Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça
paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň
30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde Aşgabady hemmetaraplaýyn
ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan
özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde
saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, şäher ilatynyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp
ýaşamagy ugrunda zerur şertleriň döredilmegine, şäheri ösdürmek boýunça
ýaýbaňlandyrylan işlerde öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagyna, şol bir
wagtyň özünde paýtagtymyzda ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine möhüm
ähmiýet berilýär.
Milli Liderimiziň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça öňe sürýän täzeçil
şähergurluşyk maksatnamasynda şäher ilatynyň ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş
şertleriniň üpjün edilmegi esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Aşgabadyň
häzirki keşbinde tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depgini hem-de
köpugurly kuwwaty, mähriban halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz aýdyň
beýanyny tapýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta
künjeginde Bitarap Türkmenistan we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda taslamalar,
täze binalaryň, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Bu ýerde
döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we energetika
toplumyna, Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary, ýurdumyzyň senagat
we gurluşyk önümçiligi hem-de energetika ministrleri, Aşgabat şäheriniň häkimi
garşyladylar.
Wise-premýer Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň baş şäheriniň çäginde gurulmagy we
döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän ulag ýollarynyň, ugurdaş desgalaryň
işlenip taýýarlanylan taslamalary hem-de ýerleşjek ýerleri, ýol-ulag düzümine
degişli desgalaryň bezeg aýratynlyklary barada hasabat berdi.
Bu ýerde milli Liderimiziň garamagyna Bitarap Türkmenistan, Türkmenbaşy
şaýollarynyň, Nurmuhammet Andalyp hem-de Bekrewe köçeleriniň Arçabil şaýoly
bilen kesişýän ýerinde, şeýle hem Köpetdag şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň
çatrygynda ýerleşýän köprüleriň mozaika görnüşli bezeginiň teklip edilýän
taslamalary hödürlenildi.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda durmuş-medeni maksatly desgalaryň hem-
de ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň gurluşygynda döwlet Baştutanymyzyň
binagärligiň milli däpleriniň we öňdebaryjy tejribäniň sazlaşykly utgaşdyrylmagyna
aýratyn üns berýändigini bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalardyr
çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri
girizdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şähergurluşyk maksatnamalary
durmuşa geçirilende, binalaryň we desgalaryň gurluşygy bilen birlikde, olaryň
bezegi hem möhüm ugurlaryň biridir. Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam
edip, gurulýan ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, köprüleriň özboluşly bezeg
aýratynlyklarynyň döredilmeginde we häzirki zaman dizaýn sungatynyň
talaplaryna laýyk gelmeginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň hem-de
mugallymlarynyň garaýyşlarynyňdyr pikirleriniň öwrenilmelidigine ünsi çekdi.
Desgalaryň ýerleşýän ýerleri nazara alnyp, olaryň bezeg işlerinde Diýarymyzyň
çäginde bar bolan tebigy baýlyklaryň, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden
milli medeniýetine degişli gymmatlyklaryň öz beýanyny tapmagy wajypdyr. Şunuň
bilen baglylykda, köprüleriň ýerleşýän ýeriniň özboluşly aýratynlyklaryna we şol
töweregiň binagärlik keşbine kybap gelýän şekiller bilen bezelmegine möhüm
ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Bitarap
Türkmenistan şaýolunyň günbatar tarapynda gurulmagy teklip edilýän döwrebap
Döredijilik merkeziniň, şonda çagalaryň hem-de uly adamlaryň wagtlaryny peýdaly
geçirmegi, sungatyň we medeniýetiň dürli ugurlary, şol sanda nakgaşçylyk, dizaýn
sungatlary bilen meşgullanmagy, bu ugurda hünär başarnyklaryny artdyrmagy üçin
döredilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň taslamalary, olaryň bezegleriniň
çyzgylary hödürlenildi. Merkezi bezemegiň, abadanlaşdyrmagyň we ýanaşyk
ýerleri bagy-bossanlyga öwürmegiň aýratynlyklary barada jikme-jik maglumat
berildi.
Döwlet Baştutanymyz şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde
paýtagtymyzda şeýle merkezleriň gurulmagynyň esasy maksadynyň şäher
ýaşaýjylarynyň gyzykly we göwnejaý dynç almagy, işjeň döredijilik işi bilen
meşgullanmagyny höweslendirmek üçin amatly şertleri döretmekden
ybaratdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiziň garamagyna “Nusaý” myhmanhanasynyň gurulmagy teklip edilýän
ýerleriniň çyzgylary, binanyň baş meýilnamasy, oňa degişli birnäçe taslamalar,
şeýle hem Aşgabat şäheriniň çäginde gurulmagy we döwrebaplaşdyrylmagy
meýilleşdirilýän binalaryň, ýollaryň şekil taslamalary hem-de ýerleşjek ýerleriniň
çyzgylary hödürlenildi. Şol bir wagtyň özünde paýtagtymyzyň demirgazyk
künjeginde gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryňdyr desgalaryň teklip edilýän şekil
taslamalary barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar we çyzgylar
bilen içgin tanşyp, täze gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň
ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele
getirmelidigini nygtady. Şol bir wagtyň özünde gurulýan ulag ýollarynda sürüjiler
we pyýadalar üçin ähli amatly şertleriň döredilmegine hem-de hereket
howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, şäheriň çäkleriniň giňelýändigini
hem-de ulaglaryň sanynyň artýandygyny nazarda tutup, täze gurulýan we
döwrebaplaşdyrylýan ýollaryň ugrunda häzirki zaman ýerasty hem-de ýerüsti
geçelgeleriniň döredilmegine, yşyklandyryş ulgamyň häzirki zamanyň ösen
talaplaryna laýyk gelmegine möhüm üns berilmelidigini belläp, bu babatda anyk
tabşyryklary berdi.
