RosStat we TürkmenStat has köp maglumat alyşmaga ylalaşdylar

    Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň Moskwada bolup geçen mejlisinyň barşynda ugurdaş pudak edaralarynyň arasynda birnäçe duşuşyklar geçirildi. Şeýle duşuşyklaryň biri hem RF-nyň döwlet statistikasy baradaky federal
gullugynda bolup geçdi.
    Rosstatyň başlygy Pawel Malkow hem-de Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy Sylap Welbegow özara hereketi giňeltmegiň we maglumatlary alyşmagyň anyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.. Hökümetara toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça gol çekilen, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen RF-nyň Federal gümrük gullugynyň arasynda
hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň ähmiýeti bellendi.
    Resminama özara söwda boýunça, eksport-import amallaryna baha bermäge usulyýet çemeleşmelerini kämilleşdirmek boýunça statistiki maglumatlar ulgamynda bilelikdäki işi güýçlendirmegi göz öňünde tutýar, bu ikitaraplaýyn söwda-ykdysaly gatnaşyklary
ösdürmäge ýardam eder.
    Türkmenstatda we Rosstatda özara hyzmatdaşlyk etmek babatynda oňyn tejribe bar. Russiýanyň stattistika gullugy türkmen kärdeşleri bilen öňdebaryjy tejribeleri alyşmagyň çäklerinde birnäçe çäreleri gurady, ýaşaýyş jaý rentasyny hasaplap çykarmagyň we
hasaba almagyň iň gowy tejribesini öwrenmek üçin we beýleki meseleler boýunça özara saparlar guraldy.
    Şu gepleşikleri dowam etmek bilen, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen RF-nyň döwlet statistikasy baradaky federal gullugynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamany taýýarlamak barada teklip aýdyldy
    Şeýle hem 2018-nji ýylyň awgustynda hazarýaka döwletleri (Russiýa Federasiýasy, Türkmenstan, Gazagystan, Azerbaýjan we Eýran) tarapyndan söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda bäştaraplaýyn ylalaşyga gol çekilendigi, onda şu ulgamda statistiki maglumatlary alyşmagyň goz öňünde tutulandygy bellendi.
    2019-njy ýylda Türkmenbaşy şäherinde I Hazar ykdysady forumy bolup geçdi, onuň barşynda hazarýaka döwletleriň ykdysadyýet we söwda ministrleriniň duşuşygy boldy.
    Forumyň jemleri boýunça kabul edilen resminamada (kommýunike) statistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümligi bellendi.
    Nobatdaky Hazar ykdysady forumy 2021-nji ýylyň 12-nji awgustynda Moskwa şäherinde bolup geçer, şol ýerde Türkmenstat bilen Rosstatyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekmek göz öňünde tutulýar.
    Taraplaryň pikirine görä, täze çarçuwaly resminama statistiki maglumatlary ýygnamakda täze maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, statistika ulgamyny sanlylaşdyrmak, onda DÖM-nyň görkezijilerini ulanmagyň meseleleri, statistiki ýazuwlary (ilat, oba
hojalyk ýazuwlary) ýaly derwaýs ugurlary öz içine almalydyr.