki ýurduň ikitaraplaýyn esasda, sebit, halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklary tassyklanylýar hem-de Malaýziýanyň wekiliýetiniň ýurdumyza amala aşyran saparynyň netijeleri beýan edilýär.Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň we Malaýziýanyň wekiliýetleriniň gepleşikleriniň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynyň hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylandygyny, sebit hem-de halkara meseleler barada pikir alşylandygyny, garaýyşlaryň beýan edilendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Premýer-ministr Anwar Ibrahim bilen söhbetdeşligiň doly özara düşünişmek, ýokary ynanyşmak ýagdaýynda geçendigini aýratyn belläp, gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň syýasy özara hyzmatdaşlygyna, dünýä giňişliginde, iri halkara guramalaryň çägindäki gatnaşyklaryna baha berlendigini aýtdy.Türkmenistan we Malaýziýa halkara gatnaşyklaryň adalatly, deňhukukly, parahatçylykly, howpsuz ulgamyny emele getirmek ugrunda çykyş edýärler. Biziň ýurtlarymyz halkara hukugy, Birleşen Milletler Guramasynyň ornuny berkitmegiň zerurdygyndan ugur alýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bitaraplygyny, öňe sürýän halkara başlangyçlaryny üýtgewsiz goldaýandygy üçin Malaýziýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň hem, öz nobatynda, Malaýziýanyň netijeli garaýyşlaryny goldaýandygyny we mundan beýläk-de goldajakdygyny nygtady.Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegi dowam etdirerler. “Bu ugurda «PETRONAS» kompaniýasy ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk has-da ilerlediler. Şeýle hem ykdysadyýetiň birnäçe pudaklarynda, hususan-da, senagatda, oba hojalygynda, dokma senagatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyldy. Ýokary tehnologiýalar, tehniki, inženerçilik kooperasiýasy, bank we maliýe işi, şähergurluşyk ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna goşular” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ulag-logistika ulgamynda, Gündogar — Günbatar ugry boýunça geçelgeleri döretmekde hyzmatdaşlygy has-da ösdürjekdigini aýtdy.Hormatly Prezidentimiz medeni-ynsanperwer ulgamyň hem işjeňleşdiriljekdigini, türkmen talyplaryny Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okatmak babatda hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigini aýdyp, munuň üçin Premýer-ministr Anwar Ibrahime minnetdarlyk bildirdi. Akademiki we ylmy alyşmalary giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.“Biziň duşuşygymyz iki ýurduň gatnaşyklarynyň taryhynda örän möhüm waka boldy. Onuň jemleri boýunça wajyp ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Ösüşiň ýoly bilen bilelikde öňe gitmäge iki tarapyň hem taýýardygy tassyklanyldy. Biziň dostlugymyz, doganlygymyz we özara bähbitli hyzmatdaşlygymyz pugta syýasy, hukuk, dünýägaraýyş hem-de ruhy binýada esaslanýar. Bizi taryh, gymmatlyklar, din, parahatçylyga, adalatlylyga we ynsanperwerlige eýerýändigimiz ýakynlaşdyrýar” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de Premýer-ministr Anwar Ibrahime, Malaýziýanyň wekiliýetiniň ähli agzalaryna geçirilen netijeli gepleşikler, ýurdumyz bilen gatnaşyklary berkitmegi maksat edinýändikleri üçin minnetdarlygyny beýan edip, häzirki döwürde Türkmenistanyň we Malaýziýanyň gatnaşyklarynyň berkdigine, ygtybarlydygyna, onuň mundan beýläk-de şeýle boljakdygyna pugta ynam bildirdi.Soňra Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen netijeli gepleşikleriň geçirilendigini belledi. Nygtalyşy ýaly, ikitaraplaýyn esasda we köptaraplaýyn görnüşde özara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde işjeň orun eýeleýän Türkmenistan halkara giňişlikde uly hormata eýedir. 2024-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Malaýziýa amala aşyran resmi sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga goşant goşdy. Malaýziýada Aziýa — Ýuwaş umman we Merkezi Aziýa sebitleriniň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek ugrunda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň tagallalaryna ýokary baha berilýär. Malaýziýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar. Bu ýurt Türkmenistanyň başlangyçlary bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen birnäçe Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.“Malaýziýa Türkmenistanyň işewürligi ösdürmäge berýän ünsüne we malaýziýaly işewürlere bildirýän uly ynamyna ýokary baha berýär. Malaý tarapy tehnologiýalary, tejribeleri paýlaşmak, hünärmenleri taýýarlamak arkaly döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda tagalla eder. “PETRONAS” kompaniýasy bilen yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň möhüm binýadyny emele getirýär. Şu gezekki saparyň dowamynda ýangyç-energetika pudagynda gazanylan ylalaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam eder” diýip, dostlukly ýurduň Premýer-ministri nygtady.