Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça maslahat
geçirdi

4-nji fewralda  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň
rektorlarynyň gatnaşmagynda gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny
geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz geçen ýylda ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynda ýerine
ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan iş maslahatyny açyp, bu toplumyň milli
ykydysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Bu ugurda gazanylýan netijeler we
pudaklaryň sazlaşykly ösüşi halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň kepilini üpjün edýär.
Döwletimiz bu pudaklaryň ösüşine möhüm üns berýär we oňa ägirt uly maliýe serişdelerini
gönükdirýär. Şeýle hem döwrebap kärhanalar gurulýar we öňdebaryjy tehnikalar satyn alynýar.
Milli Liderimiz amala aşyrylýan giň möçberli çärelere garamazdan, bu ulgamda käbir
kemçiliklere ýol berilýändigini we onuň ähli mümkinçilikleriniň doly herekete
girizilmeýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu maslahatda ýokary ösüş depgini
saklamak, toplumyň ähli kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we umuman,
ýubileý ýylynda döwlet maksatnamalaýyn borçnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek maksady
bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini artdyrmak üçin işleri ýokary guramaçylyk
derejesinde alyp barmak bilen baglanyşykly meselelere serediljekdigini belledi we maslahata
gatnaşyjylaryň hasabatlaryny hem-de tekliplerini diňledi.
Ilki bilen gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymowa söz berildi. Ol ýolbaşçylyk edýän
pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurulýan dürli maksatly desgalardaky işleriň
depginleri, binalary öz wagtynda ulanmaga bermek we gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesini
üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Gurluşyk pudagynda 180-den gowrak kadalaşdyryjy-tehniki namalar hereket edýär we olar
bellenen tertibe laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ministrligiň işine düýpli
nägilelik bildirdi hem-de gurluşykda öňdebaryjy tehnologiýalary we nou-houlary giňden
ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýlelikde, binalaryň taslamalary taýýarlanylanda, oňa
ylmy esasda çemeleşmegiň wajypdygy, sebitiň seýsmiki ýagdaýy nazara alnyp, olaryň ylmy
taýdan esaslandyrylmagynyň möhümdigi bellenildi.
Halkara tejribesinden ugur alyp, gurluşyk-gurnama hem-de abatlaýyş işlerine möhüm ähmiýet
berilmelidir. Maýa goýum taslamalarynyň bäsdeşlige ukyplylygy üpjün edilmelidir hem-de
desgalaryň hiline we öz wagtynda ulanmaga berilmegine berk gözegçilik ýola goýulmalydyr
diýip, milli Liderimiz nygtady.
Soňra ýurdumyzyň gurluşyk we binagärlik ministri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy
mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleri,
olaryň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler baradaky hasabatyny dowam etdi.
Şeýle hem hasabatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň görnüşleri görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary
astynda geçýän ýylda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly seneleriň giňden
belleniljekdigini, aýratyn-da, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň uly
dabaralara beslenmelidigini belläp, şu mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde
saklanmalydygyny aýtdy we bu babatda ministre birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow 2020-nji ýylda ýerine
ýetirilen işler barada hasabat berdi.
2020-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi
ministrligi boýunça jemi öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 107,9 göterime
barabar boldy.
Hasabat döwründe sement zawodlary tarapyndan 1 million 940 müň 626 tonna sement öndürildi.
Keramzit öndürmek boýunça meýilnama 100,3 göterim ýerine ýetirildi we 100,2 göterim ösüş
gazanyldy.
Sozulan metal öndürmek boýunça meýilnama 100 göterim ýerine ýetirildi we 101,6 göterim ösüş
gazanyldy.
Gurluşyk aýnasy boýunça meýilnama 101,4 göterim ýerine ýetirildi we ösüş 100,1 göterime deň
boldy.
Gurnama beton önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 103,9 göterim ýerine ýetirildi.
Şeýle hem ministr häzir Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň
gurluşygynda alnyp barylýan işler barada aýdyp, bu desgalaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň
30 ýyllygynyň hormatyna ulanmaga beriljekdigini, munuň üçin toplumyň gurluşygynda ýerine
ýetirilýän işleriň depginini yzygiderli güýçlendirmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini
habar berdi.
Mundan başga-da, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde hem-de garamagyndaky
edara-kärhanalarda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagyna itergi bermek maksady bilen,
“Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2020-2021-nji ýyllarda ýerine
ýetirilmeli işleriň meýilnamasy” düzüldi.
Şeýle hem ministrlikde elektron resminama dolanyşygy taýýarlanyldy hem-de degişli edaralar
bilen ylalaşyldy. Bu gün ministrligiň garamagyndaky 27 sany edara-kärhanalaryň arasynda
elektron resminama dolanyşygy ýola goýuldy hem-de ministrligiň web-saýty taýýarlanyldy we
Internet toruna ýerleşdirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kuwwatly senagaty
döretmegi çaltlandyrmagyň wajypdygyna hem-de ministrligiň işini mundan beýläk-de
kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, senagat we gurluşyk önümçiligini mundan beýläk-de
ösdürmegi, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna pudagyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän desgalaryň, aýratyn-da, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň
toplumynyň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmagynyň we ýokary hil derejesiniň üpjün
edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Gurluşykda ulanylýan serişdeleriň hili,
toplumyň enjamlaşdyrylyşy, binalaryň bezeg aýratynlygy bilen baglanyşykly meseleler hemişe
gözegçilikde saklanylmalydyr.
Iş maslahaty energetika ministri Ç.Purçekowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol ýolbaşçylyk
edýän pudagynda hem-de onuň düzümleýin bölümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy,
ilatymyzy we senagat desgalaryny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de
onuň daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işler barada
hasabat berdi.
Energetika ministrligi boýunça geçen ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda önüm öndürmegiň, işleri
we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 124 göterim berjaý edildi. Senagat önümçiligi
boýunça meýilnama bolsa 128,3 göterim berjaý edildi.
Hasabat döwründe elektrik energiýasynyň önümçiligi boýunça meýilnama 108,4 göterim berjaý
edildi hem-de 120,2 göterim ösüş gazanyldy.
2020-nji ýylda elektrik energiýasyny eksport etmegiň meýilnamasy iki esseden gowrak berjaý
edildi.
Şeýle hem ministr Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň
çäklerinde türkmen böleginiň, Ahal-Balkan we Balkan-Daşoguz welaýatlarynyň arasynda
halkalaýyn energiýa ulgamyň, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwaty 432 MWt bolan
gaz turbinaly elektrik bekediniň, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny
abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň gurluşyklarynyň batly depginde dowam edýändigi barada
aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, energetika senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň
möhüm pudaklarynyň biridigini belledi. Pudakda alnyp barylýan işleriň netijeliligini
ýokarlandyrmak maksady bilen, giň möçberli taslamalara laýyklykda kuwwatly elektrik
beketleriniň gurluşygy we olaryň bellenen möhletde ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly
meseleler berk gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz pudagyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, elektrik
energiýasynyň önümçiligi, desgalaryň netijeli işi we olara edilýän hyzmatlar boýunça bellenen
meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýew ýolbaşçylyk edýän konserni
tarapyndan 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzda täze gurulýan himiýa zawodlarynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň
täze we ýokary öndürijilikli tehnologik enjamlary ornaşdyrylyp, himiýa önümleriniň dürli
görnüşleriniň önümçiligi ýola goýulýar.
2020-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda jemi öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň
meýilnamasy 132,2 göterim ýerine ýetirildi we ösüş 160,5 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe konsern boýunça mineral dökünleri öndürmegiň meýilnamasy 103,4 göterim
berjaý edilip, ösüş 137,1 göterim boldy.
Konsern boýunça tehniki ýody öndürmegiň meýilnamasy 123,2 göterime, tehniki uglerodyň
öndürilişi 113,6 göterime barabar boldy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hereket edýän önümçiliklerini tehniki we ykdysady taýdan
durnuklaşdyrmak, könelen önümçilikleri düýpli abatlamak hem-de döwrebaplaşdyrmak we
durkuny täzelemek hem-de öndürilýän himiýa önümleriniň görnüşleriniň möçberlerini
artdyrmak, eksporta niýetlenen we daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan beýleki
himiýa önümleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça işler dowam etdirilýär.
Häzir Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem-de Ylymlar akademiýasynyň
Himiýa instituty bilen kiçi göwrümli, dürli görnüşli himiýa önümlerini öndürýän birnäçe
önümçilikleri bilelikde ýola goýmak boýunça işler hem alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we konserniň işine
nägilelik bildirip, ýurdumyzda öndürilýän, içerki hem-de daşarky bazarda uly islegden
peýdalanýan himiýa önümleriniň möçberini artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek boýunça
işleriň depgininiň güýçlendirilmelidigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, konserniň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň himiýa senagatyny tehniki taýdan
döwrebaplaşdyrmak, baý ýerli serişdeleriň esasynda uly isleg bildirilýän önümleriň täze
görnüşlerini ýola goýmagyň mümkinçiliklerini içgin öwrenmek barada tabşyryklar berildi.
