Hormatly maslahata gatnaşyjylar!Sizi Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.Biziň ýurdumyz döwletlilik, kanunyň hökmürowanlygy we milli demokratik ýörelgelerden ugur alyp, döwlet, jemgyýet hem-de şahsyýet gatnaşyklaryny, raýat jemgyýetini ösdürýär. Kanuna esaslanýan gatnaşyklar hemmeleriň jogapkärçiligine we kanunyň talaplaryny ýerine ýetirmegi borç edinýändiklerine daýanýar. Şeýlelik bilen, gurmak, döretmek, kämilleşmek döwletimiziň baş ýörelgeleri bolup durýar. Häzirki zaman türkmen jemgyýeti adama iň ýokary gymmatlyk hökmünde garaýar.Mälim bolşy ýaly, 1996-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda döwletde we jemgyýetde demokratik institutlary pugtalandyrmak, adamyň konstitusion hukuklaryny üpjün etmek, şahsyýetiň azatlygyny berjaý etmek, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejeli döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi, adamyň hukuklary we azatlyklary babatynda ylmy-amaly barlaglary geçirmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty döredildi.Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 23-nji iýulyndaky Permany bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk instituty goşulyp, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty döredildi. Şeýlelikde, şu ýylda institutyň esaslandyrylmagyna 30 ýyl dolýar.Geçen döwrüň dowamynda institut milli kanunçylygyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşykly ösmegine, ýurdumyzyň hukuk ulgamynyň kämilleşmegine gönükdirilen işleri alyp barmak bilen, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça seljermeleriň geçirilmegine mynasyp goşant goşdy. Institut bu işleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň utgaşdyrmagynda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti hem-de beýleki hukuk goraýjy we döwlet dolandyryş edaralary bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirýär. Institut seljermäge iberilýän hukuk namalarynyň taslamalaryna ylmy synlary işläp düzmäge, şeýle hem milli döwletlilik ýörelgeleri, hukuk öwrenişiň we demokratiýanyň derwaýys meseleleri boýunça okuw kitaplaryny, gollanmalaryny hem-de ylmy ýygyndylary çapa taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Institutyň işgärleri ýurdumyzyň ylmy-amaly žurnallarynda, gazetlerde makalalar bilen çykyş edýärler. Teleradioýaýlymlarda Bitarap döwletimiziň ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny wagyz edýärler.Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda jaýdar bellenilişi ýaly, halk häkimiýetiniň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan demokratik däpleri döwlet gurluşynyň sazlaşygyny kesgitlemek bilen, biziň ýurdumyzyň durnukly ösüşine milli özboluşlylyk berýär. Halkymyzyň toplan tejribesini beýan edýän milli mirasy, ynsanperwer gymmatlyklary, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrýar. Bu asylly däplerde türkmen döwletliliginiň gözbaşynda durýan çuňňur ynsanperwerlik, raýdaşlyk, agzybirlik, ynanyşmak, özara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri aýdyň şöhlelenýär.Hormatly maslahata gatnaşyjylar!Biziň döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň deňhukukly agzasy bolmak bilen, adam hukuklary babatda halkara konwensiýalaryň, ylalaşyklaryň we şertnamalaryň esasylaryna goşuldy. Dünýä bileleşigi tarapyndan tassyklanan resminamalara laýyklykda öz borçnamalaryna berk eýerip, milli kanunçylyga we hukuk ulanyş tejribesine umumy ykrar edilen halkara kadalary yzygiderli ornaşdyrýar. Şu nukdaýnazardan, döwletlilik ýörelgelerini, jemgyýetiň ösüş ugurlaryny ylmy esasda seljermek, adamlaryň aň-düşünjeliligini we başarnygyny, hukuklaryny, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmegiň ahlak we hukuk ugurlary boýunça ylmy işleri alyp barmak möhüm wezipeler bolup durýar. «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň», «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň», «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» kabul edilmegi BMG-niň düzümleri we beýleki halkara guramalar bilen bilelikde adam hukuklary boýunça toplumlaýyn işleri durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.Milli meýilnamalarda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça döwlet edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmegiň, halkara hukugyň kadalaryny ýurdumyzyň kanunçylygyna ornaşdyrmagyň hem-de hukuk ulanyş tejribesinde durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenen. Şonuň bilen birlikde, milli hukuk ulgamynda ylmy seljermeleriň döwrebap ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işleriň geçirilmegine ýaş alymlaryň işjeň gatnaşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň dowamynda, 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti», 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi örän ähmiýetli taryhy wakalar boldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden 30-dan gowrak Kararnamalary ýurdumyzyň halkara hukugyň ösüşine goşýan mynasyp goşandynyň güwäsidir.Hormatly maslahata gatnaşyjylar!«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň döwletlilik ýörelgelerimiz, Türkmenistanyň kanunçylyk ulgamynyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygy, milli demokratiýanyň ösüş ugurlary barada pikir alyşmakda, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli we ynsanperwer syýasatynyň durmuşa geçirilişini wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn.Sizi Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän ylmy-amaly maslahatyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür hem-de işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, Mejlisde ýurdumyzda hereket edýän kanunlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen, “Elektron söwda hakynda”, “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Gümrük, Jenaýat, Raýat iş ýörediş kodekslerine we başga-da birnäçe kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler geçirilýär.Şu ýylyň 7-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda sebitde we bütin dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekde, parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmekde zenanlaryň orny, gender deňligi, saglygy goraýyş, demografik ösüş, kanun çykaryjy edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de tejribe alyşmak maksady bilen, “Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly halkara zenanlar dialogy, “Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary” atly ikinji halkara maslahat, “Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi” atly halkara maslahat geçirildi.Milli parlamentiň ýolbaşçysy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan forumlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine beren hemmetaraplaýyn goldawlary üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze Kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow milli pulumyzyň — manadyň dolanyşyga girizilmegi mynasybetli geçiriljek çäreler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygyna gabatlanyp “Milli manat — täze taryhy döwrüň bedew batly ösüşleriniň binýady” atly ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça başlangyçlaryny we bank ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini giňden beýan etmek, bu ulgamda gazanylýan üstünlikler bilen tanyşdyrmak, şeýle hem halkara maliýe guramalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere milli pulumyzyň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegi we guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026” atly XXXI halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulan bu çärelere taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda amatly maýa goýum gurşawyny döretmek boýunça başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.Halkara maslahat “Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş” diýen şygar astynda geçiriler we onuň çäklerinde birnäçe plenar mejlisler hem-de beýleki maslahatlar guralar. Şeýle hem “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitgaz toplumyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, halkara maslahatlaryň we sergileriň yzygiderli geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahaty we sergini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, bugdaý ekişi dowam edýär. Ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny öndürijilikli işletmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.Häzirki wagtda pagta ýygymy dowam edýär. Ýygnalýan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda we kabul ediş harmanhanalarynda kabul etmek hem-de gaýtadan işlemek, şeýle hem pagta ýygýan kombaýnlary we beýleki tehnikalary netijeli işletmek boýunça degişli işler amala aşyrylýar.Şeýle hem wise-premýer şu ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etmegiň, bugdaý ekişini bellenen möhletlerde geçirmegiň, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmegi dowam etmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynda dürli görnüşli dökünler öndürilýär. Öndürilýän mineral dökünler bilen ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijileri doly üpjün edilip, galan bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen üpjün etmekde himiýa pudagyna uly ornuň degişlidigini belledi hem-de wise-premýere «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümçilik kärhanalaryny doly taslama kuwwatynda işletmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň noýabr aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçiriljek “Hytaý halkara import EXPO” sergisine Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň soňky tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap kärhanalarynda öndürilýän ýokary hilli önümleri dünýä bazarlaryna çykarmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň iri möçberli halkara sergilere yzygiderli gatnaşyp, harytlarymyzyň giňden mahabatlandyrylmagy hem milli önümlerimizi daşary ýurt bazarlarynda ilerletmekde uly ähmiýete eýe bolýar.“Hytaý halkara import EXPO” sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýurdumyzda öndürilip, dünýä bazarlaryna çykarylýan giň görnüşli harytlar, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri, şeýle hem halkymyzyň milli medeni mirasy bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem serginiň çäklerinde Türkmen-hytaý işewürler forumy guralar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümleri halkara sergilere çykarmak we giňden tanyşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek «Hytaý halkara import EXPO» sergisine ýurdumyzyň milli pawilýony bilen ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa “Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Watanymyzyň dünýädäki belent şan-şöhratyny, milli medeni mirasymyzy we gadymy gymmatlyklarymyzy kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän zehinli döredijilik adamlaryny ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzda dürli bäsleşikler yglan edilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik munuň aýdyň mysalydyr.Her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigini, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşigini hem-de zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigini yglan etmek meýilleşdirilýär.Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 36 ýyllyk baýramy mynasybetli 2027-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlemek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli medeniýetimizi ösdürmäge, medeni mirasymyzy öwrenmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda» Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow şu ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara ylmy-amaly maslahatlary we olimpiadalary geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň intellektual ukyplaryny ösdürmek, ylma we döredijilige höweslerini artdyrmak babatda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, geljek aýda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Halkara açyk informatika internet olimpiadasyny, “Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk: ylmy-tehnologik ösüşiň häzirki zaman ugurlary” atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahaty, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty, V Açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasyny, Türkmen oba hojalyk institutynda “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly sanly ulgam arkaly III halkara ylmy-taslama bäsleşigini, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Häzirki zaman stomatologiýasynyň wajyp meseleleri” atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahaty, biologiýa dersi boýunça V halkara internet olimpiadasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.Şeýle hem noýabr aýynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda maliýe dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny, “Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary” atly utgaşykly görnüşde III halkara ylmy-amaly maslahaty, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny” atly sanly ulgam arkaly II halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.Mundan başga-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça V halkara olimpiadany hem-de onuň bilen ugurdaş “Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny durnukly ösdürmekde öňdebaryjy tejribeleriň ähmiýeti” atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahaty, Türkmen döwlet maliýe institutynda maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak — ykdysady ösüşleriň özeni” atly II halkara internet olimpiadasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.Ylmy-amaly maslahatlaryň we ders bäsleşikleriniň geçirilmegi ylym-bilim ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmaga, bilim işiniň ylmy-usulyýet binýadyny öňdebaryjy tejribeler bilen baýlaşdyrmaga itergi berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesliň zehin-başarnygyny ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde halkara maslahatlary hem-de olimpiadalary geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky «C5+1» ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşyga taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda dünýäniň dürli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Olaryň hatarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny görkezmek bolar. ABŞ bilen uzak ýyllaryň dowamynda milli we sebit derejesinde gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barmagyň möhüm gurallary ýola goýuldy. Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky «C5+1» görnüşinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr. Bu hyzmatdaşlygy ýola goýmak we onuň işini berkitmek boýunça bilelikdäki tagallalara türkmen tarapy yzygiderli goşant goşýar. Hususan-da, 2025-nji ýylyň sentýabryndan 2026-njy ýylyň sentýabry aralygynda bu formatyň sekretariatynda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen bilelikde başlyklyk edendigini bellemek zerurdyr.Türkmen tarapy bu sekretariatda başlyklyk eden döwründe bu formatyň çäklerinde anyk mowzugy ilerletmek tejribesini ilkinji bolup ýola goýdy. Has takygy, bu döwürde Türkmenistan formatyň çäklerinde emeli aňyň mümkinçilikleri bilen bagly mowzugy öňe sürdi. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň başlyklyk eden döwründe, ýagny 2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Waşington şäherinde şu formatyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçirildi.Hormatly Prezidentimiziň bu ýokary derejeli duşuşygyň netijeleri boýunça beren görkezmelerinden we tabşyryklaryndan ugur alyp, türkmen tarapy formatyň çäklerinde geçirilýän dürli derejedäki çärelere işjeň gatnaşýar. Soňky aýlaryň dowamynda bu formatyň çäklerinde dürli derejelerdäki duşuşyklaryň geçirilendigi we olaryň işjeňleşendigi bellenildi.Şu ýylyň 19-njy oktýabrynda bolsa Samarkant şäherinde bu formata gatnaşýan ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu duşuşyga görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy. Duşuşykda köptaraplaýyn formatyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary babatda türkmen tarapynyň garaýyşlaryny beýan etmek göz öňünde tutulýar. Bu duşuşyk bilen bir hatarda, Hökümet agzalarynyň we işewürleriň gatnaşmagynda birnäçe ugurlar, hususan-da, sanly tehnologiýalar, bilim we saglyk, wajyp minerallar, energiýa we ulag infrastrukturalary, oba hojalyk we dokma toplumy, maliýe we maýa goýum ýaly ugurlar boýunça işewürler sessiýalary geçiriler.Bu çäräniň çäklerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary bilen ikitaraplaýyn duşuşygyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Duşuşygyň dowamynda gyzyklanma bildirilýän ugurlardaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini, şol sanda şu ýylyň 3-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän nobatdaky türkmen-amerikan syýasy geňeşmelerine taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşmak maksadalaýyk hasaplanylýar.Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky bu formatyň ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygynyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Bilelikdäki Beýannamasyny kabul etmek meýilleşdirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygyň sebitiň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjek bu duşuşyga gowy taýýarlyk görmegi we işjeň gatnaşmagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň milli öýjükli aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we elýeterli bolmagyny üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döwrebap enjamlar toplumlary bilen üpjün etmek babatda netijeli çäreler görülýär. Şunda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli öýjükli aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak we döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýygym möwsüminde oba hojalyk tehnikalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary hem-de kabul ediş harmanhanalaryny netijeli işletmek üçin zerur çäreler görülýär.Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, bu ugurda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek işleri utgaşykly alnyp barylýar. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak işleriniň depginlerini güýçlendirmegiň, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmegiň zerurdygyny belledi we häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Soňra Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýewe söz berildi. Häkim, ilki bilen, Balkanabat şäherinde birnäçe saglygy goraýyş düzümleriniň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Soňra häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.Şunuň bilen birlikde, welaýatda bugdaý ekişini ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde geçirmek, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini üpjün etmek, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak boýunça işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky hem-de binalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, häkime pagta ýygymynyň hem-de bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň möhümdigini belläp, welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen zerur çäreler görülýär. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär, ýygnalan hasyl pagta kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär.Welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş alynýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde hem-de netijeli işledilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen hasyly ýygnap almak we ilata ýetirmek boýunça işler dowam edýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda şaly hasylyny ýygnamak işlerine girişilip, möwsümi öz wagtynda geçirmek üçin zerur çäreler görülýär.Şeýle hem häkim ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylmagynyň zerur talap bolup durýandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, häkime welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, bugdaý ekişini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Lebap welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde şu günler welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Möwsümde oba hojalyk tehnikalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary we pagta kabul ediş harmanhanalaryny bökdençsiz işletmek ugrunda zerur çäreler görülýär.Şunuň bilen birlikde, welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş möwsüminde oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen ekinleriň hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda ýygnap almak üçin degişli taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär.Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işlere ünsi çekdi we häkime bu işleriň, hususan-da, pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň depginleriniň güýçlendirilmegini hem-de agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazgylyjow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Häkim, ilki bilen, Mary şäherinde saglygy goraýyş desgasynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Soňra häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň babadaýhanlary tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýygym möwsüminde oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmäge, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda we kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmäge aýratyn üns berilýär.Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirmek, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak we kadaly gögeriş almak üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Gant şugundyry ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi hem-de şunuň bilen baglylykda, häkime welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda we kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek hem-de gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär.Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz boýunça bugdaý ekişi dowam edip, ekiş möwsümini bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar.Hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatlarda güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de bu önümler bilen içerki bazarlary üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär.Ýurdumyzyň Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda şaly oragy dowam edip, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň öz wagtynda hem-de ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň möhümdigini belledi we wise-premýere ýurdumyz boýunça bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda jogapkärli möwsümiň — pagta ýygymynyň hem-de bugdaý ekişiniň dowam edýändigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we ýygymyň depginini güýçlendirmegi, hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur işleri geçirmegi, bugdaý ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralary geçirildi. Munuň özi ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ajaýyp toý sowgady boldy.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Raýatlaryň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Şunda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap bejeriş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar we derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurulýar, saglygy goraýyş edaralarynyň mümkinçilikleri yzygiderli giňeldilýär, innowasion çemeleşmeler we öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar.Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler bütin dünýäde uly ykrarnama eýe bolýar. Bina edilýän saglyk merkezleriniň halkara guramalaryň güwänamalaryna we şahadatnamalaryna mynasyp bolmagy muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Döwrebap lukmançylyk enjamlary, barlaghanalar we beýleki zerur tehnikalar bilen üpjün edilen bu saglygy goraýyş edaralary keselleri anyklamakda, bejeriş-öňüni alyş işlerini amala aşyrmakda, amaly we ylmy-barlag hem-de tejribe-önümçilik wezipelerini çözmekde öňdebaryjy usullary peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Sanly lukmançylygyň, emeli aň tehnologiýalarynyň we telelukmançylygyň ornaşdyrylmagy bolsa raýatlara hödürlenýän lukmançylyk hyzmatlarynyň dünýä standartlaryna laýyk gelmegini üpjün edýär. Bu ugurda Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasterini aýratyn bellemek gerek. Bu lukmançylyk klasteri derman serişdelerini, lukmançylyk tehnologiýasyny işläp taýýarlamakda we bu ugurda döwrebap bilim bermekde, raýatlaryň saglygyny goramak işleri boýunça iň kämil dünýä tejribelerini peýdalanmak bilen, ylmy işleri geçirmäge niýetlenendir. Bu ýerde öndürilýän saglyk maksatly serişdeler bilen ýurdumyz doly derejede üpjün edilýär. Şonuň bilen birlikde, önümleriň belli bir bölegi daşary ýurtlara eksporta hem ugradylýar. Bu işleriň özeninde bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek ugrundaky aladalary durandyr....Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň öňündäki meýdança geldi. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Bu ýerde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýörite taýýarlanylan münbere barýar.Hormatly Prezidentimiz hemmeleri mähirli mübärekläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Aşgabat şäherinde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralarynyň geçirilýändigini aýtdy we dabara gatnaşyjylary, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerini hünär baýramy, halkymyza hyzmat etjek döwrebap lukmançylyk merkezleriniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen gutlady. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Esasy Kanunynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr.Ynsan saglygyny goramak, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, berkarar döwletimizde adamlaryň saglygyny berkitmek barada zerur işler alnyp barylýar. Sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni alyp, olary netijeli bejermäge uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap hassahanalar, saglyk öýleri, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, şypahanalar, sport toplumlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz düýn Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berlendigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy indi 30 ýyl bäri üstünlikli hereket edýär. Maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi halkymyzyň saglygyny berkitmegi, keselleriň ýaýramagynyň öňüni almagy üpjün edýär. Aýratyn-da, bu maksatnamanyň esasy özeni ýüze çykan keselleri bejermek däl-de, eýsem, olaryň öňüni almakdan ybarat diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şu gün açylyp ulanmaga berilýän saglygy goraýyş maksatly binalaryň muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, täze gurlan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde iri lukmançylyk merkezleriniň biridir. Ol 500 orundan ybarat bolup, ilata ýokary hilli ýöriteleşdirilen onkologiýa hyzmatlaryny bermek üçin niýetlenendir. Merkezde onkologiýa kesellerini bejermek üçin ýöriteleşdirilen anyklaýyş, bejeriş we saglygy dikeldiş bölümleri bar. Bu bölümleriň ählisi dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda öndürilen döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Şeýle hem bu ýerde 2 müňe golaý adamyň zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi.Dürli görnüşli bejergi işlerini geçirmäge niýetlenen alty gatdan ybarat bu halkara merkez ilatyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda we hassalary döwrebap usullarda bejermekde ýurdumyzda esasy merkezleriň birine öwrüler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu gün ulanmaga berilýän saglygy goraýyş desgalarynyň ýene biriniň Stomatologiýa merkezidigini belläp, bu merkeziň häzirki döwrüň iň ösen talaplaryna laýyklykda gurlandygyny, bu ýerde 900-e golaý işgäriň talabalaýyk zähmet çekmegi, diş keselleriniň öňüni almak we olary bejermek üçin ähli şertleriň döredilendigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, döwrebap merkezde jemi 20 bölüm bolup, onda raýatlarymyza häzirki zaman stomatologiýa hyzmatlaryny ýola goýmaga mümkinçilik döredildi. Şeýle hem merkeziň ýatymlaýyn otaglarynda hassalar üçin amatly şertler üpjün edildi. Saglygy goraýyş hyzmatlaryny öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin bu ýerde sanly ulgamyň, şeýle hem emeli aňyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylar.Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Halkara pediatriýa merkezi hem döwrebap merkezleriň biri bolup durýar. Bäş gatdan ybarat, jemi 17 bölümi bolan bu merkezde 1 müňe golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredildi. Halkara pediatriýa merkezi çagalara lukmançylyk hyzmatlaryny bermek üçin niýetlenendir. Lukmançylyk hyzmatlary dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş merkezleri bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylar. Şoňa görä-de, bu ýerde iň kämil we öňdebaryjy innowasion lukmançylyk enjamlary ornaşdyryldy.Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzda lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de «Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmekde we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm resminamalaryň biridigini aýtdy.Hormatly Prezidentimiz geljekde hem, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge uly üns beriljekdigini, döwrebap saglygy goraýyş edaralaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy.Ynsan saglygy ýurdumyzyň iň uly baýlygydyr. Adamyň saglygyny goramak bolsa biziň baş maksadymyzdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de dabara gatnaşyjylary we ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini hünär baýramy, şonuň ýaly-da, täze, häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy ýörite gurnalan monitorda sanly ulgam arkaly Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralaryna gatnaşyjylara hem görkezildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çykyşy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.Soňra hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş toý bagyny kesdi. Şol pursatda dürli reňkdäki şarlar asmana uçuryldy.Paýtagtymyzda ulanmaga berlen 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi howply we howply däl täze döremeleriň öňüni almak, irki döwründe anyklamak, olaryň öňüni almak hem-de ýöriteleşdirilen döwrebap bejergini geçirmek üçin iň täze lukmançylyk enjamlary we tehnologiýalar bilen üpjün edilen iri saglygy goraýyş toplumydyr. Merkeziň düzüminde gaýragoýulmasyz kabul ediş, maslahat beriş, şöhle we funksional anyklaýyş-radionuklid bejeriş, sagaldyş-dikeldiş, operasiýa bölümleri bilen bir hatarda, dermatologiýa, neýrohirurgiýa, kelle we boýun, çagalar onkologiýasy hem-de onkogematologiýasy, mammologiýa, ginekologiýa, urologiýa, koloproktologiýa, torakal-hirurgiýa, abdominal, ortopediýa, himiýa bejeriş we süňk ýiliginiň transplantasiýasy ýaly 20-den gowrak ýöriteleşdirilen ylmy-kliniki bölümler we barlaghanalar hereket edýär.Merkezde hirurgik, şöhle, himiýa, nyşana gönükdirilen (target) we immun bejergileri halkara standartlara hem-de multidissiplinar lukmanlar toparynyň (Tumor board) maslahatlaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň kämil enjamlary ornaşdyrylyp, olar öýjük derejesindäki madda çalşygyny bahalandyrmaga, täze döremeleri millimetr takyklygynda irki döwründe ýüze çykarmaga we metastazlary kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bejergiler az inwaziw, endoskopik we mikrohirurgik usullarda, şeýle hem şöhle arkaly we brahiterapiýa usulynda geçirilýär. Merkezde ornaşdyrylan 5G ýokary tizlikli internet dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen ylmy-amaly maslahatlary geçirmäge şert döredýär.Türkmenistanda ilkinji gezek döredilen süňk ýiliginiň transplantasiýasy ylmy-kliniki bölümi uly ýaşly näsaglar we çagalar üçin gemopoetik sütün öýjükleriniň transplantasiýasyny halkara standartlara laýyklykda geçirmek üçin döwrebap şertler bilen üpjün edilendir. Bölümde ýiti we dowamly leýkozlar, limfomalar, köp sanly miýeloma, aplastiki anemiýa, miýelodisplastik sindromy, talassemiýa, agyr immun ýetmezçilikleri we beýleki gematologik hem-de degişli onkologik keseller boýunça bejergiler geçirilýär. Bölümde autologik we allogen sütün öýjükleriniň transplantasiýasy, donorlary saýlamak hem-de taýýarlamak, sütün öýjüklerini ýygnamak we saklamak, transplantasiýadan öňki taýýarlyk hem-de soňky gözegçilik, şeýle-de dikeldiş işleri alnyp barylýar.Palliatiw kömek bölümi hem ýurdumyzda ilkinji gezek döredildi. Bu ýerde keseliň ötüşen görnüşleri anyklanan hassalara agyryny dolandyrmak, palliatiw himiýa-immuno bejergileri geçirmek, reanimasion we psihologik goldaw bermek hyzmatlary ýerine ýetirilýär.Şeýle hem merkezde Türkmenistanda ilkinji gezek döredilen himiýa derman serişdelerini taýýarlaýyş bölümi hem-de radiofarmasewtika önümçilik bölümi hereket eder. Bu bolsa derman serişdelerini göni merkeziň özünde öndürmäge we hiline gözegçilik etmäge mümkinçilik döredýär.Soňra hormatly Prezidentimiz binanyň mejlisler zalyna bardy we bu ýerde sanly ulgam arkaly Stomatologiýa merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.Sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda Hormatly il ýaşulusy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty G.Ataýew döwlet Baştutanymyzdan täze saglyk merkeziniň açylyş dabarasyna ak pata bermegini haýyş etdi.Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň açylyş dabarasyna ak pata berdi.Dabara gatnaşýan hormatly ýaşulular toý bagyny kesdiler. Soňra Stomatologiýa merkezinde döredilen şertler bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi.Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbine ajaýyp bezeg berýän 80 orunlyk täze Stomatologiýa merkezi döwrebap lukmançylyk enjamlary, sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr we ýokary hünärli stomatologik, äň-ýüz, anyklaýyş hem-de hirurgik kömegi bermek üçin niýetlenendir. Merkeziň düzüminde ýatymlaýyn kliniki we gatnawly stomatologiýa bölümleri, şol sanda äň-ýüz rekonstruktiw hirurgik, çagalar hirurgiýasy, implantologiýa, ortopediýa, ortodontiýa, endodontiýa, terapewtik stomatologiýasy ýaly köp sanly ýöriteleşdirilen bölümler hereket edýär. Hassalara diňe bir stomatologlar däl, eýsem, otorinolaringolog, oftalmolog, newrolog, kardiolog we pediatr ýaly ýöriteleşdirilen ugurlar boýunça hünärmenler hem lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýärler.Bölümlerde ornaşdyrylan «akylly» hem-de emeli aň tehnologiýalary uly we kiçi ýaşly näsaglarda az tygly, çylşyrymly mikro hem-de makrohirurgik amallary, diş hatarlaryny sazlamagy, protez-implant işlerini ýokary takyklykda geçirmäge şert döredýär. Şeýle hem merkezde gije-gündiziň dowamynda ilata hyzmat edýän gaýragoýulmasyz kömek zaly, şok otagy (shock-room), maslahat beriş, şöhle we funksional anyklaýyş, endoskopiýa, barlaghana hem-de fizioterapiýa bölümleri ýerleşdirilipdir. Anyklaýyş otaglarynda tüýkülik mäzleriniň kesellerini az inwaziw usulda bejermek, ýüz we üç şahaly nerwleriň fiziologik ýagdaýyny, çeýneýiş we mimiki myşsalaryň funksional işjeňligini hem-de dem alyş we ýürek-damar ulgamynyň görkezijilerini seljermek arkaly agyr patologiýalary irki döwürde ýüze çykarmak üçin ähli şertler döredilipdir.Merkeziň operasiýa otaglarynda sebitde ilkinji bolup robotlaşdyrylan kompýuter tomografiýasy we awtomatlaşdyrylan nawigasiýa ulgamlary ornaşdyryldy. Emeli aň esasynda işleýän bu enjamlar operatiw bejergi wagtynda diňe gerek bolan bölege az mukdarda şöhlelenme gönükdirip, dokumalardaky damarlaryň we nerwleriň topografik ýerleşişini 3D görnüşde görkezýär. Şeýle hem neýrohirurgik mikroskoplar arkaly iň kämil amallar howpsuz hem-de ýokary takyklykda ýerine ýetirilýär.Bejeriş otaglaryndaky ultrases we 3D skanerli ulgamlar uly göwrümli maglumatlary gysga wagtda seljerip, implantlaryň takyk ýerleşişini kesgitleýär. Bu ulgamlar 45 sany diş tehnigine niýetlenen sanly laboratoriýanyň kompýuter goldawly taslama we önümçilik toplumlary (CAD/CAM) bilen bitewi torda işläp, sirkoni we kämil keramika materiallaryndan emeli saýwanlary, winirleri hem-de çylşyrymly protezleri gysga möhletde taýýarlamaga mümkinçilik berýär.Mundan başga-da, endodontiýa bölüminde ilkinji gezek ornaşdyrylan, foto we wideo ýazgy mümkinçilikli sanly stomatologik mikroskoplar bejerginiň ýagdaýy baradaky maglumatlary hassanyň elektron kartasyna goşmaga we diş kökleriniň ýagdaýyna takyk baha bermäge şert döredýär. Barlaghana we fizioterapiýa bölümlerinde bolsa kariýes hem-de parodont howpuny öňünden kesgitleýän, patogenleri awtomatlaşdyrylan usulda seljerýän hem-de amallardan soňky dikeldiş döwrüni çaltlandyrýan, agyryny aýyrýan lazer, magnit, elektrobejergi we owkalama enjamlary ornaşdyrylypdyr.Soňra döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.Hormatly il ýaşulusy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti R.Bazarow sanly ulgam arkaly gutlag sözi bilen çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwletimiz her bir çaga mähirli garaýyş bilen howandarlyk edýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir.Halkara pediatriýa merkezi çagalar lukmançylygynyň iň döwrebap tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilip, täze innowasion usullaryň esasynda gatnawly we ýatymlaýyn şertlerde pediatriýa ugry boýunça keseli kesgitlemekde, onuň öňüni almakda we bejermekde netijeli saglygy goraýyş kömegini guramaga ýardam berer.Soňra ýaş nesliň wekilleri hormatly Prezidentimizden Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş dabarasyna ak pata bermegini haýyş etdiler.Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, dabara gatnaşýan hormatly ýaşulular toý bagyny kesdiler.Soňra Halkara pediatriýa merkezi bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi. Döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkezi 3 ýaşdan 18 ýaşa çenli çagalary we ýetginjekleri bejermek üçin niýetlenendir. Merkeziň esasy maksady häzirki zaman lukmançylygynyň öňdebaryjy tehnologiýalary we her bir çaga aýratyn çemeleşmäni utgaşdyrmak arkaly çagalaryň saglygyny goramakdan hem-de berkitmekden ybaratdyr. Merkeziň işiniň esasy ugurlary çagalarda döreýän dürli keselleriň öňüni almaga, olary ýokary takyklyk bilen anyklamaga, döwrebap we netijeli bejergini üpjün etmäge, lukmançylyk taýdan dikeldiş çärelerini geçirmäge hem-de çagalar we olaryň ene-atalary üçin amatly gurşawy döretmäge gönükdirilendir.Merkezde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlaryndan peýdalanylar. Olaryň aglabasy ýurdumyzda ilkinji gezek ornaşdyrylandyr. Bu enjamlar keselleri anyklamagyň we bejermegiň häzirki zaman usullaryny giňden ulanmaga, lukmançylyk kömeginiň hilini ýokarlandyrmaga we çagalaryň saglygy bilen bagly meseleleriň toplumlaýyn çözülmegine mümkinçilik berer.Halkara pediatriýa merkeziniň düzüminde radiologiýa, funksional anyklaýyş, endoskopiýa, gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi, kliniki-biohimiki barlaghana hem-de fizioterapiýa bölümlerini öz içine alýan maslahat beriş-anyklaýyş bölümi, 5 sany döwrebap operasiýa otagyndan ybarat operasiýa we sterilizasiýa bölümi hem-de anesteziologiýa we intensiw terapiýa bölümi hereket eder. Mundan başga-da, merkezde her haýsy 20 orunlyk bolan ýatymlaýyn bejergi we anyklaýyş, hirurgiýa, urologiýa, ortopediýa, kardiorewmatologiýa, umumy endokrinologiýa, pulmonologiýa we allergologiýa hem-de newrologiýa we epileptologiýa ýaly ýatymlaýyn bejergi we anyklaýyş bölümleri bar. Şeýle hem merkezde uly maslahat zaly we naharhana göz öňünde tutulypdyr.Merkeziň giň we ýagty zallary ertekileriň gahrymanlarynyň hem-de mähirli haýwanlaryň şekilleri bilen bezelen. Şeýle hem bu ýerde ilkinji ädimlerinden başlap, çagalaryň özlerini rahat we ynamly duýmagy üçin ýyly hem-de hoşniýetli gurşaw döredilendir. Ene-atalar lukmanyň kabul etmegine garaşýan wagty çagalar ýörite garaşylýan otaglarda ýerleşdirilen oýun meýdançalaryndan, oýunjaklardan peýdalanyp, wagtlaryny şadyýan geçirip bilerler. Şeýle gurşaw çagalaryň tolgunmasyny azaltmaga we lukmançylyk merkezinde bolýan wagtyny has ýakymly geçirmäge ýardam eder.Soňra Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezine halkara şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Ilki bilen, «ECRI» guramasynyň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde işewürligi ösdürmek boýunça hünärmeni Filip Hodsmana söz berildi. Ol hormatly Prezidentimizi we dabara gatnaşyjylary Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, bu ýerde dünýä standartlaryna laýyk gelýän onkologiýa tehnologiýalarynyň üstünlikli ornaşdyrylmagy, şeýle hem lukmançylyk tehnologiýalarynda we innowasiýalarda halkara standartlara laýyk gelýän öňdebaryjy onkologiýa infrastrukturasynyň döredilmegi bilen baglylykda, merkeziň tehnologik naýbaşylyga, häzirki zaman onkologiýa çözgütlerine we onkologik keselleri bejermekde üznüksiz innowasiýalara ygrarlylygyny ykrar edýän şahadatnamany gowşurdy.Soňra Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Lýudwig Maksimilian uniwersitetiniň kliniki hassahanasynyň III iç keseller bölüminiň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Maýkl fon Bergwelt-Baýldon çykyş edip, şu günki dabara gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi we ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünliklere ýokary baha berdi. Ol Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde döredilen mümkinçilikleriň dünýä standartlaryna laýyk gelýändigini aýdyp, Türkmenistanda döwrebap Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň üstünlikli döredilendigi, onkologik kesellere garşy göreşmekde we lukmançylygyň ilerlemeginde goşan möhüm goşandy, aýratyn yhlasy üçin şahadatnamanyň gowşurylýandygyny aýtdy.Soňra çykyş eden Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Bohum şäherindäki Rur uniwersitetiniň klinikasynyň neýrohirurgiýa bölüminiň uly lukmany, Oňurga merkeziniň direktory Malte Wize döwlet Baştutanymyzy we dabara gatnaşyjylary Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Ol merkeziň enjamlaşdyrylyşynyň ýokary derejesini belläp, onkologiýa kömegini bermekde gazanan ajaýyp üstünlikleri, öňdebaryjy innowasiýalary hem-de aýratyn ygrarlylygy üçin şahadatnamany gowşurdy.Soňra «German Design Council» guramasynyň hukuk, maliýe we işgärler bölüminiň wise-prezidenti Martin Hans Lokla söz berildi. Ol hormatly Prezidentimizi we dabara gatnaşyjylary mübärekläp, şu günki dabara gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy we Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezine «German Design Award Winner 2026» binagärlik baýragynyň şahadatnamasynyň gowşurylýandygyny yglan etdi.Halkara şahadatnamalary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow çykyş edip, döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Halkara pediatriýa we Stomatologiýa merkezlerini açyp berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.M.Gaýypow Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen Türkmenistanyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygynyň çäklerinde ilatyň saglygyny goramak, adamyň ömür dowamlylygyny artdyrmak, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň has-da rowaçlanýandygyny, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylan saglyk öýleriniň, bejeriş-anyklaýyş we ylmy-kliniki merkezleriň, halkara derejeli hassahanalaryň, sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň we şypahanalaryň halkymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýändigini belledi hem-de hormatly Prezidentimizden «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Hormat kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrmagyny haýyş etdi.Döwlet Baştutanymyz Hormat kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.Soňra hormatly Prezidentimiz merkeziň radionuklid anyklaýyş bölüminiň SPEСT/KT otagyna bardy. Bu ýerde bölümiň lukmany hormatly Prezidentimizi ABŞ-nyň «General Electric» kompaniýasynyň kompýuter tomografy bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, bu enjam ýurdumyzda ilkinji gezek ornaşdyrylýar. Onuň kömegi bilen bedene gamma şöhleli radiofarmasewtik derman serişdeleri goýberilýär. Olar onkologik öýjükleriň ýygnanan ojagynda jemlenip, onuň aýdyň şekilini görkezýär. Bu bolsa keseliň ojagyny tiz ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu enjam dokumalardaky kadaly we patologik metabolizm hadysalaryny tapawutlandyrmaga ýardam berýär. Şol bir wagtyň özünde, kompýuter tomografda goşmaça kontrastly anyklaýyş barlagy geçirilip, ornaşdyrylan emeli aň ulgamy netijeleri aýdyňlaşdyrmaga ýardam berýär. Bu bolsa takyk kesel kesgitlemesini anyklamakda, bejerginiň netijeli we kämil usulyny saýlamakda örän ähmiýetlidir.Lukman häzirki zaman dünýä standartlaryna laýyk gelýän lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini gurduryp berendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza saglygy goraýyş işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.Soňra hormatly Prezidentimiz radionuklid anyklaýyş bölüminiň PET/KT otagynda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Bu ýerde lukman döwlet Baştutanymyza bölümde ornaşdyrylan «Omni Legent Pozitron emission» tomografiýa enjamy barada maglumat berdi. Bu enjam ABŞ-nyň «General Electric» kompaniýasynyň iň täze önümi bolup, ýurdumyzda ilkinji gezek ornaşdyrylandyr. Ol sanly detaksiýaly gibrid enjamy bolup, özünde iki usulyýeti jemleýär. Enjam pozitron şöhlelenmeli radiofarmasewtiki derman serişdeleriniň kömegi bilen, bedende täze döreme ojaklaryny metabolik aýratynlygy boýunça ýüze çykarmaga niýetlenendir. Ol goşmaça kompýuter tomografiýasynda kontrast ergini bilen barlagy geçirmäge we ähli netijeleri emeli aňyň kömegi bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa onkologik keselleri irki döwürde takyk anyklamakda we daşlaşan ojaklary tapmakda ýardam edip, bejergini meýilleşdirmekde we netijeliligine baha bermekde ulanylýar. Şeýle hem enjamyň kömegi bilen beýniniň, ýüregiň işjeňligini, miokardyň we koronar damarlaryň ýagdaýyny bahalandyryp bolýar.Lukman sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalaryna jogap edip, ulgamyň işgärleriniň yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy hem-de döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygyny beýan etdi.Soňra hormatly Prezidentimiz umumy şöhle bejeriş bölüminiň şöhle bejeriş çyzykly tizleşdiriji (Linaс) otaglarynyň işi bilen tanyşdy. Bölümde ornaşdyrylan «Varian TrueBeam™ STx 3» ölçegli, ýokary takyklyga eýe radiohirurgiýa ulgamy örän kiçi, çylşyrymly we bedeniň kyn ýerlerinde ýerleşýän çişlere şöhläni millimetr takyklykda gönükdirip, bejergi işlerini ýerine ýetirmäge niýetlenendir. Enjamyň «HyperArc™» tehnologiýasy beýnide ýerleşýän birnäçe çiş ojagyna bir wagtda şöhle bejergisini geçirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu enjam «Identify» ulgamy bilen üpjün edilip, näsag bejergi wagtynda biygtyýar hereket etse, ulgam bejergini özbaşdak togtadýar. Bu ýokary takyklykdaky bejerginiň howpsuzlygyny has-da ýokarlandyrýar. Bu ulgamy döş kapasasynyň we öýkeniň töweregindäki çişleriň bejergisinde hem ulanyp bolýar. Ulgam şöhle bejergisini dem alşyň hereketine görä sazlaýar. Netijede, ýüregiň we öýkeniň sagdyn bölekleri şöhläniň zyýanly täsirinden goralýar. Şöhle bejergisini giň gerimde, howpsuz, ýokary tizlikde geçirmäge mümkinçilik berýän bu enjam diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde ilkinji gezek Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde ornaşdyrylandyr.Şöhle bejeriş bölüminde ABŞ-nyň «Varian» kompaniýasynyň emeli aň bilen üpjün edilen «ETHOS™» ulgamy hem ornaşdyrylyp, ol döwrebap şöhle bejergisini geçirmek üçin iň kämil enjamdyr. «ETHOS™» ulgamy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde hem iň täze bejeriş enjamy bolup, bu tehnologiýanyň Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde ornaşdyrylmagy ony öňdebaryjy merkezleriň hataryna goşýar. Bu ulgamyň iň möhüm aýratynlygy bejeriş meýilnamasynyň diňe bejergiden öň alnan barlaglaryň şekillerine görä däl-de, täze döremäniň şol günki anatomik ölçeglerine görä uýgunlaşdyryp bilmegidir. Bu ulgamda ornaşdyrylan kompýuter tomografiýa barlagyndan alnan üç ölçegli şekiller emeli aň arkaly seljerilýär, çişiň we sagdyn agzalaryň araçäkleri awtomatik usulda kesgitlenýär we bu mümkinçilikler bejeriş meýilnamasyny taýýarlamak işini çaltlaşdyrýar. Bu ulgam diňe bir adaptiw şöhle bejergisini däl-de, eýsem, radiohirurgiýa ýaly häzirki zaman ýokary takyklykdaky bejeriş usullaryny geçirmäge-de mümkinçilik berýär. Bejerginiň ähli tapgyrlary gysga wagtyň dowamynda ýerine ýetirilýär.Soňra döwlet Baştutanymyz merkeziň operasiýa bölümine bardy. Bu ýerde lukman hormatly Prezidentimizi operasiýa bejergisi geçirilýän otaglaryň işi bilen tanyşdyrdy.Bölüm iň çylşyrymly operasiýalary geçirmek üçin ähli şertler bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde Türkmenistanda ilkinji gezek «MicroPort MedBot» kompaniýasynyň «Toumai» robot enjamy ornaşdyrylypdyr. Bu ulgam üç sany esasy bölekden durup, hirurgyň operasiýany dolandyrýan ergonomik iş ýerinden, operasiýany ýerine ýetirýän dört sany robot elden we ýokary hilli şekilleri berýän şekillendiriş ulgamyndan ybaratdyr. Enjamyň şekillendiriş ulgamy operasiýa meýdanyny ulaldyp, dokumalary we gan damarlaryny 3D ölçegli, ýokary takyklykda hem-de hakykylyga ýakyn aýdyňlykda görkezýär.Robot adam eliniň tebigy titremesini doly derejede aýyrýan ýörite programma üpjünçiligine eýedir. Robot elleriň ujundaky hirurgik enjamlaryň hereketi ynsanyň goşar hereketiniň çäklerinden geçip, 540 gradusa çenli aýlanyp bilýär. Bu bolsa iň dar we barmasy kyn bolýan ýerlerde-de takyk hirurgik amallary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.«Toumai» innowasion tehnologiýasy ýokary tizlikli internet ulgamynyň utgaşdyrylmagy arkaly sekundyň müňden biri ýaly ujypsyz wagt gijikmesi bilen uzak aralykdan operasiýa geçirmäge mümkinçilik berýär. Açyk operasiýa bilen deňeşdirilende, «Toumai» robot ulgamy bilen has kiçi kesimli, iň az gan ýitgisi, operasiýadan soň az agyryly amallaryň geçirilmegi näsaglaryň gysga wagtyň içinde öz adaty durmuşyna we zähmet işjeňligine gaýdyp gelmegi ýaly amatlyklary döredýär.Şeýle hem bu ýerde Italiýanyň «Quanta System» kompaniýasynyň «Quanta Litho 100» we «Fiber Dust» enjamlary ornaşdyrylyp, olar häzirki zaman onkologiýasynda kämil lazer tehnologiýasydyr. «Quanta Litho 100» ýokary kuwwatly lazer bolup, urologik hirurgiýada köpugurly çözgüdi hödürleýär. «Fiber Dust» bolsa daşlary owratmak, täze döremeleriň döwrebap hirurgik bejergisinde ýumşak dokumalary kesmek, ablasiýa we beýleki takyk hirurgik amallary geçirmek üçin giňden ulanylýar.Bölümiň neýrohirurgiýa otagyndaky Germaniýanyň «BrainLab» kompaniýasynyň «LOOP-X» enjamy hem sebitde ilkinji gezek Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde ornaşdyryldy. 6 bogunly, ugruny ähli tarapa üýtgetmek ukyplylygy bolan robotlaşdyrylan enjamyň takyklygy iň ýokary derejededir. Bu bolsa neýrohirurgiýada howply täze döremeleri doly aýyrmaga mümkinçilik döredýär.Germaniýanyň «ZEISS» kompaniýasynyň «PENTERO» atly mikroskopy bolsa hirurg lukmanyň islegine görä gözegçiligi mikroskopyň okulýarynda ýa-da berkidilen monitorda operasiýa meýdanyny 60 essä çenli ulaldylan görnüşde ekzoskopda 3D şekilde görmäge mümkinçilik döredýär. Bu mikroskopdaky «Depth+» moduly beden agzalarynyň dürli çuňluklarynda operasiýa geçirmekde, beýnide, oňurga ýiliginde inçe we has takyk operatiw bejergileri geçirmekde uly ýeňillikleri döredýär.Lukman döwrebap lukmançylyk desgasyny gurduryp berendigi üçin döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.Soňra hormatly Prezidentimiz ambulator himiýa bejeriş bölümine bardy we himiýa bejergisi geçirilýän otaglaryň işi bilen tanyşdy.Bölümiň lukmany döwlet Baştutanymyza bu ýerde döredilen mümkinçilikler barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, bölümde ambulator, ýagny gatnawly şertlerde döwrebap himiýa, immuno hem-de target bejergileri geçirmäge doly şertler döredilendir. Bölüm fitobardan başlanyp, onda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde beýan edilen dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaý hödürlenilýär. Şeýle hem bölümde himiýa bejergisini alýan näsaglar üçin ýöriteleşdirilen rahat kürsüler toplumy goýlupdyr. Her bejeriş kürsüsiniň ýanynda ornaşdyrylan Germaniýanyň “Fresenius Kabi” kompaniýasynyň «Agilia» kysymly kämil infuzamat enjamlary derman serişdelerini ýokary takyklykda we mikro-doza mukdarynda awtomatik usulda sazlamak bilen, howpsuz bejergini geçirmek üçin şertleri döredýär.