Ministrler Kabinetiniň we Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş
sapary bilen gelip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň
göçme mejlisini geçirdi, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan
daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy.
Gün tertibine döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri hem-de birnäçe
resminamalaryň taslamalary girizildi.
Döwlet Baştutanymyz gün tertibine girizilen meselelere geçip, Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Ol halk hojalyk toplumynyň ähli
ulgamlarynda we sebitlerde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça görülýän çäreler
hem-de döwlet maliýe serişdelerini netijeli ulanmak boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi.
2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamak hasabatyň aýratyn meselesi boldy.
Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri
nazara almak bilen, Döwlet býujetiniň üstünde işlenilýär. Esasy maliýe meýilnamasy
bilen birlikde, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy
ugurlarynyň we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp düzmek göz
öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet
býujetiniň taslamasy işlenip düzülende, onuň ähli maddalarynyň üstünde içgin
işlemegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, durmuş ulgamyny
maliýeleşdirmäge, şol sanda bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny ösdürmäge,
zähmet haklarynyň möçberleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çykdajylaryň
artdyrylmagyna aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz, şeýle hem Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan her
bir ministrlik, pudaklaýyn dolandyryş edarasy, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň
häkimlikleri bilen bilelikde Döwlet býujetiniň serişdeleriniň göz öňünde tutulýan
möçberleriniň seljerilmeginiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe-ykdysady toplumyň öňünde goýlan wezipeleri
gaýra goýman çözmäge berk gözegçilik etmegiň möhümdigini nygtap, wise-
premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-
ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasy
desgasyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny
ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, ýakyn
geljekde TNGIZT-de täze tehnologik desgalaryň birnäçesini gurmak meýilleşdirildi,
şunuň bilen baglylykda, nebithimiýa toplumyna ugradylýan çig nebitiň möçberlerini
artdyrmaga, sebitiň nebiti gaýtadan işleýän kärhanasynyň çykarýan önümlerini
ýurdumyzyň we daşary döwletleriň sarp edijilerine öz wagtynda iberilmegini üpjün
etmäge aýratyn üns berilmelidir diýip belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew azyk ulgamynyň
üpjünçiligini berkitmek we bugdaý oragyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat
pudagynyň dolandyryş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, kärendeçileriň
we ekerançylaryň zähmetini höweslendirýän netijeli maliýe-ykdysady gurallary
ornaşdyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz ýakynda badalga beriljek galla oragy möwsümi barada aýdyp, ony
guramaçylykly geçirmek meselelerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Esasy zat
ekerançylaryň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny diňe bir ýygnap
almak däl, eýsem, hasylyň ýitgisiz daşalmagy, mundan beýläk saklanylmagy barada
hem alada etmek möhüm wezipedir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz gögeriş alnan gowaça, gök we bakja ekinlerine hem ýokary
hilli agrotehniki idegiň edilmegini üpjün etmek barada görkezme berip,
“Türkmenistanda 2021-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça
çäreler hakynda” Karara gol çekdi hem-de onda kesgitlenilen wezipeleriň öz
wagtynda çözülmegini üpjün etmek barada tabşyryk berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyzyň
ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de Aşgabadyň 140 ýyllygy
mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça
paýtagtymyzy ösdürmek ugrunda işlenilip taýýarlanylan meýilnama laýyklykda, täze
ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, ozal hereket edýän inženerçilik-tehniki
kommunikasiýalaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek, ýurdumyzyň
baş şäherini bagy-bossanlyga öwürmek boýunça ylalaşykly işler alnyp barylýar.
“Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralary we çäreleri
ýokary derejede geçirmek hakynda” meýilnama laýyklykda, 24-25-nji maýda Söwda-
senagat edarasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XX köpugurly sergini hem-de onuň
çäklerinde dizaýnerleriň arasynda binagärlik bäsleşigini geçirmek maksat edinilýär.
Döwlet Baştutanymyz öňde boljak senäniň — Aşgabadyň 140 ýyllygynyň möhüm
ähmiýetini belläp, şanly senä gabatlanan ähli çäreleri iň ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirmek üçin hemme şertleri üpjün etmegi tabşyrdy.
Bu ähli çäreler, ilkinji nobatda, “Ak şäherim Aşgabat” atly her ýyl geçirilýän köpugurly
sergi giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünliklerini, paýtagtymyzy
ýaşamak üçin dünýäniň iň owadan we oňaýly şäherleriniň birine öwürmek boýunça
alnyp barylýan uly möçberli işleri aýdyň görkezmelidir.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäherinde ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň işgärleri üçin niýetlenen
ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy barada hasabat berdi.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-
ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ähli welaýatlarda, şol
sanda Balkan welaýatynda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ulag we
aragatnaşyk pudaklarynyň hünärmenleri üçin ýokary amatlylygy bolan we ýanaşyk
ýerleri abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary meýilleşdirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaşaýyş
jaýlarynyň gurluşygynyň durmuş maksatly desgalar hem-de beýleki degişli düzümler
bilen bilelikde bina edilmeginiň ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny
abadanlaşdyrmak boýunça taslamalara bildirilýän esasy talapdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýaşaýyş jaýlarynyň ähli otaglary döwrebap
abadanlaşdyrylmalydyr hem-de häzirki zaman enjamlary we durmuş tehnikalary bilen
üpjünçiligine möhüm üns berilmelidir.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzyň Bilim ministrligi
tarapyndan kompýuterleri satyn almak hem-de ýurdumyzyň eksport harytlary
öndürijilerine goldaw bermek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan şu okuw ýylynda 1-nji synpa
kabul edilýän okuwçylara gowşurmak maksady bilen, ýurdumyzda öndürilýän “Bilimli”
nyşanly okuwçy kompýuterleriniň synagdan geçirilendigini hem-de olaryň hil
standartlaryna, çagalar üçin saglygy goraýyş talaplaryna laýyk gelýändigi we bu
babatda degişli kepilnamalaryň alnandygy barada habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
“Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň kompýuterleri satyn almagy hakynda” Kararyň
taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda
kompýuter önümçiligi boýunça täze pudagyň döremeginiň sanly ykdysadyýeti
ösdürmek, ykdysadyýetimiziň özümizde öndürilen maglumat tehnologiýalaryna bolan
isleglerini üpjün etmek bilen bagly aýratyn möhüm wezipäni amala aşyrmakda
ähmiýetlidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz 1-nji synp okuwçylary üçin niýetlenen ýörite multimediýa
okuw gollanmalaryny taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekip, hödürlenen resminama
gol çekdi hem-de kesgitlenen wezipeleri çözmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanan
baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda dürli çäreleriň geçirilmegi
meýilleşdirildi, şolarda halkymyzyň däp-dessurlary, şeýle hem Türkmenistanyň
medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmekde häzirki döwürde gazanan üstünlikleri
beýanyny tapar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çuňňur watançylyk häsiýetli
bu baýramyň ähmiýetine ünsi çekip, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet
Baýdagynyň güni mynasybetli dabaralaryň ýurdumyzyň ähli şäherlerinde, obalarynda
geçirilip, halkymyzyň asyrlardan aşyp gelýän ynsanperwerlik, parahatçylyk döredijilik,
dostanalyk, myhmansöýerlik däpleriniň nyşanyna öwrülmelidigini nygtady hem-de
wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek
ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany
hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny
taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Ilatyň saglygyny goramak, ýurduň durnukly ykdysady ösüşiniň esaslaryny döretmek,
halkyň ýokary durmuş derejesini gazanmak, milletiň genofonduny berkitmek we
ösdürmek Milli maksatnamanyň esasy maksady hem-de wezipeleri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň
kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işleriň
möhümdigini belledi. Şol işler dünýäni gurşap alan koronawirusyň pandemiýasy bilen
bagly ýagdaýy nazara alanyňda, aýratyn zerur bolup durýar.
Milli Liderimiz häzirki wagtda ilat üçin maglumatlary işläp taýýarlamak we ýaýratmak
boýunça geçirilýän öňüni alyş çäreleriniň ähmiýetiniň uludygyny belledi. Şol çäreleriň
hatarynda düşündiriş sanitariýa-bilim işleri giňden geçirilmelidir. Şeýle hem şahsy
arassaçylyk düzgünlerini wagyz etmek hem-de sagdyn-durmuş ýörelgesini alyp
barmak boýunça işler güýçlendirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere
degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hytaý
Halk Respublikasynyň Sian şäherine bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat
berdi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý»
görnüşindäki daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy.
Gün tertibine syýasy-diplomatik ugur boýunça özara gatnaşyklaryň, şeýle hem
söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň giň
meseleleri girizildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ählumumy energetika, ulag we ekologiýa
howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýörelgesi beýan edildi.
Koronawirus ýokanjyna garşy göreş we onuň täsirlerini ýeňip geçmek, lukmançylyk,
saglygy goraýyş hem-de ylym ugurlary boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek
ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Şeýle hem halkara we sebit
derejedäki möhüm meselelere garaldy. Howpsuzlygy, durnuklylygy we sazlaşykly
ösüşi saklamak işinde daşary syýasaty utgaşdyrmagyň zerurdygy nygtaldy. Türkmen
wekiliýetiniň agzalarynyň HHR-iň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-
premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Hytaý Halk Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary
mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça yzygiderli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, hormatly
Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan Watanymyzyň
Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny, Aşgabadyň 140 ýyllygyny baýram etmäge görülýän
taýýarlyk barada habar berildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde duran möhüm
seneleriň hormatyna geçiriljek çärelere taýýarlyk görmek meseleleri barada durup
geçip, öňümizdäki dabaralaryň we harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün
etmek barada degişli görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň
başlygy S.Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugyna laýyklykda,
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň
jemleri barada hasabat berdi.
Saparyň birinji güni Sian şäherinde HHR-iň Döwlet Geňeşiniň agzasy, daşary işler
ministri Wan I bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si
Szinpiniň arasynda ýakynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda
taraplaryň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge gyzyklanmalary
nygtaldy.
Taraplar ulag, aragatnaşyk, söwda we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek
boýunça pikir alşyp, däbe öwrülen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmek
meselelerine üns berdiler.
Hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-hytaý komitetine başlyklyk edijileriň 11-
nji maýda geçirilen duşuşygynyň netijeleri barada hem hasabat berildi. Duşuşyga
hytaý tarapyndan HHR-iň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çžen gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň
häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda söwda-
ykdysady ugurlardaky özara gatnaşyklara möhüm üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen-
hytaý hyzmatdaşlygynyň dürli pudaklar boýunça ägirt uly mümkinçilikleriniň
bardygyny belledi. Hökümetara we pudagara derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklary
ösdürmek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösdürilmeginiň möhüm şerti
bolup durýar.
Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň
başlygy S.Berdimuhamedowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylygyny
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de nobatdaky maslahata taýýarlyk
barada maglumat berdi. Onuň barşynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini
ýokarlandyrmaga, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy kadalaşdyrmaga gönükdirilen
kanunlaryň taslamalaryny, hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna
ýubileý medalyny döretmek bilen bagly resminamalary ara alyp maslahatlaşmak
meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň hukuk
esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, raýat institutlaryny we demokratik
gymmatlyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işiň örän wajypdygyny
belledi. Milli Liderimiz Milli Geňeşiň Mejlisiniň kanunçykaryjylyk işiniň jemgyýetiň
bähbitlerine gönükdirilmelidigini aýdyp, halkyň saýlanlarynyň esasy wezipesiniň tutuş
ilatyň bähbitlerine wekilçilik etmekden, kanunlaryň taslamalarynda döwletimiziň
durmuş babatdaky ileri tutulýan ugurlaryny beýan etmekden ybaratdygyny nygtady.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Halk
Maslahatynyň işini talabalaýyk guramak boýunça görülýän çäreler hem-de milli
senenamamyzyň şanly seneleri mynasybetli dabaraly çärelere taýýarlyk görmek
boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi.
Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk çäreleriniň ýurdumyzyň durmuşyndaky
ähmiýetine ünsi çekip, olaryň ählisiniň döwrüň talaplaryna laýyk geçirilmelidigini,
öňümizdäki ählihalk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň
zerurdygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe
möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda
Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisi
geçirildi.
Mejlisde Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow ählumumy pandemiýany,
dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň bu ulgama ornaşdyrylmagyny nazarda tutup,
gullugyň işini kämilleşdirmek hem-de sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini netijeli
ulanmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlaryna
ünsi çekdi hem-de tomusky dynç alyş döwründe ýörite topary döretmegi tabşyrdy.
Şol topar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda beýleki ugurdaş edaralar bilen
utgaşyklykda, degişli işleri geçirmelidir. Şunda raýatlara berilýän rugsatnama
resminamalarynyň düzgünlere laýyk gelmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip,
milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de gullugyň ýolbaşçysyna
anyk tabşyryklary berdi.
Soňra içeri işler ministri M.Çakyýew çykyş edip, ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde
tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görlüşi, dürli ýokanç keselleriň ýaramaz
täsirine garşy mundan beýläk geçirilmeli işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýokanç kesellerden goranmak maksady
bilen, amala aşyrylýan öňüni alyş çäreleriniň uly ähmiýete eýedigini belläp, ilatyň
arasynda düşündiriş işlerini yzygiderli geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet
Baştutanymyz raýatlaryň degişli resminamalarynyň bolmagyna, ýangyn
howpsuzlygynyň üpjün edilişine degişli gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy D.Saburow häzirki döwürde emele gelen
ýagdaý we dürli ýokanç keselleriň ýaramaz täsirine garşy mundan beýläk geçirilmeli
çäreler boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Tomus dynç alyş möwsüminde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy
guramagyň meýilleşdirilýän tertibine laýyklykda, goşmaça gatnawlary ýola goýmak
boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.
Ýurdumyzyň Halkara howa menzillerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we
derman senagaty ministrliginiň işgärleri tarapyndan gelip-gidýän ýolagçylaryň ählisi
yzygiderli barlagdan geçirilýär hem-de ekipaž agzalaryna öňüni alyş sanjymlary
edilýär.
Şeýle hem ýolagçylaryň ulanmagy üçin howa menzilleriniň ähli zallary gorag
serişdeleri bilen üpjün edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň
pudagy goldamak üçin ähli çäreleri görýändigini, şunuň bilen birlikde, raýat
awiasiýasynyň işiniň täze şertlere uýgunlaşmagynyň netijeli usullaryny tapmagyň
wajypdygyny belledi.
Howa menzillerini has netijeli ulanmak, öz wagtynda arassaçylyk we öňüni alyş
işlerini guramak, howa gämilerine tehniki taýdan hyzmat etmek işlerini geçirmek,
ýolagçylara ýokary hilli hyzmatlary amala aşyrmak, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün
etmek üçin çäreleri görmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady we agentligiň
ýolbaşçysyna öňde goýlan wezipeleri çözmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almakda ysnyşykly
hyzmatdaşlygyň zerurdygyny aýdyp, diňe bilelikdäki tagallalar hem-de utgaşykly işler
arkaly bu ählumumy howpa garşy göreşmekde oňyn netijeleri gazanyp boljakdygyny
belledi.
Soňra «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradow ýolbaşçylyk edýän
ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek
boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Tomus dynç alyş möwsüminde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy
guramagyň meýilleşdirilýän tertibine laýyklykda, welaýatlardan we Aşgabat
şäherinden dynç almaga gitjek raýatlarymyzy demir ýol ulagynda şu ýylyň 1-nji
iýunyndan başlap her gün Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça ýörite
ýolagçy otly gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Demir ýol ulgamynda ýolagçylar gatnadylanda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we
derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy
göreşmek gullugynyň işgärleri bilen bilelikde, ýolagçy wagonlarynda we demir ýol
menzilleriniň binalarynda hem-de beýleki ýerlerde gündelik arassaçylyk we
zyýansyzlandyryş işleri yzygiderli geçirilýär.
«Türkmendemirýollary» agentliginiň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän
«Kerwen» sagaldyş dynç alyş merkezi tomus möwsüminde raýatlarymyzy kabul
etmek üçin doly taýýar edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, demir ýol
ulagynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmegiň ileri
tutulýan ugurdygyna ünsi çekip, agentligiň başlygyna degişli tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, “Türkmendemirýollary”
agentliginiň ýolbaşçysyna ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge, dynç
almaga gidýän raýatlaryň lukmançylyk barlagyndan geçmegi bilen bagly wezipeleri
çözmäge jogapkärli çemeleşmäge degişli görkezmeleri berdi hem-de öňüni alyş
çäreleriniň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy G.Akmämmedow agentligiň işini
döwrebap derejede alyp barmak, tomusky dynç alşa taýýarlygyň çäklerinde durmuşa
geçirilen çäreler hem-de ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak,
onuň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna
gelýänlere hödürlenýän awtoulag hyzmatlaryny has-da gowulandyrmak maksady
bilen, şol döwürde ýolagçy ulaglaryň täze gatnaw ugurlaryny açmak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, aýratyn-da,
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümi döwründe ýolagçy
ulaglarynyň sazlaşykly hereketini ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekdi, şeýle hem
döwlet Baştutanymyz ýolagçylaryň, dynç almaga gelýänleriň isleglerini öwrenmek,
ýörite sargytlar esasynda dynç alyş möwsüminde Awazanyň içi we şäherara ugurlary
boýunça awtobuslaryň gatnawlaryny ýola goýmak meseleleriniň üstünde işlemegi
tabşyrdy.
Soňra Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa söz berildi.
Ol emele gelen ýagdaý, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary
topar tarapyndan geçirilýän işler hem-de dürli ýokanç keselleriň ýaramaz täsirine
garşy amala aşyrylýan işler boýunça teklipler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda,
ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, ýurdumyza
ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp
barylýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen hem-de maşgala
lukmanlary tarapyndan sagdyn durmuş ýörelgelerini, öňüni alyş çäreleriniň we
lukman maslahatlarynyň dogry we dürs ýerine ýetirilmegini düşündirmek boýunça giň
gerimli işler alnyp barylýar.
Milli Liderimiziň aladalary netijesinde, raýatlar dynç alşa gitmezinden öň,
ýollamanama alandan soň, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde kesgitlenilen ýörite
ýerlerde (saglyk öýlerinde) COVID-19-a garşy sanjym alarlar. Şunuň bilen
baglylykda, zerur bolan hemme anyklaýyş we sarp ediş serişdeleriniň ýeterlik
mukdarda bardygy, olaryň ätiýaçlyk gorunyň döredilendigi nygtaldy. Şeýle hem
degişli meýilnama laýyklykda, ýurdumyza Polimeraz zynjyrly reaksiýasynyň
enjamynyň ikisi getirildi. Bu enjamlary Türkmenbaşy şäherinde arassaçylyk-
epidemiologiýa gullugynyň barlaghanasynda gurnamak göz öňünde tutulýar.
Dynç alşa gidýän 18 ýaşdan uly raýatlara COVID-19-a garşy sanjym edilendigini
hem-de soňky 72 sagadyň dowamynda lukmançylyk gözegçiliginden geçilendigini,
şeýle hem koronawirus ýokanjynyň ýokdugyna degişli barlagyň geçilendigini
tassyklaýan resminama berler. 18 ýaşdan kiçi raýatlar, öz nobatynda, soňky üç gije-
gündiziň dowamynda lukmançylyk barlagyndan geçendigi we test tabşyrandygy
barada resminama alarlar.
Awazadaky hyzmat ediş desgalaryna işe kabul edilen işgärler bellenen tertipde
lukmançylyk gözegçiliginden geçmeli bolarlar hem-de COVID-19-a garşy test
barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminama almaly bolar. Häzirki wagtda bu
işgärlere koronawirusa garşy sanjym edildi.
Milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerindäki hyzmat ediş ulgamynyň işgärleri her 15
günden çalşyk görnüşinde işlärler we her çalşykda COVID-19-a garşy test barlagyny
geçerler.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy netijesinde Russiýa Federasiýasyndan
sanjymlaryň 3 görnüşi hem-de HHR-den 2 görnüşi getirildi.
Tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç alşa
gelýän raýatlaryň Türkmenbaşy şäheriniň howa menzilinde, demir ýol we awtoulag
menzillerinde beden gyzgyny ölçenilýär.
Dynç alşy bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, Awazanyň ähli
myhmanhanalarynda, kottejlerinde we sagaldyş merkezlerinde lukmançylyk otaglary
hem-de ýokanç kesele güman edilen näsaglar üçin izolýatorlar döredildi. Zerur bolan
derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilen şol otaglarda we
izolýatorlarda beýlekilerden üzňe saklamak üçin ýerler tejribeli lukmanlaryň
nobatçylygy guralar.
Gaýragoýulmasyz lukmançylyk hyzmatlary ýerine ýetirmek maksady bilen, gije-
gündiz işleýän lukmançylyk bölümi döredilip, oňa “Tiz kömek” awtoulagy berkidiler.
Dynç alyş möwsüminde syýahatçylyk zolagyndaky desgalarda 35 lukman, 35
şepagat uýasy we 12 sanitar lukman saglygy goraýyş hyzmatlaryny ýerine ýetirer.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, dynç alyş döwründe ýiti öýken
sowuklama keseline güman edilen adamlar Awaza etrabynda ýerleşýän karantin
merkezine ýerleşdiriler.
“Awazada” ýerleşen desgalarda we olaryň daş-töwereginde dezinfeksiýa,
dezinfeksiýa we deratizasiýa işleri yzygiderli geçiriler. Naharhanalarda we
aşhanalarda jemgyýetçilik iýmitiniň guralyşyna, iýmit önümleriniň hiline,
howpsuzlygyna hem-de saklanylyşyna gözegçilik ediler.
Hazar deňziniň suwunyň ekologiýa we sanitariýa-epidemiologiki ýagdaýyna, zolagyň
çäginde ýerleşýän agyz suw süýjediji hem-de beýleki desgalarda, şeýle hem
adamlaryň suwa düşýän we dynç alýan ýerlerinde arassaçylyk ýagdaýlaryna
gözegçilik amala aşyrylar. Meýilnama laýyklykda, Hazaryň türkmen kenarynyň
bellenen nokatlarynda suwuň, topragyň we howanyň barlaglary geçirilip durlar.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň habar berşi ýaly, ýurdumyzyň
şypahanalary hem tomusky dynç alyş möwsümine doly taýýarlanyldy. Islendik
şypahanada saglygyny dikeltmegi üçin raýata ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýünden
berilýän şypahana depderçesi hem-de saglyk ýagdaýy barada kepilnama zerurdyr.
Saglygy dikeltmek üçin «Awaza» şypahanasyna barmaga we onda bolmaga ygtyýar
COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym edilendigi baradaky goşmaça kepilnama
esasynda berilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, çagalar sagaldyş merkezlerini
öňümizdäki dynç alyş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, geçirilýän ähli işlere
gözegçiligi amala aşyrýan ýörite topar döredildi. Tomusky dynç alyş möwsümine
taýýarlyk görmegiň çäklerinde öňüni alyş çärelerini amala aşyrmak, şol sanda ähli
sagaldyş merkezlerinde zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek, binalaryň içinde her gün
2-3 wagtyna üzärlik tütetmek we otaglary ýelejiretmek, zir-zibil ýygnalýan ýerleri her
gün arassalap durmak we zyýansyzlandyrmak, guralýan çäreleriň dowamynda
howpsuz aralygyň saklanylmagyny berjaý etmek, çagalaryň beden gyzgynyny
yzygiderli galtaşyksyz ölçemek, çagalar sagaldyş merkezleriniň işgärlerine sanjym
etmek göz öňünde tutulýar.
Şeýlelikde, tomusky dynç alyş döwründe öňüni alyş çäreleriniň ählisini
Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topary
tarapyndan kabul edilen çözgütlere pugta laýyklykda amala aşyrmak maksat
edinilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara
ýüzlenip, kabul eden «Saglyk» Döwlet maksatnamamyza laýyklykda, ýurdumyzyň
saglygy goraýyş ulgamynyň döwrüň talaplaryna görä döwrebap ýagdaýa
getirilýändigini belledi. Şeýle hem dürli ýokanç keselleriň öňüni almak, olary ýüze
çykarmak we bejermek işleri toplumlaýyn esasda kämilleşdirilýär.
Biziň ýurdumyz bu ugurda beýleki döwletler bilen hemişe tejribe alşyp durýar.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri we
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär.
Ýiti öýken sowuklama keseliniň ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň
Hökümeti bu howply ýokanja garşy göreşe aýratyn jogapkärçilikli we
hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşdi. Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň,
aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamynyň işi öz wagtynda bu täze howpa garşy
gönükdirildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Bu ýokanjyň ählumumy häsiýeti hem-de dünýäniň ähli döwletlerine ýaramaz täsiri
göz öňünde tutulyp, Keselleriň ýaýramagynyň garşysyna göreşýän adatdan daşary
topar döredildi. Toparyň mejlisleri her hepdede 2 gezek geçirilýär. Bu mejlislerde
möhüm çözgütler kabul edilip, ýiti öýken sowuklama keseliniň öňüni almak boýunça
öz wagtynda toplumlaýyn çäreler görüldi.
Aýratyn howply keseliň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirmegiň çäklerinde ähli
saglygy goraýyş edaralary zerur lukmançylyk enjamlary, gorag we zyýansyzlandyryjy
serişdeler, test-ulgamlar bilen doly üpjün edildi diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady
we Döwlet serhediniň ähli gözegçilik-geçiriş ýerlerinde serhet, migrasiýa, saglygy
goraýyş hem-de oba hojalyk gulluklarynyň işgärlerinden we hünärmenlerinden ybarat
toparlaryň gije-gündiz nobatçylygy guralandygyny belledi.
Ýurdumyza daşyndan getirilýän we ulanylýan azyk önümleriniň ýokary hilli hem-de
howpsuz bolmagyny üpjün etmek boýunça güýçlendirilen gözegçilik tertibi girizildi.
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, metbugatda bu ugurdan zerur maglumatlar
berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we şu ýyl öňüni alyş çärelerini
üpjün etmegiň çäklerinde waksinalary satyn almak hem-de tapgyrlaýyn getirmek
işleriniň guralandygyny nygtady.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda raýatlaryň dynç alşyny guramak maksady
bilen, giň gerimli çäreleri we ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirmegiň tertibi işlenip
taýýarlandy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Öz wagtynda görlen çäreler we ýurdumyzyň halkynyň geçiren ägirt uly işleri
netijesinde, ýiti öýken sowuklama ýokanç keseliniň döwletimiziň çäklerine
aralaşmagyna hem-de ýaýramagyna ýol berilmändigini aýdyp bileris diýip, milli
Liderimiz nygtady.
Şundan ugur alyp, biz şu gün öň girizilen käbir çäklendirmeleri aýyrmak barada
karara gelýäris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we birnäçe pudak edaralarynyň
ýolbaşçylarynyň ünsüni olaryň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere çekdi.
Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş we derman senagaty ministri
N.Amannepesowa ýüzlenip, Dolandyryş merkeziniň Awazada ýerleşdiriljek ýerini
kesgitlemegi, onuň düzümini tassyklamagy we orunbasar bellemegi tabşyrdy. Bu
merkeze ministriň özi ýolbaşçylyk eder. Şeýle hem raýatlarymyzyň howpsuz dynç
almagyny üpjün etmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak we
tassyklamak üçin hödürlemek tabşyryldy.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän myhmanhanalaryň degişli
ministrlikleri we pudak edaralary zolagyň çäginde ýerleşýän myhmanhanalarda we
kottejlerde dynç almaga isleg bildirýän raýatlara ýollamanamany bermeli diýip, milli
Liderimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Dolandyryş merkeziniň esasy wezipeleriniň tomus döwründe
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda raýatlarymyz üçin dynç alşy bökdençsiz
guramakdan, ilat arasynda düşündiriş we wagyz-nesihat çärelerini geçirmekden
ybaratdygyny nygtady.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip,
syýahatçylyk zolagyndaky deňiz suwuny süýjediji desgada işleriň gije-gündiz alnyp
barylmagyny we desganyň goragyny bellenen tertipde güýçlendirilen düzgüne
laýyklykda üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy.
