Türkmenistanyň Prezidenti ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlary we jemgyýetçilik
guramalarynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

8-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ugurlarynda we
jemgyýetçilik guramalarynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we
olaryň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, şeýle hem ministrlikleriň
we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ugurdaş
ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çagyryldy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, bu ulgamlaryň ýurdumyzy
hemmetaraplaýyn ösdürmekde esasy hereketlendiriji güýçdigini aýtdy. Bu ugurlarda ýetilen
sepgitler, ösüşler halkymyzyň sagdyn we abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, ýaşlaryň
ylymly-bilimli bolmagy köp babatda bu ulgamlaryň netijeli işine baglydyr.
Şonuň üçin döwletimiz bu ulgamlary ösdürmäge köp möçberde maýa goýumlaryny gönükdirýär.
Emma, muňa garamazdan, bu ulgamlarda kemçilikler we ulanylmaýan mümkinçilikler bar diýip,
milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu günki maslahatyň maksadynyň ylym,
bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini
ýokarlandyrmak, ösüp barýan ýaş nesillere berilýän bilimiň hem-de terbiýäniiň hilini
gowulandyrmak boýunça möhüm işleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdygyny belledi we
maslahata gatnaşyjylaryň hasabatlaryny hem-de tekliplerini diňledi.
Ilki bilen bilim ministri O.Gurbanowa söz berdi. Ol ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleri
durmuşa geçirmegiň çäklerinde, bilim ulgamynyň dolandyryş, düzüm ulgamyny, hukuk
binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň
hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Sanly bilim
ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ol elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini
öz içine alýar.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, geçen ýyl Bilim ministrliginň Innowasiýa
maglumat merkezi döredildi, “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe
taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini
kämilleşdirmegiň maksatnamasy” hem-de “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara
degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” tassyklanyldy.
On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt
dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri
okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipelere
laýyklykda, bilim hem-de terbiýeçilik işlerine okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň
gazananlary, innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bilim edaralarynyň resmi web-
saýtlaryny we elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döretmek boýunça netijeli işler alnyp
barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim ulgamynda
okatmagyň innowasion usullaryny, häzirki zaman bilim maksatnamalaryny we okuw
gollanmalaryny peýdalanmagyň aýratyn wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz
öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek we özleşdirmegiň, daşary ýurtlaryň abraýly ylym-bilim
merkezleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.
Bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirip, milli Liderimiz bilim edaralarynyň işini
döwrüň talabyna kybap derejede kämilleşdirmek boýunça zerur çääreleri görmegi tabşyrdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ösüp barýan ýaş nesli okatmak hem-de terbiýelemek bilen bir
hatarda, mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň arasyndan has zehinlilerini ýüze çykarmak
meselelerine jogapkärli çemeleşilmelidigini belledi. Ýaşlaryň gyzyklanmalaryna we höwes
edýän ugruna laýyklykda, olaryň saýlap alan hünäri boýunça ukyplaryny ösdürmek möhüm
bolup durýar. Şeýle edilende, öz işine hemmetaraplaýyn düşünýän ýaş hünärmenler ýetişer diýip,
döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamynda amala aşyrylýan
özgertmeleri çaltlandyrmagyň, bu ugurda işleri has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyny belläp,
ministre we ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Soňra saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow ulgamda alnyp barlan
işleriň netijeleri we şu ýyla meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.
Ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, kesellerini öňüni almak, anyklamak,
bejermek we saglygy dikeltmek, adamlary zerur derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler
bilen elýeter üpjün etmek, hünärmenleri taýýarlamak, pudagara we halkara hyzmatdaşlygyny
ösdürmek hem-de ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça
toplumlaýyn işler durmuşa geçirildi.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyna dünýäniň meşhur lukmanlaryny çekmek arkaly
özara tejribe alyşmak, hünärmenleri taýýarlamak hem-de bilim derejelerini ýokarlandyrmak,
lukmançylyk ylmyny ösdürmek, milli lukmançylyga täze anyklaýyş we bejeriş usullaryny
ornaşdyrmak, ösen tehnologiýaly saglygy goraýyş merkezleriniň işini döwrebap guramak hem-
de täze merkezleriniň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça saglygy goraýyş
edaralarynda elektron resminama dolanyşygy ulgamy ornaşdyryldy, sanly tehnologiýalar
peýdalanylýar. Ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan netijeli
epidemiologiýa gözegçilik ulgamynyň işi ýola goýuldy. Hasabat döwründe ýurdumyza ýokanç
keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça yzygiderli işler amala
aşyryldy.
Bu maksat bilen toplumlaýyn öňüni alyş çäreleri geçirildi. Dermanlar, waksinalar hem-de
beýleki sanjym serişdeleri, şonuň ýaly-da, lukmançylyk serişdeleri satyn alyndy.
“Türkmenistan --parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän 2021-nji
ýylda milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk hem özgertmek işleri meýilleşdirilýär. Bu
özgertmeler, şol sanda öňüni alşyň, keselleri anyklamagyň, bejermegiň hem-de saglygy
dikeltmegiň iň täze netijeli usullarynyň peýdalanylmagyna gönükdirilendir.
Ilaty zerur derman we möhüm saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen bökdençsiz üpjün
etmek hem-de olaryň rejeli ulanylyşyna gözegçiligi amala aşyrmak, saglygy goraýyş edaralaryna
sanly innowasiýalary ornaşdyrmak möhüm meseleleriň hatarynda durýar. Halkara we pudaga
hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek, ýurdumyzyň derman senagatyny
döwrebaplaşdyrmak meselesine aýratyn üns beriler.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň saglygyny düýpli
gowulandyrmak hem-de raýatlaryň ömrüni uzaltmak ýaly baş ýörelgelere esaslanýan “Saglyk”
döwlet maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek, şonuň ýaly-da, iň
ýokary halkara ölçeglerine gabat gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny ösdürmek üçin ähli çäreleriň
görülmeginiň zerurdygyny nygtady.
Soňra sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradow ýolbaşçylyk edýän ulgamynda geçen
ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljekki meýilnamalar barada hasabat berdi.
“Türkmenistan--Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçen 2020-nji ýylda bedenterbiýäni we
sporty ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak, sportuň olimpiýa görnüşleri bilen meşgullanýan türgenleri
taýýarlamak meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy G.Hanberdiýewa 2020-nji
ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, arhiw edaralarynyň işi ugurdaş kanunçylyk-hukuk namalarynyň hem-de
“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasyna”,
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda alnyp baryldy.
Sanly elektron aragatnaşygy herekete girizmek, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça
degişli işler amala aşyryldy.
Mundan başga-da, raýatlaryň ýüz tutmalaryny ýerine ýetirmek boýunça netijeli işler alnyp
baryldy. Baş arhiw müdirliginiň redaksion-neşir işi boýunça meýilnamasy doly ýerine ýetirildi.
Arhiw edaralaryny ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek, işgärleriň hünär derejesini
ýokarlandyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. 2020-nji ýylda Türkmenistanyň arhiw
edaralary tarapyndan ýyllyk meýilnama 104,8 göterim ýerine ýetirildi.
Şu ýylda döwlet arhiwleriniň we arhiw aýawhanalarynyň ulgamyny we düzümini
kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, resminamalary aýawly
sklamagyň amatly şertlerini we ätiýaçlyk üçin meýdanlary, peýdalanyş gaznalaryny döretmek
boýunça işleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulgamyň işgärleriniň
esasy wezipesiniň milli arhiw gaznasynyň resminamalarynyň degişli derejede saklanylmagyny
hem-de döwletimiziň, jemgyýetimiziň we raýatlaryň ýüz tutmalaryny kanagatlandyrmak üçin
netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmekden ybaratdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda arhiw işini mundan beýläk-de
kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi eziz Diýarymyzyň durmuşynyň ähli
ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyny,
sanly we maglumat tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna ýardam eder.
Soňra Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy S.Toýlyýew 2020-njy ýylda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri we şu ýyl üçin bellenilen meýilnamalar barada hasabat berdi.
Ýurdumyzda ylym ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär, onuň kanunçylyk we
maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işleini
geçirmek, ýaş alymlary, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikler
döredilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag
institutlarynda, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-
önümçilik barlaghanalarynda dürli ugurlar boýunça döwrebap ylmy-barlag işler alnyp barylýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylda Türkmenistanda ylym ulgamyny
2020-2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasyny hem-de Türkmenistanda
himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet
maksatnamasyny kabul etdi.
Geçen ýylda Ylymlar güni mynasybetli “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym,
tehnika we innowasion tehnologiýalar” hem-de Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly
adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar hem-de Taryh we arheologiýa institutlarynyň
guramagynda “Bitarap Türkmenistan –ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara
hyzmatdaşlyk” atly halkara onlaýn ylmy maslahatlary geçirildi.
"Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" şygary astynda geçýän 2021-nji
ýylyň meýilnamalary barada aýdylanda, ykdysady taýdan bähbitli, ýerli çig mallaryň esasynda
dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply, senagat ähmiýetli önümleri öndürmegiň esasyny düzýän
maksatnamalaýyn ylmy-barlag işlerini alyp barmagyň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowhasabaty diňläp, ylmyň we bilimiň beýik
maksatlara ýetmegiň bähbidine jemgyýeti jebisleşdirýän, döwletiň kuwwatyny artdyrýan
baýlygymyzdygyny nygtady. Biz ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýäniň ösen
döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris
diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu gün ylmy ösdürmekde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ylmy
barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmagy, sanly ulgamy ornaşdyrmagy, ylmy-barlag
edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň alymlarynyň mümkinçiliklerini ulanmagyň
ugurlaryny giňeltmegiwajyp meseleleriň hatarynda kesgitläp, bu babatda Türkmenistanyň
Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow ýerine ýetirilen işler
hem-de "Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" şygary astynda geçýän
2021-nji ýyldaýolbaşçylyk edýän ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça meýlnamalar
barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş
ýörelgesinden ugur alyp, häzirki zaman sport toplumlary, stadionlar gurulýar. Halkara
derejesindäki ýaryşlar geçirilýär.
Şu günler 2021-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek iri halkara ýaryşlaryny – welotrek boýunça dünýä
çempionatyny, Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň tapgyryny geçirmäge taýýarlyk
görülýär.
Wise-premýer bilim, ylym, saglygy goraýyş, ýaşlar syýasaty we sport ulgamlarynda mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahatlary, medeni-
jemgyýetçilik, bedenterbiýe we sport maksatly çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin ähli
tagallalaryň edilýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzyň durnukly we depginli ösmegi üçin
aýratyn ähmiýete eýe bolan bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny yzygiderli
kämilleşdirmegiň, maksada okgunly, ylymly-bilimli ýaş nesli terbiýelemegiň wajypdygyny
nygtady. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň
netijeliligi köp babatda şolaryň bilim derejesine baglydyr.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gözegçilik edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmek
boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berip, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini işjeň öwrenmegiň
zerurdygyny nygtady hem-de gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen giň halkara
gatnaşyklaryny ýola goýmagyň we ýurdumyzyň öňe gitmeginiň hem-de mundan beýläk-de
gülläp ösmeginiň möhüm şerti hökmünde milli syýasatyň iri pudaklaryna innowasion işläp
düzmeleri ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň
we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryna söz berdi.
Ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarow häzirki döwürde jemgyýetçilik
guramalarynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmagyň çäklerinde Demokratik
partiýanyň düzümlerinde geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Senagatçylar we telekeçiler
partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy S.Owganowa söz berildi. Ol 2020-njy ýylyň
dowamynda guralan köpçülikleýin çäreleri we olaryň ähmiýeti barada habar berdi.
Soňra iş maslahaty Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy B.Annagurbanowyň hasabaty
bilen dowam etdi, ol bu jemgyýetçilik birleşigi tarapyndan geçen ýyl guralan çäreler barada
habar berdi.
Iş maslahatynyň dowamynda Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Zenanlar
birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Ataýewa bu syýasy düzümleriň wekilleriniň geçen
ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri we şu yl üçin bellenilen wezipeleri ýerine
ýetirmegiň ugurlary barada hasabat berdi.
Soňra Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy
Ý.Öwezberdiýew Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we onuň ýerlerdäki düzümleriniň
wekilleriniň ýaşlaryň arasynda bolup geçirýän köpçülikleýin çäreleri we olaryň netijeleri barada
hasabat berdi.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary R.Bazarow bu
birleşigiň dünýädäki agzalary bilen bilelikde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri we “Türkmenistan
–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýyl üçin kesgitlenilen
meýilnama barada hasabat berdi.
Soňra Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň başlygy M.Açylowa häzirki döwürde dünýäde emele
gelen çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, jemgyýetiň bu ugurda alyp barýan işleri hem-de
guralýan köpçülikleýin çäreler barada giňişleýin hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabat bilen çykyş etmek üçin
Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa söz berdi. Ol Türkmenistanyň
başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan
edilmeginiň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň müftüsi Ý.Hojagulyýew ýurdumyzda halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän asylly
ýörelgelerini, ýagşy dessurlaryny döwrebap derejede dowam etmek, ýaşlary watansöýüjilik we
ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek boýunça meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz habarlary diňläp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm
ähmiýetli şanly seneleriň, jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň ähmiýetini artdyrmakda hem-de
olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmekde jemgyýetçilik guramalaryna aýratyn ornuň
degişlidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn-da, häzirki döwrüň ýagdaýy we
öňde goýulýan wezipeler nazara alnyp, olaryň oňyn çözgüdini taýýarlamak işlerinde syýasy
partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň degişli düzümler bilen bilelikde iş alyp
barmagynyň, işjeň pikir alyşmalary guramagynyň wajypdygyny aýdyp, bu babatda degişli
ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradowyň hasabaty bilen dowam
etdirildi. Ol geçen ýylyň dowamynda akademiýada ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we
diňleýjilere berilýän okuw-usulyýet sapaklaryň, hünärleriň derejesini ýokarlandyrmak ugrunda
amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.
Soňra Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilow ýaşlara
berilýän bilimiň hilini we derejesini ýokarlandyrmak, uniwersitetde halkara hyzmatdaşlygyny
has-da ösdürmek, okuw-usulyýet ulgamyna häzirki zamanyň täzeçil usullaryny ornaşdyrmak
boýuna alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory
B.Orazdurdyýewa söz berdi. Ol häzirki döwürde ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň derejesini
hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça, halk hojalygynyň pudaklary üçin zerur ugurlar boýunça
hünärmenleri taýýarlamak babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine
ýetirilişi barada hasabat berdi.
Myrat Garyyýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory N.Myratnazarowa
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa saglygy goraýyş ulgamy üçin zerur
bolan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi. Bu ýokary okuw mekdebiň okuw maksatnamasyna täze ugurlary girizmek, oňa dünýäniň
ösen tejribesini we häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler
amala aşyrylýar.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory A.Saparow türkmen sportunyň
dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrmaga ukyply türgenleri ýetişdirmek, sportuň olimpiýa
görnüşlerini ösdürmek boýunça amala aşyrylyan giň gerimli işler barada hasabat berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň rektory G.Muhammedowa söz berdi. Rektor institutda ösüp barýan ýaş nesillere
hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeçi ukyply, öz ugry boýunça dünýäniň ösen tejribesinden we milli
ýörelgelerden oňat baş çykarýan ýokary derejeli mugallymlary ýetişdirmek ugrunda durmuşa
geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Iş maslahatynyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň rektory M.Kulyýewa institutda alnyp barylýan işleriň netijeleri, talyp ýaşlaryň
dünýä ylmyna düýpli aralaşmagy ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler we daşary ýurt dillerini
çuňlaşdyryp öwretmek boýunça geçilýän goşmaça sapaklar barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurdumyzda bilim
ulgamynda alnyp barylýan işleri has-da ösdurmek, onuň halkara standartlaryna kybap gelmegini
üpjün etmek we ulgama häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak
meseleleriniň möhüm talapdygyny belledi.
Şu nukdaýnazardan ýaşlara berilýän bilim-terbiýe döwrüň talabyna we şöhratly pederlerimiziň
döreden dünýä nusgalyk ýörelgelerine kybap gelmelidir. Munuň üçin bolsa, milli bilim
ulgamyny ösdürmegiň aýratynlyklaryny nazarda tutup, bilim-terbiýeçilik işleriniň guramaçylyk
derejesine, ýaşlaryň häzirki zaman ylmyndan, täzeçil usullardan ussatlyk bilen baş çykaryp
bilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda
rektorlara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki döwürde emele gelen ýagdaýlary
nazara alyp, ýaşlara bilim bermegiň usulyýet ulgamyny kämilleşdirmek, okuw
maksatnamalaryna täze hünärleri girizmek bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn
toplumlaýyn we örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentiimz iş maslahatynyň dowamynda saglygy goraýyş we derman senagaty
ministri N.Amannepesowa, Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy S.Toýlyýewe hem-de
M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory M.Myratnazarowa ýüzlenip,
“Saglyk” döwlet maksatnamasynyň esasy ýörelgeleriniň ilatymyzyň saglygyny düýpli
gowulandyrmakdan we adamlaryň ortaça ömür dowamyny uzaltmakdan hem-de sagdyn durmuş
ýörelgelerini berkitmekden ybaratdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, halkara ölçegleriniň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş
hyzmatlary ösdürilmelidir. Milli Liderimiz häzirki döwürde СOVID-19 ýokanjyna garşy öňüni
alyş çäresiniň çäklerinde ýurdumyzda ekologiýa meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini,
milli tebigatymyzyň ekologiýa derejesiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda maksatnamalaýyn işleriň
amala aşyrylmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrrüňi dowam edip, Aralýaka sebitiniň gurşawyny hem-de
onuň adam saglygyna ýetirýän ýaramaz täsirlerini öwrenmek, bu ugurda degişli ministrlikler we
pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ýokanç däl keselleriň öňüni almak hem-de
olaryň garşysyna göreşmek boýunça utgaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny belledi.
Milli Liderimiz bu ugurda zerur işleri geçirmek, Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde täze
ugurlary açmak, şol sanda ýöriteleşdirilen lukmançylyk edaralaryny gurmak, ylmy barlaglary
geçirmek hem-de ýörite milli maksatnamalary işläp taýýarlamak meseleleriniň wajypdygyna
ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ekologiýa we biologik howpsuzlygyny üpjün
etmek, ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, lukmançylyk uniwersitetinde
epidemiologiýa kafedrasyny döretmek bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda sanly lukmançylyk ulgamyny ösdürmek, ýokanç däl
keselleriň öňüni almak we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak meselelerine ylmy esasda
çemeleşilmelidigini we bu ugurda bilelikde zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi hem-de
degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow 2020-nji ýylda durmuş
ähmiýetli saglygy goraýyş, bilim, ylym we sport ulgamlarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek
boýunça ýerine ýetirilen anyk çäreler, şonuň ýaly-da hormatly Prezidentimiziň şol pudaklaryň
öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, tutuş halk hojalyk toplumynyň, şol sanda döwletimiziň
okgunly ösüşinde möhüm orun eýeleýän bu esasy ulgamlaryň ykdysady taýdan mundan beýläk-
de durnukly ösüşini üpjün etmek üçin toplumlaýyn maksatnamalary işläp taýýarlamagyň
zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport
ulgamlarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalary işine bagyşlanan maslahaty jemlemek bilen,
olaryň işini düýpli gowulandyrmak üçin, heniz örän köp işleriň alnyp barylmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde ulgamlarda bar bolan
mümkinçilikleri has doly peýdalanmalydygyny, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky
gazananlary esasynda işe sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmalydygyny aýtdy.
Sagdyn, zähmetsöýer, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli zerur çäreler
görülmelidir. Munuň üçin işi guramagyň täze, has netijeli usullaryny gözlemeli diýip, milli
Liderimiz maslahata gatnaşyjylaryň her birine anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz bilim ministri O.Gurbanowa ýüzlenip, bilim ulgamynyň işgärleriniň esasy
wezipesiniň ylym-bilimde we tehnikada gazanylan oňyn netijelere esaslanyp, ulgamy kämil
derejede ösdürmekden, ylymly-bilimli, zähmetsöýer, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp
ýetişdirmekden, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdygyny belledi.
Milli Liderimiz irki döwürden başlap çagalary terbiýelemek we okatmak, olaryň beden we ruhy
saglygyny berkitmek, şahsy başarnygyny ösdürmek üçin, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň
işiniň döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirilmelidigini aýratyn nygtady.
Milli aýratynlygy göz öňünde tutup, dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda bilim-terbiýeçilik
işleri ýokary derejede guralmalydyr. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar
gaznasy bilen hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow aýtdy.
Ýaşlaryň ene dilinden başga-da, daşary ýurt dillerini düýpli öwrenmegini gazanmak üçin,
çagalarda bu endigi artdyryp, höwes döretmek, daşary ýurt dillerini öwretmekde mugallymlaryň
ýokary taýýarlykly we tejribeli bolmagyny gazanmak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda
kesgitlenildi.
Garaşsyzlygymyzyň ýubileý ýylynda bilim edaralarynda häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak
arkaly ýaşlara berilýän bilimiň hili we derejesi dünýä standartlaryna laýyklykda
ýokarlandyrylmaly Ýaşlara bilim bermegiň, okatmagyň, hünärmenleri taýýarlamagyň iki
basgançakly-bakalawr we magistr maksatnamalaryna geçmek boýunça zerur işler alyp barmaly
diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Bilim ministrligine okuwçylaryň hem-de talyplaryň dogry pikir ýöretmek we erkin döredijilik
başarnyklaryny ösdürmek, başlangyç zähmet endiklerini öwretmek hem-de hünärlere
ugrukdyrmak boýunça düýpli işleri geçirmek tabşyryldy.
Bilim edaralarynyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, tejribelerini
yzygiderli ýokarlandyrmak, okuw kitaplary we gollanmalary bilen ýeterlik derejede üpjün etmek
boýunça zerur çäreler görülmelidir. Okuwçylara kitaplary aýawly saklamagy hemişe ündemek
gerek.
Ýaş nesliň dogry iýmitlenmegi we sagdyn durmuş kadalaryna eýermegi üçin bu ugurda çagalar
bagyndan başlap zerur çäreleri yzygiderli geçirmeli diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem ýaşlaryň islegine görä goşmaça
ugurlar boýunça bilim almaga şertleri döretmek üçin, welaýatlarda, etrap-şäherlerde gyzyklanma
döredýän ugurlar boýunça mekdepden daşary tölegli okuwlary gurap, degişli ygtyýarnamalaryň
berilmegini ýola goýmalydygyny aýtdy.
Bilim ministrligine ylmy-tejribe işlerini geçirmek üçin sanly aragatnaşyk ulgamlaryny ulanyp,
öňdebaryjy halkara uniwersitetleri hem-de beýleki abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklary
işjeňleşdirmek boýunça anyk tabşyryklar berildi.
Bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek üçin,
sanly ulgam giňden ornaşdyrylmalydyr. Zerur bolan elektron okuw-görkezme esbaplary, okuw
kitaplary we gollanmalary, wideo we audio materiallar bilen üpjünçiligi gowulandyrmaly.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow: “Saglyk” döwlet
maksatnamasyndan ugur alyp, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý ýylynda raýatlarymyzyň
saglygyny goramak we berkitmek, ulgamy depginli ösdürmek üçin alnyp barylýan işleri has-da
güýçlendirmek tabşyryldy.
Döwrüň talabyna laýyklykda, keselleriň öňüni alyş we bejeriş çärelerini talabalaýyk ýola
goýmak, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidip, işgärleriň hünär
taýýarlygyny ýokarlandyrmak işlerini dowam etmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Ilata edilýän hyzmatlaryň, derman serişdeleriniň elýeterli bolmagyny üpjün etmek we hilini
ýokarlandyrmak, eneligi hem-de çagalygy goramak boýunça degişli işler alnyp barylmalydyr.
Ýurdumyzda sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygy durnukly saklamak, ýokanç
keselleriň öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek boýunça zerur işler geçirilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz raýatlarymyzyň, hususan-da, ýaş nesliň dogry iýmitlenmegi, sagdyn
durmuş kadalaryna eýermegi we ýaramaz endiklerden daşda durmagy üçin wagyz-nesihat,
düşündiriş işleriniň geçirilmegini ilkinji nobatdaky wezipeler hökmünde kesgitledi.
Dünýäniň ösen ýurtlarynyň öňdebaryjy kliniki merkezleri, lukmançylyk okuw mekdepleri bilen
hyzmatdaşlygy dowam etmegiň zerurdygyna Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrliginiň ünsi çekildi.
Saglygy goraýyş ulgamyna ylmy barlaglaryň netijelerini ornaşdyryp, keselleriň öňüni almagyň,
anyklamagyň, bejermegiň we dikeltmegiň täze innowasion usullaryny ornaşdyrmak,
raýatlarymyza lukmançylyk kömegini bermek ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek möhüm
wezipe bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda derman we
beýleki saglygy goraýyş serişdeleriniň önümçiligini giňeldip, bu işe halkara derejesinde belli
önüm öndürijileri, daşary ýurtly maýadarlary çekmegiň maksada laýykdygyny belledi.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçysyna “Aýratyn zähmet şertleri
bolan işlerde goşmaça hak bellemegiň we tölemegiň Tertibine” laýyklykda, zyýanlylyk we
agyrlyk derejelerine baglylykda, saglygy goraýyş ulgamynda aýratyn zähmet şertleri bolan
işleriň, kärleriň we wezipeleriň sanawyny bellenen tertipde taýýarlamak tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradowa ýüzlenip, bedenterbiýe
we sport bilen meşgullanmagy wagyz etmek boýunça işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý ýylynda
ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny berkitmek we zyýanly endiklere garşy göreşmek maksady
bilen, ýaşlary bedenterbiýä we köpçülikleýin sporta has giňden çekmeli. Çagalar sportuny
ösdürmegi hem netijeli dowam etmeli.
Ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň Olimpiýa oýunlaryna, şol sanda gyşky görnüşlerine, dünýä,
Ýewropa, Aziýa we beýleki halkara ýaryşlaryna ýokary taýýarlykly gatnaşmaklaryny hem-de
baýrakly orunlary eýelemeklerini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekildi. . Şu maksat bilen,
ministrligiň ýolbaşçysyna sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara derejeli ussat türgenleri
taýýarlamaga guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermek tabşyryldy.
