Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
22 Ýanwar 2025
78

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de şu ýylda bu düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, geçen ýylda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmak boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de hasabatda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça alnyp barlan işler, Watan goragçylarynyň gününe taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen dürli çäreler toplumynyň yzygiderli geçirilendigini aýtdy. Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de ýurdumyzyň goranmak ukybyny ýokarlandyrmak ugrunda degişli işler alnyp baryldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de 2025-nji ýylda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigine ünsi çekdi. Ýaragly Güýçleri döwrebap harby tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek, harby ulgamda innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan harby hünärmenleri taýýarlamak işleri ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak bilen bagly meseleleri gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Soňra Baş prokuror B.Muhamedow prokuratura edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwrebap tejribäniň we sanly ulgamyň peýdalanylmagy arkaly bu edaralaryň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler, prokuratura edaralarynyň işgärleriniň netijeli gulluk etmekleri, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak babatda döredilýän şertler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunlaryň ýerine ýetirilişine, hukuk namalarynyň kanunylygyna, hukuk bozulmalarynyň öňüniň alynmagyna prokuror gözegçiliginiň amala aşyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny aýdyp, bu babatda Baş prokurora anyk tabşyryklary berdi.

Içeri işler ministri M.Hydyrow 2024-nji ýylda ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, ministrligiň garamagyndaky düzümleriň iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyşy, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, ýangyn howpsuzlygynyň, ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edilmegi babatda görülýän çäreler barada aýdyldy. Şeýle-de geçen ýylda we 2025-nji ýylyň başynda Diýarymyzyň welaýatlarynda ulanmaga berlen döwrebap ugurdaş desgalar barada maglumat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, içeri işler edaralarynyň, şol sanda ýol gözegçilik we ýangyn howpsuzlygy gulluklarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek boýunça düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň möhümdigi bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ministrligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, onuň garamagyndaky ähli bölümlere sanly ulgamyň, öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, ministre işgärleriň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, kazyýet işine sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler, degişli ösüş maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişi we kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda geçirilen işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýokary derejeli hünärmenleri saýlap almaga aýratyn üns berilmelidigini, kazyýet işgärleriniň hünär we bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy milli kanunçylygyň many-mazmunyny düşündirmek, hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak işlerini, “Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz kazyýet ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilen işleriň netijeleri, düzümiň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin döwrebap usullaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, öňde goýlan wezipelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz döwletimiziň milli howpsuzlygyny ygtybarly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny belläp, ministre anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň geçen ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, serhet bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet serhediniň goňşy ýurtlar bilen dost-doganlyk serhedidigini belledi. Şunda hormatly Prezidentimiz mukaddes serhedimiziň ygtybarly goralmagyny üpjün etmegiň, serhet goşunlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagynyň möhümdigi barada aýtdy. Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen işleri hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Adalat ministri M.Taganow milli kanunçylyk binýadyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem raýatlaryň hukuklarydyr borçlary barada wagyz-nesihat işlerini geçirmek, ilata degişli hukuk kömegini bermek babatda ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli kanunçylyk ulgamyny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet düzümleri tarapyndan işlenip taýýarlanylýan hukuk namalarynyň taslamalary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we hereket edýän kanunlara laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew geçen ýylda alnyp barlan işler, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, onuň işini ösdürmegiň maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmek babatda görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda haryt dolanyşygynyň möçberiniň artmagynyň, ulag-logistika mümkinçilikleriniň giňelmeginiň gümrük işiniň ýokary derejede guralmagyny, şol sanda ygtybarly gümrük gözegçiliginiň üpjün edilmegini talap edýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gullugyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekip, gümrük terminallaryny häzirki zaman barlag-gözegçilik enjamlary bilen üpjün etmek, olaryň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, ugurdaş düzümler bilen halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, gullugyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatda gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bu düzümiň işgärleriniň gulluk etmegi, hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin zerur şertleriň döredilýändigi, 2024-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahatyň geçirilendigi barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gullugyň işini, şol sanda migrasiýa hyzmatlaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, işgärleri taýýarlamak meselelerini gullugyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitläp, bu babatda tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi. Türkmenistanda her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Bu baýram ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna, işgärlerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakda edilýän aladanyň aýdyň güwäsidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Nygtalyşy ýaly, ata Watanymyza wepaly gulluk edip, onuň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny ygtybarly goramak, kanunylygy üpjün etmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini, jemgyýetiň hem döwletiň bähbitlerini goramak Watan goragçylarynyň mukaddes borjudyr.

Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli harby gullukçylaryny, işgärlerini ýetip gelýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow giňişleýin göçme mejlisi jemläp, hemmelere berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.