“Ulag-logistika ulgamy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugrudyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýada Türkmenistanda öndürilýän önümleriň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti ýurtlaryna ibermek boýunça degişli merkeziň döredilmegi baradaky teklibini durmuşa geçirmek ugrunda işler ilerlediler. Bilelikdäki hökümetara topary döretmek arkaly ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdüreris. Şeýle hem bank işi, maglumat tehnologiýalary, maglumat merkezlerini döretmek, halal senagat ýaly ugurlarda bar bolan tejribeleri özara alşarys. Ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak, döredijilik we ylmy tejribeleri özara alyşmak işini has-da ösdürmek arkaly geljek üçin hyzmatdaşlygyň berk binýadyny kemala getirmäge hem uly ähmiýet berýäris” diýip, Premýer-ministr Anwar Ibrahim sözüni dowam etdi hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine berýän ünsi, yzygiderli tagallalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Malaýziýanyň özara dostlugy berkitmek babatda edilýän tagallalara goşant goşmaga ygrarlydygyny tassyklady.Belent mertebeli myhmanyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan resmi kabul edişlik guraldy. Malaýziýanyň Premýer-ministri ýurdumyza saparynyň çäklerinde paýtagtymyzyň golaýyndaky Gypjak obasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhman Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralady hem-de juma namazyny okady.Türkmenistana resmi saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Malaýziýanyň Premýer-ministri paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi we Watanyna ugrady.Şeýlelikde, Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň ýurdumyza amala aşyran ilkinji resmi sapary türkmen-malaý gatnaşyklarynda möhüm tapgyr bolup, onuň dowamynda geçirilen gepleşikler hem-de gazanylan ylalaşyklar netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat eder.
Şu gün Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen ýurdumyza geldi.Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar.Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde Premýer-ministr Anwar Ibrahim myhmansöýerligiň asylly däbine görä garşylanyldy.Howa menzilinden belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni sapar wagty özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar täze sepgitlere çykarylýar. Iki ýurduň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem netijeli häsiýete eýedir. Türkmenistanyň we Malaýziýanyň iri halkara guramalaryň, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde birek-biregiň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldamagy munuň aýdyň beýanydyr.2024-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyran resmi sapary döwletara dialogyň taryhynda aýratyn möhüm tapgyra öwrülip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açdy.Nebitgaz pudagy ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň Türkmenistandaky köpýyllyk we netijeli işi uzak möhletleýin hem-de ygtybarly maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nusgasydyr. Hazar deňzinde bilelikde alnyp barlan işleriň dowamynda toplanan baý tejribe bu gün uglewodorod serişdelerini çuňňur gaýtadan işlemek, nebithimiýa we öňdebaryjy ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin berk binýady döredýär.Şunuň bilen birlikde, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň netijeleri boýunça Türkmenistan we Malaýziýa hyzmatdaşlygyň çäklerini ýangyç-energetika toplumyndan başga ugurlarda-da giňeltmegi maksat edinýärler. Ulag-logistika ulgamy, ýokary tehnologiýalar hem-de oba hojalygy ýaly geljegi uly ugurlar üns merkezinde durýar.Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň hereketlendiriji güýji bolup durýar. Şunda ylym-bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir.Şeýlelikde, Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikler we onuň dowamynda gazanyljak ylalaşyklar iki dostlukly ýurduň arasyndaky ugurlaryň giň gerimi boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm ädime öwrüler.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de welaýatda dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy.Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek we onuň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak, pudaga innowasiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda elewatorlaryň, gaýtadan işleýän oba hojalyk kärhanalarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine ýardam berýär....Ir bilen hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Gäwers» daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanyna geldi. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň degişli ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar.Şu ýylyň hasyly üçin Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlaryna bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri ekildi. Häzirki wagtda welaýatyň babadaýhanlary hormatly Prezidentimiziň tagallalaryndan ruhlanyp, galla oragy möwsümini üstünlikli tamamlamak üçin yhlasly zähmet çekýärler. Möwsümde häzirki zaman bugdaý orujy kombaýnlar netijeli ulanylýar. Tehnikalar gije-gündizleýin tertipde işledilip, ekerançylara ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berýär. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap bugdaýyň, pagtanyň we şalynyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Bu bolsa oba hojalyk önüm öndürijilerini hemmetaraplaýyn goldamagyň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini tassyklaýar.Soňra hormatly Prezidentimiz «Gäwers» daýhan birleşiginiň kärendeçisi D.Muhammetsähedowa degişli bolan bugdaý meýdanyna bardy. Bu ýerde kärendeçi döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa gadamynyň düşmeginiň welaýatyň ýaşaýjylary, gallaçy kärendeçileri üçin buýsançly wakadygyny belledi. Ol häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagyna berýän yzygiderli goldawlary netijesinde gallaçy babadaýhanlaryň ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirýändiklerini aýdyp, döredilýän ajaýyp mümkinçiliklere tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.Soňra kärendeçi ýetişdiren bugdaý hasylynyň oragyna başlamaga ak pata bermegini döwlet Baştutanymyzdan uly hormat bilen haýyş etdi.Hormatly Prezidentimiz kärendeçiniň haýyşy boýunça “bismilla” diýip, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaýyň bir dessesini ordy we galla oragyna ak pata berdi. Şol pursatda däne ýygýan kombaýnlar bugdaý hasylyny ormaga girişdiler.Döwlet Baştutanymyz «Gäwers» daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynda galla oragynyň geçirilişini synlady.Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagy üçin satyn alyp berýän bugdaý orujy kombaýnlarynyň enjamlaşdyrylyşy, öndürijilik kuwwaty ýokary halkara standartlara doly laýyk gelýär. Sanly ulgam arkaly dolandyrylýan kombaýnlarda mehanizatorlaryň öndürijilikli işiniň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr. Munuň özi pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda edilýän yzygiderli tagallalaryň aýdyň netijesidir.Ýurdumyzda ekerançylykda täze ylmy çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşleriniň önümçiliginiň ýola goýulmagy ekerançylygy ösdürmegiň strategiýasynyň esasy ugry bolup durýar. Şunda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda alnyp barylýan işler, hususan-da, “Serdar”, “Arkadag”, “Pyragy” diýlip atlandyrylan güýzlük bugdaýyň täze görnüşleriniň döredilendigi bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki döwürde milli daýhançylyk däpleriniň ylmyň soňky gazananlary bilen utgaşdyrylmagy pudagyň işiniň ilerledilmegini üpjün edýär. Sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler ekin dolanyşygyny innowasion esasda alyp barmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň kärendeçi babadaýhanlary bol hasyl ýetişdirmegiň döwrebap usullaryny işjeň özleşdirýärler.Soňra hormatly Prezidentimiz kärendeçi D.Muhammetsähedow bilen söhbetdeş bolup, onuň iş şertleri, kärende ýerinde ösdürip ýetişdirýän ekinleriniň görnüşleri, galla meýdanlarynyň hasyllylygy bilen gyzyklandy.Kärendeçi döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçilikleriniň netijesinde öndürijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertleriň bardygyny aýtdy. Ol 2012-nji ýyldan bäri daýhançylyk bilen meşgullanýandygyny, 28 gektar kärende ýeriniň bardygyny, onuň 14 gektaryna bugdaý ekendigini, bugdaý meýdanynyň her gektaryndan 40 sentnere golaý hasyla garaşýandygyny, bugdaýdan başga-da, 14 gektar ýere gowaça ekendigini aýtdy.Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek üçin giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna uly üns berilýändigini aýtdy. Daýhanyň bereketli toprakdan bol hasyl almagy ugrunda ähli şertler döredilýär. Daýhanlar kämil tehnikalar, ýokary hilli tohum we dökün bilen yzygiderli üpjün edilýär.Döwlet Baştutanymyz halal zähmet çekip, ýerden bol hasyl alýan daýhanlara döwletimiziň hemişe goldaw berjekdigini aýdyp, kärendeçileriň ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmäge uly goşant goşýandyklaryny nygtady.Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde guralan gök-bakja önümleriniň we miweleriň, däneli ekinleriň görnüşleriniň, çörek hem-de çörek önümleriniň sergisini synlady.Ýurdumyzda oba hojalyk toplumynyň kuwwatyndan doly derejede peýdalanmak, önüm öndürijilere goldaw bermek, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, ýokary hilli azyk önümleriniň öndürilişini üpjün etmek babatda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak maksady bilen, ýer we suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagy, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy, döwrebap tehnologiýalaryň, oba hojalyk ylmynyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy arkaly anyk çäreler görülýär.Sergi Diýarymyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Sergidäki çörek önümleriniň bugdaýyň şu ýylky hasylyndan alnan undan taýýarlanylandygyny bellemek gerek.Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleriniň, ýurdumyzyň ekerançylarynyň yhlasly zähmetiniň netijesinde, halkymyz azyklyk un we çörek önümleri bilen doly üpjün edilýär. Oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini önümçilige ornaşdyrmak ekerançylygy ösdürmegiň täzeçil strategiýasynyň esasy ugrudyr. Görkezilýän önümleriň köpdürlüligi oba hojalyk pudagyndaky özgertmeleriň üstünliklere beslenýändigini tassyklaýar. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler hem amala aşyrylýan özgertmelere uly goşant goşmak bilen, ak bugdaýyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň, ir-iýmişleriň bol hasylyny ýetişdirýärler. Bu önümler ýokary hili, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar.Soňra bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew hormatly Prezidentimize ýurdumyzda galla oragy möwsüminiň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler ähli welaýatlarda galla oragy dowam edip, bu möwsümi guramaçylykly geçirmek maksady bilen zerur işler alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar.Döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsüminiň guramaçylykly geçirilmeginiň, ýygnalan hasylyň bökdençsiz kabul edilmeginiň, talabalaýyk saklanylmagynyň, ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda ýitgisiz ýygnap almak üçin döwrebap tehnikalardan netijeli peýdalanmagyň möhümdigini, munuň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra hormatly Prezidentimiz kärendeçi D.Muhammetsähedowa sowgatlary gowşurdy.Kärendeçi Şa serpaýy hem-de daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän ähli şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, yhlasly zähmetini gaýgyrman, Watan harmanyna ak bugdaýyň bol hasylyny tabşyrjakdygyna ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli asylly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.Şeýlelikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ahal welaýatyna iş sapary ýurdumyzda daýhanlaryň netijeli we öndürijilikli işlemegi, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda ähli şertleriň döredilýändiginiň, ata Watanymyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragy dowam edip, ýetişdirilen hasyly gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak hem-de galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Şeýle hem önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekilen meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen galla hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almagyň, gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagynyň, şeýle hem bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigini belledi we häkime bu işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, welaýatda bugdaý oragy dowam edip, möwsümde däne ýygýan kombaýnlar, awtoulaglar we galla kabul ediş kärhanalary doly güýjünde işledilýär. Bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we häkime galla hasylyny ýygnap almak işlerini berk gözegçilikde saklamagy, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragyna guramaçylykly girişilip, häzirki wagtda ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen zerur çäreler görülýär. Önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edip, häzirki wagtda ösüş suwuny tutmak işlerine girişildi. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekilen meýdanlarda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatda şaly ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi gysga wagtda tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häkime galla oragy möwsümini ýokary hilli geçirmek üçin guramaçylyk işlerini güýçlendirmegi, gowaça ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, şeýle hem bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda degişli tabşyryklar berildi.Soňra Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, welaýatda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary we galla kabul ediş kärhanalary bökdençsiz işledilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan galla hasyly üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri bilen birlikde, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda şaly ekişi dowam edýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häkime daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak boýunça işleri gözegçilikde saklamagy, gowaça meýdanlaryndaky möwsümleýin işleriň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini, oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, welaýatda ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Däne ýygýan kombaýnlar, bugdaý daşaýan awtoulaglar, galla kabul ediş kärhanalary doly güýjünde işledilýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekilen meýdanlarynda ideg işleri bilen birlikde, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak hem-de bu önümler bilen bazarlary bolelin üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatda gant şugundyrynyň ekiljek ýerleri kesgitlenilip, häzirki wagtda meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň we bu ugurda alnyp barylýan işlere aýratyn üns bermegiň, gowaça meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýola goýulmagynyň, bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak boýunça işler dowam edip, orak möwsüminde oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, ýygnalan hasyly galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek, şeýle hem döwlete tabşyrylan hasyl üçin bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmekde zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Ýurdumyzda gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda ýetişdirilen ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda şaly ekişi dowam edip, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny belledi hem-de wise-premýere häzirki wagtda dowam edýän galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegini, gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi we galla oragyny ýokary hilli geçirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, gowaça hem-de beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler esasynda Türkmenistanyň Gümrük, Zähmet, Sanitariýa, Maşgala we Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda”, “Administratiw önümçilik hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Neşirýat işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň Mejlisinde BMG-niň Ilat gaznasynyň, Halkara Migrasiýa Guramasynyň Türkmenistandaky wekilleri bilen geçirilen duşuşyklar barada aýdyldy. Mejlisiň wekilleriniň BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna, duşuşyklaryna gatnaşandyklary habar berildi.Hormatly Prezidentimiz döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu topary döretmek we onuň birinji mejlisini geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň mejlisinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş, lukmançylyk ylmy, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlary bilen bagly meseleler barada pikir alyşmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýewropa döwletleri, şol sanda Slowakiýa Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan resminama gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak hem-de onuň bilen sarp edijileri ygtybarly üpjün etmek, nebitgaz ýataklaryny düýpli özleşdirmek, olaryň gerimini giňeltmek boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Şunda Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan resminamalara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, welaýatlarda ýetişdirilen bugdaýyň bol hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Galla oragy möwsüminde däne ýygýan kombaýnlaryň, bugdaý daşaýan awtoulaglaryň doly güýjünde işledilmegini üpjün etmek, ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlarynda kabul etmek boýunça degişli işler dowam edýär. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri geçirilýär hem-de agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak boýunça degişli çäreler görülýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar, Lebap welaýatynda şaly ekişi dowam edýär. Mary welaýatynda güýzlük gant şugundyrynyň ekişine taýýarlyk görülýär.Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, häzirki wagtda mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek babatda degişli işler geçirilýär. Ýurdumyzda ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak boýunça zerur çäreler görülýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýygnalan hasyly tabşyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň öz wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynyň doly kuwwatynda bökdençsiz işledilmegini gazanmak ugrunda zerur işler amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän gurluşyk taslamalaryny, ykdysadyýetiň pudaklaryny zerur bolan ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk pudagyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň önümçiligini bökdençsiz işletmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew dokma senagaty pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan dokma kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Şeýle hem pudagyň maddy üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli dokma önümleriniň öndürilýän möçberiniň we görnüşleriniň artdyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän dokma kärhanalarynda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli dokma önümleriniň öndürilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz dürli pudaklaryň dokma önümlerine bolan sargytlaryny üpjün etmek boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde medeniýetimizi ösdürmek, milli mirasymyzy gorap saklamak, ony halkara derejede giňden wagyz etmek üçin ähli zerur şertler döredilýär.Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Balkan welaýatynda nobatdaky Medeniýet hepdeligini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Hepdeligiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça dürli medeni çäreleri, şol sanda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş we ýapylyş dabaralaryny, aýdym-sazly çykyşlary, maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, edebi agşamlary, filmleriň, sahna oýunlarynyň görkezilişini guramak, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Leýli-Mejnun» operasynyň görkezilişini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda medeniýetimizi ösdürmäge uly üns berilýändigini, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp köp sanly çäreleriň geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Balkan welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedowa söz berildi.Wise-premýer, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Ylymlar güni hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanylmagy, şeýle hem ykdysady we syýasy ylymlaryň professory alymlyk adynyň berilmegi mynasybetli ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.Soňra wise-premýer ýurdumyzyň ylym ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym ulgamyny ösdürmek babatda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen tassyklanan “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar boýunça meýilnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan “Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň” hem-de ony amala aşyrmak boýunça 2026 — 2030-njy ýyllarda ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Maksatnamada ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny jemgyýetiň ähli wekilleriniň, şol sanda ýaşlaryň arasynda wagyz etmek arkaly ýurdumyzyň adam maýasynyň, ýaşlaryň ylmy dünýägaraýşynyň has-da ýokarlandyrylmagyny, gözýetiminiň giňeldilmegini, olaryň ylmy-döredijilik ukyplarynyň ösdürilmegini, şeýle hem ýurdumyzyň ylym ulgamynyň işine işjeň çekilmegini gazanmak maksat edinilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň intellektual derejesini, ylmy dünýägaraýşyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de «Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda resminama gol çekdi we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi.Ol, ilki bilen, mejlise gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy her ýyl Türkmenistanda giňden bellenilýän Ylymlar güni bilen, şeýle hem döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine saýlanylmagy, ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adynyň berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri ylmy ösdürmek maksady bilen ägirt uly işleri amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp derejede durmuşa geçirýär.Soňra wise-premýer, daşary işler ministri Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr. Bu babatda ýurdumyzyň Aziýa yklymynyň döwletleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça işler ulgamlaýyn esasda alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda Malaýziýa bilen hyzmatdaşlyk aýratyn bellenildi. Malaýziýa Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwletleriň biridir. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýuldy we häzirki wagtda ýokary derejede alnyp barylýar. Malaýziýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmegini ilkinjileriň hatarynda goldan döwletdir. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň 43-si bilen berkidildi.Syýasy ugur barada aýdylanda, döwlet we hökümet Baştutanlarynyň özara saparlary, ýokary derejedäki duşuşyklary hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Bu babatda ýokary derejeli döwlet we resmi saparlaryň 9-sy, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa 4 sapary, Malaýziýanyň Premýer-ministrleriniň Türkmenistana 5 sapary guraldy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň köp ýyllaryň dowamynda Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýän ýurtlar, şol sanda Malaýziýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek ugrunda uly işleri amala aşyrandygy nygtaldy. Milli Liderimiziň 2011-nji we 2016-njy ýyllarda Malaýziýa amala aşyran döwlet we resmi saparlarynyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň, syýasy dialogy giňeltmegiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň binýady goýuldy.Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň Malaýziýa bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrylýar. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň netijesinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykarylandygy bellenildi. Şeýle hem Hökümet derejesinde, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar. Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky syýasy gatnaşyklar halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde netijeli ösdürilýär.Söwda-ykdysady ulgamda hem Malaýziýa Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana resmi saparyna taýýarlyk görülýändigini hem-de bu saparyň netijeleriniň iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigini aýtdy.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigini belledi hem-de iki döwletiň arasyndaky alnyp barylýan hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza boljak resmi saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, toplumyň maddy-tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, onuň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Munuň özi toplumyň işleriniň ilerledilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň wajyp toplumlaryň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ulag we aragatnaşyk toplumyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda Ylymlar gününiň giňden bellenip geçilýändigini, Garaşsyz ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini, raýatlarymyzyň ylym-bilim bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.