Sport desgalaryny netijeli dolandyrmak, sport mekdepleri bilen utgaşykly işlemek, sport
desgalarynda tölegli esasda okuw-türgenleşik sapaklaryny guramak, olary uzak möhletleýin
kärendä bermek boýunça degişli işler geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň
ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy talap etdi. Bu syýasata laýyklykda, ýaşlaryň alan
hünär bilimlerini önümçilikde, döwlet gullugynda, ylmy we döredijilik işlerinde netijeli
ulanmaklary üçin amatly şertler döredilmelidir. Milli Liderimiz ýaşlarda dolandyryş, işewürlik
we ekologiýa başlangyçlaryny ösdürmelidigini hem-de ýaş maşgalalary goldamak syýasatymyzy
dowam etmelidigini aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy
S.Toýlyýewe ýüzlenip, 2024-nji ýylda türkmen halkynyň beýik akyldary we söz ussady
Magtymguly Pyragynyň doglan gününe 300 ýyl dolýandygyny belläp, bu şanly senäni ýokary
derejede belläp geçmek üçin häzirden taýýarlyk görüp başlamalydygyny aýtdy hem-de bu
ugurda halkara derejesinde tanyşdyryş dabaralaryny, maslahatlary we bäsleşikleri geçirmegi
meýilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Milli Liderimiz ykdysady ösüşde tehnologiýalaryň möhümdigini göz öňünde tutup,
innowasiýalary, öňdebaryjy usullary we tejribäni önümçilige giňden ornaşdyrmak üçin döwrebap
ylmy-amaly barlaglary geçirmegiň zerurdygyny belledi.
Alymlaryň öňünde birnäçe möhüm wezipeler -- Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde ýetilen
belent sepgitleri we gazanylan üstünlikleri ylmy taýdan düýpli öwrenmek, Ylymlar
akademiýasynyň, beýleki bilim edaralarynyň alymlarynyň, professor-mugallymlarynyň,
talyplaryň taýýarlan ylmy işlerini we oýlap tapyşlaryny önümçilige ornaşdyrmaga goldaw
bermek boýunça wezipeler goýuldy.
Nygtalyşy ýaly, ylmy-tejribe işlerini geçirmekde sanly aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmak arkaly
beýleki döwletleriň ylmy edaralary, halkara uniwersitetleri hem-de abraýly bilim edaralary bilen
gatnaşyklary işjeňleşdirmek zerurdyr.
Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetiň dürli
pudaklarynda ulanylýan önümleriň, materiallaryň has täze we ykjam görnüşlerini öndürmek,
önümçilik usullaryny kämilleşdirmek boýunça ylmy-tejribe işlerini gurap, pudaklar üçin
teklipleri hem-de Ylymlar akademiýasynyň amaly ylmy-barlag edaralaryny 3 ýylyň dowamynda
tapgyrlaýyn hojalyk hasaplaşygyna geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny gyssagly
taýýarlamagy we durmuşa geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy G.Hanberdiýewa eýeçiliginiň
görnüşine garamazdan, edaralar, kärhanalar we guramalar üçin arhiw işi we iş dolandyryş
boýunça kadalary, düzgünnamalary, resminamalaryň birkysmy sanawlaryny hem-de beýleki
kadalaşdyryjy-usuly gollanmalary taýýarlamak tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý ýylynda ylmy barlaglaryň we
usuly işleriň netijelerini, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini arhiw işine giňden ornaşdyrmak,
arhiw işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, maglumatlar ulgamyny, gorlaryny döretmek we
elektron dolanyşygyny girizmek boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini nygtady.
Maslahata gatnaşýan ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna ýokary okuw mekdeplerini bilim,
ylym we täze tehnologiýalar merkezleri hökmünde çalt depginler bilen ösdürmek tabşyryldy.
Milli Liderimiz Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi bellenilýän şu ýylda bilim bermegiň ähli
derejelerine iň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň we usullaryň has giňden
ornaşdyrylmalydygyny nygtady.
Ýokary okuw mekdeplerinde okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, kitaplaryny we
gollanmalary ösen halkara tejribesine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirip durmak, ýurdumyzyň
ykdysadyýetiniň ösüş aýratynlygyna we pudaklaryň zerurlygyna görä, täze ugurlar boýunça
hünärmenleri taýýarlamak işlerini dowam etmek wajypdyr.
Döwlet Baştutanymyz innowasion ykdysadyýetiň talaplaryna we halkara standartlaryna laýyk
gelýän ýokary bilimiň iki basgançakly ulgamyny tapgyrlaýyn ornaşdyrmak işini dowam etmegi,
ylmyň we tehnologiýalaryň, şeýle hem halkara tejribesiniň gazananlaryny ulanmak bilen, ýokary
okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hünärini ýokarlandyrmagy hemişe gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Bu maksada ýetmek ugrunda, şonuň ýaly-da, Ylymlar akademiýasynyň we ýokary okuw
mekdepleriniň alymlarynyň bilelikde ýerine ýetirýän, döwletimiziň ylmy we ykdysady
kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän düýpli we ylmy-amaly barlaglary ösdürmegi
tabşyrdy.
Professor-mugallymlaryň hem-de talyplaryň taýýarlan ylmy işlerini we oýlap tapyşlaryny
önümçilige ornaşdyrmak boýunça zerur işleri yzygiderli geçirip durmaly, beýleki döwletleriň
abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldip, bilelikde simpoziumlary, ylmy-
amaly maslahatlary, sergileri, bäsleşikleri guramaly diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam
etdirdi.
Şonuň ýaly-da, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow talyplaryň halkara
olimpiadalaryna gatnaşmagyny we baýrakly orunlary almagyny üpjün etmegiň, ýokary okuw
mekdeplerini bilim görkezijisi boýunça dünýäniň meşhur bilim edaralarynyň sanawyna girizmek
babatda zerur işleri geçirmegiň zerurdygyny belledi.
Syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryna işlerini döwrüň talabyna
görä, yzygiderli kämilleşdirip durmak hem-de öz jemgyýetdäki ornuny yzygiderli
ýokarlandyrmak tabşyryldy. Şu maksatlar bilen täze tehnologiýalary, maglumatlary ýaýratmagyň
ulgamlaryny, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini giňden peýdalanyp, düşündiriş-wagyz
işlerini güýçlendirmek zerurdyr.
Nygtalyşy ýaly, ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek
boýunça çäreleri ýygy-ýygydan geçirmek, köpçüligiň döredijilik güýjüni ýurdumyzy ösdürmegiň
öňde goýlan wezipelerini, kabul edilen döwlet maksatnamalaryny doly ýerine ýetirmäge
gönükdirmek, Garaşsyzlyk döwründe gazanan üstünliklerimizi berkidip, has belent sepgitere
ruhlandyrmak gerek.
Milli Liderimiz demokratik döwletimizde döredilýän ähli mümkinçiliklerden peýdalanyp, syýasy
partiýalaryň dürli derejedäki saýlawlarda ýokary aň-düşünjeli, baý syýasy tejribeli, Watana,
halkymyza we ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza wepaly, jogapkärçilikli
adamlary teklip etmelidigini aýratyn belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary M.Geldinyýazowa birnäçe aýratyn tabşyryklary berdi.
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine häzirden gowy
taýýarlyk görüp, bu çäreler ýokary derejede geçirilmelidir.
Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik guramalary ulgamlarynyň alyp
barýan işlerini döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek zerurdyr.
Ulgamlaryň düzüm birlikleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyryp, maliýe-ykdysady
ýagdaýyny gowulandyrmaga uly üns berilmelidir. Işleri dolandyrmakda sanly ulgamy
ornaşdyrmagy dowam etdirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýeriň gözegçilik edýän
ulgamlarynyň her biri boýunça aýratyn tabşyryklary berip, saglygy goraýyş ulgamyny has-da
ösdürmek arkaly ilatyň ömür dowamlylygynyň uzaldylmagyny gazanmak, raýatlarymyz üçin
ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek boýunça çäreleriň
durmuşa geçirilişini gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.
Bilim barada aýdylanda, ösüp gelýän nesillerde watançylyk, ahlaklylyk, adalatlylyk,
dogruçyllyk, ululara hormat goýmak, halkymyzyň taryhyna, däp-dessurlaryna, medeniýetine
söýgi we tebigata aýawly garamak häsiýetlerini terbiýelemek wajypdyr.
Çagalaryň tebigy zehinini, ukyplaryny, şahsy başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin
dürli medeni-köpçülik, çeper-döredijilik çärelerini geçirip durmaly, çagalar üçin ýokary hilli
kitaplary, çeper eserleri çap etmegi dowam etmeli. Bilim edaralarynda okuw meýilnamalaryny,
maksatnamalary, kitaplary we gollanmalary ösen halkara tejribesine laýyklykda yzygiderli
kämilleşdirip durmaly.
Wise-premýere Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini has-da
kämilleşdirmek bilen, görkezijisi boýunça dünýäniň öňdebaryjy bilim edaralarynyň sanawyna
girmek üçin zerur işleri geçirmek tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz ýokary we ýörite orta bilim berýän okuw mekdeplerinde okuw üçin
tölegler kesgitlenende, döwletiň goldawyna mätäç talyplara we okuwçylara ýeňillikleri göz
öňünde tutmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport barada aýdyp, Aşgabat şäherinde
welotrek boýunça dünýä çempionatyny, Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyny ýokary
guramaçylykly geçirmek üçin ähli çäreleri görmek barada tabşyryk berdi.
Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek
baýramçylyk çärelerine ulgamyň işgärleriniň guramaçylykly gatnaşmalydygyny aýratyn belledi.
Şonuň ýaly-da, hökümetara ylalaşyklaryna laýyklykda, ýaşlarymyzy daşary ýurtlaryň abraýly
ýokary okuw mekdeplerinde okatmak işini has-da güýçlendirmek boýunça wezipeler öňde
goýuldy.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Geldinyýazowa we Türkmenistanyň Ylymlar
akademiýasynyň ýolbaşçysy S.Toýlyýewe ýüzlenip, häzirki döwürde ýaşlardan ylmy işgärleri
taýýarlamak işiniň talabalaýyk alnyp barylmaýandygyndan nägilelik bildirdi. Milli Liderimiz
döwletimiziň gowy maddy-enjamlaýyn binýady döredendigine we döredýändigine garamazdan,
ylmy ösdürmegiň, aýratyn-da ýokary okuw mekdep ylmyny ösdürmegiň anyk maksatnamasynyň
hem ýokdugyna ünsi çekdi.
Sanly ykdysadyýeti dolandyrmak boýunça ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we
hünärmenleri taýýarlamak işleri ýeterlik derejede alnyp barylmaýar. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyzyň sanly bilime, aýratyn-da, umumymilli ösüşiň möhüm şerti hökmünde
sanly ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmak wezipelerini çözmäge uly üns bermegi talap etdi.
Nygtalyşy ýaly, orta mekdepler üçin hem, ýokary okuw mekdepleri üçin hem okuw
maksatnamalaryny kämilleşdirmek we täzelerini taýýarlamak işleri yza galýar, hünärmenleri
taýýarlamagyň dünýä tejribesi az öwrenilýär hem-de ornaşdyrylýar. Şoňa görä-de, öňdebaryjy
tejribeler bilen tanyşmak üçin, beýleki ýurtlar bilen wideokonferensiýalary ýygy-ýygydan gurap
durmaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamynda geçirilýän özgertmeleri, aýratyn-da oba
ýerlerinde çaltlandyrmaga örän düýpli üns berilmelidigini, häzirki döwürde täze saglygy goraýyş
desgalarynyň gurluşygynyň hem, olary döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek işleriniň hem
ýaramaz alnyp barylýandygyny belledi.
Milli Liderimiz ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek barada kabul edilen maksatnamanyň
ýerine ýetirilişiniň-de çaltlandyrylmalydygyny, şäherleriň we obalaryň arassaçylygyna aýratyn
uly üns berilmelidigini belledi.
Jemgyýetçilik guramalarynyň işini utgaşdyrmak hem talabalaýyk alnyp barylmaýar. Kabul
edilen döwlet maksatnamalarynyň jemgyýetçilik taýdan goldawy ýeterlik däl. Bu çäreler köplenç
bir gezeklik geçirilýär, soňra bolsa unudylýar. Şoňa görä-de, her bir başlanan işi ahyryna çenli
ýerine ýetirmek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Ýaşlar guramasy hem gowşak işleýär. Ykdysadyýetimizi ösdürmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak
boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny goldamakda ýaşlaryň işjeňligi duýulmaýar.
Esasy zat bolsa, döwletimiziň ýaşlar üçin köp işleri edýändigine garamazdan, Ýaşlar guramasy
hiç hili başlangyç bilen çykyş etmeýär. Ýurdumyzda bolsa, ýaş nesilleriň mynasyp bilim-terbiýe
almagy, sport bilen meşgullanyp, talabalaýyk dynç almagy üçin ähli şertler döredildi. Döwlet
Baştutanymyz döredilen şu şertlerden netijeli peýdalanylmalydygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz aýdylan şu tankydy belliklerden degişli netije çykaryp, ýagdaýy
düzetmek üçin zerur çäreleri görüp, alnyp barylýan işleri has güýçlendirmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip, ylym,
bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik guramalary toplumynyň maliýe-ykdysady
ýagdaýyny yzygiderli seljerip, pul üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy
tabşyrdy.
Şonuň ýaly-da wise-premýere özara algy-bergiler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini we
karzlaryň gaýtarylyşyny gözegçilikde saklamak, býujetden maliýeleşdirilýän bilim, saglygy
goraýyş we beýleki edaralara bölünip berlen maliýe serişdeleriniň öz wagtynda özleşdirilişine we
bellenen maksada görä ulanylyşyna gözegçilik etmek barada tabşyryk berildi.
Bilim ministrligi tarapyndan bilim bermek we hünäre taýýarlamak boýunça ygtyýarnamalaryň
berlişini seljermegiň hem-de ähli welaýatlarda tölegli esasda okuw merkezleriniň işini ýola
goýmagyň zerurdygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem ýokanç keselleriň öňüni
almak ýaly möhüm meseläniň üstünde durup geçdi. Siziň bilşiňiz ýaly, biziň halkymyzda «Il
saglygy - ýurt baýlygy» diýen pähim bar. Şu pähimden ugur alyp, döwletimiz raýatlarymyzyň
abadan, bagtyýar we sagdyn durmuşda uzak ömür sürmegi üçin hemişe uly alada edip gelýär.
Mähriban halkymyzyň saglygy bilen bagly işlerde hiç hili serişde gaýgyrmaýar diýip, milli
Liderimiz nygtady.
Siziň bilşiňiz ýaly, häzirki döwürde dünýäniň köp ýurdunda ýiti öýken sowuklama keseli bolan,
koronawirus ýokanjy giňden ýaýrady. Türkmenistanda bu keseliň öňüni almak üçin öz wagtynda
ähli zerur çäreler görüldi diýip döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylara, ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, ýaňy-
ýakynda bu ýokanjyň garşysyna sançmak üçin, ýokary hilli we howpsuz waksinalaryň iki
görnüşiniň ýurdumyzda hasaba alnandygyny we bu işleriň dowam etdirilýändigini belledi.
Biz iň gymmatly baýlyk bolan halkymyzyň saglygyny goramak üçin ähli zerur çäreleri göreris.
Ýöne muňa garamazdan, eziz watandaşlarymyz, sagly goraýyş işgäleri tarapyndan talap ediläýn
arassaçylyk kada-kanunlaryny berjaý etmek her birimiziň borjumyzdyr diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemläp, oňa gatnaşyjylaryň
ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi
ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.