Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet
durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe
resminamalaryň taslamalaryna seredildi.
Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy
G.Mämmedowany hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň
orunbasary K.Babaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanun çykaryjy
edarasynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk
binýadyny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berdi.
Häzirki wagtda amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň esasy ugurlary bilen
baglylykda, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň degişli hünärmenleriniň we
wekilleriniň gatnaşmagynda täze kanunlaryň birnäçesiniň taslamalaryny
taýýarlamak işi dowam etdirilýär. Şeýle hem milli kanunçylygy kämilleşdirmek
maksady bilen, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we
goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Dürli pudaklaryň işini
kadalaşdyrýan degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary seljerilýär, bu ugurdaky işiň
netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreler kesgitlenilýär.
Deputatlar täze kanunlaryň many-mazmunyny düşündirmek boýunça wagyz
işlerini alyp barýarlar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň
deputatlarynyň, ýurdumyzyň zenan ýolbaşçylarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň
agzalarynyň hem-de ene-mamalarymyzyň gatnaşmagynda “Arkadagly döwür —
abadan durmuşyň binýady” atly maslahat geçirildi. Onda mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna taýýarlyk görmek hem-de ösüp gelýän ýaş
nesilleri maşgala gymmatlyklarynyň we ahlak ýörelgeleriniň esasynda
terbiýelemekde zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly gelin-
gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini işjeňleşdirmek meseleleri
ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň wekilleri halkara we parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de
ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň birnäçesine gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň
türkmen döwletiniň hukuk esaslaryny has-da kämilleşdirmek, onda hakyky
demokratik däpleri pugtalandyrmak boýunça geçirýän işleriniň örän möhümdigini
nygtady.
Türkmenistanyň düýpli özgertmeler ýoluna düşmek bilen, kanunyň
hökmürowanlygyny, jemgyýetiň iň uly gymmatlygy hökmünde öz raýatlarynyň
bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy öz ösüşiniň ileri tutulýan ugry
hökmünde yglan etdi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň möhüm wezipelerini, şol sanda demokratiýa
we hukuk, çaganyň hukuklaryny goramak, gender hem-de beýleki düýpli
meseleleri çözmekde iri halkara guramalar bilen özara gatnaşyklaryň oňyn
tejribesini ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli
parlamentiň ýokarky palatasynyň birinji mejlisiniň netijeleri hem-de geçirilýän
wagyz işleri barada maglumat berdi.
Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň şu ýylyň 5-nji iýunynda geçirilen birinji
mejlisinde Mejlisiň maslahatynda kabul edilen kanunçylyk resminamalary
makullanyldy, olar boýunça degişli kararlar kabul edildi hem-de Milli Geňeşiň Halk
Maslahatynyň işi bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalary tassyklanyldy.
Halk Maslahatynyň agzalary Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň,
syýasy partiýalaryň wekilleri bilen bilelikde, Çagalary goramagyň halkara güni,
Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni
mynasybetli geçirilen maslahatlara we duşuşyklara hem-de düşündiriş we wagyz
çärelerine gatnaşdylar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş
etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň işini
häzirki döwürde döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de halkara hukugyň
umumy ykrar edilen kadalaryny nazarda tutmak bilen alyp barmagyň zerurdygyna
ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga, halkara
jemgyýetçiligi Türkmenistanyň garaşsyz ösüş ýolunda taryhy tejribesi, häzirki
döwürde gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga ýardam edýän halkara
hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işini mundan beýläk-de
kämilleşdirmek maksady bilen, degişli resminamalara gol çekdi hem-de olary sanly
ulgam arkaly K.Babaýewe iberdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly wise-premýer M.Geldinyýazowy
hem-de onuň gözegçilik edýän düzümleriniň — ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport
ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryny göni aragatnaşyga
çagyrdy.
Ilki bilen, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow
ýurdumyzda tomusky dynç alyş möwsüminiň guralyşy boýunça görülýän çäreler
barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, tomus möwsüminde «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda oňat dynç almagy üpjün etmek üçin öňüni alyş çärelerini
görmegiň zerurdygyny nygtap, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan
daşary topara ýolbaşçylyk edýän ministre degişli tabşyryklary berdi.
