Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş
serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbir hökümet agzalarynyň,
medeniýet ulgamynyň we köpçüliklýin habar berş serişdeleiniň, pudaklaýyn düzümleriniň
ýolbaşçylarynyň, ugurdaş ýokary mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam
arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda medeniýet ulgamynda we köpçülikleýin habar beriş
seridelerini ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olary ösdürmegiň
geljekki wezipeleri kesgitlendi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry we
durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeli guraly bolan medeniýet ulgamyna möhüm ornuň
degişlidigini belledi.
Milli Liderimiiň belleýşi ýaly, halkymyzyň örän baý ruhy gymmatlyklaryny, medeni
mirasymyzy gorap saklamakda, dünýä ýaýmakda, ýaş zehinleri ýetişdirmekde medeniýet
ulgamyna örän ulyy orun degişlidir. Halkyň kalby bolan medeniýet adamlaryň aň-düşünjesini
ýokarlandyrmakda, işjeňligini artdyryp, agzybirligini berkitmekde, köpçüligi beýik işlere
galkyndyrmakda örän uly güýje eýedir.
Ýazyjy-şahyrlaryň tolgundyryjyv sözleri, bagşy-sazandalaryň kalbyňa ornaýan şirin
mukamlary, suratkesleriň täsirli şekilleri hiç kimi biparh goýmaýar. Şoňa görä-de, biziň millet
derejesinde gazanan üstünliklerimiz, ýeten sepgitlerimiz medeniýetimiziň ösüşi bilen aýrylmaz
baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. .
Döwletimiz bu ulgamy ösdürmäge we baýlaşdyrmaga köp möçberde maýa goýumlaryny goýýar.
Yöne, muňa garamazdan, heniz bu ugurda kemçilikler we ulanylmaýan mümkinçilikler hem az
däl diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Häzirki döwürde bu ulgamvň isiniň nähili edip talabalaýyk guramaly, asyrlarboýy sünnälenip,
biziň günlerimize ýetirilen medeni mirasymvzy, aýdym-saz sungatymvzy, däp-dessurlarymyzy
asvl nusgasynda geljek nesillerimize nädip ýetirmeli diýip, milli Liderimiz belledi hem-de şu gün
maslahatda şu we beýleku möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy
Hormatly Prezidentimiz maslahatyň gün tertibine geçip, medeniýet ministri A.Şamyradowa söz
berdi. Ol milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, ýurdumyzda medeniýeti we sungaty,
döredijilik işgärleriniň çeperçilik işini ösdürmek üçin aňyrbaş şertleriň döredilendigini aýtdy.
Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky edaralarda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri baradaky hasabatda bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak,
sanlylaşdyrmak, döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, baý many-mazmunly
we ýokary çeperçilikli döwrebap eserleri döretmek boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp
barylýandygy habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen kabul edilen
“Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna”
laýyklykda, teatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, çagalar sungat we
çeperçilik mekdepleriniň, Medeniýet öýleriniň, taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň işini
kämilleşdirmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Geçen ýylyň dowamynda onlaýn-tertibinde sungat ussatlarynyň, şekillendiriş hem-de amaly-
haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, fotosuratlaryň sergileri guraldy we
döredijilik duşuşyklary, festiwallar, bäsleşikler hem-de maslahatlar geçirildi.
Hasabat döwründe umumadamzat ähmiýetli milli gymmatlyklarymyzyň birnäçesini ÝUNESKO-
nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizmäge
hödürlemek boýunça degişli resminamalary we wideorolikleri taýýarlamak işleri ýerine ýetirildi.
Şonuň bilen birlikde bagşyçylyk sungatymyzy, dutar ýasamak senediniň aýratynlyklaryny açyp
görkezýän resminamalar we wideorolikler taýýarlanyldy.
Mundan başga-da, ÝUNESKO-nyň bu abraýly sanawyna “Ahalteke bedewlerini ösdürip
ýetişdirmegiň we seýislemegiň medeniýetini” girizmek üçin zerur maglumatlar toplanyldy. Häzir
bu sanawa “Türkmen alabaý itini terbiýelemegiň milli tejribesini” girizmek boýunça degişli
guramaçylyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda uly
üstünlikleriň gazanylmagyna ruhlandyrýan milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça ägirt uly
işleriň geçirilýändigini belläp, häzirki döwürde bu ugurda durmuşa geçirilýän çärelere nägilelik
bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdebini tamamlaýan ýaşlaryň saýlap alan ugry boýunça
iş bilen üpjün edilmegine Medeniýet ministrliginiň we degişli ýokary okuw mekdepleriniň
rektorlarynyň gönüden-göni jogapkärçilik çekýändiklerine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz çagalar sungat mekdepleriniň hem-de çeperçilik mekdepleriniň işiniň
talabalaýyk guralmaýandygyny, bu ugurda birnäçe kemçiliklere ýol berilýändigini aýdyp, munuň
üçin olaryň okuw meýilnamalaryna täzeden seretmegi tabşyrdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň medeniýet merkezlerinde we teatrlarynda
häzirki döwürde gazanylýan üstünlikleri, bagtyýar durmuşy wasp edýän täze eserleriň
döredilmeýändigini, gysga göwrümli sahna oýunlarynyň az goýulýandygyny belläp, teatrlaryň
režissýura babatda derejesiniň pes bolmagynyň döredilýän eserleriň çeperçiligine ýaramaz täsir
edýändigini belledi.
Dünýä medeniýetiniň ösmegine mynasyp goşant goşan türkmen halky asyrlaryň dowamynda
dünýä nusgalyk milli gymmatlyklary, asylly ýörelgeleri döretdi. Emma halkymyzyň ruhy we
medeni mirasyny öwreip, ony wagyz etmek we geljek nesillere ýetirmek işleri talabalaýyk
guralmaýar. diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Şeýle hem ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olaryň arasynda döredijilik we çeperçilik bäsleşiklerini
geçirmek boýunça ýeterlik işler alnyp barylmaýar Mundan başga-da, ýerlerde kitaphanalaryň
kitap gaznalarynyň bir bitewi sanly ulgama birikdirilendigine garamazdan, olaryň işinde
bökdençliklere ýol berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu ýagdaýlardan netije
çykarmagy ministrden talap etdi.
Soňra Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň
başlygy A.Aşyrowa söz berildi.
Ol komitetiň düzümlerinde 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we onuň geljekki
meýilnamalary barada hasabat berdi. Döwrüň talabyna laýyklykda, öňde durýan wezipeleri
ýerine ýetirmek boýunça işleriň dowam edýändigi nygtaldy.
Hasabat döwründe milli tele we radioýaýlymlarda ýurdumyzda bolup geçýän wakalar öz
wagtynda beýan edildi. Dürli konsertler, telefilmler, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetli
gepleşikler, syýasy geňeşmeler we şekilli görnüşler ýaýlyma berildi. Şeýle hem onlaýn tertibinde
halkara derejesinde gepleşikler geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, tele we
radiogepleşikleriň ýokary hil derejesini üpjün etmek, olary däp-dessurlarymyzy, milli
aýratynlyklarymyzy nazara almak arkaly taýýarlamak, halkymyzyň şöhratly taryhyny, medeni
mirasyny giňden wagyz etmek boýunça zerur işler amala aşyryldy.
Döwlet Baştutanymyzyň halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça beren tabşyryklaryny
ýerine ýetirmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar.
Beýleki ýurtlaryň teleýaýlymlarynda Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllary içinde gazananlaryny
beýan etmäge gönükdirilen işler özüniň oňyn netijesini berýär. Daşary ýurtlaryň
teleradioýaýlymlary bilen baglaşylan ylalaşyklaryň çäklerinde ýurdumyzyň hünärmenleri, milli
žurnalistler üçin onlaýn-maslahatlary geçirilýär. Sanly ulgam babatda halkara tejribesini
öwrenmek we çuňňur many-mazmunly gepleşikleri taýýarlamak meselelerine ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna taýýarlanan wideorolikler
Aziýa-Ýuwaş ummany teleradioýaýlymlar birleşiginiň internet torunda giň meşhurlyga eýe
boldy.
Döwlet komitetiniň başlygy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şeýle hem
“Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna giňden taýýarlyk işlerine başlanandygyny
habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna,
teleradioýaýlymlar babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň öwrenilmegine möhüm üns
berilmelidigini belledi.
Žurnalistler, medeniýet işgärleri we ideologiýa gullugynyň hünärmenleri jemgyýetçiligiň ünsüni
çekmek üçin giň, köp taraply bilime eýe bolmalydyr, ähli ugurlar boýunça dünýäde bolup geçýän
wakalary öwrenmelidir, täzeçil pikirlenip işlemelidir we döwrüň talabyny esasy ugur edinmelidir
diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, halkara gatnaşyklaryny mundan beýläk-
de giňeltmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylmalydyr.
Häzirki döwürde halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleri sanly tehnologiýalaryň, elektron
neşirleriň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýärler. Munuň özi ähmiýetli habarlary dünýäniň
maglumat giňişliginde gyssagly ýerleşdirmek üçin wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek
boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy A.Hudaýberdiýew 2020-nji ýylda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe önüm öndürmek we hyzmatlary etmek boýunça meýilnama 108,9 göterim
ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň dowamynda kitap önümleriniň 367 görnüşi çykaryldy. Şolaryň 156-
sy okuw kitaplarydyr. “Galkynyş” kitap merkezi ýurdumyzyň kitaphanalaryna 31 görnüşli
kitaplar paýlanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgama geçmek, onuň mümkinçiliklerinden has giň
peýdalanmak barada beren tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň
metbugat.gov.tm internet saýty ulanylmaga berildi. Onuň degişli bölümlerinde häzirki wagtda
gazetleriň 25-siniň hem-de žurnallaryň 7-siniň elektron görnüşleri ýerleşdirilýär.
2020-nji ýylda “Türkmen metbugat” internet gazeti hem-de onuň mobil goşundysy döredildi.
Onda ýurdumyzda neşir edilýän gazetleriň 19-synyň we žurnallaryň 7-siniň elektron görnüşleri
ýerleşdirildi.
Metbugat öýüniň poligrafiýa önümçiliginde sanly tehnologiýalaryň esasynda çykarylýan
önümleriniň ýokary hilli bolmagyny hem-de işleriň bellenilen möhletinde ýerine ýetirilmegini
üpjün edýän häzirki zaman programmalary ornaşdyryldy.
Ulgam boýunça sanly resminama dolanyşygyna geçmek üçin önümçilik we döredijilik
edaralarynyň arasynda içki tor ulgamy döredildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwrebap
tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, internet serişdeleriniň mümkinçiliklerini giňden ulanmak, bu
ulgamdaky iň öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek arkaly bu gullugyň işini mundan beýläk-
de kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.
Milli Liderimiz “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda
geçýän şu ýylda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini
nygtap, bu şanly senäni hem-de ýurdumyzyň durmuşyndaky beýleki şanly wakalary giňden
beýan etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet habarlar agentliginiň-TDH- başlygy B.Amansaryýewe söz berildi.
TDH-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içeri we daşarky
syýasatyny giňden wagyz etmek boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy barada
hasabat berdi. Her gün ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medni durmuşyndaky
esasy wakalary şöhlelendirip, syn hem-de seljerme makalalary taýýarlanypTürkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini hem-de elektron
neşirlerini habarlar bilen üpjün edýär.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň "Türkmenistan: Şu gün” hem-de “Türkmenistan:
Altyn asyr” saýtlarynda halkara internet auditoriýasy üçin türkmen, iňlis we rus dillerinde
habarlar, wideogörnüşleri hem-de fotoreportažlar ýerleşdirilýär.
Agentligiň şu ýyldaky esasy wezipeleriniň biri Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk
baýramy bilen baglanyşykly möhüm wakalary işjeň beýan etmekden ybaratdyr. Häzirki zaman
tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagy ählumumy internet ulgamynda Garaşsyz, Bitarap
Türkmenistanyň dürli ulgamlarda hem-de pudaklarda gazanan üstünlikleri, şonuň ýaly-da, iri
senagat, ulag, durmuş we ynsanperwer taslamalaryň durmuşa geçirilişi baradaky täzelikleri
dessin, onlaýn görnüşinde ýaýratmaga mümkinçilik berýär.
Halkara we milli habarlar agentlikleri, iri neşirler, daşary ýurtlaryň döredijilik hem-de
jemgyýetçilik guramalary bilen habarlary alyşmakdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň işiniň wajyp bölegidir.
Milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň işini
sanlylaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, TDH-niň başlygyna
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwletimiziň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmekdäki
üstünlikleri, ulag , energetika we suw diplomatiýasynyň möhüm ugurlary, maksatlary hem-de
wezipeleri, ýurdumyzyň bu ulgamlarda öňe sürýän başlangyçlary dünýäniň maglumatlar
giňişliginde giňden beýan edilmelidir.
Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady hem-de durmuş-medeni ösüşindäki ýetilen belent sepgitler
hakyndaky materiallary taýýarlamak, olary halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde
yzygiderli ýaýratmak zerurdyr. Şonuň ýaly-da, içerki syýasy özgertmeleri, Garaşsyzlyk
ýyllarynda gazanylan durmuş-ykdysady üstünlikler hakynda makalalar tapgyryny taýýarlamak
we olary metbugatda yzygiderli çap etmek gerekdir.
Türkmenistanyň hem-de beýleki ýurtlaryň habarlar ulgamyndaky işjeň hyzmatdaşlygy iň gowy
dünýä tejribesini öwrenmek, şonuň ýaly-da, täze tehnologiýalaryň ulanylmagy we bilelikdäki
habarlar taslamalaryny durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň žurnalistleriniň hünär derejesiniň
kämilleşdirilmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow nygtady.
Soňra Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew geçen ýylda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri we 2020-2021-nji okuw ýylynda göz öňünde tutulan çäreleriň
meýilnamasy barada hasabat berdi.
Milli medeniýetimizi ösdürmegiň we ony dünýäde giňden wagyz etmegiň çäklerinde institutda
ylmy-döredijilik çäreleri yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanda sanly bilimi ösdürmegiň
Konsepsiýasyna laýyklykda, institutyň sanly bilim portaly we web-saýty döredildi.
Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynda
bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Okuw meýilnamalary
we maksatnamalary yzygiderli esasda kämilleşdirilýär.
Talyplar ugurdaş edaralarda önümçilik tejribelerini geçýärler. Uçurymlar tassyklanan
meýilnamanyň esasynda degişli pudak edaralaryna işe ugradylýar. Halkara hyzmatdaşlygyny
giňeltmek boýunça ägirr uly işler alnyp barylýar. Talyplar döredijilik bäsleşiklerine we ders
olimpiadalara işjeň gatnaşýarlar.
Hasabat döwründe halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde sanly wideoaragatnaşyk duşuşyklar,
ussatlyk-sapaklary guraldy
Homatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda medeniýet
ulgamynyň pugta maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilendigini we onuň ähli
mümkinçilikleriniň herekete girizilmeginiň wajypdygyny belledi. Ýaşlaryň hünär taýdan ýokary
derejeli taýýarlygy bu işleriň netijeli bolmagyny üpjün edýär.
Şunlukda, okatmagyň sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy usullar, şol sanda teatrlaryň,
kitaphanalaryň, muzeýleriň we beýleki medeni ojaklaryň mümkinçilikleri giňden
peýdalanylmalydyr. Şeýlelikde. halkymyzyň ruhy gymmatlyklary we şahratly taryhy wagyz
edilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz instituty tamamlaýan ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligine hemmetaraplaýyn we
jogapkärçiikli çemeleşmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, institutda häzirki döwrüň
talaplaryna we özgerýän şertlere laýyk gelýän ugurlar boýunça hünärmenleriň taýýarlanmagy,
okuw meýilnamasyna we hünär ugurlaryna düýpli özgertmeleri girizmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen birlikde, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak,
halkara döredijilik bäsleşiklerinde, onlaýn—gözden geçirişlerde Türkmenistana mynasyp
wekilçilik etmäge ukyply zehinli ýaşlary ýüze çykarmak boýunça işler dowam etdirilmelidir
diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda rektora birnäça tabşryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz talyp ýaşlaryň halkymyzyň döreden milli mirasyny, ruhy
gymmatlyklaryny ylmy esasda öwrenip, olaryň ähmiýetini we many-mazmunyny açyp
görkezýän ylmy işleri alyp bamaklary üçin zerur şertleriň döredilmelidigini belledi.
Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny ýokary derejede geçirmäge
institutynyň ýaşlarynyň mynasyp goşant goşmagy, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine
ýetirilmegi ugrunda zerur işler ýerine ýetirilmelidir.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory A.Nuwwaýew geçen ýyl
ýerine ýetirilen işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi.
Bu ýokary okuw mekdebinde medeniýet ulgamynyň edaralary üçin şekillendiriş sungatynyň 16
hünäri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.
Milli Liderimiziň öňe süren “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň
Konsepsiýasyna” laýyklykda, akademiýada sanly bilim portaly we web-saýty döredildi. Onda
ýokary okuw mekdebiniň muzeýi we kitaphanasy, okuw hem-de döredijilik işleri, jemgyýetçilik
çäreleri we Ýaş alymlar merkezi barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirildi.
Akademiýanyň talyplary 2020-nji ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramy
mynasybetli gurlup ulanylmaga berlen paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň
binalarynyň daşky diwar bezeg işlerine, Diýarymyzyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan bezeg
taslamalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşdylar.
"Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" ýylynda akademiýanyň iş
meýilnamasynda talyplaryň şanly senelere bagyşlanan köpsanly bäsleşiklere, sergilere, ylmy-
amaly maslahatlara gatnaşmagy we beýlekiler göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda
ýurdumyzda gurulýan durmuş-medeni maksatly desgalaryň binagärlik çözgüdine, olaryň içki we
daşky bezeg işlerine bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň işjeň
gatnaşmagynyň möhümdigini belledi.
Soňky ýyllarda dizaýn sungatyna birnäçe häzirki zaman usullary girizildi, şu özgertmeleri nazara
alyp, Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan talyplaryň dizaýn sungaty boýunça ukyp-
başarnygyny ösldürmek, olaryň dünýäniň ösen tejribesini, ylmyň gazananlaryny özleşdirmekleri
üçin zerur şertler döredilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça wezipelerden ugur alyp,
döredijilik ýokary okuw mekdebinde has köp isleg bildirilýän ugurlar boýunça täze hünärleri
girizmek bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmegi dowam etdirmegiň, okatmagyň usulyýetini
kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyp ýaşlarynyň we döredijilik
işgärleriniň öz ugurlary boýunça sanly ulgam arkaly halkara bäsleşiklerine, gözden geçirişlere
gatnaşmagyny üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Munuň özi milli sungatymyzyň dünýä derejesinde wagyz edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.
Ýurdumyzda giňden tanalýan halypa heýkeltaraşlar, suratkeşler, zergärler we beýleki döredijilik
işgärleri bilen talyp ýaşlaryň duşuşyklary yzygiderli guralmalydyr, olaryň nazaryýetde alan
bilimlerini tejribede berkitmekleri ýerirne ýetirilýän heýkeltaraşlyk işlerine we beýleki sungat
eserleriniň döredilmegine, şol sanda bina edilýän desgalaryň içki we daşky bezeg işlerine
gatnaşmaklarynda zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň
giňden bellenilýän ýylynda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde häzirki
zamanyň ösen tejribesiniň, sanly tehnologiýalaryň netijeli ulanylmalydygyny belledi.
Soňra M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
rektory R.Amangeldiýew ýokary okuw mekdebinde saz sungaty boýunça ýokary derejeli
hünärmenleri taýýarlamak we sungaty giňden wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi.
Milli Liderimiziň zehininden kemal bolan aýdym-sazlar we ýokary çeperçilik edebi eserler
mugallymlar hem-de talyplar üçin nusgalyk mekdep bolup durýar.
Bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, konserwatoriýada sanly bilim portaly
we web-saýt döredildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyny ýerine
ýetirmek ugrunda şanly baýramlaryň hormatyna halkara derejesinde onlaýn-konsertleri, ussatlyk
sapaklary geçirildi. Konserwatoriýanyň mugallymlary we talyplary guralýan konsertlere we
telegepleşiklere yzygiderli gatnaşýarlar. Talyplar öwrenýän hünärleri boýunça saz bilim
edaralarynda tejribe geçýärler.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmen milli konserwatoriýasynda
Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň muzeýiniň döredilmegi geljekki sazandalary
ýetişdirmekde örän ähmiýetli waka öwrüldi. Şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy boýunça
täzeden diikeldilen opera çykyşlaryna mugallymlar bilen talyplaryň bilelikde gatnaşmagy
halypa, şägirtlik ýolunyň döwrebap dowam edýändigini alamatlandyrýar.
Ýokary okuw mekdebinde halkymyzyň saz sungatyny öwrenmek boýunça ylmy işler alnyp
barylýar. Bu işde döwlet Baştutanymyzyň “Ile döwlet geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy,
dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp eserleri ýaşlar üçin bahasyz gollanma bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda geçiren iş maslahatynda öňde goýan
wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen degişli işler meýilleşdirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ýokary okuw
mekdebinde halkymyzyň baý medeni mirasyny, milli sungatynyň taryhyny işjeň öwrenip, ussat
sazandalaryň döreden mukamlaryny, ajaýyp sazlaryny ösdürmek we häzirki zaman
mukamlaryny döretmek ugrunda zerur işleriň amala aşyrylmalydygyny belledi. Milli
konserwatoriýada ýokary derejeli hünärmenler ýetişdirilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde fortepiano saz gurallaryny sazlaýan, olaryň owaz
çykaryşyny talabalaýyk derejä getirýän hünärmenleriň ýetmezçilik edýändigini aýdyp, bu ugur
boýunça hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem ýaş sazandalaryň, kompozitorlaryň onlaýn-
tertibinde halkara bäsleşiklerine gatnaşmaklary, olaryň bu ugurda üstünlik gazanmaklary üçin
maksatnamalaýyn işleri amala aşyrmagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmegiň çäklerinde, talyplaryň halypa sazandalar,
kompozitorlar bilen duşuşyklaryny guramagyň, konserwatoriýanyň uçurymlarynyň ýurdumyzyň
dürli künjeklerinde zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga mynasyp goşant goşmagy ugrunda zerur
mümkinçilikleriň döredilmeginiň wajypdygyny belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow konserwatoriýanyň
talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň
professor-mugallymlary bilen onlaýn duşuşyklaryny guramaga işjeň gatnaşmalydyklaryny
belledi we bu babatda rektora birnäçe görkezmeleri berdi
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän
düzümlerinde geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň
we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça
durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli medeniýetimizi, sungatymyzy hem-de edebiýatymyzy ösdürmek, maddy we ruhy medeni
mirasymyzy geljek nesillere ýetirmek üçin aýawly saklamak, döredijilik adamlarynyň netijeli işi,
sungatyň dürli görnüşlerine degişli ýokary çeperçilikli täze eserleri döretmek üçin ähli zerur
şertler üpjün edilýär.
Medeniýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Sanly ulgamyň
mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär we milli baýramlar,
şanly seneler mynasybetli guralýan çäreler ýokary derejede geçirilýär.
Hasabat döwründe milli žurnalistikanyň işini kämilleşdirmek, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýaýlyma berilýän tele we
radiogepleşikleriň, makalalaryň hilini gowulandyrmak, gazetleriň we žurnallaryň
redaksiýalaryny düzümleýin döwrebaplaşdyrmak hem-de elektron görnüşe geçirmek boýunça
zerur çäreler amala aşyryldy. Milli kino sungatynyň hilini ýokarlandyrmak, döwrebap
kinolarynyň önümçiligini artdyrmak boýunça işler dowam edýär.
Şu günler medeniýet ulgamynyň işgärleri degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary
we häkimlikler bilen bilelikde Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň ýokary
guramaçylyk derejesini üpjün etmäge taýýarlyk işlerini alyp barýarlar. Şeýle hem iri dabaralary
guramak boýunça dünýäniň oňyn tejribesi öwrenilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda iri
dabaralary we köpçülikleýin-medeni çäreleri geçirmek boýunça oňyn tejribäniň toplanandygyny
belledi. Döwletimiziň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde, gadymy medeni däpler
baýlaşdyrylýar we üsti täze mazmun bilen ýetirilýär.
Häzirki döwrüň ýagdaýy we tehniki ösüşiň gazananlary döwrebap çözgütleri tapyp, olary
ýurdumyzyň ösüş maksatlaryna gönükdirilmegini talap edýär. Döwlet Baştutanymyz aň-bilim
işiniň, ýaşlaryň döredijilik işjeňliginiň höweslendirilmeginiň, milli mirasymyzyň öwrenilmeginiň
we umuman, ruhy taýdan ösüşiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini belledi we bu babatda
wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Diýarymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmagyň
hem-de halkara abraýyny artdyrmagyň wajyp ugurdygyny belläp, öňde durýan wezipeleri ýerine
ýetirmekde medeniýet ulgamynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine
aýratyn ornuň degişlidigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowa medeniýet ulgamyna degişli düzümleriň maliýe-ykdysady ýagdaýy we bu
ugurda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ugurdaş düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmak, ony sanly ulgama geçirmek we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň
ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri öz wagtynda çözmek maksady bilen, medeniýet
ulgamynyň edaralarynyň maliýe ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligiň ýola goýulmalydygyna ünsi
çekdi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz iş maslahatyny jemläp, garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda medeniýet
ulgamyny ösdürmek boýunça ägirt uly işleriň ýerine ýetirilendigini belledi. Şeýle-de bolsa, işleri
kämilleşdirmek üçin köp içäreleriň geçirilmelidigini we önjeýli zähmet çekilmelidigini belledi.
Ulgamyň bar bolan mümkinçiliklerini doly güýjünde peýdalanmak zerurdyr.Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlaryna
esaslanyp, sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmak boýunça görkezme berdi. Zähmeti guramagyň
netijeli usullaryny seçip alyp, olar ulgamyň düzümlerinde we edaralarynda işjeň ulanylrnalydyr.
Şunda döwlet Baştutanymyz daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge üns berilmelidigini belläp,
bu babatda maslahata gatnaşyjylara anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz medeniýet ministri A.Şamyradowa ýüzlenip, Watanymyzyň
Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda medeniýet ulgamyny mundan
beýläk-de ösdürmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Milli medeni mirasymyzyň gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny düýpli öwrenmek bilen,
halkymyza täzeden ýetirmek üçin zerur işler geçirilmelidir. Taryhy we medeni ýadygärlikleri
rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak babatda alnyp barylýan işler has-da netijeli ýola
goýulmalydyr.
Medeniýet we sungat ulgamynyň edaralarynyň işi yzygiderli kämilleşdirilmelidir, bu düzümleriň
işgärleriniň hünär derejesi ýokarlandyrylmalydyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ministre milli medeniýetimizi, baý mirasymyzy,
taryhy-medeni ýadygärliklerimizi, halk döredijiliginiň eserlerini we beýik şahsyýetlerimiziň
nusgawy eserlerini dünýäde giňden wagyz etmäge üns bermegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz kitaphana işini ösdürmek meselesine degip geçmek bilen, elektron
kitaphana ulgamynyň maglumat binýadynyň we kitaplarynyň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy
boýunça işleri geçirip, sanly kitaphana hyzmatlarynyň geriminiň giňelmegine gönükdirilen işleri
dowam etmegi tabşyrdy.
Şeýle hem milli Liderimiz Medeniýet ministrligine Telewideniýe, radiogepleşikler we
kinomatografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde halk köpçüligi üçin gyzykly, özüne
çekiji, milli äheňli, ýokary hilli döwrebap kinolary taýýarlamak we olary tomaşaçylar
köpçüligine ýetirmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Pudaklaýyn edaralaryň we düzümleriň işini guramak babatda olaryň çykdajylarynayň düzümini
seljerip, artykmaç gykdajylary azaltmak we tölegli hyzmatlaryň gerimini giňeltmek zerurdyr.
Türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasynyň gymmatlyklaryny halkara derejesinde giňden
ýaýmak ugrundaky işleri dowam etmeli, diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow belledi we Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet
meseleleri boýunça ÝUNESKO ýaly abraýly guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek
boýunça ministre anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz soňky döwürde medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işlerinde örän köp
kemçiliklere ýol berilýändigini aýdyp, halkymyzyň gadymy mirasynyň, medeniýetiniň ýeterlik
derejede öwrenilmeýändigini belledi. Öňler W.Masson we W.Sarianidi ýaly dünýä belli alymlar
ýurdumyzda işläp, halkymyzyň taryhy bilen içgin gyzyklanyp, geçmişiň açylmadyk
sahypalaryny dikeltmek boýunça bitiren işleri biziň üçin nusga bolup durýar.
Milli Liderimiz geçen ýyl Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň
bellenendigini, ýöne bu şanly sene mynasybetli hem netijeli medeni çäreler talabalaýyk
guralmandygyny, ugurdaş edaralarynyň ýagdaýy, maddy-enjamlaýyn hünärli işgärler bilen
üpjünçiligi hem örän ýaramaz derejede bolmagynda galýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işde goýberen
düýpli kemçilikleri üçin medeniýet ministri A.Şamyradowa berk käýinç yglan edip, ýol berlen
kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
Soňra milli Liderimiz Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet
komitetiniň başlygyna ýüzlenip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna
bagyşlanan ýokary hilli gepleşikleri yzygiderli ýaýlyma bermegi tabşyrdy. Guramaçylyk işlerini
güýçlendirmek maksady bilen, ussat alyp baryjylary bu işe çekmek, halypa-şägirtlik
ýörelgelerini yzygiderli dowam etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýyllary içinde gazananlaryny we durmuşa geçirilen
özgertmeleri dünýä giňden ýaýmak, şol sanda tanyşdyryş wideoroliklerini, çeper, telewizion we
dokumental filmleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreleri möhüm wezipeleriň hatarynda
kesgitledi. Şeýle hem teleradioýaýlymlar boýunça berilýän gepleşikeriň hiliniň ýokary
bolmagyny gazanmak üçin, hünärine ökde işgärleri taýýrlamak we olar üçin ýörite okuwlary
guramak işlerine möhüm ähmiýet berilmelidr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tele we radioýaýlymlarda türkmen
diliniň edebi kadalarynyň we sözleýiş medeniýetiniň berk berjaý edilişine gözegçiligi
güýçlendirmegi, şeýle hem ýaýlyma berilýän gepleşiklere gözegçilik edýän redaktorlaryň
jogapkärçiligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigine döwrebap çeper we
dokumental filmleri köpräk çykarmak babatda görkeme berdi.
Milli Liderimiz Döwlet komitetiniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy
barada aýdyp, onuň tapgyrlaýyn esasda hojalyk hasaplaşygyna geçmegi üçin zerur çäreleri
görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet neşirýat gullugynyň başlygyna ýurdumyzda neşir edilýän
gazetleriň we žurnallaryň hiline we mazmunyna hemişe gözugçilik etmegi, onlaýn-abuna
boýunça hyzmatlary giňelmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly
senesi bellenilýän ýylda kitap önümleriniň neşir edilişi we ýaýradylyşy bilen baglanyşykly
meselelere degip geçip, orta we ýokary okuw mekdeplerini zerur kitaplar hem-de gollanmalar
bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň, şol sanda çagalar üçin çeper eserleriň çap edilişini
artdyrmagyň, şeýle hem neşir önümleriniň hiline gözegçilik etmegiň zerurdygya ünsi çekli.
Milli Liderimiz neşirýat gullugynyň önümçilik kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, olaryň zerurlyklaryny we satyn alynýan kagyzlaryň,
kartonlaryň we beýleki poligrafiýa serişdeleriniň hem-de gazet-žurnallary elektron görnüşde
neşir etmegi nazara alyp, ätiýaçlyk şaýlarynyň we enjamlaryň bahalaryny seljermegi tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, neşirýat işi üçin zerur bolan harytlar satyn alnanda, Döwlet býujetiniň
serişdelerini tygşytlamak we netijeli ulanmak maksady bilen, öňdebaryjy önüm öndürijiler bilen
göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň wajypdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygyna
Garaşsyzlygymyzyň ýubileý ýylynda agentlik tarapyndan alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek,
habarlary taýýarlamak, ýaýratmak we çap etmek boýunça hyzmatlary giňeltmek babatda birnäçe
görkezmeleri berdi.
Ýokary derejeli hünärmenleri hem-de sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak agentligiň alyp barýan
işiniň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazetleriň we žurnallaryň redaktorlaryna
ýüzlenip, garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitler we şanly wakalar barada
halkymyzy watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen amala aşyrylýan özgertmleriň
many-mazmynyny açyp görkezýän dürli žanrlarda ýzylýan we çap edilýän eserleriň sanyny has-
da köpeltmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz okyjylaryň sanyny artdyrmak we gazet-žurnallaryň okyjylara
öz wagtynda ýetirilmeginiň täznçil usullaryny gözlemek boýunça işleri alyp barmagyň
zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz şol birwagtyň özünde döwürleýin neşirleriň döredijilik we
tehniki işgärleriniň bilim we hünär derejesini hemişe ýokarlandyrmagy talap etdi.
Medeniýet ulgamynyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryna medeniýet we köpçülikleýin
habar beriş serişdeleri üçin ýörite ugurlar boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak,
okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak arkaly ýaşlara berilýän bilimiň hilini we
derejesini dünýä standartlaryna laýyklykda ýokarlandyrmak tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym-bilim we medeniýet ulgamlarynda
gazanylan milli tejribä hem-de dünýä ylmynyň soňky gazananlaryna laýyklykda, ýokary okuw
mekdepleriniň okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny yzygiderli döwrebaplaşdyrmagy
tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw
mekdepleri hem-de beýleki ugurdaş edaralary bilen gatnaşyklary yzygiderli alyp barmagy,
hususan-da, talyplary we mugallymlary halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere hem-de
sergilere işjeň gatnaşdyrmagy tabşyrdy. Ýokary okuw mekdeplerinde döwrüň talabyna laýyk
gelýän täze hünärler girizilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Mämmedowa ýüzleniip, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30
ýyllyk ýubileý ýylynda bu ugurda häzirki zaman gazanylanlaryny peýdalanyp, medeniýet
edaralary tarapyndan geçirilýän köpçülikleýin çäreleri, baýramçylyk hem-de teatrlaşdyrylan
dabaralary döwrebap guramagy tabşyrdy.
Döredijilik çäreleriniň hem-de sahna eserleriniň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrmak, milli
däp-dessurlary, halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklaryny giňden beýan etmek möhüm
wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Milli Liderimiz ýaşlaryň tebigy zehinini we sungata höwesini ösdürmek, aýdym-saz
sungatymyzy, gadymy medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek maksady bilen, mekdepden daşary
çeperçilik, sungat we sazçylyk ugurly tölegli okuwlaryň we hyzmatlaryň gerimini giňeltmek
boýunça tabşyryklary berdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet ulgamynyň edara-
kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, önümçilik we hojalyk işlerini yzygiderli seljerip,
alyp barýan iş ugurlaryny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirip durmagy, bu edaralar üçin
ýokary derejeli hünärmenleri yzygiderli taýýarlamagy talap etdi.
Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli guraljak döwlet çärelerine hem-de şu
ýylyň 22-27-nji iýuly aralygynda Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine häzirden
göwnejaý taýýarlyk görmek zerurdyr.
Ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda
medeniýet ulgamy boýunça “Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda
göz öňünde tutulan çäreler boýunça ýerine ýetirilýän işler berk gözegçilikde saklanylmalydyr. .
Halkara medeni gatnaşyklary ösdürip, ýurtlaryň arasynda özara Medeniýet günlerini we berkarar
döwletimiziň parahatçylyk dörediji syýasatyny amala aşyrmaga ýardam berýän beýleki çäreleri
geçirmek däbini dowam etmeli diýip, hormatly Prezidentimz belledi.
Şeýle hem wise-premýer G.Müşşikowa medeniýet ulgamynyň edara- kärhanalarynyň maliýe-
ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljerip, pul üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça seljermeleri
geçirmek, olaryň algy-bergilerini, çykdajylarynyň düzümini jikme-jik öwrenmek, bu edaralara
Döwlet býujetinden berlen maliýe serişdeleriniň öz wagtynda özleşdirilişine we göz öňünde
tutulan maksatlara görä ulanylyşyna gözegçilik etmek tabşyryldy.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.