Şeýle hem kliniki monitorlar himiýa bejeriş amallarynyň dowamynda näsaglaryň ýürek urşuny, gan basyşyny, ganyň kislorod bilen doýgunlygyny we ýaşaýşyň beýleki möhüm görkezijilerini üznüksiz gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär. Bejeriş alýan döwründe näsaglaryň wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin bejeriş kürsüleriniň ýanynda ýörite monitorlar hem gurnalypdyr. Bölümde 2 sany ýöriteleşdirilen intensiw bejeriş otagy bolup, olar emeli dem beriş enjamy, defibrillýator ulgamy bilen üpjün edilendir.Lukman dünýä standartlaryna laýyk gelýän lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan merkezi sowgat berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy.Döwlet Baştutanymyz hem, öz gezeginde, lukmanlara işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.Soňra hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň adyndan ajaýyp haly sowgat berildi.Döwlet Baştutanymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezine, Stomatologiýa merkezine hem-de Halkara pediatriýa merkezine awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Şa serpaýy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirýän beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Ministrler Kabinetiniň agzalary Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.Hormatly Prezidentimiz täze saglygy goraýyş edaralarynyň açylmagy bilen hemmeleri ýene-de bir gezek gutlady we olara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.Şeýlelikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen açylyp ulanmaga berlen Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Stomatologiýa hem-de Halkara pediatriýa merkezleri ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.* * *Şu gün hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylyp ulanmaga berlen Stomatologiýa hem-de Halkara pediatriýa merkezlerine halkara şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Hususan-da, Stomatologiýa merkezine Agyz boşlugynyň saglygyny goramakda gazanan ajaýyp üstünlikleri, innowasion çemeleşmeleri, şeýle hem naýbaşylyga bolan aýratyn ygrarlylygy üçin şahadatnama; «German Design Award Winner 2026» binagärlik baýragynyň şahadatnamasy; «Döwrebap stomatologiýada naýbaşylyk» şahadatnamasy gowşuryldy. Halkara pediatriýa merkezine gowşurylan şahadatnamalaryň hatarynda bolsa Pediatriýada gazanan ajaýyp üstünlikleri, innowasion çemeleşmeleri, şeýle hem çagalara lukmançylyk kömegini bermekde naýbaşylyga bolan aýratyn ygrarlylygy üçin şahadatnama; «German Design Award Winner 2026» binagärlik baýragynyň şahadatnamasy hem-de «Ýokary hil we naýbaşylyk» şahadatnamasy bar.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz ir bilen paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Howa menzilinden hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäherine tarap ugrady.Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz mähirli garşylanyldy.Arkadagly Gahryman Serdarymyz hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugrady.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri girizildi. Şeýle hem mejlisde Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzüminiň adyndan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny hem-de işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglandygy üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi hem-de döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek, şeýle hem Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak maksady bilen zerur çäreler görüldi. Şunuň bilen birlikde, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça geçirilýän işler, şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň netijeleri barada aýdyldy.Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine häzirki wagtda dowam edýän, raýatlary harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine geçirilen prokuror gözegçiliginiň netijeleri hem-de prokuratura edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň kanunçylyk namalarynyň berjaý edilmegine prokuror gözegçiligini amala aşyrmak işlerini dowam etmegiň, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik bähbitleriniň, raýatlaryň hukuklarynyň goralmagyny hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi we bu babatda Baş prokurora birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň başyndan bäri gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan jemgyýetçilik düzgün-tertibini we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, hukuk bozulmalaryň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilen işler, şeýle hem sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” şygary bilen geçirilen biraýlygyň jemleri barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertip-düzgünini üpjün etmek, hukuk bozulmalaryň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi hem-de ministre ýol hereketiniň kadalarynyň we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýanwar — sentýabr aýlarynda gözegçilik edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmek we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunçylygy üpjün etmek, raýatlaryň hukuklaryny goramak, şeýle hem kazyýet ulgamyny ösdürmek, işgärleriň hünär bilimini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmegiň zerurdygyny belledi we şunuň bilen baglylykda Ýokary kazyýetiň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Soňra milli howpsuzlyk ministri D.Meredow şu ýylyň dokuz aýynda döwletimiziň milli bähbitlerini goramak we ýurdumyzda asudalygy üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ministrlik tarapyndan alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem netijeli dowam etmegiň möhüm ähmiýetini belledi we bu babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Döwlet serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barlan işler, harby gullukçylaryň gulluk şertlerini we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň serhediniň dost-doganlyk serhedidigini belledi hem-de gullugyň ýolbaşçysyna serhet goşunlaryny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda mukaddes serhetlerimiziň goraglylygyny yzygiderli üpjün etmegi tabşyrdy.Soňra adalat ministri M.Taganow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barlan işler, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ministrligiň işine öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek işini dowam etmegiň möhümdigini belledi hem-de ýurdumyzda kabul edilýän hukuk namalarynyň kanunçylyga laýyk gelmegine yzygiderli gözegçilik etmegi ministre tabşyrdy.Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barlan işleriň netijeleri, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen görlen çäreler we degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda gümrük düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleriň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri, gullugyň işine öňdebaryjy tejribäni işjeň ornaşdyrmak hem-de düzümi ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen geçirilen çäreler barada hasabat berdi.Şeýle hem gullugyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik däplerinden ugur alyp, daşary ýurt raýatlarynyň bir toparyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek baradaky resminama gol çekendigi üçin ýolbaşçylyk edýän düzüminiň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi hem-de döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gullugyň işini has-da döwrebaplaşdyrmak we raýatlara ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýtdy.Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren taryhy pursatlar bolup geçdi. Köpetdagyň eteginiň gözel künjegindäki Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz gatnaşdylar. Bu bolsa häzirki döwrüň şanly wakalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi.Daňdanyň tämiz çagynda dag etekleriniň gözelligi Aşgabadyň älemgoşar öwüşginli yşyklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Häzirki zamanyň ösen tejribesiniň we täzeçil tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagynda çekilen nurana ýollar türkmen halkynyň bagtyýar geljegine uzaýan menzilleri alamatlandyrýar.Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň berkararlygynyň aýdyň nyşanyna öwrülen nurana ýol bilen gidip barşyna ady rowaýata öwrülen we Döwlet tugrasynda mynasyp orun alan bedewiň hormatyna gurlan “Ýanardag” binasynyň deňinden geçdi. Munuň özi türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygyna bildirilýän hormatyň güwäsine öwrüldi.Täzeden gurlan bu ýoluň gurluş aýratynlyklary, onuň her bir tapgyrynyň gurluşygynyň halkara görkezijilere laýyk derejede ýerine ýetirilmegi we aýlawly ýoluň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagy ýurdumyzda sogap iş hasaplanylýan ýol gurluşygyna häzirki zaman talaplaryndan ugur alnyp çemeleşilýändigini görkezýär.Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz atyň taýçanaklykdan belent başly bedewe öwrülen şekilini janlandyrýan “Atly aýlaw” halkalaýyn ýolunyň daşyndan öwrüm etdi. Doly döwrebaplaşdyrylan ýolunyň ugrunda türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen bedew şekiliniň ýerleşdirilmegi ynsan gylykly atlaryň köp asyrlaryň dowamynda adamlaryň ýakyn syrdaşyna öwrülendigini görkezýär. Bu ýerde oturdylan bedewiň heýkeliniň ak reňkde bolmagy türkmen halkynyň “Ak zat alnyňa ýagşy” diýen paýhasly jümlesine gabat gelýär. Bedewiň ýüzüniň ilerik bolmagy bolsa ýurdumyzyň ösüşleriniň ilerleýändigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.Soňra Milli Liderimiz ýoluny dowam edip, düýpli döwrebaplaşdyrylan, täzeden gurlan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi.Toplumyň çäginde Gahryman Arkadagymyzy bu ýerde guralan dabara gatnaşýan Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, hormatly atşynaslar we köp sanly myhmanlar mähirli garşyladylar.Şanly wakanyň hormatyna ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Dünýä derejesinde uly şöhrat gazanan we ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagyna mynasyp goşant goşan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň çykyşlarynyň aýdym-sazlaryň ýakymly owazlary bilen utgaşmagy bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.Soňra bu ýerde häzirki zaman tehnologiýalary esasynda yşyklandyrylan şüweleň kompozisiýasy görkezildi. Munuň özi dabaranyň has täsirli we ýatda galyjy pursatlaryna öwrüldi.Gahryman Arkadagymyzyň toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy bilen, bu gün asmandan nur ýagdy. Nuruň ýagmagy bolsa berekediň, agzybirligiň, abadançylygyň nyşany bolup, behişdi bedewleriň hormatyna guralýan toýuň ähmiýetini has-da artdyrdy.Şüweleň tamamlanandan soň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz münbere geçip, dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi.Gahryman Arkadagymyz şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilýändigini aýdyp, bu günki taryhy waka — Ahalteke atçylyk toplumynyň açylmagy mynasybetli hormatly Prezidentimizi, mähriban halkymyzy, dabara gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady.«Behişdi bedewler» diýlip atlandyrylan ahalteke atlarymyz hemişe ata-babalarymyzyň ýakyn syrdaşy bolupdyr. Häzirki wagtda ahalteke bedewi ýurdumyzyň aýdyň keşbi, ösüşiň we abadançylygyň nyşany hasaplanýar. Dünýäde uly meşhurlyk gazanan ahalteke atlarynyň asyl mekanynda atçylyk pudagyny ösdürmek, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende götermek boýunça uly işler alnyp barylýar» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.Ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän ahalteke atçylyk sport toplumlarynyň hereket edýändigini belläp, Milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň ilkinji dörän gadymy hem-de keramatly topragynda bina bolan Arkadag şäherimizde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, «At — myrat» okuw merkeziniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň hem-de 600 orunlyk athana toplumynyň açylyp ulanmaga berlendigini, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň bolsa dünýä derejeli bäsleşiklerde gazanýan uly üstünlikleriniň halkymyzyň buýsanjyna öwrülendigini aýtdy.“Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumy ýylyň ähli paslynda atlar üçin ýakymly howa gurşawyna eýedir. Bu künjekde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek we tohumçylyk işini ylmy esasda alyp barmak üçin tebigy mümkinçilikleriň bardygyny bellemek gerek. Häzirki zaman toplumynyň bezeg işlerinde bedewleriň şekilleri öz beýanyny tapýar. Gurluşyk we binagärlik babatda ýerine ýetirilen işler bu ýeriň tebigaty bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär”.Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atlaryň sagdyn iýmitlenmegi üçin almanyň hem-de käşiriň ösdürilip ýetişdirilýändigini, bu ýerde ekilen Babarap almasynyň gadymy döwürden bäri atlaryň sagdynlygy üçin esasy iýmit bolup durýandygyny belledi. “Ahalteke bedewleri käşiri örän gowy görýär. Şonuň üçin bu ýerde käşiriň atlar üçin ýörite görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Ýörite meýdanda toplumyň bedewlerine niýetlenen ýorunja hem ösdürilip ýetişdirilýär. Weterinariýa ylmynyň tassyklamagyna görä, alma, käşir, arpa we ýorunja hem-de ýorunja bedesi atlar üçin ýokumly bolan serişdelere örän baýdyr. Bu ýerde ot-iým saklamaga niýetlenen ammarlaryň bolmagy atlaryň ýylyň dowamynda bol iýmitini üpjün eder” diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.Şeýle hem toplumyň çäginde häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen enjamlaşdyrylan bölümleriň we barlaghanalaryň hereket edýändigine ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyz olaryň her birinde atlaryň tohumçylyk işini, saglyk ýagdaýyny, beden gurluşyny ylmy esasda öwrenmek üçin ähli zerur şertleriň bardygyny belledi.Toplumyň esasy we dolandyryş binalary ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen üpjün edildi. Dolandyryş binasynda sanly ulgam arkaly atlaryň saklanyşy, iýmitlenişi, şeýle hem näçe wagt ukuda, näçe wagt aýak üstünde durandygy bilen tanşyp bolýar. Döwrebap toplumda seýisler hem-de atbakarlar üçin hem ähli amatlyklar döredildi. Toplumyň esasy girelgesindäki atly ýigidiň heýkeli, şeýle-de toplumyň merkezi künjeginde gurlan özboluşly heýkel ahalteke bedewleriniň ýeňişli ýollarynyň alyslara uzaýandygyny görkezýär.Atçylyk sporty boýunça türgenleşikleri geçirmäge niýetlenen açyk we ýapyk manežleriň hem-de ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigini geçirmäge niýetlenen meýdançanyň döwrebap derejede gurlandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atlar üçin niýetlenen fotostudiýanyň hem enjamlaşdyrylandygyny, onda ýylyň dört paslyny alamatlandyrýan görnüşleriň atlar bilen surata düşýänlerde ýakymly täsirleri galdyrjakdygyny aýtdy.Häzirki zaman athanalary, atlary seýislemek üçin niýetlenen bina, atlaryň suwda türgenleşdirilýän desgasy, çapuw ýodalary, at çapyşyklaryna tomaşa etmäge niýetlenen münberler häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýär. Topluma gelýän ýol, şeýle-de onuň yşyklandyryş ulgamy hem doly döwrebaplaşdyryldy. Ýoluň başy ady belli «Ýanardag» binasy hem-de «Atly aýlaw» heýkeli bilen bezelen. Şeýle hem tokaý zolaklarynyň döredilmegi bu künjegiň ekologiýa derejesiniň ýokary bolmagyny üpjün edýär.«Biz ýurdumyzyň beýik ösüşlerini bedew bady bilen baglanyşdyrýarys. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ulanmaga berilmeginiň aýratyn manysy bardyr. Bu toplumyň şu gün dabaraly açylmagy 2026-njy ýylyň şygaryny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny has-da şöhratlandyrýar.Türkmen halkynyň «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar» diýen nakyllary bar. Şonuň üçin-de, bu ajaýyp toplumda dabaraly toýlar tutulyp, at çapdyrylar, ýaryşlar geçiriler. Halkymyzyň bedewlere goýýan hormat-sarpasy bu toplumda geçiriljek dabaralarda has-da belende göteriler.«Aty baryň — ganaty bar» diýlişi ýaly, täze toplum biziň belent maksatlara ýetmegimize ganat berer» diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň behişdi bedewleriň mekanydygyny, şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan ahalteke atlarymyzyň halkymyzyň milli buýsanjydygyny, ahalteke bedewleriniň owadanlygy, ýyndamlygy, eýesine wepalylygy bilen dünýäni haýran galdyrýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden mysal getirdi:At gazanar goç ýigidiň,Owwal bedew aty gerek.Milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň waspynyň söz ýeterden aňyrdadygyny, «asman atlary» diýlip atlandyrylan behişdi bedewleriň taryhynyň halkymyzyň şöhratly taryhy bilen utgaşyklydygyny belledi. Gadymy döwürlerde pederlerimiz sarsmaz döwletleri, synmaz şäherleri gurupdyrlar. Ähli döwürlerde-de ahalteke bedewleri halkymyzyň ýakyn syrdaşyna öwrülipdir.Gadymy Merwde, ýagny Maru — şahu jahanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan maglumatlardan belli bolşy ýaly, türkmen atlarynyň bäş müň ýyldan gowrak taryhy bar. Munuň özi türkmen halkynyň öz işine ussat seýisleriniň, atşynaslarynyň yhlasyndan dörän milli gymmatlykdyr. Türkmen topragynyň dürli künjeklerinde gurlan kerwensaraýlar bu ýerleriň gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň merkezine öwrülendigine şaýatlyk edýär.«Häzirki döwürde türkmen halkynyň we ahalteke bedewleriniň gadymy şöhraty häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede täzeden dikeldilýär we ösdürilýär. Şunda her birimiziň goşandymyzyň bolmagy haýyr işlere dahylly bolmakdyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.“Bedewleriň iri ýaryşlardaky ýeňşi Watanyň şöhratydyr, halkyň abraýydyr. Şonuň üçinem, ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, ýaryşlarda atlarymyz ozsun! Watanymyzyň buýsanjy bolan ahalteke atlarymyzyň şan-şöhraty hemişe belentde bolsun!” diýip bellemek bilen, Gahryman Arkadagymyz hemmeleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň dabaraly açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we dabara gatnaşyjylara berk jan saglygyny, bagtyýarlygy, uly rowaçlyklary arzuw etdi.Milli Liderimiz çykyşyny bedew hakyndaky goşgy setirleri bilen jemledi.Ýerde ýörän, gökde uçan tagtym sen,Syrdaşym sen, myradym sen, bagtym sen,Ýüregimde ebedilik aýdym sen,Waspyň sena boldy dillere, bedew!Soňra Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly elçarpyşmalary bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň toý bagyny kesdi. Şeýlelikde, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan şanly wakalarynyň dabaralandyrylýan pursatlarynda «asman atlarynyň» behişdi mekanynda häzirki zaman binalar toplumy açyldy.Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen bilelikde toplumyň çägine girip, onuň ahalteke bedewlerini iýmitlendirmek üçin ýörite ekilen alma baglaryny we käşir ekilen meýdany synlady.Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda idedilýän bedewleriň ot-iým üpjünçiliginiň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy nazara alnyp, bu ýerde atlar üçin iýmit önümlerini ýetişdirmäge niýetlenen ýer bölekleri berildi. Onda atlaryň iýmit birliginde zerur hasaplanylýan käşir, alma baglary ösdürilip ýetişdirilýär.Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň çäginde bedewleriň arassa ganlylygyny saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak üçin niýetlenen seleksiýa binasy bolup, bu ýerde degişli işleri ylmy esasda alyp barmak we dünýäniň ösen tejribesini doly derejede özleşdirmek üçin ähli zerur şertler üpjün edilipdir. Munuň özi toplumyň taslamalary taýýarlananda we gurluşyk işlerinde köptaraply tejribeleriň netijeli ulanylandygyny görkezýär.Ahalteke atçylyk toplumynyň çäginde taýýarlanan ot-iýmleri gyş üçin saklamaga niýetlenen ammarlaryň bolmagy bu ýerde ýylyň ähli paslynda atlaryň ot-iým bilen üpjünçiliginiň nazara alnandygyny görkezýär. Munuň özi toplumyň çäginde bedewleriň sagdynlygy, olaryň ýörite kada esasynda iýmitlenmegi ugrunda ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulandygynyň aýdyň güwäsidir.Soňra Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylar bilen bilelikde, toplumyň çäginde oturdylan we onuň esasy bezegleriniň birine öwrülen kebelekleriň şekillerinden döredilen özboluşly Ýer togalagynyň üstünde ýerleşdirilen taýçanagyň heýkeliniň ýanyna geldi. Bu ýerde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde paýhasly pederlerimiziň zehininden dörän gadymy “Küştdepdi” aýdymly tans dessury ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde guralan çykyşlar şanly wakanyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi.Bedewleriň tebigat bilen sazlaşygyny görkezýän şekiliň sebitde ilkinji bolup ýerine ýetirilen Ýer togalagynyň kebelek şekillerinden döredilmeginde çuňňur many bar. Kebelek dünýä halklarynyň arasynda, şol sanda türkmen ilinde kalbyň açyklygynyň, täzeden döreýşiň, söýginiň, gözelligiň, erkinligiň we asudalygyň nyşany hasaplanylýar. Kebelegiň durmuşynda kynçylyklary ýeňip geçmegiň, ösüşiň we tebigy sazlaşygyň ugurlary öz beýanyny tapýar. Kebelekleriň ganatlary bolsa erkinligi, durmuş ajaýyplygyny, nepisligi alamatlandyrýar. «Asman atlarynyň» behişdi mekanynda oturdylan bu şekil türkmen halkynyň döredýän ajaýyplyklarynyň nepisligini özünde jemleýär.Joşgunly çykyşlar tamamlanandan soň, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary esasynda, ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde, olaryň sanyny artdyrmakda we türkmeniň atşynaslyk sungatyny dünýä ýaýmakda alyp barýan işlerini göz öňünde tutup, assosiasiýanyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň “Daqing Huiyou Breeding Co., Ltd.” atçylyk kompaniýasynyň başlygy Liu Şutsine 2023-nji ýylda doglan mele reňkli Dosthan atly ahalteke bedewini we bedewe degişli güwänamany gowşurdy.Hytaýly myhman ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda bolup, Gahryman Arkadag bilen didarlaşmagyň we dünýä atşynaslarynyň baş arzuwyna öwrülen ahalteke bedewiniň sowgat berilmeginiň özi üçin belent mertebedigini nygtady. Ol munuň üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, kompaniýasynda 1200 baş atyň bardygyny, olaryň 600-den gowragynyň ahalteke bedewleridigini aýratyn buýsanç bilen habar berdi.Soňra dabara gatnaşyjylar atçylyk toplumynyň döwrebap aýratynlyklary bilen tanyşdylar.Taryhy müňlerçe ýyllara uzap gidýän türkmen bedewleriniň şan-şöhraty barha artýar. Häzirki döwürde dünýä atşynaslary we ippolog alymlar ahalteke bedewleriniň ylmy esasda öwrenilmegine, olaryň taryhyna we reňk aýratynlyklaryna uly gyzyklanma bildirýärler. Munuň özi türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygynyň halkara giňişlikde nusgalyk derejä eýe bolýandygyny görkezýär.Bu ýerde atlar üçin niýetlenen fotostudiýanyň bardygyny bellemek ýakymly. Onda ýylyň dört paslyny alamatlandyrýan görnüşler atlar bilen surata düşýänlerde ýakymly täsir galdyrar. Dabara gatnaşýan myhmanlaryň ajaýyp şekilleriň öňünde bedew atlar bilen ýa-da paýtunyň üstünde ýadygärlik surata düşmekleri üçin hem zerur şertler döredilipdir.Açyk asmanyň astynda döredilen fotostudiýanyň ýörite bölüminde Hazar deňziniň şekili bolup, onda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalary arkaly bedewiň deňziň gyrasynda duran şekilini janlandyrmak mümkinçiligi üpjün edilipdir. Kenar ýakasynda peýwagtyna gezelenç edýän bedew bilen surata düşmek adamlarda ýakymly ýatlamalary döreder.Şeýle hem bu ýerde bahar paslynyň joş alýan pursatlarynda gül-gülzarlyga beslenen ýaşyl ýaýlalaryň şekiliniň surata düşýänleriň gyzyklanmasyna mynasyp boljakdygy gürrüňsizdir. Bahar paslynda türkmen kalbyna çalymdaş sähralar haly düşelen ýaly görnüşi janlandyrýar. Gülleriň içinde bedew bilen surata düşmek bolsa ýaşlarda ýakymly duýgulary döreder.Garagum sährasynyň ýakymly görnüşleri ak alaňlaryň üstünde gezelenç edýän bedewiň şekilini döretmäge mümkinçilik berýär. Bu şekiller eýer-esbaba beslenen bedewleriň gözelligi bilen utgaşyp, adamlarda ýakymly täsir galdyrar.Gyş paslynda belent dag gerişlerine düşen garyň gözelligini synlamak ýakymly duýgulary döredýär. Gar düşen dag eteklerinde bedew bilen surata düşmek her bir ynsanyň durmuşyndaky ýakymly pursatlaryň birine öwrüler.Toplumyň bu künjeginde ýaşlaryň surata düşmekleri, bagşy-sazandalaryň şekilli görnüşleri döretmekleri üçin zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmegi maksada laýyk bolar. Bu görnüşler täze durmuşa gadam basýan ýaş çatynjalar üçin bagtyýar ýaşaýşa badalga bolar. Munuň özi adam ömrüniň ýakymly pursatlarynyň aýdyň beýany bolup, ýaşlaryň durmuşynyň ajaýyp sahypalaryny özünde jemlär.Dünýä ýüzündäki şan-şöhraty belende galýan ahalteke bedewlerini ýokary derejede ösdürip ýetişdirmek, olaryň arassa ganlylygyny saklamak we baş sanyny artdyrmak üçin ähli zerur mümkinçilikleri özünde jemleýän toplumyň çäginde başga-da ugurdaş desgalaryň ençemesi guruldy. Olaryň hatarynda atçylyk toplumynyň awtoussahanasynyň bolmagy bu ýerde awtoulaglaryň dürli görnüşlerine ýokary derejeli tehniki hyzmatlaryň ýola goýulmagynyň göz öňünde tutulandygyny görkezýär. Desgalaryň hemmesiniň enjamlaşdyrylyş derejesi häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň çägine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly ilçiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, atşynaslar hem-de köp sanly myhmanlar mähirli garşyladylar.Döwlet Baştutanymyz toplumyň Baş girelgesiniň ýanynda ýaýbaňlandyrylan edebi-sazly kompozisiýa we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdi. Joşgunly çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda gazanylýan üstünlikleriň, ýurdumyzyň ýeten derejesiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň waspy ýetirildi.Hormatly Prezidentimiz joşgunly şatlyk-şowhunyň astynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Baş girelgesiniň toý bagyny kesdi. Dabara gatnaşýanlaryň şatlygy we ahalteke bedewlerine bolan buýsanjy bu ýerde emele gelen şanly wakalar bilen utgaşyp, ýurdumyzda gazanylýan ösüşleri, taryhy ähmiýeti bolan pursatlary äleme äşgär etdi.Döwlet Baştutanymyz täze toplumyň çägi bilen gidip barşyna onuň baş bezegine öwrülen “Atly ýigit” heýkelini synlady. Toplumyň bu çäginiň gözelligi, onuň abadanlaşdyrylyş aýratynlygy milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesinden binýat bolan görnüşleri özünde jemleýär. Bu bolsa toplumyň kaşaňlygyny, onuň özboluşly aýratynlyga eýedigini görkezýär.“Atly ýigit” heýkeli diňe bir sungat eseri bolman, eýsem, çuňňur many-mazmuny, milli nyşanlary özünde jemleýän desgadyr. Heýkel Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelýän myhmanlary garşylaýan esasy nyşandyr.Ahalteke bedewi asyrlarboýy türkmen halkynyň iň ýakyn hemrasy, wepaly dosty we buýsanjy bolup gelipdir. At üstündäki ýigidiň ynamly keşbi hem Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşleriniň, geljege tarap batly gadamlaryň nyşanydyr. Bu binagärlik eseri Türkmenistanyň şöhratly geçmişini we aýdyň geljegini bir bitewi keşpde görkezýär.Hormatly Prezidentimiz atçylyk toplumynyň çäginde ýerleşýän ýapyk maneže baryp, ol ýerde atly sport we konkur boýunça türgenleriň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdi. Bu görnüşler ýurdumyzda atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilmegi netijesinde degişli ugurlar boýunça ussat türgenleriň ýetişýändigini alamatlandyrdy. Mälim bolşy ýaly, atly sport we konkur bäsleşikleri boýunça halkara derejede geçirilýän ýaryşlara işjeň gatnaşýan türkmen türgenleri ýokary netijeleri gazanýarlar.Şeýle-de bu ýerde döredilen şertler, atlar üçin düşelen toprak, manežiň içiniň kadaly howasy, tomaşaçylar üçin amatlylyk, atlary türgenleşdirmek üçin ýörite döwrebap şertler, hususan-da, sanly ulgamyň aýratynlyklaryny öz içine alýan kämil mümkinçilikler ýaryşlara ýokary derejede taýýarlyk görmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu manežde atly sport bilen meşgullanýan türgenlerimiz yzygiderli türgenleşikleri geçýärler. Manež halkara ülňülere doly derejede laýyk gelmek bilen, bu ýerde sportuň konkur görnüşi boýunça dürli çempionatlary geçirip bolýar. Bu şertleriň ählisi atçylygy ösdürmek babatda edilýän aladalaryň aýdyň netijesidir.Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz toplumyň çäginde bar bolan athanalary, olarda atlary saklamak üçin niýetlenen ýokary derejeli mümkinçilikleri synlady.Hormatly Prezidentimiz türkmen bedewiniň şan-şöhratynyň bu gün Ýer ýüzüni haýran galdyrýandygyny belläp, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanylýan behişdi bedewlerimiziň halkymyzyň genji-hazynasydygyny we milli mirasydygyny aýratyn nygtady.Döwlet Baştutanymyz atçylyk toplumynyň açyk manežine geldi we bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdi. Bu meşhur topar dünýä giňişliginde geçirilýän halkara bäsleşiklere gatnaşyp, yzygiderli baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Toparyň dünýä atşynaslarynyň we sirk sungatynyň wekilleriniň ýokary bahasyna mynasyp bolýan çylşyrymly çykyşlary ajaýyp ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagyna mynasyp goşantdyr.Soňra hormatly Prezidentimiz atçylyk toplumynyň Baş binasyna geldi.Dabaranyň alypbaryjysy bu ýerde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli 35 sany atly ýigitleriň gatnaşmagynda dabaraly ýörişiň meýilleşdirilendigini yglan edip, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň dabarasyny belende göterjek taryhy wakanyň hormatyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň halk atşynasy, Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary Gahryman Arkadagymyzdan bu ýerde geçiriljek dabara badalga bermegini haýyş etdi.Gahryman Arkadagymyz münberiň öňündäki meýdança geldi we şanly baýramyň hormatyna guralýan 35 sany atly ýigidiň dabaraly ýörişine rugsat berdi.Türkmenistanyň Gahrymany, ýurdumyzyň halk artisti Annajemal Nurmuhammedowanyň ak paýtunyň üstünde ýerine ýetiren joşgunly aýdymy bilen dabaraly atly ýöriş başlandy. Bu görnüşler türkmen ilinde ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýulýandygynyň we «asman atlarynyň» şanyna guralýan tutumly toýlaryň uly dabaralara, ýatda galyjy pursatlara beslenýändiginiň ýene bir aýdyň nyşanyna öwrüldi.Münberiň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň atyň üstündäki çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ussat estrada ýyldyzlary joşgunly owazlary bilen ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Garaşsyz Watanymyzy, ahalteke bedewlerimizi wasp etdiler. Ýakymly aýdym-sazlar türkmen topragynyň sahawatynyň, ajaýyp ýurdumyzda berkarar bolan parahatçylygyň, abadançylygyň, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen hasyl bolýan belent maksatlaryň senasy bolup ýaňlandy.Bu ýerde türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň hatarynda möhüm orun eýeleýän alabaýlaryň gözellik bäsleşiginiň guralmagy toý meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan dabaralaryň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny üpjün etdi. Eminler toparynyň agzalary bäsleşige gatnaşan ýedi sany türkmen alabaýynyň arasyndan has tapawutlananlaryny seçip aldylar.Soňra gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyza eýerilip, ýurdumyzyň ussat çapyksuwarlarynyň arasynda toý çapuwy guraldy. Alypbaryjy toý çapuwyna her welaýatdan, Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden gatnaşýan ussat çapyksuwarlary we çapuwa taýýarlanan bedewleri mälim etdi. Şeýlelikde, toý çapuwyna gatnaşýan bedewler çapuw meýdançasyna çykdylar.Arkadag şäherinden Daghan atly bedewi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň halk atşynasy, Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary Gahryman Arkadagymyzyň çapjakdygy yglan edildi. Şol pursatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem münberden düşüp, meýdança geldi, Kerimguly Berdimuhamedow bolsa atasy üçin ýörite seýislän Daghan atly bedewi meýdança getirdi. Gahryman Arkadagymyz seýis agtygyna minnetdarlyk bildirdi we ilki bilen, asylly däbe eýerip, bedewiň boýnuna nepislik bilen taýýarlanan alajany daňdy. Bu görnüşler ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän mukaddes peder-perzent mekdebiniň asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändigini we dowamata atarylýandygyny görkezdi. Hut şunuň kimin ýagşy dessurlaryň rowaçlyk bilen dowam etmegi dürli döwürleri we dürli nesilleri baglanyşdyrýan däpleriň halkymyzyň durmuşyna röwşen nuruny çaýýandygyny has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.Biraz wagtdan toý çapuwyna badalga berildi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden gatnaşdyrylýan bedewleriň arasynda yglan edilen toý çapuwy barha gyzyşdy. Öz orunlaryny ýygy-ýygydan çalyşýan bedewleriň hemmesiniň ümzügi ýeňşe tarapdy. Ýöne, durmuş tejribesiniň tassyk edişi ýaly, bäsleşikde ussatlar öňe saýlanýar. Bu gezek hem şeýle boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde açylyp ulanmaga berlen täze toplumyň işine özboluşly badalga öwrülen toý çapuwynda ýaş seýis Kerimguly Berdimuhamedowyň taýýarlan bedewini çapan Gahryman Arkadagymyz ýeňiji boldy. Emin agzalary Milli Liderimiziň bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp bolandygyny yglan etdiler.Şol pursatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz münberden düşüp, Gahryman Arkadagymyzy gazanan ýeňşi bilen gutlady. Ýaş seýis Kerimguly bolsa bedewiň eýerini aýyrdy. Toýa gatnaşýan hormatly ýaşulular ýeňiş gazanan bedewe serpaý ýapdylar. Ýaş seýis taýýarlan bedewiniň jylawyndan tutup durşuna atasy, kakasy we hormatly ýaşulular bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi. Bu görnüşlerde ynsan kalbynda ýakymly duýgulary döredýän özboluşly gudrat bar.Dürli ugurlar boýunça ýaýbaňlandyrylan toý bäsleşiklerinde gazanylan ajaýyp ýeňşiň hormatyna joşgunly çykyşlara giň orun berildi. Şunda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň çapuw ýodasynda ýaýbaňlandyrylan çykyşlary täsirli pursatlara we ýatda galyjy wakalara baý boldy.Şeýle hem bu ýerde türkmen toýlarynyň esasy bezegleriniň birine öwrülen pälwanlaryň tutluşyklaryna badalga berildi. Meýdança çykan pälwanlar türkmen milli göreş sungatynyň ajaýyplyklaryny we sportuň bu görnüşiniň tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrýandygyny görkezdiler.Baýramçylyk dabaralarynyň geçýän ýerinde ýurdumyzyň “Sport” teleýaýlymynda täze döredilen “Bedew” gepleşiginiň ilkinji sanynyň hormatly myhmany hökmünde Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy A.Paýaýew bilen söhbetdeş boldy. Alypbaryjy, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy gazanan ýeňşi bilen gutlady hem-de ahalteke atlaryna aýratyn gadyr goýýan Milli Liderimiziň bedewleriniň serpaýly bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdi.Gahryman Arkadagymyz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, A.Paýaýewe türkmen halkynyň milli gymmatlygy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewlerini ýurdumyzda we halkara giňişlikde wagyz etmek ýaly asylly işlerinde mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi. Munuň özi şöhratly pederlerimiziň bize miras goýan ýagşy dessurlarynyň ýaş nesillere ýetirilmeginde ähmiýetlidir.Şunuň bilen baglylykda, ahalteke bedewleriniň gadymy şöhratyny dikeltmek, bedewler bilen baglanyşykly geçirilýän çäreleriň ähmiýetini açyp görkezmek we ony ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmegiň häzirki nesilleriň öňünde durýan wajyp wezipeleriň biridigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça zerur işleriň geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.A.Paýaýew degerli maslahatlary, öwüt-nesihatlary üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we Milli Liderimiziň degerli maslahatlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň “Sport” teleýaýlymynda ahalteke bedewleri, olaryň taryhy bilen baglanyşykly mowzuklary öz içine alýan gepleşikleriň taýýarlanylýandygyny, şu günki wakalaryň hem şol gepleşiklerde giňden beýan edilmegi ugrunda zerur işleriň geçiriljekdigini aýdyp, türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygyny wasp etmegi sogap iş hasaplaýandygyny nygtady. Şeýle hem ol öňde durýan wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetirilmegi ugrunda mundan beýläk-de ähli ukyp-başarnygyny, toplan tejribesini gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy.Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.Soňra çapuw meýdançasynda türkmen toýy bilen bagly däp-dessurlaryň görkezilişi boldy. Onda her welaýatyň özboluşly aýratynlyklaryna degişli toý dessurlary, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň baýramçylyk mynasybetli ýaýbaňlandyrýan tomaşalary görkezildi. Munuň özi ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan tutumly toýlaryň köpöwüşginli häsiýete eýe bolýandygyny görkezdi.Toý dessurlaryny görkezýän tans we folklor toparlarynyň, toýa gatnaşýan ýaşlaryň sazlaşykly çykyşlary bu ýerde guralan dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Şunda türkmen toýlarynyň gadymdan gelýän milli däplerine laýyklykda kaşaň bezelen kejebe bagt toýuny tutýan ýaşlaryň ömrüniň iň ýakymly pursatlaryny janlandyrdy. Kaşaň kejebäniň münberiň öňündäki meýdança gelip saklanmagy bilen, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan bäsleşikleriň ýeňijileri yglan edildi. Şeýle hem dabaranyň dowamynda ussat çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda geçirilen toý çapyşygynyň baýrakly orunlarynyň ýeňijileri yglan edildi.Şeýlelikde, toý çapyşygynda Ahal welaýatyna degişli Azamat atly bedew üçünji orna mynasyp boldy. Ony H.Aşyrow çapdy. Ýeňijä “Toyoto Camry” awtoulagy gowşuryldy. Bu ýaryşda ikinji orna Aşgabat şäherinden Şöhratly atly bedew mynasyp boldy. Ony bu ýaryşda T.Pirmyradow çapdy. Oňa “Toyota Fortuner” kysymly awtoulagyň açary gowşuryldy.Şanly toýuň hormatyna guralan ussat çapyksuwarlaryň toý çapuwynyň birinji ornuna we baş baýraga ýaş seýis Kerimguly Berdimuhamedowyň taýýarlan Daghan atly bedewi mynasyp boldy. Ony bu ýaryşda Gahryman Arkadagymyz çapdy. Ýeňijä “Range Rover Sport” awtoulagynyň gowşurylýandygy yglan edildi.Şol pursatda dabarany alypbaryjy Gahryman Arkadagymyzdan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýan etdi. Onda toý çapuwynda ýeňijiniň mynasyp bolan Şa serpaýyny Türkmenistanyň Goranmak ministrligine, ýagny seržant Kerimguly Berdimuhamedowyň gulluk edýän harby bölümine sowgat hökmünde geçirmek barada aýdylýar.Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Şa serpaýyny — harby bölüme gowşurylan awtoulagy uly hoşallyk duýgulary bilen kabul etdi.Soňra türkmen halkynyň dünýä beren gymmatlyklarynyň esasylarynyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň gözellik bäsleşiginde ýeňiş gazanan Arwana atly türkmen alabaýynyň ýeňşiniň “Toyoto Corolla” awtoulagy bilen sylaglanylýandygy mälim edildi.Soňra şanly toýuň hormatyna guralan türkmen milli göreşinde ýeňiş gazanan pälwanlary sylaglamak dabarasy boldy. Agramy 80 kilograma çenli pälwanlaryň arasynda geçirilen tutluşykda pälwan M.Nurberdiýew, 90 kilograma çenli pälwanlaryň arasynda G.Hemraýew, 100 kilograma çenli agram derejeli pälwanlaryň arasynda S.Rejepow, agramy 110 kilograma çenli pälwanlaryň arasynda bolsa A.Allaberdiýew, baş pälwanlaryň arasynda N.Baýdogdyýew ýeňiji boldular.Has tapawutlanan pälwanlaryň geçiren tutluşyklarynda ýeňiş gazananlara ýurdumyzda öndürilen telewizorlar sowgat berildi. Öz agramlary boýunça ýeňiş gazanan pälwanlar türkmen toýlarynyň bezegi bolan milli göreşiň halkara ähmiýetli ýaryş hökmünde ykrar edilendigi, milli sportuň yzygiderli ösdürilýändigi hem-de döwlet derejesinde sylaglanandyklary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny mälim etdiler.Ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda geçirilýän dabaralar behişdi bedewlerimiziň jemgyýetimizde möhüm orun eýeleýändigini we atlarymyzyň toý-baýramlarymyzyň esasy bezegine öwrülýändigini alamatlandyrýar. Bu ýerde şanly wakanyň hormatyna guralan dabarada birek-birege göwün beren ýaş juwanlaryň durmuş toýuna möhüm ornuň degişli bolandygyny bellemek ýakymly.Hormatly Prezidentimiz ýaşlara ýüzlenip, olaryň durmuş toýlarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna gabat gelmeginde çuňňur manynyň bardygyny aýtdy. “Bedew at myrada ýetirýär, döwlet getirýär” diýen paýhasly jümläni mysal getirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlary durmuş toýlary bilen ýene-de bir gezek gutlap, olara toý sowgady hökmünde täze jaýyň açaryny gowşurdy.Şu pursatda ýaşlaryň bagtyýarlygynyň, şatlygynyň çägi bolmady. Aýratyn-da, ýaşlaryň mähriban ejesi hormatly Prezidentimize ene ýüreginden syzdyryp, çuňňur hoşallygyny mälim etdi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan özleri bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdi.Döwlet Baştutanymyz bagtyýar maşgalanyň haýyşyny kanagatlandyryp, olar bilen ýadygärlik surata düşdi.Çapuw meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan dabara bolsa belent ruha, şadyýan aýdym-sazlara, joşgunly tanslara beslendi.Soňra bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň dabaraly bellenilýän pursatlarynda bu günki ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutladylar.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli şu günki ajaýyp wakalar bilen gutlap, hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.Umuman, behişdi künjekde ýaýbaňlandyrylan dabara ýurdumyzyň täze taryhyna altyn sahypa bolup ýazyldy.
Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi....Maslahat köşgünde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Mejlise gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.Soňra Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara ýüzlenip, ilki bilen, olary we ýurdumyzyň ähli halkyny jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşyndaky möhüm waka — ata Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, abadan, bagtyýar durmuş, merdana türkmen halkymyza gülläp ösüş we bagtyýarlyk arzuw etdi. Milli Liderimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde merdana ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilýändigini aýtdy.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulularymyz, mähriban enelerimiz, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleri hem-de beýleki çagyrylan adamlar gatnaşdylar.«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda biz ýurdumyzyň baş baýramyny — beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny aýratyn buýsanç bilen garşylaýarys. Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ägirt uly işler amala aşyryldy. Türkmenistan dünýäniň abraýly hem-de kuwwatly döwletleriniň birine öwrüldi» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.Geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyz syýasy-diplomatik, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda belent sepgitlere ýetdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz bedew batly ösüşini ynamly dowam edýär. Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlyk toýumyzyň eziz Watanymyza bolan milli buýsanjymyzy has-da berkidip, täze üstünlikleri gazanmaga we belent sepgitlere ýetmäge güýç-kuwwat berjekdigine berk ynam bildirdi.Dabaraly pursat gelip ýetdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisini açyk diýip yglan etdi.Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň durmuşyna degişli wajyp soraglaryň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny hem-de möhüm çözgütleriň kabul ediljekdigini aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnananlaryň biragyzdan goldamagynda we doly makullamagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibiniň tassyklanylandygyny yglan etdi.Soňra Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip: “Ýene-de sanlyja günden biz berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny ýokary derejede, giňden belläp geçeris” diýdi.“Garaşsyz Diýarymyzyň halkara abraýyny, şan-şöhratyny, milli mertebesini belende göterýän bu şanly sene biziň her birimizi beýik maksatlara ruhlandyrýar. Biz Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ýoluny, öňde durýan wezipeleri aýdyň kesgitledik. Ata Watanymyzy durmuş-ykdysady, senagat taýdan kuwwatly döwlete öwürmek boýunça belent maksatlary goýduk” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.Bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary özboluşly şan-şöhratly we taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady we medeni wakalara baý boldy. Bu wakalar ata Watanymyzyň beýik ösüşlere tarap yzygiderli öňe barýandygyny, halkara abraýynyň ýokarlanýandygyny, alyp barýan daşary we içeri syýasatymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanýandygyny aýdyň görkezdi.“Garaşsyzlygymyzy gorap saklamak we berkitmek biziň beýik maksadymyzdyr. Ýurdumyzyň her bir raýaty bu beýik maksat üçin, döwletimiz, halkymyz, Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplygymyz üçin ak ýürekden gulluk edýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Halk Maslahaty adamlary belent maksatlaryň daşynda birleşdirip, öňe alyp gitmekde uly güýç bolup çykyş edýär!” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.Garaşsyzlyk ýyllarynda Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin netijeli işler amala aşyryldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň täze ulgamy döredildi, döwletimiziň konstitusion gurluşy has-da kämilleşdirildi. Ýerasty we ýerüsti baýlyklarymyz bilen birlikde milliligimizi gorap saklamak, baýlaşdyrmak hem-de dünýä ýaýmak ugrunda hem uly işler amala aşyryldy.Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, watandaşlarymyzyň parahat, abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary, ýokary we orta okuw mekdepleri, çagalar baglary, saglyk merkezleri, döwrebap etraplar, şäherler we obalar guruldy.“Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli özgertmek, sebitlerimiziň ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösüşini üpjün etmek bilen bagly wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.Bellenilişi ýaly, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ähli ýurtlary we halklary hormatlamak daşary syýasat ugrumyzyň esasy düzgünleri hökmünde kesgitlendi. Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän ýurdumyz oýlanyşykly daşary syýasaty amala aşyryp, dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda baý tejribe toplady.Ýurdumyzyň geosyýasy hem-de geoykdysady mümkinçilikleri parahat durmuşyň hatyrasyna gönükdirildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara giňişlikdäki ýokary derejeli strategik hyzmatdaşy Birleşen Milletler Guramasy bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň üç gezek ykrar edilmegi, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy möhüm syýasy wakalardyr.Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi, Halkara Bitaraplyk gününiň esaslandyrylmagy buýsandyryjy wakalardyr. Şeýle hem umumadamzat gymmatlyklaryna daýanýan «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýamyz dünýäniň syýasy giňişliginde möhüm ähmiýete eýe boldy.“Men bularyň ählisini biziň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, dostluk we ynsanperwerlik gymmatlyklarymyza dünýä bileleşigi tarapyndan berlen iň uly baha, ýokary ynam diýip hasap edýärin” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.“Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli durmuşa geçirmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli amala aşyrýar. Ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlarynyň ählumumy möhüm wezipelerini hem-de görkezijilerini milli ösüş strategiýalaryna we maksatnamalaryna ornaşdyran ilkinji döwletleriň biridir.Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ýokary hilli bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň elýeterlililigini üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek we beýleki ählumumy soraglar boýunça amala aşyrýan işlerimiz döwletimizi dünýäniň syýasy we ykdysady taýdan durnukly ösýän ýurdy hökmünde ykrar edýär” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ýetilen sepgitler, ilkinji nobatda, döwletliligimiziň binýady bolan beýik Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan Türkmenistany dünýäniň senagat we ulag-logistika merkezleriniň birine öwürmek üçin uly işlere badalga berildi. Bu döwürde milli maýa goýum strategiýasy netijeli amala aşyrylyp, Türkmenistanda döwrebap täze pudaklar hem-de senagat kärhanalary döredildi.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda elektrik energiýasy, nebit we gaz senagaty, metallurgiýa, himiýa senagaty, gurluşyk, elektron, dokma hem-de azyk, derman senagaty ýaly möhüm pudaklardan ybarat bolan köpugurly ykdysadyýet emele geldi. Ýurdumyzda senagat pudagyny ösdürmek milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň we eksport mümkinçiliklerini artdyrmagyň baş ugry hökmünde amala aşyrylýar.“Bu ugurda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda iri senagat desgalary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda möhüm orna eýedir. Bu senagat desgalarynyň ählisi ahyrky netijede raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat edýär. Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod, «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» zawodlary, «Balkan», «Lebap» we «Bäherden» sement zawodlary, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy öz önümleri bilen ýurdumyzyň senagatlaşma strategiýasyna we importyň ornuny tutýan önümçilige ägirt uly goşant goşýar” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagynyň gurluşy düýpli özgerdi. Ýurduň obasenagat pudagyny ösdürmek bilen pagta we galla hasylyny ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm bolup durýar.Energetika senagaty hem ýokary depginde ösdürilýär. Täze gazturbinaly elektrik stansiýalary gurlup, Gün, ýel stansiýalary ýaly innowasion taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Geljegi uly we çalt depginler bilen ösýän pudaklaryň ýene biri himiýa senagatydyr. Ýurduň tebigy baýlyklary mineral dökünleriň ähli görnüşini öndürmäge mümkinçilik berýär. Himiýa kärhanalary ýokary hilli mineral dökünleri, tehniki ýody, sulfatdyr beýleki himiki önümleri öndürýär.Gahryman Arkadagymyz çykyşyny dowam edip, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň hem yzygiderli ösýändigini belledi. Täze-täze nebitli-gazly ýataklar açylyp ulanmaga berilýär. Nebitgaz önümlerini gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklar gurlup, halkara taslamalar durmuşa geçirilýär.«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmaga, halkara energetika bazarlaryna iberilýän harytlaryň möçberini hem-de ugurlaryny giňeltmäge gönükdirilen strategiýadyr.“Durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň biri hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygydyr. Bu transmilli taslama ýurdumyzyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir hem-de tutuş sebitiň durnukly ösüşine we doganlyk halklaryň abadançylygyna gönükdirilendir” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.Bellenilişi ýaly, tebigy gazyň gorlary boýunça ägirt uly «Galkynyş» gaz käni bolsa ýurdumyzyň tebigy-serişde binýadynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ägirt uly gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi tebigy gazyň ýurduň içine hem-de halkara bazarlara ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şu ýyl «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmeginiň dördünji tapgyryna badalga berildi. Bu taslama ýylda goşmaça 10 milliard kub metr harytlyk gazy gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýän desgalary döretmegi göz öňünde tutýar. Bu tapgyryň durmuşa geçirilmegi täze iş orunlaryny döretmek bilen, gazyň çykarylyş möçberlerini, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam berer. Ýurdumyzyň halkara energetika bazaryndaky ornuny has-da berkider.Bellenilişi ýaly, 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi geçen 18 ýylyň içinde 30 müňe golaý agzany özünde jemleýän iri jemgyýetçilik guramasyna öwrüldi. Birleşmäniň agzalary tarapyndan gurlan 1500-den gowrak senagat ugurly önümçilik hereket edýär. Olar plastik, metal önümleri, gurluşyk materiallaryny, dürli himiýa önümlerini, haly önümlerini, elektroenjamlary, öý harytlaryny, mebelleri we azyk önümlerini öndürýän köp sanly kiçi we orta zawodlary öz içine alýar.