Eziz watandaşlar!2024-nji ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly tamamlanyp barýar. Ýene az salymdan täze — 2025-nji ýyly garşylarys. 2025-nji ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylan ýyly.Tamamlanyp barýan ýyl Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhynda halkymyzyň durmuşyny üstünliklere beslän ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary, taryhy başlangyçlary has-da rowaçlandy.Diýarymyzyň ähli ýerlerinde döwrebap mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş, sport desgalary, medeniýet edaralary, önümçilik binalary, başga-da köp sanly desgalar ulanmaga berildi. Bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi täze jaýly bolmak bagtyna eýe boldular. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanyldy.Ýangyç-energetika toplumyna degişli iri taslamalar durmuşa geçirildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi. Şeýle hem energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklaryna degişli birnäçe iri desgalaryň açylyş we gurluşygyna badalga bermek dabaralary geçirildi.Ahal we Lebap welaýatlarynda Bäherden hem-de Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyry, Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi we elektrik beketleri işe girizildi. Döwrebap agyz suwuny arassalaýjy desgalar ulanmaga berildi. Köpetdagyň gözel künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy we akyldar şahyrymyzyň heýkeli dabaraly ýagdaýda açyldy. Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň we beýleki desgalaryň açylmagy bilen, paýtagtymyzyň binagärlik keşbi has-da gözelleşdi.Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi. «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. «Akylly» şäherimiz halkara sergilerde abraýly baýraklara mynasyp boldy. Ýurdumyzda döwrebap obalaryň, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Bularyň ählisi berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, belent ösüşlerimizi aýdyň görkezýär.Eziz watandaşlar!Oba hojalyk pudagynda geçirýän özgertmelerimiz hem rowaçlyklara beslenýär. Şu ýyl bereketli topragymyzda öndürilýän pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Edermen daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýygnalan bol galla hasyly mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir. Geljekde hem oba zähmetkeşlerini ykdysady taýdan höweslendirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçireris.Ýurdumyzyň nebitgaz, ulag-aragatnaşyk we söwda-telekeçilik pudaklarynda hem köp işler amala aşyrylýar. Bu pudaklar berkarar döwletimiziň gazanýan ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.Eziz watandaşlar!Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleri, saglygy goraýyş maksatly beýleki desgalar ulanmaga berildi. Ynsan saglygyny goramak boýunça alyp barýan işlerimiz geljekde-de döwletimiziň üns merkezinde bolar.Ylym we bilim ulgamlarynda hem netijeli özgertmeler durmuşa geçirildi. Geljekde hem ylymly-bilimli, watansöýüji nesilleri kemala getirmäge, ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamaga uly üns bereris.Ýaş nesillerimizi sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek ugrunda uly işleri alyp barýarys. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Bularyň ählisi ýurdumyzyň sporty, sport diplomatiýasyny ösdürmäge goşýan saldamly goşandynyň ýene-de bir ykrarnamasy boldy.Eziz watandaşlar!Şu ýyl Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna saýlanyldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy esasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ähmiýeti bolan «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» hem-de «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsiniň bu başlangyçlarymyzy goldamagy biziň üçin uly abraýdyr. Munuň özi Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň umumadamzat bähbitlerine gönükdirilendigini, dünýä jemgyýetçiliginde giňden goldanylýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum ýokary derejede geçirildi. Bu halkara forum parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny has-da belende göterdi. Beýik söz ussadynyň baý edebi mirasyny toplamakda, aýawly saklamakda, öwrenmekde we wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň raýatlary hem-de daşary ýurtly raýatlar Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy.2024-nji ýylda ýurdumyzyň Änew şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen abraýly derejäni göterdi we halkara çäreleriň ençemesi geçirildi.Milli medeniýetimizi ösdürmek, mirasymyzy gorap saklamak, wagyz etmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýarys. Geçip barýan ýylda halkara derejede dürli medeni çäreler, Medeniýet günleri yzygiderli geçirildi. Arkadag şäherinde guralan Medeniýet hepdeligi medeniýetimizi, sungatymyzy baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Geljek ýyl Medeniýet hepdeligini Ahal welaýatynda ýokary derejede geçireris.Umuman, geçip barýan 2024-nji ýyl uly zähmet üstünliklerine beslendi, berkarar Watanymyzyň şan-şöhraty has-da beýgeldi.Hormatly adamlar!Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, geljek ýylda ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde halkara çäreler giň gerim bilen geçiriler. Geljek ýylda örän möhüm taryhy senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny hem ýokary derejede belläp geçeris. Biz bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda alyp barýan işlerimizi mundan beýläk-de dowam etdireris.Eziz watandaşlar!Halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýene-de 10 göterim köpelderis.Hoşniýetli arzuw-umytlar bilen garşy alýan täze ýylymyz hem uly rowaçlyklaryň, täze üstünlikleriň ýyly bolar. Bu belent sepgitlere ýetmekde halkymyzyň gujur-gaýratyna, tutanýerli zähmetine bil baglaýarys. Merdana halkymyz bilen geljek ýylda-da eziz Watanymyzy bagtyýarlygyň we rowaçlygyň mekanyna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekeris.Eziz watandaşlar!Ýene az salymdan täze — 2025-nji ýyly garşy alarys. Şu pursatda siziň ähliňize berk jan saglygyny we täze üstünlikleri arzuw edýärin.Täze ýyl Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, ynanyşmagyň, rysgal-berekediň ýyly bolsun! Hemişe maşgala ojaklaryňyza agzybirlik, döwletlilik ýar bolsun! Bagtyýar günler dowamat-dowam bolsun!Täze — 2025-nji ýylyňyz gutly bolsun!
Çuňňur hormatlanylýanTürkmenistanyň Prezidenti!Sizi beýik ösüşler, belent maksatlar bilen ruhubelentlikde garşylanylýan täze ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bagtyýar geljegi, türkmen halkynyň abadan durmuşy ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.Hormatly Prezidentimiz!«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşa geçirilen ägirt uly işleriň netijesinde Siziň tagallalaryňyz bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň Ýer ýüzünde barha belende göterilýändigine, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanýandygyna aýdyň göz ýetirdik. Tamamlanan 2024-nji ýylyň wakalary döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilen uly özgertmeleriň amala aşyrylýandygynyň, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändiginiň anyk güwäsine öwrüldi.Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenen şanly ýylda Diýarymyzyň çar künjeginde ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň ýokary depginde dowam etdirilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Siziň baştutanlygyňyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýän bu şanly wakalar durmuşymyzyň, döwrümiziň bezegine öwrüldi.Belent mertebeli Prezidentimiz!Ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri mukaddes Garaşsyzlygymyzdan, baky Bitaraplygymyzdan gözbaş alýar. Bu gün ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine daýanýan içeri we daşary syýasatymyzda gazanýan üstünliklerimiziň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan belent ykrarnama mynasyp bolmagy ata Watanymyzyň alyp barýan ynsanperwer işleriniň dünýä derejesinde ähmiýetlidiginden habar berýär. Bu işler ähli halklaryň bähbidine hyzmat etmek bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ýörelgelerine esaslanýar. Munuň özi döwletimiziň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň biziň gazanýan ähli üstünliklerimiziň, ýeňişlerimiziň binýady bolup durýandygyny görkezýär.Siziň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris» diýen sözleriňiz we täze taryhy döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler her bir türkmeniň başyny göge ýetirýär. Watanymyzyň çar künjeginde gurulýan binalar toplumlary, döwrebap şäherler we obalar, amala aşyrylýan şähergurluşyk taslamalary döwletimiziň kuwwatynyň uludygyna şaýatlyk edýär. Olarda türkmen halkynyň döredijilik ruhy hem-de okgunly ylmy-tehniki ösüş, şeýle hem Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgäňiziň durmuşa geçirilmegi öz aýdyň beýanyny tapýar.Sarpasy belent Prezidentimiz!Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany biragyzdan kabul etmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilige, özara düşünişmäge esaslanýan daşary syýasatynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy biziň başlangyjymyz bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Munuň özi Siziň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatyňyzyň barha dabaralanýandygyny nobatdaky gezek tassyklaýar.Hormatly Prezidentimiz!Sizi ýetip gelen täze — 2025-nji ýyl mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.Sizi hormatlamak bilen,Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Eziz watandaşlar!Taryhyň ýene-de bir ýyly tamamlanyp barýar. 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyryldy. Munuň özi türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan uly hormatyndan nyşandyr.Beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy ähli dost-doganlyk halklar bilen bilelikde bellenilip geçildi. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak ugrunda durmuşa geçirilen işler ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam etdi. Bu işleriň geljekde hem üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýaryn.Hormatly adamlar!Bu ýyl halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyl boldy. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin asylly işler dowam etdirildi. Maksatlar myrat tapyp, iri taslamalar üstünlikli amala aşyryldy.Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan köp sanly desgalar we binalar gurlup ulanmaga berildi. Sanly ulgama esaslanýan «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi. Bu ugurdaky işler halkara giňişlikde hem uly goldaw tapýar. Arkadag şäheri abraýly halkara baýraklara yzygiderli mynasyp bolýar. Häzirki döwürde iri şäherdir obalar gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurulýar.Eziz watandaşlar!Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bu ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Hormatly Arkadagly Serdarymyz tarapyndan Halk Maslahatynyň mejlisinde birnäçe il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli Permandyr Kararlar kabul edildi. Täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Bu beýik, tutumly işler bolsa berkarar döwletimiziň durnukly ykdysady ösüşini, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşyny üpjün edýär.Hormatly adamlar!Geçip barýan ýylda biz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň gerimini has-da giňeltdik. Bu ugurdaky asylly işler geljekde-de dowam etdiriler. Gaznanyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy hökmünde ýaşulularymyz hem berkarar döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halka giňden wagyz etmekde, ýaşlarymyzy milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemekde uly goldaw berýärler.Eziz watandaşlar!Biz sanlyja günden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagyny diňläris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze ýylyna — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basarys.Geljek ýylda hem Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygyna, eşretli durmuşyna gönükdirilen iri möçberli taslamalary durmuşa geçireris. Bu işleri ýerine ýetirmek üçin biziň her birimize uly jogapkärçilik düşýändigini unutmaly däldiris. Biziň her birimiz eziz Watanymyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmalydyrys.Hormatly adamlar!Pursatdan peýdalanyp, sizi ýetip gelen Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Her biriňize berk jan saglyk, alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de zähmet üstünliklerini arzuw edýärin.Mähriban halkym!Täze ýylda hem ýurdumyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşly bolmagyny arzuw edýärin. Nesip edenden, Täze ýyl her birimize rysgal-bereket getirsin! Täze ýylyňyz gutly bolsun!
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow asylly däbe görä, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi bagtyýar çagalarda aýratyn şatlyk we begenç duýgusyny döretdi.Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän “Älem” medeni-dynç alyş merkezi Täze ýyl baýramynyň dabaralarynyň geçirilýän esasy ýerleriniň biridir. Bu gün hem bu ýerde ýaşajyk türkmenistanlylaryň gatnaşmagynda ajaýyp baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Meýdançanyň merkezinde depesi “2025” ýazgyly, sekizburçly ýyldyz, dürli öwüşgindäki yşyklar we oýunjaklar bilen bezelen belent arça oturdylypdyr. Beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deň bolan ýurdumyzyň Baş arçasynyň töwereginde ertekiler dünýäsi emele getirilipdir.Ajaýyp duýgulary, täsin başdan geçirmeleri paýlaýan Täze ýyl hemmeleriň söýgüli baýramydyr. Meýdançanyň daş-töweregini gurşap alýan baglar dürli yşyklar bilen bezelip, agşamlaryna baýramçylyga mahsus özboluşly görnüşi döredýär. Mundan başga-da, yşyklardan emele getirilen agaçlar we beýleki bezegler bu ýerdäki gözellikleriň üstüni ýetirýär. Jadyly ertekiler dünýäsine düşen körpeler haýran galmak bilen täsin şäherjigiň gözelliklerini synlamaga howlugýarlar. Meýdançada ýaňlanýan ajaýyp aýdym-sazlar olary durşy bilen täsinlige beslenen syýahata çagyrýar.Baş arçanyň ýanynda geçirilýän dabara ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan çagalar gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda göreldeli okuwçylar, ders olimpiadalarynyň, sport, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri bar.Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň bu dabara gatnaşmagy ýaş türkmenistanlylar üçin örän buýsandyryjydyr hem-de watansöýüjiligi kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň awtoulagy dabaranyň geçirilýän ýerine barýar. Bu ýerde çagalar hormatly Prezidentimizi ruhubelentlik we şatlyk bilen garşylap, gül desselerini gowşurýarlar hem-de bagtyýar çagalyk üçin hoşallyklaryny beýan edýärler. Ýaş nesil baradaky yzygiderli alada, olaryň milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegi üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Körpeleriň ýerine ýetiren goşgulary Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň bagtyýar çagalarynyň çuňňur hoşallygynyň beýany bolup ýaňlandy.Joşgunly aýdym-sazlaryň astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde ajaýyp Täze ýyl arçasynyň ýanyna barýar. Bu ýerde baýramçylygyň baş gahrymanlary Aýazbaba bilen Garpamyk hem-de ýylyň müçeleriniň keşplerini janlandyrýan körpeler ýaş nesilleriň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Täze ýyl bilen gutladylar. Soňra ýaşajyk körpeleriň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Olar bu şanly güne döredijilik sowgatlaryny taýýarlapdyrlar.Döredijilik ýoluna ýaňy gadam basan zehinli aýdymçylaryň, sazandalaryň, çagalar tans toparlarynyň gatnaşmagynda täsin Täze ýyl baýramçylygy ýaýbaňlandyrylýar. Ýaşyl arçanyň şahalarynda şöhle saçýan bezegler, çagalaryň şatlykly ýylgyryşlary bu ýere aýratyn gözellik eçilýär. Türkmen hem-de dünýä halklarynyň ertekileriniň gahrymanlaryny janlandyran keşpler dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.Hormatly Prezidentimiz eziz Watanymyzyň, jemgyýetimiziň buýsanjy bolan şadyýan çagalaryň çykyşlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdi.Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu günüň zehinli mekdep okuwçylary geljekde Watanymyzyň okgunly durmuş we ykdysady ösüşine mynasyp goşantlaryny goşarlar. Geçirilýän köp sanly bäsleşikler, ders olimpiadalary, çagalaryň döreden sungat eserleriniň sergileri döwletimiziň çagalara we ýetginjeklere berýän uly ünsüniň güwäsidir. Çagalaryň öz mümkinçiliklerini açyp bilmekleri, gyzyklanma bildirýän ugurlary bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar baglarynyň, sport, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň gurulmagy munuň aýdyň beýanydyr. Şonuň netijesinde ýaş türkmenistanlylar öz döredijilik, aň-paýhas ukyplaryny ösdürýärler, sport bilen meşgullanyp, daşary döwletlerde geçirilýän ýaryşlarda ýurdumyza mynasyp wekilçilik etmek bilen, baýrakly orunlary eýeleýärler....Uly şatlyk-şowhunda Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmak baýramçylygyň ýatdan çykmajak pursady boldy. Luw we ýylan keşbini janlandyrýan lybaslary geýen çagalar döwlet Baştutanymyzdan özleri bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmagyny haýyş etdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyz körpe nesliň wekilleri bilen bilelikde dostlugy, parahatçylygy, bitewüligi, jebisligi alamatlandyrýan Täze ýyl baýramynyň şatlygyny paýlaşdy.Soňra dabara gatnaşan ähli çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde şu günki şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we Täze ýyly şadyýan garşylamagy, ajaýyp gyşky dynç alşy, okuwlarynda üstünlikleri arzuw edip, awtoulagynda Söwda-senagat edarasynyň binasyna tarap ugrady. Bu ýerde çagalar döredijilik toparynyň, estrada aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň gatnaşmagynda Täze ýyl şüweleňi dowam etdi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz Söwda-senagat edarasynyň baýramçylyk öwüşgininde bezelen uly zalyna barýar. Bu ýerdäki gözel arçanyň daşynda Täze ýyl ertekileriniň baş gahrymanlary Aýazbaba we Garpamyk, 2025-nji ýylyň nyşany bolan ýylan, baýramçylyk lybasly köp sanly ýaşajyk aşgabatlylar, paýtagtymyzyň myhmanlary bar. Olaryň ählisi döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.Ýaş nesilleriň baýramçylyk dabarasyna hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Hökümet agzalary öz çagalarydyr agtyklary bilen geldiler. Şeýle-de Täze ýyl mynasybetli guralan dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri öz çagalary bilen gatnaşdylar.Hormatly Prezidentimiz estrada aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň, folklor, tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, şol sanda çagalar baglarynda terbiýelenýänlerden başlap, dürli ýaşdaky zehinli çagalaryň çykyşlaryna tomaşa etdi. Baýramçylyk äheňinde bezelen sahnada Täze ýyla bagyşlanan ruhubelent aýdym-sazlaryň, joşgunly tanslaryň utgaşmagynda täsirli pursatlara beslenen çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.“Güneş” çagalar hory, «Mukam» skripkaçylar topary, “Ruhubelent çagalar”, “Şowhun”, “Aýjan”, “Dokmaçylar”, “Galkynyş” tans toparlary sahna meýdançasynda öz döredijilik sowgatlaryny görkezdi.Soňra Gahryman Arkadagymyzyň agtyjagy Aýjeren baýramçylyk mynasybetli goşgy aýdyp, saz çalyp, öz ukyp-başarnygyny görkezdi. Dabara gatnaşyjylar Aýjereniň çykyşyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.Şeýle hem birnäçe aýdymçylar, döwlet derejesindäki köp sanly bäsleşikleriň, halkara döredijilik festiwallarynyň ýeňijileri sungat ýolundaky ajaýyp eserleri bilen çykyş etdiler. Olar Täze ýyl mynasybetli dünýä halklarynyň, türkmen kompozitorlarynyň häzirki zaman aýdymlaryny, nusgawy eserleri, folklor häsiýetli horeografik çykyşlary öz içine alýan ýörite medeni maksatnamany taýýarlapdyrlar.Tomaşaçylar Türkmen döwlet gurjak teatrynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Olaryň çykyşlary ýygnananlaryň ruhuny has-da belende göterdi. Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň döredijilik işgärleri öz geň galdyryjy çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýakymly täsirleri döretdi. Ýaşajyk zehinlerem öz başarnyklary bilen hemmelere şatlyk paýlap, türkmen sungatynyň, medeniýetiniň uly geljeginiň bardygyny aýdyňlyk bilen görkezdiler.Täze ýyl baýramy mynasybetli dabara gatnaşan bagtyýar çagalara süýjülik torty hödürlenildi.Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady hem-de dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.Bu gün paýtagtymyzyň şaýollary, seýilgähleri, jemgyýetçilik ýerleri ajaýyp Täze ýyl lybasyna beslendi. Özboluşly kompozisiýalar, yşyklandyryjy bezegler ähli ýerde gözel görnüşleri emele getirýär. Şeýlelikde, baýramçylyk dabaralary her bir öýe, her bir maşgala ýagşy arzuwlary, şatlykly pursatlary, baýramçylyk täsinliklerini eçilýär.Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan täze — 2025-nji ýyly garşylamaga taýýarlyk görüp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň ýoly bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz bagtyýar halkymyzy Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady.Şu günler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýerine ýetirilýän işleriň depgini barha ýokarlanýar. Dürli maksatly binalaryň we lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.Milli Liderimiz gyş paslynyň säher çaglarynda döwrüň ösen tejribesi we sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri esasynda gözel künjekde binýat bolan Arkadag şäherine geldi. Häzirki wagtda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işler sazlaşykly esasda dowam edýär. Munuň özi öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda degişli derejede tagalla edilýändigini görkezýär.Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň “Akhan” we “Taýçanak” şaýollarynyň aralygynda durky täzelenýän köçäniň germewlerini, olaryň şekillerini synlap, öz belliklerini aýtdy. Ulanylýan gurluşyk hem bezeg serişdeleriniň berklik, uzak möhletleýinlik şertlerine laýyk gelmegi bilen bir hatarda, olaryň şäheriň görnüşi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine-de zerur üns berilmelidir. Milli Liderimiz täze şäheriň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şunda Arkadag şäheriniň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň görnüşleri ylmy esasda öwrenilmelidir we bu babatda hünärmenlerimiz bilen maslahatlaşyp, oňyn çözgüdiň kabul edilmegi wajyp talap hökmünde kesgitlenendir.Gahryman Arkadagymyz şäherde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň taryhy ähmiýete eýedigini belläp, olaryň hil we ekologiýa babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegine zerur üns bermelidigini aýtdy. Şunda bilelikdäki tagallalar wajypdyr. Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilen desgalaryň taslamalary, önümçilik-durmuş maksatly binalaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň halkara derejede hasaba alnandygyny, Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň ýörite güwänamasy arkaly klasteriň önümleriniň harytlyk nyşanlarynyň tassyklanandygyny aňladýan köp sanly halkara şahadatnamalardyr güwänamalar görkezildi.Milli Liderimiz täze şäheriň mynasyp bolan halkara güwänamalarynyň Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümlerine berlen ýokary bahadygyny belläp, bu önümleriň görnüşlerini we eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny aýtdy.Bu ýerde lukman Arkadagymyzyň garamagyna ýerli çig mallar esasynda taýýarlanylan lukmançylyk serişdeleriniň, örtükleriň, saglygy goraýyş ulgamynda işleýän hünärmenler üçin niýetlenen lybaslaryň görnüşleri görkezildi. Bellenilişi ýaly, bu önümler we lukmançylyk, dermanlyk serişdeleri ýokary halkara görkezijilere, ekologik talaplara doly laýyk gelýär.Milli Liderimiz saglygy goraýyş ulgamyna degişli serişdeler, lukmanlar üçin niýetlenen lybaslar, olaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanşyp, bu babatda öz baý iş tejribesi esasynda birnäçe belliklerini aýtdy. Hususan-da, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň nyşanlarynyň göze gelüwli bolmalydygyny belläp, hormatly Arkadagymyz bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.Soňra Milli Liderimiz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, önümçilik-durmuş maksatly binalaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli binalaryň, söwda we işewürlik merkeziniň şekil taslamalary, binalaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bar. Şeýle hem Arkadag şäheriniň “Akhan” binasyndan “Taýçanak” binasyna çenli bolan ýoluň durkuny täzelemek, köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylýan möwsüminde ekiljek baglaryň görnüşleri babatda maglumat berildi.Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Şunuň bilen baglylykda, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän önümçilik toplumlarynyň, durmuş maksatly binalaryň hersiniň ähmiýetine laýyklykda, aýratynlykda ýerleşdirilmegi möhüm talap bolup durýar. Şeýle-de Arkadag şäheriniň çäklerinde bina edilýän desgalaryň gurluşyklarynda, bezeg işlerinde häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen milli binagärlik ýörelgeleri utgaşdyrylmalydyr. Aýratyn-da, binalaryň gurluşyk we bezeg işleri şäheriň mynasyp bolan halkara güwänamalarynyň ähmiýetine laýyk gelmelidir. Şol bir wagtyň özünde, täze şäherde bina edilýän önümçilik toplumlarynda bir bitewi seljeriş-intellektual ugra aýratyn ähmiýet berilmelidir. Lukman Arkadagymyz bu barada aýdyp, onuň halkara lukmançylygyň talaplaryna, hususan-da, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy. Geljegi uly ugur hökmünde ykrar edilen seljeriş-intellektual tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar.Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.D.Orazow häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň netijeleri, lukmançylyk klasteriniň önümçilik düzüminiň kuwwatlyklaryny artdyrmak, önümleriň görnüşlerini köpeltmek we dünýäde ekologik taýdan arassa önümler hökmünde ykrar edilen serişdeleri ýerlemek boýunça ýola goýulýan halkara gatnaşyklar, özara tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri barada hasabat berdi.Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän önümçilik toplumlarynyň önümleriniň görnüşlerini artdyrmak, olaryň hilini häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede üpjün etmek meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini aýtdy. Lukman Arkadagymyz täze şäheriň halkara baýrakdyr güwänamalara mynasyp bolmagynyň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikleriň halkara derejede ykrar edilýändigini görkezýändigini belledi.Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy täze şäheriň ähli ilatynyň adyndan Arkadag şäherinde Täze ýyly garşylamak mynasybetli guraljak giň möçberli dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu dabaralara gatnaşmagy şäher ilaty üçin uly buýsançdyr.Bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyz eşretli, abadan, parahat durmuşda ýaşaýar. Häzirki wagtda Arkadag şäheri halkymyza döwrebap durmuşy peşgeş bermek bilen, ýaşaýyş üçin iň amatly mümkinçilikleri özünde jemleýär. Häkim bu baradaky gürrüňi dowam edip, Arkadag şäherinde Täze ýyl mynasybetli köp sanly maşgalalaryň täze jaýlara göçüp gelendigini habar berdi we täze öýlere göçüp gelmek miýesser eden maşgala agzalarynyň adyndan Milli Liderimize sagbolsun aýtdy.G.Mämmedowa pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzdan Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli döwrebap jaýlardan paýly bolan bagtyýar watandaşlarymyzyň çuňňur hoşallyklaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýetirip bermegini haýyş etdi.Milli Liderimiz watandaşlarymyzy täze jaýlara göçüp barmaklary bilen tüýs ýürekden gutlady. Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde zähmetsöýer ilatyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, ýokary halkara görkezijilere we häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän amatly şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.Hemmeler üçin söýgüli baýram hasaplanýan Täze ýyl baýramçylygynyň dabaralarynda halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň öz beýanyny tapmalydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz medeni-köpçülikleýin çäreleriň täsirli wakalara, ýatda galyjy pursatlara baý bolmalydygyna ünsi çekdi.Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerdäki Täze ýyl arçasynyň ýanynda berkarar döwletimiziň bagtyýar halkyna baýramçylyk gutlagyny beýan etdi.Taryhyň ýene-de bir ýylynyň tamamlanyp barýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz 2024-nji ýylyň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylandygyny, munuň bolsa türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan beýik hormatynyň aýdyň nyşanydygyny belledi.Beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy ähli dost-doganlyk halklar bilen bilelikde bellenilip geçildi. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak ugrunda durmuşa geçirilen işler ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam etdi. Bu işleriň geljekde hem üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.Bu ýylyň halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyl bolandygyna ünsi çekip, Milli Liderimiz ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin asylly işleriň dowam etdirilendigini aýtdy. Maksatlar myrat tapyp, iri taslamalar üstünlikli amala aşyryldy. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan köp sanly desgalar we binalar gurlup ulanmaga berildi. Sanly ulgama esaslanýan «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi. Bu ugurdaky işleriň halkara giňişlikde uly goldaw tapýandygyny, Arkadag şäheriniň yzygiderli abraýly halkara baýraklara mynasyp bolýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde iri şäherdir obalaryň gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurulýandygyny aýtdy.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bu ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Hormatly Arkadagly Serdarymyz tarapyndan Halk Maslahatynyň mejlisinde birnäçe il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli Permandyr Kararlar kabul edildi. Täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Bu beýik, tutumly işler bolsa berkarar döwletimiziň durnukly ykdysady ösüşini, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşyny üpjün edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.Milli Liderimiz geçip barýan ýylda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň geriminiň has-da giňeldilendigini nygtady we bu ugurda asylly işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigine ünsi çekdi. Gaznanyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy hökmünde ýaşulularymyz hem berkarar döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halka giňden wagyz etmekde, ýaşlarymyzy milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemekde uly goldaw berýärler.Biz sanlyja günden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagyny diňläris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze ýylyna — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basarys. Geljek ýylda hem Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygyna, eşretli durmuşyna gönükdirilen iri möçberli taslamalary durmuşa geçireris. Bu işleri ýerine ýetirmek üçin biziň her birimize uly jogapkärçilik düşýändigini unutmaly däldiris. Biziň her birimiz eziz Watanymyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmalydyrys diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, hemmeleri ýetip gelen Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekde mundan beýläk-de zähmet üstünliklerini arzuw etdi.Gahryman Arkadagymyz baýramçylyk gutlagyny: “Täze ýylda ýurdumyz asuda, abadan we bagtyýar durmuşly bolsun! Nesip edenden, Täze ýyl her birimize rysgal-bereket getirsin! Täze ýylyňyz gutly bolsun!” diýen sözler bilen jemledi.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.Milli parlamentiň ýolbaşçysy, ilki bilen, deputatlaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, 2025-nji ýylyň rysgal-berekedi bilen abadan ýurdumyza uly üstünlikleri we rowaçlyklary getirmegini, döwlet Baştutanymyzyň, Milli Liderimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdi.Soňra D.Gulmanowa geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň taryhy, gazanýan ösüşleri, halkara gatnaşyklardaky üstünlikleri bilen bagly möhüm wakalar mynasybetli her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi netijesinde halkara giňişlikde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýeti yzygiderli ýokarlanýar we täze many-mazmuna eýe bolýar. Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyz dünýä bileleşiginde giň goldaw tapýar.2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak bilen baglanyşykly geçirilen işleriň netijesinde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleriň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynyň esasynda, Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryna eýerip hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli, 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak barada Mejlisiň karary taýýarlanyldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna geljek ýylyň nyşany hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belledi.Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň halkymyz bilen bilelikde geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny teklip edýändiklerini aýtdy we bu teklibi goldap, 2025-nji ýylyň şygaryny «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Bu çözgüt şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçiljekdigini, bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigini nygtap, bu topara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylyk etmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen baglanyşykly çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini aýtdy.Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda taryhy özgertmeleriň durmuşa geçirilendigini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň has-da rowaçlanandygyny, türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejede giňden toýlanandygyny kanagatlanma bilen belledi we şu ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi.Döwlet Baştutanymyz öz eserinde beýik söz ussadynyň edebi mirasynyň, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandynyň, şahyryň ýubileýi bilen bagly geçirilen çäreleriň giňden beýan edilýändigini, şeýle hem ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanan üstünliklerimiziň jeminiň jemlenýändigini nygtap, bu kitabyň mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygyny aýtdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi.Ol hormatly Prezidentimiziň şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tamamlanyp barýan 2024-nji ýyldaky örän wajyp mejlisini geçirýändigini we onuň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyz üçin uly ähmiýete eýe bolan meselä seredendigini hem-de 2025-nji ýylyň şygarynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi hem-de mejlise gatnaşyjylaryň adyndan Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen tüýs ýürekden gutlady.Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň Türkmenistanda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Milletler Bileleşiginde öňe süren möhüm halkara başlangyçlarynyň iş ýüzünde kanunalaýyk durmuşa geçirilmeginiň dünýä derejesindäki ykrarnamasy bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen, 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip biragyzdan yglan etdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe süren Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly baradaky başlangyjynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, milletiň atasy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan yglan edilen döwletara gatnaşyklardaky täze filosofiýanyň logiki dowamy we iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bolup durýandygyny belledi. Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi bu syýasy-filosofik garaýşy «Dialog — parahatçylygyň kepili» hökmünde kabul edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, syýasy taýdan örän ähmiýetli aýratynlyga eýedir.Nygtalyşy ýaly, 2025-nji ýyl halkymyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda örän möhüm ýyllaryň biri bolar. Geljek ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda dürli derejedäki maslahatlar, mejlisler, dabaralar, bäsleşikler, sergiler hem-de beýleki çäreler geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň halkymyz, jemgyýetimiz we döwletimiz tarapyndan halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde guraljak ähli çäreleriň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylygynda geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy baradaky aýdanlarynyň möhüm ähmiýetine üns çekildi. Wise-premýer, daşary işler ministri 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylygynda döwletimizde we daşary ýurtlarda meýilleşdirilýän dürli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazmak bilen, Ministrler Kabinetiniň şu günki taryhy mejlisinde tutuş türkmen halkyna we daşary ýurtlaryň halklaryna Täze ýylyň bosagasynda örän uly sowgat etdi.Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli beýik nusgawy şahyryň döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygyny alamatlandyrýan, parahatçylygyň, ösüşiň binýady bolup hyzmat edýän, halklary we döwletleri birleşdirýän filosofiýasy bütin dünýä ýaň saldy. 2024-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda guralan halkara forum, şeýle hem ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilen halkara çäreleriň ýüzlerçesi munuň aýdyň mysalydyr. Wise-premýer, daşary işler ministri mejlise gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimizi täze kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, 2024-nji ýylyň tamamlanyp barýandygyny, bu ýylyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň taryhynda ebedi galjakdygyny belledi. “Geçip barýan ýylda biz Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerini, şeýle hem dürli döwlet maslahatlaryny geçirdik. Bu mejlislerde, maslahatlarda döwletimiziň içeri we daşary syýasatyna degişli möhüm soraglara seretdik” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, ähli pudaklarda ýokary ösüş depginleriniň gazanylýandygyny, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň 10 göterim artdyrylan möçberleriniň öz wagtynda maliýeleşdirilendigini, döwletimiziň ösüşini üpjün edýän täze kanunlaryň kabul edilendigini nygtady. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz döwletimiziň ähli sebitlerinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň, iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşyklary dowam edýär. Bitarap Watanymyz abraýly halkara we sebit guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Guramanyň Baş Assambleýasynyň birnäçe Kararnamalary Bitarap döwletimiziň başlangyjy bilen taýýarlanyldy we kabul edildi» diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Täze ýylyň baýram edilýän günlerinde ähli gulluklarda nobatçylyk tertibiniň ýola goýulmagyny, baýramçylyk günlerinde jemagat hojalygy, elektrik we suw üpjünçilik gulluklarynyň, hassahanalaryň, dükanlaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegi, raýatlarymyzyň gowy dynç alyp, Täze ýyly ýokary derejede belläp geçmekleri üçin ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini jemläp, hemmeleri täze — 2025-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de geljek ýylda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, berkarar döwletimizi ösdürmek ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler.Döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak, olary häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede enjamlaşdyrmak we ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýurdumyzda halkymyzyň we her bir raýatyň saglygynyň berkidilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň güwäsidir.Ir bilen lukman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumynyň gurulýan ýerine geldi. Milli Liderimiz gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň uzak möhletleýinlik, berklik şertlerini özünde jemlemelidigini aýtdy.Soňra lukman Arkadagymyzyň garamagyna täze toplumyň binalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, enjamlaşdyrylyş aýratynlyklarynyň görnüşleri baradaky şekil taslamalary görkezildi. Olar barada saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow we sebitde iň iri Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşyna jogapkär ýolbaşçy N.Amannepesow hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň üstüni ýetirjek bu merkezde halkara ölçeglere laýyk gelýän ýöriteleşdirilen lukmançylyk hyzmatlary hödürlener. Ol dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün ediler. Şeýle hem 500 orunlyk ylmy-kliniki merkezde lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmagyň howpsuzlyk derejesine möhüm ähmiýet berler. Bu ýerde onkologiýa keselleriniň döwrebap bejergilerini geçirmek üçin ýöriteleşdirilen anyklaýyş, bejeriş we saglygy dikeldiş bölümlerini döretmek göz öňünde tutulýar.Paýtagtymyzyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň çäginde gurulýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň enjamlaşdyrylyşyna wajyp ähmiýet berilmelidigini belläp, alym Arkadagymyz bu babatda Atom energiýasy boýunça halkara agentlik (MAGATE) bilen saglygy goraýyş, hususan-da, atom lukmançylygy babatda degişli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidigine we agentligiň wekilleri bilen maslahatlaryň geçirilmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi täze merkeziň galyndylaryny gaýtadan işlemegiň howpsuzlygyny üpjün etmekde aýratyn möhümdir. Şeýle hem Milli Liderimiz bina edilýän merkeziň enjamlaşdyrylmagyna şu günüň we geljegiň nukdaýnazaryndan garamalydygyny nygtap, bu ugurda kesgitlenen wezipeleriň talabalaýyk, ýokary derejede ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn esasda hem-de örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýdyp, birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Bellenilişi ýaly, lukman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň lukmançylyk merkezlerine häzirki zamanyň sanly tehnologiýalary we dünýäniň ösen tejribesi işjeň ornaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, milli lukmançylykda raýatlaryň saglyk ýagdaýy bilen baglanyşykly maglumatlaryň gory döredildi. Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde lukmançylyk hyzmatlaryny dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly amala aşyrmak, onkolog lukmanlaryň hünär kämilligini ýokarlandyrmak, kliniki ordinatorlary, ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça okuwlary guramak häzirki döwrüň möhüm wezipeleri hökmünde kesgitlenendir diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda bolşy ýaly, merkezi enjamlaşdyrmak işlerinde-de Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň bilermenleri bilen degişli maslahat çäreleriniň geçirilmelidigini belläp, Milli Liderimiz bu ugurda baý tejribesi bolan düzümler bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidigine ünsi çekdi.Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedowyň we sebitde iň iri Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşyna jogapkär ýolbaşçy N.Amannepesowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda häzirki döwürde alnyp barylýan işler, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmak, täze merkeziň gurluşygynyň depginlerini artdyrmak we onuň enjamlaşdyrylyşyna häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede çemeleşmek boýunça taýýarlanan maksatnama barada hasabat berildi.Lukman Arkadagymyz milli saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny belläp, halkymyzyň saglygyny goramak, ömür dowamlylygyny uzaltmak, ilkinji nobatda, islendik keseliň öňüni almak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunda saglyk merkezleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň öňünde goýýan wezipelerinden ugur alyp, lukmanlaryň halkymyzyň saglygyny goramak babatda tutanýerli zähmet çekmelidiklerini aýdyp, alym Arkadagymyz bu ugurdaky işlere lukmanlaryň mynasyp goşantlaryny goşmalydyklaryna ünsi çekdi.Milli Liderimiz saglygy goraýyş ulgamynda möhüm ähmiýetli wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, esasy üç ugra aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, täze gurulýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde bir bitewi seljeriş-intellektual bölümi döredilmelidir. Bu bölüm lukmançylygyň halkara talaplaryna, hususan-da, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine laýyk gelmelidir diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy we şeýle seljeriş-intellektual bölümiň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna ornaşdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Ikinjiden, bu bölümiň işini kämilleşdirmek üçin sanly tehnologiýalardan baş çykarýan, ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan ýaş oglan-gyzlary saýlap-seçmeli. Bu ýaşlar hemişe täzeçilligiň gözleginde bolup, alyp barjak işlerini ylym bilen utgaşdyrmalydyrlar, işinde uly jogapkärçiligi duýmalydyrlar diýip, Milli Liderimiz belledi.Gahryman Arkadagymyz üçünji teklibiň bu bölüme ýaşlar saýlanyp alnanda, olaryň köp sanly daşary ýurt dillerini bilmekleriniň, iňlis, nemes, ýapon, hytaý, koreý, rus dillerini giňden özleşdirmekleriniň zerurdygyndan ybaratdygyna ünsi çekdi. Bu ýerde işlejek lukmanlar öz alan bilimleri we öwrenen tejribeleri esasynda dogry, dürs çözgüt kabul etmegi başarmalydyrlar. Hemmetaraplaýyn ukyp-başarnykly bolup, öz işine yhlasly çemeleşmelidirler. Umuman aýdanyňda, seljeriş-intellektual bölümi keseli dogry we takyk anyklamalydyr. Keseliň netijesi boýunça bejeriş işleri üçin anyk maglumatlar ýüze çykarylmalydyr. Maglumatlaryň takyklygy bejeriş işlerini ýokary derejede guramaga ýardam berer.Bu baradaky gürrüňi dowam edip, lukman Arkadagymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda häzirki zaman ylmyny, aýratyn-da, intellektual eýeçiligiň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan döwrebap ylmyň hemmetaraplaýyn özleşdirilmegi ugrunda alnyp barylýan ylmy işleriň pesdigine ünsi çekdi. Şeýle hem ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigine garamazdan, intellektual ylmy ösdürmek boýunça degişli kada-kanunyň işlenip taýýarlanylmaýandygyna ünsi çekip, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.Milli Liderimiz, aýratyn-da, ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmakda, saglygy goraýyş ulgamynda, ýokary okuw mekdeplerinde, pudaklaýyn edara-kärhanalarda, ylmy merkezlerde netijeli işleri ýola goýmakda ministrligiň guramaçylyk işlerine we häzirki zaman ylmynyň özleşdirilmegine tankydy bellikleri aýdyp, bu ugurda ministrligiň alyp barýan işine nägilelik bildirdi.Alym Arkadagymyz saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedowa Halkara saglyk merkezleri müdiriýetinde hem-de Halkara okuw-ylmy merkezinde seljeriş-intellektual bölümi döretmek, bu merkezi öz işine ökde hünärmenler bilen üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Bu saglygy goraýyş edaralaryny we welaýatlaryň onkologiýa merkezlerini bir bitewi intellektual tora birikdirmegiň wajypdygy aýdylyp, onda lukmanlaryň hemişe bökdençsiz hem netijeli iş alyp barmagy üçin üznüksiz aragatnaşygyň ýola goýulmalydygyna üns çekildi.Aýratyn-da, Halkara okuw-ylmy merkezinde häzirki zaman ylmyndan we täzeçil tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykaryp bilýän hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, şunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikdäki işleriň ýola goýulmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Ilkinji nobatda, keselleriň öňüni almak, olary seljermek we ýüze çykarylan keseller boýunça dürs bejeriş çärelerini kesgitlemek wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendir. Munuň özi lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň baş şertini emele getirýär.Has anyk aýdanyňda, merkez diňe bir ýurdumyzyň saglygy goraýyş desgalary bilen däl, eýsem, dünýäniň belli halkara lukmançylyk merkezleri bilen hem hemişe göni aragatnaşykda bolmalydyr. Şunda özara pikir alyşmaga, tejribeleri paýlaşmaga, bilelikde iş alyp barmaga uly orun berilmelidir. Geljekde-de saglygy goraýyş ulgamyna döwrüň iň kämil tehnologiýalaryny hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak işleri dowam etdirilmelidir diýip, lukman Arkadagymyz belledi we bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.Täze merkeziň işiniň ýurdumyzda onkologiýa kesellerine garşy netijeli göreşmäge gönükdirilendigini belläp, Milli Liderimiz bu babatda ýola goýulýan gatnaşyklaryň halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigini aýtdy. Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bu ulgamda öňdebaryjy halkara gurama bolup durýar hem-de oňyn tejribäni nazara almak bilen, bilelikdäki işleri amala aşyrýar. Munuň özi täze merkeziň işiniň talabalaýyk derejede ýola goýulmagynda möhüm şertleriň biri bolup durýar. Lukman Arkadagymyz merkeziň işi netijesinde ýüze çykýan galyndylary gaýtadan işlemek, lukmançylyk hyzmatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleriniň ähmiýeti barada aýdyp, bu ugurda işlejek lukmanlaryň häzirki zamanyň ösen tejribesini özleşdirmekleri, olaryň bu ugur boýunça dünýäniň öňdebaryjy ylmy-kliniki merkezlerinde okuwlary geçmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde saglyk edaralarynyň döwrebap toplumynyň emele gelendigini, şol bir wagtyň özünde, bu ýerde iň häzirki zaman Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurulýandygyny nazara alyp, lukmanlaryň netijeli işlemeklerine we oňaýly dynç almaklaryna gönükdirilen çäreleriň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz Aşgabadyň bu künjeginde lukmanlar, olaryň maşgalalary üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, umumybilim berýän orta mekdebiň, çagalar baglarynyň, şäher saglyk öýüniň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de degişli ýolbaşçylara bu babatdaky meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy.Lukman Arkadagymyz guramaçylyk ukybyny we baý tejribesini nazarda tutup, hormatly Prezidentimiziň N.Amannepesowa örän uly jogapkärçiligiň ynanylýandygy barada aýdanlaryny ýatlady. Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygyny, onuň binalarynyň enjamlaşdyrylyşyny degişli derejede amala aşyrmak boýunça kesgitlenen wezipeleriň ähmiýetine ünsi çekdi we N.Amannepesowa bu ugurda bar bolan meseleleri talabalaýyk çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.N.Amannepesow bildirilen ynam, öz aralaryna gelip degerli maslahatlaryny berendigi üçin lukman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetirilmegi we merkeziň gurluşygyny talabalaýyk amala aşyrmak, onuň binalaryny ýokary derejede enjamlaşdyrmak boýunça berlen tabşyryklaryň berjaý edilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.Türkmen halkynyň Milli Lideri täze merkeziň gurluşygynyň dowam edýän döwründe we ony enjamlaşdyrmakda bar bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, degişli nesihatlary bermek üçin islendik pursatda bu ýere gelmäge taýýardygyny aýratyn belledi. Esasy wezipe lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, keselleriň öňüni almakdan we anyklaýyş işlerini ylmy esasda dürs kesgitlemekden ybaratdyr. Bu ugurda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ilatymyzy ýöriteleşdirilen lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmekde, raýatlarymyzyň saglygyny goramakda möhüm ähmiýete eýedir. Şunda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň işiniň talabalaýyk guralmagyna zerur üns berilmelidir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, gurama agza ýurtlar bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürýär. Garaşsyz, Bitarap Watanymyz ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly gatnaşyklary ilerletmekde başlangyçly orny eýeläp, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda GDA-nyň çäklerinde netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.Türkmenistan GDA formatyndaky möhüm duşuşyklardyr maslahatlara yzygiderli gatnaşýar, şeýle hem olaryň geçirilýän ýeri bolup durýar. Şu ýylyň maýynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Onuň gün tertibine girizilen ähli meseleler boýunça degişli çözgütler kabul edildi, özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi.Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzda we halkara derejede beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenildi. GDA döwletleriniň ählisinde bu şanly senä bagyşlanyp dürli çäreler guraldy. Arkalaşygyň ýurtlarynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikleri oturdyldy, köçelere beýik nusgawy şahyryň ady dakyldy. 1-nji sentýabrda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde dabaraly ýagdaýda açylan orta mekdep hem söz ussadynyň adyny göterýär. Şeýlelikde, Magtymguly Pyragynyň ýubileýi Arkalaşygyň medeni durmuşynda möhüm waka bolup, ruhy we ynsanperwer gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşan halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşant goşdy. Şeýle-de bu şanly senäniň hormatyna 11-nji oktýabrda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forum geçirildi. Oňa birnäçe döwletleriň, şol sanda GDA-nyň döwlet Baştutanlary hem-de wekilleri gatnaşdylar.Türkmenistan Arkalaşygyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga çalyşýar. Hormatly Prezidentimiziň GDA-nyň sammitlerine yzygiderli gatnaşmagy we öňe sürýän anyk başlangyçlarydyr teklipleri munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň 8-nji oktýabrda Moskwada geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşandygyny bellemek gerek.Dostlukly türkmen-rus gatnaşyklary barada aýdylanda, ol dürli ulgamlarda özara hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi, iki ýurduň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Şunda Russiýanyň iri sebitleridir subýektleri, şol sanda möhüm ykdysady, ylmy we medeni merkezi Sankt-Peterburg şäheri bilen ýola goýlan ýakyn gatnaşyklar hem esasy ugurlaryň hataryndadyr. Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleri taraplaryň hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşmagy hem munuň nobatdaky anyk güwäsidir.RF-niň Baştutany forumdaky çykyşynda öz ýaşan döwründen has öňe giden Magtymguly Pyragynyň hemişe döredijilik gözleginde bolandygyny we hakykata göz ýetirmäge çalşandygyny aýratyn nygtady. Şahyr öz zehini bilen halkynyň röwşen geljegini görmegi başarypdyr. Magtymguly adamlary adalatlylyga, deňhukuklylyga, halallyga çagyrypdyr. Akyldaryň eserlerindäki pikirler häzirki döwürde hem ähmiýetini ýitirmän gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Magtymgulynyň öwüt-ündewlerine eýerip, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge, köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşýan saldamly goşantlary üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza aýratyn hoşallygyny beýan etdi.Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň dürli dillere, şol sanda rus diline terjime edilendigini bellemek gerek. 2019-njy ýylda türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy boýunça Astrahanyň golaýyndaky Funtowo obasynda gurlan Magtymguly adyndaky orta mekdep açyldy. Bu ýerde XVII asyryň ahyryndan bäri türkmenler kowçum bolup ýaşaýar. Astrahanda beýik söz ussadynyň ýadygärligi oturdyldy, şu ýylyň sentýabrynda bolsa Moskwada ýerleşýän M.I.Rudomino adyndaky Bütinrussiýa döwlet daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynyň öňünde Magtymguly Pyragynyň heýkeli dabaraly ýagdaýda açyldy....Hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburga çenli uçuşy amala aşyryp, “Pulkowo” Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar.Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz “Igora” gyşky sport oýunlary toplumynyň Buzly köşgüne bardy. Bu iri toplum ýaryşlary we türgenleşikleri, dürli derejeli çäreleri geçirmek üçin köpugurly meýdança bolup durýar. Onuň düzümindäki Buzly köşk buzly meýdançany, maslahatlar zalyny we beýleki desgalary özünde jemleýär.Häzirki wagtda Türkmenistanda hem sportuň dürli görnüşleri, şol sanda hokkeý, figuralaýyn typmak ýaly sportuň gyşky görnüşleri bilen meşgullanmak, halkara derejedäki ýaryşlary geçirmek üçin döwrebap infrastrukturanyň döredilendigini nygtamak gerek. Şunda şu ýylyň aprelinde paýtagtymyzda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşy mysal hökmünde görkezmek bolar. Maý aýynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabady “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýip yglan etmek baradaky çözgüt kabul edildi. Bularyň ählisi bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet strategiýasynyň aýdyň netijesidir....Buzly köşgüň eýwanynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Soňra Olimpiýa zalynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirildi.RF-niň Prezidenti Wladimir Putin ýokary derejedäki duşuşygy açyp, daşary ýurtly kärdeşlerini ýene-de bir gezek mähirli mübärekledi hem-de resmi däl sammite gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.Sammitiň dowamynda şu ýyl Arkalaşygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljek üçin wezipeler kesgitlenildi. Ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn görkezijileri kanagatlanma bilen bellenildi. Şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Arkalaşygyň ýurtlarynyň hoşmeýilli erke, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydyklary nygtaldy. Şu gezekki duşuşyk hem GDA ýurtlarynyň netijeli hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze derejä çykarmagy maksat edinýändikleriniň nobatdaky güwäsidir.Söwda-ykdysady ulgam Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Türkmenistan bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn üns berýär. 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitiniň netijeleri boýunça kabul edilen GDA agza döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu resminama türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanyldy. Jarnamanyň esasy ýörelgeleri GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ykdysady ösüş Strategiýasynyň esasyna goýuldy. Onuň kabul edilmegi hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrdy. Ulag, ýangyç-energetika toplumy, aragatnaşyk, kommunikasiýalar, söwda, innowasiýalar we tehnologiýalar ýaly Türkmenistanyň aýratyn ähmiýet berýän ulgamlary bu Strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girizildi. Özara söwdanyň giňeldilmegi, haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagy, senagat, sanly geçiş boýunça uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ösdürilmegi, maýa goýumlaryň, işewürligiň höweslendirilmegi häzirki döwrüň esasy wezipeleriniň hataryndadyr.Ynsanperwer ulgam hem GDA formatyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Medeni özara baglanyşyk, ýurtlarymyzyň halklarynyň ruhy taýdan ýakynlygy, umumy taryh Arkalaşygyň çäklerindäki gatnaşyklaryň berk binýady bolup çykyş edýär.Prezident Wladimir Putin GDA-nyň döwlet Baştutanlaryny geljek ýyl Moskwada şanly sene — Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Nygtalyşy ýaly, ýowuz uruş ýyllarynda biziň halklarymyz frontda we tylda taýsyz gahrymançylyk, edermenlik görkezdiler. Arkalaşygyň ýurtlarynda bu gahrymançylygy hemişe hatyralaýarlar.Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti şu mümkinçilikden peýdalanyp, GDA agza ýurtlaryň ähli raýatlaryna ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň adyndan resmi däl günortanlyk nahary berildi.Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Pulkowo” Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda topragy fosfor döküni bilen gurplandyrmak, sürüm, tekizleýiş işleri dowam edýär. Ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralary guramaçylykly geçirmek, welaýatyň bazarlarynda we dükanlarynda haryt bolçulygyny üpjün etmek babatda degişli çäreler görülýär.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek meýdanlaryň möwsüme talabalaýyk taýýar edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki günlerde bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin ýerlerde sürüm we tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlamak, möwsüme doly taýýar etmek babatda degişli işler geçirilýär. Welaýatda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleri guramaçylykly geçirmek üçin taýýarlyk işleri meýilnama esasynda alnyp barylýar. Bazarlarda we dükanlarda azyk bolçulygyny döretmek, ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreler görülýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň, meýdanlaryň ýazky ekiş möwsümine talabalaýyk taýýar edilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm we tekizleýiş, topragy fosfor döküni bilen gurplandyrmak işleri geçirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary möwsüme taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Täze ýyl baýramçylygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, welaýatyň bazarlarynda, söwda nokatlarynda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek, ilaty harytlaryň dürli görnüşleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilmeginiň, ýazky ekiş möwsümine gowy taýýarlyk görülmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde sürüm, tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Häzirki wagtda welaýatda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli aýdym-sazly dabaralary, beýleki medeni-köpçülikleýin çäreleri guramaçylykly geçirmek üçin zerur işler alnyp barylýar. Welaýatyň bazarlaryny we dükanlaryny azyk önümleri, baýramçylyk harytlary bilen bolelin üpjün etmek babatda degişli çäreler görülýär.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ak ekin meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmegini, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, geljek ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, welaýatyň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda topragy dökünler bilen gurplandyrmak, ýerleri sürmek, tekizlemek işleri ýerine ýetirilýär. Oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak, möwsüme doly taýýar etmek babatda zerur işler alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli çäreler ýerine ýetirilýär. Ýygnalan hasyl kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul edilýär we gaýtadan işlenilýär. Täze ýyl baýramy mynasybetli dabaralary ýokary derejede geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň çägindäki bazarlarda, söwda nokatlarynda ilata sowgatlyk we azyk önümleriniň dürli görnüşleri hödürlenilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleriň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi hem-de bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň, gowaça ekişine taýýarlyk çäreleriniň talabalaýyk we öz wagtynda alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallardan netijeli peýdalanylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, ýerleri sürmek, tekizlemek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlamak, talabalaýyk saklamak babatda degişli işler alnyp barylýar. Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak hem-de bu möwsümi öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere möwsümleýin işleriň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýazky ekiş möwsümini öz wagtynda, talabalaýyk geçirmek üçin taýýarlyk işleriniň guramaçylykly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynyň barşynda birnäçe kanunlaryň kabul edilendigi barada aýdyldy. Olar häzirki döwrüň talaplary hasaba alnyp hem-de degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleri esasynda işlenip taýýarlanyldy. Raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, hukuk tertibini, kanunçylygy pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär.Türkmenistanyň Mejlisinde Gresiýa Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Estoniýa Respublikasynyň, Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň, Braziliýa Federatiw Respublikasynyň, Belgiýa Patyşalygynyň, Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Reglament we parlament işini guramak boýunça komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşyklar geçirildi. Bellenilişi ýaly, deputatlar ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, berkarar döwletimiziň gazanýan üstünliklerini wagyz etmek, 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini we many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça çärelere, Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralaryna işjeň gatnaşýarlar.