Habarlar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň baş şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän Gurtly kölüniň çäginde döredilýän dynç alyş maksatly binalaryň gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy.  giňişleýin

28.05.2020

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini maliýeleşdirmek boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi.
giňişleýin

28.05.2020

Şu gün paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara sergi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän sergi şähergurluşygy, şäher düzümini kemala getirmek babatda gazanylan üstünlikleri, toplanan tejribäni we mümkinçilikleri açyp görkezdi. giňişleýin

25.05.2020

Sizi uly joşguna we şatlykly pursatlara beslenýän «Soňky jaň» dabarasy hem-de okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Biz bagtyýar ýaşlarymyzdan beýik işlere garaşýarys. Şoňa görä-de, döwrebap mekdepleri we bilim-terbiýe beren mugallymlary bilen hoşlaşyp, tolgundyryjy hem-de ýatdan çykmajak pursatlary başdan geçirýän mähriban uçurymlara täze durmuş ýolunda uly üstünlikleri arzuw edýärin!
giňişleýin

25.05.2020

Türkmenistanyň Hökümetiniň ilatyň saglygyny goramak hem-de COVID-19 koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreş boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreýesusyň adyna iberen hatynda beýan edilen çäreler barada maglumat
giňişleýin

22.05.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag-kommunikasiýa we maliýe-ykdysadyýet toplumlaryna gözegçilik edýän orunbasarlary B.Öwezowyň we G.Müşşikowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
giňişleýin

20.05.2020

Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ählihalk baýramy bolan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi giňden dabaralandyrdy. Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda guralan dabara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. giňişleýin

18.05.2020

Döwletliler köşgünde baýramçylyk çäresi geçirildi, onuň barşynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan süýji tagamly sowgatlar gowşuryldy. Milli parlamentiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we ýurduň jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri çagalaryňka myhmançylyga geldiler.
giňişleýin

18.05.2020

Şu gün, ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öň ýanynda, ýurdumyzyň Mejlisi Daşary işler ministrligi bilen bilelikde ylmy-amaly maslahat geçirdi.
Maslahata Milli Parlamentiň deputatlary, hökümet agzalary, partiýa we jemgyýetçilik işgärleri, alymlar we syýasatşynaslar, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, şeýle hem dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, türkmen we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
giňişleýin

17.05.2020

Şu gün BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezinde geçirilen iş duşuşygynda Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyny ýerine ýetirmek boýunça 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. giňişleýin

11.05.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda döwlet Baştutanymyz Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şäher düzümlerini kämilleşdirmek, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy. giňişleýin

11.05.2020

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. giňişleýin

10.05.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy.
Bu günki baýramçylyk dabaralary möhüm waka — Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline gymmatly mukaddesligi alyp gelen uçaryň gelip gonmagy bilen alamatlandy. Uçaryň bortunda edermen we gaýduwsyz esger Berdimuhamet Annaýewiň söweşen 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy bar.
giňişleýin

09.05.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. giňişleýin

06.05.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň COVID-19 ýokanjyna garşy durmak boýunça Utgaşdyryjy toparyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy.
Onuň gün tertibine häzirki döwürde tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin täze, çynlakaý wehime öwrülen koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça umumy tagallalary utgaşdyrmak meseleleri girizildi.
giňişleýin

04.05.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi. giňişleýin

01.05.2020

Ýurdumyza Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kama awtomobil zawodynda öndürilýän «KamAZ 6520» ýük awtoulaglarynyň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy. Şol tehnikalar «Türkmenawtoulaglary» agentligine degişli kärhanalara paýlanyp berler we paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda gurluşygy amala aşyrylýan iri desgalarda ulanylar. giňişleýin

29.04.2020

Şu gün Söwda-senagat edarasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Telekeçiligiň meseleleri boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi. giňişleýin

29.04.2020

Şu gün Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň iri halk hojalyk pudaklarynyň wekilleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde maslahat geçirildi. Bu maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda guraldy. giňişleýin

06.04.2020

Gökdepe etrabynda döwrebap ýyladyşhananyň açylyş dabarasy boldy, ol «Üzümçilik» daýhan birleşiginiň çäginde guruldy. Bu waka mynasybetli geçirilen dabara welaýatyň häkimi S.Berdimuhamedow, etrap häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, hormatly ýaşulular, köp sanly oba adamlary gatnaşdylar.
Dabarada edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny batly depginler bilen ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi, ýurdumyzda haryt öndürijilere döwlet tarapyndan goldawyň berilmegi netijesinde bu ugurda uly üstünlikler gazanyldy.
giňişleýin

14.12.2019

Lebap welaýatynyň şalyçylary döwlete 48 müň tonna golaý şaly tabşyryp, bellenilen wezipä üstünlikli hötde geldiler.
Şu ýyl Amyderýa jülgesinde güýzlik galla ýygnalandan soň boşan 10 müň gektardan biraz artyk ýerde şaly ekildi. Döwlet tarapyndan toplumlaýyn goldaw we satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlanmagy welaýatyň ekarançylarynyň üstünligine şert döretdi.
giňişleýin

13.12.2019

TürkmenStatyň Internet-saýtynyň “Statistik klassifikatorlar” mowzugynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan 2019-njy ýylyň 04-nji oktýabrynda 290-iş belgili buýruk bilen tassyklanyp üýtgetme girizilen TDS 617–2012 ... giňişleýin

09.10.2019

28-nji awgustda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny we 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüşiň Gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça Iş toparynyň mejlisi geçirildi.
Duşuşyga Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Iş toparynyň agzalary, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
giňişleýin

28.08.2019

24-nji awgustda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde ýaş aýdymçylaryň arasynda her ýyl geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

giňişleýin

24.08.2019

23-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işine garaldy, birnäçe resminamalar kabul edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän düzümlerinde geçirilýän işler hem-de olaryň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny goldamak boýunça görülýän çäreler hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň garamagyndaky desgalary hususylaşdyrmak boýunça teklipleri seljermegiň netijeleri barada habar berildi.

giňişleýin

23.08.2019