Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny
geçirdi

3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň
gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş
maslahatyny geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda geçen ýyl
alnyp barlan işleriň netijelerine serediljekdigini bellemek bilen, agrosenagat toplumynyň
döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryndan biridigini nygtady. Şoňa görä-de, biziň bu
ugurda gazanýan üstünliklerimiz, ýurdumyzda azyk bolçulygyny we halkymyzyň bagtyýar
durmuşyny üpjün etmek köp derejede bu pudagyň netijeli ösdürilmegine baglydyr.
Häzirki wagtda döwletimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge köp möçberde maýa
goýumlaryny goýýandygyna garamazdan, gynansak-da, heniz pudakda kemçilikler we
ulanylmaýan mümkinçilikler köp diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Şulardan ugur alnyp, şu günki iş maslahatynyň dowamynda pudagyň netijeli dolandyrylyşyny
ýokarlandyrmak, ony ösdürmegiň gazanylan depginini saklamak, ýer we suw serişdeleriniň
netijeli ulanylmagy, şu ýyl ähli döwlet maksatnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine
ýetirmek üçin pudakda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini güýçlendirmek baradaky
meseleler ara alnyp maslahatlaşylar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň gün tertibine
geçip, ilki bilen oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewe söz
berdi. Ministr pudagy ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da
pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe ministrlik boýunça önümçilik meýilnamasy 113,7 göterim, şol sanda pagta
süýümini öndürmegiň meýilnamasy 103,2 göterim, ösümlik ýagy, şeker we un öndürmegiň
meýilnamasy 100 göterim, çörek we çörek önümleri boýunça meýilnama 151,4 göterim, et
önümleri boýunça meýilnama 102,2 göterim, süýt we süýt önümleri boýunça meýilnama 102,1
göterim berjaý edildi.
Şeýle hem ministrlik tarapyndan önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklaryny netijeli ulanmak
arkaly ýokary hilli azyk önümlerini öndürmek, olary talabalaýyk saklamak hem-de bu önümler
bilen içerki sarp edijilerimizi üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär.
Pudagyň ylmy-barlag edaralarynyň hünärmenleri, ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek, öri
meýdanlaryny peýdalanmaga we kärendesine bermek, bu işlere hususy önüm öndürijileri giňden
çekmek maksady bilen, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde degişli işleri geçirýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda
geçirilýän işlerde kemçiliklere ýol berilýändigine nägilelik bildirip, oba hojalygyny ösdürmegiň
ýokary depginini saklamagyň esasy wezipeleriň biridigine ünsi çekdi we bu babatda degişli
tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz döwletimiziň oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak
hem-de ilatymyzyň zerur azyk harytlaryna islegini doly derejede kanagatlandyrmak maksady
bilen, oba hojalyk pudagyna hemmetaraplaýyn goldaw bermegi dowam etdirjekdigini aýdyp, bu
babatda ministre degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow pudagy ösdürmek, onuň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça
geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 2020-nji ýylda önümçilik meýilnamasy 104,5
göterim hem-de potrat işleri boýunça meýilnama 114,7 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda goşmaça suw gorlaryny toplamak maksady bilen
täze suw howdanlaryny gurmak hem-de bar bolanlarynyň göwrümini giňeltmek boýunça
maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde ýurdumyzda suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak,
goşmaça suw gorlaryny döretmek, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak we ekerançylyk
ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, suw hojalygy
pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna nägilelik bildirdi hem-de suw gorlaryny aýawly
saklamagyň we peýdalanmagyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Munuň
özi obasenagat toplumyny sazlaşykly ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň wezipelerini
çözmek bilen gös-göni baglydyr.
Döwlet Baştutanymyz ekinleri suw bilen zerur möçberde üpjün etmek boýunça wezipeler ýerine
ýetirilende, satyn alynýan kuwwatly tehnikalary netijeli ulanmagyň möhüm ähmiýetini belledi
hem-de pudagyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
Soňra “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew 2020-nji ýylda ýerine
ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda kemala
gelen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça eziz
Diýarymyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça dünýä ölçeglerine kybap gelýän döwrebap atçylyk sport
toplumlary gurlup, ulanylmaga berilýär.
Şonuň bilen birlikde, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we atçylygy ylmy
esasda ösdürmek boýunça döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ylmy-barlag edaralary
döredilýär hem-de atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulandyrylýar.
Döwlet birleşiginiň garamagyndaky atçylyk toplumlarynda hem-de athanalarynda saklanylýan
atlaryň baş sanyny köpeltmek we olary talabalaýyk idetmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Şonuň bilen birlikde, idedilýän atlary zerur ot-iýmler bilen üpjün etmek maksady bilen, Döwlet
birleşigine degişli ekerançylyk meýdanlarynda ot-iýmlik ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça
degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hakyky gözelligiň we
kämilligiň nusgasy diýlip ykrar edilen ýyndam ahalteke bedewlerimiziň Berkarar döwletimiziň
bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň okgunly ösüşiniň baş nyşanyna öwrülendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça geçirilýän işlere hem-de tohum
atlaryň baş sanyny artdyrmak boýunça görülýän çärelere nägilelik bildirip, “Türkmen atlary”
döwlet birleşiginiň ýolbaşçysyna alnyp barylýan ylmy-seçgi işlerini kämilleşdirmek babatda
birnäçe anyk görkezmeler berildi.
“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny
has-da pugtalandyrmak, seçgi- tohumçylygyny kämilleşdirmek, atlary zerur iýmler bilen üpjün
etmek barada degişli tabşyryklar berildi.
Bu işler Ahalteke atçylyk ylmy merkeziniň işgärleriniň gatnaşmagynda ylmy esasda
guralmalydyr diýip, milli Liderimiz Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory D.Myradowa
şu ýokary okuw mekdebindäki weterinatriýa fakultetiniň alymlarynyň hem bu işe işjeň
goşulmagy barada tabşyryk berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, dagyň hoştap howasy,
onuň eteginden akyp geçýän arassa çeşme suwy bilen kemala gelen ahalteke bedewleriniň
sagdynlygy we kaddy-kamatynyň gözelligi babatda deňi-taýynyň ýokdugyny nygtady. Şeýle
aýratynlyklary bilen, bu bedewleri has-da kämilleşdirmek esasy wezipeleriň biridir diýip, milli
Liderimiz aýtdy.
Muňa mysal hökmünde gadymy döwürlerden bäri halkymyzyň buýsanjyna öwrülen we dünýäde
meşhur bolan ahalteke bedewleriniň ösüp-örňän mekanynda ynsan gylykly bedewler üçin hem
binalaryň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini bellemek bolar.
Şöhratly ahalteke bedewleriniň taryhy watany hökmünde meşhur bolan Ahal welaýatynyň täze
dolandyryş merkezinde türgenleşik meýdançalary, manežleri we athanalary bolan Halkara
atçylyk ýokary okuw mekdebi, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi gurulýar.
Bu desgalar golaýda ýerleşen Halkara atçylyk sport toplumy bilen bilelikde tutuş ulgamy emele
getirer, bu bolsa, pudagy täze, dünýä derejesine çykarmaga mümkinçilik berer.
Milli Liderimiz häzirki wagtda ahalteke bedewleriniň 20-ä golaý reňk öwüşginleriniň bardygyna
aýratyn ünsi çekdi. Olaryň her biri hem öz gözelligi bilen haýran galdyrýar. Munuň özi atlaryň
tapawutly genetikasy bilen başglanyşyklydyr. Bu işi has-da kämilleşdirmek maksady bilen,
hormatly Prezidentimiz okuw-usulyýet we ylmy-barlag işleri boýunça meýilnamany işläp
taýýarlamagyň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda atçylygyň birnäçe sport
görnüşleriniň, şol sanda at çapyşyklarynyň, konkur, marafon ýaryşlarynyň giňden ýaýrandygyny
hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň, atly ýöriş mekdebiniň bardygyny
belledi.
Hormatly Prezidentimiz bular barada aýdyp, ahalteke bedewleriniň tapawutly aýratynlyklaryny
has-da ýüze çykarmaga hem-de gazanýan ýokary görkezijilerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen
şeýle ýaryşlaryň geçirilişiniň gerimini giňeltmek boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Atçylyk ulgamyny has-da ösdürmek ugrunda zerur pugta binýat döredildi. Bu ugurdaky işler
ylym bilen aýakdaş gitmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýyl Mary welaýatynda geçiriljek Türkmen bedewiniň milli
baýramyna hemmetaraplaýyn we ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek barada
degişli tabşyryklary berdi.
Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi.
Ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ý. Gurbanow sebitde işleriň ýagdaýy, ekerançylyk
ýerlerinde geçirilýän möwsümleýin işler, şol sanda ýazky gowaçanyň, gök önümleriň,
ýeralmanyň we soganyň ekişine toplumlaýyn taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk
tehnikalaryny we beýleki gurallary, ýerleri ekişe taýýarlamak, şeýle hem degişli agrotehniki
çäreleri öz wagtynda geçirmek, şol sanda ýerleri sürmek we tekizlemek işlerine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaýa ideg etmek, hususan-da olary mineral döküleri bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny bermek boýunça işleriň depginini güýçlendirmek barada görkezme
berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýeralmanyň, soganyň we gök-bakjanyň ekişiniň bellenen
agrotehniki möhletlerde geçirilmegi berk gözegçilikde saklanylmalydyr.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler,
güýzlük bugdaýa ideg edilişi, gowaça, ýeralma we sogan ekmek üçin bölünip berlen ýerleri
tekizlemek we sürmek, ekiş möwsümine oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny , tohum
taýýarlamak bilen birlikde, möwsümleýin agrotehniki çäreleri geçirmek boýunça görülýän işler
barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk
hojalyklarynda alnyp barylýan ähli işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini nygtady.
Hususan-da, gowaça ekmek üçin bölünip berlen ýerleri ekişe taýýarlamak, şol ýerleri öz
wagtynda sürmek we tekizlemek, oba hojalyk tehnikalary we gurallary abatlamak hem-de
maýsalara ösüş suwuny tutmak we olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça
tabşyryklar berildi.
Hormatly Prezidentimiz ýeralmanyň, soganyň we gök-bakja önümleriniň hasyllylygyny
artdyrmak baradaky meselä ünsi çekip, olaryň ekişiniň bellenilen agrotehniki möhletlere pugta
laýyklykda ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmek boýunça häkime anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow welaýatda 2020-nji ýylda alnyp barlan
işleriň netijeleri hem-de şu ýyl geçiriljek çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda welaýatda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ekinlere ideg etmek, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmaga taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Oba hojalyk tehnikalary we gurallary ekişiň guramaçylykly geçirilmegine doly taýýar edildi.
Ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek maksady
bilen, bu ekinleriň ekiljek ýerleri kesgitlenip, zerur bolan tohumlary hem-de meýdanlary ekişe
taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, depginli zähmet
çekmegi dowam etmek bilen, öňde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de doly berjaý etmegiň
möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipeleri kesgitläp, Daşoguz
welaýatynyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ekinleriň görnüşlerini döretmekde, welaýatyň
ylmy edaralary bilen degişli işleri alyp barmagy ýola goýmagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz Aral meselesine ünsi çekip, onuň ýaramaz täsirleriniň öňüni almagyň ilkinji
nobatdaky wezipeleriň biridigini nygtady. Bu mesele Merkezi Aziýanyň çäginden hem çykýar,
ony çözmek üçin ähli tagallalar edilýär, halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, BMG bilen
işjeň hyzmatdaşlyk etmekde ulgamlaýyn döwletara gatnaşyklary ýola goýulýar.
Mälim bolşy ýaly, bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
ýolbaşçylygynda alnyp barylýan yzygiderli işler dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe
bolýar. Türkmenistan tarapyndan başy başlanyp, BMG tarapyndan “Birleşen Milletler Guramasy
bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” diýen kararnamanyň
biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Aral meselesi boýunça ylmy-amaly işleri dowam etmegi hemişe üns
merkezinde saklamagyň zerurdygyny belläp, bu babatda iş maslahatyna gatnaşýan degişli
ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz şüdügär sürüminde ulanylýan pluglaryň berk bolmagyny gazanmak üçin
ýeriň dykyzlygyna laýyklykda taýýarlanylmagynyň wajypdygyny belledi. Şoňa görä-de, milli
Liderimiz bu ugurda ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň alymlarynyň ylmy taýdan
esaslandyrmalarynyň zerurdygyna ünsi çekip, rektorlara anyk tabşyryklary berdi.
Iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim
milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa geçen ýyl tehniki-ykdysady görkezijilerde
gazanylan netijeler hem-de şu ýyl geçiriljek işleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde geçen ýyl welaýatyň etraplary boýunça bugdaýyň, pagtanyň, şalynyň,
ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň bereketli hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigi habar berildi.
Şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanda sürüm, tekizlemek hem-de ýuwuş suwuny
tutmak işleri geçirilýär. Gowaça ekişinde işlediljek tehnikalar, ulanyljak oba hojalyk gurallary
abatlanyp möwsüme taýýar edildi. Gowaça ekişi üçin gerek bolan ýokary hilli tohumlary
möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Mundan başga-da, ilaty ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün
etmek barada döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryna laýyklykda, welaýatda ýeralma we
gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylýandygy, mallaryň baş
sanyny köpeltmek we olardan alynýan önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça işleriň
geçirilýändigi barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatda gazanylan görkezijileri has-da artdyrmak üçin
mundan beýläk-de gaýratly zähmet çekmelidigini belledi. Öňde goýlan wezipeleri ýerine
ýetirmek bilen, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna zähmet sowgatlary bilen gelmek
Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň esasy maksadyna öwrülmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy
we şunuň bilen baglylykda, birnäçe tabşyryklary berdi.
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de şu ýyl
geçiriljek işleriň meýilnamasy baradaky hasabat bilen çykyş etdi.
Häzirki döwürde bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri -
- ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri bellenen meýilnamalara
laýyklykda alnyp barylýar.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, gazanylan netijeler bilen çäklenmän, mundan beýläk-de
öndürijilikli zähmet çekmegi dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda,
häkime degişdi tabşyryklary berdi.
Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory
D.Myradowyň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory A.Gapurowyň alyp barýan
işlerine nägilelik bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň alymlarynyň oba hojalyk
toplumyna goşýan goşandyny artdyrmagyň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny aýtdy.
Milli Liderimiz bular barada nygtamak bilen, Türkmenistanda innowasion esasda obasenagat
toplumynyň inžener-tehniki taýdan üpjün etmek meseleleriniň çözülýändigini, ýurdumyzyň
toprak-howa şertlerine laýyk gelýän iň täze tehnikalaryň satyn alynýandygyny belledi.
Ýer we suw serişdelerini rejeli ulanmak, ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek,
tohumçylygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de
ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar. Olar ata-babalarymyzyň ýerden peýdalanmagyň
köp asyrlyk tejribesi bilen birlikde, oba hojalygyny okgunly ösdürmegiň ygtybarly esasy bolup
durýar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ýokary düşewüntli pudaga
öwürmek, obasenagat toplumynyň köpugurly kuwwatyny doly peýdalanmak hem-de netijeli
häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek üçin önümçilige täzeçil usullaryň, ylmyň we tehnikanyň
öňdebaryjy gazananlarynyň, iň oňat dünýä tejribesiniň giňden ornaşdyrylmalygygyny aýratyn
nygtady.
Bu wezipeleri amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny
ýokarlandyrmak, ekologiýa derejesini pugtalandyrmak, tohumçylyk-seçgi işlerini
kämilleşdirmek, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça işler geçirilmelidir.
Bu ugurda hünärmen alymlary ylmy taýdan esaslandyrylan usullary netijeli ulanmak arkaly
degişli derejede goşantlaryny goşmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz birnäçe tabşyryklary
berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynyň
2020-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan
özgertmeleriň barşy hem-de welaýatlarda geçirilýän möwsümleýin meýdan işleri barada
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça önüm öndürmek, işleri we
hyzmatlary berjaý etmek boýunça meýilnama 113,7 göterim, Suw hojalygy baradaky döwlet
komiteti boýunça 104,5 göterim, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 106,1 göterim
ýerine ýetirildi.
Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalary yzygiderli döredilýär hem-de olar önüm öndürijilere
paýlanyp berilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de obasenagat toplumyny özgertmäge gönükdirilen
döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, degişli ugurda geçirilýän
işleriň depginini güýçlendirmegiň esasy wezipe bolup durýandygyny belledi. Munuň özi oba
ilatynyň durmuş şertlerini gowulandyrmaga, ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk önümleriniň
möçberini artdyrmaga ýardam eder.
Milli Liderimiz gazanylan netijelere nägilelik bildirip, degişli ugurda özgertmeleriň barşyna
gözegçiligi güýçlendirmegi hem-de obasenagat toplumyny ösüşiň innowasion ýoluna—sanly
ulgama yzygiderli geçirmegiň üpjün edilmegini tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz topragyň hasyllylygyny artdyrmaga, oba hojalyk ekinlerine ideg etmek
boýunça zerur agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmäge mümkinçilik berýän ylmyň
gazananlarynyň önümçilige giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi
we bu babatda degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip, bu
pudagyň düşewüntliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän işleriň has netijeli
häsiýete eýe bolmagy üçin onuň durnukly ykdysady ýagdaýynyň saklanylmagyna yzygiderli
gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz obasenagat toplumynyň işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleleriň üns
merkezinde durmalydygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki maslahaty jemlemek bilen, oňa
gatnaşyjylaryň oba hojalyk toplumynyň işini gowulandyrmak üçin örän köp we tutanýerli
işlemelidigini aýtdy.
Häzirki döwürde toplumyň bar bolan önümçilik kuwwaty doly peýdalanylmalydyr. Ylmyň we
tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda önümçilige sanly ulgamlary ornaşdyryp, oba
hojalyk toplumynyň önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň netijeliligi
ýokarlandyrylmalydyr. Bu ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryna hem degişlidir.
Önümçilige daşary ýurt maýa goýumlary has köp çekilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewe oba
hojalyk toplumynyň edara-kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, önümçilik we hojalyk
işlerini yzygiderli seljermegi tabşyrdy. Şonuň bilen birlikde, azyk senagaty, oba hojalyk
önümlerini gaýtadan işlemek boýunça önümçilikleriň doly kuwwatynda we bökdençsiz işlemegi
üpjün edilmelidir.
Oba hojalyk toplumynyň edara-kärhanalarynda çykdajylaryň düzümini seljerip, artykmaç
çykdajylary aýyrmaly. Önümiň, ýerine ýetirilýän işleriň özüne düşýän gymmatyny peseltmek
boýunça çäreleriň yzygiderli geçirilmegine berk gözegçilik etmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Wise-premýere oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we enjamlaryny hususy bölegiň we
daýhan hojalyklarynyň satyn almaklaryny guramak üçin degişli işleri geçirmek babatda degişli
tabşyryklar berildi.
Şeýle hem bellenilişi ýaly, «Öri meýdanlary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda,
ähli welaýatlarda öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmagy üpjün etmek, olary rejeli
peýdalanmak we goramak, ekologik, ykdysady we serişde mümkinçiligini ýokarlandyrmak
boýunça zerur çäreleri geçirmek möhümdir.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlardan naýbaşy tohumlary satyn
almak arkaly bugdaýyň, ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýurdumyzda
öndürmegiň gerimini giňeltmek barada tabşyryk berip, geljekde daşyndan tohum satyn almagy
çäklendirmeli diýip aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, atçylyk hojalyklarynyň ot-iým we beýleki önümler bilen
üpjünçiligi yzygiderli gowulandyrylmalydyr, toplumyň edara-kärhanalarynyň ot-iým
öndürmegini ýola goýulmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine oba hojalyk
maksatly ekin meýdanlarynyň we örüleriň maksadalaýyk we netijeli ulanylmagyny gazanmak,
halkara tejribesinden ugur alyp, ekinleriň hasylyny ýokarlandyrmak we tohumçylygy ösdürmek
üçin zerur işleri geçirmek, bu ugurda usuly-gollanmalary taýýarlamak bilen bagly tabşyryklary
berdi.
Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda, halkyň sarp edýän azyk harytlarynyň
görnüşlerini we öndürilýän möçberlerini artdyrmaly diýip, milli Liderimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow belledi.
Şeýle hem döwlet tarapyndan ýeňillikli şertlerde daşary ýurt pulunda satyn alynýan oba hojalyk
tehnikalarynyň maksadalaýyk we netijeli ulanylmagyny berk gözegçilikde saklamagyň gerekdigi
nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz azyk we oba hojalyk önümçiliginde ulanylýan import harytlarynyň, çig
mallaryň, himiki we sarp ediş serişdeleriniň, ätiýaçlyk şaýlarynyň amatly bahalardan satyn
alynmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Olaryň sebitdäki ýurtlar üçin hereket edýän bahalardan
ýokary bolmazlygy gazanylmalydyr. Harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni
hyzmatdaşlyk ýola goýulmalydyr.
Oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin berlen ýer serişdeleriniň maksadalaýyk we netijeli
ulanylmagyny berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz
zerur bolan döwrebap enjamlary, programma üpjünçiligini ornaşdyrmak hem-de degişli
hünärmenleri taýýarlamak arkaly Döwlet ýer kadastrynyň ýeke-täk ulgamyny şu ýylyň ahyryna
çenli döretmek üçin alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mallaryň baş sanyny yzygiderli artdyrmak, olar
üçin ygtybarly ot-iým binýadyny we täze kaşarlary gurmak, weterinariýa kömegini
gowulandyrmak babatda degişli tabşyryklar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekip, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän,
işde goýberen kemçilikleri üçin oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri
M.Baýramdurdyýewe berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň
içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny dowam etmek bilen, Suw hojalygy baradaky döwlet
komitetiniň başlygy G.Baýjanowa birnäçe tabşyryklary berdi. Bellenilişi ýaly, halkara
tejribesinden ugur alyp, iri suw geçirijileri, howdanlary we kölleri ulanmagyň iň täze tilsimatlary
önümçilige ornaşdyrylmalydyr. Suw tygşytlaýjy (damjalaýyn, ýagyş ýagdyrma, akabalary
betonlama) usullary giňden ulanylmalydyr.
Import harytlarynyň, tehnikalaryň, ätiýaçlyk şaýlarynyň we sarp ediş serişdeleriniň amatly
bahalardan satyn alynmagyny we sebitdäki ýurtlar üçin
bahalardan ýokary bolmazlygyny gazanmaly diýip, milli Liderimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola
goýmagyň dogry boljakdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz döwlet tarapyndan daşary ýurt pulunda satyn alynýan suw hojalyk
tehnikalarynyň maksadalaýyk we netijeli ulanylmagyny üpjün etmegiň, ýerleriň melioratiw
ýagdaýyny gowulandyryp, şorlaşmagyna garşy göreşmek, zeýkeşleri arassalamak işleriniň
depginini güýçlendirmek boýunça çäreleri görmek barada tabşyryklary berdi.
Suw serişdelerini tygşytly ulanyp, ilatly ýerleriň we oba hojalygynyň
suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekip, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde
goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy
G.Baýjanowa käýinç yglan etdi.
Ýurdumyzda atçylygy ösdürmäge uly üns berip, onuň gadymy däplerini dikeltmeli diýip, döwlet
Baştutanymyz “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň ýolbaşçysy A.Berdiýewe atçylyk sport
toplumlarynyň gazanýan girdejilerini artdyrmak, goşmaça mümkinçiliklerden peýdalanmak
boýunça seljermeleri geçirmegi hem-de teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Atçylyk hojalyklarynyň zerurlyklary üçin, ot-iým üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmaly. Bu
hojalyklaryň öz mümkinçilikleri bilen ot-iým öndürmek arkaly döwlet serişdelerini tygşytlamaly
diýip, milli Liderimiz atlary köpeltmek, tebigy şertlere uýgunlaşdyrmak boýunça zerur çäreleri
görmegi tabşyrdy.
Welaýatlaryň häkimlerine oba hojalyk pudagynda özgertmeleri geçirmek boýunça
maksatnamalaýyn işleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk tabşyryklar berildli.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, oba hojalyk
ekinlerinden ýokary hasyl öndürmek üçin ýeriň hakyky eýesi tapylmalydyr hem-de önümçilige
öňdebaryjy tejribeler giňden ornaşdyrylmalydyr.
Şu ýyl gowaçanyň ýokary hasylyny öndürmek üçin, ýaz ekişine gowy taýýarlyk görülmelidir.
Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde we talabalaýyk
geçirilmelidir, gowaça ekişini we ideg işlerini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin,
oba hojalyk tehnikalary we gurallary, gowaça tohumlary möwsüme doly taýýarlanylmalydyr.
Bulardan başga-da, döwlet Baştutanymyz ilaty özümizde öndürilen ýeralma, gök-bakja we miwe
önümleri bilen bolelin üpjün etmek hem-de azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak üçin şu ýyl
ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde
hem-de ýokary hilli geçirmegi tabşyrdy.
Bugdaýyň ýokary hasylyny öndürmek üçin, ýerleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmegi we
ösüş suwuny tutmagy agrotehniki möhletlerde hem-de talabalaýyk geçirmek, bu ugurda
etraplarda alnyp barylýan işleri gündelik seljermek, bugdaý meýdanlarynda zyýankeşleriň we
keselleriň öňüni almak, haşal otlaryna garşy öz wagtynda göreş çärelerini geçirmek
babatda degişli görkezmeler berildi.
Howdanlarda suw toplamak, suwy netijeli peýdalanmak, şeýle hem suwaryş we şor suw
akabalaryny arassalamak işlerini geçirip, suw tygşytlaýjy döwrebap usullary önümçilige giňden
ornaşdyrmaly diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz geçen ýyl agrosenagat toplumynyň aýry-aýry kärhanalarynda önümçilik
kuwwatlyklarynyň ýeterlik ulanylmandygyny belledi. Mysal üçin, un öndürýän kärhanalarda
önümçilik kuwwaty 52,4 göterim, pagta arassalaýjy kärhanalarda 64 göterim, çörek bişirýän
kärhanalarda 67,6 göterim, ýag öndürýän kärhanalarda 29,1 göterim ulanyldy.
2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde geçen ýyl un, ösümlik ýagyny, et, ýumurtga öndürmek we
dowarlaryň baş sanyny artdyrmak pese düşdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer
E.Orazgeldiýewe we oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi. Oba
hojalygynyň netijeliligini artdyrmak, guşçulygy, et-süýt önümçiligini, azyk we beýleki pudaklary
ösdürmegi üpjün etmek zerur bolup durýar. Agrosenagat toplumynyň azyk, maldarçylyk, et we
süýt senagaty ýaly kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça çäreleri görmeli
hem-de şertleri döretmeli.
2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde, geçen ýyl guş etini ýurdumyza daşyndan getirmek 6,9
göterim, ýumurtga boýunça 85,8 göterim, ösümlik ýagy boýunça hem 93,2 göterim artdy.
Dünýä ykdysadyýetindäki bolup geçýän ýagdaýlar bilen baglylykda, içerki bazary azyk harytlary
bilen üpjün etmegi gowulandyrmaly, azyk önümlerini ýurdumyzda öndürmegiň möçberini
artdyrmaly, bazarlarda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek boýunça zerur işleri geçirmeli
diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutanymyz agrosenagat toplumynda netijeli dolandyryşyň, innowasion
tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna çykdajylary azaltmak boýunça teklipleri taýýarlamagy
hem-de ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Öri meýdanlaryny we oba hojalyk maksatly sürümli ýerleri netijeli we maksadalaýyk ulanmak
boýunça zerur işleri geçirmeli. Oňyn halkara tejribesinden ugur alyp, oba hojalyk ekinleriniň
hasyllylygyny ýokarlandyrmak hem-de tohumçylygy ösdürmek boýunça zerur işler alnyp
barylmalydyr. Ýer kadastyryny taýýarlamak tamamlanylmalydyr. Dürli oba hojalyk ekinlerini
ösdürip ýetişdirmek boýunça usuly gollanmalar taýýarlanymalydyr.
Hususy pudagyň we daýhan birleşikleriniň oba hojalyk tehnikalaryny, enjamlaryny we şaýlaryny
satyn almagyny guramak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden peýdalanyp, ulanylýan suw
serişdeleriniň doly hasaba alynmagyny üpjün etmek, halkara tejribesinden ugur alyp, uly
akabalary, howdanlary, kölleri ulanmagyň iň täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatda
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna
ýüzlenip, olara şu günki maslahatda ylmy babatda hem meseleleriň ara alnyp
maslahatlaşylandygyny, şolaryň esasynda gelejekde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça
öz hünärine ökde ýaşlary taýýarlamak barada tabşyryk berdi.
Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekip, wezipe borçlaryny talabalaýyk
ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
E.Orazgeldiýewe berk käýinç yglan etdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
G.Müşşikowa oba hojalyk toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljerip, maliýe
üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy, pudagara algy-bergiler boýunça
hasaplaşyklaryň geçirilişini we karzlaryň gaýtarylyşyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Şeýle hem oba hojalyk toplumynyň edara-kärhanalarynyň kuwwatynyň ulanylyşyny we ösüş
depginiň peselmeginiň sebäplerini jikme-jik öwrenmek, çykdajylaryň düzümini seljerip, ýer,
suw, öri meýdanlary üçin tölegleriň öz wagtynda we doly möçberde gelip gowuşmagy boýunça
zerur çäreleri geçirmek babatda görkezmeler berildi.
Şunuň bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk
arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.