Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragyna guramaçylykly girişilip, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak, galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg etmek, ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegini, welaýatyň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we bu işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde welaýatda amala aşyrylýan işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitde bugdaý oragyna guramaçylykly girişmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda, welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, beýleki ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda meýilleşdirilen işleriň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we galla oragyna guramaçylykly girişilmeginiň, gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragyna guramaçylykly girişmek üçin zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilip, ösüş suwuny tutmaga taýýarlyk görülýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri geçirilip, ýetişdirilen hasyly ýygnamak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatda şaly ekişi guramaçylykly dowam edip, bu jogapkärli möwsümi gysga möhletde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragyna guramaçylykly girişmek üçin ähli zerur çäreleri görmegiň, gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň wajyp talap bolup durýandygyny belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda degişli tabşyryklar berildi.Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, welaýatda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary, galla kabul ediş kärhanalary bökdençsiz işledilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerine girişildi. Sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edip, ýetişdirilen ýazlyk ýeralmanyň hasyly ýygnalyp alyndy. Şeýle hem welaýatda şaly ekişine girişmek üçin zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almagyň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragyna girişilip, bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Däne ýygýan kombaýnlar, bugdaý daşaýan awtoulaglar, galla kabul ediş kärhanalary doly güýjünde işledilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri bilen birlikde, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnap almagyň, gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler dowam edip, möwsümde oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, ýygnalan hasyly galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, Daşoguz welaýatynda şaly ekişi dowam edip, Lebap welaýatynda onuň ekiş möwsümine taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak boýunça işleriň hem-de gowaça ideg işleriniň bellenen kadalara laýyklykda ýokary hilli geçirilmeginiň, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şalynyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de bu jogapkärli möwsümi ýokary hilli we öz wagtynda geçirmek üçin toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, geçen bäş aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 6-sy, Mejlisiň kararlarynyň 10-sy kabul edildi. Raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Mejlisde dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 13-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 51-sine gatnaşdylar. Halkara tejribeleri öwrenmek maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 13-si amala aşyryldy.Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak üçin türkmen wekiliýeti Zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna hem-de onuň çäklerinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşmak maksadynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy mejlisine we bu Assambleýanyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde iş saparynda boldy. Saparlaryň çäklerinde birnäçe duşuşyklar geçirildi.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň bäş aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,6 göterime, gurluşykda 6,4 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,2 göterime, söwdada 7,9 göterime, oba hojalygynda 1,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8 göterim artdy. Şu ýylyň bäş aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,3 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,3 göterim ýerine ýetirildi.Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,1 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere jemi içerki önümiň ösüş depginini ýylyň ahyryna çenli bellenen derejede saklamak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 107,6 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 104,6 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 110 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 110,4 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 124,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 111,4 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 106,6 göterim boldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak, topluma häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň, önümçilikleri doly kuwwatyna çykaryp, bökdençsiz işledilmegini üns merkezinde saklamagyň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.Wise-premýer hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň adyndan Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.Soňra wise-premýer hasabatyny dowam edip, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgininiň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,7 göterime deň bolandygyny aýtdy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 105,4 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,6 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 103,3 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 102,5 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 120,1 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,7 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 120 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 107,5 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 145,2 göterim ýerine ýetirildi.Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijilere edýän hemaýat-goldawy esasynda ýetişdirilen bugdaýyň bol hasylyny gysga wagtda ýygnap almak maksady bilen, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna guramaçylykly girişildi. Balkan, Daşoguz welaýatlarynda galla oragyna 10-njy iýunda başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ýetişdirilen ýazlyk ýeralmanyň, gök ekinleriň hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy boýunça önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň pudagyň esasy wezipeleri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi, ekin meýdanlarynda oba hojalyk işlerini öz wagtynda geçirmegi, galla oragy döwründe bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak işlerine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 130,1 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we işleriň meýilnamasy 106,3 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 126,7 göterim, Energetika ministrligi boýunça 107,5 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 110,6 göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 152,7 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça işleriň meýilnamasyna 130,1 göterim amal edildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemegini gazanmagyň, ýurdumyzyň sarp edijilerini, ilaty elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça işleri dowam etdirmegiň, ýollaryň gurluşygyna we saklanyşyna gözegçiligi güýçlendirmegiň wajypdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,6 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,8 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,3 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 102,7 göterim, nah matalaryň önümçiliginde 101,2 göterim, gön önümleriniň önümçiliginde 103,6 göterim ösüş depgini gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 107 göterim ýerine ýetirildi.Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 120 birža söwdasy geçirilip, olarda 12 müň 543 şertnama hasaba alyndy. 2026-njy ýylyň bäş aýynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 109,1 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 11 sergi, 5 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,2 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,3 göterime deň boldy.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlaryny, söwda nokatlaryny azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjün etmegi gözegçilikde saklamagyň, topluma degişli kärhanalaryň önümçiligini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere dokma önümleriniň möçberini, görnüşlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri ilerletmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar mynasybetli dürli medeni çäreler, dabaralar guraldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti, “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň Arkadag we Aşgabat şäherleri, Ahal, Balkan welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary, Gurban baýramy mynasybetli medeni çäreler geçirildi. TÜRKSOÝ-yň opera günleri ýokary derejede guraldy. Türkmen hünärmenleri daşary ýurtlaryň birnäçesinde iş saparlarynda bolup, halkara medeni çärelere, şol sanda festiwallara, okuw maslahatlaryna, sergilere we beýleki çärelere gatnaşdylar.Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň döredijilik işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen geçirilen Aziýanyň açyk çempionatyna we onuň çäklerinde guralan “Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany” atly maslahata gatnaşdylar. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Stambul şäherinde geçirilen 8-nji Etnosport medeniýeti festiwalyna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi. Şeýle hem şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, kitaphanalar, muzeýler, teatrlar tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýylyň iýun aýynda meýilleşdirilen çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we ýokary derejede geçirmegiň, medeniýet ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýaşlaryň arasynda taryhy ýadygärlikleri hemmetaraplaýyn wagyz etmek boýunça zerur işleri geçirip durmagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy. Okuwçylar we talyplar halkara ders, internet bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 871 medal gazandylar. Halkara olimpiadalar, ylmy-amaly maslahatlar geçirildi, çagalaryň tomus möwsüminde dynç alşy bilen bagly guramaçylyk işleri alnyp baryldy. Hasabat döwründe ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Aspirantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige jemi 116 adam kabul edildi, doktorlyk, kandidatlyk dissertasiýalarynyň jemi 31-si goraldy.2026-njy ýylyň bäş aýynda öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar, bejergiler amala aşyryldy. “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy”, “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli strategiýa” tassyklanyldy. Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. Türgenlerimiz halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, jemi 301 medal gazandylar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere zehinli ýaşlary ylma, bilime, täze tehnologiýalara höweslendirmek, saglygy goraýyş edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, ýaşlary sporta giňden çekmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň bäş aýynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 16 — 19-njy fewralynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, 18-19-njy martynda Hytaý Halk Respublikasyna, 8-9-njy aprelinde Awstriýa Respublikasyna, 13-14-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, 16-17-nji maýynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna saparlary guraldy. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 21-22-nji aprelinde Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.Abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş direktory, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyklary geçirildi. Mundan başga-da, şu ýylyň 21 — 23-nji ýanwarynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory, 17 — 19-njy martynda bolsa Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň Baş sekretary ýurdumyzda saparda boldular. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri, beýleki duşuşyklar, çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Arkalaşygyň döwletleriniň Hökümet ýolbaşçylary ýurdumyza sapar bilen geldiler.Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 293 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlara 528 wekiliýet gitdi. Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 216-sy geçirildi. Hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen bilelikde resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 909-sy guraldy. Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara resminamalaryň 60-sy bilen ýetirildi.Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler hem amala aşyrylýar. Bu babatda hasabat döwründe Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Awstriýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministrleri, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary bilen syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bulardan başga-da, hasabat döwründe BMG-niň Baş sekretary, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti, Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen gepleşikler geçirildi.2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Hindistan Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Zimbabwe Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Uganda Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň we Kamboja Patyşalygynyň daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeler guraldy.Daşary döwletleriň ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biridir. Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen gatnaşyklary ilerletmek babatdaky işler hem dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe ýurdumyzda Yrak Respublikasynyň diplomatik wekilhanasynyň açylandygy we öz işine başlandygy bellenildi. Hasabat döwründe Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçileri, BMG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, abraýly halkara we sebit guramalary bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114,2 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 101,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 103 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,8 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 122,7 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 117,4 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 104,9 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 115,3 göterime barabar boldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri doly ýerine ýetirmek üçin toplumyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, halkara ýükleriň daşalýan möçberini artdyrmagy, toplumyň maddy-tehniki üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp barylýandygyny, önümçilik pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şeýle hem ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi dowam etdirmegiň, bu işleriň ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyna ünsi çekdi.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Berkarar döwletimiziň eziz körpeleri!Hormatly watandaşlar!Sizi dünýä bileleşigi bilen birlikde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bagtyýar çagalaryň mekany hökmünde giňden tanalýan Watanymyzda bu halkara senäniň şanyna geçiriljek dabaralaryň şadyýan körpelerimiziň kalbynda egsilmez joşgun döretjekdigine we aýdyň geljegimize ynamy has-da berkitjekdigine pugta ynanýaryn.Çagalary goramagyň halkara güni adamzadyň dostluk hem-de parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýar, çagalaryň parahat, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamak hukuklaryny üpjün etmek babatda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu halkara baýram biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky baş ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan sene hökmünde möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, biz dünýä bileleşigi bilen birlikde, gözel Diýarymyzda bu baýramy belent dabaralara besläp, ýokary ruhubelentlikde belleýäris.«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem jemgyýetçilik durmuşymyzda mynasyp orun alan bu halkara sene mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gökderede, welaýat merkezlerinde, şäherdir obalarda aýdym-sazly çäreler giňden guralýar. Durmuşymyzyň gülleri bolan mähriban çagalarymyzyň berkarar döwletimizi, agzybir halkymyzy, ajaýyp zamanamyzy, dostlugy we parahatçylygy wasp edýän şirin aýdym-sazlary, şadyýan çaga gülküleriniň belentden ýaňlanmagy bagtyýar çagalygyň Diýary hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýýar.Eziz çagalar!Ýurdumyzda çagalar aýratyn üns we gyzgyn mähir bilen gurşalyp alynýar. Sebäbi berkarar Watanymyzyň geljegi hem-de dowamatymyz bolan ýaş nesillerimiz hakynda hemmetaraplaýyn alada etmek biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimizde çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny berk goraýarys. Olaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerine, maşgala gymmatlyklaryna eýerip, zehininiň, ukyp-başarnyklarynyň ösmegi, dünýägaraýşynyň kämilleşmegi, bagtly durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýäris. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, sebitlerimizde dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglarydyr orta mekdepleri, dynç alyş merkezlerini we seýilgähleri yzygiderli gurýarys.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjy bilen döredilen hem-de abraýly gurama öwrülen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç körpelerimiziň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, mynasyp durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek ugrunda dünýä nusgalyk asylly işler durmuşa geçirilýär. Bagtyýar nesillerimiz hakyndaky aladalar biziň nurana ertirimize tarap ynamly hem-de buýsançly gadamlarymyzdyr.Hormatly adamlar!Eneleriň we çagalaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmegiň jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň kämil derejede ösmeginde örän uly ähmiýeti bardyr. Şeýle bolansoň, her bir şahsyýetde şöhratly taryhymyzyň dowamynda kämilleşdirilip gelinýän milli buýsanç duýgusyny terbiýelemäge, maşgala mukaddesliklerini we gymmatlyklaryny mynasyp dowam etdirmäge, köp çagaly maşgalalary goldamaga hem-de höweslendirmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berýäris. Biz dünýä ýurtlary we halkara guramalar, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen eneleriň we çagalaryň saglygyny hem-de hukugyny goramak, ýaş nesillere ýokary ahlak gymmatlyklary esasynda bilim-terbiýe bermek bilen bagly hyzmatdaşlygy has-da ösdürýäris. Bularyň ählisi adamzadyň parahatçylyk, dostluk we hoşniýetli gatnaşyklar baradaky belent maksatlaryny rowaçlandyrýar.Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bagtyýar çagalary!Eziz watandaşlar!Sizi Çagalary goramagyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş arzuw edýärin. Goý, durmuşymyzyň gülleri bolan mähriban çagalarymyzyň şatlykly gülküleri hemişe belentden ýaňlansyn dursun!Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragyna girişmek, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim Diýarymyzda giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welaýatda geçiriljek köpçülikleýin sport çärelerine taýýarlyk görlüşi, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragyna guramaçylykly girişmegiň, bu jogapkärli möwsümi ýokary derejede geçirmegiň, ekerançylyk meýdanlaryndaky oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi hem-de häkime bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almaga guramaçylykly girişmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleriniň möçberini artdyrmak hem-de azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň ýazlyk ýeralma ekilen meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim welaýatda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk we sport çärelerine taýýarlyk görlüşi, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi hem-de gowaça ideg etmekde agrotehniki talaplaryň berk berjaý edilmegini, galla oragy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, galla oragyna ýokary guramaçylykly girişmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatda degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Gowaça ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerine taýýarlyk görülýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri geçirilip, ýetişdirilen hasyly ýygnap almaga taýýarlyk çäreleri dowam edýär. Sebitde şaly ekişini bellenen möhletde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim welaýatda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine görülýän taýýarlyk, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsüme ünsi çekdi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy, bugdaý oragy möwsümine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz baýramçylyk mynasybetli welaýatda guraljak çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Şu günler sebitde galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz, öz wagtynda ýygnap almak üçin zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri bilen birlikde, ýetişdirilen ýazlyk ýeralmanyň hasylyny ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim welaýatda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guraljak çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň, bugdaý oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi hem-de häkime bu ugurda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Bütindünýä welosiped güni mynasybetli çäreleri guramaçylykly geçirmek, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamak babatda degişli tabşyryklary berdi.Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek hem-de ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmegini, galla oragy möwsümine guramaçylykly girişilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy, baýramçylyk mynasybetli çäreleri guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi.Wise-premýer, ilki bilen, hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň pileçi kärendeçileriniň 2 müň 100 tonnadan gowrak pile ýetişdirip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habary ýetirdi we bu waka mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň ähli oba zähmetkeşleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlady.Soňra T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek hem-de ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak üçin degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Ýurdumyzyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatlaryň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekişi dowam edip, Lebap welaýatynda ekiş möwsümine taýýarlyk görülýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň, gowaça ideg etmekde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, galla oragy möwsümine taýýarlykly girişilmeginiň we bu möwsümi ýokary guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, zähmetsöýer pileçilerimiziň Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyrandyklaryny we şu ýylky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini kanagatlanma bilen belledi hem-de ýurdumyzyň ussat pileçilerini, mähriban halkymyzy bu zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragyna guramaçylykly girişmek hem-de ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen zerur taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine, Gurban baýramy mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi we galla oragyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegiň, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleriň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhümdigini belläp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurban baýramy mynasybetli welaýatda medeni-köpçülikleýin çäreleri ýokary guramaçylykly geçirmek babatda tabşyryklary berdi.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almaga guramaçylykly girişmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinlerine ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Welaýatda pile boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda taýýarlanylan piläni ýygnamak işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine, Gurban baýramy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ideg etmek işlerinde agrotehniki talaplaryň berk berjaý edilmegini, galla oragy möwsümine gowy taýýarlyk görülmegini esasy wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurban baýramy mynasybetli dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, galla oragyna guramaçylykly girişmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnamak üçin taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde ýetişdirilen pile hasylyny kabul ediş kärhanalaryna tabşyrmak işine girişildi. Welaýatda şaly ekiş dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen möhletde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim welaýatda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine we mukaddes Gurban baýramy mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsüme ünsi çekdi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy, galla oragy möwsümine taýýarlykly girişilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, Gurban baýramy mynasybetli göz öňünde tutulýan medeni-köpçülikleýin çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda degişli tabşyryklar berildi.Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler sebitde gallaçy babadaýhanlar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz we öz wagtynda ýygnap almak üçin zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim welaýatda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine hem-de Gurban baýramy mynasybetli çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini kesgitleýän esasy şertleriň biridigini belledi hem-de gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny, galla oragyna guramaçylykly girişilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Gurban baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaraly çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek hem-de daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen, zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Şeýle hem häkim welaýatda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine, Gurban baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Gurban baýramy mynasybetli welaýatda medeni-köpçülikleýin çäreleri we dabaralary ýokary guramaçylykly geçirmek üçin zerur işleri alyp barmak babatda degişli görkezmeleri berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, welaýatlarda galla oragyna başlamaga ak pata berendigi üçin hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň, gallaçy babadaýhanlarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.Soňra wise-premýer oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak üçin degişli taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatlaryň ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinler ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär. Ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak we döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň, bu işlerde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, önümçilige innowasion usullaryň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň ekinlerden bol hasyl almaga, netijede, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga ýardam berýändigini belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işleriň agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp düzmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda işläp düzmek maksady bilen, Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu taslamada Döwlet býujetini düzmek üçin ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler tarapyndan berilmäge degişli hasabatlary hem-de maglumatlary taýýarlamagyň tertibi we möhletleri anyk kesgitlenildi. Geljek ýylyň Döwlet býujeti, maliýe-ykdysady görkezijileri düzülende Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli maksatnamasyndan, hakyky mümkinçiliklerden, degişli hasaplama görkezijilerinden ugur almak göz öňünde tutulýar.Geljek ýylda ýurdumyzyň makroykdysady ýagdaýyny, jemi içerki önümiň ösüş depginini, maliýe, pul-karz ulgamyny durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli ösdürmegi we giň gerimli özgertmeleri dowam etdirmek, maýa goýumlaryň esasy bölegini täze önümçiliklere gönükdirmek bilen, olaryň netijeliligini artdyrmak, pudaklara sanly ulgamy, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etdirmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda çäreleri durmuşa geçirmek maksat edinilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu işleri geljek ýylda hem dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda Karara gol çekdi we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmek babatda döredilen hukuk, ykdysady şertler hem-de oňyn maýa goýum gurşawy esasynda iri daşary ýurt kompaniýalary bilen nebitgaz pudagynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Hususan-da, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar we möhüm ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebitgaz ýataklarynyň özleşdirilmeginiň uglewodorod gorlaryny artdyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge ýardam berýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işleri dowam etdirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek we ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Daşoguz welaýatynda şaly ekmek işleri geçirilýär, Lebap welaýatynda şaly ekmek möwsümine taýýarlyk görülýär. Welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak hem-de bu önümler bilen ilatymyzy ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar.Wise-premýer ýetişdirilen bugdaýyň bol hasylyny gysga wagtda ýygnap almak maksady bilen, hormatly Prezidentimize ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda welaýatlarda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň, il içinde hormatlanylýan ýaşulularyň gatnaşmagynda galla oragyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegi hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem wise-premýere welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek işlerini dowam etdirmek tabşyryldy.Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 3-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 10-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi hem-de hormatly ýaşululardan galla oragyna «bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz zähmetsöýer gallaçy daýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda umumybilim berýän mekdepleri, çagalar bagyny we saglyk öýüni gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şu etrabyň “Bagyr” ýaşaýyş toplumynda 2 sany her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny hem-de saglyk öýüni gurmak boýunça degişli çäreler görülýär. Gurulmagy meýilleşdirilýän mekdeplerde we çagalar bagynda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli oňaýly şertler dörediler. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, guruljak saglyk öýüni häzirki zaman lukmançylyk serişdeleri we kämil enjamlar bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy, şol sanda Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda umumybilim berýän mekdepleri, çagalar bagyny we saglyk öýüni gurmak hakynda Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şanly sene mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisini hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Serginiň çäginde Türkmen halysynyň milli muzeýinde ýurdumyzda milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren halyçy zenanlara «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» atly döwlet sylagyny dabaraly ýagdaýda gowşurmak göz öňünde tutulýar. Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisine birnäçe döwletden belli halyşynaslaryň, türkmen halysynyň muşdaklarynyň, alymlaryň hem-de ussat hünärmenleriň, halyçylyk bilen meşgullanýan wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle-de paýtagtymyzda «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly maslahatlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halyçylyk sungatyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly üns berilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çäreleri, haly önümleriniň sergisini hem-de türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisine gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa 2026-njy ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, iýun aýynyň dowamynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy, Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli çäreleriň, dabaralaryň, aýdym-sazly medeni çäreleriň, sergileriň, sport ýaryşlarynyň, bäsleşikleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Paýtagtymyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, birnäçe halkara maslahatlar we olimpiadalar, sergiler geçiriler.«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlarynyň, «Talyp joşguny — 2026» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyrynyň, Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli aýdym-sazly dabaraly çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Arkadag şäheriniň baýramçylyk meýdançasynda Arkadag şäheriniň 3 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy guralar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda şu ýylyň iýun aýynda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we olary ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzda bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 3-nji iýunda paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramak göz öňünde tutulýar. Şanly sene mynasybetli 30-njy maý — 3-nji iýun aralygynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde welosipedli ýörişleri, sport ýaryşlaryny, ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat we beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, Bütindünýä welosiped gününiň sagdyn we bagtyýar durmuşy giňden beýan edýän halkara sport baýramydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzda bu sene mynasybetli bedenterbiýe-sport çärelerini guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.Soňra wise-premýer hasabatyny dowam edip, “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli strategiýany” tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasy barada aýtdy.Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hususan-da, bu ugurda Milli strategiýanyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz raýatlaryň sagdynlygyny gazanmak, ilat arasynda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek maksady bilen taýýarlanan resminama gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen täze Kararnama barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyz birnäçe ýyllaryň dowamynda halkara ähmiýetli başlangyçlary öňe sürüp gelýär we olar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan yzygiderli goldaw tapýar. Hormatly Prezidentimiz bu ýoly ýokary derejede dowam etdirmek bilen, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüş işini ösdürmek, ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça ilerletmek bilen bagly meseleler boýunça başlangyçlary öňe sürýär. Birleşen Milletler Guramasy bu ugurlar boýunça birnäçe Kararnamany kabul etdi.Şu ýylyň 20-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi bu halkara ähmiýetli waka bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan-saglyk, uzak ömür, alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Bitarap Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek ugrunda edýän tagallalarynyň üstünlikli dowam etdirilýändigini belledi.“Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsiniň bu Kararnamany goldamagy, köp sanly ýurtlaryň oňa awtordaş bolup çykyş etmegi biziň üçin uly abraýdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz geljekde hem BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini belläp, mejlise gatnaşyjylaryň ählisini gelip gowşan hoş habar — möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň esasynda Türkmenistan bilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklar täze many-mazmuna eýe boldy. Dünýä ykdysadyýetine çalt depginler bilen goşulyşmak, bazar gatnaşyklaryny halkara hukuga laýyklykda ýola goýmak maksady bilen, 2013-nji ýylda Türkmenistanyň bu gurama agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet topary döredildi. Bu topar tarapyndan Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň milli bähbitlerimize laýyk gelýän ähli ugurlary içgin seljerilip, guramanyň agzasy bolmak üçin talap edilýän köptaraplaýyn söwda ylalaşyklary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary düýpli öwrenildi. Bu ugurda alnyp barylýan işlere täzeden itergi bermek babatda Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany işläp düzmek maksady bilen iş topary döredildi. Şeýle hem Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde bu gurama bilen hyzmatdaşlyk bölümi açyldy.Häzirki wagtda BSG bilen alnyp barylýan gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin birnäçe teklip taýýarlanyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamanyň gutarnykly görnüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin degişli iş toparynyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň 10-njy iýunynda geçirmek teklip edilýär. Ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly bu guramanyň çäklerinde döredilen Türkmenistan boýunça iş toparyna başlyklyk etmek üçin doly ygtyýarly agza ýurtlaryň arasyndan birini kesgitlemek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda BSG bilen bilelikde Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş umman sebitlerinden bolan ýurtlaryň arasyndan saýlamak we kesgitlemek boýunça degişli işleri geçirmäge başlamak baradaky teklip beýan edildi.Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly gepleşikleri alyp barjak Milli gepleşik toparyny döretmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli gepleşik toparynyň düzümini kesgitlemek we tassyklamak, Bütindünýä Söwda Guramasy bilen bilelikde bu toparyň wekillerini degişli taýýarlyk okuwlaryna we gurama tarapyndan geçirilýän mejlisleriň işine synçy hökmünde gatnaşdyrmak boýunça iş meýilnamasyny taýýarlamak teklip edildi.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, ony giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Bütindünýä Söwda Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu pudaga halkara ülňülere laýyk gelýän täze tehnikalar ornaşdyrylýar, ilatymyza ýokary hilli we medeniýetli hyzmat etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Ulanylýan ýolagçy wagonlarynda düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, ilatymyza ýokary hilli hyzmat etmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolagçy wagonlaryny abatlamak boýunça taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň gününiň hem-de uçurymlaryň «Soňky jaň» dabarasynyň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda üç günläp, ýagny 27-28-29-njy maýda Gurban baýramynyň belleniljekdigini aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Gurban baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekdi. “Gurbanlyk günlerinde beriljek sadakalar kabul bolsun!” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Aşgabat şäheriniň güni, «Soňky jaň» dabarasy, Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.Mejlise gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy bu şanly seneler mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda özara ynanyşmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk täze many-mazmun esasynda baýlaşdyrylýar. Taryhyny gadymy Beýik Ýüpek ýolundan alyp gaýdýan gatnaşyklar iki ýurduň halklarynyň bähbidine yzygiderli ösdürilýär. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaýa amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda geçiren ýokary derejedäki duşuşyklary hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berdi. Şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda saparda bolan hytaý wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikler, gazanylan ylalaşyklar iki ýurduň milli bähbitleriniň ählumumy ösüş maksatlary bilen sazlaşykly utgaşýandygynyň aýdyň mysaly boldy.Hormatly Prezidentimiz HHR-iň Başlygy Si Szinpine Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylyk hatyny ugratdy. Munuň özi türkmen-hytaý gatnaşyklarynda täze sahypany açmak bilen, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna badalga berer. Si Szinpin hem döwlet Baştutanymyzyň çakylyk hatyny kabul edip, öz gezeginde, jogap hatyny iberdi. Bu hatda şeýle bellenilýär:Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Serdar BERDIMUHAMEDOWAHormatly jenap Prezident!Siziň iberen çakylyk hatyňyzy aldym.Siz uzak wagtyň dowamynda hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda tagalla edýärsiňiz, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlugyň dowam etdirilmegine ägirt uly goşant goşýarsyňyz hem-de dürli möhüm ugurlarda özara hyzmatdaşlyga ýardam edýärsiňiz. Men muňa ýokary baha berýärin. Men hytaý-türkmen hemmetaraplaýyn gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilmegine uly ähmiýet berýärin we Siziň bilen ýakyn gatnaşyk saklamaga taýýardyryn. Türkmenistana gelip görmäge çakylygyňyz üçin Size hoşallygymy beýan edýärin. Iki tarap üçin hem amatly bolan wagtda ýurduňyza sapar bilen barmaga taýýardyryn. Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleri bu mesele boýunça ýakyn aragatnaşykda bolup bilerler.Siz öz hatyňyzda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde birnäçe iri taslamalary ýatlapsyňyz. Hytaý tarapy iki ýurduň arasynda dürli ugurlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny yzygiderli goldaýar. Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça komitet degişli başlangyçlary düýpli öwrenip, olary degişli şertlerde durmuşa geçirip biler. Hytaý tarapy Türkmenistan bilen bilelikde gatnaşyklaryň täze aýdyň nusgalaryny döretmek we “Hytaý — Türkmenistan bitewi ykbal bileleşiginiň” mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Dostlukly türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk, parahatçylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.Si SZINPIN,Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak we talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg işleri alnyp barylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsümi guramaçylykly dowam edýär. Pile möwsüminiň çäklerinde häzirki wagtda kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryndaky möwsümleýin işlerde, hususan-da, gowaça we bugdaýa ideg işlerinde agrotehniki kadalaryň berjaý edilmeginiň, galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edip, tohumlyk bugdaýyň hasylyny bildirilýän talaplara laýyklykda ýygnap almak, kabul ediljek hem-de saklanyljak ýerlerini taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri geçirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak boýunça bellenen meýilnama üstünlikli berjaý edildi. Pile möwsüminiň çäklerinde pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri dowam edýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmeginiň, bu işlerde kuwwatly oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmagyň, galla oragy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak, talabalaýyk saklamak boýunça taýýarlyk işleri dowam edýär. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, endigan gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, suw tutmak işleri geçirilýär. Pile taýýarlamak boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, şu günler ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Häkim welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak boýunça bellenen meýilnamanyň doly ýerine ýetirilendigini habar berdi. Mundan başga-da, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerine, hususan-da, pagta, bugdaý ýaly aýratyn ünsi talap edýän ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň, galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi we häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýetişdirilen tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak we saklamak üçin galla kabul ediş nokatlary möwsüme doly taýýar edilip, häzirki wagtda kombaýnlary, ýük awtoulaglaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Sebitde ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinlerine ideg işleri dowam edýär. Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümi üstünlikli geçirilip, häzirki wagtda ýaş mallara degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde ýetişdirilen pile hasylyny ýygnamak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda geçirilmegini, bugdaý oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda suw tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary we awtoulaglary galla oragy möwsümine taýýar etmek, tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak, talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatyň gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmak babatda zerur işler alnyp barylýar. Pile möwsüminiň çäklerinde ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, hususan-da, gowaça we bugdaý ekilen meýdanlarda dowam edýän möwsümleýin işleriň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmeginiň, bu ugurda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmeginiň, galla oragy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi hem-de häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň hemaýat-goldawlary, döredýän giň mümkinçilikleri netijesinde şu ýylyň 9-10-njy maýynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiklerinde ýurdumyzyň atşynaslarynyň behişdi ahalteke bedewleri bilen üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolmaklary mynasybetli döwlet Baştutanymyzy tüýs ýürekden gutlap, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Soňra wise-premýer ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinlerine ideg etmek, bu ekinleriň irki ýetişen hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Pile möwsüminiň çäklerinde ýüpek gurçugyna ideg etmek hem-de ýetişdirilen pile hasylyny ýygnamak işleri geçirilýär, maldarçylyk hojalyklarynda bolsa owlak-guzy, köşek almak möwsümi dowam edýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we gowaça hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, galla oragy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetini ýene-de bir gezek belledi we pile öndürmek, dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu ýyl sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Welaýatda pile möwsümini guramaçylykly geçirmek we bu ugurda bellenen meýilnama üstünlikli amal etmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň ýokary hilli, ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri geçirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar. Pile möwsümi boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde şu ýyl welaýatda meýilleşdirilen işleriň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işleri, hususan-da, gowaça, bugdaýa ideg işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda gowaça ekişi guramaçylykly dowam edip, möwsümi bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde ýokary hilli geçirilmeginiň, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwy tutulýar. Gowaça ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barlyp, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Pile möwsüminiň çäklerinde ýüpek gurçugyna ideg işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigini belledi we häkime bu işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitde dowam edýän oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda suw tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişi guramaçylykly dowam edip, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň bellenen kadalara laýyklykda, öz wagtynda geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bugdaý oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary, beýleki tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek üçin zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, ýetişdirilen piläni ýygnamak işleri alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ekinlere talabalaýyk ideg edilmeginiň zerurdygy bellenilip, bu babatda degişli tabşyryklar berildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, şu döwürde raýatlaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygyny kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlary döwrebaplaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň bilelikde guramagynda gender deňligini ilerletmek we onuň kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça parlamentara maslahat geçirildi. Zenanlaryň jemgyýetdäki orny, ýurdumyzyň bu ugurda gazananlaryny paýlaşmak, kanun çykaryjylyk, parlament işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde guralan Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň dialogy, Mejlisiň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň zenan parlamentarileriniň, Türkmenistanyň Mejlisinde we Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyklar geçirildi. Mundan başga-da, Mejlisiň wekilleri Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen Parlamentara Birleşigiň 152-nji Assambleýasyna we onuň çäklerinde guralan forumlara gatnaşdylar.Mejlisde dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 13-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 37-sine gatnaşdylar. Halkara tejribeleri öwrenmek üçin deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 7-si amala aşyryldy.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, kabul edilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilen kanunlary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň dört aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,4 göterime, gurluşykda 6,2 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 7,9 göterime, oba hojalygynda 2,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 9,9 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,2 göterim artdy. Geçen dört aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 100,2 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,6 göterim ýerine ýetirildi.Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2026-njy ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin degişli işleri alyp barmagyň, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere jemi içerki önümiň ösüşini durnukly saklamagy dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 107,1 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 104,9 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 113,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 108,7 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,3 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 122,1 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 106,7 göterim boldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere önümçilik desgalaryny doly kuwwatynda ulanmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegi, geologiýa-gözleg, buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew şu ýylyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 107,5 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 100,5 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,7 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 105,7 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 101 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 116,3 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,6 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 115,8 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,9 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,5 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 127,5 göterim ýerine ýetirildi.Häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, galla oragy möwsümine taýýarlyk işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinlerine, ýüpek gurçugyna ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem wise-premýer şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleri guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, milli atşynaslyk sungatymyzy dünýä ýaýmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiklerine, “Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany” atly maslahata gatnaşmak ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň möçberini artdyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň, oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ekin meýdanlarynda oba hojalyk işlerini öz wagtynda geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly bilen baglylykda, daşary ýurtlarda hem birnäçe halkara çäreleriň geçirilýändigini, hususan-da, şu ýylyň 9-10-njy maýynda Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» atly halkara çäräniň geçirilmeginiň behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da artdyrmaga ýardam berjekdigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere agzalan atly sport we gözellik bäsleşiklerine ýurdumyzyň atşynaslaryny, ahalteke bedewlerini gatnaşdyrmak babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 128,4 göterim berjaý edildi. Bu meýilnama Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça 105,1 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 122,5 göterim, Energetika ministrligi boýunça 106 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 111,6 göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 154 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasyna 122,9 göterim amal edildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegini gazanmagyň, energetika pudagynyň kuwwatyny artdyrmagy üns merkezinde saklamagyň, täze ýollary gurmak, bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletde, ýokary hilli tamamlanmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň geçen dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 109,2 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,2 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 103,3 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 102,2 göterim, nah matalaryňkyda 100,5 göterim, gön önümleriniňkide 103,1 göterim ösüş depgini gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 107,2 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe 97 birža söwdasy geçirilip, olarda 10 müň 136 şertnama hasaba alyndy.2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 119,8 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 7 sergi, 5 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 105,8 göterime deň boldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda, söwda nokatlarynda halkyň sarp edýän harytlarynyň üpjünçiligini hem-de nyrhlaryny gözegçilikde saklamagyň, ilaty ýokary hilli azyk harytlary bilen üpjün etmek üçin degişli çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere dokma kärhanalarynyň işini döwrebap ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar mynasybetli dürli medeni çäreler hem-de dabaralar guraldy. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty netijesinde Aşgabat şäherinde «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahat guramaçylykly geçirildi. 2025-nji ýylyň 25-nji oktýabry — 2026-njy ýylyň 12-nji apreli aralygynda Italiýanyň Rim şäherindäki Kapitoliý muzeýinde geçirilen «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi öz işini tamamlady. Sergide Diýarymyzyň çäginde ýerleşýän gadymy Margianadan we Nusaý galalaryndan ýüze çykarylan tapyndylar görkezildi.Hasabat döwründe türkmen hünärmenleri daşary ýurtlarda geçirilen halkara medeni çärelere, maslahatlara, okuwlara yzygiderli gatnaşdylar. Şeýle hem olar Daşkent şäherinde geçirilen türki dünýäniň suratkeşleriniň duşuşygyna, onuň çäklerinde guralan sergä gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada-da aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýylyň maý aýynda meýilleşdirilen çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we olary ýokary derejede geçirmegiň, medeniýet ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere milli taryhy-medeni mirasyň desgalaryny aýawly saklamak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny ösdürmek ugrundaky işler dowam etdirildi. Okuwçylar, talyplar halkara ders bäsleşiklerine, olimpiadalara gatnaşyp, jemi 807 medal gazandylar. Ýokary okuw mekdepleri tarapyndan halkara olimpiadalaryň 6-sy, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň 7-si, mekdep okuwçylarynyň arasynda III Halkara matematika olimpiadasy geçirildi.Hasabat döwründe ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen işler alnyp baryldy. Ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy barlaglar utgaşdyryldy. Lukmançylykda keselleriň öňüni almak, bejermegiň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak babatda işler dowam etdirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar, bejergiler amala aşyryldy. Şu döwürde bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary jemi 169 medal gazandylar. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäherinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş, Arkadag şäherinde we welaýatlarda medeni-sport çäreleri geçirildi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, dürli çäreler guraldy.Şeýle hem wise-premýer Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary, hemaýat-goldawlary bilen mekdebe ilkinji gezek gadam basýan okuwçylara kompýuterleri sowgat gowşurmagyň däbe öwrülendigini, hasabat döwründe bu ugurda zerur işleriň amala aşyrylandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmagyň, saglygy goraýyş edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, sport desgalaryny netijeli dolandyrmagy üns merkezinde saklamagyň, bilim edaralarynda ýaşlara döwrebap ylym-bilim bermek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli ýaşlary ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz umumybilim berýän orta mekdepleriň birinji synp okuwçylaryna noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen taýýarlanan Karara gol çekdi we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy.Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýokary derejedäki saparlardyr duşuşyklar esasy orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 16 — 19-njy fewralda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, 17 — 19-njy martda Hytaý Halk Respublikasyna, 8-9-njy aprelde Awstriýa Respublikasyna saparlary guraldy.Hormatly Prezidentimiz 21-22-nji aprelde Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.Abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş direktory, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyklary geçirildi. Mundan başga-da, şu ýylyň 21 — 23-nji ýanwarynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory, 17 — 19-njy martda bolsa Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň Baş sekretary ýurdumyzda saparda boldy.Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 220 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlara 400 wekiliýet gitdi. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 169-sy geçirildi. Türkmenistanda daşary döwletler we halkara guramalar bilen bilelikde resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 711-si guraldy. Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara resminamalaryň 57-si bilen ýetirildi.Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler amala aşyrylýar. Bu babatda hasabat döwründe Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. 2026-njy ýylyň geçen dört aýynda Hindistan Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Zimbabwe Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Uganda Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeler guraldy.Daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biridir. Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen gatnaşyklary ilerletmek babatdaky işler hem dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe ýurdumyzda Yrak Respublikasynyň diplomatik wekilhanasynyň açylandygy we öz işine başlandygy bellenildi. Hasabat döwründe Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçileri, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň we Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.Wise-premýer, daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, şu ýylyň maý aýynda ýurdumyzyň gatnaşmagynda daşary döwletlerde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ähmiýetli çäreler barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine sapary meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Kazanda birnäçe möhüm halkara duşuşyklar geçiriler. Şolaryň hatarynda her ýyl geçirilýän “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” atly halkara ykdysady forumy görkezmek bolar. Şeýle-de “Russiýa — Yslam dünýäsi hyzmatdaşlyk EXPO”, “Halkara emläk bazary” atly sergiler we maslahatlar, “Kazan halal bazary” halkara ýarmarkasy, “Asylly moda güni” festiwaly geçiriler.Atly sport boýunça ýaryşlar guralar. Olaryň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy. Mundan başga-da, wise-premýer, daşary işler ministri Beýik Britaniýanyň London şäherinde ýurduň Patyşa maşgalasy tarapyndan Windzor halkara atly oýunlaryň we atly ýaryşlaryň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Bu halkara atly sport çärelerine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda agzalan çäreleriň çäginde ahalteke atlaryna we türkmen atşynaslyk däplerine bagyşlanan serginiň geçirilmegi boýunça işler alnyp barylýar. Bu atly oýunlardyr ýaryşlaryň ahalteke bedewine bagyşlanan şanly ýylda geçirilmegi many-mazmun taýdan örän ähmiýetlidir.Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermegi esasynda türkmen wekiliýetiniň Baku şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy (UN-Habitat) bilen bilelikde geçiriljek Şäherleriň bütindünýä forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşmagynyň meýilleşdirilýändigi barada-da aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä ýurtlary we abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň maýynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň birnäçe halkara çärelere gatnaşmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz 13-14-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde geçiriljek halkara çärelere ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagyny ýokary derejede guramagyň, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly bilen baglylykda, 16-17-nji maýda türkmen wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London şäherine boljak iş saparyna hem gowy taýýarlyk görmegiň, 17 — 22-nji maýda Baku şäherinde geçiriljek Şäherleriň bütindünýä forumyna ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça degişli işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,8 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 101 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 102,7 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,5 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 124,2 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 116,8 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 106,3 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 114,3 göterime barabar boldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag-aragatnaşyk toplumynyň möhüm toplumlaryň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, halkara ýükleriň daşalýan möçberini artdyrmagy, toplumyň maddy-tehniki üpjünçiligini yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen dört aýda alnyp barlan işleriň gowy netijeleri görkezendigini, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp barylýandygyny, önümçilik pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi. “Ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigini bellemek gerek” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi dowam etdirmegi, bu işleriň ýerine ýetirilişini hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary we beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak babatda zerur işler ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri geçirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça we bugdaýa ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi hem-de häkime degişli tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek maksady bilen, kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary, galla kabul ediş nokatlaryny taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Gowaça ekişi dowam edip, möwsümi bellenen möhletlerde tamamlamak üçin degişli işler alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulyp, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsümiň talabalaýyk, agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň toplumlaýyn çemeleşmäni talap edýändigini belledi we häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu ýyl sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla kabul ediş kärhanalaryny we elewatorlary galla oragy möwsümine taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, bugdaýa ideg işlerini talabalaýyk alyp barmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda tabşyryklary berdi.Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwy tutulýar. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, degişli tehnikalary möwsüme taýýarlamak babatda zerur işler geçirilýär. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde bolsa hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri alnyp barylýar. Sebitde pile öndürmek möwsümi guramaçylykly dowam edýär. Şeýle-de häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň, tehniki we beýleki serişdeleriň netijeli ulanylmagynyň ekinlerden bol hasyl almagyň önümçilikde ýokary görkezijileri gazanmagyň esasy şerti bolup durýandygyny aýtdy hem-de häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda suw tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary, beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi dowam edip, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatda ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edip, bu ugurda pileçi kärendeçilere degişli ýardamlar berilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin ekerançylykda agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine taýýarlykly girişmek, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak maksady bilen, galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary, beýleki tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda gowaça ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri geçirilýär. Welaýatlarda pile möwsüminiň çäklerinde ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri dowam edýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamagyň, bugdaýa ideg işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, galla oragyna guramaçylykly taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.