Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýerip

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugynyň esasynda özara hormat goýmak we özara kömek bermek ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistan dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna ynsanperwer ýüküni ugratdy.
    Goňşy ýurtlar bilen netijeli, ynanyşmak gatnaşyklaryny ösdürmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ýörelgeleriniň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzakmöhletli geljege gönükdirilen hemişelik dostlukly we oňyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Iki ýurduň halklarynyň arasynda taryhy taýdan ýola goýlan gatnaşyklar häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
    Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Şol sebitleriň hatarynda ýakyn ykdysady we medeni gatnaşyklar ýola goýlan Astrahan welaýaty bar. Bu sebite Türkmenistanda öndürilen önümleriň iberilmegi hemmeler üçin iň çylşyrymly döwürde ýakyn goňşyňa doganlyk kömegini bermekde hoşniýetli erkiň nobatdaky ýüze çykmasydyr.
    Ýurdumyz özara kömek bermegiň köp asyrlyk däplerine eýerip, beýleki döwletlere we halklara kömek goluny uzatmaga hemişe taýýardyr. Ine, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýruklaryna laýyklykda, tutuş adamzat üçin hakyky synaga öwrülen koronawirus pandemiýasy sebäpli dörän çylşyrymly
ýagdaýlar bilen baglylykda, dostluk kömegini bermek maksady bilen, goňşy Owganystana we Eýrana ynsanperwer ýükleri ugradyldy.
    Bir söz bilen aýdylanda, Türkmenistan umumy abadançylyk üçin kuwwatyny amala aşyrmak arkaly, oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasyna ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýär.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi