Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

10-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly
wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň
ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeler ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna
gözegçilik edýän orunbasary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralaryň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň
rektorlary gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu toplumyň alyp barýan işi ýurdumyzyň
hemmetaraplaýyn ösüşi, Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünliklerihem-de
ýeten derejesi we halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşy bilen berk
baglanyşyklydyr.
Häzirki wagtda döwletimiz bu ulgamy ösdürmek üçin ähli zerur tagallalary
edýär. Iň kämil döwrebap enjamlar satyn alynýar, pudaklaýyn edaralar we
guramalar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça zerur işler amala
aşyrylýar. Ýöne, muňa garamazdan, heniz bu ugurda kemçilikleriň we
ulanylmaýan mümkinçilikleriň az däldigini bellemek gerek diýip, milli Liderimiz
sözüni dowam etdi.
Toplumyň işiniň döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilmegi, onuň
düzümleriniň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegi hem-de netijeliliginiň
ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň ösüşine, kabul edilen döwlet
maksatnamalarynyň öz wagtynda we doly ýerine ýetirilmegine, amala
aşyrylýan özgertmeleriň depginini çaltlandyrmaga oňyn täsirini ýetirmelidir
diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de şu
günki maslahatda bu meseleler boýunça degişli teklipleriň ara alnyp
maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş
maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen maliýe we ykdysadyýet ministri
M.Serdarowa söz berdi. Ol 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Ministr ýurdumyzyň durnukly maliýe-ykdysady ýagdaýy barada aýdyp, halk
hojalygynyň pudaklarynda gazanylýan önümçilik görkezijileri hakynda habar
berdi.
Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň
meýilnamasy 101 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 99,9 göterim
berjaý edildi. Ýerli býujetler boýunça hasabat döwründe girdejiler 102,2
göterim, çykdajylar bolsa 99,9 göterim ýerine ýetirildi.
Geçen ýylyň dowamynda balans toparlarynyň 119 mejlisi, şol sanda
sebitlerdäki balans toparlarynyň bolsa 104 mejlisi geçirildi.
Hasabat döwründe döwlet emläginiň 85-si hususylaşdyryldy.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna, milli ykdysadyýetimizi
ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi jemi içerki önümiň 22,4
göterimine barabar boldy. 2020-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasy 102,4
göterim ýerine ýetirildi. Şunda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň 55,7
göterimi önümçilik hem-de 44,3 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň
gurluşygyna gönükdirildi.
Şeýle hem "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky
şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek
boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli
maksatnamasynda" kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat
berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-
de okgunly ösüşini üpjün etmek boýunça öňde durýan birnäçe möhüm
wezipelere ünsi çekdi. Bölünip berilýän maliýe serişdeleriniň oýlanyşykly hem-
de rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek, telekeçiligi, kiçi we orta işewürligi
hemmetaraplaýyn goldamak boýunça anyk işleri geçirmek wajypdyr diýip,
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi
Milli Liderimiz bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň netijelerine nägilelik bildirip,
döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmagyň gurallaryny
kämilleşdirmek, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň maliýe-ykdysady
ýagdaýyna yzygiderli seljermeleri geçirmekhem-de önümçilik kuwwatlyklaryny
netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ykdysadyýete goşmaça maýa goýum
serişdelerini çekmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly ugurlara möhüm
üns berilmelidir.
Soňra zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylabowa söz
berildi. Ol geçen 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýyl Mejlisiň
deputatlary bilen geçiren duşuşygynyda beren tabşyryklaryna laýyklykda,
Türkmenistanyň “Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky” kodeksine hem-de
“Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna degişli
goşmaçalarywe üýtgetmeler girizmek boýunça teklipler taýýarlanyldy. Şonuň
ýaly-da, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň rejelenen görnüşiniň taslamasy
taýýarlanyldy we Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hödürlenildi.
Hasabat döwründe kanunçylyk namalaryndan gelip çykýan kadalaşdyryjy
hukuknamalarynyň 10-sy taýýarlanyp, bellenen tertipde tassyklanyp, herekete
girizildi. Kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeler girizilip, kämilleşdirildi.
Iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň
2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň ählsi
ýerine ýetirildi. Döwlet kömegine mätäç raýatlary iş bilen üpjün etmek bilen
baglanyşykly meseleler aýratyn gözegçilikde saklanylýar. Boş iş orunlary
baradaky maglumatlar ilat köpçüligine yzygiderli ýetirilýär.
Ministrligiň we Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň merkezi edaralarynda
elektron resminamalar dolanyşygy ulgamy işe girizildi.
Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna geçirimleriň ýyllyk meýilnamasy 110,6
göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 14,4
göterim artdy. 2020-nji ýylda raýatlaryň meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy
boýunça pensiýa toplamalarynyň möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirlende, 11
göterim ýokarlandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň
iş bilen üpjünçiligi babatda ministrligiň alyp barýan işlerine nägilelik bildirdi
hem-de iş üpjünçiligi boýunça hyzmatlary hödürlemegiň tertibini, iş
bazaryndaky ýagdaý hakynda maglumat bermegikämilleşdirmegiň zerurdygyny
aýtdy.
Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly senagat kärhanalarynyň
işe girizilýändigini hem-de önümçilige innowasion tehnologiýalaryň işjeň
ornaşdyrylýandygny, milli ykdysadyýetimiziň döwlete hem-de hususy eýeçilige
degişli böleklerinde täze hünärlere islegleriň barha artýandygyny nazara almak
bilen, işgärleriň täze hünärleri ele almagyna hem-de hünär derejesiniň
ýokarlandyrylmagyna uly üns bermek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz
belledi.
Soňra “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygy M.Hojagulyýew
ýolbaşçylyk edýän ulgamynda 2020-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Häzirki döwürde ýurdumyzda standartlaşdyryş, sertifikatlaşdyryş, metrologiýa,
zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak, senagat howpsuzlygyny üpjün etmek
boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hasabat döwründe ýurdumyza daşary döwletlerden getirilýän önümlere, jemi
içerki önümçilige, hyzmatlara, zähmet hem-de senagat howpsuzlygyna jemi 75
müň laýyklyk sertifikatlary resmileşdirildi. 585 müň 600 ölçeg serişdesi
barlagdan geçirilip, 1 müň 415 standartlar we tehniki şertler
döwrebaplaşdyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
gullukda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirip, öndürilýän önümleriň hem-de
harytlaryň, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hiline hem-de
howpsuzlygyna geçirilýän barlaglaryň dünýä tejribesinde umumy kabul edilen
standart hil derejesine laýyk gelmelidigini belledi.
Milli Liderimiz standartlaşdyrmagyň we sertifikatlaşdyrmagyň milli ulgamyny
ösdürmegiň Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm wezipesidigini
belläp, munuň öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak,
içerki bazarlary hili pes harytlardan hem-de hyzmatlardan goramak, önümçilige
sanly ulgamy we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly birnäçe
wezipeleriň çözgüdini üpjün edýändigini aýtdy.
Bu ulgamda ösen halkara tejribesiniň öwrenilmegine aýratyn ähmiýet
berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de bu babatda birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow ýolbaşçylyk
edýän edarasynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdebaryjy dünýä
tejribesini göz öňünde tutmak hem-de iş dolanyşygyna sanly ulgamy
ornaşdyrmak arkaly statistika ulgamyny kämilleşdirmek boýunça beren
tabşyryklaryndan ugur alnyp, geçen ýyl statistiki hasabatyň görnüşleriniň 35-
sine seljerme geçirildi. Statistika hasabatynyň görnüşlerine täzeden garamak
hem-de görnüşleriniň sanyny umumylaşdyrmak işleriniňnetijesinde, olaryň sany
azaldyldy.
Şonuň ýaly-da, usulyýet işlerini, statistiki amalyýet resminamalaryny
kämilleşdirmek boýunça işler geçirildi we bu ugurdaky işler dowam etdirilýär.
“Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň
Konsepsiýasyndan” ugur alnyp, Statistika baradaky döwlet komitetiniň sanly
ulgama geçmek boýunça 2020-2021-nji ýyllar üçin iş meýilnamasy işlenip
düzüldi hem-de onuň çäklerinde,komitetde elektron resminama dolanyşygy
ornaşdyryldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de resmi statistika ulgamynyň
işiniň hilini we dolandyryş ulgamyny,statistika maglumatlarynyň
taýýarlanylyşynykämilleşdirmegiň möhüm meselelerini öz içine alýan
özgertmeleriň göwnejaý guralmagynyň zerurdygy barada aýdyp, bu babatda
degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziňhem-de
jemgyýetimiziň häzirki döwürdäki ösüşinde statistikanyň ornuny we ähmiýetini
nygtap, Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysyna komitetiň işini
dünýä tejribesine laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek, sanly ulgamy
ornaşdyrmak hem-de statistika hasabaty ulgamyny elektron görnüşe geçirmek
boýunça işleri çaltlandyrmak barada anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory G.Nurmuhammedow
geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
2020-nji ýylda fiziki we ýuridik şahslar bilen ätiýaçlandyryş şertnamalaryny
baglaşmagyň meýilnamasy 125,4 göterim ýerine ýetirildi. Şonuň ýaly-da,
ätiýaçlandyryşyň hökmany görnüşleri boýunça ätiýaçlandyryş şertnamalarynyň
meýilnamasy 137,3 göterim berjaý edildi.
Ätiýaçlandyryşyň meýletin görnüşleri boýunça bellenilen meýilnama 123,5
göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe gelip gowşan ätiýaçlandyryş
gatançlarynyň hasabyna döredilen ätiýaçlandyryş gorlarynyň möçberi 2019-njy
ýyl bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim ýokarlandy.
"Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-
ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny" amala aşyrmak boýunça
ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, halkara standartlaryny
hasaba almak bilen, “Ätiýaçlandyryş hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna
goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul
edildi hem-de bu Kanuna laýyklykda, kadalaşdyryjy hukuknamalary täzeden
tassyklanyldy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
Türkmenistanda ätiýaçlandyryş bazarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny
ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, düzümiň işine nägilelik bildirdi. Milli
Liderimiz maglumatlar tehnologiýalarynyň ösdürilmegine aýratyn üns bermegi
hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmagy çaltlandyrmagy we işiň täze döwrebap
usullaryny gözlemegi tabşyrdy.
Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew bank ulgamynda 2020-nji ýylda
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň çäklerinde,
milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli sazlaşykly ösüşini saklamak, ony
sanlylaşdyrmak, pul toplumyny kadalaşdyrmak boýunça işler ýerine ýetirildi.
Ykdysadyýetiň hojalyk subýektleriniň maliýe serişdelerine isleglerini
kanagatlandyrmak üçin gönükdirilen karzlaryň umumy möçberi şu ýylyň 1-nji
ýanwaryndaky ýagdaýa görä, 11,4 göterim artdy. Şu ýylyň başyna
ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk bölegine berlen karzlaryň möçberi
geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 18,9 göterim köpeldi.
Hususyýetçileri goldamak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde, bu ugra
goýberilen ýeňillikli bank karzlarynyň möçberi geçen ýyla görä, 4,3 göterim
ýokarlandy. Şunda maliýeleşdirilen taslamalaryň sany 1821-e ýetdi.
Şeýle hem hususy önüm öndürijilere oba hojalyk tehnikalaryny, enjamlary
satyn almak üçin berlen karz serişdeleriniň möçberi 34,9 göterim artdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bank
ulgamynyň işine düýpli nägilelik bildirdi we bu ugurda öňde goýlan möhüm
wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylmaýandygyny
berk tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň
ähli pudaklarynyň durnukly maliýe üpjünçiliginiň, kiçi hem-de orta telekeçiligiň
höweslendirilmeginiň we oňa goldaw berilmeginiň, dünýäniň öňdebaryjy
tejribesini ornaşdyrmagyň hem-de abraýly halkra maliýe düzümleri bilen
hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hasabyna bank işini mundan beýläk-de
kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz bu meseleleriň netijeli çözülmeginiň wajypdygyna ünsi
çekip, kabul edilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek we
maýa goýum işjeňligini goldamak boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmak
babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy M.Hajyýew
ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri we şu ýyl üçin bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary
barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bankda ýerine ýetirilýän
işleriň netijelerine nägilelik bildirip, soňky ýyllarda bankyň işini talabalaýyk ýola
goýmak meseleleriniň ünsden düşürilendigini aýtdy. Ýüze çykan ýagdaýy
döwrebap derejede düzetmek boýunça zerur tagallalar edilmelidir diýip, milli
Liderimiz belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy J.Jumagylyjow häzirki
döwürde bankyň ähli düzümleriniň işini kämilleşdirmek we oňa dünýäniň ösen
tejribesini ornaşdyrmak, müşderilere edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz bankyň öňünde durýan wezipeleri we bu ugurda işlenip
taýýarlanylan maksatnamalary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işlere
nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz bank ulgamynda ýaýbaňlandyrylan
özgertmeleriň netijeli durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur işleri amala aşyrmagy
berk talap etdi.
Iş maslahatyň dowamynda “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy
S.Aganiýazow ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümleriniň maliýe
üpjünçiligini gowulandyrmak, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini
ýokarlanlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren
tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
bankyň işini döwrebap derejede ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän
çärelere nägilelik bildirdi. Karzlaşdyrmak we maliýe serişdelerini gaýtarmak
bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir diýip, döwlet
Baştutanymyz belledi hem-de bu babatda bankyň ýolbaşçysyna anyk
tabşyryklary berdi.
Soňra “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Arabow
dürli ugurlardan gelip gowuşýan maliýe serişdelerini netijeli peýdalanmak,
bankyň hyzmatlar ulgamyna häzirki zamanyň täzeçil usullaryny, sanly
tehnologiýany ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi.
Milli Liderimiz bankyň işinde karz-pul syýasatyny netijeli durmuşa geçirmek
boýunça alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini belledi
we bu ugurda durmuşa geçirilýän çärelere nägilelik bildirdi. Döwlet
Baştutanymyz elektron görnüşli hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça
anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow bu ulgamda alnyp
barylýan işler, halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek we bankyň düzümlerine
innowasiýalary, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda durmuşa
geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bankda daşary ýurt
maýa goýumlary bilen baglanyşykly amallaryň ýerine ýetirilişine, puluň
dolanyşygyny kadalaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çärelere nägilelik
bildirdi. Döwlet Baştutanymyz emele gelen ýagdaýdan netije çykaryp, işleri
talabalaýyk derejede guramagy tabşyrdy.
Soňra Döwlet ösüş bankynyň başlygy S.Baýramow geçen ýylyň dowamynda
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we bank işini mundan beýläk-de ösdürmek
ugrunda degişli düzümler bilen bilelikde amala aşyrylýan çäreler barada
hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bankyň işi guramak meselelerine bolan
çemeleşmelerine nägilelik bildirdi. Döwletimiziň ösüşinde möhüm orun
eýeleýän banklaryň işini dünýäde emele gelen ýagdaýlary nazara alyp,
üýtgedip guramak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda zerur işleri geçirmegi bankyň
ýolbaşçysyndan berk talap etdi.
“Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy
T.Täçmuhammedow karzlaşdyrmak işini kämilleşdirmek, edara-kärhanalara,
raýatlara hödürlenýän bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak hem-de hilini
ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan topumlaýyn işler barada hasabat
berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bankda ýerine ýetirilýän
işleriň guralyşyna nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz maliýe serişdelerini
dolandyrmak, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmak we bank
amallaryny kämilleşdirmek meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy
bankyň ýolbaşçysyndan talap etdi.
“Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy S.Gurbandurdyýew
bankyň kiçi we orta işewürligi goldamak, telekeçileriň maliýe serişdelerine
isleglerini kanagatlandyrmak hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrüň
talabyna laýyk getirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli çäreler barada
hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz bankda tölegler, hasaplaşyklar geçirilende, müşderilere
hyzmatlary ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işlerde kemçilikleriň
bardygyny aýtdy hem-de bu ugurda durmuşa geçirilýän çärelere düýpli nägilelik
bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bankda ýerine ýetirilýän ähli amallar berk
gözegçilikde saklanylmalydyr.
Soňra Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory
H.Geldimyradow okuw mekdebinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Ýokary okuw mekdebi häzirki döwürde zerur bolan birnäçe hünärler boýunça
hünärmenleri taýýarlanýar. Nazary okuwlary tejribe bilen utgaşdyrmak, ylmy-
barlag işlerini geçirmek maksady bilen, institutyň kafedralarynyň ministrliklerde
şahamçalary hereket edip, önümçilikde oňyn tejribe gazanan hünärmenler
okuw işlerine çekilýär.
Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ýokary okuw
mekdebinde sanly bilim portaly we web-saýt döredildi. Şeýle hem institutyň
içerki kompýuter torunda elektron resminama dolanyşygy ulgamlary
ornaşdyryldy.
Institutda Ylymlar akademiýasynda hasaba alnan 17 mowzuk boýunça ylmy-
barlag işleri alnyp barylýar. Işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, okuw,
usulyýet we ylmy tejribe işlerini kämilleşdirmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň
ýokary okuw mekdepleriniň 9-sy bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. 2020-nji
ýylda Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu
okuw mekdebiniň ýokary hünärli işgärleri, şol sanda dolandyryş ulgamynda
milli ykdyýsadyýetimizi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek,
halk hojalygy toplumynda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleri durmuşa
geçirmek boýunça öňde durýan wezipeleri netijeli çözmäge ukyply
hünärmenleri taýýarlamagy esasy ugur edinýändigini belledi. Şunuň bilen
baglylykda, ugurdaş düzümler bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ýokary
okuw mekdebinde amala aşyrylýan ylmy işleri höweslendirmek, daşary
ýurtlaryň oňyn tejribesini öwrenmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy
hem-de rektora degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory B.Taňryberdiýew hasabat
bilen çykyş etdi.
Häzirki wagtda institutda tassyklanan okuw maksatnamasyna laýyklykda,
maliýe-ykdysady toplumynyň 10 hünär ugry, şol sanda sanly tehnologiýalar
ulgamy boýunça hünärmenleri taýýarlamak boýunça okuwlar alnyp barylýar.
Ähli hünärleriň okuw meýilnamalaryna “Sanly ykdysadyýet” dersi girizildi.
Ýokary okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary Ylymlar güni mynasybetli
her ýylda ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän ylmy işleriň bäsleşigine
gatnaşýarlar hem-de uly üstünliklere eýe bolýarlar. Şeýle hem institutyň
mugallymlary möhüm ugurlar boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar.
Nazary bilimleri tejribede berktimek maksady bilen, ýokary okuw mekdebiniň
talyplary okuw meýilnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň maliýe-ykdysadyýet
toplumynyň düzümlerinde önümçilik tejribelerini geçýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektoryna ýokary okuw mekdebiniň bilim
meýilnamasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, häzirki zamanyň
talaplaryna laýyklykda, hünärmenleriň ylmy taýdan taýýarlygyny
kämilleşdirmek, öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden
ornaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer maliýe-ykdysadyýet
toplumynyň 2020-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Döwlet býujetiniň
we maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýum serişdelerini
özleşdirmek işleriniň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýeriň gözegçilik edýän
düzümlerinde alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi we ykdysady durnuklylygy,
ösüşi üpjün etmek üçin zerur çäreleriň amala aşyrylmagynyň, dünýä
ykdysadyýetiniň ýagdaýyny nazara alyp, halk hojalygynyň pudaklary
tarapyndan maliýe serişdeleriniň ulanylyşyna yzygiderli gözegçilik edilmeginiň
wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýet we bank ulgamynyňişine bagyşlanan şu
günki maslahaty jemlemek bilen, toplumyň işini gowulandyrmak üçin,
Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý ýylynda hemmeleriň has tijenip
işlemelidigini nygtady.
Häzirki döwürde toplumda bar bolanmümkinçilikleri doly peýdalanyp, işleri
döwrüň talaplaryna laýyk guramaly. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda
işe sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmaly, dünýä derejeli iň kämil usullary
ulanmaly diýip, belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, maslahata
gatnaşyjylara degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowa
ýüzlenip,Garaşsyzlygymyzyň şanlyýubileýiniň bellenýän ýylynda döwletimiziň
ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak we durnukly ösdürmek, ilatyň
hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaküçin zerur çäreleri görmeli diýip
belledi. Pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýy, önümçilikleri doly kuwwatynda
we bökdençsiz işletmek, pudagara algy-bergileri azaltmak boýunça yzygiderli
seljermeleri geçirmek zerurdyr.
Milli Liderimiz Döwlet býujetiniň oýlanyşykly düzülmeginiň we netijeli ýerine
ýetirilmeginiüpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Býujetiň girdeji we
çykdajybölegi boýunça meýilnamalaryň berjaý edilmegine, salgytlaryň doly
wewagtynda tölenmegine, býujet serişdeleriniň rejeli hem-de maksadalaýyk
sarp edilişine gözegçiligi güýçlendirmeli.
Halkara tejribesinden ugur alyp, býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmaly,
maliýe taýdan hasabatlylygyň, salgyt salmagyň kadalaryny we usulyýetini
yzygiderli kämilleşdirip durmaly. Sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly
ýurdumyzda “Elektron salgyt” ulgamyny doly işe girizmek boýunça işleri
çaltlandyrmaly.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp,
merkezi we sebit balans toparlarynyňişini talabalaýyk guramagy tabşyrdy.
Şonuň ýaly-da, ministrlikleriň,pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we
häkimlikleriň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-ykdysady
ýagdaýynadüýpli seljermeleri geçirip, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça
teklipleribermek barada tabşyryk berildi.
Maýa goýumlary jemi içerki önümiň esasyny düzmek bilen, ykdysadyýetiň
önümçilik kuwwatyny artdyryp, ykdysadyösüşi goldaýar we goşmaça iş
orunlarynyköpeltmäge ýardam berýär. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz
önümçilik maksatly, hususan-da kiçi we orta telekeçiligiň maýa
goýumlarynyňmöçberlerini we netijeliligini artdyrmak boýunça zerur işleri
geçirmegiň zerurdygyny nygtady.
Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin,
binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyny,maliýeleşdirilişini,
Döwlet kabul ediş topary tarapyndan kabul edilip ulanylyşyny we ulanyjylaryň
hasabyna geçirilişini gözegçilikde saklamalydygyny belledi.
Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly30 ýyllyk baýramy
mynasybetli gurluşygytamamlanmagy we ulanmaga berilmegimeýilleşdirilýän
hem-de Döwlet býujetindenmaliýeleşdirilýän binalaryň we desgalaryňmaliýe
taýdan ygtybarly üpjün edilmegini, tölegleriň öz wagtynda tölenmegini berk
gözegçilikde saklamak gerek.
Bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyngeçmek üçin, kanunçylygy
kämilleşdirip,gymmatly kagyzlaryň bazaryny ösdürmek mümkinçiliklerini nazara
alyp,“Aşgabat gazna biržasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işini
halkara tejribesinden ugur alyp guramak boýunça zerur işleri geçirmeli.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Zähmet we ilaty durmuş
taýdan goramak ministrliginiň öňünde durýan wezipeler barada aýdyp, onuň
ýolbaşçysy M.Sylabowa ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, täze iş
orunlaryny döretmek, zähmete ukyply raýatlary sebitler we pudaklar boýunça
işe ýerleşdirmek üçin zerur işleri yzygiderli geçirmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, şäherlerde, etraplarda we obalarda zähmet gorlarynyň
hem-de bar bolan iş ýerleriniň hasabatyny ýola goýmaly we berk gözegçilikde
saklamaly. Zähmet gatnaşyklary, zähmete hak tölemek we zähmeti goramak
babatda hereket edýän kadalaşdyryjy namalary döwrüň talabyna laýyklykda
kämilleşdimek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly ýubileý ýylynda raýatlaryň
durmuş goraglylygyny mundan beýläk hem pugtalandyrmak boýunça zerur
işleri geçirmegi tabşyrdy. Durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän
adamlara hemmetaraplaýyn döwlet goldawyny berip, olaryň ilkinji nobatda işe
ýerleşdirilmegini gözegçilikde saklamaly.
Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow edara-
kärhanalarda we guramalardazähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine
gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. Raýatlaryň zähmet çekmäge, sagdyn we
howpsuz zähmet şertlerine hukuklarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmeli.
Hususan-da, zähmetiň zyýanly we aýratyn agyr şertlerinde işleýän işgärleriň
hukuklaryny doly kepillendirmeli.
Ministrligiň resmi internet web-saýtyndaky “Iş üpjünçilik sahypasynyň”
mümkinçiliklerini doly ulanyp, döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalarda
hünärler, kärler boýunça iş orunlaryna zerurlyklar baradaky maglumatlaryň ilata
elýeterli bolmagyny üpjün etmek gerek.
Şonuň ýaly-da, döwlet Baştutanymyz pensiýalary we döwlet kömek pullaryny
bellemekde hem-de hasaplamakda takyklygy üpjün edip,öz wagtynda tölemek
boýunça degişli işleri geçirmek barada tabşyryk berdi.
Pensiýa gaznasyna pensiýa gatançlarynyň doly möçberde gelip gowuşmagyny
gözegçilikde saklamaly. Gaznanyň wagtlaýyn ulanylmaýan serişdelerini we
pensiýa toplamalaryny maýa goýuma gönükdirip, girdejili dolandyrmagy üpjün
etmeli.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Statistika baradaky döwlet
komitetiniň başlygy S.Welbegowa ýüzlenip,ykdysadyýetiň nazaryýetinden,
kadalaryndan we oňyn halkara tejribesinden ugur alyp, jemi içerki önümi we
beýleki makroykdysady görkezijileri hasaplamagyň usulyny kämilleşdirmegi
tabşyrdy.
Statistika hasabatlylygyň görnüşlerinitükelläp hem-de umumylaşdyryp,
zerurbolmadyk we döwri geçen görnüşleriniaýyrmaly. Bu işleri sanly ulgam
arkaly alyp barmaly.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenýän ýylynda
Halkara standartlaryna laýyk gelýän statistiki usulyýet esasynda Statistiki
hasabatlylygy we maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek
boýunça işleri dowam etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Halkara maliýe guramalarynyň resminamalarynda ýurdumyzyň ykdysady
ösüşiniň görkezijileriniň dünýä jemgyýetçiligi üçin takyk beýan edilmegini
gazanmak üçin,Türkmenistanyň esasy maliýe-ykdysady görkezijileri baradaky
maglumatlaryň elýeterliligini üpjün etmeli.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenstandartlary”
baş döwlet gullugynyň başlygy M.HojagulyýeweGaraşsyzlygymyzyň 30
ýyllygynyň toýlanýan ýylynda Gullugyň welaýatlardawe sebitlerde ýerleşýän
düzüm birlikleriniňhem-de barlaghanalarynyň barlag-synagenjamlary bilen
üpjünçiligini, önümleriň we harytlaryň dürli görnüşlerini sertifikatlaşdyrmak
mümkinçilikleriniöwrenmegi tabşyrdy.Şonuň ýaly-da, hyzmatlaryň hilini
gowulandyrmak we görnüşlerini köpeltmek boýunça degişli çäreleri görmek
zerurdyr.
Milli Liderimiz şunuň bilen baglylykda, standartlaşdyryş işlerini we sertifikatlaryň
berlişini ýönekeýleşdirmekhem-de hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak boýunça
degişli işleri geçirmegiň wajypdygyny belledi.Daşary ýurtlardan getirilýän we
özümizde öndürilýän käbir harytlary (azyk senagaty enjamlaryny, awtoulaglaryň
we beýleki tehnikalaryň ätiýaçlyk şaýlaryny, ýangyn duýduryjy we habarberiji
enjamlary, split kondisionerlerini we ş.m.) barlaghana synagyndan geçirmek
üçin, Döwlet gullugynyň garamagyndaky barlaghanalary zerur enjamlar bilen
üpjün etmeli.
Soňra döwlet Baştutanymyz Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory
G.Nurmuhammedowaýüzlenip, halkara bazarynda, dünýä jemgyýetçiliginde
ulanylýan döwrebap ätiýaçlandyryş görnüşlerini we hasaplamagyň kadalaryny
yzygiderli öwrenmegi hem-de ýurdumyzda ornaşdyrmak, usulyýeti
kämilleşdirmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ätiýaçlandyryş
bazar ykdysadyýetini ösdürmek we onuň durnuklylygyny pugtalandyrmak,
bäsleşigeukybyny we maýa goýum mümkinçiliginiýokarlandyrmak üçin zerur
çäreleri görmek barada tabşyryk berdi.
Halkara standartlaryny hasaba alyp, şahsy, emläk bähbitlerini we
jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyrmakboýunça hereket edýän ätiýaçlandyryş
kadalaryny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak işlerini yzygiderli geçirmeli.
Şonuň bilen birlikde, ätiýaçlandyryş bazaryna gatnaşyjylaryň ätiýaçlandyryş
medeniýetini we maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak, ätiýaçlandyryş
hyzmatlary boýunça mahabatlandyrmak we wagyz-nesihat işlerini işjeň alyp
barmak boýunça çäreleri görmeli diýip, milli Liderimiz nygtady.Ätiýaçlandyryş
ulgamynda elektron görnüşli hyzmatlary amala aşyrmak boýunça işleri hem
çaltlandyrmak zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi bankyň başlygy
M.Annadurdyýewe hem-de täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylaryna
ýüzlenip,Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyňbellenýän ýylynda ýurduň içinde
puluňkadaly dolanyşygyny gazanmagyň hem-debankulgamynyň esasy
wezipesiniň ykdysadyýetde puluň möçberini kadaly saklamak, sazlaşygyny
üpjün etmek bolup, şu ýagdaýy hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny
belledi.
Karz-pul syýasatyny oýlanyşykly alyp barmaly we maliýe serişdelerini
dolandyrmagy kämilleşdirmeli, ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilýänkarzlaryň
maksadalaýyk peýdalanylyşyny üpjün edip, netijeliligini ýokarlandyrmaly diýip,
döwlet Baştutanymyz belledi.Ýurdumyzda nagt puluň
dolanyşygynykadalaşdyrmaly, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň 40
göterimden ýokary bolmagyny gazanmaly.
Milli puluň hümmetini ýokarlandyrmak boýunça hemişe degişli işleri geçirip,
daşary ýurt puly bilenbagly amallary düzgünleşdirmeli we bu işe berk gözegçilik
etmeli;Merkezi bank we beýleki banklar import geleşikleri boýunça tölegler,
hasaplaşyklar geçirilende, müşderileriň manat serişdelerini resmi hümmet
boýunça daşary ýurt puluna çalşanda,şu talapdan ugur almaly. Zerur bolanda
bu ugurda ýörite kadalaşdyryjy namanyň taslamasyny taýýarlamaly diýip, milli
Liderimiz belledi.
Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
Bütindünýä banky, Aziýa ösüş banky,Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş
we ösüş banky we beýleki halkara maliýe guramalary bilen
hyzmatdaşlykstrategiýalaryny täzeläp, olardan amatlyşertlerde karzlary we
maýa goýumlary çekmek boýunça işleri dowam etmegiň maksadalaýykdygy
barada aýtdy.Döwlet Baştutanymyz şunda pul geçirimlerinde goraglylygy
üpjünetmek maksady bilen, kiberhowpsuzlygyňýokary derejede bolmagyny
gazanmagyň zerurdygyny belledi.
Soňra milli Liderimiz Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň işine ünsi çekip, rektorlara anyk
tabşyryklary berdi.
Institutlaryň professor-mugallymlarynyň,ykdysatçy alymlaryň ykdysadyýet,
maliýe we bank toplumynyň hünärmenleri bilen bilelikde dünýä
ykdysadyýetinde garaşylýan ykdysady çökgünlikleriň tapgyrlaryny yzygiderli
seljermegi hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirip biljek oňaýsyz täsiriniň
öňüni almak boýunça çäreleri işläp taýýarlamagy hem-de ykdysadyýet, maliýe
we bank toplumyüçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy döwrüň
talabyna laýyklykda guramagy hökmandyr diýip, hormatly Prezidentimiz
nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow okuw meýilnamalaryny,
maksatnamalary, kitaplary we gollanmalary ösen halkara tejribesine laýyklykda
yzygiderli kämilleşdirip, bilim bermegiň iň öňdebaryjy usullaryny giňden
ornaşdyrmagy guramak gerek diýip aýtdy.
Ýokarda agzalan ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna döwlet we milli
Maksatnamalara,Konsepsiýalara laýyklykda, okuwyň hilini ýokarlandyrmak
boýunça innowasion tehnologiýalary we ylmyň soňky gazananlaryny nazary
taýdan öwrenip, durmuşa geçirmek boýunça işleri güýçlendirmek tabşyryldy.
Ýerine ýetirilýän ylmy işleriň hiline uly üns bermeli we ykdysadyýetiň dürli
pudaklaryna ornaşdyrylmagyny gazanmak üçin ähli zerur çäreleri görmeli. Bu
ugurda dürli zehin bäsleşiklerini we telegepleşikleri yzygiderli guramaly.
Sanly ykdysadyýete geçmek amala aşyrýan ähli özgertmelerimiziň gözbaşynda
durmaly. Hünärmenleri taýýarlamagyň täze innowasion usullaryny giňden
ornaşdyryp,döwrüň talabyna laýyk gelýän täze hünärleri girizmeli.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp,
sapaklary okatmak, ylmy-tejribe işlerini geçirmek üçin daşary ýurtlaryňabraýly
ugurdaş ýokary okuw mekdepleri, halkara maliýe guramalary, olaryň tejribeli
professor-mugallymlary we bilermenleri bilen tejribe alyşmak işlerini ýola
goýmagy tabşyrdy. Bu işde sanly ulgamlaryň mümkinçiliklerinden giňden
peýdalanmaly.Berilýän bilimiň hilini has-da kämilleşdirmek bilen, bilim
görkezijisiboýunça dünýäniň belli bilim edaralarynyň sanawyna girmek babatda
zerur işleri geçirmeli.
Ylmyň we tehnologiýalaryň, şeýle hem halkara tejribesiniň gazananlaryny
hasaba alyp, mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak işini hemişe gözegçilikde
saklamak,ykdysatçy mugallymlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzda amala
aşyrylýan özgertmeler babatda köpçülikleýin habar beriş
serişdelerindeyzygiderli gepleşikleri we makalalaryň çap edilmegini guramaly
diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
G.Müşşikowa ýüzlenip,döwletGaraşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenýän
ýylynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşini üpjün etmek,
jemi içerki önümiň ösüş depginini kadaly saklamak, döwletiň girdejilerini has-da
artdyrmak we ykdysadyýetde bazar gatnaşyklaryny ösdürmek boýunçadegişli
işleri durmuşa geçirmek zerurdyr diýip belledi.
Ähli pudaklaryň maliýe-ykdysadyýagdaýyny, pul üpjünçiligini, pudagaraalgy-
bergiler boýunça hasaplaşyklaryňgeçirilişini yzygiderli seljermeli hem-de bu
ýagdaýlary wagtynda çözmek boýunça çäreleri görmeli.Toplumyň
ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmeli
hem-de bellenen meýilnamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilişine gözegçiligi
güýçlendirmeli diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
nygtady.
Milli Liderimizsözüni dowam edip, döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça
işleri giň gerimde alyp barmagyň,degişli ministrlikler, pudaklaýyndolandyryş
edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleribilen bilelikde
hususylaşdyrmaga degişli desgalaryň sanawyny taýýarlamak boýunça
guramaçylyk işlerini güýçlendirmegiň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň soňra nygtaýşy ýaly, ykdysadyýetimiziň ähli
pudaklarynda geçen ýylda alnyp barlan işler jikme-jik we düýpli seljerildi.
Şonuň netijesinde, bu pudaklaryň işindäki köp sanly kemçilikleriň maliýe-
ykdysady toplumynyň ýaramaz işlemegi wise-premýer G.Müşşikowyň
ministrlikleriň wepudak edaralarynyň işine gowşak ýolbaşçylyk etmegi
netijesinde emele geldi diýen pikir döredi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly BerdimuhamedowMinistrler Kabinetiniň
mejlislerinde Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyryklaryň berlendigine
garamazdan, ministrlikleriň hem-depudak edaralarynyň maliýe ýagdaýlary
düýpli öwrenilmeýär hem-de degişli teklipler berilmeýär diýip belledi. Netijede
bolsa, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň esasy wezipesiniň Döwlet
býujetiniň netijeli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bolup
durýandygyna garamazdan, geçen ýylyň ahyrynda Döwlet býujetiniň öňündäki
bergiler ýylyň başyndaky bilen deňeşdirilende ep-esli köpeldi.
Hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeýändigi, doly gözegçilik edilmeýändigi,
Ministrligiň hereketsizligi sebäpli, Oba milli maksatnamasynyň, şeýle hem
beýleki maksatnamalaryň çäklerinde ýerine ýetirilen işler üçin potratçylaryň
öňünde köp möçberde bergiler emele geldi. Bu bolsa, 2015-nji ýyldan başlap,
ençeme gurluşyklaryň taşlanmagyna getirdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki
döwürde pudagara algy-bergileriň umumy möçberi 12 milliard manada
golaýlaýar.
Şeýle hem, milli Liderimiz wise-premýeriň, biziň üçin örän möhüm bolan
Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasynyňýerine ýetirilişine
talabalaýyk gözegçilik etmeýändigini belledi.Sebäbi, bu Maksatnamaboýunça
göz öňünde tutulan medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şeýle hem etraplarda
täze, häzirki zaman obalarynyň we şäherçeleriniň gurluşyklary haýal depginler
bilen alnyp barylýar. Bu yzagalaklygyň sebäplerini seljermek boýunça işler
geçirilmeýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
aýratyn nygtady.
Barlaglaryň görkezişi ýaly, köp sanly desgalar taslama-çenlik
resminamalarybolmazdan gurulýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam
etdirdi. Bu resminamalar,näme üçindir, gurluşyk tamamlanandansoň, potratçy
tarapyndan resmileşdirilýär. Käbir desgalaryň gurluşygy üçin ençeme ýyllardan
bäri töleg geçirilmeýär.
Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmakboýunça işleri guramak hem talabalaýyk
alnyp barylmaýar. Mundan başga-da, hususylaşdyrylan kärhanalarda we
desgalarda hususylaşdyrmagyň şertleriniň ýerine ýetirilişine doly derejede
gözegçilik üpjün edilmeýär.
Ministrligiň ykdysadyýetiň hususy pudagyny, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi
ösdürmek boýunça döwlet syýasatyny amala aşyrmalydygyna garamazdan,
kiçi we orta telekeçilik bilen meşgullanýan telekeçileriň sany, olaryň iş ugry we
görnüşleri seljerilmeýär,bu ugurda ýüze çykýan meselelere hem ýeterlik üns
berilmeýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
nygtady.Şunuň bilen baglylykda, telekeçiligiösdürmek boýunça esasy işi
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi alyp barýar. Ministrlik bolsa, bu ugurda
ýeterlik işjeňlik görkezmeýär.
Has beteri-de, şeýle ýaramaz görkezijileriň bardygyna garamazdan,maliýe we
ykdysadyýet ministri M.Serdarowdan emele gelen ýagdaýy düzetmek boýunça
hiç hili teklipler hem gelip gowuşmaýar.Şoňa görä-de, işde goýberen
kemçilikleri üçinoňa berk käýinç yglan edildi hem-de bu kemçilikleri gysga
wagtyň içinde düzetmek soňky gezek duýduryldy. Eger bu kemçilikleri
düzedilmese, onda ýarym ýylyň jemleri boýunçaM.Serdarow eýeleýän
wezipesinden boşadylar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe ýüzlenip,
banklaryň işine hem Hökümetde köp sanly nägilelikler bar diýip belledi. Merkezi
bank ileri tutulýanmilli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň
gatnaşmalydyr hem-deykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryny karzlaşdyrmak
boýunça beýleki banklaryň işini ýokarlandyrmalydyr.
Siziň häzirki döwürdäki esasy wezipäňiz milli manadymyzyň hümmetini
durnukly saklamakdan ybaratdyr. Ýöne, häzir-ä bu iş talabalaýyk ýerine
ýetirilmeýär. Has beteri-de, manadyň hümmetini berkitmegiň deregine,
banklaryň ýolbaşçylary bu işe goşulmaýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz
belledi.
Möhleti geçen üzülmedik karzlaryň galyndysynyň häzirki döwürde 1 milliard
manada golaýlaýandygy hem banklaryň işiniň hilini görkezýär.Muňa
garamazdan, banklar karzlary üzmek boýunça degişli çäreleri
geçirmeýärler,hususy haryt öndürijileri maliýe taýdan goldamak babatda çeýe
karz syýasatyny alyp barmaýarlar diýip, milli Liderimiz aýtdy.Şeýle hem, karz
serişdeleri berlende girew üpjünçilik ulgamyny ýönekeýleşdirmeýärler.
Hökümetiň oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamakboýunça
karary hem ýaramaz ýerine ýetirilýär. Hasaplaşyklaryň nagt däl görnüşini
ornaşdyrmak boýunça çäreler hem talabalaýyk guralmaýar.Elektrik energiýasy,
tebigy gaz, jemagat hyzmatlary, demir ýol petekleri we beýleki tölegler üçin
kartlaryň kömegi bilen ilatyň tölemek mümkinçiligini üpjün etmek boýunça
bilelikdäki iş pes derejede alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Merkezi bankyň başlygyM.Annadurdyýewe banklara ýaramaz ýolbaşçylyk edip,
işde goýberen kemçilikleri üçin, berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen
kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek soňky gezek duýduryldy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly,ýarym ýylyň jemleri boýunçabank toplumynyň
işine ýene-de bir gezek düýpli serediler we şonda Merkezi bankyň we beýleki
banklaryň ýolbaşçylarynyň işine gutarnykly baha berler.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bank ulgamynda
goýberilen kemçilikler üçin, “Türkmenistan” we “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik
banklarynyň başlyklary M.Hajyýewe hem-de J.Jumagylyjowa berk käýinç yglan
etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi soňky gezek
duýdurdy.
Şeýle hem, işde goýberen kemçilikleri üçin Döwlet daşary ykdysady iş
bankynyň başlygy R.Jepbarowa, Döwlet ösüş bankynyň başlygy
S.Baýramowa, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy
S.Aganiýazowa, “Halkbank we “Senagat” paýdarlar täjirçilik banklarynyň
müdiriýetleriniň başlyklary M.Arabowa hem-de T.Täçmuhammedowa berk
käýinç yglan edildi.
Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň
müdiriýetiniň başlygyS.Gurbandurdyýewe, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa käýinç yglan etdi.
Milli Liderimiz degişli Buýruklara gol çekip, wise-premýere ýurdumyzyň
ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga,
milli ykdysadyýetimizimundan beýläk-de depginli ösdürmäge ýardam berjek
çäreleri işläp düzmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowsanly wideoaragatnaşyk
arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleriarzuw etdi.