Ýurdumyzyň senagat düzüminde täze ugurlar hem açylýar. Şolaryň biri-de elektron senagatydyr. Elektron senagaty milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek we importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek maksady bilen ýurdumyzda giňden ösdürilýän täze we innowasion pudakdyr.Häzir ykdysadyýetiň hiç bir pudagyny ýokary tehnologiýalary peýdalanmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl. Milli elektron senagatynyň döredilmegi ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny has-da ösdürmäge mümkinçilik berýär. Innowasion, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan elektron senagaty döretmek we ösdürmek, şeýle hem bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak şu günüň möhüm wezipesi bolup durýar.“Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň elektron senagaty döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň çäklerinde dürli görnüşli we ýokary hilli önümleri öndürýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.Bellenilişi ýaly, senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy hem uly ösüşe eýe bolýar. Ýurdumyzda döwrebap senagat kärhanalary yzygiderli gurulýar, bar bolanlarynyň durky täzelenýär. Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary zerur bolan gurluşyk önümleri we beýleki serişdeler bilen üpjün edýär.“Ýurdumyzda halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlar senagat pudaklarynyň okgunly ösüşine uly itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy mundan beýläk-de senagat taýdan ösdürmäge gönükdirilen uzak möhletleýin strategiýanyň kabul edilmegini, şeýlelikde, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň täze tapgyryna badalga berilmegini möhüm wezipeleriň biri hasap edýärin” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.Gahryman Arkadagymyz çykyşyny dowam edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünliklerde ýaşlarymyzyň hyzmatynyň örän uludygyny nygtady. Dünýä derejesindäki abraýly ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda hem-de sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlarymyzy, olaryň halypa mugallymlaryny we tälimçileri sylaglamak indi asylly däbe öwrüldi. Ýaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn ösen şahsyýet hökmünde kemala gelmegi, olaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär.“Men bu barada Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde bilim işgärleri, talyp ýaşlar hem-de okuwçylar bilen geçen umumy sapagymda giňişleýin durup geçdim. Döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegini möhüm hasap edýärin” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri munuň ýaşlar barada döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge ýardam berjekdigine berk ynam bildirdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli şäherlerinde, obalarynda häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralary gurulýar. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda hem daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebi, çagalar bagyny hem-de sport binasyny öz içine alýan desgalar toplumynyň gurluşygy dowam edýär. Bu desgalar toplumy kämil ýaşlaryň ýetişmegini üpjün edýän okuw-usulyýet toplumyna öwrüler. Bu bolsa ýaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn bilimli we sagdyn bedenli bolmagyna giň ýol açar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna gurulýan orta mekdepde we çagalar bagynda ýaşlaryň zehinini ösdürmek maksady bilen, dürli dersleriň işi ýola goýlar. Şeýle hem bu ýerde ene-atalar üçin zerur mümkinçilikleri özünde jemleýän otagyň döredilmegi bilim-terbiýeçilik işinde örän netijeli bolar. Dünýä tejribesinden ugur alyp, halkara talaplara laýyk gelýän bu orta mekdepde we çagalar bagynda ýaş neslimize kämil, döwrebap hünär taýýarlykly pedagoglaryň bilim-terbiýe bermegi möhüm bolup durýar. “Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli bilim ulgamyny ösdürmegiň milli institutyny döretmek boýunça teklipleri taýýarlamaly we bu ugurda degişli işleri geçirmeli. Şeýle hem ýurdumyzda ýokary hünärli pedagogik işgärleriň durnukly işlemegini üpjün etmek maksady bilen, okuw dersleri boýunça mugallymlara bolan islegiň bäş ýyllyk çaklamasyny taýýarlamaga möhüm ähmiýet bermeli. Netijede, pedagogik ugurly bilim edaralarynyň uçurymlary orta mekdeplerde we çagalar baglarynda öz alan bilimi we başarnyklary boýunça ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmäge mynasyp goşandyny goşarlar” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda ylmyň gazananlary önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Ýokary okuw mekdeplerinde hem-de olaryň binýadyndaky ylmy merkezlerde ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Innowasiýalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde goşmaça maliýe serişdeleri gazanylýar. Netijede, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-tehniki hem-de ylmy binýadyny berkitmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz maliýe serişdelerini ylym-bilim bilen bagly işlere, aýratyn hem, talyplaryň we ýaş alymlaryň ylmy başlangyçlaryny goldamaga gönükdirmegi maslahat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan konstitusion esasda her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan başlap, durmuş syýasaty, öňi bilen, zähmeti goldamaga we goraga mätäç raýatlara gönükdirilendir. Köp çagaly maşgalalara, hossarsyz çagalara, weteranlarymyza giňden goldaw berilýär. Her bir raýatyň mynasyp durmuş şertlerinde ýaşamagyna gönükdirilen bu syýasat jemgyýetimiziň agzybirligini, ýurdumyzyň syýasy hem durmuş taýdan durnuklylygyny üpjün edýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi gadymdan gelýän ynsanperwer däplerimiziň täze mazmun bilen dowam etdirilýändiginiň we yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. “Her bir döwletiň durmuş-ykdysady kuwwaty, her bir jemgyýetiň sagdynlygy, ilkinji nobatda, adamyň saglygy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge, öňdebaryjy saglygy dikeldiş merkezlerini hem-de şypahanalary gurmaga, halkyň saglyk ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Dünýä belli meşhur lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlykda netijeli işler durmuşa geçirilýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Arkadag şäherinde ýerleşýän «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy ýerli çig mallar esasynda ýokary hilli lukmançylyk we sarp ediş serişdelerini öndürmekde möhüm işleri durmuşa geçirýär. Halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen «Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin täze gözýetimleri açýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri geljekde hem milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini ösdürmegiň dowam etdiriljekdigini nygtady. “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyzdyr. «Atym bar — ganatym bar», «At agynan ýerde toý bolar», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» diýlişi ýaly, halkymyz ähli haýyr işleri bedew bilen baglanyşdyrýar. Gözelligiň we kämilligiň nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň okgunly ösüşleriniň baş nyşanyna öwrüldi. «Asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip, dünýä ýüzünde meşhur bolan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda geçiriljek atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasy işlenip taýýarlandy. Bu çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi. Şu ýyl Monte-Karloda geçirilen halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna halkara güwänamalaryň gowşurylmagy ajaýyp waka boldy. Atçylyk sporty bilen meşgullanýan ýaşlarymyz dünýä döwletleriniň birnäçesinde atlar we atçylyk sungaty bilen bagly geçirilen halkara maslahatlara, çempionatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary ussatlyklaryny görkezdiler.“Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty bolsa ahalteke bedewleriniň halkara abraýyny we şan-şöhratyny artdyrmakda aýratyn möhüm waka boldy. Ýene-de sanlyja günlerden bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde biz Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumyny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga bereris. Bu zatlaryň ählisi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda dünýäde uly meşhurlyk gazanan behişdi ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende göterdi” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady. Bellenilişi ýaly, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Arkadag şäheri ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik üstünlikleri bütin dünýä aýan edýän iri şähergurluşyk taslamasydyr. Şäherde ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, sanly ulgam mümkinçilikleri raýatlaryň ýaşaýyş derejesini täze belentliklere göterýär.“Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasy amala aşyrylýar. Bu ugurdaky tejribämizi geljekde ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde, şol sanda Aşgabat şäherinde hem giňden ulanarys. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde, azyk, senagat önümlerini, derman we lukmançylyk serişdelerini öndürmek üçin kärhanalar hem gurulýar. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy 2027-nji ýylyň şanly wakasyna öwrüler. Biz bu toýa häzirden gowy taýýarlyk görmelidiris. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döredip, anyk meýilnamalar esasynda yzygiderli işleri alyp barmalydyrys” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.Watana bolan söýgi mukaddesdir. Watanyňy janyňdan eziz görmek, onuň her daban ýerini gözüň göreji ýaly aýap saklamak her bir ynsanyň mukaddes borjudyr. Islendik ynsanyň kalbynyň töründe Watana bolan belent we mukaddes söýgi bolmalydyr. Biziň eziz Watanymyz — bagtyýarlygyň we döwletliligiň mekanydyr. Bu gadymy hem mukaddes toprakda pederlerimizden miras galan agzybirlik bar, halallyk bar.“Berkarar döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy adam we onuň abadançylygydyr. Raýatlarymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşyny üpjün etmek biziň baş maksadymyzdyr. Bagtyýar halkymyzyň agzybirligi we jebisligi biziň güýçli döwletimiziň sarsmaz sütünidir. Biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyz hem-de hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymaty halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyna gönükdirilendir. Biz geljekde hem alyp barýan bu syýasatymyzy üstünlikli dowam etdireris” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.Gahryman Arkadagymyz öz çykyşyny tamamlamak bilen, mejlise gatnaşyjylara hem-de mähriban halkymyza berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş arzuw etdi.Soňra wekiliýetleriň agzalaryndan gelip gowşan tekliplere laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň prezidiumy saýlanylýar. Gahryman Arkadagymyz olara öz ýerlerine geçmeklerini haýyş edýär.Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine hödürlenen soraglar boýunça çykyş etjek adamlara söz berildi.Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara söz berdi.Ilki bilen, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gutly Ballyýew çykyş etdi. Ol çykyşynyň başynda Gahryman Arkadagymyzy we mejlise gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy bilen Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşýan ýaşulularyň adyndan Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ata-babalarymyzyň döwletli ýörelgelerinden ugur alyp, her bir tutumly işde ýaşulular hem-de halkymyz bilen maslahatlaşmagy ýaşuly nesil üçin uly mertebedir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi pederlerimiziň mukaddes däpleriniň we halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň, halkara saglyk merkezleriniň, bilim ojaklarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi munuň aýdyň güwäsidir.«Şu ýyl ýurdumyzyň babadaýhanlarynyň uly zähmet ýeňşini gazanyp, Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrmaklary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesine toý sowgady boldy» diýip, G.Ballyýew sözüni dowam etdi. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan durmuşa geçirilýän işleriň halkara derejede ykrar edilýändigini aýdyp, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň çagalary üçin ynsanperwerlik kömekleriniň iberilmeginiň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäherinde metjidiň gurluşygynyň ýerine ýetirilmeginiň ähmiýetini nygtady. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäherinde gurluşygy dowam edýän metjidiň adynyň “Arkadagyň ruhy metjidi” diýlip atlandyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän sahawatly işlerine bolan buýsanjyň nyşanydyr.Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy G.Ballyýew pursatdan peýdalanyp, her ýylda ildeşlerimiziň haj parzyny berjaý etmeklerine döredilýän şertler üçin hajy Arkadagymyza hem-de Arkadagly hajy Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdi. Ol ýaşlarymyzyň Watana wepaly, milli ýörelgelerimize ygrarly, zähmetsöýer, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ýaşuly nesliň adyndan ynandyrdy hem-de Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edip, çykyşyny şahyrana setirler bilen jemledi.Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Perhat Çaryýewe söz berildi. Ol çykyşynyň başynda Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hemişelik Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasaty hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi üç gezek ykrar edilen Türkmenistan halkara giňişlikde sebit we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Bu başlangyçlar dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalar munuň aýdyň beýanydyr.Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofik taglymatlary tutuş dünýäde durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmekde parahatçylygyň ýeke-täk ygtybarly gural bolup durýandygyny aýdyň görkezýär.P.Çaryýew çykyşyny dowam edip, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň geçen umumy okuw sapagynda Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy köklerini, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň derwaýys ugurlaryny beýan edendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän «Bitarap Türkmenistan», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplary, «Ýaşasyn parahat durmuş!», «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen eserleri ýurdumyzyň bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatyny aýdyň beýan edýär.P.Çaryýew Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdi we ajaýyp goşgy setirleri bilen sözüni jemledi.Soňra Mary welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukmany Maýagözel Akmämmedowa söz berildi. Ol çykyşynyň başynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň adyndan Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak hem-de adamyň ömür dowamlylygyny uzaltmak we saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan “Saglyk” Döwlet maksatnamasy häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýar. Bu maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş desgalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Nygtalyşy ýaly, Aşgabat şäherinde, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde köpugurly hassahanalaryň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň çagalaryň bagtyýar geljegini üpjün etmekde alyp barýan işiniň halkara giňişlikde ykrar edilýändigi buýsanç bilen bellenildi.M.Akmämmedowa Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi we şahyrana setirler bilen çykyşyny jemledi.Soňra “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gämi gurluşykçysy Abdylwepa Araztuwakowa söz berildi. Ol çykyşynyň başynda Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli ulag we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgesinden gözbaş alýan döwlet syýasatynyň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar.Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Türkmenistan Ýewraziýa yklymynyň strategik ulag-logistika çatrygynda ýerleşmek bilen, Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap derejede dikeltmekde ähmiýetli başlangyçlary öňe sürüp, halkara söwda gatnaşyklarynyň täze ugruny açýar.Ýurdumyzyň ulag-logistika kuwwatyny has-da artdyrmakda gurluşygy tamamlanan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly aýratyn ähmiýete eýedir. Uzynlygy 600 kilometr bolan bu ägirt uly taslama diňe bir milli bähbitlere hyzmat etmän, eýsem, halkara ähmiýete eýe bolup, goňşy döwletlere Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna çykmaga giň ýol açýar. Ýurdumyzyň deňiz flotuny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ulag syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda «Gadamly» atly täze gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegi Türkmenistanda deňiz we derýa ulaglarynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini ýene-de bir gezek subut etdi.A.Araztuwakow Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, beýik tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi hem-de çykyşyny şahyrana setirler bilen jemledi.Soňra Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň ussasy Batyrguly Çaryýewe söz berildi. Ol çykyşynyň başynda ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, gurluşyk işlerine ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi ýurdumyzyň şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün edýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle-de bu maksatnamanyň çäklerinde paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalar, senagat kärhanalary, awtomobil ýollary gurlup ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, B.Çaryýew hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyp ulanmaga berilmeginiň, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagynyň Garaşsyzlygymyzyň şanly senesine ajaýyp sowgat bolandygyny belledi.Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagy yzygiderli ösdürilýär. Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasy diňe bir içerki sarp edijileri üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, goňşy döwletlere-de eksport edilýär.Bellenilişi ýaly, himiýa senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Soňky ýyllarda açylyp ulanmaga berlen himiýa kärhanalary, şeýle hem Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň, Türkmenabatdaky himiýa zawodynda goşmaça täze toplumyň gurluşyklaryna badalga berilmegi ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär. Şeýle hem ýakyn geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyry, Mary welaýatynda mineral dökünleri öndürýän zawod pudagyň önümçilik kuwwatyny has-da artdyrar.B.Çaryýew Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de sözüni goşgy setirleri bilen jemledi.Soňra Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy Batyr Ataýewe söz berildi. Ol çykyşynyň başynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen halkynyň milli demokratik ýörelgeleriniň kämil nusgasyna öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy ähmiýetini belläp, Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Watan goragçylarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady.Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna beslenýän ýylyň şygarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy taryhy nukdaýnazardan möhüm ähmiýete eýedir. Bu şygarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri, gazanýan taryhy üstünlikleri, pederlerimiziň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlary jemlenýär.Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda harby ulgamda hem taryhy özgertmeler amala aşyryldy. Milli Ýaragly Güýçlerimiz has-da kämilleşip, kuwwatly goşuna öwrüldi. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi. Bu bolsa dünýäde üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämizden ugur alýan Harby doktrinamyza laýyklykda, Garaşsyz Türkmenistanyň parahat durmuşyny goramakda Ýaragly Güýçlerimiziň möhüm ornuny has-da pugtalandyrdy.«Döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Watan goragçylaryny sylaglamak maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlaryndan ugur alnyp taýýarlanylan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanunyna Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çekmegi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli şahsy düzümi üçin taryhy waka öwrüldi» diýip, harby gullukçy B.Ataýew nygtady. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň gulluk-iş, ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Munuň özi Watan goragçylaryna goýulýan belent hormatyň nyşanydyr.Ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň, Watanyň wepaly ogly, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň şöhratly durmuş ýoly harby gullukçylar üçin görelde mekdebidir.Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy B.Ataýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň adyndan döwletimiz tarapyndan edilýän aladalar üçin aýratyn hoşallyk bildirip, harby gullukçylaryň Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişde buýsanç bilen geçjekdiklerini aýtdy we Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Soňra Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Aýlar Gylyjowa söz berildi. Ol, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleriň we şertleriň netijesinde, türkmen ýaşlary halkara olimpiadalarda, ylmy-döredijilik, sport bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edýärler hem-de baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Her ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde täze bilim ojaklarynyň açylyp ulanmaga berilmegi döwletimiziň kuwwatynyň we ýaşlaryň röwşen geljeginiň berk binýadydyr.A.Gylyjowa Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda watançylyk, durmuş, jemgyýetde öz ornuňy tapmak, edep-terbiýe bilen bagly geçen umumy okuw sapagynyň ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy pursatlara beslenendigini aýtdy hem-de Milli Liderimiziň atalyk maslahatlaryna, pentlerine we öwüt-nesihatlaryna wepaly bolup, ýurdumyzyň dünýädäki abraýynyň has-da dabaralanmagy ugrunda ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby A.Gylyjowa Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, beýik tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi we şahyrana setirler bilen sözüni jemledi.Milli Liderimiz mejlise gatnaşanlara ýüzlenip, şu günki taryhy mejlisde döwlet we syýasy-jemgyýetçilik durmuşymyzdaky örän möhüm soraglaryň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, olar boýunça çykyşlaryň diňlenilendigini, mejlisde çykyş edenleriň ählisiniň öňe sürlen başlangyçlary goldandyklaryny aýtdy hem-de çykyş edenlere we ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşanlara minnetdarlyk bildirdi.Soňra Halk Maslahatynyň mejlisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda öz işini dowam etdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilýän ýerine — Maslahat köşgüne geldi. Bu ýerde dutarçylar toparynyň çykyşy ýaýbaňlandyryldy.Döwlet Baştutanymyzy Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylady.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz, Bitarap döwletimizde ýerine ýetirilen işleri beýan etmek üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza söz berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglygyny, bagtyýar durmuşy, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylyň eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi.“Kabul eden maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Biz şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, Garaşsyz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde öňde duran wezipeleri kesgitläris. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, möhüm ähmiýetli resminamalary kabul ederis” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» esasynda, milli ykdysadyýetimiz yzygiderli ösdürilýär.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen ykdysadyýetimizi kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Halkymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, iri taslamalar durmuşa geçirilýär.Bellenilişi ýaly, raýatlarymyzyň döwrebap şertlerde ýaşamagy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin durmuş amatlyklaryny özünde jemleýän täze, döwrebap obalar, şäherçeler hem-de şäherler gurulýar. Telekeçilik işini ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda karz, salgyt we nyrh gurallary netijeli utgaşdyrylyp, ykdysady durnuklylygy saklamaga uly orun berilýär. Bank ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, milli töleg ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça özgertmeler dowam etdirilýär.“Döwletimizde raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin dürli ugurlarda goldawlar we ýeňillikler üpjün edilýär. Ýurdumyzda mätäçlik çekýän raýatlar üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup, goşmaça durmuş ýeňillikleri döredilýär. Biziň öňümizde goýýan esasy wezipämiz geljekki ýyllarda täze durmuş-ykdysady ösüşi gazanmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, biz geljekde hem milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli tagallalary ederis” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda önümçiligiň yzygiderli artdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini bellenen derejede saklanýar. Şu ýylyň ahyryna çenli ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň 6,3 göterim derejesinde bolmagyna garaşylýar. Ýurdumyzyň maliýe bazaryny yzygiderli kämilleşdirmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berýäris. «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda ilatyň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmäge hem uly üns berilýär.“Täze kärhanalary gurmagyň we bar bolanlaryň durkuny täzelemegiň hasabyna ýurdumyz boýunça şu ýylyň ahyryna çenli täze döredilen iş orunlarynyň sany 5 müň 300-e golaý bolar. Biz «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda ilatymyzyň iş üpjünçiligini has-da kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Biziň alyp barýan maýa goýum syýasatymyz ykdysadyýetimizi depginli ösdürmegiň möhüm şertidir. Ýurdumyzda maýa goýum taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda ýurdumyzy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 41 milliard 200 million manatdan gowrak möçberde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. Bu bolsa täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan wezipeleri geljek ýyl hem üstünlikli ýerine ýetirmek üçin «Türkmenistany 2027-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» işläp taýýarlamagy tabşyrdy.“Milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli ösüşi ýurdumyzyň býujet girdejilerini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler gönükdirildi. Bu serişdelerden önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 68,5 göterimi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin hem 31,5 göterimi goýberildi. Ykdysadyýeti özgertmek, innowasion ösüşi gazanmak, şeýle hem hususy pudagyň paýyny giňeltmek arkaly býujetiň girdejileri artdyryldy. Geljekde hem ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis. Bu durmuş-ykdysady strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda nebitgaz toplumynyň işini dünýäniň soňky gazananlary esasynda döwrebaplaşdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Uglewodorod serişdelerini gazyp almak, gaýtadan işlemek we eksport etmek, täze ýataklary özleşdirmek boýunça giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmek işleri maksatnamalaýyn alnyp barylýar.Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze desgalaryň gurluşyklary ýokary depginde dowam etdirilýär. Şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Dünýäde iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär.“Bu gaz käniniň yzygiderli özleşdirilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmakda we dünýäniň iri gaz döwleti hökmünde ornuny berkitmekde uly mümkinçilikleri açýar. Şu ýyl Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna — ýylda harytlyk gazyň 10 milliard kub metrini öndürmäge niýetlenen döwrebap zawodyň gurluşygyna badalga berildi. Bu ýerde ýakyn geljekde 1 müňden gowrak täze iş orny dörediler. Bu taryhy taslamanyň doly durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda öndürilýän uglewodorod serişdeleriniň eksport möçberlerini artdyrmaga we olary ygtybarly ibermäge mümkinçilik berer. Umuman, «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň özleşdirilmegi we Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň energetika we durmuş syýasatynyň iň iri taslamalarynyň biridir” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.Ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek maksady bilen, gurluşyk we senagat toplumynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär, senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar, gurluşyk materiallary pudagynda dürli görnüşli önümleri öndürmegiň möçberleri hem-de görnüşleri yzygiderli artdyrylýar.“Şu ýyl Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda gurluşyk garyndylaryny hem-de gipsokarton önümlerini öndürýän döwrebap kärhanany işe girizip, gurluşyk pudagynyň binýadyny has-da berkideris. Himiýa senagatynda täze önümçilikleri döretmek boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şu ýyl himiýa senagatynyň işgärleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumyny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga bereris” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynyň düzüminde mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle hem ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda azotly dökünleri öndürýän täze döwrebap toplumy, Balkan welaýatynyň «Balkanabat» ýod zawodynda tehniki ýod we brom hem-de tehniki uglerod öndürýän täze önümçilik desgalaryny, «Guwlyduz» kärhanasynda dürli görnüşli duzlary öndürýän önümhanany gurmak meýilleşdirilýär.“Daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ygtybarly ibermek, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şu ýyl Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda döwrebap köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň ulanmaga berilmegi energetika pudagynyň mümkinçiliklerini has-da artdyrar. Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Bellenilişi ýaly, awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak we olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollaryny gurmak boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şu ýyl umumy uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi açylyp ulanmaga berildi. Häzirki wagtda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.“Şeýle hem şu ýyl biz möhüm ähmiýeti bolan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek işine badalga bermegi meýilleşdirýäris. Umuman, Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzy öňdebaryjy senagat we ýokary tehnologiýaly önümçilik merkezine öwürmegi maksat edinýär” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.Häzirki wagtda Türkmenistan kuwwatly senagat döwletine öwrüldi. Ýurdumyzyň ösen senagaty ykdysady we durnukly ösüşi üpjün edýär. Ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmek maksady bilen, “Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň” kabul edilmegi döwrüň talaby bolup durýar.“Biziň alyp barýan durmuş syýasatymyzyň netijesinde ýurdumyzyň welaýatlaryny, Aşgabat we Arkadag şäherlerini ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gurlan «akylly» şäher — Arkadag şäheri abadan hem bagtyýar durmuşymyzyň görkezijisi bolup durýar. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biz geljekde hem «akylly» şäherleri döretmek ugrunda netijeli iş alyp bararys” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.Bellenilişi ýaly, üstünliklere beslenýän ýylda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze, döwrebap şäherçäniň gurluşygyna badalga berildi. Şu ýyl Aşgabat şäherinde täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda açylyp ulanmaga beriljek döwrebap obada hem bagtyýar raýatlarymyzyň ýaşamagy üçin ähli amatly şertler dörediler.“Bularyň ählisi mähriban halkymyzyň abadançylygy üçin durmuşa geçirilýän işleriň üstünliklere beslenýändigini görkezýär. Bu üstünlikler biziň alyp barýan syýasatymyzyň netijesidir, ýagny «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, oba hojalyk pudagynda azyk howpsuzlygyny berkitmek, gaýtadan işleýän ýeňil senagaty çig mal bilen üpjün etmek we önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.Şu ýyl Daşoguz welaýatynda kuwwatlylygy 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlemäge we ösümlik ýagyny öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhananyň düýbüni tutmak meýilleşdirilýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň çäklerinde pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Bellenilişi ýaly, ylmy-barlag institutlary tarapyndan ekerançylyk, maldarçylyk we tohumçylyk babatda düýpli ylmy-barlaglar ýerine ýetirilýär. Şu ýyl Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlarynyň bilelikdäki döwrebap barlaghana binasy hem ulanmaga berler. Täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly suwaryş we zeýkeş ulgamlaryny kämilleşdirmek, hereket edýän suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.“Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Ýurdumyzda daşky gurşawy aýawly saklamak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly işlere hem uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde toplumlaýyn işler alnyp barylýar, her ýyl ählihalk bag ekmek çäreleriniň geçirilmegi netijesinde ekologiýa abadançylygy üpjün edilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Şu ýyl gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy. Bu zähmet üstünligi ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlarynyň Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 35 ýyllyk toýuna mynasyp sowgadydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren ussat gallaçy daýhanlarymyzy gazanan netijeleri bilen tüýs ýürekden gutlady.Bellenilişi ýaly, şu ýyl pagtaçy daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen Watan harmanyna 1 million 250 müň tonna «ak altynyň» tabşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeler hem netijeli durmuşa geçirilýär. Şu ýyl 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürildi. Maldarçylyk we guşçulyk pudagy hem ösdürilýär. Gara mallaryň, dowarlaryň, guşlaryň, düýeleriň baş sany yzygiderli artdyrylýar.“Biz oba hojalyk pudagynyň işini ylym hem-de ýokary tehnologiýalar esasynda geljekde hem giň gerim bilen ösdürmegi dowam etdireris” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Türkmen halky bedewlere aýratyn gadyr goýýan halkdyr. Behişdi bedewlerimiz parahatçylygyň nyşany, toý-baýramlaryň bezegi bolup durýar. Ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň taryhyny öwrenmek, tohum arassalygyny gorap saklamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ahalteke bedewlerini we atçylyk sungatyny halkara derejede giňden beýan etmek maksady bilen, ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde giň gerimli halkara çäreler geçirildi.“Ahalteke bedewlerimiziň baş sanyny artdyrmak we olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak işlerini dowam etmek maksady bilen, ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy boýunça Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bu ugurdaky alyp barýan işlerimizi has-da kämilleşdirmäge ýardam berer” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri hem söwda toplumydyr. Ýurdumyzda harytlaryň elýeterliligi we bahalaryň durnuklylygy üpjün edilip, söwdanyň hili yzygiderli ýokarlanýar. Bazarlary öz ýurdumyzda öndürilen oba hojalyk, azyk we beýleki sarp ediş harytlary bilen bolelin üpjün etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. «Türkmenistanda öndürildi» diýen haryt nyşanly ýokary hilli önümleri öndürýän täze önümçilikleri döretmäge hem möhüm ähmiýet berilýär.Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde döwrebap söwda merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar. Şu ýyl paýtagtymyzda köp sanly häzirki zaman söwda we hyzmatlar öýleri açylyp ulanmaga berler.“Ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde geçirilýän halkara sergiler, maslahatlar, işewürlik duşuşyklary söwda hyzmatdaşlygyny berkitmäge ýardam edýär. Biz 2027-nji ýylda Serbiýa Respublikasynda geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine milli sergimiz bilen gatnaşarys” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bellenilişi ýaly, dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça-da möhüm işler alnyp barylýar, ýokary hilli dokma önümlerini öndürmek bilen, halkara talaplara laýyk gelýän eksport önümçiligi giňeldilýär. Halkymyzyň meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär. Bu ajaýyp sungaty dünýä ýaýmak, yzygiderli kämilleşdirmek üçin zerur işler geçirilýär.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde hususy pudagyň orny yzygiderli ýokarlanýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.Döwlet Baştutanymyz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmegiň dowam etdiriljekdigini nygtady.Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, ulag we aragatnaşyk toplumynda hem giň gerimli maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň kuwwatly ulag-logistika ulgamy ýurdumyz we sebitiň döwletleri üçin ägirt uly ykdysady mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny has-da ýokarlandyrmaga, üstaşyr we halkara ýük gatnawlaryny has-da giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär. «Emeli aň» tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça halkara tejribesini öwrenip, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.“Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyndan netijeli peýdalanyp, milli deňiz söwda floty yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Şu ýyl «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan «Gadamly» atly gury ýük gämisiniň ilkinji halkara ýüzüşine ak pata berildi. Biz ýurdumyzda ulag we aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly desgalary gurmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işlerini mundan beýläk hem dowam etdireris” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça hem maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ýaş nesiller üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen okuw sapagynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Hormatly Arkadagymyz ýaşlarymyza öz gymmatly oý-pikirlerini, öwüt-nesihatlaryny berdi. Birnäçe tekliplerini, garaýyşlaryny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň” kabul edilmeginiň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi.Bellenilişi ýaly, şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze, döwrebap binalar toplumlary dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi, şeýle hem ýurdumyzda döwrebap orta mekdepler we çagalar baglary ýaşlarymyz üçin öz gapylaryny giňden açdy.“Häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkezi bolsa bagtyýar ýaşlarymyzyň ukyp-başarnygyny, zehinini kämilleşdirmekde nusgalyk merkeze öwrüler. Biz geljekde hem ýurdumyzda ýene-de köp sanly döwrebap bilim edaralaryny gurmagy dowam ederis. Munuň özi bilim ulgamynda alyp barýan işlerimiziň barha rowaçlanýandygyny görkezýär” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.Bellenilişi ýaly, ylym ulgamynda ylmy barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Döwletimiz innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak işini kämilleşdirmegi üns merkezinde saklaýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler geljekde hem dowam etdiriler.Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda, ýurdumyzda milli saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini, hilini ýokarlandyrmak arkaly pudagyň işi has-da kämilleşdirilýär. Dünýä meşhur lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlykda hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.“Şu ýyl Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň gününe gabatlap, Aşgabat şäherinde Halkara pediatriýa merkezini, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini, Stomatologiýa merkezini, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda bolsa «Arçman» şypahanasynyň goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumyny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga bereris” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.Häzirki wagtda Aşgabat şäher köpugurly hassahanasynyň, paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda saglyk öýüniň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar. Ýakyn wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda 50 sany oba saglyk öýleriniň we oba saglyk merkezleriniň düýbi tutular. Şeýle hem ýurdumyzyň Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda Inçekesel hassahanasyny, Mary şäherinde welaýat köpugurly hassahanasyny, Gyzylarbat, Köneürgenç, Kerki, Ýolöten etraplarynda etrabara köpugurly hassahanalary gurmak meýilleşdirilýär.“Bu işleriň ählisi keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeleriň milli saglygy goraýyş ulgamyna giňden ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.Ýurdumyzda sagdyn durmuş kadasyny emele getirmek, köpçülikleýin sporty has-da ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Sagdyn bedenli nesilleri ýetişdirmäge, ýaşlaryň ahlak we durmuş taýdan ösüşini üpjün etmäge uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geljekde hem türgenlerimiziň halkara derejeli ýaryşlarda döwletimiziň halkara sport abraýyny belende galdyrjakdyklaryna, watansöýüjiligiň, ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezjekdiklerine berk ynam bildirdi.Bellenilişi ýaly, medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda raýatlarymyzyň medeniýetli dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Aşgabat şäherinde 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkeziň gurluşygy alnyp barylýar. Ýurdumyzda dürli medeni çäreler, daşary ýurtlaryň Medeniýet günleri, halkara aýdym-saz we teatr festiwallary, edebi mirasymyza bagyşlanan ylmy maslahatlar, forumlar yzygiderli geçirilýär. Şu ýyl Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçirildi. Geljek ýyl bolsa Medeniýet hepdeligi Daşoguz welaýatynda geçiriler. Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümi bilen ygtybarly hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bularyň ählisi medeni diplomatiýamyzy Ýer ýüzüne giňden dabaralandyryp, dünýä halklary bilen dostluk we parahatçylyk köprülerini has-da pugtalandyrmaga ýardam berýär.Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny, ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatda halkara bileleşigiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýändigini nygtady. Munuň özi daşary syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridir.Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Bitaraplyk syýasatymyzyň rowaçlanýandygyny görkezýän taryhy waka öwrüldi. Şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara derejedäki at-abraýynyň barha ýokarlanýandygyny ýene-de bir gezek görkezdi.“Şu ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň we beýleki halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýurdumyzda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüler” diýip döwlet Baştutanymyz aýtdy.Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Bitarap daşary syýasat ugry ýylsaýyn uly abraýa we hormata eýe bolýar, bütin dünýäde giň goldaw tapýar.“Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ýaşlary bilen geçen okuw sapagynda hem Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Bitaraplyk we parahatçylyk kafedrasynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi, bu ýerde parahatçylygyň, bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiki merkezini döretmek üçin geňeşmeleriň geçiriljekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetiniň döredilmegi bu ugurda ylmy-barlag we bilim işlerini amala aşyrmakda möhüm ädim bolar” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.Nygtalyşy ýaly, Bitaraplyk türkmen halkynyň beýik gymmatlygydyr. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň öz Bitaraplygy bilen halkara we sebit ýagdaýlarynyň birnäçesini parahatçylykly ýol bilen çözmäge uly goşant goşandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu mejlisinde «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli Konsepsiýasyny kabul etmek baradaky başlangyjy öňe sürdi we bu resminamanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ornuny mundan beýläk-de berkitmäge ýardam etjekdigine berk ynam bildirdi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşyny dowam edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Mejlisiniň işiniň hem giňden ösdürilýändigini, milli kanunçylygymyzyň halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýändigini nygtady.“Garaşsyz ýurdumyzyň Mejlisi raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek bilen bagly netijeli işleri alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak zerurdyr. Şeýle hem täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegi hem-de kanunlary yzygiderli kämilleşdirip durmagy döwrüň möhüm wezipeleriniň biri diýip hasap edýärin” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.“Häzirki wagtda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler biziň her birimizde hakyky watançylyk duýgusyny, milli buýsanjy döredýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň abraýyny belende galdyrmak, Watanymyzy, halkymyzy söýmek hem-de guwanmak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Şoňa görä-de, Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz, bagtyýar we abadan durmuşymyz üçin örän tutanýerlilik bilen zähmet çekmelidiris. Öňde goýlan täze wezipeleri hem-de belent maksatlary agzybirlikde amala aşyrmalydyrys” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.Döwlet Baştutanymyz sanlyja günden Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň giňden dabaraly ýagdaýda bellenilip geçiljekdigini we şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny dabaraly belläp geçmek maksady bilen, degişli Permana gol çekiljekdigini aýtdy. Permana laýyklykda, ýurdumyzda üç günläp, ýagny 27-nji, 28-nji, 29-njy sentýabrda Garaşsyzlyk baýramy bellenilip geçiler.Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglygyny, abadan hem-de bagtyýar durmuşy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza rowaçlyklary arzuw etdi.“Goý, Garaşsyz döwletimiziň dünýädäki at-abraýy mundan beýläk-de belent bolsun! Ýaşasyn Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan!” diýen şygarlar bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşyny jemledi.Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan ýerine ýetirilen işler hem-de geljek üçin meýilnamalar baradaky çykyşy uly üns berlip diňlenildi we dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň we Hökümet agzalarynyň ýerine ýetiren işlerini beýan edendigini aýtdy hem-de eden çykyşy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlyk bildirdi. Soňra Gahryman Arkadagymyz şu gün Halk Maslahatynyň mejlisinde möhüm ähmiýeti bolan Permandyr Kararlaryň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy.«Ula hormat, kiçä sylag» diýlişi ýaly, ilki bilen, hormatly ýaşulularymyzy we enelerimizi sylaglamak hakyndaky, zähmetde gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan ýurdumyzyň raýatlaryny Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permanlar, şeýle hem halkymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, degişli Perman işlenip taýýarlanyldy.Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy we özara düşünişmegi gorap saklamaga hem-de berkitmäge uly ähmiýet berýär. Bu ugurda halkara başlangyçlaryny yzygiderli öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» atly milli konsepsiýa işlenip taýýarlandy.Şeýle hem arassa ganly ahalteke bedew atlarynyň genofonduny gorap saklamak maksady bilen, «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatyny geljekde hem dowam etdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» işlenip taýýarlandy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek maksady bilen netijeli işler durmuşa geçirilýär. Alnyp barylýan bu işleri mundan beýläk-de dowam etmek maksady bilen «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» işlenip taýýarlandy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimizden bu resminamalara gol çekmegi haýyş etdi.Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda degişli resminamalara gol çekdi.Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ertir sylaglary gowşurmak dabaralarynyň geçiriljekdigini belledi.Soňra arakesme yglan edildi. Arakesmede Söwda-senagat edarasynyň binasynda toý sadakasy berildi.Gahryman Arkadagymyz sadaka gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün «Geňeşli il — döwletli il» diýlişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede geçirilýändigini, häzir bolsa bilelikde toý sadakasynyň berilýändigini belledi.Maslahatda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli işlerimizi giňden beýan etdi. Ýurdumyzy ösdürmekde öňümizde duran möhüm wezipeleri kesgitledi.Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň mukaddes däp-dessuryny berjaý edip, şu gün ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleriniň, türkmeniň gadymy däp-dessurlarynyň berjaý edilýändigini, bularyň hemmesiniň sogap, parz işlerdigini belläp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenmegini, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyna gönükdirilen taryhy işlerimiziň rowaç bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdi.Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy.Tebärek çykylandan soňra, sadaka gatnaşýanlara nahar çekildi. Duz-tagam dadylandan soňra, toý töwiri okalyp, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň rowaçlygy we Türkmenistanyň abadançylygy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jan saglygy, olaryň ähli asylly işleriniň we başlangyçlarynyň üstünlige eýe bolmagy dileg edildi.Soňra Gahryman Arkadagymyz sadaka gatnaşýanlara ýüzlenip, bu gün, ine, hemmämiz bilelikde parz işi ýerine ýetirdik, öten-geçenlerimizi ýatlap, sadaka berdik diýip belledi we şu günki berlen sadakalaryň, edilen doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.“Toýlarymyz toýa ulaşsyn!” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni jemledi.Arakesmeden soňra, mejlis öz işini dowam etdi.Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanlary esasynda sylaglary gowşurmak dabarasyna başlamagy, Halk Maslahatynda däp bolşy ýaly, hormatly ýaşulularymyza we enelerimize mynasyp bolan sylaglary gowşurmagy teklip etdi hem-de mejlise gatnaşyjylaryň adyndan döwlet Baştutanymyza her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden “Hormatly il ýaşulusy” diýen ada we «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan adamlara sylaglary gowşurmak haýyşy bilen ýüzlendi.Permanlary okamak üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi.Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen ada mynasyp bolan ýaşululara hem-de ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýeländikleri, şeýle hem dürli ulgamlarda çeken asylly zähmeti üçin «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolanlara sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurdy.Ýokary döwlet sylagyna mynasyp bolan ýaşulular we mähriban eneler özleriniň zähmetine berlen ýokary baha hem-de mähriban halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşy barada edýän aladasy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk arzuw etdiler.“Zenan kalby” ordenine mynasyp bolan Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň iňlis dili mugallymy Aknabat Amanowa Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, mähriban eneleriň mukaddeslige, maşgalanyň bolsa şol mukaddesligiň gözbaşyna deňelýän eziz Watanymyzda ýaşamagyň, zähmet çekmegiň nesilleri terbiýelemegiň iň uly bagtdygyny buýsanç bilen belledi.“Biz — eneler maşgala ojagynyň synmaz sütüni, ähli türkmen zenanlarynyň nusgalyk göreldesi, milletiň käbesi Ogulabat ejäniň zehininden dörän sungat eserine meňzeş el işlerini dowam edip, nesilden-nesle geçirmekde gujur-gaýratymyzy gaýgyrmarys” diýip, A.Amanowa aýtdy.Sylaga mynasyp bolan ene “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglanylandygy üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli tutumlarynyň dowamat-dowam bolmagyny arzuw etdi.Soňra “Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy” diýen belent ada mynasyp bolan «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ses operatory Annabaýram Paýaýew Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda milli atçylyk syýasatyny mynasyp dowam etmekde asylly işleri alyp barýandygyny aýtdy.Bellenilişi ýaly, ýaňy-ýakynda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň geçirilmegi türkmen atşynaslary bilen birlikde, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň atşynaslary üçin hem möhüm ähmiýetli waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Ýewropada ahalteke atlarynyň şanyna uly toý tutuldy. Bu toý ahalteke bedewlerini ýetişdirmek bilen meşgullanýan dünýäniň ähli atşynaslaryny bir ýere jemledi, olar türkmen atşynaslary bilen dostlaşdylar. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ähli atşynaslaryň adyndan sagbolsun aýdyldy.A.Paýaýew özüne “Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy” diýen belent adyň dakylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýaşulularyň halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimizde Watana bolan söýgini, zähmetsöýerligi terbiýelemekde, şeýle hem milli buýsanjymyz bolan ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny wagyz etmekde ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyryp, Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz jemleýji söz bilen çykyş etdi.Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip: “Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde siziň bilen örän möhüm soraglary ara alyp maslahatlaşdyk. Prezident Maksatnamasyna laýyklykda geljekde öňde durýan wezipeleri kesgitledik. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen resminamalary kabul etdik” diýip belledi.“Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň dowamynda durmuşa geçirilen beýik işler bilen birlikde, biziň kabul eden maksatnamalarymyzy ýerine ýetirmek, ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin entek etmeli işlerimiz az däl. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda öňde goýlan bu belent wezipeleri ähli halkymyz bilen bilelikde, agzybirlikde, jebislikde üstünlikli amala aşyrjakdygymyza berk ynanýaryn” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni jemledi.Gahryman Arkadagymyz gün tertibine girizilen soraglary ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşandyklary üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de mähriban halkymyza, mejlise gatnaşanlara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etmek bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden ýaňlandy.***Halk Maslahatynyň mejlisi tamamlanandan soň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mejlisiň üstünlikli geçmegi hem-de halkymyzyň parahat, asuda we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen taryhy ähmiýetli çözgütleriň kabul edilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlady.Döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary-da ýurdumyzyň okgunly ösüşinde möhüm tapgyry alamatlandyran bu mejlisiň üstünlikli geçirilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar.Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hemmeleri Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegi hem-de ýetip gelýän baýram — ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, olara eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan jogapkärli işinde täze üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
Hormatly Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar!Eziz watandaşlar!Ýene-de sanlyja günden biz berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny ýokary derejede, giňden belläp geçeris. Garaşsyz Diýarymyzyň halkara abraýyny, şan-şöhratyny, milli mertebesini belende göterýän bu şanly sene biziň her birimizi beýik maksatlara ruhlandyrýar. Biz Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ýoluny, öňde durýan wezipeleri aýdyň kesgitledik. Ata Watanymyzy durmuş-ykdysady, senagat taýdan kuwwatly döwlete öwürmek boýunça belent maksatlary goýduk. Garaşsyzlyk ýyllary özboluşly şan-şöhratly we taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady we medeni wakalara baý boldy. Bu wakalar ata Watanymyzyň beýik ösüşlere tarap yzygiderli öňe barýandygyny, halkara abraýynyň ýokarlanýandygyny, alyp barýan daşary we içeri syýasatymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanylýandygyny aýdyň görkezdi. Garaşsyzlygymyzy gorap saklamak we berkitmek biziň beýik maksadymyzdyr. Ýurdumyzyň her bir raýaty bu beýik maksat üçin, döwletimiz, halkymyz, Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplygymyz üçin ak ýürekden gulluk edýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Halk Maslahaty adamlary belent maksatlaryň daşynda birleşdirip, öňe alyp gitmekde uly güýç bolup çykyş edýär.Hormatly mejlise gatnaşyjylar!Garaşsyzlyk ýyllarynda Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin netijeli işler amala aşyryldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň täze ulgamy döredildi, döwletimiziň konstitusion gurluşy has-da kämilleşdirildi. Ýerasty we ýerüsti baýlyklarymyz bilen birlikde milliligimizi gorap saklamak, baýlaşdyrmak hem-de dünýä ýaýmak ugrunda hem uly işler amala aşyryldy. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, watandaşlarymyzyň parahat, abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary, ýokary we orta okuw mekdepleri, çagalar baglary, saglyk merkezleri, döwrebap etraplar, şäherler we obalar guruldy.Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli özgertmek, sebitlerimiziň ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösüşini üpjün etmek bilen bagly wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar.Eziz watandaşlar!Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ähli ýurtlary we halklary hormatlamak daşary syýasat ugrumyzyň esasy düzgünleri hökmünde kesgitlendi. Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän ýurdumyz oýlanyşykly daşary syýasaty amala aşyryp, dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda baý tejribe toplady. Ýurdumyzyň geosyýasy hem-de geoykdysady mümkinçilikleri parahat durmuşyň hatyrasyna gönükdirildi.Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara giňişlikdäki ýokary derejeli strategik hyzmatdaşy Birleşen Milletler Guramasy bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň üç gezek ykrar edilmegi, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy möhüm syýasy wakalardyr. «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi, Halkara Bitaraplyk gününiň esaslandyrylmagy buýsandyryjy wakalardyr. Şeýle hem umumadamzat gymmatlyklaryna daýanýan «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýamyz dünýäniň syýasy giňişliginde möhüm ähmiýete eýe boldy. Men bularyň ählisini biziň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, dostluk we ynsanperwerlik gymmatlyklarymyza dünýä bileleşigi tarapyndan berlen iň uly baha, ýokary ynam diýip hasap edýärin.Hormatly adamlar!Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli durmuşa geçirmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli amala aşyrýar. Ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlarynyň ählumumy möhüm wezipelerini hem-de görkezijilerini milli ösüş strategiýalaryna we maksatnamalaryna ornaşdyran ilkinji döwletleriň biridir. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ýokary hilli bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň elýeterliligini üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek we beýleki ählumumy soraglar boýunça amala aşyrýan işlerimiz döwletimizi dünýäniň syýasy we ykdysady taýdan durnukly ösýän ýurdy hökmünde ykrar edýär.Hormatly mejlise gatnaşyjylar!Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ýetilen sepgitler, ilkinji nobatda, döwletliligimiziň binýady bolan beýik Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan Türkmenistany dünýäniň senagat we ulag-logistika merkezleriniň birine öwürmek üçin uly işlere badalga berildi. Bu döwürde milli maýa goýum strategiýasy netijeli amala aşyrylyp, Türkmenistanda döwrebap täze pudaklar hem-de senagat kärhanalary döredildi. Ýurdumyzda elektrik energiýasy, nebit we gaz senagaty, metallurgiýa, himiýa senagaty, gurluşyk, elektron, dokma hem-de azyk, derman senagaty ýaly möhüm pudaklardan ybarat bolan köpugurly ykdysadyýet emele geldi. Ýurdumyzda senagat pudagyny ösdürmek milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň we eksport mümkinçiliklerini artdyrmagyň baş ugry hökmünde amala aşyrylýar. Bu ugurda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.Häzirki wagtda iri senagat desgalary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda möhüm orna eýedir. Bu senagat desgalarynyň ählisi ahyrky netijede raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat edýär. Ýurdumyzda Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod, «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» zawodlary, «Balkan», «Lebap» we «Bäherden» sement zawodlary, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy öz önümleri bilen ýurdumyzyň senagatlaşma strategiýasyna we importyň ornuny tutýan önümçilige ägirt uly goşant goşýar.Oba hojalyk pudagynyň gurluşy düýpli özgerdi. Ýurduň obasenagat pudagyny ösdürmek bilen, pagta we galla hasylyny ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm bolup durýar.Energetika senagaty hem ýokary depginde ösdürilýär. Täze gazturbinaly elektrik stansiýalary gurlup, Gün, ýel stansiýalary ýaly innowasion taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Geljegi uly we çalt depginler bilen ösýän pudaklaryň ýene biri himiýa senagatydyr. Ýurduň tebigy baýlyklary mineral dökünleriň ähli görnüşini öndürmäge mümkinçilik berýär. Himiýa kärhanalary ýokary hilli mineral dökünleri, tehniki ýody, sulfatdyr beýleki himiki önümleri öndürýär.Hormatly adamlar!Ýurdumyzyň nebitgaz toplumy hem yzygiderli ösýär. Täze-täze nebitli-gazly ýataklar açylyp ulanmaga berilýär. Nebitgaz önümlerini gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklar gurlup, halkara taslamalar durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga, nebit we gaz çykarylyşyny artdyrmaga hem-de halkara energetika bazarlaryna iberilýän harytlaryň möçberini we ugurlaryny giňeltmäge gönükdirilen strategiýadyr.Durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň biri hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygydyr. Bu transmilli taslama ýurdumyzyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir hem-de tutuş sebitiň durnukly ösüşine we doganlyk halklaryň abadançylygyna gönükdirilendir.Tebigy gazyň gorlary boýunça ägirt uly «Galkynyş» gaz käni bolsa ýurdumyzyň tebigy-serişde binýadynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ägirt uly gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi tebigy gazyň ýurduň içine hem-de halkara bazarlara ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şu ýyl biz «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmeginiň dördünji tapgyryna badalga berdik. Bu taslama ýylda goşmaça 10 milliard kub metr harytlyk gazy gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýän desgalary döretmegi göz öňünde tutýar. Bu tapgyryň durmuşa geçirilmegi täze iş orunlaryny döretmek bilen, gazyň çykarylyş möçberlerini, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam berer. Ýurdumyzyň halkara energetika bazaryndaky ornuny has-da berkider.Hormatly mejlise gatnaşyjylar!2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi geçen 18 ýylyň içinde 30 müňe golaý agzany özünde jemleýän iri jemgyýetçilik guramasyna öwrüldi. Birleşmäniň agzalary tarapyndan gurlan 1500-den gowrak senagat ugurly önümçilikler hereket edýär. Olar plastik, metal önümleri, gurluşyk materiallaryny, dürli himiýa önümlerini, haly önümlerini, elektroenjamlary, öý harytlaryny, mebelleri we azyk önümlerini öndürýän köp sanly kiçi we orta zawodlary öz içine alýar.Ýurdumyzyň senagat düzüminde täze ugurlar hem açylýar. Şolaryň biri-de elektron senagatydyr. Elektron senagaty milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek we importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek maksady bilen ýurdumyzda giňden ösdürilýän täze we innowasion pudakdyr. Häzir ykdysadyýetiň hiç bir pudagyny ýokary tehnologiýalary peýdalanmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl. Milli elektron senagatynyň döredilmegi ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny has-da ösdürmäge mümkinçilik berýär. Innowasion, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan elektron senagaty döretmek we ösdürmek, şeýle hem bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak şu günüň möhüm wezipesi bolup durýar.Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň elektron senagaty döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň çäklerinde dürli görnüşli we ýokary hilli önümleri öndürýär.Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy hem uly ösüşe eýe bolýar. Ýurdumyzda döwrebap senagat kärhanalary yzygiderli gurulýar, bar bolanlarynyň durky täzelenýär. Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary zerur bolan gurluşyk önümleri we beýleki serişdeler bilen üpjün edýär.Ýurdumyzda halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlar senagat pudaklarynyň okgunly ösüşine uly itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy mundan beýläk-de senagat taýdan ösdürmäge gönükdirilen uzak möhletleýin strategiýanyň kabul edilmegini, şeýlelikde, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň täze tapgyryna badalga berilmegini möhüm wezipeleriň biri hasap edýärin.Hormatly adamlar!Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünliklerde ýaşlarymyzyň hyzmaty örän uludyr. Dünýä derejesindäki abraýly ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda hem-de sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlarymyzy, olaryň halypa mugallymlaryny we tälimçileri sylaglamak indi asylly däbe öwrüldi. Ýaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn ösen şahsyýet hökmünde kemala gelmegi, olaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Men bu barada Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde bilim işgärleri, talyp ýaşlar hem-de okuwçylar bilen geçen umumy sapagymda giňişleýin durup geçdim.Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegini möhüm hasap edýärin. Munuň ýaşlar barada döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge ýardam berjekdigine berk ynanýaryn.Hormatly mejlise gatnaşyjylar!Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli şäherlerinde, obalarynda häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralary gurulýar. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda hem daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebi, çagalar bagyny we sport binasyny öz içine alýan desgalar toplumynyň gurluşygy dowam edýär. Bu desgalar toplumy kämil ýaşlaryň ýetişmegini üpjün edýän okuw-usulyýet toplumyna öwrüler. Bu bolsa ýaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn bilimli we sagdyn bedenli bolmagyna giň ýol açar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna gurulýan bu orta mekdepde we çagalar bagynda ýaşlaryň zehinini ösdürmek maksady bilen, dürli dersleriň okadylmagy ýola goýlar. Şeýle hem bu ýerde ene-atalar üçin zerur mümkinçilikleri özünde jemleýän otagyň döredilmegi bilim-terbiýeçilik işinde örän netijeli bolar.Dünýä tejribesinden ugur alyp, halkara talaplara laýyk gelýän bu orta mekdepde we çagalar bagynda ýaş neslimize kämil, döwrebap hünär taýýarlykly pedagoglaryň bilim-terbiýe bermegi möhüm bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli bilim ulgamyny ösdürmegiň milli institutyny döretmek boýunça teklipleri taýýarlamaly we bu ugurda degişli işleri geçirmeli. Şeýle hem ýurdumyzda ýokary hünärli pedagogik işgärleriň durnukly işlemegini üpjün etmek maksady bilen, okuw dersleri boýunça mugallymlara bolan islegiň bäş ýyllyk çaklamasyny taýýarlamaga möhüm ähmiýet bermeli. Netijede, pedagogik ugurly bilim edaralarynyň uçurymlary orta mekdeplerde we çagalar baglarynda öz alan bilimi we başarnyklary boýunça ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmäge mynasyp goşandyny goşarlar.Hormatly adamlar!Häzirki wagtda ýurdumyzda ylmyň gazananlary önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Ýokary okuw mekdeplerinde hem-de olaryň binýadyndaky ylmy merkezlerde ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Innowasiýalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde goşmaça maliýe serişdeleri gazanylýar. Netijede, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-tehniki hem-de ylmy binýadyny berkitmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, maliýe serişdelerini ylym-bilim bilen bagly işlere, aýratyn hem, talyplaryň we ýaş alymlaryň ylmy başlangyçlaryny goldamaga gönükdirmegi maslahat berýärin.Hormatly mejlise gatnaşyjylar!Türkmenistan konstitusion esasda her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan başlap, durmuş syýasaty, öňi bilen, zähmete goldawa we goraga mätäç raýatlara gönükdirilendir. Köp çagaly maşgalalara, hossarsyz çagalara, weteranlarymyza giňden goldaw berilýär. Her bir raýatyň mynasyp durmuş şertlerinde ýaşamagyna gönükdirilen bu syýasat jemgyýetimiziň agzybirligini, ýurdumyzyň syýasy hem durmuş taýdan durnuklylygyny üpjün edýär.Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi gadymdan gelýän ynsanperwer däplerimiziň täze mazmun bilen dowam etdirilýändiginiň we yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.Hormatly adamlar!Her bir döwletiň durmuş-ykdysady kuwwaty, her bir jemgyýetiň sagdynlygy, ilkinji nobatda, adamyň saglygy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge, öňdebaryjy saglygy dikeldiş merkezlerini hem-de şypahanalary gurmaga, halkyň saglyk ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Dünýä belli meşhur lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlykda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Arkadag şäherinde ýerleşýän «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy ýerli çig mallar esasynda ýokary hilli lukmançylyk we sarp ediş serişdelerini öndürmekde möhüm işleri durmuşa geçirýär. Halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen «Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin täze gözýetimleri açýar. Biz geljekde hem milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini ösdürmegi dowam etdireris.Hormatly mejlise gatnaşyjylar!Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyzdyr. «Atym bar — ganatym bar», «At agynan ýerde toý bolar», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» diýlişi ýaly, halkymyz ähli haýyr işleri bedew bilen baglanyşdyrýar. Gözelligiň we kämilligiň nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň okgunly ösüşleriniň baş nyşanyna öwrüldi. «Asman atlary», «Nusaý atlary», «Ganatly bedewler» diýlip, dünýä ýüzünde meşhur bolan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda geçiriljek atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasy işlenip taýýarlandy. Bu çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi. Şu ýyl Monte-Karloda geçirilen halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna halkara güwänamalaryň gowşurylmagy ajaýyp waka boldy.Atçylyk sporty bilen meşgullanýan ýaşlarymyz dünýä döwletleriniň birnäçesinde atlar we atçylyk sungaty bilen bagly geçirilen halkara maslahatlara, çempionatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary ussatlyklaryny görkezdiler. Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty bolsa ahalteke bedewleriniň halkara abraýyny we şan-şöhratyny artdyrmakda aýratyn möhüm waka boldy. Ýene-de sanlyja günden bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde biz Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumyny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga bereris. Bu zatlaryň ählisi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda dünýäde uly meşhurlyk gazanan behişdi ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende göterýär.Hormatly mejlise gatnaşyjylar!Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Arkadag şäheri ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik üstünlikleri bütin dünýä aýan edýän iri şähergurluşyk taslamasydyr. Şäherde ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri raýatlaryň ýaşaýyş derejesini täze belentliklere göterýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasy amala aşyrylýar. Bu ugurdaky tejribämizi geljekde ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde, şol sanda Aşgabat şäherinde hem giňden ulanarys.Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde, azyk, senagat, derman we lukmançylyk önümlerini öndürmek üçin kärhanalar hem gurulýar. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy 2027-nji ýylyň şanly wakasyna öwrüler. Biz bu toýa häzirden gowy taýýarlyk görmelidiris. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döredip, anyk meýilnamalar esasynda yzygiderli işleri alyp barmalydyrys.Eziz watandaşlar!Hormatly Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar!Watana bolan söýgi mukaddesdir. Watanyňy janyňdan eziz görmek, onuň her daban ýerini gözüň göreji ýaly aýap saklamak her bir ynsanyň mukaddes borjudyr. Islendik ynsanyň kalbynyň töründe Watana bolan belent we mukaddes söýgi bolmalydyr. Biziň eziz Watanymyz bagtyýarlygyň we döwletliligiň mekanydyr. Bu gadymy hem mukaddes toprakda pederlerimizden miras galan agzybirlik bar, halallyk bar.Berkarar döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy adam we onuň abadançylygydyr. Raýatlarymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşyny üpjün etmek biziň baş maksadymyzdyr. Bagtyýar halkymyzyň agzybirligi we jebisligi biziň güýçli döwletimiziň sarsmaz sütünidir.Biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyz hem-de hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymaty halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyna gönükdirilendir.Eziz watandaşlar!Biz geljekde hem alyp barýan bu syýasatymyzy üstünlikli dowam etdireris.Eziz watandaşlar!Öz çykyşymy tamamlamak bilen, size hem-de mähriban halkyma berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş arzuw edýärin.
Eziz watandaşlar!Hormatly Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar!Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyny giňden we dabaraly ýagdaýda belläp geçýäris. Sizi we mähriban halkymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglygyny, bagtyýar durmuşy we alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.Hormatly mejlise gatnaşyjylar!«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýyl eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Kabul eden maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Biz şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, Garaşsyz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde öňde duran wezipeleri kesgitläris. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, möhüm ähmiýetli resminamalary kabul ederis.Hormatly mejlise gatnaşyjylar!«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» esasynda milli ykdysadyýetimiz yzygiderli ösdürilýär.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen ykdysadyýetimizi kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Halkymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Raýatlarymyzyň döwrebap şertlerde ýaşamagy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin durmuş amatlyklaryny özünde jemleýän täze, döwrebap obalar, şäherçeler hem-de şäherler gurulýar. Telekeçilik işini ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda karz, salgyt we nyrh gurallary netijeli utgaşdyrylyp, ykdysady durnuklylygy saklamaga uly orun berilýär. Bank ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, milli töleg ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça özgertmeler dowam etdirilýär.Döwletimizde raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin dürli ugurlarda goldawlar we ýeňillikler üpjün edilýär. Ýurdumyzda mätäçlik çekýän raýatlar üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup, goşmaça durmuş ýeňillikleri döredilýär. Biziň öňümizde goýýan esasy wezipämiz geljekki ýyllarda täze durmuş-ykdysady ösüşi gazanmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, biz geljekde hem milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli tagallalary ederis.Hormatly adamlar!Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda önümçiligiň yzygiderli artdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini bellenen derejede saklanýar. Şu ýylyň ahyryna çenli ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň 6,3 göterim derejesinde bolmagyna garaşylýar. Ýurdumyzyň maliýe bazaryny yzygiderli kämilleşdirmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berýäris. «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda ilatyň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmäge hem uly üns berilýär. Täze kärhanalary gurmagyň we bar bolanlaryň durkuny täzelemegiň hasabyna ýurdumyz boýunça şu ýylyň ahyryna çenli täze döredilen iş orunlarynyň sany 5 müň 300-e golaý bolar. Biz «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda ilatymyzyň iş üpjünçiligini has-da kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis.Hormatly mejlise gatnaşyjylar!Biziň alyp barýan maýa goýum syýasatymyz ykdysadyýetimizi depginli ösdürmegiň möhüm şertidir. Ýurdumyzda maýa goýum taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli berkidýär. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda ýurdumyzy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 41 milliard 200 million manatdan gowrak möçberde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. Bu bolsa täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga şert döredýär. Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan wezipeleri geljek ýyl hem üstünlikli ýerine ýetirmek üçin, «Türkmenistany 2027-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» işläp taýýarlamagy tabşyrýaryn.Hormatly mejlise gatnaşyjylar!Milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli ösüşi ýurdumyzyň býujet girdejilerini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler gönükdirildi. Bu serişdelerden önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 68,5 göterimi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin hem 31,5 göterimi goýberildi.Ykdysadyýeti özgertmek, innowasion ösüşi gazanmak, şeýle hem hususy pudagyň paýyny giňeltmek arkaly býujetiň girdejileri artdyryldy. Geljekde hem ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis. Bu durmuş-ykdysady strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar.Eziz watandaşlar!Ýurdumyzda nebitgaz toplumynyň işini dünýäniň soňky gazananlary esasynda döwrebaplaşdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Uglewodorod serişdelerini gazyp almak, gaýtadan işlemek we eksport etmek, täze ýataklary özleşdirmek boýunça giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmek işleri maksatnamalaýyn alnyp barylýar.Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze desgalaryň gurluşyklary ýokary depginde dowam etdirilýär. Şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.Dünýäde iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu gaz käniniň yzygiderli özleşdirilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmakda we dünýäniň iri gaz döwleti hökmünde ornuny berkitmekde uly mümkinçilikleri açýar. Şu ýyl Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna — ýylda harytlyk gazyň 10 milliard kub metrini öndürmäge niýetlenen döwrebap zawodyň gurluşygyna badalga berildi. Bu ýerde ýakyn geljekde 1 müňden gowrak täze iş orny dörediler. Bu taryhy taslamanyň doly durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda öndürilýän uglewodorod serişdeleriniň eksport möçberlerini artdyrmaga we olary ygtybarly ibermäge mümkinçilik berer. Umuman, «Galkynyş» gaz käniniň 4-nji tapgyrynyň özleşdirilmegi we Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň energetika we durmuş syýasatynyň iň iri taslamalarynyň biridir.Hormatly adamlar!Ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek maksady bilen, gurluşyk we senagat toplumynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Gurluşyk materiallary pudagynda dürli görnüşli önümleri öndürmegiň möçberleri hem-de görnüşleri yzygiderli artdyrylýar. Şu ýyl Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda gurluşyk garyndylaryny hem-de gipsokarton önümlerini öndürýän döwrebap kärhanany işe girizip, gurluşyk pudagynyň binýadyny has-da berkideris.Himiýa senagatynda täze önümçilikleri döretmek boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şu ýyl himiýa senagatynyň işgärleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumyny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga bereris.Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynyň düzüminde mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle hem ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda azotly dökünleri öndürýän täze döwrebap toplumy, Balkan welaýatynyň «Balkanabat» ýod zawodynda tehniki ýod we brom hem-de tehniki uglerod öndürýän täze önümçilik desgalaryny, «Guwlyduz» kärhanasynda dürli görnüşli duzlary öndürýän önümhanany gurmak meýilleşdirilýär.Daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ygtybarly ibermek, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şu ýyl Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda döwrebap köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň ulanmaga berilmegi energetika pudagynyň mümkinçiliklerini has-da artdyrar. Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.Awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak we olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollaryny gurmak boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şu ýyl umumy uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi açylyp ulanmaga berildi. Häzirki wagtda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Şeýle hem şu ýyl biz möhüm ähmiýeti bolan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek işine badalga bermegi meýilleşdirýäris.Umuman, Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzy öňdebaryjy senagat we ýokary tehnologiýaly önümçilik merkezine öwürmegi maksat edinýär.Eziz watandaşlar!Häzirki wagtda Türkmenistan kuwwatly senagat döwletine öwrüldi. Ýurdumyzyň ösen senagaty ykdysady we durnukly ösüşi üpjün edýär. Ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmek maksady bilen, «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» kabul edilmegi döwrüň talaby bolup durýar.Hormatly adamlar!Biziň alyp barýan durmuş syýasatymyzyň netijesinde ýurdumyzyň welaýatlaryny, Aşgabat we Arkadag şäherlerini ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gurlan «akylly» şäher — Arkadag şäheri abadan hem bagtyýar durmuşymyzyň görkezijisi bolup durýar. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biz geljekde hem «akylly» şäherleri döretmek ugrunda netijeli iş alyp bararys.Hormatly adamlar!Üstünliklere beslenýän ýylymyzda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze, döwrebap şäherçäniň gurluşygyna badalga berildi. Şu ýyl Aşgabat şäherinde täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler. Şu ýyl Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda açylyp ulanmaga beriljek döwrebap obada hem bagtyýar raýatlarymyzyň ýaşamagy üçin ähli amatly şertler dörediler. Bularyň ählisi mähriban halkymyzyň abadançylygy üçin durmuşa geçirilýän işleriň üstünliklere beslenýändigini görkezýär. Bu üstünlikler biziň alyp barýan syýasatymyzyň netijesidir, ýagny «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!».Hormatly mejlise gatnaşyjylar!Oba hojalyk pudagynda azyk howpsuzlygyny berkitmek, gaýtadan işleýän ýeňil senagaty çig mal bilen üpjün etmek we önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şu ýyl Daşoguz welaýatynda kuwwatlylygy 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlemäge we ösümlik ýagyny öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhananyň düýbüni tutmak meýilleşdirilýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň çäklerinde pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Ylmy-barlag institutlary tarapyndan ekerançylyk, maldarçylyk we tohumçylyk babatda düýpli ylmy-barlaglar ýerine ýetirilýär.Şu ýyl Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlarynyň bilelikdäki döwrebap barlaghana binasy hem ulanmaga berler. Täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly suwaryş we zeýkeş ulgamlaryny kämilleşdirmek, hereket edýän suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Ýurdumyzda daşky gurşawy aýawly saklamak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly işlere hem uly ähmiýet berilýär. Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Her ýyl ählihalk bag ekmek çäreleriniň geçirilmegi netijesinde ekologiýa abadançylygy üpjün edilýär.Hormatly mejlise gatnaşyjylar!Şu ýyl gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy. Bu zähmet üstünligi ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlarynyň Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 35 ýyllyk toýuna mynasyp sowgadydyr. Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren ussat gallaçy daýhanlarymyzy gazanan netijeleri bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.Şu ýyl pagtaçy daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen, Watan harmanyna 1 million 250 müň tonna «ak altynyň» tabşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeler hem netijeli durmuşa geçirilýär. Şu ýyl 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürildi. Maldarçylyk we guşçulyk pudagy hem ösdürilýär. Gara mallaryň, dowarlaryň, guşlaryň, düýeleriň baş sany yzygiderli artdyrylýar. Biz oba hojalyk pudagynyň işini ylym hem-de ýokary tehnologiýalar esasynda geljekde hem giň gerim bilen ösdürmegi dowam etdireris.Hormatly adamlar!Türkmen halky bedewlere aýratyn gadyr goýýan halkdyr. Behişdi bedewlerimiz parahatçylygyň nyşany, toý-baýramlaryň bezegi bolup durýar. Ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň taryhyny öwrenmek, tohum arassalygyny gorap saklamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ahalteke bedewlerini we atçylyk sungatyny halkara derejede giňden beýan etmek maksady bilen, ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde giň gerimli halkara çäreler geçirildi.Ahalteke bedewlerimiziň baş sanyny artdyrmak we olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak işlerini dowam etmek maksady bilen, ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy boýunça Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bu ugurdaky alyp barýan işlerimizi has-da kämilleşdirmäge ýardam berer.Eziz watandaşlar!Ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri hem söwda toplumydyr. Ýurdumyzda harytlaryň elýeterliligi we bahalaryň durnuklylygy üpjün edilip, söwdanyň hili yzygiderli ýokarlanýar. Bazarlary öz ýurdumyzda öndürilen oba hojalyk, azyk we beýleki sarp ediş harytlary bilen bolelin üpjün etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.«Türkmenistanda öndürildi» diýen haryt nyşanly ýokary hilli önümleri öndürýän täze önümçilikleri döretmäge hem möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde döwrebap söwda merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar. Şu ýyl paýtagtymyzda köp sanly häzirki zaman söwda we hyzmatlar öýleri açylyp ulanmaga berler. Ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde geçirilýän halkara sergiler, maslahatlar, işewürlik duşuşyklary söwda hyzmatdaşlygyny berkitmäge ýardam edýär. Biz 2027-nji ýylda Serbiýa Respublikasynda geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine milli sergimiz bilen gatnaşarys.Hormatly adamlar!Biz dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça-da möhüm işleri alyp barýarys. Ýokary hilli dokma önümlerini öndürmek bilen, halkara talaplara laýyk gelýän eksport önümçiligini giňeldýäris. Halkymyzyň meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär. Bu ajaýyp sungaty dünýä ýaýmak, yzygiderli kämilleşdirmek üçin zerur işler geçirilýär.Hormatly mejlise gatnaşyjylar!Ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde hususy pudagyň orny yzygiderli ýokarlanýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Biz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmegi dowam etdireris.Hormatly adamlar!Ulag we aragatnaşyk toplumynda giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň kuwwatly ulag-logistika ulgamy ýurdumyz we sebitiň döwletleri üçin ägirt uly ykdysady mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny has-da ýokarlandyrmaga, üstaşyr we halkara ýük gatnawlaryny has-da giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär.Emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça halkara tejribäni öwrenip, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyndan netijeli peýdalanyp, milli deňiz söwda floty yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.Şu ýyl «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan «Gadamly» atly gury ýük gämisiniň ilkinji halkara ýüzüşine ak pata berildi. Biz ýurdumyzda ulag we aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly desgalary gurmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işlerini mundan beýläk hem dowam etdireris.Hormatly adamlar!Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ýaş nesiller üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen okuw sapagynyň ähmiýetini aýratyn bellemek isleýärin. Hormatly Arkadagymyz ýaşlarymyza öz gymmatly oý-pikirlerini, öwüt-nesihatlaryny berdi. Birnäçe tekliplerini, garaýyşlaryny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmeginiň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.Eziz watandaşlar!Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze, döwrebap binalar toplumlary dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Şeýle hem ýurdumyzda döwrebap orta mekdepler we çagalar baglary ýaşlarymyz üçin öz gapylaryny giňden açdy. Häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkezi bolsa bagtyýar ýaşlarymyzyň ukyp-başarnygyny, zehinini kämilleşdirmekde nusgalyk merkeze öwrüler. Biz geljekde hem ýurdumyzda ýene-de köp sanly döwrebap bilim edaralaryny gurmagy dowam ederis. Munuň özi bilim ulgamynda alyp barýan işlerimiziň barha rowaçlanýandygyny görkezýär.Hormatly mejlise gatnaşyjylar!Ylym ulgamynda ylmy barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Döwletimiz innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak işini kämilleşdirmegi üns merkezinde saklaýar. Biz bu ugurda alyp barýan işlerimizi geljekde hem dowam etdireris.Eziz watandaşlar!Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda ýurdumyzda milli saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini, hilini ýokarlandyrmak arkaly pudagyň işi has-da kämilleşdirilýär. Dünýä meşhur lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlykda hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.Şu ýyl Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlap, Aşgabat şäherinde Halkara pediatriýa merkezini, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini, Stomatologiýa merkezini, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda bolsa «Arçman» şypahanasynyň goşmaça bejeriş merkeziniň binalar toplumyny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga bereris.Häzirki wagtda Aşgabat şäher köpugurly hassahanasynyň, paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda saglyk öýüniň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar. Biz ýakyn wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda 50 sany oba saglyk öýleriniň we oba saglyk merkezleriniň düýbüni tutarys. Şeýle hem ýurdumyzyň Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda Inçekesel hassahanasyny, Mary şäherinde welaýat köpugurly hassahanasyny, Gyzylarbat, Köneürgenç, Kerki, Ýolöten etraplarynda etrabara köpugurly hassahanalary gurmagy meýilleşdirýäris.Bu işleriň ählisi keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeleriň milli saglygy goraýyş ulgamyna giňden ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr.Hormatly adamlar!Ýurdumyzda sagdyn durmuş kadasyny emele getirmek, köpçülikleýin sporty has-da ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Sagdyn bedenli nesilleri ýetişdirmäge, ýaşlaryň ahlak we durmuş taýdan ösüşini üpjün etmäge uly ähmiýet berilýär. Geljekde hem türgenlerimiziň halkara derejeli ýaryşlarda döwletimiziň halkara sport abraýyny belende galdyrjakdyklaryna, watansöýüjiligiň, ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezjekdiklerine berk ynanýaryn.Eziz watandaşlar!Medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda raýatlarymyzyň medeniýetli dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Aşgabat şäherinde 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkeziň gurluşygy alnyp barylýar. Ýurdumyzda dürli medeni çäreler, daşary ýurtlaryň Medeniýet günleri, halkara aýdym-saz we teatr festiwallary, edebi mirasymyza bagyşlanan ylmy maslahatlar, forumlar yzygiderli geçirilýär.Şu ýyl Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçirildi. Geljek ýyl bolsa Medeniýet hepdeligini Daşoguz welaýatynda geçireris. Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümi bilen ygtybarly hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bularyň ählisi medeni diplomatiýamyzy Ýer ýüzüne giňden dabaralandyryp, dünýä halklary bilen dostluk we parahatçylyk köprülerini has-da pugtalandyrmaga ýardam berýär.Hormatly mejlise gatnaşyjylar!Türkmenistan dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatda halkara bileleşigiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Munuň özi daşary syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridir. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bitaraplyk syýasatymyzyň rowaçlanýandygyny görkezýän taryhy waka öwrüldi. Şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy bilen, «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara derejedäki at-abraýynyň barha ýokarlanýandygyny ýene-de bir gezek görkezdi.Şu ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň we beýleki halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýurdumyzda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüler.Hormatly mejlise gatnaşyjylar!Bilşiňiz ýaly, Türkmenistanyň Bitarap daşary syýasat ugry ýylsaýyn uly abraýa we hormata eýe bolýar. Bütin dünýäde giň goldaw tapýar. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ýaşlary bilen geçen okuw sapagynda hem Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Bitaraplyk we parahatçylyk kafedrasynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Bu ýerde parahatçylygyň, bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň Akademiki merkezini döretmek üçin geňeşmeleriň geçiriljekdigini öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetiniň döredilmegi bu ugurda ylmy-barlag we bilim işlerini amala aşyrmakda möhüm ädim bolar.Hormatly adamlar!Bitaraplyk türkmen halkynyň beýik gymmatlygydyr. Türkmenistanyň öz Bitaraplygy bilen halkara we sebit ýagdaýlarynyň birnäçesini parahatçylykly ýol bilen çözmäge uly goşant goşandygyny bellemek isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu mejlisinde «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli Konsepsiýasyny kabul etmek baradaky başlangyjy öňe sürýärin. Bu resminamanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ornuny mundan beýläk-de berkitmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn.Hormatly adamlar!Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Mejlisiniň işi hem giňden ösdürilýär. Milli kanunçylygymyz halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Garaşsyz ýurdumyzyň Mejlisi raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek bilen bagly netijeli işleri alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak zerurdyr. Şeýle hem täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegi we kanunlary yzygiderli kämilleşdirip durmagy döwrüň möhüm wezipeleriniň biri diýip hasap edýärin.Hormatly mejlise gatnaşyjylar!Häzirki wagtda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler biziň her birimizde hakyky watançylyk duýgusyny, milli buýsanjy döredýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň abraýyny belende galdyrmak, Watanymyzy, halkymyzy söýmek hem-de guwanmak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Şoňa görä-de, Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz, bagtyýar we abadan durmuşymyz üçin örän tutanýerlilik bilen zähmet çekmelidiris. Öňde goýlan täze wezipeleri hem-de belent maksatlary agzybirlikde amala aşyrmalydyrys.Eziz watandaşlar!Sanlyja günden Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni giňden dabaraly ýagdaýda bellenip geçiler. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny dabaraly belläp geçmek maksady bilen, degişli Permana gol çekeris. Permana laýyklykda, ýurdumyzda üç günläp, ýagny 27-nji, 28-nji, 29-njy sentýabrda Garaşsyzlyk baýramyny belläp geçeris.Eziz watandaşlar!Hormatly adamlar!Sizi we mähriban halkymyzy eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglygyny, abadan hem-de bagtyýar durmuşy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza rowaçlyklary arzuw edýärin.Goý, Garaşsyz döwletimiziň dünýädäki at-abraýy mundan beýläk-de belent bolsun!Ýaşasyn Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan!
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişi dowam edýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalary we gurallar netijeli işledilip, gallaçy daýhanlar ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün edilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler alnyp barylýar. Möwsümde pagta ýygyjy kombaýnlary, beýleki tehnikalary netijeli işletmek, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek babatda zerur çäreler görülýär.Welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerini, hususan-da, bugdaý ekişini, pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmegiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde bugdaý ekişi dowam edip, ekişde oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek, önüm öndürijileri ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda, kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri geçirilýär. Welaýatda Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleri guramaçylykly geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň dowam edýändigini belledi we häkime bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitde bugdaý ekişi dowam edip, möwsümi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bellenen möhletde we ýokary hilli geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda endigan gögeriş alynýar. Bugdaý ekilmeli meýdanlarda tagt suwy tutulýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak boýunça çäreler görülýär. Ýygym möwsüminde ulanylýan kombaýnlar, beýleki tehnikalar netijeli işledilip, ýygnalan hasyl pagta kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Güýzlük ekilen gök-bakja, beýleki azyklyk ekinlere ideg işleri geçirilip, ýetişdirilen hasyly ýygnamaga taýýarlyk görülýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem häkim Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaý ekişiniň bellenen möhletlerde ýokary hilli geçirilmegini, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylynyň gysga wagtda, ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi hem-de häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Lebap welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitde bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek maksady bilen, oba hojalyk tehnikalary, ekiji gurallar doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda, kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja, şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Sebitde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleri guramaçylykly geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek, ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.Mary welaýatynyň häkimi B.Orazgylyjow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi ýokary hilli geçirmek üçin zerur işler alnyp barylýar. Ekişde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda zerur işler ýerine ýetirilýär. Welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak babatda degişli işler alnyp barylýar. Ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek, pagta ýygýan kombaýnlary we hasyly daşamakda ulanylýan awtoulaglary netijeli işletmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Sebitde güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça işler utgaşykly alnyp barylýar. Gant şugundyry ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetini belledi we häkime welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň, hususan-da, bugdaý ekişiniň, pagta ýygymynyň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, gallaçy daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Pagtaçy daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär. Möwsümde oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde we netijeli işletmek, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda, kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek ugrunda zerur çäreler görülýär.Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işleriň çäklerinde güýzlük ekilen azyklyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak hem-de olary ilata ýetirmek boýunça utgaşykly işler alnyp barylýar. Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri geçirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we wise-premýere oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak arkaly ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlarda bugdaý ekişini agrotehniki kadalara laýyklykda, ýokary hilli geçirmegiň, ekişde tehnikalary doly güýjünde işletmegiň, tagt hem-de gögeriş suwuny tutmak işlerini öz wagtynda geçirip, bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin ähli zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz pagta ýygymyna ünsi çekip, welaýatlarda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirip, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin degişli işleri geçirmegi, ýygym möwsüminde pagta ýygýan kombaýnlary, beýleki tehnikalary, pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş harmanhanalaryny netijeli işletmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmegi, ýetişdirilen hasyly öz wagtynda, zaýasyz ýygnap almak üçin ähli çäreleri görmegi, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly ekilen, Mary welaýatynda gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işlerini bellenen möhletlerde talabalaýyk alyp barmagy, welaýatlarda bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna welaýatlarda gowy taýýarlyk görmegi hem tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.