Soňra energetika ministri Ç.Purçekow paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynyň
çäginde gurluşygy alnyp barylýan energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat
ediş merkeziniň baş meýilnamasy, toplumda gurulmagy göz öňünde tutulýan
desgalaryň taslamalary, merkeziň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat
berdi. Umumy eýeleýän meýdany 29 müň inedördül metrden gowrak bolan bu
merkeziň ulanyşa girizilmegi bilen täze iş orunlary dörär.
Şeýle hem hasabatyň çäklerinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan
elektrik geçirijisiniň şekil taslamalary, daşary ýurtlara iberilýän elektrik
energiýasynyň mukdaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada
maglumat berildi.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Altyn asyr” Türkmen
kölüniň çäginde 10 megawat kuwwaty bolan utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik
bekediniň şekil taslamalary, Ahal hem-de Daşoguz döwlet elektrik beketlerini
utgaşykly dolanyşyga geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň meýilnamasy
hödürlenildi. Şeýle hem türkmen elektrik energiýasyny goňşy döwletlere ibermek
boýunça geçirilýän işler barada giňişleýin maglumat berildi we degişli taslamalar
görkezildi.
Bellenilişi ýaly, bu işiň geçirilmegi bilen, elektrik energiýasyny öndürmegiň
netijeliligi 34 göterimden 52 göterime çenli ýokarlanar.
“Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň
Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň maksatnamasyna
laýyklykda, kuwwatlylygy 10 megawat bolan Gün we ýel elektrik bekedini gurmak
boýunça taslama Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ylmy-önümçilik
merkezi tarapyndan taýýarlanyldy. Utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik beketleri
goşmaça tebigy gazy sarp etmezden, öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini
artdyrmaga, daşky gurşawa gidýän zyýanly galyndylaryň mukdaryny birnäçe esse
azaltmaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzyň durmuş-
ykdysady taýdan okgunly ösdürilmeginde energetika ulgamyna möhüm ornuň
degişlidigini belläp, bu pudakda alnyp barylýan işleriň, ýola goýulýan halkara
hyzmatdaşlygyň ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, täze gurulýan
energetika desgalary, ulgama degişli abatlaýyş we hyzmat ediş merkezleri häzirki
zamanyň iň täze tehnologiýalary, sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylmalydyr. Şunda
ekologiýa meselelerine we kadalaryna aýratyn üns bermek zerurdyr. Bu kadalar
gyşarnyksyz berjaý edilmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de bu babatda
birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra senagat we gurluşyk önümçiligi ministri B.Annamämmedow şu günler
ministrlige degişli düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Bäherden we
Köýtendag sement zawodlarynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygynyň batly
depginde alnyp barylýandygy, ozal bar bolan sement zawodlaryny häzirki döwrüň
talaplaryna laýyk derejede döwrebaplaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň
netijeleri barada hasabat berdi. Täze sement zawodlarynyň gurulmagy, ozal bar
bolanlarynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy ýurdumyzda giňden
ýaýbaňlandyrylan gurluşyklar üçin zerur bolan sement önümçiliginiň mukdarynyň
artdyrylmagyna ýardam eder. Şeýlelikde, bu ugurda ýerine ýetirilýän işler
gurluşyklary zerur serişdeler we materiallar bilen üpjün etmekde aýratyn ähmiýetli
bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda öndürilýän
sementiň hiline hem-de döwrüň talabyna laýyk görnüşleriniň önümçiligine möhüm
ähmiýet bermegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň çäginde bar
bolan tebigy baýlyklaryň, gurluşyk ulgamyna degişli dürli serişdeleriň gaýtadan
işlenilmegi, şolardan ýokary hilli önümleriň öndürilmegi bilen baglanyşykly
meselelere örän jogapkärçilikli we ylmy esasda çemeleşilmelidir diýip, döwlet
Baştutanymyz belledi.
Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow ak mermerli Aşgabady mundan beýläk-de
sazlaşykly ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi
ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde
paýtagtymyzda arassaçylyk, abadançylyk işlerini ýokary derejede alyp barmaga,
seýilgählerde zerur şertleri döretmäge, suw çüwdürimleriniň sazlaşykly işini ýola
goýmaga, täze bagy-bossanlyklary emele getirmäge gönükdirilen çäreler hakynda
giňişleýin maglumat berildi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäherini hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda
alnyp barylýan işler häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmelidir, bu babatda iň
gowy tejribä, ylmyň gazananlaryna we şol bir wagtyň özünde gadymdan gelýän
milli däplere daýanmak zerurdyr diýip nygtady. Şunda amatly ekologiýa
gurşawynyň döredilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň çäginde
alnyp barylýan işleriň ýokary hilini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Şol işler
bolsa paýtagtymyzyň dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has amatly
şäherleriniň hatarynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilmelidir
diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Her ýyl türkmen paýtagtynyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti täze, özboluşly
binalar we desgalar, döwrebap seýilgähler bilen ýetirilýär. Şolar täze taryhy
döwrüň özboluşly şäher gymmatlyklaryna hem-de täze eýýamyň aýdyň nyşanyna
öwrülýär. Aşgabadyň çäklerinde bar bolan baglara ideg işlerine örän jogapkärçilikli
çemeleşilmelidir we ýollaryň ugrunda hem-de çatryklarda dürli gülleriň ekilmegine
möhüm ähmiýet berilmelidir. Paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek onuň
ekologiýasy babatda uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, Diýarymyzyň baş şäherini
we onuň daş-töweregini gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek, ilatyň has
oňaýly durmuş şertlerini üpjün etmek bilen baglanyşykly wezipeler hemişe
gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de degişli
ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň jemini jemläp,
ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde işleriň hil
babatda halkara ölçeglere gabat gelmeginiň, binalaryň daşky we içki bezeginde
milli bezeg ýörelgeleriniň giňden ulanylmagynyň, şäherde amatly ekologiýa
ýagdaýyny saklamagyň esasy talapdygyny ýene-de bir gezek belledi. Döwlet
Baştutanymyz hemmelere öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw
edip, bu ýerden ugrady.
***
Şu gün Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň talyplary paýtagtymyzyň günorta künjeginde bolup, bu ýerleriň
binagärlik özboluşlylygy, şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde gurlan
desgalaryň sazlaşygy bilen tanyşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Aşgabat şäheri boýunça amala aşyran iş saparynyň
çäklerinde beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, paýtagtymyzyň häkimligi degişli
ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen taýýarlanan taslamalaryň
tanyşdyrylyşyny gurady.
Şu günler milli Liderimiziň gönüden-göni tagallasy bilen, gurluşyk, binagärlik hem-
de dizaýn sungaty boýunça bilim alýan talyplar Diýarymyzyň dürli künjeklerinde we
paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň taslamalarynyň
taýýarlanylmagyna, dizaýn babatdaky çözgütlerine işjeň gatnaşýarlar. Döwlet
Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň gurluşyk senagaty üçin ýokary hünärli
işgärleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän amaly sapaklar tejribe
bilen utgaşdyrylýar. Munuň özi ýaşlaryň saýlap alan ugurlary boýunça ökde
hünärmenler bolup ýetişmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
Milli Liderimiz ähli ugurda, şol sanda gurluşyk ulgamynda, aýratyn-da, durmuş
maksatly binalaryň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygynda hem-de
olaryň bezeg aýratynlyklarynda ýaşlaryň bu ugra degişli täzeçil pikirleriniň we
garaýyşlarynyň zerurdygyna ünsi çekip, talyplaryň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän
iri taslamalaryň ýerine ýetirilmegine hem-de bezeg işlerine çekilmeginiň
wajypdygyny belleýär we olaryň bu ugurdaky wezipeleriň çözülmegine işjeň
gatnaşjakdygyna berk ynam bildirýär.
Talyp ýaşlar hormatly Prezidentimiziň bildirýän ynamynyň özleri üçin uly
hormatdygyny nygtap, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli taslamalaryň
durmuşa geçirilmegine uly buýsanç bilen gatnaşjakdyklaryny ynandyrýarlar.
Munuň özi Diýarymyzda ylymly, bilimli, ýokary hünärli hem-de häzirki zamanyň
ösen tehnologiýalaryndan, sanly ulgamdan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaşlaryň
sanynyň artýandygynyň we ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin zerur
şertleriň döredilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Şunuň bilen baglylykda, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen
tejribesiniň utgaşdyrylmagy şäherlerde özboluşly binagärlik toplumynyň kemala
gelmegine ýardam edýär.
Ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hormatly Prezidentimiziň
başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Aşgabady ösdürmegiň Konsepsiýasynyň
çäklerinde taýýarlanan taslamalar, olaryň binagärlik çözgütleri bilen tanyşmagy
hem-de bu babatda öz garaýyşlaryny we tekliplerini beýan etmegi
şähergurluşygynyň okgunly ösdürilmeginde uly ähmiýete eýedir.
Talyp ýaşlar ileri tutulýan döwlet wezipelerini çözmäge gatnaşmak babatda
döredilýän mümkinçilikler üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa
hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de öňde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa
geçirilmegine mynasyp goşant goşmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine
ynandyrdylar.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi