In Turkmenistan
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary

8-iyunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň özi, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde hem öz beýanyny tapýar.Täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli önümçilik desgalarynda öndürilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň görnüşleri, olary taýýarlamakda ulanylmagy göz öňünde tutulýan ýerli çig mal serişdeleri barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi. Görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda lukmançylyk serişdeleriniň görnüşleri, ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklar, saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanylýan dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtükleri, başgaplar, halatlar, ýorgan-düşek daşlyklary, aýakgap örtükleri, hassahanalar üçin zerur bolan dürli enjamlaryň görnüşleri bar. Şeýle hem ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, şol sanda Arkadag şäheriniň lukmançylyk edaralaryna zerur bolan saglygy goraýyş enjamlarynyň we serişdeleriň her ýylda zerur hasaplanýan möçberleri baradaky maglumatlar diňlenildi.Milli Liderimiz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen önümçilik toplumlarynda öndüriljek serişdeleriň ýokary halkara ülňülere we häzirki zamanyň ekologik talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi. Munuň üçin döwrebap usullaryň, täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagy, dünýäniň ösen tejribesiniň özleşdirilmegi wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy işleriň netijeli bolmagynda ähmiýetlidir.Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň agzalary Ýewropanyň birnäçe ýurtlarynda, Türkiýe Respublikasynda, Hytaý Halk Respublikasynda iş saparlarynda bolup, Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik desgalarynyň, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamyna degişli kärhanalaryň gurluşygy boýunça tejribe alyşdylar hem-de bu ugurda iň kämil tejribeleri içgin öwrendiler.Lukman Arkadagymyz ähli ugurlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda-da daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen geňeşmeleriň geçirilmeginiň, olaryň dowamynda ýurdumyzyň çäginde bar bolan çig mallaryň ekologik we ýaramlylyk derejesi, ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän suw çeşmelerini önümçilik maksady bilen ulanmagyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalaryň guralmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Munuň özi Arkadag şäherinde döredilýän lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder.Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň önümçilik düzümlerinde taýýarlanyljak serişdeleriň we enjamlaryň hil derejesine, ekologik ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilmelidigini, bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy usullarynyň netijeli ulanylmalydygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýewiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.Milli Liderimiziň başlangyjy hem-de yzygiderli tagallalary netijesinde binýat bolan Arkadag şäheri «akylly» şäher bolmak bilen, döwrebap ýaşaýyş toplumyny, durmuş maksatly desgalary özünde jemleýär. Täze şäherde ilatyň bagtyýar ýaşaýşynyň, sagdynlygynyň we döredijilikli zähmetiniň üpjün edilmegi babatda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!», “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgeleriň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanydyr.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky hasabatynda ýurdumyzda “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň döredilip, onda saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan bir gezeklik lukmançylyk serişdeleriniň, agyz-burun örtükleriniň we beýlekileriň öndürilýändigi hakynda habar berdi. Munuň özi lukmançylyk edaralarynda zerur bolan serişdeleriň ýerli çig mallardan öndürilýän möçberiniň artmagynda we saglygy goraýyş edaralarynyň degişli serişdelere bolan isleginiň kanagatlandyrylmagynda ähmiýetlidir.Lukman Arkadagymyz başy başlanan işiň üstünlikli dowam etdirilmelidigini, şunda degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde bu önümleri ulanmak, sarp etmek boýunça gollanmalary, düzgünnamalary taýýarlamak hem-de degişli usulyýet işini ýola goýmak babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de ýurdumyz boýunça sarp ediljek bu önümleriň zerur bolan mukdary barada maglumatlar taýýarlanylmalydyr.Häzirki döwürde Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda işlenip taýýarlanylýan polipropilenleriň hil we ekologik derejesiniň dünýäde ýokary baha mynasyp bolýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew polipropilen we polietilen önümlerinden taýýarlanylýan hem-de lukmançylyk edaralarynda gündelik ulanylýan sanjym enjamlaryny peýdalanmak babatda örän uly geljegiň bardygyny belledi.Gahryman Arkadagymyz lukmançylyk serişdelerini öndürmekde zerur bolan çig mallaryň üpjünçiliginiň, ýerli polipropilen çig malyndan halkara talaplara laýyk gelýän lukmançylyk polipropilenini öndürmek boýunça degişli işleriň geçirilmeginiň, önümçiligi meýilleşdirilýän çig mallar we önümler babatda standartlaryň kabul edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunda ISO halkara güwänamalarynyň alynmagy boýunça işler amala aşyrylmalydyr.