Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

1-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň
welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny
geçirdi.
Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine
taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de
welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hepdäniň dowamynda alnyp barlan işler baradaky hasabatlary
diňlenildi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibindäki meselelere geçip, ilki bilen Ahal
welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi.
Häkim alnyp barylýan işler barada hasabat berip, welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynyň ekiş
möwsümine taýýarlanylyşy, sürüm we tekizleýiş işleriniň bellenen möhletlerde geçirilmegi
babatda durmuşa geçirilýän işler hem-de gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak oba hojalyk
tehnikalarynyň we gurallarynyň abatlanylyp, möwsüme doly taýýar etmek, pagta öndürijileri
ekiş möwsümine çenli zerur mukdarda tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler
barada habar berdi.
Häkimiň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berşi ýaly, welaýatda ýeralmany,
sogany we beýleki gök ekinleriň ekişiniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegine
hem-de dänäniň bereketli hasylyny almak we azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin bildirilýän
talaplara laýyklykda, bugdaýa ideg edilişini üpjün etmäge gönükdirilen işler alnyp barylýar.
Hasabatyň çäklerinde häkim ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň
öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda yzygiderli tagallalaryň
görülýändigini habar berdi.
Mundan başga-da, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda
açylyp, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen
möhletlerde tamamlanmagy üçin hem degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň,
mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşy we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişi barada-da
habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň “ak altyn”
ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine talaba laýyk taýýarlamagyň, sürüm we tekizleýiş işlerini
bellenen möhletlerde geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, gowaça
ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek üçin ulanyljak tehnikalar we gurallar
abatlanylyp, möwsüme doly taýýar edilmelidir, pagtaçylary tohum bilen doly üpjün etmek üçin
ekiş möwsümine çenli zerur bolan gowaça tohumlary taýýarlanylmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň ähli
agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegi üçin zerur bolan çäreleri görmegiň möhümdigini
aýtdy. Azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak we bugdaýyň ýokary hasylyny öndürmek üçin bugdaý
ekilen meýdanlarda ideg işlerini ýokary hilli alyp barmagy dowam etmeli diýip, milli Liderimiz
nygtady.
Ýurdumyzy döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz
wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmagyň zerurdygy aýratyn nygtaldy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli
welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik
maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmegiň
möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Şeýle hem häkime ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar
baglarynyň ýyladylyşyny we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişini berk gözegçilikde
saklamak tabşyryldy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowa günbatar sebitde obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da,
ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynyň ekiş möwsümine toplumlaýyn taýýarlanylyşy, sürüm
we tekizleýiş işleriniň bellenen möhletlerde geçirilmegi babatda degişli işleriň durmuşa geçirilişi
hem-de gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlap, möwsüme doly
taýýar etmek, ekerançylary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek ugrunda yzygiderli çäreleriň
görülýändigi barada habar berildi.
Şeýle hem ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň bellenen möhletlerde
geçirilmegi, şeýle hem bugdaýa ideg edilişini, hususan-da, bugdaýyň bereketli hasylyny
öndürmek hem-de azyk howpsuzlygynyň esaslaryny pugtalandyrmak maksady bilen,
ekerançylyk meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we olara ösüş suwuny tutmak
üçin zerur tagallalar edilýär.
Ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň
hem-de Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde şu ýyl üçin bellenilen işleriň ýerine ýetirilmegi
üçin hem toplumlaýyn çäreler görülýär.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllyk senesi mynasybetli ulanylmaga berilmegi
meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagy üçin hem
degişli işler alnyp barylýar. Milli Liderimize ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar
baglarynyň ýyladylyşy we elektrik energiýasy bilen yzygiderli üpjün edilişi boýunça görülýän
çäreler barada hem habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerini
ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen ýerleri öz wagtynda sürmek we tekizlemek, tohumlary
saýlamak hem-de nobatdaky ekiş möwsümini ýörite tehnikalar bilen üpjün etmek ýaly
agrotehniki çäreleriň uly ähmiýete eýedigini belledi we şunuň bilen baglanyşykly ähli çäreleriň
öz wagtynda geçirilmegini tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak
işlerini agrotehniki ylmynyň talaplaryna we möhletlerine laýyklykda geçirmek barada görkezme
berdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna we Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl meýilleşdirilýän ähli işleriň doly möçberde ýerine
ýetirilmegini gazanmagy tabşyrdy.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli
açylyp ulanylmaga beriljek desgalaryň gurluşyk işlerini tamamlamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz
welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşyny we elektrik
energiýasy bilen üpjün edilişini yzygiderli gözegçilikde saklanylmagyny üpjün etmek baradaky
meselelere aýratyn üns berdi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň
hasabaty bilen dowam etdi. Häkim hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa
welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynyň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy, hususan-da, ýerleriň
sürüm we tekizleýiş işleriniň geçirilmegine taýýarlyk görlüşi hem-de gowaça ekişini geçirmekde
ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlap, möwsüme doly taýýar etmek, pagta öndürijileri zerur
bolan tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada habar berdi.
Şeýle hem welaýatda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişini bellenen
möhletlerde we ýokary hilli geçirmek, bugdaýyň ýokary hasylyny öndürmek hem-de azyk
üpjünçiligini artdyrmak maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmek üçin hemme
çäreleriň görülýändigi habar berildi.
Mundan başga-da, ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň öz
wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça işleriň yzygiderli esasda
geçirilýändigi barada hasabat berildi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli açylyp, ulanylmaga berilmegi
meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna
gönükdirilen degişli anyk çäreler amala aşyrylýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar
baglarynyň ýyladylyşy we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişi barada hem habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, meýdan işleri geçirilende,
agrotehniki kadalary gyşarnyksyz berjaý etmegiň we hökmany ýagdaýda welaýatyň toprak-howa
aýratynlyklaryny göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine talaba laýyk
we öz wagtynda taýýarlamagyň, hususan-da, sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde
geçirmegiň möhümdigini aýratyn nygtap, tehnikalar we zerur bolan oba hoajlyk gurallaryny doly
derejede taýýarlamagy, pagta öndürijileri saýlama tohumlar bilen üpjün etmegi tabşyrdy, munuň
özi öňde boljak möwsümi bellenen möhletde we ýokary hil derejesinde geçirmäge mümkinçilik
berer.
Döwlet Baştutanymyz ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň bellenen
agrotehniki möhletlerde geçirilmegi üçin hemme çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryna bildirilýän talaplara laýyklykda ideg edilmegi dowam
etdirilmelidir. Bu bolsa bugdaýyň ýokary hasylyny almaga hem-de azyk bolçulygyny üpjün
etmäge gönüden-göni hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiz ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ekerançylygyň baý milli tejribesi bilen
sazlaşykly utgaşdyryp işjeň peýdalanmagyň möhümdigi barada aýdyp, bu ugurda Türkmen oba
hojalyk institutynyň alymlary bilen bilelikde işlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz alymlaryň oba hojalyk ekinleri, aýratyn hem ýeralma boýunça işläp, bu azyklyk
önümiň hilini, önümliligini we ýokumlylygyny artdyrmaga aýratyn üns bermekleriniň
maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Şol ekinleriň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän görnüşlerine möhüm ähmiýet
berilmelidir.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa degişli esasy wezipeleriň
biri bolup durýan Araly halas etmek bilen bagly alnyp barylýan işlerde bu institutyň
hünärmenleriniň hem öz mynasyp goşantlaryny goşmagyny gazanmagynyň zerurdygy barada
aýdyp, degişli görkezmeleri berdi.
Mundan başga-da, ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl
meýilleşdirilýän işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak zerurdyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly
30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp ulanylmagy maksat edinilýän dürli ähmiýetli
desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmek barada
görkezme berdi.
Welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşyny we elektrik
energiýasy bilen üpjün edilişini berk gözegçilikde saklamak barada hem häkime tabşyryk
berildi.
Soňra göni wideoaragatnaşyk arkaly Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde işleriň
ýagdaýy, ýazda gowaça ekiljek meýdanlaryň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy, möwsümde
ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň abatlanylyşy hem-de ekerançylary tohum bilen üpjün
etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Sebitde ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň bellenen möhletlerde we ýokary
hilli geçirilmegi üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar, dänäniň bereketli hasylyny öndürmek we
azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak üçin bugdaý ekilen meýdanlara degişli ideg işleri üpjün
edilýär.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan
ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda
hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli
ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda yzygiderli tagallalaryň görülýändigi habar berildi.
Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga
berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen tertibe laýyklykda
tamamlanmagy üçin hemme zerur işler geçirilýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar
baglarynyň ýyladylyşy we elektrik energiýasy bilen üznüksiz üpjün edilmegi boýunça alnyp
barylýan işler hasabatyň aýratyn meselesi boldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky
wezipelere ünsi jemledi hem-de agrotehnikanyň bellenen kadalaryna laýyklykda ýerine
ýetirilmeli meýdan işleriniň guralyşyna örän jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady.
Munuň özi, ilkinji nobatda, güýzlük bugdaýa ýokary hilli ideg edilmegine, gowaçanyň,
ýeralmanyň, gök- bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýazky ekişiniň agrotehniki
möhletlerde geçirilmegine degişlidigir. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda toplumlaýyn çäreleri
görmegi tabşyryp, häkime anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz şu wezipeleri ýerine ýetirmekde alymlar bilen bilelikde işlemegi tabşyryp,
amaly tarapdan netije berjek ylmy taýdan esaslandyrylan işläp taýýarlamalaryň zerurdygyny
nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň gurluşyk meýdançalaryndaky
işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, bina edilýän desgalarda, ilkinji nobatda, şu ýyl
Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanylyp, ulanylmaga berilmegi göz öňünde
tutulýan desgalardaky gurluşyk işlerine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz häkime welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň,
çagalar baglarynyň ýyladylyşyny we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişini hem berk
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işler barada aýdyp,
gowaça ösdürip ýetişdirmäge bölünip berlen ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, şol ýerleri
sürmek we tekizlemek boýunça görülýän çäreler, gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak
tehnikalaryň we gurallaryň abatlanylyşy hem-de pagta öndürijileri zerur mukdarda tohum bilen
üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem welaýatda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň bellenen
möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegi üçin degişli çäreler görülýär. Bugdaýyň bereketli
hasylyny öndürmek maksady bilen, welaýatda ekiş geçirilen meýdanlarda maýsalara ideg işleri
bildirilýän talaplara laýyklykda amala aşyrylýar, bugdaý ýetişdirilýän meýdanlaryň
iýmitlendirilmegi agrotehniki kadalara pugta laýyklykda alnyp barylýar.
Hasabatyň çäklerinde häkim ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň
öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda çäreleriň görülýändigini
habar berdi.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda
ulanylmaga beriljek birnäçe desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagy
üçin hem işler alnyp barylýar. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň
ýyladylyşy we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişi barada hem habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk işleriniň netijeliligini
yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, möwsümleýin işleri öz wagtynda
geçirmegiň, ekerançylary höweslendirmegiň we goldamagyň bereketli hasyl almagyň özenidigini
nygtady.
Şunda güýzlük bugdaýa ýokary hilli ideg etmek, gowaça, gök-bakja ekinlerine we ýeralma
ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen ýerleriň degişli derejede taýýarlanylmagy, bu çäreleriň
agrotehniki kadalara laýyk gelmegi aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tehnikalary we gurallary öňde boljak ekiş
möwsümine doly taýýarlamak, pagtaçylary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek, işleri
agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.
Ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna hem-
de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilýän işleriň öz wagtynda
we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak möhümdir diýip, milli Liderimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly
30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-
durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde
tamamlanmagyny üpjün etmegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz häkime welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar
baglarynyň ýylylyk we elektrik energiýasy bilen zerur derejede üpjün edilmegi bilen
baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik
edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabatyny diňledi.
Wise-premýer alnyp barlan işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren
tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrunda öňde goýlan
wezipeleri berjaý etmek babatda bellenen çäreleriň durmuşa geçirilişi hem-de degişli gurluşyk
meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatlardaky etrap tehniki hyzmat ediş
kärhanalarynda bar bolan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň abat ýagdaýda
saklanylmagyny hem-de möwsümleýin oba hojalyk işlerinde netijeli ulanylmagyny üpjün etmegi
tabşyrdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak gowaça ekişine taýýarlyk görülmegi
ýaly möhüm meselä ünsi çekip, ekiş geçiriljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen
möhletlerde geçirmek üçin bu ugurda oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmeginiň
zerurdygy barada görkezme berdi.
Döwlet Baştutanymyz pagta arassalaýjy kärhanalarda pagta çig malynyň ýokary hilli gaýtadan
işlenilmegini hem-de ekiş möwsümi üçin zerur bolan gowaça tohumlarynyň taýýarlanylmagyny
üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz galla kärhanalarynda azyklyk bugdaýyň talaba laýyk saklanylmagyny
berk gözegçilikde saklamagyň hem-de ýokary hilli un, çörek we çörek önümleriniň
öndürilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.
Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ilatyny özümizde öndürilen ýeralma we
gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin welaýatlaryň häkimlikleri bilen
bilelikde, zerur bolan işleri geçirmegi, bu ugurda önüm öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen
üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň geçen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki
orunbasarlaryna bolşy ýaly, wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem her pudak boýunça alnyp
barylýan işleriň seljerilmeginiň tabşyrylandygyny belläp, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň
öňde boljak giňişleýin mejlisine degişli hasabaty taýýarlamagyň möhümdigi barada wise-
premýere ýene-de bir gezek görkezme berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş
maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.