Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatda eden çykyşy

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Ozaly bilen, sizi täze Maslahatlar merkezinde gutlamaga rugsat ediň. Bu ajaýyp bina halkara durmuşyň möhüm meselelerini dürli görnüşdäki duşuşyklarda ara alyp
maslahatlaşmak, şol meseleler boýunça hoşniýetli erk-isleg, jogapkärçilik hem-de döredijilikli hyzmatdaşlyk esasynda bilelikdäki oňyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin myhmansöýer künjek hem-de amatly meýdança bolar.
Biziň hut şu binada dürli döwletleriň, halkara guramalaryň wekilleriniň, belli syýasy we jemgyýetçilik işgärleriniň gatnaşmagynda şeýle möhüm mesele boýunça ilkinji
gezek duşuşyk geçirýändigimiz aýratyn bellärliklidir. Bu duşuşygyň işiniň üstünlikli bolmagyna goşant goşmaga taýýardygyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin. Siziň pikirleriňize we garaýyşlaryňyza ýokary baha berýäris we olar biziň üçin gymmatlydyr hem-de siziň pikirleriňiziň geljekde hem netijeli dünýä gün tertibini durmuşa geçirmäge hemmämize ýardam berjekdigine ynanýaryn.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu çözgüt Milletler Bileleşiginiň döwletara hyzmatdaşlygyň depginlerine göwnejaý derejede oňyn goldaw bermäge, halkara hukugyň hem-de BMG-niň Tertipnamasynyň kadalaryna daýanmak bilen, gatnaşyklary birek-birege hormat
goýmak esasynda guramak üçin degişli şertleri üpjün etmäge gyzyklanmasyny alamatlandyrýar. Häzirki wagtda bu maksatlar möhüm ähmiýete eýedir hem-de ylalaşykly hereketleri talap edýär.
Bitarap Türkmenistan üçin parahatçylygyň we howpsuzlygyň esasynda durnuklylygy,ynanyşmagy hem-de halkara gatnaşyklarda aýanlygy üpjün etmek daşary syýasatyň
iň ýokary ileri tutulýan ugry bolup durýar.
Şeýle usulda hereket etmek bilen, ýurdumyz bar bolan meseleleri syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmek, sebit we ählumumy derejedäki wehimleriň öňüni almak hem-de olara öz wagtynda çäre görmek üçin bitaraplygyň gurallaryny, onuň parahatçylyk dörediji mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmagy teklip edýär.
Syýasy-hukuk guraly hökmünde Bitaraplyk syýasaty häzirki wagtda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, ählumumy wehimlere — halkara terrorçylyga,guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna netijeli garşy durmakda tagallalary birleşdirmek üçin uly ähmiýete eýedir. Soňky wagtlarda bu
wehimlere täze howplar — kiberjenaýatçylyk, kanunçylyga boýun egmezlik, BMG-niň ornunyň hem-de wezipeleriniň ähmiýetini peseltmäge synanyşyklar, hukuk goraýyş
meselelerini belli bir bähbitler üçin peýdalanmak howplary goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, biziň pikirimizçe, bu meseleler boýunça köptaraplaýyn gepleşikleri netijeli
ugra gönükdirmek üçin Türkmenistanyň teklip edýän çäreleri möhümdir.
Hususan-da, biziň ýurdumyz soňky ýyllarda BMG-niň meýdançalarynda durnukly
energetika, ulag, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ulgamlarynda halkara
parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak hem-de birnäçe beýleki ugurlar
boýunça Baş Assambleýanyň Kararnamalarynyň taslamalary bilen çykyş edip,
hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda yzygiderli ýagdaýda anyk çäreleri teklip
edýär. Bu başlangyçlara Milletler Bileleşigi tarapyndan barha anyk düşünilýändigi
hem-de biragyzdan giň goldawa eýe bolýandygy guwançly ýagdaýdyr.
Bitaraplyk syýasatynyň gurallarynyň peýdalanylmagynyň uly mümkinçiliklere
eýedigine dünýäde barha oňyn baha berilýändigi möhümdir.
Bitaraplygyň binýatlaýyn ýörelgeleri — parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyk
gatnaşyklaryna, netijeli hyzmatdaşlyga hem-de özara düşünişmäge, ýüze çykýan
meseleleri gepleşikler arkaly çözmäge, harby güýji ulanmazlyga, umumy ykrar edilen
halkara hukuk kadalaryna hormat goýmaga ygrarlylyk halkara bileleşigiň hem-de
onuň düzümleriniň bähbitlerine we gyzyklanmalaryna barha uly derejede kybap
gelýär. Birnäçe ýyl mundan ozal, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça dünýäniň
syýasy senenamasynda täze senäniň — 12-nji dekabrda bellenilýän Halkara
Bitaraplyk gününiň peýda bolmagy tötänleýin däldir.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe Kararnamalary, şol sanda “Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygy», “Halkara parahatçylyga, howpsuzlygy saklamakda we
pugtalandyrmakda durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny” atly
Kararnamalary biragyzdan hem-de birnäçe gezek kabul etmegi bitaraplyk
syýasatynyň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen
baglylykda, eýýäm 20-den gowrak döwletiň BMG-niň çäklerinde parahatçylygyň,
howpsuzlygyň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyny döretmäge goşulandyklary
guwandyryjy ýagdaý bolup durýar.
Biziň ýurdumyz tarapyndan parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde
Bitaraplygyň ýörelgelerini ulanmak boýunça BMG-niň kadalar toplumyny düzmek
işleri alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 25 ýyllyk
baýramçylygynyň çäklerinde geçen ýyl guralan çäreler bitaraplyk nazaryýetiniň we
tejribesiniň ösdürilmegine möhüm goşant bolup, döwletara hyzmatdaşlygyň bu
nusgasyna gyzyklanmalary artdyrdy.
Biz häzirki wagtda türkmen Bitaraplygynyň, hakykatdan-da, BMG-niň Merkezi
Aziýada strategik maksatlary ygtybarly durmuşa geçirmegiň, Owganystandaky
ýagdaýy kadalaşdyrmagyň, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda sebitleýin we
halkara köpugurly hyzmatdaşlygyň netijeli guraly hökmünde çykyş edýändigine
buýsanýarys. Şunuň bilen baglylykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda
Türkmenistan dünýä bileleşigine şu möhüm ugurlarda tagallalary birleşdirmegi hemde
bu meselelere aýratyn üns bermegi teklip edýär:
— halkara hukugy pugtalandyrmak, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy
saklamakda BMG-niň eýeleýän esasy ornuny tassyklamak;
— hukuk äsgermezçiligine hem-de umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna
biperwaý çemeleşilmegine garşy durmak;
— strategik durnuklylygy saklamak we pugtalandyrmak hem-de onuň aýrylmaz
bölegi bolup durýan ýaragsyzlanmak, ýarag serişdelerini artdyrmakdan, köpçülikleýin
gyryş ýaraglaryny ýaýratmakdan ýüz döndermek hereketini goldamak;
— halkara terrorçylyga hem-de serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylygyň beýleki
görnüşlerine garşy göreş.
Şunda BMG-niň terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny ornaşdyrmak esasy
şert bolup çykyş edýär:
— jedelleri we çaknyşyklary duýdurmagyň, olary öz wagtynda aradan aýyrmagyň
möhüm guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny goldamak we pugtalandyrmak;
— energetika, ulag, suw, azyk, maglumat we kiberhowpsuzlygy üpjün etmek,
bosgunlaryň we migrantlaryň meselelerini çözmek.
Koronawirus pandemiýasyna garşy göreş hem-de onuň netijelerini ýok etmek
boýunça halkara tagallalary raýdaşlyk, ynsanperwer ýörelgelerde birleşmek şu ýylyň
örän möhüm wezipesi bolup durýar. Ählumumy gün tertibiniň bu we beýleki örän
möhüm wezipeleri diňe düýpli şert — hoşniýetli erk-isleg, özara ynam, jogapkärçilik
we öňdengörüjilik, birek-birege hormat goýmak hem-de deňhukuklylyk ýörelgesi
berjaý edilende ýerine ýetirilip bilner.
Biz bu garaýyşlaryň many-mazmun bilen doldurylmalydygyna, ähli döwletleriň anyk
tagallalaryny goşmalydygyna, halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde olaryň
bilelikdäki işi üçin dünýägaraýyş binýady hökmünde çykyş etmelidigine ynanýarys.
BMG-niň Tertipnamasyna esaslanýan ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň
häzirki ulgamy 75 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda özüniň durmuşa ukyplylygyny
hem-de adamzadyň hakyky isleg-arzuwlaryna laýyk gelýändigini subut etdi. Elbetde,
ol kämilleşdirilip, üsti ýetirilip hem-de hakyky ýagdaýlara we häzirki döwrüň ösüş
meýillerine laýyklykda, täze görnüşler we nusgalar bilen baýlaşdyrylyp bilner. Emma
ol hiç bir ýagdaýda hem şübhe astyna alnyp, has beteri-de, ony ýykmaga
synanyşyklara sezewar edilip bilinmez. Şeýle hereketleriň netijeleri örän howply
bolar, muňa biziň ählimiziň doly derejede göz ýetirýändigimize ynanýaryn. Şol sebäpli
hem Türkmenistan hemişe BMG-niň köpugurly ygtyýarlyklara eýe bolan esasy
halkara düzüm, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy saklamagyň,
möçberlerine, ykdysady mümkinçiliklerine, dolandyryş usullaryna hem-de beýleki
ýagdaýlaryna garamazdan, islendik döwletiň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini
üpjün etmegiň daýanç sütüni hem-de kepili bolup galmagy ugrunda yzygiderli çykyş
edýär.
Bitarap ýurt hökmünde biziň ornumyz, dünýä hem-de onda eýeleýän ornumyza
garaýşymyz ähli halklara, olaryň özygtyýarly ösüş ýoluny saýlap almagyna, syýasy
hem-de durmuş-ykdysady nusgasyna, beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarynyň
mazmunyna hem-de ugruna hormat goýmak ýörelgesine daýanýar. Şeýle garaýşa
hyzmatdaşlarymyz ýokary baha berýär, Türkmenistana dünýäniň onlarça ýurdy bilen
dostlukly, özara deňhukukly gatnaşyklary durnukly hem-de yzygiderli ösdürmäge,
olar bilen özara düşünişmegiň, netijeli ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini
saklamaga, halkara edaralaryň işine netijeli gatnaşmaga mümkinçilik berýär.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Şu maslahatyň çäklerinde siz meseleleriň giň toplumyny ara alyp
maslahatlaşarsyňyz. Men bu pikir alyşmalaryň ösüşiň we döredijiligiň maksatlaryna
ýetmäge umumy tagallalar bilen ýardam bermek üçin birleşen pikirdeşleriň özara
ynama esaslanýan söhbetdeşligine öwrüljekdigine ynanýaryn.
Türkmenistan myhmanlary hemişe ak ýürek bilen garşylaýar hem-de biz şeýle
görnüşdäki meseleleriň giň toplumyny öz içine alýan söhbetdeşligiň ýurdumyzda
yzygiderli esasda geçirilmegini isleýäris. Munuň üçin iň amatly syýasy we
guramaçylyk şertlerini döredip, ähli zerur goldawy bermäge taýýardyrys.
Maslahata gatnaşýandygyňyz üçin meniň minnetdarlygymy kabul etmegiňizi ýene bir
gezek haýyş edýärin hem-de gyzykly we netijeli işlemegi arzuw edýärin.