Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

12-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Wise-premýerleriň, birnäçe ministrleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi hem-de şu ýyl üçin ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň

meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz ir bilen “Oguz han” köşkler toplumyndan Ruhyýet köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde geçirilen mejlise milli parlamentiň ýolbaşçylary,Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, etraplaryň we paýtagtymyzyň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Milli Liderimiz ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer geçen ýylyň makroykdysady görkezijileri, döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hem-de maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlarynyň özleşdirilişi, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Ykdysadyýetiň düzüminde hususy ulgamyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak hem-de paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berildi.

Wise-premýer 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň netijeleri barada hasabat berip, jemi içerki önümiň 5,9 göterim artandygyny belledi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,1 göterim artdy, ykdysadyýetiň pudaklarynda durnukly önümçilik görkezijileri gazanyldy. 2020-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, bölek satuw haryt dolanyşygy 17,8

göterim artdy.

Geçen aýda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 178,9 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasy 83,1 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 10,4 göterim

ýokarlandy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamanyň çäklerinde, ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 105-siniň, 222,9 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy. Milli Liderimiziň garamagyna “Türkmenistanda 2021–2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýany tassyklamak hakyndaky” kararyň taslamasy hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen Karary makullady we oňa gol çekip, wise-premýere şu strategiýada göz öňünde tutulan çäreleriň hem-de işleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde

saklamagy tabşyrdy.

Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Geçen ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynyň netijeleri boýunça döwlet býujetiniň girdejileri boýunça meýilnama 101 göterim, çykdajylary boýunça –99,9 göterim ýerine ýetirildi.

Şeýle hem rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 121,4 göterim ýerine ýetirildi. 2021-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna, döwlet býujetiniň girdejileri 1,8 esse, çykdajylar bolsa 83,1 göterim ýerine ýetirildi. Şu ýylyň ýanwarynda balans toparlarynyň 7 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki

balans toparlarynyň 6 mejlisi geçirildi, hasabat döwründe döwlet emläginiň 13 desgasy hususylaşdyryldy.

2021-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde birnäçe desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň hem-de 44,7 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlandy.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwar aýynda ministrliklerde hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda bellenilen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Geçen ýylda senagat pudaklarynda, 2019-njy ýyldaky bilen deňeşdirilende ösüş gazanyldy, suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça 16,7 göterim, çalgy

ýaglary boýunça 11,7 göterim, polietilen boýunça 83,5 göterim, demir önümleri boýunça 1,6 göterim, plastmassadan edilen we aýna süýümli turbalar boýunça 45,8 göterim ösüş gazanyldy.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda gazanylan netijeler barada hasabat berip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebit koksynyň öndürilişi boýunça 58,7 göterim, sement boýunça 28,6 göterim, plastmassadan edilen we aýna süýümli turbalar boýunça 6,8 göterim, şöhlat önümleri boýunça 2,2 göterim ösüş gazanylandygyny aýtdy.

Hasabat döwründe aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 6,8 göterim artdy. Oba hojalyk toplumynda şu ýylyň ýanwarynda öndürilen gök önümleriň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,9 göterim, etiň öndürilişi 2,6 göterim, süýdüň öndürilişi 3,7 göterim we ýumurtganyň öndürilişi 2 göterim köpeldi.

Hasabat döwründe ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynda hem üstünlikler gazanyldy.

Milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, milli statistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ony sanly ulgama geçirmek, bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew ýolbaşçylyk edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygynyň çäklerinde geçen ýylda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, sanlylaşdyrmak, bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberlerini

artdyrmak we pul dolanyşygyny kadalaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyryldy.

Milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerine laýyklykda, şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň bank edaralarynda degişli işler alnyp baryldy. 2021-nji ýylyň 1-nji fewraly ýagdaýyna, ykdysadyýetimiziň hojalyk subýektleriniň maliýe serişdelerine bolan isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen karzlaryň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11 göterim

artdy.

Ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk bölegine berlen karzlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 14,6 göterim ýokarlandy. Ýeňillikli bank karzlarynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,1 göterim köpeldi. Şunda 1824 taslama maliýeleşdirildi. Oba hojalygynda zähmet çekýän önüm öndürijilere oba hojalyk tehnikalaryny, enjamlary satyn almak üçin berlen karz serişdeleriniň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 33,5 göterim artdy.

Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, ipoteka karzlarynyň berilmegi dowam etdi.

Pul dolanyşygyny kadalaşdyrmak, goýumlary çekmek, elektron düzümi netijeli herekete girizmek boýunça amala aşyrylan işler barada hem hasabat berildi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Geçen ýylda nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 100 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy –101 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy bolsa 101,7 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmekde 104,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmekde 104,4 göterim, polipropileniň öndürilişinde 102,2 göterim, suwuklandyrylan gazy

öndürmekde bolsa 116,7 göterim ösüş gazanyldy. Şeýle hem “mawy ýangyjy” eksport etmegiň we özleşdirilen maýa goýumlarynyň mukdary barada hasabat berildi. Şu ýylyň ýanwar aýynda nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 100,8 göterim, benziniň öndürilişiniň meýilnamasy 100,4 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 103,4 göterim, polipropilen öndürmegiň

meýilnamasy 102,5 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 115,9 göterim, “mawy ýangyjyň” eksportynyň meýilnamasy 110,6 göterim, maýa goýumlarynyň özleşdirilişiniň meýilnamasy 131,4 göterim ýerine

ýetirildi.

Şeýle hem nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylýan möçberi, buraw işleri hem- de 2D we 3D usullary arkaly seýsmiki barlaglaryň geçirilişi barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pudagy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, merdana ata-babalarymyzyň eziz Watanymyzyň at-abraýyny belende galdyrmak üçin ähli tagallalary edip, döredip, gurup, taryhda öçmejek yz goýup, ýaşap geçendiklerini belledi. Biz ata Watanymyzyň şan-şöhratyny belende göteren beýik şahsyýetlerimize tüýs ýürekden guwanýarys. Şoňa görä-de, olaryň atlaryny ebedileşdirýäris. Merdana pederlerimiziň ýoluny mynasyp dowam etdirmäge çalyşýarys. Eziz Watanymyzy dünýäniň nusgalyk döwletleriniň derejesine çykarmak ugrunda ähli tagallalary edýäris diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow

aýtdy.

Şu maksatdan ugur alyp, jemgyýetimizi döredijilikli zähmet çekip, täze, belent sepgitlere ýetmäge, beýik işleri amala aşyrmaga ruhlandyrmak, häzirki we geljekki nesilleri milli gymmatlyklarymyza buýsanç, beýik ynsanperwerlikkadalary esasynda terbiýelemek maksady bilen, beýik şahsyýetlerimiziň hatyrasyny belentde tutup, olaryň ýagty ýadygärligini ebedileşdirmek ugrunda zerur işleri alyp barýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şol beýik şahsyýetleriň hatarynda Alty Garlyýew, Maýa Kulyýewa, Bäşim Nuraly ýaly teatr, kino, aýdym-saz sungatynyň wekillerini, Şükür bagşy, Magtymguly Garlyýew, Sahy Jepbarow ýaly meşhur bagşy-sazandalary,A.Agabaýew, O.Ödäýew ýaly ýazyjy - şahyrlarymyzy, belli alymlarymyzy görkezmek bolar. Şeýle hem, biz ilatly ýerleriň, obalaryň we beýleki desgalaryň taryhy atlaryny dikeldýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisine Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny dakmak baradaky meselä seretmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Ý.Kakaýew ýurdumyzyň görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäridi. Örän uly tejribesi bolan halypady. Ol nebitgaz pudagynyň häzirki zaman ulgamynyň emele gelmegine, şol sanda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň döredilmegine we ösdürilmegine uly goşant goşdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ulag hem-de aragatnaşyk toplumynyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ulag-aragatnaşyk toplumynyň düzümlerinde 2020-nji ýylda önümçilik meýilnamasy 123 göterim berjaý edildi. Toplumyň 2021-nji ýylyň birinji aýynda önümçilik meýilnamasy 106,6 göterim

ýerine ýetirildi.

“Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 114,7 göterime barabar boldy. “Türkmenawtoulaglary” agentliginde bu görkeziji 100,4 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 102,2 göterime deň boldy. Hasabat döwründe “Türkmenhowaýollary” agentliginde hem degişli işler alnyp baryldy.

Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 104,6 göterim, ýük dolanyşygynyň meýilnamasy bolsa 106,2 göterim berjaý edildi. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça işleriň ösüşi

106,8 göterime barabar boldy.

Wise-premýer hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllardasanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hünärmenleri tarapyndan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi we ony döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenilen resminama gol çekdi hem-de degişli düzümiň ösdürilmelidigini belläp, sanlylaşdyrmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişini

işjeňleşdirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda 2020-nji ýylda we 2021-nji ýylyň ýanwarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzda desgalary işe girizmegiň maýa goýum maksatnamasy, şeýle hem “Himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak

baradaky” kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

2020-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda gurluşyk-senagat ulgamynda önüm öndürmegiň hem-de hyzmatlaryň meýilnamasy 118,4 göterim ýerine ýetirildi. Ösüş 122,5 göterime barabar boldy.

Şu ýylyň birinji aýynda gurluşyk-senagat ulgamynda önüm öndürmegiň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 131,6 göterim ýerine ýetirildi.Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 106,2 göterim ýerine ýetirilip, ösüş 102,4 göterime barabar boldy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 120,4 göterim ýerine ýetirilip, 120,6 göterim ösüş gazanyldy.

Energetika ministrligi boýunça elektrik energiýasyny öndürmegiň meýilnamasy 108,2 göterim ýerine ýetirilip, 106 göterim ösüş gazanyldy. Elektrik energiýasynyň eksporty boýunça meýilnama 127,7 göterim ýerine ýetirildi, ösüş 112,9 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmegiň we hyzmatlaryň meýilnamasy 177,2 göterim ýerine ýetirilip, 148,6 göterim ösüş gazanyldy. Aşgabat şäher häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 114,4 göterim berjaý edildi.

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzda desgalary işe girizmegiň maýa goýum maksatnamasyny, şeýle hem “Himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda işi ygtyýarlylandyrmakhakyndaky  Düzgünnamany tassyklamak baradaky” kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hereket edýän milli kanunçylyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi göz öňünde tutýan täze Düzgünnamanyň kabul edilmeginiň derwaýysdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, wise-premýere bu möhüm resminamany ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz şu ýyl üçin niýetlenen gurluşyk maksatnamasynyň meselelerine degip geçip, onuň çäklerinde uly işleriň geçirilmelidigini aýtdy.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 40 milliard manada golaýlaýar. Bu bolsa, zawod-fabrikleriň, hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň we öýleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, mekdepleriň, medeniýet öýleriniň, dolandyryş merkezleriniň, täze şäherçeleriňdir ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny hem-de durkuny täzelemegi öz

içine alýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny, aýratyn-da, ak mermerli paýtagtymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ulanmaga beriljek desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz gurluşygyň hiline aýratyn üns bermegi talap edip, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen ösdürmek we mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak işinde sanly ulgama geçmek, häzirki zaman tehnikalaryny we iň täze tehnologiýalary ulanmak, innowasion önümçilik düzümlerini döretmek esasynda amala aşyrylmalydyr diýip, belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekip, onda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça wise-premýere birnäçe

tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynda hem-de telekeçilik ulgamynda 2020-nji ýylda we şu ýylyň birinji aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer 5-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanymyzyň söwda toplumynyň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, sanly ulgamlary, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmak, içerki bazar hem-de eksport üçinýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak, pudagyň maliýe- ykdysady ýagdaýyny seljermek hem-de girdejileri köpeltmek boýunça zerur

çäreleriň görülýändigini habar berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda

dolanyşygynyň mukdary şu ýylyň ýanwar aynda, geçen ýylyň degişli döwri

bilen deňeşdirilende, 110,2 göterime barabar boldy. Öndürilen önümleriň ösüşi

111,5 göterime barabar boldy.

 

Dokma senagaty ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen

deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 117,1 göterime, nah matalaryň

önümçiligi 101,8 göterime, tikin we örme önümlerini öndürmek 123,2 göetrime,

gön önümlerini öndürmek 105 göterime barabar boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 106

göterim ýerine ýetirildi.

 

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar aýynda birža söwdalarynyň 24-si

geçirilip, 2 müň 434 şertnama hasaba alyndy.

 

Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 116,8 göterime

deň boldy.

 

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk

önümleriniň hem-de senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüşi degişlilikde, 155,6

göterime we 101,3 göterime barabar boldy.

 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik

edýän düzümlerinde 2020-nji ýylda we 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine

ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalarynyň

taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

 

Geçen ýylda Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi döredildi,

“Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny

ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň

işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy”we Türkmenistanda “Tebigy we takyk

ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy”

taýýarlanyldy.

 

Geçen ýylda Ylymlar akademiýasy tarapyndan ylmyň we tehnologiýanyň ileri

tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylýan işleriň 346-synyň ýerine ýetirilişine

gözegçilik edildi. 3 doktorlyk we 14 kandidatlyk dissertasiýalary goralyp, degişli

alymlyk derejeleri berildi.

 

Türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynyň 11-sine gatnaşyp, 12 altyn, 9

kümüş we 18 bürünç medallara mynasyp boldular.

2021-nji ýylyň ýanwar aýynda şu ugurlary döwrebaplaşdyrmak boýunça işler

dowam etdirildi.

 

Şu ýylyň birinji aýynda ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda

lukmançylyk ugry boýunça işler dowam etdi. Teleköpri arkaly saglygy goraýyş

boýunça IХ Türkmen-german forumy geçirildi. Russiýa Federasiýasynda

öndürilen “Sputnik-V” hem-de “EpiWakKorona” waksinalary resmi bellige

alyndy.

 

Şu ýylyň başyndan bäri teleköpri arkaly halkara guramalary we daşary

ýurtlaryň ugurdaş ministrlikleri bilen duşuşyklar geçirildi. “Türkmenistan—

parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli ylmy-amaly

maslahatlar, wagyz-nesihat çäreler guraldy.

 

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe

resminamalaryň taslamalaryny hödürledi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Gündogaryň beýik

akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300

ýyllygyny bellemek hakyndaky” Karara, 2021-nji ýylda aspirantura kabul ediljek

aspirantlaryň we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň

hem-de kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sanyny tassyklamak

hakyndaky Buýruga gol çekip, olary degişli derejede ýerine ýetirmek boýunça

wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” döwlet maksatnamasyny

rejelenen görnüşde tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasy barada aýdyp,

ýurdumyzyň welaýatlarynda täze ylmy-kliniki merkezli hassahanalaryň

gurluşygyny nazarda tutup, onuň üstünde işlemegi tabşyrdy.

Bu saglygy goraýyş desgalary keselleriň öňüni almak we bejermek üçin giň

mümkinçilikleri açar. Şeýle hem Aralyň adam saglygyna edýän ýaramaz täsirini

öwrenmäge, okuwlary hem-de ylmy we barlaghana işlerini geçirmäge

mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz belledi.

 

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, Wirusologiýa, bakteriologiýa we

epidemiologiýa ylmy-önümçilik merkezlerini hem gurmaly. Bu merkezlerde

epidemiologiýa, molekulýar mikrobiologiýa we immunologiýa ýaly ugurlarda

düýpli ylmy barlaglary geçirmek üçin şertler döredilmelidir. Şonuň ýaly-da,

olarda endemiki keselleriň we onuň döremeginiň sebäplerini ylmy taýdan

öwrenmek göz öňünde tutulmalydyr. Ýokanç keselleriň ýaýramagynyň

mümkinçiligi, öňüni alyş çäreleri, etiologik çeşmeleriniň täsiri kesgitlenmelidir.

Şeýle hem daşky şertler bilen baglylykda, barlaghana barlaglaryny geçirmegiň

serişdeleri boýunça öwrenmek guralmalydyr.

 

Bu merkezlerde epidemiologiýa, molekulýar biologiýa, wirusologiýa,

bakteriologiýa, gen inženeriýasy, biotehnologiýa, ekologiýa we biologiýa

howpsuzlygy babatda täze ylmy bilimleri almaga gönükdirilen düýpli ylmy-

barlag işleri geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly

Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu meseleleri ýene-de bir gezek

maslahatlaşyp, maksatnamanyň taslamasyny goşmaça işläp, Ministrler

Kabinetiniň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy.

 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän

ulgamlarynda 2020-nji ýylda we 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen

işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

 

Geçen ýyl iri medeni çäreler, sergiler, duşuşyklar, döredijilik bäsleşikleri,

aýdym-sazly dabaralar, medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga bermek

bilen bagly dabaralar guraldy.

 

Wideoaragatnaşyk ulgam boýunça dürli duşuşyklar geçirildi, halkara

hyzmatdaşlygy boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça meýilnama 108,9 göterim ýerine

ýetirildi.

 

Hasabat döwründe tele we radioýaýlymlarda ýurdumyzda bolup geçýän

wakalar giňden şöhlelendirildi, döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň

wakalaryna, milli däp-dessurlaryna bagyşlanan gepleşikler yzygiderli berildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli

dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk

komiteti döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

 

Garaşsyzlygyň şanly senesi hem-de türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygy

mynasybetli dürli döredijilik bäsleşikleri yglan edildi. Baýramçylyk dabaralaryny

ýokary derejede guramak maksady bilen, dünýäniň öňdebaryjy tejribesi

öwrenilýär.

 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri

R.Meredow Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ugruny

yzygiderli durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Daşary işler ministrligi

tarapyndan 2020-nji ýylda hem-de 2021-nji ýylyň ýanwarynda ýerine ýetirilen

işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

 

Geçen ýylda hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasynda resmi

saparda boldy hem-de ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan

Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy. Hasabat döwründe döwlet

Baştutanymyz onlaýn tertibinde geçirilen ýokary derejeli duşuşyklaryň we

forumlaryň birnäçesine gatnaşdy, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň

Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisine wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş

sekretary we daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly

söhbetdeşlikleri geçirildi. Olaryň barşynda umumy bähbitlere laýyk gelýän

ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri ara

alnyp maslahatlaşyldy.

 

Wise-premýer, daşary işler ministri 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň netijeleri

barada hasabat berip, şu döwürde bolan wakalaryň ähmiýetini nygtady.

Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň

Prezidentleriniň gatnaşmagynda telekörpi arkaly Akina-Andhoý beketleriniň

arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki-Şibirgan ugry boýunça elektrik

geçirijisiniň hem-de Ymamnazar –Akina we Serhetabat-Turgundy ugry boýunça

halkara optiki-süýümli aragatnaşyk hem-de üstaşyr akymlarynyň ulanylmaga

tabşyrylmagy mynasybetli gurlan dabara bar. Şu mynasybetli gesirilen

dabaralara teleköpri arkaly Prezidentiler Gurbanguly Berdimuhamedow we

Muhammad Aşraf Gani gatnaşdylar.

 

Ýene-de bir möhüm waka Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan

Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hazar deňzinde “Dostluk” ýatagynyň

uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek

barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy bilen

baglanyşyklydyr. Däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk döwletara

gatnaşyklarynyň ýokary derejesini alamatlandyrýan bu möhüm resminama gol

çekmek dabarasyna göni wideoaragatnaşyk arkaly iki ýurduň Liderleri

Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew gatnaşdylar.

 

29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça kabul edilen

Birleşen Milletler Guramasynyň baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy

bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna resmi taýdan

badalga berildi. Şu mynasybetli Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary

institutynda dabara geçirildi.

 

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, daşary işler ministri döwlet

Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30

ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň

“Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan edilmegi

mynasybetli halkara maslahatyny, dabaralary we çäreleri geçirmek hakyndaky”,

“Türkmenistanyň 2021–2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyny

tassyklamak hakyndaky”, “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň

işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky” kararlaryň

taslamalaryny hödürledi.

 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp we Kararlara gol çekip, wise-premýere, daşary

işler ministrine olary ýerine ýetirmek, şol sanda meýilleşdirilen ähli çäreleriň

ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek boýunça anyk

tabşyryklary berdi.

 

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk ulgamyny

döwrebaplaşdyrmak boýunça milli parlamentiň 2020-nji ýylda we şu ýylyň birinji

aýynda ýerine ýetiren işleri barada habar berdi.

 

Bellenilişi ýaly, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň çäklerinde we

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 11-nji

fewralynda deputatlar bilen geçiren duşuşygynda öňde goýan möhüm

wezipeleri nazara alnyp zerur işler durmuşa geçirildi.

 

Mejlisiň dört maslahaty geçirildi. Jemi 102 resminama, şol sanda 57 kanun we

milli parlamentiň kararlarynyň 45-si kabul edildi.

 

Mejlisiň 2021-nji ýyl üçin kanun çykaryjylyk işiniň meýilnamasy taýýarlanyldy.

Häzirki döwürde degişli ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş

edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda täze hukuk resminamalary

taýýarlanylýar.

 

Mejlis Merkezi saýlaw topary, welaýatlaryň häkimlikleri, syýasy partiýalar,

jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Halk Maslahatynyň agzalygyna

saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça degişli işleri alyp barýar.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, zerur bolan kadalaşdyryş-hukuk

namalary, düzgünnamalar we usulyýet gollanmalary, saýlaw resminamalarynyň

nusgalary, saýlaw toparlary, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlary, synçylar

we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin gollanmalar

taýýarlanyldy.

 

Parlamentiň deputatlary we hünärmenleri ikitaraplaýyn döwletara

gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, kanunçykaryjylyk işiniň mundan beýläk-de

kämilleşdirilmegini we döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün

edýän wideoduşuşyklara hem-de maslahatlara gatnaşdylar.

Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we netijeli daşary syýasatynyň,

ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň

şöhratly 30 ýyllygynyň ähmiýetini, hereket edýän kanunlaryň mazmunyny

düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň

demokratik, hukuk we dünýewi esaslarynyň berkidilmegine, ykdysadyýeti

ýokary ösüş depginleriniň üpjün edilmegine, raýatlarymyzyň abadançylyk

derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri durmuşa

geçirmegiň çäklerinde milli kanunçylyk binýadyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň

wajypdygyny belledi.

 

Hormatly Prezidentimiz ýubileý ýylynda ýurdumyzyň deputatlarynyň öňünde

Garaşsyz ýurdumyzyň geljekki ösüşini, onuň raýatlarynyň abadançylygyny

üpjün edýän täze kanunlary kabul etmek bilen baglanyşykly möhüm

wezipeleriň durýandygyny belledi. Deputatlar jemgyýetçilik wakalarynyň

jümmüşinde bolmalydyrlar, halkymyzyň oňyn çözgütlere we özgertmelere bolan

isleglerini işjeň öwrenmelidirler diýip, milli Liderimiz aýtdy.

 

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň

welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine söz berildi.

Ilki bilen Ahal welaýatynyň häkiimi Ý.Gurbanow 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen

işleriň meýilnamasy we şu ýyl üçin kesgitlenen wezipeler barada hasabat

berdi.

 

Soňra häkim şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky

hasabat bilen dowam etdi.

 

Häkim şu günler welaýatda bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak,

mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki kada laýyk derejede

alnyp barylýandygyny, 2021-nji ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak üçin

gowaça ekişinde ulanyljak tehnikalary we iş gurallaryny abatlamak işleriniň

tamamlanandygyny habar berdi.

 

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň

netijeleri barada hasabat berdi.

 

Welaýatyň ýolbaşçysy şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri

barada hem hasabat berdi.

 

Şunuň bilen baglylykda, häkim häzir ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan

agrotehniki çäreler, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine

taýýarlamak işleriniň agrotehniki kada laýyk derejede alnyp barlyşy, beýleki

gök-bakja ekinleriniň ekişine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow geçen ýylda sebitde

geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

 

Mundan başga-da, häkim welaýatda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen

işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Diýarymyzda azyk üpjünçiligini

pugtalandyrmak we bugdýayň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen,

ak ekinlere ideg etmek işleri agrotehniki kada laýyklykda alnyp barylýar. Häzirki

wagtda öňümizdäki ekişe taýýarlyk görmek boýunça işler ýokary depginde

dowam etdirilýär.

 

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi Lebap welaýatynyň häkimi

Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim 2020-nji ýylda ýerine

ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Soňra häkim şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat

berdi. Şu günler oba hojalygyny düýpli özgertmek boýunça öňde durýan

wezipelerden ugur alnyp, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki çäreler, ýaz

ekişine görülýän taýýarlyk işleri batly depginde gyzgalaňly dowam edýär.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen

işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

 

Şeýle hem häkim şu ýylyň ýanwar aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri

barada hasabat berdi. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça

öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda ak

ekinlere ideg etmek işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Şeýle hem gowaça

ekişine we beýleki ekinleriň ýaz ekişine taýýarlyk işleri agrotehniki kadalara

laýyk derejede dowam edýär.

 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik

edýän pudaklarynda 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine

ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

 

Geçen ýylda, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, oba senagat toplumyna degişli

ministrlik we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça önümçiligiň ösüşiniň

104 göterime barabar bolandygy bellenildi. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň

meýilnamasy 120,4 göterim ýerine ýetirildi.

 

Şu ýylyň ýanwar aýynda tutuş obasenagat toplumy boýunça önüm

öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberiniň ösüşi, geçen

ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,2 göterime deň boldy. Oba hojalyk

we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 104,3 göterime,

Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 103,6 göterime hem-de

“Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 104 göterime barabar boldy. Maýa

goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 125,2 göterim ýerine ýetirildi.

 

Şu günler pagtaçylar ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görýärler. Mallaryň baş

sanyny köpeltmek hem-de ot-iýmler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak

maksady bilen, geçen ýylyň güýz möwsüminde ýurdumyzyň welaýatlarynda

jemi 35 müň gektar meýdanda ot-iýmlik ekinler ekildi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,

“Ýurdumyzda 2021-nji ýylda bag ekmek hakyndaky” Karara, şeýle hem “2021-

nji ýylda ýurdumyzyň welaýatlary we etraplary boýunça suwdan

peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklamak hakyndaky” Buýruga

gol çekdi.

 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk

geňeşiniň sekretary Ç.Amanow 2020-nji ýylda we şu ýylyň birinji aýynda ýerine

ýetirilen işleriň netijeleri, giň möçberli harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa

geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly

Berdimuhamedowyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat

berdi.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Kiberhowpsuzlyk

boýunça döwlet topary hakynda” Düzgünnama laýyklykda, kiberhowpsuzlygyny

üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamasyndan we ony ýerine ýetirmegiň

2017-2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri talabalaýyk

ýerine ýetirmek maksady bilen, Kiberhowpsuzyk boýunça döwlet toparynyň

dört mejlisi geçirildi.

 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli goşunymyzyň tehniki taýdan

enjamlaşdyrylyşyny kämilleşdirmek, ähli düzümleriň ýokary söweşjeň

taýýarlygyny üpjün etmek arkaly döwletimiziň goranyş kuwwatyny

hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň wezipelerine ünsi çekdi we Garaşsyz

Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine hem-de halkymyzyň ynsanperwerlik,

hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine hemişe ygrarlydygyny belledi. Ýurdumyzyň

tutuşlyşgyna goranyş we parahatçylyk söýüjilik häsiýete eýe bolan Harby

doktrinasy hut şu ýörelgelere esaslanýar.

 

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna halkara

standartlaryna laýyk gelýän sanly ulgamy we maglumat-aragatnaşyk

tehnologiýalarynyň täze gazananlaryny yzygiderli ornaşdyrmak işleriniň amala

aşyrylýandygyny nazarda tutup, bu ulgamlaryň kiberhowpsuzlygyny üpjün

etmek boýunça utgaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny belledi. Şunuň bilen

baglylykda, kiberhowpsuzlyk ulgamynyň işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak

meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir.

 

Milli Liderimiz bu düzümlerde ýaýbaňlandyrylan hem-de harby we hukuk

goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine,

döwrebaplaşdyrylmagyna, harby gullukçylaryň hünär derejesiniň taýýarlygyna

hem-de degişli gulluklary we ýokary derejeli durmuşy üçin zerur şertleriň

döredilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň möhümdigini belledi we

Watan goragçylarynyň söweşjeň taýýarlygyny yzygiderli kämilleşdirmegiň hem-

de olara watansöýüjilik terbiýesini bermegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň

başlygy S.Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly

senesi mynasybetli ulanylmaga beriljek önümçilik we durmuş maksatly iri

desgalaryň hem-de binalaryň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat

berdi.

 

“Türkmenistan --parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda

geçýän 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly

Berdimuhamedowyň ulag, aragatnaşyk we elektrik energetikasy

ulgamlaryndaky iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça beren

tabşyryklaryna laýyklykda, birnäçe desgalary ulanmaga bermek boýunça

meýilleşdirilen işleriň ählisi öz wagtynda tamamlandy.

 

Çärjew etrabyndaky “Malaý” ýatagynda gaz gysyjy beket ulanylmaga berildi.

Wise-premýer paýtagtymyzyň şu ýyl ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän

desgalarynda dowam edýän gurluşyk işleri barada-da hasabat berdi.

Şanly senäniň hormatyna ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan önümçilik

we durmuş maksatly binalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün

edilmegi hem-de milli binagärlik ýörelgeler bilen häzirki zamanyň ösen

tejribesiniň utgaşdyrylmagy, gurluşyk serişdeleriniň hili we üpjünçiligi bilen

baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylýar.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,

gurluşyga öňdebaryjy tehnologiýalary we nou-haulary giňden ornaşdyrmagyň

zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz binagärlik

taslamalaryny işläp taýýarlamaga ylmy çemeleşmäniň hem-de olaryň maýa

goýum babatdaky bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegiň wajypdygyny

belledi.

 

Milli Liderimiz baýramçylyk desgalarynyň Garaşsyz Türkmenistanyň okgunly

ösüşiniň, onuň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly

özegrtmeler ýoly bilen ynamly öňe gitmeginiň nyşanydygyny belläp, wise-

premýere, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna alnyp barylýan gurluşyk

işleriniň barşyna we hiline gözegçiligi güýçlendirmegi, desgalaryň öz wagtynda

ulanylmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise

gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemledi. Milli

Liderimiziň belleýşi ýaly, geçen ýyl biziň üçin çylşyrymly we ýeňil bolmadyk ýyl

boldy. Şeýle-de bolsa, dünýä ykdysadyýetinde ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy

sebäpli ýüze çykan ähli kynçylyklara garamazdan, mähriban halkymyzyň

tutanýerli zähmeti netijesinde “Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan

edilen 2020-nji ýylda uly üstünlikler gazanyldy.

 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bellenen ähli meýilnamalaryň

diýen ýaly amala aşyrylandygyny aýtdy. Ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk

şanly baýramyna bagyşlanan ähli çäreler geçirildi. Üýtgewsiz ýörelgeleri,

Garaşsyzlygy hem-de Bitaraplygy, parahatçylygy we demokratiýany özünde

jemleýän kanunlary işläp taýýarlamak hem-de kabul etmek babatdaky işler

dowam etdirildi.

 

Konstitusiýa üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi bilen bagly ýokary

derejedäki kanun çykaryjy häkimiýeti üýtgedip gurmak – iki palataly Parlamenti

döretmek işi doly diýen ýaly tamamlandy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş

depginleri saklandy. Geçen ýylda jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterime, şol

sanda senagat pudagynda 3,3 göterime, söwdada 15,1 göterim, ulag we

aragatnaşyk pudagynda 4,7 göterime barabar boldy.

 

12 müňe golaý täze iş orunlary döredildi. Puluň hümmetsizlenmegi bellenen

çäklerde saklandy. Ata Watanymyzyň kuwwatyny we bäsdeşlige ukyplylygyny

ýokarlandyrmagyň ýolunda täze ädimler ädildi. Milli ykdysadyýetimiziň esasy

ulgamlary we pudaklary durnukly ösýär.

 

Göz öňünde tutulan maksatnamalaryň çäklerinde, gurluşyk pudagyna 38

milliard amerikan dollaryndan hem köp maýa goýum serişdeleri gönükdirildi

diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli

çeşmeleriniň hasabyna bahasy 8 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 45

sany iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar ulanylmaga berildi.

Başarjaň daýhanlarymyz we mülkdarlarymyz hem geçen ýylda oba hojalyk

ekinlerinden bol hasyl almagy başardylar. 1 million 500 müň tonna golaý

guşgursak bugdaý, bir million iki ýüz müň tonnadan hem köp pagta taýýarlap,

ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler diýip, döwlet Baştutanymyz

sözüni dowam etdi.

 

Kabul edilen döwlet maksatnamalarymyzy amala aşyrmagyň barşynda

şäherlerimiziň we obalarymyzyň, tutuş ýurdumyzyň keşbi düýpli özgerýär. Oba

milli maksatnamasyna laýyklykda, ähli üpjünçilik ulgamlary bolan täze

şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär.

 

Geçen ýyl meýdany 2 million inedördül metrden hem gowrak bolan ýaşaýyş

jaýlary, şol sanda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi

diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Netijede,

müňlerçe maşgalalar, şol sanda az üpjünçilikli maşgalalar jaý toýlaryny

toýladylar.

 

Ylym, bilim we terbiýeçilik ulgamlarynyň ösüşinde hem täze tapgyr başlandy.

Köp sanly çagalar baglary gurulýar, iň kämil tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan

täze ýokary okuw mekdepleri, saglygy goraýyş, medeniýet we sport edaralary

açylýar. Iň esasy zat bolsa, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi

ýokarlanyp, ertirki güne ynamy artýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Jemgyýetimizde demokratiýa we aç-açanlyk ýagdaýy barha giňden ykrar

edilýär. Ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tarap üýtgedip gurmak işleri

yzygiderli dowam edýär.

 

Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu ýyl üçin gowy býujet kabul

edildi, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň

möçberleri ýene-de ýokarlandyryldy.

 

Garaşsyzlygymyzyň, Bitaraplygymyzyň we raýatlarymyzyň asuda durmuşynyň

kepili bolan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranmak ukyby barha

pugtalanýar.

 

Türkmenistan ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen bir

hatarda, iri halkara guramalary bilen köpugurly özara hyzmatdaşlygy hem işjeň

ösdürýär. Şolaryň hatarynda BMG, ÝHHG, ŞHG, GDA, Goşulyşmazlyk

Hereketi we beýleki abraýly halkara guramalary bar.

 

Dünýäde parahatçylyk söýüji, netijeli daşary syýasaty alyp barýan Bitarap

döwletimiziň halkara abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyzyň öňe süren köp

sanly başlangyçlaryna abraýly halkara guramalarynda düşünmek bilen garalýar

we bu başlangyçlar uly goldaw tapýar.

 

Milli Liderimiz Bitarap Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi

pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmäge hem-de

hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly goşant goşandygyny we goşmagyny dowam

edýändigini belledi. Bularyň ählisi Garaşsyz Watanymyzyň dünýäde eýeleýän

ornuny berkitmäge we onuň abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly,

umuman, geçen ýyl köp sanly möhüm wakalara hem-de üstünliklere beslendi

we onuň taryhda hem-de halkymyzyň hakydasynda hemişelik galjakdygyny

ynamly aýtsa bolar. Sebäbi 2020-nji ýylda ýurdumyzyň örän köp tebigy

baýlyklary netijeli peýdalanyldy, döwletimiziň ägirt uly ykdysady kuwwatyny

ulanmak we milletimizi ruhy-medeni taýdan gülledip ösdürmek boýunça ägirt

uly işler bitirildi.

 

Döwlet Baştutanymyz gazanylan ähli üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň diňe

alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy, durmuşymyzy

gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy

netijesinde mümkin bolandygyny belledi. Şoňa görä-de, milli Liderimiz

Garaşsyz döwletimiziň gazanan uly üstünliklerine öz zähmeti bilen ýardam

edenleriň ählisine, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem-

de ýönekeý zähmetkeşlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara

ýüzlenip, ýurdumyzyň durmuşyndaky her ýylyň belli bir şygar boýunça

geçirilýändigini belledi. Şu ýyl üçin şygarymyzy “Türkmenistan– parahatçylygyň

we ynanyşmagyň Watany” diýip kesgitledik. Bu sözler uly many-mazmuny

özünde jemleýär.

 

Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, halkymyzyň watançylyk ruhunyň

ýokarlanmagynyň, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine,

onuň ykdysady kuwwatlyklarynyň berkidilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş

şertleriniň ýokarlanmagyna gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň

amala aşyrylmagyna ýardam berýändigini belledi.

Munuň özi biziň ählimize aýratyn jogapkärçilik hem ýükleýär. Şoňa görä-de, bu

şygary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin örän köp we tutanýerli zähmet

çekmelidiris.

 

Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýakynda geçirilen ýörite iş

maslahatlarynda 2020-nji ýylda ähli toplumlarda alnyp barlan işleriň netijelerine

seredildi, ýol berlen kemçilikleri düzetmek boýunça çäreler bellenildi.

Ýolbaşçylaryň indiki wezipesi işleri gowulandyrmak üçin berlen tabşyryklary we

bellenen çäreleri gysga wagtda ýerine ýetirmekden ybaratdyr.

Ata Watanymyzy üstünlikli ösdürmek üçin bize täze taslamalar, täze pikirler we

dolandyryş çözgütleri zerur. Şoňa görä-de, siz köp başlangyçlar bilen çykyş

etmeli, işjeň zähmet çekmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly

Berdimuhamedow belledi we hemmeleriň güýç-gaýratyny gaýgyrman

işlemekleriniň zerurdygyny aýtdy.

 

Biz geljekde hem beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan

önümleriň özümizde öndürilýän möçberini artdyrmalydyrys. Ýurdumyzyň

egsilmez tebigy baýlyklaryny özleşdirip, ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli

ulanmalydyrys.

 

Şu ýyl ähli ýolbaşçylaryň esasy wezipesi ilatyň ýaşaýşynyň hilini

gowulandyrmak, girdejilerini artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek we maýa

goýumlaryny çekmek bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şanly seneleri, ýagny mukaddes

Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk

baýramlaryny ýokary derejede belläp geçmelidiris.

 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäherinde

alnyp barylýan taýýarlyk işleri bilen gyzyklandy.

 

Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow häzirki döwürde şanly seneler mynasybetli

degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi we medeni

maksatnama taýýarlanyp, onuň çäklerinde dürli derejedäki döredijilik

bäsleşikleriň, aýdym-saz agşamlarynyň, çeper okaýyşlaryň, festiwallaryň we

sergileriň guraljakdygyny habar berdi. Meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede

geçirilmegi ugrunda taýýarlyk işlerine giň gerim berildi.

 

Döwlet Baştutanymyz bu seneleriň paýtagtymyzyň durmuşynda aýratyn

möhüm orun eýeleýändigini belledi. Meýilleşdirilen çärelerde ýurdumyzyň,

aýratyn-da, Aşgabat şäheriniň garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten derejesi,

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüşleri we şäher ilatynyň ajaýyp

durmuşy öz beýanyny tapmalydyr.

 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise

gatnaşyjylara ýüzlenip, 2020-nji ýylyň başynda ýylyň jemleri boýunça

welaýatda durmuş-ykdysady we medeni görkezijileri babatda iň ýokary

netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady

bilen däp bolan bäsleşigiň yglan edilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz

Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygyndaky ýörite toparyň bu bäsleşigiň

jemini jemländigini aýdyp, hasabat bermek üçin Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Milli merkeziniň başlygy G.Ataýewa söz berdi.

 

Bellenilişi ýaly, berlen maglumatlar, şeýle hem bilermenleriň seljermeleri

esasynda, 2020-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde iň gowy etrap

kesgitlenildi.

 

Şeýlelikde, geçirilen işlerde Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek

boýunça görkezijiler, bugdaý we pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn

borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, durmuş

meseleleriniň çözülişi, şol sanda ilatyň iş bilen üpjünçiligi, olaryň sagdyn

durmuş ýörelgelerine bolan gatnaşygy, medeni derejesiniň ýokarlanyşy, ösüp

barýan ýaş nesillere berilýän terbiýe we beýleki wajyp görkezijiler nazara

alyndy.

 

Bäsleşigiň jemleri boýunça Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky

etraby ýeňiji diýip yglan edildi.

 

Hormatly Prezidentimiz maglumaty diňläp, ýygnananlaryň el çarpyşmalary

astynda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkimligini

ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak

hakyndaky we bu bäsleşigi 2021-nji ýyl üçin yglan etmek hakyndaky

Buýruklara gol çekdi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň jemlerini

jemlemek bilen, ata Watanymyzyň özümize bagly bolmadyk kynçylyklara

garamazdan, parahatçylygy, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi gazanmak,

halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak

ugrunda ýerine ýetirilen işlere kanagatlanma bildirdi. Şeýlelikde, ýurdumyz we

hemmämiz bilelikde ynamly öňe barýarys.

 

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa

gatnaşanlara berk jan saglyk, uly üstünlik, mähriban halkymyza bolsa,

abadançylyk arzuw etdi.