Bu ýerdäki myhmanhanalar özlerine degişli bolan ministrlikler we pudak edaralary
ýollamanamasy resmileşdirilen raýatlaryň elektron sanawyny Dolandyryş merkezine
we Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna gündelik ibermegi üpjün etmelidir diýip,
döwlet Baştutanymyz nygtady. Raýatlary öz wagtynda zolakdaky myhmanhanalara
bron esasynda ýerleşdirmek maksady bilen, bu baradaky maglumatlary web
sahypasynda barlamak mümkinçiligini ýola goýmaly diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Dolandyryş merkezinde jemlenýän maglumat-hasabatlar Saglygy goraýyş we
derman senagaty ministrliginde ýerleşýän Baş dolandyryş merkezine iberilmelidir
diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we
arassaçylygy üpjün etmek boýunça işleriň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi
çekdi.
Soňra milli Liderimiz Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezowa ýüzlenip,
zolagyň çäginde döredilen gözegçilik-geçiriş ýerinde beýleki ygtyýarly edaralaryň
wekilleri bilen bilelikde gije-gündiz nobatçylyk etmek üçin jogapkär wekili bellemek
barada görkezme berdi. Şeýle hem gözegçilik-geçiriş ýerinde zolakda işlemek we
dynç almak üçin barýan raýatlaryň resminamalaryny ygtyýarlyklaryň çäginde gözden
geçirmek, hasabatyny ýöretmek, Aşgabat şäherinden we welaýatlardan zolaga
gelýän raýatlaryň bellige alynmagyna gözegçilik etmek tabşyryldy.
Içeri işler ministri M.Çakyýewe welaýatlardan gelen we zolakda ýerleşen desgalarda
işleýän işgärlere wagtlaýyn rugsatnama berlende, olardan Döwlet migrasiýa
gullugynyň degişli edaralary tarapyndan resmileşdirilýän bellige alyş
şahadatnamasyny talap etmek tabşyryldy.
Syýahatçylyk zolagyna girilýän ýerdäki gözegçilik nokadynda polisiýanyň ýol
gözegçiligi we jemgyýetçilik howpsuzlygy gulluklarynyň işgärleriniň gije-gündiz
nobatçylygyny guramak, ulag serişdeleriniň diňe ýörite niýetlenen ýerlerde
durmagyny üpjün etmek esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Jemgyýetçilik tertip-düzgünini we ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin,
bu ýerde gurnalan wideogözegçilik ulgamyndan netijeli peýdalanmak wajypdyr diýip,
milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe Awazada ýerleşýän desgalaryň elektrik
energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň ýola goýulmagyny tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynyň kenarýaka çäkleriniň we Hazar deňziniň suwunyň ekologiýa
ýagdaýyny hem-de himiki taýdan arassaçylyk derejesini, şeýle hem çäklendirme
döwründe ministrliklere we pudak edaralaryna degişli tokaý meýdanlarynda baglara
ideg edilişini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Aşgabat şäherinde we
welaýatlarda ýerleşýän syýahatçylyk kärhanalarynyň Awazadaky myhmanhanalar
bilen şertnamalaýyn esasda işlemegini ýola goýmak, bu ýerdäki hyzmatlaryň görnüşi
barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bildirişleri bermek barada
görkezmeler berildi.
Mundan başga-da, degişli ýolbaşçylara zerurlyga görä, internet ýa-da optiki-süýümli
aragatnaşyk hyzmatlaryny, Dolandyryş merkezini aragatnaşyk enjamlary we internet
bilen üpjün etmek, dynç alýan raýatlara söwda hyzmatyny «Awaza» söwda
merkezinde ýola goýmak, bu ýerdäki myhmanhanalarda söwda, jemgyýetçilik iýmiti
we hyzmat etmek kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.
Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisiniň
barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri
R.Meredowa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň wagtlaýyn
Tertibiniň talaplary barada daşary ýurt döwletleriniň ýurdumyzdaky diplomatik
wekilhanalaryny we konsullyk edaralaryny habarly etmek tabşyryldy.
Milli Liderimiz Awazada ýerleşýän desgalaryň daş-töwereginde arassaçylyk -
dezinfeksiýa çärelerini geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, dynç alyş möwsüminde
zolakdaky sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde lukmançylyk otaglarynyň sazlaşykly
işini ýola goýmagy, «Tiz kömek» gullugynyň hem-de tejribeli saglygy goraýyş
işgärleriniň nobatçylygyny guramagy, bu ýerde zerur bolan derman we saglygy
goraýyş maksatly serişdeleriň ýeterlik bolmagyny gazanmagy, dermanhanalaryň iş
tertibini güýçlendirmegi tabşyrdy.
Deňziň suwa düşülýän we dynç alynýan ýerlerinde arassaçylyk ýagdaýlaryna
gözegçilik etmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Dolandyryş merkezine, Içeri işler ministrliginiň hem-de
Döwlet migrasiýa gullugynyň degişli edaralaryna COVID-19-a garşy sanjym edilen
adamlaryň elektron sanawyny gündelik bermegi üpjün etmek zerurdyr. Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň epidemiologiýa ýagdaýyna gündelik seljeriş işlerini
geçirmegiň we ony berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belläp, bu ugurda
öňde duran wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny jemläp, şu günki
göçme mejlisde keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça möhüm wezipelere
garalandygyny belledi.
Soňra welaýatlaryň häkimleri Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri
üstünlikli çözmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça görülýän
çäreler hem-de tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň barşy barada hasabat
berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň sagaldyş merkezlerinde degişli taýýarlyk
işleri alnyp barylýar. Onuň çäklerinde dürli kesellere garşy öňüni alyş çärelerine
aýratyn üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp,
koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni alyş çäreleriniň özüniň oňyn netijesini
berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tomusky dynç
alyş möwsüminde sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň işlerini talabalaýyk guramak
boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.
Raýatlarymyzyň saglygyny pugtalandyrmak we göwnejaý dynç almagy üçin amatly
şertleri üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň gaýragoýulmasyz wezipeleriň
hatarynda durýandygyny nygtap, bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Soňra milli Liderimiz ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen
gyzyklanyp, bu babatda hasabat bermek üçin gurluşyk we binagärlik ministri
R.Gandymowa söz berdi. Ministr häzirki döwürde ýurdumyzda medeni-durmuş we
önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy
barada hasabat berdi. Şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň
hormatyna ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak
boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk
desgalaryndaky, aýratyn-da, şanly seneler mynasybetli ulanylmaga berilýän
binalaryň öz wagtynda gurulmagynyň, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň
möhüm talap bolup durýandygyny belledi.
Soňra milli Liderimiz dikuçarda deňiz şypahanasynyň çäklerinde uçuşy amala aşyryp,
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny abadanlaşdyrmak we onuň düzümini ösdürmek
boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa
türkmen kenarynda kemala gelen syýahatçylyk zolagy öz çägini giňeldip, halkara
ähmiýetli dynç alyş zolagyna öwrüldi.
Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň netijesinde, Hazar deňziniň ekologiýa
taýdan arassa kenary gaýtalanmajak keşbe eýe boldy. Bu ýerde köp sanly
şypahanalar, medeni-dynç alyş we sport toplumlary işjeň hereket edýär. Olar her ýyl
ýurdumyzyň ähli künjeklerinden köp sanly dynç alýanlary hem-de daşary ýurtlardan
myhmanlary kabul edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynyň desgalaryny gözden geçirip, olaryň ýanaşyk ýerleriniň
abadanlaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi.
Milli Liderimiz guşuçar belentlikden Hazaryň kenarýakasynyň ajaýyp künjeklerini
synlap, zolagyň çäginde bina edilýän kottejler toplumynyň gurluşygy bilen tanyşdy.
Deňziň kenarynda dürli maksatly binalaryň taslamalary taýýarlanylanda, hökmany
tertipde ekologik ýagdaýlar, ýerli tebigatyň aýratynlyklary hem-de has oňaýly we
özüne çekiji gurşawy döretmäge häzirki zaman talaplary nazara alynýar.
Munuň özi bina edilýän desgalara diňe bir berklik we ulanyş häsiýetlerini däl, eýsem,
ýerli tebigat bilen gözelligi, sazlaşygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Döwlet
Baştutanymyz bu wezipeleriň möhümdigine ünsi çekip, Hazaryň kenarýakasynda
ýaýbaňlandyrylan işleriň toplumlaýyn esasda alnyp barylmagynyň zerurdygyny
belledi.
Hormatly Prezidentimiz dikuçardan Hazaryň kenarynda täze senagat, ulag-
aragatnaşyk toplumlarynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly,
2018-nji ýylyň maýynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda Türkmenbaşy şäherindäki
Halkara deňiz porty işe girizildi. Bu desga tutuş Merkezi Aziýa sebitinde iri logistik
merkeze öwrülmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarýaka zolagy
boýunça dikuçarda uçuşyny tamamlap, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny, tutuş
deňiz ýakasyny ösdürmegiň birnäçe ugurlary babatda degişli ýolbaşçylara anyk
görkezmeleri berdi we Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline bardy hem-
de bu ýerden paýtagtymyza ugrady.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi