Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny durmuşa
geçirmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi

9-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly
wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda Garaşsyz, hemişelik
Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny amala aşyrmak boýunça geçen
2020-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýyl üçin ileri
tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli
düzümleriň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary
gatnaşdylar.
Milli Liderimiz gün tertibini yglan edip, Bitarap döwletmiziň Garaşsyzlygyny
alanyna şu ýyl 30 ýyl dolýandygyny belledi. Geçen şu döwrüň içinde
Türkmenistan parahatçylygy söýüji ygtybarly hyzmatdaş döwletdigini bütin
dünýä äşgär edip, özbaşdaklyk syýasatyny gyşarnyksyz ýöredip geldi.
Häzirki döwürde hem Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny durmuşa
geçirmek, parahatçylygy söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny
ösdürmek, «açyk gapylar» ýörelgesini amala aşyrmak boýunça köp tagallalar
edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Bu ugurda Daşary işler ministrligi, beýleki döwletlerdäki ilçihanalarymyz we
konsullyklarymyz uly işleri alyp barýarlar.
Olar ata Watanymyza mynasyp wekilçilik edip, gazanýan üstünliklerimizi
giňden dünýä ýaýýarlar, Bitaraplyk syýasatymyzy iş ýüzünde amala aşyrýarlar.
Hoşniýetli hyzmatdaş hökmünde Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny
barha artdyrýarlar.
Eýsem, berkarar döwletimiziň daşary syýasatda gazanan üstünliklerini has-da
berkitmek, Türkmen döwletiniň dünýädäki at-abraýyny mundan beýläk-de
ýokarlandyrmak üçin geljekde haýsy ugurlara aýratyn üns bermeli,
daşary ýurtlar bilen syýasy, ykdysady, medeni - ynsanperwer gatnaşyklary
mundan beýläk nädip ösdürmeli?
Bitarap döwlet hökmünde Ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamak,
halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, häzirki döwrüň
howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek üçin bilelikde nähili hereket
etmeli? Halkara guramalary bilen gatnaşyklarymyzy nähili täzeçe guramaly?
Şu gün şu soraglary ara alyp maslahatlaşarys diýip, döwlet Baştutanymyz
aýtdy we maslahata gatnaşyjylara söz berdi.
Ilki bilen Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýewe söz
berdi. Ol institut tarapyndan 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-
de şu ýyl üçin bellenen meýilnamalar barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly
we öňdengörüjilikli daşary syýasatyna laýyklykda, Döwlet, hukuk we
demokratiýa instituty döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn
ösüşini, hemişelik Bitaraplyk taglymatynyň ýörelgelerini öwrenmek boýunça
ylmy we amaly barlaglary alyp barýar hem-de milli hukuk ulgamyny
kämilleşdirmek üçin deňeşdirme-hukuk seljermelerini geçirýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-
ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň» hem-de “Türkmenistanda
durmuş-ynsanperwer ylymlary ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň”
düzgünnamalaryna laýyklykda, institut kanunçylygy işläp taýýarlamak we
hukuk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam edýär. Şunda ýokary
derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etmegi
halkymyzyň buýsanjydyr, döwletleriň we halklaryň arasynda özara düşünişmek
hem-de raýdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, ählumumy abadançylygyň
bähbitlerine kybap gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça
milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýediginiň
subutnamasydyr.
Bellenilişi ýaly, hasabatda institutda deňeşdirme-hukuk usulynda ylmy seljerme
işleriniň geçirilýändigi şonuň netijeleri boýunça kanun taslamalarynyň 22-si
boýunça teklipleriň we bellikleriň girizilendigi bellenildi. Şeýle hem pudaklaýyn
düzgünnamalaryň we resminamalaryň taslamalarynyň 26-sy boýunça
seljermeler geçirildi. Geçen ýylda hereket edýän kanunlara ylmy-amaly
düzündiriş görnüşinde kitaplaryň ikisi neşir edildi. Şeýle hem institutyň
gatnaşmagynda ylmy wideomaslahatlaryň 35-si guraldy.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda kanunçylyk-hukuk ulgamyny kämilleşdirmek
hem-de hakyky demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde
Türkmenistanyň esaslaryny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan giň
gerimli özgertmeleri beýan edýän ylmy-barlag işleriniň netijeleri hem kitaplarda,
ylmy žurnallarda we beýleki döwürleýin neşirlerde yzygiderli çap edilýär.
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen
işler hem-de "Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" şygary
astynda geçýän şu ýubileý ýylynda bellenen meýilnamalar barada hasabat
berdi.
Institutda halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, halkara hukugy, halkara
ykdysady gatnaşyklary, halkara žurnalistikasy hünärleri boýunça ýokary bilimli
hünärmenler taýýarlanylýar.
Bu ýerde hereket edýän okuw studiýasy geljekki halkara žurnalistlerine hünär
endiklerini öwretmäge, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny ýerli hem-de
halkara habarlar giňişliginde giňden ýaýmak ugrunda telegepleşikleri
taýýarlamaga oňyn ýardam berýär.
Institutda Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny we diplomatiýasyny
ylmy esasda öwrenmek babatda meýilnamalaýyn alnyp barylýan ylmy-barlag
işleriniň netijesinde, daşary syýasatyň we diplomatiýanyň derwaýys meseleleri
boýunça okuw kitaplary hem-de gollanmalar, sözlükler, ylmy monografiýalar
yzygiderli neşir edilýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda,
institutyň gurluşy yzygiderli döwrebaplaşdyrylyp, soňky ýyllaryň dowamynda
ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak
boýunça okuw merkezi, Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet
merkezi, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça Okuw
merkezi açyldy.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli institutyň
dünýäniň 23 döwletinden hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri we diplomatik
akademiýalary bilen onlaýn maslahatlary we duşuşyklary geçirildi.
Soňra hasabat bermek üçin Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýewe söz berildi.
Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýokary okuw mekdebinde milli we
halkara derejede ylmy-barlag hyzmatdaşlygyny ösdürmek, bilim işinde sanly
tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar, ýaşlaryň watançylyk
terbiýesine uly üns berilýär. Munuň üçin milli Liderimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň çuň manyly eserleri hem-de maksatnamalaýyn çykyşlary
ulanylýar.
2020-nji ýylda uniwersitetde ylmy-mugallymçylyk işgärlerini taýýarlamak, ylmy-
barlag işlerini alyp barmak, ýaş alymlary ýetişdirmek, dünýäniň abraýly ýokary
okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça işler amala aşyryldy. Ýokary
okuw mekdebiniň wekilleri dürli ylmy bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp
boldular.
Hormatly Prezidentimiziň halkara ylmy gatnaşyklary ösdürmek boýunça öňde
goýan wezipelerine laýyklykda, geçen ýyl dört daşary yurt okuw mekdebi bilen
hyzmatdaşlyk barada ähtnamalara gol çekildi. Şeýlelikde, häzirki wagtda
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti dünýäniň dürli ýurtlarynyň
ýokary okuw mekdepleriniň 14-si bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Uniwersitetde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna
bagyşlanan halkara maslahatlarynyň umumy mejlisleriniň ikisi geçirildi. 2020-nji
ýylda bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary internet arkaly
guralan ylmy-amaly maslahatlaryň 70-den gowragyna, şol sanda halkara
maslahatlara gatnaşdylar.
Hasabat döwründe ýokary okuw mekdebiniň talyplary halkara we internet
bäsleşiklerinde baýrakly orunlaryň 22-sine, ýurdumyzda geçirilen ders
bäsleşiklerinde – 128-sine mynasyp boldular.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp,
döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň esaslaryny öwrenmäge hem-de ylmy
seljermesine, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyna, mähriban
halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny hem-de däp-dessurlaryny wagyz
etmäge berilýän ünsüň örän wajypdygyny nygtady.
Bu işler jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan
okgunly ösmegine hem-de halkara giňişliginde abraýynyň barha artmagyna
ýardam edýär.
Milli Liderimiz Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýewe
ýüzlenip, adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara
ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara
toparynyň işini işjeňleşdirmegi, dünýäde umumy kabul edilen hukuk kadalaryny
ýurdumyzyň kanunçylygyna ornaşdyrmak boýunça teklipleri yzygiderli işläp
taýýarlamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň alyp barýan
ylmy işleri bilen gyzyklanyp, ýolbaşçylaryň hemişe öz talyplary üçin mynasyp
görelde bolmalydygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
ylym-bilim işini işjeňleşdirmegiň, mowzuklaýyn monografiýalary, döwletimiziň
bähbitlerine mynasyp wekilçilik etmäge, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk
döwründe gazanylýan uly üstünlikleri wagyz etmäge ukyply ýokary derejeli
hünärmenleri taýýarlamak üçin okuw kitaplaryny işläp taýýarlamagyň
wajypdygyny belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri
R.Meredow DIM-niň 2020-nji ýylda alyp baran işleriniň netijeleri barada
hasabat berdi.
Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa
geçirmek, daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy has-da
ösdürmek boýunça milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini çözmek maksady
bilen, degişli işleriň geçirilendigi bellenildi.
Garalýan döwürde döwlet Baştutanymyz resmi sapar bilen Azerbaýjan
Respublikasynda boldy, onlaýn görnüşde geçirilen birnäçe duşuşyklara we
ýokary derejeli maslahatlara gatnaşdy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň
Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wideo ýüzlenme bilen çykyş etdi.
Geçen ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan
Respublikasynyň Premýer-ministr bilen duşuşyk geçirdi.
Milli Liderimiziň BMG-niň Baş sekretary hem-de daşary döwletleriň
ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, şolaryň barşynda
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Garalaýan döwürde wideo görnüşinde dürli duşuşyklar geçildi. Ýurdumyzyň
halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen
resminamalaryň toplumyna gol çekildi.
Geçen ýyl daşary syýasat edaralarynyň we diplomatik wekilhanalaryň ugry
boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek babatda yzygiderli çäreler
görüldi. Şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli söwda-
ykdysady gatnaşyklary berkitek we ösdürmek boýunça maksadalaýyk işler
amala aşyryldy. Ikitaraplaýyn Hökümetara toparlarynyň hem-de beýleki degişli
düzümleriň birnäçe mejlislerini,daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň
gatnaşmagynda bilelikdäki işewürlik maslahatlary geçirildi.
Soňra daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew döwlet Baştutanymyz
Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine
esaslanan, ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, halkara
gatnaşyklar ulgamynda eýeleýän ornumyzy berkitmäge gönükdirilen daşary
syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi.
Ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işiniň hil taýdan täze häsiýete eýe
bolandygy bellenildi. Şeýle hem Türkmenistan bilen sebitiň beýleki
döwletleriniň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady
hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça görülýän çäreler
barada hasabat berildi.
Soňra daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew 2021-nji ýylyň dowamynda
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, hemişelik
Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de şu ýylyň "Türkmenistan - parahatçylygyň we
ynanyşmagyň Watany" diýlip yglan edilmegi mynasybetli, ýurdumyzda we
daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri hem-de dabaralary ýokary
derejede guramak maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan
ýurdumyzyň degişli ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen
bilelikde işlenip taýýarlanylan ýörite maksatnama barada hasabat berdi. Bu
maksatnamada görkezilen çäreleri we dabaralary ýokary derejede geçirmek
boýunça şu günden başlap toplumlaýynn işler alnyp barylýar.
Şeýle hem döwletimiziň oňyn daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde
ýurdumyzyň diplomatiýa ulgamynyň alyp barýan köptaraply işleri, dünýäniň ähli
ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bile bagly
çäreler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp,
Türkmenistanyň döwletara derejesinde dostlukly gatnaşyklary hem-de
köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürjekdigini, abraýly halkara
sebit guramalary bilen oňyn gatnaşyklary giňeltjedigini nygtady. Şunuň bilen
baglylykda, milli Liderimiz DIM-niň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz döwletimiziň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli
goňşuçylyk hem-de ählumumy abadançylygyň, gülläp ösüşiň we rowaçlygyň
maksatlaryna kybap gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyna yzygiderli
ygrarlydygyny nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berildi.
Wise-premýer Daşary işler ministrliginiň netijeli işlemegini üpjün etmek
boýunça görülýän çäreler we döwlet Baştutanymyzyň degişli tabşyryklarynyň
ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň maliýe meselelerini öz wagtynda çözmek
hem-de işgärleriň netijeli işlemegi üçin degişli şertleri üpjün etmek maksady
bilen, şol meseleleri yzygiderli seljermegiň zerurdygy barada görkezme berdi.
Olaryň işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn
üns berilmelidir.
Milli Liderimiz iş maslahatynyň jemini jemläp, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň
şanly 30 ýyllygy baýram edilýän «Türkmenistan –parahatçylygyň we
ynanyşmagyň Watany» ýylynda daşary syýasatymyzy amala aşyrmak boýunça
işleri has-da güýçlendirmek üçin, hemmeleriň örän köp we tutanýerli
işlemelidigini nygtady.
Bular barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmen
döwletiniň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasatyny bütin dünýä giňden açyp
görkezmegiň wajypdygyny belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, maslahata
gatnaşyjylara anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet, hukuk we
demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýewe ýüzlenip, hakyky halk
häkimiýetlilik ýörelgelerinden ugur alyp, jemgyýetiň hukuk esaslaryny has-da
berkitmek, halkymyzyň gadymdan gelýän demokratik däplerini baýlaşdyrmak,
her bir raýatyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmek boýunça işleri
talabalaýyk dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.
Şu institutyň ýolbaşçysyna şeýle hem dünýäde umumy kabul edilen hukuk
kadalaryny ýurdumyzyň kanunçylygyna ornaşdyrmak boýunça teklipleri
yzygiderli işläp taýýarlamak, bu ugurda döwletimiziň adam hukuklary babatda
halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine
ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň işini has-da
güýçlendirmek tabşyryldy.
Şunuň bilen birlikde, «Demokratiýa we hukuk» žurnalynda ýurdumyzda alnyp
barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny beýan etmek, amala aşyrylýan
iri möçberli özgertmeleriň, şol sanda demokratik özgertmeleriň mazmunyny we
häsiýetini açyp görkezýän seljeriş makalalaryny çap etmek boýunça işleri has-
da kämilleşdirmek möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer
ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektorlary J.Gurbangeldiýewe hem-de
E.Aýdogdyýewe ýüzlenip, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň
ýokary hünär derejeli bolmagynyň we zehinli ýaş diplomatlary taýýarlamagyň
şu ýokary okuw mekdepleriniň baş maksatlarynyň biri bolmalydygyny nygtady.
Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň talabyna
laýyklykda, Halkara gatnaşyklary institutynda hem-de Halkara ynsanperwer
ylymlary we ösüş uniwersitetinde täze hünär ugurlaryny açmagyň ýagdaýyny
seljermegi, hususan-da, geljekde dürli sebitler, şol sanda Gündogary öwreniş,
Amerika we Ýewropa ýurtlary, sanly diplomatiýa, kiberhowpsuzlyk, seljeriş we
strategik meýilleşdiriş boýunça ýöriteleşen hünärmenleri taýýarlamagyň
mümkinçiligini öwrenmegi tabşyrdy.
Bilim bermek ulgamynda innowasion we sanly tehnologiýalary giňden ulanmak
bilen, ylmy-pedagogik düzümiň ýokary derejede taýýarlykly bolmagy
gazanylmalydyr. Şonuň üçin mugallymlaryň hünär taýdan kämilligine uly üns
berilmelidir. Milli Liderimiz bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaş okuw mekdepleri
bilen tejribe alşyp, zerur bolanda hünäri kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşmagyň
üpjün edilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdeplerinde däp bolan okuw sapaklary
bilen bilelikde, «onlaýn» sapaklaryny hem guramagy, talyplaryň dürli ylym-bilim
bäsleşiklerine, olimpiadalara gatnaşmagyny üpjün etmegi, ýokary bilim bermek
üçin, okuw işine belli daşary ýurt alymlaryny we diplomatlaryny dürli ugurlar
boýunça leksiýalary okamak üçin çagyrmagy, bu ugurda internet
tehnologiýalaryny netijeli ulanmagy tabşyrdy.
Dünýädäki öňdebaryjy tejribeleri öwrenip, zerur bolan halatynda okuw
meýilnamalaryna gaýtadan seretmek, şu ugurda talyplaryň dil taýdan
taýýarlygyna aýratyn üns bermek, bu işde innowasion we sanly
tehnologiýalardan ýerlikli peýdalanmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Türkmenistanyň ulag, energetika, suw, ylym we sport diplomatiýasynyň ylmy
esaslaryny işläp düzmek we açyp görkezmek maksady bilen, professor -
mugallymlaryň hem-de talyplaryň bu ugurda alyp barýan ylmy-barlag işleriniň
gerimini giňeltmek zerurdyr.
Döwlet Baştutanymyz bu mesele baradaky gürrüňi dowam edip, ýokary okuw
mekdeplerinde internet žurnalistikasy we syýasy kommunikasiýa boýunça täze
sapaklary girizmegi, beýleki zerur bolan täze hünärleri açmak boýunça teklipleri
taýýarlamagy tabşyrdy. Halkara hukugy boýunça bilim alýan talyplar üçin
halkara ykdysady gatnaşyklarynyň meselelerini çözmek we halkara arbitraž
ugry boýunça täze sapaklary we amaly okuwlary girizmek mümkinçiligine
seretmek wajypdyr.
Milli Liderimiz şeýle hem halkara işi boýunça ýaş hünärmenlerde hünär
ussatlygy bilen birlikde, Watana wepalylyk, päk ahlaklylyk, ýokary
ynsanperwerlik we belent adamkärçilik häsiýetlerini terbiýelemegiň
möhümdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary işler
ministrliginiň öňünde durýan wezipelere geçip, wise-premýer, daşary işler
ministri R.Meredowa we beýleki degişli ýolbaşçylara Türkmenistanyň
bitaraplyk, parahatçylygy söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik
ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny has-da giňden amala aşyrmak
babatda tabşyryk berdi. Bitarap döwletimiziň daşary syýasatyny ýurdumyzyň
2017–2023-nji ýyllary öz içine alýan daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyna
laýyklykda alyp barmaly. Şeýle hem Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň
2023–2029-njy ýyllar üçin Konsepsiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak
boýunça işlere häzirden başlamaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen deňhukukly hem-
de özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça zerur
çäreleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Şundan ugur alyp, şu ýylyň birinji
çärýeginiň ahyryna çenli halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň
2021–2023-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak zerurdyr.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň dünýädäki ornuny we abraýyny berkitmek
hem-de beýleki döwletler bilen gatnaşyklarda ýurdumyzyň milli bähbitlerini
goramak boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet
Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, şu ýylyň «Türkmenistan –parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, ýurdumyzda we
daşary ýurtlarda çäreleriň hem-de maslahatlaryň ýokary derejede geçirilmegini
üpjün etmegiň ähmiýetini belledi.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasy we
onuň edaralary bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmegi, bu guramanyň
halkara parahatçylygyny, howpsuzlygy we ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen
Kararnamalaryny hem-de beýleki resminamalaryny taýýarlamaga işjeň
gatnaşmagy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada howpsuzlyk we
hyzmatdaşlyk guramasy ýaly abraýly halkara guramalary bilen döwletimiziň
bähbitlerine gabat gelýän hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öwrenmegi ileri
tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Türkmenistanyň daşary ykdysady işini maksatnamalaýyn esasda ösdürmek
boýunça degişli tabşyryklar berildi. Şu maksat bilen, daşary ýurt döwletleri we
halkara guramalary bilen ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de
içerki mümkinçilikleri ýokary derejede peýdalanmak boýunça çäreleri yzygiderli
durmuşa geçirmek zerurdyr.
Milli Liderimiz sebitdäki ykdysady ýagdaýlary seljerip, ýurdumyzyň Ykdysady
hyzmatdaşlyk guramasy bilen geljekde alyp barjak hyzmatdaşlygyna täzeçe
çemeleşmek bilen, anyk teklipleriň taýýarlanylmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-iň
ýolbaşçysyna degişli döwlet edaralary bilen bilelikde daşary ýurtlarda söwda
wekilhanalarymyzy açmak üçin hem teklipleri bermegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Bitarap döwletimiziň başlangyjy bilen
öňe sürlen we iri halkara guramalarynda goldawa eýe bolan teklipleriň hem-de
halkara derejesinde kabul edilen çözgütleriň, şol sanda Birinji Hazar ykdysady
forumynyň netijeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegini gazanmak zerurdyr.
Aral deňzi bilen bagly ýüze çykýan zyýanly täsirleri azaltmak babatda sebit
ýurtlary bilen anyk maksada gönükdirilen işleriň depgini güýçlendirilmelidir.
Şeýle hem milli Liderimiz Hazar deňziniň mümkinçiliklerini ulanmakda
Hazarýaka döwletleri bilen zerur hukuk binýadyny we meýilnamalary
taýýarlamak işleriniň dowam etdirilmelidigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň
ykdysady kuwwatyny artdyrmak we pugtalandyrmak üçin, daşary ýurtly
hyzmatdaşlar bilen ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna amatly şertlerde daşary
ýurt maýa goýumlaryny çekmäge ýardam bermegiň wajypdygyny belledi.
Ykdysady, söwda, maýa goýumlar, ylym-bilim we tehnika, medeniýet hem-de
beýleki ugurlary öz içine alýan, daşary ýurt döwletleri bilen Türkmenistanyň
arasynda döredilen ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň işjeňligi
ýokarlandyrylmalydyr. Bu toparlarda daşary ýurt işewürleri bilen gatnaşyklary
has-da giňeltmäge, täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, daşary ýurt maýa
goýumlaryny çekmäge uly üns berilmelidir.
Türkmenistanyň beýleki döwletlerdäki diplomatik wekilhanalary, ýurdumyzyň
ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan daşary ýurtlardan
uly möçberde harytlar, enjamlar, ýörite tehnikalar satyn alnanda, öndürijiler
bilen göni hyzmatdaşlyk ýola goýulmalydyr. Döwlet Baştutanymyz bu önümleri
amatly bahalardan satyn almakda we zerur maglumatlary alyşmakda olara
ýardam etmelidigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp,
ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň iş ugurlaryny döwrüň talabyna
laýyklykda kämilleşdirip, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-
de maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça hem zerur işleri
geçirmek boýunça tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
G.Müşşikowa ýüzlenip, Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň daşary
ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň
maliýe-ykdysady ýagdaýyny, döwlet býujetinden hem-de maliýeleşdirmegiň
beýleki döwlet çeşmelerinden bölünip berilýän serişdeleriň öz wagtynda we
maksadalaýyk özleşdirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz ýene-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, garamaga teklip edilen birnäçe
resminamalaryň taslamalaryna ünsi çekdi.
Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky
Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan –
parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli
halkara maslahatyny, dabaralary we çäreleri geçirmek hakyndaky,
«Türkmenistanyň 2021–2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyny
tassyklamak hakyndaky», «Eksport-import amallary üçin bir penjire»
ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky»
Kararlar bar.
Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna
«Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanyny döretmek
hakyndaky» kararyň taslamasy hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz bu Karara
gol çekjekdigini aýdyp, galan kararlara beýleki pudaklaryň işi bilen hem bagly
bolansoň, olara Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçiriljek giňişleýin
mejlisinde seredilse, maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Ýokarda agzalan tapawutlandyryş nyşany barada aýdylanda bolsa, bu nyşan
bilen Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk
syýasatyny amala aşyrmakda, daşary ýurt döwletleri bilen dürli ugurlarda
gatnaşyklary ösdürmekde we berkitmekde ýurdumyzyň abraýly halkara
guramalary bilen netijeli gatnaşyklaryny giňeltmekde şahsy goşandyny goşan
diplomatik gullugyň işgärleri sylaglanar.
Milli Liderimiz Karara gol çekip we şu mynasybetli türkmen diplomatlarynyň
ählisini gutlap, ony wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna elektron resminama
dolanyşygy arkaly iberdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
hormatly Prezidentimize “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen
tapawutlandyryş nyşanyny döredendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip,
döwlet Baştutanymyzyň bu çözgüdiniň ýurdumyzyň diplomatik düzümi üçin
şanly wakadygyny nygtady.
Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň yzygiderli goldawy netijesinde, türkmen
diplomatlarynyň üstünlikli işlemgi üçin ähli zerur şertler döredildi. Diplomatik
gullugyň hukuk binýady yzygiderli pugtalandyrylýar hem-de kämilleşdirilýär,
onuň işine öňdebaryjy tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Degişli düzüm
döwrebaplaşdyrylýar, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik
wekilhanalary üçin täze binalar gurulýar. Diplomatik işgärleriň, olaryň
maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar.
Wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyza şu günki duşuşyk
hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça gymmatly öwüt-ündewleri
hem-de maslahatlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň
diplomatik düzüminiň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň daşary
syýasy ugruny birkemsiz durmuşa geçirmek, onuň halkara baraýyny has-da
artdyrmak, milli Liderimiziň öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny durmuşa
geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyk
arkaly iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk,
maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp
barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.