Hususan-da, deňze dynç almaga gelýänlere hökmany sanjym geçirilişine, dynç
alyş-sagaldyş merkezleriniň degişli derejede saklanylyşyna we umuman, tomusky
dynç alşyň saglyk üçin has peýdaly geçirilişine berk gözegçiligi üpjün etmek
tabşyryldy. Şeýle hem ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek,
dürli keselleriň öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek boýunça toplumlaýyn işleri
artdyrmagyň zerurdygy nygtaldy.
Bilim ministri O.Gurbanow ýurdumyzda bilim özgertmelerini amala aşyrmak
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine
giriş synaglaryna hem-de täze okuw ýylyna düýpli taýýarlyk görmegiň
wajypdygyna ünsi çekdi. Täze okuw ýylynyň başlanmagyna çenli ähli mekdeplerde
we okuw binalarynda abatlaýyş hem-de timarlaýyş işleri geçirilmelidir.
Milli Liderimiz okatmagyň täzeçil usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, häzirki zamanyň
bilim maksatnamalaryny we okuw serişdelerini ulanmagyň örän möhümdigini
nygtap, bilim edaralarynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek, ýokary
okuw mekdeplerini hojalyk hasaplaşygy usulyna geçirmek boýunça has anyk
çäreleri görmegi tabşyrdy.
Sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradow Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän sport
ýaryşlaryny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş
hereketini hem-de sportda ýokary gazanylanlary has-da ösdürmek,
türkmenistanlylaryň ýaş neslini watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça işleriň
netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygy barada görkezme berdi. Ýaşlar mähriban
Watanymyza wepalylyk we söýgi ruhunda terbiýelenip ösmelidirler.
Soňra jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary özlerine ynanylan ulgamlarda
işleriň ýagdaýy hem-de öňde goýlan jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça
görülýän çäreler barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp,
jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşynda syýasy partiýalaryň hem-de
jemgyýetçilik guramalarynyň eýeleýän aýratyn ornuny belläp, bu düzümleriň
ýolbaşçylaryna adamlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini işjeň ýola goýmak,
Garaşsyz Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyny giňden beýan etmek,
“Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge esasynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň
mazmunyny düşündirmek hem-de aýratyn ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çäreleri
guramaçylykly geçirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra milli Liderimiz hökümet mejlisiniň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän
ulgamynyň edaralarynda ýerine ýetirilýän işler, ähli ugurlarda telekeçiligiň
kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, hususy ulgamyň milli ykdysadyýetdäki paýyny
artdyrmak hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin şertleri döretmek
babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna Maliýe we ykdysadyýet
ministrligi tarapyndan ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary,
welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde döwletiň
garamagyndan aýrylmaga hem-de hususylaşdyrylmaga degişli bolan döwlet
eýeçiligindäki kärhanalar we desgalar boýunça geçirilen seljermeleriň netijeleri
boýunça taýýarlanan teklip hödürlenildi.
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň
mejlisinde 21 sany desgany hususylaşdyrmak meselesine bellenen tertipde
seredildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bazar
gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegiň amala aşyrylýan döwlet strategiýasynyň ileri
tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şunda döwlet eýeçiligindäki desgalary
tapgyrlaýyn hususylaşdyrmaga, hojalygy ýöretmegiň döwrebap usullaryny işjeň
ornaşdyrmaga, kärhanalary dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini
döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Milli Liderimiz hödürlenen teklipleri seljermegiň hem-de bu işleri bildirilýän
talaplara laýyklykda geçirmek üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklar berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän
pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, çig nebitiň we tebigy gazyň gaýtadan işlenilýän
mukdaryny artdyrmak, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri
öndürmek we daşary ýurtlara ibermek boýunça görülýän çäreler barada hasabat
berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän
zawodlar toplumynyň çig nebiti satyn almagy hakyndaky» Kararyň taslamasy
hödürlenildi. Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň dowamynda Önümi paýlaşmak
hakyndaky ylalaşyklar esasynda işleýän daşary ýurt kompaniýalaryndan 500 müň
tonna çenli çig nebiti satyn almak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine saldamly goşant goşmaga
gönükdirilen nebitgaz toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň bu gün möhüm
wezipe bolup durýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz nebitgaz ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň,
innowasion esasda onuň düzümini döwrebaplaşdyrmagyň, ýurdumyzda hem-de
daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän nebit önümleriniň öndürilýän mukdaryny
artdyrmagyň bu ulgamyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň ileri
tutulýan ugurlarydygyny belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere
iberdi we şol resminamanyň düzgünleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün
etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary türkmen gazynyň dünýä
bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de gaz pudagynyň
eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga — Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisini
gurmaga we dünýädäki iň iri “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmäge
gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek üçin “Türkmengaz” döwlet konserni
tarapyndan çekilen daşary ýurt karz serişdelerini gaýtarmak meseleleri boýunça
hasabat berdi.
Häzirki wagtda bu bergiler doly gaýtaryldy. Bu barada Hytaýyň Döwlet ösüş
bankynyň Sinzýan şahamçasy tarapyndan 2021-nji ýylyň 8-nji iýunynda resmi
habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä
ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, görlen çäreleriň netijesinde,
Türkmenistanyň öz ösüşiniň ýokary depginini, maliýe-ykdysady durnuklylygyny
saklap galýandygyny belledi. Ýurdumyzda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-
de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, sanly ulgama geçmek, ýokary
tehnologiýaly senagat önümçiliklerini döretmek boýunça giň gerimli
maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Durmuşa geçirilýän özgertmeler gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly
hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda nebitgaz
senagatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Nebitgaz
toplumy milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar.
Tebigy gazyň gorlary boýunça Türkmenistan dünýäde dördünji orny eýeleýär.
Häzir ol Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” iberýän esasy döwletleriň
hataryna girýär. Geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi hem-de uglewodorod
serişdeleriniň baý gorlarynyň bolmagy netijesinde, ýurdumyz dürli ugurlar
boýunça, şol sanda Ýewropanyň we Aziýanyň bazarlaryna gazyň eksportuny
artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Bu ulgamda durmuşa geçirilýän
syýasat açyklyk, özara jogapkärçilik ýörelgeleri esasynda guralýar.
Dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý uglewodorod
serişdeleriniň doly derejede ulanylmagy Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny
pugtalandyrmaga, mähriban halkymyzyň abadançylygyny has-da
ýokarlandyrmaga hyzmat etmelidir. Şunuň bilen birlikde, bu ulgamda amala
aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary Durnukly ösüş we abadançylyk
maksatlaryna laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam
edýär.
Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Onda müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýanyň halklaryny baglanyşdyran Beýik
Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek pikiri öz beýanyny tapdy. Şu ýylyň ýanwarynda
“Malaý” ýatagynda täze kuwwatly gaz gysyjy bekediň işe girizilmegi türkmen
tebigy gazyny uzak möhletleýin esasda HHR-e ygtybarly iberilmegini üpjün
etmegiň ýolunda möhüm ädim boldy.
Hytaýyň öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri nebitgaz kompaniýalary bilen
bilelikdäki işiň netijesinde, Amyderýanyň kenar ýakasyndaky ýataklary
gözlemekde we özleşdirmekde, tebigy gazyň uly gorlaryna eýe bolan “Galkynyş”
gaz käninde täze guýulary burawlamakda we gazy gaýtadan işleýän zawodlary
gurmakda ägirt uly tejribe toplanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň iri
ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolan Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklara
ýokary baha berip, döwletimiziň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de
ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Şol gatnaşyklar strategik häsiýete
eýe bolmak bilen, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de birek-biregiň
bähbitlerini berjaý etmek ýörelgelerine esaslanýar.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary ýurt karz serişdelerini öz wagtynda
we doly möçberde gaýtarandygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady
taýdan kuwwatly we gurply, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarly hem-de
jogapkärli çemeleşýän döwletdigini görkezýär. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrýar. Milli Liderimiz wise-
premýere gaz ulgamynda bar bolan döwletara ylalaşyklary durmuşa geçirmäge,
täze özara bähbitli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga degişli birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda
suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak we
goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi.
Ýurdumyzyň suw hojalygyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-
da pugtalandyrmak hem-de bu pudaga döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak
boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Bu babatda öňde duran
wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Suw
hojalygy baradaky döwlet komiteti tarapyndan zerur suw göterijileri, elektrik
enjamlaryny, ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak boýunça
bäsleşik geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatlarda täze suw howdanlaryny
gurmak hem-de bar bolanlarynyň göwrümlerini giňeltmek boýunça işler alnyp
barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, suwdan
oýlanyşykly peýdalanmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm
ugrudygyny nygtady. Munuň özi, ilkinji nobatda, obasenagat toplumyny depginli
ösdürmek, daşky gurşawy goramak we ilaty arassa agyz suwy bilen yzygiderli
üpjün etmek baradaky wezipeleri çözmek bilen baglanyşyklydyr.