Iş maslahatynyň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow geçen ýylda ýurdumyzyň baş
şäherini abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýeirilen işler barada hasabat berdi.
“Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçen 2020-nji ýyl ýurdumyz üçin
ähmiýetli şanly wakalara we döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamynda
gazanylan üstünliklere baý boldy.
Milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, ak mermerli Aşgabadyň keşbi tanalmaz
derejede özgerdi, ilatyň durmuş derejesi ýokary halkara görkezijilerine we talaplaryna laýyk
geldi.
Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde täze desgalar yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Olar
paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da gözelleşdirýär. Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramynyň hormatyna dürli maksatly binalaryň 22-siniň açylyş
dabaralary boldy. Geçen ýylda paýtagtymyzda 1984 maşgala niýetlenen ýokary amatlygy bolan
ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi.
Munuň özi milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän
syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň netijesidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, giň möçberli
şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine ünsi çekip, ýurdumyzyň baş şäheriniň
keşbini özgertmek, şäher ilatynyň ýaşaýyş derejesini we hilini ýokarlandyrmak meselelerine
möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň häkimine paýtagtymyzyň ähli görkezijiler babatda
ýokary derejesine laýyk gelýän abadanlaşdyrylyşy we ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri berk
gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Şeýle hem Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30
ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işlere gözegçiligi
güýçlendirmek babatda anyk tabşyryklar berildi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän
şanly seneler hem-de “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda
geçýän 2021-nji ýylda meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak boýunça
maksatnamany taýýarlamagy tabşyrdy.
Soňra Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Atamanow “Türkmenistan—
Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçen 2020-nji ýylda institutda ýerine ýetirilen işler
barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan döwlet we milli
maksatnamalaryndan hem-de milli bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan
wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek institutyň ýerine ýetirýän işleriniň esasy ugurlarynyň
hatarynda durýar.
Ýaşlara ýokary hilli, dünýä derejesine laýyk gelýän bilim-terbiýe bermek, halkara
hyzmatdaşlygyny giňeltmek, institutyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak wajyp
wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Ylmyň ýokary gazananlaryny we okatmagyň täzeçil
usullaryny yzygiderli ornaşdyrmak esasy ugur bolup durýar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumyna
degişli pudaklaýyn kärhanalar üçin ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar, talyplar degişli
düzümlerde önümçilik tejribesini geçýärler.
Institutda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim
ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, institutyň sanly bilim portaly we web-saýty döredildi. Olarda professor-
mugallymlaryň okuw dersleri boýunça taýýarlan gollanmalary, wideoýazgylar ýerleşdirildi.
Şeýle hem talyplaryň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna hem-de ylmy we taslama işlerine
çekilmegine, okuw ulgamyna ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna
gönükdirilen toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ugurdaş ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş
edaralary üçin ýokary hünärli işgärleri hem-de ýaş alymlary taýýarlamak üçin Türkmenistanyň
Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlary bilen pugta aragatnaşyk ýola goýuldy.
Dünýäniň ösen tejribesini öwrenmek maksady bilen, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy
giňeldilýär. Bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary
okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmak maksady bilen, Ylalaşyklar we Ähtnamalar baglaşylýar.
Institutyň talyp ýaşlary dünýäniň ösen tehnologiýalaryny işjeň özleşdirip, BIM tehnologiýasynyň
REVIT programma üpjünçiligini işläp düzdüler we onuň esasynda gurulmagy meýilleşdirilýän
medeni-durmuş maksatly binalaryň ylmy taýdan esaslandyrylan şekil taslamasyny taýýarladylar
hem-de olary degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hödürlediler.
Hususan-da, gurluşygy alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň
binalar toplumynyň binagärlik keşbiniň, Halkara türkmen alabaý itleri assosiýasynyň
toplumynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň
binalar toplumynyň şekil taslamalary taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iň gowy milli we
halkara tejribelerini nazara alyp, ylym-bilim ulgamynyň depginini ösdürmek we düýpli
özgertmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu wezipeleri möhüm ugur hökmünde kesgitläp, institutda alnyp barylýan
okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmegi, ýaşlary okatmagyň häzirki zaman usullaryny
ornaşdyrmagy we olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmegine möhüm ähmiýet bermegi,
ýokary hünärli ýaş işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns bermegi
tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz gara ýollaryň gurluşygynda ulanylýan ýurdumyzyň howa şertlerine
laýyk gelýän ýokary hilli serişdeleriň önümçiliginiň ýola goýulmagy bilen bagly meseläni
öwrenmek boýunça rektora birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra Döwlet energetika institutynyň rektory S.Nazarow institutda ýerine ýetirilýän işler barada
hasabat berdi.
Bu ýokary okuw mekdebinde 18 hünär boýunça hünärmenler taýýarlanylýar we üç taýýarlyk
ugry boýunça bakalawrlar taýýarlanylýar, olaryň birinde okuwlar iňlis dilinde alnyp barylýar.
2020-nji ýylda institutyň talyplary halkara Internet ders bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 46
baýrakly orunlary eýelemegi başardylar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim ulgamynyň öňünde goýan
wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady biden, institutyň maddy-enjamlaýyn binýady
berkidildi, okuw gollanmalary döwrebaplaşdyryldy. Okuw kitaplarynyň 6-sy neşir edildi we üç
sany programma üpjünçiligine awtorlyk şahadatnamalary berildi.
Rektor häzirki döwürde dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalary we gaznalary
bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilendigini habar berdi.
Şeýlelikde, Döwlet energetika institutynda “Erasmus+” maksatnamasynyň çäklerinde täze
tehnologiýalaryň kömegi bilen bilim ulgamyny kämilleşdirmek taslamasy amala aşyrylýar. Şeýle
hem institutda “Energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar” merkezi döredildi. Institutyň professor-
mugallymlar düzüminiň gatnaşmagynda onlaýn-forumlary we halkara maslahatlar geçirilýär.
Bilim ulgamyna okatmagyň täze usullary we maglumat tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar.
Soňky ýyllarda bu ugurda baý tejribe toplanyldy. Bu bolsa ýaşlaryň bilim derejesini we olaryň
döredijilik işini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaşlaryň bilim
derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna möhüm üns berilmelidigini belledi. Şunda, bu ugra
häzirki zamanyň täzeçil usullarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy möhümdir.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça öňde durýan wezipelere laýyklykda, institutyň okuw
maksatnamasyna has zerur ugurlar boýunça täze hünärleri girizmek, okatmagyň usulyýetini
kämilleşdirmek boýunça zerur işler geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.
Bu gün ýurdumyzda maglumat tehnologiýalaryny ösdürmek, sanly ykdysadyýete geçmek
meselelerini nazara alyp, energetika pudagynyň ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligini
pugtalandyrmak zerur bolup durýar.
Şeýle hem institutyň işini sanly ulgama geçirmek, giň dünýägaraýyşly hünärmenleri taýýarlamak
boýunça alnyp barylýan işler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, döwlet
Baştutanymyz belledi we bu babatda rektora birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän
düzümlerinde geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
2020-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda ýurdumyzyň gurluşyk hem-de senagat toplumynda
önümçilik we iş meýilnamasy 118,4 göterim berjaý edilip, 122,5 göterim ösüş gazanyldy.
Şeýle hem hasabat döwründe gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň görkezijileri barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, degişli düzümleriň
önümçilik hem-de eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin ähli zerur çäreleri görmek we olaryň
işine berk gözegçiligi ýola goýmak barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Gurluşyk-senagat toplumynyň işi wajyp durmuş-ykdysady wezipeleriň çözgüdine, ýurdumyzyň
ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Şunda onuň ösüşine möhüm
ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip
halk hojalygy toplumynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşini saklamak üçin maksatnamalaýyn
hereketleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de kärhanalaryň düşewüntliligi,
olaryň ýokary önümçiligi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport
ugurly harytlaryň mukdaryny artdyrmak boýunça bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen
baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki maslahaty jemlemek bilen,
ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň işini gowulandyrmak üçin has tijenip, tutanýerli
zähmet çekmegiň wajypdygyny nygtady.
Munuň üçin toplumyň bar bolan önümçilik kuwwatlyklaryny has doly we netijeli peýdalanmak
zerurdyr.
Ylmyň hem-de tehnologiýalaryň iň täze gazananlary esasynda pudaklaryň önümçiligine sanly
ulgamlar giňden ornaşdyrylmalydyr. Önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň oňat peýda
berýän, has netijeli usullary ulanylmalydyr. Bu önümçiliklere daşary ýurt maýa goýumlaryny
giňden çekmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz bellenen gaýragoýulmasyz wezipeleri ýerine ýetirmek üçin maslahata
gatnaşyjylara anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe
gurluşyk we senagat toplumynyň edara-kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, önümçilik
hem-de hojalyk işlerini yzygiderli seljerip durmak, önümçilikleriň doly kuwwatynda we
bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Milli Liderimiz toplumyň edara-kärhanalarynda çykdajylaryň düzümini seljermek we artykmaç
(zerur bolmadyk) çykdajylary aýyrmak arkaly önümiň hem-de ýerine ýetirilýän işleriň özüne
düşýän gymmatyny peseltmek boýunça çäreleriň yzygiderli geçirilmegine berk gözegçilik
edilmelidigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz döwlet tarapyndan senagat, energetika we himiýa pudaklaryna uly
möçberde maýa goýumlarynyň goýulýandygyny göz öňünde tutup, kärhanalaryň önümçilik
taýdan netijeli we girdejili bolmagynyň gazanylmalydygyny nygtady.
Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda, importyň ornuny tutýan ýerli senagat we
gurluşyk önümleriniň görnüşlerini hem-de möçberlerini artdyrmak wajypdyr.
Öndürilýän harytlar üçin täze bazarlary we ýerlemegiň usullaryny tapmak arkaly gelip gowuşýan
erkin ýörgünli daşary ýurt pulundaky serişdeleri artdyrmak möhümdir.
Milli Liderimiz ýurdumyzda gurluşygy köp ýyllardan bäri tamamlanman duran we häzirki
döwürde alnyp barylýan desgalary seljerip, olaryň gurluşygyny tamamlamak boýunça zerur işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Wise-premýere Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen
maksatnamalaryň we maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilişini gözegçilikde
saklamak, paýtagtymyzyň jemagat hojalygy gullugynyň hem-de edara ediş düzümleriniň işini
talabalaýyk guramak, ilata edilýän jemagat hyzmatlarynyň, elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň
tölegleriniň hasaplaşygynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmak
tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyry boýunça maýa goýum
taslamasy, bahasy we maliýeleşdiriş çeşmeleri boýunça teklipleri gyssagly taýýarlamagy, döwlet
Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli ulanmaga berilmeli desgalarda alnyp
barylýan gurluşyk-gurnama işleriniň ýokary hil ölçeglerine hem-de möhlet tertibine laýyklykda
ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk we binagärlik ministri
R.Gandymowa ýüzlenip, halkara tejribesinden ugur alyp, gurluşykda nyrh emele getirmegi
kämilleşdirmegiň, gurluşyk-gurnama hem-de abatlaýyş işleriniň bahalarynyň esaslandyrylan
bolmagyny gazanmagyň, maýa goýum taslamalarynda bäsleşigi üpjün etmek boýunça çäreleri
gyssaglydurmuşa geçirmegiň hem-de gurluşyklaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine hemişe
gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady.
Ministrligiň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli
gurluşygy tamamlanmagy meýilleşdirilýän senagat we durmuş maksatly binalaryň hem-de
desgalaryň, Ahal welaýatynyň täze merkezinde gurulýan desgalaryň ýokary hilli hem-de
bellenen möhletinde ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Ilatly ýerlerde şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak hem-de ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin
döredilen ýer gaznalary boýunça Baş meýilnamalary taýýarlamagyň depginini
güýçlendirmek,welaýatlarda hem-de etrap-şäherlerde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagyna
aýratyn üns bermek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şeýle hem ýurdumyzda
gurluşygy köp ýyllardan bäri tamamlanman duran we häzirki döwürde alnyp barylýan desgalary
seljerip, olaryň gurluşygyny tamamlamak boýunça zerur işleri geçirmek tabşyryldy.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedowa önümçilik kärhanalarynyň doly
taslama kuwwatynda işledilmegini gazanmak, ýurdumyzda importyň ornuny tutýansenagat
önümleri we gurluşyk harytlary bilen üpjünçiligi gowulandyrmak, şeýle hem elektron
senagatynda täze önümleriň önümçiligini döretmegi dowam etmek tabşyryldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
tarapyndan gurulmagy göz öňünde tutulan desgalaryň taslamalarynydurmuşa geçirmek boýunça
alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegiň,ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-
ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda, Oba milli maksatnamasynda hem-de beýleki
maksatnamalarda we meýilnamalarda göz öňünde tutulan desgalaryň ýerli gurluşyk serişdeleri
bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz energetika ministri Ç.Purçekowyň öňünde hem birnäçe anyk wezipeleri
goýdy. Oňa energiýa üpjünçilik kärhanalarynyňdoly taslama kuwwatynda işledilmegini
gazanmak,sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmeküçin durkuny
täzelemek arkaly önümçilik kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, gazturbinaly enjamlarda,
elektrik beketlerinde we geçirijilerde öz wagtynda abatlaýyş işlerini geçirip, ätiýaçlyk şaýlary
hem-de sarp ediş serişdeleri bilen üpjünçiligi hemişe üns merkezinde saklamak tabşyryldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow önümçilik maksatly import harytlarynyň, çig
malyň, ätiýaçlyk şaýlarynyň we sarp ediş serişdeleriniň amatly bahalardan satyn alynmagyny
gazanmagyň möhümdigini belläp,bu harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni
hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň zerurdygyny nygtady.
Energetika ministrine energetika pudagynda ýörite ugurlar boýunça zerur bolan ýokary
taýýarlykly hünärmenler bilen üpjünçiligigowulandyrmak tabşyryldy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýewe himiýa senagatynyň önümçilik
kärhanalarynyň doly taslama kuwwatynda işledilmegini gazanmak,tehniki möhlet tertibine
laýyklykda olaryň öz wagtyndadurkuny täzeläp, önümçilik ugurlaryny döwrebaplaşdyrmak
barada görkezmeler berildi.
Şeýle hem milli Liderimiz Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda kaliý dökünlerini
öndürýäntoplumy taslama kuwwatyna ýetirmeküçin çäreleriň meýilnamasyny taýýarlap,
guramaçylyk işlerini güýçlendirmegi tabşyrdy.
Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça
Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Hazar we Gumdag şäherlerinde
tehniki ýod, brom, Esengulywe Bereket etraplarynda ýod öndürýän zawodlary gurmak boýunça
bellenen çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz döwlet konserniniň ýolbaşçysyna önümçilik maksatly import
harytlarynyň, çig malyň, ätiýaçlyk şaýlarynyň we sarp ediş serişdeleriniň amatly bahalardan
satyn alynmagyny üpjün etmegi,harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni
hyzmatdaşlygy ýola goýmagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz ýurdumyzda duz gorlarynyň baý ýataklarynyň bardygyny göz öňünde tutup,
nahar we tehniki duzuň önümçiliginihas-da kämilleşdirmek hem-de önümiň hilini
gowulandyrmak bilen eksport ugurlaryny artdyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi
çekdi. Milli Liderimiz himiýa pudagynda ýörite ugurlarboýunça zerur bolan ýokary taýýarlykly
hünärmenler bilen üpjünçiligi gowulandyrmagy möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowa
ýüzlenip, Aşgabat şäherini durmuş-ykdysadytaýdan ösdürmek boýunça kabul edilen
maksatnamalaryň we maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün
etmegi talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek,
ilatyň ýaşamagy, işlemegi we dynç almagy üçin has oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, ähli
amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, binalary we seýilgähleri gurmagy dowam etmegiň
wajypdygyny belledi.
Şunda şäherde ilatyň iş bilen üpjünçiligini we durmuş taýdan goraglylygyny has-da
gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek,işewürlik gurşawyny kämilleşdirmek, hyzmatlar
ulgamyny talabalaýyk guramak üçin zerur işleri geçirmegiň möhümdigi nygtaldy.
Şäher häkimine şäherdäki bilim, medeniýet, dolandyryş we jemgyýetçilik binalarynyň, döwlet
gorundaky ýaşaýyş jaýlarynyň talabalaýyk saklanmagyna berk gözegçilik etmek, paýtagtda
abadanlaşdyryş işleriniň öz wagtynda geçirilmegini hem-de ilata awtoulag hyzmatlarynyň
talabalaýyk ýerine ýetirilmegini hem berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Atamanowa, Döwlet energetika
institutynyň rektory S.Nazarowa gurluşyk, senagat we energetika pudaklary üçin ýörite ugurlar
boýunça zerur bolan ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak,okatmagyň häzirki zaman usullaryny
ornaşdyrmak arkaly ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini halkara ülňülerine laýyklykda
ýokarlandyrmak barada tabşyryklar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmy-tejribe işlerini geçirmek boýunça
häzirki zaman sanly aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmak arkaly halkara uniwersitetleri hem-de
beýleki abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidigininygtady.
Professor-mugallymlaryň, talyplaryňtaýýarlan ylmy işlerini, innowasiýalaryny we oýlap
tapyşlaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça zerur işleri geçirilmelidir.
Gurluşyk we energetika pudagynyň ähli ugurlarynda iş alyp barmaga ukyply ýaşlary
ýetişdirmeli. Dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda bu işlere daşary ýurtlaryň ýokary derejeli
hünärmenlerini hem çekmeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň
mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň zerurdygyny belläp, bu ugurda anyk teklipleri
bermegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz maslahatyň dowamynda döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan
dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän
görnüşleri esasynda energogurnawlar hünäri boýunça aspiranturany açmagy tabşyrdy.
Ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryna bilim ulgamynda gazanylan milli tejribelere we
dünýä ylmynyň soňky gazananlaryna laýyklykda, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny
yzygiderli döwrebaplaşdyryp durmak, inžener-tehniki ugurly hünärmenleri taýýarlamakda sanly
bilimi okuw işine giňden ornaşdyryp, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny netijeli
peýdalanmak tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Durdylyýew hem-de
gurluşyk we senagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni geçen ýyl 2019–2025-nji
ýyllardagurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny taýýarlamak we nyrh emele getiriş ulgamyny
kämilleşdirmek boýunça Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan 24 sany çäräniň diňe
biriniň ýerine ýetirilendigineçekdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara tejribesi esasynda bu ulgamy
kämilleşdirmek boýunça çäreleri ýerine ýetirmegi çaltlandyrmagy tabşyrdy. Mundan başga-da,
maýa goýum taslamalarynyň ýokary bäsleşige ukyply bolmagyny üpjün etmek boýunça çäreler
geçirilmelidir. Milli Liderimiz gurluşyk-gurnama we abatlaýyş işleriniň
bahasynyň esaslandyrylmalydygyny hem-de gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň
hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işi barada durup geçip, 2020-nji
ýylda onuň önümçilik kuwwatlyklarynyň pes derejede ulanylandygyny belledi. Mysal üçin,
«Tejenkarbamid» zawodynda bu görkeziji 53,7, «Marykarbamid» zawodynda 62,5 göterime,
«Maryazot» önümçilik birleşiginde bolsa, bary-ýogy 23 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň
geçen ýyl boýunça ýaramaz netijeleri gazanandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Buýruga gol
çekip, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy Nyýazlyýew Nyýazly Myradowiçe berk käýinç
yglan etdi.
Milli Liderimiz elektrik energiýasy ulgamynyň işi bilen bagly meselelere geçip, bu ýerde elektrik
energiýasyny öndürýän kuwwatlyklaryň 44,8 göterim ulanylandygyny belledi hem-
depudaklaryňkärhanalarynda önümçilik kuwwatlygynyň ulanylyşyny ýokarlandyrmak boýunça
zerur işleriň geçirilmelidigini tabşyrdy.
Sebäbi döwletimiz senagat, energetika we himiýa pudaklaryna köp möçberde maýa goýumlaryny
goýdy. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyzyň bu kärhanalaryň önümçilik taýdan netijeli we
girdejili bolmagynyň gazanylmalydygyny nygtady.
Önümçilik kärhanalarynyň doly taslama kuwwatynda işlemegi üpjün edilmelidir. Import
önümleriniň ornuny tutýan ýerli senagat we gurluşyk harytlarynyň üpjünçiligi artdyrylmalydyr.
Innowasion tehnologiýalary we ylmyň hem-de tehnikanyň iň täze gazananlaryny ulanýan
önümçilik kärhanalaryny döretmek arkaly senagatyň düzümi kämilleşdirilmelidir diýip, hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ýokary hilli, uly islegden peýdalanýantäze önümleriň önümçiligini ýola
goýmagyň dowam etdirilmelidigine,durkuny täzelemek arkaly hereket edýän kärhanalaryň
döwrebap ýagdaýa getirilmelidigine ünsi çekdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň elektrik stansiýalarynda oturdylan 36 sany gaz turbinaly enjamlaryň
diňe 2-si düýpli abatlanypdyr, galan 2-sinde bolsa, abatlaýyş işleri dowam edýär.Şeýle hem, 9
sany gazturbinaly enjamda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek zerur bolup durýar diýip, hormatly
Prezidentimiz aýtdy.
Ilaty elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin, abatlaýyş işleriniň öz wagtynda
geçirilmegine aýratyn üns berilmelidir. Bu enjamlar we elektrik geçiriji ulgamlar üçin
ätiýaçlykşaýlaryny hem-de sarp ediş serişdeleri wagtynda satyn alynmalydyr.
Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz sarp edilen elektrik energiýasy boýunça hasaplaşyklary
geçirmek üçinelektron töleg ulgamyny ornaşdyrmagy çaltlandyrmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň hem-de Oba milli maksatnamalary we kabul edilen beýleki maksatnamalardyr
meýilnamalar boýunça gurulýan desgalaryň hem-de binalaryň ýerli gurluşyk serişdeleri bilen
üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça hem zerur işleriň geçirilmelidigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde aýna we aýna
önümleriniň daşary ýurtdan getirilýändigini, walýutada çykdajy edilýändigini belläp, «Türkmen
aýna önümleri» kärhanasynyň önümçilik kuwwatyny we önümleriniň görnüşini köpeltmek,
eksport edilýän möçberini artdyrmak boýunça çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady.
Milli Liderimiz senagat we durmuş maksatly binalary hem-de desgalary ýurdumyzyň
Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň hormatyna ulanmaga bermek üçin, olaryň
gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmagynyň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi.
Energetika pudagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyzbu ugurda
öňde ulywezipeleriň durýandygynybelledi. Pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmaly, elektrik
energetikasy ulgamyny ösdürmeli we hereket edýänelektrik beketlerini döwrebaplaşdyryp,
olaryň täzelerini gurmaly diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Şeýle hem ýurdumyzy elektrikleşdirmegi doly tamamlamaly, elektrik energiýasynyň goňşy
ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaly. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan» elektrik geçirijisiniň
gurluşygyny tamamlamak boýunça hem öňde uly işler durýandygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz wise-premýer G.Müşşikowa ýüzlenip, gurluşyk we senagat toplumynyňmaliýe-
ykdysady ýagdaýyny yzygiderliseljerip, pul üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça teklipleri
taýýarlamagy tabşyrdy.
Toplumda pudagara algy-bergiler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini we karzlaryň
gaýtarylyşyny gözegçilikde saklamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz toplumyň edara-kärhanalarynyň önümçilik kuwwatynyň ulanylyşyny we
ösüş depgininiň peselmeginiň sebäplerini jikme-jik öwrenmegiň wajypdygyny belläp,
çykdajylaryň düzümini seljerip, şu ýyl göz öňünde tutulan düýpli maýa goýumlarynyň hem-de
gurulýan desgalaryň netijeli we belli bir maksatly maliýeleşdirilmegi üçin zerur çäreleri
görmegiň möhümdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara - Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe hem-de ministrlikleriň we pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, pudagyň işini has-da gowulandyrmak
maksady bilen resminamalara gol çekjekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň meseleleri hakyndaky»,
«Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň meseleleri hakyndaky» we
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň meseleleri hakyndaky» kararlara gol çekip,
resminamalary ýerine ýetirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Soňra wise-premýer Ş.Durdylyýew Aşgabat şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän “Altyn kölüň”
kenarynda paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 17-nji tapgyryny gurmak barada teklip edilýän
şekilleri görkezdi.
Durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň owadan şekilleri täze dynç alyş zolagyny
has-da ösdürmeginiň geljegi barada düşünje almaga mümkinçilik berdi. Olaryň hatarynda ähli
amatlyklary bolan, bezeginiň özboluşlylyklygy bilen tapawutlanýan kottej toplumlarynyň 10-sy
bar. Şonuň bilen bir hatarda, edara ediş binasyny, lukmançylyk we söwda-hyzmat ediş
merkezlerini, polisiýanyň we ýangyn howpsuzlygy gullugynyň bölümini, 500 orunlyk 2 sany
awtoduralgany, seýilgähleri, köpçülikleýin medeni çäreleri geçirmek üçin meýdançalary, beýleki
degişli desgalary gurmak hem-de zerur inžener-tehniki we ýol düzümini döretmek göz öňünde
tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalary, umuman,
makullap, döwrebap dynç alyş düzümi döredilende ähli meseleleri göz öňünde tutmagyň, şol
sanda ýerli tebigy aýratynlyklaryň nazarda tutulmagynyň wajypdygyny belledi. Gurulmagy
meýilleşdirilýän desgalar bu künjegiň tebigaty bilen özboluşly sazlaşygy döretmelidir.
Döwlet Baştutanymyz täze gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalar baradaky gürrüňi
dowam edip, olaryň gurluşygynda bolşy ýaly, binagärlik aýratynlygynda, kottež jaýlarynyň
ýaşaýyş üçin amatlylyk derejesinde häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, täze tehnologiýalaryň we
nou-haularyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz gurluşyk işleriniň hiline hem-de ulanylýan serişdeleri içgin saýlap almak
meselelerine aýratyn üns bermegi nygtady. Şolar ekologiýa hem-de bezeg meselelerine laýyk
gelmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş
maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.