<![CDATA[https://stat.gov.tm/]]>http://github.com/dylang/node-rssRSS for NodeMon, 30 Dec 2024 14:37:27 +0000Wed, 04 Dec 2024 04:12:30 +0000720<![CDATA[Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy]]> p{ text-align: justify; margin-bottom: 0; text-indent: 1.5em ; margin-top: 0; }
Eziz watandaşlar!

Taryhyň ýene-de bir ýyly tamamlanyp barýar. 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyryldy. Munuň özi türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan uly hormatyndan nyşandyr.


Beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy ähli dost-doganlyk halklar bilen bilelikde bellenilip geçildi. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak ugrunda durmuşa geçirilen işler ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam etdi. Bu işleriň geljekde hem üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýaryn.


Hormatly adamlar!

Bu ýyl halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyl boldy. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin asylly işler dowam etdirildi. Maksatlar myrat tapyp, iri taslamalar üstünlikli amala aşyryldy.


Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan köp sanly desgalar we binalar gurlup ulanmaga berildi. Sanly ulgama esaslanýan «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi. Bu ugurdaky işler halkara giňişlikde hem uly goldaw tapýar. Arkadag şäheri abraýly halkara baýraklara yzygiderli mynasyp bolýar. Häzirki döwürde iri şäherdir obalar gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurulýar.


Eziz watandaşlar!

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bu ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Hormatly Arkadagly Serdarymyz tarapyndan Halk Maslahatynyň mejlisinde birnäçe il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli Permandyr Kararlar kabul edildi. Täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Bu beýik, tutumly işler bolsa berkarar döwletimiziň durnukly ykdysady ösüşini, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşyny üpjün edýär.


Hormatly adamlar! Geçip barýan ýylda biz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň gerimini has-da giňeltdik. Bu ugurdaky asylly işler geljekde-de dowam etdiriler. Gaznanyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy hökmünde ýaşulularymyz hem berkarar döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halka giňden wagyz etmekde, ýaşlarymyzy milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemekde uly goldaw berýärler.


Eziz watandaşlar!

Biz sanlyja günden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagyny diňläris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze ýylyna — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basarys.


Geljek ýylda hem Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygyna, eşretli durmuşyna gönükdirilen iri möçberli taslamalary durmuşa geçireris. Bu işleri ýerine ýetirmek üçin biziň her birimize uly jogapkärçilik düşýändigini unutmaly däldiris. Biziň her birimiz eziz Watanymyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmalydyrys.


Hormatly adamlar!

Pursatdan peýdalanyp, sizi ýetip gelen Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Her biriňize berk jan saglyk, alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de zähmet üstünliklerini arzuw edýärin.


Mähriban halkym!

Täze ýylda hem ýurdumyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşly bolmagyny arzuw edýärin. Nesip edenden, Täze ýyl her birimize rysgal-bereket getirsin! Täze ýylyňyz gutly bolsun!

]]>
https://stat.gov.tmhttps://stat.gov.tmSat, 28 Dec 2024 19:00:00 +0000
<![CDATA[Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy]]> p{ text-align: justify; margin-bottom: 0; text-indent: 1.5em ; margin-top: 0; }

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow asylly däbe görä, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi bagtyýar çagalarda aýratyn şatlyk we begenç duýgusyny döretdi.


Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän “Älem” medeni-dynç alyş merkezi Täze ýyl baýramynyň dabaralarynyň geçirilýän esasy ýerleriniň biridir. Bu gün hem bu ýerde ýaşajyk türkmenistanlylaryň gatnaşmagynda ajaýyp baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Meýdançanyň merkezinde depesi “2025” ýazgyly, sekizburçly ýyldyz, dürli öwüşgindäki yşyklar we oýunjaklar bilen bezelen belent arça oturdylypdyr. Beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deň bolan ýurdumyzyň Baş arçasynyň töwereginde ertekiler dünýäsi emele getirilipdir.


Ajaýyp duýgulary, täsin başdan geçirmeleri paýlaýan Täze ýyl hemmeleriň söýgüli baýramydyr. Meýdançanyň daş-töweregini gurşap alýan baglar dürli yşyklar bilen bezelip, agşamlaryna baýramçylyga mahsus özboluşly görnüşi döredýär. Mundan başga-da, yşyklardan emele getirilen agaçlar we beýleki bezegler bu ýerdäki gözellikleriň üstüni ýetirýär. Jadyly ertekiler dünýäsine düşen körpeler haýran galmak bilen täsin şäherjigiň gözelliklerini synlamaga howlugýarlar. Meýdançada ýaňlanýan ajaýyp aýdym-sazlar olary durşy bilen täsinlige beslenen syýahata çagyrýar.


Baş arçanyň ýanynda geçirilýän dabara ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan çagalar gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda göreldeli okuwçylar, ders olimpiadalarynyň, sport, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri bar.


Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň bu dabara gatnaşmagy ýaş türkmenistanlylar üçin örän buýsandyryjydyr hem-de watansöýüjiligi kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.


Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň awtoulagy dabaranyň geçirilýän ýerine barýar. Bu ýerde çagalar hormatly Prezidentimizi ruhubelentlik we şatlyk bilen garşylap, gül desselerini gowşurýarlar hem-de bagtyýar çagalyk üçin hoşallyklaryny beýan edýärler. Ýaş nesil baradaky yzygiderli alada, olaryň milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegi üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Körpeleriň ýerine ýetiren goşgulary Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň bagtyýar çagalarynyň çuňňur hoşallygynyň beýany bolup ýaňlandy.


Joşgunly aýdym-sazlaryň astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde ajaýyp Täze ýyl arçasynyň ýanyna barýar. Bu ýerde baýramçylygyň baş gahrymanlary Aýazbaba bilen Garpamyk hem-de ýylyň müçeleriniň keşplerini janlandyrýan körpeler ýaş nesilleriň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Täze ýyl bilen gutladylar. Soňra ýaşajyk körpeleriň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Olar bu şanly güne döredijilik sowgatlaryny taýýarlapdyrlar.


Döredijilik ýoluna ýaňy gadam basan zehinli aýdymçylaryň, sazandalaryň, çagalar tans toparlarynyň gatnaşmagynda täsin Täze ýyl baýramçylygy ýaýbaňlandyrylýar. Ýaşyl arçanyň şahalarynda şöhle saçýan bezegler, çagalaryň şatlykly ýylgyryşlary bu ýere aýratyn gözellik eçilýär. Türkmen hem-de dünýä halklarynyň ertekileriniň gahrymanlaryny janlandyran keşpler dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.


Hormatly Prezidentimiz eziz Watanymyzyň, jemgyýetimiziň buýsanjy bolan şadyýan çagalaryň çykyşlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdi.


Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu günüň zehinli mekdep okuwçylary geljekde Watanymyzyň okgunly durmuş we ykdysady ösüşine mynasyp goşantlaryny goşarlar. Geçirilýän köp sanly bäsleşikler, ders olimpiadalary, çagalaryň döreden sungat eserleriniň sergileri döwletimiziň çagalara we ýetginjeklere berýän uly ünsüniň güwäsidir. Çagalaryň öz mümkinçiliklerini açyp bilmekleri, gyzyklanma bildirýän ugurlary bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar baglarynyň, sport, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň gurulmagy munuň aýdyň beýanydyr. Şonuň netijesinde ýaş türkmenistanlylar öz döredijilik, aň-paýhas ukyplaryny ösdürýärler, sport bilen meşgullanyp, daşary döwletlerde geçirilýän ýaryşlarda ýurdumyza mynasyp wekilçilik etmek bilen, baýrakly orunlary eýeleýärler.


...Uly şatlyk-şowhunda Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmak baýramçylygyň ýatdan çykmajak pursady boldy. Luw we ýylan keşbini janlandyrýan lybaslary geýen çagalar döwlet Baştutanymyzdan özleri bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmagyny haýyş etdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyz körpe nesliň wekilleri bilen bilelikde dostlugy, parahatçylygy, bitewüligi, jebisligi alamatlandyrýan Täze ýyl baýramynyň şatlygyny paýlaşdy.


Soňra dabara gatnaşan ähli çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde şu günki şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.


Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we Täze ýyly şadyýan garşylamagy, ajaýyp gyşky dynç alşy, okuwlarynda üstünlikleri arzuw edip, awtoulagynda Söwda-senagat edarasynyň binasyna tarap ugrady. Bu ýerde çagalar döredijilik toparynyň, estrada aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň gatnaşmagynda Täze ýyl şüweleňi dowam etdi.


Arkadagly Gahryman Serdarymyz Söwda-senagat edarasynyň baýramçylyk öwüşgininde bezelen uly zalyna barýar. Bu ýerdäki gözel arçanyň daşynda Täze ýyl ertekileriniň baş gahrymanlary Aýazbaba we Garpamyk, 2025-nji ýylyň nyşany bolan ýylan, baýramçylyk lybasly köp sanly ýaşajyk aşgabatlylar, paýtagtymyzyň myhmanlary bar. Olaryň ählisi döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.


Ýaş nesilleriň baýramçylyk dabarasyna hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Hökümet agzalary öz çagalarydyr agtyklary bilen geldiler. Şeýle-de Täze ýyl mynasybetli guralan dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri öz çagalary bilen gatnaşdylar.


Hormatly Prezidentimiz estrada aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň, folklor, tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, şol sanda çagalar baglarynda terbiýelenýänlerden başlap, dürli ýaşdaky zehinli çagalaryň çykyşlaryna tomaşa etdi. Baýramçylyk äheňinde bezelen sahnada Täze ýyla bagyşlanan ruhubelent aýdym-sazlaryň, joşgunly tanslaryň utgaşmagynda täsirli pursatlara beslenen çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.


“Güneş” çagalar hory, «Mukam» skripkaçylar topary, “Ruhubelent çagalar”, “Şowhun”, “Aýjan”, “Dokmaçylar”, “Galkynyş” tans toparlary sahna meýdançasynda öz döredijilik sowgatlaryny görkezdi.


Soňra Gahryman Arkadagymyzyň agtyjagy Aýjeren baýramçylyk mynasybetli goşgy aýdyp, saz çalyp, öz ukyp-başarnygyny görkezdi. Dabara gatnaşyjylar Aýjereniň çykyşyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.


Şeýle hem birnäçe aýdymçylar, döwlet derejesindäki köp sanly bäsleşikleriň, halkara döredijilik festiwallarynyň ýeňijileri sungat ýolundaky ajaýyp eserleri bilen çykyş etdiler. Olar Täze ýyl mynasybetli dünýä halklarynyň, türkmen kompozitorlarynyň häzirki zaman aýdymlaryny, nusgawy eserleri, folklor häsiýetli horeografik çykyşlary öz içine alýan ýörite medeni maksatnamany taýýarlapdyrlar.


Tomaşaçylar Türkmen döwlet gurjak teatrynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Olaryň çykyşlary ýygnananlaryň ruhuny has-da belende göterdi. Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň döredijilik işgärleri öz geň galdyryjy çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýakymly täsirleri döretdi. Ýaşajyk zehinlerem öz başarnyklary bilen hemmelere şatlyk paýlap, türkmen sungatynyň, medeniýetiniň uly geljeginiň bardygyny aýdyňlyk bilen görkezdiler.


Täze ýyl baýramy mynasybetli dabara gatnaşan bagtyýar çagalara süýjülik torty hödürlenildi.


Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady hem-de dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.


Bu gün paýtagtymyzyň şaýollary, seýilgähleri, jemgyýetçilik ýerleri ajaýyp Täze ýyl lybasyna beslendi. Özboluşly kompozisiýalar, yşyklandyryjy bezegler ähli ýerde gözel görnüşleri emele getirýär. Şeýlelikde, baýramçylyk dabaralary her bir öýe, her bir maşgala ýagşy arzuwlary, şatlykly pursatlary, baýramçylyk täsinliklerini eçilýär.


Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan täze — 2025-nji ýyly garşylamaga taýýarlyk görüp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň ýoly bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar.

]]>
https://stat.gov.tmhttps://stat.gov.tmFri, 27 Dec 2024 19:00:00 +0000
<![CDATA[Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy]]> p{ text-align: justify; margin-bottom: 0; text-indent: 1.5em ; margin-top: 0; }

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz bagtyýar halkymyzy Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady.


Şu günler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýerine ýetirilýän işleriň depgini barha ýokarlanýar. Dürli maksatly binalaryň we lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.


Milli Liderimiz gyş paslynyň säher çaglarynda döwrüň ösen tejribesi we sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri esasynda gözel künjekde binýat bolan Arkadag şäherine geldi. Häzirki wagtda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işler sazlaşykly esasda dowam edýär. Munuň özi öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda degişli derejede tagalla edilýändigini görkezýär.


Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň “Akhan” we “Taýçanak” şaýollarynyň aralygynda durky täzelenýän köçäniň germewlerini, olaryň şekillerini synlap, öz belliklerini aýtdy. Ulanylýan gurluşyk hem bezeg serişdeleriniň berklik, uzak möhletleýinlik şertlerine laýyk gelmegi bilen bir hatarda, olaryň şäheriň görnüşi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine-de zerur üns berilmelidir. Milli Liderimiz täze şäheriň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şunda Arkadag şäheriniň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň görnüşleri ylmy esasda öwrenilmelidir we bu babatda hünärmenlerimiz bilen maslahatlaşyp, oňyn çözgüdiň kabul edilmegi wajyp talap hökmünde kesgitlenendir.


Gahryman Arkadagymyz şäherde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň taryhy ähmiýete eýedigini belläp, olaryň hil we ekologiýa babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegine zerur üns bermelidigini aýtdy. Şunda bilelikdäki tagallalar wajypdyr. Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilen desgalaryň taslamalary, önümçilik-durmuş maksatly binalaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.


Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň halkara derejede hasaba alnandygyny, Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň ýörite güwänamasy arkaly klasteriň önümleriniň harytlyk nyşanlarynyň tassyklanandygyny aňladýan köp sanly halkara şahadatnamalardyr güwänamalar görkezildi.


Milli Liderimiz täze şäheriň mynasyp bolan halkara güwänamalarynyň Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümlerine berlen ýokary bahadygyny belläp, bu önümleriň görnüşlerini we eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny aýtdy.


Bu ýerde lukman Arkadagymyzyň garamagyna ýerli çig mallar esasynda taýýarlanylan lukmançylyk serişdeleriniň, örtükleriň, saglygy goraýyş ulgamynda işleýän hünärmenler üçin niýetlenen lybaslaryň görnüşleri görkezildi. Bellenilişi ýaly, bu önümler we lukmançylyk, dermanlyk serişdeleri ýokary halkara görkezijilere, ekologik talaplara doly laýyk gelýär.


Milli Liderimiz saglygy goraýyş ulgamyna degişli serişdeler, lukmanlar üçin niýetlenen lybaslar, olaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanşyp, bu babatda öz baý iş tejribesi esasynda birnäçe belliklerini aýtdy. Hususan-da, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň nyşanlarynyň göze gelüwli bolmalydygyny belläp, hormatly Arkadagymyz bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.


Soňra Milli Liderimiz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, önümçilik-durmuş maksatly binalaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli binalaryň, söwda we işewürlik merkeziniň şekil taslamalary, binalaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bar. Şeýle hem Arkadag şäheriniň “Akhan” binasyndan “Taýçanak” binasyna çenli bolan ýoluň durkuny täzelemek, köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylýan möwsüminde ekiljek baglaryň görnüşleri babatda maglumat berildi.


Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Şunuň bilen baglylykda, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän önümçilik toplumlarynyň, durmuş maksatly binalaryň hersiniň ähmiýetine laýyklykda, aýratynlykda ýerleşdirilmegi möhüm talap bolup durýar. Şeýle-de Arkadag şäheriniň çäklerinde bina edilýän desgalaryň gurluşyklarynda, bezeg işlerinde häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen milli binagärlik ýörelgeleri utgaşdyrylmalydyr. Aýratyn-da, binalaryň gurluşyk we bezeg işleri şäheriň mynasyp bolan halkara güwänamalarynyň ähmiýetine laýyk gelmelidir. Şol bir wagtyň özünde, täze şäherde bina edilýän önümçilik toplumlarynda bir bitewi seljeriş-intellektual ugra aýratyn ähmiýet berilmelidir. Lukman Arkadagymyz bu barada aýdyp, onuň halkara lukmançylygyň talaplaryna, hususan-da, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy. Geljegi uly ugur hökmünde ykrar edilen seljeriş-intellektual tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar.


Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.


D.Orazow häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň netijeleri, lukmançylyk klasteriniň önümçilik düzüminiň kuwwatlyklaryny artdyrmak, önümleriň görnüşlerini köpeltmek we dünýäde ekologik taýdan arassa önümler hökmünde ykrar edilen serişdeleri ýerlemek boýunça ýola goýulýan halkara gatnaşyklar, özara tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri barada hasabat berdi.


Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän önümçilik toplumlarynyň önümleriniň görnüşlerini artdyrmak, olaryň hilini häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede üpjün etmek meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini aýtdy. Lukman Arkadagymyz täze şäheriň halkara baýrakdyr güwänamalara mynasyp bolmagynyň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikleriň halkara derejede ykrar edilýändigini görkezýändigini belledi.


Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy täze şäheriň ähli ilatynyň adyndan Arkadag şäherinde Täze ýyly garşylamak mynasybetli guraljak giň möçberli dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu dabaralara gatnaşmagy şäher ilaty üçin uly buýsançdyr.


Bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyz eşretli, abadan, parahat durmuşda ýaşaýar. Häzirki wagtda Arkadag şäheri halkymyza döwrebap durmuşy peşgeş bermek bilen, ýaşaýyş üçin iň amatly mümkinçilikleri özünde jemleýär. Häkim bu baradaky gürrüňi dowam edip, Arkadag şäherinde Täze ýyl mynasybetli köp sanly maşgalalaryň täze jaýlara göçüp gelendigini habar berdi we täze öýlere göçüp gelmek miýesser eden maşgala agzalarynyň adyndan Milli Liderimize sagbolsun aýtdy.


G.Mämmedowa pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzdan Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli döwrebap jaýlardan paýly bolan bagtyýar watandaşlarymyzyň çuňňur hoşallyklaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýetirip bermegini haýyş etdi.


Milli Liderimiz watandaşlarymyzy täze jaýlara göçüp barmaklary bilen tüýs ýürekden gutlady. Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde zähmetsöýer ilatyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, ýokary halkara görkezijilere we häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän amatly şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.


Hemmeler üçin söýgüli baýram hasaplanýan Täze ýyl baýramçylygynyň dabaralarynda halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň öz beýanyny tapmalydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz medeni-köpçülikleýin çäreleriň täsirli wakalara, ýatda galyjy pursatlara baý bolmalydygyna ünsi çekdi.


Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerdäki Täze ýyl arçasynyň ýanynda berkarar döwletimiziň bagtyýar halkyna baýramçylyk gutlagyny beýan etdi.


Taryhyň ýene-de bir ýylynyň tamamlanyp barýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz 2024-nji ýylyň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylandygyny, munuň bolsa türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan beýik hormatynyň aýdyň nyşanydygyny belledi.


Beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy ähli dost-doganlyk halklar bilen bilelikde bellenilip geçildi. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak ugrunda durmuşa geçirilen işler ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam etdi. Bu işleriň geljekde hem üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.


Bu ýylyň halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyl bolandygyna ünsi çekip, Milli Liderimiz ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin asylly işleriň dowam etdirilendigini aýtdy. Maksatlar myrat tapyp, iri taslamalar üstünlikli amala aşyryldy. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan köp sanly desgalar we binalar gurlup ulanmaga berildi. Sanly ulgama esaslanýan «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi. Bu ugurdaky işleriň halkara giňişlikde uly goldaw tapýandygyny, Arkadag şäheriniň yzygiderli abraýly halkara baýraklara mynasyp bolýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde iri şäherdir obalaryň gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurulýandygyny aýtdy.


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bu ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Hormatly Arkadagly Serdarymyz tarapyndan Halk Maslahatynyň mejlisinde birnäçe il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli Permandyr Kararlar kabul edildi. Täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Bu beýik, tutumly işler bolsa berkarar döwletimiziň durnukly ykdysady ösüşini, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşyny üpjün edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.


Milli Liderimiz geçip barýan ýylda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň geriminiň has-da giňeldilendigini nygtady we bu ugurda asylly işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigine ünsi çekdi. Gaznanyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy hökmünde ýaşulularymyz hem berkarar döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halka giňden wagyz etmekde, ýaşlarymyzy milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemekde uly goldaw berýärler.


Biz sanlyja günden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagyny diňläris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze ýylyna — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basarys. Geljek ýylda hem Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygyna, eşretli durmuşyna gönükdirilen iri möçberli taslamalary durmuşa geçireris. Bu işleri ýerine ýetirmek üçin biziň her birimize uly jogapkärçilik düşýändigini unutmaly däldiris. Biziň her birimiz eziz Watanymyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmalydyrys diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, hemmeleri ýetip gelen Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekde mundan beýläk-de zähmet üstünliklerini arzuw etdi.


Gahryman Arkadagymyz baýramçylyk gutlagyny: “Täze ýylda ýurdumyz asuda, abadan we bagtyýar durmuşly bolsun! Nesip edenden, Täze ýyl her birimize rysgal-bereket getirsin! Täze ýylyňyz gutly bolsun!” diýen sözler bilen jemledi.


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

]]>
https://stat.gov.tmhttps://stat.gov.tmFri, 27 Dec 2024 19:00:00 +0000
<![CDATA[Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi]]> p{ text-align: justify; margin-bottom: 0; text-indent: 1.5em ; margin-top: 0; }

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.


Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.


Milli parlamentiň ýolbaşçysy, ilki bilen, deputatlaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, 2025-nji ýylyň rysgal-berekedi bilen abadan ýurdumyza uly üstünlikleri we rowaçlyklary getirmegini, döwlet Baştutanymyzyň, Milli Liderimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdi.


Soňra D.Gulmanowa geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.


Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň taryhy, gazanýan ösüşleri, halkara gatnaşyklardaky üstünlikleri bilen bagly möhüm wakalar mynasybetli her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi netijesinde halkara giňişlikde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýeti yzygiderli ýokarlanýar we täze many-mazmuna eýe bolýar. Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyz dünýä bileleşiginde giň goldaw tapýar.


2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak bilen baglanyşykly geçirilen işleriň netijesinde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleriň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynyň esasynda, Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryna eýerip hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli, 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak barada Mejlisiň karary taýýarlanyldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna geljek ýylyň nyşany hödürlenildi.


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belledi.


Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň halkymyz bilen bilelikde geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny teklip edýändiklerini aýtdy we bu teklibi goldap, 2025-nji ýylyň şygaryny «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Bu çözgüt şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.


Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçiljekdigini, bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigini nygtap, bu topara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylyk etmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen baglanyşykly çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini aýtdy.


Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda taryhy özgertmeleriň durmuşa geçirilendigini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň has-da rowaçlanandygyny, türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejede giňden toýlanandygyny kanagatlanma bilen belledi we şu ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi.


Döwlet Baştutanymyz öz eserinde beýik söz ussadynyň edebi mirasynyň, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandynyň, şahyryň ýubileýi bilen bagly geçirilen çäreleriň giňden beýan edilýändigini, şeýle hem ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanan üstünliklerimiziň jeminiň jemlenýändigini nygtap, bu kitabyň mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygyny aýtdy.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi.


Ol hormatly Prezidentimiziň şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tamamlanyp barýan 2024-nji ýyldaky örän wajyp mejlisini geçirýändigini we onuň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyz üçin uly ähmiýete eýe bolan meselä seredendigini hem-de 2025-nji ýylyň şygarynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi hem-de mejlise gatnaşyjylaryň adyndan Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen tüýs ýürekden gutlady.


Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň Türkmenistanda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Milletler Bileleşiginde öňe süren möhüm halkara başlangyçlarynyň iş ýüzünde kanunalaýyk durmuşa geçirilmeginiň dünýä derejesindäki ykrarnamasy bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen, 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip biragyzdan yglan etdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe süren Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly baradaky başlangyjynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, milletiň atasy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan yglan edilen döwletara gatnaşyklardaky täze filosofiýanyň logiki dowamy we iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bolup durýandygyny belledi. Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi bu syýasy-filosofik garaýşy «Dialog — parahatçylygyň kepili» hökmünde kabul edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, syýasy taýdan örän ähmiýetli aýratynlyga eýedir.


Nygtalyşy ýaly, 2025-nji ýyl halkymyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda örän möhüm ýyllaryň biri bolar. Geljek ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda dürli derejedäki maslahatlar, mejlisler, dabaralar, bäsleşikler, sergiler hem-de beýleki çäreler geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň halkymyz, jemgyýetimiz we döwletimiz tarapyndan halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde guraljak ähli çäreleriň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylygynda geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy baradaky aýdanlarynyň möhüm ähmiýetine üns çekildi. Wise-premýer, daşary işler ministri 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylygynda döwletimizde we daşary ýurtlarda meýilleşdirilýän dürli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.


Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazmak bilen, Ministrler Kabinetiniň şu günki taryhy mejlisinde tutuş türkmen halkyna we daşary ýurtlaryň halklaryna Täze ýylyň bosagasynda örän uly sowgat etdi.


Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli beýik nusgawy şahyryň döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygyny alamatlandyrýan, parahatçylygyň, ösüşiň binýady bolup hyzmat edýän, halklary we döwletleri birleşdirýän filosofiýasy bütin dünýä ýaň saldy. 2024-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda guralan halkara forum, şeýle hem ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilen halkara çäreleriň ýüzlerçesi munuň aýdyň mysalydyr. Wise-premýer, daşary işler ministri mejlise gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimizi täze kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.


Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, 2024-nji ýylyň tamamlanyp barýandygyny, bu ýylyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň taryhynda ebedi galjakdygyny belledi. “Geçip barýan ýylda biz Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerini, şeýle hem dürli döwlet maslahatlaryny geçirdik. Bu mejlislerde, maslahatlarda döwletimiziň içeri we daşary syýasatyna degişli möhüm soraglara seretdik” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, ähli pudaklarda ýokary ösüş depginleriniň gazanylýandygyny, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň 10 göterim artdyrylan möçberleriniň öz wagtynda maliýeleşdirilendigini, döwletimiziň ösüşini üpjün edýän täze kanunlaryň kabul edilendigini nygtady. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz döwletimiziň ähli sebitlerinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň, iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşyklary dowam edýär. Bitarap Watanymyz abraýly halkara we sebit guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Guramanyň Baş Assambleýasynyň birnäçe Kararnamalary Bitarap döwletimiziň başlangyjy bilen taýýarlanyldy we kabul edildi» diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.


Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Täze ýylyň baýram edilýän günlerinde ähli gulluklarda nobatçylyk tertibiniň ýola goýulmagyny, baýramçylyk günlerinde jemagat hojalygy, elektrik we suw üpjünçilik gulluklarynyň, hassahanalaryň, dükanlaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegi, raýatlarymyzyň gowy dynç alyp, Täze ýyly ýokary derejede belläp geçmekleri üçin ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini jemläp, hemmeleri täze — 2025-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de geljek ýylda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, berkarar döwletimizi ösdürmek ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

]]>
https://stat.gov.tmhttps://stat.gov.tmThu, 26 Dec 2024 19:00:00 +0000
<![CDATA[Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy]]> p{ text-align: justify; margin-bottom: 0; text-indent: 1.5em ; margin-top: 0; }

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler.


Döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak, olary häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede enjamlaşdyrmak we ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýurdumyzda halkymyzyň we her bir raýatyň saglygynyň berkidilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň güwäsidir.


Ir bilen lukman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumynyň gurulýan ýerine geldi. Milli Liderimiz gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň uzak möhletleýinlik, berklik şertlerini özünde jemlemelidigini aýtdy.


Soňra lukman Arkadagymyzyň garamagyna täze toplumyň binalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, enjamlaşdyrylyş aýratynlyklarynyň görnüşleri baradaky şekil taslamalary görkezildi. Olar barada saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow we sebitde iň iri Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşyna jogapkär ýolbaşçy N.Amannepesow hasabat berdi.


Bellenilişi ýaly, häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň üstüni ýetirjek bu merkezde halkara ölçeglere laýyk gelýän ýöriteleşdirilen lukmançylyk hyzmatlary hödürlener. Ol dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün ediler. Şeýle hem 500 orunlyk ylmy-kliniki merkezde lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmagyň howpsuzlyk derejesine möhüm ähmiýet berler. Bu ýerde onkologiýa keselleriniň döwrebap bejergilerini geçirmek üçin ýöriteleşdirilen anyklaýyş, bejeriş we saglygy dikeldiş bölümlerini döretmek göz öňünde tutulýar.


Paýtagtymyzyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň çäginde gurulýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň enjamlaşdyrylyşyna wajyp ähmiýet berilmelidigini belläp, alym Arkadagymyz bu babatda Atom energiýasy boýunça halkara agentlik (MAGATE) bilen saglygy goraýyş, hususan-da, atom lukmançylygy babatda degişli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidigine we agentligiň wekilleri bilen maslahatlaryň geçirilmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi täze merkeziň galyndylaryny gaýtadan işlemegiň howpsuzlygyny üpjün etmekde aýratyn möhümdir. Şeýle hem Milli Liderimiz bina edilýän merkeziň enjamlaşdyrylmagyna şu günüň we geljegiň nukdaýnazaryndan garamalydygyny nygtap, bu ugurda kesgitlenen wezipeleriň talabalaýyk, ýokary derejede ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn esasda hem-de örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýdyp, birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


Bellenilişi ýaly, lukman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň lukmançylyk merkezlerine häzirki zamanyň sanly tehnologiýalary we dünýäniň ösen tejribesi işjeň ornaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, milli lukmançylykda raýatlaryň saglyk ýagdaýy bilen baglanyşykly maglumatlaryň gory döredildi. Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde lukmançylyk hyzmatlaryny dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly amala aşyrmak, onkolog lukmanlaryň hünär kämilligini ýokarlandyrmak, kliniki ordinatorlary, ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça okuwlary guramak häzirki döwrüň möhüm wezipeleri hökmünde kesgitlenendir diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.


Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda bolşy ýaly, merkezi enjamlaşdyrmak işlerinde-de Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň bilermenleri bilen degişli maslahat çäreleriniň geçirilmelidigini belläp, Milli Liderimiz bu ugurda baý tejribesi bolan düzümler bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidigine ünsi çekdi.


Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedowyň we sebitde iň iri Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşyna jogapkär ýolbaşçy N.Amannepesowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda häzirki döwürde alnyp barylýan işler, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmak, täze merkeziň gurluşygynyň depginlerini artdyrmak we onuň enjamlaşdyrylyşyna häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede çemeleşmek boýunça taýýarlanan maksatnama barada hasabat berildi.


Lukman Arkadagymyz milli saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny belläp, halkymyzyň saglygyny goramak, ömür dowamlylygyny uzaltmak, ilkinji nobatda, islendik keseliň öňüni almak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunda saglyk merkezleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň öňünde goýýan wezipelerinden ugur alyp, lukmanlaryň halkymyzyň saglygyny goramak babatda tutanýerli zähmet çekmelidiklerini aýdyp, alym Arkadagymyz bu ugurdaky işlere lukmanlaryň mynasyp goşantlaryny goşmalydyklaryna ünsi çekdi.


Milli Liderimiz saglygy goraýyş ulgamynda möhüm ähmiýetli wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, esasy üç ugra aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, täze gurulýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde bir bitewi seljeriş-intellektual bölümi döredilmelidir. Bu bölüm lukmançylygyň halkara talaplaryna, hususan-da, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine laýyk gelmelidir diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy we şeýle seljeriş-intellektual bölümiň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna ornaşdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Ikinjiden, bu bölümiň işini kämilleşdirmek üçin sanly tehnologiýalardan baş çykarýan, ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan ýaş oglan-gyzlary saýlap-seçmeli. Bu ýaşlar hemişe täzeçilligiň gözleginde bolup, alyp barjak işlerini ylym bilen utgaşdyrmalydyrlar, işinde uly jogapkärçiligi duýmalydyrlar diýip, Milli Liderimiz belledi.


Gahryman Arkadagymyz üçünji teklibiň bu bölüme ýaşlar saýlanyp alnanda, olaryň köp sanly daşary ýurt dillerini bilmekleriniň, iňlis, nemes, ýapon, hytaý, koreý, rus dillerini giňden özleşdirmekleriniň zerurdygyndan ybaratdygyna ünsi çekdi. Bu ýerde işlejek lukmanlar öz alan bilimleri we öwrenen tejribeleri esasynda dogry, dürs çözgüt kabul etmegi başarmalydyrlar. Hemmetaraplaýyn ukyp-başarnykly bolup, öz işine yhlasly çemeleşmelidirler. Umuman aýdanyňda, seljeriş-intellektual bölümi keseli dogry we takyk anyklamalydyr. Keseliň netijesi boýunça bejeriş işleri üçin anyk maglumatlar ýüze çykarylmalydyr. Maglumatlaryň takyklygy bejeriş işlerini ýokary derejede guramaga ýardam berer.


Bu baradaky gürrüňi dowam edip, lukman Arkadagymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda häzirki zaman ylmyny, aýratyn-da, intellektual eýeçiligiň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan döwrebap ylmyň hemmetaraplaýyn özleşdirilmegi ugrunda alnyp barylýan ylmy işleriň pesdigine ünsi çekdi. Şeýle hem ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigine garamazdan, intellektual ylmy ösdürmek boýunça degişli kada-kanunyň işlenip taýýarlanylmaýandygyna ünsi çekip, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.


Milli Liderimiz, aýratyn-da, ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmakda, saglygy goraýyş ulgamynda, ýokary okuw mekdeplerinde, pudaklaýyn edara-kärhanalarda, ylmy merkezlerde netijeli işleri ýola goýmakda ministrligiň guramaçylyk işlerine we häzirki zaman ylmynyň özleşdirilmegine tankydy bellikleri aýdyp, bu ugurda ministrligiň alyp barýan işine nägilelik bildirdi.


Alym Arkadagymyz saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedowa Halkara saglyk merkezleri müdiriýetinde hem-de Halkara okuw-ylmy merkezinde seljeriş-intellektual bölümi döretmek, bu merkezi öz işine ökde hünärmenler bilen üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Bu saglygy goraýyş edaralaryny we welaýatlaryň onkologiýa merkezlerini bir bitewi intellektual tora birikdirmegiň wajypdygy aýdylyp, onda lukmanlaryň hemişe bökdençsiz hem netijeli iş alyp barmagy üçin üznüksiz aragatnaşygyň ýola goýulmalydygyna üns çekildi.


Aýratyn-da, Halkara okuw-ylmy merkezinde häzirki zaman ylmyndan we täzeçil tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykaryp bilýän hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, şunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikdäki işleriň ýola goýulmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Ilkinji nobatda, keselleriň öňüni almak, olary seljermek we ýüze çykarylan keseller boýunça dürs bejeriş çärelerini kesgitlemek wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendir. Munuň özi lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň baş şertini emele getirýär.


Has anyk aýdanyňda, merkez diňe bir ýurdumyzyň saglygy goraýyş desgalary bilen däl, eýsem, dünýäniň belli halkara lukmançylyk merkezleri bilen hem hemişe göni aragatnaşykda bolmalydyr. Şunda özara pikir alyşmaga, tejribeleri paýlaşmaga, bilelikde iş alyp barmaga uly orun berilmelidir. Geljekde-de saglygy goraýyş ulgamyna döwrüň iň kämil tehnologiýalaryny hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak işleri dowam etdirilmelidir diýip, lukman Arkadagymyz belledi we bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.


Täze merkeziň işiniň ýurdumyzda onkologiýa kesellerine garşy netijeli göreşmäge gönükdirilendigini belläp, Milli Liderimiz bu babatda ýola goýulýan gatnaşyklaryň halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigini aýtdy. Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bu ulgamda öňdebaryjy halkara gurama bolup durýar hem-de oňyn tejribäni nazara almak bilen, bilelikdäki işleri amala aşyrýar. Munuň özi täze merkeziň işiniň talabalaýyk derejede ýola goýulmagynda möhüm şertleriň biri bolup durýar. Lukman Arkadagymyz merkeziň işi netijesinde ýüze çykýan galyndylary gaýtadan işlemek, lukmançylyk hyzmatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleriniň ähmiýeti barada aýdyp, bu ugurda işlejek lukmanlaryň häzirki zamanyň ösen tejribesini özleşdirmekleri, olaryň bu ugur boýunça dünýäniň öňdebaryjy ylmy-kliniki merkezlerinde okuwlary geçmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.


Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde saglyk edaralarynyň döwrebap toplumynyň emele gelendigini, şol bir wagtyň özünde, bu ýerde iň häzirki zaman Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurulýandygyny nazara alyp, lukmanlaryň netijeli işlemeklerine we oňaýly dynç almaklaryna gönükdirilen çäreleriň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz Aşgabadyň bu künjeginde lukmanlar, olaryň maşgalalary üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, umumybilim berýän orta mekdebiň, çagalar baglarynyň, şäher saglyk öýüniň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de degişli ýolbaşçylara bu babatdaky meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy.


Lukman Arkadagymyz guramaçylyk ukybyny we baý tejribesini nazarda tutup, hormatly Prezidentimiziň N.Amannepesowa örän uly jogapkärçiligiň ynanylýandygy barada aýdanlaryny ýatlady. Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygyny, onuň binalarynyň enjamlaşdyrylyşyny degişli derejede amala aşyrmak boýunça kesgitlenen wezipeleriň ähmiýetine ünsi çekdi we N.Amannepesowa bu ugurda bar bolan meseleleri talabalaýyk çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.


N.Amannepesow bildirilen ynam, öz aralaryna gelip degerli maslahatlaryny berendigi üçin lukman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetirilmegi we merkeziň gurluşygyny talabalaýyk amala aşyrmak, onuň binalaryny ýokary derejede enjamlaşdyrmak boýunça berlen tabşyryklaryň berjaý edilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.


Türkmen halkynyň Milli Lideri täze merkeziň gurluşygynyň dowam edýän döwründe we ony enjamlaşdyrmakda bar bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, degişli nesihatlary bermek üçin islendik pursatda bu ýere gelmäge taýýardygyny aýratyn belledi. Esasy wezipe lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, keselleriň öňüni almakdan we anyklaýyş işlerini ylmy esasda dürs kesgitlemekden ybaratdyr. Bu ugurda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ilatymyzy ýöriteleşdirilen lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmekde, raýatlarymyzyň saglygyny goramakda möhüm ähmiýete eýedir. Şunda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň işiniň talabalaýyk guralmagyna zerur üns berilmelidir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

]]>
https://stat.gov.tmhttps://stat.gov.tmTue, 24 Dec 2024 19:00:00 +0000
<![CDATA[Köp görkezijiler boýunça klasterleýin synyň Ýedinji tapgyrynyň maglumatlaryny düşündirmek we hasabatyny düzmek boýunça maslahat (MICS7)]]> p{ text-align: justify; margin-bottom: 0; text-indent: 1.5em ; margin-top: 0; }

2024-nji ýylyň 20-22-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň merkezi binasynda Türkmenstatyň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, şeýle hem BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilleriniň gatnaşmagynda Köp görkezijiler boýunça klasterleýin synyň ýedinji tapgyrynyň esasy maglumatlaryna baha bermek boýunça maslahat geçirildi.

Maslahaty Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary G.Annanyýazowa we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea açdy.

MICS köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda aýallaryň we çagalaryň ýagdaýy barada möhüm maglumatlar çeşmesi bolup hyzmat edýär. MICS – Durnukly Ösüş Maksatlarynyň 30-dan gowrak görkezijileriniň esasy bolup durýar. MICS-iň bäşinji tapgyryndan başlap Türkmenstat bu syny elektron gurluşlary (planşet) ulanmak arkaly geçirýändigini bellemek zerur.

Maslahatda DÖM-iň görkezijilerini hasaba almak bilen, synyň netijeleri boýunça esasy görkezijileri açyp görkezýän dürli diagrammalar görkezildi. Maglumatlar çaganyň irki dogluşy we maşgalany meýilleşdirmek, çagalaryň we bäbekleriň saglygyny goramak, çagalaryň iýmitleniş ýagdaýy, çagalaryň saglygy we kesellerini bejermek, bäbekleri we kiçi ýaşdaky çagalary iýmitlendirmek, bilim, okatmagyň esasy endikleri hem-de maşgala agzalarynyň çagalary terbiýelemekde gatnaşygy ýaly mowzuklara bölünip berildi.

Bu syn Durnukly Ösüş Maksatlarynyň birnäçe maglumatlarynyň üstüni doldurmak boýunça we ýakyn ýyllarda ýurduň halkynyň abadançylygyny gowulandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalary we strategiýalary işläp taýýarlamakda möhüm maglumat çeşmesi bolup hyzmat eder.

]]>
https://stat.gov.tmhttps://stat.gov.tmThu, 21 Nov 2024 19:00:00 +0000
<![CDATA[Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti «E-Stathasabat we işewür-registri» atly platformany işe girizýär]]> p{ text-align: justify; margin-bottom: 0; text-indent: 1.5em ; margin-top: 0; }
Aşgabat, 2024-nji ýylyň 16-njy sentýabry

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde «E-Stathasabat we işewür-registri» atly platformasynyň üstünlikli işe girizilendigini habar berdi.


Bu platforma Türkmenistanda statistiki maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň usulyny özgertmäge niýetlenendir, ol ýuridik şahslara we telekeçilere statistiki formalary onlaýn görnüşde tabşyrmaga we dolandyrmaga mümkinçilik berer. Resminamalaryň elde işlenilmegini aradan aýyrmak bilen, bu ulgam hasabatlary tabşyrmak işlerini amatly edýär we maglumatlary ýygnamagyň we seljermegiň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrýar. Platforma has esasly çözgütleri kabul etmek üçin maglumatlaryñ hakyky wagt düzgüninde elýeterliligi gowulandyrmak, respondentler üçin administratiw harajatlary azalmak we amallary geçirmekligi ýeñilleşdirmek ýaly birnäçe artykmakçlyklary berýär.


Bu innowasion platforma Türkmenistanyň sanly ulgama geçmeginde we ykdysady ösüşinde düýpli öňegidişlik bolup, statistika edaralary, şeýle-de telekeçiligi bellige almaga gatnaşýan ykdysady subýektleriň ählisi üçin hem ep-esli artykmaçlyklary üpjün etmek bilen, pudagara hyzmatdaşlygyň gowulanmagyna we umumy ykdysady netijeliligiň ýokarlanmagyna ýardam eder.


Platformanyň işe girizilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny, şeýle-de Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky «Milli hasaplar boýunça institusional we statistiki mümkinçiligi pugtalandyrmak» hem-de «Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň institusional, statistiki we maglumat-tehniki mümkinçiligini berkitmek» atly taslama resminamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyryldy.

]]>
https://stat.gov.tmhttps://stat.gov.tmMon, 16 Sep 2024 19:00:00 +0000
<![CDATA[Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işi döwrebaplaşdyrylýar]]> p{ text-align: justify; margin-bottom: 0; text-indent: 1.5em ; margin-top: 0; }

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan statistik hasabat formalaryny Internet tory arkaly ýygnamak we hojalyk subýektlerini statistik sanawyna onlaýn görnüşinde bellige almak we bu ulgamyň üsti bilen elektron hyzmatlaryň birnäçe görnüşlerini öz içine alýan statistika ulgamynyň sanly platformasyny ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bellenen wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky «Milli hasaplar boýunça institusional we statistiki mümkinçiligi pugtalandyrmak» hem-de «Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň institusional, statistiki we maglumat-tehniki mümkinçiliklerini berkitmek» atly taslama resminamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde «E-Stathasabat we işewür-registri» programma üpjünçiligi işlenip düzüldi we bu programma üpjünçiligi 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyndan synaglaýyn esasda, 1-nji oktýabryndan bolsa, doly ulanyşa girizilýär.


Bu programma üpjünçiliginiň ulgama ornaşdyrylmagy:

– respondentler tarapyndan statistika edaralaryna tabşyrylýan statistiki hasabatlaryň menzilara onlaýn görnüşinde tabşyrylmagyna;


– hojalyk subýektleriniň statistik sanawyna onlaýn görnüşinde bellige alynmagyna;


– statistika ulgamynyň hünärmenleri tarapyndan hasabatlaryň tiz we ýokary hilli jemlenilmegine, seljermeleriň geçirilmegine;


– ýurdumyzyň beýleki ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen maglumat binýatlaryň alyş-çalşygy boýunça mümkinçilikleriň döredilmegine;


– şeýle hem, wagtyň we sarp ediş önümleriniň (kagyz, kartrij, ýol harajatlar) tygşytlanylmagyna ýardam berer.


Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň sanly hyzmatlary stat.gov.tm resmi internet saýtynda ýerleşdirildi.

]]>
https://stat.gov.tmhttps://stat.gov.tmSun, 30 Jun 2024 19:00:00 +0000
<![CDATA[Çagalar bilen bagly statistika boýunça bilermenleriň maslahaty]]> p{ text-align: justify; margin-bottom: 0; text-indent: 1.5em ; margin-top: 0; }

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary G.Annanyýazowanyň we Ilaty hasaba alyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary B.Annamuhammedowanyň gatnaşmagynda türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 4-6-njy marty aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) we bu guramanyň Ýewropa Ykdysady Kommissiyasy (UNECE) bilen bilelikde guramagy esasynda geçirilýän Çagalar bilen bagly statistika boýunça bilermenleriň maslahatyna hem-de Adalatlylygy ýokarlandyrmagyň özgeriş gözegçiligi (TransMonEE) boýunça Milli statistika müdirlikleriniň torunyň nobatdaky mejlisiniň işine gatnaşdy.

Mejlisiň gidişinde Çagalar babatynda statistikanyň gollanmasyny ornaşdyrmak, çagalar babatynda maglumatlaryň ähli elýeter çesmelerinden, şol sanda ilat ýazuwlarynyň we öý hojalyklarynyň degişli gözegçilikleriniň netijelerinden peýdalanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň gün tertibi boýunça çykyş edenler çagalar babatynda maglumat ýygnamagyň innowasion usullary bilen bagly tejribeleri bilen paýlaşdylar.

Şeýle-de, Ýewropa we Merkezi Aziya ýurtlary üçin çagalaryň ýagdaýyna we çagalaryň hukuklarynyň berjaý edilişine monitoring etmek üçin iň iri maglumat binýady bolan TransMonEE boýunça işleriň aýry-aýry ýurtlarda gidişi barada hasabatlar diňlendi we bu maglumat binýady üçin maglumat çeşmeleri bilen bagly ýüze çykýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Köp görkezijili klasterleýin synyň (KGKS) netijeleri TransMonEE maglumat binýady üçin maglumat çeşmeleriniň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda TürkmenStat tarapyndan KGKS-ň ýedinji tapgyry geçirilýär. Gözegçiligiň bäş sany sowalnamalarynyň ikisi 0-17 ýaşdaky çagalar barada maglumatlary almaga gönükdirilip, olar bilim, saglygy goraýyş, çagalar babatynda zorluk we beýleki meseleler boýunça soraglary öz içine alýar.

]]>
https://stat.gov.tmhttps://stat.gov.tmMon, 11 Mar 2024 19:00:00 +0000
<![CDATA[Birleşen Milletler Guramasynyň Statistika boýunça komissiýasynyň 55-nji sessiýasy]]> p{ text-align: justify; margin-bottom: 0; text-indent: 1.5em ; margin-top: 0; }

2024-nji ýylyň 27-nji fewralyndan 1-nji marty aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda BMG-nyň Statistika komitetiniň 55-nji mejlisi geçirildi.

Mejlise Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletlerden wekiliýet ýolbaşçylary, wekilleri hem-de beýleki halkara guramalardan wekiller, bilermenler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow mejlisiň gün tertibiniň birnäçe ugurlary boýunça, hususan-da, «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibi üçin maglumatlar we görkezijiler» hem-de «Milli hasaplar ulgamy» ugurlary boýunça çykyş etdi.

Mejlise gatnaşyjylar milli ykdysadyýetde geçirilýän özgertmeler we Türkmenistanyň statistika pudagynyň geljekki ösüşi, şeýle hem degişli görkezijileri kabul etmek arkaly Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede ornaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, 2023-nji ýylda hödürlenen Meýletin milli synda görkezilişi ýaly, BMGÖM-nyň goldaw bermeginde ýurtda DÖM-ny ornaşdyrmagyň Milli platformasynyň (meýdançasynyň) döredilendigi, şeýle hem Mili hasaplar ulgamyny täzelemek boýunça işleriň dowam etdirilýändigi bellenip geçildi.

Mejlisiň açylyşynda çykyş eden BMG-nyň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary jenap Li Jinhua DÖM-ny gazanmakda öňegidişlige baha bermekde we bu ugurda hereketleri çaltlandyrmakda maglumatlaryň möhüm orun tutýandygyny, 30 ýyl mundan öň Resmi statistikanyň esas goýujy ýörelgeleriniň kabul edilmeginiň ähmiýetini we statistikanyň infrastrukturasyny (amatlyklaryny) döwrebaplaşdyrmak ýoly bilen uly we umumy elýeter maglumatlar ulgamlaryny ösdürmek ýaly innowasion ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny belledi.

Mejlisiň barşynda akklamasiýa etmek (umumy makullamak) ýoly bilen Komissiýanyň ýolbaşçylary, ýagny onuň başlygy – Jorž-Simon Ulrih (Şweýsariýa), Başlygyň orunbasarlary – Grasýela Markes Kolin (Meksika), Hýon Ir Li (Koreýa Respublikasy), Adnen Lassued (Tunis) saýlandy.

Mejlisleriň çäklerinde BMG-nyň Baş Sekretarynyň Durnukly ösüş ulgamynda maksatlary gazanmagyň barşyna berlen syn boýunça esasy nutugy hödürlendi.

Nutukda maglumatlary we metamaglumatlary saklamagy goşmak bilen, global görkezijiler boýunça maglumatlar binýadyny döretmek babatynda alnyp barylýan iş barada we milli derejede görkezijileri gazanmakda ýurtlara berilýän goldaw barada maglumat berildi, şeýle hem Sekretariatyň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamentiniň Statistika bölümi tarapyndan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibine goldaw bermek boýunça geçirilen iş barada maglumat getirilýär.

Mejlisiň işiniň barşynda, beýleki resminamalar bilen bilelikde, şu nutuklar hödürlendi:
- BMG-nyň Baş sekretarynyň Resmi statistikanyň esas goýujy ýörelgeleri barada nutugy;
- Baş sekretaryň ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwlary barada nutugy;
- Baş sekretaryň açyk maglumatlar barada nutugy;
- Baş sekretaryň howanyň üýtgeýşiniň statistikasy barada nutugy;
- Baş sekretaryň gender statistikasy barada nutugy.

Mejlisiň barşynda BMG-nyň 2024-nji ýylyň noýabrynda Kolumbiýada geçiriljek Bütindünýä maglumat forumynyň ähmiýeti bellendi, onuň çäklerinde, beýlekiler bilen bir hatarda, statistika ulgamynda köp taraplaýyn özara hereketi ösdürmegiň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Mejlisiň ahyrynda Komissiýanyň nobatdaky 56-njy sessiýasyny 2025-nji ýylyň 4-7-nji marty aralygynda Nýu-Ýork şäherinde geçirmek barada karar kabul edildi.

]]>
https://stat.gov.tmhttps://stat.gov.tmWed, 06 Mar 2024 19:00:00 +0000