Giň gerimli suw hojalyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bugdaýyň,
pagtanyň hem-de beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini
artdyrmaga we ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge, obasenagat
ulgamynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga ýardam berýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere ekerançylyk meýdanlaryny ösüş suwy
bilen üpjün etmek, tehniki binýady kämilleşdirmek, suwarymly ekerançylykda
häzirki zamanyň suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, suw tehniki
desgalaryny gurmak meselelerini üns merkezinde saklamak tabşyryldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew sementiň täze
görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak hem-de olaryň öndürilýän mukdaryny
artdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi pudagy ösdürmek, daşary ýurtlardan
getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri, hususan-da, ýurdumyzda amala
aşyrylýan gurluşyk işleri hem-de ykdysadyýetiň beýleki pudaklary üçin zerur
ýokary hilli gurluşyk serişdelerini çykarmak, döwrebap tehnologiýalar bilen
enjamlaşdyrylan täze zawodlary ulanmaga girizmek, ýerli mineral-çig mal
serişdeleriniň esasynda önüm öndürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine
ýetirýär.
Ministrligiň garamagyndaky sement zawodlarynda aktiw mineral goşundylary —
bazalt porfiritleri we opoka çig malyny goşmak arkaly portlandsementiň önümçiligi
ýola goýuldy.
“Balkan” kän müdirliginiň bazalt porfiritleriniň “Ufra” ýatagynyň we Lebap
welaýatynyň Döwletli etrabyndaky Akbulak meýdançasynyň dag jynslary bu
önümçilik üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Bu mineral daşlary özüniň fiziki we
himiki häsiýetleri bilen tapawutlanyp, ýokary hilli sement öndürmäge mümkinçilik
berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
ýurdumyzda sarp edijileri zerur önümler bilen üpjün edip bilýän kuwwatly gurluşyk
senagatyny kemala getirmegiň zerurdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi.
Milli Liderimiz pudagyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmagyň hem-de ýurdumyzda we
daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň
öndürilişini köpeltmegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän
ulag-aragatnaşyk toplumynda, şol sanda raýat awiasiýa ulgamynda alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ulag geçelgeleriniň
mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, üstaşyr howa gatnawlarynyň ýygylygyny
artdyrmak we çägini giňeltmek, bu ulgamda edilýän hyzmatlaryň bäsdeşlige
ukyplylygyny hem-de hilini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada
hasabat berildi. Şu maksatlar bilen, halkara tejribeden ugur alnyp, döwlet
Baştutanymyzyň 2009-njy ýylda gol çeken Buýrugy bilen tassyklanan
Türkmenistanyň howa giňişligini peýdalanmak üçin sargytnamalary bermegiň
möhletlerini hem-de daşary ýurtlaryň howa gämileriniň onuň çägine gonmagynyň
düzgünlerini kadalaşdyrýan Tertibi döwrebaplaşdyrmak we oňa degişli
üýtgetmeleri girizmek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
Türkmenistanyň çäk taýdan örän amatly ýerleşmek bilen, sebit hem-de yklym
ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr we logistiki merkez hökmünde eýeleýän ornuny
pugtalandyrýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda ägirt uly
kuwwata eýe bolan ýurdumyzyň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk üçin hemişe
açykdygyny aýtdy.
Giň gerimli işleriň geçirilmegi hem-de iri taslamalaryň amala aşyrylmagy
netijesinde, ýurdumyzda döwrebap düzüm döredildi. Munuň özi ulaglaryň ähli
görnüşleri boýunça, şol sanda üstaşyr howa gatnawlary ulgamynda daşary ýurtly
hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary üçin giň mümkinçilikleri açýar. Milli
Liderimiz bular barada aýtmak bilen, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary
berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa öňümizdäki
Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 22 — 27-nji iýun aralygynda Lebap
welaýatynda geçiriljek hepdeligiň maksatnamasy dürli çäreleri, şol sanda
maslahaty, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konsertlerini, çeper filmleriň ilkinji
gezek görkezilişini hem-de ýurdumyzyň kino sungatynyň wekilleri bilen döredijilik
duşuşygyny, welaýatyň taryhy-medeni ýadygärliklerine barlyp görülmegini özünde
jemleýär.
