Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

5-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Onda geçen ýyl ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmek ugrunda alnyp barlan işleriň
netijelerine garaldy.
Milli Liderimiz şu günki iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary
G.Müşşikowyň we E.Orazgeldiýewiň hem çagyrylandygyny aýtdy. E.Orazgeldiýewiň gözegçilik
edýän oba hojalyk toplumy Ç.Gylyjowyň gözegçilik edýän söwda toplumynyň işi bilen
ýakyndan baglanyşyklydyr.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynda dokma pudagy üçin pagta ösdürilip
ýetişdirilýändigini hem-de bugdaý we köpsanly beýleki azyk önümleriniň öndürilýändigini
belledi. Bu önümler bolsa, söwda toplumyna degişli kärhanalarda gaýtadan işlenilýär.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, söwda toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini
ösdürmekde esasy pudaklaryň biridigini nygtady. Şoňa görä-de, bu ugurda ýetilen sepgitler,
ýurdumyzda azyk bolçulygyny we halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek köp
babatda bu pudagyň netijeli ösdürilmegine hem baglydyr.
Häzirki wagtda söwda, dokma we telekeçilik pudaklaryny ösdürmäge köp möçberde maýa
goýumlaryny goýýandygymyza garamazdan, heniz bu ugurda kemçilikler we ulanylmaýan
mümkinçilikler örän köp diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Şularlan ugur alnyp, iş maslahatynyň dowamynda häzirki ýagdaýda söwda toplumynyň işini
guramagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, şu ýyl ähli döwlet maksatnamalaýyn
borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin toplumda amala aşyrylýan özgertmeleriň
depginini çaltlandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar diýip, milli Liderimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen söwda we daşary
ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowa söz berdi. Ministr Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň
maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Ministrligiň garamagynda kärhanalaryň jemi 157-si bar. Hasabat döwründe söwda
dolanyşygynyň ösüşi 106,6 göterime, önümçiligiň möçberi 116,1 göterime barabar boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ilatymyzy azyk önümleri bilen durnukly
üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda öndürilýän önümleri we zerur harytlary daşary
ýurtlardan getirmek arkaly sarp ediş gorlaryny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Şu güne çenli Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky
kärhanalara degişli desgalaryň 138-si kanunçylyga laýyklykda tapgyrlaýyn hususylaşdyryldy.
Şeýle hem önümçilik kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek we hususy talaplar bilen
bilelikde olary döwrebaplaşdyryp, önümçiligi artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.
“Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna”
laýyklykda elektron söwda ulgamyny has-da giňeltmek, dükanlaryň we söwda kärhanalarynyň
hasabatyny sanly ulgamyň üsti bilen ýola goýmak, onlaýn söwda düzgünlerini halkara tejribeleri
esasynda kämilleşdirmek boýunça işler amala aşyrylýar. Ministrligiň garamagyndaky
Kompýuter tilsimaty merkezinde okuwçylar üçin kompýuterleriň önümçiligi alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş özgertmelerini
üstünlikli amala aşyrmak hem-de bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek bilen baglylykda,
söwda toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ministre söwda ulgamynyň işini kämilleşdirmek, daşary söwda
dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, daşary ýurtly işewür hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli
gatnaşyklary giňeltmek, import önümleriniň önümçiligini ösdürmek, ilata hyzmat etmegiň
medeniýetini ýokarlandyrmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýdarlar jemgyýetlerini döretmegi, döwlet
eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy. Munuň özi
hususy ulgamyň maýalaryny milli ykdysadyýete çekmäge, bäsdeşlige ukyply bazary kemala
getirmek üçin şertleri döretmäge, import önümleriniň ýerini tutýan we eksport harytlarynyň
önümçiligini artdyrmaga ýardam eder.
Soňra dokma senagaty ministri R.Rejebowa söz berildi. Ministr 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen
işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat
berdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda dokma senagatyny ösdürmäge
gönükdirilen maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.
Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda edara-kärhanalaryň 60-sy hereket edýär. 2020-nji
ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda öndürilen önümleriň ösüşi 107,4 göterime barabar boldy.
Önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, 2020-nji ýylda Mary
welaýatynyň Türkmengala, Sakarçäge pagta egriji kärhanalarynda döwrebap enjamlar
ornaşdyryldy. Şu ýylda Tagtabazar pagta egriji kärhanasynda döwrebaplaşdyryş işlerini
geçirmek, Daşogzuň “Serdar” pagta egriji fabriginde hem-de Baýramaly dokma toplumynda
täze önümçilikleri döretmek we kuwwatlyklary artdyrmak boýunça işler göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem Gypjak we Gökdepe dokma toplumlaryny tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrmak
meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň
işinde ýol berilýän kemçiliklere nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz pudagy mundan
beýläk-de ösdürmegi, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegi ýerine ýetirilmegi esasy
işleriň hatarynda görkezip, ministre olary üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary
berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda öňden işläp
gelýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, täze ýokary tehnologiýaly toplumlary gurmak
meselelerini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady.
Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň halkara hil ölçeglerine we ekologiýa
howpsuzlygyna kybap gelmegine aýratyn üns bermek zerurdyr. Ýurdumyzyň önümlerini daşary
ýurtlarda has işjeň ilerletmek üçin degişli mahabat-maglumat goldawy zerurdyr.
Milli Liderimiz önümleriň hilini ýokarlandyrmaga hem-de görnüşlerini giňeltmäge, hyzmatlar
we marketing ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge üns bermegiň wajypdygyny aýdyp,
ministre anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Çaryýew daşary ykdysady gatnaşyklary
berkitmek hem-de ýurdumyzyň içerki lomaý bazaryny ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada
hasabat berdi.
Häzirki wagtda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ulgamynda 6 kärhana bar. 2020-nji ýylyň
ýpanwar-dekabr aýlarynda 283 sany birža söwdalary geçirildi. Şeýle hem umumy bahasy 46
milliard 363 million manada deň bolan şertnamalar bellige alyndy. Girdejiniň ösüşi 108,4
göterime barabar boldy.
“Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň 2020-2025-nji ýyllar
üçin strategiýasyna” laýyklykda biržanyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işler alnyp
barylýar. Bu ugurda dünýä tejribesinde ugur alnyp, birinji tapgyrda şertnamalary bellige almak
hyzmatlaryny elektron görnüşinde sanly ulgamyň üsti bilen amala aşyrmak üçin şertler
döredilýär.
Bu ulgamyň girizilmegi bilen birža hyzmatlaryny onlaýn görnüşde amala aşyrmakda
mümkinçilik dörediler. Umuman, resminama dolanyşygynyň döwrebap usullarynyň ýola
goýulmagy zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, şertnamalary bellige almagyň möhletini
çaltlandyrmaga, şonuň bilen birlikde maglumatlaryň ygtybarly elektron binýadyny döretmäge
mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda eksport-
import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edara hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini
kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz biržanyň Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň görkezijisi,
milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň önümlerine bolan islegi aýdyň görkezýän
maglumatlaryň kuwwatly çeşmesi bolup hyzmat edýändigini aýdyp, birža söwdalaryny has-da
ösdürmek hem-de olaryň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz türkmen eksport harytlary üçin durnukly nyrhy emele getirmegiň usullaryny
döretmegiň esasy wezipedigine ünsi çekdi. Munuň özi girdejileriň artmagyna hem-de halkara
bazarlarynda döwletimiziň ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder.
Soňra “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewa söz berildi.
2020-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda pudakda önüm öndürmek boýunça ösüş depgini 120,2
göterime barabar boldy.
Geçen ýylyň dowamynda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda 28 müň 560
inedördül metr el haly we haly önümleri dokaldy. Hasabat döwründe 2 müň 495 inedördül metr
haly eksport edildi. Ösüş 105,1 göterime deň boldy.
Şeýle hem hasabatda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň yzygiderli hemaýat-goldawlary
bilen halyçylyk sungatynyň ösdürilmegine, toplumlaýyn esasda öwrenilmegine möhüm üns
berilýändigi we halylaryň gadymy nusgalarynyň aýawly saklanylmagy hem-de dünýäde wagyz
edilmegi ugrunda giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygy, pudagyň maddy-enjamlaýyn
binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy bellenildi.
Hususan-da, el halylaryny dokamagy ösdürmek, haly we haly önümleriniň önümçiligini hem-de
ýerlenilmegini kämilleşdirmek, bu gadymy sungatyň halkyň durmuşy bilen aýrylmaz
baglanyşykly baý milli mirasyny, medeniýetini, taryhyny açyp görkezmek boýunça bellenen
wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Birleşigiň ýolbaşçysy el halylary dokamakda ulanylýan çig
mallar hem-de boýaglar barada hem habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagy has-da
ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, bütin dünýäde şöhrat gazanan
köpasyrlyk milli halyçylyk däplerini häzirki döwürde mynasyp dowam edýän halyçy gelin-
gyzlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin has oňaýly şertleri döretmek baradaky meselelere
yzygiderli üns bermegi tabşyrdy.
Soňra iş maslahatynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hem
telekeçi halyçylaryň alyp barýan işleri, dokaýan halylarynyň görnüşleri barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde Halaç etrabynda haly önümçiliginiň ýola goýlandygy, mundan başga-da,
haly önümleriniň içerki we daşarky bazarlarda ýerlenilişini artdyrmak maksady bilen, birnäçe
işleriň alnyp barylýandygy, hususan-da, Saud Arabystany Patyşalygynda “Berkarar” söwda
dükanynyň işleýändigi, onda türkmen halylarynyň satylýandygy barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ajaýyp halylaryň
türkmen halkynyň mirasydygyny, olary dokamakda tebigy ýüplügiň ulanylýandygyny, şoňa
görä-de, wagtyň geçmegi bilen halylaryň has-da owadanlaşýandygyny belledi. Bu bolsa esasan
halylaryň çitimi bilen baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Milli Liderimiz
bu gadymy el sungatynyň şöhratynyň hemmeleri geň galdyryp, türkmen halylarynyň wagtyň
geçmegi bilen reňkiniň solmaýşy ýaly, ençeme ýüzýyllyklardan bäri hiç öçmän, dünýäniň dürli
künjeklerinden halynyň sarpasyny belent tutýan köpsanly adamlary häzire çenli haýrana
goýýandygyny nygtady.
Şoňa görä-de, milli Liderimiz “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň hem-de Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylaryna daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde işlemegiň
hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky söwda öýleriniň mümkinçiliklerini işjeň
peýdalanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu ugurda işleri mundan beýläk-de dowam
etmegi tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebowa söz berildi. Ol
gazanylan ägirt uly durmuş-ykdysady üstünlikleri ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän
sergilerde hem-de işewür maslahatlarda giňden beýan etmek babatda öňde goýlan wezipeleri
ýerine ýetirmek, işewürligi giňeltmek we Diýarymyzyň haryt öndürijileriniň önümleriniň
eksportunyň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
2020-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda meýilnama 126,3 göterim ýerine ýetirildi. TSSE-niň
kärhanalary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 102,7 göterime deň boldy.
2020-nji ýylyň dowamynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly sergileriň 8-si we işewürlik
maslahatlarynyň 31-si, “tegelek stoluň” başynda duşuşyklar geçirildi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli guralan halkara sergi geçen
ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Şonuň çäklerinde halkara maslahaty we işewür
duşuşyklary geçirildi. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň hem-de resminamalaryň
130-dan gowragyna, şol sanda ýurdumyzda öndürilen harytlary eksporta ýerlemek boýunça
umumy bahasy 72,8 million amerikan dollaryna barabar bolan şertnamalara gol çekildi.
Şeýle hem hasabat döwründe ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şöhratly 25 ýyllygyna
bagyşlanan “Baky Bitarap Türkmenistan” atly wirtual sergi guraldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Birleşen Arap
Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek “EKSPO” Bütindünýä sergisine düýpli taýýarlyk
görmegi hem-de şonda Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmegi tabşyrdy.
Biziň ýurdumyz özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr, şoňa görä-de, daşary ýurtly
hyzmatdaşlaryň Türkmenistanyň baý ykdysady kuwwaty hem-de häzirki döwürdäki gazananlary,
halkymyzyň köp asyrlyk özboluşly däp-dessurlary barada aýdyň düşünje almaklary üçin hemme
mümkinçilikleri ulanmak zerurdyr, munuň şeýle bolmagyna iri möçberli halkara gözden
geçirişlerine yzygiderli gatnaşylmagy gönüden-göni täsir edýär diýip, döwlet Baştutanymyz
nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Dubaýda “EKSPO” gatnaşmagynyň gyzyklanma bildirýän
ýurtlar we kompaniýalar bilen özara gatnaşyklaryň gerimini has-da giňeltmäge, daşarky
bazarlarda ýurdumyzyň harytlaryny mahabatlandyrmaga we öňe ilerletmäge hem-de dürli
ugurlarda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmäge ýardam berjekdigine ynam bildirildi.
Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebowa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30
ýyllygy mynasybetli guraljak çärelere ykjam taýýarlyk görmek we olary ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirmek tabşyryldy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew döwlet Baştutanymyz
Gurbanguly Berdimuhamedowa guramanyň 2020-nji ýylda ýerine ýetiren işleri barada hasabat
berdi.
Senagat önümleriniň önümçiligi boýunça ösüş 103,5 göterime, oba hojalyk we azyk önümleri
boýunça 134 göterime barabar boldy. Söwda-haryt dolanyşygy 103,7 göterime, ilata edilen
hyzmatlar bolsa 110,1 göterime deň boldy.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi hem-de eksportuň mukdaryny
artdyrmak boýunça toplumlaýyn işler geçirilýär. Döwletiň goldaw bermegi netijesinde,
hususyýetçiler tarapyndan daşary ýurtlara eksport edilýän senagat we azyk harytlarynyň möçberi
artdy.
“Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna”
laýyklykda, TSTB-niň agzalary sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleri
amala aşyrýarlar. Şol sanda hususy önüm öndürijilerimiz, söwda we hyzmatlar ulgamynda iş
alyp barýan kompaniýalar Internet söwdasynyň gerimini günsaýyn giňeldýärler, elektron söwda
sahypalaryny açmak, ykjam elektron goşundylaryny döretmek hem-de dünýä belli Internet
söwda ulgamlarynda ýurdumyzda öndürilen harytlary hödürlemek arkaly onlaýn usulda harytlary
menzilara satmak we eltip bermek hyzmatlaryny giň gerimde amala aşyrýarlar.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaryň esasynda 2020-nji ýylda
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan önümçilik we durmuş maksatly
binalaryň we desgalaryň 44-siniň gurluşygy tamamlandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda telekeçilik
ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, döwrebap bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň
hasabyna hususy pudagyň ornuny giňeltmegiň döwletimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady
syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.
Birleşmäniň agzalary ýurdumyzda hususy telekeçiler üçin döredilýän amatly şertlerden
peýdalanyp, içerki bazarda haryt bolçulygyny döretmek işinde uly tejribe topladylar.
Ýurdumyzyň telekeçilerinň öndürýän önümleri ilatyň islegini kanagatlandyrmak bilen bir
hatarda hususy ulgamyň eksport kuwwatyny artdyrýar.
Bu ugurda işleri dowam edip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary
ösdürmäge ýardam edýän Söwda öýleriniň we birleşmäniň wekilhanalarynyň sanyny artdyrmaly
diýip, döwlet Baştutanymyz TSTB-niň başlygyna anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary
E.Orazgeldiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa dürli görnüşli oba
hojalyk ekinlerini, miweli baglary we üzümi ösdürip ýetişdirmek, oba hojalyk önümlerini
gaýtadan işleýän senagat kärhanalaryny, ýyladyşhanalary, maldarçylyk we guşçylyk
toplumlaryny gurmak hem-de beýleki önümçilik işlerini alyp barmak maksady bilen,
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna uzakmöhletleýin peýdalanmak üçin ýer
bölekleriniň yzygiderli bölünip berilýändigi barada hasabat berdi.
Ilaty ýurdumyzda öndürilen ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk önümleri bilen
bolelin üpjün etmek barada döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňde goýlan wezpeleri ýerine
ýetirmek boýunça zerur işler geçirilýär. Şoňa laýyklykda, bu ekinleriň welaýatlarda ekilýän
meýdanyny artdyrmak we hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça daýhan birleşikler bilen bir
hatarda, hususy önüm öndürijiler tarapyndan hem degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.
Bu ugurda hususy önüm öndürijilere döwrebap ýyladyşhanalary gurmak üçin berlen ýer
böleklerinde ekinleriň ýokary hasylyny öndürmek ugrunda bellenen işler maksadalaýyk ýerine
ýetirilýär.
Hasabatyň çäklerinde galla önümleri kärhanalarynda öndürilýän bugdaý uny we çörek önümleri
bilen ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, Söwda we daşary ykdysady
aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň söwda
dükanlaryna hem-de çörek kärhanalaryna bu önümleriň zerur bolan möçberiniň goýberilýändigi
bellenildi.
Mundan başga-da, ýurdumyzyň dokma kärhanalaryny pagta önümleri bilen ýeterlik mukdarda
üpjün etmek barada öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli işleriň alnyp
barylýandygy barada aýdyldy. Bu ugurda pagta arassalaýyş kärhanalarynda gowaça hasylyny
gaýtadan işlemek hem-de öndürilýän pagta süýümi bilen Dokma senagaty ministrliginiň
kärhanalaryny üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýyň tohumçylyk-seçgiçilik işini
kämilleşdirmegiň, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän tohumlary döretmegiň, bu
işlerde ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri taýýarlamagyň möhümdigi barada wise-premýere
käbir görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumy bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
bilelikde alyp barýan işleriniň toplumlaýyn hem-de utgaşykly ýola goýulmagynyň oňyn netije
berýändiginiň halkymyzyň azyk önümleri bilen bolelin üpjün edilmeginde hem aýdyň
görünýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de dowam
etmegiň zerurdygy barada aýdyp, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow döwlet
Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, durnukly ösüş depginini saklap galmak maksady
bilen, söwda toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljermek boýunça öňde
durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň okgunly ykdysady ösüşini üpjün etmegiň häzirki
döwrüň ileri tutulýan wezipeleriniň biridigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda toplumyna degişli düzümleriň hemişe üns
merkezinde bolmalydygyny, şol sanda hususy telekeçilik üçin oňaýly şertleriň döredilmelidigini
belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda toplumynda 2020-nji
ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, şu ýyl geçiriljek işleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Şeýle hem azyk bolçulygyny üpjün etmek, eksport ugurly senagat hem-de gaýtadan işleýän
önümçilikleri döretmek boýunça çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny
artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet tarapyndan ykdysadyýetiň hususy ulgamyny
goldamagy güýçlendirmek, şol sanda kiçi we orta telekeçilige maliýe hem-de maddy-enjamlaýyn
kömegini bermek zerurdyr.
Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly söwdany guramagyň döwrebap düzümini kemala
getirmek boýunça işler döwrüň talabyna gabat gelmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemlemek bilen, toplumyň
işini gowulandyrmak üçin şu ýyl hemmeleriň örän köp işlemelidigini aýtdy.
Häzirki döwürde toplumda bar bolan önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmak, ylmyň we
tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda pudaga sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak,
söwda toplumynyň önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň netijeli usullaryny ulanmak,
önümçilige daşary ýurt maýa goýumlaryny has köp çekmek wajypdyr.
Döwlet Baştutanymyz bellenen gaýragoýulmasyz wezipeleri ýerine ýetirmek üçin maslahata
gatnaşyjylara anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowa dünýä
ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda içerki bazaryň azyk we ilkinji nobatda zerur bolan
beýleki harytlar bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30
ýyllyk ýubileý ýylynda bazarlarda we dükanlarda haryt bolçulygyny döretmek boýunça zerur
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, satyn alynýan import harytlarynyň bahalaryny
düýpli seljermek hem-de bu harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy
ýola goýmak barada görkezme berdi.
Alyjylar birleşmesine degişli önümçilik we hyzmat ediş desgalaryny tapgyrlaýyn esasda
bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak boýunça geçirilýän işleri güýçlendirmek boýunça
degişli tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dokma senagaty ministri R.Rejebowa
ýüzlenip, ýubileý ýylynda öndürilýän önümleriň möçberlerini, görnüşlerini artdyrmak we hilini
has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleri dowam etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz içerki we daşarky bazaryň isleglerini yzygiderli öwrenip, kärhanalaryň
önümçiligini müşderileriň buýurmalary esasynda dolandyrmagy ýola goýmagy, dokma senagaty
kärhanalary tarapyndan öndürilip, içerki bazardan artýan we eksport edilýän önümleriň,
harytlaryň erkin ýörgünli daşary ýurt pulunda satylýan möçberlerini artdyrmak barada
görkezmeleri berdi.
MIlli Liderimiz täze bazarlary we ýerlemek usullaryny tapmak arkaly gelip gowuşýan daşary
ýurt pulundaky serişdeleri köpeltmek boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip,
ministre bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Satyn alynýan import harytlarynyň, çig malyň bahalaryny düýpli seljerip, sebitdäki ýurtlar üçin
bahalardan ýokary bolmazlygyny gazanmak, harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni
hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda görkezmeler berildi.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Çaryýewe ýüzlenip, geçen
ýyl kabul edilen, «Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň
2020–2025-nji ýyllar üçin strategiýasynda» göz öňünde tutulan çäreleri we işleri öz wagtynda
hem-de doly ýerine ýetirmek boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda eksport maksatly önümleriň
bahalarynyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bäsleşik esasynda ýokary bolmagyny gazanmak,
biržanyň işine sanly ulgamy we tehnologiýalary ornaşdyrmak, hyzmatlary Internet ulgamynyň
üsti bilen amala aşyrmak, elektron täjirçilik bazaryny döretmek boýunça çäreleri gyssagly
geçirmek barada görkezmeleri berdi.
Mundan başga-da, eksport we import şertnamalaryny biržada bellige almagyň tertibini hem-de
nyrh emele getirmegiň usulyny kämilleşdirmek, nyrhlar babatda biržanyň elektron maglumatlar
binýadyny döretmek we onuň elýeterli bolmagyny üpjün etmek boýunça zerur işleri geçirmek
barada tabşyryklar berildi.
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewa gadymdan gelýän halyçylyk
sungatymyzyň milliligini we nepisligini saklap galmak bilen, öndürilýän haly önümleriniň
görnüşlerini köpeltmek boýunça işleri geçirmek tabşyryldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerlenýän önümleriň möçberini hem-de täze
bazarlary we ýerlemegiň usullaryny tapmak arkaly gelip gowuşýan walýuta serişdelerini
artdyrmak boýunça işleri güýçlendirmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem ýubileý ýylynda
haly we haly önümleriniň elektron söwdasyny guramak hem-de halyny sargyt etmekde,
taýýarlamakda we ýerlemekde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri geçirmegiň zerurdygy
bellenildi.
Halyçylyk kärhanalarynyň çig-mal üpjünçiligini has-da gowulandyrmak boýunça zerur çäreler
görülmelidir.
Döwlet Baştutanymyz ýubileý ýylynda ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport edilýän
möçberini artdyrmak boýunça usulyýet taýdan ýardamy güýçlendirmegiň, täze bazarlary we
ýerlemegiň usullaryny tapmakda hususy taraplara goldaw bermegiň hem-de ýurdumyzyň
hyzmatdaşlary bolan daşary ýurtly telekeçilere edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň
wajypdygyny aýdyp, bu babatda Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebowa anyk
tabşyryklary berdi.
Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda üpjün edijileriň hem-de harytlary öndürijileriň,
işleri we hyzmatlary ýerine ýetirijileriň işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek zerurdyr. Munuň
üçin dürli görnüşli sergiler we maslahatlar guralmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýewe birnäçe tabşyryklary berip, bazar ykdysadyýeti
şertlerinde ýurdumyzda işewürligi we hususy telekeçiligi ösdürmäge uly üns bermegiň
zerurdygyny belledi.
Döwrebap önümçilikleri döretmek, öndürilýän önümleriň möçberini we görnüşlerini has-da
artdyrmak boýunça çäreleri dowam etmek zerurdyr.
Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, ýurdumyzyň
ykdysadyýetiniň durnukly bolmagyny üpjün etmäge Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
agzalary hem işjeň gatnaşmalydyrlar hem-de hususy we daşary ýurt maýa goýumlaryny
çekmek arkaly ykdysadyýetimiziň ösmegine saldamly goşant goşmalydyrlar diýip, milli
Liderimiz nygtady.
Diýarymyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň
ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň, öz önümlerimiziň beýleki döwletlere iberilýän
möçberini artdyrmagyň Döwlet maksatnamalarynyň doly durmuşa geçirilmegini
gazanmak, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý ýylynda ýurdumyzda azyk bolçulygyny
ygtybarly üpjün etmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde hususy taraplaryň önümçilikleriniň
gerimini mundan beýläk hem giňeltmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz gök, bakja we miwe önümleri bilen ilaty ýylyň bütin
dowamynda bolelin üpjün etmek üçin sowadyjy ammarlar bilen üpjünçiligi gowulandyrmagyň
zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary Ç.Gylyjowa ýüzlenip, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý ýylynda söwda
toplumynyň edara-kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, önümçilik we hojalyk işlerini
yzygiderli seljerip, hyzmatlar ulgamynyň hem-de önümçilikleriň doly kuwwatynda, bökdençsiz
işledilmegini üpjün etmegi talap etdi.
Söwda toplumyndaky edara-kärhanalarda çykdajylaryň düzümini seljermek we artykmaç (zerur
bolmadyk) çykdajylary aýyrmak arkaly önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmek işleriniň
yzygiderli geçirilmegine berk gözegçilik etmek zerurdyr.
Döwlet Baştutanymyz dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda, içerki bazaryň azyk we
ilkinji nobatda zerur bolan beýleki harytlar bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmalydygyny, ilata
edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyryp, elektron söwdalary we eltip bermek hyzmatlaryny
giňden guramalydygyny belledi.
Döwlet tarapyndan dokma pudagyna uly möçberde maýa goýumlarynyň goýulýandygyny göz
öňünde tutup, kärhanalaryň önümçilik taýdan netijeliligini we girdejilerini artdyrmak zerurdyr
diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Pes görkezijili işleýän dokma kärhanalaryny dolandyrmakda täzeçe usullary ulanyp, olary
paýdarlar jemgyýetine öwürmek we hususy maýadarlary çekmek boýunça zerur işleri geçirmek
wajypdyr.
Şeýle hem wise-premýere daşary söwdany ösdürmek we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň
eksport edilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen, önüm öndürijiniň, biržanyň, söwda-
senagat edarasynyň we beýleki döwlet gulluklarynyň özara sazlaşykly işlemegini guramak,
harytlaryň eksportyny ýeňilleşdirmek we talap edilýän resminamalaryň zerurlygyny gaýtadan
seljermek tabşyryldy.
Dokma we haly senagaty kärhanalarynda marketing işlerini kämilleşdirmek maksady bilen, sanly
ulgamy ornaşdyrmak, harytlary sargyt boýunça taýýarlamakda we ýerlemekde internet-söwda
hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şeýle hem ýubileý ýylynda ýurdumyzyň beýleki döwletler bilen söwda-täjirçilik gatnaşyklaryny
güýçlendirmek, özümizde öndürilýän ýokary hilli azyk we dokma (brend) önümlerini daşarky
sarp edijilere giňden ýaýmak üçin, Türkmenistanyň beýleki ýurtlarda ýerleşýän Söwda öýleriniň
işini has-da işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary Ç.Gylyjowa hem-de söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, 2019-njy ýyl bilen
deňeşdireniňde, geçen 2020-nji ýylda sygyr etiniň ýurdumyza daşyndan getirilen möçberiniň
baha görnüşinde 32,5 göterim, ýeralmanyň 32,6 göterim, pomidoryň 94,4 göterim, soganyň 8,4
göterim, miweleriň hem 37,3 göterim azalandygyny aýtdy. Bu gowy zat.
Ýöne, guş etiniň getirilişi 6,9 göterim, ýumurtga 85,8 göterim, ösümlik ýagy hem 93,2 göterim
artdy. Bu bolsa, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde
öndürmek boýunça bellän çärelerimiziň doly ýerine ýetirilmändigini görkezýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda azyk harytlarynyň öndürilýän möçberi yzygiderli
artdyrylmalydyr. Milli Liderimiz içerki bazaryň azyk önümleri we ilkinji nobatda zerur bolan
harytlar bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmalydygyny, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini
artdyryp, elektron söwda we eltip bermek hyzmatlarynyň giňden ýola goýulmalydygyny,
bazarlarymyzy we dükanlarymyzy azyk harytlary bilen bolelin üpjün etmek boýunça zerur
işleriň geçirilmelidigini nygtady.
2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde, geçen ýyl dokma önümleriniň eksport edilýän möçberi baha
görnüşinde 1,1 göterim, halynyňky we düşekleriňki 71,8 göterim, ýüň boýunça 29,8 göterim,
deri çig maly boýunça hem 43,1 göterim azaldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz dokma we haly pudagyna köp möçberde maýa goýumlarynyň
goýlandygyny göz öňünde tutup, bu pudaklaryň kärhanalarynyň önümçilik taýdan netijeli we
girdejili bolmagynyň gazanylmalydygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara daşary ýurt pulunda eksport edilýän önümleriň
möçberini artdyrmak boýunça teklipleri taýýarlap, ähli zerur çäreleri görmek, şeýle hem
harytlary ýerlemegiň täze bazarlaryny hem-de görnüşlerini gözlemek tabşyryldy.
Bellenen wezipeler bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz dokma, haly we haly önümleriniň
elektron söwdalaryny, buýurmalaryny, taýýarlanmagyny hem-de ýerlenmegini üpjün etmek üçin
sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda, dokma we haly senagaty pudaklarynyň
kärhanalarynyň çykdajylarynyň düzümini seljermegi hemişe berk gözegçilikde saklamagy,
netijeli dolandyrmagyň we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna netijesiz
çykdajylary aradan aýyrmak arkaly önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmegi talap etdi.
Önümçilik enjamlary üçin satyn alynýan harytlary amatly bahalardan üpjün etmek boýunça zerur
işleri geçirmek wajypdyr.
Döwlet Baştutanymyz hemişelik ulanylýan kömekçi serişdeleri, ätiýaçlyk şaýlaryny, himiki
serişdeleri, reňkleri we sarp ediş serişdelerini ygtybarly satyn almak boýunça öndürijiler we
ygtyýarnama berijiler bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi nygtady.
Daşary ýurtlardan getirilýän çig malyň we dokma esbaplarynyň ornuny tutýan önümleri
öndürýän önümçiligi ýurdumyzda ýola goýmak, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen
ýerlenýän eksport harytlary üçin nyrhlaryň ýokary derejede bäsleşige ukyply bolmagyny
gazanmak, esasy eksport önümlerini iň ýokary birža nyrhlary boýunça ýerlemegi üpjün etmek
wajypdyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Şunuň bilen baglylykda, pudaklara walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmagyny her aýda
seljermek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlete dahylsyz ulgamyň öňünde
durýan wezipelere geçip, häzirki wagtda döwlete dahylsyz pudagyň jemi içerki önümdäki
paýynyň 70 göterime barabardygyny aýtdy. 2021-nji ýylda onuň paýyny 70,6 göterime ýetirmek
göz öňünde tutulmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga gönükdirilen çäreleriň
dowam etdirilmelidigine, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge, häzirki zaman
telekeçilik ulgamyny döretmäge ýardam berilmelidigine, öndürilýän önümleriň eksport edilýän
möçberini artdyrmakda usulyýet kömeginiň edilmelidigine, hususy taraplara harytlary
ýerlemegiň täze bazarlaryny we görnüşlerini gözlemekde goldaw berilmelidigine ünsi çekdi.
Kiçi we orta kärhanalaryň mümkinçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, işewürligi
goldamagyň ýerli merkezleriniň işini giňeltmek, kärhanalary dolandyrmak, marketingi we
telekeçiligi ösdürmek, maliýe serişdelerini çekmek boýunça hyzmatlary ýola goýmak zerurdyr.
2020-2021-nji ýyllar üçin çökgünlige garşy maksatnama laýyklykda, eksportyň möçberini
artdyrmak we 2021-2025-nji ýyllarda import harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň
ýurdumyzda öndürilýän önümçiliklerini döretmek boýunça maksatnamanyň taslamasyny
taýýarlamagy çaltlandyrmak wajypdyr.
Döwlet Baştutanymyz söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna bu taslamany Ministrler Kabinetiniň
şu ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine bagyşlanan mejlisinde seretmek üçin hödürlemegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz şu tabşyryklardan netije çykaryp, bellenilen wezipeleriň amala aşyrylmagyny
üpjün etmek barada toplumyň ýolbaşçylaryna görkezme berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz wise-premýer G.Müşşikowa söwda toplumynyň maliýe-ykdysady
ýagdaýyny yzygiderli seljerip, pul üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça teklipleri
taýýarlamagy, pudagara algy-bergiler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini we karzlaryň
gaýtarylyşyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, söwda toplumynyň edara-kärhanalarynyň kuwwatynyň
ulanylyşyny, söwda dolanyşygynyň ýagdaýyny we ösüş depgininiň peselmeginiň sebäplerini
jikme-jik seljermek wajypdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş
maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.