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň edara-kärhanalarynda we duz ýataklarynda ýerine ýetirilýän ylmy işler, olaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak babatda edilýän tagallalar barada hasabat berdi.Halk Maslahatynyň Başlygy “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Gyýanlydaky polimer zawodynda abatlaýyş işleri geçirilende, halkara talaplara laýyk gelýän lukmançylyk polipropileniniň önümçiligini ýola goýmak, ýurdumyzyň duz ýataklarynda, konserne degişli kärhanalarda halkara görkezijilere laýyk gelýän lukmançylyk duzuny almak boýunça netijeli işleri geçirmegi tabşyrdy. Şunda ulanylýan çig mallara degişli standartlaryň kabul edilmegi we olara halkara güwänamalaryň alynmagy boýunça zerur tagallalar edilmelidir.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow häzirki döwürde degişli düzümler bilen bilelikde lukmançylyk önümlerini satyn almak üçin maliýe meselelerini işjeň öwrenmek, olaryň zerur bolan möçberini kesgitlemek ugrunda işleriň amala aşyrylýandygy barada hasabat berdi.Gahryman Arkadagymyz öndürilýän önümlere degişli standartlaryň berilmegini we güwänamalaşdyrylmagyny üpjün etmek, önümçiligi meýilleşdirilýän çig mallara we önümlere degişli standartlaryň, olara güwänamalaryň, şol sanda ISO halkara güwänamalarynyň alynmagy boýunça işleri düzgünleşdirmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen halkynyň Milli Lideri “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň önümlerine Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde “satyş markasyny” resmileşdirmek we degişli patentleri bermek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, beýleki ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna ýylyň dowamynda zerur bolan önümleri satyn almak babatda maliýeleşdirmegiň çeşmeleri kesgitlenilmelidir.Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen önümçilik desgalarynyň bina edilmegi, oňa gatnaşýan ýerli gurluşyk kärhanalarynyň sanawyny kesgitlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Lukman Arkadagymyz hasabaty diňläp, ýerli çig mal serişdelerini ýokary derejede gaýtadan işläp, olardan ekologik taýdan arassa, ýokary hil görkezijilerine laýyk gelýän önümleriň öndürilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Munuň özi ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, halkymyzyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, şol bir wagtyň özünde gündelik durmuşda zerur bolan önümleriň önümçiligini, hyzmatlar ulgamyny ýola goýmak boýunça maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylmagyny üpjün eder.Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşygynyň ähmiýeti barada aýdyp, bu çäreleriň ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän gaznanyň işiniň ilerlemegine oňyn täsirini ýetirjekdigini belledi.Häzirki döwürde ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, senagat we önümçilik desgalarynyň ýokary ekologik talaplara laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak bilen bir hatarda, önümçilik kuwwatlyklaryny ýokary ekologik derejä laýyk getirmek meseleleriniň hem ünsden düşürilmeýändigini aýtdy.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde bar bolan dermanlyk ösümlikleriň ekologik derejesi, olaryň dermanlyk häsiýetleri ylmy esasda öwrenilýär. Bu bolsa ýerli çig mallardan saglygy goraýyş ulgamynda zerur bolan derman serişdelerini öndürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.Täze şäherde dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ulanylmagyna zerur üns berilýändigini belläp, hormatly Arkadagymyz bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň yzygiderli we üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň esasynda iň döwrebap “akylly” şäheriň kemala gelendigini aýtdy. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek önümçilik kuwwatlyklarynyň, lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşygy, olarda ýola goýulmagy meýilleşdirilýän önümçilikler bilen bir hatarda, olaryň enjamlaşdyrylyş we üpjünçilik derejesi baradaky maglumatlar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmelidir. Munuň özi dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzda ynsan saglygynyň berkidilmegine, ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatynyň artmagyna gönükdirilen giň möçberli işler bilen tanyşdyrmakda ähmiýetlidir. Bu işde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri işjeňlik görkezmelidir.Türkmen topragynyň çig mal we ekologik taýdan arassa çeşme suwlaryndan taýýarlanylýan derman serişdeleriniň möçberini artdyrmak üçin ähli zerur mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu önümleriň içerki sarp edijileri doly üpjün etmek bilen bir hatarda, olaryň eksport mümkinçilikleriniň hem artjakdygyna ynam bildirdi.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek babatda degişli düzümler bilen bilelikde sazlaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny belläp, hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

09 Jun 2024
Meeting of the State Security Council of Turkmenistan

Today, the President of Turkmenistan, Supreme Commander-in-Chief of the Armed Forces of the country, Army General Serdar Berdimuhamedov, held a regular meeting of the State Security Council to consider the results of the work of military and law enforcement agencies for January-May of the current year. The agenda also includes issues of ensuring security and peace in our independent Homeland, strengthening the material and technical base of security forces, and further improving their activities.The first speaker was the Secretary of the State Security Council, Minister of Defense B.Gundogdyev, who reported on the work done by subordinate structures during the period under review and the practical steps taken to successfully implement the priority tasks identified by the military reform, including strengthening the defensive power of the National Army.In addition, a report was made on the progress of the spring conscription campaign, preparations for the military parade dedicated to the glorious 33rd anniversary of the sacred independence of the Homeland, as well as on the results of past military field exercises.After hearing the report, the Supreme Commander-in-Chief of the country’s Armed Forces emphasized that in accordance with the Military Doctrine, which is purely defensive in nature, one of the priority tasks is strengthening the material and technical base of military and law enforcement agencies. Technical re-equipment of law enforcement agencies requires special training of military personnel, the head of state continued, ordering to update the training process in specialized educational institutions through the use of innovative methods in this area.Expressing satisfaction with the results of the recently held military field exercises, which demonstrated the perfection of the Armed Forces, President Serdar Berdimuhamedov noted the importance of conducting them in the future in accordance with plans and at a high level. An instruction was also given related to increasing the combat training of the Armed Forces.Separate orders related to the transfer to the reserve from the Armed Forces in accordance with the established procedure and the next conscription of the country’s citizens for military service. Along with this, the Secretary of the State Security Council and the Minister of Defense were instructed to ensure the proper organization of the military parade in honor of the next anniversary of the Homeland’s independence.Prosecutor General B.Muhamedov reported on the results of the activities carried out since the beginning of the year, the implementation of comprehensive measures to supervise strict and proper compliance with the rule of law in all areas. There was also a report on inspections of compliance with the provisions of regulatory legal acts carried out on behalf of the head of Turkmenistan.After hearing the report, President Serdar Berdimuhamedov emphasized the significant role of the prosecutor’s office as the most important state law enforcement agency and ensuring the rule of law. In this regard, it was noted that department employees must take a responsible approach to fulfilling the powers assigned to them.Minister of Internal Affairs M.Hydyrov, who then spoke, reported on the results of the work done by the reporting structures over the five months of this year. In particular, about the practical steps taken to maintain public order, prevent crime, ensure universal compliance with fire safety rules, organize the activities of the Road Supervision Service in accordance with the realities of the time, and resolve issues of a social nature.Summarizing the report, the head of Turkmenistan focused on the need to further improve the work of the department’s structural divisions. At the same time, the importance of the active implementation of modern technical means and systems for ensuring road safety and improving the skills of employees was stated.In connection with the onset of the summer season and rising air temperatures, President Serdar Berdimuhamedov assigned the minister to keep compliance with the fire safety regime under strict control.The Supreme Commander-in-Chief of the country’s Armed Forces reprimanded Minister of Internal Affairs M.Hydyrov for improper performance of official duties and shortcomings in his work.Next, the Chairman of the Supreme Court B.Hojamgulyev reported on the progress of implementation of instructions previously given by the President of Turkmenistan, as well as on the work done during the indicated period to modernize the judicial system. Along with this, a report was made on the measures taken to apply advanced methods in this area, as well as on the conditions created for the fruitful service and life of employees.Summarizing the report, head of state Serdar Berdimuhamedov noted that in order to successfully solve the current problems it is necessary to actively use innovative technologies and improve legal proceedings.Continuing the meeting, the Decree “On the appointment and dismissal of judges of the courts of Turkmenistan and the assignment of qualification classes to them” was signed.Minister of National Security N.Atagaraev, who then spoke, reported on the activities carried out during the period under review, as well as on practical steps taken to introduce a digital system and improve the professionalism of employees.After listening to the report, President Serdar Berdimuhamedov emphasized the important role of the MNS in ensuring internal socio-political stability and ordered proper work in this direction.Head of the State Border Service Ya.Nuryev reported on the results of the activities of the reporting units for January-May of the current year, the comprehensive measures implemented to modernize border posts, as well as the conditions created for effective service and life of personnel.Summarizing the report, the Supreme Commander-in-Chief of the country’s Armed Forces emphasized that increasing the level of combat and physical training of military personnel today is one of the main requirements in maintaining the inviolability of the sacred borders of the Homeland – the borders of friendship and brotherhood. In order to ensure reliable protection of the State Border, President Serdar Berdimuhamedov commissioned the head of the Service to keep under strict control the implementation in full and in a timely manner of the planned tasks for the systematic improvement of the Border Troops, updating their material and technical base.During the meeting, the head of Turkmenistan severely reprimanded the head of the State Border Service of Turkmenistan, commander of the Border Troops, Y.Nuryev, for improper performance of official duties and shortcomings in his work.Next, Minister of Adalat M. Taganov reported on the comprehensive steps taken during the period under review to improve the legislative framework, increase legal awareness of citizens, and render them legal assistance.Summarizing the report, President Serdar Berdimuhamedov focused on current aspects of legal reform. As emphasized, it is necessary to carry out an ongoing analysis of regulatory documents and bring national legislation into line with the realities of the time.The Supreme Commander-in-Chief of the country’s Armed Forces instructed the head of the Ministry to continue developing, in accordance with the requirements of international law, legislative acts aimed at ensuring the further socio-economic development of the country.Then the Chairman of the State Customs Service M.Hudaykulyev reported on the results of the activities of the entrusted structure for five months of the current year, practical steps taken to use the capabilities of the digital system in order to more clearly monitor the flow of cargo passing through the border of Turkmenistan, including transit.After listening to the report, President Serdar Berdimuhamedov emphasized that currently, in the context of increasing the importance of transport and transit corridors of the Homeland; large-scale work is underway to increase the export potential of our state. It is necessary to strengthen measures aimed at ensuring proper customs control and preventing violations of relevant rules, the head of Turkmenistan noted, addressing specific assignments to the head of the Service.Next, Chairman of the State Migration Service A.Sazakov reported on the work done since the beginning of the year, practical steps taken to modernize the material and technical base of subordinate structures, and strengthen personnel.Noting that ensuring human rights and freedoms, compliance with national and international law, harmonization of the interests of the individual, society and the state are among the main principles of Turkmenistan’s migration policy, President Serdar Berdimuhamedov addressed the head of the Service a number of instructions.Summing up the meeting, the head of state said that in accordance with the defensive Military doctrine of Turkmenistan, measures are being taken to ensure a high level of security and integrity of the independent neutral Homeland. Priority attention is paid to strengthening the defense capability of the Homeland, improving the social and living conditions of the defenders of the Homeland and members of their families, the Supreme Commander-in-Chief of the Armed Forces of the country continued, noting that work in this direction will continue.At the meeting of the State Security Council, a number of other issues were also considered, and appropriate decisions were adopted.At the end of the meeting, the President of Turkmenistan, Supreme Commander-in-Chief of the Armed Forces of the country, Army General Serdar Berdimuhamedov wished the participants sound health and great success in responsible service for the sake of the peaceful and happy life of the people.

06 Jun 2024