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow çykyş edip, 6-njy dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyrygyna laýyklykda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalaryň ähli işgärlerine noýabr-dekabr aýlary üçin zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň 20-nji dekabra çenli doly tölenendigi barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, berkarar döwletimizde raýatlarymyzyň döwrebap şertlerde zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi we zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp hem diňleýji haklarynyň öz wagtynda tölenmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Şeýle hem wise-premýer sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” we “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipelerden ugur alnyp, topluma degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary zerur enjamlardyr serişdeler bilen üpjün etmek, web saýtlary kämilleşdirmek, hyzmat etmegiň elektron görnüşine geçmek, awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek, olaryň goraglylygyny hem-de maglumat infrastrukturalarynyň durnukly işlemegini gazanmak boýunça işler tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, bank edaralarynyň plastik kart we töleg ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak babatda degişli işler alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işiniň ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen aýrylmaz bagly bolup durýandygyny aýtdy we wise-premýere gözegçilik edýän toplumynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer “Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, nebithimiýa senagatyny döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek babatda geçirilýän işler barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, nebithimiýa senagatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlary zerur bolan maddy-enjamlaýyn serişdeler bilen yzygiderli üpjün etmek üçin degişli Karara gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, resminamanyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak, olary talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Pagtaçy babadaýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak babatda zerur işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem wise-premýer ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekip, gowaça ekiljek meýdanlarda degişli agrotehniki çäreleri, hususan-da, ýerleri mineral dökünler bilen gurplandyrmak işlerini dowam etdirmegiň, oba hojalyk tehnikalaryny abatlap, ýazky gowaça ekişi möwsümine taýýarlamagyň möhümdigini aýtdy we wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Tohumlyk pagtany talabalaýyk saklamak, tohumlary gowaça ekişi möwsümine taýýarlamak işlerini hem üns merkezinde saklamak, bugdaý ekilen meýdanlara ideg işlerini dowam etdirmek, maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak üçin alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserni hem-de onuň kärhanalary tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konsern tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan oba hojalyk pudagyny mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün etmek babatda degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini fosforly dökünler bilen üpjün etmek maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew 2025-nji ýylda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilmegi teklip edilýän sergiler, maslahatlar, işewürlik duşuşyklary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu möhüm çäreler milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünlikleri halkara jemgyýetçilige giňden tanyşdyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, ýokary tehnologiýalary, innowasiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini halkara derejede giňden tanyşdyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda we daşary ýurtlarda sergileriň, maslahatlaryň, işewürlik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilýändigine ünsi çekip, bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldady hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa geljek ýylyň ýanwar aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýanwar aýynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Täze ýyl, Watan goragçylarynyň güni, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahatlary, brifingleri, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny we aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Täze ýylyň ilkinji aýynda guralmagy göz öňünde tutulýan esasy çäreleriň hatarynda baýramçylyk dabaralaryny, sahna oýunlarynyň görkezilişlerini, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlaryny görkezmek bolar. Şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde edermen esger, ilhalar ynsan, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak dabarasy geçiriler.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda geljek ýylyň ilkinji aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere Watan goragçylarynyň güni bilen bagly çäreleri, Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Täze ýyl baýramyny, mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlanylan meýilnamalar barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 1 — 10-njy ýanwary aralygynda çagalar baglarynda, umumybilim berýän orta mekdeplerde, medeni-dynç alyş merkezlerinde, seýilgählerde Täze ýyl dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Çagalara niýetlenen sahna oýunlarydyr kinofilmleriň görkezilişleri, ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýerlerine, muzeýlere gezelençler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem zehinli çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçiriler.Söwda-senagat edarasynda 1 — 10-njy ýanwar aralygynda Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşjak bagtyýar körpelere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşurylar. Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan hem-de Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Täze ýyl sowgatlaryny gowşurmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Täze ýyl baýramyna bagyşlanan dabaralary ýokary derejede geçirmegiň, mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerini talabalaýyk guramagyň zerurdygyny belledi hem-de hödürlenen teklibi goldap, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň 15-nji bilelikdäki mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatynda Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Şol ýurtlaryň hatarynda Ýaponiýa hem bar. Şunuň bilen baglylykda, 16-17-nji dekabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň 15-nji bilelikdäki mejlisiniň geçirilendigi aýdyldy. Mejlise Ýaponiýanyň “ITOCHU Corporation” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar gatnaşdy. Ýapon wekiliýetiniň düzümine “ITOCHU Corporation”, “Mitsubishi”, “Kawasaki Heavy Industries Ltd.”, “Sumitomo” we beýleki iri kompaniýalaryň, Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC), JETRO daşary söwda guramasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň girizilendigini bellemek gerek.Komitetleriň bilelikdäki mejlisi iki mowzuga bagyşlandy. Birinji bölümde söwda-ykdysady, nebitgaz we himiýa senagaty, “ýaşyl” energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu meseleler boýunça türkmen tarapy dekarbonizasiýa ugrunda orta göwrümdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki karz bermek guralyny ulanmak boýunça geňeşmeleri ýola goýmagy; Türkmenistanda ýapon kompaniýalary tarapyndan gurlan kärhanalarda öndürilýän harytlary eksport etmäge ýapon tarapyny çekmek guralyny döretmegi; dikeldilen metany çig mal hökmünde ulanmak mümkinçiligini öwrenmek arkaly metan zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen çäreleri işläp taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagy; “ýaşyl” we wodorod energetikasynda ýapon tejribesini öwrenmegi hem-de häzirki zaman ýokary tehnologiýaly önümçiligi ýola goýmagy; “GTG-2” taslamasy üçin “Ýol kartasynyň” wezipelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde Pariž ylalaşygynyň borçnamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň milli derejede kesgitlenen goşandynyň rejelenen görnüşini işläp taýýarlamak boýunça geňeşmeleri ýola goýmagy teklip etdi.Ulag, aragatnaşyk, gurluşyk, senagat, elektroenergetika ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan bölümde türkmen tarapy Lebap welaýatyndaky gaz turbinaly elektrik stansiýasyny kombinirlenen görnüşe geçirmek boýunça taslamany işläp taýýarlamak maksady bilen iş toparyny döretmegi; suw hojalygy ulgamynda öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary öndürýän ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin ýakyn wagtda bu kompaniýalaryň tanyşdyrylyş dabaralaryny geçirmegi; “Awtomobil tehnikalaryny üpjün etmek ugrunda ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri” atly “tegelek stol” maslahatyny guramagy teklip etdi. Ýapon wekiliýeti türkmen tarapynyň öňe süren tekliplerini goldady we olary durmuşa geçirmek üçin bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy mejlisiň dowamynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, 2025 — 2027-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny habar berdi. Şeýle hem mejlisiň çäklerinde birnäçe duşuşyklar geçirildi, olaryň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki mejlisiň netijeleri boýunça Teswirnama we 7 sany resminama gol çekildi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, beýan edilen teklipleri makullady hem-de Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklar barha pugtalandyrylýar, hil taýdan täze derejä çykarylýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Ýaponiýa bilen söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda Malaýziýa bilen hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýuldy we häzirki wagtda ýokary derejede alnyp barylýar. Türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýady döwletara, hökümetara, pudagara resminamalaryň 43-si bilen berkidilendir.Iki ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň özara saparlary, ýokary derejedäki duşuşyklary hyzmatdaşlygy ösdürmekde esasy orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejeli özara döwlet we resmi saparlaryň 9-synyň amala aşyrylandygyny bellemek gerek. Şeýle hem Hökümet derejesinde, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar. Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky syýasy gatnaşyklar halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki iri düzümleriň çäklerinde netijeli ösdürilýär.Malaýziýa ýurdumyzyň halkara guramalarda öňe sürýän tekliplerini we başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Malaýziýanyň halkara tekliplerine goldaw berýär. Bu hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, Malaýziýanyň 2025-nji ýylda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşiginde (ASEAN) başlyklyk etjekdigini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmäge girişmek teklip edilýär. Söwda-ykdysady ulgamda hem Malaýziýa Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşydyr. Bu ugurda ýurdumyzda 1996-njy ýyldan bäri uzak möhletleýin we iri möçberli taslamalary durmuşa geçirýän “PETRONAS Çarigali” kompaniýasynyň alyp barýan işini mysal hökmünde görkezmek bolar.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Malaýziýa resmi saparynyň dowamynda ýokary derejede geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, nebitgaz, elektroenergetika, ulag we logistika, şähergurluşyk, senagat ugurlaryny ileri tutulýan pudaklar hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatda öňde durýan wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda döwletara utgaşdyryjy guraly — utgaşdyryjy komiteti ýa-da geňeşi döretmek teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň medeniýetde, ylymda, bilimde yzygiderli hyzmatdaşlyk alyp barmagy, innowasiýa, programma üpjünçiligine, emeli aňa, ykdysadyýete we senagata «ýaşyl» standartlary ornaşdyrmaga gönükdirilen häzirki zaman derslerini öz içine alýan hünärleriň çägini giňeltmegi hem teklip edendigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz saparynyň çäklerinde «PETRONAS» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda nebitgaz pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.Saparyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen 14 sany döwletara, hökümetara, pudagara resminama gol çekildi we kabul edildi.Wise-premýer, daşary işler ministri pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy Malaýziýa resmi saparynyň üstünlikli geçmegi bilen Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Malaýziýa bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, ýakynda amala aşyrylan resmi saparyň dowamynda hem birnäçe gepleşikleriň geçirilendigini we möhüm resminamalara gol çekilendigini belledi. Munuň özi Malaýziýa bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakda aýgytly ädim boldy. Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleri goldap, ýurdumyzyň Malaýziýa bilen dostlukly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli awiasiýa pudagynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, hususan-da, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň taýýarlanylan Döwlet maksatnamasy barada hasabat berdi. Maksatnamada Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça kadalaryna, tejribelerine we iş amallaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň uçuşlaryň howpsuzlygyny, yzygiderliligini, netijeliligini ýokary derejede üpjün etmek üçin hukuk hem-de guramaçylyk çäreleri göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli awiasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, awiasiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi we raýat awiasiýasynyň uçuşlaryň howpsuzlygyny, netijeliligini ýokary derejede üpjün etmek üçin Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda gepleşikler geçirildi.Ozal habar berlişi ýaly, düýn döwlet Baştutanymyz resmi sapar bilen Malaýziýa geldi. Bu sapara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açýan tapgyr hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan, Türkmenistan Malaýziýa bilen däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Şunda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar oňyn ösüş depgini bilen häsiýetlendirilýär. Sebitiň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna girýän Malaýziýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir.Şu gün ir bilen döwlet Baştutanymyz motosikletçiler kerweniniň ugratmagynda Putrajaýa şäherinde ýerleşýän Hökümet binasyna — Perdana Putra geldi.Hökümet binasynyň öňündäki Perdana meýdançasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim mähirli garşylaýar. Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň Premýer-ministri birek-biregi mübärekläp, haly ýodajygynyň ugry bilen resmi garşylamak dabarasynyň geçirilýän ýerine barýarlar. Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar. Hormat garawulynyň serkerdesi hormatly Prezidentimize dabaraly hasabat berýär. Döwlet Baştutanymyz Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýär hem-de Malaýziýanyň goşun baýdagyny sarpalaýar.Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen, öz nobatynda, Premýer-ministr Anwar Ibrahim hem Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň Malaýziýadaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen hem tanyşdyrylýar.Resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz we Premýer-ministr Anwar Ibrahim Malaýziýanyň Hökümetiniň binasyna barýarlar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrýar.Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda çäkli düzümdäki gepleşikler geçirildi. Dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Malaýziýa resmi sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan etdi.Hormatly Prezidentimiz bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirdi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime iberen salamyny ýetirdi.Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan we öz adyndan Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Sultan Ibrahime salamyny hem-de çuňňur hormatyny beýan etdi.Hormatly Prezidentimiz Malaýziýa şu resmi saparynyň iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Malaýziýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge uly üns berýändigini belledi.Biziň ýurtlarymyz iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistan Malaýziýa bilen bilelikde halkara işlerde deňhukuklylyk we adalatlylyk, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ugrunda çykyş edýärler diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we Türkmenistanyň bitarap daşary syýasat ugruny, Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygy üçin malaý tarapyna minnetdarlygyny bildirdi.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Malaýziýa bilen gatnaşyklary netijeli ösdürmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmäge hemişe taýýardygyny tassyklap, Malaýziýanyň myhmansöýer topragynda mähirli kabul edilendigi üçin Premýer-ministr Anwar Ibrahime ýene-de bir gezek çuňňur minnetdarlygyny beýan etdi.Söhbetdeşler netijeli syýasy dialogy mundan beýläk-de giňeltmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky pikirlerini beýan edip, döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýan hem-de Türkmenistanyň we Malaýziýanyň halklarynyň arasynda dostlugy pugtalandyrmaga ýardam berýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň möhümdigini nygtadylar. Şeýle-de taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara syýasatyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar.Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.Premýer-ministr Anwar Ibrahim belent mertebeli myhmany hem-de ýurdumyzyň wekiliýetini mähirli mübärekläp, Malaýziýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza öz adyndan hem-de Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Sultan Ibrahimiň adyndan salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Premýer-ministr Milli Liderimiziň 2016-njy ýylda Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň netijeleriniň uly ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki saparyň hem ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýändigi nygtaldy.Premýer-ministr nebitgaz pudagyndaky özara gatnaşyklaryň meselelerine ünsi çekip, Türkmenistanda “PETRONAS” döwlet nebitgaz kompaniýasynyň netijeli işlemegi üçin amatly şertleriň döredilýändigini belledi we munuň üçin kompaniýanyň hem-de öz wekilçilik edýän ýurdunyň adyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.Premýer-ministriň nygtaýşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgam Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hataryndadyr. Türkmenistanyň şöhratly taryhy we baý medeniýeti bar. Şu ýyl ýurtda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenildi. Söz ussady öz şygyrlarynda ynsanperwerlige, agzybirlige, adalatlylyga çagyrypdyr. Malaýziýanyň ylmy işgärleridir alymlary Magtymguly Pyragynyň eserlerini malaý diline terjime etmek bilen meşgullanýarlar. Şahyryň şygyrlary dünýä edebiýatynyň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berildi.Döwlet Baştutanymyz Malaýziýa sapar bilen gelmäge çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirip, ýurdumyz bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýändigini, şu ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanandygyny we ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýadynyň döredilendigini belledi.Hormatly Prezidentimiz ýokary döwlet derejesinde birnäçe özara saparlaryň guralandygyny, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hemişe özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga, ikitaraplaýyn bähbitlere esaslanýandygyny nygtap, häzirki wagtda alnyp barylýan ýakyn gatnaşyklaryň hem-de şu gezekki saparyň hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjekdigine, ony hil taýdan täze derejelere çykarjakdygyna ynam bildirdi.Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek üçin ugurlary kesgitlemegi teklip edip, biz iri halkara guramalaryň, ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýäris hem-de birek-birege goldaw berýäris. Malaýziýanyň Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasy ugruna hormat bilen garaýandygyna ýokary baha berýäris diýip belledi we Türkmenistanyň hem, öz gezeginde, Malaýziýanyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny goldamagy dowam etdirjekdigini tassyklady.Arkadagly Gahryman Serdarymyz soňky ýyllarda halkara giňişlikde parlament diplomatiýasynyň uly orun eýeleýändigini we şunuň bilen baglylykda, türkmen-malaý parlament hyzmatdaşlygyna möhüm orun degişlidigini nygtap, parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklary işjeň alyp barmagy, kanun çykaryjylaryň iki ýurtda geçirilýän iri halkara forumlara gatnaşmagynyň meýilnamasyny düzmegi teklip etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, yzygiderli syýasy geňeşmeleri ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-malaý gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalygy, dokma senagaty, energetika we ulag pudaklary ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň meselelerine jikme-jik seretmek teklip edildi.Bu meselede ýurtlarymyzyň işewür toparlaryna aýratyn orun degişlidir. Biz 2015-nji ýylda Kuala-Lumpurda bilelikdäki Türkmen-malaý işewürlik maslahatyny geçirdik diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we nobatdaky forumy Aşgabatda geçirmegi teklip etdi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda göni iş gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu edaralaryň iki ýurduň kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň birek-biregiňkide geçirilýän sergilere, ýarmarkalara, forumlara gatnaşmagyny üpjün etmelidiklerini belledi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady gatnaşyklary ulgamlaýyn ösdürmek üçin Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-malaý hökümetara toparyny döretmegi teklip etdi.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine-de uly ähmiýet berýändigini, iki döwletiň hem-de olaryň halklarynyň arasynda, medeniýet, sungat ussatlarynyň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda Medeniýet günleriniň, halkara festiwallaryň, sergileriň geçirilmegini goldaýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz 2015-nji ýylda Malaýziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigini belläp, indiki ýyl Aşgabatda Malaýziýanyň Medeniýet günlerini geçirmegi teklip etdi.Türkmen raýatlarynyň Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamaga gyzyklanmasy artýar. Häzirki wagtda Malaýziýada Türkmenistandan 300-e golaý talyp okaýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we iki ýurduň paýtagtlaryny birleşdirýän howa gatnawlarynyň gaýtadan ýola goýulmagynyň halklaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik berýändigini belledi.Döwlet Baştutanymyz 2028-nji ýylda Sarawak ştatynda Bütindünýä suw kongresini hem-de sergisini geçirmek baradaky çözgüdiň Malaýziýanyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlarynyň möhümdigini ýene-de bir gezek tassyklaýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň ýokary derejede geçiriljek şu forumyň işine ýakyndan gatnaşjakdygyny nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, malaý tarapyna bu iri çäreleri geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.Hormatly Prezidentimiz geçirilen netijeli gepleşikler, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky dostlugy, özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy üçin Premýer-ministr Anwar Ibrahime ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Malaýziýanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.Premýer-ministr Anwar Ibrahim çuň manyly çykyşy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, syýasy-diplomatik, maliýe, oba hojalygy, medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm orun eýeleýändigini belledi we bu babatda beýan eden başlangyçlary üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. Anwar Ibrahim hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berýändigini aýdyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.Malaýziýa Türkmenistan bilen söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, azyk önümleriniň söwdasy boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de tejribelerimizi paýlaşmaga taýýardygymyzy tassyklaýarys diýip, Premýer-ministr aýtdy. Dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany Türkmenistanyň “PETRONAS” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändigini belläp, bu babatda berilýän goldaw üçin kompaniýanyň adyndan hoşallygyny beýan etdi. Anwar Ibrahim bilim ulgamynda hem hyzmatdaşlygyň barha giňeldilýändigini aýdyp, hünärmenleri taýýarlamak boýunça gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini nygtady.Biz Kuala-Lumpur bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýäris. Iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikler bar. Siz Türkmenistanda “ýaşyl” we “akylly” şäheri gurmak boýunça başlangyçlary durmuşa geçirýärsiňiz, bu ugurda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrýarsyňyz diýip, Anwar Ibrahim belledi we bu babatda gazanylýan üstünlikler bilen hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlady.Premýer-ministr Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde öňe sürýän halkara başlangyçlaryna ünsi çekip, ýurdumyzyň bu ugurda toplan tejribesiniň Malaýziýa üçin hem wajypdygyny belledi.Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasynda göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy netijesinde syýahatçylyk pudagynda uly ösüşler gazanylýar. Iki ýurduň syýahatçylarynyň sanynyň artýandygy hem muňa şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, syýahatçylyk üçin dürli ýeňillikleri girizmäge we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlyk beýan edildi. Munuň özi raýatlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşant goşar.Premýer-ministr Anwar Ibrahim hormatly Prezidentimiziň energetika, ulag, tehnologiýalar ulgamlaryny hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezendigini aýdyp, Malaýziýanyň bu ugurdaky taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem ol Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjyny goldaýandygyny we bu formatyň çäklerinde hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan etdi.Çykyşynyň ahyrynda Anwar Ibrahim Türkmenistanyň daşary syýasatda Bitaraplyk ýörelgelerine eýerýändigini we Malaýziýanyň bu syýasaty goldaýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň halkara giňişlikde gazanan üstünlikleri bilen gutlady.Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiziň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy boldy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Anwar Ibrahim dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda resmi saparyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda wiza talaplaryny kem-käsleýin ýatyrmak hakynda Ylalaşyk hakynda notalary; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawy hakynda Ylalaşygy we awiasiýa senagaty babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda notalary; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda diplomatlary taýýarlamak we ylmy alyş-çalyş pudagynda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda diplomatik notalary; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamany; Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän «Toplum-I» şertnamalaýyn çägini özleşdirmek babatda täze Önümi paýlaşmak hakynda şertnamanyň täjirçilik şertleri barada Teswirnamany; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Halkara söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Milli söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany alyşdylar.Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz we Malaýziýanyň Hökümetiniň Baştutany metbugat wekillerine ýüzlendiler.Premýer-ministr Anwar Ibrahim gepleşikleriň netijelerini beýan edip, döwletara gatnaşyklaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýetini belledi. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk we geçirilýän geňeşmeler, hyzmatdaşlyk boýunça indi dörediljek toparlar hem bu gatnaşyklary ösdürmekde wajyp orny eýelär.Premýer-ministr türkmen halkynyň Milli Lideriniň dürli ýyllarda Malaýziýa amala aşyran saparlarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ilerletmäge itergi berendigini belledi we “PETRONAS Çarigali” kompaniýasynyň Türkmenistanda netijeli işlemegine döredilýän şertler üçin ýurdumyzyň Hökümetine hoşallygyny bildirdi. Şeýle-de ol Malaýziýanyň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşine öz goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.Anwar Ibrahim söwda, maliýe ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda edýän tagallalary üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan edip, şular bilen bir hatarda, oba hojalygy we durnukly ösüşe gönükdirilen täze tehnologiýalar ýaly ugurlarda hem hyzmatdaşlygyň has-da giňeldiljekdigine berk ynam bildirdi.Ol türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejede geçirilen çäreleriň ähmiýetini belläp, Malaýziýanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň türkmen alymlary we dilçileri bilen bilelikde şahyryň goşgularyny malaý diline terjime etmek boýunça iş alyp barýandyklaryny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasy tutuş dünýäde giňden meşhurdyr. Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekiliniň döredijiligine Malaýziýada hem uly hormat goýulýar. Onuň şygyrlarynyň malaý diline terjime edilmegi malaýziýaly okyjylaryň şahyryň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, özara düşünişmek, agzybirlik taglymlaryna ýugrulan eserleri bilen ýakyndan tanyşmagyna mümkinçilik döreder diýip, Anwar Ibrahim aýtdy hem-de medeni-ynsanperwer ulgamdaky bilelikdäki tagallalaryň özara hormat goýmagy, düşünişmegi, açyklygy, ählumumy ösüşi esasy ugur edinýän ýurtlarymyzyň we olaryň halklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.Soňra döwlet Baştutanymyz metbugat wekillerine ýüzlenip, çakylygy we bilelikde işlemäge döredilen şertler üçin Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirdi.“Şu gün biz halklarymyzyň bähbidine gönükdirilen, ykdysady ösüşlerimiziň geljekki ugurlaryny kesgitleýän örän netijeli gepleşikleri geçirdik. Sebit we halkara syýasatyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ýokary derejedäki gepleşikler üçin Malaýziýanyň wekiliýetine öz hoşallygyny beýan etdi.Döwlet Baştutanymyz halkara bileleşigiň gün tertibindäki möhüm meselelerde Türkmenistanyň we Malaýziýanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini belläp, iki ýurduň hem parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk kadalaryna esaslanýandygyny, ählumumy we sebitleýin howpsuzlygy hem-de durnuklylygy berkitmek ugrunda çykyş edýändigini aýtdy.Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan we Malaýziýa ähli döwletleriň bähbitlerini göz öňünde tutmak hem-de ösüp barýan ýurtlaryň dünýä syýasatyndaky ornuny pugtalandyrmak esasynda adalatly we sazlaşykly halkara gatnaşyklar ulgamyny gurmagyň berk tarapdary bolup çykyş edýärler. Şu günki geçirilen duşuşyklardyr gepleşikler iki tarapyň hem bu maksatlara ygrarlydygyny tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda dünýä giňişliginde iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde Malaýziýa bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi.Şu günki geçirilen gepleşikler hyzmatdaşlygyň giň toplumyny öz içine alýar. Hususan-da, olar söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmaga we giňeltmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigini görkezdi. Şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutanymyz energetika, ulag-kommunikasiýa pudaklarynda, gurluşyk, nebiti we gazy gaýtadan işlemek, himiýa senagaty, ýokary tehnologiýalar, innowasion şäher gurluşygy, syýahatçylyk ýaly birnäçe ugurlarda taslamalary durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki işleriň uly geljeginiň bardygyny belläp, Türkmenistanyň ykdysady hyzmatdaşlyk babatda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşigi bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.“Gepleşikleriň dowamynda biz özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesiniň toplanandygyna, maýa goýumlary artdyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklere ünsi çekdik” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Ýurdumyzda köp ýyllardan bäri üstünlikli işläp gelýän Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali» döwlet nebitgaz kompaniýasynyň işi özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mysaly bolup durýar. “Medeni-ynsanperwer ulgamda hem gatnaşyklary berkitmek wajyp ugurlaryň biridir. Dostlukly halklarymyzyň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy üpjün etmäge, bu ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri geçirmek barada ylalaşdyk” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Malaýziýa amala aşyrýan saparynyň netijelerine ýokary baha berip, saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň we kabul edilen möhüm resminamalaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigini nygtady.Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime myhmansöýerligi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Malaýziýanyň dostlukly halkyna parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi....Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “PETRONAS” binasyna bardy hem-de bu ýerde Malaýziýanyň “PETRONAS Çarigali” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.Duşuşykda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de döwrüň talaplary nukdaýnazaryndan, onuň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.Nebitgaz senagaty Türkmenistanyň depginli ösýän pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzyň energetika mümkinçilikleriniň ulanylmagyna Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň uly goşant goşýandygy aýratyn bellenildi. Kompaniýa 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini çykarmak boýunça durmuşa geçirilýän taslamalara işjeň gatnaşýar. Şeýle hem nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda degişli işleri alyp barýar. Ýangyç-energetika toplumy Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi uly ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hem-de “PETRONAS” kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady ösüş maksatnamalaryny, senagat pudagyndaky özgertmeleri we işewürlik üçin döredilýän amatly şertleri göz öňünde tutmak bilen, hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.«PETRONAS» kompaniýasynyň ýolbaşçylary Gahryman Arkadagymyzyň ozal Malaýziýa amala aşyran saparlarynyň ähmiýetini belläp, Türkmenistanda netijeli iş alyp barmaga döredilen amatly şertler üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.Soňra döwlet Baştutanymyz “PETRONAS” binasynyň “Skybridge” syn ediş köprüsine bardy. Bu ýerde kompaniýanyň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimizi binanyň taryhy hem-de aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar.Bu meşhur bina 88 gatdan ybarat bolup, beýikligi 451,9 metre deňdir. Bina 6 ýylyň dowamynda gurlupdyr. Onuň taslamasy argentinaly arhitektor Sesar Pelli tarapyndan ýerine ýetirilipdir. Täsin desga diňe bir ägirt uly ölçegleri däl, eýsem, gurluşynyň çylşyrymlylygy bilen hem tapawutlanýar. Onuň ähli otaglarynyň tutýan meýdany 213 müň 750 inedördül metre deňdir. “PETRONAS” binasynda sergi we maslahat zallary, çeperçilik galereýasy, iş otaglary ýerleşýär. Binanyň gurluşygy üçin diňe Malaýziýada öndürilýän gurluşyk serişdeleri ulanylypdyr. Onuň üçin berk, şol bir wagtyň özünde çeýe beton işlenip taýýarlanylypdyr. Şoňa görä-de, ol şol ölçegdäki polat gurnama binalardan iki esse agyr gelýär. “Skybridge” syn ediş köprüsi binanyň 41-nji we 42-nji gatlarynda ýerleşýär. Köpriniň uzynlygy 58,4 metre, agramy bolsa 750 tonna barabardyr. 170 metr belentlikde gurlan “Skybridge” dünýäde iň beýik iki gatly köprüdir. “PETRONAS” binasynyň bu aýratynlyklary onuň syýahatçylyk taýdan ähmiýetini artdyrýar.Şunda ylmy-tehniki ösüşiň gazananlarynyň hem-de öňdebaryjy inženerçilik çözgütleriniň, gurluşyk, binagärlik, dizaýn, şäheri abadanlaşdyrmak boýunça täze işläp taýýarlamalaryň giňden ulanylmagynyň Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň hem ileri tutulýan ugurlarydygyny bellemek gerek. Bu maksatnamanyň aýdyň nyşanlary bolan Aşgabat we Arkadag şäherleri sebitiň iri işewürlik we medeni merkezlerine öwrülýär.Soňra hormatly Prezidentimiz Kuala-Lumpur şäheriniň Halkara howa menziline bardy.Howa menzilinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz Malaýziýanyň resmi wekili bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ugurlaryň giň gerimi boýunça yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Wekil pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy resmi saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň ýokary derejedäki özara saparlaryna bagyşlanan ýörite neşiri sowgat berdi. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler hem-de sowgat üçin minnetdarlyk bildirdi.Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerden Watanymyza ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Olar hormatly Prezidentimizi Malaýziýa resmi saparynyň we onuň çäklerinde guralan ýokary derejedäki gepleşikleriň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar.Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugrady.Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň netijeleri iki ýurduň hem deňhukukly, özara bähbitli, uzak möhletleýin döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändigini aýdyň görkezdi.***Hormatly Prezidentimiziň resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary düýn Kuala-Lumpurda malaýziýaly kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Şolaryň dowamynda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşyklaryň barşynda taraplar türkmen-malaý gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini bellediler. Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň gün tertibine syýasy-diplomatik, ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, oba hojalygy, ylym, bilim, medeni-ynsanperwer, ulag-kommunikasiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi.Gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Malaýa uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Şeýle hem duşuşyklarda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.