Medeniýet hepdeligine gabatlanyp, welaýatda durmuş-medeni we beýleki
maksatly desgalaryň, şol sanda Kerki şäherinde howa menziliniň, Türkmenabatda
“Türkmeniň ak öýi” binasynyň we Farap etrabynda “Çagalar dünýäsi” medeni-dynç
alyş merkeziniň açylyş dabaralaryny geçirmek meýilleşdirildi.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni
mynasybetli dürli mazmunly birnäçe çäreler guralar. Magtymguly adyndaky Milli
sazly drama teatrynda täze sahnalaşdyrylan “Gül — Bilbil” operasynyň ilkinji
görkezilişi bolar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli maksatnamany hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, her ýyl
geçirilýän döredijilik çäresiniň ähmiýetini nygtady. Ol ýurdumyzyň medeniýetiniň
we sungatynyň gülläp ösýändiginiň, milli ruhy mirasymyzy dünýäde giňden wagyz
etmek we gorap saklamak boýunça alnyp barylýan netijeli işleriň aýdyň
subutnamasyna öwrüldi hem-de bu ulgamy has-da ösdürmäge itergi berip, täze
zehinleri ýüze çykarmaga ýardam berýär.
Milli Liderimiz halkymyzyň özboluşly däp-dessurlarynyň, jebisliginiň we Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik güýjüniň aýdyň beýan edilmegi üçin
Medeniýet hepdeliginiň, täze durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralarynyň
geçirilmeginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, bu babatda
wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow «Türkmenhaly» döwlet
birleşiginiň haly kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi.
Halkymyzyň milli gymmatlygy bolan halyçylyk sungaty Berkarar döwletimiziň
bagtyýarlyk döwründe ägirt uly üstünlikleri gazandy. Häzirki wagtda
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň düzümine jemi 11 kärhana girýär.
Milli el halyçylyk işini has-da ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça birnäçe anyk
teklipler döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Wise-premýeriň nygtaýşy ýaly, bu çäreler ýokary hilli haly önümleriniň
döredilmegine, dokalan halylara islegiň ýokarlanmagyna we ýerlenilýän
mukdarynyň artmagyna, ýüpek ýüplükleriň hem-de önümçilikde ulanylýan beýleki
serişdeleriň oýlanyşykly peýdalanylmagyna we ahyrky netijede, kärhanalaryň
ykdysady taýdan has netijeli hereket etmegine, düşewüntleriň we girdejileriň
möçberiniň ýokarlanmagyna ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ajaýyp
halyçylyk hünärini has-da kämilleşdirmegiň we giňden wagyz etmegiň,
Diýarymyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümini kämilleşdirmegiň hem-de
halyçy gelin-gyzlaryň netijeli zähmet çekmegi we döredijilik pikirleriniň amala
aşyrylmagy üçin mynasyp şertleri döretmegiň möhümdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenilýän teklipleriň wajypdygyna ünsi çekip, ýokary hilli
haly önümleriniň öndürilýän we eksport edilýän mukdaryny köpeltmek hem-de
dünýä bazarlaryna çykarylyşyny işjeň öňe ilerletmek boýunça alnyp barylýan
işleriň netijeliligini mundan beýläk-de artdyrmak barada wise-premýere anyk
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow Türkmenistanyň
ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
hasabat berdi we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli kararyň
taslamasyny hödürledi.
Her ýylda geçirilýän däp bolan bäsleşik ýurdumyzda 12-nji iýunda dabaraly
ýagdaýda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Ylymlar akademiýasy hem-de
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guraldy.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ylmy bäsleşik
ylmyň hem-de tehnologiýalaryň iler tutulýan 6 ugry boýunça geçirildi. Şolaryň
hatarynda nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek
we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we
genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki
zaman lukmançylyk we derman serişdeleri öndürmek tehnologiýalary; innowasion
ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlary ugurlary bar. Yglan edilen bäsleşige ýaşlaryň
jemi 1053-si gatnaşyp, baýrakly orunlara hödürlenen ýaşlaryň 57-si — 32 talyp
hem-de 25 ýaş alym bäsleşigiň ýeňijiligine mynasyp görüldi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ähli döwürlerde dünýäde bolup geçýän oňyn
özgertmeleriň ählisiniň esasy bolup hyzmat eden ylmyň ösüşine aýratyn ähmiýet
berilýändigini nygtady.
Häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, ylym ulgamyny düýpli özgertmek
işi başlandy. Şol özgertmeler bolsa ylmy işläp taýýarlamalaryň netijeliligini
ýokarlandyrmaga, geljegi uly ugurlarda düýpli we amaly ylmy barlaglary işjeň
geçirmäge, ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň hem-de ýokary okuw
mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmaga
gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň arasynda her ýyl
geçirilýän ylmy işleriň bäsleşiginiň ýurdumyzyň ylmyny giňden wagyz etmäge,
häzirki zaman jemgyýetinde onuň ornuny artdyrmaga ýardam edýändigini belläp,
degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de
ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, bu ýokary okuw mekdebiniň hormatly Prezidentimiziň milli
diplomatiýa mekdebini döretmek baradaky başlangyjynyň esasynda hem-de
döwlet Baştutanymyzyň 2008-nji ýylyň martynda gol çeken Permanyna laýyklykda
döredilendigi bellenildi.
Häzirki wagtda Halkara gatnaşyklary institutynda fakultetleriň 4-si, kafedralaryň 6-
sy, merkezleriň 3-si hereket edýär. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň diplomatik gullugy
üçin hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny özgertmek boýunça beren
tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli teklipler işlenip
taýýarlanyldy.
Hususan-da, iki basgançakly bakalawr we magistr bilim maksatnamasyna geçmek
üçin öňümizdäki okuw ýylynda ýokary okuw mekdebinde tölegli esasda käbir
ugurlary açmak teklip edilýär. Geljek ýyllarda beýleki hünärler boýunça şu esasda
okatmak hem-de instituty hojalyk hasaplaşygyna geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen birlikde, Halkara gatnaşyklary institutynyň düzümini kämilleşdirmek
bilen baglylykda, täze okuw bölümlerini, şol sanda ýokary okuw mekdebiniň
ýanynda ýaş diplomatlaryň mekdebini, strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
açmak, şeýle hem sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümini döretmek
maksadalaýyk hasaplanylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halkara
gatnaşyklary institutynyň taýýarlaýan ýaş hünärmenleriniň ýakyn geljekde daşary
ýurtlarda, abraýly halkara guramalarda, dünýäniň ykdysady, ynsanperwer, hukuk
we maglumat giňişliginde Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmelidigini nygtady.
Watanymyzyň daşary syýasy ugruny yzygiderli amala aşyrmak türkmen
diplomatlarynyň işiniň esasy we aýratyn jogapkärli wezipesidir. Oňyn Bitaraplyk,
parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de giň netijeli hyzmatdaşlyk
ýörelgeleri daşary syýasy ugruň esasyny düzýär.
Milli Liderimiz ýokary okuw mekdebinde talyplaryň häzirki zaman bilimlerini hem-
de seçip alan hünärleri boýunça hünär tälimlerini, öňdebaryjy sanly tehnologiýalary
özleşdirmekleri, bilimini ýokarlandyrmaklary, ugurdaş ylym bilen meşgullanmagy
üçin ähli şertleriň üpjün edilmelidigini belledi. Soňra bilim alan ýaş hünärmenler
ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge,
Türkmenistanyň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän döredijilikli
başlangyçlaryny ilerletmäge saldamly goşant goşmalydyrlar.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere, daşary işler
ministrine ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin ýokary hünärli hünärmenleri
taýýarlamak boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň
başlygy S.Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça şu ýylyň
9 — 11-nji iýunynda hökümet wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine amala
aşyran gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Abu-Dabiniň Mirasdüşer şazadasy, BAE-
niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed
bin Zaýed Al Nahaýýan, BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri
boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan hem-de BAE-niň daşary
işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen
duşuşyklary geçirildi.
Döwletara gatnaşyklaryň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň çäklerinde, giň gerimli
ugurlar boýunça türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň depginli ösüşi nygtaldy.
Munuň şeýle bolmagyna ýokary derejedäki yzygiderli we ynanyşmak syýasy
gatnaşyklary ýardam berýär. Şonuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy,
hususan-da, söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda has-da
pugtalandyrmaga iki dostlukly döwletiň gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi.
Duşuşyklaryň dowamynda energetika, ulag, maýa goýum, oba hojalygy
ulgamlarynda we beýlekilerde gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek
nukdaýnazaryndan türkmen wekiliýetiniň BAE şu saparynyň ähmiýetlidigi
bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Dubaý şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän
“EKSPO” halkara serginiň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Bu sergä türkmen
tarapy işjeň gatnaşmaga taýýarlyk görýär.
BAE-niň daşary syýasat edarasynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň
hatarynda halkara we sebit gün tertibine degişli möhüm meseleler boldy.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň baş
direktory Mohammed Saif Al Suwaidi bilen duşuşyk geçirdi. Onuň barşynda
türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň işjeň häsiýeti nygtaldy. Bu babatda şu ýylyň
fewralynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň
arasynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň wajypdygy bellenildi. Munuň
özi söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam bermäge
gönükdirilendir. Şeýle hem gazhimiýa, maliýe we ulag pudaklarynda ýurdumyzda
emirlikler tarapynyň gatnaşmagynda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän
taslamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Saparyň çäklerinde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen
birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Birleşen
Arap Emirlikleriniň Türkmenistanyň öňden gelýän hem-de iri söwda-ykdysady
hyzmatdaşydygyny nygtady. Soňky ýyllarda netijeli döwletara gatnaşyklary täze
hile we anyk mazmuna eýe bolup, yzygiderli ösdürilýär.
Biziň ýurtlarymyz gazylyp alynýan peýdaly serişdeleriň gorlary boýunça dünýäniň
iň baý döwletleriniň biri bolup durýarlar, bu bolsa dürli ugurlarda tagallalary netijeli
birleşdirmek üçin zerur şertleri döredýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny
pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtap, özara eksport-import mümkinçiligini
artdyrmak, haryt dolanyşygynyň möçberini köpeltmek hem-de ykdysady
hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda
geňeşmeleri yzygiderli geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň wekiliýetiniň BAE bolan gulluk iş saparynyň
netijeleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ähmiýetlidigine ünsi
çekip, wise-premýere, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna gazanylan
hökümetara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine degişli meseleleri üns merkezinde
saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan hormatly
Prezidentimiziň sanly ulgama geçmek meseleleri boýunça kararlarynda
kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Häzir gulluk işlerinde peýdalanmak üçin bitewi maglumat gorlaryny döretmek,
maglumat-telekommunikasiýa torlaryny giňeltmek, elektron resminama dolanyşygy
ulgamyny ornaşdyrmak, maglumat we kiberhowpsuzlygy üpjün etmek üçin
programma-enjamlaýyn serişdeleri gurnamak boýunça işler dowam etdirilýär.
Bu işleriň çäklerinde degişli harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan raýatlara
berilýän hyzmatlary, resminamalary sanlylaşdyrmaga mümkinçilik berýän ulgamlar
işe girizilýär. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatlary amala aşyrmakda, jemgyýetçilik
howpsuzlygyny üpjün etmekde netijeli ulanylýan sanly ulgamlaryň işe girizilendigi
habar berildi.
Abraýly halkara guramalar we daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen
hyzmatdaşlykda degişli ulgamlarda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek we işjeň
ulanmak maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen
işler alnyp barylýar.
BMG-niň Ösüş maksatnamasy hem-de Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy
bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzyň daşary ykdysady işine gatnaşýan
ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda gümrük
amallary boýunça “Bir penjire” ulgamyny döretmek ugrunda işler dowam edýär.
Wise-premýer resmi we internet web-saýtlary hem-de ýokary okuw mekdepleriniň
okuw-usulyýet işlerine iň täze tehnologiýalara esaslanýan sanly ulgamlaryň
ornaşdyrylyp, sanly bilim portallarynyň, elektron kitaphana ulgamynyň
döredilendigi, onlaýn görnüşinde sapaklary geçirmegiň ýola goýlandygy barada
habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwletimiz tarapyndan Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, milli
Ýaragly Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini
mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine hemişe uly üns berilýändigini
belledi. Bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy wezipesi harby we
hukuk goraýjy edaralarynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek
üçin şertleri döretmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz sanly
ulgama geçmek boýunça öňde goýlan wezipeleri takyk ýerine ýetirmegiň möhüm
talapdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap maglumat-
kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň bu edaralaryň harby
gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň üstüne ýüklenen wezipeleri üstünlikli ýerine
ýetirmekleri üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu
ugurda göz öňünde tutulan meýilnamalaryň durmuşa geçirilişine berk gözegçiligi
üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary, şol sanda işgärler düzümini
pugtalandyrmak hem-de bu edaralaryň işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli
ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara
ýüzlenip, 12-nji iýunda eziz Diýarymyzda Ylymlar gününiň bellenilýändigine ünsi
çekmek bilen, hemmeleri güneşe baý bereketli tomus paslynyň ilkinji günlerinde
dabaraly bellenilýän bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlady.
Milli Liderimiz beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny şanly wakalar bilen
dabaralandyrýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
ýylynda bu baýramçylygyň şanyna geçirilýän çäreleriň mähriban halkymyzy,
aýratyn hem ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligini beýik işlere galkyndyryp, berkarar
döwletimizde gazanylýan üstünliklere çäksiz buýsanç duýgularyny döretjekdigine
berk ynam bildirdi.
Jemgyýetimiziň we döwletimiziň ösüşiniň hereketlendirijisi hökmünde biz
ýurdumyzda ylmyň we tehnikanyň bitewi hem-de öňe gidýän ösüşini üpjün edýän
ylmy-tehniki syýasatymyzy üstünlikli alyp barýarys. Ylmyň we tehnologiýalaryň ileri
tutulýan ugurlary boýunça geçirilýän barlaglaryň netijelerini önümçilige
ornaşdyrmak, döwrebap senagat kärhanalaryny döretmek, ykdysadyýeti sanly
ulgama geçirmek bilen, durnukly ykdysady ösüşi gazanýarys diýip, döwlet
Baştutanymyz belledi.
Kuwwatly ykdysady, ylmy-medeni mümkinçiliklere eýe bolan döwlet hökmünde
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşigindäki abraýyny has-
da pugtalandyrýarys. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ylym
ulgamynyň kuwwatyny, adamyň aň-bilim mümkinçiliklerini artdyrmak bilen,
ykdysadyýetimiziň innowasiýalara, tehnologiýalara we öňdebaryjy tejribelere
daýanýan ösüşini üpjün etmäge möhüm ähmiýet berýäris diýip, milli Liderimiz
nygtady.
Şonuň bilen birlikde, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda, pudaklaýyn ylmy-
barlag edaralarynda we ýokary okuw mekdeplerinde nano, himiýa, kompýuter,
häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary,
täze materiallary öwrenmek, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba
hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, innowasion
ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary ýaly ileri tutulýan ugurlarda netijeli işler alnyp
barylýar.
Ylym pudagyna degişli döwlet maksatnamalarynyň tapgyrlaýyn amala
aşyrylmagynyň netijesinde häzirki zaman tehnologiýalaryna, sanly bilime,
öňdebaryjy tejribä esaslanýan adam mümkinçiligi yzygiderli kämilleşdirildi,
ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz ykdysady-önümçilik düzümler — kuwwatly
zawod-fabrikler guruldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Garagum sährasynyň hem-de Hazar
deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly görnüşlerini gorap
saklamaga, «Altyn asyr» Türkmen kölüni we onuň şor suw akabalaryny oba
hojalygynda peýdalanmaga, Aralyň tebigy heläkçiliginiň öňüni almaga gönükdirilen
täze tehnologiýalar döredildi.
Türkmen topragynyň köp dertlere em bolan mineral suwlaryny, bejeriş
palçyklaryny we dermanlyk ösümliklerini ulanmagyň ylmy esaslary işlenilip
taýýarlanyldy. Ýerli çig mallardan ýokary hilli derman serişdeleriniň öndürilmegi
ýola goýuldy. Miwe, ir-iýmiş, gök, bakja ekinleriniň, dowarlaryň, gara mallaryň,
düýeleriň, guşlaryň we balyklaryň täze tohumçylygy döredildi.
Türkmen halkynyň emele gelşiniň we ösüşiniň gözbaşlary, gadymy, orta asyrlar,
täze we iň täze taryhdaky türkmen döwletleriniň kemala geliş we ösüş taryhy,
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerimiz, dilimiz,
edebiýatymyz, medeniýetimiz we sungatymyz ylmy esasda yzygiderli öwrenilýär
diýip, milli Liderimiz belledi.
Häzirki zaman bilimleriniň we ylymlarynyň dünýäniň ykdysady, medeni, innowasion
ösüşlerine gönükdirilmegi parahatçylykly, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ýola
goýmagyň örän möhüm şerti bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan
ylym, bilim we innowasion tehnologiýalar babatda Birleşen Milletler Guramasy,
beýleki iri halkara guramalar hem-de daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygyny
yzygiderli pugtalandyrýar.
Şeýle hem mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm
meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly
ulgam arkaly mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisini Ylymlar güni bilen
ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglyk, abadan we
bagtyýar durmuş, ylmy hem-de döredijilik işlerinde täze üstünlikleri we açyşlary,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi