Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisini geçirdi

Şu gün paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň açylyş
dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji
çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu çärelere hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Täze dolandyryş-işewürlik merkezi kemala gelýän Aşgabadyň günorta böleginde
bina edilen nobatdaky möhüm desganyň ulanylmaga tabşyrylmagy milli
senenamamyzyň şanly senesine — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň
30 ýyllygyna bagyşlandy.
Ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek, uzak möhletleýin geljegi nazarlap, onuň
düzümlerini kämilleşdirmek milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan täzeçil
şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Paýtagtymyzyň ýyl-ýyldan
özgerýän keşbinde mähriban Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň yzygiderli
depgini, köptaraply kuwwaty, halkymyzyň baý taryhy hem-de medeni däpleri
beýanyny tapýar.
Soňky ýyllarda döwrümiziň beýik binagäri — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde, gözelligi we oýlanyşyklylygy babatda
paýtagtymyzyň gaýtalanmajak binagärlik keşbi döredildi. Ol häzirki zamanyň
ýaşaýyş jaý toplumlaryny we bagy-bossanlyklary, durmuş ähmiýetli möhüm
desgalary, belent binalary özünde sazlaşykly jemläp, jemgyýetçilik-syýasy,
işewürlik, medeni we sport durmuşynyň merkezlerini emele getirýär.
Paýtagtymyzyň Arçabil şaýoly Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly
özgertmeleriniň alamatyna öwrüldi. Onuň ugrunda bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde
ak mermerli binalaryň onlarçasy peýda boldy. Iň döwrebap derejedäki Çandybil
şaýoly hem Köpetdagyň eteginde şäheriň şu bölegini gurmagyň täze baş ugruna
öwrüldi. Bu ýerde şu gün Halk Maslahatynyň Diwany täze bina göçüp geldi.
Tebigy dag görnüşleriniň alkymynda belent binalaryň haýran galdyryjy gözýetimine
sazlaşykly ornaşyp, giň gerimli toplum gündogar binagärliginiň iň oňat däplerini
hem-de dünýä şähergurluşygynda soňky gazanylanlary ajaýyp utgaşdyryp, nurana,
milli öwüşginleri özünde jemledi.
Mälim bolşy ýaly, toplumyň 2018-nji ýylyň martynda başlanan gurluşygy döwlet
Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda amala aşyryldy. Bu möhüm desganyň
buýrujysy Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligi,
potratçysy bolsa “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasy boldy. Bu
kompaniýanyň amala aşyran taslamalarynyň hatarynda belent ymaratlaryň örän
köp sanlysy bolup, şolar paýtagtymyzyň özboluşly ýüzüne öwrüldi. Gurluşyk üçin
6,39 gektar meýdan ýer bölegi bölünip berildi. Beýikligi 31,36 metre we uzynlygy
112 metre deň bolan binanyň daşky bezegleri häzirki zamanyň gözellik derejesine
bildirilýän talaplara laýyklykda, ýokary hilli serişdelerden ýerine ýetirildi. Binanyň
ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyryldy we gök bossanlyklar döredildi. Şeýle hem bu
ýerde üsti ýapyk we açyk awtoduralgalar gurnaldy, dikuçar meýdançasy göz
öňünde tutuldy.
Baýramçylyk görnüşinde bezelen täze binanyň öňündäki meýdançada joşgunlylyk
we şatlyk duýgulary höküm sürdi. Bu ýere gelen milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy,
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň täze saýlanan agzalary we Mejlisiň deputatlary
mähirli garşyladylar.
Bagşylar toparynyň çykyşy dabara döredijilik öwüşginini çaýdy.
Döwlet Baştutanymyz bagşylaryň ýanyna gelip, ýurdumyzyň medeni durmuşyna
işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de olara sowgatlary
gowşurdy.
Dabaraly pursat gelip ýetýär. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary
astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toý bagyny kesip,
binanyň içine girýär. Döwlet Baştutanymyz ilki ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmäge,
soňra bolsa ikiçäk duşuşyklary geçirmäge niýetlenen zallara baryp, giň we ýagty
otaglaryň içki bezeglerini gözden geçirdi. Bu otaglaryň diwarlaryna ajaýyp
bedewleriň we edermen alabaýlaryň, gözel Diýarymyzyň tebigy görnüşleri
şekillendirilen suratlar milli öwüşgin berýär.
Milli Liderimiz otaglaryň bezegine we döredilen amatlyklara mynasyp baha berip,
bu ýerde daşary ýurtly myhmanlar bilen duşuşyklary hem-de halkara derejeli
gepleşikleri geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn
resminamalara gol çekmäge niýetlenen zala bardy.
Däbe görä, döwlet Baştutanymyz ulanylmaga tabşyrylýan islendik desganyň
aýratynlyklary bilen tanşyp, onuň inženerçilik-tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyna
aýratyn üns berýär hem-de olaryň gurluşygynda ýokary hilli serişdeleri we täzeçil
tehnologiýalary peýdalanmagyň ähmiýetini nygtaýar. Munuň özi binalaryň
ygtybarlylygyny hem-de adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri
üpjün edýär.
Milli Liderimiz binany gözden geçirip, bu ýerde halkara derejeli maslahatlary,
hususan-da, Parlamentara assambleýanyň mejlislerini geçirmek üçin zerur bolan
ähli zatlaryň bardygyny belledi. Daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen gepleşiklerde
döwrüň möhüm meselelerine, şol sanda, milli Liderimiziň alyp barýan döwlet
syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan gender deňligi, öňden gelýän
hyzmatdaşlarymyz bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy
baradaky meselelere üns berilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binany gözden geçirenden
soň, kiçi mejlisler zalyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk
Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine
birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi açyp, Milli
Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalaryna hem-de Mejlisiniň deputatlaryna ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen
mejlisiniň taryhy ähmiýetini belledi, şonda Garaşsyz we hemişelik Bitarap
döwletimiziň Esasy Kanunyna Türkmenistanyň Konstitusion topary tarapyndan
taýýarlanan üýtgetmeler we goşmaçalar makullandy.
Şol Konstitusion kanunyň taslamasy halkymyz tarapyndan biragyzdan makullandy
hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatynda kabul edildi. Öňe sürlen
başlangyçlaryň esasy maksady döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň
işini kämilleşdirmekden hem-de täze taryhy şertlerde kanun çykaryjy häkimiýeti
amala aşyrýan täze ulgamy döretmekden ybaratdyr.
Konstitusiýamyza girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda,
«Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Kanun kabul edildi. Şu Kanuna laýyklykda,
ýurdumyzda iki palataly parlament döredilýär. Onuň döredilmegi döwletimiziň we
jemgyýetimiziň durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, hukuk we
dünýewi esaslaryny berkitmäge, häzirki zaman şertlerini üpjün etmäge
gönükdirilendir. Bu bolsa häkimiýetiň we halkyň ylalaşykly, ysnyşykly işlemegine,
her bir adamyň we ýurdumyzyň sebitleriniň bähbitlerine doly derejede hyzmat eder
diýip, milli Liderimiz belledi.
Saýlaw kodeksine hem üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigi nygtaldy.
Şonuň esasynda şu ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk
Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Bu saýlawlar ýurdumyzyň
jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli waka boldy. «Türkmenistan —
parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen, ata Watanymyzyň
Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenýän ýylynda bolup geçen bu saýlawlar
demokratik kadalar, giň bäsdeşlik, aýanlyk we açyklyk esasynda, jemgyýetçilik-
syýasy işjeňlik ýagdaýynda geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň öz işine
başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlap, onda guramaçylyk meseleleriniň birnäçesine
serediljekdigini aýtdy.
Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň gün tertibi tassyklanandan soň, döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça
merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi. Ol Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň
Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň netijeleri barada hasabat
berdi. Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowa ak mermerli paýtagtymyzyň — Aşgabat şäheriniň görküne görk
goşan Halk Maslahatynyň Diwanynyň täze binasynyň açylmagy mynasybetli tüýs
ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi hem-de Milli Geňeşiň täze palatasynyň ilkinji
düzümine alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ol milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz döwletimiziň syýasy
ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işiniň dowam edýändigini, jemgyýetçilik durmuşyny
demokratiýalaşdyrmaga aýratyn möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine laýyklykda, şu ýylyň 28-nji
martynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň
ilkinji saýlawlary munuň aýdyň subutnamasy boldy.
Saýlaw möwsüminde hödürlemek ýygnaklarynyň 56-sy geçirilip, Halk Maslahatynyň
agzalygyna dalaşgärleriň 112-si hödürlenildi. Dalaşgärleriň saýlawçylar bilen
duşuşyklary olaryň ählisi üçin deň şertleri döretmek bilen geçirildi.
Saýlawlar tutuş jemgyýetçiligiň üns merkezinde bolup, onuň demokratik ýörelgelere
laýyk geçirilişine milli synçylaryň 440-sy — syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik
guramalarynyň, raýat toparlarynyň wekilleri syn etdiler, olar saýlawlaryň açyklygyny
we aýdyňlygyny bellediler. Saýlawlarda ses berlişine Merkezi saýlaw toparynyň
internet-saýty arkaly onlaýn tertipde göni syn etmek mümkinçiligi hem döredildi.
Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen göni däl saýlawlara saýlawçylar işjeň
gatnaşdylar. Saýlawlara saýlawçylaryň 98,7 göterimi gatnaşdylar. 48 mandat üçin
112 dalaşgär bäsleşdi. Munuň özi 1 orun üçin 2-3 dalaşgäriň bäsleşendigini
görkezýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna jemi 48 agza
saýlanyldy, şeýle hem Aşgabat şäherinden 8 agza, ýurdumyzyň welaýatlarynyň her
birinden 8 agza saýlanyldy. Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlananlaryň 27
göteriminiň zenanlar bolmagy aýal-gyzlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy,
durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer durmuşyna işjeň gatnaşýandygynyň,
döwletimiziň zenanlaryň hukuklaryny giňeltmek boýunça uly işleri geçirýändiginiň
nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlananlaryň
hemmesi ýokary bilimlidir.
Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy hasabatyny jemlemek bilen, açyklyk we
aýdyňlyk ýagdaýynda, halkara kadalara laýyklykda geçirilen saýlawlaryň netijesiniň
Türkmenistanyň demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny ýene bir gezek äşgär
edendigini belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 78-nji maddasyna
laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Halk Maslahatynyň sekiz
agzasyny bellemek barada çözgüdini beýan etdi.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna K.Babaýewi,
G.Agaýewi, B.Orazmämmedowy, D.Gulmanowany, M.Taganowy, S.Gaýypowy,
M.Halnazarowy, Ç.Babanyýazowy bellemek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň
Permany okalýar.
Şeýlelikde, geçirilen saýlawlaryň netijesinde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk
Maslahatynyň agzalygyna ýurdumyz boýunça jemi 48 agza saýlandy hem-de
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen sekiz agza bellendi. Şol işleriň
ýurdumyzyň saýlaw kanunçylygyna doly laýyklykda geçirilendigi nygtaldy.
«Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 3-nji
maddasyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň täze saýlanan agzalarynyň
ygtyýarlyklary Halk Maslahatynyň täze çagyrylyşynyň birinji mejlisinde ykrar edilýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň Mandat toparynyň teklibi boýunça
Halk Maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakyndaky karary
kabul etmelidigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň agzalaryna Mandat toparynyň teklip
edilýän düzümini tassyklamak üçin Halk Maslahatynyň agzalarynyň wagtlaýyn
şahsyýetnamalaryny galdyrmak arkaly ses bermegi teklip edildi.
Mandat toparyny saýlamak barada karar kabul edilýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz arakesme wagtynda Mejlisiň komitetleriniň
ýolbaşçylary bilen gürrüňdeş boldy. Olar milli Liderimiziň kanunçylygy
kämilleşdirmek, ilatyň arasynda Garaşsyzlyk eýýamynyň gazananlarynyň
ähmiýetini düşündirmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de parlamentiň
işine öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça beren maslahatlaryny
üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen toplumlaýyn işleri barada habar berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli kanunçylygy jikme-jik
seljermegiň we mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini aýdyp, döwrüň
talaplaryna kybap gelýän täze kanunlaryň kabul edilmeginiň hukuk ulgamyny
ösdürmäge, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň we rowaçlygyň
ýoly bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz döwletimiziň kanun çykaryjylyk
esaslaryny has-da berkitmäge ýardam etjekdigini belledi.
Soňra Mandat toparynyň başlygy M.Geldiýew hasabat bilen çykyş etdi. Ol ilkinji
gezek geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň
türkmen döwletiniň demokratik sütünlerini pugtalandyrmak, ýurdumyzda asyrlaryň
jümmüşinden gözbaş alýan halk häkimiýetlilik ýörelgelerini berkarar etmek babatda
uly ähmiýete eýe bolandygyny belledi. Häzir bu ýörelgeler mynasyp dowam
etdirilýär hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we yzygiderli
durmuşa geçirýän syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.
Mandat topary Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça
merkezi toparyň beren resminamalarynyň esasynda Halk Maslahatynyň birinji
çagyrylyşynyň agzalarynyň ygtyýarlyklaryny gözden geçirdi. Hususan-da, ses
bermegiň ýokary guramaçylyk derejesinde hem-de Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň we Saýlaw kodeksiniň düzgünlerine, şeýle hem halkara hukugyň
kadalaryna laýyklykda geçirilendigi kesgitlenildi.
Soňra Halk Maslahatynyň agzalarynyň ses bermeginiň netijeleri boýunça Halk
Maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda Mandat
toparynyň hasabatyny tassyklamak barada karar kabul edildi.
Toparyň agzalaryna wagtlaýyn şahsyýetnamalary hemişelik şahsyýetnamalara
çalyşmagy guramak tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow arakesmeden soň, mejlisi
dowam etmek bilen, Halk Maslahatynyň täze saýlanan agzalaryny tüýs ýürekden
gutlady. Olara berk jan saglygyny, işde üstünlikleri arzuw edip, özlerine bildirilen
ynamy ödejekdiklerine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 80-nji maddasyna hem-
de «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 10-njy
maddasyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň agzalarynyň hataryndan Halk
Maslahatynyň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlamak, Halk Maslahatynyň
komitetlerini döredip, olaryň başlyklaryny saýlamak meseleleriniň mejlisiň gün
tertibine girizilen esasy meselelerdigini belledi.
Halk Maslahatynyň agzalarynyň adyndan Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine
milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlamak hakynda teklip beýan
edilýär.
Mejlise gatnaşyjylaryň el çarpyşmagynda Halk Maslahatynyň agzasy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ady gizlin ses bermek üçin býulletene girizilýär.
Şu mesele boýunça ses bermegi geçirmek üçin Ses sanaýjy topary saýlamak teklip
edilýär.
Halk Maslahatynyň agzalary teklip edilen düzüm bilen tanşyp, ony ses bermek
arkaly tassyklamak bilen, Ses sanaýjy topary hakyndaky karary kabul etdiler.
Toparyň saýlanylan başlygy H.Hajyýew Halk Maslahatynyň agzalaryna ses
bermegiň tertibini düşündirýär.
Soňra arakesme yglan edilýär. Onuň barşynda mejlisler zalynyň eýwanynda Halk
Maslahatynyň Başlygyny saýlamak üçin gizlin ses berilýär. Munuň özi ýurdumyzda
saýlawlaryň milli demokratik ýörelgeleriň esasynda geçirilýändiginiň nobatdaky
subutnamasyna öwrüldi. Şeýlelikde, mejlise gatnaşyjylar ykbal ähmiýetli çözgüdiň
kabul edilmegine mynasyp goşantlaryny goşdular.
Ses sanamak işi tamamlanandan soň, mejlis Halk Maslahatynyň Ses sanaýjy
toparynyň başlygy H.Hajyýewiň hasabaty bilen dowam etdi, ol ses bermegiň
netijelerini yglan etdi.
Hasabat Halk Maslahatynyň agzalary tarapyndan biragyzdan makullanyldy, olar
Halk Maslahatynyň Ses sanaýjy toparynyň teswirnamasyny tassyklamak üçin ses
berdiler.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hakynda karar
sese goýuldy, resminama biragyzdan kabul edildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň
agzalaryna ýüzlenip, olara bildiren ýokary ynamy — Türkmenistanyň Milli
Geňeşiniň iki palataly parlamentiniň döredilýän guramaçylyk döwründe
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ygtyýarlyklaryny,
şol bir wagtda amala aşyrmaga aýratyn hukugy berendikleri üçin tüýs ýürekden
minnetdarlyk bildirdi. Men bu waka uly hormatyň hem-de halkymyzyň öňündäki
belent jogapkärçiligiň nyşany hökmünde garaýaryn diýip, milli Liderimiz bu ynamy
ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigine, palatalaryň we tutuş Milli Geňeşiň doly
bahaly işlemegi üçin hemmetaraplaýyn kömek berjekdigine ynandyrdy.
Soňra Halk Maslahatynyň agzasy K.Babaýewi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk
Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlamak hakynda mesele sese
goýuldy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary
hakynda karar kabul edilýär. Halk Maslahatynyň Başlygynyň saýlanylan orunbasary
özüne bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza, Halk Maslahatynyň agzalaryna
hoşallygyny beýan edip, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň
durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen wezipeleri çözmek üçin ähli
tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow K.Babaýewi Halk
Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary wezipesine saýlanylmagy bilen gutlap, bu
wezipede alyp barjak işlerinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, islendik edaranyň işini netijeli alyp
barmak we dolandyrmak üçin onuň düzümini oýlanyşykly döretmegiň möhüm
ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Halk Maslahatynyň durmuşa geçirmeli işleri bilen baglylykda, onuň düzüminde bäş
komiteti döretmek teklip edildi. Olar Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak
baradaky komitet; Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitet;
Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitet; Sebitleýin ösüş,
daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitet; Halkara
meseleler baradaky komitet bolup durýar.
Göni ses bermek arkaly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň
komitetlerini döretmek hakynda Halk Maslahatynyň karary biragyzdan
tassyklanyldy.
Soňra Halk Maslahatynyň komitetleriniň başlyklaryny we olaryň orunbasarlaryny
saýlamak hakyndaky meselä garaldy.
Ilki bilen, Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak
baradaky komitetiniň başlygyny saýlamak baradaky meselä seredildi. Bu komitetiň
işiniň esasy maksady döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak
boýunça alyp barýan ynsanperwer syýasatyny kanunçylyk taýdan üpjün etmek
bolup, halkara hukuk kadalary esasynda kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de
kämilleşdirmekden ybaratdyr. Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak
baradaky komitetiň başlygy wezipesine Halk Maslahatynyň agzasy M.Taganow,
onuň orunbasary wezipesine D.Gulmanowa saýlanyldy.
Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiň esasy işi
Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny durmuşa
geçirmäge hem-de ýurdumyzy strategik taýdan özgertmäge gönükdiriler.
Döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmek hem-de ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň
depginli ösüşini üpjün etmek bolar. Şeýle hem senagat, maýa goýumlary we
innowasiýa işi, netijeli býujet, salgyt, bank syýasatyny alyp barmagyň hem-de kiçi
we orta telekeçiligi goldamagyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Halk Maslahatynyň agzalarynyň teklibi boýunça bu komitete G.Agaýew ýolbaşçylyk
eder. Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiň başlygynyň
orunbasary wezipesine M.Halnazarow saýlanyldy.
Soňra Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiň başlygyny
saýlamak hakynda meselä seredildi. Bu komitetiň esasy işi şol ugurlarda
kanunçylygy kämilleşdirmekden, raýatlar, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary,
ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary hem-de halkara guramalar bilen
ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr. Bu komitetiň agzalary halkymyzyň
hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilen täze
konsepsiýalary, döwlet maksatnamalaryny we meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga
hem-de amala aşyrmaga işjeň gatnaşmalydyrlar.
Ses bermegiň netijeleri boýunça ady agzalan komitetiň başlygy wezipesine
B.Seýidowa saýlanyldy.
Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky
komitetiň başlygyny saýlamak hakyndaky meselä geçmek bilen, bu komitetiň esasy
wezipesiniň şol ugurlarda kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmekden ybaratdygy
bellenildi.
Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky
komitetiň başlygy wezipesine Ç.Babanyýazow, komitetiň başlygynyň orunbasary
wezipesine B.Orazmämmedow biragyzdan saýlanyldy.
Soňra Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň başlygy
saýlanyldy, bu komitetiň esasy wezipesi Türkmenistanyň daşary syýasatyny
kanunçylyk taýdan üpjün etmek, şol sanda daşary döwletler bilen halkara
gatnaşyklary ösdürmek, Birleşen Milletler Guramasy hem-de beýleki abraýly
halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn ykdysady we syýasy hyzmatdaşlygy netijeli
dowam etdirmek bolup durýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu işler Halk
Maslahatynyň esasy wezipeleriniň biri bolmalydyr.
Halkara meseleleri baradaky komitetiň başlygy wezipesine M.Bäşimowa
biragyzdan saýlanyldy.
Bu meseleler boýunça Halk Maslahatynyň degişli kararlary kabul edildi.
Şeýlelikde, ýokary derejede guralan hem-de gadymy demokratik ýörelgelere
esaslanýan ses bermek kadasy geçirilen saýlawlaryň bildirilýän talaplara kybap
gelýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň
komitetleriniň täze saýlanan ýolbaşçylaryny tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan
saglygyny, alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Maslahat köşgüniň binasynda Halk Maslahatynyň agzalarynyň hem-de
Mejlisiň deputatlarynyň, Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň, ministrlikleriň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik
guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow mejlisi açyp, Halk Maslahatynyň guramaçylyk mejlisiniň
tamamlanandygyny aýtdy. Mejlisde birnäçe guramaçylyk meseleleriniň
çözülendigini belläp, döwlet Baştutanymyz Milli Geňeşiň täze palatasynyň öz işine
başlamagy bilen ýygnananlary gutlady.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Soňra milli Liderimiz Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowany we Halk Maslahatynyň
Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi prezidiuma çagyrdy.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Milli
Geňeşiniň iki palataly ulgamynyň döredilmegi bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Watanymyzyň durmuşynda täze tapgyryň başlanýandygyny belledi. Bu tapgyryň
esasy manysy ýurdumyzyň döwlet özygtyýarlylygyny we Garaşsyzlygyny mundan
beýläk-de berkitmek bilen baglydyr. Berkarar döwletimiziň baky Bitaraplyk hukuk
ýagdaýyny işjeň durmuşa geçirmekden, depginli durmuş-ykdysady ösüşini
gazanmakdan, hoşniýetli we ynsanperwer syýasaty amala aşyryp, dünýäniň ösen
döwletleriniň derejesine çykarmakdan ybaratdyr.
Mälim bolşy ýaly, iki palataly parlament dünýäniň köp ýurtlarynda üstünlikli hereket
edýär. Bu parlamentleriň öz ösüşiniň birnäçe tapgyryny geçendigini bellemek gerek.
Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasyny döwrebap ýagdaýa
getirmek üçin milli parlamentde jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň
bolmagyna amatly şertler döredilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz parlamentde häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň
çözülmelidigini hem-de kanunlary taýýarlamagyň we ulanmagyň ýagdaýynyň
gowulandyrylmalydygyny, kabul edilen milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine
gözegçiligiň güýçlendirilmelidigini belläp, şu maksatlara ýetmekde bilelikde,
arkalaşykly işlemegiň ýola goýuljakdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taryhy waka —
Türkmenistanyň döwlet gurluşynda täze kanun çykaryjy edaranyň, ýagny Milli
Geňeşiň Halk Maslahatynyň döredilendigi barada aýdyp, Halk Maslahatynyň birinji
mejlisinde ýolbaşçylary wezipä bellemek hem-de degişli komitetleri döretmek
barada kararlaryň kabul edilendigini habar berdi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna Türkmenistanyň
Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saýlanyldy. Halk Maslahatynyň
Başlygynyň orunbasary wezipesine K.Babaýewi saýladylar.
Halk Maslahatynyň amala aşyrmaly işleri bilen baglylykda, onuň düzüminde bäş
komitet, ýagny Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitet
(başlygy M.Taganow); Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitet
(başlygy G.Agaýew); Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky
komitet (başlygy B.Seýidowa); Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we
agrosenagat syýasaty baradaky komitet (başlygy Ç.Babanyýazow); Halkara
meseleler baradaky komitet (başlygy M.Bäşimowa) döredildi.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Mejlisiň
Başlygy Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň, “Türkmenistan
— parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň hem-de ak mermerli, merjen
şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň uly dabaralara beslenýän günlerinde täze
kanun çykaryjy edaranyň — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň
bilelikdäki mejlisine iki palatanyň agzalary bolup, deňhukuklylyk esasda
gatnaşmagyň miýesser edendigini belledi.
G.Mämmedowa munuň ýurdumyzyň durmuşynda taryhy wakadygyny belläp, Halk
Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň agzalarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň
Başlyklygyna biragyzdan saýlandygyny buýsanç bilen habar berdi.
Gahryman Arkadagymyzyň bu jogapkärli we hormatly wezipä biragyzdan
saýlanylmagy halkymyzyň rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan milli
Lideriniň töweregine mäkäm jebisleşendiginiň, hormatly Prezidentimize berk
ynamynyň aýdyň subutnamasydyr.
Garaşsyz Watanymyz ýokary depginler bilen ösýär, döwlet gurluşynyň esaslary we
parlament gurluşy kämilleşdirilýär. Örän gadymy medeniýetiň eýeleri bolan
türkmenler geçmişde ýüzýyllyklaryň dowamynda dünýäniň çar künjeginde ençeme
döwletleri gurupdyrlar.
Bu gün türkmen halkynyň baý taryhy mirasyna, döwlet gurmak tejribesine, onuň
syýasy we hukuk medeniýetine esaslanýan döwletliliginiň häzirki zaman
nusgasynyň kemala getirilmegi hem-de ösdürilmegi tutuşlygyna hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady hem-de beýik işleri bilen
baglanyşyklydyr.
Mejlisiň Başlygy mähriban halkymyza we ata Watanymyza birkemsiz gulluk
etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýän milli Liderimize Türkmenistanyň Milli
Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ygtyýarlyklaryny amala aşyrmakda
aýratyn hukuk berilmeginiň kanunalaýykdygyny belledi.
Ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi “Döwlet adam
üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatda öz beýanyny tapan baş maksada —
Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygynyň gazanylmagyna
gönükdirilendir. Biziň ýurdumyz taryhda ilkinji gezek iki palataly kanun çykaryjy
ulgama gadam basýar, iki palatanyň agzybirlikde we jebislikde işlemegini üpjün
etmekde milli Liderimiziň döwleti dolandyrmakdaky baý tejribesi möhüm ähmiýete
eýe bolar.
Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine
saýlanylmagy, şeýle hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň döredilip, öz işine
başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de milli Liderimize
berk jan saglygyny, başynyň dik, mertebesiniň belent, ömrüniň uzak bolmagyny,
halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan
beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw etdi. Döwletimiziň
durmuşyndaky bolup geçen taryhy waka halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň,
Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň durmuşyna işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň
subutnamasydyr.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa uly hormat bilen söz berildi.
Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, häzirki döwürde Türkmenistanyň giň gerimli
özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny, şoňa görä-de, Halk
Maslahatynyň agzalarynyň öňünde örän uly wezipeleriň durýandygyny nygtady. Biz
döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni babatda ösdürmek boýunça
kanun çykaryjylygy kämilleşdirmäge ýardam bermelidiris. «Döwlet adam üçindir!»
diýen şygarymyza esaslanýan ynsanperwer hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen ugrumyzy has netijeli durmuşa
geçirmäge hemaýat etmelidiris.
Nygtalyşy ýaly, şoňa görä-de, Halk Maslahaty öňde goýlan wezipelerden ugur alyp,
birnäçe möhüm ugurlar boýunça netijeli işlemelidir.
Raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak milli parlamentiň kanun
çykaryjylyk işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny
biziň milli tejribämize, halkara hukugyň kadalaryna laýyk gelmegini göz öňünde
tutýan ähli hukuklary we azatlyklary kepillendirýär.
Esasy Kanunymyza laýyklykda, her bir adamyň öz abraýyny we mertebesini hem-
de erkinligini goramaga, Türkmenistanyň çäklerinde erkin hereket etmäge, ýaşajak
ýerini saýlap almaga hukugy bardyr. Her bir adama pikir we söz azatlygy
kepillendirilýär.
Türkmenistanyň raýatlarynyň jemgyýetiň we döwletiň işini dolandyrmaga göni,
şeýle hem erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga, döwlet häkimiýet we
ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlamaga hem-de saýlanmaga hukugy
bardyr.
Türkmenistanyň raýatlarynyň öz ukyplaryna we hünär taýýarlygyna laýyklykda,
döwlet gullugynda işlemäge deň hukugy bardyr.
Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik beýleki ykdysady iş
bilen meşgullanmak üçin öz başarnygyny hem-de emlägini erkin peýdalanmaga
hukugy bardyr. Ol öz islegi boýunça hünär, kär hem-de iş ýerini seçip alyp biler.
Sagdyn we howpsuz iş şertlerini gazanyp, dynç alyp, saglygyny gorap, bilim alyp
biler. Ol medeni durmuşa gatnaşyp biler, onuň çeper, ylmy we tehniki döredijilige
erkinligi üpjün ediler.
Durmuşy we saglygy üçin amatly daşarky gurşaw dörediler. Ekologiýa
kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy heläkçilik netijesinde onuň saglygyna
hem-de emlägine ýetirilen zeleliň ýagdaýy hakyndaky ygtybarly maglumatlary
almaga we onuň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr.
Her bir raýatyň ýaşaýyş jaýyna, ýaşaýyş jaýyny almakda we edinmekde hem-de
özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmakda, durmuş taýdan üpjünçilikde döwlet goldawyny
almaga hukugy bardyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň
agzalarynyň raýatlaryň Esasy Kanunymyzda beýan edilen hukuklaryny we
azatlyklaryny goramak boýunça degişli işleri geçirmelidiklerini, döwletimiziň adam
hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça alyp barýan ynsanperwer
syýasatyny kanunçylyk taýdan üpjün etmelidiklerini, şeýle hem döwletimiziň
kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň adam hukuklaryny düzgünleşdirýän
kadalary esasynda mundan beýläk-de kämilleşdirmelidiklerini nygtady.
Adalat, içeri işler, prokuratura we beýleki hukuk goraýjy edaralaryň hukugy ulanyş
hem-de adalatly kazyýet işiniň halkara kadalara laýyklykda alnyp barylmagy Halk
Maslahatynyň agzalarynyň gözegçiliginde bolmalydyr.
Şeýle hem olar raýatlyk, jemgyýetçilik we dini guramalar hakyndaky, raýat, jenaýat
we administratiw kanunçylyk boýunça täze kanunçylyk namalaryny işläp
taýýarlamalydyr. Raýatlara hukuk kömegini bermelidir, olaryň hukuklaryny
goramalydyr.
Halk Maslahatynyň işi milli howpsuzlyk, goranmak we beýleki hukuk goraýjy
edaralaryň döwlet ulgamlarynyň işini kanunçylyk taýdan pugtalandyrmagyň hukuk
esaslaryny kämilleşdirmäge gönükdirilmelidir.
Şeýle hem döwlet gurluşy, kadalaşdyryjy hukuk namalary, harby gulluk,
mobilizasiýa, raýat goranyşy, ýangyn howpsuzlygy boýunça kanunçylyk işini alyp
barmagy esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Bu işler harby gullukçylary
durmuş taýdan goramagy, terrorçylyga, adam söwdasyna garşy göreşmegi, dessin-
agtaryş işlerini geçirmegi, adatdan daşary ýagdaýlary we beýleki ugurlary öz içine
almalydyr.
Milli Liderimiziň sözlerine görä, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek we ýurdumyzy strategik taýdan
özgertmek Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr. Bu işler
döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we ýokarlandyrmaga, depginli
ösüşini üpjün etmäge gönükdirilmelidir.
Bu çäreler senagatyň, maýa goýumlarynyň we innowasion işiň hukuk esaslaryny
kämilleşdirmegi göz öňünde tutmalydyr. Netijeli býujet, salgyt, bank syýasatyny alyp
barmalydyr hem-de kiçi we orta telekeçiligi goldamalydyr.
Bellenilişi ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de
berkitmek, gülläp ösmegini gazanmak, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna
goşulmagyny üpjün etmek, şeýle hem mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny
ýokarlandyrmak maksady bilen, durmuş-ykdysady ösüş boýunça ençeme
maksatnamalar kabul edildi.
Türkmenistanyň Mejlisi we Ministrler Kabineti bilen bilelikde Döwlet býujetini işläp
taýýarlamak hem-de tassyklamak boýunça degişli işler geçirilmelidir. Býujetiň
ýerine ýetirilişine, şeýle hem maýa goýum syýasatynyň, salgyt, bank we söwda
syýasatynyň amala aşyrylyşyna gözegçilik etmeli. Nyrhlary we bahalary emele
getirmek işiniň hukuk esaslaryny üpjün etmeli. Kiçi we orta telekeçiligi hukuk taýdan
goldamagy, kärhanalaryň eýeçiligini hem-de işini üpjün etmegiň kanuny esaslaryny
berkitmeli.
Biziň häkimiýetiň kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji şahalary boýunça alyp barýan
syýasatymyz bazar ykdysadyýetini ösdürmek bilen, demokratik, hukuk, dünýewi
döwleti, ynsanperwer, adalatly jemgyýeti döretmegi göz öňünde tutýar. Amala
aşyrylýan bu syýasat halkymyzyň ertirki güne bolan ynamyny artdyrýar, öz
Watanyna buýsanjyny we söýgüsini pugtalandyrýar. Biziň milli ykdysadyýetimiziň
depginli ösüşi jemgyýetimiziň hil taýdan täze derejä çykmagy üçin esas bolup
hyzmat edýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Bazar gatnaşyklaryna geçmegi çaltlandyrmak, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete
dahylsyz pudagyny ýokary depginler bilen ösdürmek önümçiligiň çalt hem-de
durnukly ösüşini talap edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ýurdumyzda telekeçiligi
ösdürmegi, daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmegi, hojalygy dolandyrmagyň
täze görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmagy talap edýär.
Ýangyç-energetika toplumynyň we beýleki möhüm pudaklaryň, şol sanda dokma
we himiýa senagatynyň, gurluşyk pudagynyň kuwwatyny ýokarlandyrmagy öz içine
alýar. Ulag-kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlaryny giňeltmek boýunça işleriň
depginini çaltlandyrmagy hem göz öňünde tutýar.
Milli Liderimiz ýurdumyzda giň möçberli ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak
bilen, pudaklary sazlaşykly ösdürmäge, çig mal öndürmekden taýýar harytlary
öndürmäge esasy üns berilýändigini belledi. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň
sebitlerinde senagat, oba hojalyk zolaklaryny we beýleki zolaklary döretmegi kanun
taýdan üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, şol
zolaklarda täze iş orunlaryny döretmegi höweslendirmek üçin kanun çykaryjylyk
derejesinde amatly şertleriň üpjün edilmelidigi nygtaldy.
Durmuş maksatly desgalaryň ilata elýeterli bolmagy, aýratyn-da, mätäçlik çekýän
raýatlaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin ýaşaýyş jaýlarynyň ýokary depginler
bilen gurulmagy örän möhüm wezipe bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz
sözüni dowam etdi.
Önümçilik kärhanalaryny, şol sanda senagat toplumlaryny ösdürmek biziň kabul
eden maksatnamalarymyzda göz öňünde tutulan möhüm wezipeleriň biri bolup
durýar. Munuň üçin bolsa çig mal serişdelerini we işçi güýjüni netijeli peýdalanmak
maksady bilen, degişli guramaçylyk, dolandyryş, maliýe we hukuk şertlerini
kämilleşdirmek zerurdyr. Şu nukdaýnazardan, biz welaýat we etrap merkezlerinde
köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagyny üpjün etmelidiris. Şeýle hem dürli
ugurlarda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleriň üstünde işlemelidiris. Bu
ugurda biziň ahyrky maksadymyz obalarda we şäherlerde her bir adam üçin amatly
ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz öňde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, ýerli ýerine
ýetiriji häkimiýet edaralary, ýagny Geňeşler, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň
Mejlisiniň obanyň öňdebaryjy ýaşaýjylary bolan mekdep mugallymlary, saglygy
goraýyş işgärleri bilen bilelikde ilat arasynda geçirilýän düşündiriş hem-de
terbiýeçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmalydyklaryny, şeýle hem oba ilatynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, kanunlary ýerine ýetirmek, hukuk
tertibini üpjün etmek hem-de her bir maşgalanyň meselesini öwrenmek boýunça
teklipleri taýýarlamalydyklaryny nygtady.
Biziň halkymyzda «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýilýär. Şoňa görä-de,
Geňeşler Halk Maslahatynyň agzalary bilen ysnyşykly gatnaşykda bolmalydyr, her
bir meseläni olar bilen ylalaşyp, geňeşip çözmelidir. Şolaryň üsti bilen Halk
Maslahatynyň komitetlerine öz çäkleriniň ykdysady, durmuş we medeni ösüşiniň
esasy ugurlary boýunça teklipleri garamak üçin bermelidir.
Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň agzalarynyň jemgyýetçilik durmuşynyň
we ähli wakalaryň içinde bolmalydygy, olaryň Geňeşleriň arçynlary we agzalary,
ýerli öňdebaryjy işgärler bilen ýygy-ýygydan duşuşyp, söhbetdeş bolmalydygy
nygtaldy. Şeýle pikir alyşmalar hereket edýän kanunçylyga üýtgetmeleri girizmek
üçin peýdaly maglumat almaga, täze kanunlary kabul etmäge we geçirilýän
özgertmelere işjeň häsiýet bermäge mümkinçilik döreder.
Şoňa görä-de, Halk Maslahatynyň komitetleri degişli ministrliklere we pudak
edaralaryna ýüz tutmak arkaly olaryň öňünde raýatlarymyzyň gyzyklanýan anyk
soraglaryny goýmalydyr. Öňe sürülýän soraglaryň öz wagtynda we doly
çözülmegini gazanmalydyr. Häkimiýetiň ýerine ýetiriji we kanun çykaryjy
şahalarynyň sazlaşykly işlemeginiň zerurdygyna hem üns çekildi.
Ylym, bilim, sanly ulgam, medeniýet, syýahatçylyk, sport we ýaşlar syýasaty
babatda kanunçylygy kämilleşdirmek hem Halk Maslahatynyň işiniň esasy
ugurlarynyň biri bolmalydyr. Halk Maslahaty raýatlar, Milli Geňeşiň Mejlisiniň
deputatlary, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary hem-de halkara
guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitläp, Halk
Maslahatynyň agzalarynyň halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de
gowulandyrmaga gönükdirilen täze konsepsiýalary, döwlet maksatnamalaryny we
meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga, durmuşa geçirmäge, şeýle-de ilat arasynda,
esasan hem, ýaşlaryň arasynda içeri we daşary syýasaty, milli kanunçylygy wagyz
etmäge işjeň gatnaşmalydygyny belledi.
Bu işler Watana söýgini döretmelidir, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-
dessurlarymyzy, maşgala mukaddesligini gorap saklamagy we hormatlamagy üpjün
etmelidir. Daşky gurşawy goramagy, sagdyn durmuş kadalarynyň, sanly ulgamyň
ähmiýetini, ýaramaz endiklere garşy göreşmegi gazanmalydyr.
Türkmen halkynyň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan ruhy dünýäsi häzirki
döwürde milletimiziň ruhy ýagdaýyny emele getirdi, jemgyýetimiziň gündelik
durmuşynda özara gatnaşyklaryň esasyna öwrüldi. Dostlugyň we ynsanperwerligiň
kadalarydyr kabul edilen düşünjeleri biziň dünýä halklary bilen alyp barýan
gatnaşyklarymyzyň esasyny düzýär we ählumumy parahatçylygyň hatyrasyna
ýokary maksatlara eýe bolýar. Milletimiziň ruhy galkynyşy maşgala ahlagyny we
garyndaşlyk gatnaşyklaryny hem öz içine alýar. Biziň halkymyz maşgala ruhy-ahlak
gymmatlyklaryny gorap saklamagy başardy diýip, hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow buýsanç bilen belledi.
Şunda döwlet Baştutanymyz demokratiýanyň we bitewi dolandyryşyň ilkinji
sapaklarynyň maşgaladan başlanýandygyny nygtady, sebäbi maşgala türkmen
jemgyýetiniň binýady bolup durýar.
Şuny nazara alyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşi maşgalany goldamaga gönükdirilen
işlere örän işjeň gatnaşmalydyr. Ilkinji nobatda, biziň çagalary terbiýeleýän
raýatlarymyzy iş bilen doly üpjün etmek möhümdir.
Jemgyýet diňe bir döwlet häkimiýet we dolandyryş edarasy bolman, eýsem, dürli
jemgyýetçilik guramalaryny öz içine alýan hereketlendiriji güýç hem bolup durýar.
Bu guramalar raýatlarymyzda ajaýyp geljege ynam döredýär, onuň isleglerini we
arzuwlaryny amala aşyrýar.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda
jemgyýetçilik guramalarynyň işini täze mazmun bilen berkitmek zerurlygynyň ýüze
çykandygyny nygtady. Olaryň işi we çözgütleri geljekde şu günüň talaplaryna, täze
özgertmeler zamanasynyň taglymatyna we syýasatyna laýyk gelmelidir.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Hökümet bilen bilelikde jemgyýetimizi we
halkymyzy ýaramaz endiklerden goramak boýunça hem maksada gönükdirilen
işleri alyp barmalydygy, ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, däp-
dessurlarymyzy wagyz etmelidigi, raýatlarymyzy Watana hem-de mähriban topraga
söýgi ruhunda mynasyp terbiýelemäge gatnaşmalydygy bellenildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny özgertmek
ideologiýamyzyň we syýasatymyzyň möhüm ugry bolup durýar. Bu bolsa
ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny, dünýä jemgyýetçiligine goşulmagynyň we
bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň esasy şertlerini düýpli döwrebap
ýagdaýa getirmegi talap edýär. Bu işler ykdysadyýetimiziň, ylmyň, tehnologiýalaryň
we medeniýetiň ähli ugurlarynda tejribeli, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak
bilen gönüden-göni baglydyr.
Şeýle hem ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde,
ylym, bilim, medeniýet, syýahatçylyk we sport ulgamlarynyň uly üstünlikleri
gazanandygy we ýokary derejä ýetendigi bellenildi.
Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek maksady bilen,
hünärmenleriň degişli taýýarlygy alnyp barylýar we innowasion tehnologiýalar
önümçilige ornaşdyrylýar.
Ýaşlar syýasaty hem biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biri bolup durýar. Biziň esasy maksadymyz ýaş nesillerimiziň häzirki
zaman bilimlerini ele almagyny, saglygyny we hemmetaraplaýyn ösüşini
gazanmagy üpjün etmekden, watançylyk ruhunda terbiýelemekden, olaryň
hukuklaryny hem-de durmuş kepilliklerini üpjün etmekden ybaratdyr diýip, milli
Liderimiz sözüni dowam etdi.
Halk Maslahatynyň agzalarynyň halkymyzyň medeni mirasyny goramak we geljekki
nesillere ýetirmek boýunça hem degişli işleri geçirmeginiň, milli ruhy-medeni
gymmatlyklary, däp-dessurlarymyzy dikeltmek boýunça işi dowam etmeginiň,
ilatymyzyň bilimini we umumy medeniýetini ýokarlandyryp, dünýä standartlaryna
ýetirmek we ene dilimizi ösdürmek babatda zerur işleri alyp barmagynyň
möhümdigi bellenildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň täze düzüminiň öňünde biziň
milli baýlyklarymyzy goramaga gönükdirilen kanun çykaryjylyk işini alyp barmak
boýunça hem uly wezipeler durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow nygtady.
Türkmenistanyň tebigaty biziň milli baýlygymyzdyr. Biz ony gorap saklamalydyrys
we miras hökmünde geljekki nesillerimize ýetirmelidiris. Biz adamlarda daşky
gurşawy ekologiýa taýdan goramagyň zerurlygy baradaky düşünjäni berkitmek,
ilatyň aňyna arassa ekologiýa düşünjesini ornaşdyrmak, topragymyzyň tebigy
baýlyklaryny aýawly peýdalanmak garaýyşlaryny terbiýelemek barada yzygiderli
alada etmelidiris. Şu meselede Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň öňünde oba
hojalygynda geçirýän giň gerimli özgertmelerimize ýardam berýän işleri amala
aşyrmak wezipesi durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Şoňa görä-de, oba hojalygyny dolandyrmagyň we gurluş özgertmelerini geçirmegiň,
ýer we suw serişdelerini aýawly peýdalanmagyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek
boýunça işleri durmuşa geçirmek zerurdyr. Bu işleriň maksady ýurdumyzyň azyk
garaşsyzlygyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, häzirki döwürde oba hojalygyny depginli
ösdürmek boýunça çäreleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy. Ýer we suw
serişdelerini aýawly peýdalanmak, ýerleri oýlanyşykly özleşdirmek, ähli agrotehniki
çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek üçin zerur işler alnyp barylýar. Azyk
önümlerini öndürmek bilen bagly döwlet hem-de hususy pudak ösdürilýär. Bu bolsa
ýurdumyzyň azyk bazaryny has-da giňeltmek, ony ýokary hilli we elýeterli bahadan
ýerli azyk önümleri bilen doly üpjün etmek üçin mümkinçilik berer.
Ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek hem Halk Maslahatynyň kanun çykaryjylyk işiniň
örän möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi obalarymyzy we şäherlerimizi
ösdürmegiň ýokary derejesini üpjün etmekdir, tebigaty gorap saklap, tebigy
baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdyr we ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny
berkitmekdir. Oba hojalygynda, ýagny ýer, suw, tokaý, atmosfera, howa, ösümlik we
haýwanat dünýäsi, ekologiýa seljerişi hem-de beýleki soraglar bilen bagly amala
aşyrylýan giň gerimli işlerdir. Muňa şeýle hem oba hojalygy babatda ekerançylygy,
maldarçylygy, tohumçylygy, seleksiýany, karantini, gaýtadan işleýän senagaty
ösdürmek, daýhan birleşikleriniň we hojalyklarynyň hem-de oba hojalygy we beýleki
meseleler bilen meşgullanýan başga kärhanalaryň işiniň hukuk üpjünçiligini amala
aşyrmak degişlidir.
Halk Maslahatynyň agzalarynyň ýerli wekilçilikli häkimiýet hem-de öz-özüňi
dolandyryş edaralarynyň işine-de uly üns bermeginiň zerurdygy barada aýdyp, milli
Liderimiz bu edaralaryň işiniň hukuk esaslaryny kämilleşdirmegi, geljekde olaryň
ygtyýarlyklaryny giňeltmegi, işine kömek bermegi esasy wezipeler hökmünde
kesgitledi. Beýleki häkimiýet we dolandyryş edaralary bilen hyzmatdaşlygy
kämilleşdirmegiň, ýurdumyzyň Hökümeti bilen işleri alyp barmak boýunça degişli
teklipleri işläp taýýarlamagyň zerurdygy nygtaldy.
Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Halk Maslahatynyň halkara
meselelere degişli geçirýän köptaraplaýyn işiniň-de möhüm orun eýeleýändigini
belledi. Dürli ýurtlar bilen halkara gatnaşyklary, Birleşen Milletler Guramasy we
beýleki abraýly halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny
ösdürmek Halk Maslahatynyň esasy wezipeleriniň biridir.
Biziň döwletimiz «Açyk gapylar» syýasatyny amala aşyrmak bilen, hemmeler üçin
düşnükli bolan anyk daşary syýasy ugry alyp barýar. Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde we bütin dünýäde häzirki zaman syýasy
garaýyşlarynydyr usullaryny ulanmak üçin giň mümkinçilikleri berýär. Bu bolsa
özara ynanyşmak hem-de düşünişmek üçin tagallalary birleşdirmek, medeni
gatnaşyklary ösdürmek, dünýä derejesinde umumy meseleleri çözmek üçin örän
möhümdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň öňe
sürýän başlangyçlarymyzy esaslandyrmak hem-de ösdürmek üçin daşary syýasy
ugurda beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlyk etmekde halkara hukuk
resminamalaryny işläp taýýarlamak boýunça kanunçylyk işiniň geçirilmegi hem
zerur bolup durýar.
Şeýle hem hyzmatdaş döwletlerimiziň ählisi bilen işjeň gatnaşyklary ösdürmek
zerurdyr. Türkmenistan hiç kimiň bähbitlerini çäklendirmeýär, şol bir wagtda bolsa
haýsydyr bir ugurda öz Garaşsyzlygynyň çäklendirilmegine, döwletimiziň içerki
işlerine gatyşylmagyna ýol bermeýär. Ýurdumyz esasy konstitusion gurluşyna we
hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ters gelýän ýagdaýlar hökmünde azatlykdan
zorlukly mahrum edilmegine garşy durýar.
Biz halkymyzyň düýpli bähbitlerinden ugur alýarys, bu bähbitler döwlet
häkimiýetiniň ýeke-täk daýanjydyr, öz Garaşsyzlygymyzy goramagy üpjün edýändir
diýip, milli Liderimiz nygtady.
Bize goşulyşmazlyk düzgünlerine eýerýän, döwlet Garaşsyzlygymyzy hormatlaýan,
deňhukuklylyk we özara bähbitli garaýyşlary ileri tutýan hyzmatdaşlar zerurdyr.
Şoňa görä-de, häzirki döwürde döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň
esaslaryny anyk kanunçylyk taýdan goldamak zerur bolup durýar diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
daşary ýurt firmalaryny we kompaniýalaryny bilelikde uzak möhletli hyzmatdaşlyk
etmäge çagyrmak syýasatynyň alnyp barylýandygyny belläp, geljekde hem daşary
ýurtly hyzmatdaşlarymyz üçin kanun esasynda amatly maýa goýum şertlerini
döretmegiň dowam ediljekdigini, kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň berkidiljekdigini,
tejribeli hünärmenleri taýýarlamagyň ulgamynyň kämilleşdiriljekdigini we beýleki
çäreleriň amala aşyryljakdygyny nygtady.
Biziň geçirýän özgertmelerimiz giňden ykrar edilýär we jemgyýetimizde biragyzdan
goldanylýar. Türkmen halky XXI asyryň täze döredijilik maksatlary bilen ruhlanyp,
häzirki döwürde örän jebisleşdi. Merdana halkymyz ýurdumyzyň ajaýyp geljeginiň,
ilkinji nobatda, ýadawsyz zähmet we döredijilik güýji bilen baglydygyna örän gowy
düşünýär.
Biz milletimiziň ruhy we bilim derejesiniň ösüşini üpjün edip, özboluşly milli
mirasyny umumadamzat gymmatlyklary bilen bilelikde hemmetaraplaýyn sazlaşykly
ösdürip, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegini, dünýäniň ösen ýurtlarynyň birine
öwrülmegini gazanýarys diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli
Geňeşiniň Halk Maslahatynyň täze düzüminiň ýurdumyzyň Hökümeti bilen
ysnyşykly işlemelidigini nygtap, Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde işlere
hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini, iki palatanyň, kanun çykaryjy we ýerine
ýetiriji häkimiýetiň döwletimiziň we jemgyýetimiziň bähbitleri üçin biri-biriniň
sazlaşykly işlemegine gönükdirilen işini guramakda ähli mümkinçilikleri
döretjekdigini aýtdy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynda kabul ediljek çözgütler
milletimizi birleşdirýän we ruhlandyrýan, halkymyzy täze belent sepgitlere
gönükdirýän hakyky kadalara öwrülmelidir. Biziň agzybirligimiziň öňünde ýetilmejek
maksat, ýerine ýetirilmejek iş ýokdur diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň täze
saýlanan agzalaryny gutlap, olara netijeli işlemegi arzuw etdi.
Siz ata Watanymyza wepaly hyzmat edip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we
Garaşsyz döwletimiziň abraý-mertebesini ýokary götermelisiňiz. Munuň üçin size
ähli mümkinçilikler we şertler döredildi. Siz dünýä tejribesi, beýleki döwletleriň
parlamentleriniň işi bilen tanşyň! Biz bu meselede size kömek bereris diýip, milli
Liderimiz sözüni jemledi hem-de Halk Maslahatynyň agzalarynyň Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kanun çykaryjylygy üpjün etmäge uly goşant
goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi we birnäçe gezek
şowhunly el çarpyşmalar bilen arasy bölündi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow prezidiumdaky ýerine geçýär.
Materiallar göçürilende, "Türkmenistan: Altyn asyr" saýtyna salgylanmak hökmandyr!
Milli Liderimiz bilelikdäki mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, bu gün — taryhy gün, biz
şu gün ýurdumyzda täze edarany — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk
Maslahatyny döretdik, diýip aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu waka bilen gutlap, iki
palataly kanun çykaryjy edaranyň döredilmeginiň Garaşsyz, baky Bitarap
döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
derejesini has-da gowulandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biziň öňümizde uly baýramçylyklar garaşýar. Nesip
bolsa, şu ýyl biz paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygyny hem-de Bitarap
döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny uly dabaralara besläp belläp
geçeris.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynlaşyp gelýän şu
ajaýyp baýramlar bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk
Maslahatynyň we Mejlisiniň birinji mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Milli Liderimiz ýygnananlar bilen hoşlaşyp, mejlisler zalyndan çykdy we bu ýerden
ugrady.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi