Halkara ahalteke atçylyk we “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýalarynyň merkezi açyldy

Şu gün paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara“Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bumerkez milletiň baý mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işlere mynasyp
goşant bolar. Şeýle hem şu gün bu ýerde Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu baýramçylyk döwlet Baştutanymyzyň degişli Permanyna laýyklykda, her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen
bilelikde belleniler.
Ajaýyp, gözelligi boýunça kämil behişdi bedewlerimiz hem-de edermen alabaýlarymyz ähli döwürlerde türkmen halkynyň wepaly dostlary we hemralary,buýsanjy we baýlygy hasaplanyp geldi. Bu gün gadamy batly ahalteke bedewi hemde gaýduwsyz alabaý düýpli özgertmeler we ösüş ýolunda uly üstünlikleri gazanýan
Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrüldiler. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan atşynaslyk we itşynaslyk sungaty mynasyp dowam etdirilip, täze ösüşlere eýe boldy.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri”assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary,Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň,
ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň,köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi gatnaşdylar.
Şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlary joşgunly aýdymdyr sazlary bilen çykyş etdiler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda täze binanyň toý bagyny kesdi.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri”assosiasiýasynyň merkeziniň binalar toplumy açyldy. Soňra dabara gatnaşyjylar merkeziň gurluşy we üpjünçiligi, hünärmenleriň netijeli işlemegi hem-de dürli çäreleri
geçirmek üçin bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdylar.
Binanyň birinji gatynda muzeý ýerleşdirilip, onda tutuş dünýäde meşhurlyga eýe bolan ahalteke bedewleriniň we özüniň ajaýyp häsiýeti bilen ýurdumyzyň çäkleriniň daşynda hem meşhurlyk gazanan alabaýlaryň özboluşly heýkelleri we olaryň aýratynlyklaryna bagyşlanan nakgaş eserleri, ahalteke bedewleriniň we alabaýlaryň
şekilleri çitilen halylar görkezilýär. Bu ýerde hünärmen muzeý gymmatlyklary barada giňişleýin maglumat berdi. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmen alabaýy” goşgusynyň
hala çitilen nusgasy muzeýiň görnükli ýerinde goýlupdyr. Şeýle hem bu ýerde halkymyzyň öz bedewlerine aýratyn garaýşynyň subutnamalary bolan atlaryň bezeg şaý-sepleriniň ajaýyp nusgalary bar. Gadymy döwürlerde kemala gelen at bezemek
däpleri şu güne çenli türkmeniň milli medeniýetinde saklanyp, häzirki zaman
zergärçilik ussalarynyň işlerinde öz beýanyny tapýar. Bedewleriň altyndan,
kümüşden taýýarlanan bezeg şaýlary taryhyň dürli döwürlerinde, çylşyrymly
ýagdaýlarda gorag esbaplary hökmünde hyzmat edipdir. Kümüşden ýasalyp, gymmat
bahaly daşlar, hususan-da, hakyk we pöwrize daşlary bilen bezelen at esbaplary
ahalteke bedewleriniň asylly keşbi bilen özboluşly sazlaşygy emele getirip,
bedewleriň gözelligine gözellik goşupdyr.
Şol bir wagtyň özünde bu ýerde bedewleriň çapuw mahalynda ulanylýan eýerleri
bilen bir hatarda, bedewler toý-baýramlara çykarylanda, atylýan eýerleriniň görnüşleri
görkezilýär. Munuň özi ussat seýisleriň at esbaplaryny ulanmaga örän jogapkärçilikli
çemeleşilýändigini we ähmiýetine görä ulanylýandygyny aňladýar. Şeýle hem
muzeýde oturdylan ýörite monitorda Arkadag Prezidentimiziň 2017-nji ýylda Russiýa
Federasiýasynyň Prezidenti W.Putine wepadarlygyň we dost-doganlyk
gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany hökmünde alabaý köpegini sowgat berýän
görnüşlerine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Şol gün milli Liderimiz Russiýa
Federasiýasynyň Prezidentine berk jan saglyk, döwlet işlerinde uly üstünlikleri we
abadançylyk arzuw edip, rus kärdeşine Wepaly atly alabaýy sowgat beripdi. Şol
pursatlarda, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, alabaý itleri gadym döwürlerden bäri
türkmen halkynyň wepaly hemrasy we dostudyr. Wepaly atly alabaýyň 2017-nji ýylyň
sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V
Aziýa oýunlarynyň şekili hökmünde saýlanyp alynmagy tötänden däldir.
Prezident Wladimir Putine gowşurylan bu sowgat köpasyrlyk türkmen-russiýa dostluk
ýörelgelerine ygrarlylygyny hem-de iki döwletiň Baştutanlarynyň özara ynama
esaslanýan şahsy gatnaşyklaryny alamatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz şonda sowgat berilýän köpejigiň ýeňsesinden tutup, ony
ýokaryk galdyrdy hem-de şeýdip, itiň häsiýetine baha berilýändigini düşündirdi.
Şunda Wepaly özüni iň gowy tarapdan görkezdi, diýmek, ol batyrgaý we çydamly it
bolup ýetişer.
Bu ýerde milli Liderimiziň Russiýa Federasiýasynyň ozalky Hökümet baştutany
D.Medwedewe sowgat beren alabaýy, bu türkmen itiniň Russiýanyň tebigatyna, onuň
howa aýratynlyklaryna tiz uýgunlaşandygy barada gürrüň berýän wideoşekiller hem
görkezildi.
Şeýle hem ady rowaýata öwrülen Akhanyň täze dünýä inen taýy bolan Aşgabat atly
taýçanak, onuň ösüşi, özboluşly beden gurluşy barada gürrüň berýän wideoşekilleriň
görkezilmegi, bu ýerde guralan dabarany täze mazmun bilen baýlaşdyrdy. Bu
görnüşler türkmen halkynyň şöhratly seýisleriniň yhlasy bilen arassa ganly ahalteke
bedewleriniň baş sanynyň artdyrylýandygyny-da alamatlandyrdy.
Ganatly bedewler türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Olar
baýramçylyk dabaralarynyň, şanly toýlaryň esasy ýaraşygy bolup durýar.
Bu gün pederlerimizden miras galan asylly atşynaslyk ýörelgeleri hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen döwrebap derejede
ösdürilýär. Munuň özi dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan halkymyzyň
atşynaslyk däpleriniň mundan beýläk-de belende göterilmegi ugrunda zerur
tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Asyrlaryň dowamynda türkmen seýisleri ahalteke bedewlerini kämillik derejesine
ýetiripdirler we olaryň ajaýyp häsiýetlerini saklapdyrlar. Türkmen bedewleriniň ýüpek
ýallary, gelşikli beden gurluşy, ýeňil hereketleri we güýç-kuwwaty yhlasly seýisleriň,
halk seçgiçileriniň öz hünärlerini belent derejä ýetirendikleriniň aýdyň netijesidir.
Döwlet Baştutanymyz türkmen atlarynyň taryhynyň we özboluşly gylyk-häsiýetleriniň
düýpli öwrenilmelidigini hem-de gadymy seýisçilik ýörelgeleriniň döwrebap ösdürilip,
geljek nesillere ýetirilmelidigini aýratyn belleýär.
Bu gün tutuş dünýäde meşhur bolan ýelden ýüwrük ahalteke bedewleriniň şöhraty
belende galdy. Ata-babalarymyz köp asyrlaryň dowamynda tutanýerli zähmeti, zehini
arkaly dünýäniň dürli künjeklerinde meşhur bedewleri kemala getiripdirler hem-de
arassa ganlylygyny saklap gelipdirler.
Behişdi bedewler okgunly ösýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň özboluşly
nyşanydyr. Ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk sportunda geçen şöhratly ýoluny
mynasyp dowam etmek hem-de başarnyklaryny doly açmak üçin täze mümkinçilikler
döredilýär. Bedewleriň tebigy gözelligi, çalasynlygy, wepadarlygy, ösen aň-paýhasy
hem-de aýratyn başarnyklary köp asyrlaryň dowamynda şahyrlar we suratkeşler üçin
ylham çeşmesi boldy.
Soňra dabara gatnaşyjylar merkeziň kitaphanasy bilen tanyşdylar. Bu ýerde şöhratly
pederlerimiziň dünýä beren milli gymmatlyklary bolan ahalteke bedewlerine we
türkmen alabaýlaryna bagyşlanan eserleriň giň toplumy bar. Hususan-da,
kitaphanada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň behişdi
bedewlerimize we edermen alabaýlarymyza bagyşlanan kitaplary aýratyn orun
eýeleýär. Ýeri gelende aýtsak, bu eserler dünýäniň dürli dillerinde terjime edilip,
halkara ähmiýetli kitaplara öwrüldi. Bu ýerde goýlan kitaplaryň hatarynda “Ahalteke
bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepada
bar, sapa-da”, “Türkmen alabaýy” atly eserler bar. Milli Liderimiziň bu ajaýyp işleri
döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyny alamatlandyryp, türkmen
halkynyň taryhy-medeni mirasy, gadymy däpleri hem-de döredijilik zehini barada
söhbet açýar.
Kitaphananyň baý kitap gaznasynyň bardygyny bellemek gerek. Kitaphana doly
derejede kompýuterleşdirildi. Munuň özi okyjylara elektron kitaphana serişdelerine,
ylmy we usulyýet edebiýatlaryna bolan elýeterliligi üpjün edýär. Şeýle hem bu ýerde
ahalteke bedewlerine we alabaýlara bagyşlanan döwürleýin metbugat neşirleri bar.
Mundan başga-da, kitaphanadaky ýörite internet-saýtlarynyň, olaryň üsti bilen
metbugat neşirleri, “Behişdi ahalteke atlary” we “Türkmeniň nusgalyk alabaýy” atly
žurnallarda ýerleşdirilen makalalar, gyzykly maglumatlar bilen tanyşmak mümkinçiligi
döredilipdir.
Kitaphananyň üç dilde hereket edýän elektron saýty ahalteke bedewleri we türkmen
alabaýlary baradaky gündelik maglumatlar, halk döredijiliginiň eserleri bilen
baýlaşdyrylyp durulýar. Döwlet Baştutanymyzyň eserlerinden dürli rowaýatlar
yzygiderli ýerleşdirilýär.
Kitaphananyň işine täzeçil tehnologiýalar, sanly ulgam ornaşdyryldy. Bu bolsa
kitaphananyň okyjylarynyň sanynyň artmagyny şertlendirýär. Şeýlelikde, bu ýerde
hünärmenleriň atşynaslyk we itşynaslyk babatda netijeli işlemekleri, alymlaryň
ahalteke bedewleridir türkmen alabaýlary baradaky bilimlerini artdyrmaklary üçin ähli
zerur şertler döredilipdir. Bu bolsa degişli ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyň
işjeňleşdirilmegini üpjün edýär.
Soňra dabara gatnaşyjylar binanyň ikinji gatyna galyp, bu ýerde döredilen
mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Merkeziň iş otaglary işgärleriň netijeli işlemegi üçin
zerur bolan esbaplar bilen üpjün edilip, olaryň ygtyýarynda kompýuterler we beýleki
degişli enjamlar bar.
Merkeziň maslahatlar zaly we ýöriteleşdirilen otaglary häzirki zaman talaplary nazara
alnyp, maksadalaýyk enjamlaşdyrylyp, bu ýerde mejlisleri, beýleki çäreleri hem-de
halkara häsiýetli forumlary geçirmek, şol sanda onlaýn tertipdäki halkara duşuşyklary,
ähmiýetli maslahatlary guramak, olary sanly ulgam arkaly dünýä ýaýmak üçin ýokary
derejeli mümkinçilikler bar. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde netijeli iş alyp barmak,
häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryndan peýdalanmak üçin zerur şertler göz
öňünde tutulypdyr.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk
assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy
Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda
ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra merkeziň maslahatlar zalynda Halkara “Türkmen alabaý itleri”
assosiasiýasynyň mejlisi geçirildi. Oňa birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin
habar beriş serişdeleriniň, assosiasiýanyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem
assosiasiýanyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndaky we daşary
ýurtlardaky agzalary sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk
assosiasiýasynyň Prezidenti, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň
başlygy S.Berdimuhamedow mejlisi açyp, hemmeleri Türkmen bedewiniň milli
baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gyzgyn gutlady.
Assosiasiýanyň başlygy mejlisiň gün tertibini yglan edip, şu gün bu halkara
guramanyň işi bilen baglanyşykly birnäçe guramaçylyk meselelerine garaljakdygyny
belledi. Onuň düzümine täze agzalar kabul ediler, ýurdumyzyň tapawutlanan
atşynaslaryna we itşynaslaryna döwlet sylaglary gowşurylar. Şeýle hem Halkara
“Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň indiki mejlisiniň geçiriljek ýeri we wagty
kesgitlener hem-de öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar, degişli
çözgütler kabul ediler.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda şu ýyl ýurdumyzda milli
gymmatlyklarymyz bolan behişdi bedewlerimiziň we türkmen alabaýlarynyň şanşöhratyny
has-da dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmen bedewiniň milli
baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy ilkinji gezek bilelikde bellenilip
geçilýär diýip, S.Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip, kemala getirilen we
umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna öwrülen türkmen alabaý itleri özüniň
aýratynlyklary boýunça dünýäde giňden tanalýar hem-de tohum itleriň arasynda iň
gadymylarynyň we naýbaşylarynyň biri hasaplanýar.
Türkmen alabaý itleri biziň milli buýsanjymyz we şöhratymyz bolan ahalteke
bedewlerimiz hem-de arşyň nepisligi, Zeminiň janly rowaýaty bolan türkmen halylary
ýaly milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Türkmen alabaýlaryň eýesine wepalylygy,
batyrlygy hem-de edermenligi bilen dünýäde giňden tanalýar. Soňra assosiasiýanyň
başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti pähimpaýhasyndan
dörän “Türkmen alabaýy” eserinde: “Alabaý — biziň milli buýsanjymyz.
Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli
gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek
biziň borjumyz” diýip belläp geçişi ýaly, türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň ýaşaýyşdurmuşy
bilen aýrylmaz baglydygyny belledi.
Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzda türkmen halkynyň milli
gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny
has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylygyny alyp
barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede ösdürmek boýunça
häzirki döwürde ýurdumyzda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Bu işleriň taryhy
gelip çykyşyny, şu günki günlere gelip ýetişini we milli aýratynlyklaryny ylmy esasda
düýpli öwrenmek boýunça ähli şertler döredilýär. Türkmen alabaýy dostlugyň we
wepalylygyň halkara nyşanyna öwrülýär.
Türkmen alabaýlary boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de
bu itleri saklamak we köpeltmek bilen meşgullanýan hünärmenleriň tagallalaryny bir
ýere jemlemek maksady bilen, ýurdumyzda Halkara “Türkmen alabaý itleri”
assosiasiýasy döredildi. Şonuň bilen birlikde, gysga wagtyň içinde bu abraýly
guramanyň türkmen agzalary bilen bilelikde, daşary ýurtly agzalarynyň sany artyp,
halkara derejä eýe boldy. Häzirki wagtda assosiasiýanyň 11 sany döwletden jemi 191
fiziki we ýuridik agzalary bolup, olaryň sany yzygiderli köpelýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan berýän hemaýat-goldawlarynyň netijesinde,
dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen itşynaslyk sungatyny gorap
saklamak, ösdürmek, türkmen alabaýlaryny köpeltmek, olaryň seçgi-tohumçylyk
işlerini alyp barmak we geljekki nesillere ýetirmek, şeýle hem ýaşlara türkmen
alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny öwretmek
hem-de halypalyk etmek işlerine aýratyn saldamly goşant goşýan itşynaslarymyzy
höweslendirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy”,
“Türkmenistanyň halk itşynasy” diýen hormatly atlar döredildi. Mundan başga-da,
hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, türkmen alabaýynyň dünýädäki
şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de
kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky
ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň
baýramyny bilelikde geçirmek bellenildi. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda Türkmen
alabaýynyň baýramy mynasybetli her ýylyň aprel aýynda türkmen alabaý itleriniň
arasynda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigi hem-de türkmen
alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde,
neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda
halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we
teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek karar edildi diýip,
S.Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiz
tarapyndan itşynaslarymyz üçin şeýle mümkinçilikleriň döredilmeginiň ýurdumyzda
we dünýä ýüzünde iň gadymy itleriň biri hasaplanylýan türkmen alabaýlaryny ösdürip
ýetişdirmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirildi.
Ýurdumyzda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň döredilmegi bilen,
geljekde bu itleri köpeltmek, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, dünýä
ýüzünde giňden wasp etmek boýunça biziň öňümizde birnäçe jogapkärli wezipeler
durýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat şäherinde gurlan merkezlerde türkmen
alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek hem-de köpeltmek; türkmen alabaýlarynyň
tohumçylyk-seçgi işlerini alyp barmak, kämilleşdirmek hem-de ylmy taýdan düýpli
öwrenmek; ýurdumyzda we daşary ýurtlarda türkmen alabaýlarynyň sergilerini,
bäsleşiklerini ýokary derejede geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar diýip,
Serdar Berdimuhamedow belledi.
Nygtalyşy ýaly, alabaýlaryň özboluşly aýratynlyklaryny, gylyk-häsiýetini hem-de
wepadarlygyny giňden dünýä ýaýmak; daşary ýurt döwletlerinde türkmen
alabaýlaryny ösdürip ýetişdirýän we saklaýan taraplar bilen özara bähbitli
hyzmatdaşlyklary ýola goýmak assosiasiýanyň esasy wezipeleri bolup durýar. Şunuň
bilen baglylykda, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy türkmen
alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek we köpeltmek, olaryň dünýädäki şan-şöhratyny
has-da belende galdyrmak boýunça döredip berýän şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden sagbolsun
aýtdy.
Mejlisiň gün tertibinde kesgitlenen beýleki meselelere geçmek bilen, Serdar
Berdimuhamedowyň guramanyň Tertipnamasynda “Assosiasiýasynyň başlygy” we
“Assosiasiýanyň başlygynyň orunbasary” diýen sözleri “Assosiasiýanyň Prezidenti”
we “Assosiasiýanyň wise-prezidenti” diýen sözler bilen çalyşmak boýunça
Tertipnama üýtgetmeleri girizmek, şeýle hem Halkara “Türkmen alabaý itleri”
assosiasiýasynyň guraýan halkara bäsleşiginiň ýeňijisine gowşuryljak “Ýylyň türkmen
edermen alabaýy” atly medaly döretmek boýunça teklipleri öňe sürdi. Foruma
gatnaşyjylaryň ses bermekleriniň netijesinde, bu teklipler biragyzdan goldanyldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berildi. Ol
Türkmen bedewiniň milli baýramy, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli has
tapawutlanan atşynaslara we itşynaslara “Türkmenistanyň halk atşynasy”,
“Türkmenistanyň ussat halypa seýsi”, “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” hem-de
“Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly atlary dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryny okady. Mynasyp bolan sylaglaryny uly
buýsanç, egsilmez tolgunma bilen kabul edip, olar zähmetlerine berlen ýokary baha
üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar we
mundan beýläk-de bu asylly işe mynasyp goşant goşmak ugrunda zerur tagallalaryny
etjekdiklerine ynandyrdylar.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz
berilýär. Ol Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara ahalteke
atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň
ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen
hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny okady.
Mejlise gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen dabaraly ýagdaýda Halkara
“Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysyna döşe dakylýan nyşan we
şahadatnama gowşuryldy.
Serdar Berdimuhamedow özüniň alyp barýan işine berlen ýokary baha üçin hormatly
Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Milli Liderimiziň parasatly
baştutanlygynda halkymyzyň milli gymmatlygy we baýlygy bolan türkmen
alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak maksady bilen, Halkara “Türkmen
alabaý itleri” assosiasiýasy döredildi. Şeýlelikde, ýurdumyzda türkmen alabaýlaryny
ýetişdirmek we itşynaslygy ösdürmek boýunça pudagyň berk binýady emele getirildi.
Häzirki wagtda asyrlaryň dowamynda kemala getirilen arassa ganly türkmen
alabaýlarynyň baş sanyny köpeltmek hem-de milli itşynaslyk sungatyny has-da
kämilleşdirmek boýunça döwlet derejesinde giň gerimli işler alnyp barylýar.
Geljekde hem hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli
peýdalanyp, dünýä ýüzünde türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny has-da belende
galdyrmak boýunça assosiasiýanyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine
ýetirmekde gijämizi gündiz edip, bu halkara guramanyň agzalary bilen bilelikde ähli
gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekeris diýip, Serdar Berdimuhamedow
belledi we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň
abadançylygynyň we ýurdumyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde
üstünlik arzuw etdi.
Soňra Medeniýet ministrliginiň esasy hünärmeni, Halkara “Türkmen alabaý itleri”
assosiasiýasynyň agzasy Agamyrat Baltaýewe söz berildi. Ol özüniň çykyşynyň
başynda çärä gatnaşyjylary “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň
Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda bellenilýän şanly seneler we wakalar —
ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Aşgabat şäheriniň 140
ýyllygy, şonuň ýaly-da öňde durýan beýleki milli baýramlar we olar mynasybetli
paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen
alabaý itleri” assosiasiýasynyň döwrebap merkeziniň açylmagy bilen gutlady.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň
bagtyýarlyk döwründe assosiasiýanyň agzalarynyň netijeli işlemegi üçin giň
mümkinçilikler döredilýär. Olaryň tagallalary ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmäge, milli
mirasymyz bolan türkmen alabaýlaryny giňden öwrenmäge hem-de wagyz etmäge
gönükdirilendir.
Milli itşynaslygy ösdürmek babatyndaky giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli
durmuşa geçirilmegi bu täsin tohumyň arassalygyny saklamaga, onuň müňýyllyklara
uzap gidýän şöhratly taryhyny düýpli öwrenmäge ýardam edýär. Milli Liderimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary hem-de hemmetaraplaýyn
goldawy netijesinde, bu gün pederlerimizden miras galan, şonuň bilen baglanyşykly
däpleri öwrenmek üçin örän uly mümkinçilikler bar.
Milli Liderimiziň “Türkmen alabaýy” atly kitaby taryhy mirasymyz bolan türkmen
alabaýyny öwrenmekde, döwrebap esasda dikeltmekde hem-de wagyz etmekde
çelgi bolup hyzmat edýär. Gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapylan köp sanly
arheologiýa tapyndylary, şonuň ýaly-da gadymy golýazmalar bu tohumyň
gadymylygyna hem-de gelip çykyşyna şaýatlyk edýär. Bu ajaýyp eserde bellenilişi
ýaly, türkmen alabaýlaryny köpeltmegiň milli tejribesi, itşynaslygyň gadymy usullary
olaryň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna
girizmäge mynasypdyr. Bu kitap türkmen halkynyň dünýä medeniýetine, adamzat
siwilizasiýasynyň ösüşine goşandyny açyp görkezýär.
Soňky ýyllarda Aşgabadyň golaýynda ýerleşýän gadymy Paryzdepe ýadygärliginiň
çäklerinde türkmen alabaýynyň antik döwre degişli heýkeljikleri tapyldy. Ahal
welaýatynyň Bäherden etrabyndaky Şähryslam ýadygärliginde türkmen alabaýynyň
Beýik Seljuklar zamanasyna degişli kerpijiň ýüzüne basylan yzlary, Gökdepe
etrabyndaky Şährihaýbar ýadygärliginden “Tazyguýruk” nagşy çekilen küýze bölegi,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky Ýasydepe ýadygärliginden türkmen
alabaýynyň X asyra degişli heýkeli ýüze çykaryldy. Mundan başga-da, nepis sungat
bolan türkmen halysyna çitilýän “Güjük yzy” nagşy ylmy taýdan öwrenilip, ol
baradaky maglumatlar Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň “Türkmeniň
nusgalyk alabaýy” atly täze döredilen žurnalynyň ilkinji sanynda ylmy dolanyşyga
girizildi.
Golaýda türkmen alabaýlaryna degişli ýene bir etnografiýa barlagy geçirildi hem-de
täze ylmy açyşlar edildi. Has takygy, türkmen haly we dokma sungatynda duş gelýän
gadymy nagyşlaryň biri bolan «It ýatak» nagşynyň taryhy yzlary ýüze çykaryldy. Bu
täsin nagşyň iň gadymy nusgasynyň Gökdepe etrabynyň çägindäki Pessejikdepe
ýadygärliginde ýüze çykarylan ybadat otagynyň diwaryna çekilen suratda duş
gelýändigi anyklanyldy.
Mälim bolşy ýaly, Pessejikdepe arheologiýa ýadygärligi Jeýtun medeniýetine, has
takygy, biziň eýýamymyzdan öňki VII — V müňýyllyklara degişlidir. Pessejikdepe
dünýäniň sungaty öwreniş ylmynda diwaryň ýüzüne çekilen iň gadymy awçylyk
pursadyny beýan edýän nakgaş eseri bilen meşhurdyr. Hut şeýle mazmunly diwara
çekilen surat eseri Türkiýäniň Çatalhöýük ýadygärliginde hem duş gelýär. Ýöne
Pessejikdepedäki surat eseri has gadymydyr hem-de köp reňk öwüşginliligi bilen
mesaňa tapawutlanýar.
Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar
Berdimuhamedow manyly çykyşy üçin A.Baltaýewe sagbolsun aýdyp, foruma sanly
ulgam arkaly gatnaşýan Türkiýe Respublikasynyň Artwin Çoruh uniwersitetiniň
prorektory, weterinariýa ylymlarynyň doktory, professor Murat Kibara söz berdi.
Murat Kibar hemmeleri ýetip gelýän Türkmen alabaýynyň baýramy, şeýle hem
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri”
assosiasiýasynyň häzirki zaman merkeziniň açylmagy bilen gutlady.
Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy döredilenden soňra, geçen gysga
wagtyň içinde giň gerimli işler ýerine ýetirildi. Baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde
Türkmenistanda ilkinji gezek “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” halkara bäsleşigi
geçirildi. Murat Kibar assosiasiýanyň ähli agzalaryna asylly işlerinde üstünlikleri
arzuw etdi.
Soňra Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzasy, hususy itşynas
Mekan Gurbandurdyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
tarapyndan amala aşyrylýan oňyn döwlet syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda
türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, gadymy däp-dessurlaryny hem-de medeniýetini
gaýtadan dikeltmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, häzirki we geljekki nesillere
ýetirmäge gönükdirilen giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady.
Türkmenler alabaý itlerine hemişe uly sarpa bilen garapdyrlar. Arkadag Prezidentimiz
“Türkmen alabaýy” diýen kitabynda olar barada buýsanç bilen ýazýar. Halkara
“Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň döredilmegi, Ahal welaýatynda “Türkmen
alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň, şeýle hem weterinar gullugyň
we öý haýwanlaryny saklamak üçin ýöriteleşdirilen toplumyň ulanylmaga berilmegi,
Aşgabat şäherinde, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda türkmen
alabaý itleriniň merkezleriniň binalarynyň gurulmagy halkymyzyň milli baýlygy bolan
alabaýlar baradaky yzygiderli aladanyň aýdyň subutnamasydyr, bu işler özüniň oňyn
netijelerini berýär.
M.Gurbandurdyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa
milletimiziň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy bolan türkmen bedewleri hem-de
alabaýlary barada yzygiderli alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan
edip, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür we döwlet Baştutanynyň
wezipesinde alyp barýan ägirt uly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň “Узбекский волкодав” tohumlaryny gorap
saklamak boýunça jemgyýetiniň başlygy, Halkara “Türkmen alabaý itleri”
assosiasiýasynyň agzasy Akobir Şukurow sanly ulgam arkaly çykyşynda bu
assosiasiýanyň işiniň daşary ýurtly itşynaslarda uly gyzyklanma döredýändigini aýtdy.
Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr: edermen türkmen alabaýy özüne mahsus
aýratynlyklary bilen iň nusgalyk, dünýäde has köp ýaýran tohumlaryň biridir, onuň
meşhurlygy barha artýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň itşynaslygyň
ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlary, bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň
işine mynasyp baha berilmegi itşynaslyk hünäriniň abraýynyň ýokarlanmagyna
ýardam berýär. Akobir Şukurow bu assosiasiýanyň agzalary bilen ýakyn
hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan edip, türkmen alabaýlarynyň sanyny artdyrmak
hem-de dünýädäki şöhratyny belende götermek boýunça alyp barýan işlerinde
üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň “Kawkaz itleriniň janköýerleri” jemgyýetiniň
ýolbaşçysy Ilham Gazimzade sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Ol maslahata
gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda Türkmenistanda alnyp barylýan döwlet derejesindäki milli mirasy
gorap saklamaga gönükdirilen işleriň ähmiýetini nygtady. Merkezi edarasy Aşgabatda
ýerleşýän Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň döredilmegi bu babatda
möhüm waka boldy. Ilham Gazimzade türkmen alabaýlarynyň janköýerleriniň
ählisiniň adyndan milli Liderimize bu guramanyň işine berýän hemmetaraplaýyn
goldawy üçin çäksiz hoşallyk bildirdi hem-de şu günki maslahata gatnaşyjylary
Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady we olara öz işlerinde üstünlikleri arzuw
etdi.
Soňra Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň Prezidenti “Ýylyň türkmen
edermen alabaýy” atly medaly döretmek hakyndaky”, Halkara “Türkmen alabaý itleri”
assosiasiýasyna täze agzalary kabul etmek hakyndaky, şeýle hem assosiasiýanyň
nobatdaky mejlisini 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Aşgabat şäherinde geçirmek
hakyndaky Kararlara gol çekýär.
Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy mejlisi jemläp, hormatly
Prezidentimize guramanyň netijeli işlemegine döredilen mümkinçilikler üçin ýene bir
gezek hoşallyk bildirdi. Serdar Berdimuhamedow assosiasiýanyň agzalarynyň öňde
goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynam
bildirip, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, milli itşynaslyk sungatyny ösdürmek
hem-de türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak babatdaky işlerinde
uly üstünlikleri arzuw etdi.