Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün paýtagtymyzda “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat”
paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş
dabarasy boldy. Şu mynasybetli dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 15-nji fewralynda gol çeken Kararyna
laýyklykda, gurluşygy amala aşyrylan bank ulgamynyň desgalarynyň açylmagy şanly
senä — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy, olar
ýurdumyzyň yzygiderli ykdysady ösüşiniň, halkymyzyň durmuş derejesiniň
ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
“Bouygues Batiment International” meşhur fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan
banklaryň täze binalary Aşgabadyň günorta böleginde, soňky ýyllarda paýtagtymyzyň
işewürlik merkezi kemala gelen Çandybil şaýolunyň ugrunda ýerleşýär.
Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň açylyş
dabarasynyň geçirilýän ýerine gelýär. Milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň,
ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, medeniýet işgärleri
garşylaýarlar.
Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary dabara ajaýyp öwüşgin çaýdy. Döredijilik
toparlary bu waka mynasybetli ajaýyp çykyşlaryny taýýarlapdyrlar. Sazly-
horeografiýa sahnasynda gündogar hökümdarlarynyň köşk gaznasynyň baýlygyny
görkezýän görnüşler, şonuň ýaly-da, asyrlaryň jümmüşinden gelýän söwda däpleri
janlandyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen
mähirli salamlaşyp, “Türkmenbaşy” bankynyň merkezi girelgesine barýar.
Dabaraly pursat gelip ýetýär — dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary
astynda milli Liderimiz toý bagyny kesýär, şol pursat asmana howa şarlary uçurylýar.
Döwlet Baştutanymyz bankyň täze binasy bilen tanşyp başlaýar.
Bank ulgamyny ösdürmek milli Liderimiziň ykdysady strategiýasynyň esasy
ugurlarynyň biridir. Ykdysady syýasatda maliýe-bank ulgamynyň edaralarynyň
eýeleýän möhüm orny olara berilýän wajyp wezipe bilen şertlenendir — şol wezipeler
halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň arasynda pul görnüşindäki serişdeleriň
netijeli paýlanylmagyny üpjün etmekden, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige
ukyply we täzeçil bolmagyna ýardam bermekden ybaratdyr.
Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda alyp barlan sazlaşykly döwlet syýasaty
netijesinde, milli bank ulgamy kemala getirildi. Onuň hereket etmeginiň binýadynda
goýlan düýpli ýörelgeler durmuş ugurly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýär.
Häzirki wagtda berkeýän bazar gatnaşyklarynyň we giň gerimli özgertmeleriň
şertlerinde banklaryň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmäge
“Türkmenistanyň bank ulgamyny 2011 — 2030-njy ýyllarda ösdürmegiň Döwlet
maksatnamasy” uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň bank ulgamynyň ygtybarlylygynyň
ep-esli ýokarlandyrylmagy şol maksatnamanyň doly durmuşa geçirilmeginiň esasy
netijesi bolmalydyr.
Maliýe edaralarynyň hünärmenleri döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan jogapkärli
wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin öz işlerini yzygiderli kämilleşdirýärler. Şol
jogapkärli wezipeleriň hatarynda manadyň durnuklylygyny saklamak, bank
hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak, müşderilere
hödürlenilýän hyzmatlar ulgamyna dünýä tejribesini, öňdebaryjy usullary we täzeçil
tehnologiýalary ornaşdyrmak, pul serişdeleriniň gyradeň dolanyşygyny üpjün etmek,
ilatyň pul serişdelerini maýa goýum hökmünde önümçilikde peýdalanmak üçin maliýe
dolanyşygyna girizmek, ykdysadyýeti, ilkinji nobatda bolsa, onuň ileri tutulýan
pudaklaryny karzlaşdyrmagyň möçberini artdyrmak, döwlet we pudaklaýyn
maksatnamalara laýyklykda, maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek wezipeleri
bar.
Bank işini kämilleşdirmek, hususan-da, karz berlişiniň möhüm ugurlaryny
kesgitlemek baradaky meseleler bank işini guramaga häzirki döwrüň ykdysady
ýagdaýlaryny hem-de döwlet ösüşiniň geljegini göz öňünde tutup, innowasion taýdan
çemeleşmegiň zerurdygyny belleýän hormatly Prezidentimiziň hemişe üns
merkezinde durýar. Bu ulgamyň hünärmenleri goýumçylaryň we maýadarlaryň
bähbitlerini goramak arkaly olaryň ynamyny gazanmagyň derejesini
ýokarlandyrmaga gönükdirilen uly işleri geçirýärler. Bank işini düzgünleşdirýän
kanunçylyk namalary halkara ölçeglere kybaplaşdyrylýar.
Soňky ýyllarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan
ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamyny ösdürmek maksady bilen başy
başlanan hem-de, ilkinji nobatda, önümçilik ulgamyny höweslendirmäge we täze iş
orunlaryny döretmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde
bank düzümleriniň hususy pudak bilen hyzmatdaşlygy barha uly gerime eýe bolýar.
Obasenagat toplumyny, ulag we aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, hyzmatlar,
saglygy goraýyş we syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly maýa
goýum taslamalary, şeýle hem telekeçilik işleriniň dürli, hususan-da, innowasion
görnüşleri ýeňillikli karzlaşdyrmaga degişlidir. Mundan başga-da, türkmenistanlylara
oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we satyn almak üçin ýeňillikli şertlerde karzlar
berilýär.
«Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky
hyzmatlaryň möçberi boýunça ýurdumyzyň esasy banklarydyr. Dürli ýaşdaky raýatlar
üçin «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň «Pensiýa», «Ruhubelent nesiller»,
«Watan gerçekleri», «Möhletli», «Zenan kalby» hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik
bankynyň «Täze manat — täze durmuş», «Çagalara niýetlenen maksatly goýum»,
«Ene-atalar hakynda alada», «Halkyň saglygy — Watan baýlygy», «Çagalar — biziň
geljegimiz», «Bähbitli» goýumlaryny nagt we nagt däl goýumlaryň mysaly hökmünde
belläp bolar.
Häzirki zaman bank düzümleri bu işleriň ýerine ýetirilmegine laýyk gelýär.
Türkmenistanyň banklarynyň köp bölegi hem-de olaryň şahamçalary öňdebaryjy
tehnologiýalar we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze binalarda ýerleşýär.
Banklaryň täze, häzirki zaman edaralary gurulýar we maliýe hem-de maddy-
enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar.
Munuň mysaly hökmünde şu gün ulanylmaga tabşyrylýan bank edaralarynyň on bäş
gatly belent binalaryny görkezmek bolar. Şol binalar paýtagtymyzyň işewürlik
böleginiň binagärlik toplumyna sazlaşykly utgaşýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenbaşy» döwlet
täjirçilik bankynyň binasyna baryp, maliýe edarasynyň täze desgasynyň binagärlik
aýratynlyklary bilen tanyşdy.
Binanyň umumy meýdany 17 müň inedördül metrden gowrakdyr. Edaralaryň birinji
we ikinji gatlarynda amallar zallary, depozitariýa, pulhanalar, mejlisler zaly we
naharhana, dürli maksatly beýleki otaglar ýerleşýär. Köp sanly gulluklar we
hünärmenleriň iş otaglary-da hemme zerur enjamlar bilen üpjün edildi. Täze binada
gymmatlyklary ygtybarly saklamak düzgünlerini we şol bir wagtda müşderilere
hyzmat edilmegini üpjün etmek üçin hemme şertler göz öňünde tutuldy.
Tanyşlygynyň dowamynda döwlet Baştutanymyza «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik
bankynyň gazanan üstünlikleri hem-de hünärmenler we müşderiler bilen işlemek üçin
onuň täze edarasynda döredilen şertler barada doly maglumat berildi.
Täze binada döwrebap kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen iş orunlarynyň 300-
den gowragy gurnaldy. Bankyň hünärmenleri bir wagtyň özünde 250-den gowrak
müşderini kabul edip, olara ýokary derejede hyzmat edip bilýärler.
Bankyň işgäri işlemäge döredilen şertler üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, sanly
ulgamyň kömegi bilen bankyň esasy ykdysady görkezijilerini hem-de hödürlenilýän
döwrebap bank hyzmatlaryny görkezmäge rugsat sorady.
Döwlet täjirçilik bankynyň ilkinji döredilen wagtyndan başlap, bu ýerde milli we daşary
ýurt pullarynda goýumlary kabul etmek, gymmatly kagyzlar bazarynda amallary, uzak
möhletleýin karz bermek hem-de pul geçirimleri we hasaplaşyklary geçirilýär.
Häzir «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň gullugy hem-de onuň 23 sany
şahamçasy tutuş ýurdumyz boýunça hereket edýär, 600 müňden gowrak müşderä
hyzmat edip, olara amatly goýumlaryňdyr hyzmatlaryň giň görnüşlerini, kiçi we orta
telekeçiligiň ösdürilmegini karzlaşdyrmak bilen birlikde, karz serişdeleriniň dürli
görnüşlerini hödürleýär.
Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky milli ykdysadyýeti ösdürmegiň
döwlet maksatnamalaryndan ugur alyp, özüniň işinde nebitgaz toplumy, ulag-
aragatnaşyk, gurluşyk pudaklaryndaky taslamalary maliýeleşdirmek meselelerine uly
üns berýär. Onuň karz beriş syýasatynyň esasy ugry ýurdumyzyň haryt öndürijilerini
goldamaga hem-de ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Bank işewürlik taslamalarynda karz bermek goldawyny amala aşyrýar. Şolaryň
hatarynda “Ýigit” ýyladyşhana toplumy hojalyk jemgyýeti, “Mizan” gallany gaýtadan
işlemek boýunça zawodlar toplumy hojalyk jemgyýeti, azyk önümlerini öndürmek
boýunça köp sanly kärhanalar bar. “Döwletli — Döwran” hojalyk jemgyýeti bankyň
karz beren serişdeleriniň hasabyna keramiki bezeg kerpiçleriniň, “Ak çeşme” hojalyk
jemgyýeti bolsa haly önümçiligini ýola goýdy.
“Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň maýa goýumlary döwlet düzümleri, şol
sanda nebitgaz, ulag-aragatnaşyk toplumlary, beýleki pudaklaýyn edaralar
tarapyndan hem ulanylýar.
Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky 2009-njy ýyldan başlap,
“Deutsche Bank Trust Company Americas”, “Deutsche Bank Frankfurt am Main” iri
dünýä banklarynda hasaplaryny açyp, müşderilere daşary ýurt pulunda eksport-
import söwda geleşiklerini bökdençsiz amala aşyrmaga mümkinçilik döretdi.
13 ýyl mundan ozal, SWIFT Bütindünýä bankara maliýe telekommunikasiýalar
jemgyýetiniň agzasy bolup, bank özüniň müşderilerine daşary ýurt pulundaky
tölegleri ibermek mümkinçiligini döretdi.
“Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky ilkinjileriň biri bolup, “Ýyldyrym” içerki pul
ibermeleriniň ulgamyny hem-de “Western Union” halkara elektron ulgamynyň işini
ýola goýdy.
“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň
Konsepsiýasyna” hem-de “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly
ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet Maksatnamasyna” laýyklykda, “Türkmenbaşy”
döwlet täjirçilik banky öz işini yzygiderli kämilleşdirýär.
Döwlet Baştutany bankyň onlaýn hyzmatlary bilen jikme-jik gyzyklandy.
“Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hünärmeniniň habar berşine görä, häzirki
zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bank amallarynyň köpüsini düýpli
kämilleşdirmäge mümkinçilik döretdi. Mysal üçin, bank hyzmatlarynyň doly toplumyny
öz içine alýan internet-bank ulgamynyň girizilmegi müşderilere öz serişdelerini uzak
aralykdan dolandyrmaga, dürli töleg amallaryny we beýlekileri amala aşyrmaga
mümkinçilik berýär. Onlaýn görnüşde karzlary resmileşdirmek, özüňiziň bank
hasaplaryňyzdan maglumatlary elektron görnüşinde almak, elektron tabşyrygyny
taýýarlap, internet arkaly töleg geçirimlerini amala aşyrmak mümkinçiligi bardyr.
Şonuň ýaly-da, onlaýn görnüşinde täze bank kartlaryny açmak, bu amal üçin zerur
resminamalary elektron görnüşinde ugratmak, hyzmatlar üçin tölegi “Altyn asyr” bank
karty arkaly amala aşyrmak mümkindir.
Hünärmen bankyň internet sahypasy arkaly müşderileriň jemagat hyzmatlarynyň
töleglerini nädip onlaýn görnüşinde amala aşyryp bilýändigini görkezdi. Müşderi zerur
sahypany açyp, peýdalanyjynyň adyny ýazmaly hem-de “şahsy otaga” girmeli. Bu
sahypada elektrik energiýasy, agyz suwy, gaz hem-de ýaşaýyş jaý tölegleri göz
öňünde tutulandyr.
Şonuň ýaly-da, onlaýn goýumlar boýunça bank amallary hem-de onuň ähli derejeleri
giňişleýin görkezildi.
Hyzmatyň kämilleşdirilen görnüşiniň, ýagny karz almak isleýän raýatlardan uzak
aralykdan elektron arzalary kabul etmek üçin hem-de müşderä bu arzalaryň derejesi
barada uzak aralykdan habar bermek üçin “onlaýn kabulhana” döredildi.
Bankyň bu hyzmatlary müşderilerde uly gyzyklanma döredýär. “Internet-bankingden”
hem-de “Mobil-bankingden” peýdalanýanlaryň sanynyň artmagy muňa şaýatlyk
edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bankyň täze enjamlary bilen
tanşyp, bu gün ýurdumyzda maliýe edaralarynyň netijeli işlemegi üçin ähli şertleriň
döredilendigini we banklaryň işiniň milli ykdysadyýetimizi onuň mümkinçiliklerine
gabat gelýän has ýokary sepgitlere çykarmaga niýetlenen toplumlaýyn
maksatnamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bank ulgamynyň öňünde durýan möhüm
wezipelere ünsi çekip, banklaryň milli walýutanyň hümmetini pugtalandyrmaga, karz
syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ähli tagallalaryny gönükdirmelidigini
nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy we ak mermerli Aşgabadyň 140 ýyllygy
bellenilýän ýylda durnukly içerki pul dolanyşygynyň wajypdygyna ünsi çekip, pul
serişdeleriniň möçberiniň sazlaşykly dolandyrylmagy boýunça çäreleri gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow pul-karz syýasatyny
oýlanyşykly geçirmegiň hem-de maliýe serişdelerini dolandyrmagy kämilleşdirmegiň,
karz serişdelerini ykdysadyýeti ösdürmek üçin maksatlaýyn ulanmagyň netijeliligini
ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi.
Milli Liderimiz bankyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, ony
sanlylaşdyrmagyň, goýumçylar üçin bähbitli şertleri döretmegiň, bank hyzmatlarynyň
ilat üçin elýeterliligini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara anyk
görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bank-maliýe düzümlerine häzirki zaman
usullaryny ornaşdyrmagyň, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, bu ugurda
dünýä tejribesini ulanmagyň mümkinçiliklerini düýpli öwrenmegiň şu günüň wajyp
talabydygyny nygtady.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bankyň işgärleriniň adyndan ulgamy
ösdürmek, onuň hünärmenleriniň netijeli işlemegi babatda döredilen şertler üçin tüýs
ýürekden hoşallyk beýan edildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetini
has-da ösdürmegiň, bank ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň we
döwrebaplaşdyrmagyň, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşyny ýaýbaňlandyrmagyň,
müşderilere hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmagyň we görnüşlerini
giňeltmegiň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bank ulgamynyň yzygiderli ösdürilmeginiň
Türkmenistanyň ykdysadyýetini täze sepgitlere çykarmaga mümkinçilik berjekdigini
nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz “Türkmenistanda 2011 — 2030-njy ýyllarda
bank ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň” mundan beýläk-de üstünlikli
durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini nygtady. Bu maksatnama milli ykdysadyýetimiziň
bazar gurallarynyň berkidilmegini hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-
ykdysady özgertmeleri göz öňünde tutmak bilen, bank ulgamynyň ygtybarly we
durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Bu ulgamyň edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda manadyň
durnuklylygyny üpjün etmek, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberlerini artdyrmak, bank
amallaryny kämilleşdirmek, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak hem-de täze
görnüşlerini ornaşdyrmak, dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýy göz öňünde tutmak
bilen, işlere yzygiderli seljerme geçirmek, maliýe serişdeleriniň maksatlaýyn
ulanylyşyna gözegçilik etmek, ykdysadyýete, ilkinji nobatda, onuň iri pudaklaryna
karzlaryň berlişiniň möçberlerini artdyrmak, döwlet hem-de pudaklaýyn
maksatnamalaryň çäklerindäki maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek
wezipeleri bar.
Milli Liderimiz bank işini kämilleşdirmek meselelerinde, hususan-da, karz berlişini
ösdürmegiň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde, şonuň ýaly-da, bank işini guramakda
häzirki döwrüň ykdysady ýagdaýlaryny hem-de döwlet ösüşiniň geljegini göz öňünde
tutup, innowasion taýdan çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady we şunuň bilen
baglylykda, degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň
kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra milli Liderimiz “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň açylyş
dabarasynyň geçirilýän ýerine ugrady.
Artistleriň ýerine ýetirmeginde ýaňlanýan sazlar we joşgunly aýdymlar
baýramçylygyň şowhunyny artdyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen
salamlaşyp, “Senagat” bankynyň merkezi girelgesine gelýär hem-de dabara
gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär we ýurdumyzyň iri täjirçilik
bankynyň işinde täze sahypany açýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz esasy girelgeden “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň
ikinji gatyna barýar hem-de täze edara binasynyň binagärlik aýratynlyklary bilen
tanyşýar. Onuň umumy meýdany 16 müň inedördül metrden gowrakdyr. Beýikligi
bolsa, 76,5 metre, ini 35,5 metre barabardyr. “A” toplumda dolandyryş, hojalyk we
tehniki otaglary ýerleşýär. 1-nji gatda 247 orunlyk maslahatlar zaly we beýleki otaglar,
2 — 11-nji gatlarda iş otaglary bar. Binanyň ýokarky gatlarynda bankyň
ýolbaşçylarynyň iş otaglary ýerleşýär.
Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzda bina edilýän häzirki zaman desgalarynyň
ählisinde bolşy ýaly, bank edarasynda işgärler üçin amatly, doly kompýuterleşdirilen
otaglary goşmak bilen, ähli şertler döredildi.
“B” toplumda ikinji gatda amallar zaly, müşderiler bilen işlemek üçin otaglar, kassalar
ýerleşýär. Şeýle-de bu ýerde gazna, naharhana, gulluk ulaglary üçin duralga bar.
Bina durmuş üpjünçiliginiň ähli ulgamlary bilen enjamlaşdyryldy. Binanyň içki bezeg
işlerinde milli nakgaşlygyň nusgalary ulanyldy. Binanyň girelgesiniň öňündäki gök
begresli meýdançada ýaş nahallar oturdyldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara amallary hem-de elektron
tölegleri dolandyrýan bölüme baryp, hünärmenleriň işlemegi we müşderilere hyzmat
edilmegi üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz amallar zalyna bardy. Bu ýerde hünärmen döwlet
Baştutanymyza sanly tehnologiýalar arkaly, bankyň ýeten sepgitleri hem-de onuň
mundan beýläkki innowasion işi üçin döredilen şertler barada gürrüň berdi.
Mälim bolşy ýaly, “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň öňdebaryjy
täjirçilik banklarynyň biridir, ýurdumyzda bankyň 13 şahamçasy hem-de bir bank
gullugy işjeň hereket edýär.
Bank ilkinjileriň biri bolup, kiçi we orta telekeçilige maliýe goldawyny berip başlady
Onuň hyzmatlaryndan hususy telekeçiler, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalar,
bilelikdäki kärhanalaryň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri peýdalanýarlar.
Mundan başga-da, bank ýurdumyzda gymmatly kagyzlaryň bazaryny guramak
boýunça işleri geçirýär. “Senagat” banky “Aşgabat gazna biržasy” ýapyk görnüşli
paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylaryň biridir.
“Senagat” banky 2008-nji ýylda SWIFT ulgamynyň agzalygyna birikdirildi. Bankyň
müşderileriniň daşary ýurt pulunda eksport-import söwda geleşikleriniň bökdençsiz
ýerine ýetirilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi.
«Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň «The Banker» žurnalynyň 2015-nji we 2016-
njy ýyllarda geçiren bäsleşikleriniň netijesinde, iki gezek «Türkmenistanyň iň gowy
banky» adyna mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Bu hormatly at degişli ulgamyň
edaralarynyň Türkmenistanyň bank bazarynda öňdäki orunlary eýelemeginiň
ykrarnamasydyr. 2013-nji ýylda Halkara işewürlik assosiasiýasynyň (Business
Initiative Directions) howandarlygynda Şweýsariýada (Ženewa ş.) geçirilen B.I.D hil
boýunça XXV Halkara Konwensiýasynda “Senagat” PTB «Century International
Quality ERA» baýragyna mynasyp boldy. Türkmen banky bu baýraga hil,
öňdebaryjylyk, tehnologiýalar we innowasiýalar üçin eýe boldy.
“Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň ileri tutýan ugry ýurdumyzyň haryt
öndürijilerini goldamakdan ybaratdyr. Bank ýuridik we fiziki şahslar üçin
karzlaşdyrmak, kepillendirilen depozit amallary, elektron pul geçirimleri, elektron
tölegleri we beýleki bank hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.
“Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň esasy maksady ilatyň pul serişdelerini
goýumlara çekmek bolup durýar. Şol serişdeler uzak möhletli maýa goýum
taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin zerur karz goýumlarynyň möhüm çeşmesine
öwrülýär.
Häzirki wagtda bank ilatyň isleglerini we tekliplerini nazara almak bilen, dürli şertleri
bolan goýumlaryň 9 görnüşini hödürleýär.
Karz syýasatyna laýyklykda, “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky bazarlary haryt bilen
doldurmak, täze iş orunlaryny döretmek bilen meşgullanýan hususy kärhanalar we
telekeçiler üçin amatly şertleri döredýär. Häzirki wagtda müşderileriň isleglerine
baglylykda, bank ýuridik şahslara we hususy telekeçilere önümçilik karzlarynyň dürli
görnüşlerini teklip edýär.
“Senagat” banky ulag hyzmatlary, saglygy goraýyş we bilim ulgamlary, hyzmatlaryň
beýleki görnüşleri üçin nagt däl hasaplaşyklaryň, bank karzlarynyň möçberini
artdyrýan döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri alyp barýar.
«Senagat» paýdarlar täjirçilik banky paýtagtymyzyň jemgyýetçilik ulaglarynda —
awtobuslarda tölemäge niýetlenen nagt däl hasaplaşygy üçin gurluşy oturtdy,
elektron kartlary boýunça nagt däl hasaplaşyk hyzmatlaryny ýola goýdy.
Bankyň işiniň sanly ulgama geçirilmegi müşderiler üçin mümkinçilikleri artdyrmaga,
nagt däl hasaplaşyklar boýunça amallary ösdürmäge, hyzmatyň hilini
ýokarlandyrmaga, hyzmatlaryň täze, döwrebap görnüşleriniň — «Internet-banking»,
«Mobil-banking», “Galtaşyksyz töleg”, «Goýum bank karty», «Maşgala», «Ýol karty»
hyzmatlarynyň peýda bolmagyna ýardam etdi.
Bank öz müşderilerine «Cash baсk» höweslendiriji hyzmatyny hödürleýär. Onuň
aýratynlygy degişli terminallaryň oturdylan ýerlerinde — iri söwda merkezlerinde we
jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda “Altyn asyr” ýa-da “Goýum” karz kartlary bilen
töleg geçirmek bolup, şunda her aýyň ahyrynda bank müşderiniň kartyna
hasaplaşygyň göterimini geçirýär.
«Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň hünärmeni döwlet Baştutanymyza
karzlaşdyrmagy kämilleşdirmek, edara-kärhanalara hem-de raýatlara hödürlenilýän
bank hyzmatlaryny giňeltmek hem-de hilini gowulandyrmak boýunça görülýän
toplumlaýyn çäreler barada maglumat berip, bankyň resmi saýty arkaly onlaýn ýüz
tutma hyzmaty barada jikme-jik gürrüň berdi. Şunda ol resmi
www.senagatbank.com.tm internet sahypasy arkaly karz almak işiniň tutuş tapgyryny
beýan etdi.
Internet söwdasy bankyň täze hyzmatlarynyň biridir. «Elektron söwda» hyzmaty
Internet arkaly harytlary we hyzmatlary hödürlemäge mümkinçilik berýär. «Elektron
söwda» hyzmatlaryna bolan isleg barha artýar, munuň özi nagt däl görnüşde elektron
söwdany amala aşyrýan bankyň müşderileriniň sanynyň köpelýändigini tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bankyň tehniki aýratynlyklary
bilen tanyşdy.
Hünärmen hormatly Prezidentimizi döwrebap bankomat bilen tanyşdyrdy. Ol dürli
amallary, şol sanda nagt däl tölegleri geçirmäge niýetlenendir. Şunda raýatlar
pullaryny kartyndan çekmek bilen çäklenmän, eýsem, töleg geçirip, kartynyň
hasabyny barlap bilýär. Bulardan başga-da, bankyň müşderileri kartlaryndaky puluň
möçberini tutumsyz artdyryp bilýärler, şunda olar bu amaly bank işgäri
gatnaşmazdan, özbaşdak geçirýärler diýip, hünärmen amalyň kadalaryny iş ýüzünde
görkezdi.
Şeýle hem şu ýerde hormatly Prezidentimize gadymy şaýy pullaryň nusgalary hem-
de asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan we milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegine
öwrülen zergärçilik sungatynyň önümleri görkezildi. Gymmatlyklaryň hatarynda ussat
zergärleriň zehini we ylham joşguny bilen döredilen nepis şaý-sepler — altyn we
kümüş bilezikler, gymmat bahaly daşlar bilen bezelen gülýakalar, ýüzükler, monjuklar
bar.
Bu ýerde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan çykarylan ýubileý we ýadygärlik
şaýy pullar hem bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bankyň işi bilen tanyşmagyny
tamamlap, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda
guramagyň, müşderilere hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň we olary
artdyrmagyň möhümdigini aýdyp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bankyň göterýän
adyna laýyklykda, halk hojalygynyň senagat ugurly ähli pudaklaryna hyzmat etmegi
bilen bagly meseläni öwrenmek barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Senagat ähli ugurlarda — gurluşykda hem, ulaglarda hem, beýleki ulgamlarda hem
bar diýip, döwlet Baştutanymyz bu ugurda geçiriljek işleriň 2030-njy ýyla çenli döwür
üçin ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamany üstünlikli amala
aşyrmaga hem-de halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna döwrebap
tehnologiýalary ornaşdyrmaga ýardam etjekdigini belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy
galdyrdy.
Döwlet Baştutanymyz bankyň işgärlerini täze jaý toýy bilen ýene-de bir gezek gutlap,
olara işde üstünlikleri arzuw etdi hem-de bu ulgamy ösdürmegiň we
döwrebaplaşdyrmagyň täze taryhy döwürde Türkmenistanyň ykdysady
strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen
mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi