Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
bilelikdäki giňişleýin mejlisi

11-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly
wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa ministrlikleriň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin
habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň
häkimleri hem çagyryldy.
Döwlet Baştutanymyz ýakynda ähli pudaklaryň ýolbaşçylary bilen iş
maslahatlarynyň geçirilendigini aýtdy. Şol maslahatlarda geçen ýylda edilen
işleriň netijeleri düýpli we jikme-jik seljerildi hem-de ýol berlen kemçilikleri
düzetmek boýunça guramaçylyk çäreleri bellenildi.
Milli Liderimiz şu gün ýolbaşçylary wezipä bellemek hem-de wezipeden
boşatmak bilen bagly meselelere, resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna,
şeýle hem käbir beýleki meselelere garaljakdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz, umuman, kanagatly netijeleriň gazanylandygyny aýdyp, işde
heniz köp sanly çözülmedik meseleleriň bardygyny belledi. Şol meseleleriň
üstünde netijeli işleri alyp barmak zerurdyr. Şu maksat bilen, döwlet
maksatnamalary kabul edildi we degişli wezipeler kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki
döwürde Milli Geňeşi döretmekden, pudaklary senagatlaşdyrmakdan, ylym-
bilim ulgamlaryna, oba hojalyk, nebitgaz toplumlaryna, hukuk goraýjy edaralara
we beýleki pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmakdan başlap, uly syýasy we
ykdysady özgertmeler geçirilýär.
Bu özgertmeleriň maksady ykdysadyýetimizi hil taýdan täze ýagdaýa
geçirmekden, demokratik, dünýewi, hukuk döwleti hökmünde Türkmenistany
bazar ykdysadyýetine durmuş taýdan gönükdirilen döwlet hökmünde
ösdürmekden, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli
ýokarlandyrmakdan ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz döwlet dolandyryş ulgamyny
mundan beýläk-de kämilleşdirmek, Hökümetiň işini has-da gowulandyrmak
maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň düzümine Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň ýene-de bir orunbasarynyň wezipesini girizmek, ony Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň agzalygyna hem-de Ýokary gözegçilik edarasynyň
başlygy wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy.
Täze wise-premýeriň wezipesi döwlet we jemgyýetçilik gurluşynda, bilim hem-
de saglygy goraýyş, maliýe-ykdysady ulgamlarda sanly ulgamy we innowasion
tehnologiýalary doly derejede ösdürmegi hem-de bu işlere gözegçiligi üpjün
etmekden ybaratdyr.
Döwlet Baştutanymyz bu ulgamlary ykdysadyýetiň önümçilik we dolandyryş
ulgamlaryna hem-de jemgyýetçilik durmuşyna ornaşdyrmagyň wajypdygy
barada aýdyp, gurluşyk pudagyny mysal getirdi. Bu pudakda köp sanly
meseleler we kemçilikler bar. Ýöne, bu kemçilikleri düzetmek boýunça hiç hili
özgertmeler geçirilmeýär.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki
döwürde Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň binýadynda gurluşyklar boýunça
ýeke-täk buýrujynyň gullugyny döretmek bilen, olaryň köpüsini çözüp
boljakdygyny, beýleki ministrlikleri we pudak edaralaryny wezipesine mahsus
bolmadyk işlerden boşadyp boljakdygyny aýtdy.
Gurluşyk pudagynda ýeke-täk döwlet buýrujysynyň döredilmegi, Döwlet
býujetiniň düýpli maýa goýumlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik
berer. Bu edara döwlet buýrujysynyň we desgalary gurujynyň wezipesini ýerine
ýetirer. Şeýle hem gönüden-göni ýa-da beýleki taraplary çekmek bilen, tehniki
buýrujynyň we gurluşyga gözegçiniň işini berjaý eder.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna
gözegçilik etmek, bu işe ýardam bermek zerurdyr.
Hökümetiň kömek bermegini we gözegçilik etmegini talap edýän ýene-de
çözülmeli köp meseleler bar. Şonuň üçin hem milli Liderimiz Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň ýene-de bir orunbasarynyň wezipesiniň girizilmeginiň
döwletimiziň öňünde häzirki döwürde şol ägirt uly wezipeleri çözmäge kömek
etjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary
gözegçilik edarasynyň başlygy we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy
wezipelerine Serdar Berdimuhamedowy belläp, ony senagat we gurluşyk
önümçiligi ministri wezipesinden boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz täze wise-premýeriň esasy işiniň önümçiligiň ähli
pudaklarynda, dolandyryşda we jemgyýetiň durmuşynda sanly ulgamy we
innowasion tehnologiýalary doly ösdürmegi hem-de ornaşdyrmagy üpjün
etmekden ybaratdygyny aýdyp, oňa jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw
etdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna hem-de häkimlere ýüzlenip, käbir
ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky çözgütlerini
beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine
B.Annamämmedowy belläp, ony ministriň orunbasary wezipesinden boşatdy.
R.Çarygulyýew, başga işe geçmegi sebäpli, Ýokary gözegçilik edarasynyň
başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden we Ýokary gözegçilik
edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Döwlet Baştutanymyz D.Täşliýewi Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň
orunbasary wezipesine belläp, ony Baş prokuroryň orunbasary wezipesinden
boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz T.Mälikowy Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň
orunbasary wezipesine belläp, degişli resminamalara gol çekdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow M.Meredowy işde goýberen
düýpli kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna
gözegçilik edýän orunbasary wezipesine Ş.Abdrahmanowy belläp, ony Halkara
nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşatdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz B.Atamanowy Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň rektory wezipesine belläp, ony Türkmen döwlet binagärlik-
gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşatdy.
Milli Liderimiz P.Orazowy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
rektory wezipesine belläp, ony şol institutyň prorektory wezipesinden boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi dowam edip, wise-premýer Ş.Abdrahmanowa
birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň işini gowulandyrmak üçin, ilkinji
nobatda, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda
öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň, özara bähbitli şertlerde
daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň zerurdygyny aýtdy.
«Türkmennebit» döwlet konserni nebit ýataklaryny gözlemek, işläp geçmek
babatda halkara kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işläp
taýýarlamalydyr, täze açylan ýataklary özleşdirmäge we köne ýataklardan
kynlyk bilen çykarylýan nebitiň galyndy gorlaryny çykarmaga daşary ýurt maýa
goýumlaryny çekmelidir.
Döwlet Baştutanymyz «Türkmengaz» döwlet konserniniň tebigy gazy we
gazhimiýa önümlerini ýerlemegiň bazarlarynyň gerimini giňeltmelidigini, täze
halkara bazarlaryna çykmagyň logistiki mümkinçiliklerini öwrenmelidigini
nygtady.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan–Owganystan–
Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depginini güýçlendirip, onuň
gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Täze gazhimiýa toplumlarynyň durnukly ulanylmagyny we taslama kuwwatyna
çykarylmagyny üpjün etmek, ýakyn geljekde gurmak göz öňünde tutulan tebigy
gazy gaýtadan işleýän täze zawodlaryň taslamasyny düzmek we olary gurmak
boýunça işleri çaltlandyrmak zerurdyr.
Wise-premýere ýokary tehnologiýaly önümçiliklerde we gaznebithimiýa
toplumlarynda işlemek üçin ýokary hünär derejeli işgärleri we ýaş hünärmenleri
taýýarlamagy üpjün etmek hem tabşyryldy.
Milli Liderimiz «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň nebitiň gorlaryny
artdyrmak we täze nebitgaz ýataklaryny açmak babatda gözleg-barlag işlerine
niýetlenen geologiýa-gözleg işleriniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny
nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
toplumy barada aýdyp, hojalygy dolandyrmagyň we nebit önümlerini
öndürmegiň täze usullaryny toplumlaýyn öwrenmegiň wajypdygyny belledi.
Nebithimiýa önümleriniň täze görnüşlerini öndürmegi ýola goýup,
bu önümleri halkara bazarlaryna çykarmagyň ýollaryny we ugurlaryny
giňeltmek zerurdyr. Şeýle hem önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy
üpjün etmek, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak, şonuň netijesinde
bolsa, şol önümleriň goşulan ýokary bahasyny artdyrmak möhümdir.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmy - barlag institutlarynyň
gazananlaryny hem-de işläp taýýarlamalaryny önümçilige ornaşdyrmagy
çaltlandyrmagy tabşyryp, şol edaralaryň bu ugurda öňdebaryjy tejribäni we
dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny özleşdirmelidigini nygtady. Şeýle hem
ýokary derejeli ylmy işgärleri taýýarlamak üçin, beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy
pudaklaýyn ylmy edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak zerurdyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz pensiýa gitmegi sebäpli, B.Amansaryýewi Döwlet
habarlar agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmak kararyna gelendigini
aýtdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TDH-nyň ýolbaşçysyna
döwletimiziň öňünde uly hyzmatlary bitirendigi üçin minnetdarlyk bildirip,
B.Amansaryýewi «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen
orden bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy hem-de oňa berk jan
saglyk we abadançylyk arzuw etdi.
Milli Liderimiz Döwlet habarlar agentliginiň başlygy wezipesine M.Gazakbaýewi
belläp, ony «Watan» gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşatdy.
Döwlet habarlar agentliginiň başlygynyň orunbasary wezipesine S.Kakyşow
bellenildi.
Milli Liderimiz T.Kakaýewany «Watan» gazetiniň baş redaktory wezipesine
belledi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Mämmedowa Döwlet habarlar agentliginiň işgärlerini ýygnap,
B.Amansaryýewe mynasyp bolan döwlet sylagyny gowşurmagy hem-de ony
pensiýa ugratmagy dabaraly ýagdaýda guramagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz B.Goçmollaýewi söwda we daşary ykdysady
aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesine belläp, ony Ministrler
Kabinetiniň bölüm müdiri wezipesinden boşatdy. S.Kuljanow bolsa,
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine
bellenildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz işde goýberen kemçilikleri üçin,
M.Baýramdurdyýewi oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri
wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri
wezipesine A.Altyýewi belläp, ony ministriň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa täze jogapkärli wezipesinde
üstünlikleri arzuw edip, welaýatlaryň guramaçylyk meselelerine geçdi.
Hormatly Prezidentimiz başga işe geçmegi sebäpli, J.Geldymamedowany Ahal
welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutanymyz bu wezipä A.Toporowany belläp, ony Ak bugdaý
etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Şu etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesine A.Orazowa bellenildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz G.Annaýewi işde goýberen kemçilikleri üçin,
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu
wezipä D.Hojaýewi belledi we ony şol etrabyň häkiminiň orunbasary
wezipesinden boşatdy.
Işde goýberen kemçilikleri üçin, A.Gurbanow Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň
häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu etrabyň häkimi wezipesine P.Orazow
bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz D.Babaýewi işde goýberen kemçilikleri üçin,
Babadaýhan etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy.
Bu etrabyň häkimi wezipesine P.Işangulyýew bellenilip, ol Tejen etrabynyň
häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Soňra Balkan welaýaty boýunça ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden
boşatmak baradaky meselelere garaldy.
Işde goýberen kemçilikleri üçin D.Ataýew Balkan welaýatynyň häkiminiň
orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Döwlet Baştutanymyz bu wezipä J.Annaýewi belläp, ony oba hojalyk we daşky
gurşawy goramak ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Başga işe geçmegi sebäpli, O.Gurbangulyýew Türkmenbaşy etrabynyň
häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä A.Arazmämmedowa
bellenildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başga işe geçmegi sebäpli,
S.Sähetowy Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň häkiminiň orunbasary
wezipesinden boşadyp, bu wezipä N.Hojamowany belledi.
Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýaty boýunça ýolbaşçylary wezipä
bellemek we wezipeden boşatmak baradaky meselelere geçip, G.Akyýewi işde
goýberen kemçilikleri üçin, Görogly etrabynyň häkiminiň orunbasary
wezipesinden boşadyp, bu wezipä Ş.Annaýewi belledi.
Şeýle hem işde goýberen kemçilikleri üçin, D.Baýdakow Boldumsaz etrabynyň
häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä K.Baýramgeldiýew
bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, Lebap welaýaty boýunça
ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky meselä
geçdi.
Başga işe geçmegi sebäpli, M.Durdyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň
orunbasary wezipesinden boşadyldy, bu wezipä J.Geldymamedowa bellenildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow J.Maşaripowy işde goýberen
kemçilikleri üçin, Çärjew etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Bu wezipä
A.Rozyýew bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz B.Gylyjowy işde goýberen kemçilikleri üçin, Döwletli
etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Bu wezipä E.Açilow bellenilip, ol şol
etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Mary welaýaty boýunça ýolbaşçylary wezipä
bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakyndaky meselä geçip,
M.Gurbanmuhammedowy işde goýberen kemçilikleri üçin, Garagum etrabynyň
häkimi wezipesinden boşatdy. Bu wezipä B.Ballyýew bellenildi.
Başga işe geçmegi sebäpli, G.Atanow Baýramaly etrabynyň häkiminiň
orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä M.Nurklyçewa bellenildi.
Şeýle hem başga işe geçmegi sebäpli, A.Seýitliýew Oguzhan etrabynyň
häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä A.Akmyradowa
bellenildi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we
olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Milli Liderimiz mejlisiň jemini jemläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasarlaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýerlerde ýygnaklary geçirip,
wezipä täze bellenen ýolbaşçylary tanyşdyrmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki
giňişleýin mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny,
maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp
barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.